Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02

Total number of words is 3727
Total number of unique words is 1928
33.9 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
55.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Dambldor, gijäňiz rahat bolsun!
Hagrid motosikline münüp, ony işledeninden soň, asmana göterildi-de,
tümlüge siňip gitdi.
— Ýene görüşýänçäk! — diýip, Dambldor häzir hem gözüne ýaş aýlap duran
professor Makgonagala sagbollaşýan şekilde baş atdy. Soň yzyna öwrülip, köçäniň
gyrasy bilen ýöräp gaýtdy. Ýöne öwrüme ýetende birden saklandy-da, ýektaýyndan
kümüş çaýylan jadyly taýajygyny çykaryp, howada eýläk-beýläk galgatdy. Şol
14
pursatda köçe çyralarynyň on ikisi hem ýanyp, öňküsi ýaly Praýwet Draýw köçesini
ýagtylandyrdy. Bu bolsa köçäniň beýleki tarapynda ýöräp barýan pişigi ätiýaçly
hereket etmäge mejbur etdi.
Dambldor ýene iň soňky gezek dördünji jaýyň gapysynyň öňünde ýorganyna
basyrylyp ýatan oglanjyga tarap seretdi,
— Ýene görüşýänçäk, hoş, Harri! — diýip pyşyrdady-da, ýektaýyny galgadyp,
göz açyp-ýumasy salymda gaýyp boldy.
Şol pursat assaja şemal täsinlikleriň iň bir garaşylmaýan ýeri bolan Praýwet
Draýw köçesiniň gök aýmançalaryny sypalap geçdi. Harri Potter bir eljagazy bilen
haty ýapyp, ýorganynyň içinde beýlesine agdaryldy. Süýji ukuda ýatan bu oglanjyk
häzir özüniň üýtgeşik adamdygyndanam, tanymaldygyndanam, ýene birki sagatdan
süýtden boşan çüýşeleri daşaryk çykarjak bolup gapyny açjak daýzasynyň çirkin sesi
zerarly oýanjakdygyndanam, birnäçe hepdäniň dowamynda öz çykany Dadliniň ony
çümmüklejekdiginden, dürtgelejekdiginden, edil şu pursat ýurduň iň bir gizlin
ýerlerinde ýygnanyşan adamlaryň «Harri Potteriň şanyna! Diri galan oglanjygyň
saglygyna!» diýşip, bada göterýändiginden bihabardy.
2-nji bap: ÝITIRIM BOLAN AÝNA
Darslileriň ir bilen oýanyp, ýegenini gapynyň öňünde tapanlaryndan bäri
eýýäm on ýyla golaý wagt geçipdi. Bu wagta çenli Praýwet Draýw köçesinde hiç hili
üýtgeşiklik bolmady. Gün edil öňküsi ýaly kiçiräk baglaryň depesinde gömerdide,
Darslileriň dörtlük belgili gapylaryna ýagty saçyp, ýuwaşlyk bilen jenap Darsliniň
baýguşlar hakdaky täzelikleri diňlän gününden bäri düýbünden üýtgemedik myhman
jaýyna süýşerdi. Diňe buhary pejiň tekjesiniň üstünde goýlan suratlar şol günden bäri
näçeräk wagtyň geçendigini görkezýärdi On ýyl mundan ozal bu tekjede kellesi alamula papaklyja, gyzyl topjagaza meňzäp duran oglanjygyň suratlary duran bolsa, indi
bu ýerde gür sary saçly uzyn oglanyň öz ilkinji tigrini sürşi, aýlanýan hiňňildikde
uçuşy, kakasy bilen kompýuterde oýun oýnaýşy, ejesiniň ony ogşap, gujaklap durşy
şekillendirilen suratlar bardy. Emma bu öýde ýene bir oglanjygyň ýaşaýandygyny
habar berýän ýekeje-de alamat ýokdy.
Harri Potter entegem şol öýde ýaşaýardy, häzir ol süýji ukuda ýatyrdy. Ýöne
eýýäm oýanan Petunýa daýzasynyň çirkin sesi zerarly onuň ukusy uzaga çekmedi.
15
— Tur! Häziriň özünde tur!
Harri ýalpa gözüni açdy.
— Tur diýdim saňa! — diýip, daýzasy ýene gapyny kakdy.
Harri onuň aşhana dolanandygyny, pejiň üstünde sajy goýup, bir zatlar bişirip
başlandygyny eşitdi . Arkan ýatyp, uçýan motosikl hakda ýap-ýaňy gören düýşüni
ýadyna salmaga çalyşdy. Bu düýşi ol öňem gören ýalydy.
Daýzasy ýene gapynyň aňyrsynda peýda boldy.
— Sen henizem turmadyňmy?
— Turdum diýen ýaly.
— Çaltrak tur. Bişip duran kakmaja seret. Özem ýakaýmagyn. Dadliniň doglan
gününde ähli zat kemçiliksiz bolmalydyr.
Harri bir zatlar samrady.
— Näme diýdiň? — diýip, daýzasy ýene gapyny kakdy.
— Hiç zat, hiç zat.
Ol nädip bu gün Dadliniň doglan günüdigini unutdyka? Harri ýuwaşlyk bilen
düşeginden turup, joraplaryny gözledi. Ahyry düşeginiň aşagyndan tapdy-da, bir
taýynyň üstünde aýlanyp ýören möýi kakyşdyryp, aýagyna geýdi. Harri munuň ýaly
ýagdaýa öwrenişipdi. Sebäbi basgançaklaryň aşagynda ýerleşýän geýim saklanýan
ammarça mydama möýden doludy. Bu ammarça onuň ýatýan ýeridi.
Ol geýnip, aşhana bardy. Stoluň töweregi Dadliniň sowgatlaryndanýaňa hyryndykyndy. Daşyndan garanyňda, Dadlä täze kompýuter, ýene bir telewizor hem-de
tigir sowgat berlen ýalydy. Çümmüklemegi gowy görse-de, hereket etmegi
halamaýan çişik Dadlä tigriň nämä gerekdigi Harri üçin düşnüksizdi. Dadli ejizleri
urmagy gowy görýärdi, esasy ýumruk ýassygam Harridi, ýöne aşa semizligi köplenç
Harriniň yzyndan ýetmäge päsgel bererdi.
Harri elmydama öz ýaşyndan has hor hem kiçi görünýärdi. Bu onuň
ammarçada ýaşaýandygyndanam bolmagy mümkindi, ýöne munuň esasy sebäbi
Harriniň hemişe özünden dört esse daýaw Dadliniň köne eşiklerini geýýänligindedi.
Harriniň inçe ýüzi, bogun-bogun dyzlary, gara saçy, açyk mawy gözleri hem-de
16
Dadliniň burnuna pitiklemelerinden ýaňa döwlüp, soň ýelmeç ýelmenip bejerilen
tegelek äýnegi bardy.
Harri öz daş keşbindäki ýekeje zady gowy görýärdi, ol hem maňlaýyndaky
ýyldyrym şekilli ýara yzy. Bu ýara yzy onda özüni bileli bäri bardy, onuň dil açyp,
daýzasyna beren ilkinji sowaly hem maňlaýyna bu ýara yzynyň nädip düşendigi
hakda bolupdy.
Şonda daýzasy:
— Bu ýara yzy eneň-ataň aradan çykmagyna sebäp bolan ulag çaknyşygyndan
soň galypdyr. Indi menden zat sorama — diýip jogap beripdi,
Sowal bermezlik Darslileriň parahat durmuşynyň birinji kanunydy.
Harri tabakdaky kakmajy agdaryşdyryp durka aşhana giren Wernon daýysy her
günki endigine görä:
— Saçyňy dara! — diýip, oňa azgyryldy.
Hepdede bir gezek diýen ýaly Wernon daýysy okap oturan gazetiniň üstünden
seredip, Harriniň saçynyň gysgaldylmalydygyny aýdardy. Dogrudan-da,
synplaryndaky ähli oglanjyklaryň içinde iň ösgün saçlysy Harridi. Ýöne
kiçeldeniňde-de, kiçeltmäniňde-de, barybir, onuň saçlary mydama bulaşykdy.
Harri ýumurtga çakyp durka, ýüzi edil kakasynyňky ýaly gyzaryp, kiçijik
gözleri bolsa ýaşaryp duran, gysga boýunly, uly kellesinde endigan ösýän gür, sary
saçly Dadli ejesi bilen içerik girdi
Petunýa daýzasy köplenç Dadliniň kiçijik perişdä meňzeýändigini aýtsa, Harri
onuň ötürme saçly doňza meňzäp durandygyny aýdardy.
Sowgatlardan ýaňa aşhananyň içinde eýläk-beýläk ýöremek kyn hem bolsa,
Harri etli-ýumurtgaly tarelkalary stolda goýuşdyrdy. Dadli bolsa sowgatlaryny
sanamaga başlady. Ýöne birden onuň ýüzi has-da gyzaryp, ejesine hem kakasyna
seretdi.
— Otuz altymy? Geçen ýylkydan iki sowgat kem.
— Ýöne, balam, sen Marj daýzaň sowgadyny sanamadyň ahyryn. Ol, hanha,
ýüzüne «Ejeňden hem kakaňdan» diýlip ýazylan ullakan gutynyň aşagynda dur.
17
— Bolýar, otuz ýedi. Şonda-da biri ýetenok — diýende, Dadliniň ýüzi
öňküsinden-de gyzardy.
Muny gören Harri naharyny çalasynlyk bilen iýmäge başlady. Sebäbi Dadliniň
gahary gelende stoly agdaraýmak gylygy bardy.
Petunýa daýzasy hem howpuň golaýlaşýandygyny aňan bolarly, ol:
— Häzir gezelenje gidenimizde, men saňa ýene iki sany sowgat alyp beräýerin.
Bolýarmy, tyňkyjam? Ýene iki sany artykmaç sowgat. Şeýtsek bolarmy? — diýip,
çalt-çalt gürledi.
Dadli agyr bir meseläni çözjek bolýan ýaly, biraz pikirlenip durdy.
Ahyrsoňy pessaý ses bilen:
— Diýmek, meň otuz, otuz... — diýdi,
— Otuz dokuz, meniň balajygym — diýip, Petunýa daýza onuň sözüni
soňlady.
— Hä, onda bolýar — diýip, ejesiniň teklibinden soň biraz köşeşen Dadli
haşlap aşak oturdyda, golaýdaky gutularyň birini eline aldy.
— Kiçijik şeýtanjyk, edil kakasy ýaly bolup, ilki bilen, iň gymmat zada
ýapyşýandyr — diýip, Wernon daýy Dadliniň saçyny sypalady.
Edil şol wagt telefon jyňňyrdady. Harri Wernon daýysy bilen Dadliniň tigriň,
wideokameranyň, pultly uçaryň, on alty sany kompýuter oýnunyň hem-de altyn
sagadynyň daşyna oralan kagyzlary ýyrtyşdyryşyny synlap durka, Petunýa daýzasy
telefona jogap bermäge gitdi. Ýöne ol, näme üçindir, aşhana aladaly hem gaharly
dolanyp geldi.
— Habarlar-a gowy däl, Wernon. Hanym Fig aýagyny döwdüripdir. Şu wagt
jaň edip, oňa gözgulak bolup bilmejegini aýtdy — diýip, ol Harrä tarap ümledi.
Onuň aýdanlaryna Dadli gözlerini petreden bolsa, Harriniň ýüregi böküp gitdi.
Her ýyl daýzasy bilen daýysy doglan gününde Dadlini hem onuň dostuny oýun
seýilgähine, gamburger garbanyşhanasyna we kinoteatra alyp giderdiler. Her gezek
hem Harrini iki köçe aňyrda ýaşaýan hanym Fig atly garry aýalyň öýünde goýardylar.
Ol kelemiň ysy gelip duran şol öýi hiç halamazdy. Hanym Fig hem her gezek ony
häzire çenli saklan pişikleriniň ählisiniň suratlaryny görmäge mejbur ederdi.
18
— Indi näme ederis? — diýip, Harriniň çaklaýşy ýaly, Petunýa daýzasy
adamsyndan sorady.
Harri hanym Figiň aýagyny döwdürendigine gynanmalydygyny bilýärdi. Ýöne
Tibli, Garjagaz, jenap Penje, Tafti atly pişikleriň suratlaryny görmejekdigi ýadyna
düşende, begenenini duýman galdy.
— Biz ony alyp galmagy Marjdan haýyş edip bilerdik — diýip, Wernon
daýysy teklip etdi.
— Ýok, ol oglanjygy ýigrenýär ahyryn — diýip, Petunýa daýzasy jogap berdi.
Darsliler mydama Harri öýde ýok ýaly ýa-da hiç zada düşünmeýän ýaly, ol
hakda islänlerini aýdardylar.
— Ady nämed-äýt şoň, seň bir joraň bar-da?! Hä, Iwonna! Şoňa goýup gitsek
näme?
— Ol Maýorkada dynç alyp ýör.
— Siz meni öýde goýup gitseňizem bolardy — diýip, Harri özi bilen
razylaşarlar diýen umyt bilen teklip etdi. Onuň telewizorda islän zadyny görüp, ýa
bolmasa Dadliniň kompýuterinde oýun oýnasy gelýärdi.
Emma Petunýa daýzasy oňa ýüzüni edil häzir turşy limon ýuwudan ýaly
kürşerdip seretdi.
— Sen näme, «Maňa öýi ýumurmaga mümkinçilik ber» diýýäňmi?
Harriniň:
— Men öýi ýaraýasym ýog-a — diýip, jogap berendigine garamazdan, ony
diňlänem, eşidenem bolmady.
— Belki, biz ony ýanymyz bilen haýwanat bagyna äkidip, ulagda goýup
gideris — diýip, Petunýa daýzasy ýuwaşlyk bilen adamsyna ýüzlendi.
— Men ýaňyja alan täze ulagymda onuň ýeke özüni goýup gidip bilmen...
Şol wagt Dadli çirkin-çirkin gygyryp, aglamaga başlady. Ol ýalandan
aglaýardy. Çyny bilen aglanyndan bäri ep-esli ýyl geçen bolsa gerek. Ol ýöne ýüzüni
kürşerdip, pesräk bagyryp aglamaga dursa, ejesiniň islän zadyny etjekdigini bilýärdi.
19
— Aglamasana, balam, Dadli janym. Ejeň hiç kime seň doglan günüňi
bulamaga ýol bermez — diýdi-de, Petunýa daýza gollaryny gerip, çişik ogluny
gujaklady.
— Men onuň ý-ý-ýanymyz bilen g-g-gitmegini islä-ämok. Ol mydama ähli
zady zaýalaýa-ar — diýip, Dadli ýalandan aglap, gygyryp durşuna, ejesiniň
gollarynyň arasyndan Harrä tarap seretdi-de, içýakgyç ýylgyrdy.
Edil şol wagt gapy kakyldy.
— Eý, Hudaý, olar geldiler — diýip, Petunýa daýza gapa ylgady. Az salymdan
Dadliniň iň gowy dosty Pirs Polkis öz ejesi bilen içerik girdi. Syçanyňky ýaly süýri,
bigörk ýüzli Pirs dosty Dadli oglanjyklary uranda, olaryň ellerini saklap berýänleriň
biridi. Dadli olary görüp, ýalan agysyny goýdy.
Bir ýarym sagatdan soň, bagtynyň çüwendigine ynanyp bilmeýän Harri
Darslileriň ulagynyň yzky oturgyjynda Dadli hem Pirs bilen oturyp, ömründe ilkinji
gezek haýwanat bagyna barýardy. Daýzasy bilen daýysy ony öz ýanlary bilen
haýwanat bagyna äkidäýmekden başga alaçlarynyň ýokdugyna düşünipdiler. Ýöne
öýden çykmankalar, Wernon daýysy ony bir gyra çekdi-de, ullakan gyzyl ýüzüni
Harriniň ýüzüne golaýlaşdyryp:
— Duýdurýan, oglanjyk, näme bolsa bolaýsyn, tapawudy ýok, eger ýekeje
gezek bolgusyz hereket edäýseň, Täze ýyla çenli ammarçadan çykman oturarsyň —
diýdi.
Harri:
— Meniň erbetlik etmek niýetim ýok. Çynymy aýdýan... — diýip, söz bersede, Wernon daýysy hemişekisi ýaly onuň aýdanlaryna ynanmady.
Aslynda seretseň, esasy mesele köplenç Harriniň töwereginde geň zatlaryň
bolup geçýänligindedi. Darslilere ol geňlikleri özüniň etmeýändigini aýdanyň
biderekdi.
Bir gezek Harriniň hemişekisi ýaly dellekhanadan saçyny asla kiçeltmedik ýaly
dolanyp gelmeginden halys bizar bolan Petunýa daýzasy gaýçysyny alyp, onuň
maňlaýyndaky ýara yzyny ýapar ýaly alyn saçyndan başga ähli saçyny düýbünden
gyrkyşdyrdy welin, ol edil kel adama meňzedi duruberdi . Dadliniň şol gezekki hezil
edip gülmegi, ozal hem döwük äýnegi we köne-küşül eşikleri üçin öz üstünden
gülünýän Harrä gaty agyr degdi.
20
Uzynly gije ertir nädip mekdebe gitjekdigi barada aladalanyp, wagty bilen
uklap bilmedik Harri irden turup, aýna seredende saçynyň edil öňküsi ýaly ösendigini
görüp haýran galdy. Daýzasydyr daýysyna saçynyň nädip beýle tiz ösendigine
özüniňem akyl ýetirip bilmeýändigini düşündirmäge çalyşsa-da, munuň üçin bir
hepdeläp geýim saklanýan jaýda oturmaly boldy.
Başga bir gezek bolsa, Petunýa daýzasy Dadliniň könelip giden melewşe
nokatly, betnyşan goňur jempirini Harrä geýdirjek boldy. Ýöne daýzasy jempiri
geýdirmäge synanyşdygyça, ol şonça-da kiçelýän ýalydy. Ahyry ol Harrä däl-de,
kiçiräk gurjaga boljak derejede kiçeldi. Bolsa-da, Petunýa daýzasynyň «jempir
ýuwlansoň girendir» diýip pikir etmegi bilen, Harri jezalandyrylman galypdy.
Ýene bir gezek mekdep aşhanasynyň üçegine münendigi üçin, Harri uly
kynçylyga sezewar bolupdy. Dadli bilen dostlary hemişekisi ýaly, özüni urjak bolup
kowalaýan mahaly, duýdansyz ýerden uçup, üçegiň üstüne galmagy Harrini haýran
galdyrypdy. Şonuň üçin mekdep direktory Harriniň jaýlara dyrmaşýandygyna arz
edip Darslilere hat ýazypdy. Harri ammarça salyp, daşyndan gulplan daýysyna diňe
bir gezek, mekdebiň hapadanynyň golaýynda bökendigini aýdyp, günäsiniň
ýokdugyny düşündirmäge eden synanyşygam netijesizdi. Böken wagty Harrini ýel
göterendir diýip çaklaýmakdan başga alaç galmandy.
Ýöne bu gün ähli zat gülala-güllükdi. Mekdepde ýa ammarçada, ýa bolmasa
hanym Figiň kelemiň ysy aňkap duran myhman jaýynda wagt geçireniňden, Dadli
hem Pirs bilen gezim edeniň müň esse gowudy.
Ulagyny sürüp barşyna Wernon daýysy bir zatlar hakda aýalyna zeýrenip
başlady. Aslynda işgärleri, Harri, ýygnak, Harri, bank, Harri hem başga zatlar hakda
zeýrenmek onuň gowy görýän pişesidi. Ýöne bu gün ol näme üçindir motosikller
hakda zeýrenýärdi.
— Warryldaşyp, halys ýürege düşýärler. Haý, bihepbeler! — diýip,
motosiklleriň biriniň özlerinden ozup geçenine gaharlanan Wernon daýysy käýindi.
Gören täsin düýşi ýadyna düşen Harri:
— Men gije düýşümde uçýan motosikl gördüm — diýdi.
Onuň bu sözlerini eşidip, öňündäki ulagy kakmakdan maşynyny zordan sowan
Wernon daýysy oturan ýerinden, doňzuňky ýaly, ullakan, murtly kellesini yza
öwürdi-de:
21
— Motosikller uçmaýar — diýip, Harrä azgyryldy.
Dadli bilen Pirs jykyrdaşdylar.
Harri:
— Menem olaryň uçmaýandygyny bilýän. Ýöne men gören düýşümi aýdyp
bermek isledim — diýip jogap berdi.
Ol Darslileriň ýanynda öz düýşi hakda söz açandygyna ökündi. Olar sorag
bermekden hem beter, iň bärkisi, düýşde ýa-da multfilmlerde bolup geçýän täsinlikler
hakda gürrüň edilse-de halamaýardylar. Sebäbi Harriniň kellesinde howply pikirleriň
peýda bolmagyndan gorkýardylar.
Güneşli dynç gününde maşgala bolup gelen adamlardan ýaňa haýwanat bagy
hyryn-dykyndy. Darsliler girelgede Dadli bilen Pirse şokoladly buzgaýmak satyn
aldylar, Harrini bir gyra çekip ýetişmänkäler, buzgaýmak satýan zenanyň ýylgyryp,
ondan näme isleýändigini sorandygy sebäpli, Harrä-de limon tagamly buzgaýmak
alyp bermeli boldular. Saçynyň reňki başga diýäýmeseň, edil Dadlä meňzäp duran bir
gorillanyň kellesini gaşaýşyny synlap durşuna, Harri elindäki buzgaýmagyny ýalap,
onuň tagamynyň gaty bir erbet hem däldigi hakda pikirlenýärdi.
Ol ömründe ilkinji gezek özüni şeýle bagtly saýýardy. Dadli hem Pirsiň
öýlänki nahar wagtyna çenli haýwanlary synlamakdan ýadap, hemişeki gowy göryän
pişelerine — ýene kowalamaga başlaýmagyndan howatyrlanan Harri olardan yzrakda
ýöräp, seresap bolmagy unutmaýardy. Haýwanat bagynyň restoranynda garbanyp
otyrkalar, Dadli öz buzgaýmagynyň azdygyny aýdyp, gahardan ýaňa gyzaryp
başlanda, oňa täzesini alyp beren Wernon daýysy Dadliniň iýmän goýan
buzgaýmagyny Harrä iýmäge rugsat berdi. Harri bu ajaýyp günüň uzagrak dowam
etmegini isledi.
Iýip-içip bolansoňlar, olar ýylanlary synlamaga gitdiler. Ýylanlaryň saklanýan
jaýynyň içi garaňky hem salkyndy. Diwaryň ýüzündäki hatar aýnalaryň aňyrsynda,
daşlaryň hem agaçlaryň arasynda her dürli alakadyr ýylanlar süýrenişip ýördi. Dadli
bilen Pirs hatda adamlary hem mynjyradyp biljek uly we ýogyn zäherli ýylanlary
görmek islediler. Dadli tiz wagtda kakasynyň ulagynyň daşyndan azyndan iki gezek
dagy aýlanyp, ony mynjyradyp biläýjek iň uly ýylany tapdy. Ýöne ýylan diýseň
tutuksy görünýärdi. Dogrusy, ol uklap ýatyrdy.
Dadli ýüzüni aýna degrip, ýylanyň gözleriňi gamaşdyryp barýan derisini synlap
durşuna:
22
— Ony ýerinden turar ýaly et — diýip, kakasyna buýurdy.
Wernon daýy barmaklary bilen aýnany kakdy. Emma ýylan gymyldajagam
bolmady.
Dadli:
— Ýene kak! — diýip gygyrdy.
Wernon daýy aýnany ýumrugy bilen kakdy. Ýylan bu gezegem oýanmady.
— Bu-la ýürekgysgynç-laý — diýip, Dadli aýnanyň öňünden aýtyldy.
Harri uzynly gün aýnany kakyp, arkaýyn ýaşamaga gün bermeýän adamlardan
başga ýoldaşy bolmadyk bu ýylan ýekelige çydaman ölen bolaýmasyn diýen pikir
bilen, ony ünsli synlady. Öz ýanyndan: «Şu jaýyň içindäki ähli adamlara tomaşa
bolanyňdan-a, günde diňe Petunýa daýzam gapysyny kakýan ammarçada ýatypturanyňam gowy bolsa gerek» diýip pikirlendi.
Ýylan birden gözüni açdy. Ol Harriniň kellesiniň deňine ýetýänçä haýaljykdan,
gaty haýaljykdan kellesini galdyrdy-da, gözüni gypdy.
Harri haýran galdy. Töweregine nazar aýlady. Hiç kimiň seretmeýändigine göz
ýetirensoň, Harri hem ýylana bakyp, gözüni gypdy.
Ýylanyň Wernon daýa hem Dadlä tarap ümleýşi, «Bular ýaly adamlary men
günde kän görýän» diýýän ýalydy.
Harri:
— Düşünýän-le. Seniň durmuşyň ýürekgysgynç bolsa gerek?! — diýip,
aýnanyň aňyrsyndan pyşyrdady.
Ol öz sözlerini ýylan eşidendir öýtmändi. Ýöne ol.
şekilde baş atdy.
«Hawa»
diýýän
Harri:
— Seniň aslyň nireden? — diýip sorady.
Ýylan guýrugy bilen aýnanyň gapdalyndaky «Braziliýa boasy» diýen ýazgyny
görkezdi.
Harri ýazgyny okap:
23
— Ol ýeri gowudymy? — diýip sorady.
Ýylan ýene ýazgyny görkezdi. Ol ýerde: «Ýylan haýwanat bagynda
ýetişdirilen» diýlip ýazylgydy. »
— Diýmek, sen hiç haçan Braziliýada bolup görmänsiň-dä?!
Ýylan razylaşýan şekilde ýene baş atdy. Ýöne
gykylyk olaryň ikisiniň hem zähresini ýardy.
duýdansyz ýerden çykan
— Dadli, jenap Darsli, bu ýylanyň edýän hereketlerine seretseňizläň!
Dadli ylgap gelşine:
— Aýryl ýoldan! — diýip, Harrini bir gyra itip goýberdi, Harri badyny saklap
bilmän, gaty ýere patlap düşdi. Şondan soňky wakalar göz açyp ýumasy salymda
bolup geçipdi. Ýaňam ýüzlerini aýna degrip duran Dadli bilen Pirs, sähel salymyň
içinde gorkudan ýaňa gygyryşyp, arkanlygyna ýykyldylar. Kellesini galdyran Harri
boa ýylanynyň daşyny gabap duran aýnanyň nirädir bir ýere ýitirim bolandygyny,
ýylanyň bolsa ýuwaşlyk bilen süýrenip ýere düşendigini görüp, içini çekdi. Äpet
ýylandan gorkan adamlar ala-goh bolşup, gapa tarap ylgaşdylar.
Harri öz deňinden geçip barýan ýylanyň hyşşyldaýan ses bilen «Men Braziliýa
gitjek. S-s-sag bol, amigo!» diýenini aýyl-saýyl eşitdi.
Ýylanlar öýüniň gözegçisi:
— Aýna... aýna niräýitirim boldy? - diýip, nämäniň nämedigine düşünip
bilmän haýran galdy.
Haýwanat bagynyň eýesi ötünç sorap durşuna, Petunýa daýza öz eli bilen
süýjüli çaý taýýarlap berýärdi. Pirs bilen Dadli henizem gorkudan aýňalyp bilmän,
titreşip, bir zatlar samraşyp otyrdylar. Ýylan olaryň deňinden geçip barýarka,
guýrugy bilen Dadliniň aýagyna bary-ýogy ýuwaşja kakandygyny Harri görüpdi,
emma Wernon daýysynyň ulagyna münenlerinde, Dadli ýylanyň aýagyndan
çakandygyny, Pirs bolsa onuň özüni bogjak bolandygyny aýdyp, ant içip, awy
ýalaýardylar. Harri üçin iň erbet ýeri hem, biraz köşeşensoň, Pirsiň: «Harri ýylan
bilen gürleşip durdy. Şeýle dälmi, Harri?» diýmegi boldy.
Pirsi sag-aman öýüne eltýänçä sesini çykarmadyk Wernon daýysy, öýe
gelenlerinden soň:
24
— Bar, git... ýeriňe... Şu gün... saňa... nahar ýok! — diýip, gahardan ýaňa
zordan gürledi. Ol agyr göwresini oturgyja goýberdi Petunýa daýzasy köşeşer ýaly
oňa ullakan bulgurda brendi içgisini getirip berdi.
Harri elinde sagadynyň ýoklugyndan erbet kösenýärdi. Sebäbi ol Darslileriň
ählisiniň uka gidendigine doly göz ýetirmese, biraz garbanmak üçin aşhana barmaga
milt edip biljek däldi.
Ene-atasy ulag heläkçiliginde wepat bolaly bäri Darslileriň maşgalasynda
ýaşap ýörenine on ýyl doldy. Bu on ýylyň içinde onuň görmedik kynçylygy ýokdy.
Ene-atasy heläk bolanda özüniň olaryň ýanynda bolandygy ýa bolmandygy
onuň asla ýadyna düşenokdy. Ýöne ammarçasynda birnäçe sagatlap pikirlenip ýatýan
mahallary Harriniň göz öňünde birden gözüňi gamaşdyryp barýan gök ýagtylyk
janlanýan bolsa, başga wagt maňlaýyny ýakyp barýan ýiti agyry onuň tutuş bedenine
ýaýrap giderdi.
Her gezek bu ýagdaý ulag heläkçiligi bilen bagly bolaýmasyn diýen netijä
gelse-de, bu ýagtylygyň nireden peýda bolýandygyna asla düşünenokdy. Harri ejesi
bilen kakasynyň daş keşbini hiç ýadyna salyp bilenokdy. Daýzasy bilen daýysam olar
hakda hiç zat aýdyp berenokdylar. Olara bu barada sowal bermegem bolanokdy.
Öýüň içinde Harriniň ejesi bilen kakasynyň suratam ýokdy.
Harri kiçiräkkä hemişe nähilidir bir zadyň özüni bu ýerlerden alyp gitjekdigi
hakda düýş görerdi. Ýöne ol düýşler hiç hakykata öwrülmedi, Darsliler onuň ýeke-täk
maşgalasy bolup galdy. Ýöne kämahal köçeden geçip barýan adamlar oňa özüni
tanaýan ýaly bolup görnerdi (mümkin, ol munuň şeýle bolmagyny isleýändir). Özem
olar gaty täsin adamlardy. Bir gezek kiçijik melewşe papakly bir adam Petunýa
daýzasy hem Dadli bilen dükanda aýlanyp ýörkä, oňa seredip, başyny egdi. Harri
Petunýa daýzasyndan: «Siz bu adamy tanaýaňyzmy?» diýip soranda, Petunýa
daýzasy hiç zat satyn alman, oglanlary alyp, dükandan alňasap çykyp gaýtdy. Bir
günem awtobusda otyrka, durşuna ýaşyl geýnen bir aýal oňa elini galgatdy. Ertesi
gün köçeden ýöräp barýarka, uzyn ýektaýly bir kel adam onuň bilen elleşip
salamlaşdy-da, hiç zat aýtman gidiberdi. Iň täsin ýeri hem, olaryň şol bada gürümjürüm bolýanlygydy.
Mekdepde Harriniň dosty ýokdy. Okuwçylaryň ählisi Dadliniň tirkeşýän
toparynyň köne-küşül eşikli, döwük äýnekli Harri Potteri halamaýandygyny bilýärdi.
Olaryň hiç haýsysy hem bu topara garşy çykmaga milt edip bilmeýärdi.
25
3-nji bap: KIMDEN GELÝÄNI NÄBELLI BOLMADYK HATLAR
Äpet boa ýylanynyň daşyny gabaýan aýnanyň ýitirim bolany sebäpli, Harri
ömründe ilkinji gezek şeýle uzak möhlete jezalandyryldy. Oňa ammarçadan çykmaga
rugsat berilýänçä, tomus dynç alyş möwsümi ýetip geldi. Dadli eýýäm özüniň täze
wideokamerasyny, pultly uçaryny döwüpdi, tigrini sürmäge synanyşan ilkinji
gününde bolsa, pişege daýanyp, köçeden geçip barýan hanym Figi kakypdy.
Mekdepde okuwyň tamamlanandygyna garamazdan, günde diýen ýaly
Dadlilere gelip-gidýän oglanlardan Harrä gün ýokdy. Pirs, Dennis, Malkolm, Gordon
dagy hem daýaw we akmakdy welin, bu topara ýolbaşçylyk edýän Dadli olardan
beter daýaw hem has akmakdy. Onuň toparyndakylaryň ählisi-de «Harrini urmak»
atly oýna höwesekdi.
Şol sebäpli hem Harri gününiň aglaba bölegini öýden daşrakda aýlanyp,
tomusky dynç alyş döwri tamamlanandan soň, azajyk hem bolsa umyt şöhlesini
döredýän ýöriteleşdirilen mekdepde okuwa başlajakdygy hakda pikirlenip geçirýärdi.
Pirs Polkis bilen Dadli öň Wernon daýysynyň okap bilim alan Smeltings hususy
mekdebine kabul edilendigi sebäpli, Harri sentýabr aýyndan ýerli Stounwol Haý
mekdebine ilkinji gezek Dadlisiz ýeke özi gatnap başlamalydy.
— Stounwol mekdebinde okuwçylaryň kellesini hajathananyň deşigine
dykýarmyşlar. Öňünden taýýarlanmak isläňokmy? — diýip, Dadli onuň üstünden
güljek boldy.
Harri:
— Ýok, sag bol! Görgüli hajathananyň ýapbaşyk deşiklerine seniň kelläň ýaly
ýürekbulanjy zatlar sokulýan däldir-le. Aý, bu çişikligiňden ýaňa kelläňem sygmaz.
Eger sokaýsaň, görgüli hajathana dykylyp gider — diýdi-de, Dadli öz sözleriniň
manysyna düşünmänkä, ol ýerden ökjesini göterdi.
Iýul günleriniň birinde Petunýa daýzasy Harrini hanym Fige goýdy-da, Dadlini
alyp, Smeltings mekdebiniň ýörite okuw eşigini satyn almak üçin Londona gitdi. Bu
gün öňkülerinden has mylaýym görünýän hanym Fig öýünde saklaýan pişikleriniň
yzyndan kowalap, aýagyny döwdüren eken. Şonuň üçinem ol pişiklerini edil öňküleri
ýaly gowy görmeýän ýalydy. Möhletiniň geçenine birnäçe ýyl bolan ýaly, tagamy
26
örän üýtgän şokolad kökesini eline tutduran hanym Fig Harrä telewizor görmäge
rugsat berdi.
Şol gün agşamara Dadli ýokary hilli täze mekdep eşigini görkezmek üçin
myhman jaýynda öýdäkileriň öňünde eýläk-beýläk ýöredi.
Smeltings mekdebinde okaýan oglanlaryň okuw eşigi art etegi biraz uzyn goýy
gyzyl penjekden, mämişi köýnekden, ýapbaşyk sypal şlýapadan, şeýle hem
mugallymlary ýok mahaly okuwçylaryň biri-birini saýgylamak üçin ulanýan inçejik
taýajygyndan ybaratdy. Mekdep ýolbaşçylarynda birek-biregi saýgylamagyň
gelejekde okuwçylara peýdasynyň degmegi mümkin diýlen düşünje bardy. Dadliniň
täze mekdep eşigine seredip durşuna, Wernon daýy munuň iň bir guwandyryjy
pursatdygyny aýtsa, Petunýa daýza Dadlijiginiň şeýle gelşiklidigini, onuň eýýäm
ullakan oglan bolup ýetişendigine ynanyp bilmeýändigini nygtap, gözüne ýaş
aýlapdy. Gülmän zordan saklanýan Harri welin, sesini çykarman durdy. Onuň
gülmejek bolup, berk gysyp duran dişleri döwülere geldi.
Ertesi irden ertirlik edinmek üçin aşhana giren Harri erbet bir zadyň ysyny
aldy. Ys gelýän tarapa göz aýlanda, demir legeniň içindäki hapa suwda ýüzüp ýören
esgä meňzeş bir zady gördi.
— Bu näme? — diýip, ol daýzasyndan sorady.
Harri özüne sorag bermäge milt etse, gahardan ýaňa dodaklary titräp ugraýan
daýzasy:
— Bu seniň täze okuw eşigiň — diýip, gazaply jogap berdi.
Legeniň içine gaýtadan göz aýlan Harri:
— Hä, şeýlemi? Men okuw eşikleriniň beýle öl bolmalydygyny bilmeýärdim
— diýdi.
— Akmak bolma! — diýip, Petunýa daýzasy azgyryldy. — Men Dadliniň köne
eşiklerini gök reňke boýajak bolup, häliden bäri başagaý bolup otyryn. Taýýar
bolansoň, seň okuw eşigiňe meňzär duruberer.
Harri beýle bolmajagyny bilse-de,
manysyzdygyna düşünip, sesini çykarmady.
27
daýzasyna
jogap
gaýtarmagyň
Ol stoluň başyna geçensoň, Stounwol Haý mekdebiniň ilkinji okuw gününde
könelip giden pil derisini geýen ýaly, özüniň gülkünç görünjekdigi hakda pikir
etmezlige çalyşdy.
Aşhana giren Dadli bilen Wernon daýysy Harriniň täze okuw eşiginden gelýän
ysa çydaman burunlaryny tutdular. Wernon daýysy hemişekisi ýaly gazetlerini açsa,
Dadli indi ýanyndan aýyrmaýan Smeltings taýagyny patladyp, stoluň üstünde goýdy.
Edil şol wagt olar gapynyň poçta deşiginden hat oklanandygyny eşitdiler.
Wernon daýy gazetden ünsüni sowup, Dadlä «Haty alyp gel» diýdi.
Ýöne Dadli:
— Goý, Harri getirsin! — diýip, haty alyp gelmekden boýun gaçyrdy.
Onda Wernon daýy:
— Haty getir, Harri! — diýdi.
— Goý, Dadli getirsin! — diýip, Harri Dadliniň aýdanlaryny gaýtalady.
Halys gahary gelen Wernon daýy:
— Dadli, eliňdäki taýagyň bilen ony bir gezek ýelmesene! — diýdi.
Taýakdan sowlup ýetişen Harri haty almaga gitdi. Gapynyň öňündäki
halyçanyň üstünde üç zat, ýagny Wernon daýysynyň Waýt adasynda dynç alyp ýören
uýasynyň iberen suratly gutlag haty, töleg hatyna meňzäp duran goňur bukja hem-de
Harriniň adyna iberilen hat ýatyrdy.
Hatlary ýerden galdyryp, öz adyna iberilen bukjany gören Harriniň ýüregi
agzyndan çykara geldi. Şu wagta çenli oňa hiç kim hat ýazmandy. Hiç hili garyndaşy
ýa-da dosty bolmadyk adama kim hat ýazsyn diýsene?! Kitaplaryň yzyna
getirilmegini talap edip, hat iberendirler diýjek bolsaňam, ol hiç wagt kitaphanadan
kitabam-a almandy. Ýöne, nähili bolanda-da, hatyň daşynda anyk özüne
iberilendigini görkezýän ýazgy bardy.
«Jenap Harri Pottere.
Basgançagyň aşagyndaky ammarça.
4 j, Praýwet Draýw köç».
28
Sarymtyl kagyzdan ýasalyp, ýüzündäki salgysy zümerret-ýaşyl syýa bilen
ýazylan, hiç hili möhür basylmadyk bukja galyňdy we daşyndan göräýmäge agyrdy.
Titreýän elleri bilen bukjany eýläk-beýläk öwrüp durşuna, Harri onuň agzynyň
gaplaň, bürgüt, torsuk we baş «H» harpynyň daşyna aýlanan ýylan şekilleri basylan
mum bilen ýelmenendigini gördi.
Ol Wernon daýysynyň:
— Basymrak bolsana-how! — diýen sesine tisginip gitdi. — Näme işläp
dursuň o taýda, ýa-da hatyň içinde bombanyň bardygyny-ýokdugyny barlaýaňmy? —
diýip, Wernon daýysy syrtardy.
Onuň aýdan degişmesine özünden başga gülen bolmady.
Harri hatdan gözüni aýyrman gelşine aşhana dolandy. Wernon daýysyna bukja
bilen suratly haty berdi-de, ýerinde oturyp, ýuwaşlyk bilen sarymtyl bukjany açmaga
durdy.
Töleg hatyna elinem uzatmadyk Wernon daýysy, göni gutlag hatyny okamaga
başlady.
— Marj ýarawsyzmyş. Ol bir ýokmaz deňiz önümin-ä iýipdir — diýip, ol
Petunýa daýza aýtdy.
Birden Dadli:
— Kaka, Harriniň elinde bir zad-a bar — diýdi.
Harriniň edil daşynyň bukjasy ýaly galyň, sarymtyl kagyza ýazylan hatyň
gatyny açanam şoldy welin, Wernon daýysy ony elinden kakyp aldy.
— Bu meň hatym — diýip, Harri haty yzyna aljak boldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.