Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17

Total number of words is 3826
Total number of unique words is 1890
34.0 of words are in the 2000 most common words
48.2 of words are in the 5000 most common words
55.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Indiki otag şeýlebir garaňkydy welm, hiç zat gömenokdy. Ýöne işikden ätlän
batlaryna otagyň içi ýagtylyp gitdi. Olaryň öňünde ajaýyp gömüş peýda boldy.
Olar äpet küşt tagtasynyň bir gyrasynda, öz boýlaryndan hem uzyn, gara
daşdan oýulyp ýasalana meňzeş küşt mallarynyň edil ýeňsesinde durdular. Olaryň
gabat garşysynda, ýagny otagyň beýleki tarapynda bolsa ak mallar hatara düzülgidi.
Harri, Ron hem Germiona dagynyň endamy jümşüldäp gitdi. Äpet ak küşt
mallarynyň ählisi ýüzsüzdi.
253
Harri:
— Indi biz näme etmeli? — diýip pyşyrdady.
— Näme etmelidigimiz düşnükli ahyryn. Otagyň beýleki tarapyna diňe küşt
oýnap geçmeli.
Ak küşt çöpleriniň arkasynda ýene bir gapy gömüp durdy.
Germiona Ronuň ýüzüne aljyraňňy garady.
— Ýöne nädip?
— Küşt mallaryna öwrülmeli bolaýmasak.
Ron gara atyň ýakynyna baryp, oňa elini degirdi. Birdenem hälki jansyz gara
daşa jan girdi duruberdi. At ýeri debsiläp başlasa, onuň üstünde oturan tuwulgaly
serkerde Rona seretdi.
— Biz otagyň beýleki tarapyna geçjek bolsak, siz bilen bile küşt oýnamalymy?
Gara pyýada baş atdy. Ron dostlaryna tarap öwrüldi:
— Beýle bolsa, oýlanyşaly hany! Biz haýsy hem bolsa üç sany çöpüň ornuna
geçmelimikäk diýýän.
Ron oýa batdy. Seslerini çykarman duran Harridir Germiona ondan gözlerini
aýryp bilenokdylar. Ahyry Ron dillendi.
— Gaty görmäň welin, siz küşde edil men ýal-a ökde däl...
— Ýok, biz gaty göremzok — diýip, Harri bada-bat jogap gaýtardy. — Bize
näme etmelidigimizi aýtsaň bolýar.
— Beýle bolsa, Harri, sen şu piliň ýerine geç, Germiona, sen bolsa oň
gapdalynda, ruhuň ýerinde dur.
— Sen näme?
— Men at boljak.
Mallar olaryň gürrüňlerim diňläp duran bolara çemeli, çünki Ronuň ýaňky
sözleri aýdanyna mähetdel at, pil hem-de ruh beýleki mallara arkalaryny öwürdilerde, küşt tagtasyndan düşdüler. Olaryň ýerlerini Ron, Harri hem Germiona eýeledi.
254
— Aklar elmydama ilki başlaýar — diýip, Ron tagtanyň beýleki tarapyna
ümledi. — Hawa, serediň!
Şol pursat ak pyýada iki öýjük öňe süýşdi.
Ron gara mallara buýruk berip başlady. Olar nirä aýdylsa şol ýere hem
ýuwaşlyk bilen süýşýärdiler. Harriniň aýaklary sandyraýardy. Birden utulaýsalar,
nähili bolarka?
— Harri, gyýalygyna dört öýjük saga süýş!
Ikinji atlaryny aldyranlarynda olaryň zähreleri ýaryldy. Ak perzi aty bat bilen
urup, ýere ýykdy-da, süýräp küşt tagtasynyň üstünden düşürdi. At şol ýerde ýüzin
düşüp ýatdy.
Ron gaty howsalaly görünýärdi.
— Şeýle göçüm etmeli boldum-da. Bu bize pili almaga mümkinçilik berdi.
Bol, hany, Germiona!
Her gezek bir malyny ýitirenlerinde aklar hasam rehimsiz daraşýardylar. Sähel
salymda diwaryň dört tarapy hem hereketsiz ýatan gara mallardan doldy.
Germionanyň hem Harriniň üstüne iki gezek howp abananynda-da Ron olary soňky
pursatda halas edipdi. Onuň özi bolsa küşt tagtasynyň üstünde eýläk-beýläk göçüm
edip, mallarynyň näçesini ýitiren bolsa, ak mallaryň hem şonçasyny pürreledi.
Birdenem Ron:
— Ýetip barýas — diýip hüňürdedi. — Gowuja pikirlen, gowuja pikirlen.
Ak perzi ýüzsüz kellesini Rona öwürdi.
— Hawa. Diňe bir ýol bar. Men alynmaly bolýan.
Harridir Germiona:
— Ýok — diýşip gygyryşdylar.
— Bu küşt oýny. Nämedir bir zady hökman pida etmeli bolýar. Men öňe
göçüm ederin, ol bolsa meni alar.
Bu saňa şahy mat etmäge mümkinçilik berer, Harri.
— Ýöne...
255
— Seniň Sneýpi saklasyň gelýärmi ýa-da ýok?!
— Ron...
— Diňle, eger sen tijenmeseň, Sneýp daşy eýelär.
Olaryň, hakykatdan hem, başga çykalgalary ýokdy.
— Taýýarmysyňyz?
Ronuň ýüzi solgundy, ýöne onuň belli bir karara gelendigi welin ikuçsuzdy.
— Men gidýän. Siz garşydaşyňyzy ýeňeniňizden soň, bu ýerde sähelçe-de
eglenäýmäň.
Ronuň öňe ädim ädenem şoldy welin, ak perzi üstüne hüjüm edip, daşdan
ýasalan eli bilen onuň kellesine ýelmedi. Ron ýere ýykyldy. Germiona çirkin
gygyrsada, ýerinden butnap bilmedi. Ak perzi Rony süýräp, bir gyra çykardy. Ron
göýä özünden giden ýalydy.
Harri sandyraklap, üç öýjük çepe süýşdi.
Ak şa başyndaky täjini çykardy-da, ony Harriniň öňüne oklady. Bu olaryň
ýeňendigini alamatlandyrýardy.
Küşt çöpleri yza çekilip, gapynyň öňünden aýryldylar. Ýerde süýnüp ýatan
Rona soňky gezek umytsyz bakan Harri hem Germiona gapyny açyp, indiki
geçelgäniň bosagasyndan ätlediler.
— Birden ol...
— Oňa hiç zat bolan däldir — diýip, Harri hem özüni, hem Germionany
köşeşdirmäge çalyşdy.
— Bize ýene nämeler garaşýarka?
— Biz eýýäm Spruduň duzagyndan geçdik. Ol Şeýtan Duzagydy, Flitwik
açarlary jadylandyr, Makgonagal küştlere jan berendir, diýmek, indi Kwirrel bilen
Sneýp öz oýunlaryny görkezmeli-dä.
Olar indiki gapa ýetdiler.
Harri gapynyň tutawajyna elini ýetirdi.
— Gitdik onda.
256
Ol gapyny giňden açdy.
Otagyň içinde şeýlebir ýakymsyz ys bardy welin, olar ýektaýlaryny nädip
burunlaryna ýetirenlerini duýman galdylar. Bu aýylganç ysa olaryň gözleri ýaşaryp
gitdi. Birdenem olar öňki söweşen trollaryndan-da äpet bir troluň ýerde çäşerip
ýatandygyny gördüler. Onuň kellesinde bolsa ganjaryp duran çiş bardy.
- Şunuň bilen uruşmaly bolmandygymyza men diýseň şat — diýip, Harri
onuň äpet aýagynyň üstünden ätledi.
— Ýör, gideli. Bu ýerde dem alar ýaly däl.
Olar nobatdaky duzak bilen ýüzbe-ýüz gelmekden eýmenip, indiki otagyň
işiginden ätlediler, ýöne bu ýerde hiç hili aýylganç zat ýokdy. Otagda stol durdy.
Onuň üstünde bolsa, ýedi sany dürli şekildäki çüýşejiklen bir setire düzüp
goýupdyrlar.
Harri:
— Ynha-da, Sneýpiň oýny — diýdi. — Indi näme etmelikä?
Otaga aýak basanlaryna mähetdel, olaryň arkalarynda ot alawlady. Gapyny
baglan bu ot ýöne-möne ot däldi, ol melewşe reňkdedi. Şol pursat otagyň beýleki
tarapyndaky gapynyň öňünde-de gara ot ýokaryk götenldi. Olar duzaga düşüpdiler.
— Seret! — diýip, Germiona çüýşejikleriň gapdalynda goýlan kagyz bölegini
garbap aldy. Harri onuň ýeňsesinden seredip, kagyzyň ýüzündäki ýazgyny okady:
Ynha, howp seň öňüňde, yzyňda howpsuz döwrim, Ikimiz kömek berýäs, ýöne
özüň et öwrüm. Ýedimizden birimiz alyp gideris öňe,
Galan altymyz bolsa yza çekýäris diňe.
Iki sanymyz biziň — krapiwa çakyrly,
Üçimiz —jan alyjy, içgidiris zäherli.
Kimde-kim islemese bärde galmagy baky,
Dört sany aňlatmany biler sözlerimdäki. Birinjiden, zäher dur birýerlere
dykylan,
Krapiwa çakyrnyň çep ýanynda bukulan.
257
Iki gyra ünsli bol, edäýme soň puşmany, Aralykdan ýöreseň, görersiň sen
duşmany, Üçünjiden, boýlary deň däl, seret geçeňde, Girdenegiň, äpetiň ölüm ýokdur
içinde.
Iň ahyrky hataryň öňündäki duranlar,
Dürli ýaly bolsa-da, meňzeş tagam bererler.
Germiona uludan demmi aldy. Harri onuň ýylgyrýandygyny görüp geň galdy,
çünki onuň häzir ýyrşarara ýagdaýy ýokdy.
Germiona:
— Ajaýyp! diýip şadyýan seslendi, Bu jady däl. Bu matal. Beýik jadygöýleň
köpüsi pikirlenmegi başarmaýar. Olar bu mataly çözüp bilmän, bärde ömürlik
galardylar.
— Biz näme, galmarysmy?!
— Elbetde, galmarys. Şu kagyzyň ýüzünde bar zat aýyl-saýyl bolup dur. Ýedi
sany çüýşäniň üçüsinde awy, ikisinde çakyr bar, olaryň biri gara ýalnyň lçinden
geçmäge, beýlekisi bolsa melewşe ýalyndan geçmäge kömek eder.
— Ýöne haýsysyny içmelidigini nädip bileris?
— Biraz pikirlenmäge maý ber, hany.
Germiona ýazgyny gaýta-gaýta okap çykdy. Ol çüýşejikleriň deňinden bir
eýläk, bir beýläk ýöredi, olara barmagyny çommaldyp, öz ýanyndan nämedir bir
zatlar samrady
Ahyrsoňy Germiona:
— Tapdym! — diýip elini çarpdy. — Çüýşeleň iň kiçisi bizi gara otdan geçirer.
Daşa barýan ýoly görkezer.
Harri kiçijik çüýşä göz aýlady.
— Bu biziň birimize ýetse zor boldugy. Bir owurtlyk bardyr ýa ýokdur.
Olar biri-birlerimň ýüzlerine seredişdiler.
— Bularyň haýsysy seni melewşe otdan geçirer?
Germiona iň sagda duran tegelek çüýşejigi görkezdi.
258
— Sen şony iç! Meni diňle. Yzyňa dolanyp, bu ýerden Rony çykar. Uçýan
açarlaryň otagyndaky sübseleri al! Olar sizi Flaffiden geçirer. Baýguş saklanýan jaýa
baryň-da, Hedwigi göni Dambldoryň ýanyna iberiň. Ol bize gaty gerek. Belki, maňa
Sneýpi biraz saklamak başardar. Emma ol menden has güýçli.
— Harri, birden oň ýanynda Ady tutulmaýan bar bolaýsa näme?!
— Beýle bolsa... Meňki öň bir gezek ugruna-ha bolupdy, şeýle dälmi?! —
diýip, Harri ýarayzyna elini degirdi. — Belki, bu gezegem şeýle bolar.
Germionanyň dodaklary müňküldeýärdi. Birdenem ol ylgap baryp, Harriniň
boýnundan gujaklady.
— Germiona!
— Harri! Bilýäňmi, sen beýik jadygöý!
Germiona boýnundan gollaryny goýberensoň, Harri uýaljyrap:
— Edil sençe-hä däldirin — diýdi.
— Menmi?! Köp okamakdan, köp bilmekden has wajyp zatlaram bar ahyry!
Dostluk hem batyrgaýlyk. Wah, Harri, seresap bol!
Harri:
— Ilki sen iç! — diýdi. — Dogry çüýşejigi saýlansyň-da, hernä?
— Elbetde — diýip, Germiona tegelek çüýşejikdäki suwuklygy başyna çekdi.
Çüýşejigiň düýbünde zat goýman içensoň, onuň süňňi gagşap gitdi.
Harri:
— Awy däl gerek? — diýip, gorky bilen sorady.
— Ýok. Ýöne buz ýaly eken.
— Bol, täsiri ýitmänkä git.
— Ýol bolsun! Sag-aman yzyňa dolanyp bar!
— Git, onda!
Germiona yzyna öwrüldi-de, melewşe ýalnyň içine girip gitdi.
259
Harri ýüregini bire baglap, kiçijik çüýşäni eline aldy. Ol ýüzüni gara ýalna
tarap öwürdi-de:
— Men barýan! — diýip, çüýşejigi gulkudyp goýberdi.
Onuň tutuş bedeni, hakykatdan hem, buza öwrülip doňan ýaly boldy. Ol
çüýşejigi stolda goýup, öňe ýöredi. Ruhuny belent tutup barşyna Harri gara ýalnyň
tenine galtaşýandygyny gördi. ýöne ol hiç zat duýmady. Belli birwagt onuň gara
otdan başga gören zady bolmady. Birdenem ol beýleki tarapa — iň soňky otaga ýetdi.
Bu ýerde eýýäm kimdir biri bardy. Ýöne ol Sneýpem däldi, Woldemordam.
17-nji bap: IKIÝÜZLI ADAM
Ol Kwirrel eken.
— Sizmi? — diýip, Harri içini çekdi
Kwirrel ýylgyrdy. Onuň ýüzüniň hamy öňküleri ýaly dartylyp duranokdy.
— Hawa, men — diýip, ol parahat seslendi. — Saňa bu ýerde duşarmykam
diýip oýlaýardymam, Potter.
— Ýöne men... Sneýp
— Sewerusmy?
Kwirrel güldi, ýöne bu onuň adaty sandyrawuk kikirdisi däldi. Onuň
gülküsinde kinaýa duýulýardy.
— Hawa, Sewerus şonuň ýaly adama meňzeş, şeýle dälmi? Onuň bikär entäp
ýörmegi meniň üçin bähbit boldy. Ol barka görgüli, sakaw professora kim müňkürlik
eder.
Harri muňa ynanyp bilenokdy. «Beýle bolup bilmez, bu beýle däldir» diýip, ol
içini gepletdi.
— Ýöne Sneýp meni öldürjek boldy ahyryn.
— Ýok, ýok. Seni, aslynda, men öldürjek boldum. Hanym Greýnjer Sneýpe ot
çawlamakçy bolup, meni kakandygyny duýman galdy. Ol şeýdip meniň ünsümi
sowdy. Ýogsam, ýene-de sähel salymlyk hiç kim päsgel bermedik bolanda, men seni
260
sübseden agdarýardym. Eger Sneýp garşydaş jadysy bilen ara sokulmadyk bolsady,
seniň belliňi has öňräk ederdim.
— Sneýp meni halas etjek boldumy?
— Elbetde — diýip, Kwirrel dilujundan jogap berdi. — Ol ýöne ýere oýna
eminlik etmek isländir öýdýäňmi? Ätiýajy elden bermejek boldy. Onuň bolup
ýörşüne gülkim tutýar. Beýdip azara galmak nämä gerek diýsene?! Dambldoryň
gözüniň alnynda men hiç zat edip bilmerin-ä. Mugallymlaryň bary Sneýp
Griffindoryň ýeňmegini islemeýändir öýtdüler, şeýdip, ol diňe abraýdan gaçdy.
Aslynda, ol wagtyny biderek ýere sarp etdi, barybir, men seni şu gün öldürerin.
Kwirrel barmaklaryny şykgyldatdy. Birdenem howada uzyn ýüpler peýda
bolup, Harriniň daşyna berk oraldylar.
— Köp zada burnuňy sokýandygyň üçin, senden näçe çalt dynsam, şonça
gowy. Mekdepde bikär aýlanyp ýörmekden başga oňarýan zadyň ýok. Ynha,
Hellowinde meň daşyň nähili goraglarynyň bardygyny anyklamaga gidendigimi sen
gören bolmaly.
— Troly siz içerik saldyňyzmy?
— Elbetde. Men trollar bilen gowy dil tapyşýan. Yzdaky otaglaň birinde troly
nädendigimi gördüň gerek?! Mekdepde her kim ony tapyp bilmän başagaý bolup
ýörkä, elmydama maňa müňkürlik edýän Sneýp menden öňürtmek üçin göni üçünji
gata çykdy. Meniň trolum seň merkiňi bermegi başarmady, şol üç kelleli it bolsa
Sneýpiň hatda aýagynam goparyp bilmedi, Indi biraz garaş, Potter. Maňa şu täsin
aýnany gözden geçirmek gerek.
Harri Kwirreliň gapdalynda duran zadyň nämedigine diňe häzir düşündi. Bu
Arzuw aýnasydy.
Kwirrel çarçuwanyň daşyndan aýlanyp durşuna:
— Bu aýna daşy tapmagyň ýeke-täk açary — diýip hüňürdedi. — Şunuň ýaly
zady Dambldora ynanýaň, olam Londonda gezip ýörse nätjek? Ol dolanyp gelýänçä,
men bu ýerden gaty uzaklarda bolaryn.
Harriniň Kwirrel bilen gepleşip, onuň ünsüni aýnadan sowmaly diýen pikire
geldi.
— Men siz bilen Sneýpi tokaýda gördüm...
261
Kwirrel aýnanyň arka tarapyna geçip, içi güjükli gürrüňini dowam etdi:
— Hawa. Ol meniň näme bilýändigimi anyklamak üçin yzyma kän düşdi.
Maňa elmydama müňkürlik etdi. Mem gorkuzjak boldy. Ýöne başarmady. Lord
Woldemort hemişe meň ýanymda ahyryn...
Kwirrel ýene-de aýnanyň öňüne geçdi.
— Men aýnada daşy görýän. Ana, ony öz halypama gowşuryp durun. Ýöne ol
nirede?
Harri ýüpden boşanmaga synanyşdy, ýöne bu oňa başartmady. Ol her edip,
hesip edip, Kwirreliň ünsüni aýnadan sowmalydy.
— Ýöne Sneýp hemişe meni ýigrenýän ýalydy.
— Hawa, ýigrenýär, asman şaýatdyr, ol seni, hakykatdanam, ýigrenýär.
Sneýpiň kakaň bilen Hogwartsda bile okandygyny sen bileňokmydyň?! Olar it-depişik bolup geçipdirler. Ýöne Sneýp hiç haçan seň ölmüňi islemändi.
— Birnäçe gün mundan ozal siziň horkuldap aglaýşyňyzy eşidipdim. Şonda
Sneýp size azar beripdi gerek?!
Şol pursat Kwirreliň ýüzüne gorky alamaty çaýylyp giden ýaly boldy.
— Kämahallar halypamyň möhümmi bitirmek maňa kyn düşýär. Ol beýik
jadygöý, men bolsa ejiz...
— Asyl şol wagt ol siziň ýanyňyzdamydy?! — diýip, Harri gözlerini tegeledi.
— Ol meniň ýanymdan asla galmasa näme?! — diýip, Kwirrel pyşyrdap jogap
berdi. — Oňa ýer ýüzüne syýahat edip ýörkäm duşdum. Men ol wagtlar ýagşylyk
hem ýamanlyk hakynda pelsepe otarýan akmak ýigitdim. Lord Woldemort meň
gözümi açdy. Dünýäde ýagşylyk hem ýamanlyk diýlen zat ýok eken, diňe güýç we
oňa garşylyk görkezerden ejiz biçäreler bar eken. Şondan bärem men oňa ak
ýürekden hyzmat edip gelýän, ýöne ony ýüzügara eden pursatlarymam az bolmady.
Ol meniň bilen ýowuz daraşmaly boldy.
Birdenem Kwirrel sandyrap gitdi.
— Ol ýalňyşýany aňsat-aňsat bagyşlaýanok. Gringotdan daşy ogurlap
bilmändigim üçin menden gaty nägile boldy. Ol meni jezalandyrdy. Meni gözden
salmaly däl diýen karara geldi.
262
Harri Kwirreliň sesini eşidenokdy. Ol gyýalap gidýän köçedäki gezelenjmi
ýadyna saldy. Ol nädip şeýle akmak bolup bildikä?! Şol gün Kwirreli görüpdem,
meýhanada onuň bilen elleşipdem, emma hiç zat aňmaýşyny diýsene?!
Kwirrel özbaşyna käýindi.
— Men hiç zada düşünemok. Daş aýnaň içindemikä? Ony döwäýsemmikäm?!
Harriniň kellesinde her hili pikirler at salyp başlady. Ol böwrüne diň salyp
durdy «Men häzir ähli zatdan beter daşy Kwirrelden öň tapmak isleýän. Şonuň
üçinem, aýna seretsem, ony tapýandygymy görerin. Şeýdibem, onuň nirede
gizlenendiginem bilerin. Ýöne Kwirrele duýdurmazdan, aýna nädip seredip
bolarka?!»
Ol aýnanyň öňüne geçmek üçin çepe süýşmäge synanyşdy. Ýöne aýaklary berk
duşalgy bolansoň, ýere ýykylanyny duýman galdy. Hernä Kwirrel oňa üns bermedi.
Ol entegem öz-özi bilen gepleşýärdi.
— Bu aýna näme üçin gerekkä?! Ony nädip ulanmaly? Halypam, maňa kömek
ediň!
Harriniň zähresi ýaryldy. Kimdir biri eýmenç sesi bilen oňa jogap berýärdi,
özem bu ses Kwirreliň agzyndan çykýan ýalydy.
— Oglanjykdan haraý gözle! Oglanjykdan haraý gözle!
Kwirrel Harrä tarap öwrüldi.
— Hawa, Potter! Gel bärik!
Ol çapak çaldy welin, Harriniň eli-aýagy çöşlendi. Harri ýuwaşlyk bilen aýaga
galdy.
Kwirrel:
— Gel bärik! — diýip gaýtalady. — Aýna seretde, maňa näme görýändigiňi
aýt.
Harri oňa tarap ýöräp barşyna «Men aldamaly. Aýnadan görýänlerimi oňa
aýtmaryn. Aldaryn» diýip içini gürledýärdi.
Kwirrel edil alkymyna gelip duranda, Harri onuň sellesinden gelýän täsin ysy
duýdy. Harri gözüni ýumdy, aýna golaý barybam açdy.
263
Harri başda öz ýüzüni gördi. Onuň ýüzi gorkudan ýaňa duw akdy. Ýöne sähel
salymdan soň, onuň aýnadaky keşbi özüne ýylgyryp seretdi. Onsoň, Harri aýnada öz
kisesinden goýy gyzyl reňkli daşy çykarýandygyny, gözüni gyrpybam şony yzyna
salýandygyny gördi. Şol pursat, hakykatdanam, Harriniň jübüsinde bir zat bar ýaly
boldy. Nähihdir bir akyla sygmajak ýagdaýda ol daşa eýe bolupdy.
— Onsoň? — diýip, Kwirrel sabyrsyzlyk bilen seslendi. — Ol ýerde näme
görýäň?
Harri özüni rastlap:
— Men Dambldoryň elimi gysýandygymy görýän — diýip toslamaga durdy.
— Men... men ýaryşda ýeňip, Griffindorlara öýüň kubogyny alyp berýän.
Kwirrel ýene-de gargynmaga durdy.
— Aýryl öňümden!
Harri ýerinden gozgananda, Jadygöýiň daşynyň jübüsine agram salýandygyny
duýdy. Birden ony ýere gaçyraýsa?!
Ol bäş ädim ädip-ätmänkä, ýene-de ýaňky ýakymsyz ses eşidildi, ýöne
Kwirreliň dodaklary welin gymyldanokdy.
— Ol aldaýar. Ol aldaýar.
Kwirrel:
— Potter, yzyňa dolan! — diýip gygyrdy. — Maňa dogryňy aýt! Sen edil
ýaňyja näme gördüň?
Ýene-de ýaňky ses ýaňlandy.
— Onuň bilen men gepleşeýin. Ýüzbe-ýüz.
— Halypam, ýöne siz entek ýeterlik güýçli däl ahyryn.
— Muňa meň güýjüm ýeter.
Harri ýene-de özüni Şeýtan Duzagyna düşen ýaly duýdy. Ol gymyldap
bilenokdy. Kwirrel elini sellesine ýetirip, ony çöşlemäge durdy. Harri doňňaradaşa
dönüpdi. Bu nämäniň alamatyka? Selle ýere gaçdy. Sellesiz ýagdaýda Kwirreliň
kellesi aşa kiçi görünýärdi Soňra ol ýuwaşlyk bilen yzyna öwrüldi.
264
Harri tas gygyrypdy, ýöne onuň bokurdagyndan ses çykmady. Kwirreliň
ýeňsesiniň bolmaly ýerinde ýüz bardy, Harri ömründe beýle aýylganç ahwalat
görmändi. Çym gyzyl gözleň hem-de burun deşiklerine derek edil ýylanyňky ýaly iki
sany kiçijik dilikler bolan bu ýüz edil hek ýaly ap-akdy.
Ol:
— Harri Potter — diýip pyşyrdady.
Harri yza ädim ätmek lsledi, ýöne aýaklary diýenini etmedi.
Bu aýylganç ýüz:
— Meň nämä öwrülendigimi görýäňmi? — diýip seslendi. — Adaty bir
kölegä, tüssä öwrüldim. Men diňe kimdir biriniň synasyny paýlaşyp, bedenli bolup
bilýän. Ýöne meni öz ýüreginiň hem akylynyň törüne goýbermäge höwesekler
hemişe-de bolupdy. Bir buýnuzly atyň gany maňa güýç berdi. Soňky birnäçe
hepdäniň dowamynda, wepadar syrdaşym Kwirreliň tokaýda meň üçin gan içendigini
özüň gördüň. Ýöne dirilik suwuna eýe bolan badyma men özüme beden edinip
bilerin. Indi, belki, sen jübüňdäki daşy maňa berersiň.
Diýmek, ol bilýär eken. Harriniň aýaklaryna badabat ysgyn gaýdyp geldi. Ol
yza tesdi.
Aýylganç ýüz:
— Akmak bolma! — diýip azgyryldy. — Gowusy, meň tarapymy tut-da, öz
janyňy gutaranyňy bil. Ýogsam, eneň-ataň ýaly saňa-da ajal donuny geýdirin. Olar
menden aman diläp ölüpdiler.
Birdenem Harri:
— Ýalançy! — diýip gygyrdy.
Woldemortyň görmegi üçin Kwirrel Harrä ýeňsesini öwrüp ýöredi. Indi
aýylganç ýüz ýylgyrýardy.
— Nähili täsin! — diýip, ol ýylan ýaly hyşşyldap seslendi, —Men edermenleri
elmydama-da hormatlaýardym. Hawa, oglanjyk, seň eneň-ataň edermen adamlardy.
Ilki men seň kakaňy öldüripdim. Ol gaýduwsyz söweşdi. Ýöne ejeň welin diri galyp
bilerdi.
265
Ol seni gorajak boldy. Indi bolsa daşy maňa ber, ýogsa ejeň seniň üçin
janyndan geçeni haýp bolar.
— Şu daş-ha saňa ýok!
Harri alawlap duran çykalga tarap ylgady. Ýöne Woldemort: «Sypdyrma ony»
diýip gygyran badyna Kwirrel onuň golundan berk ýapyşyp ýetişdi. Şol pursat
Harriniň ýarasynda ýiti agyry peýda boldy. Onuň kellesi agyrydan ýaňa ýarylara
gehpdi. Harri Kwirreliň elinden sypjak bolup urundy, uly sesi bilen gygyrdy. Geň
göräýmeli, birden Kwirrel ony goýberäýdi. Maňlaýyndaky agyry gaýdyşdy. Ol
Kwirreliň nirä ýitirim bolandygyny görmek üçin gorkuly gözleri bilen daş-töweregine
garanjaklady. Kwirrel eliniň aýasyny tutup, agyrysyna çydaman bükülip ýatyrdy.
Onuň barmaklary gözüniň alnynda pakgarýardy.
Woldemort:
— Tut ony! Tut ony! — diýip, ýene-de gygyrmaga başlady.
Kwirrel Harrä topulyp, ony ýere ýykdy, boýnuna ýapyşyp, bogmaga durdy.
Maňlaýyndaky ýara yzynda dörän ýiti agyrydan ýaňa Harrmiň gözleriniň öňi
ümezläp başlady, ýöne ol Kwirreliň hem erbet awunýandygyny görüp ýetişdi.
Halypam! Men ony saklap bilemok. Meň ellerim. Ellerim!
Kwirrel Harrini dyzy bilen basyp duran ýerinden, onuň boýnundan çekip alan
ellerine aňk-taňk bolup seredýärdi. Kwirreliň eli ýanyp, pakgaryp, barha gyzyl etjik
bolup barýardy
Ýene-de Woldemortyň azmly sesi eşidildi:
— Onda öldür ony, akmak, onsoň bolany.
Kwirrel ölüm jadysyny aýtmak üçin gollaryny ýokalyk göterdi, emma Harri
bada-bat onuň ýüzüne ýapyşdy.
— Wa-a-a-ah!
Kwirrel Harrini pyzyp goýberdi Onuň ýüzüniň hem pakgaryp başlandygyny
gören Harri Kwirreliň öz bedenini elläp bilmeýändigine, elläýeninde-de ezýet baryny
çekýändigine düşündi. Harri Kwirreliň jadysyndan aman sypmak üçin, oňa berk
ýapyşmalydy. Şeýdip, jadyny aýtmaz ýaly etmelidi.
266
Harri ýerinden böküp turdy-da, Kwirreliň elinden ýapyşdy. Bar güýji bilen
ondan aslyşdy. Kwirrel janhowluna bagyryp, Harriden sypmaga synanyşdy. Harrini
bolsa maňlaýyndaky ýarasy heläk edip barýardy. Harri hiç zat görenokdy. Diňe
Kwirreliň aýylganç dat-perýadyny hem-de Woldemortyň aldygyna «Öldür ony!
Öldür ony!» diýip gygyrýandygyny eşidýärdi, göwnüne bolmasa gulagynda «Harri!
Harri!» diýip, özüni çagyrýan sesler hem ýaňlanýan ýalydy.
Harri Kwirreliň elini sogrup alandygyny duýdy, şol pursat ol öz soňunyň
gelendigine düşündi hem-de garaňkylyga duwlandy, ol aşaklygyna, barha aşaklygyna
gaýtdy.
Onuň edil depesinde nähilidir bir zat ýalpyldap giden ýaly boldy. Sniç! Harri
ony tutmaga synanyşdy, ýöne gollary ýokary galdyrardan aşa agyr geldi.
Harri gözüni gyrpdy. Ýok, bu düýbünden sniç däldi. Bu äýnekdi. Geň
galaýmaly?!
Ol gözlerini ýene bir gezek gyrpanyndan soň, depesinde Albus Dambldoryň
ýylgyryp duran ýüzi peýda boldy.
— Gündiziň haýyrly bolsun, Harri!
Harri oňa aňkarylyp seretdi. Birdenem ähli zat onuň ýadyna düşdi.
— Jenap! Daş! Bu Kwirreldi! Daş onda! Jenap, çalt...
— Biraz köşeş, oglanjyk, sen soňky wakalardan düýbünden habarsyz ahyryn.
Daş Kwirrelde däl.
— Onda ol kimde? Jenap, men...
— Harri, biraz köşeşjek bol, ýogsa hanym Pomfreý meni bu ýerden kowar.
Harri ýuwdunyp, daş-töweregine göz aýlady, öz ýanyndan «Mekdebiň
hassahanasynda ýatan bolaýmasam» diýip oýlandy. Ol üsti zygyr mata bilen örtülen
düşekçede ýatyrdy, gapdalyndaky beýik stoluň üsti bolsa süýji dükanynyň
harytlarynyň ýarysy getirilip goýlan ýaly, her dürli süýji-kökelerden doludy.
— Dostlaňdan hem muşdaklaňdan gelen sowgatlar — diýip, Dambldor
şadyýan seslendi. — Ýerastynda Kwirrel bilen araňyzda bolup geçen wakanyň
bütinleý gizlin syrdygyna garamazdan mekdepdäkileriň ählisi mundan habarly.
Dostlaryň —jenaplar Fred bilen Jorj Wizliler saňa hajathananyň oturgyjyny iberjek
boldular. Gürrüňsiz, olar bu seň göwnüňi açar öýdendirler. Ýöne hanym Pomfreý
267
hassahananyň arassaçylyk talaplaryna laýyk gelmeýändigmi aýdyp, ony ellerinden
aldy.
— Men bu ýerde näçeräk ýatdymkam?
— Üç gün. Jenap Ronald Wizli bilen hanym Greýnjer dagy seň özüňe
gelendigiňi bilseler, gaty begenerler. Olar seni şeýlebir gaýgy edýärler.
— Ýöne jenap, daş...
— Görýän welin, sen köşeşjek däl öýdýän. Daşa hiç zat bolmady. Professor
Kwirrel ony senden alyp bilmedi. Bolsa-da, men wagtynda ýetişdim, ýöne sen
mensizem onuň hakyndan çykypsyň-la.
— Siz ol ýere bardyňyzmy? Germionanyň baýguşuny aldyňyzmy?
— Howada onuň bilen ýolumyz aýry düşen bolmagy mümkin. Londona baran
badyma, yzymy taşlap gaýdyp ýalňyşandygyma göz ýetirdim. Bolsa-da, Kwirreli
wagtynda üstüňden aýryp ýetişäýdim.
— Şol sizmidiňiz?
— Men gijä galandyryn öýdüp gorkdum..
— Siz tasdanam gijä galypdyňyz, sebäbi meniň şol pursat daşy gorara güýjüm
galmandy.
— Bu ýerde mesele daşda däl-de, sende, oglanjyk. Aşa köp güýç sarp edip, tas
özüňi heläkläpdiň. Men, esasan, şondan gorkdum. Daş hakda aýtsak welin, ol ýok
edildi.
— Ýok edildimi? — diýip, Harri perwaýsyz seslendi. — Ýöne dostuňyz...
Nikolas Flamel...
Dambldor:
— Ä-hä, diýmek, sen Nikolasyň kimdigini bilýäň-dä? — diýip, oňa haýran
galyjylyk bilen garady.
— Herekete geçmänkäň ähli zadyň änigine-şänigine ýetipsiň-ow?! Biz Nikolas
bilen gürleşdik, şeýtsek gowy bolar diýen netijä geldik.
— Ýöne onuň özem, aýalam öler ahyryn, şeýle dälmi?
268
— Işlerini bir ýüzli edýänçäler, olaryň ýeterlik dirilik suwlary bar. Soňra bolsa,
olar amanatlaryny tabşyrarlar.
Harriniň özüne geň galyp seredýändigini görüp, Dambldor ýylgyrdy.
— Seniň ýaly ýaş oglana meniň bu aýdýanlarym, elbetde, gaty geň gömer.
Ýöne Nikolasdyr onuň aýaly Parenel üçin ölüm, örän-örän uzaga çeken günden soň
uka giden ýalydyr. Aslynda, kämil ruh üçin ölüm bu ýene bir uzak syýahata gidilen
ýaly bir zatdyr. Bilýäňmi, bu daş, aslynda, beýle bir üýtgeşik zadam däl. Näçe
isleseň, ynha, ol saňa pul hem ömür eçilýär! Şu iki zady adamlar ähli zatdan ýokarda
goýýarlar. Bu ýerde esasy mesele, adamyň tebigatynda hut özüne iň bir zyýanly zady
islemek häsiýetiniň barlygynda.
Harri aýdara söz tapmaýan ýaly sesini çykarman ýatyrdy. Ýuwaşjadan hiňlenip
oturan Dambldor bolsa ýylgyryp, üçege seredýärdi.
— Jenap, men şeýle pikir edýärin: daş ýok edilenem bolaýanynda, «Wol...»,
ýagny Ady tutulmaýan.
— Oňa «Woldemort» diý, Harri. Her bir zadyň öz adyny tut! Ada bolan gorky,
şol zadyň özüne bolan gorkyny güýçlendirýär.
— Hawa, jenap! Woldemort gaýdyp gelmegiň başga ýollaryny agtaryp başlar,
şeýle dälmi?! Ondan hemişelik dynan däldiris diýjek bolýan?!
— Ýok, dynmadyk. Ol bir ýerlerde ýaşap ýörendir, belki ornaşara başga bir
beden gözleýändir. Hakykatda diri bolmadyk kişini öldürmek mümkin däl.
Ol Kwirreli ajalyň eline tabşyrdy. Bu bolsa onuň duşmanlaryna bolşy ýaly, öz
yzyna eýerijilere-de rehimsizdigini aňladýar. Ýöne Harri sen onuň dolanyp
gelmegine päsgel berdiň, ýeneki ýyllarda-da kimdir biri çykaga-da oňa berk gaýtawul
berse we şeýdilip Woldemortyň ähli synanyşyklary puja çykarylsa, onda belkem, ol
hiç haçan gaýdyp gelmez.
Harri «Hawa» diýen manyda baş atjak boldy, ýöne kellesinde ýiti agyrynyň
döremegi bilen bada-bat bu pikirinden dändi.
— Jenap, meniň ýene-de bilesim gelýän zatlarym bar. Elbetde, eger siz jogap
bermäge razy bolsaňyz. Meniň hakykaty bilesim gelýär.
— Hakykatymy?! — diýip, Dambldor uludan demini aldy. — Hakykaty
aýtmak hem aňsat, hem kyn. Şonuň üçinem, seresap bolmak gerek. Eger düýpli
269
sebäpler döräýmese, men seň sowallaryňa jogap bererin. Birden jogap bermesem-de,
sen aýyplaşma. Men aldamagy halamok.
— Bolýar. Woldemortyň aýtmagyna görä, onuň özi meni öldürmekçi bolupdyr.
Muňa-da päsgel berem üçin, Woldemort ejemi öldünpdir. Ýöne meni öldürmek onuň
nämesine gerek bolduka?!
Dambldor bu gezek gaty uludan dem aldy
— Gynansak-da, men seň bu sowalyňa jogap berip biljek däl. Bolmanda, bu
gün jogap berip bilmerin. Bir gün sen älili zada düşünersiň... Häzir bolsa beýle zatlara
kelläňi agyrtma. Harri, sen ulalaňda, şeý diýseler halamaýandygyňy bilýän, hakykaty
bilmäge taýýar bolaňda, ana, şonda ähli zady bilersiň.
Harri jedelleşip oturmagy uslyp bilmedi.
— Näme üçin Kwirrel maňa elini degrip bilmedi?
— Ejeň sem halas etmek üçin özüni gurban etdi. Eger Woldemortyň akyl
ýetirip bilmeýän nämedir bir zady bar bolsa, ol hem söýgüdir. Ejeň saňa bolan
söýgüsi ýaly güýçli söýginiň basyp giden tagmasyny hiç haçan bozup
bolmaýandygyna ol düşünmedi. Ol tagma ýara yzy hem däl, göze gömüp duran
belligem däl. Şeýle çyn ýürekden söýülýän adamyň penakäri heläk bolaýanda-da, ol
hemişelik goraga eýe bolýar. Bu gorag bolsa seniň öz bedeniňde ýerleşýär. Gaharyna,
husytlygyna hem-de gara nebsine berlip, öz bedenini Woldemort bilen paýlaşan
Kwirrel saňa diňe şol sebäpden degip bilmedi. Söýgiň şeýle täsin güýji siňen kişi
bilen tutluşmaga onuň gaýraty çatmady.
Dambldor penjiräniň öňüne gonan guşjagaza göz aýlady, pursatdan peýdalanyp
Harri hem gözüniň ýaşyny düşekçä süpürip ýetişdi. Harri özüni dürsäp:
— Göze görünmeýän ýapynjany maňa kimiň iberendigini bilýäňizmi? — diýip
sorady.
— Hä-ä! Kakaň ony maňa goýup gidipdi, menem ol seň göwnüňden turar
öýtdüm.
Dambldor gözüni gyrpdy.
— Gaty peýdaly zat. Kakaň şu ýerde okaýan döwri ony, esasanam, aşhanadan
iýmit ogurlamak üçin ulanardy.
— Ýene bir soragym bar.
270
— Aýdyber.
— Kwirrel Sneýpiň...
— Harri, Sneýp däl, «Professor Sneýp».
— Hawa, şol. Näme, ol kakam bilen oňuşmandygy üçin meni ýigrenýärmikä?
Kwirrel şeýle diýdi. Bu dogrumy?
— Hawa, olar biri-birlerini halanokdylar. Seniň jenap Malfoý bilen mäşiň
bişişmeýşi ýaly. Soňam, kakaň Sneýpiň hiç haçan bagyşlap bilmejek işini etdi.
— Näme?
— Kakaň onuň janyny halas etdi.
— Näme?
— Hawa — diýip, Dambldor gussaly dillendi. — Adam diýeniňe düşer ýaly
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.