Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01

Total number of words is 3735
Total number of unique words is 1866
35.7 of words are in the 2000 most common words
51.1 of words are in the 5000 most common words
57.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
HARRI POTTER HEM-DE JADYGÖÝÜŇ DAŞY
(Roman)
JOAN ROULING
1965-nji ýylyň 31-nji iýulynda Beýik Britaniýanyň Ýeýt säherçesinde dünýä
inýär.
Döredijilik ýoluna çagalyk döwründen başlaýar, alty ýaşyndaka «Towşanjyk»
atly ilkinji hekaýasyny ýazýar. 1990-njy ýylda Joanda Harri Potter atly oglanjyk
hakda eser ýazmak pikiri döreýär. Ol bada-bat kitabyň üstünde işläp başlaýar. Ýöne
1990-njy ýylda ejesiniň aradan çykmagy sebäpli bu kitaby tamamlamak işi uzaga
çekýär. 1991-nji ýylda Joan iňlis dili mugallymy hökmünde Portugaliýa işlemäge
gidýär. 1994-nji ýylda Angliýa dolanyp gelensoň, kitabyň üstünde irginsiz işläp
başlaýar. «Harri Potter we jadygöýiň daşy» atly ilkinji kitaby «Blumsberi»
neşirýatynda çapdan çykýar. Sanlyja hepdäniň içinde kitap okyjylar tarapyndan
söýlüp okalýan eserleriň birine öwrülýär.
Joan Rouling meşhurlyga eýe bolan birinji kitabyndan soň, «Harri Potter we
syrly otag» (1998 ý.), «Harri Potter we Azkabanyň bendisi» (1999 ý.), «Harri Potter
we alaw» (2000 ý.), «Harri Potter we semender ordeni» (2003 ý.), «Harri Potter we
jadygöý şazada» (2005 ý.) eserlerini neşir etdirýär. «Harri Potter we ajalyň peşgeşi»
atly ýedinji hem jemleýji eseri 2007-nji ýylda Angliýada we Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynda satuwa çykýar.
Joan Rouling häzirki wagtda adamsy we üç çagasy bilen Şotlandiýada ýaşaýar.
TERJIMEÇIDEN
Dünýä ýüzüne giňden ýaýran, esasan, ýaş okyjylaryň çäksiz söýgüsini gazanan
―Harri Potter‖ atly bu eserde gürrüň berilýän wakalar on bir ýaşy dolan Harriniň äpet
Rubus Hagridiň özi hakyndaky hakykaty aýdyp bermegi hem-de onuň jadygöýlik
dünýäsine aralaşmagy bilen başlanýar. Joan Rouling öz romanynda okyja adatdan
daşary, ýöne şol hakyky durmuş bilen berk baglanyşykly bolan täsin dünýäniň işigini
açýar. Eger fantastik eser bolan ―Narniý wakalary‖ özboluşly älemi, ―Ýüzükleriň
hökümdary‖ eseri mistiki geçmişi suratlandyrsa, ―Harri Potter‖ däri-dermanlardyr her
1
dürli ot-çöpler ýaly hakyky durmuşda gabat gelýän adaty zatlar bilen baglanyşykly
wakalary öz içine alýar. Romanda magllar hasaplanýan ýönekeý adamlara
görünmeýän gizlin köçelerdir obalar, ýeke-ýalňyz oturan köşklerdir gadymy
garbanyşhanalar kitabyň täsirli, özüne çekiji bolmagyna, has gyzykly okalmagyna
getirýär. Jadygöýligiňdir gözbagçylygyň mekdebi bolan Hogwartsa okamaga gelen
Harri ol ýerde bagtly jadygöýler maşgalasyndan gelip çykan Ron, ýönekeý
maşgaladan bolan işjanly, okamagy gowy görýän Germiona bilen dostlaşyp, her dürli
täsinliklerdir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 1997-20l1-nji ýyllar aralygynda
450 million nusgalygy satylan bu kitap dünýäniň 70-e golaý diline terjime edildi. Bu
gün biz çagalara we ýetginjeklere kynçylyklardan baş alyp çykmagy, dosta
wepalylygy, çydainlylygy ündeýän bu kitaby türkmen okyjylaryna hem ýetirmegi
makul bildik. Eseri okan her bir okyjy Harri Potter bilen bilelikde dürli täsin
wakalaryň, gyzykly hadysalaryň şaýady bolar.
1-nji bap: DIRI GALAN OGLANJYK
Praýwet Draýw köçesiniň 4-nji jaýynyň ýaşaýjylary jenap we hanym Darsliler
özleriniň ýönekeý adamdygyna diýseň guwanýardylar. Olaryň täsin, adaty bolmadyk
zatlar bilen meşgullanyp ýörenini görjek gümanyň ýok. Sebäbi olar täsinlik diýlen
zady manysyz hasaplaýanlardandy.
Jenap Darsli buraw guralyny ýasaýan «Grannings» edarasynyň ýolbaşçysydy.
Bu murtlak adam uzyndan çişikdi, aşa semizliginden ýaňa boýny hem görnenokdy.
Hanym Darsliniň welin, goňşularynyň gep-gürrüňlerini eşitjek bolup, haýatlardan
üstaşyr uzadýan uzyn boýny bardy. Görşüňiz ýaly, onuň boýnunyň uzynlygy özi üçin
beýle bir peýdasyz hem däldi. Darslileriň dünýädäki iň gowy oglanjyk hasaplaýan
Dadli atly ogullary bardy.
Gepiň keltesi, bu maşgalanyň kem zady ýokdy, ýöne olaryň bir gizlin syry
bolup, ähli zatdan beter şol syryň üstüniň açylmagyndan gorkýardylar. Sebäbi kimdir
biri hanym Darsliniň uýasy hanym Potter hakda biläýse, olar çydam edip bilmezdiler.
Uýalar birnäçe ýyl bäri biri-birini görmändiler. Dogrusy, hanym Darsli uýasynyň
bardygyny gizleýärdi. Bu size geň bolup görünse-de görner. Ýöne ol uýasyny
özündenem, özüne meňzeşlerdenem düýpgöter tapawutly hasaplaýardy. Eger ol
öýüne myhmançylyga dagy geläýse, goňşularynyň näme pikir etjegini göz öňüne
getirende, ýüregi howlaýardy. Uýasynyň edil özüniňki ýaly kiçijik oglunyň
bardygyny bilýändigine garamazdan, hanym Darsli şol oglanjygy bir gezek hem
2
görmändi. Potterleri maşgalasyndan uzakda saklamagynyň esasy sebäpleriniň biri
hem öz ogly Dadliniň şol oglanjyk bilen tanyş bolmagyny islemeýänligindedi.
Gürrüň berjek bolýan hekaýatymyz jenap hem hanym Darslileriň ýaňy daň
agaryp ugran mahaly oýanan sişenbe güni başlanypdy. Ol gün gök asmanda bahym
tutuş ýurtda täsin, adaty däl zatlaryň boljakdygyny habar berýän ýekeje üýtgeşiklik
hem göze ilenokdy.
Işe gitmäge taýýarlanýan jenap Darsli boýunbagyny daňyp durşuna
hiňlenýärdi. Hanym Darsli bolsa ýakymsyz Dadlini köşeşdirjek bolup durşuna,
adamsyna bir zatlar gürrüň berýärdi. Olaryň hiç biri penjiräniň deňinden uçup geçen
baýguşa üns bermedi.
Sagat dokuzyň ýarynda eline iş torbasyny alan jenap Darsli gitmezinden ozal,
oglunyň ýaňagyndan tutup, ony ogşajak boldy. Ýöne bezzat Dadli öňünde goýlan
süýji-kökeleri daş-töwerege zyňyşdyryp durşuna, kakasyna özüni ogşatdyrmady.
Jenap Darsli «kiçijik şeýtanjyk» diýip güldi-de, öýden çykdy. Dörtlük belgisi ýazylan
meýdançada duran ulagyna münüp, işine ugrady.
Diňe şol wagt ol köçäniň bir çetinde bolýan täsinlige, ýagny karta ünsli seredip
duran pişige gözi düşen ýaly boldy. Ol gözlerine ynanman, şol tarapa gaýtadan
bakdy. Praýwet Draýw köçesiniň bir burçunda, hakykatdan-da, bir ala pişik durdy,
ýöne ol pişigiň töwereginde hiç hili karta ýokdy. «Çyranyň öçügsi ýagtysynyň edýän
oýnudyr» diýip pikirlenen jenap Darsli gözlerini owkalap, gaýtadan pişige ünsli
seretdi. Pişik bu gezek ýüzünde «Praýwet Draýw» diýlip ýazylgy köçe belgisini okap
durdy. «Ýok, okaýan däldir, oňa ýöne seredýändir. Pişikler kartadaky ýazgylaram,
köçe belgilerinem okap bilmeýär ahyryn» diýip, jenap Darsli ukudan oýanjak bolýan
ýaly kellesini iki ýana yralady-da, pişik hakdaky pikirleri unutdy. Ulagyny şähere
tarap sürüp barşyna, sargyt edilen köp sanly buraw gurallaryny şu gün hökman alyp
gaýtmakdan başga zat hakda pikirlenmek hem islemedi.
Ýöne buraw guraly hakdaky pikirlerem bahym bir sebäbe görä unudylmaly
boldy. Ýoluň her gün bolýan ulag dyknyşygynda duran jenap Darsliniň geň
eginbaşly, ýagny uzyn ýektaýly birnäçe adama gözi düşen ýaly boldy. Onuň ýek
ýigrendigi gülkünç eşikdäki adamlardy. «Ýaşlaryň geýýän samsyklaç geýimleri»
diýip, ol başda bu adamlaryň egnindäki geýimiň häzirki döwrüň ýene bir bolgusyz
eşikleri bolaýmagynyň mümkindigi hakynda pikirlendi. Golaýlaşdygyça olaryň
köplükdigini gördi. Bu adamlar bir zatlar hakynda pyşyrdaşyp, çalt-çalt
gürleşýärdiler. Käbiriniň öz pikir edişi ýaly ýaş däl-de, garrydygyny gören jenap
3
Darsli: «Ýaşulularyň zümerret-ýaşyl reňkli ýektaý geýmegi nämekä?» diýip,
gaharlanmaga başlady. Soňam: «Aý, näme etseler, şony etsinler-le» diýdi-de, ýoluny
dowam etdi. «Olaryň beýle geýinmegi adamlardan pul çöplemegiň bir akmak usuly
bolaýmasa?!» diýen pikir kellesine geldi «Hawa, bu hakykatdanam, şeýledir».
Ýuwaş-ýuwaşdan ýoluň hereketi kadalaşdy, birsalymdan ol ýene-de buraw guraly
hakdaky pikirlere gümra bolup, «Grannings» edarasynyň ulag meýdançasyna ýetdi.
Eger jenap Darsli şol gün dokuzynjy gatdaky edara jaýynda adatdakylary ýaly
penjirä arkasyny öwrüp oturmadyk bolsa, onda gündiziň günortany uçup geçen
baýguşlary görüp, edil häzirkisi ýaly, ünsüni bir ýere jemläp bilmezligi-de mümkindi.
Beýleki adamlar yzly-yzyna uçup geçýän baýguşlary görüp, aňkarylyşyp galypdylar.
Olaryň arasynda ömründe hiç wagt baýguş görmedikler hem bardy.
Baýguşlardan habarsyz jenap Darsliniň iş wagty gaty oňat geçdi. Ol köp
adamlara gygyrdy, birnäçe wajyp mesele boýunça jaň edip, telefondada ýene biraz
käýindi. Gysgaça aýdanymyzda, öýlänki nahar wagtyna çenli, ýagny aýaklaryny
ýazmaly hem naharhana gidip, garbanmaly diýen netijä gelýänçä, keýpi gaty gowy
boldy.
Ýöne naharhananyň deňine ýetende, ol ýene-de geň ýektaýly adamlara gabat
geldi. Keýpiçaglygyndan nam-nyşan galmadyk jenap Darsli olara gahar bilen seretdi
Näme üçindigin-ä bilenokdy welin, bu adamlary görende özüni bir hili gaty oňaýsyz
duýýardy. Olar hem edil hälki gören adamlary ýaly, bir zatlar hakda
pyşyrdaşýardylar. Jenap Darsli naharhanadan ullakan byzmyk alyp, edara dolanyp
gelýärkä, ýaňky ýektaýlylaryň käbir gürrüňleri gulagyna degdi.
— Hawa, gaty dogry... Potterler... Men saňa eşiden zadymy aýdyp berýän...
Hawa, olaryň ogly, Hani...
Bu gürrüňleri eşiden jenap Darsli gorkudan ýaňa doňup galdy. Başda
pyşyrdaşýanlaryň ýanyna baryp, bir zatlar diýmek isledi, ýöne soň bu pikirinden el
çekdi.
Ol dessine edara jaýyna dolandy. Kätibine birahat etmezligi tabşyryp, öýüne
jaň etmek niýeti bilen telefony eline aldy. Ýöne öý telefonynyň iň soňky belgisini
basyp-basmanka, pikirini üýtgedip, telefony ýene ýerinde goýdy. Murtuny towlap
durşuna pikire batdy. Ýok, ol biderek ýere howsala düşýär. Harri seýrek duş gelýän
atlardan däl ahyryn. Harri diýen ogly bolan Potter atly başga-da maşgalalar hökrnan
bardyr. Onsoňam, ömründe görmedik ýegeniniň adynyň Harridigine hem onuň doly
ynamy ýokdy. Belki, onuň ady Harwidir, ýa bolmasa Harolddyr. Şonuň üçinem uýasy
4
hakynda gürrüň gozgap, hanym Darslini alada goýup durmagyň geregi ýok. Aslynda,
ol aýalyny munuň üçin günäläp hem duranok. Eger onuň özüniňem şonuň ýaly uýasy
bolsady... Ýöne ýektaýly adamlaryň aýdýanlaram..
Şeýdip, pikir edip oturyşyna, ol uzakly gün ünsüni bir ýere jemläp bilmedi.
Sagat bäşde edara jaýyndan çykan jenap Darsli öz pikirlerine gümra bolup, öňünden
gelýän adamy görmän, onuň bilen çakyşdy. Büdenekläp, tas ýykylara gelen çepiksije
adama «Bagyşlaň» diýip, ýoluny dowam etjek bolanam şoldy welin, bu adamynyň
hem egninde ýektaýyň bardygyny gördi. Ýykylaýmagyň bäri ýanyndan
gaýdandygyna garamazdan, ol adam häzir näme üçindir, diýseň şadyýan görünýärdi.
Ol ýylgyryp, geçip barýanlaryň ünsüni çeken gyryljak sesi bilen:
— Meni alada etmäň, gadyrdan jenap. Gaýta, siz «Ady tutulmaýanyň»
ahyrsoňy biziň aramyzdan gidendigine begeniň. Siziň ýaly magllar bu ajaýyp güni
baýram etmelidir — diýip, köçäniň ortarasynda jenap Darslini gujaklady-da, hiç zat
bolmadyk ýaly, öwrülip gidiberdi.
Düýbünden nätanyş adam tarapyndan gujaklanan jenap Darsliniň aýaklary
häzir edil ýere ýelmeşen ýalydy. Onsoňam bu adam ony «magl» diýip atlandyrypdy.
Içiniň ýanýan ýeri hem — jenap Darsli bu sözüň manysyny bilenokdy.
Jenap Darsli çalasynlyk bilen ulagyna mündide, şu günki görenleriniň ählisiniň
gözüne görnendigine umyt edip, öýe gaýtdy. Aslynda, ol şu güne çenli göze
görünmelere asla ynanmaýardy.
Dörtlük belgili meýdançada ulagyndan düşen jenap Darsliniň ýene-de irdenki
ala pişige gözi düşdi. Bu ýagdaý onuň has hem keýpini gaçyrdy. Pişik indi haýatyň
üstünde otyrdy. Jenap Darsli onuň hälki pişikdigini bilýärdi. Sebäbi onuň gözleriniň
töwereginde birmeňzeş menekler bardy.
— Git, güm bol! — diýip, jenap Darsli pişigi kowjak boldy. Ýöne pişik
ýerinden gozganjagam bolmady. Gaýta, adaty pişige mahsus däl biperwaý garaýyş
bilen oňa seretdi. Jenap Darsli: «Adaty pişik özüni şeýle alyp barýarmy näme?!»
diýip, onuň bolşuna haýran galdy, soň çalt ýöräp, öýüne tarap gaýtdy. Bu günki
wakalary aýalyna aýtmazlyk kararyna gelip, içerik girdi.
Hanym Darsliniň güni adatdakysy ýaly gowy geçipdi. Ol saçak başynda
adamsyna goňşy hanymyň öz gyzy bilen sögüşendigi, Dadliniň bolsa täze söz
öwrenendigi hakda aýdyp berdi. Jenap Darsli başardygyndan özüni rahat alyp
5
barmaga çalyşdy. Dadli uka gidensoň, ol täzelikleri sypdyrmazlyk niýeti bilen,
myhman jaýyna baryp, telewizory açdy.
«Guş gözegçileriniň ählisi baýguşlaryň bu gün özlerini gaty geň alyp
barandygyny habar berýär. Gije aw awlap, gündiz uka gidýän baýguşlaryň
ýüzlerçesiniň Gün dogandan ýurduň ähli ýerlerinde görlendigi barada habar berilýär.
Bilermenler näme sebäpden olaryň uky wagtyny üýtgedendigine düşünmeýärler. Indi
bolsa Jim Makgaffiniň berjek howa maglumatlaryny diňläliň. Jim, siziň pikiriňizçe,
gije hem edil gündizki ýaly baýguş «ýagmyryna» garaşylýarmy?» diýip, habarçy
täzelikleri aýdyp bereninden soň, howa maglumatlaty gullugynyň wekiline ýüzlendi.
— Ted, bu soragyňyzyň jogabyny anyk bilemok. Ýöne bu günüň täsinliginiň
diňe baýguşlar bilen bagly däldigini aýdyp biljek. Kentiň, Ýorkşiriň, Dandiniň
ýaşaýjylary meniň bilen jaňlaşyp, söz berlen ýagşyň deregine, süýnýän ýyldyzlaryň
ýagandygyny aýtdylar. Belki, adamlar Bonfaýr gijesini wagtyndan ir belläp
başlandyrlar. Ýöne, gadyrly adamlar, baýramçylyga çenli ýene iki hepde wagtyň
bardygyny ýatlatmak isleýän. Howa barada aýtsam, şu gije hökman ýagyş ýagar.
Täzelikleri diňlän jenap Darsli çuňňur oýa batdy. Süýnýän ýyldyzlar,
baýguşlaryň gündizine uçmagy, geň ýektaýly adamlar, Potter hakdaky pyşyrdaşmalar
— bularyň ählisi, hakykatdan hem geňdi.
Jenap Darsli şu günki gören-eşiden zatlaryny aýalyna aýtsa gowy boljakdygy
barada pikirlendi. Ol keýwanysyna çaý hödürledi-de:
— Petunýa, ezizim, sen soňky wagtda uýaň hakynda üýtgeşik zat eşiden-ä
dälsiň? — diýip sorady.
Onuň çak edişi ýaly, aýalynyň ýüzi üýtgedi, howsalaly, şol bir wagtda-da
gaharly göründi, Uýasynyň bardygyny düýbünden unutmak isleýän adam näme üçin
gaharlanmasyn?! Ol:
— Ýok, hä, näme üçin soradyň? — diýdi.
— Şu gün täzeliklerde geň zatlar hakda gürrüň etdiler. Baýguşlaryň gündizine
uçandygyny, ýyldyzlaryň süýnendigini... Meniň özümem birtopar gülkünç eşikli
adamlary gördüm.
— Onsoň?..
— Onsoňmy?! Men, belki, bu onuň... sen bilýäň-ä... onuň töweregindäkiler
bilen bagly bolaýmasyn diýip pikirlendim.
6
Hanym Darsli onuň bu sözlerinden soň çaýdan bir owurtlady-da, ýüzüni
kürşertdi. Jenap Darsli bolsa «Potter» adyny eşidendigi hakda aýtjagynam,
aýtmajagynam bilmän, biraz ikirjiňlendi.
Ahyry aýtmaly diýen netijä gelip, sözüniň arasynda ýuwaşlyk bilen:
— Olaryň ogly biziň oglumyz bilen ýaşytdaşrakdymy?! diýip sorady.
— Şeýlemikä diýýän — diýip, hanym Darsli oňa biperwaý jogap berdi.
— Onuň ady nämedi? Howard dälmi?
— Ýok, onuň ady Harri. Manysyz at.
— Hawa, şeýle — diýip, bu ady eşiden jenap Darsliniň ýüregi ýerinden
gozganan ýaly boldy.
Ol soň gaýdyp Harrili gürrüňi gozgamady. Ýöne düşegine geçmänkä, ýatýan
jaýynyň penjiresinden ýuwaşlyk bilen daşaryk seredende hälki pişigiň häzir hem şol
öňki ýerinde oturandygyny gördi. Pişik bir zada garaşýan ýaly, Praýwet Draýw
köçesinden gözüni aýranokdy. Jenap Darsli pişigi synlap durşuna oýa batdy.
Bu zatlaryň ählisi, hakykatdan-da, onuň gözüne görünýärmikä? Belki, onuň
gören geň zatlary Potter ýa-da onuň ene-atasy bilen baglydyr? Eger şeýle bolaýsa,
muňa çydap bolarmyka?
Ol düşegine geçdi. Keýwanysy birmahal uka gidenem bolsa, jenap Darsli
pikire batyp oturyşyna wagty bilen uklap bilmedi. Bu geň zatlaryň Potter bilen bagly
ýeri bar bolaýanda-da, özünden, aýalyndan uzakda boljakdygy, Petunýanyň we
özüniň olar hem olara meňzeşler hakda nähili pikirdedigini Potterleriň bilýändigi, bu
bolup geçýän geňlikleriň özi hem Petunýa bilen bagly ýeriniň ýoklugy, bularyň
özlerine hiç hili täsir edip bilmejekdigi hakdaky pikirleri ony ahyrsoňy azajyk-da
bolsa köşeşdirdi. Telim gezek eýläk-beýläk öwrüleninden soň uka gitdi.
Ýöne, gynansak-da, ol düýbünden ýalňyşýardy.
Jenap Darsli uklanam bolsa, köçede duran pişikde ukudan nam-nyşan ýokdy.
Ol Praýwet Draýw köçesine gözlerini dikip durşuna gymyldaýynam diýenokdy.
Gapdaldaky köçede gapy ýapylanda-da, depesinden iki sany baýguş uçup geçende-de
pişik ýerinden gozganmady. Diňe ýarygije ünsli seredip duran ýerinde, ýagny
köçäniň gyrasynda bir adam peýda bolanda biraz gorsanypdy. Bu adam birden şeýle
duýdansyz peýda bolupdy welin, siz göýä ýeriň aşagyndan çykan7
dyr öýderdiňiz. Ony gören pişik guýrugyny bulaýlap, gözlerini jikgertdi.
Praýwet Draýw köçesinde entek oňa menses adam görülmändi. Uzyndan
hortaňlygyna, biline ýetýän çal saçynadyr sakgalyna garasaň, onuň
örän garrydygyny çaklasaň boljakdy. Egninde uzyn, ýere degip duran açyk
gyzyl reňkdäki ýektaý, aýaklarynda uly ökjeli, burny aýlawly köwüş bardy. Ýarym
Aý şekilli äýneginiň aňyrsynda mawy gözleri ýalpyldaýardy. Uzyn burunyň bolsa
süňki döwlen ýaly ujy egrelip durdy. Onuň ady Albus Dambldordy.
Dambldor bu köçede özüniň adyndan başlap, köwşüne deňiç gowy
görülmejeginden, güler ýüz bilen garşylanmajagyndan bihabar bolarly. Ol
ýektaýyndan bir zatlar gözläp, başagaý bolup durdy. Birdenem kellesini galdyryp,
özüniň ähli hereketlerini synlap duran pişige seretdi. Birbada geňirgenen ýaly etse-de,
soň ýylgyryp:
— Senmikäňem öýtdim-le — diýip pyşyrdady.
Ahyry ýektaýynyň içki jübüsinden häliden bäri gözleýän zadyny çykardy. Ol
daşyndan kümüş çakmaga meňzeýärdi. Dambldor ony ýakdy-da, howada eýläkbeýläk galgatdy. Şol mahal golaýdaky çyralaryň biri gümpüldäp öçdi, Hereketini
ýene bir gezek gaýtalady welin, ýene bir çyra öçdi. Soň köçedäki ähli çyralar
öçýänçä, bu hereketini on iki gezek dagy gaýtalady. Tüm garaňkylykda bir çüňkde
oturan pişigiň gözlerinden başga ýalpyldap duran zat ýokdy. Eger şu mahal kimdir
biri, hatda ýiti gözli hanym Darsli hem, penjireden daşaryk seredäýse-de, köçede
bolup geçýän zatlaryň hijisini hem görüp bilmezdi.
Dambldor öz jadyly taýajygyny öňki ýerine, ýektaýynyň jübüsine salyp,
dörtlük belgili meýdança tarap gaýtdy. Pişigiň golaýyna gelip, haýatyň gapdalynda
dyzyny epdi-de, biraz sesini çykarman oturdy. Soňra:
— Sizi bu ýerde görerin öýtmändim, professor Makgonagal — diýip, pişige
ýüzlendi.
Dambldor oňa seredip durşuna ýylgyrdy. Ýöne pişigiň ýerinde indi agras ýüzli,
gözleriniň töweregi edil pişigiňki ýaly menekli, äýnekli zenan otyrdy. Onuň egnindede bize öňden tanyş bolan zümerret reňkli ýektaý bardy. Gara saçlary yzyna ýygnalan
bu aýal häzir gaty gaharly görünýärdi
— Siz meni nädip tanadyňyz? - diýip, ol Dambldordan sorady.
Dambldor:
8
— Gadyrdan professor, men entek ömrümde siziň ýaly gahardan ýaňa dim-dik
bolup oturan pişigi görmändim — diýip jogap berdi.
— Meniň ýaly uzynly gün kerpiç haýatyň üstünde otursaň, baý, gaharly
bolarsyň-a.
— Beýlekiler ýaly bu şatlykly güni baýram edip biljek halyňyza, uzakly gün
bärde oturaýdyňyzmy? Meniň özümem ýol boýy birgiden toý-şagalaňlary duşumdan
geçirmeli boldum.
— Hawa-la, bu wagt hemme kişi şatlanýandyr. Ýöne şatlanýan mahaly biraz
seresaplygy unutmasalar, gowy bolardy. Hatda magl hem bir zatlaryň bolup
geçýändigini aňdy. Bu hakda täzeliklerde hem aýdyp geçdiler — diýip, professor
Makgonagal içiýangynly gürledi.
Soňra Darslileriň garaňky myhman jaýynyň penjiresine ümledi-de:
— Men olaryň baýguşlar, süýnýän ýyldyzlar hakdaky gürrüňlerini eşitdim.
Hemme kişem, hatda iň bir akmak adamam töwerekde bolup geçýän zatlary görerdi.
Kentdäki süýnýän ýyldyzlar bolsa Dedalas Digliň işidir. Ol hiç mahalam oýun etmegi
başarmandy — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
— Olary günäläp oturmagam nädogrumyka diýýän. Soňky on bir ýylyň içinde
şatlykly günler gaty az bolupdy.
— Bilýän-le, ýöne gündiziň günortany köçelerde ýektaýly aýlanyp, gybat urup
ýörmegem bolmaz ahyryn — diýip, Makgonagal bir zat aýdar umydy bilen
Dambldoryň ýüzüne seretdi. Ýöne hiç hili jogap eşitmänsoň, ýene-de sözüni dowam
etdi.
— «Ady tutulmaýanyň» edil aramyzdan giden güni üstümiz açylaýsa, nähili
hezillik bolardy. Dambldor, aýtsana, ol, hakykatdanam, gitdimikä?
Hawa, gitdi. Biz munuň hakykatdygyna begenmeli. Ýogsa-da, siz limon
bölejiklerini taýýarlap bilýäňizmi?
— Nämäni?
— Limon bölejiklerini. Magllaryň şekerli tagamlarynyň bir görnüşi. Men olary
diýseň gowy görýän.
9
— Ýok, bilemok! — diýip, häzir limon bölejikleriniň aladasyny etmegiň wagty
däl hasaplan Makgonagal oňa nägilelik bilen jogap berdi. — Hatda «Ady
tutulmaýan» gidenem bolsa...
— Gadyrly professor, siziň ýaly akylly-başly adam onuň adyny tutaýsa gowy
bolardy — diýip, Dambldor onuň sözüni böldi. — Oňa «Ady tutulmaýan» diýmek,
barypýatan samsyklyk ahyryn. Şu on bir ýylyň içinde adamlara onuň hakyky
Woldemort adyny tutdurtjak bolup, kän dyrjaşdym.
Bu ady eşiden professor Makgonagal tisginip gitdi. Ýöne limon bölejikleri
bilen başagaý bolup,
onuň tisginenine üns bermedik Dambldor sözüni dowam etdi.
— Näme sebäpden adamlaryň oňa «Ady tutulmaýan» diýýändigine hiç
düşünýän däldirin. Woldemort adyny aýtmakda men-ä hiç hili gorkunç zat göremok.
— Men siziň gorkmaýandygyňyzy bilýän. Ýöne siz ählimizden tapawutly. Ady
tutul...wiý... Woldemortyň özem diňe sizden gorkýar ahyryn.
— Siz maňa öte ýokary baha berýäňiz. Aslynda Woldemort menden iki esse
güýçli.
— Siziň güýjüňiz onuňkydan artyk bolmasa kem däldir. Ýöne siz ol güýji diňe
ýagşylyga ulanýarsyňyz. Siz akylly.
— Daşarynyň garaňkydygam bir gowy zat. Men hanym Pomfriniň özüm hakda
öwgüli sözlerini aýdan döwründen bäri beýle gyzarmandym.
Professor Makgonagal Dambldoryň ýüzüne ýiti-ýiti seretdi-de, limon
bölejikleri sebäpli arasy bölünen gürrüňi dowam etmekçi boldy.
— Edilýän gep-gürrüňler bilen deňeşdireniňde, baýguşlar dagy zat hem däl. Siz
olaryň näme diýýändigini... onuň näme sebäpden ýitendigi hakda aýdýanlaryny
eşitdiňizmi? — diýip, Makgonagal ahyrsoňy uzynly gün sowukda garaşmagyna
sebäp bolan, ýöne bermäge çekinen sowalyny berdi.
Dambldor häzire çenli oňa zenan hökmünde-de, pişik hökmünde-de beýle ýiti
nazar bilen seretmändi. Adamlar näme diýseler-de, näme aýtsalar-da, ol Dambldoryň
özi tassyklaýança, bu gep-gybatlara ynanmak islemeýärdi. Ýöne süýjüleri bilen
başagaý bolup duran Dambldor onuň sowalyna jogap bermäge howlukmady.
10
— Olaryň aýdýanlary... Woldemortyň Potterleri tapmak üçin Godrigiň
Hollowyna gidendigi... Lili we Jeýms Potterleriň ölendigi hakda edilýän gürrüňler
hakykatmyka?
Dambldor «Hawa» diýýän şekilde başyny atdy.
Professor Makgonagalyň gözlerine ýaş aýlandy.
— Lili we Jeýms. Men muňa ynanyp bilemok... Asla ynanasym gelenok. Wah,
Albus.
Dambldor onuň golaýyna süýşüp, köşeşdirmek üçin arkasyna çalaja kakyp
durşuna:
— Men düşünýän. Düşünýän-le — diýip, uludan demini aldy.
Professor Makgonagal sandyraýan sesi bilen sözüni dowam etdi.
— Entegem bu hemmesi däl. Adamlar onuň Potterleriň
ogly
Harrini
öldürmäge synanyşandygyny, ýöne oglanjygy bir sebäbe görä öldürip bilmändigini
aýdýarlar. Onsoňam, men onuň Harri Potteri öldürip bilmedik pursadynda ähli
güýjüni ýitirendigini, şol sebäplem gidendigini eşitdim. Ýöne hiç kim onuň näme
sebäpli güýjüni ýitirendigine düşünmeýärmişin.
Dambldor bu gezek hem baş atdy.
— Diýmek, bu hakykat-da. Ahli ýaman işlerine — birgiden adamynyň ganyna
galandygyna garamazdan, ol kiçijik oglanjygy öldürip bilmändir-dä. Geň galaýmaly.
Biziň ony ýok etmek üçin ýüz urmadyk ýollarymyz galmandy... Ýöne Harri nädip
diri galdyka?
Dambldor:
— Biziň muny hiç haçan bilmezligimiz mümkin. Çak edäýmekden başga alajymyz
ýok - diýip, onuň bu sowalyna jogap berdi.
Professor Makgonagal jübüsinden elýaglygyny çykaryp, äýneginiň aşagyndan
gözýaşlaryny süpürdi.
Dambldor bolsa ýektaýyndan çykaran altyn sagadyna seredip, uludan demini
aldy. Onuň elindäki ýönekeý sagat däldi On iki sany dili bolan bu sagadyň ýüzünde
san belgileriniň deregine kiçijik planetalaryň şekilleri aýlanyşyp durdy.
Sagady yzyna salan Dambldor:
11
— Hagrid gijä galdy-la?! Meniň bu ýere geljegimi size aýdanam şol bolmaly
— diýip, gaharly gepledi.
— Hawa, şol aýtdy, ýöne siz bu ýere näme sebäpden gelendigiňizi welin,
aýtmak isläňzok öýdýän.
— Men Harrini daýzasy bilen daýysynyň öýüne getirmäge geldim. Olar
Harriniň ýeke-täk garyndaşlary.
Onuň bu sözlerine tarsa ýerinden turan professor Makgonagal:
— Siz şu ýerde ýaşaýan adamlary-ha göz öňüne tutýan dälsiňiz? — diýip,
dörtlük belgili jaýy görkezip durşuna sorady. — Ýok, siz beýdip bilmersiňiz. Men
olary uzynly gün synladym. Bizden edil ýer bilen gök ýaly tapawutlanýan şu iki
adamdan başga kişini tapyp bolmadymy? Onsoňam olaryň ogullary gaty ýakymsyz.
Şu gün ol süýji sorap, ejesine ýol boýy azar berip geldi. Harri Potter bular ýaly
adamlaryň arasynda nädip ýaşar?
— Bu onuň üçin iň bir amatly ýer. Harri biraz
ulalanda, daýysy bilen daýzasy oňa ähli zady düşündirer. Men olara hat
ýazdym.
— Hat? — diýip, professor Makgonagal ýene haýata ýaplandy. — Siz näme,
ähli zady bir hatda düşündirip bilerin öýdýäňizmi? Bu adamlar Harrini hiç haçan
kabul etmezler. Ol rowaýata öwrülmeli oglanjyk. Gelejekde şu gün «Harri Potteriň
güni» diýlip atlandyrylaýsa-da, geň galmazdym. Ol barada kitaplar ýazylar.
Dünýädäki ähli çagalar Harri hakda bilerler.
— Bu aýdýanyňyz dogry — diýip, Dambldor ýarym aý şekilli äýneginiň
ýokarsyndan seredip durşuna onuň bilen razylaşdy. —Onuň hekaýaty ähli
oglanjyklaryň başyny aýlar. Ýöräp, gürläp bilmänkäň at gazanmak. Hiç haçan ýadyňa
düşmejek zat üçin söweşsiz meşhur bolmak. Şoňa görä, siz onuň ähli zatdan uzakda
bolmagynyň özi üçinem gowy boljakdygyna düşünýän bolsaňyz gerek. Hakykaty
kabul etmäge taýýar bolýança, ol bizden uzakda ulalmaly.
Professor Makgonagal agzyny uludan açyp pallap durşuna:
— Hawa, siz dogry aýdýaňyz — diýip ylalaşdy. Soňam:
— Ýöne oglanjygy bu ýere kim getirýär? — diýip, göýä Dambldor Harrini
geýiminde gizländir öýdýän ýaly, onuň ýektaýyna göz aýlady.
12
— Hagrid getirýär.
— Şunuň ýaly wajyp işi Hagride ynandyňyzmy?
— Gerek bolsa, men oňa janymam ynanaryn.
— Men onuň ýüregi ýerinde däl diýemok ahbetin. Ýöne ol biraz tagaşyksyz.
Onda üns.... Bu nämäniň sesi?..
Şol mahal duýdansyz ýerden gürmldi eşidildi. Olaryň ikisi hem ýokaryk
seretdi. Ses barha gataldy. Gökden düşen ýaly bolup, howada äpet motosikl peýda
boldy, geläge-de, olaryň gabat garşysynda ýere gondy.
Motosiklem-ä uludy welin, üstünde oturan adam onuň iki essesi dagy bardy —
boýy adaty adamyňkydan has uzyn, göwresi bolsa has daýawdy. Onuň daş keşbi
diýseň tagaşyksyzdy. Bu äpet kişiniň hiç haçan darak görmedige meňzeýän bulambujar ýogyn gara saçlary, ýüzüniň köp bölegini ýapyp duran gür sakgaly bardy.
Berdaşly ellerinde bolsa içine bir zat salnan ýorgan bardy.
— Hagrid — diýip, Dambldor uludan demini aldy. — Ahyry geldiňmi? Bu
motosikli nireden aldyň?
— Jenap, men muny Sirius Blekden wagtlaýyn ulanmaga aldym — diýip, äpet
adam seresaplylyk bilen motosildinden düşdi.
— Hiç hili kynçylyga duşmadyň dälmi?
Ýok, jenap. Öý tutuşlaýyn diýen ýaly ýumrulypdyr. Magllar üýşmänkä
maňa Harrini ol ýerden alyp gaýtmak başartdy. Bristolyň üstünden uçup barýarkam,
ol uka gitdi, Dambldor we professor Makgonagal ýorganyň içine boýunlaryny
uzatdylar. Ol ýerde bir oglanjyk süýji ukuda ýatyrdy. Onuň maňlaýyna düşüp duran
gara saçynyň aşagynda ýyldyrym şekilindäki ýara yzy görünýärdi.
Professor Makgonagal:
-
Bu şolmy? — diýip, pyşyrdap diýen ýaly sorady.
Dambldor:
— Hawa. Ýöne bu ýara yzy onda ömürlik galar — diýip jogap berdi.
— Sen ony aýryp bilmezmiň, Dambldor?
13
— Men bir zat edip biläýenimde-de, ony aýyrmazdym. Bu ýaranyň bir gün oňa
peýdasy deger. Meniňem çep dyzymda edil London metrosynyň kartasyna meňzeş
ýara yzy bar. Bolýar, Hagrid, getir ony bärik diýip, Dambldor bäbegi eline aldy.
Onuň Darslileriň öýüne tarap öwrülenem şoldy welin, Hagrid:
— Men... men onuň bilen sagbollaşyp bilerinmi? — diýip, äpet kellesini
Harriniň üstüne egdide, ony ogşady. Birdenem edil ýaralanan it ýaly uwlap başlady.
— Çüşş-ş! Ýuwaş bol! Sen magllary oýararsyň — diýip, Makgonagal süýem
barmagyny dodagynyň üstüne ýetirdi.
— Bagyşlaň! — diýip, Hagrid jübüsinden çykaran elýaglygy bilen ýüzüni
ýapyp, aglamaga başlady. — Men saklanyp bilemok. Lili bilen Jeýms ýogaldy.
Görgüli Harri bolsa magllaryň arasynda ýaşamaly boldy.
— Wah, düşünýän-le. Bu bolup geçen zatlaryň ählisi menem gynandyrýar.
Ýöne gaýrat et, özüňi ele aljak bol. Ýogsam töwerekdäkileri oýararsyň — diýip,
professor Makgonagal ony köşeşdirmäge çalyşdy.
Dambldor eýýäm pessejik haýatdan ätläp, gapa tarap gaýdypdy. Ol ýorgana
dolanan Harrini emaý bilen gapynyň öňünde ýatyrdy-da, ýektaýyndan çykaran
hatyny ýorganyň içine saldy. Soňra garaşyp duran ýoldaşlarynyň ýanyna dolanyp
geldi. Olaryň üçüsi hem kiçijik ýorgana birsellem mähir bilen seredip durdy. Oňa
seredip durka, Hagridiň eginleri titreýärdi, professor Makgonagal gözlerini
gyrpyldadyp durdy, Dambldoryň bolsa mydama ýaldyraýan gözleriniň yşygy şu
mahal öçen ýalydy.
— Hawa, işimiz-ä bitirdik. Indi bu ýerden gidäýsegem bolýar. Ýörüň, bizem
baýramçylyga goşulalyň — diýip, Dambldor ahyrsoňy ýanyndakylara ýüzlendi.
— Hawa, dogry aýdýaňyz — diýip, Hagrid gyryljak ses bilen jogap berdi. —
Menem gidip, Siriusyň motosiklini gaýtaraýyn. Professor Makgonagal, professor
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.