Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05

Total number of words is 3710
Total number of unique words is 1910
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
däri-dermanly çüýşeler, aý globuslary bilen bezelen dükanlary görmändi.
— Ynha-da, Gringot — diýip, Hagrid birden aýak çekdi.
60
Olar dükanlaryň üstüne abanyp duran gar ýaly ap-ak binanyň öňünde saklandy.
Onuň solup giden bürünç gapysynyň agzynda bolsa gyrmyzy altyn reňkli ýörite
geýimde...
Harri öz gözlerine ynanyp bilmedi.
— Hawa, ol, hakykatdanam, goblin — diýip, Hagrid mermer basgançakdan
ýokaryk galyp barýarkalar aýtdy. Geçisakgally, garaýagyz gobli niň eliniňdir
aýagynyň barmaklary gaty uzyndy. Goblin olara baş atyp, içerik girmäge mürehet
etdi Olar indi kümüş gapynyň öňündedi. Onuň ýüzünde oýulyp ýazylan şeýle ýazgy
bardy:
Bet pyglyň bar bolsa, sakla ýadyňda,
Şu gapydan girip, bize erişme
Göz gyzdyrsaň kesekiniň zadyna,
Bizden hiç wagt gowulyga garaşma.
Özgäň zadyn ogurlamak isleseň,
Ýerzemine hemişelik düşersiň.
Biziň öwdümize gulak asmasaň,
Baýlyga däl, betbagtlyga duşarsyň.
Hagrid:
— Gördüň dälmi?! Diňe akmak kişi bu ýerden ogurlyk etmäge çalşar — diýdi.
Iki sany goblin kümüş gapyny açyp berensoň, olar giň mermer jaýa girdi. Bu
ýerde uzyn stoluň aňyrsynda beýik oturgyjyň üstünde ýüzlerçe goblin depderçelere
ýazgy ýazyp, bürünç terezilerde teňňeleri çekip, ulaldyjy aýnalaryň kömegi bilen her
dürli gymmatbaha daşlary barlagdan geçirip otyrdy. Bu jaýdaky gapylaram sansyzsajaksyzdy welin, adamlary eýläk-beýläk ugradyp ýören goblinler hem sanardan has
kändi.
— Ertiriňiz haýyrly bolsun! Biz Harri Potteriň seýfinden pul almaga geldik —
diýip, Hagrid häzir müşderisi bolmadyk goblinleriň birine ýüzlendi.
— Sizde onuň açary barmy, jenap?
61
— Hawa, bir ýerlerde bolmaly — diýip, jübülerini dörüşdirip başlan Hagrid
gobliniň hasap depderçesiniň üstüne heňläp giden it iýmini döküşdirdi. Goblin
ýigrenç bilen ýüzüni çytdy. Şol pursat Harri gapdaldaky ýene bir gobliniň ýanyp
duran köze meňzeş lagyl daşlaryny terezide çekip durandygyny gördi.
— Ynha, tapdym — diýip, Hagrid jübüleriniň birinden kiçijik altyn açar
çykardy.
Goblin açary eline alyp, ony ünsli gözden geçirdi.
— Ähli zat ýerbe-ýer ýaly.
Hagrid öňe omzap, gobline tarap biraz ýakynlaşdy-da:
— Mende şeýle hem Dambldordan iberilen hat bar. Ol ýedi ýüz on üçünji
seýfde gizlengi zat bilen bagly. Onuň nämediginem özüňiz bilýänsiňiz
— diýip, haty uzatdy.
Goblin haty üns bilen okady-da:
— Bolýar — diýip, haty yzyna gowşurdy. — Men sizi iki seýfe-de alyp gider
ýaly birini tapaýyn. Grifuk!
«Grifuk» diýlip, ady tutulan goblinleriň biri olaryň ýanyna geldi.
Hagrid hälki çykaran it iýmleriniň ählisini çalasynlykbilenjübüsine saldy.
Olarjaýyň içindäki sansyz-sajaksyz gapylaryň birine tarap ýönelen Grifugyň yzyna
düşdi
Harri:
— Ýedi ýüz on üçünji seýfdäki «Nämedigini bilýäňiz» diýen zadyň nämedi?
— diýip, gyzyklanyp Hagridden sorady.
— Soragyňa jogap berip biljek däl. Bu mesele Hogwarts bilen bagly gizlin syr.
Dambldor bu işi maňa ynanansoň tabşyrdy. Eger aýdaýsam, işimi ýitiräýmegim
mümkin.
Grifuk olara gapyny açyp berdi Ýöne ýene bir mermer jaýy görerin öýden
Harri özleriniň maşgallar bilen ýagtylandyrylan daşdan ýasalan darajyk
geçelgededigine göz ýetirip, haýran galdy. Edil ortarasyndan demirýol seplemleri
çekilen bu geçelge göni aşak gaýdýardy. Grifuk sykylyk çaldy. Onuň sykylygyndan
62
soň, ýanlaryna bir kiçeňräk wagon geldi. Hagride onuň üstüne münmek ^ ýeňil
düşmedi. Ählisi içinde ýerleşensoň, wagon„ jyk ýerinden gozgandy.
ö"
Wagonjyk sansyz-sajaksyz öwrüm etdi. Harri < öz ýanyndan: «Çepe, saga, soň
çepe, üç geçelgäň «
ortakysy, ýene saga, soň ýene çepe» diýip, her öwrümi ýatda saklamaga
synanyşdy. Ýöne bu iş oňa başartmady. Grifugyň arkaýyn oturyşyna seretseň,
wagonjygyň özi nirä barmalydygyny bilýän ýalydy.
Ýüzüne urýan sowuk şemal gitdigiçe güýçlense-de, Harri gözüni ýumman
otyrdy. Birden geçelgäniň soňunda ýalyn alawlap giden ýaly boldy. «Ol ýerde
aždarha bar bolaýmasyn!» diýip pikirlenen Harriniň şol tarapa ünsli seredenine
garamazdan, uly tizlik bilen barýan wagonyň eýýäm gowagyň depesinden asylyşyp
duran stalagtitli hem sömelişip duran stalagmitli ýerasty kölden geçip, has çuňluga
gireni sebäpli, hiç bir zat görüp ýetişmedi.
— Men şu stalagmit bilen stalagtitiň arasyndaky tapawuda hiç düşünip bilemok
— diýip, Harri öňe okdurylyp barýan wagonjygyň şakyrdyly gohunyň içinde Hagrid
eşider ýaly gygyryp gepledi.
Ol:
— Stalagmit sözünde «m» sesi bar— diýip jogap berdi.
Soňra:
— Gaýrat et-de, şu wagt menden hiç zat sorama. Özümi diýseň erbet duýýan
— diýip, hakykatdan hem, ýüzi gögerip giden Hagrid sözüniň üstüni ýetirdi.
Wagonjyk ahyry kiçiräk gapynyň öňünde saklandy. Hagrid onuň üstünden
düşensoň, aýaklaryna ysgyn gelýänçä, birsellem diwara ýaplanyp durdy.
Grifuk seýfiň gapysyny açan badyna ýüzlerine gök tüsse urlup gitdi. Tüsse
aýrylansoň, Harri haýran galmakdan ýaňa içini çekdi. Seýfiň içi altyn, kümüş
teňňelerdir mis knutlardan doludy.
Hagrid:
— Bularyň ählisi seniňki — diýip ýylgyrdy.
63
Bularyň ählisi özüniňki, ynanar ýaly däl. Elmydama onuň artykmaç ýük
bolýandygyny aýdyp, zeýrenýän Darsliler bu hakda hiç zat bilmeýän bolarly. Ýogsa
ony göz açyp-ýumasy salymda hiç zatsyz goýardylar. Ýöne şu wagta çenli Londonyň
ýüzlerçe mil çuňlugynda şunça baýlygynyň barlygyna asla ynanar ýaly däldi.
Hagrid oňa teňňeleriň bir bölegini torbasyna salmaga kömekleşip durşuna:
— Gyzyl teňňeler galleon diýip atlandyrylýar. Kümüş şaýylaryň on ýedi
sanysy bir galleona, t> knutlaryň ýigrimi dokuz sanysy bolsa bir şaýa deňdir.
Düşündiň gerek? Boldy indi, şular birki ýarymýyllygyňa ýeter. Galanyny seň üçin
aýap saklarys — diýip düşündirdi.
Soňra ol:
— Indi ýedi ýüz on üçünji seýfe baraýalyň. Onsoňam biraz haýalrak gidip
bilmerismi? — diýip, Grifuga ýüzlendi.
Grifuk:
— Biz diňe belli bir tizlikde gidýäs — diýip jogap berdi.
Wagonjyk olary has uly tizlikde öňküden hem has aşaklygyna gidýän ýol bilen
äkitdi. Ýüzlerine urýan şemal her bir duýdansyz öwrümde gitdigiçe sowaýan ýalydy.
Ýerasty uçudyň deňinden geçenlerinde, Harri onuň tüm garaňky düýbünde nämäniň
bardygyny görjek bolup egildi. Ýöne Hagrid oňa bir zatlar diýip käýindi-de,
ýakasyndan tutup, yzyna çekdi.
Ýedi ýüz on üçünji seýfiň açar sokulýan deşigi ýokdy.
— Yza çekiliň — diýip, gopbamsy geplän Grifuk uzyn barmaklarynyň birini
gapa sürtenine mähetdel, işik gözden gaýyp boldy.
— Eger Gringot goblinlerinden başga biri edil meň edişim ýaly gapyny
açmakçy bolaýsa, gapy ony sorup, otagyň içine salar-da, gaýdyp hiç haçan çykarmaz.
Elbetde, gapyny diňe özümiz açyp berip bilýäris.
Harri:
— Otagyň içine kimdir biriniň düşüp-düşmänini näçe wagtdan barlap
durýaňyz? — diýip, bilesigelijilik bilen sorady.
— On ýyldan bir gezek — diýip, goblin ýaňsyiy ýyigyrdy.
64
«Diýmek, bu ýokary derejeli seýfiň içinde nähilidir bir üýtgeşik zat saklanýan
bolmaly» diýip pikirlenen Harri gymmatbahaly şaý-sepleri görmek niýeti bilen
boýnuny süýndürdi. Başda boş ýaly görünse-de, soň ol seýfiň içinde daşyna goňur
kagyz dolanan kiçijik bukjanyň duranyny gördi.
Ony eline alyp, eginbaşynyň içki jübüleriniň birine salan Hagrid:
— Ýörüň indi, şol içigaragalan wagonjyga müneliň. Harri, ýolda menden hiç
zat soraýmagyn. Agzymy ýumup otursam, ählimiz üçinem gowy bolarmyka diýýän
— diýdi.
Harri bukjanyň içinde nämäniň bardygyny ölemen bilesi gelse-de, sesini
çykarmady.
Wagonjygyň ýene bir uly tizlikli bat almasyndan soň, olaryň ikisi hem Gringot
bankynyň daşyna gelip düşüp, Günüň ýagtysyna gözlerini süzüşip durdular.
Torbasyny puldan dolduran Harri «Söwdany haýsy dükandan başlasamkam?!» diýip
pikirlenýärdi. Bir galleonda näçeräk funtuň bardygyny bilmese-de, ol häzir jübüsiniň
ömründe ilkinji gezek Dadliniňkiden has köp pulludygyny anyk bilip durdy.
— Belki, biz okuw eşigini satyn almakdan başlarys — diýip, teklip eden
Hagrid «Hanym Melkinden dürli çäreler üçin geýimler» diýen ýazgyly dükana tarap
gözüni ümledi.
Soňra:
— Harri, «Döwük gazana» gidip, biraz bokurdagymy ölläp gelsem, garşy
bolmarsyň-a. Gringot wagonjyklaryny men şeýle bir ýigrenýän — diýdi.
Hagridiň häzir hem ugrunyň ýokdugy gömüp durdy. Şonuň üçin Harri hanym
Melkiniň dükanyna ýeke özi girmeli boldy.
Hanym Melkin ýüzi ýylgyryp duran gysga boýly, egni melewşe-gülgüne
geýimli jadygöý aýal eken.
Harri agzyny açyp-açmanka ol:
— Hogwarts, şeýle dälmi? — diýip, sorady. — Geçiber, seň ýaly ýene bir
oglan özüne eşigini deňäp durandyr.
Dükanyň ol ujunda solgundan süýri ýüzli bir oglan kiçiräk oturgyçda dik
durdy. Ýene bir jadygöý aýal bolsa aldygyna onuň egnindäki ýektaýynyň iki
gyrasyny berkidişdirýärdi. Harrini hem şol oglanyň gapdalyndaky oturgyçlaryň birine
65
mündüren hanym Melkin onuň egnine uzyn ýektaýlaryň birini atdy-da, göwresine
laýykbolan uzynlygy saýlap alansoň, epinini iňňeläp başlady.
Oglan:
— Salam! — diýip, Harri bilen salamlaşdy. — Senem Hogwartsa okuwa
barýarmyň9
— Hawa.
— Kakam gapdaldaky dükandan okuw kitaplarymy, ejem bolsa ýokarky
dükanlaryň birinden jadyly taýajyk satyn alýar — diýip, ýaňky oglanjyk
ýüregedüşgünç sesi bilen gürrüňini dowam etdirdi. Ol burnuna salyp gürleýärdi. —
Soňam olara uçýan sübse aldyrtjak. Näme üçin birinji ýyl okuwçylaryna sübse
edinmek bolmaýanyna hiç düşünýän däldirin. Eýdip-beýdip kakama sübseden birini
aldyrdyp, okuwa eltmegiň bir usulyny tapyp bilermikäm diýýän.
Harrä Dadlini ýatladýan bu oglan:
— Sende sübse barmy? — diýip, Harriden sorady.
Harri:
— Ýok — diýip jogap berdi.
— Kwiddiç oýnuny oýnap görüpmidiň?
— Ýok — diýen Harri «Kwiddiç nämekä?» diýip pikirlendi.
— Men-ä oýnaýan. Kakam meni öz düşjek öýüm üçin «Kwiddiç oýnuny»
oýnamaga almasalar, uly ýalňyşlyk goýberdikleri bolar — diýýär. Menem kakam
bilen razylaşýan. Sen haýsy öýde boljagyňy bilýäňmi?
Özüni git-gide akmak saýyp başlan Harri:
— Ýok — diýip jogap berdi.
— Aslynda, okuwa barýança, hiç kim haýsy öýe düşjegini bilmeýär. Ýöne
men-ä Slizerinde bolaryn. Maşgalamyzdakylaryň ählisi Slizerini tamamlady.
Hafflpatfda dagy ýerleşdiräýseler, okuwy taşlarmykam diýýän. Sen nähili pikir
edýäň?
— Hmm — edip oňan Harri oňa has oňaýly jogap berip bilmeýänine gynandy.
66
— Men-ä... oňa bir seretsene — diýip, birden ol dükanyň köçä bakyp duran
penjiresine tarap ümledi. Penjiräniň aňyrsynda elindäki iki sany buzgaýmagy
görkezip, içerik girip bilmeýänini düşündiren Hagrid özüne seredip ýylgyryp durdy.
— Onuň ady Hagrid — diýip, Harri ilkinji gezek oglanyň bilmeýän zadyny
bilýänine monça bolup jogap berdi. — Ol Hogwartsda işleýär.
— Hä, ol hakda eşidipdim. Hogwartsda hyzmatkär bolup işleýär öýdýän, şeýle
dälmi?
— Ýok, ol gözegçi — diýip, jogap gaýtaran Harri bu oglany halamaýanyny
kem-kemden duýup başlady.
— Hawa-la, şeýledir. Men onuň ýabany adamlar ýaly mekdebiň golaýyndaky
külbede ýaşaýanyny, içgini gowy görýänini eşidipdim. Özem köplenç jadygöýlik
bilen meşgullanjak bolup, ýatýan düşegini ýakýarmyşyn.
Harri:
— Ol gaty gowy adam — diýip, sowukganly gepledi.
— Şeýlemi? — diýip, oglan gopbamsy ýylgyrdy. — Sen näme üçin onuň bilen
geldiň? Eneň-ataň nirede?
— Olar öldi — diýip, Harri iki sözde jogap berdi. Onuň bu oglan bilen iç
döküşmek niýeti ýokdy.
Oglanyň:
— Bagyşla — diýenine garamazdan, onuň sesinde duýgudaşlykdan nam-nyşan
ýokdy. — Olar biziň özümiziňkilerdenmidi, hä?
— Ejem-ä jadygöý aýaldy, kakamam jadygöýdi. Eger şony göz öňünde tutýan
bolsaň, hawa.
— Kesekilere Hogwartsda okamaga rugsat bermeli däl, şeýle gerek?! Olar
düýbünden bize meňzänok. Hakyky jadygöýleriň terbiýesini almadyk kişi, nädip bize
meňzesin diýsene?! Göz öňüne getirip gör, olaryň köpüsi çakylyk hatyny alýança,
Üogwarts hakda düýbünden hiç zat bilmeýärmişin. Men bu mekdebe diňe aňyrsy
jadygöýlerden gaýdýan kişiler kabul edilmelimikä diýýän. Ýogsa-da, seň famüiýaň
näme?
Onuň sowalyna jogap berip ýetişmänkä hanym Melkin:
67
— Ynha, boldy — diýdi.
Gürrüňleriniň
oturgyçdan düşdi.
arasynyň
kesilendigine
düýbünden
gynanmadyk
Harri
— Bolýar onda, Hogwartsda görşeris — diýip, myňňyldap gürleýän oglan
onuň bilen hoşlaşdy.
Harri Hagridiň özüne satyn alyp beren üstüne hoz owuntygy sepilen şokoladly
hem malinaly doňdurmasyny iýip, sesini çykarman ýöräp barýardy.
Hagrid:
— Näme boldy? — diýip sorady.
— Hiç zat — diýip, Harri ýalan sözledi
Olar kagyzdyr ýelek satyn almak üçin dükana sowuldy. Ýazdygyňça reňkini
üýtgedýän bir çüýşe syýa satyn alansoň Harriniň azajyk hem bolsa keýpi açyldy.
Dükandan çykyp barýarkalar, Harri:
— Hagrid, Kwiddiç diýmek näme bolýar? — diýip sorady.
— Içigaragalan, her gezek seň diýseň az zat bilýäniňi unudaýýan. Heýem,
Kwiddiç hakda bilmän bolarmy?!
— Özümi öňküdenem beter ýaramaz duýmaga » mejbur etmesene — diýen
Harri oňa hanym Mel= kiniň dükanynda gürrüňdeş bolan oglany hakda aýdyp berdi.
— ... Ol şeýle hem magl maşgalasyndan gelip çykan adamlaryň bu ýere okuwa
kabul edilmeli a däldigi hakda aýtdy.
— Ýöne sen magl maşgalasyndan däl ahyryn. Ol oglan seniň kimdigiňi bilen
bolsady. Ene-atasy, hakykatdan hem, jadygöý bolsa, seniň adyňy hökman biläýmeli.
«Döwük gazana» baraňda, ol ýerdäki adamlaryň özüňi nähili garşylandygyny gördüň
ahyryn. Onsoňam bu hakda ol näme bilýär diýsene. Meň ömrümde gören iň ökde
jadygöýlerimiň köpüsi magl neslinden gelip çykanlar bolupdy. Seň ejeň bolsa munuň
aýdyň mysaly. Onuň nähili jigisiniň bardygyna-da seret.
— Kwiddiç diýmek näme onsoň?!
68
— Bu biziň sportumyz, jadyly sportumyz. Magllaryň sokker oýny ýaly bir zat.
Uçýan taýajygyň kömegi bilen howada oýnalýan bu oýny hemme kişi gowy görýär.
Onuň dört sany topy bar. Maňa bu oýnuň düzgünlerini düşündirmek kyn.
— Slizerin we Hafflpaff näme?
— Ol okuw öýleri. Hogwarts dört öýe bölünýär. Köp kişi Hafflpaffy öýleriň
içinde iň gowşagy diýip hasaplaýar...
Harri:
— Görde dumber, men-ä Hafflpaffdadyryn — diýip, keýpsiz gepledi.
— Slizerinde okanyňdan Hafflpaffda okanyň müň esse gowudyr. Bu öýde
okanlaryň gara güýji kabul etmedigi ýokdur. Ady tutulmaýanam şolaryň biridir —
diýip, Hagrid gaşyny çytdy.
— Wol... bagyşla, Ady tutlmaýanam Hogwartsda okadymy?
— Ençeme ýyl mundan ozal okapdy.
Olar üçege çenli beýgelip gidýän tekjeleri köçä düşelýän şalmanyň
ululygyndaky gaýyş jiltli, suratly gutlag hatlarynyň ululygyndaky ýüpek jiltli, syrly
nyşanlar ýazylan, hatda käbirleriniň içine hiç zat ýazylmadyk her dürli kitap bilen
dolup duran Floriş we Botl atly dükandan gerekli okuw kitaplaryny satyn aldy.
Ömründe ýeke gezek kitabyň gatyny açyp görmedik Dadli hem bu kitaplary ölemen
okamak islärdi. Hagrid professor Windiktas Wiridýanyň «Gargyşlar we gargyşlara
garşy gargyşlar» (Iň soňky jeza usullary bilen dostlaryňy haýran et, duşmanlaryňy
bolsa weýran et: saçyň düşmegi, aýagyň titremegi, diliň tutulmagy) atly kitabyny
Harriniň elinden zordan çekeläp aldy.
— Dadli üçin gargyş gözläýjekdim-dä.
— Erbet pikir-ä däl, ýöne aýratyn ýagdaýlar bolaýmasa magl dünýäsinde
jadygöýlik ulanmak gadagan. Onsoňam köp okap, gerek derejä ýetmeseň, jadylardyr
gargyşlardan peýdalanyp bilmersiň.
Şeýle hem Hagrid oňa tutuşlygyna altyn çaýylan gazan satyn almaga rugsat
bermedi (Sanawda galaýydan edilen bolmaly diýlip ýazylgydy). Ýöne onuň deregine
däri-dermanlary çekmek üçin gerek bolan gowy terezi hem eplenýän bürünç teleskop
satyn aldylar. Soňra olar porsan ýumurtganyň, çüýrän kelemiň garyndysyndan, ýaňa
içiniň aňkap duranyna garamazdan öz däri-dermanlary, ot-çöpleri bilen geleni haýran
69
edýän dermanhana geldi. Ýerde bir hili suwuklyk bilen doldurylan çelekler,
tekjelerde her dürli otly, guradylan kökli, dürli reňdäki külli çüýşeler goýlandy,
üçekden bolsaýelek bogdajyklar, desse-desse edip daňylan gyýyklar, gyşyk dyrnaklar
asylgydy. Hagrid satyjydan onuň üçin esasy däri-dermanlaryň düzüm bölekleriniň
toplumyny sorap durka, Harriniň özi biriniň bahasy ýigrimi bir galleona durýan atyň
kümüş buýnuzyny, bir gysymy bäş knuta barabar ýalpyldap duran owadanja tomzak
gözlerini synlady.
Dermanhanadan çykyp, gerek zatlaryň sanawyna gaýtadan göz gezdiren
Hagrid
— Diňe jadyly taýajygy alaýmak galypdyr. Wiý, onsoňam men doglan günüňe
sowgat alyp bermedim ahyryn — diýdi
— Hökman däl-le — diýen Harriniň utanjyndan ýaňa ýüzi gyzaryp gitdi
— Hökman däldigini menem bilýän. Saňa bir haýwanjyk satyn alyp bereýin.
Gowy pikir, şeýle dälmi?! Gurbaga gerek däl, olar birmahal isleg bildirmeden galdy.
Biderek üstüňden güldüreniň bolar. Pişikleri bolsa meň özüm halamok, olar
üsgülewügimi tutdurýar. Saňa gowusy baýguş alyp bereýin. Hemme çagalar baýguş
edinmek isleýär. Onsoňam olar örän peýdaly. Hat hem beýleki zatlary gatnadyp
berýär.
Birsalymdan olar «Her dürli baýguşlar» diýlen ýazgyly, baýguşlaryň pasyrdysy
eşidilip, gözleriniň ýalpyldysy görnüp gidýän garaňky dükandan çykdy. Harriniň
elinde kellesini ganatlarynyň arasynda gizläp süýji uka giden gar ýaly ap-ak owadan
baýguşly kapasa bardy. Harri professor Kwirrel ýaly sakawlap, aldygyna Hagride
«Sag bolsun» aýdýardy.
Hagrid:
— Gaýdyp, muny agzama — diýip, gödegräk gürledi. — Darslilerden kän
sowgat alyp görmänsiň öýdýän. Indi diňe Olliwander galdy. Olliwander jadyly
taýajyklaiym satylýan ýeke-täk ýeridir. Saňa bolsa onuň iň gowusy gerek.
Jadyly taýajyk edinmek Harriniň häliden bäri isläp duran zadydy.
Gapysynyň ýokarsynda «Olliwanderler: miladydan öňki 382 ýyldan bäri iň
gowy taýajyklaryň ýasaýjylary» diýen ýazgysy soýlup ugran bu dükanyň içi dar hem
gömüksizdi. Tozan basyp giden penjiräniň aňyrsynda bolsa könelişen gülgüne
ýassygyň üstünde taýajyk goýlandy.
70
Olaryň içerik girenine mähetdel jaňjagazyň sesi ýaňlanyp gitdi. Darajyk
dükanyň içinde Hagridiň üstünde oturan oturgyjyndan başga hiç zat ýokdy. Özüni
berk tertip-düzgünli kitaphana gelen ýaly duýan Harri kellesinde dörän müňlerçe
sowaly ýuwudyp, üçege çenli tertipleşdirilip goýlan inçejik gutujyklara göz aýlady.
Nähilidir bir sebäbe görä onuň ini tikenekläp gitdi. Sessizlik gurşap alan, tozan basan
bu dükanyň içi hem jadygöýlikden doly ýalydy.
— Salam! — diýip, duýdansyz çykan sese Harri tisginip gitdi. Hagrid hem
tisginen bolarly. Sebäbi güýçli şatyrdy sesi eşidilip gitdi. Hagrid tarsa ýerinden galdy.
Ýüzi solgun, gözleri otagyň tümlüginde edil Aý ýaly ýaldyrap duran bir goja
olaryň alnynda peýda boldy.
— Salam! — diýip, Harri onuň bilen çekinjeň salamlaşdy.
— Hawa-la, sizi ýakynda görjegimi bilýärdim. Harri Potter! Siziň gözleriňiz
edil ejeňiziňkä meňzäp dur. Onuň hem bu dükana gelip, ilkinji jadyly taýajygyny
satyn alşy edil şu günki ýaly ýadymda. On dýuým çärýek, söwütden ýasalan batly
taýajykdy. Jadygöýlik üçin diýseň oňaýlydy.
Bu sözleri aýdan Jenap Olliwander Harriniň golaýjagyna gelip durdy. Harri
gojanyň içiňden geçip barýan kümüşsöw gözlerini ýekeje gezek hem bolsa
gyrpmagyny isledi.
— Siziň kakaňyz bolsa gyzyl agaçdan ýasalan taýajygy saýlady. On bir dýuým.
Beýlekilerden güýçli, keşp üýtgetmek üçin diýseň amatly. Men: «Kakaňyz taýajygy
saýlady» diýýän welin, hakykatda, taýajygyň özi jadygöýi saýlaýandyr.
Jenap Olliwander Harrä şeýle bir ýakynlaşdy welin, burunlary biri-birine
degerli göründi. Harri onuň ümürli gözlerinde öz keşbini gördi.
— Bu hakda aýtsam welin... — diýip, jenap Olliwander özüniň uzyndan ak
barmagy bilen Harriniň maňlaýyndaky ýyldyrym şekilli ýarasyny elledi.
— Gynansak-da, bu ýarany döreden taýajygy hem özümiň on ýarym dýuýma
satanymy aýtmaly boljak — diýip, ol mylakatly gepledi. Tis agajyndan ýasalan. Gaty
kuwwatly taýajyk, gaty kuwwatly, özem ýalňyş ellerde... Wah, men onuň bu dünýäde
döretjek erbetliklerini bilen bolsadym...
Kellesini ýaýkap, Harriden gözüni aýran goja Hagridiň hem dükandadygyny
gördi.
71
— Rubus! Rubus Hagrid! Seni ýene görýänime diýseň şat. Seniň taýajygyň
dub agajyndan ýasalandy. On alty dýuým. Özem bükülýärdi, şeýle dälmi?
— Hawa, şeýledi, jenap, şeýledi.
— Gaty gowy taýajykdy. Okuwdan çykarylaňda, ony ikä böläýdiler öýdýän —
diýip, jenap Olliwander yzgytsyz äheňde sorady.
— E... hawa... şeýtdiler... hawa — diýip jogap beren Hagrid ýaýdanjyrap
beýleki aýagyna agram saldy.
Soň ýylgyrdy-da:
— Şol bölejikleri häzir hem saklap ýörün — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Jenap Olliwander:
— Olary ulanaňok gerek? — diýip, garaşylmadyk sowal berdi.
«Ýok, jenap» diýip, jogap gaýtaran Hagridiň goltugyndaky saýawanyny berk
gysandygyny Harri gördi.
— Hm-m! — edip, jenap Olliwander Hagride siňe seretdi. — Bolýar, jenap
Potter. Hany, men bir göreýin.
Ol jübüsinden ölçeg ýüpüni çykardy.
— Siziň taýajyk tutýan eliňiz haýsy?
— E-e, men saglakaý.
— Hany, eliňizi uzadyň! Boldy.
Jenap Olliwander Harriniň egninden barmagynyň ujuna çenli, tirseginden
goşaryna çenli, dyzyndan goltugyna çenli ölçedi. Ol hatda Harriniň kellesiniň
töwereginiň ölçegini hem aldy.
Jenap Olliwander ölçeg alyp durşuna:
— Olliwander taýajygy bir buýnuzly atyň ýalyny, semender guşunyň ýelegini
hem aždarhanyň damaryny öz içine alýan jadyly düzümden ybaratdyr. Her bir
semender guşunyň, buýnuzly atyň, aždarhanyň biri-birine meňzemeýşi ýaly,
Olliwander taýajyklary hem biri-birinden tapawutlydyr. Şonuň üçinem başga biriniň
taýajygyny ulanyp eden jadygöýligiň hijisi oňuna bolmaz — diýdi.
72
Harri birden ölçeg ýüpüniň öz burun deşikleriniň arasyny özbaşdak ölçeýänini,
jenap Olliwanderiň bolsa tekjelerden gutujyklary düşürişdirip duranyny gördi.
Ol:
— Boldy — diýip gygyrdy. Edil şol wagt ölçeg ýüpi patlap ýere düşdi.
— Ynha, jenap Potter şuny barlap görüň. Buk agajyndan we aždarhanyň
damaryndan ýasalan. Dokuz dýuým. Örän owadan, berk. Eliňize alyň-da, howada
galgadyň.
Özüni akmak ýaly duýan Harri aýdylyşy kimin taýajygy howada galgatdy.
Ýöne jenap Olliwander ony şol bada yzyna aldy.
— Kerkaw agajydyr semender guşunyň ýeleginden ýasalan jadyly taýajyk.
Ýedi dýuým. Örän çalasyn. Hany, şunam barlap görüň.
Harri bu taýajygam barlady. Ýöne ony ýokaryk galdyryp-galdyrmanka, jenap
Olliwander taýajygy elinden garbap aldy.
— Ýok, ýok. Ynha, bu bolsa gara agaçdan we bir buýnuzly atyň ýalyndan
ýasalan. Sekiz ýarym dýuým. Alyň-alyň, barlaň.
Harri barlady durdy, barlady durdy. Ýöne ol jenap Olliwanderiň näme
isleýänine hiç düşünip bilmedi. Örülen oturgyjyň üstünde goýlan taýajyklar depe
bolup gidipdi. Ýöne jenap Olliwanderiň näçe köp guty çykarsa, şonça-da keýpi
kökelýän ýalydy.
— Üýtgeşik müşderi, şeýle dälmi?! Alada etmäň, biz size laýyk taýajygy
hökman taparys. Şu ýerlerde bolmaly. Hä, bumy?! Näme üçin bolmasyn?! Täsin
sazlaşyk. Inçe ýaprakly agaçdan we semenderiň ýeleginden ýasalan. On bir dýuým.
Ajaýyp hem ýumşak.
Taýajygy eline alan Harri birden barmaklarynda ýylylyk duýdy. Taýajygy
ýokaryk galdyrdy-da, tozanly howany kesip geçer ýaly zarp bilen batly aşak
goýberdi. Şol pursat taýajygyň ujundan, edil feýerwerk ýaly bolup, diwarlaryň
ýüzünde tans edýän gyzyl we ýaşyl uçgunjyklaryň akymy atylyp çykdy.
Hagrid elini çarpan bolsa, jenap Olliwander:
— Berekella! Hakykatdanam, ajaýyp! Hawa, hawa. Örän geň, gaty geň —
diýip, joşgunly gygyrdy.
73
Ol Harriniň taýajygyny gutusyna salyp, daşyna goňur kagyz orap durka-da:
«Örän geň, gaty geň» diýip gaýtalady durdy.
Harri:
— Bagyşlaň, ýöne näme geň? — diýip gyzyklanypdy.
Jenap Olliwander solgun ýüzüni Harrä tarap öwürdi.
— Her bir satan taýajygym elmydama meň ýadymda. Ýeleginden seň ýaňky
taýajygyň ýasalan şol bir semender guşunyň ýene bir ýeleginden başga bir taýajyk
ýasaldy. Şu taýajygyň doganynyň, hawa, hawa, hut doganynyň maňlaýyňyzdaky
ýarany peşgeş beren mahaly, onuň sizi saýlamagy diýseň geň.
Harri ýuwdundy.
— On üç ýarym dýuým. Tis agajyndan ýasalan. Bolup geçýän käbir zatlara
düşünmek köplenç gaty kyn. Hälki aýdyşym ýaly, taýajygyň özi jadygöýi saýlaýar.
Jenap Potter, sizden beýik işlere garaşyp bolarmyka diýýän. Sebäbi Ady tutulmaýan
şol ýaramaz, hakykatdanam, beýik işler bitiripdi.
Gojanyň bu sözlerine Harriniň ini tikenekläp gitdi. Onuň jenap Olliwanderi
halanyna ynamy ýokdy. Harri taýajyk üçin ýedi sany gyzyl galleon tölänsoň, jenap
Olliwander baş egip, olary hormat bilen ugratdy.
Olar gelişleri ýaly, gyýalap gidýän darajyk köçeden diwaryňdyr «Döwük
gazanyň» üsti bilen yzlaryna dolanyp geleninde Gün eýýäm ýarty göwresini gizläp
ýetişipdi. Harri ýol boýy sesini çykarmady. Ol hatda metroda adamlaryň öz täsin
düwünçeklerinedir dyzynda uklap ýatan baýguşyna aňkarylyp seredişlerine hem üns
bermedi, özi äkidýän basgançakdan ýokaryk galýarkalaram, Paddington demir ýol
menzilinden çykyp gelýärkälerem, ýeke agyz gürlemedi. Diňe Hagrid egnine kakan
mahaly niredediklerine düşünip galdy.
— Otly gelýänçä, garbanmaga biraz wagtymyz bar — diýen Hagrid oňa
gamburger satyn alyp berdi.
Olar plastik oturgyçda oturyp, iýip-içdiler. Aldygyna töweregine göz aýlaýan
Harrä ähli zat ýat ýaly göründi.
— Özüňi duýşuň gowumy? Gaty ýuwaşadyň-la, Harri? — diýip, Hagrid
aladalanyp sorady.
74
Ömründe ilkinji gezek ýatdan çykmajak doglan gününiň bolanyna garamazdan,
gamburgerini çeýnäp oturyşyna, Harriniň nähili duýgulary başdan geçirýänini
düşündirip biljegine ynamy ýokdy.
— Her kim maňa üýtgeşik adamdyr öýdýär — diýip, Harri ahyrsoňy söze
başlady. — «Döwük gazandaky» adamlaryň ählisem, professor Kwirrelem, jenap
Olliwanderem şeýle pikir edýär. Ýöne men jadygöýlik hakda hiç zat bilemok ahyryn.
Onsoň olar meň beýik işler bitirjegime nädip ynanyp bilýärler?! Tanymaldygyma
garamazdan, özümiň näme üçin tanymaldygymam bilemok. Men Wol... Bagyşla,
ejemdir kakamyň wepat bolan gijesi nämeleriň bolanam meň ýadyma düşenok.
Hagrid oňa tarap egildi. Onuň bulam-bujar sakgalynyňdyr gaşynyň aňyrsynda
örän ýakymly ýylgyryş peýda boldy.
— Hiç zady alada etme, Harri. Seň jadygöýligi çalt öwrenjegiňi men bilýän.
Onsoňam her kim ähli zady Hogwartsa gelip öwrenýär ahyryn. Hemme zat gowy
bolar. Esasy zat şu bolşuňdan üýtgemejek bol. Men saňa kyn düşýänini bilýän.
Beýlekilerden tapawutlanýan sen ýaly adamlara elmydama-da kyn düşýär. Ýöne sen
Hogwartsda ýatdan çykmajak günleri başdan geçirersiň. Men-ä şindem ol ýerde gaty
gowy ýaşaýan.
Hagrid Harrini yzyna — Darslilere äkitjek otla goşlaryny ýerleşdirmäge
kömekleşensoň, onuň eline bukja tutdurdy.
— Me, Hogwartsa çenli petegiň. Birinji sentýabr. Kings Kros. Ählisi petegiňde
ýazylandyr. Darsliler bilen mesele ýüze çykaýsa, baýguşyňdan maňa hat iberäýgin.
Ol meni nähili tapmalydygyny biler. Görüşýänçäk sag bol, Harri!
Otly ýerinden gozgandy. Hagridden gözüni aýrasy gelmedik Harri ýerinden
turup, kellesini penjirä ýaplady. Ýöne ol gözüni gyrpdy welin, şol pursat Hagrid
gözden gaýyp boldy.
6-njy bap: DOKUZ HEM DÖRTDEN ÜÇ PLATFORMASY
Harriniň Darsliler bilen geçiren soňky aýy diýseň ýürekgysgynç boldy.
Darsliler indi ondan şeýle bir çekinýärdiler welin, hatda onuň bilen bir otagda
galmaga-da gorkýardylar. Petunýa daýzasy bilen Wernon daýysy bolsa oňa gygyryp,
öýüň işlerini etdirmek, geýim saklanýan ammara salyp, daşyndan gulplamak ýaly
gylyklaryny goýupdylar. Hakykatda, olar Harri bilen asla gürleşenokdylar. Hem
75
gorka, hem gahara berlen Darsliler özlerini göýä Harri şol öýde ýaşamaýan ýaly alyp
barýardylar.
Bu ýagdaý başda begendiren hem bolsa, soňabaka Harriniň ýüregine düşüp
başlady.
Şonuň üçin hem Harri Hedwig diýip atlandyran täze baýguş ýoldaşy bilen
gününiň köp bölegini öz otagynda geçirýärdi. Ol Hedwig diýen ada «Jadygöýligiň
taryhy» atly okuw kitabynda gabat gelipdi. Okuw kitaplary diýseň gyzyklydy. Ol her
gün diýen ýaly ýary gijä çenli ýatman okaýardy. Petunýa daýzasynyň onuň otagyna
gelmeýänem bir gowy zat. Sebäbi Hedwig açyk penjireden girip-çykyp, öli syçanlary
getirer durardy. Birinji sentýabra sabyrsyzlyk bilen garaşýan Harri gije düşegine
geçmezinden ozal, aýyň günleri ýazylgy kagyz bölejikleriniň her gün birini diwaryň
ýüzüne ýelmeýärdi.
Awgust aýynyň soňky gününde daýzasydyr daýysyndan Kings Kros demir ýol
menziline äkitmeklerini haýyş etse gowy boljakdygy hakda oýlanan Harri, olaryň
telewizorda gepleşik görüp oturan myhman jaýyna geldi. Özüniň otaga girendigini
bildirmek niýeti bilen «Ähm-ühm» edenine mähetdel, Harrini gören Dadli bogazyny
ýyrtyp gygyryp, otagdan çykyp gitdi.
— E-e, Wernon daýy!
Wernon daýy «Diňleýän» diýen manyda ardynjyrady.
— Neme, men ertir Hogwartsa gitmek üçin Kings Kros demir ýol menziline
barmalydym welin...
Wernon daýy bir zatlar diýip düşnüksiz hüňürdedi.
— Siz meni äkidip bilmermisiňiz?
Harri ýene hüňürdiden başga zat eşitmedi. Ol daýysynyň bu hereketini
«bolýar» diýen manyda kabul etdi.
— Sag boluň!
Onuň öz otagyna dolanmak üçin yzyna öwrülenem şoldy welin, Wernon daýy:
— Näme, jadygöýlik mekdebine indi otluda gidilýärmi? Jadyly halylaryň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.