Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14

Total number of words is 3637
Total number of unique words is 1883
33.1 of words are in the 2000 most common words
47.8 of words are in the 5000 most common words
55.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aýdandyr öýder...
Harri:
— Beýle bolsa, görüşýänçäk! — diýdi.
Hagrid gitdi.
Germiona:
— Oň arkasynda gizläp duran zady nämedikä? — diýip gyzyklanyp sorady.
— Belki, daş bilen baglanyşykly bir zatdyr, hä?
Okamakdan halys bolan Ron:
— Men onuň haýsy bölümde bolandygyny bilip geleýin — diýdi. Birsalymdan
ol eli bir topar kitaply dolanyp geldi. Ol elindäki kitaplary patladyp stoluň üstünde
goýdy-da:
— Aždarhalar — diýip pyşyrdady, — Hagrid aždarhalar barada maglumat
gözläpdir. Seretsene bu kitaplara, «Beýik Britaniýanyň hem Irlandiýanyň
aždarhalary». «Ýumurtgadan dowzaha», «Aždarha ösdürip ýetişdirýänler üçin
gollanma».
Harri:
— Onuň elmydama aždarha edinesi gelýärdi — diýdi, — Hagrid maňa bu
barada özi bilen tanşan günüm aýdypdy.
Ron:
— Ýöne bu kanuna garşy gitmek bolýar ahyryn — diýdi — Jadygöýleriň 1709njy ýyldaky şertnamasyna laýyklykda, aždarha saklamak gadagan. Muny hemme kişi
bilýär. Eger jadygöýler olary howlularynda saklasa, magllar görmez öýdýäňmi?
Onsoňam aždarhalary eldekileşdirmek ýenil-ýelpaý iş däl, olar gaty howply.
204
Rumyniýadaky ýyrtyjy aždarhalaryň Çarliniň endam-janyny nädendigini bir
görsediň.
Harri:
— Angliýada ýyrtyjy aždarhalar ýokmy? — diýip sorady.
Ron:
— Elbetde, bar — diýip jogap berdi. —Ýaşyl weller hem Gara gebridler bar.
Bu aždarhalaryň hötdesinden gelmek üçin Jadygöýlik ministrliginiň näçe güýç sarp
edendiginem aýdyp biljek men size. Olar aždarhalary gören magllaryň ählisini
jadylamaly boldular.
Germiona:
— Hagrid näme etjek bolýarka? — diýdi.
Ýöne onuň soragy jogapsyz galdy.
Bir sagatdan soň gözegçi külbesiniň gapysyny kakan Harri, Ron hem
Germiona dagy ähli tutularyň ýapylandygyny görüp haýran galdylar. Hagrid gapyny
açmazynyň öň ýany: «Daşarda kim bar?» diýip soran bolsa, olary içerik salansoň,
çalasynlyk bilen gapyny ýapdy.
Içeri şeýlebir gyzgyndy welin, çydar ýaly däldi. Bu gün howanyň maýyldygyna
garamazdan, buhar peji alawlap durdy. Hagrid olara çaý berdi, heňläp giden köke
hödür etdi. Olar kökeden boýun gaçyrdylar.
— Onsoň... siz menden bir zatlar soramak isleýän ýalydyňyz-la?!
Gümmi-sümmä urup oturmak manysyzdy. Şonuň üçin hem Harri:
— Hawa — diýip, gönümel jogap berdi. — Belki, sen bize Jadygöýiň daşyny
Flaffiden başga kimiň goraýandygyny aýdarsyň?!
Hagrid olara gaşyny çytyp seretdi.
— Elbetde, aýtman. Birinjiden-ä, meň özüm hiç zat bilemok, ikmjidenem, siz
eýýäm gaty köp zatdan habarly ýaly. Onsoňam men nämedir bir zatlar biläýenimdede, barybir, size aýtmazdym. Jadygöýiň daşy käbir sebäplere görä şu ýerde saklanýar.
Ol Gringotdan tas ogurlanypdy. Aslynda-ha siziň bu hakynda-da habaryňyz bardyr.
Flaffi barada nireden habaryňyzyň bolandygyna welin, häzire çenli düşünip bilýän
däldirin.
205
— Bolýa-la, Hagrid. Seniň bize hiç zat aýdasyň gelmeýän bolmagy mümkin.
Ýöne sen ähli zady bilýäň ahyryn. Sen şu ýerde bolup geçýän zatlaň ählisinden
habarly — diýip, Germiona ýaranjaňlyk bilen gepledi.
Olar sakgaly titräp giden Hagridiň ýylgyrýandygyna bada-bat düşündiler.
— Men çynymy aýdýan, biziň diňe goragy kimiň amala aşyrandygyny
bilesimiz gelýär — diýip, Germiona şelaýynlyk bilen geplemegini dowam etdirdi. —
Biziň diňe Dambldoryň senden başga kime ynanýandygyny bilesimiz gelýär.
Onuň bu sözlerine Hagrid döşüni gaýşartdy. Harridir Ron Germiona seredip
ýylgyryşdylar.
— Hawa, meniň saňa käbir zatlary aýdanym bilen hiç zat bolasy ýok-la... hany
göreli... ol menden Flaffini aldy... soňra mugallymlaryň käbiri gorag jadysyny
döretdiler... professor Sprut... professor Flitwik... professor Makgonagal... — diýip,
Hagrid barmaklaryny basyp sanap başlady. — Professor Kwirrel... elbetde,
Dambldoryň özem bir zatlar etdi. Garaşyň hany, men ýene birini aýtmagy
unudypdyryn. Wiý hawa-la, professor Sneýp.
— Sneýpmi?
— Hawa... ýogsa siz entegem şol öňki heňiňize tutduryp oturyşyňyzmy? Ol
daşy goramaga kömek etdi. Sneýp ony ogurlajak bolmaz.
Harri Ron bilen Germionanyň hem edil özi ýaly, iňkise gidendiklerini bilýärdi.
Eger Sneýp daşy goramaga gatnaşanlaryň biri bolsa, onda oňa beýleki mugallymlaryň
nähili jady ulanandyklaryny anyklamak kyn düşmez. Belki, ol Kwirreliň jadysyndan
hem Flaffiniň öz deňinden geçiş usulyndan başga ähli zadyň eýýäm anygyna
ýetendir.
Harri aladalandy. Soňra ol:
— Flaffiniň deňinden nädip geçmelidigini diňe sen bilýänsiň, şeýle dälmi,
Hagrid?! — diýip sorady. — Onsoň sen bu hakda hiç kime, hatda mugallymlara-da
aýtmarsyň gerek?!
— Menden hem Dambldordan başga ýeke kişem bilenok — diýip, Hagrid
hondan bärsiräp gepledi.
Dostlaryna sereden Harri:
206
— Bolýa-la — diýip hüňürdedi. — Hagrid, aýnany açsak bolmazmy? Ýogsa
bu ýeri bişirip barýar.
— Bagyşla, açmak bolanok.
Harri onuň oda göz aýlandygyny gördi. Ol hem şol tarapa seretdi.
— Hagrid... ol ýerde näme bar?
Ýöne Harri ol ýerde nämäniň bardygyny eýýäm görüp ýetişipdi. Oduň üstünde,
çäýnegiň bolsa edil aşagynda ullakan gara ýumurtga durdy.
— Wah! — diýip, Hagrid aljyraňňy halda sakgalyny sypalady. — Bu...
— Sen muny nireden aldyň, Hagrid? — diýip, Ron ýumurtgany ýakyndan
synlamak üçin oda golaýlaşdy.
— Bu gaty gymmatdyr.
— Men ony utdum. Geçen gije birki bulgur çakyr içmek üçin oba gitdim, ol
ýerde-de nätanyş biri bilen kart oýnadym. Çynymy aýtsam, ol adam ýumurtgadan
dynanyna gaty begendi.
Germiona:
— Ýumurtga ýarylansoň näme etmekçi? — diýip sorady.
— Men bu hakda käbir zatlary okadym — diýip, Hagrid ýassygynyň
aşagyndan ullakan kitap çykardy.
— Men muny kitaphanadan aldym... «Lezzet we bähbit üçin aždarhany
iýmitlendirmek»... Kitap, elbetde, köneräk, ýöne onda-da hemme zat ýazylypdyr.
Ynha, diňläň: «Ýumurtgany otda saklaň. Sebäbi enesi onuň üstüne alawly demim
pürkýär. Ýumurtga ýarylansoň, aždarha çagasyny her bir ýarym sagatdan brendi
içgisi bilen towuk ganyndan taýýarlanan garyndy bilen iýmitlendirip duruň». Ynha,
bu ýerde-de... ýumurtgalary tapawutlandyryp bilmegiň usullary ýazylypdyr. Meniňki
Norweg küýküsi. Bu aždarhalaryň gaty seýrek duş gelýän gömüşi.
Hagrid häzir gaty göwnühoş görünýärdi.
— Hagrid, sen agaç jaýda ýaşaýaň ahyryn — diýen Germiona welin,
gaharlanýan ýalydy.
207
Ýöne Hagrid oňa diýýämisiňem diýmän, aýdyma hiňlenip oturyşyna aldygyna
buhar pejine odun salýardy.
***
Indi olarda ýene bir alada peýda boldy. Kimdir biri Hagridiň öz öýünde
aždarhany bikanun saklaýandygyny biläýse, näme bolarka?
Her gün diýen ýaly goşmaça öý işlerinden halys bizar bolan Ron:
— Bizem haçanam bolsa bir gün arkaýyn durmuşda ýaşarmykak? — diýip
uludan demini aldy.
Synaglara taýýarlanyp ýetişerleri ýaly, Germiona olar üçin hem okuw
meýilnamasyny düzüp başlady. Bu bolsa ozalam okamakdan bizar bolan Harrinidir
Rony has-da gaharlandyrýardy.
Bir gezek ertirlik nahary wagtynda Harrä Hagridden hat geldi. Hatyň ýüzünde
diňe iki sany söz bardy: «Ýarylyp başlady».
Ron gerbologiýa sapagyny sypdyryp, göni Hagridiň külbesine gitmekçi boldy.
Ýöne Germiona ony diňlemek hem islemedi.
— Germona, indi bize haçan aždarhanyn ýumurtgadan çykyşyny görmek nesip
eder, hä?
— Häzir biziň sapaklarymyz bar. Erbetligiň üstünden barjak bolma. Hagridiň
näme işläp ýörendigi bilnäýse, ol erbetligiň beterindenem beterine sataşar.
Harri:
— Ýuwaş bol! — diýip pyşyrdady.
Beýleräkde Malfoý durdy, özi hem göz-görtele olaryň gürrüňlerini diňleýärdi.
«Näme eşitdikä?» diýip, aladalanan Harrä Malfoýyň ýüz-keşbi düýbünden ýaramady.
Ron gerbologiýa sapagyna gidip barýarkalar hem, Germiona bilen
jedelleşmegini bes etmedi. Ahyrsoňy irdenki arakesmede Germiona olar bilen
Hagridiňkä gitmäge kaýyl boldy. Jaň kakylan badyna olar sebetlerini taşlap, barmasy
gadagan edilen tokaýyň edil gapdalynda ýerleşýän külbä tarap ylgadylar.
— Çykdy diýen ýaly — diýip, güler ýüz bilen garşylan Hagrid diýseň şadyýan
görünýärdi.
208
Içerik giren batlaryna stoluň üstünde duran ýumurtga olaryň gözleri düşdi.
Ýumurtgada uly jaýryklar emele gelipdir. Içinde nämedir bir zadyň gymyldaýandygy
bildirip duran ýumurtgadan gülkünç şakyrdy sesi eşidilýärdi.
Olar oturgyçlaryny stola ýakynlaşdyryp, demlerini alman diýen ýaly,
ýumurtganyň ýarylaryna garaşyp başladylar.
Birdenem ýumurtga şakyrdady-da, ikä bölündi. Stoluň üstünde aždarha çagasy
peýda boldy. Ol şeýlebir bedroýjady welin, Harri onuň ýemşerdilen gara saýawana
meňzeşdigi hakda pikirlendi. Gowşajyk ganatlary göwresinden ep-esli uly bolan bu
aždarhanyň uzyn burnudyr ullakan burun deşikleri, kiçijik buýnuzjyklardyr peträp
duran mämişi gözleri bardy.
Birdenem aždarha çagasy asgyrdy. Onuň agzyndan ot uçgunjyklary çykdy.
Hagrid:
— Nähili ajaýyp. şeýle dälmi?! — diýip elini uzatdy-da, onuň kellesini
sypalady. Yiti dişlerini görkezip hyňranan aždarhajyk tas onuň elim dişläpdi.
— Sabyr et! Seret, ol öz ejesini tanady — diýip, Hagrid oňa guwanyp seretdi,
Germiona:
— Hagrid, Norweg küýküsi näçeräk wagtyň içinde ösýär? — diýip sorady.
Jogap berjek bolup agzyny açanam şoldy welin, ýüzünde reňk-pet galmadyk
Hagrid tarsa ýerinden turup, penjirä tarap ylgady.
— Näme boldy?
— Kimdir biri tutularyň arasyndaky açyk ýerden jyklap durdy... oglanjyk... ol
köşge tarap ylgap barýar.
Harri gapyny açyp, daşaryk seretdi. Eýýäm uzakdadygyna garamazdan, köşge
tarap ylgap barýan oglany Harri bada-bat tanady. Ol Malfoýdy.
Malfoý aždarhany görüpdi.
Malfoýyň köp manyly bakyşlarydyr ýaňsyly ýylgyryşlary sebäpli, soňky
hepdäniň dowamynda özlerini diýseň oňaýsyz hem aljyraňňy duýan Harri, Ron hem
Germiona Hagridi aždarhany öýünde saklamak pikirinden dändirmek üçin boş
wagtlarynyň köpüsini diýen ýaly, onuň garaňky külbesinde geçirerdiler.
209
— Ony goýber — diýip, Harri ýalbardy. — Goý, gitsin!
— Ýok, başarman. Ol entek şeýlebir kiçijik. Häzir goýbersem, öler-dä.
Olaryň üçüsi hem aždarha seretdiler. Ýekeje hepdäniň dowamynda öňküsinden
üç esse dagy ulalyp ýetişen aždarhanyň burnundan bug çykýardy. Bar wagtyny
aždarha sarp edýän Hagrid bolsa gözegçi wezipesini düýbünden unudypdy. Jaýyň içi
her ýerde pytrap ýatan brendi içgisiniň çüýşelerindendir towuk ýeleklerinden doludy.
— Men onuň adyna Norbert goýdum — diýip, Hagrid mähirden ýaňa aždarha
gözlerini ýaşardyp seretdi.
— Seret, ol indi meni tanaýar. Norbert! Norbert! Hany seniň ejeň?
Ron:
— Ol halys akylyndan azaşypdyr öýdýän — diýip, Harrä pyşyrdap aýtdy.
— Hagrid, ýene iki hepdeden Norbert öýüňe sygmajak derejede ulalar. Malfoý
bolsa islendik wagt Dambldora şugullap biler — diýen Harri ahyry egri oturyp dogry
gürleşmeli boldy.
Dodagyny dişläp oturan Hagrid:
— Men... men ony bu ýerde hemişelik saklajak diýemok ahyryn... ýöne ony
taşlabam biljek däl... ýok, başaramok — diýip, ýene şumjaryp başlady.
Birdenem Harri:
— Çarli — diýip, Rona seretdi.
— Senem akylyňdan azaşyp başlapsyň öýdýän. Meniň adym Ron, ýadyňdan
çykaraýdyňmy?
— Ýok... Çarli... seniň doganyň. Rumyniýada aždarhalary öwrenýär diýipdiň.
Biz Norberti onuň ýanyna ibersek näme?! Çarli oňa göz-gulak bolar, soňam erkinlige
goýberer
Ron:
— Ajaýyp pikir — diýdi, — Sen bu hakda näme diýersiň, Hagrid?
Ahyry Hagrid Çarlä hat ibermeli diýen pikir bilen razylaşdy.
210
Ýene bir hepde geçdi. Çarşenbe güni gije ähli kişiniň düşegine geçen wagty
Harridir Germiona umumy otagda otyrdylar. Diwardaky sagadyň on ikini
görkezenem şoldy welin, portretiň arkasyndaky geçelge açylyp, Harriniň göze
görünmeýän ýapynjasyny egninden aýran Ron olaryň ýanynda peýda boldy. Ron öli
syçanlary iýip başlan Norbertiň garnyny doýurmaga kömekleşmek üçin Hagridiňkä
gidipdi.
Ron:
— Ol meni dişledi! — diýip elini görkezdi. Onuň eline saralan ýaglyk gara gan
bolupdyr.
— Bir hepdeläp diýen ýaly hat ýazyp bilmezmikäm diýýän. Aždarhalar
ömrümde gören jandarlarymyň iň elhenji welin, Hagrid-ä edil akja towşanjyga ideg
edýändirin öýdýär. Elimi dişlände aždarhany gorkuzandygymy aýdyp, oňa däl-de,
gaýta maňa käýindi. Ol ýerden gaýdamda bolsa ony hüwdüläp otyrdy.
Äpişge tyrkyldady.
— Bu Hedwig! — diýip. Harri çalasynlyk bilen penjiräni açdy. — Çarliden hat
getiripdir.
Olaryň üçüsi hem haty okamaga durdular.
«Gadyrdan Ron,
Ýagdaýlaryň nähili? Hatyň üçin sag bol... Men Norweg küýküsini uly höwes
bilen kabul ederdim welin, ony bn ýere getirmek gaty kyn düşer. Siziň ýanyňyza
öňümizdäki hepde meniňkä myhmançylyga geljek dostlarymy ibersem gowy bolar.
Ýöne hiç kim olaryň aždarhany alyp gaýdýandygyny bilmeli däl.
Siz ony şenbe güni ýarygije köşgüň iň beýik binasyna getirjek bolnň. Olar size
şol ýerde garaşar, soňam aždarhany alyp gaýdarlar.
Hatyň jogabyny tizräk iberjek bol.
Hormatlamak bilen,
Çarli».
Olar biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler.
Harri:
211
— Biziň göze görünmeýän ýapynjamyz bar ahyryn
— diýdi. — Şonuň üçinem Norberti binanyň depesine eltmek beýle bir kyn
bolmaz... Ýapynja biziň ikimiziňem. Norbertiňem üstüni örtermikä diýýän.
Ronuňdyr Germionanyň Harri bilen bada-bat razylaşmalary olaryň geçen
hepdäniň dowamynda gören görgülerinden habar berýärdi. Olaryň Norbert bilen
Malfoýdan bahymrak dynaslary gelýärdi.
Ronuň eliniň ertire çenli güp ýaly çişmegi sebäpli, olarda ýene bir alada peýda
boldy. Ýöne Ron hanym Pomfreýiň ýanyna barmak babatda birbada ikirjiňlendi.
Onuň öz elini aždarhanyň dişländigini biläýmegi mümkindi. Barybir, öýläne çenli
Rona hassahana gidäýmekden başga alaç galmady. Norbertiň dişleri awulymynämemi, Ronuň ehndäki ýara gyzaryp, iriňläp başlady.
Agşamara Harridir Germionanyň howlukmaç hassahana baran wagtlary Ronuň
ýagdaýy has hem erbetleşipdi.
Ron:
— Men elimiň bardygyny duýamok. Ol göýä gopaýjak ýaly — diýip
pyşyrdady. — Malfoý hanym Pomfreýe menden kitap almalydygyny aýdyp, ýanyma
geldi. Hezil edip üstümden gülensoň, «Hanym Pomfreýe eliňi hakykatda nämäniň
dişländigini aýtjak» diýip haýbatam atdy... Men oňa: «It dişledi» diýdim welin,
ynanmady öýdýän... Malfoýy kwiddiç oýnunda urmaly däl ekenim. Ol şeýdip
menden ar aljak bolýar.
Harridir Germiona ony köşeşdirjek bolup ellerinde baryny etdiler.
Germiona:
— Şenbe gününe çenli gaýrat etjek bol. Şol gün ýarygije ähli zat tamamlanar
— diýdi.
Ýöne Ron köşeşerli däldi. Gaýta ol garasuw bolup, düşeginde dim-dik oturdyda:
— Şenbe güni ýarygijemi?! — diýip gorkuly gepledi — Aý, ýok... meň diňe şu
wagt ýadyma düşdi... Çarliniň haty Malfoýyň alyp giden kitabynyň içindedi.
Ol indi biziň Norbertden dynjak bolýandygymyz hakda ähli zady bilýändir.
212
Oňa nämedir bir zatlar diýip jogap berip ýetişmänkäler, hanym Pomfreý
hassanyň dynç almalydygyny aýdyp, olary otagdan çykardy.
Harri:
— Biziň meýilnamany üýtgedere düýbünden wagtymyz ýok — diýip,
Germiona seretdi. — Çarlä ýene bir hat iberip ýetişmeris. Belki, bu biziň Norbertden
dynyp biljek ýeke-täk miünkinçiligimizdir. Töwekgellige ýüz uraýmakdan başga
alajymyz ýok. Onsoňam bizde göze görünmeýän ýapynja bar ahyryn. Malfoý bolsa
bu barada hiç zat bilenok.
Olar bolup geçen zatlar barada gürrüň bermek üçin Hagridiň külbesine
gelenlerinde guýrugy sargyly Gyýagyň daşarda oturandygyny görüp haýran galdylar.
Hagrid olar bilen penjireden gepleşdi.
— Men size häzir içerik girmäge mgsat berip biljek däl. Norbert bu gün gaty
gaharly görünýär... men ony köşeşdirip bilemok.
Çarliniň haty barada aýdyp berenlerinde Hagridiň gözlerine ýaş iýndi. Ýöne
onuň gözleri Norbertiň edil ýaňyja aýagyndan dişlemegi sebäpli hem ýaşaran
bolmagy mümkindi
— Eý-wäk! Hemme zat gowy. Onuň dişi ädigimden geçmedi... Oýun eden
bolýar... entek çagajyk-da.
Hagridiň aýdyşy ýaly bu «çagajyk» guýrugyny diwara uranda, penjiräniň
aýnalary sarsyp gidýärdi. Harridir Germiona köşge dolanyp barýarkalar, şenbe
gününe çenli wagtyň gaty köpdügi hakda oýlandylar.
Ahyry Hagridiň Norbert bilen hoşlaşmaly pursady hem gelip ýetdi. Olar
birsalymdan Norbert bilen aýra düşjekdigi üçin aglamjyrap duran Hagride üns hem
bermediler. Asmanyn ýüzi bulutly bolansoň, daşary diýseň garaňkydy. Girelge
jaýynda öz-özi bilen tennis oýnan Piwsiň ýoldan aýrylmagyna ep-esli wagtlap
garaşmaly bolandyklary sebäpli, Hagridiň külbesine biraz gijä galyp gelipdiler.
Hagrid Norberti ullakan sandyga salypdyr.
— Ýolda ajykmaz ýaly, bir topar syçan hem birazajyk brendi goýdum — diýip,
Hagrid uludan demini aldy. — Ýüregi gysmaz ýaly, gapdalyna oýnawaç aýyjygam
goşdum.
213
Sandygyň içinden nämedir bir zadyň ýyrtylýandygy eşidildi. Harriniň göwnüne
bolmasa, Norbert aýyjygyň kellesini goparan ýalydy.
Harridir Germionanyň gutyny göze görünmeýän ýapynja bilen örtüşlerini
synlap duran Hagrid:
— Hoş sag bol, Norbert! — diýip aglamjyrady. — Ejeň seni hiç haçan
unutmaz.
Gutyny köşge getirmegi başarandyklaryna Harridir Germionanyň özleri hem
haýran galýardylar. Olar Norberti mermer basgançakdan ýokaryk galdyryp, uzyn
geçelgeler bilen äkidip barýardylar. Bellenilen wagt barha ýakynlaşýardy. Eýdipbeýdip bir basgançakdan ýokaryk galmak başartsa, öňlerinde ýene bir basgançak
peýda bolýardy. Harriniň gysga ýol bilen gitmegi hem olaryň işini kynlaşdyrmasa
aňsatlaşdyrmady.
Köşgüň iň beýik binasyna eltýän geçelgä ýetenlerinde, Harri:
— Ýene azajyk ýol galdy — diýdi
Birdenem olar kimdir biriniň gykylyk sesini eşitdiler. Zähreleri ýarylan
Harridir Germiona tas gutyny ellerinden gaçyrypdylar. Olar özleriniň şonsuzam göze
görünmeýändiklerini unudyp, garaňkylyga duwlandylar. Biri-birlerine ýakyn duran
iki sany göwre olara tarap ýakynlaşyp gelýärdi. Birden çyra ýandy.
Egni gözenek çyzmyklary bolan halatly, saçy bolsa ýygnalgy professor
Makgonagal Malfoýyň gulagyndan çekip durdy.
— Men siziň gözüňize görkezerin — diýip, ol gaharly gepledi. — Slizerinden
ýigrimi bal aýyrýan. Gijäniň birwagty şeýdip aýlanyp ýörmek bolarmy. Siz nädip
milt edip bil...
— Siz hiç zada düşüneňzok, professor. Häzir bu ýere Harri Potter geler... onuň
ýanynda bolsa aždarha bar.
— Nähili biderek gürrüň. Siz nädip beýle ýalan sözläp bilýäňiz?! Men sizi
professor Sneýpin ýanyna eltmesem boljak däl Malfoý.
Ähli görlen görgülerden soň, gutyny beýik binanyň üçegine eltýän aýlawly
basgançakdan ýokaryk çykarmak olar üçin şeýlebir ýeňil göründi. Ahyrsoňy olar
üçege ýetdiler, üstlerinden ýapynjany aýryp, arassa howadan dem aldylar.
Germiona:
214
— Malfoýa temmi berdiler. Ynanyp bilemok — diýip, begenjinden ýaňa
bökjekläp başlady.
Harri oňa ýylgyryp seretdi:
— Wagtyndan ir begenme.
Olar Malfoýyň üstünden gülşüp, Çarliniň dostlarynyň gelerine sabyrsyzlyk
bilen garaşyp başladylar. Norbert bolsa gutynyň içinde aldygyna eýläk-beýläk
gorsanýardy. On minut töweregi wagt geçensoň garaňkylygy böwsüp çykan dört sany
sübse olaryň öňünde peýda boldy.
Çarliniň dostlary örän şadyýan oglanlar eken. Olar Germionadyr Harrä
sübselere berk daňlan tirkegi görkezdiler. Olaryň ählisi bilelikde Norberti şol tirkege
ýerleşdirdiler. Harridir Germiona ellerini gysyp, minnetdarlyk bildirensoň, olar ýola
düşdüler.
Norbert olardan daşlaşyp başlady, ahyrsoňy hem gözden gaýyp boldy.
Norbertden sag-aman dynyp, ýüreklerine ýeňillik aralaşan Germiona hem Harri
aýlawly basgançakdan aşak düşüp başladylar. Indi hiç hili aždarha ýok... Malfoýa
temmi berildi... Dünýäde nähili zat olaryň keýpini bozup biler diýsene?
Bu sowalyň jogaby basgançagyň soňunda garaşyp durdy. Geçelgä aýak
basanlaram şoldy welin. duýdansyz ýerden Filçiň garaňkylykda has hem aýylganç
görünýän göwresi olary ň öňünde peýda boldy.
— Şeýle-şeýle... Siziňki bu gezek paşmady öýdýän.
Harridir Germiona göze görünmeýän ýapynjany üçekde unudypdylar.
15-nji bap: BARMASY GADAGAN EDILEN TOKAÝ
Mundan beter näme bolsun?!
Filç olary professor Makgonagalyň birinji gatda ýerleşýän iş otagyna alyp
geldi. Olar bu ýerde biri-birlerine ýeke agyz söz aýtman, ep-esli wagtlap oturdylar.
Germiona gorkudan ýaňa titir-titir edýärdi. Harriniň kellesinde özlerini aklamak üçin
hakykatdan daş düşýän, biri-birinden tutaryksyz düşündirişlerdir deliller at salýardy.
Ol hemäçe kelle döwse-de, bu çörňeşikden gutulmagyň ýoluny tapyp bilmedi. Olaryň
215
hiç hili çykalgasy galmandy. Harri ýapynjany üçekde unudar ýaly şeýle akmak bolup
bilişlerine öz ýanyndan haýran galýardy. Gijäniň içinde ýatman syňsyraklaşyp
ýörmegiň hem-de sapakdan başga wagt girmäge rugsat edilmeýän astronomiýa
binasyna barmagyň sebäbini professor Makgonagala asla düşündirip boljak däldi.
Bularyň üstline Norbertli wakany we unudylan göze görünmeýän ýapynjany hem
sanasaň, olar eýýämden goşlaryny ýygnabermelidiler.
Wakalar Harriniň pikir edişi ýaly özgermedi. Aňyrdan gelýän professor
Makgonagalyň ýanynda Newiliň hem bardygyny gören Harriniň üstünden gaýnag
suw guýlan ýaly boldy.
Olary gören badyna Newil:
— Harri — diýip gygyrdy. — Men size duýdurjak boldum. Malfoýyň sizi ele
saljak bolup ýörendigini tötänlikde eşitdim. Ol sizde aždar...
Harri «Mundan artyk gepleme» diýen manyda bat bilen kellesini ýaýkady.
Ýöne onuň bu hereketini görüp ýetişen professor Makgonagal olaryň üçüsine-de
käýemäge durdy.
— Men sizden beýle zatlara garaşmandym. Jenap Filç siziň astronomiýa
binasynda bolandygyňyzy aýtdy.
Bu wagt gije sagat bir ahyryn. Belki, siz bu hereketiňiziň sebäbini
düşündirersiňiz, hä?!
Germiona ömründe ilkinji gezek mugallymyň sowalyna jogap berip bilmedi.
Ol edil heýkel ýaly doňup durşuna, öz şypbygyndan gözüni aýranokdy.
Professor Makgonagal:
— Siz aýtmasaňyzam bu ýerde nämeleriň bolup geçýändigini aňýan — diýdi.
— Muňa düşünmek üçin oňa akylly bolmak hökman däl. Okuwyna zyýan ýetirmek
üçin nähilidir bir aždarha baradaky bolgusyz gürrüňleri toslap, Drako Malfoýyň
gulagyny gandyrypsyňyz. Ony-ha men eýýäm ele saldym. Loňbottomyňam bu
gürrüňlere ynanmagy siziň gülkiňizi tutdurandyr, şeýle gerek?!
Harri professor Makgonagalyň bu sözlerinden soň gaty kineli hem nägile
görünýän Newiliň ýüzüne seredip, hakykatda ähli zadyň beýle däldigini oňa üm bilen
düşündüjek boldy. Wah, görgüli Newil! Garaňkyda özlerini gözlemäge gitmek üçin
onuň nämelere döz gelmeli bolandygyna Harri düşünip durdy.
216
— Wah, meniň şeýlebir gaharym gelýär — diýen professor Makgonagal olaryň
üçüsini hem gözleri bilen iýäýjek boldy. — Gijäniň birwagty dört sany okuwçynyň
mekdepde aýlanyp ýörmegi. heý, görlüp-eşidilen zatmydyr?! Hanym Greýnjer, men
sizden beýle zatlara garaşmandym. Ýeri, siziňki näme, jenap Potter? Griffindor
öýüniň abraýy siziň üçin şunuň ýaly biderek zatlardan has wajypmyka öýdýärdim.
Siziň üçüňize-de temmi berler. Hawa, Loňbottom, size-de temmi garaşýar. Hiç kimiň
gijäniň birwagty umumy ýaşaýyş jaýyndan çykmaga haky ýok. Esasanam şu günlerde
bu örän howply. Şonuň üçinem Griffindor öýünden elli bal aýrylýar.
— Ellimi? — diýip, Harri ör-gökden geldi.
Beýle bolsa olar öňdeligi giderip, soňky kwiddiç oýnunda gazanan ballarynyň
ählisini hem ýitirýärdi.
— Heriňizden elli bal — diýip, professor Makgonagal uzyn, jüýk bumy bilen
uludan dem aldy.
— Professor... haýyş edýäs. Siz beýdip bilmersiňiz
— Maňa näme edip-etmeli däldigimi öwretmäň, Potter. Indi bolsa, baryň,
ýeriňize geçip ýatyň. Griffindor okuwçylary sebäpli henize çenli ýüzümiň beýle
gyzaran ýeri ýokdur.
Olar ýüz elli bal ýitirdiler. Diýmek, Griffindorlar öý kubogy ugrundaky
bäsleşikde iň soňky ýere geçýärdiler. Olar sähel pursadyň içinde Griffindor öýüniň
kuboga eýe bolmak mümkinçiligini elden giderdiler. Harriniň göwnüne onuň dünýäsi
ýykan-ýumran bolan ýalydy. Olar indi bu ýagdaýdan nädip baş alyp çykarkalar?!
Harri uzyn gijesini çirim etmän geçirdi. Newiliň ýüzüni ýassyga berip, esli
salym horkuldap aglandygyny eşitse-de, ony nähili köşeşdirjegini bilmedi. Ol
Newiliň hem edil özi ýaly öz-özüne gahar edýändigine düşünip durdy. Griffindor
öýüniň okuwçylary olaryň nämeler edendigini biläýseler, nähili bolarka?
Ertesi Griffindor okuwçylarynyn öýleriň ballaryny görkezýän ullakan gum
sagadyna gözleri düşende, olar nähilidir bir ýalňyşlyk ýüze çykandyr öýtdüler. Bir
günüň içinde olaryň nädip ýüz elli baly kemelip bilýär?!
Şeýlelikde, tanymal Harri Potter, ýagny kwiddiç oýnunyň gahrymany bolan
Harri Potter hem-de birki sany birinji ýyl gögele okuwçy zerarly Griffindor öýüniň
ýüz elli bal ýitirendigi hakdaky gürrüňler ýyldyrym çaltlygynda tutuş mekdebe
ýaýrady.
217
Harri ýekeje günüň içinde iň tanymal, iň eý görülýän okuwçylaryň biri
bolmakdan iň halanylmaýan okuwça öwrüldi duruberdi. Hatda Rowenklowdyr
Haffipaff öýleriniň okuwçylary hem ony duşman okundylar. Sebäbi öýleriň
arasyndaky kubok ugrundaky bäsleşikde hemmeler Slizerinleriň ýeňilmegini isläpdi.
Harri nirä barsa-da barmak çommaldylyp gaty ses bilen özi hakda aýdylýan
ýakymsyz gürrüňleri eşitdi durdy. Slizerinler bolsa onuň deňinden geçenlerinde: «Sag
bol, Potter! Bu eden ýagşylygyňy hiç haçan unutmarys!» diýip gygyryşýardylar.
Ron Harrä göwünlik berýän ýeke-täk adamdy,
— Olar birki hepdeden ähli zady unudarlar. Fred bilen Jorjuň şu ýerde okap
başlanlary bäri bal ýitirmedik günleri ýok ahyry. Şonda-da olary her kim gowy
görýär.
— Olar bir günde ýüz elli bal ýitiren däldirler-ä, şeýle gerek? — diýip, Harri
keýpsiz dillendi.
— Dogrymy aýtsam-a. şeýle — diýip, Ron hem alaçsyz boýun almaly boldy,
Bimeme gijräk hem bolsa, Harri dagy-duwara kesekiniň işine burnuny
sokmazlyk barada öz-özüne kasam etdi. Töwerekde aýlanyp, özüňe degişli däl zatlara
goşulyşyp ýörmegiň näme manysy bar diýsene?! Onuň indi ile çykarlygy hem
galmandy. Şonuň üçinem Harri Wuda özüniň kwiddiç toparyndan çykjakdygyny
aýtdy,
Wud:
— Topardan çykjak diýýäňmi? — diýip ör-gökden geldi. — Beýtmek bolmaz.
Ýitiren ballarymyzyň öwezini dolmak üçin, kwiddiç oýnunda ýeňiş gazanmaly
bolarys.
Ýöne Harri üçin indi kwiddiç oýnunyňam gyzygy gaçypdy. Oýunçylar
türgenleşik wagtynda onuň bilen düýbünden gepleşmeýärdiler, öz aralarynda ony
«gapyjy» diýip atlandyrýardylar.
Germionadyr Newil hem Harri bilen deň derejede ejir çekýärdi. Ýagdaýlary
edil Harriniňki ýaly ýaramaz bolmasa-da, olar bilen hem hiç kim gepleşenokdy.
Germiona indi öňküleri ýaly beýlekileriň ünsüni kän bir özüne çekip durman,
sapaklarda sessiz oturýardy, kitapdan başyny galdyranokdy.
Harri synaglaryň barha ýakynlaşýandygyna begenmänem duranokdy. Ol
kitaplara gümra bolup, ähli aladasyny unudýardy. Harri, Ron hem Germiona
218
çylşyrymly däri-dermanlaryň düzümini, her dürli jadylarydyr gözbagçylyklary jadyly
açyşlaryň hem goblinleriň turzan gozgalaňlarynyň senelerini ýatdan öwrenmek üçin
her gün gijagşama çenli kitap okamak bilen meşgullanýardylar.
Synaglara bir hepde wagt galyberende, Harri özüne degişli däl zatlara
goşulyşmazlyk baradaky lebzini atanlykda ýuwutmaly boldy. Bir gün ol giçlik
kitaphanadan dolanyp gelýärkä, golaýdaky okuw otaglarynyň birinden hykgyldy
sesini eşitdi. Harri ýakynraga baranda, Kwirreliň sesini tanady.
— Ýok... ýok... ýok... indi bir beýtme...
Kwirrel göýä kimdir birinden gorkýan ýalydy. Harri daraklygyna basyp, sesiň
gelýän tarapyna ýöneldi.
Kwirreliň aglamjyraýan sesi eşidildi.
— Bolýar... bolýar...
Birdenem Kwirrel sellesini düzedişdirip, okuw otagyndan atylyp çykdy. Onuň
ýüzünde gan-pet ýokdy, özem möňňürip aglabererli görünýärdi. Ol bada-bat gözden
gaýyp boldy. Harriniň göwnüne bolmasa, ol özüm görmedik ýalydy. Kwirreliň aýak
sesleri daşlaşansoň, Harri otagyň içine göz aýlady. Içerde hiç kim ýokdy. ýöne otagyň
beýleki tarapyndaky gapy welin, açykdy. Gapa tarap ýöräp başlany hem şoldy welin,
özüne degişli däl zatlara goşulyşmazlyk hakdaky ähdi birden onuň ýadyna düşdi.
Ýöne şonda-da Harri gabat garşydaky gapydan edil ýaňyja Sneýpiň çykyp
gidendigine Jadygöýiň daşynyň on iki sanysyndan ant içip biljekdi. Onsoňam
eşidilenlerden çen tutsaň, Kwirrel Sneýpe boýun bolan ýalydy.
Harri kitaphana dolandy. Germiona Ronuň astronomiýa dersinden synaglara
taýýarlygyny barlap oturan eken. Harri olara eşidenleri barada aýdyp berdi.
Ron:
— Diýmek, Sneýp ahyry maksadyna ýetipdir-dä — diýdi. — Birden Kwirrel
oňa gara güýje garşy edilen gorag jadysyna hötde gelmegiň ýoluny aýdan bolaýsa.
— Ýöne ol entek Flaffiniň deňinden nädip geçmelidigim bilenok ahyryn —
diýip, Germiona arkaýyn gepledi.
Daş-töweregindäki müňlerçe kitaplara göz aýlan Ron:
219
— Belki, oňa Hagridden soramagam gerek däldir — diýdi. — Şu kitaplaryň
haýsam bolsa birinde üç kellelli äpet itiň deňinden nädip geçmelidigi barada ýazylan
bolmagy mümkin. Indi näme ederis, Harri?
Ronuň gözlerinde täze başdan geçirmelere bolan isleg uçgunjyklary ýaldyrap
durdy. Onuň sowalyna Harriden öň Germiona jogap berdi.
— Göni Dambldoryň ýanyna barmaly. Biz birmahal şeýtmelidik. Eger bu
gezegem özbaşdak hereket etjek bolsak, biz hökman okuwdan kowlarys.
Harri:
— Ýöne bizde hiç hili subutnama ýok — diýdi. — Kwirrel-ä arkamyzda
durardan gaty gorkak. Sneýpe-de Hellowin gününde troluň nädip içerik girendiginden
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.