Latin

Melgun - 11

Total number of words is 3608
Total number of unique words is 2094
32.2 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
52.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
barmy? Aljak galaňyz näme? Köplük bir ýana— siz bir
ýana. Köplük meň bilen. Meň tarapymda. Siz näme
arkan gaýyşýaňyz? Özüňiziň kimdigiňizi tanadasyňyz
gelýärmi? Äý, eýýäm tanatdynyz-la! Besdir, şo...»
— Täk... Täk... Düşnükli. Býuro çlenleriniň arasynda
iki teklip ýüze çykdy. Biri Gara Mergenowy SSKP-niň
hataryndan çykarmaly, beýlekisi berk käýinç bermeli
diýen teklip. Kim Mergenowy SSKP-niň hataryndan
çykarmaga ses bärýän bolsa elini galdyrsyn.
277
Han Arkalyýew ilki öz semiz aýaly elini galdyrdy.
Onuň elini göz astyndan synlap, ýene alty adam şobada
goluny göterdi.
— Diýmek, köpçülik Gara Mergenowy SSKP-niň
hataryndan çykarmaklyga ses berdi. Mergenow, partiýa
bilediňizi stolun üstünde goýuň! Ol indi siziňki däl.
Eger-de raýkompartiýanyň býurosynyň karary bilen
ylalaşmasaňyz, onda obkompartiýa apelýasiýa berip
bilersiňiz.
Kabinetiň
içinde
gyzlymtyl-sary
uçgunlar
peýda boldy. Oturgyçlarda oturanlar Mergenowyň
töwereginden aýlanmaga başlady. Birdenkä-de otagyň
içini tüm-garaňkylyk gaplady. Gara Mergenowyň
gözleri hiç zady saýgarmady. Gara ýer hopan ýaly,
oturan oturgyjy bilen aşaklygyna bir ýerlerik süýşüp
barýardy...
Ol gözlerini keselhanada açdy. Ak potologyň dörtburç
bölünen ýerlerini ýuwaş-ýuwaşdan saýgarmaga başlady.
Onuň ýadyna hiç zat düşenokdy. Bir zatlary ýatlajak
boldy. Oňa çenli ak ýaglygyň aşagyndan altyn sary
saçlary çogup duran rus aýalynyň keşbine gözi düşdi.
Onuň:
— Siz gozganmaly däl. Şu ýatyşyňyza ýatyň — diýen
278
sesini alysdan eşiden ýaly boldy.
Onuň ýadyna derrew býuro düşdi.
Ol ýüregine bir zat bolanyny şobada aňdy. Ýuwdundy.
— Özüňizem, gaýrat ediň-de, geplemejek boluň!
Onsoňam, hiç zadyň pikirini etmäň.
Gara Mergenow gözlerini ahmyrly ýumup, uludan
demini aldy...
20
Han Arkalyýew kabinetine gelip oturan badyna,
erkek sesli aýal içeri girip: «Täze howa girsin» diýip açyp
goýan äpişgelerini ýapyşdyrdy. Yzyndanam hemişeki
endigi boýunça gök çaý getirdi.
— Gaýtarandyryn, Han Arkalyç.
Han Arkalyýew «sag boluň» manyda başyny atdy.
Gyzyl gülli käsesine çaý guýdy. Çäýnegiň jürünniginden
boýçy gaçyp, käsäň içinde bir gezek aýlandy-da,
ortasynda dim-dik durdy. Stolunyň üstündäki çyrajyk
ýandy. «Diýmek, kimem bolsa ýokardan telefon
edilýär».
— Alo!
279
— Han Arkalyç!
— Ä... Salam, Omar Soltanowiç! Nähili saglyk? Öýiçerleriňiz?
— Hemmesi ganymat. Han Arkalyç, bu nä boluşhow? Swodka seredýäňmi? Düýn ösüşiň öňňinkiden
yza gaýdypdyr-la. Ozalam-a ugruňyz ýok.
— Düýn biraz ýagyn ýagdy. Şo päsgel berdi, Omar
Soltanowiç.
— Mundan beýläk, bir gün ýagyş ýagar, ýene bir gün
görlähet, bahana tapylar. Hany, tijen, tijen! Oblastyň
aýagyndan aslyşýaň. Bu ýylyň nähili ýyldygyny-ha
özüň bilýäň. Bütin respublika toý etjek. Toýa iki eliňi
burnuňa sokup barjakmy? Sen-ä döşüňe ýyldyz dakalyň
bäri işiňi gowşadaýdyň öýdýän.
— Ýo-ýo-k, ýok...
— Hany, ýok bolsa, gudratyňy görkez. Şu gün
prosentiň bir ýarymdan az bolmasyn.
— Synanyşaly, Omar Soltanowiç!
— Maňa synanyşanyň gerek däl, netije gerek. Ýogsada, bi Gara Mergen diýen adamyň kim-aý? Apelýasiýa
beripdir-le. Näme dawasyz bar?
— Aý, bizde her jüre adam bardyr. Gözenegiň
280
aňyrsyna dykmadygymyza şükür etmeli welin, o
siziňem başyňyzy agyrdýamy? Raýona-ha ýarym ýyl
iş boldy. Gepiň gysgasy, özi-hä, bizde propaganda
bölüminiň müdiri. Üstesine-de ogluny sünnetledipdir.
Gör, muň edýän işini. Biz mollasumaklary, dindarlary
öwlüýäden kowup çykarybilemzok welin, a bi nädýä
diýseňiz-le? Hakyt wekil edip iberen kolhozymyzdaky
öwlüýäligiň içini arassaladýa kolhozçylara. Biz bolsa
pagtaň haşal otuny arassalap ýetişibilemzok. Näme, ol
öwlüýälik seýil bagymy diýsene! Raýonyň parkynda-ha
ýowar geçireliň diýenok. Ine, onuň edip ýören işleri...
Aý, oň özi, Omar Soltanowiç, partiýa haýyr getirjek
adam däl-le. Biz öz kadrymyzy gowy tanaýas, şoň üçin
wagtyňyzy ýitirip, kelläňizi agyrdyp ýörmeseňizläň.
— Şeýle diýsene... Ýagşy onda, häzirlikçe pagtaňa
gaýrat et.
— Täk, täk...
Han Arkalyýew stolunyň erňegindäki knopkany
basdy. Erkek sesli aýal şol bada bosaganyň iç ýüzünde
peýda boldy.
— Kolhoz başlyklarynyň ählijesi bilen häziriň özünde
meni gepleşdir. Edil şu mintde-de Meýlis Bakyýewi
ýanyma çagyr. Igenji diňe meniň ýeke özüm çekmeli
281
däl. Bularyňam eýmejini ýetireýin.
Erkek sesli aýal gelşi ýaly-da gaýyp boldy. Arkalyýew
käsesindäki sowan çaýyny döküp, täzeden guýdy. Ony
içip gutarmanka, Meýlis Bakyýew salam berip içerik
girdi.
— Ýaşuly, ýüzüňizden gar ýagýa-la. Hany, açylybrak
otursaňyzlaň.
— Ýagmaz ýalymy? Ýaňy obkomdan jaň edip
igeläbildiler. Biz oblasty yza çekýäs, oblast respublikany...
Ä, senden näçe kolhoz pagta satyn alýa?
— Häzir-ä bäş... Ynha-da, siziň paýyňyz. Iki ýüz müň.
— Meýlis Bakyýew papkasyndan kagyza oralgy «paýy»
çykaryp, Arkalyýewiň öňüne süýşürdi.— Men şuň üçin
çagyrýarmykaňyz diýip alyp gaýdyberdim.
— Beýleki ýedi kolhoz näme üçin alanok?
— Men näbileýin! Ony siz bilmeli. Ýa pullaryny
gysganýandyr, ýa-da siz gyssaýan dälsiňiz.
— Täk, men şolaryň şu gün derisini duzlaryn. Sen iş
üstünde bol, ýanyňa ýalbaryp bararlar. Ýöne oglanlaryňa
berk tabşyr. Dokument işlerine jür bolsunlar. Kolhoza
satýanyňyzyň gündelik hasabyny ýörediň. Öten
ýylkydan galan bergileriň-ä düýnki ýangyn bilen üsti
282
ýapylandyr?
— Hawa-la. Geçen ýylkymyz «şoň bilen» tep-tekiz
boldy.
Stoluň üstündäki çyrajyk ýandy.
— Alo! Ä... Täk... Senmi? Gurgunmyň?.. Sen maňa
gepiňi köpeltme-de, pagtaňdan habar ber! Haçan
prosentiň ýokary galjak? Näçe garaşmaly? Haçan
açyljakmyş o pagtaň? Näme, saňa Hudaýdan telefon
etdilermi?.. Sen, näme diýsene. Garpyz ýaly togalanyp,
nokgy-nokgy ýaňramaňy bes et! Men senden pagta
talap edýän... Hawa, howaňam bilemok, ýene bir
zadyňam. Nireden tapsaň şondan tap. Näme, «Ýeňiş»
pagtany ýerden gazyp alýamy? Ýa oňa asmandan
Hudaý oklaýamy? Näme diýsene, ikimiz şeýle gepleşeli:
ýa şu günden şeýlek ikiden ösersiň, ýa-da indiki býuro
partbiletiň bilen bile gel. Gürrüň gutardy, men galan
zadyňy bilemok. Dawaý, wsýo!
Han Arkalyýew haşlap trubkany goýdy. Elýaglygyny
çykaryp, çygjaran maňlaýyny süpürdi.
— Haramzada, ýal ýagylary! «Oktýabryň» kelte
başlygy jaň edýä — diýip, Han aga haşlady. — Bolýa, sen
gaýdyber, Meýlis. Häzir beýleki başlyklara-da diýjegimi
diýip, içimi sowadaýyn.
283
Meýlis Bakyýew gapydan çykansoň, Arkalyýew
kagyza dolangy pullary alyp seýfiniň ýanyna bardy.
Aşaky gözüniň demir gapysy saldam bilen açyldy.
Onuň içi elindäkä meňzeş kagyza oralgy «harytlardan»
— paçka-paçka gyzyl onluklardan, ýigrimi- bäşlikdir
elliliklerden doludy.
«Gökjä bir halta getirdip, munuň içini boşadaýyn...»
Ol seýfiniň açaryny şakyrdadyp, iki sapar towlap
ýapdy. Samolýotyň salonyndaky ýaly arkaýaplangyjy
beýik, dört töweregine pyrlanýan ýumşak oturgyjyna
agyr göwresini taşlady. Seýfdäki pullaryň ilkinji gözbaşy
— gönezligi ýadyna düşdi, Ol baryp-ha ýigrimi ýyl
mundan ozal bolupdy. Ondan bäri seýfiň içi näçe sapar
puldan doldy, näçe sapar Gökje kagyz haltany hyryndykyn dolduryp Mylaýyma eltip berdi...
Raýkomyň birinji sekretary bolup işleýän ilkinji
aýlarydy. Günleriň birinde, işiň ahyrynda Pirweli
Penaýew kabinete geldi. Ikisi öňem tanyşdylar. Ýöne,
beýle içgin däldi. Täze sekretar ony oňat garşylady.
Hal-ýagdaýlaryny sorady. «Ýeňşiň» pagtasy öňde.
Sekretaryň başlykdan nägile ýeri ýok. Ikisi-de biribirinden razy. Pirweli ondan-mundan gürrüň edip,
turar ýerde turmady. Raýkomyň ähli işgärleri bireýýäm
284
öýlerine gaýdypdy. Täze sekretaryň hem bu gün
öýlerine irräk barasy gelýärdi. Emma, gelen başlyga: «Iş
wagty gutardy, tur, men öýe gaýtjak» diýip bolýarmy?
Han Arkalyýew öýlerine jaň etdi. Özüniň işde biraz
eglenjegini, başlyklaryň biriniň gelenini duýdurdy.
Aýaly nägile boldy öýdýän. Han Arkalyýew Pirwelä
duýdurmajak bolup, ýasama ýylgyrdy. Telefonly gürrüň
ýüregiňe düwüp gelen zadyňy aýtmaga Pirwelä oňat
bahana boldy.
— Han aga...
— Maňa entek «aga» diýerden ir dälmi?
— Wah, ir-le. Ýöne wezipäň uly bolansoň diýäýýäsdä! Siz täze öýlenen adam. Indi hojalyk guramaly.
Şonuň üçinem, göwnüňize hiç zat getirmäň. Men-ä
geIenimize şujagaz sowgady getiräýdim.
Pirweli Penaýew dagy goňur mahmal gutujygy açyp,
Arkalyýewiň öňünde goýdy. Gutynyň içinde göwher
gaşly brilliant ýüzük bilen gulakhalka bardy.
— Bip... Bi näçe manat? — Arkalyýew çalaja sakawlap
sorady.
— Biziň üçin gymmat däl. Gelniňiz üçin-ä, ylaýta-da
şu gün şundan mynasyp sowgat tapmarsynyz.
285
«Şu gün şundan mynasyp sowgat tapmarsyňyz».
Diýmek, Pirweli bu gün Mylaýymyň doglan günüdigini
bilýär. Nireden bildikä? Dogrudanam, muny Mylaýyma
eltip beräýsem, begenjinden iki bolup bilmez. Onuň
ýatsa-tursa arzuwy, düýşünde görüp ýören zady şudy
ahyry ýa-da bi onam bilýärmikä?»
Arkalyýew aýalynyň doglan gününi Pirweliniň
nireden bilýändigini sorady.
— Weý, ondan aňsat zat barmy. Pasport bölüminde
raýonda ýaşaýanlaryň ählisiniň doglan ýylam, günem
ýazylgy. Me, bu-da bäş müň, çaý pulyň bolsun. Hälişindi oblasta, Aşgabada ýygnaga gidýäňiz. Deňduşlaryň elini jübüsine sokanda, sizem kem galmaň.
Han Arkalyýew öňki sowgady köp görüp, aljagynyalmajagyny bilmän otyrdy.
«Belki, bu meni synap görýändir. Bu zatlary goýup
gidip, KGB-ä tutdurjak bolýan bolaýmasyn...»
— Munça-da sowgat bolarmy?
— Han... Men saňa pynhan öwüt bereýin. Ras aldym
adyna galdyňmy — alan şekilli algyn.
— Eger almasam.
— Almasaň, özüň hor borsuň. Maşgalaň hor bor.
286
Özüň ýaly adamlaryň haýsy biri hökümetiň berýän
aýlygy bilen gün görýändir öýdýäň? Hany, oňatja oýlan.
— Eger men seni häzir... — Arkalyýew Pirweliniň
çyny bilen ýürekden aýdýanyny bilmekçi bolýan ýaly,
göreçlerine seretdi. — Häzir milisiýanyň öňüne salyp
goýbersem nädersiň?
— Ehk onda... onda ikimizem günäkär bolarys...
— O nähili? Bi ýerde meň näme günäm bar? Para
getiren sen.
— Çaga bolma, Han! Eger şeýle samsyklyk etseň
utularsyň. Men o tarapynam oýlandym. Ýaňy işe başlap,
agzyň aşa ýetdi. Ikimizem diňe bir oblastda däl, bütin
respublikada gep-gürrüň bolarys.
— Para getiren sen. — Arkalyýew ýene gaýtalady. Bi
ýerde meniň näme günem bar?
— Hk, ahyry aýtdyrjag-ow sen. Eger şeýtseň,
ikimizem deňşärik günäkär.
— Hany, sebäbini aýt.
— Sebäbini aýtsam, men bu ýerik gaýtmazymdan
öň seýfimde bir hatjagaz goýup gaýtdym. Oňa-da şeýle
ýazdym: «Şu gün 30 sentýabrda raýkomymyzyň täze
sekretarynyň aýalynyn doglan güni. Ol maňa şu zatlary
287
getir» diýdi. Ine, milise çagyryň, men şeýle diýerin.
«Ynanmasaňyz, ýörüň seýfi açaýyn, okap göreýin». Ol
ikisi biri-biriniň ýüzüne seredip esli oturdylar.
— Ýeser adam ekeniň-ow! — diýip, Arkalyýew çalaja
ýylgyrdy. — Onda, Mylaýymyň doglan gününi bile
belläliň. Me, sowgadyňy özüň gowşur. Puly bolsa, özüň
öz eliň bilen stoluň çekmesine sal.
Arkalyýew stolunyň ýokarky çekmesini açdy. Pirweli
puly penjeläp çekme oklap durşuna:
— Täze sekretarymyzyň towşan ýürek adamdygyny
bilmändirin — diýdi.
— Pirweli, entek men sizi tanamok. Ätiýajy elden
bermeli däl...
Stoluň üstündeki çyra ýylp edip ýandy. Arkalyýew
tisginip gitdi. Ýigrimi ýyl mundan ozal bolan wakadan
indi gorkup ýörşüne öz-özüne käýindi. Trubkany
galdyrdy.
— Alo! Ä... senmi? Hany, soň salamlaşarys. Maňa
salamdan öňürti pagta gerek, pagta... — diýip, ýolbars
ýaly arlap başlady.
288
21
Obkomyň partiýa komissiýasynyň başlygy, kelte
boýly, saçy timar bilen ýeňsesine daralan ýigit Gara
Mergenowy hoşamaý garşylapdy.
«Elimizden gelenini ederis. Meseläni obektiw çözeris.
Siz hiç zady gaýgy etmäň. Hemme zadyň änigineşänigine ilik-düwme ýeteris».
Ol ýerinden turup, äpişgesiniň öňünde duran
çäýneginden bir käse çaý guýup, Gara Mergenowa
hödürläpdi. Onuň öňünde Gara Mergenowyňky ýaly
papkalaryň ençemesi biri-biriniň üstünde durdy.
Men siziň deloňyzy okap çykdym. Gaty agyr jeza
beripdirler, Gara Mergenowiç. — Ol haýpygelijilik
bilen aşaky dodagyny dişledi. — Käte şeýle-de bolaýýar.
Bigünä adama nähak jeza berilýä. Bizem elimizden
geldigiçe düzedýäsem. Öňräk «Dostluk» raýonyndan bir
mugallyma berk käýinç yglan edipdirler. Bize apelýasiýa
berdi. Obkomyň býurosynda, ine, şonuň berk käýinjini
duýduryşa getirdik. Görýäňizmi, nähili bolýar? Garaz,
bizem elimizden geldigiçe işleýäs, kömek edýäs.
Raýkomlara obýektiw seretmeli, prinsipial bolmaly
diýip berk duýdurýas. Ýöne, näme, kollektiw üýtgeýär,
şeýdibem ýalňyşlyklar gaýtalanyp dur. Häzir men size
289
ýüz prosent boýun bolubiljek däl. Ýöne, hakykatyň
hatyrasy üçin, hökman kömek etjek bolaryn.
Gara Morgenow göwresinde ýeňillik duýdy.
— Gaýrat ediň. Maňa obýektiw çözseňiz bolýa.
— Hökman, hökman. Onuň gürrüňi bolmaz. Onda
siz gaýdyberiň, geljek hepdede maňa telefon ediň.
— Bolýa, sagja boluň. Hoş.
Omar Soltanowiç partkomissiýanyň başlygy Janaýewi
ýanyna çagyrdy. Oturmaga oturgyç hem hödürlemän,
elindäki kagyzy uzatdy-da:
— Men bu adam hakda Han Arkalyçdanam sorap
gördüm. Umuman, raýkomyň býurosynyň kararyny
öňki güýjünde galdyrýarys. Ýagşy, gidiber indi.
Hatyň mazmunyna göz gezdiren ýaş ýigýt bir zat
diýmäge çemeleşende, Omar Soltanowiç onuň diýjek
bolýan pikirini aňyp, şol bada jogap berdi.
— Bi kagyzdaky petisiýanam aksakgallaryň adyndan
özi gurandyr. Näme, garrylaryň indi şol adamdan başga
işi ýokdur öýdýäňmi? Ol her zada ukyplymyş. Basym
gahryman eneleriň adyndan hat getirse-de geň görmeli
däl.
Ýaş ýigit mundan soň Omar Soltanowiçiň öz
290
sözünden dänmejegini bilip, nägileligini duýdurmasada, dodagynyň içini dişläp kabinetden çykdy.
Ol öz kabinetine gelip haty ýene-de okamaga başlady.
Obkompartiýanyň hormatly býuro çlenleri!
Partkomissiýanyň hormatly çlenleri!
Biz «Ýeňiş» kolhozynyň aksakgallary bolup, sizden
towakga edýäris! Biziň köpimiz basmaçylara garşy
göreşip, kyn günlerde kolhoz gurmaga gatnaşdyk.
Birnäçämiz Beýik Watançylyk urşunda faşistIer bilen
göreşdik.
Biziň sizden etjek haýyşymyz öz obadaşymyz Gara
Mergenow hakynda. Ony bizden oňat tanaýan adam ýok.
Gara biziň gözümiziň öňünde ösen adam. Onuň hakasy
merhum Mergen bilenem egin-egne berip işleşdik.
Gara işjanly adam. Ol biziň «Ýeňiş» kolhozymyzda
brigadir. Hemme ýyl pagta planyny doldy. Uniwersiteti
gaýybana gutaransoň, mugallym, soňra raýon gazetiniň
redaktory bolup işledi. Raýkomyň apparatyida işläp
başlanyna bir ýylam bolanok. Emma biderek bahana
tapyp, ony partiýa hataryndan çykardylar. Biz muňa
düýpgöter garşy. Biz sizden Gara Mergenowy partiýa
hatarynda galdyrmagyňyzy uly haýyş edýäris. Ony ýene
bize işe goýberäýiň. Özünem iň yza galak pagtaçylyk
291
brigadasyna, Garanyň şo brigadany aýak üstüne
galdyrjagyna ynanýarys.
Arkaly Hanow — 1935 ý. bäri SSKP çleni.
Jumaguly Durdyýew — 1938 ýyldan bäri
SSKP-niň çleni, ýene-de 26 gol.
Gara Mergenow bir hepdeläp partkomissiýanyň
başlygynyň gujurly, erjel gepleýşine bil baglansoň, uly
umyt-arzuwlary göwnünde besläp gezdi.
Obkomyň işgärleri raýkomyňkydan parhlydyr.
Ýokary wezipede işleýänler aşakdakylardan has akylly
hem adamkärçilikli. Olar adam ykbalyna Arkalyýew,
Ýallakow ýaly biparh seretmezler. Ajyny-süýjini görüp,
döwlüp biten adamlardyr. Arkalyýewiň soňky ýigrimi
ýylda ýekeje-de çeper eser okamandygyna ant içse bor.
Onsoňam, aksakgallaryň hatyna-da gulak gabartmaly
bolar ahyry. Bu döwleti guran, häzirki obkomda,
raýkomda işleýänleri okadan, olara oturan stollaryny
beren şo aksakgallar dälmi näme? Düşünseler-ä, şolar.
Şeýle bolansoň olaryň töwella-towakgasyna gulak
asmaly ahyry. Ýa indiki stoly eýelänler düýn özüni
kimiň terbiýelänini, bularyň şu günki güni üçin gan
dökendiklerini ýatdan çykaryp, olaryň sarpasyny
bir köpüge-de almazlarmyka? Onda nähili bolar?
292
Arkalyýew, Ýallakow ýalylar özleriniň geçmiş taryhynyň
üstünden atanak çekýärler. Näme, on ýedinji ýyldan öň
ýaşanlaryň hemmesi akmak, molla-müfti-de, ondan
soňkular akja guşmy?
Gara Mergenow horaz gygyrýança gam-gussa batyp,
ol egninden bu egnine agdarylyp, urnup çykdy. Hälişindi uludan demini alanda, agzyndan otly howur
çykýardy. Ol başujunda goýan sowuk suwundan
owurtlanda, gursagyndaky otly közüň üstüne suw
dökülene dönýärdi. Ahyry ol uky dermanyndan iki
tabletka atdy. Hiç zady ýatlaman, pikir etmän, «bir,
iki...» diýip sanamaga başlady. «Ýüze çenli çenli sanasaň
uka gidersiň» diýýäler. «Ol-a ýalan ekeni» diýip, Gara
Mergen tä uklap galýança sanap, daňa golaý irkildi.
Ahyry onuň partkomissiýa telefon etmeli güni
geldi. Iki gezek guk-gukdan soňra, aňyrdan trubkany
galdyrdylar.
— Alo!
— Salawmaleýkim. Partkomissiýamy?
— Hawa.
— Bi, men... Mergenow!
Aňyrdan jogap beren, indi geplänokdy.
293
— Alo... Eşidýäňizmi? Ýoldaş Janaýew!
Aňyrdaky adam ýene-de dymdy.
«Ýygnak zat geçirýärmikä? Biwagt jaň edäýdim
öýdýän».
Gara Mergenow ýene-de bir sapar:
— Alo! — diýip, bagtyny synap görmekçi boldy.
— Diňleýän, aýdyberiň. — Ol ses adatdakylardan
sowuk çykana meňzedi.
— Maňa bir hepdeden jaň et diýipdiňiz ýol...
— Hawa, ýoldaş Mergenow, gerek bolan çagtyňyz
özümiz taparys.
Gara Mergenow birbada näme diýjegini, näme
sorajagyny bilmän aljyrady. Ýene biraz trubkany tutup
duransoň:
— Bolýa, onda ýoldaş Ja...
Partkomissiýanyň başlygy öz familiýasyny diňlemän,
trubkany goýdy.
Gara Mergenow esli wagt trubka seredip, iki
jahanowarrasy bolup galdy.
Aradan bir hepde geçdi... On gün...
294
Obkomdan habar-hatyr bolmady.
Gara Mergenowyň her sagady — bir güne, her
güni — bir aýa barabar geçýärdi. Onuň kalbynda
partkomissiýanyň başlygyna bolan umyt uçgunlary
ýekän-ýekän ýylpyldaşyp uçup barýardy. Beýnisinde
müňde-bir sowal döreýärdi. Olaryň haýsyna nähili
jogap berjegini bilmän, aljyraňňy ýagdaýa düşýärdi.
Ýene ýürek agyrysy güýjäp başlapdy, işdäsi ýokdy, ukusy
bütinleý gaçypdy. Soňabaka kellesine gum dykylan
ýalydy, wagtal-wagtal ýüregi bulanýardy. Raýkomyň
býurosynda dalanyşy ýadyna düşende, on iki süňňi
elenip gidýärdi. Ol ýene-de ýerinden turdy. Näme üçin?
Nirä hyýallananyny özi-de bilenokdy. Daş çykdy. Näme
üçin çykanyny ýatlajak bolup gördi. Ýene-de bolmady.
Başyny galdyryp, uly köçä seretdi. Maşynly-maşynsyz
adamlar bir ýerik haýdaşyp barýarlar. Olar beýle
nirä howlugýarkalar? «Menem gideýin» diýen pikir
beýnisine urdy. Birdenkä saklandy. Olar-a işe barýar.
Sen nirä gitjek? Gara Mergenowyň ýene-de demligi
tutuldy. Adamlar oňa seredip: «Hon-ha, partiýadan
çykarylyp, işden kowlan Gara Mergenow!» diýip, biribirine görkezýän ýalydy. Ol başyny aşak salyp, ýene-de
öýlerine girdi. Altyjyk çaga gözleri bilen onuň ýüzüne
soragly seredýär. Ol bir zatlary sorajak bolýar. Emma
295
näme sorajagyny ýatdan çykaran çaga barmajygyny
dodagyna basyp, pikire çümüp dur. Uçganaklap duran
müýnsüz gözlerden sowal bary ýagaýjak ýaly. Häzir
Gara Mergen ulynyň-kiçiniň sowallaryndan üýşenýär.
Oňa şu pille hiç kim, hiç hili sowal bermese, habar
gatmasa ýagşy. Şonuň üçinem, ol ýüzüne seredilse,
öz nazaryny başga ýana sowýar. Öýüň içinde özüne
nähilidir güýmenje gözleýär. Onam tapanok. Mundan
ozal Selbi günde-günaşa ony eýtmeli, muny beýtmeli
diýip, öýüň içinde müň-bir işiň adyny tutardy. Indi
bu-da içini hümledip, agzyna suw alan ýaly bolup otyr.
Gepiň gysgasy, öýde güýmenere zat ýok. Dym-dyrslyk.
Siňek uçsa, sesi eşidilip dur. Hernä Altyjyk:
— Eje, aý, eje, bu gün nä bazarmy? — diýip sorady.
— Ýok, balam, hä, näme?
Altyjyk sesini çykarman, beýleki otaga gidip geldi.
— Me, kaka!
Gara Mergenow başyny galdyrdy. Altyjyk onuň işe
göterýän papkasyny uzadyp durdy. Selbi görmedik
bolan bolup, haýdan-haý kuhnýa ylgady. Gara Mergen
çaga ýaly kemiş-kemiş etdi. Göreçlerine bada-bat inen
ajy ýaşy oglundan gizlemek üçin, olam öz otagyna
hasanaklap gitdi.
296
Altyjyk ýene-de hiç zada düşünmän, bir ejesiniň
birem kakasynyň giden tarapyna seredip, ortada sadylla
bolup galdy.
Gara Mergenow gyzyl «Žigulisini» münüp, oblast
merkezine gidýän ýola düşdi. Ol indi ilkinji sapar-a ýitirip
tapan ýaly garşy alan, soňam telefonda gepleşmeni-de
gaty görüp, «Gerek wagtyňyz özümiz taparys» diýip,
sowuk-sala gürleşen adam bilen bellisini etmäge, egri
oturyp, dogry sözleşmäge barýardy. Öljek hassa ölüp
dynsa ýagşy. Ýa eýle bolsun, ýa-da beýle. Meseläni çürtkesik etmeli. Süýji-süýji arzuwlara ymsynanyňdan, ajy
hakykaty ýuwdup dynanyň gowy dälimi?
Gara Mergeniň iş üçin janyndan geçmäge, kellesini
orta goýmaga taýýardygyny kim bilmeýär? Hemmeler
bilýär! Ol soňky ýyllarda haçan dynç alyş günleridigini
hem ýadyndan çykarypdy. Her ýylky dynç alyş
rugsadyny alanda, bir hepde öýünde ýatyp, ýene işe
çykýardy. Ilkinji gün ýoldaşlaryna «Aý, ýöne geläýdim»
diýýärdi. Ikinji, üçünji günleri ýoldaşlary, ýolbaşçylar
onuň otpuskadadygyny hem ýatdan çykaryp, ýumuş
buýrup, iş talap edip ugraýardylar. Şeýdip, Gara
Mergenow her ýyl rugsadynda özüniň mugt işläp
ýörenini diňe ýoldaşlary aýlyk alanda duýup galýardy.
Kassir aýal ony günde işde görse-de, hemme kişä pul
297
paýlap ýörkä: «Mergenow, siz otpuskada» diýip, başga
biriniň adyny gözleýärdi.
Mekdep direktoryka kä halatda bankda wagtlaýynça
pul bolmaýardy. Mugallymlar aýlyk alyp bilmän,
gözlerini tegeleşip, Gara Mergeniň ýüzüne seredip
oturýardy. Ine, şonda Gara Mergen maşyna ýygnan
puljagazyny, gör, näçe sapar kassadan alyp, mugallymlara
aýlyk paýlapdy...
On ýyllap gözleriniň köküni gyryp gazet çykardy.
Işe äýneksiz baran Gara Mergen indi, dört ýarym
nomerli äýnegi dakynýardy. Käte tipografiýanyň harp
ýygnaýjylary ýetişmän, käte-de raýkomyň býurosynyň,
plenumynyň materiallaryny rusçadan terjime edip,
ertirki gazetde çykarmak üçin gijäniň bir mahaly —
horazlar gygyranda, käte-de gün doganda öýlerine
barýardy. Bir sagat irkilip-irkilmänkä, ýene-de
ukusyny almadyk hurmaýy-gyzyl gözlerini owkalap işe
ylgaýardy. Ine, iň soňunda-da şol ylganlaryň üçin «Me,
saňa, sag bol...»
Şu zatlary bir adamyňam ýatlamandygyna Gara
Mergenowyň hem gahary gelýärdi, hem-de içi
ýanýardy. «Bu adamlar öz ynsaplarynyň öňünde hasabat
bermeýärmikä? Hawa-da, «Adam alasy içinde» diýleni298
dä. Käbirleriniň dilleri bir zat gepleýär, edýän işleri
tersine... Bizden üç kurs öňde okan Myradow diýen
ýigit, soňra atly ýazyjy bolup gitdi. Ýöne ömri gysga
ekeni bendäniň. Ine, şol bir kitabynyň adyna «Muňa
durmuş diýerler» diýip goýupdyr.
Ine, käbir ýaşlary alyp gör! Ilki birini söýýäler. Onuň
ugrunda ölüp-öçüp mejnun bolýarlar. Soňam başga
biri bilen baş goşýarlar. Oňa mysaly uzakdan gözläp
näme etjek? Ahmet. Eger Han ArkaIyýewiň gyzyňa
öýlenen bolsa, meň üstümden guşam uçmazdy. Ýele
ýanyma gelen adam bolmazdy. Onda, raýonda abraýly
adamlaryň biri men bolardym. Öýlerine gelenler,
Altyjygyň güjügine çenli öwüp arşa çykardylar. Hmm!..
Ýok, on ýaly mugt abraýy başyňa ýapjakmy diýsene. Ol
abraý wagtlaýynçadyr. Diňe Han Arkalyýew şu kärinde
otyrka saklanar. Soň... Soňra Arkalyýewiň işden kowlan
güni, seňem abraýyň salgym ýaly gaýyp bolar. Ahmet
akyl edipdir. Soň ömürboýy oglum heleýguly bolup,
ejir baryny çekenden, häzir özüm başyma düşenini
göreýin. Görgini özüm çekeýin. Häý, durmuş, durmuş!
Magtymguly «Bu dünýäniň işleri» diýen goşgusyny bi
jahanda bolýan zatlara haýran galyp ýazdymyka?..
Gara Mergenow haşamly agyr gapyny açdy. Giren
ýerinde kiçiräk stoluň başynda oturan murtlak
299
milisioner, bir elini gaşyna ýetirip, salam berenden
soňra:
— Partbiletiňiz barmy? — diýip sorady.
Gara Mergenowyň çep gursagy gyzgyn iňňe bilen
çyzylyp goýberilene döndi. «Ýok» diýmäge dili barmady.
— Häzirmi?.. Pasportym-a bar.
— Onda, propuska alyp geliň. Daş çyksaňyz çep
gapdalyňyzdaky gapy.
Ahyry Gara Mergenow giň koridora ýazylan
halyçanyň üsti bilen ýöräp, gapylaryň ýazgylaryna syn
edip barşyna, «Partkomissiýa ýol. Janaýew M. S.» diýlip
ýazylan dermatinli gapynyň öňünde sägindi-de, çalaja
itdi. Partkomissiýanyň başlygy Gara Mergeni başda
kabul edişindäki ýaly şähdaçyk ýylgyryp, kimdir biri
bilen çaý içýärdi. Ol başyny galdyryp, gapydan jyklaýan
Gara Mergene gözi düşende, sahnadaky ökde artist
ýaly ýüz-keşbini şobada üýtgetdi. Çytylan gaşlaryny
bürüşdirip, gabaklaryny aşak sallady.
«Muňa ne jyn urduka? Öňki gelenimde, allanäme
güler ýüz beripdi. Häk, şo telefonda sowuksala gepleşeniňdenem-ä, üýtgäniňi aňypdymla. Indi nätsemkäm? Girsemmikäm ýa daşarda
300
garaşsammykam? Özem sesini çykarman, dommarylyp
otyr. Ýaş başyna bi bolup oturyşy özüne-de gelşenok».
Oňa çenli Gara Mergen jogabyny aldy.
— Biraz garaşyň!..
«Sesinde öňki mylaýymlykdan, sypaýylykdan namnyşan ýok. Oňlulygyň alamaty-ha däl. Eýgilik bolsunda!»
Gara Mergenow dermatinli gapyny daşyndan ýapyp,
koridorda ötüp-geçýänlere päsgel bermelizlik üçin,
diwara ýaplanyp durdy.
«Ýa-da munuň iş stili, bolşy şeýlemikä? Ilki
gürleşende, adam ýalydy. Obýektiwlik, prinsipiallyk,
ahlak hakda bir topar gürrüňleriň başyny agyrdypdy.
Gara Mergeniň gursagynda adalatyň umyt uçgunlaryny
ýakypdy. Indiki bolşy näme? Muňa nähili düşünmeli? Ýa
«Pişigiň ýüwrükligi samanhana barýança» diýlenimikä?
«Raýkomlara duýdurýas, ony eýdýäs, muny beýdýäs»
diýip, başda öwüniberşinem-ä halamandym. Iş bitirýän
adam beýle lakgy bolmaz ahyry. Belkem... «Indiki
hepde gel, aňyrky hepde gel» diýip, bi menden bir zat
hantama bolaýmasyn?! Şu Arkaly aga bilen Jumaguly
aganyň «Henizem, Lenin guran döwletiniň düýbüni
berk gurupdyr» diýmesiniň jany bar-ow. Adalatyň
301
tuguny şular ýaly adamlar arşa götermeli ahyry. Ýa-da
başga «emmasy» barmyka?»
Gara gapy açylyp, ondan çykan adam lotereýasy
maşyn utan ýaly, dylym-dylym etdi-de, Gara Mergene:
«Giriň» diýdi.
«Bu biçäre-de ilki meni garşy alandaky ýaly ýylyjak
söz beripdir-ow. Bir hepdeden gelseň, seniňem erniňde
ýyrşarma görnäýmese gerek».
Ýaş ýigit çäýnek-käselerini eýýäm äpişgäniň öňünde
ýygnaşdyrypdyr. Ol öz ýaşyna gelişmeýän ýasama
agraslyk bilen aşak bakyp oturdy-oturdy-da, öý işini ýat
tutan okuwçy ýaly, çalt-çalt gepläp ugrady.
— Gara Mergenowiç, men «işiňizi» ýene bir gözek
üns berip okadym. Käbir adamlar bilen gürleşdim.
Maslahatlaşdym.
Umuman,
bizem
raýkomyň
býurosynyň kararyny tassyklamagy makul bildik. Siz
ýygnakda ýekeje saparam «Şu diýýänleriňiz galat ýa
töhmet» diýmänsiňiz. Eger size ýöňkelýän günäler
ýalan bolsa, näme üçin şeý diýmediňiz?
Ara ep-esli wagta çeken dymyşlyk düşdi.
Ýaş-ýigit müýnli ýaly, Gara Mergenowyň ýüzüne
bir gezegem seretmedi. Ol ýene biraz oturansoň,
302
aýdylmasyz gürrüňi-de dilinden sypdyrdy.
— Omar
gürleşipdir...
Soltanowiç
Han
Arkalyç
bilenem
Janaýew şol bada dilini dişläp saklandy. Iki ýaşulynyň
arasynda bolan gürrüňi aýtmaly däldigine akyly çatsada, nähilelik bilen dilinden sypanyny duýman galdy.
Onuň öz-özüne gahary gelip gaşlaryny çytanda, tekiz
maňlaýyna ýygyrtlar indi.
— Umuman, Gara Mergenowiç, siz bagyşlaň, işiňizi
okaman bir zat diýen bolmagymam mümkin, ýöne
günäňizi ýeňledip biljek däl.
Ol içindäkini dökensoň, uludan demini alyp,
oturgyjynyň ýeňsesine gaýyşdy.
— Eger, isleseňiz indiki býuro geliň.
«Hemme zat düşnükli. Gör, seni jylawyňdan kim
çeken ekeni! Elbetde, Omar Soltanowiç Han Arkalyç
bilen gürleşen bolsa, işiň men peýdama çözüljek gümany
barmy? Näme, Han Arkalyç öz býurolarynyň kararynyň
ýatyrylmagyny ýa üýtgedilmegini islärmi? Samsyk,
gawunkelle! Men bu tarapyny oýlanmandyryn... «Sygryň
şahyna ursaň, endamy syzlarmyş». Akmak Gara, Omar
Soltanow bilen Han Arkalyýewiň arasyndan gysyr
303
çybynyň gysylyp geçýänini, ikisiniň bir adamdygyny
hiç kim bilmese-de, sen bilýäň ahyry. Eý, akyly çaşan
Gara Mergen, adamlary tanaýşyň şu bolsa, ömürboýy
işiň düzelmez. Şol ýalňyşar gider otyrsyň. Onsoňam,
karar öňki güýjünde galjak bolsa, býuroda nä körüň
bar? Otur öýüňde gömlüp. Raýkomyň býurosynda
infarkt alan bolsaň, obkomyňkyda gabra dykarlar. It
alan sanaja döndärler...»
— Ehk, «isleseňiz geliň» diýmäňiz näme? Oňa
düşünmedim-le. Islemesem, gelmelem dälmi? Elbetde,
öňki-öňkülik boljak bolsa, býuroda nä körüm bar?
— Onda «Meň apelýasiýama seretmäň» diýip,
täzeden arza ýazyň.
Gara Mergenow oýlanyp oturman:
— Hany, maňa bir tagta kagyz beriň — diýdi. Gara
Mergenow kagyza dört-bäş setir ýazyşdyryp, gapa
ýöneldi. Ol nähili ýöräp barýanyny özi-de bilenokdy.
— Gara Mergenowiç! Bir minut aýak çekiň.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 12
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.