Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 12

Total number of words is 3715
Total number of unique words is 2496
22.4 of words are in the 2000 most common words
31.4 of words are in the 5000 most common words
37.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Aý, bir elimi ýuwaýjakdym-da.
— Şu haram-harsy poh-yrryhlygyň bile kündükdir beýlekiň gyrasynda
görünmäge miltem edäýmegin. Eşitdiňmi şony?
— Eşitdim-ä welin, menem ýuwmaly borun-a, bi elimi?!
— Onyňy nädip ýuwjagyň-a, biljek gäl welin, o gara kündigi
elletmejegim-ä, çynymdyr, saňa.
— Ýok, beýtme, jan dogan! Men bu şire-şepbikli elimi ýuwaýyn-a?
— Ýok, onyň bolmaz.
— Beýtme! Beýdip, meni ile ryswa, ile metgi etme, jan dogan! Kündügi
elletmejegiň halys çynyň bolsa, onda ýaňy o iti biçemde iki teňňe aldym. Ana,
şony saňa joşaýyn welin, onsoň özüň akadyp beräý meň elime.
— Nä iki teňňäň şyňňyrdysyna özüni perşanladar ýaly, sen meni bir sarsa
doglan dikdüşdüdir öýdýäňmi?
— Wah, jan dogan! Şo iki teňňäň üstüne ýene şonçany goşaýyn welin,
sen, gaýrat et-de, meň elime suw akdyryp beräý, şo kündükden — diýen kişi teý
ýalbara-ýakara dört teňňe töläp, eline suw akytdyrýar.
Ine, şondan soňam eden işini bilmän, bähbitsiz bitelge baş goşup, çölder
çykdaja galyp ýörenlere «Edil it biçeniňki ýaly» diýlip, jaýdar berlip başlanýar.
Murgap etraby,
«Birleşik» obasy.
AŞYRBEDI KÜRTE TIRKELIP...
Öňräk aşnam Amanmuhammet Nepes bile «Annageldi Nurgeldi ýaly
hakyky hemdemlemmi göreýin-le» diýen pikire gelip, Watan gazetiniň
redaksiýasyna bardym welin, başy täsin telpekli, ak sakgaly torbalap giden, eli
hasaly goja gabat geläýdim.
Siňe-siňe seretsem, ol meň görmegi-gürleşmegi göwün küýsegime
öwrüp ýören satirik agam Aşyrberdi Kürt bolsa nätjek. Ol resmiligi arzylanyp,
apaly alynmady, gam bolaňylmaz al bile halk ýazyjylygyna ýetenleri ýeke
sözde kökenine kökermegi başarýan halypa. Onda-da tolkunly talantyna taý
tapylmaz halypa.
Ine, şeýdibem Aşyrberdi akganyňbagjygyna baglandym. Oň bile egin
deňişime, ahlagy arassa alym Hoja Ahmet ahunyň myhmanam boldum.
«Pyragy» firmasynyň kethudasy Annageldi Öwezgeldi Mehur Magtymgulynyň
hatyrasyna beren sadakasyna, herrikgalylaň Mäti Kösä bagyşlan dabarasyna-da
gatnaşdyk. Durundir Hojagala, gyzylarbatdyr Nebitdag, Daşarbatdyr Ak guýy,
Gözli atadyr Awlamaş, Ärsarybabadyr Tüwer, Goňurdyr Merjenli perreň ýaly
ýerlerde-de, gapdalyndan galman, eline suw akytdym.
Her söze garaşylmaýan çözgütli jaýdar jogap gaýtarmaň ussady
Annaberdi akgamyň saldamladyp siňňin söhbetiniň tenekar täsirnema ýyl
bolşuna, onuň diňe bir sesi sagdym sabirik däl, eýsem, türkmen topragynyň
faunadyr flosyna ugursyz ýetik täsin tebipdigine ýene bir öwrä göz ýetirdim.
Ine, içine suw ýygnaýşyna, tulkuldap oturan görgüli. Könelemmiz öňki
ýarym ýaşly erkek oglanyň inçeden, parsa geçer sarç saçyny düýe gatyga garyp
içirişine, ony derdinden saplapdyr. Ýa-da çökder azar görnüşine, pilçedir
oňurga ýa gaýry süňküne zeper ýeten düýe. Öňkülemmiziň oňa igelenip alnan
mis külkesini atdyryp, ynjyly ýere mis kebşirini berip ony gulanalmalyga
ýetirmänem başarypdyr.
Aşyrberdi akgam alwandyr geçigamak, sözendir çit-çiti dogrusynda söz
açyşyna, darydyr arpa, şalydyr jöwen ýaly däneli ekinleri guşdan goraglaýan
guşbanam ýatlady.
— Ümür ini, guşban, daň çyzylyp çyzylmanka diňe çykyşyna, alyň sesi
ýaly eýmanç haýkylygyny tutup ugrar. Emend-ä, ujy çöpüň çyrpyly örme
sapan. Ony başyndan aýlaýşyna, bir golak atyp başlar welin, hoşuň gelsin.
—Aşyrberdi akga! Edrek agaň kakas-a, jöwen garanda «Maýa-ýa-ýa!»
diýip, uly ili bile zowladyşyna, ýörite ýasalan iç-ä deşik, özem eýmenç
sykylykly çaklaňja golaklary ulanypdyr. Nohurly aşnam Rahym Öwezgelenem
oglanka şeýleräk terzedäki golaklary ulanyşyna, sakmanlyk eden ekeni ekinine.
Merhum goňşym Geldi Atda Wekil ogly bolsa, jöwmes jahylka jöwen
goraglanda diňe-de çykmandyr sapanam atmandyr. Ol bir ýaşulyň ýanyna
ýörite gidişine, ýarym aýlap ýaban ýatýar. Tur-otur, kersen getirine öwrülip,
onuň galgaçynam gazaýar. Ahyry çaý içim salymda-da, ondan iki döwlen
düýedaban ýapragynyň tirpildili bardasyna üfläp, öwrenmezmi hälkiden gyrçyň
sesini çykarmany. Şeýdibem, günlükçilik edýän obasyna dolanyşyna, jöwene
ýapa salyp ugran serçeler sürüsini ummandan çykarmaň ussadyna öwrülipdir.
— Görýämiň ony! Ýöne Ümür ini! Könelemmizde «guş gonsun»
diiýenem bir söz bardy. Ol tekizräk ýerde dyz boýy belentlikde üýşürilen
daşdyr. Oňa-da guşlar gonar. Olaň tezegine garan awçylaram, öz etraplarynda
nägeňsi guşlaň bardygyny kesgitläp, ýerli ýagdaýa görä bolup ugrara, hawa,
hawa...
GORKÝANA-A, ÖLER ÝALY.
—Eý, kebzeleri küňreli gara dagym! Heý, seňem, bu däli dünýäde
gaýpynç edişiňe, çekinýän, sazanaklap sakynýan, ýöwselläp burukýan närsäň
bamydyr?
—Menmi? Waý, men puldan, puluň yşgyna düşenlerden gorkýan-a, öler
ýaly. Ýüzi ýalawyň duzy ýalyk galyň-galyň goradan gaýtmaazlar bar-a. Hany
şolara tylla teňňäň zülmiýana zyňňyrdysyny bir eşitdirip gör. Onsoň nädersiň,
meniň gerşimde kerkawlar kapär, üstüne suw serpilen synalam şat-şat
gopuberse. Ýa kerkidir küdüňiniň sümerbaş tygasyny ýylan-içýanyň zäherine
suwaran peläketler böwrümi hoňka deşip, her daşymy bir ýerden çykaraýsa.
—Be, şonuň-a dogr-aý, başy belenjt dagym — diýen kişi onsoň
ýüzlenmezmi uly ulama.
—Pir aga, siz bir dili senaly hakdan penaly; nygtany bolýan, diiýeni
gelýän ýagşyň galagy. Aýtsaňyzlaň, bu ýagty ýalançyda balup, tagsyr, siziňem
gorky-ürki edýän zadyňyz.
—Bo-ho-how! Men hudaýdan gorkmaýandan gorkýan. Onda-da, gaty
gorkýan. Çünki taňryny tanamaýan piriňem bilmez, şiriňem. Asyl, oň üçin
ýagşy ýamandyr har-hamyr edil atyň gulagy ýal-a. Bizü kibi il-ulusa edepekramdyr saldam-sarmak paýlap ýören dag-a, ozaly betinde onuň din-diýanat
duşmany.
—Şeýdiýsene, asyl — diýen kşi soňra ýüňli ýumrudy ýarym batman
çemesi çykyp duran hyşaň gulpagy ýaly hellewli murtuna-da, syrtlaşyp
münäýmeli äriň-äriniň huzurynda häzir bolmazmy.
—Agam, siz şan-şöhraty bagtyndan il gezik nazarkerde bir pyýada. Özem
«At götermez azygyny» diýilýänleriň kendinden. Heý, bu jümle-jahanda
tisginip, tälke tapýan zadyň bormy seniňňem?
—Hawwa-la, halypa! Men heleýikden çekinişine, oňa ýaýaplap ýaňkyny
çykary bilmäm, onuň dilinden sypdyranyny hut hakyň hökmi hökmünde kabul
kylýan ýylana goýundy, nekbetinden edýände howatyra. Sebäp, oňa öýlügi,
ýagny, heleý hany bir ümläbildigi ýeterlik. Uklap ýatyrkaň geler-de, suhlap
goýbär, salyr saplany aç bakanyňdan.
IŞ BEHIŞTDEN ÇYKANDYR
—How, halypa! Gelip, bu dostuňy bir göreweri, hal-hözirini sorap. Buýa
gardaşy gaýdyş edeli bäri, bagryny ýerden galdyrybilmän ýatandyr içurýuk
bolup.
— Dostumyň oň ýaly hussamerklige dahyl gelip biline urlan ýaly
bimarlyga ýeten bolsa, ony bir aýak üstüne galdyryp, täzeden janlandyrmaga
synanaýyn — diýen tüýdeşi ara salyp salman barmazmy aşnasynyňka.
Ýöne, dostunyň, eýýäm, boljagy boluberen ýaly. Hudaýlykly söhbeti
sökläp, dinden dil açsa-da, peýrewä gol atdyryp, sözünden dür saçsa-da,
hunabirýan haldaky hemdeminiň şo bir ýasawy. Käte bir uludan dem alşyna,
gep-gürüňden-ä, elli bizar, asyl, dünýe bilenem däl, gözüni tegeläp.
—Hany, jan dogan, beýdip melullyk girdabynda güýlünip ýatman, gal
aýaga. Piliňi ele al-da. Ikimiz dört döwüm bolup, bitelige başlaly, hoşmy?
«Hoş» bolsa, iş bähiştden çykandyr. Oň gyrasyndan girdiňmi, guşgunaňy
syrdap? Bilmersiň welin, «Waý daryh!» diýdirýän gambergawlyganyň gara
kölçesi dessine syrylar. Şeýdibem deriň bille derdiň çykyp ugrar. Onsoň uzaga
galman gussadan gutarnykly saplanarsyň-da, ýene uzaga galman gussaň ýalança
şärikligiň artar kemin-keminden. Oň üçinem, hany, bol basymjak — diýen kişi
dostuny yzyna eýerdişine çetinden. Dosty bile hymmylybam, üç günläp
aldygyna gämikdir ikisi iki ýerden hälki joýalara gawun-garpyzy.
Ine, şeýdip, uçmadan çykan iş bile dostumyň ýüküni ýerinden ugruşyna,
onuň çökel ruhuny gaýtadan çanatlasdiribem, näme, dolandyr-da yzyna.
GARYBYŇ ZADAM BOLMAZ, ADAM.
1857-58-nji ýylda Gowşut han öňki Janalybendiň aşak ýandaky
berçawly çiginden Murgaba bent gurmagy kalbyna galyplaýar. Ilaty sala salnyp,
salarlys etmek üçin doganymyz Özbegistandan Mämmetwele Mirabam
çagyrylýar.
Ýöne «Eser ýerde gaý tutdy» diýleni. Garadan gaýtmaz ýigitler düýäň
bili ýaly tokmagy galgadyp gazyklary kaka-kaka, hudaýy çagyryşlaryna hälki
sürünleň öňüne çöp bolup ugranlarynda bolsa, gör, ahyryn. Çilşip ugran
lemmerli suw ählije zady topy-tolaýy bile düýplägetdin, çykarmazmy çagandan.
Özem bir sapar däl, iki sapar däl. Onsoň, näme, paltalary daşa degen
adamlaram töwregine garanjaklap ugramazmy.
Şonda Sylap gowçy (gow-ketgen külüniň omgaryna gaýnadylan eken
togzasy. Öňkülemmiz ony çakmak çakanda, uçgundan ot almak üçin ýanyna
götär ekeni. Gowçy-gowy taýýarlaýan, onuň bile iş salyşýan adam — diýen
adam. «Bujagaz bendä bekäýse bor welin...» diýmezmi. O gepem, näme,
salymyny bermän şapyladanlar Gowşut hana.
—Hany, oň ýaly bolsa, besle-dä, bu bendi?!
—Bor, han aga.
— Özüne-de, aýdyp otur nätmelidigini?
—Aýtsam, han aga, gapary gaýratlyňa ýylgyn ýygsyn, gözüne urlan ýaly
bolup. Ulaglaňňam daşasyn ony elýetere. Adamlaň ep-eslisinem ýolla öýüne.
Her haýsysy bir düýelik görüp tanap, ekelsin.
—Hä, başga ýüp bolmazmy?
—Ýok, han aga, ol çig-çemendir güne gaty duruşly. Şoň üçinem garry
enelemmiz gara öýliň gamyşynam çöpür garylan mele ýüňi egrip, bükdürip
dokalýar-a.
Onsoň, han aga, o tanaplar bile sansyz ýaly edägetdin bogup ugrarys,
ýylgynlary gujak ýetmez ýogynlykda. Uzynlygynam ýigrimi bäş ädim çemesi
edip. Soňam bendiň iki gyrasyna togalaşdyryp getiris-dä, bile biten ýaly birbirine soraşdyrys olary. Edil düýe boýny bara bar beýiklikde. Olaň
öňlerindenem eňaşak edägetdin elin tekizläris. Itekledigimiz tebip tapman derýa
gapgarylar ýaly yzly-yzyna.
Ine, bendiň her gapdalynda şeýle äpet logalalaň otuza golaýyny ti taýýar
ederis ilki. Bir sähetli günem, näme, aýlany çagyr-da, güpür-talas temmeläris,
han aga, bu bendiňi.
—Bo-ho-how, gowçy dogan! Sen-ä, asyl tanalmaýan-bilinmeýän zorlaň
zowandan — diýen Gowşut han Sylap gowçyny gapdalyndan goýman
dikeltmezmi bendi.
Hawa, şeýderkä-şeýderkä ähli apyla-sapyla sowulýar. Bendiň bina
edilmeginiň mynasybetine toý tutulyp, ak nama berlen Gowşuda seppaýam
ýapylýar.
Şonda Gowşut han:
—Gowçy gardaş! Emel edip bendi baglan senem boolsaň, ahyrynda ady
bize gitd-owmuň — diýip dillenmezmi.
Şonda Sylap Baba gowçy oglam:
— Aý han aga, han aga! Garybyň zadam bolmaz, adam — diýşine,
buýsançly başyny belent tutupdyr.
GEZEK-GEZEGINE DIŇLE-DE
—Molla kaka, kyn görmän, adamyma asudalyk digasyny bersene? Ýogsa
ol-a, «Sen ýalta, sen hasany, sen nekbetiňem ýylana goýundysy sen massy
balagynam ilde ýogy» diýip, taýagyny towlap dur, üstüme hemdella bolşuna.
Menem, näme, men-dä, «Emelsiziň dili awy, çünrek geýmiň biti awy»
diýlişi ýaly dodaklygmyy edägetdin, bagryny tütedsip bir içipdirýän welin,
hoşuň gelsin.
Onsoň ärçäm ýüzüni erbet egşedip, sen men ýok, herekdäki ýeke damar
şallaga (gamça) ýapyşýa-da, saýgylap ugraýa. Tä julkum çykynça.
Hawa-la, molla kaka, menem, ölse «Alla» diýemz zandy kesilenlerden.
Ýöne soňa-bakdan bu gyk-bakly tut-da-baslyk degnama degipn ugrady bir hili.
Şoň üçinem, onym meni waý gürpli ýagdaýa ýetirip ýörmez ýaly , mamurlyk
dopgasyny ýberäýseň bize.
— Oň ýaly mytdanyklyk doga bermäň-ä, gürrüňi ýok, jan gelin. Ýöne
saňa ýeriň giňinde bir zat sargaýyn. Är aýalyň açmazyndaky hudaýydyr. Oň
gaňryşyna gaýdyp, oň bile dikleşip, iň bile ençebiýlige ýetişiňe ömürylla el
ýalaryn, bal günüme bataryn öýtmegin.
Sen aýdan ary, günden dury bolup, agzyň bile ak guş alaý. Şonda-da, äriň
daşynda pelesaň kakyp, «Hä-hawa, kakasy» diýşiňe, oň göwnüni görmeseň,
bahaň hyrda puldure. Seňki ýaly ekjeşikli jambylda ýetseň dag-a bar onsoň,
itden bisyýak borsuň, dessine.
—Be, şeýdiýsene, molla kaka! Men bolsa, onymyň gulagyna münjek
bolup gara heläk.
—Ýok, ýok! Oň ýaly şallakylygyňam, oň ýaly şermendeligiňem taşlaýyn
itiň ölen ýerinede. Diňe «Hoş, hoşal aga, arka boýnuň gaşal aga» diýip, diliňe
bal çalnan ýaly bolagetdin. Kirle degirmen kysmy hyrlany bermeseň daşynda,
asyl, abraýyň artmaz.
Şol sebäplem, nätdiýsene, jan gelin! Ine, şu ýedi çöpi al. Birbada.
Adamyň. Ony eýdipsiň, muny beýdipsiň» diýip, igenç içesini işledip ugranda,
bu çöpleň birini agzyňa sal-da, bek diňle. Şeýdibem, oňa ýekeje-de gaýtargy
bermän. Işiňe wakybal bol, işiňe. Nädersiň, onsoň ýanýoldaşyň çekge
çylgymlaryna çenli gülümjiräp, urma-sökmeden-ä elli bizar, daşyňda hozhozanak boluberse.
Hawa, hawa, jan gelnim! «Dilim! Dilim! Dilim! Wah, dilim zerarly
ýanyndym kilimlise» ýetmän, dişläber, şu ýedi çöpi gezek-gezegine. Ýogsam,
saňa doga-da düşmez, beýlekem. Bulary dişläp, diliňi gyzylja gaalsynda
saklasaň welin...
— Bor, molla kaka, oň ýaly bolsa — diýen hälki gelşi, ýedi gysymyna
gysyp barşyna, ärine gaarp ugramazmy gaýymjyrap.
ŞEÝDIP EKLEJEŇŇIZEM...
Bir zaman Täç gök, Derwüş aşakdyr Gulhan soltansyz dagy öz
ýanlaryndan arzuw edip göwün ýüwürtmezmi, perişdeleň «Omyn!» diýen
wagty.
Şonda Täç gök (Gaýgysyz Atabaýyň kakasy)
—Çalbaş alaşa münüp, serkerde bolşuma, görülmegik ýurtlary
gezsemdim — diýse, Gulhan soltangyz (ýagny, Tülhan gara ýüz. Körmollanyň
goşgularynda ýatlaýan atly mirap)
—Menem alty segsen ile nan bersem — diýende, Derwüş işan:
—Haý, sizem-ä?! Şeýdip eklejeňňizem bir bitli heleý dämi? On-a gedaý
gezibem galman ýaňkylaň dilegi kabul bolup ugramazmy.
OMRULAN ORTAGAJY GERŞINE GÖTERIP
—Tagsyr, sizem, gaty geň adam-ow! Ilk-ä, Emirligiň adyndan perman
gönderip, türkmeniň o dili ýasy çopany Ýazgulyny Buhara äkeldiňiz. Soňam
«Gurhan sürelerini tüýdükde hoşowaz bile okaýan Allataraplapyn adam bi
diýdiňiz-de, ony asmandan asyp, köpe ymam bellediňiz. Ýöne herneneň
apalasaňyzam onyňyz idili janawer-ä däl. Hut ýas-ýaňyja-da...
—Hany takalaňym tüket-de, gel, göniňden. O näme etdi ýas-ýaňyja.
—Emir agzamalry o ýas-ýaňyja namazyň bir eglimini egilmän, ony
diklimligine okaýdy-da, adamlaň agzyny asdyryp.
—Baryň, oň ýaly bolsa, Taňrytagallaň dürs ýoluny terse towlan o pelit
pederňe suhtuny dikilgazyk eediň gaşymda — diýensoň kiwüwkeş kişiler
älemtas edip getirmezmi Ýazguly halypany emiriň gaşyna.
—Ýeri, how, sylagyny bilmez, türkmen. Sen nä, eýýäm, «Semränu sekiz
gün, doýany dokuz gün» diýdirip, ýok hokga çykaryp ugradyňmy iliň gözünden
düşüşiňe.
—Ýok, tagsyr, beýle biziň-ä, küý-köçämizde-de ýok, ýekeje-de.
—Onda, näme ýaňy namazyň bir eglimini söp-sömelekligiňe okap,
köpçüligi kyn güne goýupsyň?
— Bagyşlaň, tagsyr! Ýaňy namaza duramyzda Idris babaň metjidiniň
berkendeli orta agajy birden bire dez beren ýaly boldy-da, jatylap başlady.
Soňam jorta uçdy-da, namaza duran jemagatynyň üstüne gaýtdy-da eňlip.
—Ana. Şoň üçinem, tagsyr, namazyň şo taýyny diklimligine durup
okadym-da orta agajy gerdenim bile göterip, adamlary basmaz ýaly edişime.
—Be, biz ynam bildirip,ynam bellişimize, mähelläni yzyňyza eýerdip
ugradyk welin, siz, eýýäm haçan, ýok ertekini otaryp, çyzykdan çykyp
başladyňyzmy?
—Çyzykdan çykma däl, tagsyr!
—Çyzykdan çykma bolmasa, hany, onda, görkezdä, bir nyşana?!
—Bor, tagsyr — diýen ýazguly halypa çala eglişine, arkasyny
ýalaňaçlasa, gör-ä!
Çylgymly synjyryk bile gan öýlen kebzesi gyzyl jižžik.
—Ýeri bolýa-da, beýle alas-gopaslyga dahyl gelip, gerşiňi tutuşyňa,
mugjyza kylybilmez — diýen Emir aşaklyk bile iberip barlatsa, adamlar gaýdan
ortaagajy oňarmak üçin, gözüme gurt düşen ýaly bolup, jaýyň üstüni söken
ekenler.
JAMA BASAR ÜSTÜŇI.
Ýaýla garahmetli Gurban Akgylyç bir ýola Goşabutgaň gapdalyndaky
Mergen Çeltegiňkä barmazmy gezmäge. Olar öter-geçerden gürrüň edip,
peýrewäni uruşlaryna esli oturanlar. Ine, birdenem keserip ýatan Mergen
Çeltek dikelmezmi.
—Aý, Gurban ini, sen şün ýatmakçymy-gitmekçimi?
—Men-ä, Mergen aga, sizden rugsat alyp turmakçy bolup otyrdym.
—Onda, sen, eliňdäki çaýly käsäni içägetdin, desbi-dähel ýola düş. Ýada ertir turanja badyňa bitirmeli-goýmaly işiň bolmasa, gyssagly. Ýatypjyk
gidäý bizde.
—Maňa «Ýatyp git» diýmesene. Mergen aga. Men ýaýlaly garahmedim
taýak tüwdürimde ahyryn. Bu ýakyn aralykda ýatyp ýörsem, gören-eşiden
«Pylanam halys türküsini tükedipdir, öýün» diýen iren ýaly. Ol, asyl, Merjenli
Perreniň aşak çetinden obasyna gitmäge gaýraty çatman, onda-munda ýatypturup ýören öhedi ekeni» diýmesinler maňa.
Şoň üçiribem, men gideýin, mergen aga.
—Gitseňiz, syrygynyň çetinden girip-girmänkäň-ä, jala basar üstüňi.
—Men üstümi jala basjagyna-da, seň kebzeçi bilgeligiň hatasyzlygyna-da
ynanýan. Ýöne şonda-da meni ugrat jan aga.
—Görýän weli, seň gara çynyň ýaly. Onda sen nät diýsene! Ana, ho
artbagyşdaky köneje agar çäkmeni goltugyňa gysyp git. Öýüňe baryp, ertirki
agşam yşyklygyňy ýakyp, gaýim-gejimiňi guratmazyň ýaly.
ÇEKGESINIŇ GYLGYMYNA SEREDIP...
Muhammetmyrat Nepesli pahyr ugursyz üşükli şahs bolup, adamyň
ýüzüne garap, çekgesiniň çylgymyna ser saldygy ýylynyň nämedigini
kynçylyksyz kesgitlär ekeni.
Ine, bir saparam, ol depseň yranmaz barjamlyňkyda öter-giderden söz
açyşyna, töweregindäkileri gyzyl gyran gülüşdirip oturan. Edil şo halatam eli
iki çäýnek çaýly täze gelin içeri girmezmi ypyldap. Ol çäýnekleri goýup, yzyna
öwrülip-öwrülmänkä, egni maldaý çabytly başga bir gelnem gelmezmi goşa
humy göterip. Ýaňky elindäkileri goýup, ýerinden turuberende, gör-ä,
içigargalmyş, bu bolýan zatlary! Pasyrdyly keteni köýneginiň art etegi bile dört
çäýnegem düňderip goýbermezmi keçäň üstüne.
Şonda öňki gelin o çaý-çanaklyga seňrigini ýygryp garyşyna, ugraberýä
tasanjyrap. Şo barşyna-da, egmeli börügini şa tärime şarkyldap çykyberen
daşaryk.
—Ine, bagşy aga, özüň gözüň bile gördüň, gelinlemmiziň nägeňsidigin-ä.
Belki, olaň ýylynyň nämediginem aýdyp berersiň, indi.
—Çakym çak bolsa, baý aga, ilki çaý äkelip, siltenjiräp çykan gelniňä,
ýyly ýylan, beýlekisiniň kem sygyr bolaýsa gerek — diýensoň, aşaklyk bile
takygyna ýetseler, hakykatdanam halypa mamla ekeni.
ŞÄKÄR DADYRYP.
—Ýah-heý, halypalar, sizem-ä! «Gowşut han eýtdi. Goşwşut han beýtdi»
diýip, halys ýürege düşseňizem, tanalman duran adam däl-ä, onyňyz. Häli
ölende oň döwletdir dünýäsini terekä-de salyp bolmasz. Ganybir doganyny
ynjadyp, ýerdir ýurdumy eýeläni üçin.
—Sen jora, düzüwlije bol! Iliň sylap, sarpasyny saklaýan adamsy hakda
agzyňa gelenini ataryp oturma-da.
—Nä ýalanmy, eýsem? Ile meňzeş giýewisem-ä ýok, oň. Ilk-ä, utanmanuýalman baryp, dulundaky gyzyny diläp. Soňam öý-öwsele. Asyl, ähli
eklenjinem diläp, «Gowşut hanyň körekeni ýaly» diýdirişine.
—Be, jora, özüňden bilip lak bolaýarmykaň diýdik welin, barha
bujurygyň artýar-ow. Sen Gowşut han ýaly il bähbidi üçin ýanym bişen, oda
düşen kişiden kesamatly aýt agtaryp, arrygyňy gynaýşyňa «Men ony tanaýan-a»
diýýäň weli. Biz seň ejeň-ä däl, asyl, mamaň mamasynam tanaýas. Oň,
hakykatdanam, şeýledigini, ine, şu dürre gamçydan sora-da göräý —
diýişlerine, hälki alty aýlap awusy öçmez ýaly şäkär dadyrar ekenler.
ÖMÜR ÖLMEZLIGI BAGYŞLAP...
Atam eýýamyndanam has ozal Hydyr-Ylýas atly iki dogan bugdaý
ekmezligi bir harmanlyk ýere. Bugdaýlaram güýzüň gyrasy görnenden ýere gar
gyla getdin, jalkyldadyp suwaran soňlar bolmazmy başyna gören ýaly. Her
haýsy bir gujak düýpleň egreýlip duran çarhanaly başlaryna dagy diýsene!
Dänelkeri börügine sygmansoň, durandyr syrtaýyp. Özem gyzyllap, beýleki
edip, dänesini ujuklatmansoň, şeýle bir göze gelimli welin, ygşyldysyna diň
salyp, gelýä-de, bagryňa oýkaberesiň.
Ine, bir sähetli günem hälki iki dogan hudaýy çagyryşyna salmazmy
oragy ýaňky bugdaýyň bir çetinden. Şeýdip, orup, çekip, üç gorluk harmanyň
öňki ýaly birini däl-de, ikisine aýak salanlar. Soňam agaç ýabak bilen elin atyp,
nermeden saplasalar, ine dogaň parasy ýaly çäç-dä, gözüň ýagyny iýip gelýän.
Onsoň, näme, iki dogan deň-derman edip, paýlaşmazmy o bugdaýy.
Yzyndanam agzy gara eşeklerine ýükläp, öýlerine çekmegi gepleşenler gezekgezegine. «Uly başlar, kiçi işlär» diýlişi ýaly, ilki Hyzyr (Hydyr) bugdaýdan
mas ýüklenene eşegi öňüne salyp, ygranja badyna Ylýasyň hakydasyna bir pikir
gelmezmi. «Men bir syrma sallah. Heniz öýlenip-illenemok. Agyr ýüküm
bagjygym. Şoň üçinem artataşa bugdaýam derkäp däl. Agam bolsa çül-çagaň
eýesi. Olaram mä-de-çä. Biri iýjek. Biri-de geýjek. Bujagaz bugdaýyň dagy
çeýnäp pürkeňde-de, olaň ýyrtygyna ýama bolmaz.
Şoň üzçinem, gel, men şeýdeýin-le — diýşine, tä agasynyň garasy
görnümçä, goşmazmy oňka öz bugdaýyndan.
Haçanda Ylýas eşege kakma çal çalaryny taşlap, harmanyň başynda
Hydyr galanda, olam, inisiniňki ýaly hyýala gelmezmi. «Men bir köp düýesi
köprüden geçen oral adam. Tüweleme, ogul ýerinde oglum, gyz ýerinde gyzym
bar. Şükür, öý-öwselämem ýerbe-ýer. Iň esasam, bar zadyň tährini tapyp, kirle
degirmen kysmy hyrlanyp duran öýlügimem daşymda hozanok. Ýeri, onsoň
maňa näme gerekmiş.
Inim bolsa, bitelik başyny tutup, indi gany açmaly. Häzirki kenderi
mydarlygyndan golly-goşly kişä öwrülmeli. Şol sebäplem, men ondan
goldawymy gaýgyrmaýyn, ýekeje-de» — diýşine, dännesinden guýup
ugramazmy Ylýasyňkyň üstüne
Ine, gezek-gezegine,m şeýdip, duran dogallaň bugdaýyna taňry bereketi
inägetdin, olar ony çekibem gutaryp bilmese nätjek.
Ana, şondan soňam Beýik Birabar Hydyr bile Ylýasa iň bir kanagatly, iň
bir takwa, iň bir hudaýlykly kişi hökmünde ömür ölmezligi bagyşlap, özlerinede, il-günüň göwni gubarsyz ogul-gyzyna goldaw ýetirme sargydyny etmezmi.
PORSY ÇOPAN ÇÖLDEDIR
Ir eýýäm goňşy iki gelin saçaklaryny goltuklap gelýär ekeni bir ýas
ýygynçasyndan. Edil şol halatam lowurdyly Kuýaşyň öňüni saýylan ýüň kibi
akja bulut gabalan ýaly ädýär-de, birden-bire jala guýup ugrandyr alarladyp.
Şonda o gelinleriň serwi kamaty mähir-muhabetli ýüzüne ýaraşyp duran
dal gerdenlisi:
Ýagmy, ýagyş!
Guýma, ýagyş!
Kany-manym
Ýoladyr —
— diýşine, göge garapdyr-da, alys aşyp argyşa giden ýanýoldaşyny
ýatlapdyr.
Gar golça kysmy tokgajadan gelen beýleki gelin welin, bo-ho-how! Hilhal, asyl, mar dodakly agyz-burnuňy towlanjyradyp. Şo barmana-da ol:
Ýag, ýaganagym!
Guý, guýanagym!
Porsy çopan,
Çöldedir —
— diýip, gumda çäge çeýnäp, mal bakýan adamsyny kemsidişine, öz
bahasynam gara şaýa ýetiripdir.
ÄHIDIŇ EZIZIMI.
Öňem bir kemmagaldan
görgüsi ýeser garrynyň
ýeke dikrary
ýogalypdyr. Ana, çäge geçirişine, barmaga çatyman çynar ýaly ogul. Asyl, ony
gara ýere beýlekä, dözer dagy eder ýaly däl. Kölegesinde keserip, saýasynda
salkynlaýmaly ýüňi ýeten bir goç ogul welin, gördügiň bagryň-bölek bolup,
ýüregiň gyýym-gyýymlyga ýetme bilen.
Enesi pahyram indi üç günüň içi, saçyny ýaýyşyna, hunabirýan halda
gujaklap ýatyr-da, jana-janyny. «Indi boldy, bes et! Hany, aýryl beýläk. Biz-ä,
ilde-günde görmändik seň ýaly zady. Nä öleniň yzynda ölüp bolýamy? Hany
«Jan berene, jaý ber-ä» «Muny bir epläp gelsinler-ä» diýip, ölä ýalbarmazyny
ýalbarsalaram eger-eger. Şo ýatyşy balaasyny bagyrtlap. Ine, şeýdip, dördülenji
güne sananda hälki bagtygara:
—Waý-aý! Janlammeý eý!
Waý-eý! Jigerlem-eý! Waý-eý!
Ýetdirdin-eý! Halys-eý!
Borl-eý! Wah-wah-eý!
Ähidiň geregim-eý! Wah!
Getiriň merezligim-eý — diýşine, gyrataga çekilişine, saçaga gözüni
aýlapdyr.
NÄDERSIŇ, GÖZÜŇI TEGELEÝŞIŇE...
Iki sany kişi küreniň ýeňsesindäki ýoldan ýöräp barýarka bir biçäräň
uzyn-uzyn gygyrýany gulaklaryna ilýär.
—Gel how, şo bendäni görüp geçeli-le, işimiz her neneň aldymgaç bolsada.
—Ýör bäri!
Ana, onsoň barsalar, ýüzüne ölüň repki ornan bir görgüsi ýeser ýatyr-da
bagyryp.
—Ýeri, how, halypa! Bar-bar bagyryp, ülkäni örüzýäň welin, aýtsana
näm bolýandygygyny?
—Wah, dözmez doganlam! Meň bile işiňiz bolmasyn. Görüp durşuňyz
ýaly, meň bärimden aňrym ýakyn. Yza berşi şu bolsa, ertire çykaryn öýdemok,
ýekeje-de.
—Ýok, beýdip, ýok tezzekzybana tutma-da, aýda bize dahyl gelen
nägehanyň nämedigini?
—Aýtsam, jan doganlar! Men buşugy bilemok, indi ýedi-sekiz günden
bäri.
— Buşugy bilmeýän bolsaň, ýene iki sagatjyk garaşybilermiň bize?
—Näme garaşman.
—Hany onda çaga-çolaklaň gazan ataragetdin, ýandakdyr sözeniň
horjunymyzdaky şu köklerini gaýnatsynlar emenjek. Soň bizem saňa durluk
ýaly şo suwdan eslijäni içiris welin, nädersiň, buşugyňy saklabilýän, gözüňi
tegeläberseň.
—Aý, siz-ä, Hydyr ata bolup ýetişdiňiz-de, «Eşegi girse, tebibi ger»
edäýdiňiz-ow, jan agalar — diýen derdejel pahyr ynjyly ýüzüni çytyp, çolarak
ýyljyraklaýşyna, tirsegine galyp ugramazmy.
OMARYŇ OGLY BOLSAŇAM...
Dört çary ýarlaryň ikinjisi bolan Omar halyfyň syrdamyndan salykatly,
çak edişiňdenem görmegeý, uçursyz hoşzyban ogly bar ekeni. Ýöne «Wah,
dost, waý, duşman», «Dost sekiz, duşman dokuz» diýleni.
Ine, bir günem Omaryň göwni gemreli garşydaşlary ýonulyp ýasalan
ýaly gyzy çykaranlar hälki oglanyň öňünden.
Gör ahyryn! Öz-ä, daraýynoş. Eginlerem terezilenip dur, terliginden.
Gözel bag çebşiňki ýaly. Ysy janyňy alyp gelýän kökenli käkiliniň burumburum zülpi tarlaryny dagy diýsene!
Owsunly Nawutanyň duzagyna dahyl gelen ýigidem, näme, özüňize belli.
Hajyn-huşugyna maýyl bolşuna, baglanmazmy bagjygyna.
—Aýuw, oglan! Gidäýeli-dä, biziň öýdäki kelte biçüw meýlise?
—Gözel göwnüň. Maňa, näme, sen ynjamasaň bolany — diýen
nowjuwan olara barsa, bo-ho-how! Saçagy bir bezäpdirler welin, gaýry naznygmatlara, baýaky düýeli, kepderiden saglyp alnan guşuň süýdüne-de, edil
eňegiňi basaýmaly.
Şeýleki şam-şarklyga düşen oglanam, näme, meý-mest bolýar, iýipiçişine. Ahyram, çyzykdan çykyp, öte geçişine, boýnundan sarlyp, ýüz-gözüni
ýalap ýatan gyza-da ýetmezmi, ýorgan ýakynlygyny.
Şeýdip, ikigatlyga ýetişen o maşgalaň aý-güni dolýar. Top ýaly çagasam
bolýar. Onam ýedi çilesinden çykyp-çykmanka «Eýelik et, bu dölüňe»
diýägetdin, taşlanlar. Hazra Omaryň etegine. Omar görgülem nätsin! Aňk-taňk
boolşuna, çagyrmazmy ogluny.
—Näme nikasyz maşgalany beýtdiň?
—Aý, şonda şeýle boldu-da, atamjan, ýörite arak içirip, başymy-gözümi
aýlansoňlar.
—Ýok! Ýok! Beýdip sypaýaryn öýtme! Omaryň ogly bolsaňam «Eş bilen
eden, egni bilen çekäýmelidir! Oň dagysy bolmaz, hawa, hawa.
Hany, muňöa geçilmez günäsi üçin, desbidähel, uruň ýüz dürräni!
Ine, şeýdip, ýetmiş bäş dürre urlan oglanyň endamy bölek bölek bolýada, orta harkyldysy
—Tagsyz, indi ursag-a, ogluňyz tabşyrjak amanady.
—Nä, şo soralýamy? «Uruň!» diýilýär-ä, size!
—Bor, bor — diýip, segsen dürräni suňşuran batlaryna, tebibe zat
galmadyk oglanyň tökjany çykmazmy.
—Tagsyr, ogluňyza ölendir.
—Ölse üç köpsün weli, uruň ýene — diýlensoň, maslyga togsan dürräni
ellänler.
—Tagsyr, indi ursag-a, suwa tutara dirinikli deregem galjak däl,
ogluňyzyň.
—Be, ýoknasyz ekeniňiz-aý. Uruň-a, gepi köpeltmäň-de, şo ýüz dürräni
— diýensoň saýgylana-saýgylana julky çykyp, tultuk suw bolan jesedi
jaýlanlar.
Şeýlelik bile, berebekgeýligi üçin söwýar ogluny öldürip, hunabirýan
hussamerklige gaplanan Hazraty Omar türge dümüp ýatyşyna düýş görmezmi.
Onda ogly «Atam jan, men haramylyga hemra bolamsoň, gepe galyp ölmesem,
seniň adyllygyň sebäpli, behişdi boldum-da» diýip dur, ýüzüni galdyrybilmesede.
KÖNE KÜLEÇÄ DULANYP...
Ozalam üç sany gaňrylmaz kişi:
—Wah uzadan ýerime elim ýetip, men bir jümle-jahany görsemdim, inegana.
—Şu ýagty ýalançyňhiç zada derkaryma däl, meňňem. On-ýigrimi gün
ýatyp, jyllygym çyksa bolany.
—Akgaňlar bolsa, halypalar höwesim bütinleý başga zatda.
—Aýdyp otur-da, oň ýaly bolsa...
—Aýtsam, hanymyzyň dilber çykan gyzy bar-a. Ana, şoň bile çolaşyp
ýatmaň kül-külünde men-ä — diýşip, göwün ýüwürdip otyr ekenler.
Edil şo halatam hanyň köne küleçä duwlanyp pukara surraý bolan gyzy
geçip barýar ekeni-dä, hälkileň duşundan ýaňky gepler gulagyna kaklyşandan,
olam, näme, sowulmazmy ýanlaryna.
— Gurgunmysyňyz? Oturanmysyňyz, sag-aman? Menem haýalkeşliňňize
geň galdym-da, öwrüläýdim-dä, yzyma.
— Öwrüleniňiz-ä, ýagşy welin, ozalybetinde, siz kim asyl.
—Men hanyň gyzy. Ýaňyja jemagatyň hal-ahwalyny göreýin-le» diýip
çykdym-da, aşaklyk bilen.
—Baý-ba! Ond-a, biziň hajymyz kabul bolup, arzuwlarymyzyň ýek-ýarymynyň
berkararlyga baraýmagam ahmal-ow.
—Dagyňyza biljek gäl welin, seň sapara gidip, syýahat edesiň gelýän bolsa,
bar-da, ýatlat, kakamyň gaznasyna. Maňa ýakutdyr göwhere, laglydyr jöwhere
bezelen jygadyr jüpbe almasynlar-da, oň harjylygyny beräýsinler saňa.
Göwün solnyňdan çyk, syýahat et-de. Ýöne «Mugt Buharda ýok» diýlendir.
Nirede bolsa-da, gören-eşiden nepagamy zatlaňňy hakydaňa galyplagyn.
Geleňsoň olary il-halka ýetirip, köpüň güzeranynyň gullugyna goýaryň ýaly.
Düşdündiňmi, şoňa!
Senem bir egne on-ýigrimi gün ýatmagy ýüregiňi düwýän bolsaň,
ölersiň-de, alajyň ýok ekeni. Aslyýetinde, ynsan balasy her iýjek naharyndan
öň dört döwüm bolup, işlemeli, derläp. Garabokurdaklygyndan on esse
zyýanam gazanaýmaly, şonda. Bilen üçin, bukuda eplenipň ýatmak, ölüme
barabar ahyryn saňa. Işläp, il-ulusyma peýda getireýin» diýmän, ýataýynla,
ýangara degen ýaly» diýeniň üçin, häzirlikçe kyrk dürre buýurýan. Ýogsa, seň
kelläňden gowurmaň ysy gelip duram welin...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 13
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.