Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 09

Total number of words is 3715
Total number of unique words is 2528
23.9 of words are in the 2000 most common words
34.6 of words are in the 5000 most common words
40.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Wah, jan dogan, olaň elinde-ujunda diş synçgarlyk zat bolmansoň,
ýöne odunyp oturandyrys biz-ä.
—Oň ýaly bolsa, aýdyp otur, jan jora, göwnüň näme isleýänini?
—Aýtsam, jan dogan «Hojagaz akja guzyň bagyr öýkenini iýseň diýip,
atygsap dur-da ýüregim.
—Oň ýaly bolsa, häzirjik gowrup öňüňde goýaýmadykmy, ony —diýen
ekabyr gelin ojagaz ýüz tüýlini ýüpüne çolaşdyryp, gaýyn atasyny çagyrmazmy,
ýaşmak astyndan.
—Atasy, aý, atasy! Bujagaz tokly gölerip, pyçaga gelipdir welin, şony bir
halallaýmasaňyz-a —diýen gelin çyzgap, gowurtmaçlaýşyna, ysy janyňy alyp
gelýän börtmr bilen naharlamazmy, hälki pahyry.
Soň bir aýlawda hälki kalby kireňsiz maşgalaň tokba gaýyn atasy MekgeMedinä haja gitse, gör-ä, gelniniň bilezikli goly. Käbeýihananyň altyn
halkasynda diýýä. «Be, bu nähili bold-aý?!» diýip, iňkise galşyka, böwrüne diň
salan kişi öýüne gelenje badyna dil ýarmazmy o hakda.
—Günämi geçeweriň. Gelşiksizrägem bolsa, öňräk şeýdäýdik-dä, atasy.
—Ýok, onuň üçin, Berekella berýän, jan guzym, saňa. Wah, onsoňam,
şeýdip, hajylyk hartajadyny ulusyna sürtäp, hajylygy üstüne getirýän seň ýaly
göwni gorlular kän bolsa-dy, bu dünýämizde.
PEDERINI PEŞWAÝLAP...
Edrek Atajandyr Begat Ýolly, Berdi Tejendir Durdy Juma ýaly ýüwrük
bilge gojalaň gep salgyna görä, on müň ýyl töweregi mundan ozal Tigr hem
Ewrat derýalarynyň arasyndaky Mesonotaminda Nuhuň tupany bolan bora
çemeli.
Ana, şol almaň haýalessalasy sowlup, örgençegine gol atdyryp ugran Nuh
ata bir gün gyzar ikindinler gelmezmi işigine, ýadaplaň durşuna. Surgunyp,
sütüni süýnen adama-da, näme, özüňiz belet. «Az-owlak dynjymy alaýyn-la,
şuňa gazza agajyň astynda» diýip, dyzyny ependenem, galýa-da uklap.
Edil şo halatam ýol öwüsýä-de, öňüne örtünýän göwegini (depesini)
eýläk serpişine, owrat (uýat) ýerini açyp taşlamazmy, Nuh atamyzyň
Şeýdip, ýaşululay läw-läş bolup ýatyrka-da, ogullary gelmezmi üstünden.
Olaryň iň ulus-a «Gör-ä, bu murdaryny aşyrypo, başymyza towky taşlap, serlip
ýatyşyny» diýýä-de, ýüzüni sowup geçýär, gözüni alardyp. Beýlekisem, hakys
gülşüne, ötüreberipdir pyňkyryp. Nuh atanyň gapdalyndan! Ýöne üçünji ogly
welin:
—Nä, poha pyňkyrýamyň? Ýadap gelen garry adamdyr-da—diýşine,
desbidähel, üstüni ýanýar, ýaşulysynyň.
Bu ahwalaty synlan enelerem aýtmazmy adamsyna ähli gören eşideniniň
gylyny gymyldatman. Şonda çalarak gylyny gymyldatman. Şonda çalarak
gylyny gaýnan Nuh aga ogullaryny huzuryna çagyryp:
—Haý, bisyrat! —diýşine, ýüzlenmezmi olaň iň ekabyryna. —Indi
munan gojaňy saýmaz tekepbirlige etdiňmi, asyl, sen, gaşyma geleňde-de,
daşyň üstünde oturyp...
Goý, senden goçak han, hökümdar patyşa döresin. Ornuňam altyn bolsun.
Ýöne eliňden bähbitli bitelik gelmän, mydama ýagşa mätäçlik çekediň. Tur,
indem, ugra, gözüme görünme-de—diýen Nuh ata ortanjy ogluna tarap
öwrülipdir. —Senem, öz pederiňi peşwaýlap, üstünden gülüp pyňkyrýan
bolsaň, ony arzylamaly, halyňa, haý-haý-haý-ow! Bilmedim-ow!!!
Ýöne hernäçe hil halsyrasaňam, eý, hudaýa, bar hudaýym! Senden aýýarhaýýar, döresin! Jadygöý jögi döresin! Özüňem gargyş gabyna, awuly ganara
dönediň.
Üstümi ýapan göwni gowy dözmez bolam! Senden bolsa, köňüldir kalby
mähir-muhabbetli ynsan döresin. Alym döresin! Adam döresin! Özüňem ömürajar alkyş aladyň —diýen Nuh ata iň körpe oglunyň arkasyny sypalapdyr.
ÖZENI ÝALAN BOLANSOŇ...
—Tünem, size sala salmakçy bolup gelendiris, biz-ä.
—Gelen bolsaňyz, aýdyp oturyň ýaty-ýagdaýyňyzy?
—Aýtsak, tagsyr, bizem oýun-oýun bile kyrky tegeläberdik indi.
Ana, şonupň üçinem hälki peläket piriniň ýanyna barmazmy
ýamaşgandan. Oňa öz ähli pisitçiliginiň düýp özeniniň ýalan sözdedigini
nikartlabam, üç kesbinden el çekişine,n takwalyk ýoluny tutjakdygyma äht
etmezmi.
ÝEKE ÇANDYR KIŞÄR-Ä.
—Halypa kyn görmän aýdyp beräýseňiz akylly bile parasatlynyň ara
tapawudyny?
—Aýtsam, jora, ähli çolaşan çograryndan, görgi görse-de, baş alyp
çykabilýän çeke çandyr kişir-ä akylly, hiç haçan alar ýaly alas. Gopaslygyň
gyrasynda görünmän, başyny çarabilýäne-de, parasatly diýilýändir.
TOWGUŇ ÝAŞYNYMY?...
—Çary aga (Gurbançylyk) özge haýwanlaň ýaşyn-a, düşüşine seredip
anyklaýarlar welin, agza ajydyr kentlewüşiniň şu towuklaň näçe ýaşandygyny
nädip kesgitleýärkäler?
—Aý, oň ýaly bolsa, olaň ýaşyny öz dişini bile anyklaýmany bo-da, jan
ini.
(Beşer mergen gwep getir. Bähbidi pygam)
ORLAŞYKLY ORDA BOLLSA-DA.
—Şir şene, aý şir iýene! Gör-ä, meň bujagazza zatlammy! Seň ýene
dikrardan zaňňyk işi begeleň aňry gitse ikidirý welin, tüweleme, mweňkiler
barada, esliň bäri ýany.
—Dogrudyr, doňuz dost! Ýöne bilip goýgyn! Seň o batga bulanarlaň
orlaşykly orda bolsa-da meň ekemen babyr bileklim bir gözüni agdardygy läwläşlige ýetäýär, olaň ählijesem.
HOJALYGYŇ ÖZI ÜSTÜŇE GER ÝALY
Ine, diýseň döwletment, asyl, depseň yranmaz gurandaly on. Gamyşlar-a
gaýym. Üzükdir serpiginem görmäge göz gerek. Edil ylahydan gurlan ýaly. Içdaşlarynda dagam ýaýrap ýatasn ýekeje çöpe gözüň düşäýmesin-dä. Päkizeden
serenjamly. Ýag dök-de ýalaber.
—Bo-how! Oglanlaň ejesi! Bu goňşular gapdaldan gelýän gowurmaň
ysyny alýamyň?
—Alýan-la, kakasy, özüne-de, şol ys agzym bimaza bolansoň, birhili
nehabadymy görüp, başymy-gözümem aýlap gelýä-dä.
—Oň ýaly bolsa, oglanlaň ejesi, maýdalaň eline gamyş okara tutdur-da,
diledäý azajyk. Ýogsa, birden ymsynyp ät galyşyňa, işiň ulusynyň başyny
tutagetdin, boljak çagaň gözüni göm-gök edäýme.
—Ýok-la, kakasy! Ine «Hä» diýmän, goňşy okara» diýip, özlerem
äkärler-ä—diýen öý bikesi hernäçe nahtama bolsa-da, dadymlyk nire, zat nire.
Şondan soňagzy suwara-suwara saklanybilmedik görgüli goňşuylaryna
garşy ýönelmezmi.
—Aýuw, goňşy gurgunmysyň? Sag-salamat oturanmysyň? Aý, menem
ertir kakasy Mekgä-Medinä haja gitjek bolansoň «Oňa bir şüwlümlije unaş
bişirip bereýin-le» diýdim-de, elegiňizi soramaga geläýdim-dä.
—Geregiň elek bolsun, jan dogan? —diýen hemsaýasy kepgirli elini
gowurmaly gazandan aýryp, elegi uzatsa-da, al, goňşy, iý. Iň bolmanda, nan
batyryp, duzuny dat. Üstüne gelensoň diýäýse dagy näteňet.
Ine, şeýdip, o maşgala ýuwduna-ýuwduna yzyna dolanýar.
—Kakasy, şu gün-ä, goöňşulammyza bir döw çalan ýaly, hödürkeremden elli bizar.
—Ýa, heý, ejesi, ine, men olar bille «Ertir gara daňdan Haja gidýän»
diýip, hoşlaşyp gelmekçi. Şonda maňa «Hany, bäri gel» ederler-ä. Ana, şonda
saňa-da bir şoruňy ýapyrlyk äkelmäň alajyny ederin-dä, diläp-tirkäp.
Emma gün ýaşar-ýaşarda goňşusynyň gapysyna baryp, oň bile
allaýarlaşan kişä gel-geçem ýok, saçak başynda oturam. Onsoň, näme, olam,
öýüne gelşine, «Be, kyýamatlyk goňşym bile ara çözülmez düwün düşäýdimikä? Goňşy okaraň-a, goý, baýaky zat diýeli. Ýeri, özüň gazarylyp üstüne
barsaňam, ýüzi buz ýaly beýlekisi ýok. Göräý, şu taýda bir ýaşyryn
sowuksaýkalygyň gözi ýyldyrap ýatandyr, hökman. Özüne-de, edil haja gitjek
bolup durkam, şu dara0direlikde diýsene! Ýok, men bu ýagdaýda, ölsem,
ynjalyp gidibilmen ahyry haja, oň sebäbini saýhallaman» diýip, içini
gepledişine ýoňsuz oturýar.
Ahyrynam, ýüregini bire baglaýşyna, barmazmy ýene goňşynyňka.
—Aý, jan dogan! Men-äýanyňa geläýendirin, tara tapman.
—Be, tara tapyp tapman, men-ä, ikimiziň aramyza tow taşlabiljek
ýokmuka diýýän bu jelagaýda.
—Onyň-a, dogrus-a dogrudyram welin, ine, şu gün ilk-ä, sizden goňşy
okara dadymlygyny tama etdik. Ol-a bolmady. Soňam aýalym, yz ýanyndanam
özüm gelip gitdim. Emma «Gowurma gowurýas. Hany, bgir duz dadyň»
beýleki ýok. Onsoň, menem «Ara taýak taşlanandyr-ow. Ýogsa, beýl-ä,
bolmaly däl. Hany goňşyma ýüregimi açyp, dogrymy bir aýdaýyn. Duldegşir
adamlammy ynjydyp men, asyl, haja gidip bilmen-ä» diýip, ýanyňa gelşim.
—Wah, goňşy jan! Ikimiziň aramyzda eýle-beýle zat, häzir-ä ýok. Ol,
enşalla, geljekde-de bolmaz. Ýöne, şugünlikçe, goňşy okara uzadyp, hödürkerem etmänligimiz üçinem öýkelemän, jan goňşy. Sebäp diýseň, hawa, hawa,
jan goňşy...
Indi iki hepde bäri garyplyk-gahatlyk gapymyzdan girdi. Ýer gaty-da,
gök yrak bolansoň, çagalar dişiniň kirini sorup öte ýatyp ugrady. Onsoň menem
«Näden nä bolýarka?» diýip, küreniň çetine çyksam, ine, gölerip haram ölen
Goýny bir hepdege taşlapdyrlar. Taňrydan gizlemedigimi bendesinden ýaşyryp
nädeýin, goňşy jan. Menem ony getirdim-de «Hany gowur. Çagalar aç ölmese
bolýa-da» diýdim, çagalaň enesine.
Onsoň haram zady biz nä ýüzümize hödür edeli, siz ýaly dili senaly kişä?
—Wah-wah-eý! Şeýdiýsene?! Menem «Goňşym bile arama enjebiýlik
düşendir-ow» diýip, tutda-bas, oň ýaly bolsa, geç günämi, jan goňşy.
Eger obamdyr goňşy-golamyma şuň ýaly ýowuz tuta-keslik gözüni
görkezen bolsa, onda men at münüp, atan (ol agtalanan erkek) gomap haja gidip
oturmaýyn.
Eger-de täk özümi bilip gidäýmesemem, aýny-hata bilýän, hajym kabul
kylynmaz. Şoň üçinem, haja harçlajak harajadymy il-ulusym bile deňje
ýalaşaýyn.
—Aslyýetinde-de «Bir ajy doýurmak haçdyr» diýen gepem bolmal-a.
Şeýdäýseň-ä, hajyň özem üstüňe gerdi, jan goňşy.
ÝUWUNDYŇYZY SERPEN DÄLDIRIN.
—Gelin jan! Aý, gelin jan!
—Näme, atasy?
—Nämäň bar bol-a, jan balam! Iş gaýdandyr! Wah, indi biz nätsekkäk?
—Nätlikden hudaý saklasyn, jan käbäm! Hany beýdip howsala
basdyrmaň-da aýdyp oturyň. Näme ýakaşyksyz (ýakymsyz) bir habar dagy
düşäýdimi?
—Wah, gara bolup dagymy! Ýiligiň ýazyp, çemçeläp ýygnanyň çanaklap
döküldimi diýsene!
Wa-ah, bigapyl guzym. Ähli malymyzy ýagy sürüpdir.
—Ýa, atasy sizem-ä onuň üçin-ä petek-peýman bolmaň. Mallaňňyz ger.
Ony aýny bilýän. Olaň gidere ýeri bolmaz.
Sebäp diýseň siziň gapyňyzdan garalym bäri ýekeje ýola-da, hatyrasyny
gaçyryp, ýuwdyndyňyzy ýere serpen däldirin. Şoň üçinem, ine, saglyk bolsa,
guşluga galyp-galman, süriňiziň ýagny elinden alnandygy hakyndaky hoş habar
gulagyňyza deger, hawa, hawa.
Menem onynça, näme, geljek buşlukçy üçin palaw ataraýyn, atasy—
diýen gelin bürünjini buglap-buglamanka-da çaparyň tozany görnüpdir.
...BIZIŇ MERGEN GEP GETIR.
—Gözümizi ýolda goýup, ahyry, geldiňmi kakasy?
—Gelendiris-ä welin, heleý han...
—Nä, sesiň sagynçly çykýa welin, bu saparam öňküliň ýaly awuň
oňmadymy kakasy?
—Göz boldumy? Dil boldumy? Biz-ä haýran, bu zatlara, heleý han.
Ýogsa, seçmesini sazlap, därisiniň doldurymynam ýetirýän-le, aldygyna. Ondada, bilmedim men-ä, agzymyň yrsy gaçan ýaly. Ýa okuw çawýa, ýa gyltyz
degýä.
Hawa-la. Ýa mergeniň atyşyndan, «Ýa keýigiň ýatyşyndan» diýleni-de.
Şu gezek dag-a, bir çukur oýtakda alty-ýedi sany, gözüňe söweýin keýigiň dik
depegindenem düşdüm-le. Onda-da, näme, oglanlaň enesi, şowsuz iýmek
nesibäň-de ýokdur-da. Hyrlymyň şahyny jaýdar süýjüp, didi waka mündürişime
herneneň elin atsamam, çolpyma zat ilmän, galyberdim-dä gultunyp. Inim
şowlan bolsa, şu sapar saňa gözünden urup, eliňe iňňe sapäak alyp
çapgylamazyň ýaly, tullamalyk, abatja bir keýik derem äkeljekdim welin,
arman. Elimi burnuma sokup, ardurja yzyma dolanmaly boldum-da.
—Hawa-la, kölgäň yrylmasa bor, kakasy. Bizem näme «Özge mergen et
getir biziň mergen gep getir» diýer-de, ýarma-köjämizi gargylama bile
boluberme-dä...
«ALYŇ, ONDA, BISMILLA !»
Garyplyk gapydan girip, dulda ýük ýazgardymy? Onsoň biliňe goşa
guşak urup, guşgunyňy serenjamly syrdaýmasaň, işiň bitdigidir. Özüň-ä, bir
baýaky zat. Çagallaňňam dişiniň kirini sorup, öte ýatyşyna, garny sal ýaly
boýny gol ýaly bolma bilendir.
Ine, şeýle gahatçylykly günleň birinde «Näden nä bolýarka?» diýen Kerki
akgam güzeran tetärihligi üçin guma girmezmi. Ýöne çöle çykaňda-da, duş
eýläp, zordan-zora mydar edýän adamlaň ýüzüni görüp, halyny soraýmaly.
Wah! Wah! Görgüsi eserler! Kendirikleň Çöre silkimi, gömmeleň gözden
uçaly bäri är ömri boluberdi. Şonda-da, gowrulan etiň üstüne süýt sagyp, birki
baş çogduryp günm görüşlerine, goýunlaň yzynda şo süýkenip ýörişleri
taýaklaryny taşlaman.
Ine, bir günem, şeýleki teými takyrlyga ýetip, gutumy guran düýp goşdan
çykan Kerki akgam bir alada bilen goňşy guýa ugramazmy.
Aslyýetinde, Kerki akgam mal-garadan ekin-tikiniň ýaty-ýagdaýyny bäş
barmagy ýaly bilýän gaňrylmaz pyýada. «Ana, ho, gulanlaň salgymly sürüsini
görýäňizmi?» kyrk gulan öz agsagyny bildirmez» diýipdir-ä, öňkülemmiz.
Hany men bir gykuwlan at salaýyn, köne kössämi gezişime. Belki, şonda olar
dört-bäş bolup götergiläp barýan agsak-towsagyny taşlap gidäýedi-dä, biz üçin»
diýşine, eýmençden elhederli haýkylygy bilen gulan pahyrlara aljyraňňylyk
salşyna, käte kör abraýlyga-da ýerýär ekeni.
Hawa, hawa...
Şeýle gajymal, şeýle keleňter bolsa-da, açlyk halys hyblyny alyp, gözi
garaňkyran Kerki akga şonda ýaňy bir ýapa ýarmaşyp ugran ekeni. Edil şo
halatam guýyň başyndaky huny ýigitleň biri Kerki akgany synap görmek üçin
«Hany, onda alyň, Bismilla!» diýip, ýalandan gygyrmazmy uly ili bilen. O ses
gulagyna kaklyşan Kerki akga-da, «Görsene, bu peläketleri! Asyl, meni
alaňdanaşyryp, bular bir ige düşümlije zady kütületmekçi ekenler-ow» diýşine,
hyrra öwrülmezmi yzyna. Ýöne, gelip görse, aýbogdaşyňy gurşuňa muhuryp
oturmaly zadyň ady-soram ýok. Onda-da, içi çäkmen ýyrtyk bile syrylan ýaly
Kerki akgaň:
—Jan inilem! Hany ýaňky «Bismilla!» diýip, iýmekçi bolan närsäňiz.
«Ondan menem ät galmaýyn-a» diýip, asyl, gara çyny.
Şonda Kerki akgaň açlykdan kaksygan naýynjar ýüzüne siňe sereden
ýigitler «Bo-ho-how! Açlyk çaklyşymyzdan am ýowuz ýagy eken-ow,
Najadyňy görüp, öňümden gaçmasaň, ol-a, Kerki kaka kysmy keleňter
kişionem mugyra getirýän kesanatly külpet eken-ow» diýen pikire gelenler.
ITIŇ SEÝIDI BOLDUŇYZ.
Muhammet Pygamber hemdemi bile tirkeşip barýarka, ýoluň ýakasynda
iki sany goňur güjük ýatan ekeni, gyrasyny ýassanyp. Ýaňkylaň biriaýaklary
bile Pygamberrusula togap edip, ony ýüzüne sylsa-da, beýlekisi üýrüşine
galmazmy güzbürdäp. Şonda äwmän ädimläp esli ýöräp pygamberimiz yzyna
öwrülip, ýüzlenmezmi özüne topulan ite.
—Siz, näme üçin, hak resulylla üýrdiňiz i, ýabşynyp?
—Men it tagsyr! Şoň üçinem üýrmeklik-ýarmaklyk meň resedim.
Edermen üýrüp gabyrdap, özümi tanatmasam, kim meniň itligimi bilsin,
pygamberimiz.
—A, siz näme üçin togap etdiňiz bize?
—Pygamber huda, men näme üçin togap etmäýin, size? Sebäp siz taňryň
resuly! Siziň mübärek ýüzüňiuz-ä, eýsem, gadam tozuňyzy togap edenlerem
ýetişýär-ä, baky bagtyýarlyga.
—Hany, oň ýaly bolsa, geliň, bakaly golaýyma —diýen Pygamber huda
ýaňky egninden aýryp ektaýyna dolagetdin çykarmazmy oň ýeňinden görmesiz,
itiň sesidi, bakyly-ýakyly tazy bolduňyz.
ÇÖPDÜÝBI BOLMADYK...
Arada henize çenli salymly duşubilmän jöwrenip ýören Murgaply Dotdy
akgamyň bagkygyna baglanyp, Balkana gojalaň geňeşine gitdik. Türkmeli at
nalamma gabatlaşyp, olaň teletomaşaçylary üçin meşhuir Magtymgulymyzyň
datly döredijiligi dogrusynda gysgaça söz açyp berdim. Töwekgelçilikli tagallaň
iň ulusyny boýnuna çekip, Türkmen agaň ogul-gyzy üçin «Edep» sapagyny
Elýeterli eden kalby küreňsiz magaryfçy Amantagan Begjanyň bary-ýogy iki
sagatlyk myhmany boldum. Onuň kyrk-elli minudynam dözmez doganym
Amantaganyňpeduçilisesiniň ýedi ýakyn talabynyň öňünde mährem mekan,
eziz ene, ylym-bilim, peder pendi, parasstly Prezidentimiz hakdaky söhbetine
bagyşladym.
Ana, şol saparda ýoldur yzda, ýa çaýa çykylanda Dotdy (Döwletmyrat
Hojamyrat) akga ýürege ýarap, süňňe siňerli gyzykly gürrüňleriň gyrasyndan
girişine, barçany haýrana goýdy. Şonda ol sekiz müň älemiň alty müňüniň
haýwanat, alty müňüniň nebetat (ösümlik), alty müňünem mejatat (jansyz
jöwahyr-tebigat) bolýandygyny öwran-öwran nygtady.
Merhuma döäwür edilende onuň bbir ýyllyk fidýe namaz borjunyň
tötesiniň 236 put (16 kg) 29 gadak (400g), ýagny, 3892 kg, bugdaý ýa şonça iki
esse (7784 kg) arpa barabardygynam belledi.
Türkmen topragynyň tapylgysyz suhan göýi Babalakçy aganyň atasyna
Annaguly (?) diýlendigini nygtap, olaryň Guiýrukly depäň golaýynda, Alaşaň
agmazyndan esli ýerleriniň bolandygyny, oňa-da soňa-bakdan «Lakgyň ony»
adynyň galandygyny takrarlady.
Ýöne, bir günem ýaşulyň ogly Aman Lakgy suwy lummurdymy Alaşaň
gyrasyna süre-sykmaç asyl, pişik kellesem geçmez ýaly edägetdin tal
oturtmazmy. Talaňäam näme, ýany yzgarly ýere ýetdigi bolany. Gününi sanap
ösme bile, pyntyk ýaryp, ýaprak ýazyşyna.
Şeýdip, pil sap edäýmeli boluberen tallary aşak ýüzden çör syrda, ýagny,
ýap gamyşlamaga gelen bedeser oglanlar çapyşdyryp, omrup-jamyrmazmy. O
zalary görşüne bol majysy bolan Amanam ugramazmy käýinip.
—Haý, size. «Oglum-gyzym» diýip, alyp ýörenleň ýüzüne köz degsin.
Hiý, beýdäýmek bomy diýsene, atlynyň damagyndan çykan ýaly bu syrdam
tallary. Sered-ä, gözüň gyýar ýalymy bulara. Beýdip, dal pudakly daragta kast
etseňiz bilip goýaýyň, ömür-ahyr berkarar tapman, geljekde öndüripösdürjegiňizem gylyl-ýagy bor özüňize —diýip, näçe jibrinse-de, sözüne gulak
gabardýan ýok ýekeje-de. Gaýta, gözüne güýdüşip, gitdigiçe orç alýa ählijisem.
Şeýdip, ganyny gaýnadyp ugran Aman ahyry uruşmakçy bolmazmy olar
bilen. Edil şo halatam, Babalakçy aga geläýmezmi eşegini dikgirdedip.
—Ýeri, oglum, bu dabaraňyz näme?
—Aý, şu bisyrat haşyrçylar gyr-ýapyr edip barýa talymyzy tozduryp,
aýdanyma—diýenime bakman. Ana, gohumyz şoň üçin, kaka.
—Wah, jan oglum, atasynyň çyn ogly biziň talymyzy çopmaz ýersiz
ýere. Ony çapsa, diňe enesi ýalamadyk çöp düýbi çapar, hawa, hawa, diňe çöp
düýbi çapar—diýýär welin, hälki heşerlenişip duran kakabaş ýigdekçeleň
barynyň galawy garlyp dökülene dönýär-de, çöpdüýbi bolasy gel medik
oglanlaň ýekejesi dagy talyň töwereginde görnäýsin-dä.
ITIŇ ÖLEN ÝERI.
Adamlary dykgatly diňläp, siňňin söhbetdeşlige gulak gerdiňmi? Şonda
birden-bire dildir dişiň dürtereli bäri eşitmedik sözleň ýa jaýdar jümleleň
ýyldyrym ýaly ýalpyldar-da, akylyňy haýarana goýýar. Edil şo halatam «Bä,
biziň baba-kelanlarymyzyň milli mirasyny! Onda «Aýdylmadyk zat ýok-da,
eşidilmedik zat bar». Elek-soky soran ýaly edägetdin, ony bir tabrymbirlige
toplasp bildiňmi, hut batly, hysyrdysyndan gaçman. Sen, eýýäm, haçan, hem
gorly, hem garyly harmanyň eýesi bolansoň. Özem ol harman hernäçe
harçlanyň bile egsilip gorlarly däl. Gaýta, ýanyna hödür çekip, gitdigiçe
goýazylanmak bile» diýen pikire gelýärsiň.
Ol arada han howuzly şägirdim Atajan Muhammetgurban öýüme geldi.
Onam Baýram Halyk, Juma Ata, Meretguly Derýa, Aganyýaz Sammy,
Öwezgeldi Mäter, Akmyrat mürze, Bäşim Alma, Çary Amangeldi, Nurýagdy
Şyhberdi, Bäşim Atda, Geldimyrat Onbegi, Baýram Hezretguly, Ýazberdi
Onbegi, Baýram Hezretguly, Ýazberdi Kadyr, Meret Rejep ýaly şägirtlemmi
yzyma tirkäp, miras nemupalaryny gözlemäge werziş edişim ýaly, üç-dört
günläp, gürrňi gowurdakly gojalaň ýanyna aýladym.
Aslyýetinde, Atajan meň «Berekella!» beräýmeli şägirtlemmiziň iň
jepakeşi. Ony yzyma tirkäp «Maru-şahu-jahan» gazetiniň redaksiýasyna
elterim, «Edebe dahylly näçe makalaň bolsa, ine, şu ýalansyz ýigit Muhammet
Saparla getiriber. Mugallymym Tagan Söhbet bilke bu ini meň hakyky
howandarym. Sendenem goldawuny gaýgyrmaz bular» diýenim düýn ýalydy.
Ine, bün bolsa, şeýdip, şa ýola düşüberen Atajanyň «Edep» atly okuw
gollanmasy okyjylara gowşup, onuň ikinjisiniň hem tekini tutulyp ýör. Dogra
dogry diýmeli. Atajana bir zady nikatlap tabşyrybilseň bolany. Onsoň ýadyňaoýuňa düşmeýän täze miras nemunylaryny edil guýudan suw susan ýaly edip
barýandyr, aksakgallaň akawudyna aralaşan soň.
Hawa, şeýdip, ýetim tokly ýaly tirkeşip, miras ýitiginiň gözlegindekäk
bize «At gurtlasa, itiň daşyndanam aýla, it gurtlasa, atyň daşyndan aýla», «Itiň
aýagy agyrsa, guýrugyny seýikle», «It suwadynda», «It aýagyny iýen ýaly»,
«Itiň ölen ýeri», «Itiň art aýagyndan suw içwersiň», «Itiň gününde», «It mydar»
ýaly aýtgylaryň, ozalybetinde, nägeňsi many-mazmunynyň bardygyny
soradylar.
Şonda Atajan ini:
— Beýlekileriň-ä, biljek däl welin, ýaňky «Itiň ölen ýeri» diýen
jümläňiziň nädip ýüze çykandygyn-a, menem äşgäre gitirip biljek—diýip söze
başlady. — Könelemmiziň «It wepa... diýşi ýaly, it eýesine berlen, uçursyz
ygrarly jandar. Ol ajyndan ölüp barsa-da, inikildäp gap-gajyňy ýa gaýry ýetirtütüriňe dodagyny degirmez. Ýarasyny ýalap gutaryşyna, düýpli derejelilik
tapynsa-da, ýaldan ýüz öwrüp, iýmän-içmän güýlünip ýatar. Haçan
göwresindäki gurbaty paýawlap, ahyry gan damarlary keseliniň ähli jerhedine
çenli sorup alan soňam, gatygyja süňke döner-de, turup ugrar yra-dara. Ýöne
ölüm pillesi alkymlanda welin, özüni «Wepadar» atlandyran eýesiniň ýüregini
çakaýmaz. Itiň ölenini eýesi bilmez» diýleni-dä. Ol alla owarralara gidişine, bir
buljum ýere atar özüni. Şo taýda-da, tellesini eýesiniň öý-öwselesine tarap
goýagetdin, gönümel jan berer.
Ýöne käbir kişileň halys çöpi gutaryp yrjallan itini «Bar janawer seň
ganymyza gatan galanyňy bir görmäýin» diýip, öýünden ýedi ädim çemesi
ugradyp, yzyndan kesek oklap goýberýändigini, soňam ölen itini gözläp
tanyşyna, ony edil aýyň kellesiniň
jaýlandyklarynam bilip goýaýmaly.
ýerlenşi
ýaly
edip
kepenläp
AÝRANLY ÝATAK ÝA-DA...
Jepakeş aşnam Orazmyrat sowuryň synyndan aslyşyp, şägirdim Bäşim
Alma bile Nohur Garawuldepesine bardyk. Pirmuhammet Kazyň döwletli
ojagynda düşläp, dem-dynjymyzam aldyk. Soňam onuň ýelden ýüwrük ulagyna
jaýlaşyp, ýaýlymly syrgyna aýlandyk.
Şonda Pirmuhammet akga «Aýranly ýatak» dogrusynda söz açdy.
— Ir eýämki könelemmiziň işeňňirligini diýsene! Oňa hut haýran lar
galaýmalydyr. Ana, ho, görünýän «Aýranly ýatagam» şol jepakeşligiň janly
şaýady — diýen duşdaşym silden sowa ýarylaryň ýüzünde ýagdaýyna laýykatly
orun tutan obasynyň gündogaryna elini uzatdy. — bu jelegaýlarda ir zaman öz
siňegini özi garabilýän, ýüzi ýalawyň duzy ýaly çylgym-çylgym, garadan
gaýtmaz maljakly kişiler oturýar ekeni.
Ine, şolaň birem dol düşüp, ýazlara çykylanda, gözüne gurt düşen ýaly
bolup mallaryny sagýar ýaýyp ýagynam alýar, meşik-meşik edişine.
Aýranyndanam taýarlaýar, akdyr gara gurdy (turjany). Ýöne galan aýrany
nätmeli? Wah, gök ot parç bolup oturan soň, ony mal-gara-da, şeýle bir
göwünjeň jyňkyryp baranok-da. Ony isrip edip, ýaýak basmaz ýaly çöpüň
üstüne, kersenläp agdaryberseňem-ä, bir hili Hudaý halaman, yrsyň gaçma
bilen.
Şonda bhälki oýlanyşykly kişi nädipdir diýsene! Artyk aýranynyň her
saparkysyna ýaltanman, ýasy-ýaýman ýerde laý edägetdin, oň bile daşy
gelişdiribem, gözüňe söweýin, bir ýatak salýa welin, asyl, çak edişiňdenem
täsin-dä. Soňam. Näme. Oňa «Aýranly ýatak» ady galybermezmi — diýşine,
Pirmuhammet akga bizi obasynyň ileri gapdalyna äkitdi.
— Ine, bular bolsa, Garawul depämizi nanly, donly edýän howdanlar
ulgamy. Öňler biz diňe mal-mal bile eklenmelidir öýdüp, örtenip ýören ekeniň.
Aslyýetinde welin, ýersiz-ä, çarwa, malsyzam daýhan däl ekeni. Ýöne arman
biz oňa obamyzyň iň hatyraly gojasy Abdyrahman aga aradan çykansoň akyl
ýetirdik-dä.
Hawa, biziň Abdyrahman agamyz saldamlydan-sarmakly, perişde pisint
aksakgaldy. Soňa bardan ol garrady. Togsany tegeläberende ýaşuly birden
yrjallady. Tüýdeşleri oň hal-hözirini goramaga üýşüp baranlarynda bolsa,
Abdyrahman aga:
— Ine, sakgaldaşlar, sähel-salymdan men ýurdumy başgalaryn. Onsoöň
meň ýedimi sowuň-da, şu düwünçekdäki iki müň manat çemesi puly ynsaby
täretli traktorga beriň.
Goý, ol agzymdan kesişime garşy alyp gazananja pulumy alyp, obamyza
tarap ilerden eňýän sil suwlarynyň öňüne künt böwet bassyn. Şeýdibem,
obamyzyň ilaty mydama mal-garasyny ýakar ýaly, deň-derman bölüşip,
suwuina gök ekin ýaly bir howdan gurup bersin. Ana, şol menden size öliň
sapgydy — diýibem, olara daşy kirjigen düwünçegi uzatmazmy.
Ine, şeýlelik bilenem, Abdyrahmanyň, ho, howdany döredi. Yzynam ilgün alyp göterensoň, gök ekindir bag-bakja ylygyp işeňňirleşen obamyzyň
birhili geýregi galyp gidiberdi — diýen Pirmuhammet akga söhbetine säginme
saldy.
Men bolsa, şonda gözümi süzgekledip, garry galy hemdemem Aşyr
Zamana öz obalary Sakara tarap Tyrkdyryň çaýy bile gelýän sil suwkaryny
sähel tarakga bilen bogsaklap, Ýetimiň derisine sowagetdin ýyl ýüzi
peýdalanyp oturmaltşy howdan gurunmagy maslahat berendigimi ýatladym.
Şeýleki dokuşykly ýörelgä eýerilse, ýurdumyzyň islendik künjeginde az harajat
bile gumrulaýyn girdeji gazanyp oturmaly müňlerçe mümkinçiligiň bardygy
babatynda oýlandym.
Ýöne indi ýedi-sekiz ýyldan bäri dürli distansiýalary dyngysyz zaň kakyp
«Çeskakyň on bir köli läbikden püre-pürlendi». Indi jeýhunyň gara bulanyk
suwy öňküsi ýaly ýolda-kölde ýüküni ýazdyrman, ýagny garmakçasyny
goýman. Maryň üstünden ätläp, Aşgabada-da aralaşdy. Hanhowuzdyr Gökdepe
suw howdanlarynyň garmança gaplanyp, düzlenlik derdesinem ýüze çykardy.
Eger jähriýa durlup «Zeýit» suw howdanyny büje-syba gurup
gutarmasak, onda uzaga galman işimiz gaýradaky atyza geçip, ýandym
şährinden hatymyz gelip ugrar. Suw sürülýän ýaplaň ýyla galçagyny gazap,
gurmançadan arassalamaň mungusyz çykdajylaryn-a, bar, owarram diýeli (!!!)
Emma...
Emma suw bile daklyşyp elşine, ýoluna pul düşelen kanalyň düýbüne
çöke-çöke, ahyry ýalpaklandyryp, onuň suw geçirijilik ukybyny göz görtele
ýoga çykarmak. Kowny üstümize abanyp gelýär» diýemde, «Ümür akga, bu
meselä meni goşma. Onsoňam men seň näme diýýändigiňe gaty bir düşünibem
baramog-a» diýenlerem tapyldy. «Kanal bulanýa» sesi, meňem-ä, bir gulagym
degdi. Ýene Zeýidiň gaýtalasyna sement ýetenok. Onsoňam men edil ertir
otpuska gitjek. Gelemsoň bir alajyny etjek borun-da» diýenlerem boldy. Şonda
men «Oň ýaly bolsa sizi köpüň yrsyna-eklenjine garamda-böwet bolmazyňyz
ýaly, hemişelik, asyl , dowamly dynç alşa ugramak gerek ekeni» diýenem
bolsam, sözüm ýer kertip il bähbitli bitelik gazanylmady, häzire çenli.
Ýöne bu mesele babatynda ýoldaş S.Nyýazowyň ýörite gyzyklanaryna
garaşyp ýörmän, umumy türkmen nepagasyny üpjünlejek ol işi zarpçy gurluşyk
hökmünde amala aşyrjak döwtalapdan döwrebap ýolbaşçylar tapylaýady-da»
diýen göwün ýüwürtme bilenem, edermenleň gaýraty arkaly dörän «Aýrakly
ýatypdyr» «Abdyrahmanyň howdany» hakdaky söhbetimi soňlamakçy.
«DAGDANLY TAÝMAZ»...
1987-nji ýylyň awgustynyň aýagyna şägirdim Bäşim Almaň «çile tüýem
düşmedik» matoryň bile Bäherden Börmesinden çykdyk. «Saýwanly» pedagog
Daňatar Gurbanmämmediň hemaýaty bilen Deşte barşymyza, Ata Geldi, Bäşi
Anna, Gurban Allaberdi ýaly gojalaryň şirewüntli söhbätine diň saldyk.
Türkmeniň nazarperdeden gerçek perzendi Şaja Batyryň dagdan daş daşlap
salanja jaýyny synlap, Dykma Öwezmyradyň ogly Oraz Serdaryň dag
ilersinden aşyrylyşyna, obaň etegine getirilip jaýlandygynyň maglumatynam
ýazga geçirdik.
Soňra hatyraly halypam Kany Muhadyňkyda düşläp, Nary ejäň zägewli
çaýyny içip otyrkagam, ondan allalydyr çoluk sabyn, üçgatdyr haram çybyk
hakda sorap oturşyma, kynha çöpi ýatladym.
— Be, jan oglum, senem, bilýär ekeniň-ow, kynhaçöpi.
— Ejem pahyryň o hakda aýdyp beren gürrüňleri hakydamda bolsa-da,
heniz o otuň özüni gözüm bile göremok-da, Nary eje.
— O ugursyz derman ot. Ine, saglyk bolsa, indiki gelinçäň, ondan bir
bogdagam jemläp goýýaryn, soň müzeýiň üçin.
— Sag bol, Nary eje! Siziň işigiňizde oturyşyma, töweregi synlaýan
welin, aglaba, heniz görmedik zatlam. Sered-ä, siz sygyr tezekläp ýekejesinem
yrýa etmän, bir-biriniň üstüne münderläp, gyş üçin edil diň ýaly edip, basyp
goýaýypsyňyz. Meger «Öýde tygşytly bolmak, Hywa bilen söwda eden
ýalydyr» diýen jaýdar jümläňem, bar zada aýawly garaýan siz ýaly jepakeş
kişiler döredendir.
Ysy janyňy alyp gelýän o ösümliklere-de, itemek diýdiňiz dämi?
— Hawa, Ümür dogan, olar gaty täsin otyr. Ondan alnan baly dagy bir
dadaýsaň. Syrkaw-sökelligiň zym-zyýa bor-da, aýdym aýdyşyňa, ylgaberseň
ger, aasyl. — Sag boluň. Ýöne bu işigiňizdäki dikilip goýlan şahaly bu gury
agaç nämäň alamaty, Nary eje? Ol ýolbarsyň gany dökülen ýere gögeren
dagdandyr, Ümür dogan. Bu işigiňde şeýdip dursa, öýüňi niýeti ýamanyň gözdilinden goraýa-da.
Şol günüň ertesi müzeýçi şägirdim Nurýagdy Şyhberdi Köse ogly, Çary
Seýitberdidir, Berkeli Orazmyrat ýaly hemdemlem bile tirkeşip, Ýolaman
Magtymgulynyň pyýada üzümlerini synladyk. Onuň okly kirpi baradaky
gyzykly gürrüňlerine gulagam gerdik. Ymarat obasynyň gündogar
gapdalyndaky Garrygala aýlanyp, Gymmat gyzyň «Garrygowak jülgesi, iriýmişi sapaly, gymmat diýen bermeli, öz iline wepaly» diýen setirlerinde
ýatlaýan Garrygowagyňam gördük. Goýna gyşlag bolýan, dersi dyzdan o
gowakda esli eglenip, ülkämizdäki iň gojaman, iň äpet çynaryň kölegesinde
dem salymlyk dyzam epdik.
Şonda Nurýagdy mugallym:
— Ine, Ümür halypa, şu maýdaja miweler dagdanyň çüýjügi. Munfşdan
biziň töwereklerde bal hem gaýnadýarlar. Ondan bir duýubilseň, tä indiki ýyl şo
wagta çenli dertdir derdejelligiň golaýyňa geljek gümany ýok — diýip, aka
bşmäň ýany bolan çüýjükli iki şahany maňa uzatdy.
Geçen ýyl bolsa Köýtendagly kärdeşlemmiň kömegi bilen Hajymyrat
Mahmytmyrat atly hakyky tebibe duşdum. Onuň bile Hojaýpiliň Umbar
depesine aýlanyp, dermanlyk otlary ýygnadyk. Şonda ýaşuly dag badamynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 10
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.