Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06

Total number of words is 3703
Total number of unique words is 1819
34.5 of words are in the 2000 most common words
47.7 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ählisinden gyzgan çykdymy, hä? — diýdi.
Harri sesini çykarmady.
76
— Aslynda seň şol mekdebiň nirede ýerleşýär?
Mekdebiň nirede ýerleşýändigini özüniňem bilmeýändigi ilkinji gezek ýadyna
düşen Harri:
— Bilemok — diýip jogap gaýtardy.
Harri jübüsinden Hagridiň beren petegini çykaryp, onuň ýüzündäki ýazgylara
göz aýlady.
— Men diňe sagat on birde dokuz hem dörtden üç platformasyndan ugraýan
otla münmelidigimi bilýän.
Daýysydyr daýzasy onuň ýüzüne aňkarylyşyp seretdiler.
— Näçinji platforma diýdiň?
— Dokuz hem dörtden üç.
Wernon daýy:
— Sen nähili biderek zatlar aýdýaň?! Demir ýol menzilinde dokuz hem
dörtden üç platformasy ýok ahyryn — diýip, oňa azgyryldy.
— Ýöne meň petegimde şeýle ýazylan.
— Olar akylyndan azaşan adamlar. Entek birsalym tagapyl et, munuň
şeýledigine özüňem göz ýetirersiň. Bolýar, biz seni Kings Kros demir ýol menziline
çenli äkideris. Ertir, barybir, Londona gitmeli. Ýogsa, seň üçin men gylymam
gymyldatjak däl.
Dartgynlylygy aradan aýyrmak islän Harri:
— Siz näme üçin Londona gidýäňiz? — diýip sorady.
— Dadlini hassahana äkidip, Smeltings mekdebine gitmänkä, oň gyrmyzy
guýrugyny aýyrtdyrjak — diýen Wernon daýy hüňürdedi.
Ertesi irden aljyraňňylygyndan hem begenjinden ýaňa sagat bäşde oýanyp,
soňam oňly uklap bilmedik Harri düşeginden galdy. Demir ýol menziline
jadygöýleriň ýektaýynda gitmek islemän, «Otluda çalşyrynaryn-da» diýen pikir bilen
ol jinsisini geýdi. «Ýatdan çykaran zadym bar bolaýmasyn» diýip, gerek bolan
zatlaryň sanawyny gaýtadan gözden geçirdi, Hedwigiň gözenegini gulplapgulplamandygyny barlady. Soňra ol Darslileriň oýanaryna garaşyp, eýläk-beýläk
77
ýöräp başlady. Iki sagatdan soň, Harriniň agyr goşy Wernon daýynyň ulagyna
ýüklenildi. Petunýa daýza onuň gapdalynda oturan Dadli bilen bir zatlar hakda
gürleşeninden soň, olar ýola düşdüler.
Sagat onuň ýary töwereklerinde Kings Kros demir ýol menziline geldiler.
Wernon daýy onuň goşlaryny arabajyga ýükledi-de, demir ýol menziline tarap sürdi.
Harri daýysynyň bu hereketine diýseň begendi. Ýöne Wernon daýy birden saklandy.
Soňam it ýylgyryşyny edip:
— Ynha-da, geldik, ýigit. Platforma dokuz hem platforma on. Seň münmeli
ýeriň şu ikisiniň aralygynda bolmaly. Ýöne görşüň ýaly, ol entek gurlup ýetişmändir
— diýende, Harri özüniň biderek ýere begenendigine düşündi.
Aslynda, gojanyň aýdýanlarynyň jany ýok däldi. Sebäbi bir platformanyň
ýokarsynda «dokuzlyk» belgisi bolsa, beýleki plarformanyň ýokarsynda «onluk»
belgisi bardy. Olaryň aralygynda bolsa hiç zat ýokdy.
— Okuwyňda üstünlikler arzuw edýän! — diýip, Wernon daýy has hem
içýakgyç ýylgyrdy. Soňam hiç zat diýmän ýöräp gidiberdi. Harri yzyna gaňrylyp
seredende Darslileriň ulagynyň ýerinden gozganandygyny, olaryň üçüsiniňem hezil
edip gülüşýändiklerini gördi. Näme etjegini bilmän töweregine garanjaklap galan
Harriniň agzy gurap gitdi. Ol şonsuzam Hedwig sebäpli özüne ýylgyryp seredýän
adamlaryň ünsüni çekip başlapdy. Ahyrsoňy özüni gyzyklandyrýan zady birinden
soramaly diýen netijä gelen Harri geçip barýan gözegçini saklady, ýöne onuň
ýanynda dokuz hem dörtden üç platformasyny agzamady-da, diňe Hogwarts barada
sorady. Gözegçi Hogwarts hakda hiç zat eşitmändigini aýtdy. Hogwartsyň ýurduň
haýsy böleginde ýerleşýändigi hakda beren sowalynyň jogapsyz galmagy bolsa onuň
gaharyny getirdi. Gözegçi Harrä akylyndan azaşanyň biridir öýtdümi, nämemi, onuň
ýüzüne çiňerilip seretdi. Halys umytdan düşen Harri indi haýsy otlynyň sagat on
birde ugraýandygyny sorady. Ýöne gözegçi şol wagtda hiç hili otlynyň
ugramaýandygyny aýtdy-da, käbir adamlaryň biderek wagtyny alýandygy hakda bir
zatlar samrap, Harriniň ýanyndan aýryldy. Ol indi umytdan düşmejek bolup elde
baryny edýärdi. Gelip-gidýän otlularyň wagty ýazylgy jedweliň ýokarsyndaky
ullakan sagada görä, onuň Hogwartsa äkidýän otla münüp ýetişmegi üçin bary-ýogy
on minuty galypdy. Ýöne otlyny nähili tapjagyny bilmeýän Harri eli agyr goşly,
jübüsi bir topar jadyly şaýlykly, ullakan baýguşly demir ýol menziliniň ortarasynda
sazanaklap, näme etjegini bilmän durdy.
78
Belki, Hagrid gyýarak aýlanyp gidýän darajyk köçä düşmek üçin çep tarapdan
üçünji kerpijiň kakylyşy ýaly, edilmeli käbir zatlary aýtmagy unudandyr. Ol: «Ýa
bolmasa, dokuzynjy we onunjy platformalaryň aralygyndaky ýol peteklerini deşýän
gysaçlary ýeke-ýekeden jadyly taýajygym bilen kakyşdyraýsammykam?!» diýip
pikirlendi.
Şol pursat onuň yz ýanyndan birnäçe adam geçip gitdi. Harri olaryň:
— Bu ýeri magllardan doludyr — diýendigini eşitdi.
Ol yzyna öwrülende, bu sözleri aýdanyň dört sany çypar saçly oglanlar bilen
gürleşip barýan daýaw aýaldygyny gördi. Olaryň dördüsi hem edil Harriniňki ýaly
baýguşly arabajygy itekläp barýardylar.
Ýüregi çatlara gelen Harri olaryň yzyna düşdi. Olar bir sebäp bilen
saklananlarynda, gürrüňlerini eşider ýaly, golaýraklaryna baryp durdy.
Oglanlaryň ejesi:
— Platformanyň belgisi näçedi? — diýip sorady.
— Dokuz hem dörtden üç — diýip, ejesiniň elinden tutup duran çypar saçlyja
gyzjagaz jogap berdi.
— Eje, menem olar bilen gidäýin-dä?!
— Ýok, seň entek ýaşyň ýetenok, gyzym. Ýuwaş bol indi. Persi, sen birinji
bolup gidäý.
Oglanlaryň iň ulusy dokuzynjy we onunjy platforma tarap ýöräp başlady. Hiç
zady sypdyrmak islemedik Harri olara seredip durşuna, ýeke gezegem gözüni
gypmady. Ýöne ýaňky oglanyň iki platformany bölýän diwara ýakynlaşanam şoldy
welin, syýahatçylaryň bir topary ara düşdi. Olaryň iň soňkusy aradan aýrylýança,
oglan hem birden zym uçan ýaly boldy.
Daýaw aýal:
— Fred, indi seň gezegiň — diýdi.
— Men Fred däl-de, Jorj. Eje, ýene bize oglumam diýýäň. Meň Jorjdugymy
welin bileňok.
— Bagyşla, balam!
79
— Oýun etdim. Men Fred — diýip, soň ol ylgap başlady. Ekiztaýy onuň
yzyndan: «Bahym bol!» diýip gygyrdy. Fred ekiztaýynyň sözlerine eýeren bolmaly.
Sebäbi ol hem, dogany ýaly, gözden duýdansyz gaýyp boldy. Ýöne bu oňa nädip
başartdyka?
Indi üçünji oglan ýöräp başlady. Onuň diwara ýakynlaşanam şoldy welin, edil
beýlekiler ýaly, ol hem gürüm-jürüm boldy.
Ýöne seredip durmagyň manysyzdygyna düşünen Harri ýaňky aýalyň ýanyna
bardy-da:
— Bagyşlaň! — diýip, oňa ýüzlendi.
— Salam, balam! Näme, senem Ron ýaly Hogwartsa ilkinji gezek gidýäňmi?
— diýip, ol ogullarynyň kiçisine tarap ümledi. Onuň inçeden uzyn gollarydyr
aýaklary, öňe çykyp duran uzyn bumy bardy.
Harri:
— Hawa — diýip jogap berdi. — Ýöne men... men nädip....
— Nädip platforma barmalydygyny bileňokmy? — diýip, aýal onuň sözüni
alyp göterdi.
Harri «hawa» diýen manyda baş atdy.
— Hiç zady alada etme. Seň bar etmeli zadyň dokuzynjy hem onunjy
platformanyň aralygyndaky diwara tarap ýöremek. Ýöne saklanmagyn. Esasy zat —
diwar bilen kaklyşaryn öýdüp gorkmagyn. Birden gorksaň, ýöreme-de, ylgaý. Hany
bol, sen Rondan öňürti git.
— E-e, bolýar — diýip, Harri arabajygyny diwara tarap öwürdi. Diwar gaty
berk görünýärdi. Ol ýöräp başlady. Geçip barýan adamlar aýagyna çolaşsalar-da,
badyny gowşatman, ädimlerini ýygjamlatdy. Soňam: «Birden diwar bilen
çaknyşaýsam näme?! Gowy-ha bolmaz» diýip pikirlendi-de, arabajygyny bar güýji
bilen itip, ylgamaga başlady. Diwar bolsa barha ýakynlaşýardy. Onuň indi bat bilen
öňe zyrmyldap barýan arabajygyny saklamaga güýji ýetjek däldi. Ol diwara ýetdi
diýen ýaly. Diwar bilen bir ädim aralykda çaknyşyga taýýar bolan Harri gözüni
ýumdy. Ýöne näme üçindir hiç hili çaknyşyk bolmady. Ol ylgawyny dowam etdirdi.
Harri gözüni açanda platformanyň edil gapdalynda gyrmyzy tüsseli, içi özi ýaly
oglan-gyzlardan ýaňa hyň berýän, ýokarsynda «Hogwarts ekspres, sag. 11:00» diýen
80
belgili otlyny, yzyna gaňrylanda bolsa, hälki diwaryň deregine «Platforma dokuz hem
dörtden üç» ýazgyly geçelgäni gördi.
Burugsap duran otlynyň töweregi wagyrdaşyp duran adamlardan, eýledebeýlede aýlanyşyp ýören dürli reňkdäki pişiklerden, demir gözenekleriniň aňyrsynda
biri-birleri bilen hümmüldeşýän baýguşlardan doludy.
Öňdäki wagonlaryň ählisi diýen ýaly öz ýakynlary bilen hoşlaşmak üçin
penjireden aslyşyp, ýer üçin dawalaşýan okuwçylardan dolupdy.
Harri boşrak wagon tapmak niýeti bilen arabajygyny aşaklygyna sürüp başlady.
Ol: «Ene, men ýene gurbagamy ýitirdim» diýen oglanyň deňinden geçip gidende, bir
garry zenanyň:
— Wah, Newil — diýendigini eşitdi.
Ýene bir buýra saçly oglanyň daşyny bir topar okuwçy gurşap alypdy. Olar
aldygyna: «Bizem göreli-le, Li! Bol, görkezsene!» diýişýärdiler.
Ýaňky oglan gutynyň gapagyny açanda, uzyn, tüýlek aýagyny çykaran nämedir
bir zada olar uly ses edip gygyryşdylar.
Harri otlynyň soňky wagonlarynyň birinde boş kupe gabat gelýänçä ýöredi. Ol
Hedwigi içerik salansoň, arabajygyny hem otla ýerleşdirmäge synanyşdy. Ýöne her
gezek oňa arabajygy ýerden az-kem galdyrmak başartsa-da, eliniň agyrysyna
çydaman, ýene ýerde goýmaly bolýardy.
— Kömek gerekmi? — diýip, hälki çypar saçly ekizleriň biri ondan sorady.
— Gerek — diýen Harri haş-haş edip, zordan gürledi.
— Heý, Fred, bärik gel!
Ekizleriň kömegi bilen Harriniň goşy ahyry wagona ýerleşdirildi.
Ol:
— Minnetdar! — diýip, gözüne düşüp duran saçlaryny yzyna gaýtardy.
Birden ekizleriň biri:
— Bu näme? — diýip, onuň ýyldyrym şekilli ýara yzyna barmagyny
çommaldyp sorady.
Ekizleriň beýlekisi:
81
— Eý, Hudaý! — diýdi. — Sen ol-a dälsiň?
Ekizleriň birinjisi:
— Hawa, şol — diýdi.
Soňra ol:
— Sen şol oglan-a dälsiň-dä? — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Harri:
— Haýsy oglan? — diýip, geňirgenip sorady.
— Harri Potter? — diýip, olaryň ikisem birbada gürledi.
— Hawa, şol, ýagny şol oglan men.
Ekizleriň ikisi hem onuň ýüzüne aňkarylyşyp seretdiler. Harri utanjyndan ýaňa
ýere giräýjek boldy.
Birden otlynyň açyk gapysyndan:
— Fred, Jorj, nirede siz? — diýen ses eşidildi.
Harriniň arkasyndan agyr ýük aýrylan ýaly boldy.
— Barýas, eje.
Olar Harrä ýene bir gezek ünsli seretdiler-de, otludan düşdüler.
Harri platformada duran çypar saçly maşgalany synlap, olaryň gürrüňlerini
eşidip biler ýaly, penjiräniň golaýynda oturdy.
Ejeleri elýaglygyny çykaryp:
— Ron, seň bumuňda bir zad-a bar — diýdi-de, yza-yza çekilen körpe ogluny
tutup, onuň bumuny süpürmäge durdy.
— Goýbersene, eje! — diýen Rona ejesiniň elinden sypmak başartdy.
— Waý, Ronni janyň bumunda hapajyk bar — diýip, ekizleriň biri içýakgyç
ýylgyrdy.
Ron:
— Gapylsana! — diýip, gaharly gürledi.
82
Ejeleri:
— Persi hany? — diýip sorady.
— Hanha, gelýär.
Oglanlaryň iň ulusy aňyrdan ylgaşlap geldi. Ol eýýäm uzyn Hogwarts
ýektaýyny geýen eken. Harri onuň döşünde «P» ýazgyly kümüş belginiň bardygyny
gördi.
Ol gele-gelmäne:
— Eje, ýanyňyzda uzak durup biljek däl. Men gözegçilere degişli iň öňdäki iki
wagonyň birinde bolaryn — diýdi.
— Wiý, Persi, sen indi toparbaşy bolduňmy? Näme üçin bize hiç zat
aýtmadyň? — diýip, ekizleriň biri gözlerini tegeläp gürledi.
— Beý diýme. Onuň bu barada bir zatlar aýdandygy ýadyma düşýär. Bir gezek
aýdypdy öýdýän — diýip, ekizleriň beýlekisi doganynyň degişmesini alyp göterdi.
— Ýok-how, iki gezek...
— Her minutda...
— Tutuş tomus...
— Aý, gapylsaňyzlaň! — diýip, toparbaşy Persi olara azgyryldy.
Ekizleriň biri:
— Näme üçin Persä täze ýektaý berildikä? — diýdi.
— Sebäbi ol indi toparbaşy boldy — diýip, ejeleri uly ogluna çäksiz guwanç
bilen seretdi. — Bolýar, balam. Işiňde üstünlik arzuw edýän! Barmaly ýeriňe
ýeteňde, baýguşdan maňa hökman hat ibergin!
Ol Persiniň ýaňagyndan ogşap, gitmäge rugsat berensoň, ekizlere seretdi.
— Siziň ikiňiz özüňizi gaty gowy alyp baryň! Eger maňa: «Siziň oglanlaryňyz
hajathanany çogdurypdyr» diýip hat geläýse...
— Gaty gowy pikir, eje! Sag bol!
— Men oýun edemok. Rona-da göz-gulak boluň!
83
—Alada etme, eje. Biziň ýanymyzdaka, Ronni jana hiç zat bolmaz.
Ron:
— Gapylyň! — diýip azgyryldy. Ol ekizler bilen boýdaşdy, bumunyň sydyrdyp
süpürilen ýeri bolsa häzir hem gyzaryp durdy.
— Wiý, eje, edil ýaňyja otluda kimi görenimizi bil-dä.
Harri olara görünmez ýaly derrew yza çekildi.
— Häli, demir ýol menzilinde biziň golaýymyzda duran gara saçlyja oglan
ýadyňa düşýärmi? Şol oglanyň kimdigini bilýäňmi?
— Kim?
— Harri Potter.
Harri ejesiniň elinden tutup duran gyzjagazyň:
— Eje, otla münüp, menem ony görüp geläýin-dä! Goýberäý-dä, eje! —
diýendigini eşitdi.
— Sen ony eýýäm gördüň, Jinni. Onsoňam görgüli oglanjyk haýwanat bagynda
synlamaga goýlan haýwan däl ahyryn. Fred, şol oglanjygyň, hakykatdan hem,
Harridigini nireden bilýäň?
— Özüm soradym. Onuň maňlaýyndaky ýyldyrym şekilli ýara yzynam öz
gözlerim bilen gördüm.
— Wah, görgüli oglanjyk. Onuň demir ýol menziline ýeke özüniň gelşini
geňem gördüm-le. Menden platforma nädip barmalydygyny sorady. Salykatly
oglanjyk eken.
— Ady tutulmaýanyň keşbi ýadyna düşýärmikä?
Oglunyň bu sözlerine ejesiniň ýüzi hyrsyzlandy.
— Fred, ondan bu hakda soramagy gadagan edýän. Soramaga milt edäýmegin.
Okuwynyň ilkinji gününde oňa bolup geçen zatlary ýatladyp durmak gerek däl.
— Bolýar-la eje, gaharlanmasana.
Şol pursat otlynyň zoguldysy eşidildi.
84
Ejeleri:
— Çalt boluň! — diýeninden, oglanlaryň üçüsi hem otla mündi. Olar, ejeleri
soňky gezek ogşar ýaly, penjireden aşak egildiler. Gyz jigileri aglap başlady.
— Aglamasana, Jinni. Biz saňa baýguş baryny ibereris.
— Biz saňa Hogwarts hajathanasynyň oturgyjyny ibereris.
— Jorj!
— Oýun edýän-le, eje.
Otly ýerinden gozgandy. Harri olaryň ejesiniň elini galgadandygyny, jigisiniň
bolsa hem gülüp, hem aglap otly bat alýança ylgandygyny, soň ejesiniň ýanyna
dolanyp, onuň hem elini galgadandygyny gördi.
Harri eneli-gyzy gözden ýitýänçäler synlady.
Otly uly tizlikde öýleriň deňinden geçip barýardy. Öňünde nämeleriň
garaşýandygyny bilmese-de, yzda galan zatlardan has gowy boljakdygy hakda
pikirlenen Harriniň tutuş süňňüni begenç duýgusy gaplap aldy.
Kupäniň gapysy açylyp, ýaňky çypar saçly oglanlaryň iň körpesi içerik girdi.
— Şu ýeri boşmuka? — diýip, ol Harriniň gabat garşysyndaky oturgyjy
görkezdi. — Beýleki ýerleriň ählisi eýeli görünýär.
Harri «hawa» diýen äheňde baş atansoň, ol ýaňky boş ýere geçip oturdy. Çypar
saçly oglan başda özüne göz aýlan hem bolsa, soň seretmeýän kişilerden bolup,
penjireden daşaryny synlady. Harri onuň burnundaky şol tegmiliň häzir hem garalyp
durandygyny gördi.
— Eý, Ron — diýip, gapynyň aňyrsynda ekizler peýda boldular.
— Biz-ä, otlynyň orta gürpündäki wagonlaryň birine baryp gelmekçi. Li
Jordanyň ullakan tarantulasy1 barmyşyn.
— Şeýlemi? — diýip, Ron göwünli-göwünsiz gepledi.
Ekizleriň biri:
1
Tarantula – ýylanyň bir görnüşi.
85
— Harri, biz seni özümiz bilen tanyşdyrmadyk ahyryn. Fred we Jorj Wizli. Bu
bolsa biziň jigimiz Ron. Ýene görüşýänçäk, sag bol! — diýdi.
Harri bilen Ron:
— Sag bol! — diýişdiler.
Ekizler kupäniň gapysyny ýapdylar.
Ron:
— Sen, hakykatdanam, Harri Pottermi? — diýip, häliden bäri özüni
gyzyklandyrýan sowalyny berdi.
Ol baş atdy.
— Nätdiň-aý?! Men Fred bilen Jorj dagy oýun edýändir öýtdüm. Onsoň sende,
hakykatdanam... — diýip, ol Harriniň maňlaýyny görkezdi.
Harri maňlaýyndaky ýyldyrym şekilli ýarasy görner ýaly, saçyny yza gaňyrdy.
— Diýmek, Ady agzalmaýan, hakykatdanam, seň maňlaýyňda...
— Hawa. Ýöne meň hiç zat ýadyma düşenok.
— Ýekeje zadam ýadyňa düşenokmy?! — diýip, Ron bilesigelijilikli sorady.
— Ýaşyl ýagtylykdan başga hiç zat ýadyma düşenok.
— Baý-bow — diýen Ron birnäçe wagtlap Harrini synlap oturdy. Soň hem
bolup oturyşyny gelşiksiz hasapladymy, nämemi, ondan gözüni aýryp, penjirä seretdi.
Harri:
— Maşgalaňyzdakylaryň bary jadygöými? — diýip, Ronuň özünden
gyzyklanyp soraýşy ýaly, bilesigelijilik bilen oňa ýüzlendi.
— E-e, hawa, şeýlemikä diýýän. Ejemiň bir hasapçy ýegeni bar öýdýän. Ýöne
biz hiç haçan ol hakda gürleşemzok.
— Onda sen eýýäm jady baryny öwrenensiň?
Wizliler darajyk köçede solgun ýüzli oglanjygyň gürrüň beren jadygöý
maşgalalaryndan biri bolmalydy.
Ron:
86
— Men seň magllaryň arasynda ýaşandygyňy eşitdim. Olar nähili adamlar,
hä?! — diýip sorady.
— Gaty erbet adamlar. Elbetde, hemmesine beýle diýip bolmaz. Ýöne meň
daýymdyr daýzam hem ýegenim, gürrüňsiz, erbet adamlar. Olaryň ýerine meňem
seňki ýaly, üç sany jadygöý doganym bolsady.
— Bäş sany. Men olaryň altynjysy — diýen Ron näme üçindir gaýgyly
göründi. Soň ol sözüni dowam etdi:
— Men maşgalamyzda Hogwartsa gidýänleriň altynjysy. Sen görelde alynjak
doganlarymyň bardygyny aýdyp bilersiň. Bil bilen Çarli ikisi eýýäm özbaşdak ýaşap
başladylar. Bil mekdebiň iň ökde okuwçysy bolan bolsa, Çarli kwiddiç toparynyň
ekabyr okuwçysy boldy. Persem indi toparbaşy. Fred bilen Jorj baran ýerlerini ýykanýumran edip ýörendiklerine garamazdan, gaty gowy okaýarlar. Hemme kişi olary
şähdaçyk görýär. Indi olar meňem edil doganlarym ýaly, öňdebaryjylaryň biri
bolmagymy isleýärler. Maňa beýtmek başardaýanda-da, hiç kim meň bu
başamygymy üýtgeşik zat hökmünde kabul etmez. Sebäbi bu zatlaryň ählisi öň
edilipdi. Bäş sany doganyň bolsa, köne zatlardan gözüň açylmaz eken. Maňa Biliň öň
geýen ýektaýyny, Çarliň köne taýajygyny, Persiň bolsa garry syçanyny berdiler.
Ron elini jübüsine sokdy-da, ol ýerden süýji ukuda ýatan semiz çal syçan
çykardy.
— Ynha, munuň ady Skabbers. Ol barypýatan ýalta syçan. Haçan görseň uklap
ýatandyr, oýanaýynam diýenok. Kakam Persä toparbaşy bolany üçin baýguş alyp
berdi. Maňa bolsa täze zat alyp bermäge güýçleri ýetm.., ýagny Skabbersi berdiler.
Ron gereginden artykmaç gürländirin öýden bolarly, onuň gulagy gyzaryp
gitdi. Ol ýene penjireden daşaryny synlamaga durdy.
Harri öz ýanyndan: «Baýguş satyn almaga güýjüň ýetmezliginde utanar ýaly
zat ýok ahyryn» diýip pikirlendi. Onuň özünde-hä bir aý mundan ozal ýeke şaýam
ýokdy.
Ol soň Rona özüniň elmydama Dadliniň köne eşiklerini geýendigini, ömründe
ýeke gezegem idili sowgat almandygyny aýdyp berdi. Bu onuň azajyk hem bolsa
keýpini göterdi.
— ...Hagridiň özi gelip maňa ähli zady aýdyp berýänçä, jadygöýdigimdenem,
enem-atamdyr Waldemortdanam habarym ýokdy.
87
Ron gözüni tegeläp, içini çekdi.
Harri:
— Näme boldy? — diýdi.
— Sen Ady tutulmaýanyň adyny tutduňmy? — diýen Ron hem geň galyp, hem
aladalanyp sorady.
— Men seniň, ýagny hemme adamlaryň...
— Onuň adyny tutmak bilen batyr görünjek bolamok. Men hiç wagt onuň
adynyň tutulmaly däldigini bilmändim. Näme diýjek bolýanyma düşünýänsiň-le. Meň
entek öwrenmeli zadym diýseň köp. Gör-de duruber... — diýip, ol şu ýerde özüni
köpden bäri biynjalyk edýän pikirini dile getirdi. — Gör-de duruber, ynha, men
synpda iň yzagalak okuwçylaryň biri bolaryn.
— Ýok, beý diýme. Bu mekdebe magl maşgalasyndan okamaga gelýänler
diýseň köp. Ýöne muňa garamazdan, olar gaty tiz öwrenýärler.
Ron bilen Harri gürrüňe gyzyp, otlynyň Londondan çykandygyny hem bilmän
galdylar. Otly sygyrdyr goýunlardan doly çemenzarlygyň içi bilen gidip barýardy.
Olar göm-gök meýdany, darajyk köçeleri synlap, birsalym sessiz oturdylar.
Sagat on ikiniň ýary töwereklerinde gapynyň aňyrsyndan kimdir biriniň çasly
sesi eşidildi. Ýüzi düwürtikli, ýylgyryp duran aýal kupäniň gapysyny açdy-da:
— Bir zatlar satyn almak isleýäňizmi, balalarym?
— diýip sorady.
Ertirden bäri agzyna ýeke döwüm çörek almadyk Harri derrew ýerinden galdy.
«Ýanym bilen sandwiç alyp gaýtdym» diýen Ronuň bolsa ýene gulaklary gyzardy.
Harri gapydan çykdy.
Harri Darsliler bilen ýaşaýarka, hiç haçan süýjiköke satyn alyp görmändi.
Häzir welin onuň jübüsi islän şokoladyny almaga ýetjek gyzyl, kümüş şaýlyklardan
doludy. Arman, bu aýal şokolad satmaýan eken. Ýöne oňa derek Betti Botuň dürli
tagamly un nohudy, Drubluň iň gowy çişýän sakgyjy, gurbaga şokoladlary, kädi
süýjüleri, gazan kökeleri, Likýoris jadyly taýajyklary hem ömründe ilkinji gezek
görýän ýene-de köpsanly süýji-kökeleri bardy.
88
Olaryň ählisinden dadyp görmek islän Harri hersinden birnäçesini aldy-da,
satyjy aýala on bir sany kümüş sikl bilen ýedi sany mis knut töledi.
Satyn alan bir topar süýji-kökelerini kupä salyp, boş oturgyçlaryň üstüne
ýerleşdiren Harrä aňkarylyp seredýän Ron:
— Gaty ajygypsyň öýdýän — diýdi.
— Açlygymdan ýaňa ölüp barýan — diýip, Harri kädi süýjüsine agyz urdy.
Ron daşyna kagyz dolanan bir zat çykardy. Kagyzyň içinde dört sany sandwiç
bar eken. Ol sandwijiň birini eline aldy.
— Ejem meniň gaýnadylan eti halamaýandygymy elmydama ýatdan çykarýarda.
— Gel, çalşaly — diýip, Harri süýjüleriň birini uzatdy. — Me, al.
— Muny senem halamarsyň. Ejem biziň bäşimiz bilen başagaý bolup, hiç zada
ýetişip bilenok.
— Me, alsana, arkaýyn iýiber.
Şu wagta çenli paýlaşar ýaly zady, hatda dosty hem bolmadyk Harrä Ron bilen
süýji-kökelerini paýlaşmak diýseň ýakymly boldy.
Olar süýji-köke iýip oturyşlaryna sandwiji düýbünden unudypdylar.
Harri gurbaga şokoladlaryny eline aldy.
— Bu näme? Hakyky gurbaga däl gerek?
Harri indi hiç bir zady geň görüp duranokdy.
Ron:
— Ýok — diýip jogap berdi. — Içinden suratam çykýandyr. Mende Agrippina
ýok.
— Näme ýok diýdiň?
— Wiý, hawa-la, sen bilýänem dälsiň. Adatça gurbaga şokoladlarynyň içinden
jadygöýlerdir gözbagçylaryň suratlary çykýar. Isleseň, olary ýygnabam bilersiň. Men
eýýäm bäş ýüz sanysyny ýygnadym. Ýöne mende entegem Agrippinanyň hem
Ptolomeýiň suraty ýok.
89
Harri gurbaga şokoladynyň gabygyny aýyrdy-da, içinden karty çykardy. Onuň
ýüzünde ýarym aý şekilli äýnekli, ujy towlanyp duran burunly, çal saçly, gür sakgally
adamyň şekili, onuň edil aşagynda bolsa Albus Dambldor diýen ýazgy bardy.
— Diýmek, bu Dambldor-da?!
— Şu wagtda çenli Dambldor hakda hiç zat eşitmedim bir diýme.
Gurbagalaryň birini alsam bolýarmy? Belki, içinden Agrippinanyň suraty çykar. Sag
bol!
Suraty beýlesine öwren Harriniň onuň arka ýüzündäki ýazga gözi düşdi.
«Albus Dambldor
Albus Dambldor häzirki wagtda Hogwartsyň müdiridir. Ol şu döwrüň
öňdebaryjy jadygöýi hasaplanýar. Ol, esasan hem, 1945-nji ýylda gara jadygöý
Grindelwaldy ýeňendigi, aždarhanyň ganyny ulanmagyň on iki usulyny tapandygy
hem-de öz kärdeşi Nikolas Flamel bilen bilelikde alhimiýa ugrunda bitiren ägirt uly
işleri arkaly tanymaldyr. Professor Dambldor aýdym diňlemegi, bowling oýnamagy
gowy görýär».
Suraty ýüz tarapyna öwren Harri, Dambldoryň ýüz-keşbiniň gürüm-jürüm
bolandygyny görüp, haýran galdy.
— Hany ol?!
— Näme, ol uzynly gün şol bir ýerde durar öýtdüňmi? Birsalymdan soň yzyna
dolanyp geler. Wah, ýene Morgana çykdy. Mende munuň alty sanysy bar. Me, sen
alaý. Belki, olary ýygnap başlarsyň.
Ron açylmadyk gurbaga şokoladlaryna dümtünip oturdy.
Harri:
— Arkaýyn iýiber — diýip, olary Ronuň öňüne süýşürişdirdi. — Magl
dünýäsinde suratdaky adamlar hiç gymyldamaýar.
— Nätdiň-äý! Olar, dogrudanam, gymyldanoklarmy?
Harri suratdaky Dambldoryň ýüz-keşbiniň yzyna gaýdyp gelendigini, onuň
özüne seredip ýylgyrandygyny gördi. Rona tanymal jadygöýleriň suratlaryny
synlamak däl-de, gurbagalary iýmek has gyzykly ýalydy. Harri welin olardan gözüni
aýryp bilenokdy. Birsalymdan soň onuň elinde diňe bir Dambldoryň, Morgananyň
90
suratlary däl, eýsem, Wudkrofltly Hengistiň, Alberika Granýonyň, Sirsiň,
Parakelsasyň, Merliniň suratlary peýda boldy. Ol bumuny gaşap duran Druid
Kliodnadan zordan gözüni aýyrdy-da, Betti Botuň dürli tagamly un nohudynyň
gabygyny aýyrmaga durdy.
— Bulary iýeňde, gaty seresap bolgun. Olaryň «Dürli tagamly» diýdigi, her
hilisi... ýagny olaryň içinde şokolad, narpyz, marmelad ýaly gowy tagamlysam,
ysmanak, öýken, garyn-içege ýaly erbet tagamlysam bolaýýar. Jon bir gezek
ýürekbulanjysynam iýendigini aýdypdy — diýip, Ron gök reňkli nohudy aldy-da,
onuň ujundan dişläp gördi.
— Ýürekbulanjydygyny. Gördüň dälmi? Ösüntgiler.
Dürli tagamly nohudy iýmek olar üçin diýseň gyzykly boldy. Harrä köýdürilen
çörejik, kokos, bişirilen nohut, ýertudana, ot, kofe, balyk tagamly nohutlar gabat
geldi. Ol hatda Ronuň iýmäge bogny ysmadyk üýtgeşik çal reňkli nohutjygyndanam
dadyp gördi. Bu nohut burç tagamly bolup çykdy.
Otluk meýdany yzda goýup, öňe okdurylyp barýan otly gür tokaýlygyň, tolkun
atýan derýanyňdyr göm-gök baýyrlaryň deňinden geçip barýardy.
Birden kupäniň gapysy kakylyp, Harriniň dokuz hem dörtden üç platformada
deňinden geçen şol tegelek ýüzli oglanjyk aglamjyrap içerik girdi.
— Bagyşlaň, siz meň gurbagamy gören-ä dälsiňiz?
Olaryň «ýok» diýen manyda kellelerini ýaýkanlaryna mähetdel, ol:
— Men ony ýitirdim. Näme üçin ol elmydama menden gaçyp gidýär? — diýip,
uly sesi bilen möňňürip aglamaga başlady.
Harri:
— Gurbagaň hökman yzyna dolanyp geler — diýip, ony köşeşdirjek boldy.
— Bolýar-da... eger birden göräýseňiz...
Soň ol çykyp gitdi.
Ol kupeden çykan badyna Ron:
— Men onuň näme üçin beýle alada galýandygyna düşünip bilemok — diýip
gürrüňe başlady. — Eger meň gurbagam bolan bolsady, ony özüm her edip, hesip
edip ýitirjek bolardym. Aslynda-ha Skabbersli halyma, meň gürlärligimem ýok.
91
Syçan häzir hem Ronuň dyzynyň üstünde süýji ukuda ýatyrdy.
— Men-ä şu birden ölse-de, öleninem bilmezmikäm diýýän. Men düýn, azajyk
hem bolsa gelşigine getirjek bolup, onuň tüýüni saraltmaga synanyşdym. Ýöne jady
ugruna bolmady. Men saňa häzir jadylaýşymy görkezeýin? — diýip, ol torbasyny
dörüşdirdide, birnäçe ýeri ýonulan, ujundan bolsa ýylpyldyly bir zat sallanyp duran,
halys könelişip giden taýajygy çykardy.
— Bir buýnuzly atyň ýaly çykjak bolup dur. Bolýar onda.
Onuň jadyly taýajygyny ýokaryk galdyranam şoldy welin, gapyda ýene-de
hälki gurbagasyny ýitiren oglan peýda boldy. Ýöne bu gezek onuň ýeke özi däldi,
ýanynda täzeje Hogwarts ýektaýyny geýen bir gyzjagaz bardy.
— Şu golaýda gurbaga gören-ä dälsiňiz? Newil gurbagasyny ýitiripdir —
diýip, gür goňur saçly, iki alyn dişi has uzyn bolan bu gyzjagaz dogumly gürledi.
Ronuň:
— Biz oňa görmändigimizi hälem aýdypdyk — diýip, jogap berendigine
garamazdan, gyzjagaz onuň ýeke sözüne-de gulak gabartmady.
Gaýtam Ronuň elindäki jadyly taýajygyna seredip:
— Näme jadygöýlik etjek bolýaňmy? Menem göräýeýin — diýdi-de, boş
oturgyja geçip oturyberdi.
Özüne ynamsyz görünýän Ron:
— Bor — diýdi.
Soň «ähm-ühm» edip:
— Gün şöhlesi, lýutikler, şalfeý, goý, şu biderek syçanyň tüýi sary reňke
öwrülsin! — diýen jadyly sözleri aýdyp çüfläge-de, taýajygyny iki ýana galgatsa-da,
Skabbers şol çal reňkliligine hem semizligine galdy.
Gyzjagaz:
— Seniň bu aýdanlaryň jadyly sözlerdigine ynamyň barmy? Görşüň ýaly,
gowy jad-a däl eken. Menem tejribe üçin käbir ýönekeýje jadylary synap gördüm.
Ählisem ugruna boldy. Ejemdir kakamyň hiç haýsysam jadygöý däl. Şonuň üçinem
jadygöýlik mekdebine çakylyk hatyny almak meniň üçin garaşylmadyk zat boldy.
Ýöne men gaty begendim. Hogwarts öňdebaryjy jadygöýlik mekdebi ahyryn. Men
92
okuw kitaplarymyň ählisini ýatdan öwrendim. Öwrenen zatlarym şu wagtlykça
ýeterlik bolarmyka diýýän. Aslynda-ha meniň adym Germiona Greýnjer. Siz kim
bolarsyňyz? — diýip, çalt-çalt gürledi.
Ronuň ýüzüne sereden Harri, onuň gözüni tegeläp durşundan, özi ýaly hiç zat
öwrenmändigine düşündi. Bu bolsa Harrini biraz arkaýynlaşdyrdy.
— Men Ron Wizli.
— Harri Potter.
— Sen, hakykatdanam, Harri Pottermi? — diýip, Germiona onuň ýüzüne
çiňerildi. — Okuw kitaplaryndan sen hakda-da köp zatlar öwrendim. Has çuňňur
öwrenip bilerim ýaly goşmaça kitaplaram satyn aldym. «Häzirki zaman
jadygöýliginiň taryhy», «Gara güýçleriň galkynmagy we pese düşmegi», «XX asyryň
beýik gözbagçylyk wakalary» atly kitaplarda sen hakda-da aýdylyp geçilýär.
Harri:
— Şeýlemi? — diýip geň galdy.
— Eý, Hudaý! Sen bu hakda hiç zat bileňokmydyň? Men-ä seň ýeriňde
bolsam, özüm hakda ýazylan kitaplaryň ählisini tapardym. Siz haýsy öýde
okajagyňyz hakda pikirlendiňizmi? Men-ä soraşdyryp-idämsoň, Griffindory
saýladym. Aýdyşlaryna görä, öýleriň iň gowusymyş. Dambldoryň özem şol öýde
okapdyr. Ýöne Rowenklowa düşsemem erbet bolmazmyka diýýän. Bolýar-da, men
gidip, Newiliň gurbagasyny gözleşeýin. Siziň ikiňizem eşikleriňizi çalşyrynsaňyz
gowy bolar. Barmaly ýerimize tiz wagtdan ýeterismikäk diýýän — diýdi-de,
Germiona gurbagasyny ýitiren oglanjygy yzyna düşürip, kupeden çykdy.
— Nirä düşsemem ýaňky gyz bilen bir ýerde okamaly bolmaýyn — diýip, Ron
taýajygyny torbasyna saldy. — Biderek jadyly sözler ekeni. Jorj öwredipdi welin,
aldan bolarly.
Harri:
— Doganlaryň haýsy öýde okaýar? — diýip sorady.
— Griffindor — diýen Ronuň ýüzi ýene-de gamaşdy. — Ejem bilen kakamam
şol öýi gutardy. Eger menem Griffindora düşmesem, olaryň näme diýjegini bilemok.
Rowenklowam erbet däl welin, Slizerinde ýerleşdirmeseler bolýar.
— Bu Wol, ýagny Ady tutulmaýanyň gutaran öýi dälmi?
93
— Hawa — diýip, Ron keýpsiz halda oturgyja ýaplandy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.