Latin

Melgun - 14

Total number of words is 3526
Total number of unique words is 2180
29.9 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Arkaly onuň ysgynsyz elinden pyçagyny gaňryp ýere
357
gaçyrdy-da, ýene birki mertebe ýagyrnysyna gamçy
bilen saýgylady. Mamagülüň ýuwlup-ýuwlup ysgyny
gaçan köne köýneginiň gamçy degen ýerleri bölünip,
endamy pers-ala boldy. Ol gapa tarap emedekläp gaçdy.
Şoldurda-şoldur, Mamagül görünmedi. «Ol öýünde
sessiz-üýnsüz ýatanmyş» diýip, Arkaly ondan-mundan
eşitdi. Garawsyz, işigaýdan naçara el galdyranyna
ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedi. Gijelerine Mamagül
her hili bolup düýşüne-de girdi. Ahyry ol «Biçäräniň
halyndan habar tutaýyn hem-de ötünç soraýyn» diýip,
Mamagülüň öýlerine bardy. Ol biçäre pejiň böwründe
salnan düşekde süýnüp ýatan ekeni. Başujynda Goçuň
ejesi (Olam indi pahyr boldy) otyrdy. Arkalyny
görende, Mamagülüň dodaklary çaga ýaly kemşerdi.
Gözlerinden ýaş syrygyp gitdi. Barmaklaryny büküpýazyp, birini çommaltdy. Arkala naýynjar, delmuryp
garap, gamyş ýaly inçe barmaklary bilen howada saz
çaldy. «Wah, bagtygaraň, şo bir soraýan zady: «Ýalňyz,
sazanda oglum nirede?» diýýä. — Goçuň ejesi Arkalyň
ýüzüne serediň dillendi. Arkaly ýere bakdy. Uludan
demini alanda, iki egni aşak-ýokary hereketlendi.
«Ogluň Watan üçin mertlerçe wepat boldy, jan
Mamagül! Men nädeýin!.. Men nädip, näme bilen onuň
öwezini dolaýyn? Ýöne men senden ötünç soraýan. Sen
358
meniň günämi geç! Men saňa nähak el galdyrypdyryn...»
Mamagül sesini-üýnüni çykarman, gözlerinden ýaş
akdyryp ýatyrdy. Birdenkä ol, has beter ejizledi. Aşaky
dodagyny dişlände, äňleri sandyr-sandyr etdi. Soňra
garysyna galyp, el ýeter ýerinde ýatan otluçöpi çyzyp
görkezdi-de, bir elini ýüreginiň üstünde goýup, perişan
halda ýene barmagyny çommaltdy.
«Ýüregim ot bolup ýanyp dur, ýalňyz oglum nirede?»
Arkaly «Ah» çekdi, gözleriniň ýaşyny naçarlara
görkezmejek bolup, hyrra yzyna dolandy-da, ümdüzine
çykyp gitdi.
Mamagül üç gün ýatyp, dördülenji gün ýogaldy. Ine,
häzirem onuň çyzan otluçöpi Arkaly aganyň gözlerine
düşüp gamaşdyrýan ýalydy. Gojanyň ýürek urgusy
batlandy. Dodaklary kepedi.
— Batyr jan... Suw!..
Krowatda okap oturan kitabyny gapdala taşlan Batyr
ýerinden böküp turdy.
Goja birki owurt nabatly suw içid, demini dürsedi.
Batyra minnetdar manysynda başyny atdy.
Goja öz ömründe ýene-de hata iş eden ýerlerini
ýatlajak boldy.
359
Emma başgasy ýadyna düşmedi...
Batyr eşiklerini çykarman krowata gyşardy-da,
gözlerini potologa dikip, kolhoza gelen derňewçiler
barada oýlanmaga başlady. Olar on adamdy. Bäşbäşden iki topara bölündiler. Bir topar kolhozyň
maldarçylygyny: buhgalteriýadaky dokumentlerini
barlamaga, sygyrlaryň, goýunlaryň, doňuzlaryň,
towuklaryň baş sanlaryny sanamaga girişdiler. Barlag
mahaly o sürüden beýleki sürä goýun goşulmaz ýaly,
her sürüde öz adamlaryny goýýardylar. Beýleki topar
pagtanyň dokumentlerini ýygnadylar-da, hersi öňüne
birki papkany alyp, ýapyrylyp öwrenmäge başladylar.
Beýleki dokumentleri-de sürgüçläp demir seýfe
dykdylar. In ýaman ýeri-de, bu derňewçiler duýdansyz
geldiler.
Pirweli Penaýewiň ýüregi ilkinji güni suwlujady. «Aý,
bularam näme, öňküler ýaly derňewçidir-dä» diýip,
özüni giňlige salan boldy. Emma o diýeni çykmady.
Olar Pirweliniň hödürlän çaý-naharyny-da iýmediler.
Kolhozyň daçasynda ýaşamakdanam boýun gaçyryp,
Daşgaladaky myhmanhanadan gatnap başladylar.
Hatda derňewçiler Bally bilen Jahanaýyň toýuna
barmakdanam ýüz öwürdiler. Pirweli şondan soň
derňewçileriň rejesiniň düzüw däldigine göz ýetirdi.
360
Hiç bolmasa, saçagyň duzuny sylap «Toýuň gutly bolsun
diýmedik adamlardan näme tama etjek? Bi, orsuň,
türkmeniň däbine sygjak zat däl ahyry! Olardan ýüz
tapman, paltasy daşa degen Pirweli Han Arkalyýewiň
ýanyna eňdi.
«Han aga, bi gelen derňewçiler adammy ýa-da
Ezraýylmy? Nä jüre adam bular?..»
Han Arkalyýew, elini arkasyna tutup, kabinetinde
eýläk-beýläk aýlanmaga başlady. Ol otlan çilimini
aldygyna kükedip, soňra-da stoluň üstündäki küldanyň
içinde mynjyratdy. Aýlanýan oturgyjyna geçip
oturandan soň, ilkinji mertebe Pirweliniň gözlerine
seretdi. Penaýew Arkalyýewiň göreçlerine dogry garap
bilmedi. Onuň gözleri içiňden geçip barýardy.
— Täk... Pirweli, men saňa dogrymy aýdaýyn.
Bu gelenler öňküleriň çeni-çaky däl. Menem ýaňyja
eşitdim. Seni çagyraýyn diýip otyrdym. Görýän welin,
üstümizi basdyraýdyk öýdýän. Täk... Dokument ugry
düzüw diýýadiň welin, men oňa ynanamok. Entek
barsyny düzediň ýetişen dälsiňiz.
Pirwelä şagga sowuk der indi.
— Täk... Gyrlan mallaryňyzyň ornuna alan
göleleriňiz entek sygyr bolup ýetişen däldir. «Göleden
361
nädip süýt aldyňyz?» diýseler, agzyňyza suw alan ýaly
bolar oturarsyňyz-da.
— Biz olaryň hemmesini haram öldi diýip
aktlaşdyrmadyk. Şaguly olary et plana, raýonyň,
oblastyň naharhanalaryna paýlaşdyrdy. Ýöne, muny
Şaguly ikimizden başga bilýän ýok. Ýalňyşan ýerimiz:
hemmesiniň ornuna sygyr alaýmandyrys. Göle alaýdykda.
— Gara nebsimize buýrup bilmedik diýsene.
Garagumdaky
goýunlaryňyzyň
baş
sanynyň
tükeldigine-de güwä geçip biljek däl. Iň esasy zat...
— Han Arkalyýew ýene-de çilimine ýapyşdy. — Iň
esasy zat pagta. Bazadan satyn alan pagtaňyz. Ine,
şolaryň kagyzlarynyň düzüwdigine men-ä ynanjak
däl. Eger Şaguly bolan bolsa, bil baglamak bolardy.
Emma bi Tilkibaý diýdiňmi, Şagalbaý diýdiňmi,
onuň ýüzünde albassylar at salyp ýör. Alnan pagtany
kolhozçylaryň adyna paýlap ýazyp ýetişse ýetişendir,
emma mehanizatorlaryň, şofýorlaryň ýygan, daşan,
harçlan ýaglary, ine, muňa meňzeş maýdaja görrüňiň
işleriň wedomostlary ellenenem däldir. Onuň üçin, her
gün ýary gijä çenli käbir ýeriňe agram salyp oturmaly
bolýrsyň.
362
Ara dymyşlyk düşdi.
Pirweli Han aganyň aýdýanlary bilen müňde bir
razydy. Hut onuň özi-de şu pikirdedi. Şonuň üçinem
ol: «Indi, näme etmeli?» diýen maslahata gelipdi.
— Indi näme etmeli? Ýol salgy ber, Han aga!
Han aganyň ala gözleri ýene-de Pirwelä gezeldi.
— Täk... Mertlik bilen çekmeli! — Arkalyýew gözlerini
süzüp, Pirweliniň göreçlerinden onuň göwnündäkini
aňjak boldy. «Düşünýämikä? Meniň diýýänimiň
manysyna düşündimikä? Ýa mahluk düşünmedimikä?
Ýene-de biraz gönüläbräk aýdaýyn...»
— Nähili-de bolsa, mertlik bileň öz gerdeniňde
çekmeli! «Mert özünden, namart ýoldaşyndan görer»
diýlen nakyl bar.
Pirweliniň gulaklary şaňlady. «Han aga maňa hemme
zady öz boýnuňa almaly borsuň» diýýämikä? Eý-weý...»
Pirweli ýuwdundy. Emma onuň bogazynda nem
ýokdy. Gözleriniň öňüne hasa tutulan ýaly, Arkalyýewiň
ýüzi görünmän, diňe iki göreji gara bulutdan jyklap
ýaldyraýan sowuk ýyldyza meňzeýärdi.
— Bu gelen derňewçiler pul bilen satyn alyp, dil
bilen yryp boljak adamlar däl. Maňa «päliňiz azyp, bir
363
zat hödürläýmäň» diýip, berk sargadylar. Ýolbaşçylary,
ýene-de iküç sanysy Moskwadan, galanlaram
Aşgabatdan gelipdir. Olaram biri-biriniň yzyndamyş.
Haýsynyň KGB-niň işgäridigini-de bilýän ýok. Tak şto,
senem adamlaryňa mäkäm tabşyr. Dillerine gaýym
bolsunlar. Biri-birin satmasynlar. Satsaňyz... (Arkalyýew
bilgeşleýin «satsaňyz» diýip säginen boldy). Satsalar,
özlerine erbet. Topar tutulyp edilen hyýanatçylyga
sudda ýyly-da köp kesýärler. — Arkalyýew ýene-de
çilim otlandy. — «Uly sözden toba-alla» diýipdirler.
Seniň özüňi halas etjek bolup, elimde baryny ederin.
Ýöne olar bir zat tapman gitmezler. Bäş-alty adamy
gözenegiň anyrsyna dykarlar. Oýlanyp gör, belkem,
mallar hakda Goç agta ýala garalyk ýöňkäp bor. Olar
ýalakyň türmä gidende-gitmände ýitirýän zady barmy?
Yzynda çaga-çugasy eňräp galjak gümany ýok. Pikir et.
Aý, ýöne indi giç bolaýmasa.
— Giç, Han aga! Biziň elimizde indi dokument
ugrundan kagyz galmady. Hemmesini ýygnap, demir
sandyga dykdylar.
— Düýn şular ýaly derňewçiler ýene iki kolhoza
döküldi. Ýöne, olar siziňkä gelenini eşiden batlaryna iki
gije-gündiz ýatman işläpdirler.
364
Penaýew kolhozyň ähli brigadirlerini, ýolbaşçy
sostawyny ýygnap, gizlin maslahat geçirdi. Ol Arkalyýew
tabşyrdy diýmedi-de, esasy aýdan zady biri-birlerini
satmazlyk hakda maslahat berdi. Kimde-kim eden
jenaýatyny aklap bilmese, günäni öz boýnuna almagy,
ýoldaşyna ýöňkemezligi janygyp tabşyrdy. Şol adamyň
gadyrynyň bilinjekdigini, bardy-geldi ýyl kesiläýendede, birki aýdan türmeden çykarjakdygyia söz berdi. Ant
içip, awy ýalady.
Batyr gojany şepagat bajysyna tabşyryp: «Biraz
daşarda gezmelzp geljek» diýip howla çykdy.
Ses-selem, iňlär siňek ýokdy.
Daşgala dymyp, bir zady diňleýän ýalydy. Hatda
asmandaky Aý hem minaranyň depesine golaý süýşüp,
onuň goparylan altyn gupbasynyň ornuna täç boljak
bolýan ýalydy. Onuň içindäki haýbatly arslan ýene bir
bökende Daşgalanyň üstüne düşägede, eli egri, ikiýüzli
adamlary penjesine gysjaga meňzeýärdi.
Batyr gizlin maslahatdan soňky bolan wakany
ýatlady. Üýşen adamlar «Düşnükli-de, bolýar» diýşip
dagaşdylar. Batyr, Pirweli, Tilkibaý üçüsi galdy. Pirweli
özüniň Tilkibaý bilen ikiçäk gürrüňiniň bardygyny
ýaňzytdy. Batyr papkasyndan kagyzlary çykaryp
365
durşuna:
«Men siziň köp wagtyňyzy aljak däl — diýdi. —.
Ynha, şulary yzyna alyň» — Olaryň hersine bir kagyzy
uzatdy.
«Bi näme?»
«Partiýa
çlenligine
geçmäge
beren
rekomendasiýalaryňyz. Sag boluň. Bu-da arzam. Meni
ýene bir ýyl kandidatlykda saklamagyňyzy sorap
ýazdym. Men entek işe täze geldim. Ýaňy bir ýyl boldy.
Goý, menem adamlary tanaýyn, adamlaram meni
tanasyn».
Pirweli Tilkibaýyň ýüzüne seretdi, Tilkibaý Batyryň.
Ara agyr dymyşlyk düşdi. Ahyry:
«Batyr, biý edýän zadyň näme? Men-ä muň ýaly
zada entek duşamok» diýip, Pirweli ellerini asmanda
kelewletdi. Tilkibaýam sakowlady.
«Menem. Ustawda-da ýok. Eşidemogam. Ýal...
Ýallakow biläýmese...»
Penaýew ýerinden turup, ýumrugyny düwdi. «Sen
gaty gitme, han ogul! Sen... Raýkomyň sekretarynyň
ogly däl, pygamberiň agtygy bolsaňam, partiýa bilen
oýun etme».
366
Batyr dym-gyzyl boldy.
— Pygamber bilen partiýaň ýoly başga-başga... Siz
gyssanaňyzda pygamberi ýatlaýaňyz. Partiýa bilen oýun
edýän siz. Men... Men partiýa bilen dogruçyl, arassa
işläsim gelýä. Ýuregi arassa, hakyky kommunistlerdenem
rekomendasiýa alyp, partiýa geçesim gelýär.
— Al, al! Kim alma diýýä?
— Alarynam. Şoň üçinem, ýene bir ýyl garaşjak.
— A-how, adam çagasymy sen? Sen bu ýeriň işleýämi?
(Penaýew öz kellesine dürtdi). Partiýaň hatary ferma
ýatagy däl, islän wagtyň gelip, islän wagtyň çykyp ýörer
ýaly!..
— Hakyky kommunist, päk ýürekli, arassa
adamlar diňe bir fermada däl, indi Ýer şarynyň ähli
künjünde bar. Men şu wagta çenli bilmändirin, indi
göz ýetirdim... goltugynda partbilet göterip, onuň
abraýyny galkan edinip, onuň arkasyndan stol, wezipe
alyp, dilinde partiýa diýip gygyryp, edýän işi bütinleý
ters adam, ynha, şu kabinetde oturan ekeni. Maňa siz
ýalaky partiýany aldaýan ikiýüzliniň rekomendasiýasy
gerek däl. Üstüňizdäki derňewçiler siziň ýüzüňizden
perdäňizi sypyryp, basym hakyky ýüzüňizi görkezer.
367
Batyr papkasyny goltugyna gysyp, gapyny gatyrak
ýapyp çykyp gitdi.
Pirweli-de, Tilkibaý-da dik duran ýerlerinde biribirleriniň ýüzlerine seredişip, sadylla bolup galdylar.
Pirweli iki eli bilen kellesini tutdy. «Eý, weý-eý,
kellämden çakyza tutýa. Dawleniýam galdy öýdýän.
Ynha, ýaňky ýalylar derňewçileriň demine düşse, bilbil
bolup saýrar. Öňki-soňky aýbyňyzy açyp, ityrsuwa
eder. Wah, meniň özüm samsyk, depegenden daşrak
diýipdirler. Arkalyýewiň ogluny kolhozyňa zootehnik
edip başyňa ýapjakmy diýsene? Otur diýen ýerinde
oturyp, tur diýen ýerinde ör turup duran, arkasy ýogy
tapmadyňmy diýsene? Heý, görlen-eşidilen zatmydyr,
rekomendasiýanyň gaýtarylyp berilmesi. Ine, ýagşylyk
etseň! Büý «Eşegi semretseň eýesini deper» diýlenine
barýar. Şunuň kellesi düzüw bolsa, meniň zat
bilmedigim. Däliräpdir o...»
— Ýallakowdan bir sorap göreli! Şuň ýaly bolan- da,
nähili bolýarka? — diýip, Tilkibaý ara düşen dymyşlygy
bozdy.
— Şun ýaly diýmäň näme? Zäher bolýar, merez
bolýar! Heý, eşitdiňmi, şeýle bolanyny? Bi agzyndan
çörek iýýän adamyň etjek işimi?
368
— Onda-da, ýagdaýy duýdurmasag-a birhili! Jaň
edip göreli.
— Et, et! Me! — Penaýew telefonyň apparatyny
şakyrdadyp, Tilkibaýyň öňüne süýşürdi.
— Ilki, Ýalow ýalançyny meň ýanyma çagyryp gel.
Gurda goýun ynanan ýaly bolaýmaly! Sen şoň taryna
kakyp gördüňmi? Agzyna berk gerek?
— Hawa-la, Pirweli aga. Tokly kürsüde oturdyp
soraýmasalar, zat aýtman diýýä.
— Näme, tokly kürsüde oturtsalar, aýtjakmyka?
— Aý, näme, jan bir süýji zat...
— Görýän welin, gadymky mert adamlar ýog-ow!
Batyr bu zatlaryň yzynyň näme bilen gutarjagyny
bilmän, ýeke özi çola köçede eýläk-beýläk gezmeläp
ýördi.
26
«Ýeňiş» kolhozynyň adamlary ýeke-ýekeden kolhoz
prawleniýesiniň jaýyna çagyrylyp, derňewçileriň
sowallaryna jogap berýärdiler. Käbirleri ýene biri
bilen ýüzleşdirilýärdi. Käsinden dil haty, käsindenem
369
düşündiriş alýardylar. «Ony çagyryp, eýle diýipdirler»,
«Muny çagyryp beýle diýipdirler» diýen gürrüňler
gitdigiçe köpelip, myş-myşlar äpet şar ýaly çişirilip
barýardy.
Jumaguly aga-da, Goçam öňki kärlerinde, öňküje
edýän işleri bilen gümra bolup ýörseler-de, olaryň
bakýan sygyrlary hakda ýazylan kagyzlar eýýäm iki-üç
papka ýetipdi.
Ýene-de dört aýdan suduň şeýle höküm çykarjakdygy
hiç kimiň kellesine gelmeýärdi:
...«Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň
adyndan. 24-nji aprel, 1985-nji ý. Türkmenistan SSR
Ýokary sudunyň jenaýat sud işleri kollegiýasynyň
goçme sessiýasy.
TSSR JK-nyň 193 maddasy bilen aýyplanyp sud
berlen Möwlamow Goç 1930-njy ýylyň 16 iýunynda
Daşgala raýonynyň Minara obasynda doglan, milleti
türkmen, SSSR-iň graždany, maşgalasyz, eklenjinde
hiç kim ýok, harby borçsuz, öň sud edilmedik, bilimi
dört klas, Daşgala raýonynyň «Ýeňiş» kolhozynda sygyr
çopany bolup işleýär we şol kolhozda ýaşaýar.
Sud bolanlaryň, şaýatlaryň görkezmelerini diňläp,
işiň materiallaryny barlap, prokuroryň, aklawçylaryň
370
çykyşlaryny dinläp, TSSR Ýokary sudunyň jenaýat işler
baradaky sud kollegiýasy
A n y k l a d y:
Möwlamow Goç Daşgala raýonynyň «Ýeňiş»
kolhozynda sygyr çopany hem-de mal sanagy boýunça
komissiýanyn çleni bolup işlemek bilen, 1978-nji ýylyň
iýun aýynda, 1982 ýylyň dekabr aýynda geçirilen
rewiziýalarda sygyr çopany hem-de mal sanagy boýunça
komissiýanyň çleni bolup, öz borjuna perwaýsyzlyk
hem sowuk-salalyk bilen garap, kolhozyň iri şahly
mallaryny sanaman, 1978-ýylyň iýun aýynda iri şahly
mallaryň umumy balans gymmaty 12386 (on iki müň
uç ýüz segsen alty) manatlyk, jemi baş sany 42 malyň,
1982-nji ýylyň sentýabr aýynda iri şahly mallaryň
umumy balans gymmaty 164088 (bir ýüz altmyş dört
müň segsen sekiz) manatlyk, jemi baş sany 315 malyň,
1982-nji ýylyň dekabr aýynda iri şahly mallaryň umumy
balans gymmaty 272355 (iki ýüz ýetmiş iki müň üç ýüz
elli bäş) manatlyk, jemi baş sany 398 malyň kemçiligini
ýüze çykarman, fermanyň işgärleri bilen birlikde kem
mallary bilgeşländen doly diýip akta gol çekmege
gatnaşypdyr, şeýlelikde, jemgyýetçilik bähbitlerine
düýpli maddy zyýan ýetiripdir.
371
Sud bolýan Möwlamow Goç sud mejlisinde özüne
bildirilen günäni boýun alyp, «1978-iýun, 1982-nji
ýylyň dekabr aýlarynda, jemi iki sapar mal sanamaga
gatnaş» diýdiler. «Gatnaşdym». Men ferma barsam
maldarçylyk buhgalteri, ferma müdiri «Biz eýýäm
sanap bolduk, Goç» diýdiler. «Hemmesi dogry. Ynha şu
ýere golun çek» diýdiler. Men gol çekdim. Meniň 1982nji ýylyň sentýabr aýyndaky aktlarda golum bar, emma
men ol sanaga gatnaşmadym» diýip görkezme berdi.
Ýokardakylar esasynda hem-de TSSR ŽK-nyň...
maddalaryny gollanyp, TSSR Ýokary sudunyň jenaýat
işler sud kollegiýasy
Höküm etdi:
....
....
.....
.....
.......
........
Möwlamow Goçy, TSSR ŽK-nyň 193-nji maddasy
esasynda 2 ýyl azatlykdan mahrum etmesiz öz işleýän
ýerinde düzediş işlerinde işledip, alýan zähmet hakynyň
372
20 prosentini döwlet haýryna almaly.
Höküm gutarnykly, kassasion tertibinde protest
getirmäge we şikaýat etmäge degişli däl».
Ýalowy ýygnapmyşlar!
— Kim-aý, o Ýalowyň?
— Nätdiň-aý sen, ho Pirweliniň pagta zawodyndaky
wekili — Ýalow ýalançy näme!
— Hä-ä! Kim ýygnapdyr?
— Men näbileýin? Senem sud ýaly sorag edýäň.
Agşam gelipdirler. Ýatan ýerinden turzupmyşlar.
Maşyna mündüribem äkidipdirler. Göni Aşgabada
wazt.
— Aý, onda bolupdyr... Kolhozdakylaram, Pirwelinem
satar.
— Ýogsamam ýeke özi türmä gidesi ýok-la!
— Pirweliniň ýüzi-hä ýuwusgadan ätlän ýaly diýýäler.
— Bile ogurlyk eden adamyňy tussag etseler, iýeniň
içiňe gidermi?
— Olam ogry şärigi-dä!
373
— Tilkibaýy näme ederkäler?
— Näme ederler diýsene. Ozallar Garagumda
gyzyl tilkiler gezer ekeni. Olaryň guýruklary täjirleriň
arasynda iň geçginli harytlaryň biri bolupdyr. Awçylar
şol tilkileriň gözleginde sergezdan ekenler. Tilkem
gaty mekir haýwan, awçylary gördügi, gara sümülip
göwrelerini gizleýärmiş. Emma käbirleriniň guýruklary
gardan çykyşyp duranmyş. Awçylaram ýiti pyçaklaryny
olaryň türresinden salaga-da, guýrugyny halta dykyp
gidiberýän ekenler. Ine, şonuň ýaly, Tilkibaýam,
guýrugyny gizläp ýetişen däldir-le. Şol gyzyl tilkileriň
güni başyna düşäýmese-de biri.
— Biz-ä şunça ýaşap, Şagulynyň üýşüren märekesi
ýaly toýy görenem däldiris, eşidenem. Zaluwat, aýakly
garpyz ýygnap-ýygşyranynyň baryny orta dökdi.
— Bi, derňewçilerden gypynç etmeýämikä o?
— Baý-buw! «Meniň öýde eden toýum bilen
derňewçiň näme işi bar?» diýipdir. Hany, golaýyma
bir gelsinler. Näme, «toý etmek gadagan» diýip
ýazylan ýeri barmyşmy? Işimi barlasalaram, hanha,
üýşmek kerpiçleri sanabersinler. Kem çyksa, jogabyny
bererin. Bolmasa-da, derňewçileriňiz arabasyny daşda
tigirlesin» diýýämiş.
374
— Aý, hawa-da, «Arkaly köpek gurt alarmyş». Menem
ogluma Han Arkalyň gyzyňy alyp beren bolsam şeý
diýjek. Ýüregi suwluja-da!
— Özem howlusynda uzyn-uzyn stollary goýup,
komsomol toýuny etdi. Üstündäki çüýşedir naharlary
göteribilmän stollar maýşarylyp dur.
***
— Şu derňewçileri Moskwadan Gara Mergen
getirenmiş diýýäler.
— Mümkin, nähak ýere o görgüliň burnundan bulak
getirdiler-dä.
— Häzir nirede işleýäkä Gara Mergen? O görgüliň
sülgüniň jüýjeleri ýaly bir topar çil-çülpe çagalaram
bardyr. Iş bir berdilermikä? Ýogsam gol doly maşgalany
eklemegem gerekdir. Olaryň agzyny gazyga gysdyryb-a
bolmaz.
— «Ýeňişde» — Pirweliniň elinde brigadir bolup
işleýärmiş. Häzir ýerlere şeýle bir dökün dökdürýä
diýýä, hi goýaý. Ýylyň-ýylyna gowaça ekilip arryklap
giden atyzlar görmedigini görjek.
— Aý, o adamlaryňam dilini tapýa, ýeriňem dilina
tapar. Kakasy pahyr işjanly adamdy!
375
— Ýeri bilen daýhanyň dilini tapsa boldugy bor-da!
***
— Ýalow ýalançynyň öýünem-ä dekenmişler.
Ýigrimi müň manatlyk altyn, zaýom, dört sany ýapon
magnitofony, bir birgediň heleýlerine ýetjek köýneklik
panbarhat, aý, ýene näçe müň manat paçka-paçka
ýüzlük-ellilikleri üç litrlik ballonlara salyp goýupdyr.
Pollarynyň aşagyndan tapanmyşlar.
— Aý, bäş-alty ýyl-a bolandyr, oň kolhoz bilen pagta
zawudynyň arasynda dellalçylyk edip ýörenine. Başgada ýygnan-ýygşyrany kändir-le oň.
27
Penaýew bilen Ýallakow Han Araklyýewiň kabinetinde
agyr oýa batyp otyrdylar. Pirweli Batyr bilen aralarynda
bolan wakany bulara gylyny gyşartman gürrüň berdi.
Han Arkalyýew Batyryň ýazan arzasyny, käte-käte eline
alyp, ondaky jümleleriň käbirini gaýtadan burnuna
salybrak okaýardy-da, ýene stoluň üstüne oklaýardy. Ol
häzir «Täk... Täk» diýmekden başga söz tapanokdy.
«Başga biriniň perzendi bolan bolaýanda-ha bujagaz
«oýunlary» üçin burnundan ikli gan getirse bordy welin,
376
arman özüňki bolansoň dişiňi gysmaly-da. Üstesine-de
agzy ýelli adamlaň gulagyna degäýse, peşeden pil ýasap,
gürrüňi arşa çykarlar. Derňewçilere ýa-da ýokarky
organlara ýetse-hä her hili many agtaryp, zir-zibilden
göwher monjuk gözleýäne dönerler.
Han Arkalyýewiň beýnisi sorkuldaýardy. Ol ösgün
gaşlarynyň üstüni barmaklary bilen basyşdyrdy.
— Täk... Onda näme maslahat?
Penaýew sesini çykarmady.
Ýallakow äýnegini burnunyň düýbüne süýşürdi.
— Täk... gadymkylar: «Ýagyň öz içiňden döremesin»
diýipdir.
— Hawa-da — diýip, Penaýew başyny atdy. Näme
edip bolýar? Urup-käýäýin diýseň, özüň ýaly sakgalmurtly, ýetişen ýigit. Bolmasa-da, ynha, edýän işi! Heňe
geljek zat däl.
— Menem düýn ertir Batyr bilen ikiçäk gepleşip
gördüm.
...Düýn ertir Ýallakow keselhanada ir bilen
«üstüni basaýyn» diýip ugrasa-da ýetişmedi. Batyryň
«Niwasy» eýýäm naharhananyň işiginde durdy.
Ýallakow naharhananyň gapysyndan boýnuny uzadyp377
uzatmanka, Batyryň ertirlik alyp, stoluň başyna
baranyny gördi. «Ýeke özi ekeni. Şu-ýä bir hasapdan
kemem bolmady». Ýallakow hem özüne heýgenek,
bilen kakao alyp, onuň ýanyna bardy. Saglyk-amanlyk
soraşdylar.
— Sizem ertirligi naharhanadan iýýäňizmi? — Batyr
sorady.
— Hawa. Bu gün gelnejeň ýaramajak bolýar. Onsoň
azara goýmaýyn diýip, diňe sakgal-murty alyp, elýüzümi ýuwdum-da gaýdyberdim. Hawa, onsoň, işde
näme täzelik?
— Her hili. Derňewçileriň netijesine garaşyp ýörüs.
— Kän kemçilik tapýarlarmy?
Entsk belli zat aýdanoklar.
— Öz işleriň gowumy?
— Biziňkem mallaryň hal-ýagdaýyna bagly. Ýöne
olaňkam öwerlik däl. Pagta-pagta diýip, maldarçylyga
baş galdyran adam ýok. Aýtsagam, gulak gabardanoklar.
Ýylyň-ýylyna şo bir «keselimiz»— ot gytçylygy.
Ara dymyşlyk düşdi.
Batyr heýgenegini çarşagy
Ýallakowyň ýüzüne seretdi.
378
bilen
dörüşdirip,
— Ýene-de täzeje et iýesimiz gelýär. Arada
«Maldarçylyk» žurnalynda okadym. Sygyr etiniň bir
kilosy hökümede bäş manatdan gowrak nyrha düşýä.
Hökümet bolsa bize iki manada golaýdan satyp,
gör, näçe zyýan çekýä? Ýag, süýdem şoň ýaly. Soýuz
boýunça hasaplanyňda, näçe milliard manat zyýan
çekilýänini göz öňüne getirip gör. Ýok, Penaýyfyňam,
Arkalyýyfyňam bi zatlar bilen işi ýok, kellesinem
agyrdanoklar. Olara pagta dolsa bolýar.
— Bizde iň esasy zat pagta. Şoň pylany bek soralýada!
— Etiňki, süýdüňki soralanok-da?
— Äý, olam soralýa welin, eýdip-beýdip olar üzülýädä!
— Ana, şo «eýdip-beýdip» üzülensoň, halk etiň her
kilosyny bazardan bäş-alty manatdan satyn alýa-da!
Ýallakow gürrüňleriniň başga tarapa dartylyp
barýanyny bilse-de, alajy ýok — diňlemeli boldy. Ol
gürrüňi Batyryň öz üstünden alyp barmanyň ýoluny
agtarmaga başlady. Ahyry alajyny guradyp:
— Hany, Batyr jan, biz öz aladamyzy edeli. O zatlara
zehiniňi ýakma. Ikimiz näçe jibrinsegem, aljak galamyz
379
ýok. O zatlary düzetmäge ikimiziň gurbatymyz çatmaz.
«Öz aladamyzy edeli» diýip, düýnki Penaýewiň
kabinetinde bolan gürrüň hakda aýdýarmyka?»
— Hany, sen, bu kandidat boljak ýörjekmi?
«Aýdanym dogry çykdy» diýip, Batyr ýere bakdy.
— Men bu hakdaky pikirimi düýn aýtdym. Eger,
siziň ýanyňyzda gaýtalamaly bolsa, onda şeýle...
Ýallakow diňläp bolansoň:
— Gel, onda şeýle edeli. Sen rekomendasiýalary
şatur-şutur başgalardan al. Basymrak geç-de dynsana.
— Juk...
— Batyr, sen akylly-başly ýigit. Häzir raýonyň içi
edil arynyň öýjügine çöp dürtülen ýaly. Her hili ýalanýaşryk gybatlardan doly. Kakaňa bir haýpyň gelsin.
Eddil şumat seniň bu bolşuň bolanok. Ustawda bir ýyl
kandidatlygy geçen...
— Ustawda iki ýyl kandidat bolmaly däl diýlip
ýazylan ýeri-de ýok.
Batyr laňňa ýerinden galdy-da hoşlaşman, gapa tarap
çalt-çalt ýöräp gitdi.
Ýallakow onuň yzyndan ylgamakçy boldy, emma
380
ofisiant gelin pete-pet geldi:
— Hasaplaşjakmysyňyz? — diýdi...
— Hawa, oňňa bu hakda gepleşesem gelenok —
diýip, Ýallakow bolan wakany ýatlady. — Höre-köşe
edeniň ýa-da haýbat atanyňdan peýda ýok.
— Täk, onda aralygy nähili bolmaly?
— Bir zat ediläýse bolmazmyka? Şu üstümizdeki
apy-tupan sowulýança, bir ýerlerik, birküç aýlyk okuwsokuwa iberip bolmyýamy?
— Belkem, aspirantura iberersiňiz, Han Arkalyç?
— Hawa, şo aspirantura bolýa şoňa. Eger oňlasaňyz,
men Gurdow bilen şu günüň özünde gepleşeýin —
diýip, Penaýew öňe omzap gepledi.
— Täk... Aspirantura girmeg-ä ýetip bilmeýän
arzuwy oň. Hany, diýip göreýin, etse. Pirweli, sen häziriň
özünde kolhoza git-de, Batyry meň ýanyma iber.
Han Arkalyýew ogluny birinji sapar görýän ýaly,
gözlerini süzüp, ony başdan-aýak synlady. Batyr gürrüňi
kakasy başlar tamasy bilen, ýere seredip otyrdy. Ullakan
owaly gözleri Han Arkalyýewiçiň edil özüniňki. «Bu
ýaşda meniňem düýbüne darak geçmeýän gür saçlarym
381
bardy».
Indi Han Arkalyýewiçiň maňlaýy süýr depesine
deňiç lak çalnan ýaly ýaldyrap dur. Batyryň bir-birine
gowşuryp oturan elleriniň barmaklary-da, ylla Han
Arkalyýewiç bilen bir galypda ýasalan ýaly. Garaz,
Han Arkalyýewiçiň göwresi inçeldilip hem-de ýaşlyk
döwrüne gaýdyp gelen ýaly, oturgyçda ýere seredip otyr.
Bu nähili beýle bolýar? Ine, goja Arkaly. Oglundan
nägile bolup, onuň bilen onuşman, ýaşynyň soňunda ilgüne gep-gürrüň bolup, hojalygyny başgalady.
«Beýle eder ýaly men oňa näme edenmişim?..
Meňem bu oturan bilen mäşim bişişenok. Ýeri, men
muňa näme etdim? Bir zat diýse, iki gaýtalatmadym.
Okatdym. Ylym aldy. Adam hataryna goşuldy. Indem
öz güni özünden ötensoň, atyny ýeke çapýar. Garşyma
gitmekdenem, ýüzüme gelmekdenem çekinjek däl.
«Doýranyň sakgalyna» diýleni-dä. Göz boldumy,
dil boldumy, it bilen pişigiň bir ýalakdan ýal iýip
bilmeýşine döndi Arkalyýewleriň tohumy. Bi adam
ymmaty diýlen zat nähili ýaradylypdyr? Ýa-da şeýle
bolmalymyka? Arkama-arka ýaşan nesillerem şu
zeýilli boldumyka? (Läle bilen Batyryň çagalykdan
oňşuksyzlygy ýadyna düşdi. Han Arkalyýewiç ony
382
ejeleriniň başgalygyndaidyr diýip oýlanýardy. «Emma
men näme? Oňa öweý atamy? Bu nähili zamana boldy.
Dogan-dogana, perzent atasyna ýagy...»
Batyr hem öz pikirleri bilen gümrady.
«Indi bi-de maňa takal okap başlar...»
Batyr kakasynyň ýüzüne seretmese-de, onuň
özüne seredip oturanyny duýýardy. Batyr üçin
garşysynda oturan onuň hakyky kakasy däl-de, ýat
bir adam ýalydy. Atalyk mähriniň perzende tarap
gaýdýan, göze ilmeýän inçe ýodajyklaryna ot biten
ýalydy. Belkem, bäbeklikden onuň gujagyna dolup,
ymsynyp, ata mehrini duýmanlygyndandyr. Belki, ata
zabunlygy zeraryndan ene didaryndan jyda düşürilen
çaganyň ýüreginde berç galandyr. Belkem-de, ýörjenýörjenliginden, agy-garany saýgaryp ugran pillesinden
goja Arkalynyň elinde erkek kişilere mahsus terbiýäni
alan ýigit kimiň-kimdigine göz ýetirendir.
«Bu-ýä ata-enäni sylamaýan doňbagyr, daşýürek
bolup ýetişipdir. Mundan aklyga garaşmaly däl...»
— Täk... Batyr, men saňa akyl berip, oturjak däl.
Tüweleme, bir adama ýeterlik akyl-huşuň bar. Ýöne
eddil şumatky turuzýan «gopgunyňa» «hä» berjek däl.
Meň ýüzüme beýle seretme. Sabyr et-de, sözümi diňle.
383
Dost-duşmanyň arasynda meniň artykmaç gürrüňe
goýmajak bolsaň, bi keçjallygyňy bes et. Men saňa kaka
hökmünde maslahat berýän. Eger şony isleýän bolsaň,
ýalbarýan. Raýonda dawa-jenjel gopsa, men jogap
bermeli. Sensizem işim-aladam başymdan agdyk. Bu-ýä
bir. Ikinjiden: ataň ikisiz duz-tabagyňyzy aýrylanyňyz
bilen sen-ä meň öňümde, menem gojanyň öňünde
ogullyk borjumyzy ýerine ýetirmelidiris. Birek-biregiň
aladasyny etmeli. Birek-birekden gaçyp gitjek ýerimiz
ýok. Oň üçisem, öýlen diýenimde, «aspirantura gitjek»
diýip aýdan sozüňi men ýadymdan, çykaramok. Ynha,
täze ýyla-da gadam basdyk. Oba hojalyk institutynda
aspirantura ýer bar diýdiler, gitmek hyýalyň bolsa ýol
şaýyňy tutuber.
Batyryň ýüzi biraz açyldy.
— Haçandan? — diýip sorady.
— Şu aýda dokumentleriňi tabşyrmaly öýdýän.
— Batyr ýeňillik bilen gapa tarap ýöräp barýarka,
Han Arkalyýewiç: «Munuň şun ýaly ýumşak damaryny
öňräkden tapmaly ekenim — diýip oýlanany-da şoldy
welin, ogly ýene-de kürtdürip durdy. — «Kellesine ýene
näme hyýal geldikä?»
Batyr yzyna öwrülip, öňki oturan ýerine birki ädim
384
göwünli-göwünsiz ätledi.
— Atamy bu halda taşlap, men nähili okuwa gideýin?
Han Arkalyýewiç
owkalady.
«Hüm-m»
edip,
eňeklerini
«Oňa çenli ataň bellisi bolar» diýse, onuň göwni
ynjajakdy. Diýmese-de... diýmese-de, ýumruk ýaly
saýýan ogluna ýalbaryp oturmaga ejap edýärdi.
Batyryň bolşuna «atlanan jynlary» ýüzüniň hamlaryny
dartyşdyryp ugrady.
Şol halat Batyryň kellesine ýene bir hyýal geldi.
«Bular menden dynmak üçin aspiranturaly gürrüňi
tapan bolaýmasynlar?..»
28
Ýarygijeler Han Arkalyýewiçiň derwezesiniň jaňy
kakyldy. Soňky wagtlarda Han Arkalyýew gije ýarymdan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 15
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.