Latin

Melgun - 03

Total number of words is 3590
Total number of unique words is 2281
28.3 of words are in the 2000 most common words
40.8 of words are in the 5000 most common words
47.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Pirweliniň altmyş alty sygra «Birküç sygyr haram
öldi» diýip ýalan sözläp oturanyna geň galyp oýlanan
Batyr onuň soňky diýenlerini eşitmän galdy.
— Mende bir täklip bar. — Şaguly başyny galdyrman
dillendi. — Ilki bilen sygyrlaryň baş sanyny düzlemeli.
Oň üçinem, kyrka golaý göle almaly. Öňe bir ýyl, ýarym
ýyl oňşuk etsek, olaram ýetiser. Galan ýigrimi-ýigrimi
bäş sygra-da iki sapar akt ýazmaly. Başga alaç ýok.
Şaguly «ýok» sözüni aýdanda, stoluň üstüne peçat
goýan ýaly pökgi ýumrugyny çalarak dükületdi.
— Kyrk göläni kim almaly?
— Şu oturanlarymyz. Galybärse-de, on iki brigadir
bar. Kolhozda ýolbaşçy diýip ýörenlerimiziň hemmesi
bular ýalakyda gaça durmaly däl.
— «Ýigrimi bäş sygra iki sapar akt ýazmaly» diýeniňiz
näme? — diýip, Batyr Şagulydan sorady.
— Näme, şoňa düşünmek üçin uly hasapçy bolmak
gerekmi-aý, inim? Bir sapar akty on iki sygra ýazmaly.
56
Aradan bir aý geçiribem öňe on üç sygra ýazmaly. Indi
düşnüklimi?
Penaýew sowukganlylyga salyp, Batyra ýüzlendi:
— Batyr, inim, entek seniň başyň ýaş, ýaňy işe
başladyň. Ýol uzakdyr, bu zatlara ýuwaş-ýuwaşdan
düşünär gider oturarsyň.
— Men düşünemsoň gaýtalap soraýan. — Batyr
hötjetligine tutdy. — Ýöne bu zatlar galplyk bolýar
ahyry.
Birbada oturanlaryň sesine suw sepilen ýaly boldy.
Penaýew iki egninden demini aldy. Çep ýaňagynyň
semiz eti çekilip-çekilip gitdi. Ol özüne näçe kyn
düşse-de, öňe gaharyna basalyk berdi. Sesi basykdan,
janyýangynly çykdy.
— Bizem şoňy bilýäs, inim. Başga alaç ýok-da. Hany,
sen dogry ýol öwret onda? — Pirweli ýuwdundy. Ylla
bokurdagyna joşup gelen gaharyny öňe-de yzyna
ýuwdana dendi. — Mynnan gowy çykalga bolsa aýdyp
otur. Bizem eşidäli.
Batyryň öz garşysyna gitmegi Pirweli Penaýewiň,
badyna badak atdy. Bu jelegaýda — Minaraatanyň
garamagynda şu wagta çenli onuň towugyna tok diýen
57
bolmandy. Näme etse, öz eli, öz ýakasydy. Hemmeler
onuň aýdan sözüni, eden işini makullaýardy. Bu
gün... Agzyndan sarysy gitmedik düýnki serçejik bu
adamlara akyl öwretjek bolýar. Häý, dünýe, dünýe!
Indi bular-a ulusyny-kiçisini sylaman ugrady, sen bir
çarhyňy aýlaňda ýalňyşmawäri. Ýa-da bujagaz hormat
edilip, sala salnanyna özünden çekinýärmikäk diýip
düşünýärmikä? Belkem, Han aganyň ogly bolany üçin
howalasy belentjedir. Birki sapar öňünden çykylyp,
tumşugyna kakylaýsa, nämäniň-nämedigine baý
düşünärdin-ä, bujagaz ýoljagazyňdan, nädersiň, now
galmaňa. Ýa-da goltugyndaky gatyja diploma buýsaňan
bolýamyka? Häk... Ballyjan, ikiňiziň ojagaz diplomyňyz
üçin akgulak ýüzlükleriň näçe paçkasynyň sarp
bolanyndan habaryňyz ýok-da. Biziň arkamyzdan siz
bäş ýyllap institutda däl-de, kurortda ýaşadyňyz, indem
nokgy-nokgy gürrüň tapýaňyz, häý akmajyklar! Bir
garnyňyz aç, bir garnyňyzam dok, gözüňizi gögördip
okan bolsaňyz-a, burnuňyz deşilen ýaly, bar zada kaýyl
borduňyz, bujagaz günüňize şükür ederdiňiz. Ýöne...
Dogrusyny dogry aýtmaly. Bu oturan ýigit Ballydan
kän parhly. Gepi-sözi ýerinde, kilçik-külçügi ýok. Ne
çilim çekýär, ne-de o «zährimary» agzyna alýar. Biziň
Ballyjanyň-a gaýdýan zady ýok. Gowulykdan başga
58
zada garaşybermelili. Okuwyny gutaryp geleli bäri
«Pirweli, tüweleme, ogluň-a zor dogtor bolup ýetişipdir,
eli-gözi dert görmesin» diýip, alkyş aýdan syrkawa duş
gelmedim. Ömür dünýede ýekeje bilýän sözi bar. Haýsy
ýeriň agyrýa diýseňem: ýüregim, bagrym, aý, garaz...
saçym, dyrnagym diýäý: «Hemmesi närwden, kurorta
git» diýär. Batyr bilen Bally ikisini deňeşdirär ýaly dälle. Bu ýigit Arkalyň tärbiöňini alansoň, edep-ekramy
şol aksakgala çekipdir...
Penaýew «ehäk-ühäk» edip, oturanlara ýüzlendi:
— Hany, beýdişip, kär bilen kesekleşen ýaly bolup
oturmalyň. — Ol Batyryň ýüzüne seretdi. — Inim, men
saňa bir zady ýatladaýyn: ata-babadan gelýän edähätdüzgün bardyr. «Il hanjak bolsa, senem şo ýaňa» ýa-da
«Il oňlasa atyňy soý». Köneler şu gepleri ölçärmändökmen aýdan däldirler. Oň üçinem, inim, köpçülik
atyny nirä sürse, senem şo ýana haýdabär. Ýalsyşmarsyň!
Başlyk az-kem dymyp oturdy. Hiç kimden ses-üýn
çykmansoň, öňe-de özi başlady.
— Hany, onda, beýdip, dymyşyp oturmalyň. Bir
çukura tüýküreliň-de, işli-işimiz bilen bolalyň. Häzir
Şagulynyň kabinetine baryň. O size näme edip, näme
goýmalysyny aýdar. Her niçigem bolsa, Şaguly buça59
buça zatlary göre-göre gelýändir.
Oturanlar oturgyçlaryny dükürdedip, ýärlerinden
turanda, Pirweli: «Şaguly, sen bir mint aýak çek» diýdi.
Şaguly öňki oturan ýerine geçdi.
— Bärrek, golaýyma gelseňe!
Ol başlygyň alkymyndaky oturgyçda ornaşdy. Ak
garpyz ýaly ýylmanak kellesini elinin aýasy bilen
sypalap, süýem barmagyny aýnadan düşýän günüň
ýagtysyna ýylpyldaýan murtunyň üstünde gözmeletdi.
— Onda, näme, Şaguly, bäş ýaşar aty sygyryp suwa
ýakmaýarlar. Näme etmelidigini men saňa öwretmeli
däl. Bi kelläňi bu saparam mazalyja işlet. Ýöne, ahmal
bolma: hat-petegiň düzüw bolsun. Müň derňewçi eli
lupaly seretse-de, büräň ganaty ýaly yz-pyz tapylmasyn.
— Hawa-la, oň gürrüňi näme.
— Hany, aýt onda, ilki nämeden başlamakçy? Başyny
bir eşideýin.
— Ilkimi? Meň maslahatymy alsaňyz şeýtjek: şol ölen
sygyrlarymyza gyşda bermelik üçin alan iýmlerimizden
ep-esli tonnasy skladda dur, ýagny künjara, kombikorm,
şulha, çigit, sarun, garaz, şuňa meňzeşler-dä! Ine, şulary
satyp, ornuna göle alsak...
60
— Olary kime satjak?
— Weý... Raýoňara mallary semrediş bazasyna
bärsek, iki elleri bilen garbap alar. Olaram bize göle
berer. Öňümiz tomus, göLäler meýdanyň oty bilenem
günlerini görär. Öňe-de... ferma degişli adamlara
artygrak gözhaky töläp, oňa-da göle alarys. Galanynam
aktlaşdyrarys, wessalam.
— Aý, seniň özüň çynyňy etseň ýol tapjak-la. Dawaý,
gaýrat et, şu beladan bir başymyzy gugaraly, indikimize
berk borus. Ýogsam, taýagyň iki ujy bolýa. Bir tarapy
gelip özümize deger.
— Bolýa, ýaşuly. — Şaguly ýerinden turup barýarka,
öňe-de murtuny sypap goýberdi. — Derňewçiserňewçileriň tutjak bolýan guşuny Şaguly bireýýäm
ütüp, gowrup iýdi.
— Aý, bärekella! Senden tama-da şeýle. Ýöne men
hälki Batyryň bolşuny halamadym. Äý, howwa-da,
okuwy gugaran ýaşlar birbada diplomyň ýelgini bilen
badyhowarak bolaýýa-da! Esrän erkek ýaly burny ýel
alyp, temegini ýokary tutuberýärler.
— Eger kellesiniň serigini işletse, sizem oňa sypaýylyk
bilen aýdybildiňiz-le! Entek biraz işlesin bakaly, biz
onuň ýeljagazyny bahym ýatyrys. Akja köýneginiň
61
ýakasyny pitikläp gözer ýaly, bu ýeri Aşgabadyň parky
däldir. Şu zatlardan bir elimi boşadaýyn, onsoň, ýörite
ugruna çykaryn. Birki sapar çeňňege ilen balyk ýaly
ederin welin, nedersiň, mumly ýüplüge dönäýse.
— Olaryň ornuna göle alsak diýýän-ä, bi süýt plany
näderis?
— Tabşyrarys.
— Ä... GöLälerden süýdi nädip aljak?
— Pirweli guda, o zatlara kelläňi agyrtmaňaňa, häý,
senem gaýgyçyl bolup gidipsiň-ow. A bi atyzlarda,
harmanlarda ýok pagtaňam planyny dola-dola gelýäs-ä,
gel-gel indi süýdüň aladasyny edýäň. Şagulyň şu togalak
kellesi egniniň üstünde dursa süýt planam, beýleki
planlaram dolar durar...
4
Giň howlynyň bir çetinde Han Arkalyýew özüne
bişen kerpiçden sekiz otagly jaý saldyryp, beýleki
çetinde-de kakasy Arkaly aga bilen ogly Batyr üçin
üç otagly jaýy bezäp berdi. Arkaly aga hem Batyryň
ýaşaýan otaglarynyň aralygynda naharhana bardy. Iki
otagyňam gapysy şoňa tarap açylýardy.
62
Arkaly aga sakgaldaşy Jumaguly aga bazaryň
ýanyndaky çaýhanada düşüp, birsalym gümür-ýamyr
etmek üçin öýlerine alyp gaýtdy. Olar howla girip,
bägülli peljagazlaryň deňinden geçip, aksakgalyň
bolýan otagyna ýöneldiler. Bägülleriň täze ýapraklary
düýn-öňňinki ýagşa mazaly ýuwlup, gyzylymtyl-goňras
reňke boýalan ýalydy. Arkaly aga howluda bir zatlara
güýmenip ýören, daşkyrak garyndaşlaryndan bolan bir
zenanyň ýüzüne seretmän:
— Enegyz, gyzym, bize bir çaý bärsene — diýip,
naharhananyň bosagasynda galoşyny çykardyda, gülli
joraply içerik ätledi. Otagyň içinde onuň ýatýan krowaty,
«Elektronika» telewizory, «WEF» radiopriýomnigi,
birem geýim-gejim salýan şifonäri bar. Başga artyk zat
ýok. Aksakgal krowat bilen şifonäriň öňüne ýazylan
üçtüýnükli gülli keçäniň üstüne jüp ýassyk oklap,
myhmanyna oturmaga ýär görkezdi.
Aksakgallar Enegyzyň getiren goşa çäýneginiň hersi
birini öňüne alyp, üç mertebe endigan gaýtardylar.
— Könelerimiz: «Habary törde oturan gelin bilen
meýdanda ýören çopandan sora» diýenmişler. Sen
çopan bolmaňaňam, olaň ýanynda. Minaraatada näme
täzelik bar? Aýdyp otyr, Jumaguly!
63
Jumaguly aga Arkaly agadan ep-esli kiçidi. «Pygambär
ýaşyna» ýetip, ak goýnuny ýaňrak beripdi.
— Aksakgal, meň näme, irden turup gözümiň
düşýäni eli bedreli heleýler bilen egri taýakly Goç agta.
— Irden gözüňi açaňdan, ilki zenan maşgala görünse,
ärkege ondan beter märk gerekmi? — Goja gülümsiredi.
— Aý, ýaşuly, içiň bilip durandyr-la. Indi biziň gözümize
zenanmy, erkekmi, haýsy görnende-de tapawudy ýok.
Hany, öňki zamanyň içen suwy alkymyndan görnüp,
eda bilen seýkin basyp ýören zenanlary? Indikiler, buw!
Dabyrdaşyp, agzyň gowşagrak bolsa, garnyňdan basyp
geçjekler. Geplänlerinde dagam, eý, Alla, eňeklerine jaň
dakylan ýaly, bir diýseň, iküç diýýä...
— O Goçuňyz, şo sygyr bakyp ýörmi?
— Hawa-la, dagy näme işlesin ol hudaýgargan?
— Gün gyzsa-ha, nesip bolsa, öňe-de bir gyzgyn çäge
gömülmeli. Güragyry halys bizar-peteňimi çykardy
geçen gyşda.
— Gideris, enşalla. Goç sallaha-da arassa çägä göm
diýeris.
— Bor, o günlere ýetsek.
— Weý, ýetmän näme, ynha «hä» diýmänkäň,
64
jokrama tomus geler.
— Baýakda biri, çaýhanada bir sowuk habar aýtdy,
şo çynmy?
— Nä habar?
— «Ýeňşiň» sygyrlary körpe iýip gyrlypmyş» diýip.
Ýa howaýy gürrüňmi?
— Howaýy gep-ä däl, aksakgal. Malýatagyň bir
ganatyny ýagyş ýumurdy. Olaram şoňdan çykyp körpe
ýorunjadan mazaly doýupdyrlar. Bärekella, ýurulmaňa,
onuň binýady seň ferma döwrüňde salnypdy ahyry.
Ondan bäri är ömri geçdi.
— Milýonär kolhozyň bir ibaly ýatak salmaga-da
güýji ýetmeýärmikä?
— Ýetip aňyrsyna-da geçýä. «Şu ýykylýa how»
diýip, Pirweliň gülagyna näçe gözek käkeledim. Gulak
asmady zaňňaryň ogly. Öz howlusyndaky towuk
käteginiň, binýadyna çenli adam boýy sementli çagyl
daş guýdurdy. «Kolhozyň puly ýokmy» diýýäň-ä.
Puly bolmazmy? Weşeň-weşeň. Bi, kosmusa rakite
uçurmaga-da puly bardyr. Ýöne, başyna barýan ýok.
Baýly boçka diýen pärmesi-hä nirede garnyny doýursa,
şo güni oňa gürbanlyk. Bi edilýän işleri, hiý, sen goýaý.
65
Gerekmejek zatlara pul sowurýarlar. Klubuň ýanyndan
näme saldylar diýsene. At gaýtarym meýdançaň aşagyny
sement bilen suwap, töwäreklerine haşamly demirlerden
gözenek çekip, mynam reňkläp çykdylar. Ine, şo ýerde
obaň murty taban jahyllary gyz-gelinler bilen tans
etmelimiş. Gözenek demriň agzynda-da bir kempiri
oturtdylar — olam bilt satmaly. Hawa, onsoň, ilkinji
gün-ä kolhozyň medeniýet orunbasary, Zamanyň gyzy
Keýik kitaphanada, mekdepde işleýän gelin-gyzlary
sürüp eltdi. Bizem gözenekdäki maýmynlara tomaşa
edýän ýaly bolup durduk. Zamanyň gyzy söz sözledi.
«Her hepdeniň şenbe, ýekşenbe günleri tans etmäge
geliň» diýdi. Surata düşürdiler, gazetde çykardylar.
Wessalam. Soňam şo galşyna galdy. Indi içinde ýandak
gögörişip otyr. Çagalar elleri ujy tommarçak taýakly
dyzçanaklaryny sypjyrdyp, hakkiý oýnap ýörler. Ine,
bylaň edýän işi. Hiý, kolhozda-da tans bormy? Kolhozçy
biçärelerin özi ýassyn gelýä kolhoz işinden. Bolmajak
zady edýäler.
Şol halat Arkaly aganyň agtygy Läläniň howluda sesi
eşidildi.
— Enegyz,
görmediňmi?
meniň
brilliant
66
gulakhalkamy
Enegyzyň oňa beren jogabyny bular eşitmedi.
— Hälki tansly gürrüňiňi, ynha, biziň agtygymyz
ýaly eli boş gyzlar edäýmese... — Arkaly aga başyny
ýaýkady-da: — Aý, bolýa-da!—diýdi.
Agşam sagat onlarda Gökje Läläni şäherden getirdi.
Mylaýym synçy gözleri bilen boýdan-başa gyzyňyň
hereketlerini synlady. Gyzy eýwana girip, uzyn ökjeli
gara köwşüni usullyk bilen çykarmady. (Öňküleri
ýaly birje ýerde goýmady), daraklygyna çalaja galyp,
köwüşleriniň hersini bir ýerik oklaşdyrdy. Onuň ýüzide duw-akdy. Mylaýym rejäň geň däldigini, gyzyňa bir
zat bolanyny şol bada aňdy. Nähilirek soramalydygynyň
ýoluny agtarmaga durdy. Läle hiç zada üns bärmän, öz
otagyna bardy-da, egnindäki gymmat bahaly fin plaşyny
çykaryp, eliniň tersi bilen oturgyjyň üstüne zyňyp
goýbär-di. Özüni-de geýim-gejimi bilen galdyrylgy
krowatyna ýüzünligine oklap, ýüzüni ýassyga berip
ýatdy.
Mylaýym krowatyň gyrasynda oturyp, gyzyňyň
eginlerine elini goýdy.
— Näme boldy, Läle jan? Kim göwnüňe degdi?
Gyzy jogap bermelidi.
67
— Aýt ahyry. Häý-de, gyzam ejesinden zat gizlermi?
— Eje, azar bermelisene... — Läle gözüni, burnuny
plotense bilen süpürdi. — Hiç zat bolanok.
— Onda näme aglaýaň?
Gyzy öňe-de geplemedi. Mylaýym ony beýlesine
öwrüp, enäniň synçy gözleri bilen gözleriniň içine
seretdi. Läle o bakyşdan gözlerini sowdy. Enesiniň
göreçlerine dogry seredip bilmedi.
— Kim göwnüňe degdi? Aýdaý, gyzym...
Läle biraz köşeşdi. Bir zada diň salýan ýaly, bir
nokatdan gözüni aýyrman:
— Myratbeg... Ahmet — diýdi-de, uludan demini
aldy. Güran dodaklaryny ýalady. Mylaýym ýere bakdy.
Bu gün ir bilen gyzyňyň şadyýanlygy, ýuwnup-ardynyp,
bir gyldan bezenip, Ahmet bilen şähere diskotäka
gidenini ýatlady. O ýerde näme bolupdyr? Nädip sözleri
azaşypdyr? Kim aralaryna çöp atypdyr? Ine, bu zatlar
belli däldi.
Gökje guşluk wagtlary — Läle bilen Ahmedi
ýigrimi kilometr uzaklykdaky oblast merkezinde
düşürip gaýdypdy. Şäheriň köçeleri tämizdi. Irden
suwlanan trotuarlarda, olaryň ugruna jähäklenip
68
ekilen güllerde kir-kimriň, tot-tozanyň ady-da ýok-dy.
Birinji Maýyň şowhun-şagalaňy, nirä barsaň, göçgünli
mukamyň owazy, adamlaryň şadyýana ýüzleri, howany
ýaňlandyrýan gülki sesleri, şygarlar, monjuk ýaly
düzülen ýaşyl-gyzyl çyralar, sergin howa, ýuwaşja
pasyrdaşýan al-elwan baýdaklar ýaş juwanlaryň däl,
eýsem garrylaryňam ýüreklerini towusdyrýardy. Gyşyň
agyr, ýyly eşiklerini naftalinläp şifonärleriniň törüne
dykan adamlaryň on iki süňňi geöň geýimleri ýaly
ýeňiljekdi. Dumly-duşuň, daş-töwäregiň şähdi açykdy.
Läle bilen Ahmet seýil bagyna bardylar. Naşyja
geýnüwli çagalarynyň ellerinden tutup aýlanýan,
sallançagyň nobatynda duran ene-atalaryň gowry
agymtyl-gökje tüsse bilen bagyň içine ýaýraýan çişlikkebabyň ysy, her ýerde üsti ak örtukli stollaryny
goýan daýzalaryň şirin-serbet içgileri, naz-nygmatly
kökeleri hödürläp gygyrýan sesleri — ine, bularyň
bary birigip, bagyň içini ala-ýaza öwürýärdi. Uzyn
oturgyçlarda başlary agaran, ýa-da saçlary düşen,
döşleri iküç hatar orden-medally gojalar, kempirler
gözlerine galyň äýnekleri dakynyşyp gazet okaýarlar,
Läle bilen Ahmede meňzeşler oturgyçlarda biri-birine
gysmyljyraşyp, morojenoýe ýalap otyrlar. Ahmet hem
nobata durup, stakanjygy bilen iýilýän morojenoýe aldy.
69
Gyzyň zülpleri ýaly tallary ýere degeýin-degeýiň diýýän
leýlisaçyň astyndaky ala-mula reňklenen oturgyçda
ýärleşdiler.
— Okuwy gugaralym bäri ilkinji sapar parka gelşim
— diýip, Ahmet ak morojenoly goňrumtyl stakanjygyny
kitirdedip dişledi.
— Batyr ikiňiziň bu işläp ýörşüňize iş goýmarsyňyz.
— Läle ýaňsy alyjylyk bilen gülümsiredi.
— Ynam bildirilensoň işlemeli-dä.
— Maşyn alaýmaňaň, pyýada ýetişmärsiň... — Bu
saparam ýaňsa alany ýa çyny bilen aýdany belli bolmady
— Kakam bu gün-ärte «Žiguli» alýa.
— Alsa kakaň alýa, saňa näme peýdasy bar?
— Gerek wagty menem münärin.
— Onda her şenbe bu ýerik, diskotäka gaýdyp bilýäsdä!
— Elbetde.
Ahmet Aşgabadyň oba hojalyk institutyny Batyr
bilen bile gutarypdy.
Ol wetärinariýa fakultetini tamamlap, raýon
merkeziniň alkymyndaky Orjonikidze adyndaky
70
kolhozda işleýärdi. Läle bilen bäşinji kursda hat alşyp
ugrady. Işläp başlaly bäri hiç zada eli ötenokdy. Negada
Batyry bahanalap LäLälere baraýmaňa — onda-da
ýa Batyr öýde ýok, ýa-da Läle. Raýkomyň, birinji
sekretarynyň öýüne gatnap durmagam uslyp däl. Batyr
bilen Läläniň ejeleri başgady. Han Arkalyýewiç Batyr
entek üç aýlyjakka onuň ejesini kowup, Mylaýyma
öýlenipdi. Batyry Arkaly aga bilen onuň kempiri ekläpsaklapdy. Şolaryň tärbiöňinem alypdy.
Onuň ýaşlykdan Läle bilen mäşi bişişmän geçdi.
Läläniň elini sowuk suwa urman, gürjak ýaly bezenip,
titilenip gözişini görende, Batyryň ýeňse damary
gatap ugraýardy. Läle-de Batyry halap duranokdy.
Başarsa, onuň gözüne ilmejek bolýardy. Ilse-de ýüzüni
ters sowup geçýärdi. Muňa Batyryň has-da myrryhy
atlanýardy. Elbetde, bu ikisiniň arasyndaky näsazlygy
Ahmedem bilýärdi. Onuň üçin, Batyryň ýanynda
Läle hakda kelam-agyz dil ýarmazdy. Ýöne Läle bilen
Ahmediň arasyndaky söýgüden Batyryň habary bardy.
Bir gözek Ahmede çynlakaý duýduryş hem beripdi.
Ikisi studentleriň umumy ýaşaýyş jaýynda çaý içip
otyrkalar, Batyr Ahmediň tumboçkasynyn üstünde
Läläniň reňkli suratyny görüp: «Ýagdaýyňa seret,
Ahmet, soň duýdurmady diýme. Biziň uýamyz gaty
71
lälik ösendir. Ikimiz ýaly däldir. Soňra gylyk-häsiýetiňiz
çapraz düşüp durmaňa-da biri. Aýtmady-duýdurmady
diýmeseň bolýa» diýipdi. Şoldurda-şoldur Batyr Läle
hakda dil ýarmandy.
Parad sowlansoň, seýil bagynyň mähällesi has-dä
köpeldi. Olar tirkeşip, kanalyň boýundaky «Şemaljyk»
atly restorana bardylar. Boş, arassa stol ýokdy. Nahar
iýip oturanlaryňam öňleri piwo, şampan, konýak
çüýşelerden ýaňa çişlikli tarelkalaryna ýär ýokdy. Kimdir
biri parkyldadyp şampan açdy. Ýokary zogdurylan ak
köpükler bilen olaryň ýanyndaky gyzlaryň gülküleri
des-deň asmana götärildi. Boş stoluň ýoklugyna
Ahmet günäkär bolmaňa-da, iki ýana elleri podnosly
gatnaýan ofisiantlaryň dilini tapyp bilmeýäni üçin, Läle
ondan nägile bolup durdy. Ahmet üsti arassa bolmaňada, bir stoly görkezip: «Gel, şunda oturybäreli. Häzir
arassalarlar» diýdi. Läle, beýdip, ile göz bolup durandan,
stol hapa-da bolsa, oturanyny kem görmedi, Olar ýaňy
ýärleşipdiler. Ýokarky dodagynyň üsti gara galam bilen
çyzylan ýaly inçe murtly ofisiant Ýigit podnosyny
bulaýlap, Ahmediň üstüne gygyrdy.
— Ýaş ýigit, göreňokmy, stol entek taýýar däl.
— Görýäs. Biz garaşýarys.
72
Şol wagt daşardan iki ýigit girdi. Öňdeki daýawy
inçe murtlyny görüp, şoňa bakan ýöneldi. Iýip-içip
oturanlardan birküç ýigit daýaw ýigidi gören batlaryna:
«O»-da «O» boluşdylar. Onuň öňünden çykyp, öz
ýanlaryna çagyrdylar. Emma ol ýigit gülümsiräp
minnetdarlyk bildirdi. Bir ýerik barýandyklaryny
aýtdy. Daýaw ýigit inçe murtuň arkasyndan oňa golaý
gelende, ol Ahmediň üstüne sesini hasda batlandyrdy.
— Beýle etmek bolanok. Görüp dursuňyz-a, stol
hapa diýlenden soňam oturmaňyz näme? Medeniýetli
ýigide meňzeseňizem, düzgüni bozýaňyz. Ýanyňyzda
gyzam bar, utanaňzokmy?
Ahmet gyzardy. Läle-de. Hemmeler olara seredýän
ýaly göründi. (Dogrudanam, seredýärdiler). Oňa
çenli inçe murtlyň ak haladynyň tirseginden çekildi.
Ol netanyş biri bir zat sorajakdyr öýdüp, gahar bilen
hyrra yzyna öwrüldi. Şol bada-da ýüzündäki gahary
uçup, ýylgyrýan ärinleri gülagyna ýeteňkirledi. Inçe
murtlarynyň aşak egrelýän çyzygy-da gös-göni boldy.
Läle ol ýigidi tanady. Özüni ýitirdi. Bir Ahmede,
birem ýere seretdi. Ol ýigit kakasy, ejesi bilen iki
mertebe LäLälere myhmançylyga barypdy. Tanşyp
gepleşipdilerem. Ol obkomyň birinji sekretary Omar
Soltanowiçiň ogly Myratbegdi. Myratbeg entek Läläni
73
görenok. Inçe murtuň «Oturjakmysyňyz? Näçe adam?»
diýen sowallaryna: «Ýok... ýöne, şu ýigit näme diýse...»
diýip, ýanyndaky ýigidi görkezen halaty Lälä gözi düşdi.
— O-ho, Lýalýa! Bu ýerdemi?
Inçe murtly Myratbeg bilen tirkeşip gelen ýigidi
yzyna tirkäp, bir ýerik äkitdi. Myratbeg Ahmet bilen
başyny atyp salamlaşdy.
— Ýigidiňizmi? — diýip, Läleden sorady.
Läle Myratbegiň «ýigidiňizmi?» diýen sowalyna
jogap bärmän:
— Tanyş boluň, Ahmet — diýdi.
— Myrat! ― Ol Ahmede elini uzatdy. Soňra Lälä tarapa
seretdi. — Menem birinji maýy öýde geçiräöýin diýip
geläýdim. Nähili, ejeň, kakaň, dagy sag-gürgünmy?
— Gürgünçylyk.
barmaýaňyz-la?
Bu
günler
myhmançylyga
― Men-ä okuwda. Pahan, mamulýaňam elleri degýän
däldir-dä!
Myratbegiň ýoldaşy futbolçylaryňka meňzeş
sumkany çüýşeden dolduryp, olaryň ýanyna geldi,
Myratbeg Ahmet bilen Lälä:
74
— Mende bir täklip bar!—diýdi. — Kanalyň boýuna
gidäliň. Biziň kampaniýa goşulaýyň. Bu kapasada näme
bar? Bize o ýerde garaşýarlar. «Wolgada-da» ýär bar.
Läle Ahmede geňeş salman, «bilemok» diýen manyda
egnini gysdy. Soňam:
— Giderismi? — diýip, Ahmetden sorady. Ahmet
belli jogap gaýtarmanka, Myratbeg:
— Gitdik onda — diýip ýerinden galan badyna, Lälede turmak bilen boldy.
Myratbegiň ýoldaşlary kanalyň raýşyndan başlanýan
ürgün çägäniň üstünde ärkana gögören, beýikligi
üç-dört adamyň boýuna barabar, gaba sazaklygyň
kölegesinde mesgen tutupdylar. Pil sapy ýasabermelili,
gös-göni ösen sözenleriň igdäniňkä meňzeş saryja
gülleriniň, düýe asybermelili mähnet sazaklaryň
agymtyl gülleriniň ysy burk urýar.
Bu kampaniýada bäş gyz bilen bäş ýigit bardy.
Ýigitleriň ikisi çişlere düzülen etleri oduň gapdalyna
örülen kerpiçleriň üstünde goýuşdyrýardy.
Gyzlar gök önümleri ýuwup-ardyşdyrýardy. Ýeňleri
çyzgalan Läläniň gün görmedik jowur ak bileklerine
Myratbegiň gözi düşdi. Öz getiren gyzy onuň ýanynda
75
suwa ezilen jüýje ýalydy. Läle bolsa gyzyl sülgüne
meňzäp, gyzlardan saýlanyp durdy.
— Armaň — diýip, Myratbeg olaryň ýanyna bardy.
— Lýalýa, seni çagyryp getirip, ekspluatirläp ýören-ä
däldiris?
— Ýok-la. — Läläniň al öwüsýän pökgüje dodaklary
günça ýaly açylanda, setäran ak dişleri özüni güjeňledi.
Myratbegiň getiren täze pomidorlaryny dograýan Läle
okaranyň gyrasyna goňan siňegi kowdy-da:
— Şu ýärlerik nireden uçup gelýärkä? — diýdi.
— «Siňegem öl ýerik gonýar» diýip, türkmeniň
nakyly barmy?
— Hawa.
Myratbeg sazagyň püründen birini alyp, ondanoňa uçup, gabat gelen zada eňek basyp ýören siňegi
kowdy. Suwuň damjalary ak goşarda hünji sepilen ýaly
ýylpyldaşýardy. Çommalyp oturan Läläniň gök setka
panbarhat keýneginiň nagyşly ýakasyndan aşagrakda
selkiräk dakylan gyzyl gülýakanyň duran ýerine
Myratbegin gözi kaklyşanda, ýüregi gobsunyp gitdi.
Näzikden terje märmär gürsakda gyzyl gül ýakanyň
lowurdysy oýnaýardy. Myratbeg bilen gelen gyz onuň
76
seredýän ýerini, bogazy gürap gültunýan bokurdagyny
görende, ünsüni sowjak hem-de özüniňem bardygyny
bildirjek bolup, sogan arassalaýan pyçagyny jamyň
gyrasyna gaçyrdy. Küýi-köçesi başga dünýede gözip
ýören Myratbeg şakyrda özüne geldi. Gyz Myratbege
çägä gaçan pyçagy uzatdy:
— Näme, naharhanaň pişigi ýaly dälmuryp otyrsyň.
Bol basym, suw getir!
Gyzyň sesinde nägilelik, öýke mesaňa duýuldy.
«Maňa büýrüp bilýänini görkezjek bolýar» diýip,
Myratbeg içini hümletdi. Muny Läle-de aňdy. Nähili-de
bolsa, Myratbeg onuň eline suw akytdy, ýöne Läläniň
ýanynda o gepi çekmegi özüne uslyp bilmedi. Bir zat
diýeni geldi. Oýlandy. Ahyry jüpüne düşse-düşmese,
diline gelenini aýdyp goýberdi.
— Sen näme, Järenka, bu gün çepiňden turduňmy?
Maňa torsarylan bolýaň. — Özüniň öýkesini ýazmak
üçin aýdylýandyr öýdüp, Järeniň ýüzi açylyşyp ugranda,
Myratbeg öňe-de dowam etdi. — Ikimiziň ortalyk
zadymyz ýog-a.
Järeniň ýüzi-gözi gamaşdy. «Pylan wagt pylan
bolupdy. Onda başgaça saýraýardyň. «Dünýäde senden
özge gyz ýok» diýip samraýardyň» diýeni geldi, emma
77
ejap etdi. Gyzlyk utanjy bar zatdan rüstem geldi. Onuň
ýüzüne seretdi-de, ýuwdunyp oňaýdy. Oňa çenli
oglanlaryň biri her eline iki çişi somlap:
— Myratbeg, gyzlar, geliň-eý, gyzgynjygy bilen ýüzýüzden uralyň — diýip gygyrdy. Bahana tapyldy.
— Ýörüň, gyzlar!—diýip, Myratbeg ýazylgy düşeklere
bakan ýöneldi.
— Gyzlara şampan guýmalymy?
— Ýok, ilki bir-birden konýak içsinler, onsoň
şampana rugsat edýäs.
Järenka öýkeli görünse-de, Myratbegiň ýanynda
oturdy. Läle gös-göni garşyda oturansoň, Myratbeg
başyny galdyranda, ilki bilen gözi oňa düşýärdi. Bu
kemem bolmady. Myratbeg dili bilen aýdyp bilmedik
zadyňy gözi bilen «gepleşýärdi». Haýsydyr bir şahyryň:
«Söýginiň ýanynda sözlemek artykmaçdyr, söýgi
goz bilen aýdylýar» diýmesi, megerem, dogrudyr. Bu
ýerde-de diliň asgynlyk çeken ýerinde göz batyrgaý
bolup çykdy. Myratbeg Läle bilen çaknyşdyrmak üçin
rýumkasyny uzadanda, ala gözleriniň göreçleri öňede ak goşara düşdi. Ol Läläniň rýumkasynyň düýbüne
jyňňyrdadyp gepläp ugrady:
78
— Berdi Kärbaba gelin-gyzlar bilen çaknyşdyranda,
rýumkasyny şeýdip, düýbüne degirýän ekeni. Kakam
dagy gürrüň bärýä. Ol: «Gelin-gyzlar hemişe bizden
belentde, şoň üçinem, şeýdip çaknyşdyrýan» diýýän
ekeni.
— Dogry, dogry şo...
— O gojanyň bilmeýän zady ýokdyr-la.
— Geliň, onda, ilkinji tosty şu ýerde oturan iň owadan
gyzlar üçin götäreliň.
Järenka özüniň öýkelänini daşyndan bildirmän, içgi
bilen basjak boldy. Guýlany düýbüne çenli içdi. Şoňuň
üçinem, kellesi ýeňläp, öz-özi gülüp ugrady.
— Järenka, näme ýadyňa düşýä? Aýtsaňa, bizem
güleli.
— Ha-ha... ha... hol... anekdotyň... Şoňy aýtsaňa...
— Haýsy?
— H... h... hapa bedreli...
— Ä... Ony oturanlar bilýär-ä...
Läle:
— Biz eşidemzok, aýt — diýdi.
— Onda aýtsam, gaty görmesiz, anekdot ahyry...
79
Bir aýal oýnaşyny öýüne çagyrypdyr. Birdenem gapy
kakylýar. Äri gelmeli wagtyndan ir gelenmiş. Ýaňky aýal
oýnaşyny gapynyň arkasynda gizläp, özem hapa bedräni
götärip gapyny açanmyş: «Wiý, pylanjan, geläýdiňmi?
Özüm äkitjek bolup durdum. Al, şu hapa bedräni döküp
gel» diýenmiş. Äri bedräni alyp daşaryk gidýä welin, o
aýalam oýnaşyny öýünden arkaýyn çykaryp goýbärýä.
Onsoň, hälki oýnaşy öz öýüne gelýä. Gapyny kakýa...
Aýaly gapyny açýar, görse, onuňam elinde hapa bedre:
«Geleniň gowy bolaýdy, şuny döküp gelseňe» diýýämiş
olam...
— Ha-ha-ha!..
Järeniň gülküsi Myratbegiň ýüregine düşüp ugrady.
Gyz maşgala morta bir zat diýmägem gelşikli däl. Ol
ony bu ýerik çagyranyna näler ökündi. Ýeri, ol Lälä
gabat geljegini näbilsin.
— Geliň, çorba bişýänçä top oýnalyň! — diýip,
ýigitleriň biri täklip girizdi. Topy iň gowy oýnaýan
Myratbeg bolup çykdy. Belkem, onuň medinstitutyň
ýygyndy komandasynda woleýbol oýnaýanyny gyzlar
bilýän däldir. Ol böküp topy uranda, oglanlara yzyna
gaýtarmak hyllallady. Gyzlaryň: «Myratbeg, ýuwaşrak
ursaňa» diýip ýalbarýany-da bardy. Läle tosunlykdanmy,
80
köp wagt geçmänke, garasuw derledi. Oň üçinem,
olardan saýlanyp; sazagyň kölegesýne çekildi. Onuň
golaýyna togalanyp giden topy almaga baran Myratbeg:
— Näme, Läle, ýadadyňmy? — diýdi.
— Hawa.
— Onda katärde gözelenç edäýeli? Hanha dur.
Motoram bar.
Läle jadylaýjy ýylgyryp, razy manyda başyny atdy.
Myratbeg döwür gürap duran oglanlara topy oklap, Läle
bilen bir zatlary gepleşip, kanalyň gyrasyna ýöneldi.
Ahmet allaniçigsi boldy. Maňlaýyna şagga der indi.
Dişlerini gysanda, äňleri agyryp, duluklaryndaky
damarlary tarsyldap gitdi. Ol näme etjegini bilmän,
olaryň yzyndan tarap durşuna, Järeniň ýüzüne seretdi.
Soňra katäre münen Läle bilen Myratbegiň yzyndan
bialaç tarap galdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, oglanlaryň
biri oňa topy oklady. Ol topy çem gelen oglana gaýtaryp
goýberdi.
Järeniňem ýagdaýy Ahmediňkiden gowy däldi. Olam
bir çeträge çykyp, kanalyň suwuny dilip barýan katäriň
yzyndan seredip durşuna, dişlerini gyjap, ýumrugyny
düwdi.
81
Myratbeg bilen Läläniň münen motorly gaýygy hol
gözelenç edýänleris deňinden zymdyrylyp barýardy.
Katäriň burny suwdan üzülip samolýot ýaly ýokary
galaýyn-galaýyn diýýärdi. Ahmet olar, ynha, yzlaryna
dolanar diýen umyt bilen dälmuryp garaşdy. Emma
katäriň sesi daşlaşdygyça, şoňça-da onuň ýüregi beter
basga düşdi. Olaryň golaýyna togalanyp gelen topuň
yzyndan gelen ýigit, altyn dişlerini görkezip, süwümsiz
ýylgyrdy-da:
— Ikiňizem beýdişip durmaň, Myratbegiň tutan
guşuny sypdyrmaýanyny ýaňy bilýäňizmi? Geliň,
gowusy, top oýnalyň — diýdi.
— Eý, diliňi ýygna, ýogsam ýasama dişleriňi bogazyňa
tegök ederin! — Ahmet oňa gözlerini alartdy.
— O-ho, seret-le bujagaza! Meň-ä dilimem, gyzymam
ýygnalgy. Sen öz eliň bilen getirip, ile paýlaýaň.
Ahmediň gany depesine urdy. Oňa ýöneldi. Altyn
dişli elindäki topy gyra oklap, kareteçileriň, formasynda
ýapyryldy-da, syçanyň üstüne zyňjak pişik ýaly häzir
boldy.
— Aýtmady diýme, maýyp bolsaň özüňden gör.
— Ahmet!..
82
Jären altyn dişliň göni üstüne barýan Ahmediň iki
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 04
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.