Latin

Melgun - 15

Total number of words is 3443
Total number of unique words is 2113
29.8 of words are in the 2000 most common words
41.7 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
soňky gapynyň ýa-da telefonyň jaňlaryndan gorkup
ugrady. Ýüreginiň bükgüldisi artdy. Gije ýatanda-da,
aýylganç-aýylganç düýşleri görüp, häli-şindi oýanýardy.
Onsoň, bir topar wagt uklap bilmep, gören düýşüni
ýagşylyga ýorjak bolup azara galýardy.
«Bu gelen kimkä? Ýa-da Şiralynyň başyna ýeten
385
süpük neşekeşmikä? Oň nä köri bar? Aljak paýyny
aldy. Şonuň-a golaý günlerde ýene gerek bolaýmagy
mümkin...»
«Af-af-af... hyr-r-r...»
— Kes sesiňi! Gir ýeriňe!
Han Arkalyýew zynjyryna böküp duran itini ýatagyna
salyp, daşyndan ildirdi.
Üsgürinjiräp, derwezä golaýlaşanda:
Han aga, bi men — diýen ses çykdy.
Bu ses Pirweliniňkidi.
«Eýgilikmikä? Eýgilik bolsa şumat gelermidi?»
Pirweli howla girip-girmänkä:
— Ýene bir gezek salawmaleýkim! — diýdi.
— Ýeri, nä habar?
— Han aga, bu günler gowulyk habara garaşma,
Tilkibaýam gapjapdyrlar.
— Hm-m...
Olar eýwanda oturdylar. Mylaýym galyň haladynyň
iň ýokarky iligini ötürip durşuna Pirweli bilen saglykamanlyk soraşdy.
386
— Saglyk bolsa, galan zatlaryň bir alajy bor —
diýip, Mylaýym göwünlik berdi. Onuň bu gürrüňinde:
«Han agaň bar, juda bolmasa, Omar Soltanowiç
kömege ýetişer» diýen äheň bardy. Han Arkalyýewiç
bolsa: «Ilki-hä derňewçileriň çeňňegine düşme,
düşäýseňem, kişiden haraý gözlemek, dagdan mumyýa
tüpeňländenem kyn bor» diýip içini gepledýärdi. Onda
olar: «Munuňam eli bardyr, ýogsam bir peýda görmese,
arkasyny tutmazdy» diýip, seniňem söbügiňi sydyrdyp
ugrarlar.
Mylaýym demlän gülli çäýnegini adamsy bilen
Pirweliniň oturan kreslolarynyň arasyndaky žurnal
goýulýan stoluň üstüne getirdi.
— Tilkibaýam Ýalow ýalançy satan bolmaly — diýip,
Pirweli uludan demini aldy. Barmagyndaky göwher
ýüzügini oýnap duran Mylaýym dillendi.
— Kim ol Ýalow diýýäniňiz?
— Äý, zawutda wekilimiz bolan ýezidiň biri.
— Janyňyzy her öňýetene ynanyp ýörmezler ahyry!
— Wah, gelin jan, oňa ynanma, muňa ynanma.
Kime ynanjak? — Hany, töweregiňde üýşüp ýatan
ganduşer garyndaşyň barmy? Agzyna, diline berk diýip
387
ynananymyz-da şolar.
— Täk... Indem Tilkibaýmy, Şagalbaýmy, olam seni
satsa?
Eýwanyn içi gonamçylykdaky imi-salalyga öwrüldi.
Nämüçindir, Pirweli «Ýok» diýip, kesgitli jogap
gaýtarmady.
«Täk, diýmek, oňa-da ynamy gowşak. Onsoň, gezek
Pirweliniňki. Bu-da Meýlisi satar. Meýlisem, Han agany.
Ortada iki adam galypdyr. Onsoň, Han Arkalyýewiçin
gezegi.
Han Arkalyýewiç agzyny açyp, eýwanyň howasyny
kükregine dartdy.
— Tä-äk, bir çykalga-ha gözlemeli...
— Näm maslahat, bolsa, aýdyň, Han aga. O
derňewçiler bilen adam ýaly gepleşibem bolanok. Şu
beladan bir başymyzy aman-sag sypdyryň!
Han Arkalyýew çilim otlanyp, Mylaýyma: «Bir çüýşe
konýak getir» diýdi. Olar esli oturdylar. Han Arkalyýewiç
dymýardy. Manlaýyny penjeläp, agyr pikirlere batýardy.
Mylaýym kresloda oturan ýerinde, öz kellesine gelen
hyýalyň nähili görüljegini bilmän, ynamly-ynamsyzrak
gürledi.
388
— Han, nemedäýseňiz nädýä? Häzirlikçe Pirwelini
öz arzasy bilen işden çykaraýsaňyz. Apy-tupan
sowulansoňam...
— Täk, menem şonuň pikirini edýän. Şondan gowy
çykalga ýok. Ýöne olam ýeterlik däl. «Saglyk ýagdaýyna
görä» diýip çyksa gowy bor. Yzyndan ýene bir zat
etmeli...
Ertesi güni partiýanyň Daşgala raýon komitetiniň
býurosynda «Ýeňiş» kolhozynyň başlygy Pirweli
Penaýew saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden
boşadyldy.
«Pirweli däliräpmiş».
Bu habar ýyldyrym çaltlygynda Minaraata obasyna
ýaýrady.
Erbet habaryň ganaty bolarmyş.
Daşgala raýonynda iki adamyň başy çatylsa,
Pirweliniň gürrüňi edilýärdi.
— Eşitdiňizmi?
— Eşitdik, Pirweli hakda dälmi?
— Hawa.
— Kolhozdan her gije birini äkidip dursalar, özüňem
389
dälirärsiň.
— Özüne gezek ýetenini bilendir.
— Şeýdip sypjak bolýandyr.
— Äý, bir bendäniň keseliniň üstünden gülmäň-how.
Belkem, çyndyr.
— Olar tohumy bilen dälimiş ahyry.
— Ogly Bally-da uçýotda duranmyş.
Ferma müdiri Haýdar, Jumaguly aga, Gara Mergen,
Batyr dagy üýşüşip Pirwelini soramaga bardylar.
Pirweliniň aýaly Patma gan eňredi.
— Wah, jan doganlar, geläýdiňizmi? Ol sizi görse,
öňküsinden beter guduz açar. Ýeke özi içki jaýda däliporhan bolup ýör. Aýnalaryň tutusynam goýbertdi.
Ýagtylykdan gorkýar. Kükürt çöp ýaksaňam gorkup,
ýorgana sümülýär.
— Gaýrat et, Patma. Belkem, dogtor-pogtoryň haýry
deger.
— Wah, şu ekilmän geçen pagta diýip, gije-gündiz
ylgap akyl-huşunam aldyran eken o bagtygara. Geçiň,
otursaňyz çaý goýaýyn.
— Ýok, sag boluň. Ýöne başlygy aýak üstünden görüp
390
gaýdalyň, halyny soralyň diýip gelşimiz boldy.
— Wah, taňryýalkasyn, toýňuzda gaýtsyn!
— Onda, ýigitler, siz şu ýerde garaşyň. Pirweliniň
ýagdaýyny özüm görüp çykaýaýyn.
— Wah, Jumaguly aga, şoňa azar berilmese gowy
bolmazmyka?
— Gelenimize görä görsek ýagşy. Azary bolmaz
onuň.
Jumaguly aga ädigini gapynyň öňünde çykaryp:
— Haýsy jaýda? — diýip sorady.
Patma ýeňňe öňe düşüp, gapylaryň birini açar bilen
açdy. Içerden agy sesine meňzeş jynssyz owaz eşidildi.
Jumaguly aganyň ini jümşüldäp gitdi. Koridoryň
ýagtysyna garaňky jaýda kellesine ak mytgal oralan
Pirweliniň gözleri ýaldyrap göründi. Ol polotensanyň
bir çetini bir eline orap, beýleki ujuny-da dyzynyň
aşagynda goýup» dutar edip çalýardy.
«Ýigitlerim, ne maslahat,
Bu gün uruş ýaman boldy...»
— Essalawmaleýkim, Pirweli, amanmysyň?
Içerdäki «Bagşy» aýdym bilen «jogap» berdi.
391
«Seriňe döneýin, Çandybil hany,
Seniň balaň meniň balam emesmi?..»
— Ha-ha-ha... Pagta açylypmy? Buşlugyňa, näme
bersemkäm? Öz-ä bir zat gizläp goýupdym.
— Pirweli! Ýagdaýlaryň nähili? Bi men, Jumaguly
aga!
«Açyl-açyl, ak alty-yn!
Açylar wagtyň geldi...»
— Baý-buw, toba estagpyrylla!
Jumaguly aga başyny ýaýkap, ýoldaşlarynyň ýanyna
geldi. !
— Onda näme, geliň, ýagşy dilegde bolalyň.
— Sorap geleniňiz üçin taňryýalkasyn, doganlar.
Wah, meň bagtym garadyr-la.
Ýolda Jumaguly agadan Pirweliniň ýagdaýyny
soradylar.
— Äý, näme, ýigitler, beterinden saklasyn diýilýäni.
Oň ýagdaýy-ha gowy däl. Eline polotensa alyp, aýdyma
zowladyp otyr,
— Eý-ho!
392
— Dälirän adam gülüp aýdym aýdyberse, tüýs,
açylmajagy şo.
Şu wagtlar oblast dälihanasynyň «Tiz kömek»
maşyny Daşgalanyň öwrüminden öwrülip, Minaraata
obasyna tarap zymdyrylyp gitdi.
1985-nji ýylyň bahary geldi.
Iliň-günüň, radio-telewideniýäniň gürrüňi aprel
plenumydy.
Hiç haçan edilmedik gep-gürrüňleriň aýdylyp
ugralmagy gündiziň güni ýyldyrym çakan ýaly,
adamlary aňk etdi.
Täze ýylyň täze hasylynyň duýbi tutulyp ugraldy.
Gowaça atyzlaryna üýşmek-üýşmek dökülýän
derslere üýşen gargalar, serçeler, garasarlar, torgaýlar
iýmit gözleşip, öz aralarynda oňşup bilmän, güýçlüleri
ejizleriň üstüne topulýardy, çüňki ýetse çokýardy,
bolmasa-da ganatlary bilen kakýardy. Mallaryň aýagy
astynda mäjum bolup, gemre baglan ysly dersleriň
üsti talaňdy. Ala meýdana dökülen «hazynany» gyzyldörjük peşeşdirýän guşlaryň dürli-dürli owazlary
goşulyşyp asmana götärilýärdi.
Ýylyň-ýylyna ýeterlik iýmitlendirilmän, gowaça
393
ekilip-ekilip ysgyn-mejalsyz atyzlaryň wawwasynyň
melhemi bolan, ine, şu topbak-topbak garalyp ýatan
dersleri Jumaguly aganyň garawulçylyk edýän ferma
ýatagyndan Gara Mergen öz brigadasynyň atyzlaryna
daşadýardy. Nije ýyllap dersleriniň golaýyna gelinmedik
ferma ýatagyndan ders çykarýan kolhozçylaryň
hersiniň elinde bir hili iş guraly bardy. Biriniň elinde
pilçesiniň ujy ýaňy çarha tutulan ýaly, gumhanasyna
çenli lowurdap duran ikigulak pil, ýene.. biriniň elinde
agramy ep-esli lom. Gatbar-gatbar gemre baglan läheň
ders böleklerini goparyşdyryp, maşynlara, furgon
arabalara ýükleýän ýigitleriň maňlaýlary çygjarypdy.
Dersi alnan ýere Garagumuň ürgün çägesinden getirip
dökýärdiler.
Jumaguly aga mal ýatagynyň pena tarapynda
tüňçeleri gaýnadyp, ýadan ýigitlere çaý hödürleýärdi.
— Haýdar, Gara, Batyr, geliň, sizem bir käse içiň. Şu
çäýnegi aýratyn gowy demledim — diýip, goja dillendi.
— Bi ýyl atyzlaram görmedigini görjek. Gowaçalaryň
boýy hä diýmänkäň adamyň biline ýeter. Aý, seniň
aýagyň düşjek, Gara. Me, şu käse çaýam iç bakaly.
Indi kimdir biri çaýly käsäni uzatsa, Gara Mergeniň
ýadyna obkomyň partkomissiýasynyň başlygy Janaýew
394
düşýärdi. Onsoň, ikisini deňeşdirip görýärdi. Häzirem
Jumaguly aga bilen Janaýewiň adamkärçiligini göwün
terezisinde ölçemäge başlady. Jumaguly aga sowatsyz,
daýhan adam, Janaýew bolsa ýokary bilimli, uly
wezipeli adam. Ikisiniň arasynda uly parh bar. Täze
döwrüň täze bilimini alan Janaýew gojadan has pähimli,
ugurtapyjy hem sowatly adam bolaýmaly ýalydy.
Emma, nämüçindir, tersinedi. «Iň bärkisi, Arkaly aga
bilen ogly Han näme — diýip, Gara Mergen oýa batdy.
— Ata bilen ogluň gylyk-häsiýeti, ýöreýän ýollary
başga-başga. Janaýewiň ornuna Batyr oturan bolsa,
meseläni başgaça çözerdi. Belkem, şonuň üçinem, ony
şo kresloda oturdýan däldirler. Haýsy haçan aga ak, gara
gara diýdirmek üçin Aşgabada — Merkezi Komitete
ylgap ýörjek? Onda bu raýonda, oblastda ýolbaşçy
bolup oturanlar nämä gerek? Olary «pul bilen şöhratdan
ýaňa sämäp duran kellelerini «gazotuzbirleriň» ýumşak
oturgyjynyň ýeňsesine diräp, maşynda gezelenç
etmäge oturtdylarmyka? Ýeri, Gara Mergen-ä ugurýol bilýäni üçin özüni goramagy başardy. Ýolunyýodasyny bilmeýänler näme etmeli? Nähak töhmetiň,
adalatsyzlygyň, ikiýüzli býurokratlaryň pidasy bolup,
ýüreginde duşmanyň gurşun güllesini göterip ýörenler
ýaly bolup gezibermelimi?»
395
Şol wagt ilerden «ýaltasyny» münüp gelýän Goça
Gara Mergeniň gözi düşdi.
«Ynha, şu Goç ýalylar näme işlemeli? Kime dadyny
ýetirmeli? «Raýonda pylankesiň ýanyna bar» diýseňem,
köri ideklän ýaly elinden tutup eltäýmeseň, biljek
gümany ýok».
Goç «ýaltasynyň» tanapyny gazyga iltäp, duranlaryň
ýanyna geldi-de, salam berdi. Soňra elindäki taýagyny
Baýly boçkanyň öňüne oklady.
— Ynha, taýagyň, honha-da, sygyrlaryň. Kime
bakdyrsaň şoňa bakdyr.
— Dur-how, Goç han, hany, bir düşünişeli. Saňa ne
jyn urdy?
— Jynlar meň ýanyma gelip bilmez. Ähli jyn, hol,
Pirweliň töweregindemiş.
Ara dymyşlyk düşdi.
— Gara, birgediňde işletseň-ä işlejek. Bolmasada öýde ýatyberjek. Bi zamanda aç ölen ýok. Kimden
sorasamam, el ýaly çörek berer. Dogry-da walla. Hem-ä
günuzyn agzy-burnuňa gum syradyp, mallaryň yzynda
gezmeli, hemem jerimelerini çekmeli. Beýdip näme,
meni girewine aldyňyzmy? Derňewçiler: «Her aýda
396
zähmet hakyňdan ýigrimi prosent tutup galaryň»
diýýä. «Akta gol çek» diýdiňiz, adam ýaly ynanyp gol
goýdum. Men o mallaryň kemini-artygyny näbileýin?
Ýa men olary ogurlap bazarda satdymmy? Ýa-da soýup
iýdimmi? Nähili adamlar-aý bular? Bar, anha, dogruçyl
adam tapyň-da, bakdyryberiň şolaryňyzy.
Uzyn guýruk tozany yzynda sozukdyryp, aldygyna
sürüp gelýän Jümmi «Gaz-69»-na bularyň ýanynda
tormoz berdi. Jumaguly aga onuň habaryny aldy.
— Bolup gelşiň näteňet? Işandan gaçan jynly ýaly.
Adam baryny tozana gömdüň-le. Eýgilikmi?
— Salawmaleýkimler. Bagyşlaň, Jumaguly aga, gaty
gyssanýan.
— Eýgilikmi? Nä habar?
— Hemmäňiz agşam altyda edara barmaly.
— Hä? Näme bar o taýda?
— Täze başlyk. Bellenjek.
— Bellenjekmi ýa saýlanjakmy?
— Aý, onçasyny bilemok. Maňa «altyda gelmedi»
diýip aýt diýdiler.
Jumaguly aganyň:
397
— Başlyk boljak kimmiş? — diýen sowalyny Jümmi
eşitdimi-eşitmedimi, hiç hili jogap bermän, maşynyny
yzyna öwrüp, aňyrrak baransoň, ýene-de gazyna basdy.
— Men-ä hiç zada düşemok — diýip, Jumaguly aga
hüňürdedi.
— Nämä düşeňok, ýaşuly?
— Şu ýokardaky işleýänleň bolşuna! Ynha,
raýkomdan gelerler-de, pylankes başlyk bolmaly diýip
giderler. Wessalam. Hany, düýn-öňňin radio gygyryp
durdy: mynnan beýläk açyk gürrüň etmeli, täzeçe
işlemeli, ýolbaşçylar saýlawly bolmaly diýip... Batyr,
bärik gel, inim.
Jumaguly aga Batyr bilen deňleşip ýörep baryşyna
başlanan gürrüňi öz aralarynda dowam etdirdiler.
— Jumaguly aga, aý, Jumaguly aga!— diýip, Gara
Mergen olaryň yzyndan gygyrdy. — Ýaňyja dälmidi
«açyk gürrüň etmeli» diýip duranyň.
— Olar häzir gizlin edýä, bizem etjek. Açyk gürrüňi
ýygnakda eşidersiň.
Dört-bäş ýüz adamlyk klubuň içi birbada sowuk bolsada, hyryn-dykyn dolan adamlaryň demi bilen ýylap
ugrady. Ikibir-üçbir edilen gürrüňleri, hyşy-wyşylary,
398
hüňürdileri goýdurar ýaly däldi. Klubuň törunde zerli
harplar bilen «Ak altyn» — biziň baýlygymyzdyr!»
diýlen ýazgy dur. Üstüne gyzyl mata tutulan uzyn
stoluň aňyrsyndaky oturgyçlar heniz boşdy. Emma
eýýäm kolhoza başlyk boljagyň ady uludan-kiçä aýan
bolupdy. Täze başlygyň kandidaturasyndan köpçülik
närazydygyny gowur berýän sesleri diňlän badyna
aňmak boljak.
— Doňzuň agy näme, garasy — diýip, kimdir biri
ortada oturan ýerinde gygyryp goýberdi.
— Düýn men gulajygym bilen eşitdim. Orsyýetde bir
zawoda direktor goýjak bolanlarynda, işçileri «direktory
özümiz saýlajak» diýipdir. «Siziň barmagyňyzy uzadyp
görkezen adamyňyz bize gerek däl» diýenmiş.
— Biz näme, şolardan kemmi?
— Hany, seniňçe kimi başlyk saýlajak?
— Aý, lakgyldamasana-aýt!
— Seň özüň paň-paň edip oturan.
— «Pyçak öz gynyny kesmez» diýenleri dogry-how.
Aýlanyp-öwrülip ýene özli-özüni tapýarlar, görseň.
— Şu gezek şolaryň diýenini etdirmejek bolalyň!
— Eý, ters agitasiýa ýöretme!
399
— O-ho, aramyzda şipiklerem bar eken-ow!
— Seniň bajyň...
Ortada oturanlardan biriniň gulakjyny tozan turzup,
towugyň maslygy ýaly hon-da zyňyldy. Ol ýerinden
turup, yzyndaka ýumruk saldy. Onuňam güpbüsinden
tozan göterildi.
Şo halat yzky gapy açylyp, prezidiumyň stoluna
ýöräp gelýänler göründi. (Gyzyl ýumruga girenleriň
eginlerinden basyp oturtdylar). Raýkomyň ikinji
sekretary
Mansurow,
raýispolkomyň
başlygy
Daşgulakow, Keýik Zamanowa, raýispolkomyň
sekretary Juma Çaryýew, brigadir Sülgün daýza hemde kolhozyň partorgy üsti gyzyl mataly stoluň aňyrsyna
geçdiler. Kimdir biri sykylygy bilen horaz gygyryşyny
etdi. Her ýerde gülki sesleri eşidildi. Partorg ýerinden
turup, sesini çykarman, oturanlaryň ýüzüne birlaý
seredip çykdy. Ol gözleri bilen hälki sykylyk atany
gözleýäne meňzeýärdi. Ahyry ol ardynjardy.
— Adamlar, ýuwaşrak bolalyň! Gapdalyňyzdaky
biedeplere-de
«ýuwaş
bol»
diýiň...
Sözi
raýkompartiýanyň ikinji sekretary ýoldaş Mansurowa
berýäs.
Mansurow stoluň ýeňsesinden howlukman turdy-da,
400
münberiň aňyrsyna geçdi. Ýakasyna sur bagana tutulan
paltosynyň iliklerini ýazdyryp, gyzyl bloknotyny
çykardy. Jübüsinden äýnegini alyp, gözüne dakdy.
Gyzyl bloknotyna bir gezek seretdi-de, ýene äýnegini
eline aldy.
— Ýoldaşlar! Siziň «Ýeňiş» kolhozyňyz geçen
bäşýyllygy uly üstünlikler bilen tamamlady. Pagtanyň,
maldarçylygyň döwlet öňündäki planlaryny abraý bilen
ýerine ýetirdiňiz...
Hyşy-wyşy, hümür-sümür gürrüň eşidilip ugrady.
Mansurow bäş-on minutlap kolhozçylary öwdi.
Täze ýylda-da zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Keýik Zamanowa bilen Juma Çaryýew prezidiumyň
aňyrsynda oturan ýerlerinde zaldaky tanyşlaryna
gözleri düşende, baş atyp, gözleri bilen salamlaşýardy.
Käbirlerine gülümsireýärdiler. Mansurow Pirweli
Penaýewiň kolhoza köp ýyl ýolbaşçylyk edenini,
häzirem oblast keselhanasynda saglygyny bejerdýänini
aýtdy. Raýkomyň býurosynyň onuň işden boşamak
hakdaky haýyşyny kanagatlandyryp, ornuna...
Klubuň içine suw sepilen ýaly boldy. Oturanlar
demini alman gulaklaryny gerdiler.
— Raýon partiýa komitetiniň býurosy siziň
401
kolhozyňyza başlyklyga Juma Çaryýewi hödürleýär.
Adamlar birden gowur aldy. Hälki «horazyň» sesi
ýene-de gaýtalandy. Bu sapar ony gülki bilen alyp
göterdiler.
Partorg ýerinden turup, elini ýokary göterdi.
— Ýuwaş, ýoldaşlar!
— Hany, kimde nzhili teklip bar? Birki sanyňyz çykyp
gepläň.
Mansurow ýerine geçip oturdy.
— Hany, kim geplejek? — diýip, partorg zala seretdi,
emma ýokary galan eli görmänsoň, brigadir Sülgüniň
ýüzüne seretdi. Ol ýerinden galyp ugrady. Münbere
çykyp:
— Daýhanlar! — diýdi. — Juma öz obamyzyň oglany.
— Gaty belet-le. Pirweliniňem aýalynyň dogany —
diýip, kimdir biri gygyrdy. Ýene-de gülki zaly doldurdy.
Juma Çaryýew gyzaryp ýere bakdy. Eliniň aýasy bilen
çygjaran maňlaýyny süpürdi. Mansurow laňňa ýerinden
turup, çasly sesi bilen gygyrdy.
— Bu ýeri kolhozyň prawleniýe ýygnagymy ýa-da
bazar?
402
Sesler tapba kesildi. Mansurow öz soragyna jogap
gözleýän ýaly, gök gözlerini ýaldyradyp, oturanlaryň
ýüzüne seretdi. Öňde oturan Jumaguly aga Batyra tarap
eglip, ýuwaşlyk bilen pyşyrdady.
— Bi näme, haýbaty bilen gorkuzjak bolýarmyka?
Gykylygy näme munuň?!
Sulgün daýza Juma Çaryýewi iküç minutlap öwdi-de:
«Biz raýkomyň býurosynyň hödürlän kandidaturasyny
goldaýarys» diýip, oturan ýerine ýöneldi.
— Ýene kim geplejek? — diýip, partorg seslenen
badyna Jumaguly aga Batyry tirsegi bilen dürtdi. Batyr
elini galdyrdy.
— Indiki söz kolhozyň zootehnigi Batyr Arkalyýewe
berilýär.
Batyr münbere çykdy.
— Bu ýylky bahar diňe bir tebigatyň däl, eýsem
adamlaryň durmuşyna-da üýtgeşiklik girizdi. Biz indi
täzeçe işlemeli, täzeçe pikir etmeli.
Münberiň golaýynda oturan partorg eglibräk:
— Batyr, gysgarak gürlesene — diýdi. Batyr zaldakylar
eşider ýaly edip, oňa jogap berdi.
— Ýoldaş ýygnagyň başlygy, gynansagam, siz başda
403
çykyp geplejekler üçin reglament — wagt bellemediňiz.
Onuň üçinem, men aýtjak zatlarymy aýdyp
gutarýançam, sözümi bölmezligiňizi haýyş edýän.
Jumaguly aga ardynjyrap, partorga alarylyp seretdi.
— Aýdyber, Batyr. Howlugýanlar çykyp gidibersinler.
— Hormatly prezidiumda oturanlar, hälki aýdyşym
ýaly, mundan beýläk geçirýän ýygnaklaryňyzy-da
täzeçe geçirmeli bolarsyňyz. Kolhoz başlygyny ýa-da
her bir ýolbaşçyňky maşynly gelägede, ýarym sagadyň
içinde saýlap gidibermersiňiz. Siz köpçüligiň, şu
oturanlaryň aýdanlaryna boýun bolmaly bolarsyňyz.
Eger-de siz bu gün «ýoldaşlar, biz siziň kolhozyňyza
başlyk saýlamaga geldik. Hany, başlyklyga kimi
hödürleýäňiz? Öz adamlaryňyzy özüňiz bizden gowy
tanaýaňyz» diýen bolsaňyz, ine, bi hakyky demokratiýa,
deňlik, adalatlylyk bolardy.
Zalda oturanlardan:
— Gaty dogry!
— Molodis, Batyr! — diýen sesler eşidildi.
— Men «Ýeňiş» kolhozynyň prawleniýesiniň
başlyklygyna Gara Mergenowyň kandidaturasyny
hödürleýän.
404
Jumaguly aga iki elini göterip, el çarpyşmany başlap
goýberdi. Soňra zaldakylaryň elleri goşulyşyp, uly
şowhuna öwrüldi. Partorg Mansurow tarapa eglip bir
zatlar diýdi. Mansurow başyny atdy. Partorg ýerinden
turdy. Münbere geçmän, duran ýerinde gürledi.
— Ýoldaşlar!.. Ýoldaşlar!.. Birinjiden, Batyr
Arkalyýewiň kandidatura görkezmäge haky ýok.
— Wäh, o nämüçin?!
— Ýoldaşlar, kandidaturany kolhoz prawleniýesiniň
çlenleri görkezmeli. Batyr Arkalyýew heniz prawlenie
çlenligine saýlananok. Ikinjiden, ýoldaşlar, Gara
Mergenowa biziň garşylygymyz ýok. Ol işjanly adam.
Ýöne... ýöne, ýoldaşlar, onuň bilen arada bir ýakymsyz
waka boldy. Dogry, MK-nyň partiýa komissiýasy ony
partiýa çlenligine dikeltdi. Diňe käýinç berildi. Ine, şol
käýinji aýrylansoň, biz onuň başlyklyk kandidaturasyna
dolanaýmasak, häzirlikçe bolanok, ýoldaşlar! Hany,
prawlenie çlenlerinden kim gürlejek?
— Ine, men çlin prawleni. — Jumaguly aga
goňur guzynyň burum-burum tüýli derisinden
tikdiren silkme telpegini oturan oturgyjynda goýup,
kellesindäki tahýasyny düzedişdirip münbere ugrady.
— Sakgaldaşlar, ýaş kiçiler, «Baş bolmasa — göwre
405
läş» diýipdirler. Biz häzir özümize baştutan saýlaýarys.
Bellämzok-da, saý-la-ýa-rys. Eger saýlaýan bolsak, siz,
hormatly adamlar (ol prezidiumdakylara başyny atdy),
onda erki biziň elimize beriň. Ýok, belleýän bolsaňyz,
onda halanyňyzy ediň, belläň-de gidiberiň. Ýöne, bize
«el galdyr» diýmäň.
Ýene-de el çarpyşmalar başlandy.
— Hawa, ýaşuly!
— Çekinmen aýdyber!
— Men nämeden çekineýin? Garawulçylyk kärimi
elimden alarlar öýdüpmi? — diýip, Jumaguly aga zala
seredip gülümsiredi.
— Ha-ha-ha!..
— Men gyrk ikinji ýyldan bäri partiýa agzasynda.
Emma şumata çenli, ýaňy Batyr janyň aýdyşy ýaly,
ýygnakda-beýlekide
aýtjagymyzy
aýdabilmän,
etjegimizi edebilmän, hemme zady içimize salyp,
içkesel bolduk. Wah, şu aprel plenumy biziňem
dyzymyzda kuwwat barka mundan bäş-on ýyl öňräk
bolsa bolmyýamy? Indi bizden kiçileriň bagty çüwdi.
Men muny göriplik edip aýdamok. Indi siz özüňize
ýaraýan başlygy saýlaň. Ýaramasa saýlamaň. Biziň
406
döwrümizde, ynha, şu günki ýaly gelägede, «saýladyp»
yzlaryna haýt goýýardylar. Ýoldaş sekretar Mansurow,
siziň başlyk goýjak bolýan Juma Çaryňyza ýaramaz
adam diýemzok. Oňa aýyp-günä-de ýöňkämzok.
Eger ol gowy işgär bolsa, özüňiz ýene-de ösdüriň-de,
ýokary çekiberiň. Biziň oňa garşylygymyz ýok. Ýöne
biz adamlar bilen, ýer bilen işleşip biljek, özümiziň
bäş barmagymyz ýaly tanaýan adamymyzy başlyk
saýlarys. O käýinçli meselänem özüňiz çözüň. Özüňiz
beren bolsaňyz, aýrybam bilýäňiz. Hawa, eger-de size
hökman Juma Çaryny başlyk goýup gaýdyň diýlen
bolsa, onda yzyňyzajyk gaýdyberiň. Däliden dogry
habar. Biz onyňyzy makul göremzok. Eger biziň diýýän
adamymyzy özüňiz çözüp bilmeýän bolsaňyz, bardajyk
Han Arkala biziň haýyşymyzy aýdyň. Bize Gara Mergen
bolýar. Onsoňam, türkmeniň bir nakyly bar: «At
aýlygyny gözlärmiş, düýe ýyllygyny, eşegem aýagynyň
aşagyny». Bizem indi eşek ýaly aýagymyzy basjak
ýerimize seretmän, has öňräge seretmegi öwreneliň.
Oň üçinem, kolhozyň garamatyny gerdeninde çekip
biljek, öz gara nebsine çapman, il-günüň bähbidine
ylgajak adamy başlyk saýlalyň. Ýogsam ýene köpköp ýyllar tüm ýaly hütdük klubda sowuga digdireşip
oturarsyňyz. Kolhozyň içinden gaz turbasy geçip ýatyr,
407
asyl size haýry degmez. Anha, garaňky düşüp barýar,
öýüňize barýançaňyz, ýolda haýsyňyzyň haýsy läbigiň
ýa-da çukuryň içinde batyp galjagyňyz belli däl. Ine,
şu zatlara baş galdyrýan adam gerek. Şeýle dälmi,
adamlar?!
— Hawwa!!!
Zal hor bolup gygyrdy.
— Ine, köpçüligiň islegine gulak asylýan bolsa,
ýagdaýa-a şeýle. Men çlin prawline hökmünde Gara
Mergeni başlyklyga hödürleýän.
Jumaguly aga ýerine geçip oturansoňam, el
çarpyşmalar kesilmedi. Käbirleri ökjeleri bilen poly
depdiler.
Gyzyl stoluň anyrsynda oturanlar, ylaýta-da,
Mansurow bilen partorg, Keýik Zamanowa üçüsi bir
zatlaryň maslahatyny etdi.
Partorg ýerinden turdy.
— Ýoldaşlar! Ýene-de kim geplejek?
— Biz Gara Mergeni başlyk soraýas!
— Gara Mergen bolýar!..
Zalyň yzyndaky hatarda oturanlar:
408
— Gara Mergen! Gara Mergen!.. — boluşdylar.
Partorg ör turup durşuna, olaryň seslerini goýdurjak
boldy. Onuň ýanynda oturan Juma Çarynyň ýüi garört
bolup, näme etjegini bilmeýärdi. Ol bu ýerik özüni hut
masgaralanmaga getirilen ýaly duýýardy. Indi, başdaky
oturyşy ýaly, ýüzüni galdyrasy-da, tanyş-bilişlerine
seredesi-de gelmeýärdi. Ýöne ol obadaşlaryndan öýkelän
ýa-da özüni halamaýan ekenler diýen pikiri ýüregine
düwen bolsa ýalňyşýardy. Obadaşlary ondan hiç zady
gaty görenokdylar. Olam obadaşlarynyň hiçisiniň
ýüzüne gelip ýa-da ýeňsesinden ýamanlyk etmändi. Bu
ýerde zaldaky oturanlar bilen Juma Çarynyň arasyna
böwet bolýan başga bir göze ilmeýän garşylyk bardy.
Olam Pirweli Penaýewden näçe ýyllaryň dowamynda
ýadan hem-de bez bolan halkyň gaharynyň, aýal
tarapdan oňa garyndaş bolany üçin, Juma-da zeperi
degip durdy. Jumanyň ornuna kimem bolsa, hatda Gara
Mergen bolaýanda-da şeýle boljak ýalydy.
Kolhozçylar Penaýewden halys iripdi.
Ine, Jumanyň şuňa düşünmegi gerekdi.
Partorg şol dik durşuna:
— Başga teklibiňiz ýekmy? — diýip sorady.
409
— Ýok!
— Ýok!.. Ýok!
— Biz aýtjagymyzy aýtdyk.
Partorg Mansurowyň ýüzüne seretdi. Ol gabaklaryny
aşak goýberip, başyny atdy.
— Onda, ýoldaşlar, ýarym sagatlyk arakesme yglan
edilýär.
Gyzyl stoluň başynda oturanlar öňki gelen
gapylaryndan çykyp, Penaýewiň kabinetine bardydar.
Penaýewiň oturgyjynyň ýeňsesindeki diwarda asylgy
türkmen halysynyň üstünde indi M. S. Gorbaçýowyň
suraty berkidilipdir.
Mansurow telefon bilen Han Arkalyýewi gözleýärdi.
Haýsy kolhoza telefon etse, ýa «Bu ýerik gelenok»
diýýärdiler, ýa-da «Arakesmeden öň gelip gitdi»
bolýardy. Ony tapmak aňsat däldi.
Aradan ýarym sagat däl, bir sagat geçdi.
Daşarda üçbir-dörtbir, kowçum-kowçum üýşen
mähelle üşäp ugrady. Olar ýene-de koridora, kluba
girdiler.
«Bularyň maslahaty uzaga çekdi-daýt».
410
«Bularyňam maslahaty bormy? Mansurowyň Han
agadan bidin ýatan çöpi galdyrmaga erki ýetýärmi?»
«Ýetmese, nä köri bar ikinji bolup oturyp? Gomalyp,
«Wolga» münüp ýör».
Han Arkalyýewe Mansurowyň ýer ýykyp
gözleýändigini aýdan bolmaklary mümkin. Onuň özi
«Ýeňşe» telefon etdi. Mansurow bolan wakalary jikmejik gürrüň berdi.
— Täk... Kim ol başbozarlyk edip, ilki oň adyny
tutanlar?
Mansurow ilki Batyryň adyny aýtmagy uslyp
görmedi.
— Aý, bütin zal dil birikdiren ýaly, Han Arkalyç. Belli
biriniň ýakasyndan tutar ýaly däl.
— O nähili? Raýkomyň sekretarynyň, raýispolkomyň
başlygynyň ýüzüne gelip bilenler kimler olar?
— Han Arkalyç! Halk indi öňki däl! Hut aprel
plenumyndan mysal getirişip, gygyryşyp durlar!
— Kim ol başbozarlar? Atlaryny aýtsana!
— Aý, bar ynha, Jumaguly aga, Batyr — siziň ogluňyz.

Hm-m...
Täk...
Batyr?
411
Olam
bir
ýerde
bolgusyzlyk bolsa, hökman burnuny sokmalydyr.
Samsygyň goltugyna garpyz gysdyryp, bilgeşländen
gepledýändirler. Täk... onsoň, olary yryp bolar ýaly
dälmi?
— Eger-eger bolanok, Han Arkalyç! Ynha,
Daşgulakow, Zamanowa ýoldaşlaram diňläp otyr. Biz-ä
näme etjegimizi bilemzok. Kelep ujuny ýitirdik.
— Täk... Täk... Onda ýygnagy bir hepde yza süýşüriň.
Ýene-de bir maslahat edeliň.
Mansurowyň üstünden agyr ýük aýrylan ýaly boldy.
29
— Eşitdiňizmi?
— Nämäni?
— Pirweli Penaýewi dälihanadan çykarypdyrlar.
— Bäh, eýýäm sagalaýypmy?
— Zanny sag adamy nädip däliretjek? Derňewçiler
Moskwadan, Aşgabatdan dälileriň saglygyny barlaýan
dogtorlaryň ýörite komissiýasyny çagyrypdyrlar. Ine,
şolaram Penaýewi ekspertiz edenmişler. Onsoň Pirwelä:
«Senden sag adam ýok. Beýniň elektron sagady ýaly
412
işleýä. Hany, jögüligiňi bes et» diýipdirler.
— Bäý-bä!..
— Hawa, ýagdaýlar-a şeýle. Indem derňewçiler
«Hany, buýtar-suýtar etme-de, kimden pagta satyn alan
bolsaň, kime para beren bolsaň gönel!» diýip, Pirwelinide aýagyny ýere degirmän äkidenmişler.
— Heý-de äkitmezlermi? O Tilkibaý diýilýän
glawbuh: «Men pullary ýygnap Pirwelä berdim, onuň
kime berenini bilemok» diýip, bilbil ýaly saýraýarmyş
ahyry.
— Alajy näme? Saýradýandyrlar! Pirwelinem oňatja
gyssarlar welin, «Jan doganlar, menem zawodyň
direktory Meýlis Baka berdim» diýer.
— Hawa-da. Derňewçiler, şeýdip, uşlybyň bir
ujundan tutsalar, çöşläp baryberýärler-dä!
— Hawa, ýüp syrygyp toýnukdan geçermiş. Onuň
bir ujy Han Arkala-da baryp ýetäýmese.
— Aý, senem entek gögele bolýaň. Diňe Han
Arkalyňda durmaz-la. Has ýokarrakdakylara-da ýeter.
Gijäniň bir mahaly Meýlis Bakyýew öýlerine gammar
halda geldi. Ol gapylarynyň gulpuny tapyp bilmän, epesli dümtünip durdy. Garaňkyda gulpuň deşigini tapyp
413
bilmedi, açarlaryna käýindi. Ahyry gapylaryny açyp,
diwarlaryň hekine süýkelen paltosyny asawaçdan asdy.
Palçykly köwşüniň her taýyny bir ýaňa zyňyşdyryp,
holodilnikdäki boržomly çüýşeleriň birini açdy, entment ýöräp barşyna onuň bokurdagyndan gulkuldadyp,
agşamky düşekleri ýygnalmadyk krowatyna geçdi.
Kostýum-balagyny eliniň tersi bilen diwana tarap
zyňyşdyryp goýberdi. Aýaly aşgazanyny bejertmäge
kurorta gidensoň, öýde hiç kim ýokdy. Kurorta giden
aýaly Meýlisiň üçünji aýalydy. Onuň ilkinji, ikinji
aýalyndanam çaga önmändi. Meýlis ony-da aýyrmakçy
boldy. Emma, oňa özüňi dogtora barlat diýdiler. Günä
Meýlisiň özünde ekeni. Dogtorlar oňa «önelgäň ýok»
diýdiler. Onsoň, Meýlis ikinji aýalyny-da aýryp, özi ýaly
önelgesiz aýala üçünji sapar öýlendi.
Gije ýarymdan agypdy. Daşky gapy ýuwaşjadan bir
garyş ýaly açylyp-açylmanka, inçemik adam suwulgan
ýaly suwlup içeri girdi. Diň saldy. Içki otagyň açyk
gapysyndan, agzyny çala açyp, horlap ýatan Meýlisi
gördi. Öz köwüşlerini halyçanyň üstünde çykaryp,
Meýlisiňkini aýagyna geýdi. Soňra pişik basyşyny
edip naharhana girdi-de, el ýaglygyny eline aldy. Gaz
plitasynyň iki gözüni doly açyp goýberdi. Naharhananyň
gapysy Meýlisiň ýatan otagynyň gabat garşysyndady.
414
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 16
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.