Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 02

Total number of words is 3745
Total number of unique words is 2564
23.0 of words are in the 2000 most common words
32.9 of words are in the 5000 most common words
39.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Eger külli türkmeniň hormatly dynç alyşdaky aksakgallary Çolukj akga kysymly
işeňňir bolsa-dy. Onda biziň uzadan ýerimize elimiz ýetip, sahawatly saçagymyzda
naz-nygmatdan ýaňa ýerem tapylmazdy.
—Ine, men ýere gaçan bu ýapraklary enzirut ýaly edip ýugnaýan. Soň olary
saman, bede, çaňňalak bile garyşdyrýan. Çala çygyny ýetirişime, öňünde goýýan
welin, sygyrlam myşylaşyň barýa-da, ýöne semiz aýagy semizlie ýetip. Özüne-de,
görüp durşuň ýaly, meň sygyr ýatagymyň aşagyna ýapgydrak edip, tagta düşelgi.
Onsoň aşaklaryny köljerdip durjak gümany ýok. Ähli orta-taşalary akyp gidýär,
allawarra, hoja gaz nowajyk bile. Diňe tezeklerini artsaň bolany.
Bu-da, towuk keteklem. Özüne-de, men ýaz, tomusdyr güýz gök ýorunja,
gyşyna-da oň pürtigi pozulmadyk bedesini ýaltanman çapyp berýänligim üçin,
towuklam, ýyl ýüzi ýumurtgany jäç ýaly edip taşlaýar. Onsoňam, sowuk-saýkadada, men üşedemok olary. Towuk digdirekläp durmasa, aňzakdyr beýlekide suwuny
ýyldyp berseň, garnam göwün diýer derejede dokja bolsa, hakykatdanam, ol ýedi
hazynanyň biri.
asyl, ýumurtgaň minneti ýok, oň ýanda.
Ine, bu köne bedrelerem şeýdisdirip asyp goýýan. Oňa-da towuklam böküp
münägerdin, guzlaýar ýumurtgany, içini görer gözden sowaşygrak, bukduburg
saýyşyma. Onsoň, näme, oňa käbir kakabaş towuklaň jüp çarşakdyr çüňkli
paltasynyňam degjek gümany ýok.
Ýöne meň towuk keteklem öwsamyrak. Ýatan turan ol-biden başy
birikdirilmän taşlanansoň. Onsoň näme? Herpeneň çalawujntlydyryn öýtseňem,
demirden düzülmedik meňki ýaly towuk keteklerde bitem bolaýýar. Ol
peläketlerem gije towga ýapa salyşlaryna, jahan ýagtyldygy kürsäp urýa-da, hol,
agaç nowajyklaň aşagyna. Irden olary beýlesine agdaryşyma ählijesini çöpledýände, towuklaň özüne «tak-tak» etdirip.
Men goýnam bir gapdalymda goýamok. Aslyýetinde, 1924-nji ýylda
Damlada doglamda «Daşy guradygy, muny goýun gopan ederis» diýip, maňa
Çoluk adyny goýan ekenler. Wagtal-wagtal ýanlaryna baryp, ezmaýyşly arka
duram soň, çekene çopanlaram diňe meň däl, ähli halkyň malyna-da, ýagy ýaly
dalap baranoklar.
Ine, bujagazlar bolsa, sürüden gelen arryk-urruklam. Iki aý çemesi elimiň
ýokuny ýaladaşyma, eýe gözümden suw içirýän welin, olar özüni gowurmaga däl,
«Be, galan ak ýagymyzy haýsy gaba guýsakkak» diýip, tegelediberýär gözüňi.
ýaňy Ogul boldy ýeňňeň size çaý-çörek berende, gördüň-ä, saçagyň nägeňsi
kysmatlydygyny: erik, igde, kişmiş, kak, sök, mesgedir saryýag. Şolaň bary öz
azabymyzyň öndüren önümi. Ýöne men siziň öňüňizde öz ter üzümimi goýup
bilmändigime gaty gyynanýan.
Men güýzüň çaba bulutlary aýagyny sallap ugranda, hoşa ýüki ýetik
üzümlemmiň daşyna ýandan aýlap çykýan, olara guş, arydyr beýleki örji bolmaz
ýaly. Ary dagy üzümiň ysyny alşyna, geler gaýdaralyp. Şo barmana-da, ganatyny
tikene deşdirip, ýataändyr, ho, aýagyň aşagynda wyzzyldap.
Ýöne ýakynymyzdan demir ýol geçir, stansiýa beýleki açylaly bäri,
töwereklerimizde eýesiz it käneldi. Olar ýandakdar gaýryňa garaman, daşyna
geçişine, tährimi tapagetdin, barja üzümlemmizden el ýuwdursa nätjek, nämeň
nämedigini aňşyrman kak-diýen ýaşuly bizi bagyna aýlady. Jüňňürdikli
guýusynam görkezdi. Soňam Abyş Welbeg, Bally Ýazmyrat, Allaberdi Janmyrat,
Tuwakmyrat Taraş, Ejebaý Meret, Jahan Gurban Gaýyp ýaly dözmezleri bien
tanyşdyrdy.
Oraz Salyr obasyndaky şäher dosty Kakajan Gurbanyňka äkirdi. Sarahsly
srhetçileň öňünde il-ulusdyr dogduk Diýar dogrysynda ilki türkmen, soň bolsa
pars dilinde çykyş edişine, hemmeleri haýrana goýdy. Beýniňi doňduryp barýan
pikir-paýhasy bile, köpçüligiň gapdalyndan göç geçirdi. Edil şu günki gün
Saparmyrat Serdarly Nyýazowçy ýaş esgerler üçin geip geçi ýaly baş gürrüňiň
däl-de, dodagyndan bal damdyrýan darlt sözüň hur kanuny zerurlygyny açyp
görkezmänem başardy.
Biz ýaşuly bilen egin deňäp «Adam öleniň» namaz ugryndaky Gullaşyň
kakyny synladyk. Ony Gullaş Mämi 1970-nji ýylda öz zähmet hakynyň hasabyna
kerlenden gelýän suwuň ugrunda gurduran ekeni. Soňam alaňlardan aşymyza
Pulhatyna (Dulhatyny) bardyk.
Teke hanyň (Dulhatyny) Pulhatynyň gündogar gapdalyndaky giňişligi
suwarmak üçin Tejen derýasynyň gaýra gapdalyndaky belent baýryň böwrüni
deşdirip gazdyran täsin ötüginejm synladyk. Tejen germabynyň deşer gazygyndaky
gyryň ýarty ýüzünde jüneýit hanyň (1862-1938) amanat goýlan mazaryndan (?)
mekdebimiziň edebi etnografik müzeýine ýadygärlik daşynam aldyk.
Duz oýundaky Ýomutgyrlanaýlanyşymyza Geldi Aman, Nury Rejep,
Ahmet Welihan, Döwlet Geldimyrat, Berdinazar Huseýin ýaly ýoldaşlaryň
hemaýaty arkaly Gaýtarmyş ata, Kepil Pinhan, Agar, Ýaryk gala, Dam-dam,
Zülpikär kimin ýerlerde ser salşymyza serhetçi ýigitler bilenem duz-emek
bolduk. Ýolbeledimiz Döwlet Döwletiň dostana tagallasy netijesinde ençeme
müzeý ekenonatlarynam ele saldyk.
Şol hemdemli günlerimizde Çoluk akgaň bize aýdyp beren şirinden şeker,
baldan datly gürrüňlerini diýsene! Olary
gylyny gymyldatman hakyky
hyrydarlaryna ýetirip bolsady. Ýöne ol meň elimden-ä, ömürylla-da gelmez.
Ony aýny hata bilýän. Şeýle-de bolsa, «Doýumlykdan dadymlyk» hökmünde
olaryň altyn başky bugdaý bile baglanyşykly käbir pursatlarynyň beýanyny
bermekçi.
Hawa, inilem, «Ir eken harman alar, giç eken arman alar» diýişi ýaly,
bugdaýy ir ekmeli «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni. Hazanda ekseň ekini,
alarsyň awyň sapyny» «Mizandan soň tozan, hazandan soň tozan» diýen ýörelgä
ten beren çyn daýhan ýylyň irinden deprenli ugramaly.
Aslyýetinde, ölümden özge zadyň irkisi gow-a. Ondan buýanam, syňragyň
arasyndan sypan bugdaýyň azalyň onuna degip, soň ýere düşen däneden öňürti
gögerýändiginem bilip goýmaly.
Eger ýeriň ozal sürlip, kebzesini güne çoýujnşyna, ýatan bolaýsa dag-a, bar
onsoň. «Kyrk ýylky bozumdan, kyrk günki şňdňgärim» diýleni bor-da, asyl, edniň
alan ýannalyga ýtme bilendir.
Onsoňmy/ Onsoň bugdaýy sepeňde tohumy gysganmaly däldir, ýekeje-de.
Her gerlen penjäň ýa ýere taşlanan telpeginiň aşagyna bäş däne düşse
boldugydyr. Şeýle-de:
Bugdaý ekseň,
Gysganmagyn tohumy,
Üçden birin,
Guş alar.
Üçden birin,
Gyş alar.
Üçden birin,
özüňe galar,
Ine, budur.
Daýhançyloyk pähimi—
—diýlişi ýaly, seýregiň baş, gürüň çäç getirýändir.
Özüne-de, bugdaýy gara ýere gargyladygyň, ony eýum-kaýuma goýmak tiztizden suwarmaň ugruna çykmaly. Ýogsa ýalagyň çaýda galdy biläýgin.
Bugdaýyň «Sen meni palçyga garsaň, men seni gylçyga gararyn» diýendigini
hakydaňda saklap, desbidähel, şüdügäridişleň köwlenmesi, gozgalaň gaçyldysam
bizara kylmaz. Suwarylan soň tutş töweregi berçawly tabşyrym birlige ýeten
düýplere iň aldakçy aýazlaram howatyrly däl. Agyz urşuna maldyr beýlekem
goparaýmaz ony. Biz mydama bugdaýy ir ekmelidigini nikartlaýas. Ýöne
ýetişiksiz gara gündelik zerarly gijä galnan halatynda hem ýaýadanyp durmaly däl.
Töwekgelçilige salyp, tä, ýanwaryň ýigrimi bäşine çenli ekibermeli sazanaklaman.
çünki ýere duwlanansoň, üstüne bir öwrä suw gyrnaklap üşän bugdaýyň güýzlik
bolup çykymly hasyl eçilibilýändigini könelerimiziň toplan tekribesäm görkezýärä. meger şonda olar «Arpa altmyş, bugdaý dogsan günde» diýen pähimden ugur
alandyr. Ýöne her hal, çaman ördek burup uçar etjek bolmaly.
Şeýle-de, «Ýazlyk ýaltanyňky, güýzlik pugtanyňky» diýip, tekrarlama kemini
goýmadyk eždatlymydyň mydama güýzlüge topulyp çykawuntsyz ýazlykdan,
mümkin gadar, gaça durandyklarynam bilip goýan ýagşy.
Hawa, sen bugdaýy ekdiň. Suwardyň. Olam Hudaý «Al gulum» edensoň,
semene ýaly çykdy maýsalap. Ýöne tä dört ýapragyny atanaklapça, telesläp,
beräýmegin oňa ikinji suwy.
Diýeli, ýeriň-ä, eliň aýasy ýaly endigan däl. Kaleçaýdan ýantymly. Senem
tährini tapmanrak, heniz pylan zeýilli eýikmedik ekiniňi suwaransoň depe düz
günlige ýetirägetdin. Ana, onsoň, bugdaýymy ekenje igletdim hasaplaýgyn.
Aslyýetijnde, ak ekiniň birinjiden özge suwlary çala yzgarlandyryp çapdyrmaly
aldym-gaçlygy halaýan ýaly.
«Iň aňsady ak ekin, bugdaý-arpa» diýýändirler welin, oňa gaty bir
ynanaýmagyn. Olam goýun bakan, jyns at ýetişdiren ýaly, diýseň çylşyrymly
kesbi-kär. Eger sen ýardyksyz kimrikär-daýhanmyň? Onda bilip goýgyn!
Tohumyň bile hutma-hut çykdygyň baý, telpegiňi göge zyňarsyň-a. Sebäbi. «Ony
etjekdim welin, bu boldy» diýýän daýhan ýyla armanla-a.
Alyp göreli, sen edeniň jaýba-jaý düşüp, bugdaýy ir ekdiň. Olam gögerdi
myk urlan bolup. Birki öwrä-de suwardyň. Ozalam ýeriň teýli. Emma sen «Iş
aňsadyn ýalta tapar» etmän, ýene dökünini ýetirdiň. Onsoň, näme, düýpleň,
ere-mers, asyl. Şu gidişine gitse, bünde-saba bogna-da münäýjek. Şonda sen
tä, fewralyň 22-si bolup, ýere ýyly gidinçä, oňa mal kowmaly. Malyň ýüzüni
çürter. Düýplerini basgylar. Içinde ýatyp turar. Garaz, «Mal bugdaýy iki
tohumlandyr» diýilşi ýaly, bilmersiň welin, bugdaýyň berekedini artdyr.
Ýöne ýeriuň arryk ýasaw, döküniňem keletik kaksa welin, ekiniňe malyň
toýnagyny düşürmän, başga bir usul etmeli. Bugdaýyň üstüne goň öküzdir ýa
gaýry bir ulag bile mala basyp, mazaly mynjyradyşyňa, ýere ýaplykdyrmaly.
Oňa döweleme diýýändirler.
Hawa, ikilem, şeýdip, bugdaýy alada bilen gurşamaly. Guş atjak ýaly
mergençeläp, töwereginden aýrylmaly däl. Onsoňam bilýäňiz-ä, bar zadyň
yhlasyňa görädigini.
Ine, şeýdip, ekiniňi bogun bokurdak edip suwgatman, tümmül suwyny
bereňde-de, haçan ygal-yslaňdyr. Tupan boljagyny bilýän kebzeri keçemi üşükli
bolup, ony ujaladyp-gyzyllaman, şemala beýlekä ýykdyrman «Bugdaýyňky ýel
bile, tohumyňky hil bile» diýen ýörelgä ýykgyn etmeli. Onsoňam ýetişen
bugdaýyň içindäki syrkyndyr selme, akbaşdy ýandak ýaly çöp-çalamlary ýalawly
kepjäň demine düşürägetdin, öňkülerimiziň, «Arpany ag bolsa, bugdaýy giç
bilen» garaýşyna eýermeli.
Şeýdip halatymyzda, jan inilem! «Alty aý otyryn, alty günde ýetirin», «Bäş
aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş» diýen bugdaý biziň geýregimizem galdyr,
saçagymyzam dolydyr.
ÖTÄÝINIŇ ÖTÜGI .
On-onki ýyllykda bolaýsa gerek. Bäherdenli dözmezim Bäşim Alma bile obadanoba aýlanyşymyza, miras ýitiginiň gözlegine çykdyk. Şonda Bäşim jan «Waý,
seni Weli kakaň ýanyna-da äkideýin ahyry» diýşine, iňňeden çykma motoryny
gürledägetdin meni garaža ýetirdi. Kak çekgeden gelen orta boýly Weli
Kömek bilenem duşurdy.
—Be, şeýdip, indi bir aý bäri, ýaşulylaň ýanyna aýlanyp ýörin diýsene,
biziň bäşim jan bile?
—Hawa, Weli akga, sizem, kyngörmän, Gubadyr Gymmat, Ötäýidir
Harabeg ýaly bäherdenli şahyrlar barada gulagyňda galanlary aýdyp
beräýseňiz?
—Wah, jan ini! men Hudaýbegdir Gymmat gyz hakda alyga alarlykly zat
bilemok. Guba Şahyrdyr Ötäýi kişi akjamlanyp otyrdy.
—Guba-da, Ötäýi-de ýarajyly. Meň öüzm Ötäýi şahyryň kowmundan
Gulgeldi sazanda-da daýy ugrum. Guba şahyryň kakasyna Perreň aga diýer
ekenler.
Ony Ötäýiniň işekçer jahylka döreden:
Hödür etmäň Guba dosa,
Gözi meňzär çakan-asa,
Golyn daňyp, ol iňlise,
sataweri, Perreň aga—
—diýen degişme bendem tassyklap durandyr-la.
Guba bile Ötäýi mydama diýen ýaly goşgy-gazal aýdyşyp, hezil berer
ekeni giden märekä.
Ine bir gezegem Guba şahyr:
Dört agaçdan derwezeli,
Altmyş iki ýerden ýabagy bar.
Kyrk sekiz ýerden güýçlengi,
Başynda bir tabagy bar—
—diýip dillenende. Ötäýi oturanlary aňk edip, gara öý hakdaky ol aýtga:
Ussalar ýasar jyz zany,
Pähm edip tapdyk bizdäni,
On batman köýnek-dyzdaky,
Ýarym batman telpegi bar—
—diýen jaýdar jogaby gaýtarypdyr.
Ötäýiniň çyn ady Allaberdi ekeni. Şahyryň Gök-Laçyn atly edenli ogly
Owganystanda Köşk bolup gulluk edipdir. Görme-görşe gelende onuň kakasy
bil aýdyşan «Menteke zürýady, dänmenem ähtden» diýen şygram bolmaly,
tanybilseň.
Bir öwrä ötäýi gören düýiş dogrusynda dil ýaryp «Men bir taşlanan.
Ýanyma dört bolup gelselerem, üçüsi meni göterdi. Birem göwünsiz ýapyşdy.
Şoň üçinem, görensiňiz, döredenlem ýiter gider» diýenem bolsa, o gagy bir beýlede däl. Menem onuň:
Ötäýini emel bile eklediň,
Wepa begim jepa bile eklediň,
Ak telpegim el ýüzünde sakladyň,
Atalyny tarhan eden ýalançy.
Ötäýi diýr, dünýe pany,
Bu panyga gelen käni,
Gökdepede Sabyr hany,
Äleme soltan edeýin—
—diýen ýaly bentlerini hakydamda saklap ýörün-ä. belki, il içinde onuň
eserlerini syrçasyny syndyrman aýdyp berjeklerme bardyr, gözlemäňizi goýsaňyz.
Ýöne, gep gerdişe gelende, Ötäýiniň elinden dür dökülýän ussa
bolandygynam bellemeli. Ol daş ýonup, degirmen gurmaň, onda-da, hyrryldysy
synmaz suw degirmen gurmaň ezberi ekeni. Ýöne şahyryň kärizgepligiň
hötdesinden gelendiginem bilip goýmaly.
Edil şol döwürde Nurberdi han (1829-1880) öz Hankärizini gyzdyrýar
ekeni, ileriler kürtlere. Olaram suw çykar jalawa (derbera) ses ýetim galanda,
ýerasty daşa uçrap, togtatmazmy suw gazmany.
Şonda Nurberdi han Ötäýi sala salypdyr, ýanyna çagyryp.
—Şahyr, käriziniň işi ýatyp galmasyn. Özüň bir täkrini tap. Oglanlaram,
goldawyny gaýgyrmaz.
—Bor, han aga! —diýen, ötäýem dikhanadan söwe girýär. Hälki syrga ýaly
bolup ýatan gök daşyň böwrüne ulag arkaly getirilen kerkawy ýakýar. Kerkawyň
howram özüne belli. Soňam gyzyp boljagy bolan hälki ýere serpmezmi sowuk
suwy. Şeýdip, şat-şat edip gowşaşan daşlary kemin-keminden aýry bol. Aňyrsy
otuz-kyrk günde bir ýüzli etmezmi söwdeşmesini. Uzagyndanam ol ýere «Ötäýiniň
ötügi» ady galan.
Haçanda peşgärdäki temme ýykylyp jalawyndan suw jogurdap ugranda
Nurberdi han Ötäýi ýüzlekiňdir.
—Şahyr, ine, şu suwuň ýediden biri seňki. Özem ene süýdünden halal.
ýerem bolup ol, halan gapdalyňdan.
—Ýok, han aga! Serkardyr kelemeli ýer suw derkaryma däl. Meň GökLaçynym-a, gulluga girip özüni Owgana atdy. Seň berjek ýeriňe eýe bolmaly
Rüstem janam ýöne bir zat. Diň salamda, yzynda-da çala bir gara görünýär. Onsoň,
o ýersuwuňy Rüstem oglum ýek ýigrenýäniňe bäş put çaýa satar-da, ony goňşy
eder goýar saňa. Şoň üçinem, han aga, haltasyny süýräp gelende:
Maşgalaňy hor etmen,
Un-bugdaýyň baýatman—
—diýdi-de, ýylalanasyyny ber. Terne-tüwelek wagtam, çenden bir at ýüki gawungarpyz emleseň bolany-diýen Ötäýi Hudaýlygyndan gelipdir.
Soňra Weli akga Rüstem soňy, onuň aýaly Abadan eje dogrusynda-da durup
geçdi. Olaryň ogly Ärnyýazyň ýetmişden geçip, 1950-nji ýylda ýogalandygynam
ýatlady. Soň biz Hudaýberdi Pälwan, Myrat Babasary, Ogulgerek Anna, Säher
Batyr, Aman Döwlet, Magtymguly Abdy, Annamuhammet Hojaguly, Aman
Gurbanmämmet, Baýrammuhammet Nury, Biliş Gadam, Aşyr Garry, Tüýli Ryza
ýaly ýoldaşlardan ötäýi hakda sorag-ideg edişimize Geldi Baýrama tirkelip,
hankärize-de bardyk. Dik Hanaň gapdalynda ýaýrap ýatan daşlardan, çen
tutuşymyza, ötäýiniň ötügini synlabam, derbera ýetdik. Her sekuntda 50-60 litr
çemesi suw berýän jala badan zogrydylýan kümüşsow erginden gözümi aýyrman
otyryşyma-da «Ynsan belasy degse bir gara başynyň, agysyny aglaman, turuw
başdan il aladasyna berilmeli. Şonda onuň azaby peýgan bolanok. Ötäýidir
Nurberdi hanyň bu biteligi ýaly üstden aşyr aşsa-da, ýagşy ýatlamasy bile,
köpüň yrs akabasyna gowuşasyny goýanok» diýen pikire gaplandym.
KÜNJISI BAG ÝALY...
Öňräk mährem ýeňňem Oguloraz Soltangulynyň ýasdüşeginde otyrkak,
azanhan aşnam Alty Gurt gürrüňe goşuldy.
—Ho, gün bir üýşmeleňde ugraşdyk welin, Tirkiş Mülki saňa sargyt
etdi. Bilsänsiň-le, ho, Kuba gidip gelen ýarymlegendar agronomy. «Bizden
Künjini, hädip ekmelidigini soraýarlar. Ýöne olara jaýdar jogap beripbilmän, kyn
güne galýas. Muny bir Ümür inime ýatlat. Goý, ol, Künji barada bar bilýänlerini
köpçülige ýetirsin» diýip. Ana, şony bir bitireweri, eýum-kaýuma goýman.
—Bor, Alty akga! —diýşime, Öwez şalar, Orazmuhammet Aşyr, Tirkeş
meretdurdy, Berdili Ata, Ymamguly Hanberdi, Kakajan Sähet, Nurýagdy
Çaryýar, Myrat Baýramaly, Aşyr Salyh, Bäşim Mämmet, Suwhan Çommat,
Meret Hümmet, Edrek Atajan... ýaly onlarça obadaşlamma sala saldym.
Sarahsly Molla Nurynyň:
Künjisi bag ýaly, kösügi hatar,
Düýbünde dört adam saýalap ýatar,
Gawuny gark edip, garpyzy aşar
Gije tarkyldysy ýatmaz bu käliň.
—diýen setirlerini serimde saldarlaşyma ömrüni magaryfa bagyşlan uýam
Rejepgül Ukulowanyň mugallymy merhum Şamyrat okydyjynyň künji barada
beren gürrüňlerini ýatladym.
—Özüň bilýänsiň-le, Ümür jan! Çyn daýhan ýarym çarwa bolup, gawyngarpyz, käşir-kädi, noýba-mäş, mekge-dary, sogandyr sarymsak, hyýar kelem
keçemi ekinler bile çopantelpekdir ýüzärlik, narpyzdyr näzbuý, zaçpyrakdyr
indewden dermanlyk närselerem bir gapdaldan goýmaly däl.
Ýöne çyn çomrynyň «künji-datsaň degmez sanjy» diýdiren ugursyz üýtgeşik
ýapylan gapynyň bardygynam bilip goýaýgyn.
Hany, halwadyr, gowurgaň künjisini aýryp gör içinden ýa garry eneleň
toplan garyp telleýändoňdurmasyny künjüsiz göz öňüne getir. Şonda olar birhili
yssyz gül ýaly bor-da, ýitirer ýatyber öňki aşnaly tagamyny.
Galyberse-de, Terpenmez Tagantly Körmollanyň «Guýruk olsun, künji
olsun, ýagy maşyn olmasyn» diýşi ýaly könelermiz künji ýagyny bişirilen kasawa
uly gadyr goýupdyr. Çünki künji ýagy tenekar täsiri bilen süňňüne siňşine, içiňi
ýumşadyp, oňa mahmal ykyrdysyny berýär. Aşgazan agyrydyr iç gatma ýaly ynjylmynjyllykdan saplyşyna «Be, indi men aýdyma gygyrybersemmikäm, tämikläp
ugraýşyma» diýdirip, telwasly göwün ýüwürtmelere-de ýetir seni.
Garaşeý Gandyr Gubuş ýaly belli tebipler-ä, ýenjile-ýenjile jyp jyrdyly ýagy
çykarylan künjisi ýapgy em etmegi buýuryp içi husurlygdyr önelgesiz
natuwanlary gulan alma ýagdaý-da ýetir ekeni.
Hawa, künji taý tapylmaz derman ösümlikleň kabilasyndan. Gabygy
nepisden ýuka ýasaw gelensoň, oň ýag çykyjylygam ýokary. Ata-babalarymyzyň
künjini juwaza çekişini dagy diýsene!
Ine, künjüň künjarasyndan agzy datlanansoň, gomy goşalanan gyzyl
erkek. Başy aýlanmaz ýaly gözüni daňyşlaryna ugrukdyryp goýbärler welin, şo
aýlanyp durandyr janawer irmän-arman.
Juwaza guýluşyna, çaý içip salym geçiberen künçem onuň agramy
aýlawynyň çökder zarbyna çydaman, ugramazmy zarynlap, şonda juwasçy
jürdegiň ýanynda az dolmaz edişi goýlan şiňilkäde elýetirdigem künji ýaga
durma bilendir.
«Edil sesine suw sepilen ýaly bolaýdy-da» diýdirişine.
Şo mahalam beýle gaýym guşagy oraý ene gelmezmi hakdan doly
okarasyny göterip. Onsoň sary erik ýaly o tyllamy towlamlary juwazyň okdur
sokusynyň aralygynda seterämläp goýuşdyrdylar. Künjiň tagamy taýsyz ýagany
süňňüne siňdirişine mäjümlenme kemi galmadyk. O kaklarmy. Ha-how! Ondan
bir-iki büklimini iýibildigim sümerdepäň derlişine derdiň çykyp suwdan
gözüň açylmaz. Mazasam ömür ylla çekgäňden gitmez.
Hawa künji täsin galaýmaly nygmat. Onuň ýagyny kepelledir ak gulak
degip ugran gawun-garpyzly päşzegiň ýeleginde tütetdi.. Giň, juda hudaý
tutaýmasa, ekniň ençekden dynma bilendir.
Adaty gawunyň on alty kilogramnydan bir kilo kak çyksa içine künji
sanjylasaň datlylyk derjesi has duýarlyklyga ýetýän Tarry han bolsa her on üç
kilogramyndan bir kilo kakyň emele gelýändiginem hakydaňda saklamaly.
Şeýdip, jöwherli künjä günaşa tötärikli ýarym huruş hökmünde garap
baba-kelamlarymyzyň oňa neneňsi gadyr goýandygy öz-özünde düşnükli.
Ine, bir beýhal ýer. Ederini bilýän daýhan oňa ýylyň irinden suw
kowandyr. Kemini goýman. Olam hamyrly nan ýaly bola gitdi, gelendir
Taba. Oňsoň nääme, sähedini sazlan daýhan heleý öýlesinden sä hel soňrak,
gün gowşaşanda, sürüň taşlar ony gawyn-garpyzdyr künji sepişine.
Ana, onsoň, Biribar «Al gulum» etse, «oýnap ekseň, boýnap biter»
diýenleri bardyr, eýläňi-beýläňi bakmankaň düme sürmeniňdäki künjüň üstüňe
saýa salyp durandyr. Her haýsy bir gujaga ýetip. «Gel, meň düýbümde,
ýatlap gora, taňkaň çaýyny içsene, ysymdan hoşnut bolup» diýişine.
Şeýderkä-kä aşaky kösükleri açylyp ugradygam, ara seniňmi wagt
salman, künjüleri çykarlan sogrup. Soňam bir-birine söýäp goýarlar dikligine.
Ýerinde ýel güzeran, dänelerini dökmez ýaly.. Haçan-da ähli kösükler
syrtaryşyň, däneleri şagradygam, baryny bir takyrjak ýere dik başak
edägetdin, alarlar ählijesini syryp.
Emma käbir halatlarda öňkülemmiz künjüni suwarymly edibem ekipdi.
Oň üçin suwarylan garatan ýeri sürerler ýa agdararlar pilgerdanlyga ýetip. Oňa
tohum sepişlerine-de, basarlar malyny. Myk urlan ýaly bolup çykan künjem
dyz boýuň bäri ýanyna ýeter welin, ir ikindin düzägetdin, suwarlar jakyldadyp.
Onsoň egninden çekilen ýaly hüwläp galan künjileň boý alyp, hasyl berşem
däldir biçörleniň.
Ýöne künjüň hasyllylyk şähti dogrysynda söz açylanda Orazmyrat
şemhal hakyndanda janlanýar-diýen Şamyrat aga söhbetine sähelçe säginme
salansoň, ýene gürrüňe başlandy:
—Bir ýyl görülmedik sil gelensoň, Tejen derýasy dolup-daşýar.
Garasyna galdyrylan gaçyny ýalap, aşak ýüzdäki ekinleň barysy suw bolar
howpukam döredýär. Onsoň, näme, şatam sam saýak. Çöp ýygyp, çigin edip.
Gözüne gurt düşen ýaly, derýaň ýakasynda ýatyp-turşuna.
Şonda köpçüligiň bi zir-zöwranlygyna gözi doýmadyk Orazmyrat şem
hal «Heý, bir hemaýat edip bolmazmyka, bu görgüsi eser Halaýyga» diýip,
derýäň ýokary gapdalyna geçýär. Ýer çala-çala, aýlanma keminem goýanok.
Ahyry şindiki Tejen demir ýolunyň otuz kilometr ýaly gaýra ýanda
derýäny ýokary tarapa ýaran halatyňda, ilatyň emgek ýanamadan kel-kütä,
dynjakdygyna-da göz ýetirýär. «Şeýle-şeýle» diýip, geňeşen mirabam, gör-ä,
eli pil tutanlaň ählijesini aýaga galdyryşyna ugraýar-da ýelkidikläp.
Barşyna-da, sen ýok, men ýok. Bäş ahyraly gaza giren adamlara çäk
berip. Şeýdip, ýarym salkyna galyp-galman, derýa owlak salana dönderilýär.
Ol ýere-de, näme, «Şemhal gädik» ady galýar, uzagyndan.
Alaň aşyp çagatdan çykan suwuň çaýlym beren ýerleri taba gelende-de
Orazmyrat akga «Beýdip, awgyr argyşa kilibiňi dakyp, ýörme-de, senem, iň
bolmanda şu sapar bir ýere ýapyşyp gör-ä» diýenler.
Şonda ol ýüregini bire baglaýar. Goşlanan ýabany tohumdan mas
ýükliligine, iki hepde gowrak elkinçe ýatybam, ekip taşlamazmy mungusyz
meýdany.
Ana şonda Orazmyrat şem Halyň özge ekinlerinden gören girdejis-ä,
hasabam däl, diňe bir künjisinden alan hasylam Hara Küde bolup, ony on alty
bugurça başa-baş çaşanlar.
Hawa, künji şeýle çykawuntly ekin. Ata-babalarymyz diňe bir düýe ýa
suwarymly ekini bilen çäklenmän, ony joýaň gawunyň pyşdasyna sepibem, bir
okda iki towşan urşuna bimöçber baýlygy beýlesine geçir ekeni. Bizem, il
bähbitli şeýle ýörelgelere ýykgyn edişimize azaldyr piliň sanyny odam bolsa
sypdyrman, dogulany deprenip biçaly işlemeli. Çynma-çyna gelende gowurga
goşarlyk künji tapman, töweregimize goranjaklap oturman onuň iň bolmanda
iki üç ýyla ýeter ýalagyny dulumyzda durar ýaly etmäň aladasyna berilmeli.
Çünki ol döwrüň talaby hökmünde öňe çykan wajyp wezip-ä, jan ini!
ÝAZ GYRKYMY BOLMASADA .
Ýetim oglanka sygyr bakyşyna, arkasy bien oba mollasynyň mallaryna
ot äkeliň. Ondan sowat öwrenen ýazyjy agam Agahan Durdyýewiň ýagty
ýadygärligine.
«Ýedi hazyna», «Ýedi hazynanyň biri», «Ýedi hazynanyň biri towuk»
diýle-diýle gulagym gapgaplyga ýetenem bolsa ozaly betimde, onuň närselerden
düzülendigini takyky tagmalaýmak welin wagty bilen başartmady. Ýöne
«Umytly guş Käbe ýetmiş» diýleni. Ahyrynda dilinden dür dökülýän ýady
ýyldyrym gojalaň goldawy arkaly onuň dokyzy düzüwlendi.
Ekseň ekin (bugdaý-gowaça),
Baksaň goýun,
Okasa oglan (ylym-bilim),
Dokasa hatyn (önüp-ösüp oturan eli işli musulman aýal),
Mäkiýan (towuk),
Mädiýan (Göroglynyňky ýaly gyrtaý berýän hapa zat baýtal),
Gäwiýan (Sygyr).
Sered-ä, biziň baba-kelaplarymyza! Olar:
Mal soňy sygyr,
Sygyrdan soň sy:gyr.
Goýunly baý,
Goýy baý.
Düýeli baý,
Dünýeli baý.
Geçili baý,
Kiçi baý.
Sygyrly baý,
Sygyr baý.
Oglanlyň
Aş mazasy bolmaz.
Sygyrlyň,
Goç mazasy bolmaz —
- diýip, türkmeniň göçüm-donumly çöl-çarwa şertlerinden ugur alşyna, sygra
kem köşeli öý haýwany hökmünde garanam bolsa, gör-ä! Çynma-çyna gelende,
ony bugdaýdyr bilim, goýundyr gowaça, towukdyr baýtal. Kibi nepagasy goýry
zatlar bile deňdeşlikde goýupdyr. Ony ykraram edipdir, ýedi hazynanyň biri
hökmünde.
Hakykatdan hem sygyr ýedi hazynaň biri. Eger sen «sekiz sygyr
saklandan, semiz sygyr sakla» diýen ýörelgä eýerişiňe, ony «semiz aýagy
sekizlige» ýetirdiňmi? Onda sen kimiň oňdugy. Atlygyndan ýaňa tüýini çekseň
ýagy çykjak malmydymy. Süri başyň göreniň gözün dokupdyr. Ýyla bir eremere göle berişine, güne goýun soýan ýaly hezil etdirip, öýüňem ak gulaklyga
ýetir. Onsoň jürküldili jüýjeleň almalygy ýanyşyna barýandyr, günini sanap.
Aslyýetinde, biz etdir et önümi datly saýyp, ýaman algyly ýaly
topylsagam, ony özleşdiriň özüňe dönderinçä göwre garraýar. Oňa derek
süýtdi, çekide, gatykdyr gaýmak bolsa ýüz ugra azarsyz siňme bilen. Meger, şol
zerarlam, «Ak zat alanyňa ýagşy» diýen pähimdar pederlerimiz ýaz aksyz, güýz
göksüz bolmazlygy pikartlap gidendir.
Eger, sürä göni gidip, göni gelýän häsiýetli sygryň bolup, senem bakyňyýakyňy şol edýäňmi? Onda ol göleländen soň, on dokuz gün geçibildigi nalyşly
molaýşyna, desbidähel buka gelme bilendir. Emma «Mal eýesine çekmese
şumlyk» diýilşi ýaly göwün götär sygyr salgymly bolaýmak ýylanbegiň (erteki
gahrymanyň) işi. Ýöne
Atçapar Gurbangeldidir Tirkiş Ýagmyr
ýaly
obadaşlammyň irginsizlik bile endik etdirilen ýapy ýaly sygyrlarynyň belli bir
ýere tezekläp, çakylykly molama bile çukurjkly joýa buşugandyklarynam
bellemekçi.
Hatyraly Halynam Edrek akga sygryň Adam atadyr How eneden oň
ýaradylandygyny nygtaýşyna, onuň gaty ir eldekileşdirilendigini nikartlady.
mährem mekanymyzyň şan-şöhratly Altykdepesinden tapylan sygyr kellesiniň
gyzyldan guýlan şekiliniň mynasybeti hakda söz açdy.
Guzy bakdym,
Guş bakdym,
Geçi bakdym,
Goç bakdym,
Ýylky bakdym,
Ýel bakdym,
Sygyr bakdym,
Öý bakdym,
Düýe bakdym,
Gan ýuwutdym,
Goýun bakdym,
ýag ýuwutdym —
— diýlişine ýapyşyp oturunly durmuş obrazyna geçen çolusynyň
ekininde örňän gamyş gajardyr otaç çöpden geçegini ednip, etdir süýt beren
sygryň waspyny ýetirdi.
Hawa, sygyr ugursyz nepagaly jandar. Bir ýola Garaýapdan
gaýdamyzda Ata Kpekmergen pahyr «Sygyr maly edil Äwme hanyň nökeri
ýaly. Muň ýaz gyrkymam ýok. Güýz gyrkymam. Özem «Ýyla bir göle berip,
ýadynçaň sagdyramsoň, asyl, armanyň galýan däldir «diýşine» Has-s!» eder-de,
zyra-zyra tezeginiň üstünde ýatar, diýenem bolsa, işiginde göleli sygry gäwüş
gaýtaryp duran hojalygy uzadan ýerine eş ýetip, yrsy üstüne gelýän öý
hasaplaýmaly.
Ýigrimi ýyl çemesi mundan ozal bolaýsa gerek. On-onbäş sany adam
bolup, üsti ýapyk uly maşyna münüp iki ýasyklar. Marydan Murgaba
gaýtdyk. Şonda men iň yzda oturyşyma, oral çalan aýalyň gürrüňine gulak
gerdim.
—Wah, Jan doganlar! Siz soramaň, bu görlen günleri. Geçen uruşda dört
sany goňşy bolup galdyk, fronta gidenleň yzynda. Herimizem iki-üç çagaly.
Ine, bir günem ölügsi çyraň Köreçel yşgyna oturdyk derdinişip. Şonda
olaň gartmajragy ýüzüme garady.
—Sen-ä, tüweleme, beg ýaly-la! Işigiňde göleli sygryň keserip
duransoň. Ine, iş bizde bar. Köne kirler gutaryp, gahatlyk gapydan girensoň
çagalar ebitden gaçyp barýa-da, eräp, sagat saýyn. Beýdip, bulary bu taýda aç
öldüräýsek, ärlemmize näme jogap bererkäk, dolanyp gelende. —Oň ýaly
bolsa, meň sygrymyň agzyna, seredeliň, üýşeliň-de. Dört sany, sen dur, men
öleýin heleý bolup durus. Ýüklenip gelmeli edeliň. Peçekmi, suwoty,
ýorunjamy gamyş. Her kim tapdygykdan. Onam gije diýmän, gündiz diýmän,
aldygyna bereliň. Iýse öňünde, iýmese ardynda edägetdin.
Onsoň näme, sygram, iň bolmanda, häzirkisiçe, üç esse süýt ber. Ony
aýny hata bilýän. O süýdem jan sanymyza görä, deň-derman paýlaşyp,
bujagazlaň birinem şitiletmän alyp çykalyň bu gytymçylykdan—diýip, bir
çukura tüýkürdik.
Şeýdibem, barymyzyň ňarkamyz otly, gelýändiris. Burnumyzy ere degerdegmez edip. Onsoň sygyr janawerem, şo sygnap durandyr, tä agzy ýadaýança.
Sagamyzda-da, süýdi güžjüldäp, dolduraňkaber aralyk bedräni.
Ine, şeýdip, süýde kerçelen ot gargylap, duzuny çala çökderräk
atyşymyza, çüpüjeleň baryny ýetirdik bir soraplyga. Ýöne bir gün seretsem,
eltimseň kileň ýüzleri köpüljeşip dur.
—A, gyz, seňkiler näme, egbarlap barýa-la, göz-görtele? Ýogsa
barymyzyň ýapyşalgamyzam-a deň. Hiç haýsymyzda artataşa zat ýok. Şo
süýtdir otdan başga.
—Bilmedim, jan dogan! Çagalar-a, ar-durja elden gitjek. Ýene bir
alajyny tapaýmasaňyz.
—Oň ýaly bolsa bulaňňy nädip naharlaýandygyňy bir aýdyp ber ilki?
—Ony diýsem, öýe gelenje badyma, atarýan gazany. Süýt guýşuma.
Oňa-da, kerriklimi ysmanak, ajy balgarmy akpamyk, selmemi atgulak, garasaý,
tapan-tupanymy atyp bişirişime, goýýan öňlerinde. Onsoň olaram ýaňkyny dik
göterip:
Bulamak içdim,
Garnym dok.
Ýatyp turdum
Hiç zat ýok—
—diýişlerine, hezil edinip oýnaýar bir sellem. Yzyndanam. «Eje,
ajygýas-da, eje, ajygýas!» bolşup aglyşlaryna, galýa-da uklap.
—Ýok, sen oň ýaly etmegin. Işden gelşiňe, kere-mara atar gazanyňy
erteki otar, beýleki et. Gepe güýme ojagaz zalaňy. Bir wagtky «Wah, entek
bişenok-da, balalam» diýip, daş gaýnadyp aldyşyna, aç çagalaryny usurgadyp
ukladýan garry öýkün-de. Şeýdibem, ýatar wagty boluberende garyklaryny
gözedijik, sal ýorgana.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 03
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.