Latin

Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18

Total number of words is 2132
Total number of unique words is 1258
37.2 of words are in the 2000 most common words
51.9 of words are in the 5000 most common words
58.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
däl-dä. Professor Sneýp kakaňa bergili bolup ýaşamak islemedi. Ol seni goramak
üçin hiç zatdan gaýtmady, belki ol özüçe şeýdip kakaň ýagşylygyny yzyna gaýtardym
edendir. Şondan soň, ol seň kakaňy ýigrenmegini arkaýyn dowam etdirip biljekdi...
Harri muňa paýhas etjek bolup oýa batdy, ýöne kellesi güwläp başlansoň, ol
pikirlenmegini bes etdi.
— Jenap, ýene bir soragym bar.
— Iň soňkydyr-a?
— Men nädip aýnadan daşy alyp bildim?
— Hä, ahyrsoňy soradyň-ow. Men bu sowala häliden bäri garaşýardym. Bu
meniň ajaýyp pikirlerimiň biri, onsoňam, sen ikimiziň aramyzda nähilidir bir
baglanyşygyň bardygyny aňan bolsaň gerek?! Hawa, daşy ulanmak isleýän däl-de,
diňe tapmak isleýän kişi tapýar, ýogsam daşyň hyrydary aýnada öz keşbini gyzyl
öndürýän we gudratly içgini içýän halda görýär. Kämahallar kelläme şeýle ajaýyp
pikirleriň nädip gelýändigine özümem haýran galýaryn... Indi bolsa, soraglary bes
edeli. Sen şu süýjülere bir sered-ä. Ah, Betti Botuň dürli tagamly nohutlary!
Ýaşlykda, gynansamam, olar meniň ýüregimi bulapdy, şondan bärem men olary
halamok. Ýöne, ynha, şu daşy owadanja gaýmakly şepbejik kemputy iýsem, hiç zat
bolmazmyka diýýän.
271
Dambldor şeýle diýip ýylgyrdy-da, tylla goňur reňkli nohutjygy agzyna atdy.
Ýöne şobada ýüzi çytylyp gitdi.
— Ýürek bulanjydygyny, iýer ýaly däl eken.
Mekdep hassahanasynyň baş lukmany hanym Pomfreý ýumşak zenandy, ýöne
öte talabedijidi.
Harri:
— Bary-ýogy bäş minutjyk — diýip, aýak diräp durdy.
— Düýbünden bolanok.
— Professor Dambldory goýberdiňiz-ä...
— Bu düýbünden başga gürrüň, ol mekdep müdiri ahyryn. Saňa dynjyňy almak
gerek.
— Men dynjymy alýan-a. Serediň, ýatmaly wagty ýatýan, garaz, diýeniňizden
çykamok. Bolýa-la, hanym Pomfreý...
— Bolýar onda — diýip, ol ahyry boýun boldy. — Ýöne diňe bäş minut wagt
berýän.
Ol Ron bilen Germiona içerik girmäge rugsat berdi.
— Harri!
Germionanyň Harrini ýene-de gujaklaýasy geldi, ýöne ol beýtmekden
saklandy. Kellesi agyryp duran hem bolsa, Harri ony görüp begenmän bilmedi.
— Wah, Harri, sen bizi gaty gorkuzdyň. Dambldor şeýlebir alada galdy.
Ron:
— Mekdepde diňe seniň gürrüňiň edilýär — diýdi.
— Hakykatdanam, näme bold-aý?!
Wakany iliň agzyndan eşitmek bir başga, hut gözi-başly şaýadyňdan diňlemek
bir başga. Ynha, häzir Ron daga hakykaty bilmäge şeýle amatly pursat döräpdi.. Harri
olara ähli wakalary, ýagny Kwirrel, aýna, daş hem-de Woldemort bilen bagly bolup
geçen zatlary ýekän-ýekän gürrüň berdi. Ron bilen Germiona agyzlaryny açyp diňläp
272
otyrdylar. Olar tolgunan ýerlerinde ah-wahlaşýardylar, Harri Kwirreliň sellesiniň
aşagynda kimiň gizlenendigini aýdanda, Germiona çirkin sesi bilen gygyrdam.
— Diýmek, daş indi ýok-da? — diýip, Ron gürrüňiň soňunda sowal berdi. —
Onsoň Flamel ölmeli bolýarmy?!
— Menem şeýlemikä öýdüpdim, ýöne Dambldor başgaça pikir edýär. Ol näme
diýd-ä. Hawa, «Kämil ruh üçin ölüm — bu ýene bir uzak syýahata gidilen ýaly bir
zatdyr» diýdi.
— Onuň akylyndan azaşandygyny öňdenem-ä bilýärdmi welin — diýen Ron,
öz muşdagynyň kemakylrakdygyna guwanman duranokdy.
Harri:
— Ýeri, siz nätdiňiz? — diýip sorady.
— Men yzyma dolandym — diýip, Germiona gürrüň bermäge durdy. —
Ýolugra Ronam alyp geçdim.
Bu biraz wagtymy aldy. Onsoň biz Dambldor bilen habarlaşar ýaly baýguş
saklanýan külbä eňdik, ýöne Girelge jaýynda oňa gabat geldik. Ol eýýäm ähli zady
bilýän eken. Bizi gören badyna: «Harri onuň yzyndan gitdi gerek» diýip, üçünji gata
ylgady.
— Sen nähili pikir edýäň, ol seniň şeýtmegiňi isledimikä? Göze görünmeýän
ýapynjany hem, belki, şonuň üçin lberendir?!
Germiona gaharyna bäs gelip bilmän:
— Ol muny ýörite gurnaýdymyka? Biçak aýylganç. Olar seni öldüren bolsa,
nätjekdikä? — diýdi.
Harri:
— Ýok-la — diýdi. — Dambldor gaty täsin adam.
Ol maňa mümkinçilik bermek islän bolmaly. Bu ýerde bolup geçýän ähli
zatlardan diýen ýaly onuň habary ýok däldir. Biziň nämäniň küýündedigimizem ol
bilendir. Emma ol bizi ýolumyzdan saklamady, diňe öwüt berdi hem kömek etdi. Ol
maňa aýnanyň gurluşynam ýöne ýere öwreden däldir. Päsgelçiliklerden geçip
Woldemort bilen tutluşmagyma ol garşy bolan däldir.
273
— Hawa, Dambldor, hakykatdanam, akylyndan azaşypdyr — diýip, Ron
buýsançly seslendi. — Wiý, ertir okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp
geçirilýän baýramçylyga sen hökman gatnaşaýmaly. Ballaryň jemi boýunça ýeňiji
yglan edildi. Elbetde, Slizerin birinji boldy. Kwiddiçiň soňky ýaryşynda keselläp
ýatdyň, Rowenklow bizi derbi-dagyn etdi. Baýramçylykda süýji tagamlar-a bişirerler.
Şol pursat hanym Pomfreý içerik kürsäp girdi.
— Siziň bu ýerde oturanyňyza eýýäm on bäş minut boldy, häziriň özünde
çykyň! — diýip, ol gaharly seslendi.
Gije gowy ukusyny alansoň, ertesi gün Harri özüni has oňat duýup başlady.
— Meniňem baýramçylyga gidesim gelýär — diýip, ol gapdalyndaky stoljugyň
üstündäki zatlary tertipleşdirip duran hanym Pomfreýe ýüzlendi. — Gitsem bolýar
gerek, ýa bolanokmy?!
Hanym Pomfreý saglygyň baýramçylykdan has möhümdigine düşünmeýändigi
üçin professor Dambldora nägilelik bildirýän ýaly äheňde:
— Professor Dambldor saňa gitmäge rugsat berlendigini aýtdy — diýip,
perwaýsyz jogap berdi. — Onsoňam yzyňdan ýene-de biri gelipdir.
— Gowudygyny. Kim ol?
Gapyda Hagrid peýda boldy. Içerdekä, ol hemişekisi ýaly jaýa sygmajak
derejede äpet görünýärdi. Ol Harriniň gapdalyna geçip oturdy. Harrä gabagynyň
astyndan garady-da, birdenem, elleri bilen ýüzüni ýapyp möňňürmäge başlady.
— Bu zatlaryň ählisi men sebäpli boldy! Bir betpäl kişä Flaffiniň deňinden
nädip geçmelidigini aýtdym! Oňa öz dilim bilenjik aýtdym! Ol diňe şony bilmän
ýören eken, menem aýtdym! Seniň öläýmegiň mümkindi ahyryn. Aždarhanyň
ýumurtgasyny başyňa ýapjakmy diýsene? Şol sebäpli boldy bar zat. Mundan beýläk
aragyň ýeke damjasynam datman! Meni bu ýerden kowup, magllaryň ýanyna
ugratmaly!
Hagridiň ökünçden hem gaýgy-gamdan ýaňa saňňyldap oturyşyna haýran galan
Harri:
— Hagrid! — diýdi. Onuň sakgalyndan ullakan ýaş damjalary syrygyp
gaýdýardy. — Hagrid, ol barybir bilerdi, oňa Woldemort diýýärler. Ol muny sen
aýtmadyk bolsaňam anyklardy.
274
— Ýöne sen heläk bolup bilerdiň ahyry — diýip, Hagrid sojamagyny dowam
etdirdi. — Onsoňam, onuň adyny tutma!
Harri:
— Woldemort — diýip gygyrdy.
Aňkarylyp galan Hagrid agysyny tapba kesdi.
— Men ony gördüm, oňa öz ady bilen ýüzlendim. Özüňi günäläp ýörmegiňi
bes et, Hagrid! Biz daşy ele saldyk. Ähli zat tamam boldy. Ol indi daşy ulanyp
bilmez. Me, al, gurbaga şokoladyndan iý, süýji mende gaty köp.
Hagrid eliniň tersi bilen ýüzüni süpürdi
— Hä, ýatladanyň gowy bolaýdy. Men saňa sowgat getiripdim ahyryn
— Ol gatan çörek däl gerek?! — diýip, Harri onuň bilen degişdi. Ahyrsoňy
Hagrid çalaja ýylgyrdy.
— Ýok-la. Muny taýýarlar ýaly Dambldor düýn maňa işden rugsat berdi.
Aslynda ol meni gowuja ýençmelidi welin, aý, bolýar-da, me, al!
Bu gaýyş jiltli owadan kitaba meňzeýärdi. Harri bilesigelijilik bilen onuň
sahabyny açanda, içiniň jadyly suratlardan doludygyny gördi. Kitabyň her
sahypasynda ejesidir kakasynyň özüne ellerini galgadyp seredýän suratlary bardy.
— Ejeň hem kakaň ähli dostlaryna baýguş iberdim, surat ibermeklerini haýyş
etdim. Sende ýokdugyny bilýärdim. Haladyňmy?
Harriniň bogazy dolup gürläp bilmedi. Hagrid şu wagt onuň nähili duýgulary
başdan geçirýändigini az-kem çaklap bilýärdi.
Bu gije Harri okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanyp geçirilýän
baýramçylyga ýeke özi gitmeli boldy. Hanym Pomfreý soňky gezek barlagdan
geçirmek isläp, ony wagtynda goýbermändi. Ol gelende Uly Jaýyň içi adamlardan
doludy. Slizerinler öýüň kubogyna eýýäm yzly-yzyna, ýedinji gezek eýe bolansoňlar,
jaýyň içi olaryň baýdaklarynyň ýaşyl hem çal reňklen bilen bezelendi. Beýik stoluň
arkasyndaky diwarda Slizerinleriň ýüzi ýylan şekilli, ullakan baýdagy asylgy durdy.
Harri girende, birbada içerdäkileriň sesine suw sepilen ýaly bolsa-da, soň
olaryň wagyrdysy ýene-de güýçlendi. Ol Griffindor stolunyň başynda oturan Ron
275
bilen Germionanyň arasyndaky boş oturgyja çökdi hem-de köp kişiniň ýerlerinden
turup, özüne seredişýändigine üns bermejek boldy.
Bolsa-da, bahym Dambldor hem geldi. Adamlaryň gowry bada-bat ýatdy.
— Ýene bir okuw ýyly tamamlandy! — diýip, Dambldor şadyýan seslendi. —
Örän tagamly naharlary iýip başlamankaňyz, men size bimeme takal okamakçy
bolýaryn. Bu örän täsin ýyl boldy! Akyl käsäňize azajyk hem bolsa bir zatlar
damandyr diýip umyt edýän. Öňüňiz tomus. Käseleriňizi täze okuw ýylyna çenli
boşadyp, arassalap goýmaga maý boljak.
— Çakym çak bolsa, öýüň kubogyny gowşurmak wagty gelip ýetdi. Ballar,
ynha, şeýleräk: üç ýüz on iki bal bilen Griffmdor dördünji ýerde durýar, üç ýüz elli
iki bal bilen Hafflpaff üçünji, dört ýüz ýigrimi alty bal bilen Rowenklow ikinji ýeri
eýeleýärler, dört ýüz ýetmiş iki bal bilen Slizerin birinjiligi alýar.
Slizerinleriň stolunyň başynda oturan okuwçylaryň şatlykly gykylyklarydyr el
çarpyşmalaiy jaýyň içine ýaňlanyp gitdi. Drako Malfoýyň elindäki pyýalany gahar
bilen stola urýandygyny gören Harriniň oňa nebsi agyrdy.
Dambldor ýene-de okuwçylaryň ünsüni çekip:
— Hawa, hawa, berekella, Slizerin! Ýöne bolup geçen soňky wakalary hem
göz öňünde tutmak gerek — diýdi.
Jaýyň içine ümsümlik aralaşdy. Slizerinleriň ýylgyryp duran ýüzleri gamaşdy.
Dambldor ardynjyrap, söze başlady:
— Meniň elimde häzir, soňky pursatda gowşuryljak ballar bar. Hany göreliň.
Hawa!
— Birinjiden. Jenap Ronald Wizli!
Ronuň ýüzi erbet gyzaryp gitdi.
— Hogwartsda şu çaka çenli görlüp-eşidilmedik ajaýyp küşt oýnunda ýeňiş
gazanandygy üçin Griffindor öýüni elli bal bilen sylaglaýan.
Griffindorlaryň şatlykly gykylyklary jadyly üçegi sarsdyryp gitdi, onuň
ýüzündäki ýyldyzlar bolsa tasdanam ýere gaçypdy. Gohuň arasynda Persiniň beýleki
toparbaşylara: «Bilýäňizmi, bu meniň jigim! Meniň körpe jigim! Ol hut
Makgonagalyň jadylan küşdüni ýeňipdir» diýip gygyrýandygy eşidilýärdi.
276
Jaýyň içine ýene-de ümsümlik aralaşdy.
— Ikinjiden, hanym Germiona Greýnjer! Onuň alawlap duran oduň öňünde
sowukganlylygy saklamagy başarandygy üçin Griffindor öýüni elli bal bilen
sylaglaýan.
Germiona eli bilen ýüzüni ýapdy. Harri onuň horkuldap aglaýandygyny badabat aňdy. Stoluň başynda bökjekleşýän griffindorlylar begençden ýaňa näme
edýändiklermi bilenokdylar. Olar ýüz bal gazanypdylar.
Dambldor:
— Üçünjiden, Harri Potter! — diýdi. Hemmeler gulaga öwrülip, professory
dmleýärdiler. — Edermenligi hem-de görlüp-eşidilmedik gaýduwsyzlygy üçin
Griffindor öýüni altmyş bal bilen sylaglaýan.
Jaýyň içinde ýaňlanan gümmürdi gulagyňy gapyp barýardy. Şol bir wagtyň
özünde hem hasaplamagy başarýan okuwçylara Griffindoryň balynyň dört ýüz
ýetmişe ýetendigini, ýagny Slizerinler bilen deňleşendigini bilmek kyn düşmedik
bolsa gerek. Eger Dambldor Harrä iň bolmanda birje baly artyk beren bolsady, onda
olar öýüň kubogy ugrundaky bäsleşikde ýeňiji bolardylar.
Dambldor elini galdyrdy. Okuwçylar galmagaly bes etdiler.
— Gaýduwsyzlygyňam her dürli görnüşi bolýar — diýip, ol köpmanyly
ýylgyrdy. — Duşmanlaryňa garşy durmak üçin näçe batyrlyk talap edilýän bolsa, öz
dostlaryňa garşy durmak üçinem şonça batyrlyk gerek. Şonuň üçinem, Newil
Loňbottama on bal berilýär.
Uly Jaýyň daşynda duranyň biri, içerde nämedir bir zat partladymyka öýderdi,
çünki Griffindorlaryň gykylygy biçak batly ýaňlandy. Newiliň ýüzi duw ak bolupdy.
Harri, Ron hem Germiona dagy dik durup, onuň üçin çapak çaldylar. Her kim Newili
gujaklajak bolýardy. Daşyndaky adamlardan ýaňa ol gözede llenokdy. Newil henize
deňeç beýle köp bal gazanmandy. Entegem çapak çalyp duran Harri Ronuň böwrüne
dürtüp, «Tutuşlygyna doňdurmak» jadysyna duçar bolan dek haýran galmakdan ýaňa
gymyldaman duran Malfoýy görkezdi.
Diňe bir griffindorlylar däl, eýsem Rowenklowdyr Hafflpaff öýlerinm
okuwçylary hem Slizerinleriň ýeňlişine şatlanýandyklary üçin içerde ses-üýn alşar
ýaly däldi. Dambldor:
— Bu bolsa... — diýip, gygyryp gürlemeli boldy.
277
— Bu bolsa jaýyň bezelişiniň üýtgedilmelidigini aňladýar.
Dambldor elini çarpdy. Şol pursat bezeg üçin asylan matalaryň ählisi öz ýaşyl
reňkini melewşe reňk bilen çalyşdy, çal reňkiň ornuny tylla reňk eýeledi, äpet
baýdagyň ýüzündäki Slizerin ýylany bolsa Griffindorlaryň çarpaýa galyp duran
arslanyna öwrüldi.
Sneýp zoraýakdan ýylgyryp, professor Makgonagalyň elini gysdy. Onuň bilen
gözi kaklyşanda Harri Sneýpiň özüne bolan garaýşynyň düýbünden üýtgemändigine
düşündi. Ýöne ol bu hakda aladalanyp durmady. Onuň göwnüne bolmasa, geljek ýyl
Hogwartsa kadaly durmuş dolanaýjak ýalydy.
Harri üçin bu agşam durmuşyndaky iň ajaýyp, hatda kwiddiç ýeňşindenem,
Roždestwo günündenem ýa bolmasa äpet trolliden üstün çykyşyndanam has täsirli
hem-de hiç haçan ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Ol bu agşamy hiç
haçan, hawa, hiç haçan unutmaz.
Harri synag netijeleri hakda düýbünden unudypdy, ýöne bahym olar hem belli
boldy. Rondur Harri synaglaryny gowy bahalar bilen tabşyrandyklaryny görüp
haýran galdylar. Germiona, elbetde, öz ýyly boýunça birinjiligi eýeledi. Synaglardan
hatda Newil hem geçipdi. Onuň gerbologiýadan alan gowy bahasy däri-dermanlar
sapagyndan alan pes bahasynyň öwezim dolupdy. Olar şeýlebir akmak bolan äpet
Goýluň synaglardan ýykylmagyny isläpdiler, ýöne ol hem geçipdir. Olar muňa gaty
gynandylar, Ronuň aýdyşy ýaly, durmuşda her isläniň boluberenok.
Birdenem olar özleriniň geýim saklanýan jaýjagazlarynyň boşap galandygyny,
goşlarynyň bolsa eýýäm ýygnalandygyny gördüler. Hajathanalaryň birinden Newiliň
gurbagasy hem tapyldy. Okuwçylaryň ählisiniň ellerine dynç alyş döwründe jady
ulanmagyň gadagandygyny görkezýän hatjagazlar gowşuryldy («Şu hatjagazy her
gezek unudaýarlarmyka diýýän welin...» diýip, Fred Wizli gynançly seslendi). Hagrid
olary gaýyjaklara mündürip, kölden geçirdi. Soňra olaryň ählisi Hogwarts ekspres
otlusyna ýerleşdiler. Okuwçylar gülüşýärdiler, biri-birleri bilen gürrüň edýärdiler,
penjiräniň aňyrsyndaky gömüş bolsa barha gözelleşýärdi. Olar Betti Botuň dürli
tagamly nohutjyklaryny iýip, magl şäherjikleriniň deňinden geçip barýardylar.
Ýektaýlaryny çykaryp, adaty eginbaşlaryny geýýärdiler, otly bolsa Kings Kros demir
ýol menziliniň dokuz hem dörtden üç platformasyna ýakynlaşýardy.
Platformadan okuwçylaryň ählisi çykýança, ep-esli wagt geçipdi. Diwaryň
ýanynda duran goja gözegçi hiç kimiň ünsüni çekmezleri ýaly olary ikiden-üçden
278
goýberýärdi, ýogsam olaryň diwardan toparlanyşyp çykaga-da magllaryň zährelerini
ýaraýmaklary mümkmdi.
Ron Harrä seretdi.
— Sen şu tomus bize hökman myhmançylyga geläýmeli. Ikiňizem. Men size
baýguşumy ibererin.
Harri:
— Sag bol! — diýdi. — Öňümde nähilidir bir ýakymly zadyň bardygyny
bilmek üýtgeşik duýgy.
Olar biri-birlerini itekleşip, Magl dünýäsine eltýän geçelgä ýakynlaşdylar.
Okuwçylaryň köpüsi oňa: «Sag bol, Harri! Ýene görüşýänçäk!» diýişdi.
— Seni tanamaýan ýok-how! — diýip, Ron oňa ýylgyryp seretdi.
— Ol diňe bärde şeýle. Barýan ýerimde bolsa, men hiç kim.
Harri, Ron hem Germiona diwardan bileje geçdiler.
— Eje, hanha, ol! Seretsene oňa!
Bu Ron Wizliniň körpe gyz jigisi Jinni Wizlidi. Ýöne onuň görkezýän kişisi
Ron däldi.
Ol:
— Harri Potter! — diýip gygyrdy. — Eje, seret! Men ony gördüm.
— Ýuwaş bol, Jinni! Barmagyňy uzadyp görkezmek gelşiksiz ahyry.
Hanym Wizli olary güler ýüz bilen garşylady.
— Okuw ýylyňyz başagaý geçipdir öýdýän?
Harri:
— Örän — diýip jogap berdi. — Iberen jemperiňiz we kemputlaryňyz üçin
taňryýalkasyn!
— Bile ýalkasyn, balam!
— Hawa, taýýarmyň onsoň?
279
Harri Wernon daýysynyň sesini bada-bat tanady. Onuň ýüzi edil öňküsi ýaly
gyzaryp, murtunyň uçlary bolsa towlanyp durdy. Harrini görende onuň edil öňküleri
ýaly jyny atlandy. Daýysynyň ýanynda Petunýa daýzasydyr özüne gorky bilen
garaýan Dadli durdy.
Hanym Wizli:
— Siz Harriniň hossarlary bolmaly! — diýdi.
— Şeý diýseňem boljak. Çalt bol, ýigit, biz gaty howlugýas — diýip, Wernon
daýysy aňyrlygyna ýöredi.
Harri Rondur Germiona bilen hoşlaşmak üçin yzyna öwrüldi.
— Täze okuw ýylynda görşeris onda.
Germiona Harriniň Wernon daýysyna seredip:
— Tomsuna gowy dynç aljak-da onda! — diýip, gowuşgynsyz dillendi.
Germiona ömründe şeýle göhert adama gabat gelmändi.
Ýoldaşlary Harriniň ýylgyrýandygyny görüp, geň galdylar.
— Gaty gowy dynç alaryn. Daýym dagy bize jadyny öýde ulanmagyň gadagan
edilendigini bilenok ahyryn. Şu tomus men Dadli bilen heziller edip dynç alaryn...
Birinji kitabyň soňy.
Iňlis dilinden terjime eden Timar MÄMMETGURBANOWA.
280
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 01
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 1866
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 02
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 1928
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 03
    Total number of words is 3761
    Total number of unique words is 1881
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 04
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1964
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 05
    Total number of words is 3710
    Total number of unique words is 1910
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 06
    Total number of words is 3703
    Total number of unique words is 1819
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 07
    Total number of words is 3655
    Total number of unique words is 1922
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 08
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 1996
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    44.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 09
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1875
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 10
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1888
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 11
    Total number of words is 3621
    Total number of unique words is 1874
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    54.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 12
    Total number of words is 3746
    Total number of unique words is 1894
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 13
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 1870
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 14
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1883
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 15
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 1937
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 16
    Total number of words is 3681
    Total number of unique words is 1899
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.7 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 17
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1890
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Harri Potter hem-de jadygöýüň daşy - 18
    Total number of words is 2132
    Total number of unique words is 1258
    37.2 of words are in the 2000 most common words
    51.9 of words are in the 5000 most common words
    58.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.