Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12

Total number of words is 3746
Total number of unique words is 1894
34.5 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
55.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
belledipdi. Hanymdyr jenap Wizlileriň iň uly ogullary Çarlini görmek üçin Rumyniýa
gidýändikleri sebäpli, Ron hem doganlary bilen mekdepde galmaly bolýardy.
Däri-dermanlar sapagy tamamlanansoň, ýerzeminden çykan okuwçylar ullakan
arçanyň geçelgäni bekläp durandygyny gördüler. Aşagyndan somalyp görünýän äpet
aýaklar, şeýle-de o tarapdan eşidilýän agyr haşşyldy arçanyň arkasynda Hagridiň
durandygyny habar berýärdi.
Şahalaryň arasyndan kellesini uzadan Ron:
— Salam, Hagrid! Kömek gerekmi? — diýip ondan sorady.
— Ýo... özüm bir alajyny taparyn. Sag bol, Ron!
172
Birdenem Malfoýyň:
— Belki, siz ýoldan aýrylarsyňyz? — diýen gödek sesi eşidildi. — Wizli,
näme, biraz pul gazanjak bolýaňmy? Hogwartsy tamamlaňsoň, belki, senem gözegçi
bolmak isleýänsiň, hä? Hawa-la, seň maşgalaň ýaşaýan öýi bilen deňeşdireniňde,
Hagridiň külbesi duranja köşkdür.
Ron Malfoýa topuldy. Edil şol wagt Sneýp basgançakdan ýokaryk galyp
barýardy.
— Wizli!
Ron Malfoýyň ýakasyny goýberdi.
— Malfoýyň özi öjükdirdi, professor Sneýp — diýip, agajyň aňyrsyndan
kellesini görkezen Hagrid Ronuň arkasyny aldy. — Malfoý onuň maşgalasyny
kemsitdi.
— Elbetde, siziň aýdýanyňyz dogrudyr, ýöne uruşmak okuw düzgünlerine
garşy gitmek bolýar, Hagrid— diýip, Sneýp mylakatly gepledi. — Griffindor
öýünden bäş bal aýyrýan. Wizli, bäşden köp däldigine-de şükür et. Indi bolsa ähliňiz
dagaň!
Içýakgyç ýylgyran Malfoý, Krab hem Goýl arça tikenlerini ýere gaçyryp, agajy
kakyp geçdiler.
— Bir gün ol hökman meniň elime düşer — diýip, Ron Malfoýyň yzyndan
seredip, dişini gyjap galdy. — Hökman, ol menden almytyny alar...
— Men olaryň ikisinem ýigrenýän — diýip, Harri hem gaharly dillendi. —
Malfoýam, Sneýpem.
— Bolýar-la, biderek zada keýpiňizi bozmaň. Roždestwo baýramçylygy
golaýlaşyp gelýär ahyryn. Mende bir gowy pikir bar, geliň, ählimiz bileje Uly Jaýa
gideliň. Şu wagt ol ýeri şeýlebir owadan — diýip, Hagrid teklip etdi.
Şeýlelikde, olaryň üçüsi hem eli uly arçaly Hagrid bilen Uly Jaýa geldiler.
Professor Makgonagaldyr professor Flitwik bezeg işleri bilen başagaýdylar.
— Hä, Hagrid... ahyry iň soňky arça... aňyrky burçda goýaýgyn, bolýarmy?
Jaýyň içi diýseň ajaýyp görünýärdi. Diwardan uçly ýapraklardan ýasalan
girlýandalar hem zerli sapaklar asylan bolsa, jaýyň her ýerinde käbirleri ýüzlerçe
173
şemler, käbirleri bolsa ýalpyldaşýan köpsanly buz şelpejikleri bilen bezelen on iki
sany äpet beýik arça howalanyşyp durdy.
Hagrid:
— Dynç alşa çykmaga näçe gün galdy? — diýip sorady.
Germiona:
— Ýekeje gün — diýip jogap berdi. — Bu maňa bir zad-a ýatladýar... hä,
Harri, Ron, öýlänki naharyna çenli bir ýarym sagadymyz bar. Biz häziriň özünde
kitaphana gitmeli.
— Hawa, dogry aýdýaň — diýen Ron ýaňyja getirilen arça üçin altyn
jäjejikleri jadylap duran professor Flitwikden gözüni aýyrdy.
Olaryň yzy bilen Uly Jaýdan çykan Hagrid:
— Kitaphanamy? Dynç alyş günleriniň öň ýany kitaphanada näme işimiz bar.
Oýun edýän-ä dälsiňiz? — diýip geň galdy.
— Biz okamak üçin gidemzok — diýip, Harri heşelle kakdy. — Nikolas
Flameliň adyny agzanyň bäri, onuň kimdigini biljek bolýas.
— Näme etjek bolýas diýdiň? — diýen Hagridiň gözleri hanasyndan çykarly
göründi. — Üçüňizem meni ünsli diňläň. Size özüňize degişli däl zada burnuňyzy
sokmaň diýildi ahyryn. Itiň nämäni goraýandygy bilen işiňiz bolmasyn.
Germiona:
— Biz diňe Nikolas Flameliň kimdigini biljek bolýas. Bolany şol — diýdi.
— Belki, sen onuň kimdigini aýdyp, bizi aladadan dyndyrarsyň, hä?! — diýip,
Harri onuň sözleriniň üstüni ýetirdi. — Biz ýüzlerçe kitaby gözden geçirdik, ýöne
onuň kimdigini welin, bilip bilmedik... Iň bolmanda, nireden gözlemelidigini aýt.
Men ol hakda öň bir ýerde okandygymy bilýän.
— Men size hiç zat aýtjak däl — diýip, Hagrid çürt-kesik jogap berdi.
Ron:
— Diýmek, ony özümiz tapmaly bolarys — diýdi.
Soňra olar Hagridi aljyraňňy ýagdaýda goýup, kitaphana tarap gaýtdylar.
174
Hagrid Flamel hakda dilinden sypdyrany bäri onuň kimdigini biljek bolup, olar
hakykatdan hem, kitaphana kän gatnaýardylar. Bu Sneýpiň ogurlajak bolýan zadynyň
nämedigini anyklamagyň ýeke-täk ýoludy. Ýöne olar Flameliň adynyň kitaba girer
ýaly onuň nähili iş bitirendiginden habarsyzdylar. Şony bilmän ol hakda maglumat
edinip boljak däldi. Olar «XX asyryň beýik jadygöýleri», «Döwrümiziň tanalýan
atlary», «Häzirki döwrüň wajyp jadyly açyşlary», «Jadygöýlikde bolup geçen soňky
ösüşler» ýaly kitaplaryň hiç birinde bu ada gabat gelmediler. Ýüz müňlerçe
kitaplarydyr müňlerçe tekjeleri, edil şonça-da aňyrsy-bärsi görünmeýän hatarlary
bolan äpet kitaphana bolsa howuňy basýardy.
Ron çem gelen ýerden bir kitaby eline alyp, sahypalaryny agdaryşdyrdy.
Germiona okamak gerek diýip hasaplan makalalarynyň sanawyny düzdi. Harri ýapyk
bölümiň töwereginde aýlanyp ýörşüne öz ýanyndan «Belki, Flameliň kimdigini şu
bölümdäki kitaplardan bilip bolar» diýip oýlandy. Ýöne mugallymlaryň haýsy hem
bolsa birinden rugsatnama alman, gadagan edilen bölümdäki kitaplardan
peýdalanmaga rugsat berilmeýärdi. Harriniň welin, beýle rugsatnamany alyp
bilmejegine aňry ýany bilen gözi ýetip durdy. Bu bölümde Hogwartsda hiç haçan
okadylmadyk gara jadygöýlik barada gürrüň berilýän kitaplar bolup, olary diňe «Gara
güýçden goranmak sungaty» dersinden goşmaça sapak alýan uly ýaşly okuwçylara
okamak bolýardy.
— Näme gözleýäň, oglanjyk? — diýip, kitaphanaçy Pins ondan sorady.
Harri:
— Hiç zat — diýip jogap berdi.
— Beýle bolsa, häziriň özünde şu ýerden garaňy saýla! Çyk daşyna! — diýip,
kitaphanaçy Pins elindäki tozan süpürijisini onuň ýüzüne galgatdy.
Nähilidir bir ynandyryjy bahana tapmaga ýetişmändigine gynanan Harri
kitaphanadan çykmaly boldy. Olar hanym Pinsiň ýanynda Flameliň adyny
agzamazlygy öňden şertleşipdiler. Hanym Pinsiň özlerine gerekli kitaby tapyp
berjekdigini bilseler-de, Sneýpiň bu barada eşitmeginden howatyrlanýardylar.
Nähilidir bir maglumatyň tapyljagyna umydy az bolsa-da, Harri hiç ýere
gitmän geçelgede dostlaryna garaşdy. Olar eýýäm iki hepde bäri kitaphana
gatnaýardylar. Ýöne beýle gysga arakesmeler bilen gerekli maglumaty tapaýmak
ýeňil-ýelpaý iş däldi. Olar özlerini gözden salmaýan hanym Pinsiň nazaryndan sypyp,
uzak wagtlap kitaphanada dümtünmeli bolýardylar.
175
Bäş minutdan soň Ron bilen Germiona hem başlaryny ýaýkap, kitaphanadan
çykdylar. Olar bilelikde günortanlyk naharlaryny edinmäge gitdiler.
Germiona:
— Men öýe gidemsoňam gözlegleriňizi dowam edersiňiz gerek? — diýip
sorady. — Eger bir zatlar tapaýsaňyz, maňa baýguşdan hökman hat iberiň.
Ron:
— Senem eneň-ataňdan hem sorap göräý. Belki, olar Flamel hakda bir zatlar
bilýändirler — diýdi.
— Olardan soranymyzyň zyýany ýokdur-a?!
Germiona:
— Hawa-la, men olardan çekinmän soraryn — diýdi.
Dynç alyş günleri başlanandan soň Flamel Rondur Harriniň düýbünden
ýatlaryna düşmeýän ýalydy. Umumy ýaşaýyş jaýynda ol ikisinden başga hiç kim
galmandy. Umumy otagyň adatdakysyndan has boşdugy sebäpli, olar indi buhar pejiň
golaýyndaky iň gowy oturgyçlarda oturýardylar. Olar bu ýerde her dürli kökelerdir
süýjüler iýip, Malfoýy okuwdan çykartmagyň ýollaryny gözläp, birnäçe sagatlap
kelle döwýärdiler. Niýetleriniň amala aşmajagyny bilseler-de, bu hakda gürleşmek
olar üçin diýseň gyzyklydy.
Şeýle hem, Ron Harrä jadyly küşt oýnamagy öwredip başlapdy. Jadyly küştüň
magl küştüne gaty meňzeşdigine garamazdan, çöpleriniň diridigi sebäpli, küşt
tagtasynyň üsti hakyky söweş meýdançasyny ýatladýardy. Ronuň küşti könedi hem
köp çarşenbäni başdan geçirendi. Ähli öý goşlary ýaly, bu küşt hem öň olaryň
maşgalasyndakylaryň birine, ýagny atasyna degişli bolupdyr. Ýöne könedigine
garamazdan, küştüň kemi ýokdy. Ron küşt çöplerini şeýlebir gowy tanaýardy welin,
hiç hili kynçylyksyz olara diýenini etdirip bilýärdi.
Harri Simus Finniganyň goýup giden küşt çöpleri bilen oýnaýardy. Ýöne Harri
olara wagty bilen diýenini etdirip bilmedi. Ol bu oýunda öwrenje bolansoň, çöpler:
«Meni ol ýere iberme! Sen onuň atyny göreňokmy näme?! Şuny iber, ony ýitirsegem
zyýan çekmeris» diýip, gygyryşyp Harriniň başyny-gözüni aýlaýardylar.
176
Roždestwo gününiň öň ýany ertirki boljak baýramçylygadyr süýji tagamlara
sabyrsyzlyk bilen garaşsada, hiç hili sowgada garaşman düşegine geçen Harri ertesi
irden oýananda ýanjagazynda goýlan sowgatlara gözi düşüp, haýran galdy.
Harri hasyr-husur haladyny geýip, ýerinden turdy.
— Roždestwo baýramyň gutly bolsun! — diýip, Ron oýaly-ukuly halda Harrini
baýramçylygy bilen gutlady.
Harri:
— Seniňkem gutly bolsun! — diýip jogap berdi.
— Seretsene, maňa bir topar sowgat iberilipdir.
— Sen, näme, sowgada garaşmaýarmydyň? — diýip, Ron Harriniňkiden has
beýigräk bolan sowgat üýşmegine tarap agdaryldy.
Harri ýüzünde «Hagridden Harrä» diýen egrem-bugram ýazgyly goňur kagyza
dolanan iň üstki düwünçegi eline aldy. Onuň içinde gödeňsi ýasalan agaç tüýdüjek
bardy. Bu tüýdügi Hagridiň özi ýasan bolarly, Harri üflände, tüýdükden baýguşyňka
meňzeş ses çykdy.
Ikinji kiçijik düwünçekde bolsa hat bardy. Harri onuň ýüzündäki ýazgylary
okady.
«Bize gutlap hat ýazypsyň, sag bol! Şu sowgady saňa ýollaýarys. Daýyň
Wernondan we daýzaň Petunýadan». Hata ellilik şaýy pul ýelmenipdir.
Harri:
— Gaty ýakymly — diýdi.
Şaýy puly gören Ron:
— Täsindigini — diýip haýran galdy. — Munuň şekiline bir seretsene! Onsoň
şu pulmy?
— Me, muny sen alaý — diýen Harri Ronuň çaga ýaly begenişine heziller edip
güldi.
— Men hol düwünçegiň kimden iberilendigini bilýän öýdýän — diýip, ýüzi
gyzaran Ron daşyna ýygyrt-ýygyrt kagyz dolanan düwünçege barmagyny
177
çommaltdy. — Ejemden. Men oňa seniň hiç hili sowgada garaşmaýandygyňy
aýdypdym... Aý, ýog-a... Ol saňada Wizli jemperini örüp beripdir.
Harri düwünçekden zümerret ýaşyl reňkli, elde örülen galyň jemper bilen öýde
taýýarlanan içi şepbeşik kemputly ullakan guty çykardy.
Ron öz sowgadyny açyp oturyşyna:
— Ejem her ýyl bize jemper sowgat berýär — diýip gürrüň berdi. — Maňa
elmydama şugundyr reňklisini örýär.
— Ejeň sowgat ibermesi meň üçinem diýseň ýakymly boldy — diýip, Harri
şepbeşik kemputdan dadyp gördi. Kemput diýseň tagamly eken.
Onuň indiki sowgadyndanam süýji çykdy. Germiona oňa ullakan gutuly
gurbaga şokoladlaryny iberipdir.
Ahyry Harri iň soňky sowgady açdy.
Ýukajyk hem kümüşsöw çal reňkli nämedir bir zat onuň elinden typyp, ýere
gaçdy. Bu zadyň gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldysy bardy.
Ony gören Ron içini çekip, Germionanyň özüne iberen dürli tagamly nohutly
gutusyny elinden gaçyrdy.
— Men bu barada eşidipdim — diýip, ol zordan gepledi. — Eger meniň çak
edişim dogry bolsa... bu diýseň seýrek hem gymmatly zat bolmaly.
Harri kümüşsöw ýalpyldyly matany ýerden galdyrdy. Ol göýä suwdan tikilen
ýalydy.
Ron:
— Bu göze görünmeýän ýapynja — diýip, gözüni tegeläp seretdi.
Harri ýapynjany egnine atdy.
Birdenem Ron:
— Hawa, edil özi. Aşak seretsene! — diýip gygyrdy.
Harri aşak seretdi. Onuň aýaklary bir ýerlerik gürüm-jürüm bolupdyr. Öz
keşbini görerin diýen umyt bilen aýnanyň öňüne geçen Harri tutuş göwresiniň gözden
gaýyp bolup, diňe kellesiniň howada galgap durandygyny görüp haýran galdy. Ol
ýapynjany kellesine çekdi. Harri indi tutuşlygyna ýitirim bolupdy.
178
Ron:
— Bu ýerde hat bar — diýdi. — Ýapynjadan gaçdy.
Harri ýapynjany aýryp, haty eline aldy. Egrem-bugram edilip ýazylan ýazgyda
şeýle sözler bardy:
«Kakaň heniz aýatda dirikä, bu ýapynjany maňa goýup gidipdi. Indi ony saňa
gaýtaryp bermegiň wagty geldi. Muny diňe ýagşylyk üçin ulangyn! Baýramyň gutly
bolsun!»
Hatyň kimden iberilendigi welin ýazylmandyr. Harri hata aňkarylyp galypdy.
Ýapynja guwanyp bakýan Ron:
— Şunuň ýaly ýapynja edinmek üçin ähli zatdan geçerdim. Eşidýäňmi, ähli
zatdan — diýdi. — Saňa näme boldy?
— Hiç zat — diýip, jogap beren Harri häzir täsin duýgulary başdan geçirýärdi.
Bu ýapynjany oňa kim iberdikä? Ol, hakykatdan hem, öň kakasyna degişlidimikä?
Ol ýene-de nämedir bir zatlar hakda pikirlenip ýetişmänkä, umumy ýaşaýyş
jaýynyň gapysy batly açylyp, Fred bilen Jorj Wizli atylyp içerik girdiler. Harri derrew
ýapynjany gizledi. Onuň entek hiç kime ýapynjany görkezesi gelip baranokdy.
— Roždestwo baýramyňyz gutly bolsun!
— Seretsene, Harride-de Wizli jemperi bar.
Freddir Jorjuň eginlerinde biriniň ýüzünde «F», beýlekisiniňkide bolsa «J»
ýazgyly gök jemperler bardy.
— Harriniňki biziňkiden has gowy ýaly-la — diýip, jemperi eline alan Fred
ony synlamaga durdy. — Ejem öz maşgala agzasy bolmadyk kişilere has köp yhlas
siňdirýär öýdýän.
— Ron, sen näme üçin özüňkini geýmänsiň? — diýip, Jorj azgyryldy. — Bol,
geý hany! Olar diýseň ajaýyp hem ýyljak ahyryn.
Jemperi kellesinden geçirip bilmän, başagaý bolup duran Ron:
— Men şugundyr reňkini ýigrenýän — diýip, zordan haşşyldap jogap berdi.
Jorj:
179
— Seniňkide hiç hili harp ýok eken — diýdi. — Belki, ejem seniň öz adyňy
ýadyňdan çykarmajagyňy bilýändigi üçin şeýdendir. Ýöne bizem-ä akmak däl...
Adymyzyň Freddir Jorjdugyny gaty gowy bilýäs.
— Bu nämäniň gykylygy?
Gapynyň aňyrsynda özlerine gaharly seredýän Persi Wizliniň kellesi göründi.
Persi hem eýýäm sowgatlaryny açan bolarly, onuň elinde-de düýrlenen jemper bardy.
Fred jemperi bildirmän onuň elinden aldy.
— «P» harpy Persi diýmegi aňladýar. Bol, geý-dä, Persi! Hany, bolsana! Biziň
ählimiz öz jemperlerimizi geýdik ahyryn. Hatda Harride-de biri bar.
Persi:
— Men... islämok — diýip, üzül-kesil jogap berse-de, ekizler onuň äýnegini
ýere gaçyryp, zor bilen jemperi kellesine sokdular.
Jorj:
— Diýmek, siz bu gün toparbaşylar bolup oturaňzok-da?! — diýip sorady. —
Roždestwo — maşgala baýramydyr.
Ekizleriň hersi jemperiň bir ýeňinden tutup, Persini çekeläp diýen ýaly otagdan
çykardylar.
Harri ömründe şeýle tagamly Roždestwo naharlaryny iýip görmändi. Stoluň
üstünde gowrulan ýagly hindi towuklarynyň ýüzlerçesi, nohutlar, gowrulan,
gaýnadylan ýeralmalar, byzmykly mejimeler, her kime artygy bilen ýetjek dürli
tagamlar hem-de sansyz-sajaksyz paňkyldawaçlar bardy. Olar Darslileriň köplenç
satyn alýan içi kiçijik plastik oýunjakly, gelşiksiz kagyz papajykly adaty magl
paňkyldawaçlary däldi-de, üýtgeşik, täsin paňkyldawaçlardy. Harri bilen Fred hersi
bir tarapyndan çekelänlerinde, paňkyldawaç ýöne bir paňkyldaman, gümpüldedi-de,
daş-töweregi gök tozana gaplady. Onuň içinden bolsa seýrek admiral papagy bilen
birnäçe hakyky akja syçanjyklar çykdy. Bu gün çüri papagyny däl-de, gülli papagyny
geýen Dambldor baş stoluň aňyrsynda professor Flitwigiň gürrüň berýän degişmesine
käýarym ýylgyryp, diňläp otyrdy.
Hindi towugynyň yz ýany bilen saçaga gyzaryp duran pudingler çekildi. Iýip
oturan pudinginden çykan kümüş şaýlyk Persiniň dişlerini tas kül-owram edipdi.
Şerap içdigiçe ýüzi laplap gyzarýan Hagridiň professor Makgonagalyň ýaňagyndan
öpendigine birden Harriniň gözi düşdi. Ýöne Harri gyşaran papagyny düzeden
180
professor Makgonagalyň gaharlanmagyň deregine çym-gyzyl bolup, jykyr-jykyr
gülýändigini görüp haýran galdy.
Ahyrsoňy stoluň başyndan turan Harriniň kisesi jadyly paňkyldawaçlardan
çykan hiç ýarylmaýan ýylpyldyly şarlar, täze küşt çöpleri ýaly her dürli zatlardan
doludy. Ak syçanjyklar bolsa bir ýere gürüm-jürüm bolupdy. Syçanjyklaryň hanym
Norrisiň Roždestwo lukmasy hökmünde ömürlerini soňlaýmaklaryndan gorkan
Harriniň ynjalygy gaçdy.
Harri günüň galan bölegini Wizliler bilen gartoplaryny zyňşyp geçirdi. Soňra
olar demleri demlerine ýetmän, üst-başlary myžžyk halda zordan diýen ýaly,
Griffindor binasynyň umumy otagyna gelip, ýylanmak üçin buhar pejiň golaýjagynda
çugutdyryp oturdylar. Täze küştleri bilen oýun oýnamak islän Harrini Ron mat edip
utdy. Persi kömek etmek niýeti bilen oýna goşulmadyk bolsady, belki, ol utulmasa-da
utulmazdy.
Hindi towugyndandyr byzmyklardan, trýufellerdendir şekernandan garynlaryny
gerk-gäbe doýrandyklary sebäpli, Harridir Ron düşeklerine geçmezinden ozal,
Persiniň öz toparbaşy nyşanyny ogurlan Freddir Jorjuň yzlaryndan kowalaýşyna syn
edip oturmakdan başga zada ýaramadylar.
Bu gün ömründe iň gowy Roždestwo baýramçylygy bolandygyna garamazdan,
nähilidir bir düşnüksiz duýgy Harrini hiç gününe goýmady. Düşegine geçýänçä onuň
öz göze görünmeýän ýapynjasy hem-de ony kimiň iberendigi hakda pikirlenmäge
oňly mümkinçiligi hem bolmady.
Garnyny gerk-gäbe doýran, hiç hili aladasy bolmadyk Ron düşegine geçen
badyna uka gitdi. Harri ýüzin ýatdy-da, elini uzadyp, düşeginiň aşagyndan
ýapynjasyny çykardy.
Kakasynyňky... bu öň kakasynyňky eken. Harri ýüpek ýaly ýumşak, howa ýaly
ýeňil matany eliniň aýasy bilen sypalady. «Diňe ýagşylyk üçin ulangyn!» diýlip hatda
ýazylgydy. Harriniň ýapynjany ýene-de geýip göresi geldi. Ol ýerinden turdy-da,
ýapynjany egnine atdy. Aýagyna sereden Harriniň Aýyň ýagtysyndan hem kölegeden
başga hiç zada gözi düşmedi. Bu şeýlebir täsindi.
«Diňe ýagşylyk üçin ulangyn!»
Birdenem Harri özüni edil ukudan oýanan ýaly duýdy. Elinde bu ýapynja barka
Hogwartsyň gapylarynyň ählisi onuň üçin açykdy ahyryn. Garaňky hem ümsüm
181
otagda duran Harrini begenç duýgulary gaplap aldy. Ol bu ýapynjada islän ýerine
gidip biler, hatda Filç hem onuň nirede, näme işläp ýörendigini aňmaz.
Süýji ukuda ýatan Ron bir zatlar diýip samrady. Harri «Ony
oýaraýsammykam?!» diýip pikirlendi. Ýöne nähilidir bir güýç ony saklady. Bu onuň
kakasynyňky ahyryn... Onuň bu gezek... Ilkinji gezek... hususy zadyny diňe ýeke özi
ulanasy gelýärdi.
Ol umumy ýaşaýyş jaýyndan çykyp, basgançaklardan aşak düşdi. Soňam
umumy otagdan geçdi-de, geçelgeden daşaryk çykdy.
Dolmuş Aýal:
— Bu ýerde kim bar? — diýip gygyrdy. Harri hiç zat diýip jogap bermedi.
Aýal çalasynlyk bilen ýöräp başlady.
Ol indi nirä gitmeli? Tolgunmadan ýaňa ýüregi ersip giden Harri bu hakda
pikirlenmek üçin biraz sägindi. Birdenem kitaphananyň ýapyk bölümi onuň ýadyna
düşdi. Ol häzir kitaphanada göwnüniň islän kitabyny okap, Flamel hakda bellibir
maglumat tapýança eglenip biljekdi. Ol ýapynja kemsiz dolandy-da, ýoluny dowam
etdirdi.
Kitaphananyň içi tüm garaňkydy, gaty gorkunçdy. Hatar-hatar tekjeleriň arasy
bilen ýöräp barýan Harri ýoluny görüp bilmän elindäki çyrajygy ýakmaly boldy.
Özüniň saklap durandygyny bilse-de, howada gaýyp barýan çyrany görenin-de ol
diýseň gorkdy.
Ýapyk bölüm kitaphananyň aňrybaşynda ýerleşýärdi. Ol bu bölümiň daşyna
aýlanan ýüpden ätledi-de, kitap sahypalarynyň ýüzündäki ýazgylary okajak bolup
çyrajygy ýokaryk göterdi.
Ýalpyldap hem güberip duran ýylmanak harplar bilmeýän dilindäki sözlere
öwrülip, oňa gerekli maglumaty tapmaga päsgel berýärdiler. Olaryň käbirinde
düýbünden hiç hili ýazgy ýokdy. Kitaplaryň biriniň ýüzündäki gana meňzeş tegmile
gözi düşen Harriniň ini tikenekläp gitdi. Birdenem ol «Gorkana goşa görner» diýlişi
ýaly, kitaplaryň göýä bu ýerde kimdir biriniň bardygyny bilýän ýaly, özara
pyşyrdaşýandyklaryny eşitdi.
Indi işe girişip başlamalydygy hakda pikirlenen Harri çyrajygyny seresaplylyk
bilen ýerde goýdy-da, aşaky tekjelerden daşy üýtgeşik jiltli kitaplary gözlemäge
182
durdy. Birdenem onuň gözi gara çal reňkli kitapda saklandy. Ol agyr kitaby zordan
diýen ýaly çekip alyp, dyzynyň üstünde goýdy-da, sahabyny açdy.
Birdenkä, aýylganç ses ümsümligi bozdy — kitap jynssyz gygyrýardy.
Harriniň ony bada-bat ýapandygyna garamazdan yzy üzülmeýän ses has uzaklara
ýaňlanyp gitdi. Ol yza tesip, bada-bat öçen çyrajygyny agtardy.
Birdenem ol kimdir biriniň barha özüne ýakynlaşyp gelýän aýak sesini eşitdi.
Zähresi ýarylan Harri kitaby tekjede goýdy-da, dessine ol ýerden sumat boldy. Gapa
ýetiberende bolsa, Harri tas Filç bilen çaknyşypdy. Filçiň solgun, çym gyzyl gözleri
göni özüne seredip durdy. Gulagynda häzir hem kitabyň çirkin sesi ýaňlanýan Harri
Filçiň gerlip duran gollarynyň aşagyndan eglip, geçelgä çykdy.
Ahyrsoňy ol nöker geýiminiň golaýynda saklandy. Bar aladasy kitaphanadan
daşlaşmak bolansoň, nirä ylgap barýandygyna-da üns bermedik Harri töwerekdaşynyň tüm garaňkylygyndanmy nämemi, öz duran ýerini tanamady. Aşhananyň
golaýynda-da nöker geýimi bardy welin, ol bu ýerden bäş gat ýokarda ýerleşýärdi.
— Professor, gijäniň bir wagty kimdir biriniň aýlanyp ýörendigini görseň,
maňa duýdur diýipdiňiz. Menem edil ýaňyja kitaphananyň ýapyk bölümine kimdir
biriniň girendigini size aýtmaga geldim.
Harri ýüzüniň damarlarynyň gatandygyny duýdy. Filç bu ýere alyp gelýän
gysga ýoly bilýän bolarly, sebäbi onuň pessaýdan gödek sesi gitdigiçe ýakynlaşýardy.
Birdenem ol Sneýpiň sesini eşitdi.
— Ýapyk bölümde diýdiňizmi? Beýle bolsa, uzaga giden däldirler. Biz olary
hökman tutarys.
Onuň tutuş süňňüni gorky gaplap aldy.
Geçelgäniň soňunda peýda bolan Filçedir Sneýpe gözi düşen Harri duran
ýerinde doňup galypdy. Olaryň özüni görüp bilmeýändiklerine garamazdan,
geçelgäniň gaty dardygy sebäpli, biri-birleri bilen çaknyşjakdyklary ikuçsuzdy.
Ýapynja göze görünmeýän etse-de, göwresiz etmeýärdi.
Ol başardygyndan ýuwaşlyk bilen yza süýşdi. Onuň çep tarapynda çala açyk
duran gapy bardy. Harriniň şol ýere girmekden başga alajy ýokdy. Ol demini
sakladyda, gapa degmejek bolup ýuwaşlyk bilen süýşüp başlady. Oňa sessiz-üýnsüz
içerik girmek başartdy. Filçdir Sneýp onuň deňinden geçip gitdiler. Ýeňillik bilen
dem alan Harri diwara ýaplanyp, aýak sesleriniň daşlaşyşyna diň saldy. Ýöne olar
183
entegem gaty ýakyndadylar. Ol otaga göz aýlaýança, ýene-de ep-esli wagtlap sesini
çykarman oturdy.
Bu ýeri ulanylmaýan okuw otagyna çalym edýärdi. Partalaryňdyr tagtanyň
kölegesi diwaryň ýüzüne düşüp durdy. Jaýyň bir burçunda başaşaklygyna goýlan
zibil gutusy bardy. Şeýle hem onuň edil gabat garşysynda, diwara ýakyn ýerde ýenede nämedir bir zat bardy. Ol aslynda okuw otagyna degişli bolman, göýä bu ýerde
wagtlaýyn goýlan ýalydy.
Onuň öňünde owadan nagyşlar bilen bezelen altyn çarçuwaly, penjä meňzeş iki
sany tutawaçly, depesinde bolsa «Erised stra ehru oyt ube eafru oyt on wohsi» diýen
ýazgyly ajaýyp aýna somalyp durdy. Filçdir Sneýpiň indi bu ýerden uzakdadyklary
sebäpli, ýüregi düşüşen Harri öz keşbini görmek niýeti bilen aýna ýakynlaşdy. Ýöne
ol ýene-de öz keşbini görüp bilmedi. Harri aýnanyň öňüne geçdi.
Harri gygyrmazlyk üçin eli bilen agzyny ýapmaly boldy. Derrew arkasyna
sereden Harriniň ýüregi häzir kitabyň çirkin gygyrandakysyndan hem has batly
urýardy. Sebäbi ol aýnada diňe bir özüni däl-de, eýsem yzynda duran ýene-de bir
topar adamlary görüpdi.
Hakykatda welin, otagda özünden başga hiç kim ýokdy. Uludan demini alan
Harri ýene-de ýuwaşlyk bilen aýna tarap öwrüldi.
Ynha, aýnada gorkudan ýaňa ýüzi duw ak bolan öz keşbi, arka tarapynda bolsa
iň azyndan ona golaý adam durdy. Harri egnaşyr yzyna seretdi. Ýöne hiç kimi
görmedi. Belki, olar hem edil özleri ýaly göze görünýän däldirler. Belki, ol göze
görünmeýän adamlardan doly otagdadyr, aýna-da göze görünse-görünmese, barybir,
ähli kişini görkezýändir.
Ýene-de aýna bakan Harri edil arkasynda özüne seredip ýylgyryp duran bir
zenanyň aldygyna elini galgadýandygyny gördi. Harri oňa tarap elini uzatdy. Eger bu
zenan, hakykatdan hem, arkasynda duran bolsa, hökman oňa eli degerdi. Olaryň
keşpleri biri-birlerine şeýle ýakyn durdular ahyryn. Ýöne onuň eline galtaşan zat
bolmady. Diýmek, zenan hem, beýleki adamlar hem otagda däl-de, aýnadadylar.
Ýakynjagynda duran bu zenan şeýlebir owadandy. Onuň goýy gyzyl saçlary
bardy... Aýna has ýakynlaşan Harri «Gözleri bolsa... gözleri bolsa meniňkä meňzäp
dur... Bu gök gözler... şeýlebir meňzeş» diýip pikirlendi. Birdenem Harri zenanyň
gülýändigini, şol bir wagtda hem aglaýandygyny gördi. Gapdalynda duran uzyndan
184
hortaň hem gara saçly bir adam bolsa ony gujaklady. Bu erkek kişiniň hüžžerip duran
saçlary, gözünde äýnegi bardy. Onuň saçynyň yza gaňrylyşy edil Harriniňki ýalydy.
Aýna has ýakynlaşyp, burnuny öz keşbine degren Harri:
— Eje, kaka, bu sizmi? — diýip pyşyrdady.
Olar Harrä seredip ýylgyryşdylar. Aýnadaky beýleki adamlary hem synlamaga
duran Harriniň ýene-de edil özüniňki ýaly jübüt gök gözleredir burunlara,
aýaklarynyň dyzlary edil özüniňki ýaly öňe çykyp duran garryja adama gözi düşdi. Ol
öz maşgalasyny ömründe ilkinji gezek görýärdi.
Potterleriň ählisi ýylgyryşyp, ellerini galgatdylar. Harri göýä içine girip
gidäýjek ýaly aýna ýaplandy-da, teşnelik bilen olary synlamaga durdy. Onuň tutuş
süňňüni begenç hem gynanç duýgulary gaplap aldy.
Ol özüniň bu ýerde näçe wagtlap durandygyny bilenokdy. Aýnadaky keşpler
hem ýitmändi. Harri uzakdan eşidilen duýdansyz sese özüne gelýänçä, olary gaýta gaýta synlady. Ol bu ýerde mundan artyk galyp biljek däldi. Oňa häziriň özünde
umumy ýaşaýyş jaýyna dolanmak gerekdi. Harri ejesinden zordan diýen ýaly gözüni
aýyrdy-da: «Men ýene gelerin» diýip pyşyrdady. Soň howlukmaçlyk bilen otagdan
çykyp gitdi.
Harriniň aýdyp beren gürrüňini uly gyzyklanma bilen diňlän Ron:
— Meni oýaraýmaly ekeniň-dä — diýip gaharly gepledi.
— Şu gün meň bilen gidip bilersiň. Men ýene baryp gaýtmakçy. Saňa şol
aýnany görkezmek isleýän.
— Ejeň bilen kakaňy gaty göresim gelýär — diýip, Ron boýun aldy.
— Menem seniň maşgalaňy, ýagny ähli Wizlileri göresim gelýär. Maňa beýleki
doganlaryňam, hatda hemme dogan-garyndaşlaryňam görkezip bilersiň.
— Sen olary islän wagtyň görüp bilersiň. Şu tomus biziň öýümize gelseň
bolýar. Onsoňam seniň gürrüň berýän aýnaň diňe merhumlary görkezýän
bolaýmasyn?! Flamel hakda häzire çenli hiç hili maglumat tapyp bilmändigimize-de
ynanyp bilemok. Näme üçin sen hiç zat iýeňok? Beýdip oturma-da, bir zatlar iýdä.
Harriniň häzir hiç zat iýesi gelenokdy. Ol öz ene-atasyny görüpdi. Harri olary
şu gün hem görer. Ol Flameli düýbünden unudypdy. Indi Flamel hakda maglumat
tapmak onuň üçin beýle bir wajyp hem däldi. Üç kelleli itiň nämäni goraýandygy
185
bilen kimiň näme işi bar, diýsene? Sneýpiň şol zady ogurlany bilen üýtgän zat
bolmaz.
Ron:
— Ýagdaýlaryň gowumy, Harri? — diýip sorady.
— Bu gün seň özüňi alyp barşyň gaty geň.
Harri aýnaly otagy gaýdyp tapmaryn öýdüp aladalanýardy. Iki dost ýapynja
dolanyp baryşlaryna haýaljakdan ýöremeli bolýardylar. Olar Harriniň düýnki geçen
ýoluny kitaphananyň üsti bilen gaýtalamaga synanyşdylar.
Bir ýarym sagatlap ýöränsoňlar, Ron:
— Wah, doňdum-la! Gel şu işi goýbolsun edip, yzymyza dolanaly-la! — diýdi.
Harri:
— Ýok — diýip pyşyrdady. — Onuň şu ýerlerdedigini men anyk bilýän.
Olar ýolda uzyn boýly jadygöý aýalyň ruhundan başga hiç kime gabat
gelmediler. Aýaklarynyň buz ýaly doňandygyny aýdyp, Ronuň iňirdäp başlanam
şoldy welin, düýnki esger geýimine Harriniň gözi düşdi.
— Ynha, şu ýerde... şujagaz ýerde... ahyry tapdym!
Olar gapyny açdylar. Harri egnindäki ýapynjany ýere oklady-da, aýnanyň
öňüne barmaga howlukdy.
Kakasydyr ejesi oňa aýnadan ýylgyryşyp durdular.
Harri:
— Görýäňmi? — diýip pyşyrdady.
— Ýok, men hiç zat göremok.
— Seret! Seretsene olara! Olar bir topar ahyryn.
— Men diňe seni görýän.
— Gowuja seret. Gel, meniň duran ýerime geç!
Harri bir gyra çekildi-de, öz ýerini Rona berdi. Ýöne ol indi öz maşgalasyny
däl-de, gijeki geýimli Rony görýärdi.
186
Ron welin öz aýnadaky keşbine aňkarylyp galypdy.
Birdenem ol:
— Seretsene maňa! — diýdi.
— Senem öz maşgalaňy görýäňmi?
— Ýok... meniň ýeke özüm... ýöne häzirkimden üýtgeşik... ýaşym uly...
özümem iň öňdebaryjy okuwçy!
— Näme?
— Meniň... meniň edil Biliňki ýaly nyşanjygym bar... elimde bolsa Kwiddiç
kubogyny saklap durun... özümem kwiddiç kapitany.
Ron aýnadaky ajaýyp keşbinden zordan diýen ýaly gözüni aýyrdy-da, Harrä
ýylgyryp seretdi.
— Belki, bu aýna geljegi görkezýändir, hä?!
— Nädip?! Meniň ýakynlarymyň ählisi öldi ahyryn... men ýene bir gezek
seredip göreýin-le.
— Sen düýn uzynly gije aýnaň öňünde durupsyň. Maňa-da biraz wagt ber
ahyryn.
— Eli Kwiddiç kubokly keşbiňi synlamagyň nämesi gyzykly diýsene?! Meniň
bolsa öz enem-atamy göresim gelýär.
— Itme-how!
Geçelgeden gelen duýdansyz ses olaryň jedelleriniň soňuna sogan ekdi. Olar
özleriniň nähili gaty gürleşendiklerine diňe şonda düşünip galdylar.
— Bol bahym!
Olaryň ýapynjany kellelerine atanam şoldy welin, gapyda hanym Norrisiň
ýanyp duran gözleri peýda boldy. Harridir Ronuň ikisi hem bu ýapynjanyň pişiklere
täsir edýändigi ýa-da etmeýändigi hakda aladaly oýlanyp, seslerini çykarman
durdular. Pişik yzyna öwrülip, esli wagtlap otagdan çykman durdy.
— Bu ýerde galmak gaty howply. Onuň Filçiň yzyndan giden bolmagam
mümkin. Gürrüňsiz, pişik ähli zady eşidendir. Ýör, gideli! — diýip, Ron Harrini
çekeläp diýen ýaly otagdan çykardy.
187
Ýeriň ýüzüni örten akja gar ertesi hem eremändi.
— Küşt oýnasyň gelyärmi, Harri? — diýip sorady.
— Ýok.
— Belki, biz bu gün Hagridi görüp gaýdarys?!
— Ýok... özüň gidiber...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.