Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 04

Total number of words is 3685
Total number of unique words is 2547
24.6 of words are in the 2000 most common words
34.9 of words are in the 5000 most common words
40.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tarapyndan gözi hamlanyp, Sibiriň o çetinden çykarylan Annanepes serdaryň,
ýagny, Annanepes müjewürüň yzyna gaýdyp gelýärkä, bir ýekegapanyň
guýrugyndan aslyşyp, gyrasy görünmez derýadan geçendigini, hemem atly
Akgurban agamyzyň başlyklyk eden ýyllarynyň açlybasynda diňe doňzuň
hasabyna et planyny dolup, artykmaç öküzlerini iň işeňňir kolhozçylarynyň
bähbidine harçlandygyny aýdyp bijek.
Onuň dersine, käbir ýardyksyz, jan derdi başlyklar bolsa. ähli iýmini
doňzunyň agzyna çyrşasa-da, barmagyna çolan zady bolmady ýekeje-de.
Onsoňam, Ümür jan, senden bir haýyş, doňuz ýylydyr doňuz dogrysynda bir
zatlar ýazmakçy bolsaň «Arçyndyr häkimlemmiz şäherdir gaýry ýerlerdäki et
dükanlarynda söwdany ýola goýanlarynda gara keýigiň göşüni satmak üçin aýratyn
gapy açaýsalar, gör nähili nepagaly bolardy il üçin» diýip, meň adymdan söz
açanam ýadyňdan çykarmaweri—diýibem pugta sargady.
Hawa, biz täze ýylyň bosagasynda.
Ine, hä diýmän, ýüzümize sylyp, onuň gujagyna gysylarys. Ötenlemmiziň
«Ýyl gelşi Nowruzyndan bellidir, ýar gelişi köýmetinden bellidir», «Nowruzda
geçiň şahyny ezen ýyldan tama edäý» diýşi ýaly, hakykatdanam, biziň bu doňuz
ýylymyzyň başy ygal-yslaňly boldy. Şenbede başlyşyna, yzyny ýagyş-ýagmyrly
ençeme güne çeken hoşroýly howamyz ene topragy edil algynly hamyra dönderdi.
Maýsaly meýdanlara tenekar täsirini ýetirip, 22-nji fewraldan soň ösüme
durşuna, «Daş ýakyndan maly güýdülen» atyzlara ýaraşyk salyp ugran
bugdaýlaram gulagyndan çekilen ýaly etdi.
Ilki uçurlarda dişini gury çöp bile çalyp, agzyny ýaralaberen mal-garalaňňam
dadyna ýetip, olaryň toýnagyny gemirmeden dyndardy. Käte jöwenek, käte-de gar
sepeläp, öňräkki ýyl güneşe pyntyklary tözlenmä ýeten daragtlaryňam oýanmaly
mütdetine çenli egnine galdyrdy.
Hawa, gadyrdanlar!
Hawa, jana-janlar!
Hawa, gardaşlar!
Hawa, syrdaşlar!
Täze ýylyňyz düşümli bolsun!
Ýöne gudratly Taňrynyň «Senden hereket menden bereket» diýşi ýaly, täze
ýylda doly saçakly, mamur ojakly ömür sürüp, gitdigiçe gadamymyzy
gerimlendirmäniň belli bir derejede özümize baglydygyny hemişe huşumyzda
saklaýşymyza gaýrynsyz zahmet çekmeli.
Onda-da, ýüz-art etmän, il-ulusy aldaýşyňa, göz boýamak, ýa köneler
aýtmyşlaýyn, bitmedik ýowşanyň düýbünden dogmadyk towşany turuzmak üçin
däl-de, «Är dogry, ýol dogry» diýip, joşgunly zähmet çekmeli.
Özüne-de, agzyňda aş gatyklap, dil bile orak orman, ýalan ýabşyrma
aňňadyňy birikdirmän, ähli işimizi döwre laýykatly, ylmy esasda gurap zähmet
çekmeli, hawa, hawa.
Şeýle-de, «Daýhan mert, ýer jomart» diýen ýörelgä ten berşimeze, dört
döwüm bolup, ýeriň garagönesini gazap, derläp, kirläp, çorlap diýseň netijeli,
diýseň oýlanyşykly, zähmet çekmeli.
Özüne-de nädemizde näme gazanyp, näme ýitirjekdigmizi ýedi ölçäp, bir
kesişimize, öýde tygşytly bolmanyň Hywa bilen söwda etmä deňe-deňdigini
ýadymyzdan çykaryp, it biçeniňki ýaly gülkünç ýagdaýa ýetmezligimiz üçin, hut
aýawlylygy baýdak edinip zähmet çekmeli.
Onsuzmy? Onsuz biz il agasy, nogtabaşymyz bolan ynsaby täretli
Serdarymyz ýoldaş S. Nyýazow barha gaty gajadyp, ederini bilmeze ýagy ne
hajatlygy alynymyza getireris. Özümizde önüp, daşymyzy dolamaly ýyl
gallamyzdan dulumyza basybilmän, ýylyň-ýylyna ýoluna gyzyl pul düşäp,
garabokurdaklygymyz üçin oňa-muňa weýran dilegini salmadanam dynyp
bilmeris.
MÜÇEBAŞY
Milli mirasymyzyň datly dünýäsindäki:
««Syçan! Syçan!» diýersiň,
Syçan jany söýersiň.
Gaýry ýerde aňsaňam,
Künjüde-hä iýersiň.»
—diýen setirlere ser salaňda, syçanyň gijen gözlügi, ýetik, uçursyz mekir ally,
ahmalyňy aňtap, jürüni dikibilýän bitewüntsiz bir haýwandygy görünýär.
Daşyňdan düşübilýän şeýle içikdiriji jandarlygy üçinem, meger, ol müçebaşy
bolandyr.
Ýylbaşy syçan, sygyr,
Bars, towşan, luw, ýylan.
Ýylky, koý, bijin, takyk,
It doňuz boldy tamam.
Ýapon rowaýatyna görä, täze ýylyň öň ýanynda Budda sowgat-serpaý edip,
eli açyklygyny görkezmegi, galyberse-de, hersiniň adyna bir ýyl bagyşlamagy
ýüregine düwüp, çagyrmazmy ähli haýwanlar könäni, öz huzuryna. Ana, şonda
hem geçiň öň aýagy ýaly bolan syçan ýetişikli ýegensoltanlygyny edip ilki baran
bora çemeli.
Biziň könelerimizde bolsa, täze ýyly görmek-garşy almak üçin çugrugyşan
haýwanlaň başynda düýäň durandygy ýatlanýar. Emma çoçy görgüli boýunyň
uzynlygyna buýsanansoň ap-arkaýyn. Asyl, al-asdyr ýok ýüreginde-de.
Abaýtotsyrap abşarylyşyna.
Düýäň bu äwmez hanlygyny synlap syçanam, pursaty goldaw bermän,
çemesi batyrlygyny ädegetdin dyrmaşýar ýaňkyň söbüginden.Golunyň gapdaly
bile görünmän geçişine-göze güýdüşibem, ahyry münýä düýäň dik depesine.
Haçan-da, hemmeler heserlenşip ýasaw tapyp ugranda-da, düýäň gulagynda
joňkaragetdin «Ana, gelýä, ana! Ony men gördüm! Men-men! Men gördüm ony!
Ony men gördüm!» diýibem, çarboýlygyna tutuşyna, müçebaş öwrülýär.
Tüntaw düýe görgüläm nätsin! Hyrçyny dişleýşine, gözi gyzaransoň
aždarhanyňky ýaly bethaýbat boluberen çalymtyl kellesini silkeleýä welin, syçan
zyňylyp düşmezmi honda. Düýe-de özüni uçuryp atan emelbaz syçany basyp
öldürmegi ýüregine düwşüne, ugraýar patanaklap onuň yzyndan. Onýança-da,
näme syçanam sypjygynam sypjygy, köne küldäki hinine ugraýa-da kürsäp. Düýede ody bolmasa-da, kitüwkeşsiz däl. Tapyr-tupur çökýä-de, syçany öldürip, pispamut etmek niýeti bile başlaýa agynap.
Ana, dünýäň kül görse, çöküşi-de, agynap keýpden çykmasam, syçan bile
hiç öçmez öçlüliginden galan bora çemeli. Ýöne düýe janawer diňe syçandan
öýkeläni bilen oňaýmandyr. Töweregindäki jan ynanyşýan örüdeşlerindenem kine
saklyşyna ýeňsesini tüňňerdibem esli geçen. Ahyry süýdüni bişirmesiz, ýüzüni
boýamasyz ýagdaýa ýetirip, özündenem Hydyr görenligiň alygyny alansoň göwüngaryn etmesini goýaňkyrlapdyr.
Ýöne, syçanyň kösäniniň ýeke düýe däldigi, onuň pil pahyryňam entek
pelegini öwrüp, gäbini azdyryşyna, juluny ters salandygy kime gizlin.
Ine, dag ýaly pil. Birdenem oň burnuna girmezmi hälki sypjyk syçan. Onsoň
ýapy ýasaw pil, üfledigi asmana gaýdyrylyp gitjek ýüwse ýalak ýaňky myrryhyň
hötdesinden gelibilmän, holtumyny silkeleýşine, edýän bodmaz, beýder bolmaz.
Pygly pis syçanam jagyldyly dyrçanaklama bile, eýýäm oň zamanasyny jünnek
edip, dagyrdaklap duran derejelere ýetirendir, gangusduryşyna. Ana, şol sebäplem,
tropiki tokaýlarda ýörite gorp gazyp, eldeki etmek üçin pil tutýanlar
peýdalanmazmy syçandan. Gürp basda gaçyrylyşyna bulagaýlyga başlap piliň
aşagyna oklap.
Howa, syçan çak edişindenem netikaza. Monjuk ýasaw ligirdili gözem
nirede goragly zadyň-da. Özem bar-a, oslamaýan künjeginden çykyşyna, ekilmedik
ýerinde gögär. Daşdan jyklyşyna, ilk-ä, bir burnuny görkezer. Soňam jiňkerilişine,
näme etsem-goýsamyň bardygyny biljek bolýan ýaly, gymyldysyz garar irikgälige
ýetip. Niçikmi, terpenmän oturdygyň dag-a, köküger, eleini el çarpynşyna. «Be, bi
mahlugyň ebti agyp, boljagy boluberen ýaly-la. Küpesinde keserip, edibereýin-le
etjegimi» diýen kalbala-da gaplanandyr. Takatyň kemtik kakyp, birden bire
gozganaýdygyňam, bar onsoň, götär ökjäni.
Birhaýukdan soňam gözüne sap atyşyna kürsäp udrandyr goş-kötelleň
arasyna. Şeýdibem, başlanar şykyrdyly ýürege düşgünçlik. Özüne-de, hytyrthytyrtly o takyrdy ne gözel zatlary ele gelmez ber bibatlyga ýetişdirişine, nebsiňijanyňy agyrdar.
Bir atym bar ýortagan,
Torba-tagar kertegen.
—diýen matalda hem haly-palasdyr keçe-kiýzi, atalowdyr gaýyn biýzi, argyş
çuwaldyr ýorgany, çalçadyr sargany, sanaçdyr soky, kellekidir kaky... kerte-kerte
nebir zatlary zer-zaýalyga ýetirip aladaňy artdyrýan syçanyň zelelkeş
alaşeýtanlygyndan söz açylýar.
Oba durmuşynyň ajap aýdymçysy Agahan Durdyýewiň «Pul» pesasynda
torban etegine gysdyrylan puly ýalaw ýaly dişinden geçirişine, tüýtmeläp taşlan
syçana bolan ýigrenç örboýuna galdyrylýar.
Gojalaryň gep salgyna görä, on müň ýyl çemesi mundan öň Tigr hem Ewfrat
derýalarynyň arasynda bolup geçen suw joşgunly tupanda dişi bile hytyrda-da
hytyrda-da Nuhuň gämisini deşenem syçan ekeni.
Bu ýerden ynsan bile çerňeşip, dünýäň çar ýanyna ýaýran syçanyň
ýakawuntsyz zyýankeşliginde nazaryň eglenýär. Ýöne gep gerdişine gelende, dile
geldi, bile geldi edägetdin, bir hakykatam nygtamakçy: mundan üç ýüz ýyl ozal
görmegine gül açdyrasy gelýän ýeňles ýeňňeler gaşlaryny gyrdaý-gyrdaý onuň
ýerine syçanyň dilkawja çal guýrugyny ýelmäp, zynatam gözläpdir.
Aslyýetinde, göwresine görä, gujury goýazy syçanyň taý-tapylmaz gemriji,
taý-tapylmaz göripliginden daşary dürli keselleri ýaýratma ukybynyň ugutsyz
ulydygynam bilip goýmaly, ýeriň giňinde.
Türkmen kinosynyň ezber esgeri Hojaguly Narlynyň «Gelin» filmini
ýatlalyň. Onda guýa gaçan syçanyň sürisini gyraryndan howatyrlanan ýaşulynyň
gelni bile guýynyň suwuny sogdarýar sahnasy, gör nähili ynandyryjy.
Sakaçägeli Sähetguly aga Gurbanguly ogly bolsa, syçan ýuwdan ýylan etini
iýen käbir kişiler birden-bire saraltma keseline sataşaýmagynyň mümkindiginem
ýaňzytdy.
Şonuň üçinem könelemiz syçana ujyz daramandyr. Tärini tapýan başarjaň
üňükl-ä, näme, ony urubam alýar. Beýlekirägem gapan gurşuna, tutap bäşden
ondan. Ýöne öý şertlerinde syçana garşy göreşmäniň iň ähtibarly bir serişdesi bar.
Olam pişik.
Şonuň üçinem, öz zadyňy özüňe nesip etdirmän, baryny ýoga çykarşyna, uly
isripçiligi boýnuna dakýan syçanyň ýoguna ýanýan pişik örän ir eýýämlardan bäri
alada bilen gurşalypdyr.
Pişigi nähak öldüreniň kyýamat-magşarda oň derisini dolduryp, tylla
bermelidigi, bir ýagşyzadanyň bolsa turjak halaty öz donuna ýassanyp ýatan pişigi
oýarmajak bolup, synyny kesip gidendigi onuň şeksiz şaýady.
Danyşment gojalar bolsa, Musaň ýeke toklusy diýen halk aýtgysynyň hem
bir gapdalynyň pişikdir syçan bile baglydygynyň beýanyny yzladylar.
Musa kelamyllanyň ýeke toklusyny möjek aparýar, derisini goýup. Musa-da
o derini myjyldadyp eýleýşine, ýanyna göterip ýörkä, bir bezirgene duşýar. Çopana
ezmaýyş etmegi kalbyna galyplan söwdagärem hälki derini äkidägetdin, çalyşýa
bir diwanaň goltugyndaky pişige, yza gaýdyp gelýärkälerem, olar düşlemezmi bir
gümrük galsynyň gapdalynda. Şonda hälki pişigiň çöp-çolamyň içindäki syçanlay
tuta-tuta setirläp goýşuny gören şa nökerlerem ony ýarym put tylla satyn alýar. «Ohow! Bu biziň hökümdarymyzyň hazynasyndaky ýüpek parçalary kertişdirýän
syçanlaň merkini beribiljek üýtgeşik bir jandar eken-ä» diýişlerine.
Howa, syçana garşy göreş kiçi-girim mesele däl. Onuň üçin sakdan sak,
bekden bek bolmaly. Eger «Çaman ördek ir uçarlaryny edip, öňünden gaçmasaň,
öýüňde ösňäp, bosup ugran syçanlar gäp basdyryşyna, ankaňy aşyr. Içerinde
syçanyň ysy anbar alyp aýlanyşyna, diňe özünede däl, eýsem, gapyňdan
garanlarda-da ýakymsyz duýgy döredip ugraýar.
Buluç garyndaşlar bolsa, öýde syçan köpelip, zaýaçylyk ýüze çykyberse,
«Hojalykdakylaň biri eli egrilige baş goşup, hyýanatçylyga ýüz urd-ow» diýip,
yrymam eder ekeni.
Hanhowuz özleşdirilip ugranda maňa şo taýda bolup, traktor brigadasyna
brigadirlik etmek miýesser geldi. Ine, hanhowuzlylaň ýokardan aşaklygyna
uzadylyp, agzy gaýrak garadylgy keppeler syrgyny. Olaň içinde-de dürli azyk
önümli her jüre, her jüre haltalar asylgydyr. Gapyrgadyr ortagaçlara kakylan
merdemsi çüýlerde, syçanlardan goraglanyp.
Onda-da öjüt-möjüt kibi syçanlar pes düşüp, hakyny gidirli däl. Ilk-ä olar,
kepbäň iç erňeginden ýöräp, ýaňylman-ýazman otagaçdyr beýlekä geçerler. Soňam
dagystanly darbazçyň simiň üstünde emin-erkin oýnaýşy ýaly äwmän-alňasaman,
köwşe bagjyk edibermeli şilbir ýüňlerden sallana-sallana, söýlän haltasyna
aralaşar. Şeýdibem, yzyndan gelen köpme petirdir külçä, ýagly nandyr algynly
özünden öňürti «Bissimilla» eder.
Ine, şeýdip, eze-beze boluşlaryna, dagdylyga ýeten oglanlaň birden syçana
jyny düşdi. Ýerli ýerden aýaga galyşlaryna bir öldürmek-öldürdiler. Emma
aňyrsynda ulgamly urusy bar ýaly-da ediljek. Onsoň awylanan bugdaý ulanyp
ugran ýigitler çüýşe döwügi un ýaly edişlerine ezilen nan bile gyryp başladylar-da
syçanlary.
Gutly Juma, Agyrhan Atajan, Aşyr Begmet, Gurtjan Lammy Juma,
Orazmyhammet Aşyr, Öwezdir Orazmyrat Şalar, Jumamyrat Juma, Berdi Garagul,
Seýit Aba, Tiç Meret, Agabaý Çoluk, Salyh Nazar ýaly huşunetdalar bolsa, 1912nji syçan ýylynyň aşa syçanly bolup, «syçanlyk ýyly» ady bile çekirtgelik ýyly
ýaly bolup, türkmeniň hakyda taryhyna girendiginem nygtadylar.
Şonda çöp-çör ýaly bogsy syçanlary çöpleý-çöpleý halys haýy gidip waýy
galan pişikleň dag-a syçan bile serem ýok. Gulagyňdan gyjyklap, gerşinde guýruk
tutdy oýnasalaram. Garrylaň käbir ezberlerem çatmadyr beýlekide oturan ýetinden,
üýşürilgi gawunlary iýip-içip barýan syçanlary ýaýlap, gara gap edişine, düzer
ekeni, ýylgyn çişe. Öýde ojagyň başynda damak-soky edýän aýal-ebtatlar bolsa,
edil açmazyndan çukur gazynandyr. Onda-da laýykatlyrak gaby ýerleşdirip, içinem
doldyrlar suwdan. Şeýdibem okara-çemçedir azyk owkadyny göz açyp ýumasy
salymda göz-gülbanlyga ýetirip taşlaýan syçanlary suwa gaçyryp gyrar ekenler.
Aşyr Anna Durdymyrat ogly syçanlyk ýyly özüni syçanlaň dişläp, gyzyl-ala
edendiklerini nygtasa, Edrek akga öz ejesi şahyra Uzan ussa Käsip gyzynyň
kaşamly sandygaýagynam ýalmawuz syçanlaň eleme-deşik edendiklerini
nikartlady. Gülkamar Ata Nurmämmet aýaly bolsa, öz gaýyn agasy Çary
Helebaýyň şo syçanlyk ýylynda bugdaýly atyzlary syçanlaň laýs ediji
çozuşlaryndan goramak üçin gören görgülerinden söz açdyk. Başga bir ýyl çölden
süri-süri bolup inen pyşbagalaň tümmül suwuny beräýmeli bugdaýlary basalaýbasalaý ýere ýazagetdin, daýhanlaň arly ýylky azabyny reýgan edendiginem
tekrarlady, gürrüňden gürrüň çykanda ýaňy-ýakynda Hytaýyň Şençžen şäheriniň
ýolbaşçylary hem ilatyň sanitariýa ýagdaýy ýaramazlaşdyryp, maddy zyýan berýän
syçandyr alakalaryň garşysyna barlyşyksyz göreş yglan edip, her bir tutulan
gemdiriji üçin altmyş sentnere barabar bäş ýuan baýrak beriljekdigini aýtdylar.
(«Mary şahy jahan», 13. 02. 1996ý.)
Gurbanberdi Öweznyýaz ogly diňe bir syçanyň däl, eýsem, onuň damar ugry
bolan alakalaň özboluşly galladar hökmünde ýakasyny tanadyp, käbir ýyllarda
çomryny uly zeleli goýandygyny belledi.
Ine, ýörite ýasan ýodajygy bilen ýorgalap barýan alaka. Ol bir meýdan
ýöräp, bugdaý başagyny kertip ugraýar. Özem olaň gylçyklarynyň ýekejesini dagy
goýaýsa nädersiň. Soňam ýaňkylary ýörite gazanan çukurynyň üstünde edil el bile
goýlan ýaly edägetdin, şeýle bir rejeli örleşdir weli, eý-ho! Ýöne başyňy
ýaýkaýmalydyr.
Mazaly boldum edensoňam, ýaňky başlaň aşagyndaky çukura girer usuljak
bile. Guýrugynam edil ýüpe çykan ýaly edip, öňe uzadyşyna dişläp belaý-kalaý.
Şeýdibem hälki başlary getir gazyp gaýan urusynyň ýanyna. Oň urusam, näme
çopan gazanyň agzy ýaly, ine şeýle. Dört ýanam girelgili. Içem horazyň gözi
kysmy guşgursak däneden doly. Gapdalky agyzlaram her bir önýeten kürsäp
uraýmaz ýaly yşgalaňsyz örülen başlar bile hyryn-dykynlyga ýetirilgi. Ahyram
näme, ählisiniň üstüni ýumşaksy çöp bile basyrşyna, gümra boluber baga dertleri
bile.
Gahatçylyk howala bolanda alakalaň şeýle hem urularyny köwläp, bir putýarym put däne edinenleň ökjesiniň nägadyr ýeňil gopjakdygyny biliber özüň.
Hawa, alaka-da, balarydyr garynja kysmy uçursyz işeňňir, galyberse-de,
pursaty duşdan geçirmän, ýyl aladasyny edibilýän jandarlaryň kowmundan.
Bir ýola meşhur Magtymgulynyň garry atasy Magtymguly Ýonaçy gysby
güzeranlygy zerarly argyşa gidýär, uly kerwene dyklyşyp. Ýöne orta ýola
ýetmänem ulagy durýar. Onsoň şo taýda kegjallyk girdabyna dahyl gelşine
oýurganyp otyrka-da, gözi düşmezmi bir kör syçana. Ol töweregindäki ot çöpleri
sermeläp, hinine daşyşyna öz derdi aladasyna mübtela ekeni. Şonda Magtymguly
Ýonançy «Gör-ä, bi kör syçany!» Ol şu durkuna-da, eplenip ýataýman, aldygyna
gydyrdanýa.
Men bolsa, başym-gözüm bijirim, janymam sag. Şonda-da, ýerine ýapyşman
menzil aşyp argyşa gitmän kül-külüne düşüşime, görgä galyp ýörün. Eger kör
syçan şeýdip, süssenekläp, öz hajadyny görýän bolsa, men näme üçin ýerime
bejerip, oňa yhlas siňdirişime, ondan geregimi almaly däl. Ozalybetinde, «Uzak
ýeriň bugdaýyndan, ýakyn ýeriň samany» diýen gepem bolmal-a bizde. Şoň
üçinem menem. «Eli döwük işlär, göwni döwük işlemez» ýörelgesine ten bereýinde, kör syçan kibi ýerimiň gara gönesini gazap, gel, güýç-gurbumyň baryny şoňa
bagyşlaýyn diýşine-de ýüregini bire baglaýar.
Hawa, baba-kelanlarymyzyň ömür ulgamyna dykgatly göz gezdirende syçan
bilen baglanyşykly erteki rowaýatlarda, şonuň bilen birlikde-de
Öli arslandan,
Diri syçan.
Galtaman garrasa,
Ýalançy bor.
Bürgüt garrasa,
Syçançy bor.
Syçança duşmanyň bolsa,
Arslança gör.
Syçanyň ölümi,
Pişige toý.
Pişigiň ölümi,
Syçana toý.
Pişik syçanyň gözüne,
Gaplanmyş.
Pişşim- pişşim pil öser,
Bulut oýnar ýel öser.
Bu ýyl munda sopy agan,
Gelen ýylam serbeser.
Pişşim- pişşim mawana,
Syçan awlar awuna.
Bu ýyl munda sopy agan,
Gelen ýylan serbeser.
—ýaly halk nemunalarynyň ençemesinde nazaryň eglenýär. Olarda syçanyň
çalawuntlylyk jöhti, ukyplylyk derejesi, töwekgelçilige salyp, zelelkeşlige baryp
ýetişi bütin aýdynlygy bilen beýana getirilýär.
Käbir atlara müçebaşyň göwresine kakuwdaşlygy mynasybetli syçanguýruk,
syçangulak, syçanmurt ýaly laýykatly atlary goýan könelemmiziň syçan ýylyna
garaýşam diýseň dokuşykly. Ol dokuşyklylygam il-ulusyň gadamyny
gerimlendirişine, alnyndan ak gün bolup dogupdyr.
DÜÝBÜŇE KIR ÝYGNAP
Gaýçy gardaş, inem gaty ýüzi gaýzalardan-56, Öme-duma egilip, ezmaýyş
etjeklerden däl. Dört-bäş güne galyp-galman üstüme howala bolşuňa, çetinden
girägetdin, gyrkydyp taşlaýaň-da.
—Wah, derman dogan! Sen agzyňy-burnuňy towlap, maňa pyh diýjek
bolmagyn. Eger wagtal-wagtal gyrkyp gözüň oduny alaýmasam, düýbüňe kir
ýygnap görene gülkem borsuň, sen.
KELLESINI KESSEŇIZEM
—Aý, janym agam! Biziň-ä bir atdarha bazar-pet ýeňimiz çykdy. Aňyrdan
gelşine, mal-garanam bilenok, çaga-çolagyňam. Ýuwdup-ýalmap, gyryp-gyrjap,
halys nekabadymyzy gördük.
—Şükür, kelläňiz ýerinde. Bir allanäme-de akyl-huşuňyz barlar. Elaýagyňyzam aýy çeýnemändir. Onsoň näme, gylyç diý-di, Kösse diý-di, gökdemir
götereniňiz ýerli-ýerinden aýaga galyp nažadyňyzy görmeli ekeniňiz-dä.
—Wah, her gezek gelende kyrk kellesinem kesip, halta salaýmaly etsegem,
5 iriniň ýerine müň dörär diýenleri. Ýene aňyrsy bilen ýigrimi günden
öňkülerinden alyp bolup, kükräp ugraý-da, jan agam.
—Be, şeýdäýseňizläň! Oň ýaly bolsa, indi çarkanak ugrasa tükel ähli
kellesini kesiň. Öser ýerlerinem boýa köwlän ýaly ötägetdin, yzyndanam
jazyrdadyň-da, öte ökde ot bile daglaşdyryp çykyň. Onsoň nädersiň, ojagaz
aždarhaňyzyň daşyna ýag garyş üwmek bolaýsa.
AZAP DAGYNYŇ AŇYRSYNDA
—Aý, agam! Saňa «Daýhan doky, ýere taşlan tohumy yrýasyz çykýa. Onsoň
ekinem başyna gören ýaly bolýa» diýdiler. Bir maslahat berseň, bize-de,
tohumymyz müňlär ýaly.
—Görýän weli, seň çynyň. Diýmek seň, ýygnap-ýygşaryp bolmaz ýaly hasyl
alasyň gelýä. Şeýlemi? Şeýle bolsa, onda sen nät diýsene!
Ine, şu atyz bar-a? Şoň ortarasynda bir altyn gazyk bardyr. Ana, şoň
daşyndan aýlanyp gaýdyber.
—Wah, şeýdip, bir töňňelisinden tutup, dogryňdanam gel-ä-diýen kişi baryp,
aýagyndan irinçä aýlansa-da, gazyk küje, zat küje.
—How, halypa, seň ol altyn gazygyňy tapmadymla, bi toýnagym tozynça
aýlansamam.
—Be, onda sen azap dagyndan aşman, gyzyldan gazygy bärräkden
gözläpsiň-ow!
Aý ini! Ini! Ýere ýapyşyp, nan iýjegiň çynyň bolsa, ilki dört döwüm bolup,
derläp, kirläp, çorlap azap dagyndan aşmaly. Ana, onsoňam, näme, keminkeminden yrsdyr bagtyň altyn gazyga baglanyp başlaýa-da.
UJYNY DÜWMEDIK IKI ÖTÜR
Ir eýýam birpatyşa aýalyny yzyna tirkäp bazara barýar.
—Hany, balyk alsana kakasy?
—Bor, oglanlaň enesi-diýen hökümdarlaram iň uly balygy söwdalaşmazmy.
—Heý, akmak şa, seň balyk nämäňe derkar. Gaýtar yzyna!
—Indi nä ýüzüme gaýtaraýyn?
—Şunyň «Erkekmi-urkaçy?» diýäý.
—Haý, agam, munyň erkekmi-urkaçy?
—Humsa. Ne erkek, ne urkaçy, patyşahym!
Şeýle jaýdar jogaba göwni galkan patyşa balygy gaýtarmadan-a elli bizar,
gaýta, satygça ýene bir ýanawuç pul bermezmi. Onça zada haýran galan bakgal bir
teňňäni elinden gaçyrsa-da, bada eglip, ony gysymyna gysýar.
—Hany, puly yzyna al, beýdip elikme-de. Ýogsam, hazynaň soňuna sogan
ekersiň, sanlyja günde.
—Waý, ony nädip yzyna alaýyn-a, indi?
—«Sen, baryp ýatan ynmsapsyz ekeniň. Ýeke teňňänem ýere rowa görmän,
ýerden göterdiň» diýdi-de, al, puluňy basymjak.
—Sen-ä, bir doýmaz-dolmaz ekeniň. Näme üçin şojagaz ýeke teňňänem
aýak aşagyndan göterdiň?
—Sebäp, kyblaýy älem, o teňňede seň adyň bar-a.
Ol jogaba güýlüp gyrkaýmaly bolan hökümdar ýaňky danyşmende ýene bir
goşawuç teňňe beren.
Soňam «Sapagyň ujuny düwmeseň iki ötirsiň. Heleýiň diýenini etseňem kän
çawaklarsyň» diýip, jar çekdiren.
ENGUR IÝESI GELEN TALYP
Nowaýy bazaryň golaýynda ders berer ekeni, onda-da alymlara. Bir
gezegem şahyrlar şasynyň bazarda gezip ýören ýetim oglana syny oturyp, ony
ýanyna çagyrmazmy.
—Biz sizi okatmakçy, eger göwneseňiz.
—Göwnäp göwnärin. Ýöne mende ne ene, ne ata, ne harç, ne beýleki bar,
aga.
—Okasaň bolany. Üpjünçiligiň gürrüňini etme. Şeýdip, ýetimek okap
ugramazmy. Ine, bir günem onyň üzüm iýesi gelip bazara barýar. Ol laýdan
ýasalan ýaly bolup duran bakgala bakyp:
—Siz maňa bir gadak engur beriň. Bizem oň muzduna ýasyn okap bereli.
—Näme?! Hany, göteril şu ýerden. «Ýasyn-tebärek» diýip, emel edäýjeksiň
welin, bu hiläň bilen-ä, üzüm dadaýmasaň gerek!
Ymsynan neresse hüjrejigine girip, gaplanyp otyrka-da, Nowaýy gelmezmi.
—Hazreti halypa, bize rugsat beriň. Siziň öwreden ylmyňyz bir gadak
üzüme geçmejek bolsa, ile sahawatsyz ylymdan he peýda?
—Onda biz, şu daşy şo söwdagäre beriň-de, üzüm alynyň. Ýöne Engur
bermediň halatynda-da, daşy ýitiräýmäň.
Ýene ýarym sagat geçip-geçmänkä, oglan eli boş dolanyp gelmezmi.
—Näme, ýene bermdimi?
—Ýokla. Gaýtym «Indem bir zyra-zyra daş äkelip, üzüm iýmekçimi?»
diýip, daşlap kowdy.
—Onda, siz bu daşy bir tegelejik teletine berk baglaň-da, ony pylan ýerdäki
alymsaýa tutuň. Ol näme diýerkä? Eger ol çyndan alym bolsa, bu daşy üç mertebe
ýüzüne sylyp, möhümiňizi bitirer.
Halypasyndan o sözi eşiden ýetimegem haýal etmän, barjamly dananyň
huzurynda dikelýär.
—Bo-ho-how! Jan ogul! Seň munyň bizde dursun, häzirliikçe, size näçe
gerek? Ýüz müň tümen bolarmy?
Ine, şeýdip, hälki ýetimek üzümdir beýleki gerek-ýaraklaryny alnan. Galan
pulam başyny bozman halypasyna gowşuran. Nowaýam, näme, desbidähel, oň
üstüni dolýar.
—Bar, indem gidägetdin, muny tabşyr-da, daşy äkel.
Şägirdem aýagyna ýel daňlan ýaly bolup barşyna!
—Agam jan, ine pulyňyz. Bereniňize, duranyňyza alla ýalkasyn. Indem
düýnki daşy dolandyraýsaňyz? diýmezmi.
—Oglum, şol daşy bir gijelik bizde goýup gideniňiziň hormatyna, saňa
getiren puluňam bagyşlaýan. Ine-de daşyň!
Şondansoň halypasynyň ýanyna dolanan ýetimek Nowaýydan magny
bilmeziň ýanynda hardyr hamyryň garyp-gatymlyga ýetirilýändigi hakdaky siňňi
söhbete diň salypdyr.
«YLMY ÝETIGIŇ ÝOLY KÖPD–Ä»
Gojalaryň gep salgyna görä, Şamyrat Welpamy Baýramaly hanyň garşysyna
gaýdypdyr. O wagtam damaçyňy çalyp gelýän sowuk, gyş-garalyk ekeni.
Ine, şeýdip, Buhara emirliginden garadymy Merwe tarap ugran agyr ýygyn
bir ýerde täret gylyp, ertir namazyny okamaly bolmazmy.
Şonda Şamyrat Welnamy:
—Millam diýip, dili senaly hatymkerdesine ýüzlenýär. Görşüň ýaly derýa
doň. Buzy böwsüp, bör-bösňi bolup ýörenden, suwa täret gylman, adamlar teýim
edäýseler nähili borka?
—Aý, hökümdarym! Gapdalyňda baýa minnet suw barka, aňsadyna bakyp
ýer tartyklap ýörmän, buzy böwsägetdin täret gylaýma-la.
—Heý, mollam, seň şerigatdyr kowahatyňda oň bir ýagdaýa göräräk.
«Yrym-yrym, ýom-ýom» edäýmeli täri beýlekisi ýokmudyr?
—Ýok, hökümdarym! Onsoňam, din yslam ýolunda gaty bir aňsadyna
bakylmaýandygyndan siz habarly bolmal-a.
—Onyňyzam-a, dogrusy-dogrudyr welin, mollam-diýen Şamyrat Welnamyň
adamlary şondan soň sowuk suwa täret gylmazmy, buzy ýaryp.
Ýöne hälki mollaň, özi welin, eliňi-aýagyňy gyýyp gelýän sowuk suwa
barmagyny batyraýsa nädersiň. Gowadaklap bir çöpüň aňyrsyna duwlanyşyna,
egnindäki ala donuny köwlümlendirip oturan ýaly edýär-de, şo bada-da turuberýär
çalganaklap.
—Bä, mollam! Ile buzy böwsetseňem, özüňiz ýaman ýeňiline
ýapyşdyňyzla? Näme seň din yslamyň köpüň däl-de, diňe özüň ýalak alaja gözi
ýassyksyz, kak çekse takwaň bähbidini yzlaýamydy, asyl?
—Aý, hökümdarym! Ylmy ýetiň mollaň ýoly köp bolansoň...
—A-ha-ha-a! Şeýdiýseňizläň, asyl?! Oň ýaly bolsa...
Peşap! Jellat!!! Indiki gapaty galkjaklara-da unudylmaz sapak bor ýaly,
bujagaz mollany bir buzuň aşagyndaky şo kän ýollaň dolanmazyna dykyp goýber,
haýal etme-de.
ENEŇ AGZY BIMAZAKA OGURLYK EDEN BOLSA
Öňem iki sany aýran-jöwren ogry kyrkyndan soň toba daýanmazmy. Ine, bir
günem, şeýdip, ile meňzäp ugran hälki peläketler gaýtadan duşuşýar.
—Nirä barýaň?
—Garbanmaga.
—Nä ýanyňda gyran-teňňäň baly?
—Ýok, nä seňki bamy?
—Meňkem ýok
—Onda näderkäk?
—Nätmeden hudaý saklasyn. Bolmasa ýene şol öňki tilkisi gury
zypdurynlygymyzy edäýmeli borus-da.
—Indi bir beýtmäli-le, halypa.
—Beýdemizde näme, biribaryň öňünde ozalkymyzdan artyk bergi-borja
bataýarys öýdýämiň?
—Ýok-la. Biz bir doga ýakasy gaýyşl-a, özüň aýdýadyň-a «Ikimiziň
ejemizem agzy bimaza bolup aş saýolanda ogurlap zat iýipdir. Ana, şoň üçinem biz
taý-tapylmaz ogry bolup dörändiris» diýip. Heý, halypa, opsoňam «Gan bilen
giren, jan bilen çykar» diýen gepem bar-a.
Onsoňam, aýdyp otur. Ine «Ogurlyk edelem» diýdik-dä, hany kimiň zadyny
uşlap, kimi aňňalak gapdyrys. Aýdyp otur.
—Heý awy üstüne gelmedikdenem bir ogry barmy? Han-ha, seret! Bir
ýaşuly ak eşegini idip gelýär. Gel, şony alýaly.
—Alsaň, şony satmak meň bilen. Ýöne ogurlamak, goja sepini bilmez ýaly
etmek seň bilen.
Şondan soň ogurlaň bir-ä, eşegiň pagtasyny sypyrýar. Beýlekisem, nogtany
başyna geýip, ýaşulynyň yzyna düşüberýär.
Hälki aksakgal öýüne geliberende, elindäki ýüpüne agram düşýär. Ol yzyna
garasa, täsin galaýmaly, ak eşeginiň ýerine sakgally sarmyklybir adam boýnuny
gertdirip dur.
—Ýeri, how, nogtaly bende, bu ne ahwalat?!
—Aý, bu ýerde düşünmez ýaly ahwalat ýok, jan agam. Bir pyssy-pyjurlyk
ädemde, atam meni jadylap eşege öwürdi. Indem, müddetim gutaryp, öňki
kaddyma geldim. Indi ygtyýar sende. Ulanaryn diýseň-ä, ynha, men. Bolmasa-da,
näme, öňki eden hyzmatyma kaýyl bolup, berersiň-dä, rugsadymy.
—Oň ýaly bolsa, bar alan galaň özüňki. Sen menden ýaňa suwdan salkyn.
Onsoň näme, şeýdip, eşeginden el ýuwan ýaşuly öýüne barýar. Äriniň elini
burnuna sokup gelenini gören aýalam ot gapyp ugramazmy.
—Haý, sakgaly kesilen! Häzir öýde pul bar, azak-tenek. Senem näme,
takylan janyň çykaýmasa, eşeksiz oňmarsyň. Şoň üçiribem, gir-de, gyzgyny bile
bir eşejik alyn.
Bu maslahaty makul gören goja bazara barsa, ýene şol eşegi öňünde,
guilagyny sallap. Şonda ol eşeginiň gulagyna:
—Haý, bi syrat! Nä ýene ataň seni jadylaýdymy? Indi takylap janyň
çykýanam bolsa, men-ä seň golaýyňa barmasam gerek diýip, çawuş çakmazmy.
HAJYLYGYŇ ÖZI ÜSTÜŇE GER ÝALY
Ine, diýseň döwletment, asyl, depseň yranmaz gurandaly eý. Gamyşlkar
gaýym. Üzükdir serpiginem germäge göz gerek. Edil ylahydan gurlan ýaly. Içdaşlarynda dagam ýaýrap ýatan ýekeje çöpe gözüň düşäýsin-dä. Päkizeden
serenjamly. Ýag dek-de, ýalaber.
—Bo-how. Oglanlaň ejesi. Bu goňşular gapdaldangelýän gowurmaň ysyny
alýamyň.
—Alýan-la kakasy, özüne-de, şol ys agzym bimaza bolansoň, birhili,
nekabadymy görüp, başymy-gözümem aýlap gelýä-de.
—Oň ýaly bolsa, oglanlaň ejesi, maýdalaň eline gamyş okara tutdurdy-da,
diledäý azajyk. Ýogsa, birden ymsynyp, öt galyşyna, işiň ulusynyň başyny
tutagetdin, boljak çagaň gözüni göm-gök edäýme.
Ýok-la, kakasy. Ine, hä diýmän goňşy okara diýip, özlerem ekerler-ä-diýen
öý bikesi her näçe hantama bolsa-da, dadymlyk nire, zat nire.
Şondan soň agzy suwara- suwara saklanybilmedik görgüli goňşularyna garşy
ýönelmezmi.
—Aýu goňşy, gurgunmyň, sag-salamat oturanmysyň? Aý, menem ertir
kakasy Mekge-Medinä haja gitjek bolansoň «Oňa bir şüwlümlije unaş bişirip
bereýin-le» diýdim-de, elegiňizi soramaga geläýdim-dä.
—Geregiň elek bolsun, jan dogan?—diýen hem saýasy kepgirli elini
gowurmaly gazandan aýryp, elegi uzatsa-da «Al, goňşy, iý. Iň bolmanda nan
batyryp, duzuny dat. Üstüne gelensoň» diýäýse dagy nätenet.
Ine, şeýdip, o maşgala ýuwduna-ýuwduna yzyna dolanýar.
—Kakasy, şu gün-ä, goňşulammyza bir döw çalan ýaly, hödür-keremden
elli bizar.
—Ýa, heý, ejesi, ine men olar bile «Ertir gara daňdan haja gidýän» diýip,
hoşlanyp gelmekçi. Şonda maňa «Hany, bäri gel» ederler-ä. Ana, şonda saňa-da bir
şoruňy ýapyrlyk äkelmän alajyny ederin-dä, diläp-tirkäp.
Emma gün ýaşar-ýaşarda goňşusynyň gapysyna baryp, oň bile allaýarlaşan
kişä gel-geçem ýok, saçak başyna oturam. Onsoň näme, olam öýüne gelşine «Be,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 05
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.