Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03

Total number of words is 3761
Total number of unique words is 1881
34.2 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
54.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Saňa kim hat ibersin-äý? — diýip, Wernon daýysy haty bir eli bilen silkip
açdy-da, ony okamaga durdy. Näme üçindir, onuň ýüzi edil ýolyşygyň çyralary ýaly
bir gyzaryp, bir ýaşyl reňke boýalýardy. Ýüzüniň reňkiniň üýtgemesi ep-esli wagtlap
dowam etdi. Bir salymdan onuň ýüzi açyk ýaşyl reňke geçdi.
— P-P-Petunýa! — diýip, ol erbet gorkan adam ýaly peltekledi.
Dadli haty almaga synanyşdy, ýöne kakasy ony ýokarda saklap duransoň, boýy
ýetmedi.
29
Haty garbap alan Petunýa daýza onuň birinji setirini okanda, tas özünden
gidipdi.
Ol boguk ses bilen:
— Wernon! Eý, Hudaý, Wernon! — diýip samrady-da, adamsyna seretdi. Olar
biri-birine seredişip durşuna, Harri bilen Dadliniň häzir hem otagdadygyny unudan
ýalydy. Özüniň ünsden düşürilmegine öwrenişmedik Dadli Smeltings taýagy bilen
kakasynyň kellesine ýelmedi-de:
— Meniň haty okasym gelýär — diýip gygyrdy.
— Meň hatymy seň okasyň gelýärmi? — diýip, Harri hem ondan kem galman
sesine bat berdi.
— Ikiňizem güm boluň şu ýerden — diýip, Wernon daýy haty bukja saldy.
Ýöne Harri ýerinden gymyldaýynam diýmedi. Gaýtam:
— Men hatymyň yzyna gaýtarylmagyny isleýän — diýip gygyrdy.
Dadli:
— Haty maňa görkez! — diýip talap etdi.
— Ýok boluň! — diýip azgyrylan Wernon daýy olaryň ikisiniňem ýakasyndan
tutup, südenekledip, aşhanadan çykardy-da, gapyny gümpüldedip ýapyp goýberdi,
Harri bilen Dadliniň bilesigelijiligi ýetjek derejesine ýetdi. Açar salynýan
deşikden kim yşyklamaly diýlen sözsüz jedelde Dadli ýeňdi. Harri bolsa ýüzin ýatdyda, äýnegini gaçyrara getirip, gapynyň aşagyndan jyklap, diňlemäge durdy.
Ol Petunýa daýzasynyň sesini sandyradyp gürleýänini eşitdi.
— Wernon, jaý belgisine seretsene. Olar onuň ýatýan ýerini nädip bilýärkä?
Öýe gözegçilik edýän bolaýmasynlar?!
— Kim bilýär. Belki, gözegçilik edýändirler, belki, yzymyza-da düşýändirler?
— Indi näme edeli, Wernon? Belki, bir hat ýazyp, özümiziň...
— Ýok. Ýok, biz hiç zat jogap bermeris. Hawa, şeýtsek dogry bolar — diýip,
Wernon daýy aşhanada ikiýana gatnap ýörşüne jogap berdi
— Ýöne...
30
— Men olardan biriniňem öz öýümizde ýaşamagyny islämok. Ony içerik
salanymyzda, ähli zady unudarys - diýip, biri-birimize söz beripdik.
Şol gün giçlik işden dolanyp geleninden soň, Wernon daýy ömründe entek
etmedik zadyny etdi . Harriniň geýim saklanýan jaýyna bardy.
Harri gapydan sygman duran daýysyny gören badyna:
— Hany hatym? Maňa kim ýazypdyr? — diýip sorady.
— Hiç kim. Ol haty saňa ýalňyşyp iberipdirler. Men ony ýakdym.
— Ýok, siz ýalňyşýaňyz! Haty hut maňa iberipdirler. Onuň ýüzünde
«Basgançagyň aşagyndaky ammarça» diýen ýazgy bardy — diýip, Harri gaharly
gepledi,
— Ýuwaş bol! — diýip gygyran daýysynyň egnine iki sany möý gaçdy. Ol
uludan demini alyp, zordan ýylgyrdy.
— Harri, seniň ammarçaň barada aýtsak, daýzaň ikimiz pikirlenişip, bu ýeriň
indi gaty dar bolýandygy üçin, seni Dadliniň ikinji otagyna göçürmeli diýen netijä
geldik.
— Näme üçin?
— Sorag berme! — diýip, daýysy azgyryldy.
— Goşlaryňy al-da, häziriň özünde ýokaryk gal.
Darslileriň dört sany ýatylýan otagy bolup, olaryň biri Wernon daýy bilen
Petunýa daýza, biri bolsa myhmanlara niýetlenendi. Galan ikisiniň birinde Dadli
döwlen ýa-da köpden bäri oýnamaýan oýunjaklaryny saklasa, beýlekisinde özi
bolýardy. Geýim saklanýan ammarçadaky zatlaryny täze otagyna daşamak üçin Harrä
diňe bir gezek ýokaryk galmak ýeterlik boldy. Krowatynda oturyp, daş-töweregine
göz aýlan Harri bu otagdaky ähli zatlaryň döwükdigini gördi. Otagyň bir burçunda
Dadliniň goňşularynyň güjükleriniň üstünden sürüp geçen oýunjak tankynyň üstünde
satyn alnanyna ýaňy bir aý hem bolmadyk wideokamerasy goýlan bolsa, beýleki
çüňkde gowy görýän gepleşiginiň görkezilmedik güni aýagy bilen depip döwen
telewizory we Dadliniň öň okuw döwri hakyky ok-ýaýa çalşan baýguşynyň kapasasy
durdy. Ok-ýaýam Dadli üstünde oturyp ýemşerdensoň, bu otagyň içine oklanypdyr.
Diňe tekjeleriň üstünde timarlanyp goýlan kitaplar bitindi, Dadli ýekeje gezegem
olaryň gatyny açmandyr.
31
Birinji gatdan Dadliniň:
— Näme üçin meniň otagymy Harrä berdiňiz? Goý, ol häziriň özünde
otagymdan çyksyn — diýip, ejesine gygyrýan sesini eşiden Harri uludan demini aldy.
Ol edil düýn hem şu otag üçin ähli zatdan geçmäge taýýardy. Ýöne bu gün Harri bu
otagda bolanyndan eli hatly öz geýim saklanýan ammarçasynda galanyny kem
görenokdy.
Ertesi irden ertirlik naharynyň başynda hiç kimden ses çykmady. Gykylyklap,
kakasyny Smeltings taýagy bilen ýelmändigine, ýalandan syrkaw bolandygyna,
ejesini depip, pyşdylyny öýüň üçegine oklandygyna garamazdan, otagyny yzyna alyp
bilmedik Dadli biri-birine sowuk nazar bilen seredişýän ene-atasyna gaharlanyp,
çym-gyzyl bolup oturan bolsa, Harri düýnki gün edil şu wagtlar haty ýerden galdyran
badyna açyp okamandygyna ökünip otyrdy.
Hat gatnadyjynyň hatlary getirendigini eşiden badyna, Harrä mylaýym
görünmäge çalyşýan Wernon daýy olary alyp gelmäge Dadlini iberdi. Ýol boýy
elindäki Smeltings taýagy bilen zatlary ýykyp-ýumruşdyran Dadli:
— Ýene Harrä hat gelipdir. Jenap Harri Potter. Jaýdaky iň kiçi otag. Praýwet
Draýw köç, 4 j — diýip batly gygyrdy.
Onuň aýdanlaryny eşideninden Wernon daýy içini çekip, tarsa ýerinden turdyda, ylgap birinji gata düşdi. Harri hem onuň yzyndan galmady. Ýöne elini berk gysyp
duran Dadliden haty bada-bat alaýmak Wernon daýa başartmady. Harri hem
boýnundan ýapyşyp duransoň, ol Harrinem, Dadlinem itip ýykmaly boldy. Garaz, her
kim Smeltings taýagy bilen urlup, biraz kakylyp-depilensoň, Wernon daýy eli hatly
haş-haşlap zordan ýerinden galdy.
Demini dürsäp bilmän durşuna:
— Harri, bar ammarçaňa... wiý... öz otagyňa sümül! — diýip, Harrä gygyrdy.
— Dadli, bar, senem git... ýöne idilije git!
Harri otagynda eýläk-beýläk gatnap ýörşüne oýa batdy. Diýmek, kimdir biri
onuň indi geýim saklanýan ammarçada däl-de, şu otagda bolýandygyndan, birinji
hatam almandygyndan habarly. Beýle bolsa, ol özüne hat ibermegini bes etmez. Harri
eýtmeli-beýtmeli, garaz, indiki geljek haty hökman alyp okaýmalydy.
Ol otagyň içinden tapyp, bejeren sagadyny ir sagat alta gurdy. Ertesi sagat
jyňňyrdan mahaly, Harri derrew düwmesini basyp, onuň sesini öçürdi-de, Darslileri
32
oýandyrmaz ýaly, çyralaryň ýekejesini hem ýakman, ýuwaşlyk bilen birinji gata
düşdi.
Praýwet Draýw köçesinde garaşyp, hat gatnadyjydan haty ilkinji bolup
almakçydy. Zalyň içi bilen ýöräp barşyna Harriniň ýüregi agzyndan çykaýjak ýalydy.
Birden ullakan, ýumşak, janly bir zada aýagy degen Harri ziňkildäp gitdi.
Çyrany ýakyp, bu ýumşak ullakan zadyň gapynyň öňünde düşege bürenip ýatan
Wernon daýysynyň kellesidigini gördi. Ol Harri hem haty ilki aljak bolar öýtmedik
bolarly. Wernon daýy Harrä bir ýarym sagatlap gygyranyndan soň, oňa aşhana gidip
çaý taýýarlamagy tabşyrdy.
Niýeti paşmadyk Harri zordan ýöräp, aşhana ýöneldi. Ähli zady taýýarlap,
gapynyň ýanyna dolanyp gelende, şol ýerde oturan daýysynyň edil dyzynyň üstüne
üç sany hatyň gaýyp düşendigini gördi.
— Men... — diýip, Harri agzyny açyp ýetişmänkä, Wernon daýysy hatyň
üçüsini hem onuň gözüniň öňünde jyrym-jyrym etdi
Şol gün işe gitmedik Wernon daýy hat oklanýan deşigi çüýläp durşuna:
— Olar haty oklamaga ýer tapmasalar, hat getirmegini bes ederler — diýip,
Petunýa daýza düşündirdi.
— Bu oňuna bolarmyka beri, Wernon?!
— Olaryň beýnisiniň işleýşi meniňkidenem, seniňkidenem düýbünden
tapawutlanýar — diýip, Petunýanyň getiren kökesini saklap duran eli bilen çüý
kakmaga synanyşýan Wernon daýy janygyp gepledi.
Anna güni Harrä on ikiden gowrak hat geldi. Gapydaky hat oklanýan deşik
çüýlenensoň, hatlaryň birnäçesi gapynyň aşagyndaky yşdan, galanlary bolsa birinji
gatdaky hammamyň kiçeňräk penjiresinden oklanypdy.
Wernon daýy ertesi günem işe gitmedi. Gelen hatlaryň ählisini ýakansoň, ol
çekiçdir çüý alyp, hiç kim daşaryk çykmaz ýaly esasy işigem, yzky gapylaryň
ikisinem çüýläp çykdy. Özem şol gün çala bir ses eşitse, tisgindi durdy.
Şenbe güni Darslileriň ýagdaýy has hem agyrlaşdy. Harrä iberilen ýigrimi dört
hatyň ýigrimi dördüsi hem nämäniň nämedigine düşünip bilmedik süýt satyjynyň
myhman jaýynyň penjiresinden Petunýa daýza uzadan ýigrimi dört ýumurtgasynyň
içinden çykdy. Wernon daýy poçtanyň işgärlerine jaň edip käýänden soň, zeýrenmek
33
üçin gürleşere adam gözläp, belgiler depderçesiniň sahypalaryny agdaryşdyryp
otyrka, Petunýa daýza içi hatly ýumurtgalary aldygyna pejiň içine oklaşdyrýardy.
— Kim seniň bilen beýle gürleşesi gelýärkä? — diýip, Dadli Harriden haýran
galmak bilen sorady.
Ýekşenbe güni irden ertirlik naharynyň başyna geçen Wernon daýy ýarawsyz,
ýadaw ýaly görünse-de, özüni örän şähdaçyk alyp barýardy.
Ol marmeladlary gazetiň üstüne düzüşdirip oturyşyna:
— Ýekşenbe günleri hat gatnadylmaýar. Şonuň üçin bu gün hiç hili hat gelmez
— diýip, şadyýan ýylgyrdy.
Onuň bu sözleri aýdaryna mähetdel nämedir bir zat aşhananyň turbasyndan bat
bilen wazlap çykdy-da, Wernon daýynyň kellesine patlap degdi. Soňra kyrka golaý
hat edil tüpeňden goýberilýän dek buhar pejinden düzüm-düzüm bolup atylyp çykdy.
Darsliler kellelerini tutup, aşak eglen bolsalar, Harri hatlaryň birini aljak bolup
ýokaryk bökdi.
— Aşhanadan çykyň, baryňyz çykyň! — diýip gygyran Wernon daýysy
Harriniň ýeňsesinden tutdy-da, ony zala tarap südenekledip goýberdi. Onuň yz ýany
bilen ellerini ýüzlerine tutup, Petunýa daýza bilen Dadli işikden çykan badyna
Wernon daýy aşhananyň gapysyny bat bilen ýapdy. Ýöne aşhana düşýän hatlaryň
häzir hem yzynyň kesilmeýändigi gapynyň aňyrsyndanam eşidilip durdy.
— Indi bolaýdy — diýip, aşhanadan çykan Wernon daýy aljyrap murtuny
ýolmalaşdyryp durşuna arkaýyn gürlemäge çalyşdy. — Ähliňiz bäş minutdan şu
ýerde boluň! Biz gidýäs. Ýanyňyz bilen diňe gerek bolaýjak zatlary alyň. Hiç hili
soragam bermäň.
Murtunyň ýarysy goparylan halda ol şeýle bir aýylganç görünýärdi welin, hiç
kim oňa «ýok» diýibem bilmedi. Eýýäm on minutdan olaryň ählisi Wernon daýynyň
uly ýola tarap diýseň ýokary tizlik bilen sürüp barýan ulagynyň içinde otyrdylar. Öz
telewizory bilen kompýuterini torbasyna sygdyrjak bolup, biderek wagt ýitirendigi
üçin, kakasy tarapyndan bir gezek mazalyja şapbat iýen Dadli yzky oturgyçda aglap,
şumjaryp otyrdy.
Olaryň eýýäm ep-esli ýol geçendigine garamazdan, Wernon daýy ulagy ýekeje
gezek hem saklamady. Hatda Petunýa daýza-da käwagtlar ulagyny yza öwrüp, bir
34
salym garşy tarapa sürýän, «Olary ýok et, ýok et olary» diýip, pyşyrdap gaýtalaýan
adamsyndan özleriniň nirä barýandygyny soramaga milt edip bilmedi.
Wernon daýy ulagy hatda biraz garbanmak üçin hem saklamady. Garaňky
gatlyşyp ugranda Dadli şu gün ömrüniň iň erbet günüdigini, özüniň öler ýaly
açdygyny, eýýäm bäş sany gepleşigem sypdyrandygyny aýdyp, zeýrenmäge başlady.
Kompýuterinde başga planetaly gelmişegi ýok etmän öýden çykmaýan Dadli näme
üçin zeýrenmesin diýsene?!
Wernon daýy ahyry ullakan bir şäheriň çetinde ýerleşýän horaşaja
myhmanhananyň ýanynda ulagyny saklady. Dadli bilen Harri ýakymsyz ysly düşek
düşelen bir krowatda ýatmaly boldular. Hor çekip ýatan Dadliniň bireýýäm uka
gidendigine garamazdan, Harri penjire tekjesinde oturyşyna, köçeden geçip barýan
ulaglaryň ýagtysyna göz dikip, bolup geçýän zatlar hakda pikirlenip, uzakly gijesini
uklaman geçirdi.
Ertesi irden ertirlik naharynda olar üstüne pomidor kesilip goýlan, bireýýäm
heňläp giden çörek iýdiler. Ýaňy bir ertirlik edinip boldum etdilerem welin, stoluň
gapdalynda myhmanhananyň iş dolandyryjysy peýda boldy.
Ol:
— Bagyşlaň, siziň araňyzda Harri Potter atlyňyz barmy? Eger bar bolsa, onuň
adyna hat geldi. Şunuň ýaly hatyň gapynyň öňünde ýüzüsi dagy bar — diýip, elindäki
haty ýokaryk galdyrdy. Stoluň başynda oturanlaryň hemmesi hatyň ýüzündäki gök
syýa bilen ýazylan ýazgyny gördi.
«Jenap Harri Potter
17 ot.
Demirýol myhmanhanasy
Kokworz obasy».
Harri haty aljak bolup, elini uzadan badyna Wernon daýy onuň goluna kakyp
goýberdi. Alasarmyk ýagdaýda galan iş dolandyryjy zenan olara aňkarylyp seretdi.
Wernon daýy:
— Getiriň, haty maňa beräýiň — diýip ýerinden galdy-da, zenanyň yzyna
düşüp gitdi.
35
— Öýe gaýtsak gowy bolmazmy?! — diýip, Petunýa daýza gaýtadan ýola
düşenlerine ep-esli wagt geçeninden soň, çekine-çekine adamsyna ýüzlendi, Onuň
nirä gidip barýandygyny özünden başga bilýän ýokdy. Tokaýyň içi bilen gaýdan
Wernon daýy ulagdan düşdi-de, töweregine göz aýlady. Soňra kellesini ýaýkap,
ulagyna dolandy, ony gaýtadan işletdi. Bu hereketini ol sürlen ekin meýdanynyň edil
ortarasynda-da, asma köpriniň üstünde-de, ulag saklanýan köp gatly duralganyň iň
ýokary gatynda-da gaýtalady.
Şol gün asman bulutlydy.
Kenarýakada ulagyny saklan Wernon daýy maşynda oturanlaryň daşyndan
gulplap, bir ýerlerik gürüm-jürüm bolansoň, Dadli:
— Kakam halys aklyny ýitiripdir öýdýän?! — diýip, ejesine ýüzlendi.
Edil şol wagt deprek kakylýan ýaly ulagyň depesini tykyrdadyp, ýagyş
ýagmaga başlady.
Dadli:
— Bu gün duşenbe. Agşam Äpet Gumberto multfilmini görkezerler. Şu wagt
telewizorly ýerde bolsadyk — diýip aglamjyrap başlady.
Harri oýa batdy. Diýmek, bu gün duşenbe-dä?! Telewizoryň öňünden
aýrylmaýan Dadli şu günüň duşenbedigini aýdýan bolsa, diýmek, şeýledir. Ertir bolsa
sişenbe — onuň doglan güni.
Hawa, ertir Harriniň on bir ýaşy dolmaly. Aslynda onuň doglan günleriniň hiç
haýsysy hem ýatda galar ýaly gyzykly geçmändi. Geçen ýyl Dadli oňa asgyç bilen
kakasynyň joraplarynyň birini sowgat beripdi. Ýöne nähili bolanda-da, her gün on bir
ýaşalanok ahyryn.
Wernon daýy ahyrsoňy yzyna dolanyp geldi. Birnäçe gün bäri keýpsiz Wernon
daýy häzir diýseň şadyýan görünýärdi. Özem onuň elinde kiçiräk bir torba bardy.
Torbany görüp, Petunýa daýzanyň: «Eliňdäkini nireden aldyň?» diýen sowalyna
jogap bermegiň deregine:
— Men gaty gowy ýer tapdym. Ähliňiz ulagdan düşüň. Ýörüň! — diýdi.
Ýylyjak ulagdan düşensoňlar, sowuk howadan ýaňa olaryň ini jümşüldäp gitdi.
Wernon daýy elini deňze tarap uzadanda, kenardan biraz aňyrrakda, ullakan gaýanyň
36
üstünde gurlan juda tagaşyksyz külbä gözleri düşdi, Onuň gaýanyň üstünde haçan
gurlandygy belli däldi welin, içinde telewizoryň ýokdug-a anykdy.
— Şu gün gaý turjakmyş — diýip, begençli seslenen Wernon daýy elini
çarpdy. — Şu jenap bize gaýygyny bermäge razylaşdy.
Edil şol wagt olaryň ýanyna dişsiz bir adam agsaklap geldi-de, it ýylgyryşyny
edip, könelip giden kürekli gaýygy görkezdi.
Wernon daýy:
— Men azyk-suwlugam aldym. Hemmämiz gaýyga müneliň! — diýdi.
Gaýygyň üsti diýseň sowukdy. Tolkun atýan deňiz suwy üstlerine syçraýardy,
ýagyş damjalary olaryň ýakalaryndan girýärdi, sowuk şemal ýüzlerini ýalap geçýärdi.
Ahyry gaýanyň düýbüne gelip ýetenlerinde, Wernon daýy ýykylyp-sürşüp, olary
yzyna düşürip, külbä tarap gaýtdy.
Deňiz otlarynyň ysy gelip duran, bary-ýogy iki otagly bu külbäniň diwar
deşiklerinden sowuk şemal sygyryp girýärdi. Buhar peçde ýylynar ýaly ýekeje-de
odun ýokdy. Garaz, külbäniň içi görer ýaly däldi.
Wernon daýynyň: «Azyk-suwiugam aldym» diýýäni bary-ýogy dört gap çipsi
bilen dört sany banan bolup çykdy. Ol çipsiniň gaplaryny ulanyp, ot ýakmaga
synanyşdy. Ýöne olar ýanmagyň deregine mürşerip tüsseledi.
— Hany, indem hat getirişlerini göreliň-dä!
— diýip, diýseň keýpiçag gürlän Wernon daýy deňizde gaý turýan mahaly hiç
kim bu ýere hat getirip bilmez diýip pikir edýärdi. Harriniň öz ýanyndan onuň bilen
razylaşandygyna garamazdan, bu pikir ony düýbünden begendirmedi.
Garaňky düşen badyna aýdylyşy ýaly gaý turdy. Gazaply deňiz tolkunlary bat
bilen gaýa urlup, külbäniň diwarlaryna syçraýardy, sowuk şemal könelişip giden
penjireleri sarsdyryp gidýärdi Petunýa daýza beýleki otagdan iki sany düşekçe tapyp,
köne diwanyň üstüne ýazdy-da, Dadli üçin ýatmaga ýer taýýarlap berdi. Wernon
daýy bilen Petunýa daýza beýleki otagdaky krowata geçdiler. Harri bolsa oňaýlyrak
ýer tapynyp, şol ýerde gyşaryp, örän ýuka, diýseň könelişip giden mata böleginiň
aşagynda düýrülip ýatmaly boldy.
Gitdigiçe beterleşýän gaýdan ýaňa, Harriniň gözüne uky gelmedi. Açlyga,
sowuga çydaman ýatyşyna, ol beýlesine agdarypdy. Dadliniň horruldysy ýarygije
37
başlanan gök gümmürdisiniň sesi bilen goşulyşyp gitdi, Dadliniň ýatan diwanynyň
bir gyrasyndan agan eliniň semiz goşaryndaky sagadyna gözi düşen Harri öz on bir
ýaşynyň dolmagyna on minutyň galandygyny gördi. Harri her bir jykgyldysynda
doglan gününi ýakynlaşdyrýan sagada gözüni dikip ýatyşyna, ertir özüniň doglan
günüdiginiň Darslileriň ýadyna düşjekdigi ýa-da düşmejekdigi, özüne hat ýazýan
adamyň şu wagt nirededigi hakdaky oýlanmalara berildi.
On bir ýaşynyň dolmagyna eýýäm bäş minut galypdy. Edil şol wagt Harri
daşarda bir zadyň şatyrdandygyny eşitdi. Ol bükülip ýatyşyna, üstlerinden üçegiň
gaýdaýmagyndan gorkdy. Ýöne şeýle bolaýanda, ol biraz ýylynyb-a bilerdi. Doglan
gününe dört minut galanda, «Öýe dolanyp baranymyzda, belki, öýüň içi hatlardan
doly bolar hem maňa olardan birini gizlinlikde almak başardar» diýip pikirlendi.
On bir ýaşynyň dolmagyna bary-ýogy üç minut galdy.
Harri: «Tolkunlar gaýanyň ýüzüne urunýarmyka?» diýip diňşirgendi. Doglan
gününe iki minut galanda ol: «Bu gülkünç şatyrdy nämäniň sesikä? Deňze daş
bölekleri togarlanyp gaýdýan bolaýmasyn?!» diýip oýlandy.
Onuň doglan gününe bary-ýogy bir minut galdy, otuz sekunt, ýigrimi dokuz
sekunt. Belki, ol biraz ýaňkalaşmak üçin Dadlini oýarar. Üç sekunt galdy, iki, bir.
Gümp!
Duýdansyz gümpüldä külbe sarsyp gitdi. Tarsa ýerinden turan Harri gapa
aňkarylyp seretdi. Şol pursat daşarda kimdir biri içerik girmäge rugsat sorap gapyny
kakypdy.
4-nji bap: AÇARLARYŇ GÖZEGÇISI
Gümp!
Gapy ýene kakyldy. Goha oýanyp, entek ukudan açylyp ýetişmedik Dadli
alasarmyk ýagdaýda: «Hany meniň topum?» diýip samrady.
Gapy ýene bat bilen kakyldy. Ylgap otaga giren Wernon daýynyň elindäki
sapançasyny görüp, onuň hälki torbasynyň içindäki zadyň nämedigine diňe indi
düşündiler.
Ol gele-gelmäne:
38
— Kimsiň? Kimem bolsaň duýdurýan, meň elimde ýaragym bardyr! — diýip
gygyrdy.
Onuň bu sözleri aýdanyna mähetdel düňküldi birbada galan ýaly bolsa-da,
birden işik bat bilen depildi-de, gapy petlesinden sypyp, ala-şakyrdy bolup, aşak
gaýtdy.
Işikde dünýäde iň äpet adam peýda boldy. Onuň ýüzüni tutuş diýen ýaly
hüžžerip duran uzyn sakgal tutup durdy. Muňa garamazdan, onuň tüýlek ýüzünde
ýylpyldap duran gözlerini saýgarsa boljakdy.
Äpet adam iki eplenip, içerik giren badyna ýerde ýatan gapyny galdyrdy-da,
ony öňki ýerine oturtdy. Bu wagta çenli gomuň sesem biraz ýatyşypdy. Gapyny
ýerine goýansoň, külbäniň içindäkilere göz aýlan Äpet:
— Men uzak ýoldan ýadap geldim. Maňa bir käse çaý hödürläp bilermisiňiz?
— diýip, gorkudan ýaňa doňan Dadliniň oturan diwanyna ýakynlaşdy.
Soňra:
— Tur ýeriňden, çişik — diýip, oňa azgyryldy.
Dadli süýşenekläp, Wernon daýynyň ýeňsesinde gizlenen ejesine tarap
okduryldy.
— O-ho, Harri! — diýen Äpediň rehimsiz, gaharly ýüzüne garan Harri onuň
gözleriniň begençden ýaňa uçganaklap durandygyny gördi.
— Seni soňky gezek göremde kiçijik çagajykdyň. Hawa, ýüz keşbiň kakaňka
meňzese-de, gözleriň edil ejeňki ýaly.
Ol bu sözleri aýdyp-aýtmanka, Wernon daýy:
— Şu ýerden häziriň özünde gitmegiňizi talap edýän. Kim size gapyny
döwmäge, içerik girmäge rugsat berdi?! — diýip, gytyljak ses bilen gygyrdy.
— Gapylsana, Darsli — diýip, Äpet oturan ýerinden uzanyp, Wernon daýynyň
sapançasyny elinden kakyp aldy-da, ony oýnawaç ýaly ikä bölüp, bir burça zyňyp
goýberdi.
Wernon daýy depesinden basylan syçan ýaly geň ses çykardy.
Darslilere arkasyny öwren Äpet:
39
— Hawa, Harri, doglan günüň gutly bolsun! Men saňa tortjagaz getirdim.
Bilmän üstünde oturdymam welin, onda-da diýseň tagamlydyr — diýip, eginbaşynyň
içki jübüsinden biraz ýemşeren tort gutusyny çykardy. Titreýän elleri bilen gutynyň
agzyny açan Harri onuň içindäki «Doglan günüň gutly bolsun, Harri» diýen ýazgyly,
şokoladly torty gördi.
«Sag boluň!» diýmek üçin kellesini galdyrandygyna garamazdan:
— Siz kim bolarsyňyz? — diýen sözleriň nädip agzyndan çykandygyny
duýman galdy.
— Ýogsa-da, men saňa kimdigimi aýtmandyrynam. Men Hogwartsyň hem-de
onuň açarlarynyň gözegçisi — diýip, ol mähnet eli bilen Harriniň çepiksije elini
gysdy.
— Meň çaýly meseläm nähili boldy? Gapdalyndan çaý bolmasa, tortuň tagamy
bolmaz — diýen Äpediň nazary içinde mürşeren çipsi gaplaryndan başga ýekeje-de
odun bolmadyk buhar pejinde saklandy. Soň ol gaharly hüňňürdedi-de, buhary pejine
ýakynlaşdy. Onuň näme edendigini görüb-ä bilmediler welin, birden buhary pejiň
içinde alawlap ot ýanyp başlady. Pejiň ýylysy otagyň içine-de, Harriniň tutuş
süňňüne-de ýaýrap gitdi. Ol özüni edil ýylyja suwa çümüp çykan ýaly duýdy.
Agramyna zordan çydaýan diwanyň üstünde gaýtadan oturan Äpet geýiminiň
jübüsinden her dürli zatlary: mis gazanjygy, bir topbak myssaryp giden büzmeçleri,
kebap çişlerini, çäýnekdir gyrasy ýemşeren birnäçe kürüşgäni, sary reňkli suwuklyk
guýlan bir çüýşäni çykardy-da, onuň bokurdagyny özüniň giň agzyna sokup, çaý
goýmazdan ozal bir gezek owurtlady. Tiz wagtdan gyzaryp ugran büzmeçleriň
jazlaýan sesi hem ýakymly ysy külbäniň içine ýaýrap gitdi. Onuň nahar bilen
güýmenip duran wagty oturanlaryň hiç haýsysyndan ses çykmady. Diňe çişlere
düzlüp bişirilen büzmeçleri aýryşdyran mahaly, Dadli ýuwdunyp ýerinden gozgandy.
Wernon daýy:
— Onuň elinden ýekeje zadam alaýmagyn, Dadli - diýip çasly gygyrdy.
Äpet:
— Alada etme, Darsli! Ogluňy mundan artyk semredip bolmaz — diýip güldide, büzmeçleri Harrä uzatdy. Gaty ajygan Harri häzir ömründe beýle tagamly nahar
iýip görmedik ýalydy.
40
Ýöne ol entegem Äpetden gözüni aýryp bilenokdy. Ahyry özüne hiç zat
düşündirilmejegine göz ýetiren Harri:
— Bagyşlaň, siz kim bolarsyňyz? — diýip, Äpede ýüzlendi.
Ol çaýdan owurtlap, eliniň tersi bilen agzyny süpürdi-de:
— Hemmeleriň atlandyryşy ýaly, maňa Hagrid diýip ýüzlenip bilersiň.
Onsoňam, hälki aýdyşym ýaly, men Hogwartsyň açarlarynyň gözegçisi. Hogwarts
hakda-da sen ähli zatlary bilýänsiň.
— Ýok, men-ä hiç zat bilemok.
Hagridiň özüne gözlerini petredip seredendigini gören Harri oňa:
— Bagyşlaň! — diýdi.
— Näme? Men seni bagyşlamalymy? — diýen Hagrid gorkudan ýaňa ýere
giräýjek-giräýjek bolýan Darslilere gaharly seretdi.
— Bu ýerde bagyşlanmaly adamlar sen däl, olar. Men seniň iberilýän hatlary
almaýandygyňdan habarly bolsam-da, Hogwarts hakda hiç zat bilmeýänsiň
öýtmeýärdim. Sen hiç haçan ejeň bilen kakaň onça zatlary nireden öwrenendigi
hakda pikirlenmediňmi?
Harri:
— Nähili zatlary? — diýip sorady.
— Nähili zatlary diýýäňmi? Sen biraz garaş hany — diýen Hagridiň gahary
ýetjek derejesine ýetdi. Ol külbäni ýumurarly görünýän äpet göwresini silkip, hut
häzir başarsalar diwaryň içine siňip gitmäge taýýar bolan Darslilere seretdi-de:
— Siz «Bu oglanjyk hiç zat bilenok» diýjek bolýaňyzmy?! — diýip azgyryldy.
Onuň bu sözlerine Harri öz ýanyndan «Bu öte geçmek bolýar» diýip pikirlendi.
Her zat-da bolsa, ol mekdepde okady ahyryn. Onuň bahalaram erbet däldi.
— Meniňem käbir bilýän zatlarym bar, matematikadanam, beýleki
derslerdenem başym çykýar.
Hagrid jogap bermegiň deregine oňa tarap elini salgady-da:
— Seň biziň dünýämiz hakda, seniň, meniň we öz eneň-ataň dünýäsi hakda
bilýän zadyň barmy?! — diýip sorady.
41
— O nähili dünýä?
Hagrid gahardan ýaňa ýarylarly göründi.
— Darsli!
Ýüzi duw-ak bolan Wernon daýy bir zatlar samrady.
Hagrid:
— Ýöne sen öz eneň-ataň hakda, olaryň tanymal adamlar bolandygy hakda
hökman biläýmeli ahyryn — diýip, Harriniň ýüzüne çiňňerildi.
— Näme? Ýöne, meň enem-atam tanymal adamlar däldi ahyryn?
— Diýmek, sen hiç zat bileňok-da? — diýip, ol Harrä geň galyp seredip
durşuna, barmaklary bilen saçyny daraklady. — Sen öz kimdigiňden beri habaryň
barmy?
— Bes et indi! Sen oglana mundan başga hiç zat aýtmarsyň — diýip, birden dil
açan Wernon daýy gygyrdy.
Şol wagt Wernon daýynyň ýerinde başga bir towşanýüregräk adam bolanda,
Hagridiň gazaply bakyşlaryndan ýaňa dilini ýuwudardy.
— Sen hiç zat aýtmansyň, hatda Dambldoryň onuň üçin goýup giden haty
barada-da dil ýarmansyň. Darsli, men Dambldoryň hat goýup gidendigini öz gözüm
bilen gördüm ahyryn. Sen bolsa şunça ýylyň dowamynda ondan ähli zady gizläp
saklapsyň — diýende, onuň sesi gahardan ýaňa sandyrap gitdi.
— Ol menden nämäni gizläpdir? — diýip, Harri bilesigelijilik bilen sorady.
Şol pursat Wernon daýy:
— Ýok, hiç zat gürleme. Men saňa geplemegi gadagan edýän — diýip,
howsala düşen bolsa, Petunýa daýza gorkudan ýaňa içini çekdi.
— Sesiňiz çykmasyn! — diýip, Hagrid olara tarap elini galgadyp goýberdi.
Soň Harrä seredip:
— Sen jadygöý — diýdi.
Külbäniň içine ümsümlik aralaşdy. Häzir diňe tolkun atýan deňiz bilen ýeliň
sykylygy eşidilýärdi.
42
Harri:
— Näme? — diýip, gözlerini petretdi.
— Hakykatdanam, sen jadygöý — diýip, Hagrid ýene-de agramyna zordan
çydaýan diwanyň üstünde oturdy. — Özi hem gaty güýçli jadygöý. Öň eneň-ataňam
saňa jadygöýligi biraz öwredipdi. Onsoňam, seňki ýaly enesi-atasy bolan adam
jadygöý bolman, başga kim bolsun diýsene?! Me, al, indi hatyňam okaýsaň boljak.
Harri ahyry ýüzüne «Jenap Harri Potter, Pol, Gaýanyň ýüzündäki külbe,
Deňiz» diýlip ýazylan sarymtyk bukjany eline aldy. Bukjadan haty çykardy-da,
okamaga durdy:
«HOGWARTS
MEKDEBI
ADYNDAKY
JADYGÖÝLIK
WE
GÖZBAGÇYLYK
Müdir: ALBUS DAMBLDOR.
(Merlin ordenli, birinji we ýokary derejeli, öňdebaryjy jadygöý, Uly Magistr,
Jadygöýleriň konfederasiýasy)
Gadyrly jenap Potter!
Biz siziň Hogwarts adyndaky jadygöýlik we gözbagçylyk mekdebine kabul
edilendigiňizi habar berýäris. Hatyň ýany bilen gerek bolan kitaplaryň hem okuw
esbaplarynyň sanawyny iberýäris.
Okuw l-nji sentýabrda baslanýar. Sizden iň soňky senä, ýagny 3-nji iýula çenli
baýguşy ibermegiňizi haýyş edýäris.
Hormat bilen,
Minerwa Makgonagal, müdiriň orunbasary».
Kellesinde dörän sansyz soraglaryň haýsysyndan başlajagyny bilmedik Harri:
— «Baýguşy ibermegiňizi haýyş edýäris» diýilmegi nämäni aňladýar? — diýip
sorady.
— Ýatladanyň gowy bolaýdy — diýip, Hagrid daýaw aty hem agdaryp biljek
güýç bilen maňlaýyna kakdy-da, eginbaşynyň içki jübüsinden diri, hakyky, özem
biraz tagaşyksyz görünýän baýguşy hem-de kiçiräjik kagyz bölegini çykardy. Ol
dilini dişläp, kagyz böleginiň ýüzüne bir zatlar ýazyp başlady. Harrä onuň ýazan
ýazgysyny ýokardan aşaklygyna okamak başartdy.
43
«Gadyrly professor Dambldor ,
Harrä hat gowşuryldy. Ertir ony gerek zatlaryny satyn almaga äkitjek. Howa
gaty ýaramaz. Siziň ýagdaýlaryňyz gowudyr diýip umyt edýän.
Hagrid».
Elindäki kagyz bölegini birnäçe gat edip eplän Hagrid baýguşyň ýanyna
golaýlaşdy-da, haty çokjasyna gysdyryp, ony gomlaryň içine oklap goýberdi, Soňra
ol göýä telefonda gürleşip gelen ýaly, öňki ýerine geçip oturdy. Onuň bu
hereketlerine haýran galmakdan ýaňa Harri agzyny açyp otyrdy.
— Hawa, onsoň men nämäniň gürrüňini edýärdim? — diýip, Hagridiň hälki
gürrüňiniň yzyny dowam etdirjek bolanam şoldy welin, henizem gahardan ýaňa ýüzi
çym-gyzyl bolup duran Wernon daýy olara ýakynlaşdy-da:
— Ol hiç ýere gitmez — diýdi.
— Seniň ýaly magl ony saklap biler öýdýäňmi?
— Magl diýdigiň näme bolýar? — diýen Harri gyzyklanyp sorady.
— Adaty adamlary biz magl diýip atlandyrýas. Gynansak-da, sen magl adyna
iň bir mynasyp adamlaryň arasynda ulalmaly bolduň.
— Biz Harrini öýümize salanymyzda ondaky bidereklikleriň ählisini ýok
etmek hakda özümize söz beripdik. Şol sözümizde tapyljakdygymyza şek-şübhäň
bolmasyn. Oň jadygöý bolaýşyny?! — diýip, Wernon daýy janyýangynly gepledi.
Daýysynyň sözlerine geň galan Harri:
— Diýmek, siz meniň jadygöýdigimi bilýän ekeniňiz-dä? — diýip soran
badyna:
— Elbetde, bilýärdik — diýip, gaharly geplän Petunýa daýza gürrüňe goşuldy.
— Sen öz ejeňe meňzemän, başga kime meňzejek diýsene?! Meň gadyrdan
uýajygymam edil seňki ýaly okuwa çakylyk hatyny alyp, şol mekdebe gidipdi. Ol öýe
diňe dynç alyş günlerinde eli dürli-dümen oýunjakly dolanyp gelerdi, kürüşgeleri
syçana öwrerdi. Maşgalamyzda diňe men onuň aldawçydygyny bilýärdim. Ýöne ejem
bilen kakam üçin ol Lili jandy. «Lili eýle, Lili beýle» diýşip, ahyrsoňy öz
maşgalalarynda-da jadygöýiň peýda bolandygyna guwanardylar...
44
Birden geplemesini goýup, uludan demini alan Petunýa daýza häzir göýä
köpden bäri gizlin saklap, aýdyp bilmedik zatlaryny aýdyp, içini sowadan ýaly
görünýärdi.
Soňra ol:
— Uýajygym mekdepde Pottere duşdy-da, oňa durmuşa çykyp, başga bir
şähere göçüp gitdi. Onsoň sen peýda bolduň. Men seňem edil ejeň ýaly, geň, kemakyl
boljagyňy bilýärdim. Soňra uýajygym kimdir biri tarapyndan öldürildi-de, seni biziň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.