Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08

Total number of words is 3610
Total number of unique words is 1996
31.6 of words are in the 2000 most common words
44.7 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Harri üç gatly şekernandan garbanyp otyrka, gürrüň olaryň maşgalalaryna
syrygdy.
— Men-ä ýarym magl. Kakam hakyky magl. Ejem oňa durmuşa çykýança,
özüniň jadygöýdigini aýtmandyr. Bu täzelik kakam üçin garaşylmadyk urgy bolupdyr
— diýip, Simus özi hakda gürrüň berdi.
Olar Simusyň bu sözlerine hezil edip gülüşdiler.
Ron:
109
— Newil, senem özüň hakda bize bir zatlar aýdyp ber-dä! — diýdi.
— Meni enem ösdürip ýetişdirdi. Olam jadygöý. Ýöne garyndaşlarym köp
wagtlap men hakyky magldyryn öýdüpdirler. Garry daýym Eljiň menden azajyk hem
bolsa jadygöýlik alamatyny tapjak bolup baş urmadyk zady ýok. Ol bir gezek meni
Blekpul pirse itekläp goýberdi. Men şonda tas gark bolupdym. Garaz, sekiz
ýaşaýançam, hiç hili täsin, geň zat bolmady. Garry daýym Elji myhmançylyga
gelende, meň aýagymdan saklap, penjireden aşaklygyna sallady. Garry daýzam Enid
oňa merenga hödür edende, ol bilmän aýagymy goýberdi. Ýöne men ýere patlap
düşmegiň deregine, ýene yzyma penjirä gaýdyp geldim. Olar şeýle bir begendiler.
Enem özüniň bagtlydygyny aýdyp aglady. Mekdebe kabul edilendigimi aýdan
mahalym olaryň ýüzlerini bir görsediňiz. Olar, mende bu ýerde okar ýaly, ýeterlik
jady ýokdur öýdüpdirler. Garry daýym okuwa girendigim mynasybetli maňa gurbaga
satyn alyp berdi.
Harriniň sag tarapynda Persi Wizli bilen Germiona geçiljek dersler hakda özara
gürleşýärdiler:
— Sapaklar çalt başlanar diýip umyt edýän. Sebäbi öwrenmeli zatlar diýseň
köp. Men, esasanam, keşp üýtgetmek, ýagny bir zady başga bir zada öwürmek bilen
gyzyklanýan, özem gaty kyn sapakdyr, şeýle gerek?
— Siz entek ýönekeý zatlardan başlarsyňyz, otluçöpleri sapaga öwürmek, ýene
şuňa meňzeşler...
Gamyny doýransoň, meýmiräp başlan Harri ýenede Baş stola göz aýlady. Ol
Hagridiň ullakan kürüşgesindäki içgiden owurtlap oturandygyny, professor
Makgonagalyň professor Dambldor bilen, kellesi geň selleli professor Kwirreliň
bolsa gür gara saçly, ujy towlanyp duran burunly, bugdaýreňk ýüzli bir mugallym
bilen gürleşýändiklerini gördi.
Birdenem bumunyň ujy towlanyp duran mugallym Kwirreliň sellesiniň
üstünden ýiti nazar bilen Harriniň gözleriniň içine seretdi. Harriniň maňlaýyndaky
ýara yzynda duýdansyz ýiti agyry peýda boldy.
— Eý-wäk — diýip, Harri maňlaýyny sypalady.
Persi:
— Näme boldy? — diýip sorady.
— Hiç zat.
110
Agyry bahym geçenem bolsa, Harrä mugallymyň nazaryndan dörän
duýgulardan saplanmak birbada ýeňil düşmedi. Harriniň göwnüne bolmasa, bu
mugallym özüni düýbünden halamaýan ýalydy.
— Professor Kwirreliň ýanynda oturan mugallym kim? — diýip, ol Persiden
sorady.
— Sen eýýäm professor Kwirreli tanaýaňmy? Gapdalynda professor Sneýp
otyrka, onuň beýle aljyraňňylygyny geňem görmeli däl. Professor Sneýp däridermanlardan sapak berýär. Ýöne ol bu ugurdan okadýandygyndan närazy. Ähli kişi
onuň professor Kwirreliň ýerini eýelemek isleýändigini aýdýar. Sneýp gara güýçler
barada gaty köp zat bilýär.
Harri Sneýpi birsalym synlap oturdy, emma soň professor oňa tarap ýeke gezek
hem göz aýlamady.
Ahyry süýjüli tagamlar hem gözden gaýyp boldy. Professor Dambldor
ýerinden turdy. Jaýyň içine ümsümlik aralaşdy. Ol: «Ähm-ühm» etdi.
— Ähliňiz iýip-içip bolan bolsaňyz, maňa ýene birki agyz söz aýtmaga rugsat
ediň. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen size aýdylmaly käbir duýduryşlar bar.
Birinji ýyl okuwçylarynyň ählisine mekdep meýdançasynda ýerleşýän tokaýa barmak
gadagan edilendir, ulurak synpdaky okuwçylaryň käbirleri hem bu hakda ýatdan
çykarmasalar gowy bolardy — diýen Dambldoryň ýaldyrap duran gözleri ekiz
Wizlilere gönükdi.
— Şeýle hem, gözegçi jenap Filç size geçelgelerde arakesme wagtynda
jadygöýlik bilen meşgullanmagyň bolmaýandygyny ýatlatmagymy haýyş etdi.
Kwiddiç oýny boýunça taýýarlyk işleri indiki hepde başlanar. Bu oýna gatnaşmak
isleýän adam bar bolsa, hanym Huça ýüzlenip biler. Şeýle hem, ajalyňyza
suwsamadyk bolsaňyz, üçünji gatyň sag tarapyna barmaly däldigini men size
duýdurýaryn.
Harri onuň soňky sözlerine güldi. Ýöne ondan başga gülen adam bolmady.
Harri:
— Ol oýun edýän-ä däldir? — diýip, Persiden pyşyrdap sorady.
— Mümkin — diýip, Persi gaşlaryny çytdy. — Adatça, ol haýsydyr bir ýerik
näme üçin barmaly däldiginiň sebäbini düşündirýär. Tokaýa näme üçin barmaly
däldigini hemme kişi bilýär, ol ýerde howply jandarlar köp. Dambldor üçünji gata
111
näme üçin barmaly däldigini soň iň bolmanda bize, ýagny toparbaşylara
düşündirermikä diýýän.
— Indi bolsa, düşeklerimize geçmezimizden ozal, mekdep aýdymyny aýdalyň
— diýen Dambldor sesini beýgeldip gepledi.
Harri Dambldoryň bu sözlerinden soň, käbir mugallymlaryň ýylgyryp duran
ýüzleriniň hyrsyzlanandygyny gördi.
Dambldor edil uçup gitjek guş ýaly taýajygyny galgatdy. Onuň ujundan
ýokaryk göterilip, edil ýylan ýaly towlanyp-towlanyp, öz-özünden harplara öwrülen
uzyn altyn ýüp çykdy.
Dambldoryň:
— Her kim öz islän heňinde aýdyp biler. Hany, başladyk — diýenine
mähetdel, oturanlaryň ählisi bogazyna sygdygyndan gygyryp, aýdym aýtmaga
başladylar.
— Hogwarts, Hogwarts, Hoggi Warti Hogwarts,
Eger kel bolsagam, bolsagam garry,
Hatda ýaş bolsak-da aýagy egri,
Hemme zat gerekli aňymyz üçin.
Biziň üçin islendik zat peýdaly,
Kellämizde şuwlap ýel ösýär neçüýn?!
Beýnimizde siňek wyzlaýan ýaly.
Kem galmarys, ediň elden gelenin,
Elmydama köp bilmekde göwnümiz,
Unudanmyz ýatlat, öwret bileniň,
Okamakdan ýadaýança beýnimiz.
Bu aýdymy her kim dürli wagtda tamamlady. Ahyry jaýyň içinde diňe haýaljak
äheňde aýdym aýdýan ekiz Wizlileriň sesleri eşidildi. Dambldor başda olara
dirižorlyk etdi, soňam aýdym tamamlanan badyna hemme kişiden batly çapak çaldy.
112
— Wah, şirin aýdym — diýip, Dambldor gözlerini eli bilen ýapyp gürledi. —
Jadylaryň iň jadylysy. Indi bolsa düşeklerimize geçmeli wagt ýetdi. Hany, çaltrak
boluň!
Griffindor öýüniň birinji ýyl okuwçylary Persiniň yzyna düşüp, mähelläniň içi
bilen Uly Jaýdan çykansoňlar, mermer basgançakdan ýokaryk galdylar. Harriniň
aýaklary ýene-de diýen etmän başlady. Ýöne bu gezek munuň sebäbi aljyramadan
däldi-de, gaty ýadawdygy hem-de häzir gamynyň göjek ýalydygy üçindi. Onuň şeýle
bir ukusy tutýardy welin, ol hatda portretdäki adamlaryň özlerine tarap ümläp, bir
zatlar pyşyrdaşýandyklaryna-da, Persiniň özlerini iki gezek dagy hereket edýän
tutularyň aňyrsyndaky gizlengi geçelgelerden alyp gidendigine-de üns bermedi. Olar
pallaşyp, yraň-daraň ýöräp ýene-de birnäçe basgançakdan ýokaryk galmaly boldular.
Harriniň: «Ýene näçeräk ýöremelikä?» diýip, pikir edenem şoldy welin, birden olary
yzyna düşürip barýan Persi aýak çekdi.
Olaryň edil öňünde bir topar taýaklar howada galgaşyp durdy. Persi bir ädim
öňe süýşdi welin, taýaklar bat bilen oňa tarap gaýtdylar.
Persi:
— Piws — diýip, birinji ýyl okuwçylaryna seredip pyşyrdady. — Poltergeýst.
Gözegçi bu gezek sesine bat berip gepledi:
— Piws, özüňi görkez!
Birdenem kimdir biriniň şardan howa goýberilende çykýan sese meňzeş gödek,
güýçli sesi ýaňlanyp gitdi.
— Meniň Ganly Baronyň ýanyna gitmegimi isleýäňmi?
Birden gümpüldi sesi eşidildi. Şol pursat eli taýakly, gözleriniň içi garalyp
giden, ullakan agyzly, aýaklaryny epläp, howada galgap duran kiçijik, çepiksizje
adam olaryň öňünde peýda boldy.
Ol:
— U-u-u-uh! — edip dilini çykardy-da, gahar bilen dodaklaryny ýalady.
Soňra:
113
— Birinji ýyl okuwçyjyklarymy?! Baý, hezil ederis-ä! — diýdi-de, edil
ýylanyň sesine meňzedip olara tarap hyşşyldap goýberdi. Zähresi ýarylan okuwçylar
yza-yza tesdiler.
— Ýok bol, Piws, ýogsa-da häzir Barony çagyraryn. Oýun edemok, gaharymy
getirseň, oňa seň bolşuňy aýdyp bererin — diýip, Persi azgyryldy.
Gahar bilen dilini çykaran Piws elindäki taýagy Newiliň kellesine tarap zyňdyda, gözden gaýyp boldy. Okuwçylar onuň geçelgede hatar edip goýlan harby
geýimlerini şakyrdadyp uçup gidendigini eşidip galdylar.
Ýoluny dowam etdiren Persi yzyna düşüp gelýän okuwçylara:
— Piwsden ägä boluň. Ol diňe Ganly Barondan gorkýandyr. Piws biz ýaly
toparbaşylar-a diňlänogam — diýip düşündirdi. — Ynha, geldik.
Geçelgäniň gutarýan ýerinde gülgüne köýnekli Dolmuş Aýalyň suraty asylgy
durdy.
Ol:
— Paroly aýdyň — diýip, Persä ýüzlendi.
Persiniň:
— Kaput Drakonis — diýip, jogap berenine mähetdel, geçelgäni açmak üçin
surat bir gyra süýşdi. Olaryň ählisi içerik girdi. Şol aralykda Newiliň aýagy
geçelgäniň bir ýerine ilişdi. Olar Griffindor öýüniň ýumşak oturgyçlar goýlan, rahat
umumy otagynda peýda boldular.
Persi gyzlary olaryň umumy ýaşaýyş jaýyna açylýan işikden salan bolsa,
oglanlary başga bir gapydan içerik saldy. Olar aýlawly basgançakdan ýokaryk galyp,
Hogwartsyň sansyz-sajaksyz binalarynyň birine geldiler.
Jaýyň içinde dört tarapy sütünli, daşyna gyzyl reňkli tutular tutulan bäş sany
krowat bardy. Olaryň goşlary eýýäm getirilipdir. Gürrüň etmäge-de ýagdaýlary
bolman, okuwçylar ýatýan eşiklerini geýip, düşeklerine geçdiler.
— Naharlar gaty tagamly eken, şeýle gerek?! — diýip, Ron tutynyň
aňyrsyndan Harrä ýüzlendi. — Ýok bol, Skabbers! Düşegimi çeýnäp ýürege düşdüňle.
114
Harri üç gatly şekemandan dadyp görendigini ýa görmändigini Rondan
soramak isländigine garamazdan, gaty ýadawdygy sebäpli bada-bat uka gitdi.
Harriniň aşa köp iýen bolmagy mümkin, sebäbi ol täsin düýş gördi. Harriniň
kellesinde professor Kwirreliň sellesi bardy. Selle aldygyna onuň Slizerine
geçmelidigini, ykbalynyň bu öý bilen baglanyşyklydygyny düşündirýärdi. Harri
Slizerinde okamak islemeýändigini aýdyp, oňa garşy çykdygyça, barha kellesine
agram düşýärdi. Ol kellesine berk ýapyşan selläni çykarmaga synanyşsa-da, bu oňa
başartmady. Şeýle hem selläni aýryp bilmän başagaý bolup durşuna hezil edinip,
üstünden gülýän Malfoý onuň düýşüne giripdi. Birdenkä, Malfoý ujy towlanyp duran
burunly Sneýp mugallyma öwrüldi. Ýöne onuň gülküsi has batly hem sowuk çykdy.
Duýdansyz peýda bolan gök ýagtylyga Harri titräp, gara der bolup ukudan oýandy.
Ol soň ýorganyna bürenip, gaýtadan uka gitdi. Harri ertesi irden oýananda,
özüniň gijeki gören düýşüni düýbünden unudypdy.
8-nji bap: DÄRI-DERMANLARYŇ USSADY
— Hanha, seretsene!
— Hany?
— Çypar saçly, uzyn boýly oglanyň ýanynda.
— Äýneklimi?
— Onuň ýüz-keşbi nähili?
— Maňlaýyndaky ýara yzyny gördüňmi?
Ertesi irden umumy ýaşaýyş jaýyndan çykaryna mähetdel, Harri özi hakdaky
pyşyrdylary eşitdi durdy. Okuw otaglarynyň daşynda hümerlenişip duran
okuwçylaryň käbiri ony görjek bolup daraklygyna galsa, käbirleri edil ýaňyja
deňinden geçip giden hem bolsa ony gowy synlamak niýeti bilen ýene yza
dolanýardylar. Olaryň özüni beýle alyp barmagy Harrä okuw otagyny tapmaga päsgel
berýärdi.
Hogwartsyň käte giňelip, käte daralyp gidýän, birden aşaklygyna inýän ýa-da
ýokarlygyna galýan, anna günleri düýbünden başga tarapa äkidýän 142 sany
basgançagy bolup, olaryň käbiri kämahallar ýöräp barýarkaň gaýyp bolýardy. Şeýle
115
ýagdaýda böküp ýetişmegi unutmaly däldi. Bu ýerde haýyş etmeseň ýa-da belli bir
ýerine kakmasaň, düýbünden açylmaýan, adaty diwar ýaly emeli gapylar hem bardy.
Nämäniň nirededigini ýatda saklamak diýseň kyn düşýärdi. Töwerekdäki ähli zat
dynuwsyz gymyldaýardy. Portretlerdäki adamlar biri-birleriniňkä myhmançylyga
giderdiler. Harri harby eginbaşlaryň hem gezelenje gidýändigine güwä geçip biljekdi.
Ruhlardanam peýda ýokdy. Gaýtam açyp bilmeýän gapyňdan çykyşyp
gaharyňy getirýärdiler.
Diňe Kellesize Golaý Nik elmydama dogry gapyny görkezmäge höwesekdi.
Piws Poltergeýstiň welin, esasanam, derse gijä galyp barýarkaň gabat geläýseň, bir
özi iki sany ýapyk gapyça ýa-da ugruny üýtgedýän basgançaklarça bardy. Onuň hapa
atylýan gutulary kelläňe geýdirmek, hek böleklerini zyňmak, bildirmän yzyňdan gelip
burmuňy gysmak, «Burmuňy galdyr» diýip, ala-goh edip gygyryp, aýagyň
aşagyndaky halyçany çekip almak ýaly gylyklary bardy.
Eger-de Piwsden ýaman biri bar bolsa, ol hem gözegçi Argus Filçdi. Garridir
Ron okuwlarynyň ilkinji gününde onuň gaharyny getirip ýetişipdiler. Olar bilmän
üçünji gatdaky barmasy gadagan edilen geçelgäniň gapysyny açjak bolup başagaý
bolup durkalar üstlerinden gelen Filç azaşandyklaryna ynanman, gapyny bilgeşleýin
açmaga synanyşýandyklaryny, şonuň üçin hem ýerzemine saljakdygyny aýdyp, olary
alyp gitmäge häzirlenende, gapdallaryndan geçip barýan professor Kwirrel Harri
bilen Ronuň dadyna ýetişipdi.
Filçiň tozan reňkli, hor, edil özüniňki ýaly gözleri hanasyndan çykaýjak bolup
duran hanym Norris atly pişigi bardy. Şol pişigiň ýeke özi geçelgelere gözegçilik
ederdi. Onuň gözüniň alnynda gadagan edilen ýere ýekeje ädim ädäýseň mawlap,
sähel salymdan şol ýerde peýda bolýan Filçi çagyrardy. Filç mekdebiň gizlin
geçelgelerini hemmelerden oňat bilýärdi hem-de ruhlar ýaly duýdansyz peýda
bolmagy başarýardy. Ýek ýigrendikleri Filç bolan okuwçylaryň köpüsiniň arzuwy
onuň pişigini gowuja ýençmekdi.
Okuw otaglaryna eýdip-beýdip zordan aşansoňlar, dersler başlanardy. Harri
okuwynyň eýýäm ilkinji gününde taýajygyny eýläk-beýläk galgatmagyň ýa-da jadyly
sözleri aýtmagyň hakyky jadygöýlik üçin ýeterlik däldigine düşündi. Bu sungaty ele
almak üçin köp der dökmeli ekeni.
Olar her duşenbe güni giç agşamlaryna teleskopyň kömegi bilen ýyldyzlary
synlaýardylar, olaryň atlandyrylyşyny öwrenýärdiler hem-de planetalaryň hereketine
gözegçilik edýärdiler. Hepdede üç gezek köşgüň arka tarapynda ýerleşýän
116
şitilhanalara baryp, çepiksizje professor Sprut bilen gerbologiýany, ýagny her dürli
täsin ösümlikleredir kömeleklere ideg edilişini, olaryň nirelerde nähili ulanylyşyny
öwrenýärdiler.
«Jadygöýligiň taryhy» dersi ruh tarapyndan okadylýan ýeke-täk ders bolup,
sapaklaryň iň ýürekgysgynjydy. Professor Bins günleriň bir güni mugallymlaryň
otagyndaky buhar pejiň golaýynda uklap, ertesi günem bedenini terk edip sapagyny
okatmaga gidende halys tapdan düşen garry eken. Okuwçylar depderlerine Emerik
Gazaplynyňdyr Urik Täsiniň atlaryny hem doglan ýyllaryny çalşyp, ýalňyş
ýazýarkalar, Bins hor çekip ýatmagyny dowam etdirýärdi.
Jadygöýligi öwredýän kiçijik boýly professor Flitwik bolsa kafedranyň
aňyrsyndan okuwçylary görüp biler ýaly, bir topar kitaplaryň üstüne münmeli
bolýardy. Professor Flitwik özleri bilen geçen ilkinji dersinde okuwçylaryň sapaga
gatnaşygyny barlajak bolup, olaryň atlaryny aýdyp durka, Harriniň adyna ýetende
birden içini çekip, gözden gaýyp bolupdy.
Professor Makgonagal beýleki mugallymlardan düýpgöter tapawutlanýardy.
Harri öz ýanyndan «Gaňryşyna gitmeli mugallym-a däl» diýip, pikirlenip
ýalňyşmandy. Okuwçylar ýerlerine geçip-geçmänkä, talabediji, akylly professor
Makgonagal:
— Keşp üýtgetmek Hogwartsda öwrediljek jadygöýligiň iň bir howplusy hem
çylşyrymlysydyr. Meniň dersimde bidüzgünçilik etjek islendik kişi okuw otagyndan
çykarylar, gaýdybam hiç haçan şu derse gatnaşyp bilmez — diýip, ilkinji sapagynda
okadýan dersi hakda giriş sözlerini aýdansoň, stoluny doňza, doňzy ýene-de stola
öwrüp görkezipdi.
Onuň görkezen jadysyndan täsirlenip işe girişmäge howlugan okuwçylar her
dürli goş-golamlary haýwanlara öwürmäge özlerine rugsat berilýänçä, köp wagtyň
gerek boljakdygyna gaty tiz düşündiler. Köpsanly çylşyrymly bellikleri depderlerine
ýazyp alansoňlar, özlerine bir-birden paýlanyp berlen otluçöpi sapaga öwürmäge
synanyşyp başladylar. Dersiň soňunda diňe Germiona Greýnjere otluçöpüň keşbini
azajyk hem bolsa üýtgetmek başartdy. Professor Makgonagal otluçöpi eline alyp,
onuň nähili kümüşsöw reňke boýalandygyny ujunyň bolsa inçelendigini görkezip,
Germiona Greýnjere seredip ýylgyrdy. Professor Makgonagaly ýylgyrdaýmak ýeňilýelpaý iş däldi.
Her kim professor Kwirreliň okadýan «Gara güýçlerden goranmak» dersine
sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Ýöne okuwçylara sarymsagyň ysyndan ýaňa aňkap
117
duran okuw otagynda sapaga ýürekden ýapyşmak kynrak düşdi. Onuň sarymsaklary
yslandyrmak bilen, Rumyniýada gabat gelen, günleriň bir güni yzyndan geläýmekleri
mümkin bolan, öz ölemen gorkýan wampirlerinden goranýandygy hakda gürrüň
ederdiler. Professor Kwirreliň sellesi, öz aýdyşy ýaly, howply zombini ýok edendigi
üçin Afrikanyň şazadasy tarapyndan minnetdarlyk hökmünde sowgat berlipdir. Ýöne
okuwçylar onuň bu gürrüňine gatybir ynanyp baranokdylar. Sebäbi bir gezek Simus
Finnigan zombini ýok edişi hakda gürrüň bermegini sorap ýalbaranda, professor
Kwirreliň ýüzi boz-ýaz bolup, howa hakda gürrüň bermäge başlapdy. Onsoňam onuň
sellesinden ýakymsyz ys gelýärdi. Wizliler ol nirä gitse, hemişe ätiýajy elden bermän,
sellesiniň içinem sarymsakdan doldurýandygyny aýdýardylar.
Öz deň-duşlaryndan gaty yza galmaýanyna göz ýetiren Harri ýeňillik bilen dem
aldy. Mekdepden çakylyk gelýänçä, edil özi ýaly jadygöýdiginden habarsyz magl
maşgalasyndan gelip çykan okuwçylaryň hem öwrenmeli zatlary ummasyzdy welin,
Ron ýaly jadygöýleriň maşgalasyndan gelip çykan, kän bir bilýän zady bolmadyk
okuwçylaryň hem öwrenmeli zady köpdi.
Anna güni Harridir Ron üçin wajyp günleriň birine öwrüldi. Şol gün ahyrsoňy
olara ertirlik edinmek üçin Uly Jaýa azaşman barmak başartdy.
Harri naharyna şeker sepeläp oturyşyna:
— Bu gün bizde nähili dersler bar? — diýip, Rondan sorady.
— Slizerinler bilen däri-dermanlar sapagyny goşulyşyp okaýas. Sneýp —
Slizerin öýüniň baştutany. Aýdyşlaryna görä, ol bu öýde okaýan okuwçylary gowy
görýärmişin. Bu günki dersimiz aýdylýan gürrüňleriň dogrudygyny ýa dogry
däldigini görkezer.
Harri:
— Professor Makgonagalam bizi edil şonuň ýaly gowy görsedi — diýdi.
Professor Makgonagal Griffindor öýüniň baştutanydy, ýöne bu oňa düýn öz
baştutanlyk edýän öýüniň okuwçylaryna birgiden ýumuşlary tabşyrmaga päsgel
bermändi.
Soňra hat gatnadyjy baýguşlar geldiler. Bu ýagdaýa häzir az-kem
öwrenişendigine garamazdan, eýesini tapýança eýläk-beýläk uçup, soňam bukjany
eýesine oklaýan ýüzlerçe baýguşyň duýdansyz ýerden Uly Jaýa dökülmegi ilkinji
gezek ertirligini edinip oturan Harriniň zähresini ýarara getiripdi.
118
Hedwig oňa şu wagtda çenli hiç zat getirmändi. Ol kämahal beýleki mekdep
baýguşlary bilen bilelikde baýguş saklanýan ýere uklamaga gitmezinden ozal ýanyna
uçup gelerdi-de, gulagyndan çekelärdi, soňam şekernandan biraz garbanyp giderdi.
Ýöne bu gün irden ol şekerli hem bally gabyň aralygyna gondy-da, Harriniň
gabynyň içine hat oklap goýberdi.
Harri haty derrew açdy. Hatda aşakdaky ýazgy bardy:
«Gadyrdan Harri!
Men seniň anna güni boşdugyňy bilýän. Şonuň üçinem sagat üçlere golaý,
belki, meniňkä myhmançylyga gelip, çaýjagaz içip gidersiň?!
Okuwyň ilkinji hepdesinde bolup geçen täzelikleri aýdyp berersiň. Hedwigden
jogap ibergin.
Hagrid».
Ronuň hat ýazýan ýelegini alan Harri, hatyň arka ýüzüne: «Uly höwes bilen
bararyn. Görüşýänçäk!» diýip ýazdy-da, ony Hedwige berip, baýguşyny uçuryp
goýberdi.
Harriniň Hagridiňkä myhmançylyga gitjegem bir gowy zat, sebäbi däridermanlar sapagy onuň ömrüniň iň ýaramaz pursatlarynyň birine öwrüldi.
Täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanyp geçirilen dabarada Harrä
professor Sneýp özüni düýbünden halamadyk ýaly göründi. Ýöne bu gün welin, ol
özüniň ýalňyşandygyna düşündi. Sebäbi professor Sneýp özüni ýöne bir halamazlyk
bilen çäklenmän, eýsem, diýseň ýigrenýän eken.
Däri-dermanlar boýunça sapak binalaryň biriniň aşagynda ýerleşýän
ýerzeminde geçdi. Bu ýer Esasy köşgüň içindenem sowukdy hem-de spirtli gaplara
salnyp goýlan bir topar bisypat jandarlary hasap etmäniňde-de, iniňi tikenekledýärdi.
Sneýp, edil Flitwik ýaly, okuwçylaryň sanawyna göz gezdireninden soň, derse
başlady. Ol hem Flitwik ýaly, Harriniň adyna ýetende sägindi:
— Hä, Harri Potter! Biziň täze ýyldyzymyz.
Drako Malfoý, onuň dostlary Krabdyr Goýl ellerini agyzlaryna ýetirip
jykyrdaşdylar. Sneýp okuwçylaryň ählisiniň okuw otagyndadygyna göz ýetirensoň
başyny galdyrdy. Onuň gözleriniň edil Hagridiňki ýaly garadygyna garamazdan,
119
göreçlerinde mähirden nam-nyşan ýokdy. Ol gözler sowukdy, boşdy, iki sany
garaňky guýyny ýatladýardy.
— Biz bu ýere däri-dermanlary ýasamak ylmynyň inçe syrlaryny, takyk
sungatyny öwrenmek üçin ýygnandyk — diýip söze başlan professor Sneýpiň,
pyşyrdap diýen ýaly gürleýändigine garamazdan, her bir sözüni aýyl-saýyl eşitmek
bolýardy. Professor Sneýp hem professor Makgonagal ýaly, okuwçylary hiç bir
kynçylyksyz özüni diňledip bilýän mugallymlardandy.
— Taýajygy galgadyp oturmagyň zerurlygynyň ýokdugy sebäpli, bu ylmy
jadygöýligiň bir gömüşi hökmünde kabul etmänem bilersiňiz. Men siziň käbiriňiziň
ýuwaşjadan gaýnap, tüsseläp duran gazanyň gözelligine, adamynyň on iki süňňüne
aralaşyp, akylyny haýran edýän, duýgularyny oýarýan suwuklygyň güýjüne
düşünersiňizem öýdemok... Eger-de siz meniň köplenç iş salyşmaly bolýan ýene-de
bir kellesiz, akmak okuwçylarym bolmasaňyz, size beýikligi çüýşä gaplamagyň,
tapylgysyz güýji taýýarlamagyň, hatda ölümi hem togtatmagyň inçe syrlaryny
öwrederin.
Onuň bu sözlerinden soň otagyň içine dymyşlyk aralaşdy. Harridir Ron
gaşlaryny çytyşyp, biri-birlerine seredişdiler. Germiona Greýnjer oturgyjynyň
gyrajygynda oturyşyna häzir özüniň kellesiz, akmak däldigini subut edip
bilmeýändigine tüýs ýürekden gynanýan ýalydy.
Birden Sneýp:
— Potter! — Eger men asfodeýanyň kök tozuny ýowşanyň şiresi bilen garsam,
näme emele geler? — diýip, garaşylmadyk sowal berdi.
«Nämäniň kök tozuny nämäniň şiresi bilen garsam?» diýip, alasarmyk
ýagdaýda galan Harri özi ýaly gözlerini tegeläp oturan Rona seretdi.
Bu soragyň berlenine mähetdel, Germionanyň eli ýokaryk galdy.
Harri:
— Bilemok, jenap! — diýip jogap berdi.
Sneýp emini bir ýerde saklap bilmän ýylgyrdy.
— Dük-dük, tanymallyk — bu hiç zat.
Ol Germionanyň elini ýokaryk galdyryp durandygyna üns hem bermedi.
120
— Gel, ikimiz ýene bir gezek synanyşaly. Potter, eger men saňa bezuary tap
diýsem, nireden gözlärsiň?
Germiona ýene-de elini şeýle bir batly galdyrdy welin, onuň goly göwresinden
aýrylyp gidibererli göründi. Harriniň welin bezuaryň nähili zatdygyndan düýbünden
habary ýokdy. Ol gülküden ýaňa titreşip oturan Malfoýa, Kraba hem Goýla
seretmezlige çalyşdy.
— Bilemok, jenap!
— Diýmek, sen bu ýere gelmeziňden ozal, kitabyň gatynam açmansyň-da, hä,
Potter?!
Harri başyny galdyryp mugallymynyň göni gözüniň içine seretdi. Ol
Darslilerde kitaplaryň ählisini birlaý okap çykypdy, ýöne mugallym «Bir müň sany
jadyly otlar hem kömelekler» kitabyny ýatdan öwrener öýtdümikä?!
Professor Sneýp Germionanyň iki ýana galgap duran eline ýene-de ähmiýet
bermedi.
— Potter, oýmakgül bilen möjek agzynyň tapawudy näme?
Onuň bu soragyna Germiona elini tas üçege ýetirip diýen ýaly galdyryp, tarsa
ýerinden turdy.
Harri:
— Bilemok — diýip, pessaý ses bilen jogap berdi.
— Germiona welin bilýän ýaly, bu soragyň jogabyny ondan sorasaň näder?! —
diýip, mugallym ýaňsylaýan şekilde gepledi.
Okuwçylaryň käbiri pyňkyryp goýberdi. Harri Simusyň özüne seredip, gözüni
gypandygyny görüp ýetişdi. Ýöne bu Sneýpiň has-da gaharyny getirdi.
Ol:
— Otur ýeriňde — diýip, Germiona azgyryldy. — Eger bilmeýän bolsaň,
gowuja diňle, asfodeýanyň hem ýowşanyň garyndysyndan «Diri ölüleriň içgisi»
atlandyrylýan güýçli uky dermanyny taýýarlap bolýar. Bezuar geçiniň aşgazanyndan
alynýan daş bolup, köp awudan halas edýär. Oýmakgül bilen möjek agzy hakda
aýtsak, olaryň ikisi hem birmeňzeş ösümlik, şeýle hem ol akonit ady bilen tanalýar.
Düşnükli dälmi? Näme üçin hiç kim hiç zat belläp alanok?
121
Her kim kagyzynydyr ýelegini eline alyp ýazmaga başlady.
Okuwçylara birlaý göz aýlan professor Sneýp:
— Potteriň edepsizligi sebäpli, Griffindor öýünden bäş bal aýyrýan — diýdi.
Däri-dermanlar sapagynyň dowamynda-da Griffindorlaryň ýagdaýy
gowulaşmagyň deregine has ýaramazlaşdy. Sneýp olary iki-ikiden toparlara bölüp,
ýanygy bejerýän ýönekeý dermany taýýarlamagy tabşyrdy. Ol özüniň uzyn
ýektaýyny galgadyp, okuwçylaryň guradylan çitçitini ölçeýişlerine, ýylanyň dişini
owradyşlaryna gözegçilik edip ýörşüne, gowy görýän okuwçysy Malfoýdan başga
ähli kişini tankytlady. Onuň şahly balykgulaklary nähili gowy bugardandygyny
aýdyp, Malfoýyň öwgüsini ýetirip başlanam şoldy welin, batly hyşşyldy sesi eşidilip,
ýerzeminiň içini awuly gök tozan gaplap aldy. Newile nähilidir bir usul bilen
Simusyň gazanyny tanalmaz derejede eretmek başardypdyr, onuň içindäki ergin bolsa
ýere dökülip, töweregindäkileriň aýakgaplaryny ýakyp başlady. Sähel salymyň
içinde, ähli kişi öz oturgyjynyň üstüne münüp ýetişdi. Gazan ýarylansoň ergini
aýyrmak islän Newil agyrysyna çydaman ýatan ýerinden iki ýana urunýardy, onuň elaýagyna gyzyl menekler örüpdi.
—Akmak oglanjyk! — diýip, elindäki taýajygyny bir gezek galgadanda
dökülen suwuklygy arassalan Sneýp:
— Gazany otdan aýyrmazyňdan ozal, ýabany kirpiniň iňňesini gardyňmy? —
diýip sorady.
Burnunyň üstüne-de gyzyl menekler örüp ugran Newil bir zatlar diýip
samrady.
Sneýp:
— Bar, Newili mekdebiň hassahanasyna äkidip gel — diýip, Simusa ýüzlendi.
Soňra ol özlerine tabşyrylan ýumuşlary Newiliň gapdalynda ýerine ýetiren Harridir
Rona seretdi.
— Sen, Potter, näme üçin oňa iňňeleri goşmaly däldigini aýtmadyň? Ýa
bolmasa ony ýalňyşdyryp, özüň akylly görünmek islediňmi?! Bu edepsizligiň üçin
Griffindordan ýene bir bal aýrylýar.
«Bu adalatsyzlyk bolýar ahyryn» diýip pikirlenen Harriniň garşy çykjak bolup
agzyny açanam şoldy welin, Ron böwrüne dürtdi.
122
— Beladan daşrakda dur. Men Sneýpiň gaharynyň gelen wagty düýbünden
rehimsiz adama öwrülýändigini eşidipdim.
Bir sagatdan soň ýerzeminden çykyp, basgançaklardan ýokaryk galyp
barýarka, Harriniň pikirleri bulam-bujardy, ruhy bolsa çökgündi. Okuwynyň ilkinji
hepdesinde ol Griffindor öýüniň birnäçe balyny ýitirdi. Näme üçin Sneýp ony şeýle
ýigrenýärkä?!
Ron:
— Beýdip, gama batyp oturma. Sneýp Fred bilen Jorjuňam bahasyny
elmydama kemeldýär. Menem seniň bilen Hagridi görmäge gitsem bolarmy? —
diýdi.
Üçe bäş minut galanda, olar köşkden çykyp, Hagridiň çatmasyna tarap
gaýtdylar. Hagrid barmasy gadagan edilen tokaýyň edil gapdalynda, agaçdan gurlan
çatmada ýaşaýardy. Gapynyň öňünde arbalet bilen birki jübüt galoş bardy.
Gapyny kakansoňlar, Rondur Harri kimdir biriniň gapa golaýlaşandygyny hem
itiň üýrendigini eşitdiler.
Birdenkä Hagridiň:
— Yza, Gyýak, yza — diýen sesi ýaňlanyp gitdi.
Ýuwaşjadan açylan gapynyň aňyrsynda Hagridiň tüýlek ýüzi peýda boldy.
Olary içerik salansoň, Hagrid: «Dur, Gyýak, dur» diýip, äpet gara itini
ýüpünden çekeläp zordan saklady.
Jaýyň içinde ýekeje otag bolup, üçekden kakadylan sülgünler asylgydy hem-de
agaçlaryň gabyklary sallanyşyp durdy, işigiň öňünde bürünç gazan gaýnaýardy, bir
burçda bolsa üsti dürli reňkli matalardan tikilen ýorganly äpet krowat bardy.
— Özüňizi edil öýüňizde ýaly duýuň! — diýip, Hagridiň Gyýagyň ýüpüni
goýberenine mähetdel, it edil Ronuň gapdalynda çökdi-de, onuň gulagyny ýalap
başlady. Gyýak hem edil Hagrid kimin daşyndan gömüşi ýaly gazaply däldi.
— Bu Ron — diýip, Harri ullakan çäýnege gaýnan suwy guýup, äpet kökeleri
gaba ýerleşdirip duran Hagridi dosty bilen tanyşdyrdy.
Hagrid:
123
— Ýene bir Wizlimi, hä? — diýip, onuň ýüzündäki meneklere seretdi. —
Ömrümiň ýarysyny seň doganlaryň Fred bilen Jorjy tokaýdan daşrakda saklajak
bolup, kowalap geçirdim.
Daş ýaly gaty kökeleri iýjek bolsaň dişiňi kül-owram etjekdi. Ýöne Harridir
Ron kökeleri hezil edip iýýän kişi bolup, Hagride özleriniň ilkinji sapaklary barada
gürrüň berdiler. Kellesini Harriniň dyzynyň üstünde goýan Gyýak bolsa onuň
ýektaýyny hyllykdan doldurypdy.
Olar Hagridiň Filçi «Garry akmak» atlandyryşyna hezil etdiler.
— Onuň pişigi Hanym Norrisi welin, öz itim Gyýak bilen tanyşdyrsammykam
diýýän. Her gezek mekdebe baramda yzymdan galman geçäýýär. Ondan dynybam
bolanok. Filç elmydama pişiginiň yzyndadyr.
Harri oňa Sneýpiň sapagynda bolup geçen wakalar barada gürrüň berdi. Ol
hem Ron ýaly, Harrä alada etmezligi tabşyrdy, onuň hiç bir okuwçynam halap
barmaýandygyny aýtdy.
— Ýöne ol meni göz-görtele ýigrenýär ahyryn.
— Biderek zat! Ol seni näme üçin ýigrensin?!
Harriniň göwnüne bolmasa, Hagrid bu sözleri aýdanda özünden gözlerini
gizlän ýalydy.
Hagrid:
— Doganyň Çarliniň ýagdaýlary nähili? — diýip, Rondan sorady. — Men ony
diýseň gowy görýärdim. Haýwanlaryň dilini tapyp bilýän oglandy.
Harri öz ýanyndan «Hagrid bilgeşleýin gürrüňi başga ýana sowan
bolaýmasyn?!» diýip pikirlendi. Ron Hagride dogany Çarliniň aždarhalar bilen işleýşi
hakda gürrüň berip otyrka, Harri çäýnek goýulýanyň aşagyndan kagyz bölegini
tapdy. Bu «Deýli Profet» gazetinden kesilip alnan bölekdi. Harri ýazgylara göz
aýlady.
«Gringotda bolup geçen ogurlyk hakda maglumat.
Iýulyň 31-ine Gringotda bolup geçen ogurlyk bilen baglanyşykly alnyp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.