Latin

Melgun - 13

Total number of words is 3646
Total number of unique words is 2087
32.1 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
53.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Seni bolsa Arkaly aga ogullyk berýärler. Goňşy-golam,
ýoldan ötüp-geçýän aýallaryň işi-pişesi seni emdirmek
bilen bolýar. Tä süýtden aýrylýançaň, bütin kolhozyň
aýallaryny emip çykdyň, ballym. Ine, şeýdibem, adam
bolduň. Gyzylgülüňem guma şo gidişi... Iki gözi seniň
ýoluňdamyş. Ötenden-geçenden «Görýäňizmi?» diýip
seni sorap, ölüp-öçýärmiş...
Batyr şo günden soň Meýdan daýylaryna hepdede
birki sapar gelýärdi. Ahyry ol gyş kanikulynda ejesini
görmek üçin ýola şaýlandy. Meýdan daýysy kükürt
zawodyna çenli samolýota bilet aldy. O ýerde-de
posýolok Sowetiniň başlygy onuň dosty ekeni, eline hat
berdi. «Bir ulag tapyp, seni ugradar. Kükürt zawodyndan
gündogarlygyna «Köne guýy» diýen ýerdäki çopan
goşuna çenli 80 kilometr» diýdi.
Posýolok Sowetiniň başlygy Meýdanyň hatyny okap
332
başyny atdy.
— «Köne guýynyň» bäş kilometr bärsinde biziň
metostansiýamyz bar. Şo ýerde beýleki kolhozlaryň
çopan goşlary-da bolmaly. Ertir metostansiýa wertolýot
gidýä. Men seni şoňa mündürip goýbärin. Aňryk —
«Köne guýa» çopanlar aşyr. Bu günlükçe bizde dynjyňy
al — diýip, Batyry öýlerine äkitdi.
Wertolýotyň ýelgini palçyk tamyň töweregindäki
garlary dyr-pytyr peşedi, «un» edip asmana sowurdy.
Jaýdan çykan iküç ýaşuly gaba telpeklerini bir elleri
bilen tutup, wertolýotdan kimiň düşerine garaşyp
durdular. Elbetde, ol ýerlere wertolýot bilen ýöne-möne
adam barmaýardy.
Batyr kiçiräk çemodanyny göterip, olaryň ýanyna
bardy. Salam berdi. Olar gelen adamdan hiç zat
soraman öýe çagyrdylar. Wertolýotda mazaly üşän
Batyry pejiň böwründäki «myhman» orna geçirip, täze
demlenen gök çaýy öňüne süýşürdiler. Saglyk-amanlyk
soraşyldy. Olar «Nireden gelýäň? Niräk barýäň?» diýip
soramansoňlar, Batyr hem hiç zat aýtmady. Gaba
telpekli ýaşulular, megerem, Batyr gelmezinden öňki
edip oturan gürrüňlerini dowam etdiler. Biri: «Eger gar
68-den 69-a geçilýän gyşdaky ýaly köp ýagsa, bujagaz
333
ýygnan otumyz, hiç zadam bolmaz» diýdi. Şol ikarada
otaga egni paltoly, kellesi gulakjynly adam girdi. Batyra
gözi düşenden:
— Beh, bi senmi-aý, Arkalyýew?! Adamlar, çopanlar,
siz bilýäňizmi kimiň gelenni? Meň okuwçym gelipdir.
Şunam tanaňzokmy? Han Arkalyçyň ogly ahyry bi.
Aşgabatda okaýar. Batyr jan, nähili ýagdaýlar? Arma
okuwlar bilen. Sen nire, bu ýerleri nire?
Gulakjynly mugallym, paltosyny düýpdäki ýorgandüşek galdyrylgy, ýüzüne alýuminden haşamly nagyş
çekilen sandygyň üstüne oklap, Batyryň ýanyna geçip,
aýbogdaşyny gurdy. Oturanlar Han Arkalyýewiçiň
oglunyd garaşylmadyk ýerden öýlerine gelşine birbada
haýran bolşup, biri-biriniň ýüzüne seretdiler. Batyryň
biperwaý garap ýylgyrýanyny gördi-de, birhili boldy.
— Bolýa, onda saňa indi berjek däl. Gulak as, Batyr
jan — diýdi. Batyr onuň ýüzüne ýylpyldaýan göreçlerini
dikdi. — Asýaňmy?
— Hawa.
— Assaň, men seniň dogan daýyň.
Batyr kem-kemden ýylgyrmasyny goýup, onuň
ýüzüne seretdi galdy. Meýdan ýere bakyp oturyşyna:
334
— Seniň hakyky ejeň, meniň aýal doganym. Adyna
Gyzylgül diýýärler. Häzir Garagumuň ortarasynda
ýaşaýar.
Batyr «Eje» sözüni eşidende, Arkaly aganyň kempirini
göz öňüne getirdi. Öňem aýlanyp duran kellesi bulaşan
ýaly boldy-da, kem-kemden açylmaga başlady.
— Hawa, ballym, Meýdan seniň hakyky daýyň.
Gyzylgül gumda ýaşaýar. «Batyr jany» görüp ölsem
armanym ýok» diýýämiş görgüli.
Meýdan elýaglygy bilen gözüni tutdy. Soňra ýaglygyny
aýranda, onuň gözleri gyp-gyzyldy. Özem çygjarypdyr.
Daýysynyň aýaly gürrüňini dowam etdirdi.
— Sen ýaňy üç aýlyk bäbekkäň, Han Gyzylgüli diňe
bir öýünden kowany bilen oňman, obadan çykardy.
O wagt ol kolhoz başlygydy. «Obada dursaň öldirin»
diýenmnş. Soň Gyzylgülüň garyndaşlary ony Borjak
atly çopana beripdirler.
Häzirem gumda ýaşap ýörler. Iki gyzy, bir ogly bar.
Han bolsa şondan soň häzirki Mylaýym diýen aýaly alýar.
Seni bolsa, Arkaly aga, ogullyk berýärler. Goňşy-golam,
ýoldan ötüp-geçýän aýallaryň işi-pişesi seni emdirmek
bilen bolýar. Tä süýtden aýralýançaň, bütin kolhozyň
aýallaryny emip çykdyň ballym. Ine, şeýdibem, adam
335
bolduň. Gyzylgülüňem guma şo gidişi... Iki gözi seniň
ýoluňdamyş, ötenden-geçenden «Görýäňizmi?» diýip
seni sorap, ölüp-öçýärmiş...
Batyr, şo günden soň Meýdan daýylaryna hepdede birki s.apar gelýärdi. Ahyry ol gyş kanikulynda
ejesini görmek üçin ýola şaýlandy. Meýdan daýysy
kükürt zawodyna çenli samolýota bilet aldy. O ýerdede posýolok Sowetiniň başlygy onuň dosty ekeni,
eline hat berdi. «Bir ulag tapyp, seni ugradar. Kükürt
zawodyndan gündogarlygyna «Köne guýy» diýen
ýerdäki çopan goşuna çenli 80 kilometr» diýdi.
Posýolok Sowetiniň başlygy Meýdanyň hatyny okap
başyny atdy.
— «Köne guýynyň» bäş kilometr bärsinde biziň
metostansiýamyz bar. Şo ýerde beýleki kolhozlaryň
çopan goşlary-da bolmaly. Ertir metostansiýa wertolýot
gidýä. Men seni şoňa mündürip goýbärin. Aňryk —
«Köne guýa» çopanlar aşyr. Bu günlükçe bizde dynjyňy
al — diýip, Batyry öýlerine äkitdi.
Wertolýotyň ýelgini palçyk tamyň töweregindäki
garlary dyr-pytyr peşedi, «un» edip asmana sowurdy.
Jaýdan çykan iküç ýaşuly gaba telpeklerini bir elleri
bilen tutup, wertolýotdan kimiň düşerine garaşyp
336
durdular. Elbetde, ol ýerlere wertolýot bilen ýöne-möne
adam barmaýardy.
Batyr kiçiräk çemodanyny göterip, olaryň ýanyna
bardy. Salam berdi. Olar gelen adamdan hiç zat
soraman öýe çagyrdylar. Wertolýotda mazaly üşän
Batyry pejiň böwründäki «myhman» orna geçirip, täze
demlenen gök çaýy öňüne süýşürdiler. Saglyk-amanlyk
soraşyldy. Olar «Nireden gelýäň? Niräk barýaň?» diýip
soramansoňlar, Batyr hem hiç zat aýtmady. Gaba
telpekli ýaşulular, megerem, Batyr gelmezinden öňki
edip oturan gürrüňlerini dowam etdiler. Biri: «Eger
gar 68-den 69-a geçilýän gyşdaky ýaly köp ýagsa,
bujagaz ýygnan otumyz, hiç zadam bolmaz» diýdi.
Şol ikarada otaga egni paltoly, kellesi gulakjynly adam
girdi. Batyra gözi düşenden: — Beh, bi senmi-aý,
Arkalyýew?! Adamlar, çopanlar, siz bilýäňizmi kimiň
gelenni? Meň okuwçym gelipdir. Şunam tanaňzokmy?
Han Arkalyçyň ogly ahyry bi. Aşgabatda okaýar. Batyr
jan, nähili ýagdaýlar? Arma okuwlar bilen. Sen nire, bu
ýerleri nire?
Gulakjynly mugallym, paltosyny düýpdäki ýorgandüşek galdyrylgy, ýüzüne alýuminden haşamly nagyş
çekilen sandygyň üstüne oklap, Batyryň ýanyna geçip,
aýbogdaşyny gurdy. Oturanlar Han Arkalyýewiçiň
337
oglunyd garaşylmadyk ýerden öýlerine gelşine birbada
haýran bolşup, biri-biriniň ýüzüne seretdiler.
— Ýoldaş mugallym, siz bu ýerde näme işläp ýörsüňiz?
— Menmi? — «Ýoldaş mugallym» eňekleri gulagyna
ýetýänçä ýylgyrdy. — Menem sentýabrdan bäri şu ýerik
mugallymçylyga işe geldim. Ýigrimi okuwçym bar.
Özüm direktor, özüm zawuç, özüm mugallym, garaz,
şu mekdebiň bendesem özüm, Hudaýam. Biraz arassa
howadan dem alaýyn diýdim. Şeýdibem, ynha, gezip
ýörün. Bi aksakgallar bilenem öwrÝeňişip gitdik. Günde
biri toklyň täzeje keltegapyrgasynyň çekdirmesine
çagyrýa.
— Maşgalaňyz aňyrdamy?
— Hawa, enteg-ä raýonda... Geçmekçi bolsak,
görübiris-dä!
— Möjek mollum diýýän-ä, bi ýigit Arkaly
sakgaldaşyň elinde terbiýelenen Hanyň şol ilkinji
dogmasy-ha däl?
— Şol aksakgal, şol.
— Hä, onda Gyzylgülden bolan diýsene...
Oturan çopan-çoluklar bir ýaşulynyň, birem Batyryň
ýüzüne seretdi.
338
— Onda, Gyzylgül ýeňňä buşlamaly ekeni — diýip,
biri seslendi.
— Buşlaň, ýöne... — ýaşuly sözüne dyngy berdi—
Ägäräk boluň. Biçäräň birden ýüregi ýarylaýmasyn.
Ene ýüregidir, näçe ýylyň aýralygyndan soň, balasy
bilen duşuşygyň oňa nähili täsir etjegini kim bilýär.
Möjek mugallym köne paltosyna ýapyşdy.
— Men häzir, bir sagada galman gelerin. Siz çaý-paýa
güýmenip oturyň.
Az salymdan daşarda çykan motosikletiň sesi kemkemden daşlaşyp gitdi.
Egni güpbüli ýigit, bir elinde legeni, beýleki elinde
kündügi tutup, ilki ýaşulynyň, soňra-da bir çetde
oturanlaryň ellerini mylaýym suw bilen ýuwdurdy.
Orta omaçaly gaýnatma geldi.
— Alyň, bissimilla — diýip, ýaşuly adam etiň ýumşak
bölegini barmagy bilen çümmükläp görüp eline aldyda, ony tüýdüşdirip, dişsiz agzyna oklansoň, aşaky
äňi ak sakgalyny ýelpildedip, burnuna degip-degip
gaýtmaga başlady. Mele myssyk gyzgynja nany guýruk
ýaga batyryp, gapyrganyň gemmikli ýerine syrylyp
süýşen eti azysy bilen kakyp alýan çopanlaryň iýşine
339
seredende işdäň açylýardy.
Nahar iýlip bolnansoň, ýene-de öňki tertip boýunça
el ýuwduryldy. Ýaşuly pejiň agzynda oturan ýigide
başyny atdy.
— Oglum, nahara güýmenip, peji sowadaýdyň
öýdýän. Ojardan salyşdyraweri.
Ýigit pejiň üstünde lakyrdaýan tüňçeleri tutawaç
bilen tutuşdyryp, gülli çäýnekleri demledi. Her kimiň
öňüne ýene bir çeýnek çaý geldi. Şol wagt daşardan
motosikletiň sesi eşidildi.
— Ana, Möjek mollum geldi!
— Hawa, şo geldi öýdýän.
Oňa çenli Möjek mugallymyň sowuga üşän çymgyzyl ýüzi gapydan göründi.
Aksakgal, ýumşuny häk edendirin... Eý, siz eýýäm
nahar iýäýdiňizmi?
— Seňem paýyn bardyr!
Möjek mugallym şapbyldadyp hem nahar iýdi, hem
gürrüň berdi.
— Bardym. «Gyzylgül ýeňňe» diýdim. «Hä» diýdi.
«Öňräk Aşgabatda boldum, seň Batyryňy gördüm»
340
diýdim. Elindäki igini birýana oklap, alkymyma omzap
süýşdi. «Hawa, Möjek jan, nähili? Ulalypmy? Aýtsana,
wah!..» diýip, gözlerine ýaş aýlap barýa.
— Häý, görgüli!..
— «Ýok, Gyzylgül ýeňňe, gözüňdäki ýaşyňy ýok
etmeseň, gürrüň berjek däl» diýdim. Pahyr, «Ine,
ine» diýip, gyňajynyň çowy bilen gözlerini süpürdi.
Men Batyra: «Ýör, ejeň ýanyna äkideýin, indi menem
şo ýerde işleýän. Kanikulyňda hem gezip gaýdarsyň,
hemem ejeňi görersiň» diýdim.
— Gör, muň toslap tapaýan zatlaryny! Batyry özi
getiren ýaly edäýipdir-dä!
— Hawa, duruň! Onsoň, Batyr: «Kanikulda
baraýmagym mümkin, ýoldaş mugallym» diýdi. Eger
geläýse nädersiň, Gyzylgül ýeňňe?» diýdim. «Wah...»
diýip, gepläp bilmän otyr. Ýene damagy doldy... «Ýoýok, munyň bolanok, ýeňňe, ikimiz gepleşdik. Eger
gözüňden çalaja çyg çyksa-da, ogluňy getirjek däl»
diýdim. «Bolýa, aglamaýyn» diýdi. «Onda, erte-birigün,
ogluň geldi» diýip buşlap geläýsem, näme biýrsin?»
«Näme diýseň bereýin». «Ýo-ýok, sen belli bir zadyň
adyny aýt. «Bir goýun biýrmiň?» «Wah, ikisini al, Möjek
jan» diýdi. Ine, şeýdip, iki goýunly bolup gaýtdym.
341
Garaz, eýdip-beýdip Batyryň siziň ýanyňyzdadygyny
ahyry aýtdym-ow! Eýýäm olar goýun öldürip, taýýarlyk
görüp ýörler. Hemmäňize-de gelsin diýdi.
— Bä... Şeýdip, bir sagatda jübüt goýunly bolduň
oturyberdiňmi?
— Hawa, bahar olaram guzlasa, dört bolýa.
— Süri başy bolsun!
— Aýdanyň gelsin — diýip, Möjek mugallym agzyna
eltjek bolup duran gapyrgasyny gapdala çekip, ýaşula
kellesini atdy.
«Köne guýa» ugramaly wagty Möjek mugallym ýene
bir «hokga» çykardy. Ol Batyr ýaly ýigitlerden ýene
üçüsini saýlap, hemmesine gyrmyzy don, ak telpek
geýdirdi.
— Goý, Gyzylgül ýeňňe şularyň içinden öz ogluny
saýlap alsyn — diýip, Möjek mugallym öz tapan oýnuna
hezil edip güldi.
Maşyn ýola düşdi.
Çopanlaryň «Köne guýudaky» goşunda dört hojalyk
— dört sany tamkepbe bar eken. Maşyn öňüne çagaçuga, dört-bäş adam üýşen tamkepbäniň öňüne baryp
durdy. Möjek mugallymyň buýrugy boýunça dört ýigit
342
nyzama durdy.
— Ine, men-ä ogluňy getirendirin, Gyzylgül ýeňňe!
Ýöne, bulaň içinden ogluňy özüň tanamasaň, biz-ä
biljek däl.
Bili çalarak bükülen Gyzylgül ýeňňe oglanlara bakan
ýuwaşja ýöräp gelýärdi. Gyňajynyň maňlaýyndan
çogup çykan çal saçlary ýeliň ugruna mekgejöweniň
gulpagy ýaly ülpüldeýär. Batyr ilki ony görende «Nähili
bolarkam?» diýip ýolboýy oýlanyp alada galypdy.
Emma hiç hili-de bolmady. Ol özüni ýat bir aýalyň
öýüne gelen ýaly duýdy. Ýüregi-de tolgunmady, on iki
süňňi-de saňňyldamady. Onuň tersine, güne ýanan
ýaňaklaryndan, kütelişen gözlerinden sandyraýan elleri
bilen saçlarynyň ýele çaşan tarlaryny aýyrýan enäniň
bolup durşy gözgynydy. Ol ýeke-ýekeden oglanlaryň
gözlerine seredýärdi. Ahyry... onuň göreçleri Batyryňka
dikildi. Ene duýgusy... Ene yhlasy... Ene gudraty bilen
syçrap çykan uçgun Batyryň gözlerini gapdy. Betbagt
enäniň gök çybyk ýaly damarlary, çylgym-çylgym
çykyşyp duran elleri ilkinji perzendiniň gerdenine
ýuwaş-ýuwaşdan saňňyldap uzady...
Ene mähriniň ýylysyna çoýunmadyk, bäbeklikden
bir tokgaja buza öwrülen perzent ýüregi ýene-de
343
eremedi... Imrinmedi. Eremedi!
Hamana, nätanyş, bir ýat kempir oňa elini uzadýan
ýaly bolup göründi.
Mährem enäniň bolsa uzak ýyllaryň ajy aýralygyndan
ýanan ýüregi atygsap, kükreginden çykaýjak bolýardy. Ol
asmandan düşen ýaly, gaşynda peýda bolan perzendini
garbap tutaýmasa, ýene-de elinden sypdyrarly göründi.
Indi enäniň hälki ýele ykjaýan ak saçlary öljümek
ýaňaklaryna ýapyşyp ýatyrdy.
Gijäniň ýaryndan agýança ondan-mundan gürrüň
edildi, iýlip-içildi. Batyryň ilkinji myhman bolan
ýerinden gelenler gaýtdylar. Tä uklap galýança, hem
ýaňran, hem içen Möjek mugallymdan özge goňşygolamlaram öýli-öýlerine dargadylar. Gyzylgül eje
Möjek mugallymyň ýatan otagynda Batyra-da ýer
taýýarlady. Düşekçäniň aşagyndan ýene-de iki sany
täze keçäni oklap, entek ýatylmadyk iňňeden çykma
düýe ýüňli atlas ýorgany, sandyga galdyrylgy gatgat ýorganlaryň astymdan çekip aldy. Per ýassyklary
başujyna oklady.
Batyryň näçe wagt ýatany belli däl. Ol erbet suwsap
oýandy. Gözlerini açan badyna ejesiniň ýüzüne ýüzi
düşdi. Onluk çyranyň ýagtysyna ol gözlerini gyrpman,
344
Batyra seredip, başujynda otyrdy. Ine, şu pursatda
Batyryň endamy jümşüldäp gitdi. Alýan demi gursagyna
sygman yzyna gaýdyp, agzyndan howur bolup çykdy.
Kekre ýaly ajy nem göreçlerini awuşatdy...
— Eje!..
— Balam!..
Ömründe ilkinji sapar ol «eje» sözüni agzy bilen
däl-de, ýüreginden syzdyryp çykardy. Batyryň kellesini
bagryna basan enäniň butin kalby saňsyldady. Batyryň
gara saçlary suwa ezilen ýaly boldy.
— Sowuk suw içme. Men saňa häli çaý demläp
goýupdym, şundan içäý. Elin basyran gatygymam bar.
Ýa-da düýeçal içjekmi?
Ençeme ýyllardan bäri toplanan ajy ýaşlaryny
dökensoň, eneli-ogluň göwrümleri giňän ýaly boldy.
Gyzylgül eje kesek peçdäki şyglap duran tüňçesini oda
golaý süýşürip, lakyrdap gaýnansoň çaý demledi.
Ol ara düşen ýigrimi ýylky ajy aýralygyň nämeden
başlanyny, demini mahal-mahal iki egninden alyp
gürrüň berip otyr...
— ...O wagtlar kakaň kolhoz başlygydy. Arkaly
aganyňam aýaly bardy. Biçäre oňat naçardy. Garrylara
345
at dakar ýaly däldi. Oňat adamlar. Hemmämiz bir jaýda
ýaşaýardyk. Nahar-suwumyz birdi. Sen göwrämde
galansoň, Han öýden sowaşyp ugrady. Onda-munda
ýabany ýatmany çykardy. Işi bahana edýärdi. Şo arada
häzirki aýaly Mylaýym raýondan obamyza dogtor bolup
geldi. Ol biziň öýe ýygy-ýygydan gelmäni çykardy.
Özem owadan ulygyzdy. Käte gün batyp barýarkada geläýýärdi. Onsoň, ýeke özüni garaňkyda raýon
merkezine ibermeklige çekinip, boş otaglaryň birinde
düşek ýazyp berýärdim. Meniň näme, göwnümde
çigit ýaly garalyk ýok. Ýatar, irden işine gider diýip
pikir edýärdim. Aýagym has agralansoň, ol öýe gündegünaşa gelmäni çykardy. Maňa seredýärdi. Sada,
türkana bolamsoň «Meň halyma dözýän däldir» öýdüp,
içimden minnetdar bolýardym. Bahar aýlarydy. Hanam
her hepdede sowuklamany çykardy. Dogtor gyz ony
özbaşyna otaga salyp em edýärdi. Kiçijik bankalaryň
içine ýalaw tutup arkalaryna goýuşdyrýardy. Menem
näme, göwnümde garalyk bolmansoň, hiç zada ünsem
beremok. Sag-aman sen dünýä indiň. Onsoň-a ol
porhana okatmaly jynly boldy. Endam-janymdan
gamçyň gögi aýrylmaýardy. Onda-da çydap ýörün.
Nädeýin? Kime arz edeýin? Ol başlyk. Diýeni-diýen,
demi bilen degirmen aýlaýa. Pagta ýygymynyň
346
gyzgalaňly günleridi. Öýümiziň on ädim golaýjagynda
pagta atyz bardy. Seni emdirip, sallançakda ukladamsoň,
ylgap baryp, bir fartuk ýygýardym, ýene senden habar
tutýan. Bir gün günorta golaý fartugymy işikde goýup,
seni emdirip otyrkam ol geldi. Şo wagt, nämüçindir,
senem agladyň... Ine, şü-de bahana boldy. Ol ädiginiň
gonjundan gamçysyny çykardy. — Sen heleý, şuny men
gelemde bilgeşleýin agladýaň. Pagta ýygyp gyzgyn
süýdüň bilen emdirýäň — diýip, ýolbars ýaly üstüme
topuldy. Seni zordan sallançaga salyp ýetişdim. Üstüňe
kükregimi gerdim. Gamçy saňa deger öýdüp gara janym
galmady... Özi ýadaýança urdy. Onsoňam: «Agşama
çenli zatlaryňy taýýarla. Şu öýden näme alsaň al-da,
gümüňi çek. Hyk-çok etseňem, minaraň depesinden
başaşak okladaryn» diýip gitdi. Ine, şeýdip, şo gün
agşam meni Gökje diýen şopury bilen atam öýüme
iberdi. Senem alyp galdy. Bir aý geçip-geçmänke, erkek
doganlarym, ynha, şu ýerik guma satyp goýberdiler...
...Batyr keselhananyň öňünde «Niwasyny» goýup,
Arkaly aganyň ýanyna bardy. Aksakgal krowatyň
şahyna ýaplangy ýassygyna arkasyny diräp otyrdy. Ol
ajy habary atasyna aýtdy. Arkaly aga biraz oturansoň:
«Batyr jan, Gyzylgülüň göwni üçin onuň patasyna
gitgin. Sen indi agy-garany tanaýaň. Ýigit çykdyň. Bu347
ýä özüňki. Iliň ýasyndanam galma. Onsoňam...
Arkaly aga bir zat aýtjak boldy. Batyryň ýüzüne
seredip goýberdi. Aýagujyndaky dyzyna çenli ýapylgy
ak prostyna garap, ep-esli wagtlap gözlerini süzüp
oturdy. Onuň bir zat aýtjak bolany Batyryň ýadyndady.
«Ýa-da ýatladaýsammykam». Oňa çenli aksakgal çalaja
ardynjyrady.
— Batyrym, sen entek öýleneňok. Bardy-geldi, duz
nesibämiz kesilip, ýagty jahan bilen hoşlaşmaly bolsam,
ejeňi ýanyňa getir. Bolmasa, olam, senem horlanarsyňyz.
25
Arkaly aganyň saglygy gün geçdigiçe haýallaýardy.
Han Arkalyýew oblastdanam, Aşgabatdanam özüne
göwni ýetýän, men diýen doktorlary, professorlary
çagyryp, gojany görkezdi. Emma olaryňam nepi
degmedi. «Gojanyň keseli ötüşipdir, etjek alajymyz ýok.
Indi giç» diýdiler.
Gojanyň näçe gün ýaşajagy belli däldi.
Mylaýym bolsa gonjuna gor guýlan ýaly, iki-ýana
zowzuldaýardy. Gojanyň agyr keseline ýa-da onuň
demini sanap ýatyşyna däl-de, birdenke onuň kazasy
348
dolaýsa, Läläniň toý sähedini yza süýşürmeli bolar
diýip gorkýardy. Mundan öň-ä, Han aga «raýon pagta
planyny dolmasa, bizem toý edip ýörsek gelşiksiz
bolar, oblast ýolbaşçylary näme diýer?» diýip, toýy yza
tesdirdi. Mylaýym her gün raýonyň pagta hakdaky
swodkasyna seredip, kolhoz başlyklaryny tijemegi ärine
sargap-sargap, halys bizar-peteňi çykdy. Indem bu günerte plan doljak bolup durka, «Ýetimiň agzy aşa ýetende
burny ganar» diýlişi ýaly, «gojanyň ýagdaýy sal üstünde»
diýip eşiden badyna Mylaýymyň howsalasy artdy. Ol bir
ýerde karar tapman, ötlem-ötlem giň otaglaryň çinde
iki-ýana zowzuldady. Ilçilikdir, birdenkä agzyboşuň biri
gyzynyň Myratbeg bilen bolan gatnaşygyny, Garlynyň
ýa Şagulynys gulagyna ýetiräýse, ähli iş bulaşjakdy. Daş
edewersin! Onuň üçinem, gyssanmak gerekdi. Ähli
zat agza-burna gelende, bir bolgusyz iş bolmaýbilse
ýagşydyr. «Jany ýanan Taňrysyna gargar» diýen ýaly,
ärine agzyna gelenini hüňürdemäge başlady.
Ol häzirem ýeke özi otagyň içinde. Näme etjegini
bilmän, ýumrugyny eliniň aýasyna urup, bigünä goja
gargynýardy, ýeňsesinden kölegesini saýgylaýardy
«Sakgaly ütülmiş, ülhüt. Ýagşy zada sebäp bolmarsyň
sen, ylaýym o dünýede görüňde dik oturasyň-da. Ýeri,
haýallajak bolsaň, öljek bolsaň, şu günlerden başga gün
349
tapmadyňmy? Birki aý mundan öň öläýeňde, ýoluňy
saklap duran barmydy diýsene? Munça ýaşap ýurdogly
boljakmydyň? Eý, hudaý-eý, birdenkä, toý güni kazasy
dolaýsa? Onda-ha, o päli ýamanyň, hut toýy bulamak
üçin garaşyp ýatdygy bolýar. Aý onda hiç kime
duýdurman, boş tamlaryň birinde gapysyny gulplap
goýaýarys-da! Wiý, nädip goýjak diýsene, o enesi
ýalamadyk Batyr ýetimçe, äleme jar eder ahyry ony.
Wah, hemmesem gara garynja ýaly bolup Toty heleý
bilen aýakly garpyza meňzeş Şagulydan. «Künti boýuny
bezär, heleý öýüni» diýleni. Toý etjek, taň etjek adamlar
öňünden gamyny iýmez oguşýan? Bi, Toty heleýiňki
näme diýsene bukja-halada bir gün o ýetenok, ýene bir
gün bi ýetenok diýip bizarymy çykardy. Ýeri, toý tutup
gelin edinjek gaýynene bi zatlaryň öňünden alajyny
görmeli ahyry. Hamana, ogluna bir günde sakgal-murt
çykyp, öýlenmäge ýetişen ýaly. Hil meň başyma hiç
zada ýetişmeýän, üstüni gapyl basdyran adam bolýar.
Tomusdan bärem çynyňy etseň, on gyzyň bukjasynyň
dokuzyny düzüwläp bolýardy. Bi süýdi ýanmyşyň özi
gaýyň tazy ýaly bolup, iki-ýana byzbydyklap ýörmekden
başga, bitirýän goşy ýok. Bize arkaýyn bolup edýä bi
zatlary. Raýkomyň heleýi, ýetmeýän zadymy ýetirer
diýip pikir edýändir. Dek düýnem: «Mylaýymjan,
350
ertir biz-ä Aşgabada bilet aldyk. Jygyllyklaryny görüp
gaýtjak. Läle jana, lodka ýüzük bilen han ýüzügini
hiç ýerden tapamzok. Galan halatlardanam kem-käs
ýetmeýäni bar» diýip telefon eden bolýar. Tilkä sapak
beren süýdi ýanmyş heleý şeý diýip, meň taryma kakyp
görjek bolýarmyka? «Toty jan, oň üçin Aşgabada gidip,
heläk bolup ýörme, men altyn magazine tilpun ederin,
bardajyk alaý» diýdirjekdir oň hyýaly. Owalam, şeýdip,
lama paltony, göwher gaşly ýüzügi, gulakhalkasy,
boýnunyň zynjyry bilen öz bahasyna oturan ýerinde
tapyp beremsoň ýaman öwrendi-dä! Indem şony
isleýä o albassy heleý. Eýýämden, raýkomyň gyzyny
alýan diýip donyna sygman, demi bilen degirmen
üwejek, ýatan çöpi galdyrjak däl bolýar. Han-a bi
zatlara başynam galdyranok. Meniň bi görüp ýören
görgülemden habaram ýok. Ertir gidýä, agşam gelýä.
Gyz çykarjak, ogul öýerjek ata boljagy bi zatlary deň
çekişmeli dälmikä? Asyl onuň şu öýe getirýän pullary
diýäýmeseň, şu öýe peýdasam ýok. Erkek eşigini geýip
ýören mahluk. «Ärlik borjunam ýerine ýetirenok»
diýsem-ä, özum aýbygadym, ilden çykan mes heleý
diýjekler. Wah, munuň, sepini bildirmän, «Ýagşysyny
ýaýyp, ýamanyny ýapyp» Omaryň ýanynda arşa
galdyryp ýören özüm dälmi? Menden başga heleý
351
bolanda, bireýýäm «getirýän haram pullaryňy başyňa
ýap» diýägede, syrtyna şakyrdyk dakyp goýbärdi.
Şonda-da meň gadyrymy bilmeýä, bi haýwanyň biri.
Mal bolup adam hatarynda sana goşulyp ýören porsy
öküz. «Pis pisi tapar, suw pesi» diýen ýaly, tirkeşýänem
şo erkeklik tohumy bolmadyk, önelgesiz Meýlis köse».
Gojanyň haly teň bolansoň, onuň ýeke özüni aýratyn
palata geçirdiler. Indi ol birki agyz gürlese-de ýadaýardy.
Başujynda esewan bolup oturýan şepagat uýasy hälişindi içine nabat ezilen suwdan birki owurtladyp,
gojanyň bogazyny ölleýärdi.
Batyr her gijäni atasynyň ýanynda geçirýärdi. Oňada gojanyň palatasynda ýatar ýaly krowat goýdular.
Näçe gije, uky diýen zat harama çykdy. Uklaman
geçirseň, gije-de uzak bolar ekeni. Batyr şepagat uýasy
bilen gezekli-gezegine gözleriniň awusyny alýardy.
Gojanyň süňňi sagat bolmaga çemeli. Eger şol ady
ýiten kesele uçramadyk bolsa, ol garrylyga ýan bermän,
entek-entekler ýaşajak ýörjek ekeni.
Goja gerek zadyny köplenç üm bilen düşündirýärdi.
Käte-de gury süňk bilen damara öwrülen eliniň
barmaklaryny gamyş ýaly sandyradyp, köplenç suwly
grafini görkezýärdi. Onuň ýüz-gözüniň hamlary juda
352
ýukalan ýalydy. Bulardan aňyrsyndaky gyzylja sapak
ýaly damarjyklaryna çenli görnüp durdy. Goja köplenç
uklasa-uklamasa-da, gözlerini ýumup ýatýardy.
Belkem, goja ömrüniň pellehana ýetenini aňýandyr.
Geçen ýollaryny ýatlaýandyr. Nirede näme iş edenini,
haýyr-sogabynyň agramyny göwün terezisinde ölçäp
görýändir.
Belkem, kä ýerde goýberen ýalňyşlygynyň ahmyryny
çekýändir? Birdenkä...
Potolokdan asylgy çyranyň ýagtysy öçügsi şugla
saçdy-da, çyzylan otluçöpe öwrüldi... Goja otluçöpüň
göreçleriňi deşip gelýän ýalnyny görmejek bolup, çilige
dönen barmaklaryny gözleriniň öňüne tutdy.
1943-nji ýyl, açlyk döwri...
Arkaly Hanowyň men diýen wagty, Ol Minaraata
obasynyň «Gyzyl baýdak» (häzirki «Ýeňiş») kolhozynyň
başlygydy. Ol oba Sowetiniň başlygy Mergen bilen
ýaşy ýeten oba ýigitlerini fronta ugradýardy. Aýlargünler geçýärdi, ugradylan ýigitler ýa maýyp bolup
gaýdyp gelýärdi, ýa-da «öldi» habary gowuşýardy.
Şol gidenleriň arasynda Goçuň ejesiniň aýal dogany
Mamagülüň ogly Torum hem bardy. Torum obadaky
kiçiräk toý-tomaşanyň bezegidi. Dutar çalanda, ýüregiň
353
üstünden aýakýalaňaç ýörelen ýaly, damarlaryňdan gan
däl-de, lezzete ýugrulan duýgular akýana meňzeýärdi.
Garamaňlaý Mamagül dogabitdi laldy. Ol frontdan
gaýdyp gelenleriň ýüzüne naýynjar garap, şinellerini
ogşaýardy. Eli bilen ýerde ýatan taýagy alyp, dutar edip
çalýardy-da, bir barmagyny çommaldyp görkezýärdi.
Goçuň ejesi onuň ümlerine düşünip: «Ýalňyz balam,
Torum jan nirede?» diýip soraýar» diýip düşündirýärdi.
Mamagülüň depe saçyny düýrükdirýän birhili owazyna,
uruşdan gaýdyp gelenleriňem, töwerekdäkileriňem
ýürekleri para-para bolýardy. Her kim, Torumyň
garamyk ýaly gara gözlerini güldürip, dutaryny çalyp
oturyşyny göz öňüne getirýärdi. Hemme kişi «geler»
diýip, o biçäräni başyndan sowsalar kaýyl bolýardy.
Mamagül Arkalyny gördügi besdi. Torumy şol iberdi
diýip düşünýärdi. Arkalynyň atynyň deňinden öň
etegini çermegine gysdyryp ylgaýardy. Başlygyň
«ogluň gelerine-goýaryna», ýalbaryp-ýakararyna
gulak asman, güjükleri gyrlan ene itiň çyňsaýşy ýaly
uwlap, ýakalaryny çäk-çäk ýyrtyşdyrýardy. O günler
Arkalynyň gaçgyny Mamagül boldy. Emma ol öýündede, edarasynda-da Arkalyny gününe goýmaýardy.
Ylaýta-da, tomus gijeleriniň birinde kolhoza gelen
uruşly kinony gorensoňlar-a, Mamagüli zynjyrlap
354
saklaýmaly boldy. Ol okuň zarbyna ýykylýan soldatlary
görüp, saçlaryny ýolmalaşdyrýardy. Aýagyny oda basan
ýaly, towsup ýerinden turýardy. Elinden çekip ýerinde
oturtsalar: «Meniň oglumam şeýle öldümi?» diýýän ýaly,
ellerini kelemenledýärdi. Gözlerini ýumup, dyzlaryna
ýumruklaýardy. Ýanyndakylar «ýok» manyda kellelerini
ýaýkap, höre-köşe bilen köşeşdirjek bolýardylar.
Hakykatdan bolsa, onuň, ogly Torum «Watan
goragynda mertlerçe wepat boldy» diýen habar
bireýýäm gelipdi.
Uruş gutardy.
Geljekler geldi, Mamagülüň Torum ogluna nazary
düşmedi.
Obada uruşda wepat bolanlaryň patasy alyndy.
Mamagülem öz Torumynyň şolaryň hatarynda
ýogalanyna göz ýetirdi. Onuň eşiklerini bagryna basyp,
adam ogly düşünmeýän dili bilen bir zatlary samrap,
kellesi hum ýaly çişýänçä aglady. Ahyry eňki agyp,
üçülenji güni ysgyndan gaçyp ýatyp galdy.
Bir gün agşamara Arkaly sütüni süýnüp işden
gelende, aýaly ýarym-ýaş aglamjyrap öňünden çykdy.
Näme bolanyny Arkalynyň basymrak bilesi geldi. Emma
birbada hiç zada düşünmedi. «Hany, şumjarmaňy bes et355
de, düşnükli edip aýtsana?» diýip, aýalyna gaharlandy.
Bolan waka şeýle eken.
Mamagül gijöýlän öýleriniň ýanynda aşyk oýnap
ýören Hanyň ezeneginden tutupdyr-da, südenekledip
alyp ugrapdyr. Oglanlar haýdan-haý Arkalynyň aýalyna
habar edipdirler. Ol zordan Mamagülüň yzyndan ýetip,
ogluny elinden alyp galypdyr. Onuň näme maksat bilen
Hany nirä alyp barýanyny Hudaý bilsin.
Bu nämäniň alamaty?
«Ol taňrygargan ogluny pronta sen iberdiň,
gelmeýänine-de sen günäkärsiň öýdýä. Indem bizden
ar aljak bolýar» diýip, aýaly ýene-de şumjaryp aglady.
Arkalynyň gany depesine urdy. Gamçysynyň sapy
bilen elleriniň aýasyna urup, hyrçyny dişledi. Ýene-de
aýaly dözmezçilik etdi. Ene ýüregine ene belet-dä!
«Bir saparlykça hiç zat diýmesene şo garabagta!
Ozal-a özüni Hudaý gargap, dilsiz-agyzsyz ýaradypdyr.
Indem ýeke perzendiniň ýürek awusyna çydap bilýän
däldir».
Şo gije Arkalynyň gözüne uky gelmedi. «Ol indi bizi
günümize goýmaz. Çemini tapsa, her zat etmekden
gaýtmaz. Indi ondan ägä bolmaly...»
356
Ertesi aýalyna: «Hany gözüňden salma, howlynyň
gapysynam içinden ildirip otyr» diýip işine gitdi.
Goçuň ejesini edara çagyrdyp, Mamagülüň düýnki
eden işlerini aýtdy. «Höre-köşe ediň, köşeşdiriň.
Bolmasa, dälihana dykaryn» diýip tabşyrdy. «Wah, jan
başlyk, men nädeýin. Şubela ýalbarýan, gorkuzybam
gördüm. Içini hümledip otyr. Hiç zat iýibem-içenok. Şo
Torumyň geýimlerini bagryna basyp, zarynlap ýatyr»
diýip, Goçuň ejesi zeýrendi. Arkalynyň Mamagüle
ýene-de ýüregi awady. «Görüň-dä, kän gözden salmaň,
ýene birden bir masgaraçylygyň üstünden baraýmalyň»
diýdi.
Aradan bir hepde geçdi. Ýarym agşama golaýlapdy.
Arkalynyň kabinetde ýeke özüdi. Ol pagta ýygymynyň
swodkasyny getirjek brigadirlere garaşýardy. Stoluna
maňlaýyny goýup, nähili irkilenini özi-de duýman
galdy. Gapynyň jygyldap açylanyna kellesini göterende
birhili boldy. Saçlary bulaşyp, perişan hala düşen
Mamagülüň elinde aş pyçagy bardy. Arkaly ýerinden
turdy-da, stolunyň üstündäki gamçysyny almaga ýetişdi.
Mamagül pyçagyny gezäp syçanyň üstüne towsan pişige
döndi. Oňa çenli şarpyldap ýagyrnysyna degen gamçyň
awusyna çala buruldy. Göz açyp-ýumasy salymda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Melgun - 14
  • Parts
  • Melgun - 01
    Total number of words is 3534
    Total number of unique words is 2274
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 02
    Total number of words is 3580
    Total number of unique words is 2339
    27.0 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 03
    Total number of words is 3590
    Total number of unique words is 2281
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    47.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 04
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 2313
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 05
    Total number of words is 3546
    Total number of unique words is 2244
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 06
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2223
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 07
    Total number of words is 3650
    Total number of unique words is 2308
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 08
    Total number of words is 3601
    Total number of unique words is 2303
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 09
    Total number of words is 3527
    Total number of unique words is 2296
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 10
    Total number of words is 3468
    Total number of unique words is 2326
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    42.0 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 11
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2094
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 12
    Total number of words is 3597
    Total number of unique words is 2249
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 13
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 2087
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 14
    Total number of words is 3526
    Total number of unique words is 2180
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 15
    Total number of words is 3443
    Total number of unique words is 2113
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 16
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 2159
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Melgun - 17
    Total number of words is 2479
    Total number of unique words is 1622
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.