Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09

Total number of words is 3637
Total number of unique words is 1875
32.9 of words are in the 2000 most common words
46.9 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
barylýan barlaglar häzir hem dowam etdirilýär. Bu Gara güýjüň jadygöýleriniň eden
işi hasaplanylýar.
124
Bu gün Gringot goblinleri hiç zadyň ogurlanmandygyny aýdýarlar. Biz diňe
döwlen seýfiň edil şol gün ogrulardan has öňräk boşadylandygyny bilýäris.
«Biz size onuň içinde nämäniň saklanandygyny aýdyp biljek däl. Şonuň
üçinem başyňyza bela satyn almajak bolsaňyz, özüňize degişli däl zada burnuňyzy
sokmajak boluň» diýip, Gringot bankynyň wekilleriniň biri aýdyp geçdi».
Şol pursat Ronuň özüne otluda Gringotda biriniň bir zat ogurlamak isländigini
aýtsa-da, şol bolan wakanyň senesini aýtmandygy ýadyna düşdi.
Harri:
— Hagrid! Gringotda ogurlyk edil meniň doglan günüm bolup geçipdir. Belki,
ogrularam biz şol ýerdekäk barandyr — diýende, Hagridiň öz gözüne göni seredip
bilmeýändigine aňry ýany bilen düşündi.
Hagrid bir zatlar samrady-da, olara ýene köke hödür etdi. Harri: «Biz diňe
döwlen seýfiň edil şol gün ogrulardan has öňräk boşadylandygyny bilýäris» diýip,
ýaňky habary gaýtadan okap berdi. Hagrid ýedi ýüz on üçünji seýfi edil şol gün, biraz
öňräk boşadypdy. «Boşadypdy» diýsegem ýalňyş bolar, ol şol kiçijik düwünçegi alyp
gaýdypdy. Belki, ogrularam edil şol düwünçegi ogurlamak isländirler?!
Harridir Ron öýlänlik naharlaryny edinmek üçin köşge dolanyp barýarkalar,
olaryň jübüleri Hagridiň hödür-kereminden boýun gaçyryp bilmän iýen bolup gizlän,
daş ýaly gatap giden kökelerinden doludy. Öň geçilen hiç bir sapak hem Harrini
Hagridlerde çaý başynda edilen gürrüňler ýaly çuň oýa batyrmandy. Diýmek, Hagrid
düwünçegi edil wagtynda alyp gaýdypdyr-da?! Şol düwünçek şu wagt niredekä?
Belki, Hagridiň Sneýp hakynda Harrä aýtmak islemeýän käbir zatlary bardyr?!
9-njy bap: ÝARYGIJEKI DUEL
Harri Drako Malfoýa duşmazyndan ozal Dadlidende ýigrenji adama gabat
gelerin öýtmändi.
Olar Slizerinler bilen diňe däri-dermanlar dersini bilelikde okaýandyklary
sebäpli, Malfoýa kän bir gabatlaşyp durmaýardylar. Bir gezek Harridir Ron
Griffindor öýüniň umumy otagynda asylan bildirişi okaýardylar, onda sübsede uçmak
dersiniň Slizerinler bilen bilelikde okadyljakdygy hakynda aýdylýardy.
Harri gaşlaryny çytyp:
125
— Indi hemme zat düşnükli. Elmydama Malfoýyň öňünde özümi sübsäniň
üstünde masgara etmegiň arzuwyndadym — diýip kinaýaly gepledi.
Sübsede uçup görmek onuň köpden bäri arzuw edýän zadydy.
Ron:
— Sen özüňi masgaralajagyňy nireden bilýäň? — diýip sorady. — Malfoý
elmydama özüniň kwiddiç oýnuny gaty gowy oýnaýandygyny aýdýar welin, men-ä
bu bir boş gürrüňlermikä öýdýän.
Hakykatdan hem, Malfoý sübsede uçmak hakynda gaty köp gürrüň ederdi. Ol
elmydama sesine bat berip, birinji ýyl okuwçylarynyň kwiddiç toparyna
alynmaýandygyna närazylygyny bildirip, her gezek magllaryň dikuçaryndan zordan
gaçyp ýetişendikleri bilen tamamlanýan uzaga çekýän gürrüňleri aýdyp bererdi. Ýöne
şunuň ýaly gürrüňleri aýdyp berýän diňe bir Malfoý däldi. Simus Finniganyň
aýdyşyna görä, ol çagalyk döwrüniň köp bölegini şäheriň eteklerinde sübsede uçup
geçiripdir. Hatda Ronuň hem Çarliniň köne sübsesinde tas uçar bilen çaknyşandygy
hakyndaky wakany aýdyp bermek gylygy bardy.
Jadygöýler maşgalasyndan çykanlaryň ählisi elmydama diýen ýaly kwiddiç
oýny hakynda gürrüň ederdiler. Ron eýýäm goňşusy Din Tomas bilen futbol oýny
sebäpli tersleşip ýetişipdi. Ron ýeke-täk toply oýunçylara uçmak gadagan edilýän
oýnuň asla gyzyksyzdygyny aýdyp, gaharlanardy. Harri hatda Ronuň bir gezek Diniň
diwarda asylgy duran futbol toparynyň suratyndaky oýunçylary hereketlendirjek
bolup, başagaý bolup durandygyny hem görüpdi.
Newil enesiniň rugsat bermändigi sebäpli, ýeke gezek hem sübsä münüp
görmändir. Harri Newiliň elmydama nähilidir bir sebäbe görä her dürli
betbagtçylyklara sezewar bolýandygy üçin, enesiniň onuň sübsä münmegi gadagan
etmegini öz ýanyndan goldapdy.
Germiona Greýnjeriň aljyraýşy Newiliňkiden artyk bolmasa, kem däldi.
Synanyşyp görendigine garamazdan, bu dersi adatça edişi ýaly, kitapdan okap hem
özleşdirip bilmedi. Dördünji gün ertirlik naharynda ol kitaphanadan tapan «Kwiddiç,
asyrlaryň jümmüşinde» atly kitapda aýdylýan zatlary gaýtalap, hemme kişiniň
ýüregine düşüpdi. Sübsäniň üstünde oturmaga kömek eder umydy bilen, onuň her bir
aýdan sözüni ünsli diňlän Newilden başga ähli kişi hatlaryň gelmegi bilen
Germionanyň gürrüňiniň arasynyň kesilendigine begendiler.
126
Harrä Hagridiň iberen hatyndan soň hiç zat gelmedi. Bu ýagdaý baýguşy
tarapyndan günde diýen ýaly, öýünden her dürli süýji-kökeler getirilip berilýän
Malfoýyň gaty tiz gözüne ildi. Ol süýji-kökeli gaby hemişe Slizerinlileriň stolunyň
başynda açardy.
Siwuha baýguşy Newile enesinden iberilen kiçijik bukjany getirdi. Ol bu
bukjany tolgunyp açansoň, içinden hozuň ululygyndaky ak tozanly çüýşe şarjagazyny
çykardy.
— Bu şarjagaz ýatladyjy. Enem meniň elmydama nämedir bir zady ýatdan
çykaryp ýörenimi bilýär. Şarjagaz unudan zadyň bolsa ýatladýar. Ynha, muny şeýdip
berk saklanyňda ak tozan gyzyl reňke öwrülse... — diýip, gürrüňe başlan Newiliň
birden keýpi gaçdy, sebäbi ýatladyjy gyp-gyzyl bolupdy.
— Sen bir zady-ha ýatdan çykarypsyň...
Newil nämäni ýatdan çykarandygy barada oýlanyp otyrka, Griffindor stolunyň
deňinden geçip barýan Drako Malfoý onuň şarjagazyny elinden kakyp aldy.
Malfoý bilen ýakalaşara nähilidir sebäbiň ýüze çykmagyna köpden bäri
garaşyp ýören Harridir Ron şobada ýerlerinden galdylar. Ýöne okuwçylary
köşeşdirmegi islendik mugallymdan has gowy başarýan professor Makgonagal
duýdansyz ýerden olaryň ýanynda peýda boldy.
— Näme boldy?
— Malfoý meniň ýatladyjymy aldy, professor.
— Men-ä ýöne görjek boldum — diýip, it ýylgyryşyny eden Malfoý elindäki
şarjagazy stoluň üstünde goýdy. Soň ol Krabdyr Goýl bilen ýoluny dowam etdirdi.
Şol gün öýlän sagat üçüň ýarynda Harri, Ron hem Griffindorlaryň birinji ýyl
okuwçylary ilkinji uçuş dersi üçin esasy basgançakdan ylgaşyp, meýdança çykdylar.
Bu gün howa şemallydy. Olar gür agaçly, barmasy gadagan edilen tokaýyň gabat
garşysynda ýerleşýän tekiz meýdança alyp gelýän ýap-ýaşyl otlugyň içi bilen aşak
indiler.
Slizerinler eýýäm şol ýerde eken. Griffindorlaryň ýerde hatar edilip goýlan
ýigrimä golaý sübsä gözleri düşdi. Şol pursat Harriniň Freddir Jorj Wizlileriň mekdep
sübseleriniň gaty ýokaryk gitseň titräp başlaýandygy hem-de çep tarapa äkidýändigi
hakda zeýrenendikleri ýadyna düşdi.
127
Olaryň yz ýany bilen ders mugallymy hanym Huç hem geldi. Onuň kelte saçy,
baýguşyňky ýaly sap-sary gözleri bardy.
Ol gele-gelmäne:
— Hawa, nämä garaşyp dursuňyz? — diýip, okuwçylara azgyryldy. — Ähliňiz
sübsäniň gapdalyna geçiň. Boluň, çaltrak hereket ediň!
Sübsesine göz aýlan Harri onuň köneliginden ýaňa bogunlarynyň sökülip,
çöpleriniň dürli tarapa bakyşyp durandygyny gördi.
Olaryň öňüne geçen hanym Huç sesini gataldyp:
— Sübsäňiziň ýokarsyndan eliňizi öňe uzadyp «Ýokaryk» diýiň — diýdi.
Olaryň hemmesi sübselerine ellerini uzadyp:
— Ýokaryk — diýip gygyrdylar.
Harriniň sübsesi bir gezek buýruk berenine mähetdel eline geldi. Ýöne
beýtmek diňe az sanly okuwça başartdy. Germiona Greýnjeriň sübsesi eline gelmän,
ýerde eýläk-beýläk towlanan bolsa, Newiliňki asla gymyldaýynam diýmedi. Harri öz
ýanyndan: «Belki, sübselerem edil atlar ýaly, gorkýan wagtyň duýýandyrlar» diýip
pikirlendi. Newiliň sesi titreýärdi. Bu onuň asla sübseli uçasy gelmeýändiginiň
alamatydy.
Hanym Huç typyp gaýtmaz ýaly, sübsäniň üstünde oturmagyň usulyny
görkezensoň, olaryň sübsäni saklaýyşlaryna gözegçilik edip, eýläk-beýläk gezmeledi.
Mugallym Malfoýa sübsäni ýalňyş tutýandygyny aýdanda, Harri bilen Ron bir-birege
bakyp ýylgyryşdylar.
— Häzir jürlewük çalaryn welin, ýerden iteklenersiňiz. Sübsäni göni saklaň,
iki-üç metr ýokaryk galanyňyzdan soň, biraz öňe eglip, ýere düşüň. Meniň
sykylygym boýunça, üç, iki...
Ýöne ýerde ýeke özi galaýmakdan gorkup, aladalanan Newil hanym Huç
jürlewügi dodagyna degrip-degirmänkä gereginden artyk bat alyp, öňe okduryldy.
Hanym Huçuň:
— Yzyňa dolan, oglanjyk — diýip, gygyrandygyna garamazdan, Newil
çüýşeden batly atylyp gaýdan dyky ýaly, dik ýokarlygyna on iki, ýigrimi metr
beýiklige çenli uçdy.
128
Harri onuň gorkudan ýaňa duw ak bolan ýüzüni barha aşakda galýan meýdança
tarap öwrüp, uludan dem alandygyny gördi. Birdenkä Newil sübsäniň üstünde
saklanyp bilmän aşaklygyna kelemenläp gaýtdy.
Ýakymsyz gürpüldi eşidildi. Ynha-da, Newil ýerde otlugyň üstünde ýüzinligine
ýatyr, barha ýokarlygyna galýan sübse bolsa haýaljakdan ugruny üýtgedip, barmasy
gadagan edilen tokaýa tarap uçup gitdi-de, sähel salymda gözden gaýyp boldy.
Ýüzi ak tam bolan hanym Huç ysgynsyz ýatan Newiliň üstüne egildi.
Onuň:
— Goşaryňy döwdüripsiň — diýen pyşyrdysy Harriniň gulagyna degdi. —
Ýeriňden gal hany, hemme zat gowy, sen diri.
Ol okuwçylara tarap ýüzüni öwürdi.
— Men bu oglanjygy hassahana äkidip gelýänçäm, ýekäňizem ýeriňizden
butnaýmaň!. Sübselerem duran ýerinden üýtgedilmesin, ýogsa-da, «Kwiddiç» sözüni
aýdyp ýetişmänkäňiz, Hogwartsdan kowlarsyňyz. Ýör, oglanjyk.
Aglamakdan ýaňa ýüzi gyzaran Newil goşaryny gysdy-da, goltugyndan tekge
berýän hanym Huçuň gapdaly bilen agsaklap köşge tarap ýöneldi.
Olar daşlaşan batlaryna Malfoý gülüp başlady.
— Ýaňky gorkagyň ýüzüni gördüňizmi? Baý, onuň emelsizdigini?!
Beýleki Slizerinler hem onuň gülküsini alyp göterdi.
— Gapylsana, Malfoý — diýip, Parwati Patil azgyryldy.
Slizerinlerden Pensi Parkinson atly ýüzi agyr gyz:
— Hä, näme, Loňbottoma gynanaýdyňmy? Men hiç haçan sen aglak
çagajyklary halaýansyň öýtmeýärdim, Parwati — diýip içýakgyç gürledi.
— Seret! — diýip, birden öňe eglen Malfoý otuň üstünden bir zat galdyrdy. —
Bu Loňbottomyň enesiniň iberen biderek zady.
Ol Günüň ýagtysyna ýalpyldap giden ýatladyjy şarjagazy ýokaryk galdyrdy.
Harri sesini peseldip:
— Eliňdäkini maňa ber, Malfoý — diýdi.
129
«Indi näme bolarka?» diýip, aňkarylyşyp galan okuwçylaryň hiç haýsysyndan
ses çykmady.
Malfoý içýakgyç ýylgyrdy.
— Men muny Loňbottomyň özi tapar ýaly bir ýerlerde gizlärmikäm diýýän.
Bagyň depesini nähili görýäň?!
— Bärik ber! — diýip, Harri azmly gepledi.
Ýöne oňa jogap bermedik Malfoý, sübsesine mündi-de, ýokarlygyna uçdy. Ol
özüniň gowy uçýandygyny aýdyp, ýöne ýere öwünmeýän eken. Malfoý hakykatdan
hem, sübsede gowy uçýardy. Dub agajynyň ýokarky şahalarynyň deňine ýetip
saklanan Malfoý:
— Potter, gel hany, al-da — diýdi.
Harri sübsesine ýapyşdy.
Germiona Greýnjer:
— Beýtme! — diýip gygyrdy. — Hanym Huçuň aýdan zatlaryny ýadyňdan
çykardyňmy?! Sen biziň başymyzy bela sokarsyň.
Gahardan ýaňa gany gaýnap duran Harri onuň aýdanlaryna üns bermän
sübsesine atlandy. Ol ýokaryk göterildigiçe gulagynda ýel şuwlady, ýektaýy bolsa
howada galgady. Aňyrdan çogup gaýdan begenç duýgularynyň astynda ol özüniň
okadylmasa-da käbir zatlary başarýandygyna akyl ýetirdi. Sübsede uçmak onuň üçin
aňsatdy hem gyzyklydy. Has belende uçmak niýeti bilen sübsesini ýokaryk galdyran
Harri ýerde duran gyzlaryň el çarpyşmalarynydyr gykylyklaryny, Ronuň bolsa haýran
galmakdan ýaňa «Eý-how» diýip gygyrandygyny eşitdi.
Ol islän belentligine galansoň, özünden beýle zada garaşmadyk Malfoýa tarap
sübsesini öwürdi.
Harri:
— Ony maňa ber! — diýip gygyrdy. — Ýogsa-da seni sübsäňden agdararyn.
Ýüzünde aljyraňňylyk alamatynyň aç-açan peýda bolandygyna garamazdan,
içýakgyç ýylgyran Malfoý:
— Nätdiň-aý! — diýdi.
130
Harri häzir näme etmelidigini bilýärdi. Ol öňe eglip, iki eli bilen sübsäni berk
tutdy, edil zyňlan naýza ýaly Malfoýa okduryldy. Malfoý wagtynda ondan sowlup
ýetişdi. Harri öwrüm edip geldi-de, ýene onuň gabadynda saklandy. Aşakda
duranlaryň birnäçesi çapak çaldy.
Harri:
— Arkalarynda gizlener ýaly, şu wagt ýanyňda Krab bilen Goýlam ýokdur,
Malfoý — diýip gygyrdy.
Malfoý bu söze aljyrady, ol:
— Beýle bolsa, başarsaň, gap — diýip gygyrdy-da, çüýşe şarjagazy bat bilen
zyňyp goýberdi. Soň ýere düşdi.
Harri başda ýuwaş-ýuwaşdan ýokaryk galan şarjagazyň aşak gaýdyp
başlandygyny gördi.
Ol öňe okduryldy-da, sübsesini aşak gönükdirdi. Bat bilen aşaklygyna gaýdyp,
topuň yzyna düşüp barýan Harriniň gulaklarynda ýel şuwlady, deň-duşlarynyň
gykylygy ýaňlanyp gitdi. Ýere ýetmäge sähel aralyk galanda oňa elini uzadyp topy
tutmak hem-de sübsesini gönülemek başartdy. Elinde berk gysymlan ýatladyjy
şarjagazy bilen ol hiç ýerini agyrtmazdan otuň üstüne düşdi.
— Harri Potter!
Duýdansyz çykan bu sese Harriniň zähresi ýaryldy.
Ol uly tizlik bilen aşaklygyna gaýdanda-da beýle gorkmandy. Professor
Makgonagalyň özüne tarap ylgaşlap gelýändigini gören Harri titräp ýerinden galdy.
— Hiç haçan, hiç haçan, Hogwartsda geçiren uzak döwrümiň dowamynda bir
gezegem...
Günüň ýagtysyna äýnekleri lowurdap duran professor Makgonagal:
— Sen beýdip... Bir ýeriňi döwdüräýseň nätjek... — diýip, dili tutulan ýaly
zordan gürledi.
— Bu ýerde onuň günäsi ýok, professor...
— Ýuwaş boluň, hanym Patil!
— Ýöne, Malfoý...
131
— Boldy, jenap Wizli. Potter, häziriň özünde yzyma düş!
Köşge tarap gaýdan professor Makgonagalyň yzyna düşen Harri Malfoýyň,
Krabyň hem Goýluň begençli ýüzlerini görüp ýetişdi. Ol indi gürrüňsiz okuwdan
çykarylar, çykaryljagam ikuçsuz. Harri özüni aklamak üçin bir zatlar diýmek islesede, dili tutulan ýaly ýeke söz hem aýdyp bilmedi. Ol çalasynlyk bilen ýöräp barýan
professor Makgonagalyň yzyndan galmazlyk üçin ylgamaly bolýardy.
Harri öz ýanyndan: «Nädip beýdip bildimkäm?! Okuwym iň bärkisi iki hepdäde çekmedi ahyryn. Men eýýäm on minutyň içinde goşlarymy ýygnap başlaryn.
Darslileriň gapysynda peýda bolanymda olar näme diýerlerkä?!» diýip, agyr oýa
batdy.
Olar daşky basgançakdan, soňra bolsa içerki mermer basgançakdan ýokaryk
galdylar, professor Makgonagal ýeke agyz söz aýtman, ötlem-ötlem gapylary
açyşdyrýardy. Onuň yzyndan-da ýüzüni sallap Harri barýardy. Belki, professor
Makgonagal ony Dambldoryň ýanyna alyp barýandyr?! Ol şol pursat okuwdan
çykarylan, ýöne gözegçi hökmünde galmaga rugsat berlen Hagrid hakynda pikirlendi.
Belki, oňa-da Hagridiň kömekçisi hökmünde bu ýerde galmaga rugsat bererler.
Ronuňdyr beýleki deň-duşlarynyň jadygöý bolup ýetişişlerini, özüniň bolsa Hagridiň
goşlaryny daşap ýörşüni göz öňüne getirende, Harriniň ýüregi sanjyp gitdi.
Bir okuw otagynyň golaýyna gelip saklanan professor Makgonagal gapyny
açdy-da, kellesini içerik uzatdy.
— Bagyşlaň, professor Flitwik, Wudy bir pursatlyk çagyrmak mümkinmi?
Alasarmyk ýagdaýda galan Harri: «Wudmy? Bu onuň özümi jezalandyranda
ulanjak taýagymyka?» diýip pikirlendi.
Ýöne Wud diýilýän taýak däl-de, özi ýaly nämäniň nämedigine düşünmän
aljyraňňy ýagdaýda okuw otagyndan çykan bäşinji ýyl okuwçysy eken.
Professor Makgonagal:
— Ikiňizem yzyma düşüň! — diýdi. Olar aýdylyşy ýaly, professoryň yzyna
düşdüler. Wud Harrini boýdan-başa synlady.
— Içerik giriň — diýen professor Makgonagal olara içerde diwar tagtasynyň
ýüzüne gödek sözleri ýazyp başagaý bolup oturan Piwsden başga hiç kim bolmadyk
boş okuw otagynyň gapysyny açyp berdi.
132
Piwse gözi düşen professor Makgonagal:
— Daşaryk çyk, Piws! — diýip azgyryldy. Bir zatlar diýip hüňürdän Piws
elindäki heki ýere taşlady-da, gözden gaýyp boldy. Onuň yzyndan gapyny bat bilen
ýapan professor Makgonagal özüne aňkarylyşyp seredýän oglanlara ýüzüni öwürdi.
— Potter, bu Olliwer Wud. Wud, men saňa gapyjyny tapdym.
Wuduň ýüzündäki aljyraňňylyk syryldy-da, şatlyk alamaty peýda boldy.
— Siziň ynamyňyz barmy, professor?
— Aňry ýany bilen — diýip, professor Makgonagal ynamly jogap berdi. —
Onuň tebigy başarnygy bar. Men munuň ýaly zady öň görmändim. Birinji gezek
sübsä münüp görşüňmi, Potter?
Harri «hawa» diýen manyda baş atdy. Nämeleriň bolup geçýändigine
düşünmese-de, okuwdan çykarylmajagyna göz ýetiren Harriniň begenjiniň çägi
ýokdy.
— Ol şojagaz zady on bäş metr beýiklikde gapdy — diýip, professor
Makgonagal Wuda gürrüň berdi. — Hiç ýerini sypjyrtmadam. Hatda Çarli Wizli hem
onuň edenini gaýtalap bilmez.
Wudda häzir ähli arzuwlary hasyl bolan adamynyň keşbi bardy.
— Haçanam bolsa bir wagt kwiddiç oýnuny görüpmidiň?
Professor Makgonagal:
— Wud Griffindor toparynyň kapitany — diýip düşündirdi.
Daşyndan aýlanyp, Harrini gowy synlan Wud:
— Ol gapyjylyk üçin doglupdyr — diýdi. —Akylly, çalasyn oýunçy üçin
mynasyp sübsäni tapmaly bolarys, professor. Nimbus — 2000 ýa Klinswip — 7
laýyk bolarmyka diýýän.
— Men professor Dambldor bilen gürleşip, birinji ýyl okuwçylaryny kwiddiç
oýnuna gatnaşdyrmazlyk bilen baglanyşykly düzgünden çykmaga rugsat berjeginibermejegini soraýyn. Elbetde, bize geçen ýylkydan has gowy topar gerek. Soňky
ýaryşda utulanymyzdan soň, birnäçe hepdeläp Sewerus Sneýpiň ýüzüne seredip
bilmedim — diýen professor Makgonagal äýneginiň üstaşyry Harrä bakdy.
133
— Men ýürekden taýýarlanmagyňy isleýärin,
jezalandyrmazlyk hakdaky pikirimi üýtgedäýmäýin.
Potter,
ýogsa
seni
Soň ol duýdansyz ýylgyrdy.
— Kakaň saňa guwanardy. Onuň özi hem ajaýyp kwiddiç oýunçysydy.
— Siz oýun edýänsiňiz-le.
Öýlänki nahar wagty hem ýetip geldi. Harri edil ýaňyja Rona professor
Makgonagal bilen meýdançany taşlap gaýdansoň, nämeleriň bolup geçendigini
gürrüň berip bolupdy. Haýran galmakdan ýaňa elindäki pudingi düýbünden unudyp,
doňup galan Ron:
— «Gapyjy» diýdiňmi? — diýip sorady. — Ýöne birinji ýyl okuwçylaryna hiç
haçan... Sen iň ýaş oýunçy bolarsyň, çakyma görä, şu...
— Asyr boýunça — diýip, Harri şekernan iýip oturyşyna onuň sözüni soňlady.
Ol şu günüň garaşylmadyk wakasyndan soň diýseň ajygypdy. — Maňa Wud aýtdy.
Ron onuň gürrüňlerinden şeýlebir täsirlenipdi welin, Harriniň ýüzüne seredip,
aňkarylyp otyrdy.
Harri:
— Men indiki hepdeden türgenleşip başlaýaryn. Onsoňam hiç kime hiç zat
aýdaýmagyn. Wud meniň gapyjy bolandygymy entek gizlinlikde saklamak isleýär —
diýdi.
Şol wagt Uly Jaýa giren Fred hem Jorj Wizlileriň Harrä gözleri düşüp, onuň
ýanyna howlukdylar.
Jorj aňyrdan gele-gelmäne pessaý ses bilen:
— Berekella! — diýdi. — Wud bize ähli zady gürrüň berdi. Biz hem toparyň
düzüminde, ýagny goragçylar hökmünde.
— Meniň aýdanlaryma ynanaýyň, biz şu ýyl hökman Kwiddiç kubogyny alarys
— diýip, Fred onuň sözüniň üstüni ýetirdi. — Çarli mekdebi gutaraly bäri biz ýeke
gezegem ýeňmedik. Ýöne toparymyzyň şu ýylky düzümi welin, gürrüňsiz ajaýyp.
Sen, hakykatdanam, gowy oýunçysyň, Wud bize sen hakda gürrüň berende, tolgunyp
bir ýerde durup bilmedi.
134
— Bolýar onda, biz gitdik. Li Jordan mekdebiň daşyna äkidýän ýene bir
geçelgäni tapypdyr.
— Bu, gürrüňsiz, mekdepde geçiren ilkinji hepdämizde Gregori Smarminiň
ýadygärliginiň ýeňsesinde üstünden baran geçelgämizdir.
Fred bilen Jorj gözden ýitip-ýitmänkä, olaryň öňünde iň bir garaşylmadyk
oglan, ýagny Malfoý peýda boldy. Hemişekileri ýaly onuň ýanynda Krab bilen Goýl
bardy.
— Mekdepde iň soňky gezek naharlanyşyňmy, Potter? Yzyňa, magllara
äkidýän otla haçan münýäň?
Harri:
— Sen şu wagt ýeriň üstündekäň, kiçijik dostlaryňam ýanyňdaka, batyrsyran
bolýarsyň — diýip sowukganly gepledi. Hakykatda welin, Krab bilen Goýl kiçijik
dagy däldiler. Baş stoluň daşy mugallymlardan doly bolansoň, olaryň ikisiniň hem
ýüzlerini çytyp, ýumruklaryny düwmekden başga edip bilen zatlary bolmady.
Birden Malfoý:
— Islän wagtym ýekeje özümem hötdäňden gelerin — diýdi. — Şu gije duşaly,
jadygöýler duelini gurnaly. Diňe taýajyklar ulanylar, tutluşyk bolmaz. Hä, näme, şu
wagta çenli jadygöýler dueli hakda hiç zat eşitmänmidiň?
— Elbetde, eşitdi — diýip, Ron öňe çykdy. — Men onuň ikinjisi, seniňki kim?
Krabdyr Goýly synlan Malfoý:
— Krab — diýip jogap berdi. — Ýary gije, bolarmy? Biz size Ýeňişler
otagynda garaşarys, şol ýer hiç haçan ýapylmaýar.
Malfoý gidensoň, Rondur Harri biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler.
Harri:
— «Jadygöýleriň dueli» diýmek näme bolýar? Onsoňam «Meniň ikinjim»
bolmak nämäni aňladýar? — diýip sorady.
— Aslynda, duele gatnaşýan esasy adam öläýse, ikinji adam dowam etdirmek
üçin gerek bolýar — diýip, arkaýyn jogap beren Ron ahyry elindäki sowap giden
pudingine seretdi.
135
Harriniň ýüzüniň üýtgändigini görensoň welin, ol:
— Ýöne adatça hakyky duellerde, ýagny hakyky jadygöýler söweşende
adamlar wepat bolýarlar. Malfoý ikiňiziň biri-biriňize şöhlejikleri iberäýmekden
başga edip biljek zadyňyz bolmaz. Siziň hiç haýsyňyzam biri-biriňize zyýan ýetirer
ýaly, hakyky jadygöýligi bileňzok ahyryn. Hakykatda, ol sen duelden boýun
gaçyrarsyň öýdendir — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
— Taýajygymy galgatsamam, hiç zat bolmasa näme?
Ron:
— Taýajygy zyň-da, burnunyň üstüne ýelmäý — diýip teklip etdi.
— Bagyşlaň.
Olaryň ikisi hem başlaryny galdyrdy. Oglanlaryň öňlerinde Germiona Greýnjer
durdy.
Ron:
— Adam bir arkaýyn iýip-içip bilmezmi?! — diýip gaharlandy.
Germiona oňa barmysyňam diýmän, Harrä ýüzlendi.
— Men siziň Malfoý bilen eden gürrüňiňizi eşitmeli boldum.
Ron:
— Elbetde, eşitmän bilesiň ýok-la — diýip pyşyrdady.
— ...Gije mekdepde aýlanyp ýörmek bolmaz. Tutulaýsaňyz Griffindor öýüniň
näçe balyny ýitirjegiňiz hakynda oýlanyň, tutuljagyňyz bolsa ikuçsuz. Siz,
hakykatdan hem, diňe özüňizi bilýän adamlar!
— Bu bolsa, hakykatdan hem, seniň işiň däl — diýip, Harri oňa gödek jogap
berdi.
— Sag boluň! — diýip, Ron elini galgatdy.
Harri gijagşam Dindir Simusyň uklamagyna garaşyp oturyşyna, «Günüm
ajaýyp soňlandy diýip biljek däl» diýip pikirlendi (Newil bolsa häzir hem
hassahanadan dolanyp gelmändi).
136
Ron günüň galan bölegini Harrä: «Eger ol saňa gargajak bolaýsa, öňünden
sowlup ýetişjek bolgun, men olardan goranmagyň usullaryny bilýän däldirin» diýen
ýaly her dürli maslahatlary berip geçirdi. Olaryň hanym Norris we Filç tarapyndan
tutulaýmaklary, bir günüň dowamynda ikinji gezek mekdep düzgünini bozmak bilen,
Harriniň öz paýyna düşen bagty elinden gideräýmegi mümkindi. Ýöne Malfoýyň
göwnüýetmezçilikli ýylgyryşy hem gözüniň öňünden gidenokdy. Şonuň üçin hem ol
Malfoý bilen ýüzbe-ýüz durup, ony utulyşa sezewar etmek üçin dörän häzirki
mümkinçiligi elden giderip biljek däldi.
Ahyry Ron:
— On biriň ýary. Bize gitmäge wagt boldy — diýip pyşyrdady.
Olar halatlaryny geýip, ellerine taýajyklaryny alansoň, ýuwaşlyk bilen otagdan
çykdylar-da, basgançaklaryň üsti bilen Griffindor öýüniň umumy otagyna düşdüler.
Buhar pejiniň içinde ähli diwarlary bir topbak uly kölegä öwren käbir közler entek
hem gyzaryp durdy. Olaryň çykalga ýakynlaşanam şoldy welin, golaýdaky
oturgyçlaryň birinden kimdir biriniň: «Men seniň, hakykatdan hem, gitjegiňe ynanyp
bilemok, Harri» diýen sesi eşidilip gitdi.
Çyra ýakyldy. Bu sesiň eýesi gülgüne reňkdäki halatly we gahardan ýaňa
ýüzüne hem edil haladynyňky ýaly gülgüne reňk çaýylan Germiona Greýnjerdi.
— Senmi? — diýip, Ron gaharly seslendi. — Bar, git-de, düşegiňe geç!
— Men tas seniň doganyňa aýdypdym — diýip, Germiona käýinip başlady. —
Ol toparbaşy, siziň bu etjek bolýan biderekligiňize ýol bermezdi.
Harri onuň şeýle ýüregedüşgünç bolup bilşine haýran galdy.
— Ýör gideli! — diýip, Rony çekelän Harri Dolmuş Aýalyň portretini
süýşürdi-de, daşyna çykdy.
— Griffindor öýi azaryňyza-da däl, siz diňe öz aladaňyz bilen ýaşaýaňyz! Men
Slizerinleriň öýüň kubogyny eýelemeklerini islämok. Siz bu bolşuňyz bilen professor
Makgonagalyň dersinden alan ähli ballarymy ýitirersiňiz.
— Bar git-how!
— Bolýar, men giderin. Ýöne size duýdurandyryn. Ertir otluda öýüňize gaýdyp
barýarkaňyz, aýdan sözlerim, baý, ýadyňyza düşer-ä. Siz bir...
137
Içerik girmek üçin Dolmuş Aýalyň portretine ýüzüni öwren Germiona portretiň
ýeriniň boşdugyny gördi. Dolmuş Aýal biriniňkä myhmançylyga gidipdir. Garaňky
binada içerik girip bilmän alasarmyk ýagdaýda galan Germiona aljyrap:
— Indi men näme edeýin? — diýdi.
Ron:
— Bu seniň öz işiň — diýip jogap berdi. — Biz-ä gitmeli, ýogsa gijä galarys.
Däliziň soňuna barmankalar, Germiona olaryň yzyndan ýetdi.
— Menem siziň bilen gitjek.
— Ýok, sen gideňok.
— Siz näme, men bu ýerde Filçiň üstümden gelerine garaşyp durar
öýdýäňizmi? Eger ol üçimizi hem tutaýsa, oňa hakykaty, ýagny sizi saklajak
bolandygymy, ýöne diýenimi etmändigiňizi aýdaryn.
— Ýene-de utanman biziň bilen... — diýip, Ronuň sesine bat berenem şoldy
welin, Harri:
— Ikiňizem ýuwaş boluň! — diýdi. — Men bir ses-ä eşidýän.
Hyşşyldy sesi eşidilip gitdi.
— Hanym Norris? — diýip, içini çeken Ron, tümlüge gözüni dikdi.
Ýöne bu hanym Norris däl-de, Newil bolup çykdy. Ýerde ýygrylyp, süýji
ukuda ýatan Newil, olar ýakynragyna gelende tisginip oýandy.
— Hudaýa şükür, siz meni tapdyňyz! Men bu ýerde birnäçe sagat bäri ýatyryn.
Içerik girmek üçin täze açar sözüni ýadyma salyp bilmedim.
— Ýuwaşrak gürle, Newil. Açar sözümiz «Doňzuň guýrugy», ýöne sen,
barybir, şu wagt içerik girip bilmersiň. Dolmuş Aýal bir ýerig-ä gidipdir.
Harri:
— Eliň nähili? — diýip sorady.
— Gowy — diýip, Newil olara elini görkezdi. — Hanym Pomfreý elimi bir
minutyň içinde bejerdi.
138
— Bolýar, seret, Newil biz häzir bir ýere baryp gaýtmaly. Seň bilen soň
görşeris.
— Meň ýeke özümi goýup gitmäň! — diýip, Newil hasyr-husur ýerinden
galdy. — Ýeke galasym gelenok. Ganly Baron bu ýerden eýýäm iki gezek dagy
geçdi.
Sagadyna sereden Ron soňra Germionadyr Newile gaharly nazaryny aýlady.
— Eger siz sebäpli tutulaýsak, Kwirreliň gürrüň beren jadysyny öwrenip, siziň
ikiňizem jadylaýançam köşeşmerin.
Germionanyň bir zat diýjek bolup agzyny açanam şoldy welin, (belki, ol şol
jadyny ulanmagyň usulyny aýtjak bolandyr) Harri «Ýuwaş bol!» diýýän şekilde
«Çüş!» etdi-de, ýöräp başlady.
Olar beýik, giň penjirelerden içerik düşýän Aýyň ýagtysyna ala-mula bolup
duran köp sanly geçelgelerden geçdiler, her öwrümde-de Filçe ýa-da hanym Norrise
gabat geläýmekden gorkýandyklaryna garamazdan, olaryňky ugruna boldy. Olar
ylgaşlap diýen ýaly üçünji gata çykdylar hem-de daraklyklaryna basyp, Ýeňişler
otagyna girdiler.
Malfoý bilen Krab dagy heniz gelmändirler. Baýraklar üçin niýetlenen billur
tekjeler, olaryň üstünde rejelenip goýlan altyndyr kümüş kuboklar, galkanlar, gaplar,
heýkeljikler Aýyň ýagtysyna şöhle saçýardy. Otagyň her tarapynda ýerleşýän iki
gapydan gözlerini aýyrman olar diwara ýaplanyp ýörediler. Harri birden Malfoý
öňünden zompa çykyp, üstüne topulaýsa, goranyp ýetişer ýaly taýajygyny çykardy.
Ron:
— Gijä galýar welin, gorkan bolaýmasyn? — diýip pyşyrdady.
Birden hem goňşy otagdan eşidilen duýdansyz goh olaryň dördüsini hem
tisginmäge mejbur etdi. Harriniň taýajygyny ýokaryk galdyranam şoldy welin, kimdir
biriniň sesi eşidildi. Ýöne bu Malfoýyň däl-de, hanym Norris bilen gürleşýän Filçiň
sesidi.
— Ysga, gowuja ysga, meniň gadyrdanym. Olaryň çüňkde bir ýerde gizlenip
oturan bolaýmaklary mümkin — diýip, ol gaty gepledi.
Gorkudan ýaňa ýüregi ýarylara gelen Harri ýoldaşlaryna yzyna
düşmelidiklerini aňladyp, elini galgatdy. Olar ýuwaşlyk bilen gapa tarap ýöräp, Filçiň
139
sesiniň gelýän ýerinden daşlaşdylar. Newiliň ýektaýynyň çykalganyň aňyrsynda
gizleneni hem şoldy welin, Filçiň Ýeňişler otagyna girip:
— Şu otagyň bir ýerinde gizlenip oturandyrlar — diýip hüňürdändigini
eşitdiler.
— Bu tarapa! — diýip, Harri beýlekilere barmagyny çommaltdy. Olar
gorkudan ýaňa gözlerini tegeleşip, esgerleriň bir topar harby lybaslary ýerleşdirilen
sergi zalynyň içi bilen daraklyklaryna basyp ýöräp başladylar. Filç bolsa barha
ýakynlaşýardy. Newil duýdansyz ýerden uly ili bilen gygyryp ylgamaga başlady,
ylgap barşyna-da Ronuň biline ýapyşdy. Olaryň ikisi hem esger lybasynyň üstüne
ýykyldylar.
Ýaňlanyp giden güpürdi sesi tutuş köşgi oýaryp biljekdi.
Harri:
— Gaçdyk! — diýip gygyrdy. Olaryň dördüsi dört ýerden Filçiň özlerini
yzarlaýanyna-da-yzarlamaýanyna-da seretmän, bar güýçleri bilen ylgap başladylar.
Olar sütüniň daşyndan aýlanyp, bir dälizden başga bir dälize geçdiler. Iň öňden
ylgaýan Harri häzir özleriniň niredediklerindenem, nirä barýandyklaryndanam
habarsyzdy. Olar ullakan suratly halynyň aňyrsyna geçip, gizlin geçelgä düşdüler,
ýene biraz ylgansoňlar, özleriniň gözbagçylyk dersi geçilýän okuw otagynyň
golaýyndadyklaryny aňdylar. Bu okuw otagy bolsa Ýeňişler otagyndan gaty uzakda
ýerleşýärdi.
Sowuk diwara ýaplanyp, uludan demini alan Harri:
— Ondan sypaýdyk öýdýän — diýip, maňlaý derini syldy.
— Men... size... aýtdym-a — diýip, Germiona demi-demine ýetmän ýakasyny
tutdy. — Men... size... aýtdym-a...
Ron:
— Biz Griffindor binasyna dolanyp barmaly — diýdi. — Näçe çalt barsak,
şonça gowy.
— Malfoý sizi aldapdyr. Siz şuňa düşünýäňizmi, hä? Onuň siz bilen
düýbünden duşuşmak niýeti ýok eken. Filç Ýeňişler otagynda kimdir biriniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.