Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15

Total number of words is 3697
Total number of unique words is 1937
32.2 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
habarsyzdygyny hem-de şol gün asla üçünji gata barmandygyny aýtsa ýeterlik...
onsoň olar kime ynanarlar öýdýäň, bizemi ýa oňa? Sneýpi ýigrenýändigimizem
hemme kişi bilýär. Dambldor biz ony mekdepden kowdurtmak üçin ähli zady özümiz
oýlap tapandyrys öýder. Filç bolsa bize hiç haçan kömek etmez. Ol soňky döwürlerde
Sneýp bilen gaty içgin gatnaşýar. Mekdepden näçe köp okuwçy çykarylsa, Filç
şonça-da şat. Onsoňam biziň Jadygöýiň daşyndan hem Flaffiden habarlydygymyz
bilnäýse, özümizi aklamak üçin hiç bir delil ýeterlik bolmaz.
Harriniň aýdanlary bilen Germiona razylaşsa-da, Ron aňsat-aňsat yrylmady.
— Töwerek-daşdan sorag-ideg edip görsek näme?
— Ýok — diýip, Harri çürt-kesik jogap berdi. — Biz onsuzam sorag-ideg edip
bildik-le.
Harri planetalaryň kartasyny çykaryp, Ýupiteriň hemralarynyň atlaryny
öwrenmäge başlady.
Ertesi ertirlik nahary wagtynda Harrä, Germiona hem Newile hat geldi. Hatlaň
üçüsinde hem birmeňzeş ýazgylar bardy:
«Size bellenilen temmi şu gün gije sagat on birde amala aşyrlar. Jenap Filç size
Girelge jaýynda garaşar.
Professor Makgonagal».
Ýüz elli baly ýitirendiklerine gynanyp ýörşüne, Harri özlerine temmi
berlendigini tas unudan eken. Harri bolmanda Germiona-ha temmi barada nägileligini
bildirip,
220
«Synaga taýýarlanylýan döwür temmi nämä gerek?» diýer öýtdi. Emma
Germiona sesini çykannan otyrdy.
Ol hem edil Harri ýaly özüni temmä mynasyp saýýardy.
Gije sagat on birde olar Ron bilen hoşlaşyp, Newil bilen bilelikde Girelge
jaýyna bardylar. Filç eýýäm olara garaşyp duran eken. Onuň ýanynda Malfoý hem
bardy. Malfoýy görende oňa-da temmi berlendigi Harriniň ýadyna düşdi.
Filç elindäki çyrajygyny ýakyp:
— Ýörüň — diýdi-de, olary yzyna düşürip daşaryk çykdy.
— Mundan beýläk okuw düzgünlerini bozmakdan, baý, çekinersiňiz-ä —
diýip, Filç olara gaharly seretdi. — Hawa, adama agyr iş etdirseň ýa-da erbet jebir
çekdirseň, bahym ýola gelýär. Wah, arman, köne temmi usullary indi ulanyşdan
galaýdy-da. Öňler bidüzgünçilik edenleriň gollaryny gandallap, birnäçe günläp
üçekden asyp goýardylar. Şol gandallary men entegem ýygnap ýörün, birden gerek
bolaýmasyn diýip elmydama ýaglap durýan... Ynha-da, geldik. Öňünden duýdurýan,
gaçmak hakda pikir edibem oturmaň. Eger gaçaýsaňyz, özüňize öňküdenem beter
zyýan edersiňiz.
Olar tüm garaňkylygyň içinde ep-esli ýol geçdiler. Newil ýol boýy aglap
gelýärdi, Harri bolsa beriljek temmi barada pikir edýärdi. Elbetde, olara agyr jeza
berlendir, ýogsam Filç beýle şatlanmazdy.
Şöhle saçyp duran Aýyň öňüni gara bulutlar tutupdy.
Şol sebäpli hem daşary diýseň garaňkydy. Öňde Hagridiň külbesiniň ýagtylyp
duran penjireleri göründi.
Birdenem uzakdan gelýän ses eşidildi
— Filç, bu senmi? Bahym bol! Ýola düşmäge wagt boldy.
Hagridiň sesini eşidip, ýüregi düşüşen Harriniň arkasyndan agyr ýük aýrylan
ýaly boldy. Eger olar Hagrid bilen işleşmeli bolsalar, gorkup oturasy zat ýokdy. Harri
begenjini ýüzüne çykaran bolarly, sebäbi Filç:
— Sen näme şu akmak bilen gidýäniňe begenen bolýaňmy? Men seni
gynandyrmaly boljak, siz tokaýa barýaňyz. Ol ýerden sag-salamat gaýdyp gelerin
öýdýän bolsaňam, gaty ýalňyşýaň — diýdi.
221
Onuň bu sözlerine Newil gorkujygyndan ýaňa iňňildedi, Malfoý bolsa sakga
aýak çekdi-de:
— Tokaýamy? — diýdi.
Onuň sesinde gedemlik duýulmaýardy.
— Gijäň birwagty tokaýa gitmek bolarmy?! Ol ýercr de her dürli howply
jandarlar... gurt-adamlar barmyşyn.
Harriniň ýektaýynyň ýeňinden ýapyşan Newil şumjardy.
Filç:
— Be, munuň gürlän bolşuny — diýip ýaňsyly ýylgyrdy. — Gurt-adamlardan
gorkýan bolsaň, okuw düzgünini bozmaly däl ekeniň.
Hagrid Gyýak atly iti bilen olaryň ýanlarynda peýda boldy. Onuň elinde
arbaleti, egninde bolsa ýaýy bilen bir topar okly sagdagy bardy.
Aňyrdan gele-gelmäne Hagrid:
— Gaty gijä galdyňyz-la — diýdi. — Men size bir ýarym sagat bäri garaşyp
durun. Harri, Germiona, ýagdaýlaryňyz gowumy?
— Men-ä seň ýeriňde bolsam bular bilen beýle mylakatly gepleşmezdim,
Hagrid — diýip, Filç äwmezlige saldy. — Olara temmi berilmelidigini unutma.
— Seň näme üçin gijä galandygyňa indi düşünýän — diýende, Hagridiň sesi
gaty gaharly çykdy. — Ýol boýy olara takal baryny okansyň. Sen öz etmeli işiňi etdiň
dälmi, indi maňa päsgel berme.
— Men daňdan gelerin. Olaryň parçalanan jesetlerim ýygnamak üçin gelerin
— diýip, Filç awusyny pürkdide, çyrajygyny iki ýana galgadyp, köşge dolandy.
Malfoý Hagride seretdi.
— Men tokaýa gitjek däl.
Harri onuň sesiniň gorkudan ýaňa sandyraýandygyny duýdy. Ol muňa
begenmänem durmady.
— Hogwartsda okamak isleýän bolsaň gidersiň — diýip, Hagrid oňa çürt-kesik
jogap berdi. — Eliň bilen edeniňi, egniň bilen çekmeli bolarsyň.
222
— Ýöne beýle agyr jeza okuwçylara däl-de, işgärlere berilýär ahyry. Bize
welin, ýazgylary täzeden göçürmek ýaly ýumuşlar tabşyrlar öýdýärdim. Eger kakam
meň näme işläp ýörenimi biläýse, ol...
— Men saňa Hogwartsda işleriň nähili alnyp barylýandygny düşündireýin —
diýen Hagridiň sesi azmly çykdy. — Köpräk öýe iş tabşyraýmaly ekenler-dä!
— Öýe iş diýdiňmi? Ýazgylary göçürmekden netije barmy, hä? Sen ýa peýdaly
iş bilen meşgullanarsyň, ýa-da okuwdan garaňy saýlarsyň. Eger kakaň üçin sen
okuwdan kowulmaga kaýyl bolsaň, köşge dolanyp, häziriň özünde goşlaryňy ýygnap
bilersiň. Bar, gidiber.
Malfoý ýerinden gozganmady. Ol başda Hagride gahar bilen seredenem bolsa,
soň boýnegijilik bilen aşak bakdy.
— Bolýar onda. Meni ünslüje diňläň. Biziň şu gijeki etmeli işimiz gaty
howply. Men bolsa siziň töwekgellik etmegiňizi islämok. Birsalym yzyma düşüň.
Hagrid olary tokaýyň gyrasyna eltdi, çyrajygyny ýokaryk galdyryp, gür
agaçlaryň arasynda ýitip gidýän inçejik ýodajygy görkezdi. Garaňky tokaýa göz
aýlanlarynda adaja şemal olaryň saçlaryny ýelpäp geçdi.
Birdenem Hagrid:
— Bärik serediň! — diýdi, — Hanha, ýerdäki ýalpyldap duran kümüşsöw
suwuklygy görýäňizmi?! Bu bir buýnuzly atyň gany. Nämedir bir zat ony erbet
ýaralapdyr. Şu hepdäň içinde men eýýäm ikinji gezek gan yzlaryna gabat gelýän.
Geçen çarşenbe güni atlaryň birini halas etmek maňa başartmady. Ýöne indi welin,
beýle zat gaýtalanmaz. Biz ol görgüli janawary hökman tapmaly. Belki, oňa
kömegimiz deger.
— Birden aty ýaralan zada gabat geläýsek näme? — diýip soran Malfoýyň sesi
sandyrap çykdy.
— Ýanyňyzda Gyýak ýa-da men barkam, tokaýdaky hiç bir jandar size zeper
ýetirip bilmez. Ýodajykdan çykmajak boluň. Häzir biz ikä bölünip, dürli tarapa
gideris. Töwerek-daşymyz gan yzlaryndan doly. Öten agşamdan bäri bir ýerde
durman, aýlanyp ýören bolarly, janawar!
Gyýagyň syh-syh dişlerine göz aýlan Malfoý:
— Men Gyýagy ýanyma aljak — diýdi.
223
Hagrid:
— Bolýar, ýöne öňünden duýdurýan, ol gaty gorkakdyr — diýdi. — Häzir
men, Harri, Germiona dagymyz bir tarapa gideris, Drako, Newil siz Gyýak bilen
beýleki tarapa gidersiňiz. Birden buýnuzly ata gabat geläýsek, gök uçgunjyklary
goýbereris .Taýajyklaryňyzy çykaryp, meň aýdyşym ýaly edip görkeziň hany . Örän
gowy. Üstümize howp abansa welin, gyrmyzy uçgunjyklary goýbereris. Şonda biziň
ählimiz bada-bat biri-birimize kömege ýetişeris... gaty seresap boluň... Onda işimize
başlalyň.
Tokaýyň içi garaňky hem asudady. Olar bilelikde biraz ýörediler, soňra
ýodajyk ikä bölündi. Harri, Germiona, Hagrid çep ýodajygy, Malfoý, Newil, Gyýak
bolsa sag ýodajygy yzarlap gitdiler.
Olar ýere seredip, ümsüm ýöräp barýardylar. Ýerde ýatan ýapraklaryň üstüne
daman kümüşsöw gan yzlaryna çendan ýarym şahalaryň arasyndan syrygýan Aýyň
ýagtysy düşýärdi.
Hagridi gaty aladaly gören Harri:
— Bir buýnuzly aty gurt-adam öldürip bilermi?! — diýip sorady.
Hagrid:
— Gurt-adamlar beýle bir çalasynam däl — diýip jogap berdi. — Bir buýnuzly
atyň yzyndan ýetmek gaty kyndyr. Olar ýyndam jandarlar. Men olara zeper
ýetirilýändigini ilkinji gezek görýän.
Olar haşal otlar bilen basyrylgy töňňäniň deňinden geçip gitdiler. Golaýda
çeşmejik akýan bolarly, Harri suwuň şaggyldysyny eşitdi. Olar ýodajygyň egrelýän
ýerinde-de gan yzlaryna gabat geldiler.
Hagrid:
— Germiona, ýagdaýyň gowumy? — diýip pyşyrdady. — Alada etme, ýaraly
halyna uzaga giden däldir. Biz ony hökman... Gizleniň!
Ol Harridir Germionany beýik dub agajynyň arkasyna çekdi.
Hagrid sagdakdan çekip alan peýkamyny ýaýa baglap, atmaga häzirlendi.
Olaryň üçüsi hem diňşirgendiler, etegi ýerden süýrenýän ýektaýyň çykarýan sesine
meňzeş nämedir bir zadyň gury ýapraklaryň üstünden süýşenekläp gelýändigi
eşidildi. Hagrid gözüni süzüp garaňkylyga seretdi, ýöne eýýäm ýaňky ses galypdy.
224
Hagrid:
— Wah, men bilýärdim-le. Tokaýda bolmasyz bir zadyň bardygyny bilýärdimle — diýip janykdy.
Harri:
— Gurt-adam bolaýmasyn?! — diýip çaklady.
— Ýok, ýaňky gurt-adamam däldir, buýnuzly atam — diýip, Hagrid gaýgyly
dillendi. — Bolýar, yzymdan galmaň. Özüňizem gaty seresap boluň!
Olar indi sähel sese diňşirgenişip, daraklyklaryna basyp ýöräp başladylar.
Birdenem agaçlaryň arasyndaky yşgalaňda nämedir bir zat gymyldan ýaly boldy.
Hagrid:
— Ol ýerde kim bar? — diýip gygyrdy. — Ýagta çyk. Men ýaraglydyryn.
Birdenkä olaryn öňünde bir geň-taň jandar peýda boldy. Ol at diýseň at däl,
adam diýseň adam däl. Onuň bilinden ýokarsy çypar saçly hem sakgally adamyňky
bolsa, bilinden aşagy ýalpyldap duran goňur bedenli, çypar guýrukly atyňkydy. Ony
görüp Harridir Germiona agyzlaryny açyp, aňkandyşyp galdylar.
— Wah, Ronan, bu senmi? Ýagdaýlaryň gowumy? — diýip, ýeňillik bilen dem
alan Hagrid kentawryň elini gysdy.
Ronan:
— Salam, Hagrid! — diýdi. Onuň ýogyndan gussaly sesi bardy. — Sen näme,
meni atjak bolduňmy?
— Bagyşla, soňky döwürler seresabrak bolmasak bolanok — diýip, Hagrid
arbaletli elini aşak goýberdi.
— Tokaýa nähilidir bir ýaramaz zat aralaşypdyr. Ynha, bular biziň
okuwçylarymyz Harri Potter bilen Germiona Greýnjer.
Hagrid soňra Harridir Germiona ýüzlendi:
— Bu bolsa, Ronan. Ol kentawr.
— Görüp durus — diýip, Germiona pyşyrdady.
225
— Agşamyňyz haýyrly bolsun! Diýmek, siz okuwçylar-da?! Onsoň, gowy
okaýaňyzmy?
— Neme...
— Erbet däl — diýip, Germiona çekinjeň jogap berdi.
— «Erbet däl» diýdiňmi? Bolýar-da, bu ýokdan-a gowy — diýip, Ronan
uludan demini aldy.
Soň ol asmana seredip, ýyldyzlary synlamaga durdy.
— Bu gije Mars planetasy täsin nur saçýar.
Ronan ýaly asmana seredip duran Hagrid:
— Hawa — diýdi — Aslynda saňa gabat gelenimiz gowy bolaýdy, Ronan... bir
buýnuzly at ýaralanypdyr welin... heý, bir zatlar gören-ä dälsiň?!
Ronan ýyldyzlary synlap durşuna wagty bilen jogap bermedi. Ahyrsoňy ol
uludan dem aldy-da:
— Elmydama ilki bigünäler pida bolýar. Bu elmydama şeýledi, indem şeýle
bolar— diýdi.
— Hawa, ýöne seň nähilidir bir üýtgeşik zada gözüň düşmedimi, hä?!
— Mars bu gün täsin nur saçýar — diýip, Ronan ýene-de tekrarlady. Sowalyna
jogap alyp bilmedik Hagrid oňa gaharly seretdi.
— Hawa, ol-a şeýle welin... men: «Şu töwereklerde üýtgeşik zada gözüň
düşmedimi?» diýip soraýan. Belki bir zatlar görensiň?!
Ronan bu gezek hem oňa jogap bennäge howlukmady.
— Tokaý öz goýnunda gaty köp syrlary gizleýär — diýip, ara birsellem wagt
düşensoň, ol ahyry dil ýardy.
Birdenem Ronanyň edil arkasyndaky agajyň şahalary ygşyldap gitdi, Hagrid
bada-bat arbaletini ýokaryk galdyryp çenedi. Bu gezek hem gara saçly, gara bedenli,
daşyndan seretseň Ronandan has wagşy görünýän ýene bir kentawr olaryň
ýanlarynda peýda boldy.
Ony gören Hagrid:
226
— Salam, Beýn! Ýagdaýlaryň gowumy? — diýdi.
— Agşamyň haýyrly bolsun, Hagrid! Seniňem ýagdaýlaryň nähili?
— Erbet däl. Beýn, men şu wagt Ronandan bu ýerlerde nähilidir bir täsin
zatlary görüp-görmändigi barada sorap durdum. Bir buýnuzly at ýaralanypdyr welin...
belki sen, bir zatlar bilýänsiň?
Berlen soraga jogap bermegiň deregine Ronanyň gapdalyna geçip, asmana
sereden Beýn:
— Bu gün Mars täsin nur saçýar — diýdi.
— Biz Marsyň täsin nur saçýandygy barada eýýäm eşitdik — diýip, Hagrid
gaharly gepledi. — Bolýar, eger geň bir zat gözüňize ildigi, derrew maňa habar
edeweriň! Biz-ä onda gitdik.
Hagridiň yzyna düşüp baryşlaryna Hanidir Germiona Ronany hem Beýni
agaçlaryň aňyrsynda gözden ýitýänçäler egnaşyr synladylar.
— Şu kentawrlaryň ugruna düşer ýaly däl — diýip, Hagrid içiýangynly
dillendi. A1 kakmyş müneçjimler diýsänim. Aýdan bärdäki zatlar olaryň piňlerine-de
däl-ä.
— Onsoň, olar köplükmi? — diýip, Germiona gyzyklanyp sorady.
— Beýle bir köpem däl... Olar, esasan, bir-birleri bilen gatnaşýarlar. Ýöne
başga kişiler bilenem gürleşmän duranoklar. Kentawrlar gaty akylly jandarlar. Olar
gaty köp zatlardan habarly welin... agyzlaryndan söz alyp bolanok.
Harri:
— Hälki eşiden sesimiz kentawryňkymydy? — diýip sorady.
— Seň pikiriňçe şol ses toýnagyň dükürdisine meňzeýärmidi? Ýok...
düýbünden meňzänokdy. Ol buýnuzly atyň ganyny içýän zadyň sesidi. Şu wagta çenli
beýle eýmenç sesi eşiden däldirin.
Olar gür agaçlaryň arasy bilen ýöräp barýardylar. Harriniň göwnüne bolmasa
kimdir biri özlerini yzarlaýan ýalydy. Ol aldygyna töweregine garanjaklap barşyna
Hagridiň arbaletini ýany bilen alyp gaýdandygyna tüýs ýürekden begendi.
Ýodajykdan öwrüm edenlerem şoldy welin, Germiona Hagridiň eline ýapyşdy.
— Hagrid! Seret! Gyzyl şöhlejikler. Beýlekiler betbagtlyga uçrapdyrlar.
227
Hagrid:
— Siziň ikiňiz şu ýerde garaşyň — diýip gygyrdy.
— Ýodajykdan çykmaň! Men bahym dolanyp gelerin.
Gyrymsy agaçlaryň aralygy bilen alňasap ýöräp giden Hagridiň aýak sesleri
kesilýänçä Harridir Germiona biri-birleriniň ýüzlerine gorky bilen seredişdiler. Häzir
töwerekde ýapraklaryň ygşyldysyndan başga hiç zat eşidilenokdy.
Germiona:
— Olara hiç zat bolan däldir-le, şeýle gerek? — diýip pyşyrdady.
— Malfoýa näme bolsa şol bolsun, ýöne Newile bir zat bolaýsa... Ol biz
sebäpli şu ýerde ahyry.
Wagt diýseň haýal geçýärdi. Olar diňşirgenip, töwerege ser salýardylar. «Näme
bolduka? Olar niredekä?» diýip içini gepledýän Harriniňem ýüregine dowul düşýärdi.
Duýdansyz çykan galmagal sesi Hagridiň dolanyp gelendigini habar berdi.
Gahardan ýaňa çym gyzyl bolan Hagrid Malfoýy, Newili hem Gyýagy öz ýany bilen
alyp gaýdypdyr. Onuň beýle gaharly görünmegi ýöne ýere däl eken. Malfoý oýun
etjek bolup Newiliň arkasyndan gelipdir-de, ýeňsesinden ýapyşypdyr. Newil hem
howsala düşüp, gyzyl şöhleleri goýberipdir.
— Siziň ikiňiziň turzan gohuňyz sebäpli, indi nämedir bir zatlar tutup bileris
öýdemok. Bolýar, toparyň düzümini üýtgedýäs. Newil, Germiona, siz meň bilen
gidersiňiz, sen bolsa Harri, Gyýagam ýanyňa alyp. şu akmak bilen gidersiň. Bagyşla!
Soňra Hagrid:
— Seni gorkuzmak oňa kyn düşer. Onsoňam biz bu işi şu gün hökman
bitiräýmeli — diýip, Harriniň gulagyna pyşyrdady.
Şeýlelikde, Harri Malfoý hem Gyýak bilen ýola düşdi. Olar bir ýarym sagatlap
ýol söküp tokaýyň jümmüşine aralaşdylar. Agaçlaryň barha gürelmegi sebäpli,
soňabaka olara ýodajygy yzarlamak hem kyn düşdi, Harriniň göwnüne bolmasa gan
yzlary hasam köpelýän ýalydy. Görgüli janawar agyrysyna çydaman iki ýana urnan
bolarly, agaçlaryň düýpleri syçran gan yzlaryndan doludy. Harri garry dub agajynyň
biri-birlerine çolaşan şahalarynyň aralygyndan seredende, öňlerinde açyk meýdanyň
bardygyny gördi.
228
Ol:
— Dur! — diýip pyşyrdady-da, Malfoýy saklamak üçin elini uzatdy.
Aýyň ýagtysyna hamy ýalpyldap duran nähilidir bir jandar ýerde süýnüp
ýatyrdy.
Has ýakynraga baranlarynda onuň buýnuzly atdygyna, özüniň hem eýýäm
ölüdigine göz ýetirdiler. Harri henize deňiç beýle owadan jandar görmändi. Buýnuzly
atyň inçeden uzyn aýaklarynyň geň ýagdaýda egrelip, zümerret kimin öwşün atýan
ýalnyň bolsa guran ýapraklaryň üstünde ýaýylyp ýatyşy Harriniň ýüregini gyýymgyýym etdi.
Harriniň buýnuzly ata tarap ädim ädenem şoldy welin, nämedir bir zadyň
süýşenekläp gelýän sesi ony duran ýerinde doňup galmaga mejbur etdi. Açyk
meýdanyň gutarýan ýerinde ýerleşýän agaçlar ygşyldady. Birdenem, boýdan-başa
ýapynja bürenen bir göwre garaňkylykdan çykyp, awy oňan ýyrtyjy haýwan ýaly
buýnuzly ata tarap alňasap gaýtdy. Harri, Malfoý hem Gyýak gymyldaman durdular.
Ýapynjaly göwre buýnuzly atyň deňine ýetdi-de, onuň ýarasynyň üstüne eglip,
ganyny sormaga durdy.
Güýjüniň ýetdiginden gygyran Malfoý gorkusyna ol ýerden bada-bat ökjäni
göterdi, Gyýagam onuň yzyndan ylgady. Kellesini galdyran ýapynjaly göwre
agzyndan gan akdyryp ýerinden galdy-da, gorkudan ýaňa aýagynda ysgyn-mydar
galmadyk Harriniň ýanyna golaýlaşdy.
Oňa gözi düşende, Harriniň kellesinde biçak erbet agyry peýda boldy. Bu
agyry şeýle güýçlüdi welin. Harri özüniň çapygyň yzy galan maňlaýynyň ot bolup
ýanýandygyny hem duýdy. Soň onuň gözleri garaňkyrady. Harri özüniň nädip çiň
arkan gaýdanyny bilenokdy. Ýöne ol ýerde ýatyrka toýnak seslerini eşidipdi.
Nämedir bir zat onuň üstünden böklip, ýapynjaly göwrä topulypdy.
Harrä özüni dürseýänçä ep-esli wagt gerek boldy. Kellesini galdyranda
ýapynjaly göwre eýýäm gözden gaýyp bolupdy. Janyny halas eden kentawr bolsa
Harriniň üstüne eglip durdy, ýöne ol Ronanam däldi, Beýnem. Bu kentawr olaryň
ikisinden has ýaş görünýärdi. Onuň tylla reňkli saçydyr goňrumtyl bedeni bardy.
— Ýagdaýlaryň gowumy? — diýip, kentawr Harrä turmaga kömek etdi.
— Hawa... sag boluň... ýaňky zat nämedi?
229
Zümerret daşyna çalymdaş owadan gök gözlen bolan bu kentawr onuň
sowalyny jogapsyz goýdy. Harrä ünsli sereden kentawryň nazary onuň
maňlaýyndaky ýara yzynda saklandy.
— Sen Potteriň ogly dälmi?! Häziriň özünde Hagridiň ýanyna dolansaň gowy
bolar. Şu wagt tokaý gaty howply... esasanam, seň üçin. At çapyp bilýäňmi? Arkama
münseň barmaly ýerimize bahym ýeteris.
Harrini arkasyna mündürmek üçin iki öň aýagyny eplän kentawr:
— Meň adym Faýrenz — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Şol pursat açyk meýdanyň beýleki tarapyndan toýnak sesleri eşidildi.
Endamlary derden ýaňa suw bolan Ronan hem Beýn haşlaşyp agaçlaryň arasyndan
atylyp çykdylar.
Aňyrdan gele-gelmäne Beýn:
— Faýrenz! Edýäniň näme? Arkaňa adam mündürmekden utanaňokmy? Sen,
näme, adaty atmy? — diýip azgyryldy.
— Sen munuň kimdigim bir bilýäňmi? Bu Potteriň ogly. Ol tokaýy näçe çalt
terk etse, şonça-da gowy.
— Sen oňa näme aýtdyň? — diýip, Beýn azgyrylyp geplemegini dowam
etdirdi. — Faýrenz, biziň ýazgyda garşylyk görkezmeli däldigimizi unutmagyn.
Planetalaryň hereketine görä, nämäniň ýakynlaşyp gelýändiginden seň özüňem
habarlysyň.
Toýnaklaryny haýbat bilen ýere urup duran Ronan:
— Meniň pikirimçe, Faýrenz ýagşylyk etjek bolandyr — diýdi.
Köşeşmegiň deregine has hem gaharlanan Beýn artky aýaklary bilen ýeri
peşedi.
— Ýagşylyk etjek bolandyr diýýäňmi? Ýöne munuň bize näme dahyly bar?
Kentawrlary diňe öňünden görlenler gyzyklandyrmalydyr. Tokaýymyzda azaşan
adamlaryň töwereginde eşek ýaly aýlanyp ýörmek bize galmandyr.
Onuň bu sözlerine galian gelen Faýrenz çarpaýa galdy. Harri ýykylmazlyk üçin
onuň boýnundan ýapyşmaly boldy.
230
— Sen bu görgüli janawary göreňokmy? — diýen Faýrenziň sesi haýbatly
çykdy. — Onuň näme sebäpden öldürilendigine düşünmediňmi? Belki, planetalar
saňa bu syryň üstüni açyp beren däldir?! Berk belle, Beýn, şu tokaýda gizlenýän zady
menem, adamlaram halaýan däldir.
Ol şeýle diýdi-de, boýnundan berk ýapyşyp duran Harri bilen bilelikde
tokaýlygyň içine sümüldi . Olar Ronan bilen Beýni yzda goýup, öňe okdurylyp
barýardylar.
Nämeleriň bolup geçýändigine düýbünden düşünip bilmeýän Harri:
— Näme üçin Beýn beýle gaharlanýar? — diýip sorady. — Onsoňam meni
nämeden halas etdiňiz?
Faýrenz badyny gowşadyp, Harrä şahalardan goranmak üçin kellesini egse
gowy boljakdygyny aýtsa-da, onuň sowalyna jogap bermedi. Olar biri-birlerine söz
gatman ep-esli ýol geçdiler. Harriniň göwnüne bolmasa, Faýrenz özi bilen gepleşmek
islemeýän ýalydy. Olaryň gür agaçlygyň deňinden geçenlerem şoldy welin, Faýrenz
sakga aýak çekdi.
— Harri Potter, sen bir buýnuzly atyň ganynyň nirelerde ulanylýandygyny
bilýäňmi?
— Ýok — diýip jogap beren Harri onuň duýdansyz sowalyndan eýmenmän
durmady. — Biz däri-dermanlar sapagynda onuň diňe buýnuzyndan we ýalnyň
taryndan peýdalanýas.
Faýrenz:
— Bir buýnuzly aty öldürmek erbet günädir — diýdi. — Diňe şu dünýäde
ýitirere hiç zady bolman, älili zady eýelemek isleýän kişi şeýle agyr günä gazanyp
biler. Ölümiň bäri ýanynda ýatanam bolsaň, buýnuzly atyň gany seni ölümden halas
eder, ýöne beýle peşgeşiň bahasy ummasyzdyr. Sen öz janyňy aýap saklamak üçin
päk hem bigünä jandary öldürýäň. Şonuň üçinem dodagyň buýnuzly atyň ganyna
galtaşan pursady ýarym ömre, ýagny, gargyş siňen ömre eýe bolarsyň.
Aýyň kümüşsöw şöhlesi Faýrenziň ýeňsesine düşýärdi. Onuň ýeke sözüni
sypdyrman diňläp barşyna Harri:
— Wah, her hili bagtygara bar-da — diýenini duýman galdy. — Gargyş siňen
ömri ýaşanyňdan öleniň gowy dälmi näme?
231
— Elbetde, gowy. Eger-de seni gaýtadan kuwwata getirýän, saňa dirilik
eçilýän aby-haýat suwuny içip bilmän armanly ötüp gidesiň gelýän bolsa... Jenap
Potter, mekdebiňizde nämäniň gizlenip saklanýandygyndan habaryňyz bardyr-la?!
— Jadygöýiň daşy bolaýmasa. Elbetde, olam kimdir birine gerekdir-dä.
— Ýaşamak üçin janyny ähli zatdan ileri görýän, öz ýitiren güýjüni gaýtaryp
almagyň arzuwynda ýaşaýan biri bar. Siz ony tanaňzokmy?
Şol pursat Hagrid bilen tanyş bolan ilkinji gijesi: «Käbirleri oň wepat
bolandygyny aýdýarlar. Ýöne men-ä muňa ynanamok. Adamçylykdan nam-nyşan
galmadyk kişi nähili ölsün diýsene?!» diýip, onuň aýdan sözleü gulagynda ýaňlanyp
giden Harriniň ýüregi iňňe sanjylan dek jigläp gitdi.
— Diýmek... — diýip, Harri sakyndy — ...ýaňky onda Wol...
— Harri! Harri, ýagdaýlaryň gowumy?
Germiona olara tarap ylgaşlap gelýärdi, onuň gapdalynda haşlap dem alýan
Hagrid hem bardy.
— Ähli zat gowy — diýip, Harri zordan gepledi. — Hagrid, buýnuzly at öli. Ol
yzda, açyk meýdanda ýatyr.
Hagrid buýnuzly atyň ölüp-ölmändigini anyklamak üçin Harriniň görkezen
tarapyna alňasap giden badyna Faýrenz:
— Men seni şu ýerde goýup gidýän — diýdi. — Indi saňa hiç hili howp
abananok.
Harri onuň gerşinden düşdi.
— Işiň oňuna bolsun, Harrii Potter! Planetalaryň hereketiniň öňem ýalňyş
ýorlan gezekleri bolupdy, hatda kentawrlar tarapyndanam... Ýene-de şeýle ýalňyşlyk
goýberilendir diýip umyt edýän.
Gorkudan ýaňa entegem sandyrap duran Harri onuň öňürdikläp tokaýa siňip
gidenini arkadan görüp galdy.
Harri dagynyň tokaýdan dolanyp gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşan Ron
umumy otagda uklap galypdy, özi hem oýnuň düzgüniniň bozulandygyny aýdyp
basyrganýardy. Harri ony silkeläp oýardy. Ol tokaýda bolup geçen wakalar barada
232
aýdyp başlanda, ýap-ýaňyja-da ukudan açylyp bilmän oturan Ronuň gözleri
hanasyndan çykarly göründi.
Harri bir ýerde durup bilenokdy. Ol saňňyl-saňňyl edip, iki ýana ýöreýärdi.
— Sneýp Jadygöýiň daşyny ogurlap, Woldemorta berjek bolýar... Woldemort
oňa tokaýda garaşyp ýatyr.
Biz bolsa, şu wagta çenli Sneýp ýöne baýamak isleýändir öýdüpdiris...
Ron hamala Woldemort özleriniň gürrüňlerini eşidýän ýaly pyşyrdap:
— Onuň adyny tutmasana! — diýdi.
Harri oňa diýýämisiňem diýmän, gürrüňini dowam etdirdi.
— Faýrenz meni halas etdi. ýöne aslynda oňa beýtmek buýrulmaýan eken...
Beýn gaty gaharlandy. Ol planetalaryň hereketine seredip, gelejekde amala aşjak işi
bileniňden soň, muňa garşy gidilmeli däldigini ýaňzytdy... Olar Woldemortyň gaýdyp
gelýändigini bilen
bolmaly... Beýniň pikiriçe Faýrenz Woldemortyň meni
öldürmegine päsgel bermeli däldi. Belki, ýyldyzlar Woldemortyň meni öldürmek
isländigini habar berendirler.
— Belki, sen onuň adyny tutmagyňy bes edersiň, hä?! — diýip, Ron igendi.
— Onda, Sneýp haçan daşy ogurlarka diýip garaşyp oturmakdan başga alaç
ýok-da. Şondan soň, Woldemort bu ýere gelip, meniň bellimi eder. Aý, näme, iň
bolmanda, Beýn-ä begener.
Germiona gaty gorkanam bolsa, Harrini köşeşdimiegiň alajyny tapdy.
— Harri, her kim Ady tutulmaýanyň ýeke-täk Dambldordan çekinýändigini
aýdýar. Dambldor ýanyňdaka ol saňa barmagynam batyryp bilmez. Onsoňam
kentawrlaryň ýalňyşmaýandygyny sen nireden bilýäň, hä?! Olaram, näme, pal
atýandyrlar-da?! Professor Dambldoryň aýtmagyna görä, pal diýlen zat jadygöýligiň
iň bir nätakyk ugrudyr.
Olar gürrüňe gyzygyp, nädip daňyň atanyny hem duýman galdylar.
Düşeklerine geçenlerinde öler ýaly ýadawdylar, agyzlary bolsa kepäp durdy. Ýöne bu
gijeki garaşylmadyk wakalar entek doly tamamlanmady.
233
Harri ýorganyny üstüne çekende, göze görünmeýän ýapynjasynyň öz düşeginiň
üstünde emaý bilen eplenilip goýlandygyny gördi. Oňa berkidilen hatjagazyň
ýüzünde bolsa: «Birden gerek bolaýmasyn» diýen sözler ýazylgydy.
16-njy bap: GIZLIN GAPY
Ýeneki ýyllarda, Harri Woldemortyň islendik wagt gapydan kürsäp
giräýmeginiň gorkusy bilen ýaşan döwürlerinde nädip synaglardan üstünlikli
geçendigini ýadyndan çykarsa gerek. Günler kerwen gurap geçip durdy. Ýapyk
gapynyň aňyrsyndaky Flaffiniň bolsa, diridigi hakda hiç hili şek-şübhe ýokdy.
Howa diýseň petişdi, esasan-da, olaryň ýazuw synaglaryny tabşyrýan giň okuw
otaglarynda yssydan ýaňa oturar ýaly däldi. Synag wagtynda özgeden göçürmez ýaly
olara ýörite jadylanan döwet-galam paýlanylyp berlipdi
Olar tejribe synaglaryny hem tabşyrypdylar. Professor Flitwik okuwçylary birbirden ýanyna çagytyp: «Ananasa partaň üstünde çeçýotka(Çeçýotka — aýagyňy
ýere batly urup, saza goşulyp edilýän tans) tansyny etdiriň!» diýen bolsa, professor
Makgonagal syçany oturgyja öwürmegi talap edipdi. Syçany owadan oturgyja
öwürmegi başarana gowy baha goýulýardy, ýok, eger-de oturgyçda syçanyň murty
galaýsa, aljak bahaň pes bolýardy. Okuwçylar Unudaganlyk jadysynyň nädip amala
aşyrylyşyňy ýatlaryna saljak bolup durkalar, professor Sneýp ýeňselerinden
aýrylman, olary aljyradýardy.
Harri tokaýa baryp gaýdanyndan bäri maňlaýyndaky ýara yzynda peýda bolan
ýiti agyra üns bermejek bolýardy. Üstesine, ol gijelerine ibaly uklap hem bilenokdy.
Newil bolsa, Harri synaglary alada edýäni üçin biynjalyk bolýandyr öýdýärdi.
Hakykatda welin, ony gijelerine gara basýardy. Üsti-başy gana boýalan bir alOl bassy
düýşüne girip, Harrini hopukdyryp oýary ardy.
Belkem, Harriniň tokaýda nämäni başdan geçirendigini bilmänsoňlar, onsoňam
olaryň maňlaýynda zol-zol sanjyp duran ýara yzy bolmansoň, Ron bilen Germiona
Jadygöýiň daşy barada beýle alada galýan hem däldirler. Olar Woldemortdan öler
ýaly gorksalar-da, ol edil Harriniňki ýaly düýşlerine girip durmansoň, özleriniň
synaglaryna taýýarlanmak bilen başagaýdylar. Şonuň üçin olaryň Sneýp ýa-da başga
biri barada pikirlenmäge düýbünden wagtlary hem ýokdy.
234
Olaryň iň soňky synagy Jadygöýligiň taryhy dersinden boldy. Özi bulaýan
gazanjyklary oýlap tapan telbe jadygöýler baradaky sowallara bir sagadyň
dowamynda jogap ýazdyklary, synagyň netijeleri belli bolýança, olar bir hepdelik
erkinlige çykyp bilýärdiler. Professor Binsiň ruhy döwet galamy goýup, synag
kagyzlaryny tabşyrmaklaryny soranda Harri okuwçylary ň şatlykly el çarpyşmalaryna
goşulman durup bilmedi.
Arassa howadan dem almak üçin köşgüň daşyna — güneşli gök meýdança
tarap barýan mähellä goşulyşanlarynda Germiona:
— Ahli zat meniň pikir edişimden has aňsat boldy — diýdi. — Ýarym möjek
adamlarynyň 1637-nji ýyldaky özlerini alyp baryş kodeksi bilen Elfrik Gujurlynyň
gozgalaňyny öwrenmesemem boljak eken.
Germionanyň her synagdan soň, berlen jogaplaryň dogrudygyny ýa
nädogrudygyny barlamak gylygy bardy, ýöne bu gezek Ron beýtmegiň özüne
ýakmaýandygyny aýdansoň, olar kölüň gyrasyna baryp, agajyň düýbüne çökdüler.
Ekiz Wizliler bilen Li Jordan Güne çoýunmak üçin ýalpaklyga çykan äpet kalmary
tutup, onuň murtyndan çekişip oturan ekenler.
— Indi okuw ýok — diýen Ron uludan dem alyp, otuň üstüne gyşardy. —
Harri, sen nämä begeneňok? Synaglarymyzy erbet ýa gowy tabşyrandygymyzy
bilýänçäk ylaýyk bir hepde bar. Şoňa çenli hiç zady gaýgy etme!
Harri zol-zol maňlaýyny sypalaýardy.
— Bu nämäniň alamatyka? — diýip, ol gaharly dillendi. — Maňlaýymyň
çapyk ýeri ýöne agyryp dur. Öňlerem-ä agyrýardy welin, ýöne häzirki ýaly azar berip
durmazdy.
Germiona oňa hanym Pomfreýe görünmegi maslahat berdi. Harri:
— Men ýarawsyz däl. Ýaramyň agyrmasy ýöne ýere däldir. Nähilidir bir
erbetlik ýakynlaşyp gelýän bolmaly — diýip jogap berdi.
Ron biderek zada kellesini agyrtmak islemedi, şonsuzam jokrama yssy onuň
janyna hoş ýakyp baranokdy.
— Harri, köşeşsene. Germiona dogry aýdýar. Dambldor barka Jadygöýiň
daşyny hiç kim ogurlap bilmez. Sneýpiň Flaffiniň deňinden nädip geçmelidigini
anyklap-anyklamandygynam entek bilemzok ahyry. Geçen gezek ol tas aýaksyz
galypdy, men-ä Sneýpiň ýene-de töwekgelçilik etmäge bogny ysar öýdemok.
235
Hagridem Dambldora hyýanat edýänçä, Newil Angliýanyň milli Kwiddiç toparynda
oýnar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.