Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16

Total number of words is 3681
Total number of unique words is 1899
33.3 of words are in the 2000 most common words
46.7 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Harri baş atyp, Ronuň aýdanlaryny oňlasa-da, nähilidir bir zady ýatdan çykaran
ýaly alasarmyk duýgulardan aýňalyp bilmedi. Ol özüniň şu ýagdaýyny dostlaryna
düşündirmekçi bolanda, Germiona:
— Muňa synaglar günäkär. Menem geçen gije nädip oýananymam bilmändirin.
Bir görsem, keşp üýtgetmek dersiniň synagyna taýýarlanyp otyryn. Bu dersiň
synagynyň eýýäm geçendigi soň ýadyma düşäýdi — diýdi
Şonda-da Harri bu düşnüksiz duýgynyň synaglar bilen baglanşykly däldigine
anry ýany bilen düşünip durdy. Çüňküne hat gysdyrylan bir baýguşuň köşge tarap
uçup barýandygyna gözi düşen Harri oýa batdy. Oňa diňe Hagrid hat ýazýardy.
Hagrid hiç haçan Dambldora hyýanat etmez. Hagrid Flaffiniň deňinden nädip
geçmelidigini hiç kime aýtmaz. Hiç haçan... ýöne...
Ol laňňa ýerinden galdy.
Ron ýarym ukuly halda ondan:
— Sen nirä barýaň? — diýip sorady.
— Meň bir zat ýadyma düşdi — diýip jogap berende Harriniň ýüzi duw akdy.
— Biz häziriň özünde Hagridi görmeli.
Onuň yzyndan galmajak bolup alňasap baiýan Germionanyň demi demine
ýetenokdy.
— Näme üçin?
— Size birneme geňräk dälmi näme?.. — diýen Harri eýýäm ýapgytdan
aşaklygyna ýöräp barýardy.
— Hagrid çagalykdan aždarhaly bolmagy arzuw edýär eken. Birdenkä, ol
nätanyş biriniň üstünden baraar. Nätanşyňam jübüsinden aždarhanyn ýumurtgasy
çykýar. Bu otarylan erteki size geň dälmi? Siz, heý, jübüsinde aždarhanyň
ýumurtgasyny göterip ýören adama gabat geldiňizmi, hä?! Onsoňam beýtmek
kanuna-da garşy! Hagrid hem, gel-gel, şolar ýaly birine duşaýmalymy diýsene. Men
bu hakda näme üçin öň pikirlenmedimkäm?
Ron:
236
— Sen nämeler aýdyp dursuň? — diýdi. Emma tokaýa tarap haýdap barýan
Harri onuň sowalyny jogapsyz goýdy.
Balagydyr köýneginiň ýeňi çermelen Hagrid öýüň daşyndaky kürsüde oturyp
ullakan jamyň içindäki nohutlary arassalaýardy.
Hagrid olary gören badyna:
— Salam! — diýip ýylgyrdy — Synaglaryňyz gutardymy? Belki, biraz çaý
içersiňiz?!
— Elbetde...
Harri bada-bat Ronuň sözüni böldi.
— Ýok, biz howlugýas. Hagrid, men senden bir zat soramaly. Norberti utan
gijäň ýadyňa düşýärmi? Seň bilen kart oýnan nätanşyň keşbi nähilidi?
— Bilemok — diýip, Hagrid perwaýsyz jogap berdi
— Ol başyndaky ýapynjasyny ýeke gezegem aýyrmady.
Olaryň üçüsiniňem özüne haýran galyp seredişýändiklerini gören Hagrid
gaşyny çytdy.
— Bu ýerde geň görüp oturasy zat ýok. Obanyň «Ýekegapan kelle» atly
meýhanasy bar. Oňa her hili täsin adamlar üýşýär. Ol aždarha söwdagäri bolup bilerä, şeýle dälmi?! Men onuň ýapynjasyndan ýaňa ýüzüni görüp bilmedim.
Harri nohutly jamyň gapdalyna çökdi.
— Sen oň bilen näme hakda gepleşdiň? Hogwarts hakda, heý, bir zatlar
aýtdyňmy?
— Mümkin — diýip, ýadyna salmaga synanyşan Hagrid seňrigini ýygyrdy. —
Hawa, hawa. Ol menden name bilen meşgullanýandygymy sorady. Menem oňa bu
ýerde gözegçi bolup işleýändigimi aýtdym. Nähili haýwanlara göz-gulak
bolýandygymy sorady, onsoň menem jogap berdim. Men oňa aždarha edinmek
arzuwymyň barlygyny aýtdym, sonar bolsa... Ýadymdan çykyşypdyr-da...
Ol maňa içgi hödür etdi. Hany, ýadyma saljak bolaýyn...
Hawa, soňra ol özünde aždarha ýumurtgasynyň bardygyny, eger kartda utsam
ony berjekdigini aýtdy. Ýöne ol meniň aždarha esewan bolup biljekdigime göz
237
ýetirmelidi. Ýumurtgany her öňýetene bermek islemeýändigini duýdurdy. Şonuň üçin
men: «Flaffa gözegçilik edýärkäm, aždarha seretmek itiň aňsady-la» diýdim.
Harri tolgunsa-da, özüni parahat alyp barjak bolýardy.
— Onsoň, ol: «Flaffi kim?» diýibem soradymy?
— Hawa. Sorady. Günde üç kelleli ite gabat gelnip durmy näme, hatda
Hogwartsyň töwereginde-de ony gören az-azdyr. Onsoň men oňa: «Köşeşdirmegiň
ugruny tapsaň, Flaffi edil mumly ýüplüge dönýär. Oňa biraz saz çalyp berseň, tapba
uka gidäýer» diýdim...
Birdenem Hagridiň zähresi ýarylan ýaly boldy.
— Wah, meň dilim gursun-la! Bu zatlary size aýtmaly däldim-ä men.
Aramyzdaky gürrüňi ýatdan çykaryň! Ýogsa-da, siz nirä barýaňyz?
Harri, Ron we Germiona dagy güneşli howada bir salym gezim edenlerinden
soň, göwünlerine öňküden has sowuk hem garaňky ýaly bolup görnen köşgüň
girelgesine ýetýänçäler, biri-birlerine ýeke agyz sözem aýtmadylar.
Ahyrsoňy Harri:
— Biz häziriň özünde Dambldoryň ýanyna gitmeli — diýdi. — Hagrid şol
nätanşa Flaffiniň deňinden nädip geçmelidigini aýdypdyr. Ýüzüni gizlän şol
nätanşam ýa Sneýpdir ýa-da Woldemortdyr. Içirip lül-gammar edensoň, Hagridi
gepletmek oňa gaty ýeňil düşendir. Dambldor bize ynanar. Beýn böwet bolmasa,
Faýrenzem bize arka çykardy. Dambldoryň iş otagy niredekä?
Hamala kimdir birinden haraý gözleýän ýaly töwerege garanjaklaýan bu üç
dostuň hijisem şu wagta çenli «Dambldor pylan ýerde ýaşaýarmyş» diýip
eşitmändiler. Olar Damldoryň ýanyna ugradylan okuwçynyň barlygynam,
ýoklugynam bilenokdylar.
— Biz häzir... — diýip, Harriniň gepe başlanam şoldy welin, girelgede kimdir
biriniň sesi ýaňlanyp gitdi.
— Siz bu ýerde näme işleýäňiz?
Ol professor Makgonagal eken. Onuň elmde bir topar kitap bardy.
Germiona:
238
— Biz professor Dambldory görmeli — diýip, bada-bat jogap berdi. Harridir
Ron onuň beýle ýürekli bolup bilşine haýran galdylar.
Professor Makgonagal hamala gulagynyň eşidýänine ynanmaýan ýaly:
— Professor Dambldory görmeli — diýip, Germionanyň aýdan sözlerini
gaýtalady. — Näme üçin?
Harri näme diýip jogap berjegini bilmän ýuwdunyp, çalajadan dillendi:
— Bu bir gizlin syr.
Professor Makgonagalyň uzyn hem jüýk burnundan
ýygjamlaşanyny aňanynda Harri özüniň beren jogabyna ökündi.
dem
alşynyň
— Professor Dambldoryň gidenine on minut boldy
— diýip, Professor Makgonagal göwünli-göwünsiz jogap berdi. — Baýguş oňa
Jadygöýlik ministrliginden möhüm hat getirdi. Şonuň üçinem ol Londona uçmaly
boldy.
— Ol gitdimi? — diýip, Harri ör-gökden geldi. — Şu wagtmy?
— Professor Dambldor beýik jadygöý, Potter, onuň wagty örän çäkli.
— Ýöne biz oňa möhüm bir zady aýtmalydyk-da.
— Seniň aýtmaly zadyň Jadygöýlik ministrliginiň çakylygyndanam wajypmy,
Potter?
Harri gümmi-sümmi edip oturmagy uslyp bilmän:
— Diňläň! Professor! Gürrüň Jadygöýiň daşy barada gidýär — diýdi.
Professor Makgonagal beýle jogaby eşiderin diýip asyl oýuna-da getirmändi.
Elindäki kitaplar ýere gaçanynda, ol birhili, ukudan oýanan ýaly bolup gitdi-de:
— Sen nädip bilýäň? — diýip, Harrä alaryldy.
— Professor, men... men... Kimdir biri Daşy ogurlajak bolýarmyka öýdýän,
ýok öýdemok, anyk bilýän. Şonuň üçinem men professor Dambldory göräýmeli.
Professor Makgonagal olara haýran galyjylyk hem ynamsyzlyk bilen seretdi.
239
— Professor Dambldor ertir dolanyp geler — diýip, ol ahyrsoňy dil ýardy. —
Siziň Jadygöýiň daşy barada näme eşidendigiňiz-ä bilemok welin, ýöne ondan gaty
arkaýyn bolaýyň. Daşy hiç kim ogurlap bilmez, ol berk gorag astynda.
— Professor, ýöne...
— Potter, men näme aýdýanymy gowy bilýän — diýip, professor Makgonagal
Harriniň sözüni böldi-de, kitaplary galdyrmaga durdy. — Daşaryk çykyp birsellem
arassa howadan dem alsaňyz nädýär?! Şeýtseňiz,hemme zat düzeler.
Emma olar duran ýerlerinden butnamadylaram.
Professor Makgonagalyň sesýetim aralykdan daşlaşandygyna göz ýetiren
badyna Harri:
— Şu gije — diýip pyşyrdady. — Sneýp şu gije gizlin gapydan geçmekçi
bolýar. Ol özüne gerek bolan zatlaryň ählisini bildi, Dambldoram aradan aýyrdy. Şol
hatam onuň özi iberendir. Jadygöýlik ministrligindäki işgärleriň Dambldory görüp,
«Bu näme üçin geldikä?» diýşip haýran galjakdyklaryna men islendik zatdan ant içip
biljek.
— Ýöne biziň elimizden gelýän...
Germiona sözüniň soňuny aýdyp bilmän, uludan dem aldy. Harridir Ron
derrew yzlaryna öwrüldiler.
Olaryň ýeňse tarapynda Sneýp durdy.
— Gündiziňiz haýyrly bolsun! — diýip, ol çylkasyzlyk bilen habar gatdy.
Olaryň üçüsi hem Sneýpe aňkarylyşyp durdular. Soň Sneýp:
— Şeýle ajaýyp günde daş çyksaňyz bolmaýarmy? — diýip, ýasama hem
ýaňsyly ýylgyrdy.
— Biz ýöne bir...
— Siz seresap bolaweriň! Beýdip kaňkaşyp ýörseňiz, il-gün siz bir zadyň
küýüne düşensiňiz öýder. Griffindor öýüniň bolsa indi bal ýitirerlik ýagdaýy ýok
bolsa gerek, şeýle dälmi?!
Harriniň ýüzi gahardan ýaňa çym gyzyl boldy. Daşaryk çykjak bolup durkalar,
Sneýp olary yzyna çagyrdy.
240
— Saňa duýdurýan, Potter. Ýene-de ýekeje gezek gije aýlanyp ýöreniňi
göräýsem, seni okuwdan kowman goýmaryn. Onda, baryn ötägidiň!
Sneýp mugallymlar otagyna tarap ýöneldi.
Daşky basgançaga çykanlarynda Harri haýal etmän dostlaryna ýüzlendi.
— Bolýar, häzirki etmeli zatlarymyz şulardan ybarat. Biziň haýsam bolsa
birimiz Sneypi yzarlamaga gitmeli. Mugallymlar otagynyň daşynda garaşyp, ol nirä
gitse yzyna düşmeli. Germiona, muny sen oňarmykaň diýýärin.
— Näme üçin men?
Ron:
— Näme üçindigi düşnükli ahyryn — diýdi. — Sen professor Flitwige garaşan
bol-da duruber.
Ron sesini gyzyňka meňzedip, ýene-de sözüniň üstüni ýetirdi.
— Professor Flitwik, men 14-nji soraga ýalňyş jogap berdimmikäm diýip
şeýlebir gaýgy edýärin...
Germiona:
— Gapylsana! — diýip, Rona hemle uranam bolsa, özüne tabşyrylan ýumşy
bitirmäge razylaşdy. Soň, Harri Rona ýüzlendi:
— Ýör, bizem üçünji gatdaky geçelgäni garawullasak gowy bolar!
Arman, olaryň bu niýetleri başa barmady. Flaffini mekdebiň beýleki
böleginden aýyrýan gapa ýetenlerem şoldy welin, olar ýene-de professor
Makgonagala gabat geldiler. Bu gezek ol gazap atyna atlandy.
— Daşy goramak üçin ummasyz jady ulanylýar ahyryn. Siz indi şolardan has
güýçli bolduňyzmy? Samsyklygyňyzy bes ediň! Eger şu töwereklerde aýlanyp
ýörendigiňizi eşidäýsem, Griffindordan ýene elli bal aýraryn. Hawa, Wizli, öz
ýolbaşçylyk edýän öýümden.
Olaryň umumy otaga dolanaýmakdan başga alaçlary galmandy. Harriniň:
«Bolsa-da, Germiona Sneýpiň yzyna düşüp ýör» diýenem şoldy welin, Dolmuş
Aýalyň portreti süýşüp, içerde Germiona peýda boldy. Germiona:
— Meni bagyşla, Harri! — diýip ýalbarmaga durdy.
241
— Sneýp otagdan çykyp, meň bu ýerde näme işleýändigimi sorady. Oňa
Flitwige garaşyp durandygymy aýtdym. Sneýpem yzyna girip, ony çagyryp berdi.
Men diňe şu wagt boşadym. Sneýpiň nirä gidendigini bilýän däldirin.
— Diýmek, indi başga alajymyz ýok-da?! — diýip, Harri uludan demini aldy.
Harriniň ýüzünde reňk-pet galmandy. Rondur Germiona bolsa, onuň yşnakly
gözleriniň içine seredýärdiler.
— Men şu gije gitmekçi. Daşy ele salmaga synanyşjak.
Ron:
— Akyiyňdan azaşdyňmy? — diýdi.
— Beýtmek bolmaz — diýip, Germiona-da ör-gökden geldi. — Makgonagal
bilen Sneýpden eşitmelimizi eşitmedikmi näme?! Seni okuwdan çykararlar, ahyryn.
— Goý, çykarsynlar! — diýende Harriniň sesi batly çykdy. — Siz näme hiç
zada düşüneňzokmy? Sneýp daşy eline aldygy, Woldemort dolanyp geler. Ol öňem
bir gezek ýurda gan çaýkapdy ahyry. Siz näme şony bileňzokmy? Eger şol pajyga
ýene bir gezek gaýtalanaýsa, onda Hogwartsam bolmaz, zadam bolmaz. Onsoň,
okuwdan çykjak diýseňizem siziň mekdebiňiz bolmaz. Ol Hogwartsy ýer bilen
ýegsan eder ýa-da ony Gara Jadygöýlik mekdebine öwrer. Ana, şonda bal ýygnamak
diýen düşünje-de galmaz. Griffindorlar öý kubogyny eýeleseler, ol sizi, siziň
maşgalaňyzy gününe goýar öýdýäňizmi? Eger daşa ýetmezimden ozal ele düşäýsem,
onda, näme, Darslilere dolanyp bararyn-da «Woldemort haçan janymy alarka?»
diýip, garaşyp ýatmaly bolaryn. Sebäbi men hiç wagt gara güýje boýun egmerin. Men
şu gün hökman gizlin gapydan geçerin, siz bolsa näme diýseňizem meni saklap
bilmersiňiz. Woldemort meň enem-atamy öldürrdi, ýa siz eýýäm muny
unudaýdyňyzmy?
Harri olara çiňerilip seretdi.
— Sen dogry aýdýaň, Harri — diýip, Germiona pessaý ses bilen dillendi.
— Men göze görünmeýän ýapynjany peýdalanaryn. Ony yzyna getirenleri hem
bir gowy zat.
Ron:
— Ýöne ol biziň üçümiziňem üstümizi örtmäge ýetennikä? diýdi.
242
— Üçümiziň... üçümiziňem diýdiňmi?
— Goýsana, biz näme seň ýeke özüňi goýbereris öýtdüňmi?
— Elbetde, ýok — diýip, Germiona bada-bat onuň sözüni alyp göterdi. — Sen
daşy bir özüň tapyp bilerin öýdýäňmi?! Men gidip, kitaplara göz gezdireýin. Peýdaly
zatlaryň üstünden baraýmagym mümkin...
— Birden ele düşäýsek, siziň ikiňizem okuwdan çykararlar ahyryn.
Germiona:
— Çykarybam görsünler — diýip, pert jogap berdi,
— Flitwik maňa synagdan ýüz ýigrimi göterim netije alandygymy buşlady.
Şonuň üçinem olar meni okuwdan çykaryp bilmezler.
Agşam naharyndan soň, olar üç bolup, aljyraňňy halda, umumy otagyň bir
çetine geçip oturdylar. Olaryň towugyna tok diýýän ýokdy. Aslynda, baýaky
wakadan soň, griffindorlylaryň hiç haýsysy Harri bilen gepleşenokdylaram. Munuň
şeýle bolmagyny Harri ilkinji sapar özüne bähbit saýypdy. Germiona aldygyna
bellikler depderine göz gezdirýärdi. Ol gorag jadylaryndan geçmäge ýardam berjek
maslahatlaryň üstünden bararyn öýdýärdi Harri bilen Rondan welin ses-üýn
çykanokdy. Olaryň ikisi hem özlerine nämeleriň garaşýandygy hakda
pikirlenýärdiler.
Okuwçylaryň düşeklerine geçip başlamagy bilen umumy otag dura-bara
boşady.
Li Jordan gernip hem pallap, otagdan iň soňky bolup çykyp gideninden soň
Ron:
— Sen ýapynjaňy alyp gelseň gowy bolar — diýip pyşyrdady.
Harri basgançaga ylgap çykdy-da, garaňky otaglaryna bardy. Egin-eşikleriniň
arasyndan ýapynjasyny alanda, Hagridiň Roždestw o baýramçylygynda özüne sowgat
beren tüýdüjegine gözi düşdi. Flaffa çalyp bermek niýeti bilen ony jübüsine saldy.
Onuň bu wagt saz çalmaga höwesi ýokdy.
Soňra Harri umumy otaga dolanyp geldi.
— Ýapynjanyň üçümiziň üstümizi örtüp, örtmeýändigini şu wagt barlaýalyň.
Eger Filç aýaklarymyzyň üstünde göwrämiziň ýoklugyny göräýse...
243
Birdenem otagyň bir burçundan kimdir biriniň:
— Siz bu ýerde näme işleýäňiz? — diýen sesi eşidildi. Bu kürsiniň aňyrsyndan
peýda bolan Newiliň sesidi.
Ol özüniň gollaryndan sypjak bolup urunýan Trewor atly gurbagasyny
gujagyna gysyp durdy.
— Hiç zat Newil, hiç zat — diýip, Harri elindäki ýapynjasyny bada-bat
arkasynda gizledi.
Newil olaryň müýnli görünýän ýüzlerine çiňenlip seretdi.
— Siz ýene-de daşaryk çykmakçy bolýaňyz gerek?!
Germiona:
— Ýok, ýok — diýdi. — Ýok, biz hiç ýerigem gitjek bolamzok. Newil, sen
düşegiňe geçseň nädýär?!
Harri gapynyň golaýynda duran köne sagada göz aýlady. Olar mundan artyk
wagt ýitirip biljek däldiler.
Edil häzir Sneýpiň Flaffini uklatmak üçin saz çalyp duran bolmagy-da
ähtimaldy.
Newil:
— Siz daşaryk çykmarsyňyz — diýip, pert jogap berdi. — Ele düşäýseňiz,
ýene-de Griffindor öýüne zyýan ýetirersiňiz.
— Sen hiç zada düşüneňok — diýip, Harri oňa gep düşündimiäge synanyşdy.
— Bu gaty wajyp.
Newil olary saklamak üçin hiç zatdan gaýtmajaga meňzeýärdi.
— Men sizi goýbermen — diýip, ol gapynyň agzyna geçdi. — Men siziň bilen
urşaryn.
Ronuň sabyr käsesi dolupdy.
— Newil, akmak bolma-da, ýoldan aýryl, şu ýerden garaňy saýla!
244
— Maňa akmak diýme. Men-ä siz tertip-düzgüni bozmasaňyz gowy görýärin.
Onsoňam «gerek ýerinde adama gaýtawul bermegi başarmaly» diýýän özüň
dälmidiň?!
— Hawa mendim. Ýöne sen bize garşy çykmaly däl — diýip Ron
janyýangynly seslendi. — Newil, sen näme edýäniňi bileňok.
Ol öňe bir ädim ätdi, Newil elindäki gurbagasyny ýere oklady. Berk gollardan
sypan Trewor derrew gözden gaýyp boldy.
— Bol, gel, meni ur hany — diýip, Newil ýumruklatyny düwdi. — Men taýýar.
Harri Germiona seretdi.
— Munuň bir alajyny tapmasag-a boljak däl!
Germiona öňe süýşdi.
— Newil, meni bagyşla, meň beýdesim-ä gelenokdy welin...
Germiona taýajygyny ýokaryk göterdi-de, ony Newile gönükdirip:
— Petrifikus Totalus — diýdi.
Newiliň elleri iki tarapyna gysyldy, aýaklary bolsa biri-birine ýelmeşdi. Onuň
tutuş bedeni doňup galypdy.
Ol duran ýerinde iki ýana çaýkanyp, düýbünden çapylan agaç dek ýüzinligine
ýykyldy.
Germiona ylgap baryp, ony beýlesine öwürdi. Onuň agzy hem doňup galypdy.
Şonuň üçin Newil gürläbem bilenokdy. Ol gözlerini elek-çelek edip, gymyldaman
ýatyrdy.
Harri:
— Sen oňa näme etdiň? — diýip pyşyrdap sorady.
— Muňa «Tutuşlygyna doňdurmak» jadysy diýilýär
— diýip, Germiona gussaly dillendi. — Wah, Newil, meni bagyşla!
Harri:
245
— Başga çykalgamyzam ýokdy, düşündirmäge-de wagtymyz hem bolmady —
diýdi.
Newiliň üstünden ätläp, göze görünmeýän ýapynjany eginlerine atyp durkalar,
Ron:
— Soň sen bar zada düşünersiň — diýdi.
Elbetde, Newili beýdip taşlap gitmek dogry däldi. Emma olar muňa mejbur
boldular. «Gorkana goşa görner» diýlişi ýaly, ýolda duşan heýkelleriň kölegesi olaryň
gözüne Filç bolup görünýärdi. Şemal birsyhly şuwwuldanynda bolsa, olaryň
göwnüne garaňkylykdan Piws atylyp çykjak ýalydy. Basgançagyň deňine
ýetenlerinde, hanym Norrisiň ýokarda aýlanyp ýörendigini gördüler.
— Ýör, ony depeli-le, iň bolmanda şu gezejik — diýip, Ron Harriniň gulagyna
pyşyrdady. Harri «Ýok» diýen manyda başyny ýaýkady. Olar ýuwaşlyk bilen pişigiň
deňinden geçdiler. Hanym Norris ýanyp duran gözleri bilen olara dikanlap seredenem
bolsa, hiç zat aňmady.
Üçünji gata eltýän basgançaga ýetýänçäler, olar hiç kime gabat gelmediler.
Ynha-da, Piws «üstünden basan ýykylsyn» diýip basgançaga berkidilen halyny
ortarasyndan gowşadyp dur.
Olar ýokaryk galyp başlanlaryna mähetdel Piws:
— Bu ýerde kim bar? — diýip seslendi. Ol eýmenç gara gözlerini süztibräk
seretdi. — Seni görmesemem, şu ýerdedigiňi bilýän. Sen jynmy, arwahmy ýa-da
garagol okuwçyjykmy?
Piws ýokaryk göterilip, howada gaýyp ýörşüne olardan gözüm aýyrmady.
— Filçi çagyraýsammykam? Kimdir biri göze görünmän töwerekde aýlanyp
ýören bolsa, Filçi çagyraýmakdan başga alaç galanok.
Birden Harriniň kellesine bir pikir geldi.
— Piws! — diýip, ol gyryljyk sesi bilen pyşyrdady.
— Ganly Baronyň göze görünmezliginiň özüne ýetesi sebäbi bar.
Zähresi ýarlara gelen Piws tas aşak gaýdypdy. Her näme-de bolsa, ol
basgançaga patlap düşmänkä saklanyp ýetişdi.
246
— Meni bagyşlaň, siziň aly hezretleriňiz, jenap Baron! — diýen Piwsiň sesi bu
sapar aşa sypaýy eşidildi.
— Men günäkär, şeýlebir günäkär. Men sizi gönnändirin. Elbetde, görmedim.
Siz göze görneňzok ahyryn. Görgüli Piwsiň bu ýerliksiz degişmesini bagyşlaň, jenap!
— Meň bu ýerde işim bar, Piws — diýip, Harri boguk sesine bat berdi — Şu
gije sen bärde görünme.
Piws ýene-de ýokaryk göterildi.
— Bolýar jenap, siziň aýdyşyňyz ýaly ederin. Işleriňiz ugruna bolar diýip umyt
edýän, Baron. Men sizi bimaza etmen.
Ol dessine gözden gaýyp boldy.
Ron:
— Berekella, Harri — diýip pyşyrdady.
Birsalymdan olar üçünji gatyň geçelgesiniň öňüne bardylar. Kimdir biri eýýäm
içerik girip, gapyny açyk goýupdyr.
— Ynha, geldik — diýip, Harri çalaja dillendi: — Sneýp eýýäm Flaffiniň
deňinden geçipdir.
Açyk duran gapy olaryň sussuny basmak bilen birlikde öňde howpuň
garaşýandygyny hem duýdurýardy. Harri ýapynjanyň aşagyndan dostlaryna garady.
— Yzyňyza dolanasyňyz gelse, men garşy bolman. Ýapynjanam äkidip
bilersiňiz. Ol indi maňa gerek däl.
Ron:
— Biderek gürrüň etme! — diýdi.
— Bizem yzyňdan galmarys — diýip, Germiona onuň sözüni tassyklady.
Harri sähel açylgy gapyny itdi.
Gapy jygyldap giňden açylan badyna, güňleç hyrryldy eşidildi. It paşşyldap
dem alýan üç sany temegini öňe tutup, olary göýä görýän dek ysyrganýardy.
— Onuň aýagynyň ýanynda bir zad-a dur! — diýip, Germiona çalaja
pyşyrdady.
247
— Arfa ýaly-la. Ony Sneýp goýup gidendir.
Harri:
— Saz çalmagyny goýan badyňa it oýanýan bolmaly — diýdi. — Başladyk
onda...
Ol tüýdüjegi agzyna ýetirip üfledi. Ondan çykýan saz meniňki bolsun diýer
ýaly däl hem bolsa, owaz eşidilen badyna itiň gözleri ýumlup ugrady. Çalmakdan
ýaňa demi gutarara gelse-de, Harriniň sazy bes etmäge bogny ysanokdy. Ýuwaşýuwaşdan itiň hyrryldysy ýatdy, ol aýak üstünde durup bilmän, garysyna ýassanyp,
süýji uka gitdi.
Üstlerinden ýapynjany aýryp, gizlin gapa tarap süýşenekläp başlanlarynda,
Ron:
— Saz çalmagyňy bes edäýmegin — diýip, Harrini habardar etdi.
Itiň äpet kelleleriniň deňine ýetenlerinde, onuň aňkap duran gyzgyn demi
ýüzlerine haplap urdy.
Ron:
— Gapyny açyp bolarmyka? — diýip, itiň arkasyna äňetdi. — Germiona,
belki, sen ilki gidersiň?!
— Ýok, gitmen.
— Bolýar-da.
Ron hyrçyny dişläp, seresaplylyk bilen itiň aýagynyň üstünden ätledi, eglip,
gapynyň halka şekilli ullakan tutawajyndan çekdi. Gapy giňden açyldy.
Germiona sabyrsyzlyk bilen:
— Näme görýäň? — diýip sorady.
— Hiç zat göremok. Bäri garaňky. Bu ýerde aşak düşer ýaly basgançagam ýok,
bökmeli bolaýmasak.
Entegem saz çalyp duran Harri elini galgadyp, üm bilen Rona bir zatlar
düşündirmekçi boldy. Ron Harrä garap:
— Iň öňden özüň gidesiň gelýärmi? Bolýar-da. Ýöne men bu ýeriň näçeräk
çuňdugyny bilýän däldirin. It oýanmaz ýaly tüýdügi Germiona geçiräý.
248
Harri tüýdügi Germiona uzatdy. Şojagaz pursatda it hyňranyp, aýaklaryny
däbşenekledip ýetişipdi, ýöne Germionanyň saz çalyp başlamagy bilen it ýene süýji
uka gitdi.
Harri itiň üstünden ätläp geçdi-de, dik aşaklygyna gidýän geçelgä boýnuny
uzadyp seretdi. Onuň düýbi görnenokdy.
Harri deşigiň erňeginden ýapyşyp, göwresini aşak goýberdi. Çukuryň içine
sallanyp durşuna başyny galdyryp Rona seretdi.
— Eger maňa bir zat bolaýsa, bökmäň. Baýguş saklanýan jaýa gidiň-de,
Hedwigi göni Dambldoryň ýanyna iberiň. Bolýarmy?
— Bolýar.
Harri: «Nesip bolsa, ýene görşeris» diýdi-de elini goýberdi, Onuň gulagynda
sowuk hem dymyk howa şuwlaýardy. Ol bolsa şol aşaklygyna gaýyp barÝardy.
Birdenem ol birgeňsi tutuk ses edip, nähilidir bir ýumşak zadyň üstüne düşdi. Harri
ýerinden galyp, daş-töweregini sermemäge durdy. Garaňkyda hiç zady saýgarar ýaly
däldi. Ol göýä nähilidir bir ýumşak ösümligiň üstünde duran ýalydy,
— Ähli zat gowy! — diýip, Harri ýokarda çalarak görünýän ýagtylyga seredip
gygyrdy. — Bu ýeri ýumşak. Arkaýyn böküberiň.
Ron bökdi. Ol Harriniň gapdalyna düşdi.
Ron ýere düşüp-düşmänkä: "Aýagymyzyň aşagyndaky näme?» diýip sorady.
— Bilemok. Osümlige meňzeýär öz-ä. Ýokardan bökeňde aňsat bolar ýaly
ýörite goýan bolaýmasalar. Germiona, bol, senem bök.
Uzakdan eşidilýän sazyň sesi kesildi. It jabjynyp başlanam bolsa, Germiona
aşak böküp ýetişdi. Ol Harriniň bir gapdalyna düşdi-de:
— Biz mekdebiň ençeme mil aşagynda bolaýmasak— diýdi.
Ron:
— Bagtymyza bir zadyň üstüne-hä düşäýdik — diýip dillendi. Birdenkä
Germiona:
— Bagtymyza diýdiňmi? — diýip çirkin gygyrdy. — Özüňize serediň ahyryn.
249
Germiona tarsa ýerinden turdy-da, çyg çeken diwara ýetmäge howlukdy. Ol,
hakykatdanam, bar güýji bilen öňe dyzady. Sebäbi üstüne düşenine mähetdel ösümlik
özüniň ýylan dek baldaklary bilen onuň aýaklary na çyrmaşyp başlapdy. Harridir
Ronuň aýaklary bolsa eýýäm duşalgydy. Olar muny hatda aňmandyrlaram.
Ösümlik elinidir aýagyny berk baglap ýetişmänkä, Germiona ondan sypmagy
başardy. Ol indi ösümligiň girisinden gutuljak bolup urunýan iki oglana gorkuly
gözleri bilen garaýardy, ýöne çabalandyklary saýyn ösümligem çalasynlyk bilen
olary gysyp alyp barýardy.
— Gymyldamaň — diýip, Germiona buýruk beriji äheňde seslendi. — Men
munuň nämedigini bilýän. Bu Şeýtan Duzagy.
Ron:
— Munuň adyn-a bilýän ekeniň, tüweleme. Bize gaty uly kömek etdiň — diýip
azgyryldy. Ösümlik boýnuna oralmaz ýaly ol arkanlygyna gaýyşdy.
— Gapylsana. Men mundan dynmagyň tilsimini ýadyma saljak bolýan.
— Bahymrak bol. Men dem alyp bilemok — diýip, Harri döşüni gysyp başlan
baldaklary ýumruklap durşuna demi demine ýetmän zordan dillendi.
— Şeýtan Duzagy, Şeýtan Duzagy. Professor Sprut bu hakda näme diýip-dä?!.
Ol garaňkylygy hem çyglylygy halaýar...
Harri eýýäm demigip başlapdy.
— Beýle bolsa, ot ýak.
Germiona ellerini owkalap durşuna:
— Dogry. Şeýtmeli. Ýöne mende odun ýok ahyryn — diýip gygyrdy.
Ron janyýangynyna:
— Akylyňdan azaşdyňmy? — diýip gygyrdy. — Sen ― jadygöými ýa ýok?!
— Wiý, hawa-la — diýip, Germiona taýajygyny çykardy. Ony iki ýana
galgadyp, jadyly sözleri pyşyrdady. Bimagtlar Sneýpe ulanandakysy ýaly
taýajygynyň ujunda gök ýalynjygy emele getirip, ösümlige tarap gönükdirdi. Eýýäm
şol pursat oglanlar ýagtylykdan hem ýylylykdan gizlenip başlan ösümligiň öz
250
gysajyny gowşadýandygyny duýdular. Baldaklar towlanjyrap hem silkinjiräp,
bedenlerinden syrylyp başlansoň, oglanlar çolaşykdan çykmagy başardylar.
Harri diwara ýaplanyp duran Germionanyň ýanyna baryp, ýüzüniň derini
syldy.
— Seniň gerbologiýany okanyňam bir gowy zat, Germiona.
Ron:
— Hawa — diýdi. — Bolsa-da, Harri sen ýaly özüni ýitirmedi. «Odun ýok»
diýdiňmi?! Ynanar ýaly däl.
— Bärik geliň — diýip, Harri daşdan ýasalan ýeketäk geçelgäni görkezdi.
Olar öz aýak seslerinden başga diňe diwaryň ýüzünden syrygyp akýan suwuň
pessaýja şyrryldysyny eşidýärdiler. Geçelge birden aşaklygyna gaýtdy, bu Harrä
Gringotyň garaňky ýerasty geçelgelerini ýatlatdy, Jadyly bankyň ýokary derejeli
seýflerini goraýan aždarhalar ýadyna düşende, onuň ýüregine howul düşdi. Birden
olar aždarhalara, hakykatdan hem, äpet aždarhalara gabat geläýseler näme?!
Norbertiň ýeke özi olara hupbat baryny beripdi ahyry.
Ron:
— Eşidýäňizmi? — diýip pyşyrdady.
Harri gulak saldy. Ýokardan we öňden bir zatlaryň şagyrdaýan hem
pasyrdaýan sesleri eşidilýärdi.
— Ol ýerde ruh bar bolaýmasyn?!
— Bilemok. Göwnüme bolmasa, ganatyň sesine meňzeýär.
— Öňümizde ýagtylyk bar. Men nämedir bir zadyň gymyldaýandygyny
görýän.
Olar geçelgäniň soňuna ýetdiler, öňlerinde ýaý berip duran beýik üçekli ýagty
otag peýda boldy. Bu otagyň içi çyrpynyp ganat kakýan ýelekleri her dürli öwüşginli
kiçijik guşjagazlardan doludy. Olaryň gabat garşysynda agyr agaç gapy bardy.
— Sen nähili pikir edýäň, otagyň beýleki tarapyna geçsek, guşlar üstümize
topulaýarlarmyka?! — diýip, Ron Harrä ýüzlendi.
251
— Topulmazlyklaram ahmal. Olar daşyndan-ha adama degjege meňzänok.
Birdenem, çozaýsalar näme? Aý, barybir, alajymyz ýok. Men onda gitdim.
Harri uludan demini aldy. Elleri bilen ýüzüni ýapyp, otagyň beýleki tarapyna
ylgady. Haýdap barşyna ýiti çüňkleriňdir dyrnakly penjeleriň özüni ýolum-ýolum etjekdigi hakda oýlandy, ýöne hiç zat bolmady. Ol gapa sag-salamat ýetdi. Tutawajy
çekip gördi, gapy ýapyk eken.
Rondur Germiona ylgaşlap Harriniň ýanyna bardylar. Gapyny çekibem
gördüler, itibem, ýöne gapa hiç zat, hatda Gemüonanyň Alohomora jadysy hem täsir
etmedi.
Ron:
— Indi näme etmeli? — diýip sorady.
Germiona guşlara göz aýlady.
— Bu guşlary bärik ýöne ýere gabap goýan däldirler.
Olaryň üçüsi hem guşlary synladylar. Howada pasyrdaşyp ýören bu guşlar
biçak üýtgeşik öwşün atýardylar.
Birdenem Harri:
— Olar guş däl! — diýdi. — Olar açarlar, ganatly açarlar! Ünslüje serediň.
Diýmek, bu nämäni aňladýar..
Ron bilen Germiona bir süri açarlardan gözlerini aýryp bilmän durkalar, Harri
otaga göz aýlady.
— Ynha, serediň! Uçýan sübseler dur! Biz gapyny açjak açary tapmaly.
— Ýöne olaryň sany-sajagy ýok ahyryn.
Ron gapynyň gulpuny gözden geçirdi.
— Bize ullakan gadymy açar gerek. Gapynyň tutawajy ýaly kümüşden ýasalan
bolmagam mümkin.
Olaryň hersi bir sübsäni garbap alaga-da, ýokarda wag berýän açarjyklaryň
deňine galdylar. Ýöne jadylanan açarlar bir aşak, bir ýokaryk uçup, şeýlebir çalasyn
hereket edýärdiler welin, olary tutmak asla tnümkin däldi.
252
Harri ýöne ýere asyryň iň ýaş oýunçysy adyny almandy. Onuň beýleki
adamlaryň gözüne ilmejek zatlary görmäge ukyby bardy, Aldygyna pasyrdaşýan
älemgoşar ganatly açarlaryň arasynda birsalym aýlanansoň, birden onuň gözi ýaraly
ganatly açara düşäýdi. Açar göýä eýýäm tutulyp, zor bilen gulpa salnan ýalydy.
Harri:
— Hanha, hol açar — diýip gygyrdy. — Ullakany, ho-ol ýerde. Ýok, ýok,
beýlede, hanha, ýelegi açyk gök reňkde. Bir ganatynyň ýelekleri hem somalyşyp
çykyp durandyr.
Ron Harriniň görkezen tarapyna bat bilen uçdy, ýöne üçegi süsüp, tas sübseden
agypdy.
— Ony bir burça gabamak gerek — diýip, Harri ýaraty ganatly açardan gözüni
aýyrman gygyrdy. — Ron, sen ýokardan bar. Germiona, sen bolsa aşakdan
goýbermän sakla, menem ony tutjak bolaýyn. Başladyk!
Ron dik aşaklygyna gaytdy, Germiona ýokaryk göterildi, açar olaryň ikisinden
hem sowlup ýetişdi. Harri onuň yzyndan okduryldy. Açar welin diwara tarap ýelk
ýasady. Harri biraz öňe egildi-de, açary eli bilen diwara kakyp goýberdi. Ondan
ýakymsyz şyrkyldy eşidilip gitdi. Rondur Germionanyň şatlykly el çarpyşmalary
otagyň içine ýaň saldy.
Olar bada-bat ýere gondular. Harri elinde iki ýana urunýan açary zordan
saklap, gapa tarap ylgady. Ol açary gulpa dykdy-da towlady. Olar gerek açary
tutupdyrlar. Gulp şakyrdap açylan badyna açar ýene-de ýokaryk uçdy. Yzly-yzyna iki
gezek tutulansoň, onuň ganatlary mürşerilip durdy.
— Taýýarmysyňyz? — diýip, Harri gapynyň tutawajyna elini ýetirdi.
Olar baş atdylar. Harri gapyny açdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.