Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11

Total number of words is 3621
Total number of unique words is 1874
32.4 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
54.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Harri demi demine ýetmän zordan ýerinden galdy. Ron bolsa ýerde ýatan trola
seredip, taýajykly elini entek hem aşak goýbermän durdy.
— Ol öldümi? — diýip, Germiona ilkinji bolup dillendi.
Harri:
156
— Men-ä ol ýöne özünden gitdimikä öýdýän — diýip çöküne düşdi-de, troluň
burnundan taýajygyny çykardy. Onuň taýajygy ýylmanak ýelime meňzeş suwuklyga
çyrşalypdy.
— Uw, troluň sümügi! — diýip, Harri taýagyny troluň balagyna süpürdi.
Birdenem gapy batly açyldy-da, aýak sesleri eşidildi. Olaryň üçüsi hem tisginip
gitdi. Olar ýap-ýaňyja özleriniň nähili gykylyk turzandyklaryndan bihabardylar.
Elbetde, aşakda kimdir biri güpürdinem, troluň arryldy sesinem eşidendir. Şol pursat
işikde professor Makgonagal, Sneýp, onuň yz ýany bilen Kwirrel peýda boldy. Trola
gözi düşen Kwirrel bir hyklady-da, ýüregini tutup, ýere çökdi.
Sneýp boýnuny egip, trola seretdi, professor Makgonagal bolsa Ronadyr Harrä
bakdy. Harri ony hiç haçan beýle gaharly görmändi. Onuň ýüzi duw akdy. Harriniň
Griffindor öýi üçin elli bal gazanmak hakdaky eden umydy puç boldy.
— Hudaýyň haky üçin aýdyň, näme sebäpden beýtdiňiz? — diýip, soran
professor Makgonagalyň sesi aşa gaharly çykdy.
Harri entek hem taýajykly elini aşak goýbermän duran Rona göz aýlady.
— Özüňize zat bolmandygyna şükür ediň! Siz näme üçin umumy ýaşaýyş
jaýynda däl?
Sneýp Harrä ýiti nazar bilen bakdy. Ýere sereden Harri Ronuň taýajykly elini
aşak goýbermegini isledi.
Birdenem Germionanyň:
— Haýyş edýän, professor Makgonagal! Olar bu ýerik meni gözläp geldiler —
diýen pessaý sesi eşidildi.
— Hanym Greýnjer!
Germiona ahyrsoňy ýerinden galdy.
— Men troly gözlemäge gitdim... sebäbi men... men, onuň hötdesinden gelerin
öýtdüm... men olar hakda gaty köp kitap okamsoň...
Ron taýajygyny ýere taşlady. Ynanar ýaly däl, Germiona Greýnjer mugallyma
ýalan sözler aýdýar!
— Entegem olar wagtynda geldiler, ýogsa men bu wagt siziň bilen gürleşip
durmazdym. Harri taýajygyny troluň burnuna sokdy, Ron bolsa ony öz taýagy bilen
157
çaşyrdy. Olara kimdir birini kömege çagyrmaga asla wagt bolmady. Kömek
gelýänçä, trol meni öldürerdi.
Germionanyň aýdýan sözleri özleri üçin täzelik bolsa-da, Harridir Ron syr
bildirmezlige çalyşdylar.
— Bolýar... beýle bolsa... — diýip, professor Makgonagal olaryň üçüsine-de
dikanlap seretdi. — Hanym Greýnjer, akmak gyzjagaz, siz dag ýaly troly nädip ýeke
özüňiz ýeňerin öýtdüňiz?
Germiona başyny egdi. Dili tutulan Harri aňkarylyp galypdy. Germiona okuw
düzgünine garşy gitjek iň soňky adamdy ahyryn. Häzir bolsa ol Harridir Rony
beladan dyndarjak bolup, ähli günäni öz boýnuna alyp durdy. Bu bolsa Sneýpiň
okuwçylara süýji bermeginiň mümkin däldigi ýaly bolmajak zatdy.
— Hanym Greýnjer, eden bidüzgünçiligiňizi göz öňünde tutup, Griffindor
öýünden bäş bal aýyrýan. Hakykatda, men sizden beýle zada garaşmandym. Agyrdan
ýeriňiz bolmasa, häziriň özünde Griffindor binasyna dolansaňyz gowy bolar.
Okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýynda naharlanyp oturandyrlar.
Germiona gitdi.
Professor Makgonagal Harridir Rona seretdi.
— Men-ä siziň işiňiz ugruna boldumyka diýýän. Hemme birinji ýyl
okuwçylaryna dag ýaly troly ýeňmek başardaýanok. Siziň heriňize bäş bal berýän.
Professor Dambldora bu hakda habar berler. Indi bolsa gidip bilersiňiz.
Olar ýykan-ýumran edilen hajathanadan howlukmaç çykansoňlar, öz
otaglaryna ýetýänçäler biri-birlerine ýeke agyz söz hem aýtmadylar. Olar üçin esasy
zat troluň porsy ysyndan daşlaşmakdy.
Ron:
— Biz ondan has köpräk bala mynasypdyk — diýip hüňürdedi.
— Germionadan aýrylan bäş baly göz öňüne tutsak, biziň ballarymyz on dälde, bäş bolýar.
Ron:
— Bizi gorajak bolup, bar günäni öz üstüne alar öýtmändim — diýip boýun
aldy. — Ynanar ýaly däl, biz ony halas etdik.
158
Harri:
— Onuň trol bilen daşyndan gulplamadyk bolsadyk, belki, halas etmeli
bolmazdyk — diýip ýatlatdy.
Olar Dolmuş Aýalyň portretiniň öňünde saklandylar-da:
— Doňzuň guýrugy — diýip içerik girdiler.
Umumy otag naharlanyp oturan okuwçylardan ýaňa hyryn-dykyndy. Germiona
welin, olara garaşyp duran eken. Oňaýsyz dymyşlykdan soň, biri-birleriniň ýüzüne
seredip bilmän, sagbolsun aýtdylar-da, olar garynlaryny doýurmagyň aladasy bilen
boldular.
Ýöne şol pursatdan soň, Germiona Greýnjer olaryň hakyky dostlaryna öwrüldi.
Durmuşda bilelikde başdan geçirilen käbir wakalardan soň, dostlaşmazlyk asla
mümkin däl. Harri, Ron hem Germiona üçin şeýle wakalaryň biri dag ýaly äpet
troldan üstün çykmak boldy.
11-nji bap: KWIDDIÇ OÝNY
Noýabr aýynyň gelmegi bilen howa diýseň sowady. Mekdebiň töweregindäki
daglar çal reňke boýalsa, doňan kölüň ýüzi sowuk polada çalym edýärdi. Her gün
irden ýer gyraw bilen örtülýärdi. Ýokarky penjirelerden seretseň, körsyçan possunly,
aýagy äpet samyr ädikli Hagridiň kwiddiç meýdançasynda sübseleriň doňuny çözüp,
başagaý bolup oturandygyny görmek bolýardy.
Kwiddiç möwsümi hem başlady. Irginsiz türgenleşiklerden soň, şenbe güni
Harri ilkinji kwiddiç oýnuny oýnar. Griffindoryň garşydaşy bolup Slizerin çykyş
edýärdi. Eger griffindorlylara bu oýunda ýeňmek başardaýsa, olara öýüň kubogy
ugrundaky bäsleşikde finala çykmaga mümkinçilik dörejekdi.
Harriniň griffindorlylaryň toparyna saýlanmagyny Wuduň özi syr hökmünde
gizlin saklapdy. Şonuň üçinem, deslapky oýna Harriniň gatnaşjagyny hiç kim
bilenokdy. Ýöne muňa garamazdan, Harriniň gapyjy bolup çykyş etjekdigi hakdaky
gürrüňler ýyldyrym çaltlygynda tutuş mekdebe ýaýrady. Harri özüniň gowy
oýnajakdygyna ynanyp gürrüň edýänleriň ýa-da sübseden gaçyp, ýykylan
ýagdaýynda aşagyna düşekçe tutjakdyklaryny aýdyp ýaňsylaýan adamlaryň haýsy
birine gulak gabartjakdygyny bilenokdy.
159
Harriniň Germiona bilen dostlaşanam bir gowy zat, ýogsa Wuduň iň soňky
pursatda geçiren goşmaça türgenleşikleri zerarly okuwda tabşyrylýan öý işleriniň
hötdesinden gelip bilmezdi. Onsoňam Germiona oňa «Kwiddiç — asyrlaryň
jümmüşinden» atly kitaby okamaga berdi. Bu kitaby okamak Harri üçin hem
gyzykly, hem peýdaly boldy.
Harri bu kitabyň kömegi bilen oýnuň düzgünini bozmagyň ýedi ýüz usulynyň
bardygyny öwrendi hem-de bu usullaryň ählisiniň 1473-nji ýylda geçirilen oýunda
ulanylandygy, gapyjylaryň adatça kelte boýly, çalasyn bolýandyklary, olaryň köplenç
şikes alýandyklary, kwiddiç oýnunyň ölümsiz gaty seýrek gutarýandygyna
garamazdan, eminleriň birden gaýyp bolup, birnäçe aýdan soň Sahara çölünde peýda
bolandyklary hakda gyzykly zatlary okady.
Germionanyň trolliden halas edileni bäri okuw düzgünlerine öwrenişip
başlamagy, ony öňküsinden has ýakymly görkezýärdi. Kwiddiç oýnunyň geçirilmeli
wagtyndan bir gün öň ýany arakesmede üç bolup buz ýaly içerki howla çykanlarynda,
Germiona baldan boşan çüýşede saklap bolýan mawy reňkli alaw jadylap berdi.
Sneýpiň howlyny kesip geçen wagty olar arkalaryny oda tutup, ýylanyp durdular.
Sneýpiň agsaklap ýöremegi Harriniň bada-bat ünsüni çekdi. Arakesme wagty jady
ulanmagyň gadagandygyndan habarly Harri, Ron hem Germiona ot görünmez ýaly
biri-birlerine gysmyljyrap durdular. Harri dagynyň müýnli ýaly görünýän ýüzlerinden
nämedir bir zatlar aňlap ýetişen Sneýp agsaklap, olaryň ýanyna geldi. Ody görmesede, onuň yrsaramak üçin bir bahana gözleýändigi mese-mälim bildirip durdy.
— Eliňdäki näme, Potter?
Onuň elinde Germionanyň okamaga beren «Kwiddiç
jümmüşinden» atly kitaby bardy. Harri oňa kitaby görkezmeli boldy.

asyrlaryň
— Okuw kitaplaryny mekdebiň daşyna çykarmagyň gadagandygyny
bileňokmy? Getir bärik. Griffindordan bäş bal aýyrýan — diýip, Harriniň elinden
kitaby aldyda, ol ýoluny dowam etdirdi.
Sneýpiň agsaklap ýanlaryndan aýrylanyna mähetdel Harri:
— Ýaňky aýdýan düzgünini ol edil şu wagt oýlap tapdy — diýip gaharly
hüňürdedi. — Onuň aýagyna näme bolduka?
— Bilemok. Ýöne bijaý ynjydan bolmaly — diýen Ron içiýangynly gepledi.
160
Şol gün giçlik Griffindor öýüniň umumy otagy alawagyrdydy. Harri, Ron hem
Germiona penjiräniň golaýynda otyrdylar. Germiona olaryň gözbagçylyk dersinden
öý işlerini barlaýardy. Germiona: «Beýdip hiç zat öwrenmersiňiz» diýip, Rondur
Harrä hiç zat göçürtmeýärdi. Emma olar, barybir, Germionanyň uguny ýekeläp, käbir
soraglaryň jogabyny oňa aýtdyrýardylar.
Harri özüni birahat duýup başlady. Ol ertirki boljak oýundan ünsüni sowar
ýaly, «Kwiddiç — asyrlaryň jümmüşinden» atly kitabyny gaýtaryp alasy geldi.
«Näme üçin men Sneýpden gorkmalymyşym?!» diýip pikirlenen Harri ýerinden
turdy-da, Ronadyr Germiona Sneýpden kitabyny gaýtaryp bermegini haýyş
etjekdigini aýtdy.
Olaryň ikisi hem:
— Gowusy, özüň soraýsana! — diýip jogap berdiler.
Harri: «Ýanynda mugallymlar barka sorasam, Sneýp kitaby gaýtaryp
bermekden boýun gaçyrmaz» diýip pikirlendi.
Ol mugallymlar otagynyň gapysyny kakdy. Ýöne jogap beren bolmady. Ol
ýene bir gezek gapyny kakdy. Bu gezegem ol hiç hili jogap eşitmedi.
«Belki, Sneýp kitaby içerde goýup gidendir. Girip göräýsemmikäm?!» diýip
pikirlenen Harri gapyny giňden açyp, içerik göz aýlady. Ýöne onuň aýylganç ahwala
gözi düşdi.
Otagda diňe Sneýp bilen Filç bardy. Ýektaýyny dyzyndan ýokaryk galdyran
Sneýpiň aýagy ganjaryp durdy. Filç bolsa onuň aýagyna sargy edýärdi.
— A1 kakmyş mahluk. Birwagtda üç kellesiniň üçüsindenem goranmak
mümkin däl.
Harri gapyny ýuwaşlyk bilen ýapmakçy bolanda:
— Potter! — diýip, Sneýp çasly gygyrdy.
Aýagyny gizlemek üçin ýektaýyny derrew aşak goýberen Sneýp häzir
gahardan ýaňa ýarylarly göründi. Harri ýuwdundy.
— Men kitabymy soramaga gelipdim welin...
— Çyk, güm bol!
161
Sneýp ýene-de Griffindoryň bahasyny kemeldip ýetişmänkä, ol ýerden ökjesini
göteren Harri basgançaklardan ýokaryk galdy.
Ony gören Ron:
— Alyp bildiňmi? — diýip, Harriden sorady. —Näme boldy?
Harri pyşyrdap diýen ýaly olara gören zatlaryny aýdyp berdi.
— Siz munuň nämäni aňladýandygyny bilýäňizmi? — diýip, Harri demi
demine ýetmän gürrüňini soňlady. — Ol Hellowin güni üç kelleli itiň deňinden
geçmek isläpdir. Bizi gören günem şol ýerik gidip barýardy. Itiň nämäni
goraýandygyn-a bilemok welin, Sneýpiň oňa eýe çykmak isleýändigi welin anyk.
Men öz sübsämden ant içýän, trollinem başagaýlyk döretmek üçin şol goýberendir.
Germiona gözlerini mölertdi.
— Ýok, ol beýtmez! Hawa, Sneýp ýakymsyz adam, ýöne ol Dambldoryň
goraýan zadyny hiç wagt ogurlajak bolmaz.
— Germiona, sen mugallymlara keramatly adamlar hökmünde garaýaňmy
nämemi?! — diýip, Ron jibrindi. — Men-ä Harri bilen razylaşýan. Onuň Sneýp
hakda aýdanlaryna ant içmese-de ynanýan. Ýöne onuň şeýle ölemen eýe bolmak
isleýän zady nämekä? It nämäni goraýarka?
Harri kellesinde at salýan bir topar sowallar bilen öz düşegine geçdi. Newil hor
çekip ýatyrdy. Harri welin uklap bilmedi. Ol pikirlerinden aýňalmak isledi, oňa
birsellem ukusyny almak gerekdi. Harri hökman uklaýmalydy.
Ýene birnäçe sagatdan ol kwiddiç oýnuna gatnaşmaly ahyryn. Ýöne Harrä
Sneýpiň aýagyny gören mahalyndaky ýüz keşbini unutmak welin, birbada ýeňil
düşmedi.
Ertesi howa diýseň sowuk boldy. Säher bilen, Uly Jaýdan gowrulan
büzmeçleriň tagamly ysy gelýärdi, kwiddiç oýnuna sabyrsyzlyk bilen garaşýan
okuwçylaryň wagyrdy sesleri hem eşidilip durdy.
— Sen biraz garbanmaly.
— Meň işdäm ýok.
— Me, şundan birazajyk iýäý! — diýip, Germiona oňa ýalbarmaga durdy.
— Men aç däl.
162
Ýene birnäçe sagatdan meýdança çykjakdygyny ýadyna salanda, Harri özüni
gaty erbet duýdy.
Simus Finnigan:
— Harri, saňa güýç toplamak gerek — diýdi. — Garşydaş topardan esasy
zyýan çekýän oýunçy gapyjydyr.
Harri onuň büzmeçleriniň üstüne pomidor goýaltmasyny guýşuna syn edip
oturyşyna:
— Köşeşdiriji sözleň üçin sag bol, Simus — diýdi.
Sagat on birde tutuş mekdep kwiddiç meýdançasyna ýygnandy. Oturgyçlaryň
belentde ýerleşýändigine garamazdan, oýny synlamagyň kynrak düşýändigi sebäpli,
okuwçylaryň köpüsiniň ellerinde dürbi bardy.
Rondur Germiona iň ýokarky hatarda oturan Newile, Simusa hem-de Dina
goşulyşdylar. Olar Harrä sowgat hökmünde Skabbers tarapyndan eleme deşik edilen
ullakan matanyň ýüzüne surat çekipdiler. Onuň ýüzünde «Potter Prezidentlige
saýlanmaly» diýen ýazgy bardy. Surat çekmäge ökde Din ýazgynyň edil aşagynda
Griffindor arslanyny şekillendiren bolsa, Germiona ony biraz jadylapdy. Şonuň üçin
hem surat dürli reňklerde öwşün atýardy.
Şol wagt geýim çalşyrylýan otagda Harridir beýleki oýunçylar symgylt reňkli
ýörite kwiddiç eşiklerini geýýärdiler. Slizerinliler ýaşyl reňkli geýimde çykyş
etmelidiler.
Wud «Ýuwaş boluň!» diýen manyda: «Ähm-ühm» etdi.
— Hawa, jenaplar!
— Hem hanymlar! — diýip, yzarlaýjy Anjelina Jonson onuň sözüniň üstüni
ýetirdi.
— Hem hanymlar — diýip, Wud onuň sözlerini gaýtalady. —Ynha-da...
Fred Wizli:
— Iň aýgytlaýjy... — diýdi.
— Biziň köpden bäri garaşyp ýören pursadymyz...
— diýip, Jorj hem ondan kem galmady.
163
Fred Harrä:
— Biz Oliweriň aýtjak sözleriniň ählisini ýatdan bilýäs — diýdi. — Geçen
ýylam biz toparyň oýunçylarydyk.
Wud:
— Ikiňizem gapylyň! — diýdi. — Köp ýyllardan bäri Griffindoryň şular ýaly
hemmetaraplaýyn gowy topary bolmandy. Men bilýän, biz hökman ýeňeris.
«Ýa-da ýeňleris» diýen manyda Wud olaryň ählisine birlaý göz aýlady.
— Bolýar, gitmeli wagt boldy. Ähliňize üstünlik arzuw edýän!
Fred bilen Jorjuň yzyna düşen Harri aýaklarynyň ysgynynyň gaçmazlygyny
dileg edip, gürrüldili el çarpyşmalaryňdyr ýeňiş arzuwlaýanlaryň gohunyň astynda
meýdança çykdy.
Oýna eminlik edýän hanym Huç eli sübseli meýdançanyň ortarasynda
oýunçylara garaşyp durdy.
Oýunçylaryň ählisi bir ýere jemlenensoň, hanym Huç:
— Men siziň ähliňizden gowy, adalatly oýna garaşýan — diýdi.
Harrä mugallym bu sözlerini, esasan hem, Slizerin toparynyň kapitany, altynjy
ýyl okuwçysy Markus Flinte seredip aýdan ýaly göründi. Ol öz ýanyndan Flintiň
damarynda troluň gany aýlanýan adama meňzeşdigi hakynda pikirlendi. Oýny
synlamaga gelen adamlaryň depesinde «Potter Prezidentlige saýlanmaly» diýen
ýazgynyň galgap durandygyny gözüniň gytagy bilen görüp ýetişen Harriniň ýüregi
ýerinden gozganan ýaly boldy. Ol özüni hasam ruhubelent duýdy.
— Sübseleriňize atlanyň!
Harri özüniň täze «Nimbus — 2000» sübsesine mündi.
Hanym Huç kümüş jürlewüginde batly sykylyk çaldy.
On bäş sany sübse barha ýokaryk göterildi. Oýun başlandy.
— Şeýlelikde, Griffindor toparyndan Anjelina Jonson kafly eýelemegi başardy.
Bu gyz nähili ajaýyp yzarlaýjy, özem örän görmegeý...
— Jordan!
164
— Bagyşlaň, professor!
Ekizler Wizlileriň dosty Li Jordan professor Makgonagalyň berk gözegçiligi
astynda alypbaryjynyň wezipesini ýerine ýetirip, oýna düşündiriş berýärdi.
— Onuň çalasyn hereket edäýşini, oňa topy göni Alisiýa Spinnete geçirmek
başardýar, ol Oliwer Wuduň taýsyz oýunçysy, geçen ýyl ätiýaçdaky oýunçylaryň
hataryndady... yzyna Jonsona geçirilýär... ýok, Slizerinler kafly eýelediler,
Slizerinleriň kapitany kafly alýar... edil bürgüt ýaly öňe okdurylýar... ol synanyşýar...
ýok bolmady, Griffindorlaryň saklaýjysy Wud çalasyn hereket edip topy alýar... kafl
indi Griffindorlarda... bu Grififindorlaryň yzarlaýjysy Keti Bel, oňa Flintiň deňinden
aýlanyp geçmek başardýar, halkalara golaýlaşyp gelýär... wah... gaty awunandyr...
bladjer onuň edil ýeňsesine degdi... Kafl Slizerinleriň eline geçýär... Adrian Pýusi
halkalara tarap haýdaýar, ony haýsysydygyny anyk aýdyp biljek däl, ýöne Fred ýada
Jorj Wizli tarapyndan iberilen ikinji bladjer kesip geçýär, kafl ýene-de Jonsonyň
elinde, meýdança ýene imisala, ol öňe okdurylýar... ol hakykatda uçýar... bladjerden
sowlup ýetişýär... halkalar barha ýakynlaşýar... hany, bolsana, indi, saklaýjy Anjeline
Bleçli topy saklajak bolýar... sypdyrýar... GRIFFINDORLAR HASABY
AÇÝARLAR!
Şol pursat Griffindorlaryň begençli gykylygy, Slizerinleriň bolsa «ahda-wah!»
sesleri göge göterilýär.
— Biraz süýşüň, geçmäge ýol beriň!
— Hagrid!
Rondur Germiona Hagride ýer bermek üçin biri-birlerine gyslyşdylar.
— Oýna külbämden syn edip otyrdym welin... — diýip, Hagrid boýnundaky
özi ýaly äpet dürbüsine kakdy. — ...Köpçülik bilen göreniň ýaly däl-dä. Sniç entek
görünmedimi?
Ron:
— Ýo... — diýip jogap berdi. — Harrä entek edere iş ýok.
— Beladan daşrakda saklanyp bilmegiň özem bir uly iş — diýip, Hagrid
dürbüsini ýokaryk galdyrdy-da, gara tegmiljik ýaly görünýän Harrini synlady.
Hemmelerden has beýikde sniçiň peýda bolaryna garaşyp duran Harri oýnuň
gidişine syn edýärdi. Beýtmek Wud ikisiniň düzen oýun meýilnamalarynyň biridi.
165
— Sniçi görýänçäň oýna goşulyşmagyn — diýip, Wud görkezme beripdi. —
Biz saňa wagtyndan öň hüjüm edilmegini islämzok.
Anjelina bal gazanmak başardansoň, begenjine howada birnäçe gezek halka
şekilinde aýlaw eden Harri ýene-de sniçiň peýda bolaryna garaşyp başlady. Birden
altyn şöhlesine meňzeş ýalpyldy onuň gözüne ilen ýaly boldy. Ýöne bu Wizlileriň
biriniň goşar sagadyndan emele gelen şöhle eken. Ýene bir gezek ol edil sapandan
sypan ýaly, özüne tarap bat bilen gaýdan bladjeriň öňünden zordan sowlup ýetişdi.
Onuň yzy bilen Fred Wizli deňinden geçip gitdi.
Bladjeri Markus Flinte tarap gönükdiren Fred şol aralykda:
— Ýagdaýlaryň gowumy, Harri? — diýip gygyryp ýetişdi.
Li Jordan düşündiriş bermegini dowam etdirýärdi:
— Kafl Slizerinlerde. Yzarlaýjy Pýusi iki bladjerden, Wizlilerden hem
yzarlaýjy Belden sowlup ýetişýär... biraz garaşyň hany... bu sniç ýaly-la?!
Märekäniň gowry artdy. Çep gulagynyň düýbünde ýagty saçyp giden altyn
sniçi gözden sypdyrmajak bolan Adrian Pýusi tötänden elindäki kafly gaçyrdy.
Harri ony gördi. Ol tutuş süňňüni gaplap alan çäksiz hyjuw bilen altyn sniçe
tarap okduryldy. Slizerinleriň gapyjysy Terens Hiks hem sniçi görüp ýetişipdi.
Olaryň ikisi egin-egne uçup, sniçiň yzyndan ýetjek bolýardylar. Gapyjylara aňkarylyp
galan yzarlaýjy oýunçylaryň ählisi wezipelerini düýbünden unudan ýalydylar.
Harri Higsden has çalasyndy. Ol ganatlaryny pasyrdadyp barýan kiçijik
topjagazy aýdyň görüp bilýärdi.
Harri tizligini artdyrdy.
Gümpüldi ýaňlanyp gitdi! Griffindorlar gaharly gygyryşdylar. Markus Flint
bilgeşleýinden Harriniň öňüne düşüpdi. Şol sebäpli hem onuň ýykylmazlyk üçin berk
ýapyşan sübsesi ugruny üýtgetdi.
Griffindorlaryň ählisi:
— Düzgün bozuldy! — diýip gygyryşdylar.
Hanym Huç Flinte gaharly käýindi-de, Slizerinlere tarap jerime urgusyny
belledi.
Din Tomas aldygyna:
166
— Çykaryň ony oýundan! Gyzyl petek beriň! — diýip gygyrýardy.
Ron:
— Näme diýdiň? — diýip, geň galyp sorady.
— «Gyzyl petek beriň» diýdim. Futbol oýnunda düzgüni bozan oýunça gyzyl
petek berlip, oýundan çykarylýar.
— Bu saňa futbol oýny däl-how.
— Onda olar oýnuň düzgünlerini üýtgetmeli. Flint Harrini tas sübsesinden
agdarypdy ahyryn — diýip, Hagrid hem Din bilen razylaşdy.
Li Jordana haýsy hem bolsa bir toparyň tarapyny tutmazlyk gaty kyn düşýärdi.
— Hawa... ýaňky aç-açan hem bihaýa jyzmadan soň...
— Jordan! — diýip, professor Makgonagal onuň sözüni böldi.
— Ýagny, ýaňky göz-görtele, bihaýa düzgün bozmadan soň...
— Jordan, men saňa duýdurýan...
— Bolýar, bolýar. Flint Griffindorlaryň gapyjysyny tas öldüripdi. Beýle
ýagdaý, elbetde, hemme kişiniň başyndan geçip biler. Şeýlelikde, jerime urgusyny
Spinnet amala aşyrýar, oňa topy kynçylyksyz halkadan geçirmek başardýar. Oýun
dowam edýär. Top häzir hem Griffindorlarda.
Kellesiniň golaýjagyndan geçip giden bladjerden sowlup ýetişenem şoldy
welin, Harriniň sübsesi duýdansyz ýerden bat bilen çaýkanmaga başlady. Bir pursat
ol özüni göýä aşaklygyna gaýdan ýaly duýdy. Beýle ýagdaýy ilkinji gezek başdan
geçirýän Harri sübsesinden berk ýapyşdy.
Sübse ýene-de çaýkandy. Ol göýä Harrini üstünden agdarmak isleýän ýalydy.
Nimbus — 2000 sübsesiniň beýle gylygy bolmaly däl ahyryn. Wuddan arakesme
haýyş etmek hakda pikirlenen Harri sübsesini Griffindorlaryň halkalaryna tarap
gönükdirmek isledi. Ýöne bu oňa başartmady, ony hiç tarapa öwrüp hem bilmedi.
Gaýtam sübse howada egrem-bugram hereketler edip, duýdansyz silkinýärdi. Harri
zordan diýen ýaly ýykylman saklanýardy.
— Slizerinler hüjüme geçýär — diýip, Li düşündirişini dowam etdirýärdi. —
Kafi Flintiň elinde... ol Spinnete geçirýär... Spinnet Bella geçirýär... bladjer bat bilen
167
onuň ýüzüne degýär... bumuny kül-owram edendir diýip umyt edýän... oýun etdim,
professor... Slizerinlere topy halkadan geçirmek başardýar... Wah, bolmady.
Slizerinleriň şatlykly sesi göge göterildi. Harriniň sübsesiniň özüni gaty geň
alyp barýandygyny welin, hiç kim görmeýän ýalydy. Sübse silkinip barha ýokaryk
göterilip, Harrini oýundan uzagraga äkidip başlady!
Dürbüsi bilen Harrini ünsli synlap duran Hagrid:
— Harriniň bolşy dagy nähili?! — diýip hüňürdedi.
— Ony gowy tanamanlygymda, sübsä diýenini etdirip bilmeýändir öýdüp pikir
ederdim... Ýöne bu mümkin däl ahyryn...
Birdenem meýdançadaky adamlaryň ählisi Harrä barmaklaryny çommaldyp
seredişdiler. Harriniň berk ýapyşyp duran sübsesi aldygyna aýlaw edýärdi. Zähreleri
ýarylan adamlar içlerini çekýärdiler. Birdenem sübse erbet çaýkandy, endamynda
ysgyn-mydar galmadyk Harri bu çaýkanma sebäpli ahyrsoňy sübseden syrygyp
gaýtdy. Ol indi bir eli bilen sübseden ýapyşyp, aslyşyp durdy.
Din:
— Flintiň häli öňüne düşmegi sübsä täsir eden bolaýmasyn?! — diýip
pyşyrdady.
— Ýok, bolup bilmez — diýip, jogap beren Hagridiň sesi titreýärdi. — Diňe
çäksiz gara güýç sübse bilen aragatnaşyga girip biler. Her bir öňýeten Nimbus —
2000-e täsir edip bilmez.
Onuň bu sözlerinden soň Germiona eline dürbüni aldy-da, Harrä seretmegiň
deregine, oturan mähelläni synlamaga durdy.
Ýüzünde reňk-pet galmadyk Ron:
— Näme edýäň? — diýdi.
— Wah, men şeýledirem öýtdüm-le. Sneýp... seret.
Dürbüni garbap alan Ron edil gabat garşydaky sekiniň orta gürpünde oturan
Sneýpiň Harriden gözüni aýyrman, aldygyna bir zatlar samraýandygyny gördi.
Germiona:
— Ol bir zad-a edýär... Harriniň sübsesini jadylaýar — diýdi.
168
— Biz indi näme etsekkäk?
— Bu işi maňa tabşyr — diýen Germiona Ron jogap berip ýetişmänkä gözden
gaýyp boldy. Ron dürbüsi bilen ýene Harrini synlamaga durdy. Sübse şeýlebir batly
çaýkanýardy welin, Harri uzak saklanyp biljek däldi. Aýaga galan adamlaryň ählisi
Wizlileriň Harrini öz sübseleriniň birine geçirjek boluşlaryna gorky bilen syn
edýärdiler. Ýöne ýakynlaşdyklaryça, sübsäniň has ýokaryk galmagy bilen olaryň bu
niýeti başa barmaýardy. Harri gaçaýan mahalynda gapaýmakdan başga alaçlary
galmadyk doganlar eýläk-beýläk aýlanyp, aşagrakda uçup başladylar. Markus Flint
bolsa pursatdan peýdalanyp, kafly bäş gezek dagy halkadan geçiripdi.
Sabyr-takady galmadyk Ron:
— Çaltrak bolsana, Germiona! — diýip pyşyrdady.
Eýdip-beýdip Sneýpiň oturan ýerine gelen Germiona onuň arka tarapyndan
barmaga synanyşdy. Ol bilmän professor Kwirreli başaşak ýykyp geçende, hatda
ötünç soramak üçin hem saklanmady. Howlukmaçlyk bilen Sneýpiň deňine ýetensoň,
Germiona onuň edil arka tarapynda çöküne düşüp oturdy-da, taýajygyny çykaryp, bir
zatlar diýişdirip pyşyrdady. Onuň taýajygynyň ujundan çykan gyzyl ýalyn Sneýpiň
etegine düşdi.
Sneýpe özüniň ýanýandygyna düşünýänçä, bary-ýogy otuz sekunda golaý wagt
gerek boldy. Duýdansyz çykan gykylyk sesi Germiona eden işiniň oňuna
bolandygyny habar berdi. Ol Sneýpiň etegindäki ýalny jübüsindäki çüýşejigine
ýygnady-da, bada-bat ol ýerden sumat boldy. Sneýp nämeleriň bolup geçendigine
düşünip hem ýetişmedi.
Ýöne bu bolup geçen ýagdaý howada galgap duran Harrä gaýtadan sübsesine
münmäge mümkinçilik berdi.
Ron:
— Newil, indi seredip bilersiň — diýdi. Newil soňky bäş minutyň dowamynda
Hagride ýaplanyp aglap durdy.
Adamlar Harriniň ýüregi bulanyp, iýenini gaýtarjak bolýan ýaly, elini agzyna
ýetirendigini görenlerinde, ol uly tizlik bilen aşaklygyna gaýdypdy. Harri ýüzin ýere
düşdi. Ol üsgürdi, birdenem nähilidir bir altyn zat agzyndan çykyp, onuň aýasyna
gaçdy.
169
— Mende sniç bar! — diýip, sesiniň ýetdiginden gygyran Harri altyn sniçli
elini eýläk-beýläk galgatdy. Şeýlelikde, oýun alasarmyk ýagdaýda tamamlandy.
Flintiň:
— Ol topy tutman, ýuwutdy — diýip, ýigrimi minutlap gygyrandygyna
garamazdan, onuň aýdanlaryna üns beren bolmady. Sebäbi Harri hiç hili düzgüni
bozmandy.
Li Jordan begençli ýagdaýda oýnuň netijesini habar berip durdy.
— Slizerinler altmyş bal gazanan bolsalar, Griffindorlar ýüz ýetmiş bal
gazandylar.
Ýöne Harri bu aýdylanlaryň hiç haýsysyny eşitmändi. Ol şol wagt Hagridiň
külbesinde Rondur Germiona bilen ýyljak çaý içip otyrdy.
Ron:
— Bu Sneýpdi — diýip gürrüňe başlady. — Senden gözüni aýyrman, nämedir
bir zatlar pyşyrdap, sübsäňi jadylaýşyny Germiona ikimiz öz gözümiz bilen gördük.
— Biderek gürleme — diýip, meýdançada öz töwereginde bolup geçen
zatlardan düýbünden bihabar Hagrid onuň sözüni böldi. — Sneýpe beýtmek nämä
gerek?
Harri, Ron, Germiona oňa näme diýip jogap berjeklerini bilmän, biri-birleriniň
ýüzlerine seredişdiler. Harri dogrusyny aýtmaly diýen netijä geldi.
— Men Sneýp hakda käbir zatlary bilýän. Ol Hellowin güni üç kelleli itiň
deňinden geçjek boldy. It bolsa ony dişledi. Sneýp onuň goraýan zadyny ogurlajak
boldumyka öýdýäs.
Onuň bu sözlerini eşidip, Hagrid elindäki çäýnegi ýere gaçyrdy.
— Siz Flaffi nireden bilýäňiz?
— Flaffi diýdiňmi?
— Hawa... Ol meniň itim. Geçen ýyl meýhanada grek ýigidinden satyn
aldym... Men ony Dambldora berdim... gorag üçin...
Bilesigelijiligi ýetjek derejesine ýeten Harri:
— Nämäni? — diýip sorady.
170
— Boldy, indi menden hiç zat soramaň. Onuň nämäni goraýandygyny aýdyp
biljek däl, bu ullakan syr.
— Ýöne Sneýp ony ogurlajak bolýar ahyryn.
— Bolgusyz gürlemäň. Sneýp Hogwartsyň mugallymy halyna beýle zatlar
etmez.
— Onda ol näme üçin Harrini öldürjek boldy? — diýip, Germiona oňa sowal
berdi.
Bu günki waka onuň Sneýp hakyndaky pikirlerini düýbünden üýtgeden bolarly.
— Men kimdir birini nähili jadylamalydygyny bilýän, Hagrid! Bu hakda ähli
zatlary öwrenipdim. Jadylamak isleýän kişiňden gözüňi aýyrmaly däl. Sneýp bolsa
gözüni ýeke gezegem gyrpman Harrä seretdi. Men muny öz gözlerim bilen gördüm!
— diýip, Germiona janygyp gepledi.
— Gaýtalap aýdýan, siz ýalňyşýaňyz! — diýip, Hagrid gaharlandy. — Harriniň
sübsesine näme bolandygyny bilemok, ýöne Sneýpiň okuwça zyýan etmejegi welin
anyk. Indi bolsa üçüňizem meni ünsli diňläň, siz özüňize degişli bolmadyk zada
bumuňyzy sokýaňyz. Bu diňe professor Dambldor bilen Nikolas Flameliň arasyndaky
mesele...
Harri:
— Ä-hä! — diýdi. — Diýmek, bu ýerde Nikolas Flamel diýen ýene-de biri barda?!
Hagrid oňa näme diýip jogap berjegini bilmedi.
12-nji bap: ARZUW AÝNASY
Roždestwo baýramy golaýlaşyp gelýärdi. Dekabr aýynyň ortalarynda daň bilen
oýanan okuwçylar Hogwartsyň tutuşlygyna galyň ak gara bürenendigini görüp,
haýran galdylar. Kölüň ýüzi doňupdy. Ekizler Wizliler professor Kwirreliň nirä gitse
yzyndan galman, sellesiniň daşyndan aýlanýan gartoplaryny jadylandyklary sebäpli
käýinç alypdylar. Hagrid, aýazly howada hatlary eýelerine gowşurmak üçin
Hogwartsa gelmek başardan hem bolsa erbet syrkawlan baýguşlaryň birnäçesine,
göz-gulak bolýardy.
171
Her kim dynç alyş günleriniň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy.
Alawlap duran buhar peçli Uly Jaýdyr Griffindor öýüniň umumy otagy ýyljak bolsada, geçelgeler buz ýaly sowukdy, aýazly şemal zerarly okuw otaglarynyň penjireleri
sarsyp gidýärdi. Professor Sneýpiň sapak geçýän ýerzemininde asla oturar ýaly däldi.
Bu ýeriniň sowuklygyndan ýaňa demleri bug bolup ýokaryk göterilýän okuwçylar
azajyk hem bolsa ýylanmak üçin, gaýnap duran gazanlara ýakyn oturýardylar.
Däri-dermanlar dersiniň şunuň ýaly günleriniň birinde Drako Malfoý:
— Men öz öýlerinde güler ýüz bilen garşylanmaýandyklary sebäpli,
Roždestwo gününde Hogwartsda galmaly boljak okuwçylara şeýlebir nebsim agyrýar
— diýdi.
Ol bu sözlerini Harrä seredip aýdypdy. Krabdyr Goýl pyňkyryşdylar. Ýolbars
balygynyň oňurga süňküniň owuntygyny terezide ölçäp oturan Harri oňa
barmysyňam diýmedi. Malfoýyň häsiýeti öňem-ä öwerlik däldi welin, kwiddiç
oýnundan bäri has hem ýaramazlaşypdy. Slizerinleriň utulandygyna jany ýanyp duran
Malfoý indiki oýunda gapyjy hökmünde Harriniň ýerine giň agyzly gurbaganyň
oýnajakdygyny aýdyp, okuwçylary güldürmäge synanyşdy. Ýöne Harriniň aldygyna
eýläk-beýläk çaýkanan sübsede uzak wagtlap saklanyp bilşine haýran galan
okuwçylaryň hiç biriniň öz degişmesine goşulyşmaýandygyny görüp, gahary gelen
Malfoý ýene-de Harriniň hakyky maşgalasynyň ýokdugy hakdaky ýaňsyly gürrüňe
gaýdyp gelmeli boldy.
Harri, hakykatdan hem, Roždestwo baýramçylygynda daýzalaryna gitmeýärdi.
Bir hepde mundan ozal dynç alyş günlerinde mekdepde galmak isleýän okuwçylaryň
sanawyny almaga gelen professor Makgonagala Harri ilkinjileriň biri bolup öz adyny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.