Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04

Total number of words is 3700
Total number of unique words is 1964
33.4 of words are in the 2000 most common words
47.5 of words are in the 5000 most common words
55.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
başymyza taşlap gitdi — diýdi.
Daýzasynyň aýdanlaryna ýüzi agaryp, dili tutulan Harri özünde gürlemäge
güýç tapansoň:
— Öldürildi? Hany, siz maňa ejemiň ulag heläkçiliginde wepat bolandygyny
aýdypdyňyz-a?! — diýdi.
— Ulag heläkçiligindemi? — diýip, Hagrid tarsa ýerinden galdy welin,
Darsliler gorkularyna burça dykylyşdylar. — Heý-de, Lili bilen Jeýms Potterleriň
ölümine adaty ulag heläkçiligi sebäp bolup bilermi? Bu bolup bilmejek zat ahyryn.
Ýer ýüzüniň ähli çagalary ony tanaýarkalar, näme üçin Harri Potter özüniň kimdigini
bilenok?!
Bilesigelijiligi ýetjek derejesine ýeten Harri:
— Hä, näme boldy? Näme üçin siz beýle diýýäňiz? — diýip, janygyp sorady.
Gahary ýatyşansoň, Hagrid gussaly gepledi:
— Men beýle zatlara garaşmandym. Dambldor bärik gaýtmazymdan ozal, seni
tapanymda käbir kynçylyklaryň ýüze çykaýmagynyň mümkindigini aýdypdy. Ýöne
men beýle kyn ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolaryn öýtmändim. Saňa ähli hakykaty
menden eşitmek dogrumy ýa dälmi, biljek däl, ýöne sen hiç zatdan habarsyz halyňa
Hogwartsa gidip bilmersiň.
Soňra Darslilere gahar bilen sereden Hagrid:
— Men saňa hemme zad-a aýdyp biljek däl welin, esasy bilmeli zatlaryňy
aýdyp bereýin — diýdi-de, diwanyň üstünde ornaşyp, ýanyp duran oda birsellem
seredip oturanyndan soň, sözüni dowam etdi:
— Bu waka bir adamdan başlanypdy. Onuň kimdigini welin, senden başga ähli
kişi bilýärmikä diýýän. Onuň ady...
45
— Kim ol?
— Men-ä başarsam, onuň adyny tutmajak bolýan. Aslynda, hiç kimem onuň
adyny tutanok.
— Näme üçin?
— Sebäbi adamlar häzir hem ondan gorkup ýaşaýarlar. Wah, saňa nädip
düşündirsemkäm? Öň erbetlikde ýakasyny tanadan bir jadygöý bardy. Ol şeýle bir
erbet işler edýärdi welin, göz öňüne-de getirer ýaly däl. Onuň adyna bolsa... — diýip,
Hagrid ýuwdundy, ýöne soň ýeke söz hem aýdyp bilmedi
Onuň kösenip durşuny gören Harri:
— Belki, sen onuň adyny maňa ýazyp berersiň?! — diýip teklip etdi.
— Wah, men onuň adynyň ýazylyşynam bilemok-da. Ýeri bolýar-da,
Waldemort — diýip, onuň adyny aýdanda Hagrid sandyrap gitdi, — Onuň adyny
maňa indi bir aýtdyrmaweri. Şol jadygöý ýigrimi ýyl mundan ozal öz tarapdarlaryny
gözläp başlady. Özi-de işi oňuna boldy. Käbir jadygöýler gorkularyna, käbirleri bolsa
onuň gün-günden möwjeýän güýjüniň bir bölegine eýe bolmak isläp, yzyna eýerdiler.
Başymyza gara günler inipdi, Harri. Kime ynanyp, kim bilen dostlaşjagyňy biler ýaly
däldi. Töwerekde göz öňüne getirip bolmajak erbetlikler bolup geçýärdi. Onuň
tarapdarlary bolsa gitdigiçe köpelýärdi. Özüne garşy gidýänleriň ählisini gynap
öldürensoň, jadygöýler gorkularyna onuň yzyna eýererdiler. Ýeke-täk howpsuz ýer
— Hogwartsdy. Ol Dambldordan çekinensoň, mekdebe aralaşmaga milt edip
bilmändi.
Seň ejeň bilen kakaň meniň tanaýan jadygöýlerimiň içinde iň güýçlüleridi.
Ikisem öz döwründe mekdebiň iň ökde okuwçylary bolupdy. Geň ýeri hem, Ady
tutulmaýanyň eneň-ataňy has öňräkden öz tarapyna çekmäge synanyşmanlygyndady.
Belki olaryň Dambldora has ýakyndygyny hem hiç haçan gara güýçleri kabul
etmejekdigini bilendir.
Ýöne soň ol öňki pikirini üýtgedip, eneňi-ataňy öz tarapyna geçmäge göwnedip
bilerin öýtdümi ýa olary aradan aýyrmak isledimi, belli däl. Garaz, bir bilýän
zadymyz, onuň on ýyl mundan ozal maşgalaňyzyň ýaşan ýerine, Hellouwin obasyna
barandygy. Sen ol wagtlar ýaňy bir ýaşlyja çagajykdyň. Ol siziň öýüňize geldi-de...
Hagridiň bokurdagy doldy. Ol jübüsinden kirden ýaňa gatap giden elýaglygyny
çykardy-da, burnuny süpürdi.
46
— Bagyşla ! Bolup geçen wakalary ýatlamak maňa gaty agyr degýär. Seň
eneň-ataň şeýle mylakatly, gowy adamlardy. Gynansak-da, Ady tutulmaýan olaryň
ikisini hem öldürdi. Soňam, belki, yz-sor goýmagy halamaýandygy ýa adam
öldürmegi gowy görýändigi üçindir, biljek däl, ol senem öldüijek boldy. Ýöne,
başarmady. Sen öň haçanam bolsa bir wagt öz maňlaýyňdaky ýara yzynyň nähili
peýda bolandygy hakda oýlanypmydyň?! Ol ýöne-möne ýara yzy däl, ol seň eneňataňy öldüren ýaramaz güýjüň saňa-da galtaşandygynyň alamaty. Şol ýaramaz güýjüň
özüňe täsir edip bilmändigi sebäplem sen tanymal, Harri. Sebäbi ol kimdir birini
öldürmegi ýüregine düwdümi, şol adama onuň gazabyndan aman sypmak ýokdy. Ol
Makkinonlar, Bounsler, Prewetler ýaly, öz döwrüniň iň saýlama jadygöýlerini
öldüripdi. Ýöne sen kiçijik çaga halyňa diri galmagy başardyň.
Ol gürrüňini soňlan badyna Harriniň göwnüne bolmasa, gözüniň öňünde birden
gök ýagtylyk lowurdap giden ýaly boldy, birdenem ömründe ilkinji gezek sowuk,
iniňi jümşüldiji gülki sesi gulagyna eşidilen ýaly boldy.
Oňa gussaly seredip duran Hagrid:
— Dambldoryň tabşyrygy bilen, seni ýykan-ýumran bolan öýüňizden alyp
gaýdan meň özüm. Soňam seni şularyň arasyna...
— Samsyk gürrüňler — diýip, Wernon daýy gygyrdy.
Darslileri düýbünden unudan Harri daýysynyň sesine tisginip gitdi. Wernon
daýynyň batyrlygy gaýdyp gelen bolarly, ol ýumruklaryny berk düwüp, Harriniň
ýüzüne çiňňerildi:
— Oglanjyk, meni gowuja diňle. Sende düşündirip bolmajak bir täsinligiň
bardygyna çyndan ynanýan. Ýöne oňatja şarpyk seni bu keseliňden bahym açar.
Eneň-ataň barada aýdanymda bolsa, olaram meň öň gören iň bir geň adamlarymdy.
Durmuşda olar ýaly adamlar az bolsa, gowy bolardy. Olar jadygöýler bilen iş salşyp,
öz başlaryna bela satyn aldylar. Men hemişe-de bu zatlaryň gowulyga eltmejegini
bilýärdim.
Şol pursat diwandan tarsa galan Hagrid eginbaşyndan melewşe saýawanyny
çykardy-da, ony Wernon daýa gezäp, kasam edýän ýaly:
— Duýdurýan, Darsli. Eger ýene ýekeje artykmaç söz aýdaýsaň... — diýip
herreldi.
47
Äpediň özüni saýawan bilen saýgylaýmagyndan gorkup, batyrlygy ýene
gürüm-jürüm bolan Wernon daýy sesini çykarman, öňki ýerine geçip oturdy.
— Buýa bolaýdy — diýip, uludan demini alan Hagrid diwanda oturdy. Ýöne
bu gezek onuň agramyna çydamadyk köne diwanyň aýaklary döwüldi-de, ýere çökdi.
Kellesinde müňlerçe sowal dörän Harri:
— Soň Wol...bagyşlaň, Ady tutulmaýana näme boldy?
— Gaty gowy sowal, Harri. Ol gaýyp boldy. Onuň seni öldürmäge synanyşan
güni ýitirim bolmagy seni hasam tanymal etdi. Güýjüniň möwç alan mahaly gaýyp
bolmagy diýseň geň zat. Käbirleri onuň wepat bolandygyny aýdýarlar. Ýöne men-ä
muňa ynanamok. Adamkärçilikden nam-nyşan galmadyk kişi nähili ölsün diýsene?!
Käbirleri bolsa, onuň bir ýerlerde gizlenip, öz wagtyny peýläp ýatandygyny
aýdýarlar. Ýöne men muňa-da ynanamok. Onuň yzyna eýerenleriň köpüsi ýene biziň
tarapymyza geçdi, käbirlerem ukudan açylan ýaly boldy. Ady tutulmaýan yzyna
dolanyp geläýse, olara nämeleriň boljakdygyny göz öňüne-de getirip bilemok.
Biziňkileriň köpüsi onuň häzirem biziň dünýämizdedigini, ýöne güýjüniň göreşerden
gowşakdygyny aýdýarlar. Onuň ýok bolmagy, Harri, diňe seň bilen bagly. Şol gije
onuň garaşmadyk bir zady-ha bolup geçdi. Ýöne näme bolandygyny biljek däl. Muny
hiç kimem bilenok. Ýöne sendäki bir güýç onuň ýoguna ýandy.
Sözüni soňlan Hagrid Harrä gussaly seretdi. Ýöne Harri özüne buýsanmagyň,
guwanmagyň deregine, bu ýerde bir ýalňyşlyk bolaýmasyn diýip pikirlendi.
Ondanam bir jadygöý bolarmy?! Bu nähili beýle bolýar?! Ol tutuş ömrüni Dadliniň
ýumrugyna çydap, Petunýa daýzasynyň hem Wernon daýynyň kemsitmelerini çekip
ýaşady ahbetin. Ol jadygöý bolsa, her gezek geýim saklanýan ammarça salyp,
daşyndan gulplaýan daýysy bilen daýzasyny gurbaga öwrüp bilerdi ahbetin. Eger ol
öň zalym jadygöýleriň birini ýok etmegi başaran bolsa, näme üçin Dadli ondan
güýçli gaýtawul görmän özüni mydama pökgi ýaly depip ýör.
Ol:
— Hagrid, siz ýalňyşýan bolaýmaň? Mendenem jadygöý bolarmy?! — diýdi.
— Sen jadygöý dälmi? Gaharly ýa gussaly wagtyň geň ýa täsin zatlar bolup
geçmedimi näme? — diýip, Hagrid ýylgyrdy.
Göreçlerini ýanyp duran oda diken Harri oýa batdy. Daýzasy bilen daýysynyň
gaharyny getiren geň ahwallaryň, ýagny Dadliniň toparynyň özüni kowalan mahaly
48
üçegiň üstünde peýda bolmagy, saçy gyrkylan halda okuwa nähili gitjekdigi hakda
alada edip otyrka, saçynyň düýbünden gyrkylmadyk ýaly ösmegi, iň soňky gezek
bolsa, Dadliniň kakyp geçen wagty özi bilmezden aryny almagy, ählisi,
hakykatdanam, gaharly ýa gussaly wagty bolupdy.
Şeýle pikirleri kellesinde aýlan Harri Hagride ýylgyryp seredende, onuňam
özüne bakyp, ýylgyryp durandygyny gördi.
— Gördüň dälmi?! Harri Potter jadygöý bolman, başga kim jadygöý bolsun?!
Sen Hogwartsda-da meşhur jadygöýleriň biri bolarsyň.
Ýöne söweşsiz boýun bolmak islemedik Wernon daýy:
— Ol Stounwol Haý mekdebinden başga hiç ýere-de gitmez. Özem munuň
üçin maňa minnetdar bolar. Olaryň bir topar biderek kitaplaryň hem taýajyklaryň
haýsylarynyň gerekdigini ýazyp iberen hatlaryny menem okadym — diýip gygyrdy.
— Eger Harri gitmek islese, seniň ýaly magl onuň öňüne böwet bolup bilmez.
Görüň-le muny, ol Lili we Jeýms Potterleriň ogluny goýberjek dälmişin. Seň aklyň
bir ýerindemi?! Ony eýýäm doglan gününden başlap, bütin dünýä tanady. Ol
dünýäniň iň saýlama jadygöýlik mekdebinde ýedi ýyl okansoň, düýbünden başga
adam bolup bu ýere dolanyp geler. Onsoňam, Harri özi ýaly oglan-gyzlaryň arasynda
okap, mekdebiň müdiri, baştutan jadygöýleriň biri Albus Dambldoryň...
— Men jadygöýligi öwredýän haýsydyr bir aklyndan azaşan goja pul tölemerin
— diýip, bar sesi bilen gygyran Wernon daýy bu gezek öte geçipdi.
Eline saýawanyny alyp, ony Wernon daýynyň kellesine gönükdiren Hagrid:
— Hiç haçan, hiç wagt meň ýanymda Albus Dambldory kemsitjek bolaýmagyn
— diýdi-de, saýawanyny howada eýläk-beýläk galgatdy. Şol pursat Dadli
saýawandan çykan melewşe ýagtylyk sebäpli dörän agyrysyna çydaman, dyza çöküp,
otagyň içinde eýläk-beýläk emedekläp başlady. Oňa tarap öwrülip sereden Harri onuň
balagynyň ýyrtygyndan doňuz guýrugynyň çykyp durandygyny gördi.
Gaharly gygyryp, Petunýa daýzasy bilen Dadlini beýleki otaga çekeleýän
Wernon daýy olara iň soňky gezek ýigrençden doly gözleri bilen bakdyda, gapyny
bat bilen ýapdy.
Hagrid sakgalyny sypalap, saýawanyna seretdi.
49
— Gaharymy getirseler şeýle bolaýýar-da. Ony doňza öwürmekçidim welin,
edil isleýşim ýaly bolmady. Barybir, onuň doňuzdan tapawudam ýok. Diňe guýruk
ýetenokdy.
Soňra ol Harrä köpmanyly seretdi-de:
— Ýaňky wakany Hogwartsa baraňda, hiç kime aýtmasaň gaty minnetdar
bolardym. Aslynda maňa jadygöýlik bilen meşgullanmak gadagan edildi. Seni
yzarlap, haty gowşuryp bilerim ýaly azajyk jadygöýlik etmäge rugsat berenleri üçin,
men bu işi boýun aldym.
— Näme üçin saňa jadygöýlik bilen meşgullanmak gadagan?
— Menem öň Hogwartsda okaýardym. Ýöne okuwymyň üçünji ýylynda
okuwdan çykaryldym. Olar meniň taýajygymy ikä böldüler. Ýöne Dambldor meni aw
guşlaryna gözegçi hökmünde Hogwartsda alyp galdy. Ol gaty gowy adam.
— Näme üçin seni okuwdan çykardylar?
Hagrid onuň bu sowalyna jogap bermegiň deregine batly gürläp:
— Wagtam indi gaty giç. Ertir ikimiziň etmeli işlerimizem köpdür. Şähere
gidip, saňa zerur kitaplary, beýleki gerek-ýarak zatlary satyn almaly— diýdi.
Soň eginbaşyny çykardy-da:
— Muny aşagyňa ýazyp bilersiň. Ýöne birden jüýgüldäp başlaýsa, gorkmagyn
— diýdi.
5-nji bap: GYÝARAK AÝLANYP GIDÝÄN KÖÇEJIK
Harri ertesi irden oýananda Günüň eýýäm asmana galanyny bilse-de, wagty
bilen gözüni açasy gelmedi.
— Men düýş görendirin. Hagrid atly äpediň gelip, özümiň jadygöýler
mekdebine kabul edilenimi aýtmagy — bularyň ählisi düýşümdir. Häzir gözümi
açsam özümiň öýde, geýim saklanýan ammarçamdadygyma göz ýetirerin — diýip, ol
öz ýanyndan gaýtalady durdy.
Birden bat bilen kakylýan tyrkyldy eşidildi,
50
«Petunýa daýzam ýene-de gapyny kakýar-ow» diýip oýlanan Harriň ýüregine
iňňe sanjylan ýaly boldy. Ýöne ol şonda-da gözüni açmady. Sebäbi hälki düýş şeýle
bir ajaýypdy.
«Tyrk, tyrk, tyrk».
— Bolýar, turýan — diýip, hüňürdäp Harri kellesini galdyrdy.
Şol pursat Hagridiň üstüne ýapan agyr eginbaşy agyp gitdi. Daşarda Gün ýagty
saçyp durdy. Düýnki tupandan nam-nyşan galmandy. Ol Hagridiň aýagy döwlen
diwanyň üstünde uklap ýatanyny, agzy gazetli baýguşyň içerik girmek üçin çokçasy
bilen penjiräniň aýnasyny tyrkyldadyp duranyny görende begenjinden ýaňa uçaýjak
boldy. Harri ýeňillik bilen ýerinden galyp, penjiräniň golaýyna bardy-da, ony açdy.
Pasyrdap içerik giren baýguş çokjasyndaky gazeti gyşaryp ýatan Hagridiň kellesine
taşlap goýberdi. Ýöne Hagrid gymyldaýynam diýmedi. Baýguş ýere gonan badyna
näme üçindir, Hagridiň eginbaşyna topuldy.
— Beýtme! — diýip, Harri ony kowjak boldy. Ýöne ol şonda-da çokjasy bilen
eginbaşy çekelemesini dowam etdi.
Ahyry näme etjegini bilmedik Harri:
— Hagrid, baýguş geldi — diýip, ony oýarmaly boldy.
— Onuň hakyny ber — diýip, Hagrid ýatan ýerinden buýurdy.
— Näme?
— Gazet getireni üçin hakynyň tölenmegini isleýär. Eginbaşymyň jübülerine
seredişdir.
Hagridiň eginbaşy matadan däl-de, bölek-bölek jübülerden tikilen ýalydy.
Olary dörüp durşuna, Harri bir düzüm açar, uzyn ýüp, birnäçe demir topjagaz,
narpyzly kemput, kagyza dolanan çaý... ahyrsoňam bir gysym geň şekilli şaýlyklary
çykardy.
— Oňa bäş sany knut ber! — diýip, Hagrid oýaly-ukuly gepledi.
— Knutmy?
— Kiçijik mis şaýlyklardan ber!
Harri mis şaýlyklaryň bäş sanysyny sanap aldy-da, baýguşyň uzadan aýagyna
daňylgy haltajyga saldy. Hakyny alansoň, ol açyk penjireden çykyp, uçup gitdi .
51
Agzyny giňden açyp pallan Hagrid ýerinden galdy.
— Harri, biz bahym ýola düşsek gowy bolar. Bu gün etmeli işlerimiz gaty köp.
Londona gidip, okuw üçin gerek zatlary satyn almaly.
Elindäki jadyly şaýlyklary synlap duran Harriniň kellesinde dörän pikir onuň
ähli keýpiniň üstüne suw sepilen ýaly etdi.
— Hagrid!
Özi ýaly äpet ädiklerini geýip oturyşyna ol:
— Hä, näme? — diýdi.
— Meň pulum ýok ahyryn. Wernon daýymyňam gije näme diýendigini özüň
eşitdiň. Ol meň jadygöýligi öwrenmegim üçin pul bermez.
— Sen hiç zady alada etme — diýip, Hagrid kellesini gaşady. — Eneň-ataň
seni pulsuz goýup gidendir öýdýäňmi?
— Ýöne olaň öýleri ýumrulan bolsa...
— Olar pullaryny öýde saklamandylar ahyryn, ýigit. Şonuň üçinem
jadygöýleriň Gringot banky biziň birinji duralgamyz bolar. Gitmänkäk büzmeçlerden
garbak-gurbak edinäý. Olar entegem ýylyjadyr. Maňa-da doglan günüňe getirilen
tortdan hödür etseň, garşy bolup durmazdym.
— Jadygöýleriňem banky barmy?
— Diňe biri bar. Olam goblinler tarapyndan ýöredilýän Gringot banky.
Gulaklaryna ynanyp bilmedik Harri elindäki büzmeji ýere gaçyranyny
duýmady.
— Goblinlermi?
— Hawa, goblinler. Ogurlyk dagy edäýjek bolsaň, aklyňdan azaşdygyň. Men
saňa bir zat aýdaýyn, Harri. Goblinler bilen hiç haçan iş salyşmagyn! Gymmatly
zatlaryňy aýap saklamak üçin iň bir amatly ýer Gringotdyr. Elbetde, Hogwartsdan
soň. Aslynda, men, barybir, Gringota barmalydym. Dambldor Hogwarts bilen bagly
bir iş tabşyrdy — diýip, Hagrid döşüni gaýşartdy. — Seni, onsoňam Gringotdan käbir
zatlary alyp gaýtmak ýaly wajyp işleri elmydama maňa tabşyrýar. Sebäbi ol maňa
ynanýar. Hemme zatlaryňy alyşdyrdyň dälmi?! Ýör, onda!
52
Harri onuň yzyna düşdi. Asmanyň ýüzi açykdy, Günüň şöhlesi deňze düşüp,
öwşün atýardy.
Wernon daýynyň düýnki hakyna alan gaýygy öňki ýerinde durdy. Tupan
zerarly onuň içi suwdan dolup gidipdir.
— Sen bu ýere näme bilen geldiň? — diýip, Harri ýene bir gaýyk görmek
maksady bilen daştöweregine göz aýlady.
— Uçup geldim.
— Uçup?!
— Hawa, uçup. Ýöne biz yzymyza şu gaýykda gideris. Seni tapamsoň,
jagygöýlikden peýdalanmak bolanok.
Hagrid we onuň uçuşyny göz öňüne getirmäge çalyşýan Harri gaýyga mündi.
— Bir tarapdan, gaýygy küreklemek meň üçin utanç — diýip, Hagrid oňa
köpmanyly garaýyş bilen seretdi. — Eger gaýygyň tizligini biraz artdyrsam, bu hakda
Hogwartsdakylaryň hiç birine aýtmarsyň gerek?!
Onuň jadylaýşyny ölemen görmek isleýän Harri:
— Ýok, aýtman — diýip jogap berdi.
Hagrid melewşe saýawanyny çykaryp, iki gezek gaýygyň gyrasyna kakdy.
Gaýyk şol bada uly tizlik bilen kenara tarap ýüzüp başlady.
— Gringotda ogurlyk etseň, näme üçin akylyňdan azaşýaň? — diýip, Harri
häliden bäri soraýyn diýip duran sowalyny berdi
— Dogalar, jadylar sebäp bolýar. Eşidişime görä, bu bankyň wajyp seýflerini
aždarhalar goraýarmyş. Onsoňam Gringot Londonyň aşagynda, metrolardanam
ýüzlerçe mil çuňlukda ýerleşýär. Ogurlyk etmek başardaýsa-da, yzyňa ýoluňy tapman
açlykdan ölersiň — diýip, Hagrid gazetiň gatlaryny agdaryşdyryp durşuna jogap
berdi.
Hagrid «Gündelik öňden görmeler» (Deýli Profet) gazetini okasa, Harri onuň
aýdanlary hakda oýa batdy. Ol gazet okaýan adamlaryň özlerine azar berilse
halamaýandygyny Wernon daýysyndan eşidipdi. Ýöne şonda-da kellesinde müňlerçe
sowal dörän Harrä sessiz oturmak diýseň kyn düşýärdi.
Hagrid:
53
— Jadygöýlik ministrligi hemişekisi ýaly ähli zady kynlaşdyrýar — diýip,
hüňürdedi-de, gazetiň sahypasyny agdardy.
— Jadygöýligiň ministrligem barmy? — diýip, özüne erk edip bilmedik Harri
ahyrsoňy sowal berdi.
— Elbetde, bar. Olar başda Dambldoryň ministr bolmagyny isläpdi. Ýöne ol
Hogwartsy taşlap gitmäge göwnemedi. Şol sebäplem bu wezipä Kornelius Fadj eýe
boldy. Özem barypýatan bisowatdyr. Günde irden Dambldordan maslahat sorap, oňa
baýguşdan hat baryny iberýär.
— Jadygöýlik ministrligi näme iş edýär?
— Olaryň esasy wezipesi ýurduň aşagynda hem üstünde jadygöýleriň saklanyp
galanyny magllardan gizlinlikde saklamakdyr.
— Näme üçin?
— Näme üçin diýýäňmi? Içigaragalmyş Harri? Adamlar biziň bardygymyzy
biläýse, ähli meselelerini jadygöýligiň kömegi bilen çözmek islär. Şonuň üçinem
jadygöýler hakda hiç kim hiç zat bilmese gowy.
Şol pursat gaýyk kenara gelip ýetdi. Hagrid gazetini eplänsoň, olar daşdan
ýasalan köçä aýak basdy.
Şäherçäniň içi bilen demir ýol menziline barýarkalar, ötegçiler Hagride
aňkarylyşyp seredişýärdi. Ýöne Harri olary günäläbem biljek däldi. Sebäbi ol adaty
adamlardan diňe birki esse uzyn bolman, adaty zatlara hem barmagyny çommaldyp,
«Gördüňmi, Harri? Şu magllaryň tapmajak zatlary ýog-ow!» diýip, ala-goh edýärdi.
— Hagrid! — diýip, ondan galmajak bolup ylgap diýen ýaly ýöreýän Harri
haş-haşlap gepledi.
— Sen «Gringotda aždarhalar bar» diýdiňmi?
— Şeý-ä diýýärler. Wah, meniňem bir aždarham bolsady.
— Seň, dogrudanam, aždarha edinesiň gelýärmi?
— Çagalygymdan bäri şoň arzuwynda. Ynhada, geldik.
Demir ýol menziline gelensoňlar, özüniň atlandyryşy ýaly «magl pullaryna»
düşünmeýän Hagrid ýene bäş minutdan Londona ugrajak otla petek satyn alar ýaly
olary Harrä uzatdy.
54
Otlynyň içinde adamlar iki oturgyjy eýeläp, göçme sirkiň çadyryna meňzeş ýiti
sary reňkli bir zady örmäge başlan Hagride öňkülerden hem beter aňkarylyşdylar.
— Hatyň ýanyňdamy, Harri? — diýip, Hagrid halkalary sanap durşuna sorady.
Harri jübüsinden bukjany çykardy.
— Gaty gowy. Onuň içinde saňa okuwa gerek bolan zatlaryň sanawy bardyr.
Ol düýnki gije okalman galan ikinji bir haty bukjadan çykardy.
HOGWARTS
MEKDEBI
ADYNDAKY
JADYGÖÝLIK
WE
GÖZBAGÇYLYK
OKUW EŞIGI:
Birinji ýyl okuwçylaryndan talap edilýär:
1. Üç sany gündelik eşigi (gara ýektaý)
2.
Bir sany gündelik geýiljek papak (ýokaryk çürelip gidýän gara papak)
3.
Bir jübüt ellik (aždarhanyň derisinden ýa-da şoňa meňzeş derilerden
tikilen bolmaly)
4.
Gyşda geýiljek papakly eginbaş (matasy gara, syrmasy sary)
Geýimleriň ählisinde adyňyzyň ýazylgy bolmagyny haýyş edýäris.
OKUW KITAPLARY:
Okuwçylaryň ählisinde şu kitaplaryň bir nusgasy bolmalydyr:
Adaty gözbagçylyk kitaby (birinji synp), Miranda Goşawk
Jadygöýligiň taryhy, Batilda Bagşot
Jadygöýligiň nazaryýeti, Adalbert Wafling
Başlangyç synplar üçin keşp üýtgetmek boýunça gollanma, Emerik Switç
Müň sany jadyly otlar we kömelekler, Fillida Spora
Jadyly melhemler we däri-dermanlar, Arsenius Žigger
Fantastiki närseler we olary tapmagyň ýollary, Nýuwt Skamandr
55
Gara güýçler: özüňi goramak boýunça gollanma, Kwentin Trimbl
BEÝLEKI GEREK ESBAPLAR:
1 jadyly taýajyk.
1 gazanjyk (galaýydan ýasalan, ululygy 2 diametr).
tejribehanada ulanylýan aýna we kristal çüýşeler toplumy.
1 teleskop
terezi we kiçijik agram ölçeýji terezi daşlary.
Okuwçylar şeýle hem ýanlary bilen baýguş, pişik ýa gurbaga getirip biler.
Birinji ýyl okuwçylarynyň ene-atalaryna sübse satyn almaga rugsat
berilmeýänini ýene bir gezek ýatlatmak isleýäris.
Harri gerek zatlaryň sanawyny okap bolansoň:
— Bular ýaly zatlary Londonda satyn alyp bolýarmy, näme? — diýip, geň
galyp sorady.
Hagrid:
— Nirä barmalydygyny bilseň, elbetde, satyn alyp bolýar — diýip, jogap berdi.
Harriniň Londona ilkinji gezek gelip görşüdi. Ýöne nirä barmalydygyny bilýän
Hagrid hem bu ýerlere adaty usul bilen gelip görmedik ýalydy. Ol metro gireninde
petek germewine ilişip galýardy. Ol oturgyçlaryň kiçidigini, otlynyň tizliginiň bolsa
gaty haýaldygyny aýdyp, bogazyna sygdygyndan gygyryp arz edýärdi.
Iki gyrasy hatar dükanlardan hem-de eýläk-beýläk haýdaşyp barýan
adamlardan ýaňa hyryn-dykyn bolup duran köçä eltýän köne eskalator bilen ýokaryk
galyp barýarkalar, Hagrid:
— Bu magllar jadysyz nähili ýaşaýarka? — diýip zeýrendi.
Hagrid şeýle äpetdi welin, adamlary itişdirip, arkaýyn ýöräp barýardy. Harrä
diňe onuň yzyna eýermek galýardy. Kitapdyr saz dükanlarynyň, gamburger
garbanyşhanalarynyň, kinoteatrlaryň deňinden geçendigine garamazdan, olar ýeke
gezek hem jadyly taýajyk satyn alyp boljak dükana gabat gelmedi. Adaty adamlardan
doly bolan bu adaty köçäniň ýüzlerçe mil çuňlugynda, hakykatdan hem, jadyly pullar
gizlengimikä? Bu ýerde, hakykatdan hem, doga kitaplary, uçýan sübseler
56
satylýarmyka? Belki, bu zatlaryň ählisi Darslileriň bularyň üstünden gülmek üçin
guran ullakan oýnudyr. Eger Harri olaryň düýbünden oýna düşünmeýändigini
bilmeýän bolsady, onda şeýle pikir etse-de ederdi. Ýöne Hagridiň aýdýan zatlarynyň
ählisiniň hakykatdan daş düşýänine garamazdan, häzir oňa tüýs ýürekden ynanasy
gelýärdi.
— Ynha, geldik — diýip, Hagrid birden saklandy.
— «Döwük gazan» meýhanasy. Bu diýseň belli ýer.
Onuň görkezen ýerinde çaklaňja, horaşaja meýhana bardy. Eger Hagrid oňa
tarap ümlemedik bolsa, onda Harri bu ýerde meýhananyň duranyny asla görmezdi.
Haýdaşyp barýan adamlar hem «Döwük gazany» düýbünden görmeýän ýaly, oňa
tarap seretmän geçýärdi. Olaryň nazary kitap dükanyndan soň, göni aýdym-saz
dükanynda saklanýardy.
Harriniň göwnüne bolmasa, bu ýerini özünden we Hagridden başga hiç kim
görmeýän ýalydy. Bu ahwal hakda sorap ýetişmänkä, Hagrid onuň elinden çekip,
içerik saldy.
Içiniň garaňkydygyna, tertipsizdigine seretseň, bu meýhana gelimli-gidimli
ýere meňzänokdy. Jaýyň bir burçunda birnäçe garry zenan şerri şerabyny içip otyrdy.
Olaryň biri çilim çekýärdi. Ullakan papakly kiçijik bir adam bolsa kokos hozuna
meňzäp duran içgi paýlaýan kel kelleli dişsiz adam bilen bir zatlar hakda gürleşýärdi.
Olaryň işikde peýda bolanyna mähetdel, meýhananyň içindäki goh birden ýatdy.
Oturanlaryň ählisi Hagridi tanaýan bolarly, oňa tarap ellerini salgap ýylgyryşdylar.
Içgi paýlaýan adam bolsa elini kürüşgä uzadyp:
— Adatdakylar ýalymy, Hagrid? — diýip sorady.
Hagrid:
— Ýok, bolmaz, Tom. Bu gün men Hogwartsyň tabşyran ýörite işi bilen
geldim — diýip, tutuş göwresini sarsdyran güýç bilen Harriniň egnine kakyp
goýberdi.
— Eý, Hudaý, bu... bu şolmy? — diýip, içgi paýlaýan adam Harriniň ýüzüne
çiňerilip seretdi.
Onuň bu sözleri aýdanyna mähetdel meýhananyň içine dym-dyrslyk aralaşdy.
57
— Gözlerime ynanyp bilemok. Harri Potter... sizi... meýhanamyzda görmek
biziň üçin uly abraý diýip, pyşyrdan içgi paýlaýan adam ylgaşlap diýen ýaly, Harriniň
ýakynyna geldi. Soňra gözlerine ýaş aýlap, onuň elini gysdy.
— Hoş geldiňiz, jenap Potter! Hoş geldiňiz!
Näme diýjegini bilmedik Harri duran ýerinde doňup galypdy. Oturanlaryň
ählisi onuň ýüzüne aňkarylyp seredýärdi. Burçda oturan garry zenanlaryň biri
elindäki çiliminiň sönenine garamazdan, häzir hem ony sorup otyrdy. Hagrid bolsa
sesini çykarman ýylgyryp durdy.
Birdenem meýhananyň içindäkileriň ählisi güpürdeşip ýerlerinden galdylar-da,
ýeke-ýekeden Harriniň elini gysyp başlady.
— Meniň adym Doris Krokford, jenap Potter. Ahyry sizi görýänime ynanyp
bilemok.
— Men size şeýle bir buýsanýan, jenap Potter, şeýle bir buýsanýan.
— Elmydama siziň eliňizi gysyp görmek isläpdim. Wah, begenjimden ýaňa
dilim tutulýar.
— Men şeýle bir bagtly, jenap Potter. Näme diýjegimem bilemok. Meniň adym
Digl Dedalas Digl.
Aljyrap, papagyny ýere gaçyran Dedalas Digliň ýüzüne siňe sereden Harri:
— Men sizi öňem bir ýerde görüpdim. Dükandakam, maňa eliňizi
galgadypdyňyz — diýdi.
— Ol meni ýadyndan çykarmandyr — diýip, Dedalas Digl monça bolup
töweregindäkilere göz aýlady. — Onuň aýdanlaryny eşitdiňizmi? Harri Potter meni
ýadyndan çykarmandyr.
El gysyşmalar ýene birsalym dowam etdi. Doris Krokfordyň ýeke özi Harriniň
elini gysmak üçin telim gezek gatnandyr.
Solgun ýüzli bir ýaş ýigit üýşüp duran märekäni itekläp diýen ýaly çekineçekine olaryň ýanyna geldi. Onuň bir gözi gyrp-gyrp edip durdy.
Hagrid:
— Professor Kwirrel! Harri, professor Kwirrel Hogwartsda saňa bilim berjek
mugallymlaryň biri — diýip, onuň bilen tanyşdyrdy.
58
Harriň elini garbap alan professor Kwirrel peltekläp:
— P-P-Potter. S-sizi g-görýänime diýseň ş-şat — diýdi.
— Siz haýsy jadygöýligi öwredýäňiz, professor Kwirrel?
— G-gara güýçlerden g-goranmagy öwredýän — diýip, göwünli-göwünsiz
jogap beren professor Kwirrel bu hakda gürrüň etmek islemeýän ýaly göründi.
— S-size g-gerekli zat d-däl, ş-şeýle gerek P-Potter? O-okuwa g-gerek bolan äähli espablary e-edinersiziň d-diýip umyt edýän. M-meniň özüm h-hem w-wampirler
h-hakda kitap s-satyn almaly.
Professor Kwirreliň nämedir bir zatdan öler ýaly gorkany görnüp durdy.
Olaryň gürrüňi uzaga çekmedi. Sebäbi meýhananyň içindäkileriň ählisi Harri
Potter bilen gürrüňdeş bolasy gelýärdi.
Hagridiň sesini beýgeldip, bazardan almaly zatlarynyň köpdügini, şonuň
üçinem häziriň özünde gitmelidigini aýdýança, el gysyşmalar ýene-de on minutlap
dagy dowam etdi.
Doris Krokford gaýta-gaýta elini gysyp, hoşlaşansoň, Hagrid ony daşyna diwar
aýlanan, içinde haşal otlardan we birnäçe hapadandan başga hiç zat bolmadyk howla
alyp gaýtdy.
— Gördüň dälmi?! Seniň tanymaldygyňy aýtdym ahyryn. Hatda professor
Kwirrelem seni görüp, peltekläp başlady. Aslynda, ol elmydama-da peltekleýär —
diýip, Hagrid Harriniň ýüzüne ýylgytyp seretdi.
— Ol özüni hemişe ýaňky ýaly alyp barýarmy?
— Hawa, görgülijik, aslynda gaty akylly adam. Kitap okamakdan halys ýadap,
bir ýyllyk tejribe edinmäge gitmezinden ozal ýagdaýlary gowudy. Adamlar onuň
Gara tokaýda wampirlere, jadygöý kempirlere gabat gelip, bir betbagtlyga duçar
bolanyny aýdýar. Şondan bäri ol indi öz okuwçylaryndanam, hatda öz okadýan
dersindenem gorkýar. Hany meniň saýawanym?
«Wampirler, jadygöý kempirler, bu nähili beýle bolýar?» diýip, pikirlenen
Harriniň başy aýlanyp gitdi.
Hagrid bolsa bu mahal diwaryň ýüzündäki kerpiçleri sanap durdy,
59
— Üçüsi ýokardan, ikisi gapdaldan. Hany, yza süýş, Harri — diýip, ol
saýawanynyň ujy bilen üç gezek diwara kakdy.
Onuň kakan kerpiji ýerinden gozganyp, eplendi-de, edil ortarasynda kiçiräk
deşik peýda boldy. Ol gitdigiçe ulalyp, gyýarak aýlanyp gidýän köçä açylýan ullakan
geçelgä öwrüldi. Bu geçelge Hagrid üçin hem geçer ýaly ýeterlik giňdi.
Hagrid:
— Gyýalap gidýän köçä hoş geldiň! — diýip, haýran galmakdan ýaňa
aňkarylyp galan Harrä ýylgyryp seretdi.
Geçelgeden geçen batlaryna yzyna gaňrylyp sereden Harri onuň ýapylyp,
diwaryň gaýtadan peýda bolanyny görüp galdy.
Golaýdaky dükanlaryň birinde Günüň şöhlesine ýalpyldap duran gazanlar
hatara goýlupdy. Dükanyň depesinde bolsa «Ähli ululykdaky, mis, bürünç, galaýy,
kümüşden ýasalan, çaklaň gazanlar» diýlip ýazylan bildiriş asylgy durdy.
Hagrid:
— Senem bulardan birini edinmeli bolarsyň. Ýöne biz ilki puluňy alyp gaýdaly
— diýdi.
Şol pursat iki gözüniň deregine azyndan sekiz gözüniň bolmagyny arzuw eden
Harri ähli zady: dükanlary, dükanlaryň daşyndaky harytlary, satyjylary görjek bolup,
aldygyna töweregine göz aýlaýardy. Dermanhananyň daşynda duran bir daýaw zenan
geçip barýan adamlara kellesini ýaýkap: «Ähli kişi aklyndan azaşypdyr» diýip
gaýtalasa, garaňky dükandan «Durmuşyň ähli pursatlary üçin boz, har gulak, meýdan,
polýar hem paşşyk baýguşlar‖ diýen gyryk ses eşidilýärdi.
Harri öz ýaşlaryndaky birnäçe oglanyň dükanyň aýnasyna kellelerini diräp, bir
sübsäni synlap duranyny gördi.
Harri olaryň biriniň:
— Seretsene, täze Nimbus 2000. Sübseleriň iň gaty tizliklisi — diýenini eşitdi.
Bu köçede ýektaýlardyr teleskoplar, Harriniň ilkinji gezek görýän geň kümüş
enjamlary satylýan dürli dükanlar bardy. Ol şu wagta çenli aýnalary jadyly kitaplar,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.