Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 08

Total number of words is 3766
Total number of unique words is 2506
22.7 of words are in the 2000 most common words
32.4 of words are in the 5000 most common words
37.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
itiň wepadyr gara ýörmeligi, gapyrgasynyň toglaklygy, ýüňdir et-ýagynyň
gury agyryň bire-bir emidigi hakdaky peýrewe yzlandy. Soňam bokurdakda
galan süňki gönümel eridip bilýänligi üçinnem «Itiň demi, süňküň emi»
nakylynyň dörändigi bellendi. Çynma-çynäa gelende gyzyl közkä hamyrry
çolanan düýe gumalakdyr itgöjele bile oň ýoguna ýanylandy gam ýatlandy.
Menem pursaty peýleýşime, itiň haçan uklaýandygyny soradym. Şonda
bir ýaşuly:
—Bä itiň uklaýan wagty diýdiňmi? Ol daş-töwerege sakmanlyk edişine,
edil daňyň öň ýany ýumak ýaly güýlüner. Soňam süýji uka gider. Rahatlyk
tapyp, süňňi soway üçin bolaýsa gerek. Üstüne düşen gyrawlaň başam bozulan
däldir. Ana, şolam itiň ukladygy—dioýşine, ýüzüme garady-da, sözüni dowam
etdi.
—Ir eýýäm biriniň diýseň ýaman iti bar ekeni. Oň asly ganjygyň ilki
garnynyň ekemen güjügimi? Ýa kesilen gulagy gowrulyp, özüne iýdirilipmi?
Ýa-da ýarak-tutak bolsun diýlip, gara öýüň tüýnüginden çykarylypmy?
Onçasyny biljek däl.
Ýöne ol garadan gaýtmaz görsebasar bolup, biwagt-näwagt sataşan
adamsyna ele gelmez eder ekeni parçalap.
—How, jan ini! Senem ýok edäý o agzyganlyňy! Könelemmizde «Iti
atmagam sogap, tutmagam diýen gepem bar-a. Beýdip ýörseň bir zadyň
üstünden bararsyň ahyry. Sataşandan bir çorbalyk alyp ýör-ä, o pelekdeş
—diýip bagyrlaryna ýarsalaram eger gulak salaýsa, dasgy nädersiň.
Gaýtma:
—Siz «Bar bolsa, görübilmez, ýok bolsa, beribilmez» diýilýän bahyllaň
ýaýlasyndan «Itiň eýle, itiň beýle itiň ýarak itiň üýrek» diýip halys bizar—
peteňimi çykardyňyz-la.
—Sen, sakgaldaş, bihuda gepleňňi küle-küta goý-da, eşegiňi ýola gat.
Ony berip goýber, eýgerjek bir çopan-çoluga. Beýdip, oňa ýyl seýisligine duran
it, höwür erkekdir tohum goç ýaly ähli mürdüňi iýdirip ýörme-de.
—Ýok, aýtmaň, o gürrüňleriňizi maňa. Garalamyň her saparky it
uruşdurmaga garşydaşyny gübürdedip basyşyny, dagy diýsene! Wah, siz hiç
zada düşüneňzok-da! Ýogsa, oň beýdip gamgy bulamasy diňe meň däl, asyl,
obamyzyň abraýy ahyryn.
—Ýok, sen beýdip, tokaý otlap at gazanmaga çalyşma. Bize seňem,
obamyzyňam bir gotur itiň arkasyndan abraýly bolany derkar däl. Geçen aý
dämi, iti ýeňlen ýetginjegiň üstüňe düýe pyçagy syryp topulany. Şonda oglanlar
seni gizläp çagyryp göýberipdir-ä, ölümiň öýünde. Nä o ýalanmy? Ýalan
bolmasa, şo çaýyňyz zerarly gyrlyşygyň üstünden barmankak tobaňa daýanyp,
päliňden gaýt-da.
—Bor, agalar! Indi ynamdan, siziňkiň hakdygyna. Ýöne men itimi
beräýmen, her bir salpaýak çopan-çoluga. Kimde-kim onymyň ýanyna
gaýnynsyz sagynman-sandyraman bary bilse, meň itim ana, şoňkudyr —
diýenden soň ýüzi ýalawyň duzy ýaly çopan garysyna galýar.
Edil daňyň öň ýany eline gol boýy jigar gandymy alşyna-da, ugramazmy
pişik basyşyny edip. Barybam, gerşine gyraw düşüşine, çalarak hor çekip ýatan
hälki işiň üstüne abanýar. Elindäki ekindi-taraşa bile ýaňkyň ýonunyň ýüzüne
çekişine-de, gygyrmazmy uly ili bile «G-i-t-t!» diýip. Şonda em-sämkä haýýaty
göçüp, gäbi azy beren item ýykan sürän bolşuna, götermezmi ökjäni.
Şondan soň geçse, üç gün geçendir-dä. Hälki çopan bir duş daşyna,
üzüňňiläp münäýmeli o itiň ýanyna baryp, öýlänem ony mal üstüne, aljygurtlar
bile döşleşmäge äkitjekdigini ýaňzydýar.
Onsoň näme, tomaşa teşne märekäň ortasynda garaýagyzdan arjanak
hälki ýigit bile kellesi gozan ýaly erleň-ýarlaň köpegi goýbermezlermi başa-baş.
Şonda agyr hyňranjyrama bile atylyp ugran mähnet köpek ýigidiň üstüne
towsaýmaly bolanda-da, gör-ä! Çopan «Ç-i-t-t!» diýşine, ýaňkyň zamanasyny
jüýnek edeno sözi gaýtalap-gaýtalamanka-da bir sered-ä. Hälki gözi daraýy
ýalyý garala köpek naýynjar çyňsama bile, guýrugyny yzyna gysaýmazmy.
MÜLKÜŇE EÝE DURMASAŇ...
—Aý, tüýdeşler, şeýdip, wagtal-wagtal gabatlaşyp duralyň-a. Adam bibirine duşup, derdini iýip, hal-hödir soraşmasa, içi gysyp, hüwläberjegem
öýdýän. Hany, geliň geçiň! Törden oturaň bakaly.
Helý, han! Senem odybelentden galla-da, çykyber, çaý-çemeniň uguna.
—Bor, kakasy, içjeňňiz çaý bolsun! Oňynça gaýnatmamam bişer
bagyrdap.
—Görsene! Ahyly akgamyňkyň hezildigini! Tüweleme! Bulara gelseň,
müşgül zat ýok-da, ýekeje-de.
—Aslyýetinde, eder işidir geplejek gepini bilýän kişiň, gaty bir emgek
ýanaýmasa, barja zady bolup arýandyr, göwün ýelegine görä!
—Wah, jan agam! Onyň-a, sözüm ýok welin...
—Ýeri, wel iniň näm-ä?
—Welinim, agam, adama, ozaly betinde, aýal gerek. Onda-da, daýanara,
söýenere, telwas tapyp boýanara; çyn aýal, onda-da, maýa ýa;ly maňyzlymeňzeşlikli çyn aýal gerek.
Bolmasamy? Bolmasa, agzy otlaýan, syrty botlaýan bir düňňüledirse
duşagetdin, hüwiň aşygy ýaly bir topar hyrraşaw-pyrraşaw nekberiň eýesi
borsuň-da.
—Dogry şonyň. Aslyýetinde, adamzat nesliniň goram ene, gönezligem.
Könelemmiziň «Ýagşy bolsa hatynyň, toýa gitmek ne hajat, ýaman bolsa
hatynyň, ýasa gitmek ne hajat» diýşi ýaly, mylaýymdan mährem, merdi-
merdana maşgala maňlaýyňdan çykdymy. Bo-ho-how! Onda seň işiň oňdugy.
Bilmersiň welin, edeniň ugruna bolup, pişigiň towşan tutup ugrar.
—Ýöne Akyly akga! Aýallaň abşarylyp daýhan ogul dogurýany, çopan
ogul dgourýany, batyr ogul dpgurýany, molladyr bagşy, tebipdir yzçy, hatda
şahyr ogul dogurýany baram welin, bulaň Oguzhandyr Gorkut ata, Jygalybegdir
Görogly, salyr gazandyr Ärsarybaba, Aýazhandyr Keýmir kör, Nurberdidir
Gowşut han kysmu il ýaşulysyny dogrybilýäni seýrek-le, atyň depeli ýaly.
—Onyň-a, jan inim, ho, ýeňňeň jogap tapaýmasa, o biz ýaly çöp yklap
ýöreniň Çary däl ýal-la.
—Hawa, biz, aýallar, ynsan örgen çeginiňý mülk eýesi size duluňyzy
däneden, golçaňyzy gowurmadan dolduryp berýän çomrudyr çarwa ogly dogrup
berýäs.
Il-ulusy ýagydyr saýak-sandyrandan goraglaýan batyry, ölüňi
ugradyşyna, dirileňňi birikdirýän molla oglam ese-boýa galdyrýas. Agzymyz
bimazaga göwnümiz görlüp, keýpimiz görlüp, keýpimiz çaglansa, has nepisden
zülmiýana ogullaram elimizden gelmän duranok.
Ýöne, «Ýüzden ýüwrük çykar, müňdem tulkar» diýse-de, ile ýaşuly
bolup biläýjek, çyn nogtabaşyny dograýmak, her bir uzyn etekliň syrtyna
sygaýjak zat däl. Oň üçin. Ozalybetinde, biribaryň «Al gulym» edip, eýe
nazaryny aýlamagy gerek. Onsoňam «Han halatsyz bolmaz» diýen sözi siz bün
eşitmeli däl-ä.
—Onyň bile oňuşýan, enesi! Ýöne siziň käte-käte ogrudyr jümri,
kezzapdyr kümsük, ýöwseldir ýalançy, husytsyr haýýar ogul dogräaýmaňyzama, bar welin...
—Oň, welini, kakasy... Kimde-kimiň şeýle ogly bar bolsa, onda ol «Ataň
sap, enäň gapdygyny» ýatdan çykaryp, öz mülküne dogry eýeçilik edip bilen
däldir wagtynda.
DILIM ŞEREBELEM BOLSA...
—Bä, ýaşuly! «Ýagşynyň köňlünde kine az bolar» diýselerem sen-ä,
tersine tüweleme beräýmeli, şerebe torbasy boýnuna baglanan bir ajylabyz
hekbeti ekeniň.
—Aý, jan ini! Meň dilim şerebelem bolsa, bilip goýaýgyn, elim süýjüdir,
çak edişiňdenem.
—Haý, agam, agam! «Elim süýjüdir» beýleki diýip, herneneň
horgursaňam, göwräňem-ä, ýaý ýaly egredip ýatyr.
—Ýa, senem-ä, jan ini! Meň göwräm bolsa, ynsabymam, elimem
dogrudyr, edill Musaň hasasy ýaly.
ANA, KÖŞEKLI DÜÝÄŇ...
—Gowşut han aga! Öňküsi günden bäri size dahyl gelmek üçin, baý,
ylgalladym-a, otda-garagan bolşuma, çalganaklap.
—Nä, ýagşy ýigit, saaň daran-zoran bamy? Ýa biri tersine towlap, çenbe
işjek boldumy il nenagaly biteligiňi?
—Wah, Gowşut han aga, oň ýaly zad-a, meň ele ýanymdanam geçenok
welin...
—Onda, näme, üçin, soragladyň bizi? Hany aýdyp otur-a, oň sebäbini?
—Sebäbini sözlesem, Gowşut han aga oň, men şekli düýe aýtdym-da...
—Sen, ini batyr, bilip goýgun. Il garamatyny gerşine göterýän adyl
adama sowgat-serpaý bermegem, ýa tilkini diri soýan ýaly edip, ony ýüzüne
öwmegem, gabatly gürrüňini edip, günertleýşiňe oň üstünden düşmegem bolýan
däldir, biziň türkmençiligimizde.
—Ýok, Gowşut han aga! Ene süýdünden halaldyr, meň malym, şoň
üçinem almaly borsuň, ýoluňa aýdan o köşekli düýämi.
—Sen, ini, gaty ugruňa gezgin! Goltugyma garpyz gysdyryşyňa parapeşgeş bile meni il öňünde dili gysga etjek bolman.
—Ýok, ýok! Gowşut han aga! Meň ýüregimde ýekeje-de galdyrbassyrlyk bolmaz. An-a, köşekli düýäň, buldur han ýaly. Ine-de, onuň
owsaryndy.
Hala özüň al. Ýa birine ber. Oňa zowalym ýok, Gowşut han aga!
—Ýok, ini! Siz şuçaka enl-ä meni uly il bolup, «Han!» diýip oýnadyňyz.
Indem molla-mugty ýaly «Ýoluňa zat aýtdyk» diýip, oýnamakçymy meni. Ýok,
ýok, ini batyr, galdyr-bassyrlyk uzaga gitmez. Pişigiň ýygdamlygy samanhana
çenlidir.
PEÝRÄWE GOL ARTDYRYP. . .
Arada Enewe, inim Alla myradyňky bardym. Garşy golamynyň tutmly
çakylygyna gatnaşyp, gojalar bile peýrewä golaý atdyrdyk. Şonda meni
köpçüligiň kethudasy, deşmedeň daýanykly Gülmyrat aga Babaguly Şämi ogly
bilen duşuşdylar.
—Ine, bu biziň göwni gatlaksyz aksak gallammyzyň biri. Nirede toýdur
sadaka ýa ýaýlymly ýygynçak bolsa, aýdybildigiň bes. Köneje welosipedini
ligirdedip, dessine häzirdir huzuryňda. Özem, Gulmyrat aga «Günün otursa
geplemez» içi güjükli lal şeýtanlardan däl. Onuň bilenini il-günüň gaýym
gullugyna goýýan sahydan ýyly ýüregi bar, jan ini.
Onsoň näme, senem soraber, kalbyňa keşdeläp ýören närseleňňi—
diýensoňlar, menem dana başly metda huşly, göwni joşly kimin daşynda dagdyr
dere, begdir töre ketewgir jüre garyşdyr sere, mäkidir tara fidýedir süre,
zöweldir, üre, hummuzdyr küre, kejikdir ýara, bitdir büre, aýdyr gara,
tegapdyr gyra, palanadyr çyra, şorsuwdyr şara... dogrusyndaky sangysyz
soraglammy sökläp ugradym. Olaň käbir kemtik kakýan ýerlerine bergin,
berip otyrkagam Baýram Hezretguly, Aga Hommat, Abdyrahman Jumanazar,
Ýazberdi Kadyr Annajemal, Kerim Abdusabnu Wahid, Hilmyrat Sapar,
Meretguly Derýa, Bäşim Alla, Gündogdy Şyhberdi ýaly şägirtlrt känimden
söz açdym.
Gulmyrat akgaň Aşgabatdan howa üç öwrä düýeli argyşa gidendigi
hakdaky söhbet inediň salşyma ýol ugrundaky Gylyçdyr Ugurlyň damlasy,
Perreňdir Sakarçäge, Palçyklydyr Gyzyl Takyr ýaly düşelgeler dogrusyndaky
gürrüňe-de gulak gerdim.
Ergenege ýetdi boýum,
Haçan bolar meniň toýum
Ergeneg-ä, ergenek,
Ergenege bat gerek...
Ergeneksiz eklenen,
Terbiýesiz saklanan.
Kellejigi kesilen,
Derwezeden aşşylan —
—ýaly aýtgylarda agzalýan ergenek (ýagny ujy çeňňek kysmy
gaňrakly gapdallarynyň biri-birine gelşikli ildirilip, beýle toýlarynyňam ýüp
bile gamyş çykýan ýaly pugtalanylyp işiklere örtmen—eňsi agyllara gapyergenek hökmünde ulanylandygyny hem bilip goýmaly) babatynda-da pikir
alyşdyk.
Şeýdip, gürrüň towuny ýetirip otyrkagam, ýaşulyň halk hekimçiligidir
derman otlara garaýşyna soradym.
—Wah men, «Sersepil. Ýetmedige men kepil», «Borjak meni ýakan gan
ojak», «Andyz iýen ölmez, egrije iýen är», «Itiň keselini sikyz açar, gyzyň
keselini gopuz açar», «Içiň ýansa, yşgyn iç», «Andyzlyň gyýaly ölmez, ulunlyň
(üýlenliň) aýaly» kysmy babalar haýhasyny eşidenem bolsam, seň ýaňky
soraglan derman otlaň bilen gyzyklanmandyrynda men. Ýöne saňa hatyraly
halypaň Mäti Kösäň obadaşy, herrikgalaly Öwezmämmet tebip barasynda
kemis-kokun käbir zatlary aýdyp biljek.
Ol garaýagyzdan syrdym piýadady. Özem öme-dum,a eşekli gezerdi.
Onuň ogly Baýlam kakasynyň kesbini ýöredermen boldy. Ozalybetinde, biribar
«Al gulum» edip, gumrulaýyn guýmasa, hany bolaý ýamy o zatlar.
Öwezmämmet aga welin eneli däl, ozaly, aýdany bolup, diýenini deşip
barýan halal hondan halatly kişidi. Ýöne «tekelikliniň gadyryny eýesi bilmez,
at biler, ýagşy ýigidiň gadyryny ýakyny bilmez, ýat biler» diýleni-dä.
Onam ýanap-gynap, 1937-nji ýylda, ilk-ä, başyny ýetdiler. Soňam, näme
ýagdaý gowulyga dönüm berensoň, köçä adyny dakyp apalap ýörler.
Bir öwrä-de Öwezmyrat agaň ýanyna gyrçyk eýeläp çala suwbasy galan
guyzjagazy getirenler. Şonda ol «Bar, suw ilçiriber. Bujagazyň başga derdi-di
güm ýok ýekeje-de» diýmezmi. Soň bir aýlawda, igläp, bolmajasy bolan bäbegi
äkelmezlermi ýaşulyň huzuryna. Şonda çagaň ýüz gözüni sypalan
Öwezmämmet aga iňirdäp ugramazmy oň ejesine, düýedenem düşürmen.
—Il-ä, müň dyrnagyna zar. Sen bolsa, munyňa idi-yssy wadam etmänsiň.
Hany, inergämiň wagtly-wagtynda arlygyny ýuwagetdin päkizeden arymsa
saklap ugra, nädersiň, aňyrsy iki hepdeden bujagazyň ýaly bolup bökjäberse.
Ýene bir saparam Öwezmämmet tebibiň gaşyna ýüzi jyrk sary ýortmanga
oglany alyp baranlar.
—Aga, bu peläket burnundan saryýag goýup her näçe baky-ýakysyny
ýetirsegem, asyl, etine ganyna çykyberenok-la, ýüzi jozmak ýaly bolup?
—Heý, jan ini? Şykga kesekden gähnemese, mähri ganman ýören kişiň
bilip goýaýgyn, kyýamat magşar bolanda-da, etepesi düzelmez-ä.
—Ýa, jan akga çynbakaý, çynym, men gum iýemog-a.
—Ony, boýnuňa alam! Ýogsa, sary kükürt ýalaýandygyňam aýdyp
oturybermäýin birden.
—Be, jan akga! Ýüzüme seredip, edil içime girip çykan ýaly bolup
dursuň-la —diýen ýigdekçe tebibe gysmyl jorapdyr.
Hawa, Öwezmämmet şeýle ägirtdi. Ol melhem edip, aýallaň içindäki
bergawly gatyny dagam gulanylma edip bir bejerdi welin, hoşuň gelsin «Onsoň
on-onki aýdan görseň «Wah, çagam bolanok-la —diýip, öwülýädir şehitleri
ýassanyşyna, molladyr murtyny goýmadyk önelgesiz görgülileň gujagy
bäbeklidir.
Şu güznki ýaly ýadymda. Annam akgamyň dyzyndan aşagynyň eti
tabrimbir sökülip, süňkdir siňil damar bolup galaýdy birden. Onsoň ony siňňin
synlap Öwezmämmet aga:
—Muňa erkek adamyň peýşabyny çal. Ýap, gar et-de dessine gutular—
diýdi. Aslyýetinde-de, erkek adamyň buşugy bokurdak agyry hapdyrtma,
demgysmadyr keselleriniňem bire-bir emidir.
Näme bagşylaň sesi gyrlanda, kirli jambögürini dolduryp, öz
peýşabyndan iýişine, owazyny çaryşla ýetirenden siz bihabarmy?
Şondan soň özümizden önýän em bile Annam akgamyň aýagyny tut ýaly
etdik dessine. Ýöne Öwezmämmet agaň sargydyny tutman, at münüp toýa
giden Annam akgamyň aýagy ilki simlän ýaly bolup, birdne öňki kaddyna
ýetiberdi. Onsoň näme, çyny bile käýinen tebip, ene siýdikgor arkaly Annam
akgamyň aýagyny hut ditdän aşybermeli etdi.
Öwezmämmet aga wakybaldan sak, pugtumaldan bek, jenewüt ýaly adam
bolup, aýdanyny berjaý kylmasaň halamazdy asyl.
Bir gezegem ol ýandagyň köpürjikli balynyň bir okarasyny öňüne çeken
adama ýüzlenmezmi
—Datma, how tüýdeş, sen baldan Ýaňyja, süýjüligiňden ýaňa dodagyňy
ýarym, ýalama edesi gelip duran waharmanlardan iýdiň garnyň syrtyňa
aýlanynça.
Ýeri, onsoň, indikiň näme diýsene?! Eger sen ýaňky gowuplap üstüne şu
baldanam iýäýseň, işiň gaýtdygy. Öwezmämmet ýaly tebipleň toplumy egele
gurap gelse-de, seni Ezraýylyň elinden aman galyp bilmez. Şoň üçinem süýşür,
oakrany elýeterinden daşarak.
Asyl-ha, jan jigi, äkit bally gaby, şu garny doýsa-da, gözi doýmaz
huntýudyň açmazyndan.
Ozaly betinde, bil iýen-ä gawun, gawun iýenem bal datmaly däldir,
gargylap—diýip, näçe sakyran tebibe pak pisselik, pitiwa kylmadyk kişi baldan
doýan badyna içine gor çaýkalan ýaly bolubam, gygyra-gygyra jan berýär.
Meň Sapar diýen agam bir ýola Öwezmämmet agany gol içine äkidýär,
ýortmançalyga ýetiberen gyzyň ýüzüniň ýarasyny bejertmek üçin. Emma
barmaly ýerine ýetip, goşa ýassygy tir seklän tebibiň gyz bile serkaram ýok.
Alma güli humlugy öňüne çekişine, bir mysgal, asyl burçak-burçak derläp.
—Hany, Kürt (ol Öwezmämmet agaň lakamy) beýdip lewjerip ýatma-da,
o görgüli gyza sered-ä?!
—Ýa Sapar jan men seň o gyzyňa gelenje badyma seretdim-ä.
—Ýeri, seredipsiň, taň edipsiň, oňa emem edäýseň bolmaýamy, onda?
—Emi özüň ediber, ho, çukanakdan ýagyş suw dan çal-da.
—Bä, şondan galsaň, dökülibermi, ýaralary o gyzyň?
—Hawa, hawa.
—Hawadyram-a, welin, Kürt kaka ojagaz suw kemtik geläýmez-dä,
hernä?
—Ine görersiň welin, şo suw soňlanynça, sypba-sypyrylar-a, o gyzymyň
ýarslary.
Howwa-la, Öwezmämmet pahyr birhili halatly ýalydy—diýen Gulmyrat
goja gurşan aýaklaryny ýazyşdyryp, çaýly käsä el ýetirdi.
—Ol goňşy obadaky toýa barsa ine, gollary gotanyň ganaty ýaly
akmakraç bir gelin çalganaklap ýör, ony onda, muny munda edişine.
Şonda o maşgalany aşaklyk bile synlan Öwezmämmet aga ýanyndaky
ýoldaşynyň gulagyna
—Halypa, ho, maýa mysally maşgalany görýämiň?
O görgüliň bary-ýogy alty gün ömri galypdyr-da göni gutaryşyna —diýip
pyşyrdamazmy.
Tebibiň hemdemi o gepe ör-göňkden gelenem bolsa, iki täk geçipgeçmänkä o gelniň ýogaldy habary çawup çykmazmy.
Men Öwezmämmet aga bile kän gabatlaşdym. 1923-nji ýylda çep elimiň
pyçak kesen şu orta barmagyny oňa görkezdik. Şonda ol «Wah, watyndajyk
gelmeli ekeniňiz, ýanyma. Bu barmagyň çany çüňk bolup, doňup gidipdir indi.
Boýun alaýyn, muny bejerip, şňki durkuna ýetirmäge, meň gaýratym çatmaz»
diýip, gönüsinden geldi-diýen Gulmyrat akga turarman boldy.
Men bolsa ony ugradyp duran ýerimden «Biziň Gulmyrat aga ýaly
pähim-paýhasly gojalammyz, gör, niçeme. Eger olaň ruhy kämilliginiň goýazy
gaýmagfyny ýaş ösdürişleriň gursagyna guýubilsedik, onda Türkmen agaň
rowaçlanmalara ýaran bolup ugran bu döwletimiziň gadamy hasam
gerimlenerdi diýen pikire geldim.
TAMDYRY ÝYKANYŇ...
Edil şu günki ýaly ýadymda. Meşhur Berdi Kerbabanyň ajap «Aýgytly
ädiminiň» ýaňy ile ýaýran ugurlarydy. Biziň «Ýedinjiler» syrygynymyza gaýyp
düşen ýalňyz kitaba-da dynuw bolaýyn-da. Gündizin-ä, her kim gözüne gurt
düşen ýaly iş aladasyna mübteladyr. Garaňky gatlyşdygam bar kişi haltasyny
arkasyna alşyna, bir göwni gatlaksyzyň körehli öýüne üýşer. Onsoň köregem
çyraň çala yşraryna goza açyşyňa Artykdyr Aýnanyň jygba-jygly başdan
geçirmelerine gulak gerip ugrarsyň.
Il ýatyp, it uklar. Gozalaram gutaryp gidendir bir eýýäm. Romany
gezekleşip okaýan oglanlaň bolsa, bokurdak ýumrularyny iki baka gatnadyp, şol
okap otyryşydyr, käte bir ýsowuk aý owurtlaýşyna.
Ine, şeýdibem, köpüň öňünde Berdi agaň mertebesi göge galdi. Herkim
Artykdyr Aýna duýgudaşlyk edişine, olaň tüýüni tersine sypalajak pygly pisleri
gözünde oky bolsa urjakdyr. Haçanda gezek Atyýry gelne gelende bolsa,
haýran galmadan ýaňa hemmeleň agzy açylardy.
Şonda ejem pahyr:
—Ataýry gelniň tamdyrly meselesinde Berdi aga henizem süňk
sypaýçylygyny bermändir— diýip söze başlady. —Meň käbäm Orazdöwlet
Ataýry gelindenem has aýryha, has şama-şama bir maşgalaň gürrüňini berýädi,
hut ýakaňy tutaýmalydy.
Bir gezegem o nädipdir diýsene! Ertir irden hamyr ýugruşyna ýetişikli
gelinleň ot goýbererine garaşyp, gözenekden jyklabrak garawullaýşyna, senmen ýok gelmezmi tamdyryň başyna. Onda-da hiç kimiň özi bile deňdeş uzyn
eteklä gezegini beräýesi gelenok, hamyrly çanaklary küle aägdaryp, näçe
şallapylyk gaýyrsa-da, eger-eger. Ýüzi çylgym-çylgym garaýagyz gelinlerem,
et boluşjak welin, gidirjek däl-de, nobatyny.
Şonda hälki çarbaý betbagat «Maňa hä-howa» diýmän, şu tamdyrda nana
tendiri bilseňiz siziňem ärmämmet boldugyňyz —diýägetdin, girmezmi ody
harman ýaly bolup duran gyzgyn tamdyra. Soňam ony daşyna itekleşine,
ýykmazmy dört nara edip. Edil şo halatam, ogyk-baklygyň üstüne ýoldan geçip
barýan şahyr geläýmezmi pata-pet.
—Bo-ho-how! Gelinlem! Öň tamdyr topalaňyny gurdum, hamyry
garşydaşynyň garnyna agdarýanam, hatda dawagärini tamdyra tutjak bolýanam
synladym welin, men-ä, heniz beýdip, öwülýä ýaly tamdyry ýykany görüpeşitmändim.
Haý, betjigaryň balasynyň muny edäýenini! Munça bolanyna görä,
gelinlem, bu bedasylyň kimiň keýwanysydygynam aýdaýsaňyz —diýen şahyr
hasasyna söýenip durşuna:
Owalda kim bile eýledi jeňi,
Tamdyry ýykanyň eşekdir deňi,
Açykdyr bilegi, sallangy ýeňi.
Helal begiň aýaly,
Köpdür munyň hyýally,
Tamdyry ýykaly bäri,
Çig doňuza meňzeýär.
Ertir irden bu nä eser dawudy,
Gyrnak sözi hemme zatdan awydy,
Burunlary uzyn, gözi mawydy,
Helal begiň aýaly,
Köpdür munuň hyýaly
Tamdyry ýykaly bäri,
Çal doňuza meňzeýär—
—diýip, sesini owazlandyryp ugramazmy.
ONAP-ÇEKÄP OTURMAŇ-DA.
«Gök iňňäni götin sanjybilmez» bir war-zir maşgalany üm-ä
çagyrmazlarmy, ir eýýam. Emma,
eden işin ozdurmaz, oturan ýerin
gyzdyrmaz» ýardyksyzyň bitirip barýan goşy bamy diýsene. Gaýtma, agzyny
telkerdişine, gürrüň honalap, hil-hal, şo bolşuna-da.
Onsoň näme, dogumyndanb döwleýin-döwleýin diýip duran galyň0galyň
gyz gelinlere-de özüniň belet. Olar hälki «Gül ýaýdy gelmez elinden, iller
durm,az dilindeni» süňk sypaýçylygy bile ornundan gopduryp, ugradanlar
garyn-gajak ýuwmaga.
Edil şo halatam hälki öhediň ýanýoldaşy gelmezmi ünsçileň üstünden.
Şonda ýaňky ylhanat. Aýuw, gelin baýlar, bilip goýuň, ýaka boýy bäş göryşdyr,
oňap-çenäp oturmaň-da, biçiberiň jarra-jarra üçin, sesine säkdirme salypdyr.
ÖZÜŇ BIR GYZYLGÜL BOLSAŇAM...
—Molla Töre ahun, özüňiz-ä, tüweleme, ylymly-bilimli, ynsabam täretli,
pähim-paýhasly bir gyzylgül ekeniňiz. Ýöne, arman, degre-daşyňyz
itgyzgandyr gaýry halama-harsadan gysgyrmaja ekeniň-dä.
—Haý, halypa, halypa! Meň eýläm-beýläm, asyl, çar tarapym tiktntkli
hajrawlardan doly bolmasa, onda meni mal-gara depeläp, deregime dargadarda, dik göterimi ine.
IŞDÄSI ALAN ÝYLAN ETINEM
IÝER.
—Tüssäňi burugsadyp, näme gaýnadýaň, halypa?
—Aý, gürrüňi köpelktmäge-de, açyp göräýsene, özüňjik—diýlensoň,
hälki bagyrdyly gazanyň gapagyny galdyrsa, zäher haltaly kellesidir guýruk
gapdaly, şeýle-de, içaşy aýrylyp, päklenen bilegim ýa;ly bir ýylan.
—Bu näme etdigiň, halypa?
—Huruşlygym baýansoň, şeýdýän-de.
—Ýok, sen beýdip ýylan etini iýme. Men saňa gatysarkyp duran täzeje
göş ibereýin, jylkyja.
—Ýok, azara galyp oturma, halypa. Işdäsi alan ýylan etinem iýer-ä
KELE BESDIR.
Görsene, bu bolýan zatlary! Ir eýýam dört-bäş sany hemdem-hemşeri
çugrugşagetdin, başlaryny birikdirip, öýlendirmezmi bir kel-kemeç dostuny.
Oň ge;lnem gözi bag çebşiň gözi ýaly, eginlerini terezilenip durasn,
aýdan ary, günden dury maňyzly-meňzüeşikli natuwan bolup çykmazmy
bagtyndan. Emma ýaňky ündeşlleri birden «Gyzyl görse, Hydyr azarlaryny»
edip, pygyllaryny pozmazmy, ony taýyndan tazykdyryp, zöleri almak üçin.
—A-how, tüýdeş! Biz-ä, dogrymyzy diýýäs. Saňa iýmän-içmän, ýüzüne
seredip oturmaly bir dagypa dahyl gelipdir welin, habardar bolgun, görmek
göwräň ganymydyr. Birden ol seni howsakgal-ýüzügara edäýmesin, enesi
jypytdy bile görlüp. Şoň üçinem, gepe galaýmaňkaň beräýseň, nädýä oň
talagyny.
—Ýok, biz ýaly kele besdir, halypalar, şo äberen gelniňiz.
DOKUZ ÝYL ÜÇ PENT.
—Aý, ini! Maňa talabyn dursaň, baý bomaň üç şertini öwredeýin, saňa.
Ýöne soň kölgeli gol atmaz ýaly, öňünden ýatladaýyn. Olaň herki üçin hoş!
Hoşal aga, arka boýnuň gaşal aga! —diýip, tegelek üç ýyl, jemem dokuz ýyl
işläp bermeli borsuň, galçüagymny gazap.
—Bor, aga! Maňyzly maslahat berşiňe, ahyry ile goşular ýaly etseň, dört
döwüm bolup garzynmak meň bile. Yzymda aýy-güni ýetik, göwreli gelnim
galdy. Anna, şoň ýanyna aýagymy sekmän, işleýşime, göwnüňi görjek borun—
diýen kişi bilini gaýym goşanmazmy.
Dokuz ýyly doldyrybam:
Birinjiden-ä, gije ýol ýöreme.
Ikinjidenem, özüňe dakylly bolmadyk zat bile işiň bolmasyn, asyl
diliňem ýetirme.
Üçünjidenem, her hili ýagdaý ýüze çykaýanda-da, özüňe basalyk berip,
gaharyňy ýuwutmany başar—diýen maslahaty alşyna, hşlaşmazmy haojaýyny
bile.
Ýola çykyp, bir ýere baranda0da oňa:
—Halypa, iliňe dewsbidähel etmekçi bolsaň-a, kerwen bar elinjek —
diýerler.
—Aý, aganşm, ot-da garagan bolup, gije ýol ýöremän, aýandama,
gündizjik gidäýin-le kere-mara.
—Gözel göwnüň, halypa—diýen kişi eşret hälkini ugradyp barşyna, öten
agşamky giden kerweniň talanyp, adamlarynyňam uçdantutma çapylandygyny
duýdurýar.
Şeýdip, uzakly gün ýol ýöräp pyýada gyzar ikindinler bir öýe sowulsa,
gör-ä gaşlaryndan çebioş asaýmaly garaýagyz kişi aýalyny agaja saraýşyna,
ýenjip dur-da, gülpüldedip.
—Essalawmaleýkum, ýaşuly! Kyn görmän, meni alaýsaňyz, şu gijelik.
—Baş üstüne! Ana, ho, jaýa baryber. Ählije zat ti taýýardyr.
Ine, şeýdip, ertire çykan myhman allaýarlaşmaga barmazmy öý eýesiniň
huzuryna. —Beý, gaty üýtgeşik adam ekeniň-aý! «Bu aýaly näme üçin urýaň?»
«Oň etmişi näme?» diýip, sorag dagam bermän, myhmanjaýa ugraberdiň
welinb, men-ä, telpek goýdum saňa.
Ine, bular bolsa, «Ony nämeüçin ýüň satýan ýaly edip dursuň-la?» diýip
goşulmasyz zadyna burnuny sokan adamlaň kellesi. Sen weli, tüweleme, öz
günüňe gümra gergek ekeniň. Şoň üçinem, hany tut torbaňy. Men seň gyzylkümüşden ýüküňi tututup, ömürylla ýamanlyk ýüzüni görmez ýaly edeýin.
Gör-ä, şeýdip, öýüne geklen kişi siňe seretse, aýaly özi bile boýdaş bir
gara kelläni ýatyr-da, gujagyna gysypň. Şonda gäany gyzyp, gahary gaýnaglyga
ýetiberen kişiň eli-aýagy saňňyldap ugramazmy. Ýöne, eýgörmüş, birden dokuz
ýyl der döküp alan üç maslahaty hakydasyna gelýä-de, çalarak ardynjyraýar
welin, aýaly galdyraýar başyny.
—Eý-ho! Kakasymy agyz bi? Oglum, ogul jan! Hany oýan-da, dädeň bile
salamlaş-a.
BIZIŇ ÝAMAN PÄLIMIZDEN.
—Eje, eje! Aý eje! O gün bar-a, sen maňa gelňsoň, gusup iýdirýän
jižžemanyňy äkelmäge daşy gideňdeseňkildäp, bilmedim nämesindendigini,
meň ýüregim gysdy. Onsoň süýşenekläp, sürenimiziň agzyndan şu ýere
çakdym-da, sakyrma kemini goýmadygam bolsaň.
—Jaý, bezzat, haý, bedroý diýsänim! Beýdip göze-başa düşübermän,
aýdylan bile bolgun. Ýogsa, ynsatlyk edip, aljy gurtlar ymmatyna gep getirjek
o günki doganlaň býaly seňňem bokurdagyňy çeýnäýmäýin birden.
—Ýok, eje jan, indikille beýle berebekgeýligiň gyrasynda görünmäýin
welin, aýtsana, şo daşaryk çykamda, ho, gezip ýören goýun diýýän
janawerleňňi synladym-da. Be, biz näme üçin azrak, ejemiz her güjüklände,
maň ýaly dört-bäş çagasy bolsa-da. Goýun welin her guzlanda, aňra gitse, ekiz
guzlaýar. Ýöne näme üçin, şonda-da, olaň sany biziňkiden köp, süri bolup
ýörler» diýip, içimi gepletdim-dä.
—Aý, böri ballym! Böri ballym! O biziň ýaman pälimizden. Biz bir
kastly kişi. Urjak-ýarjak, öljek-iýjek, maslyk-maslyga kaklaşdyryp. Bar janly
jandar olaň daşynda dişini çarhlap duranam bolsa, goýu8nlaň netini çarhlap
duranam bolsa, goýunlaň neti gowy. Şoň üçinme, garynjaň bilini bilip bogýan
Biribarym, olary köneldip köllüge ýetirse-de, bizi seniňmi ösňediberenok-da.
ÇUWALA ÇYKYP...
—Be, gelin baý, seňem çöpüň gutaryp, sanaglyň dolup ýör öýdýän.
Ýogsa, gaýyn eneňi ugradyp ugratmankaň gara öýüň dulundaky bugdaýly
çuwalyň üstüne çykyp, aýagyňy sallap oturmazdyň-a beýdip.
Galyberse-de, gölegçiler gönügip gönügmänkä, içiňi çekip, gülmezdiň-ä,
däli ýaly, ile metgi bolşuňa.
—Aý, oglan, men ýönelige çuwala çykyp, gaýagopuz ýok ýerinden kikirkikir gülemog-a.
—Haý, diýseňizem-ä, ozalybetinde, şeýtandan patasy bolanyňyz üçin,
siz-aýallardan her zada garaşyp ýörendiris biz-ä.
—Haý, haý, oglan! Beýdip, çeýnäberme diliňi-başyňy!
—Ýok, gelin baý! Meň dildir dişimiň nägeňsi berkendeli diçik-ä, sen bar
kişiden belet bolmal-a.
—Dagyňa biljek däl welin, kakasy, çuwala çykyp oturmam-a, häli.
Ezraýyl gelin pagta bilen damagyny çalyp,ejeň janyny alanda, içeri bir poýasa
boýy gandan doldy.
Ana, onsoň il aňlamasa-da, halatly halyma syzanym-synlanym üçin,
göwräme gan galtaşdyrmajak bolup, üstüne mündüm-dä, şu çuwalyň.
—Bar, oawaram çuwala çykanyň-a, oýundan diýeli! Ýeri, onsoň it
masgarasy bolup, gülmäň nä görgi.
—Olam, kakasy, ýaňy jyunaza jaýyndan ören gölegçiler salajany-tabydy
göterip ugraberdi welin, boýny trasmasy çeýnelen elekli, agzam ender ýaly
repideli göle gysmy bir gara gaşyň, haýdaşap barýan gölegçileň yzyna
düşdüberdi seňkildäp. Ýaňky itiň yzynda-da pozzam-sozzamrak bir sübsesapyndan tutýan beýlekem ýok weli, hälki it dir gölegçileň yzyny çalçylar
barýa-da, toba tagsyr.
—Ýeri, buça bolanyna görä, gelib baý, o gaýyň bile yz çalgylaýan çala
mydar süpürgäň, aslyýetinde, nägeňsi hikmetiniň bardygynam aýdaýsaň?
—Aýtsam, gaýnym görgüli uzyn ömrüne il bile gatyşgara bolmadyk bir
warzir, asyl, «topbusy gyşyk kaň karym» ekeni. Ysnatly zerarly, goýanyny
göterenini bilmänem, elekdir repidesini al kakan ýaly etdiripdir bir ite. Ýaňky
ejeň gölegçisiniň söbügini basaňkyrlap itilen ýaly bolup barýan seňkildewük
segberdem şo zatlary oňa gowşurman aladasynda. Iň soňky sübse diýýänimem
ejeň dözmezçilik edibirewge beren peşgeşi. Olam, aýdyşym ýaly, ýekeje
ýagşylykdygyna garamazdan, barýa-da, o pahyryň yzyny galgylap.
ÖÝKÄŇ DÜÝPLI BOLANSOŇ...
—Eý, Hudaýa, bar Hudaýa! Öz edaraň bilen bizi çep el edip ýaratdyň.
Owrat ýerdir beýlekiň sübsägärligini boýnuma atyşyňa guşaklykdan aşagyň
galçagyny gazamagam tabşyrdyň.
Hawa, Biribarym, buýrugyňa rza men! Ýönekä daýym, kä daýym sag eliň
öz golýeterli çar örisinde emin-erkin, asyl, burulman-gerilmän gözdür-gaşa,
dildir dişe hemdem bolşuny görüp, kemsinjek bolaýanda-birhili.
—Bo-how! Bendämiň sol eli. Düşündim öýkäň düýplidigine. Şoň
üçübirem, bir eglişik edeýin saňa.
Haçan-da aýatdyr towir edilen, el ýüze sylynmaly bolanda, sen sag eýliň
barmaklarynyň ujunyň üstüne ornaş-da, ýüze ilki golaýlaşmak ädehedine eýe
bolaý.
HOJALYK HARAJADYŇY...
—Şu günler, jan dogan, agzym bimazamy, nämemi, birhili ýüregim
ezmiljiräp, başym aýlanjak bolup dur-da.
—Oň ýaly bolsa, gaýyn eneňdir eltileňňe, halys uwnup çydamasaň öý
adamyňa aýdaýmaly ekeniň ýaty-ýagdaýyňy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 09
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.