Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 17

Total number of words is 3671
Total number of unique words is 2526
23.0 of words are in the 2000 most common words
32.9 of words are in the 5000 most common words
38.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— ýatlap, bärik gaýdyberendiris. Size weýran dilegini salyň, az-owlak arpabugdaý tamakinçiligi bile, «Nirdesiň Tejen?» diýip.
— «Gelen döwletdir» gumly garyndaş. Aslyýetinde, beter balasy ýalňyz
agajy ýeliň ýykýandygyny ýadyndan çykarman birek-birege goldamaly. Birekbirege daýanmaly. Birek-birtege söýenmeli. Birek-biregiň eý gününe guwanmaly.
Şatlygyna şärik bolup begenmeli. Hawa, hawa gumly garyndaş. Adamlar bir-birini
edil nanyň owuntygy, gözüň garasy, üzümiň dänesi ýaly apalamaly.
Ana, şoň üçinem, gapdygymyzdan bitiris möhümüňizi.
— Aý, saglanlar bola, janym agam!
— Onsoň, bi, gumly garyndaş ozalybetinde, oturym ýeriňiz nirdedir-ä, siziň?
— Gazanjygyň gaýra gapdalyndsaky tekejik dagy bar-a. Ana, biz şo
jelegaýlardan janym agam.
— Onda sen-ä, ýashadyr Burgun, Dikjedir, Kelje ýaly ýerlerede beletsiň?
— Diňe bir olarý däl, Degarslandyr, Gökdepede biziň şygrymyzyň çäginde,
janym agam.
— Eger şeýle bolsa, siziň etraplardan üstünden dört ýüz ýyl çemesi
geçiberen, bir gadymy gonamçylygam-a bolmaly. Oň gonambaşysynyň baş
ujundaky dikme daşda-da öte geçmäýin-ä welin «Biz salyr-saryk, bizi gyran
galmyk»
— Dogry şonyň, jan agam! Men birki öwrä düýnäbem ýatdym, şo gerçek
öwülýäni, hemaýat edendir-dä. Hantama bolşuma.
Hawa-la, siziň o ýerleriňiz ir eýýäm öten könekilemmiziň küren-kendi.
Özäm eý göreni eşret çeşmesi. Birküç öwrä duz-çörek nesibäm çekensoň bilýändä,
gyr-gytyzrak o taýlary.
— Baý-ba! Sen soramagyn. Biziň töwerekleň taý tapylmaz jennetdigine jan
agam! Ýagar ýagyş. Geler dola. Biter otlar. Ýuwar jala. Onsoň eliňe taýagyňy
alşyňa sykylyk çalagetdin, düşüber, musaň mallarynyň yzyna.
— Gumly garyndaş siziň o soramlaňňyzda öňkülemmiziň örän irki düme
ekerançylygyna-da dahyl geläýdim öýdýän engan ýerde.
— Hawa, edenli eždatlammyz eklenje orna, güzerana ýarpa diýip,
çarwaçylygyň bir gapdalyndan ýylanlyk arpa-bugdaýdyr, gawun-garpyzam
goýmadyk bora çemeli.
— Ana, bardyň üstümden ynsan balasynyň nesil bergidarlygy öz atababasynyň ýoda-ýörelgesini ýitirmeg-ä däl, eýsem, ony has ökjeýle ilerlemä
ýetirmekden ybarat. Eger ol «Iş aňsadyn ýalta taparlyga» salyp, owarrama ursa,
owarra gider. Asyl, dessine deregi dargap ugrar.
Şol sebäpli, sizem ulgamly üýşmeleňde göwrümiňize geňeşip, bir çukura
tüýkürmeli. Şeýdip, öz najadyňyzy iýmäň birkendeli ýoluna düşen.
Tekejigiň Begarslandyr Gökdäpäň degreleri ýerindek-ä, sähel gaşaň-guşaňa
boldumly bugdaýyny bitirýärkä, ony ekin dikmäň tanadasyny tapybilmän ýörmäňiz
bolanok. Siziň aslynda mizany mamla çarwa diňe bir maluyny ýere, ýeriň ot
çöpüni ýapyşdyrman, özem dört döwüm bolşuna, ygbaryny topraga baglamaly. Pili
bile taýagyny deňdeşräk saklyşyna, ýeriň gara gönesini gazamany endiogine
girizmeli.
Hawa, hawa, şeýdip, ýatym-ýagdaýyna görä, ýeriň dilini tapyň,
oýlanyşyklylyk bile ondan geregini almaly. Şonda ol at münüp atan (agbalanan
erkek) goltyşyna, at heläk syrt heläkligede3 ýetmez. Siziň häzirki zir-zöwra bolup
ýörşüňiz ýaly aýran diläp okarasynam somlamazmy. Öz göbeginem kesip ugrar,
öňünden gaçyşyna.
GARA ÝERE ÝARAN BOLSAŇ...
— Haý, duraweri, daýhan dogan?!
— O how! Ahun aga! Görsene, meň albadaňňy keleçaýlygymy! Seň bu
jelegaýlara düşendigiňdenem habarym ýok-da. Edil böwedim giden ýaly.
Ýegdekläp barýan-da, basymjak behişdiň gaspysyndan girjek bolup.
— Panyda okan namazyn, tutan orazam, il-ulusyň derdine ýaran olaň
kalbyna beýik Biribara bolan mizemez mähri girizenligim üçin menem uçmahy
kylyp iberdiler-dä şu taýy.
— Oň ýaly bolsa dag-a, ahun aga, seň bagtyň getirip, gurduň gündiz seň
ýanyňa ýollan perişdeler-ä «Ho bende-de, siziň kabylaňyzdan. Şonam yzyňa
tirkäp, geçip gidersiňdä, uçmakda diýdiler maňa.
— Bä, panyda «Ulusy ekleýänem-saklaýanam sen. Barçaň iýýän nanam,
giýýän donam seň daban deriňe eýlenen azabyň besse-bessesi. Seň şöwket şanyň
ýurdy ýowuz ýagydan dyndaran serkerdäň şöhratyna barabardyr» diýip, mazaly
magtasaňam, gel-gel, saryga-saryga, düýp toýnakdan geçmeli bolanda ýene men
yza galyp girmelidä, jennete.
— Gatyrgansaňam, daýhan dogan sargyşlara şo maňa.
— Ahun aga, sargasalaram, sakyrsalaram, yzyňyzdan ýöretjek bolmaz meni
— diýen daýhan eginlerine siltenjiren salyp ugran. Edil şo halatam gelmezmi uçma
ulamalaryň biri.
— Bo-how! Daýhan aga! Gara ýere ýaran bolup, oňa eýe çykan özüň ýaly
berkendeli bekdeleň bary behişdidir. Ol ykaratsyz hakykat. Ýöne maňlaýyňy seždä
goýmak üçin keseklerini iki baka süýräp, sapňa atyzyň içinde namaz okamaň
tärlerini öwrede-öwrede öňki sogabyň üstüne sogap goşan ynsaby täretli ahun
pirlerem öňe düşmese-de, iň bolmanda, seň bile egin deňäp gitmäg-ä mynasypdyr.
GOŇURSY GARYBAM BOLSA...
— Söýün Hojam aga! Indem meni iberdiler. Siziň yzyňyzdan «Dessine äkel,
ýagşyň galagyny. Özäm beýdip, arkan gaýyşyp durmasyn» diýip.
— Ýaňky gelip gide-ne-de, aýtdym-a öz obamda ýogalan şo diýselerem, ilki
baryp, ugradyp gaýdyň Garga baýy. Ol mähetdel bolup, saňa galmasyn-a, ýeriň
ýurduň bir goňursy garybyndan.
— Beýdibem, kän kekeýletmäň, meni. Aýdylsa-aýdylmasa ýeňsiz-ýansyz
öz obadaşymyň sadakasyny ilki sowmal-a men.
— Siz Söýüp Hojam aga Garga baý ýaly depseň yranmaz, döwletli adamy
garaşdyryp goýmaň. Ine, öň jynazasyny çykyp, ýola saldygyňyz, esli gök garany
düwüp geçe düwüp, ýanynyň päkize hywa dony bile getirip giderler öýüňize.
— Gürrüňi köpeldip, ýürege düşmäň. Oň ýaly ölüp ýatan Garga meň
bagymda-da kän. Men-ä, olary gömjegem bolamok. Galyberse-de, «Men
jynazasyny çykyp, ataňy atardym» diýip, goltugyny galňaldýan molla-mugtuň,
göre bile öz ýagyrnysyny ýalaňaçlaýandygynam bilip goýaýgyn.
DAŞ BILEN URANY
Öňem özüni ötgeren bir pir şägirtler känini eýerdip, Hanaýy Käbä giden.
«Mollabeçelet köpi görsün. Ylma özüni ursun» diýip. Olýerde azap allalykdan
gaçman, talyplaryna dünýä derejesinde tälim-terbiýe berip ýörkä-de, gör-ä bi
tapylýan zatlary. Oňa awy bermezmiň apaly şägirdiniň biri, bilinmez öýdüp.
Onda-da, nämäň-nämedigin ilik-düwme göz ýetiren pir daş-diş. Asyl, syr
bererli däl. Sebäbi «Ýat il. Gulagyny ýapyran ýaly bolup ýörse-de, bar kişi syn-da
deramat. Şo zerarlam, itiňkini iki kesitip, çäk-çäklige ýetäýmeli däl. Goýazy
gaýratyňa gullyk edişiňe, sepiňi açaýman, merdi-merdana saklamaly özüňi. «Baý
ba! bulara» Haç-haç!!! Diýip, suw söküp gelselerem, içlerine ala möý giren ýaly.
Biribara gulluk etmeden-ä, elli bizar.
Basybilmez ýagysy biri-biri. Kütüwkeş göhert ýaly» diýdirmän, örän
wakybal, uggursyz pugtumal bolmaly.
Ine, şeýle pikirleri serinde saldyrlan piriň gözi garaňkyrap, gar-gar gaýtaryp
ugranda, üýşmezmi ähli oglanlary daşyna. Onynça-da eli abtabaly hälki şägirdi
gelen.
— Näme, halypa, iýeniň batmajak boldumy ýüregiňe?
— Şeýleräk öýdýän.
— Onda, içäý, ine, ýörite äkelen, şujagaz çeşme suwumdan.
— Bor, jan ini — diýen bir goşhaltasyndaky hikmetli daşyň üstünden suw
bakydyp, içe-içe, ölümiň öýünde bäriý bakýar.
Soňam talyplkaryny topy tomaýy bilen yzyna ýollaýar. Özem yra-dara
gezişine, bir ýyl alty aýdan obasyna dolanan, tepesini düzedip. Gelşine-de, uly toý
tutýar. Sangysyz gazan aşaryşyna. Şonda köpüň gözüniň alynynda, aşyna awy
gatan ýylanýasaw şägirdin-ä ýüpek, beýlekilerem garma don bile serpaýlaýar.
— Halypa! Bu nätdigiňiz boldy? Men nä artykmy ilden?
— Hawa! Siz ilden artyk. Sebäp diýseň, ilden saýlanyp, ölmän, aman
galdym. Ana, şonuň üçinem, daş bile urany, aş bile uraýyn diýdim-dä.
MEN-Ä IKI ÝARADÝAN
— Rüstem Zal aga! Siz bir eýe nazar eden kişi. Dagy dargatsaňyzam güýçgorabaňyzyň egsiljekl gümany ýok. Ýöne aýtsaňyzlaň, aryp-açyp, sizem ýadamýorulýaňyzmy käte?
— Hawa, ýadaýan! Heý, ýadamanmy käte?
— Be, siz nirde oň ýaly kyn güne galýaňyz, Rüstem Zal aga?
— Ýanymda bir içýakgyç kejemalah otursa, oň bile düşünişjek, oň bile
ugurdaş gopjak bolup, hut iki ýadaýan-da men.
ÝOK GUÝYŇ OÝUNDA
— Aý, agam! Ugursyz abaýtoş görünýäň welin, bardyr-a, bir küç süri malgaraň?
— Meňem-ä, jan ini, ýok guýuda iki bölek goýnum-a bolmaly.
— Tüweleme, Tüweleme! Ol-a gaty gowy. Çopanlaňňa kim diýýändirler?
— Aý, olary ogul-gyzsyz bendeleň agtyklary bakyp ýörendir. Atdyr
beýlekisinem, näme baraňda sorarsyň-da.
TAÝAGYŇ DILI BILEN...
— Eje jan, men-ä, ýene geläýendirin, gezmäge bir hepdelik.
— A gyz, sorap bir gaýtdyňmy gaýynlaňdan?
— Enelerin-ä, çalarak bir syzdyrdym welin, oam, aşaky dodagyny
dişleýşine, ýaýkaýdy başyny. Şonda-da, ýüregime düwemsoň, ýomlugaýdym-da
Zärligine.
— Gyzym, beýdip, atasy öýçi bolup, zygyr-zygyr gaýnap ýörmäňi bes et,
indi «Çykan gyz çygdan daşdyr» baran ýeriň bile bolup, oň ody bilen girip, küli
bile çyk. At tezegini guratman, adamlaň ýüregine düşseň, hiç kim halamaz. Asyl,
itden beter ýigrenerler. Şoň üçüribem, ýüregiň herneneň atygsap dursa-da. Tagapyl
edip, köwlenäýgin seýregräk. Şonda arzyň artar. Ataň öýüň gadyrly grşylap,
gaýyn gapdalyňam sarpaňy saklar. Ulagly äkelip, ulaglam äkiderler.
— Be, eje jan, senem, beý diýäýdiň-ow, maňa?!
— Häzirlikçe, gyzym, saňa diýen zadym ýok! Şoň üçüribem, öýe girme-de,
dolan yzyňa ýol çalmanka. Ýogsa, ataňa aýdaýyn. Onsoň ol iniňi-boýuňy des-deň
edişiňe, meň şo diýmeli sözümi taýagyň dili bilen düşündir saňa
SAKGALYMDAN UTANDYM-DA...
Öňkülemmiziň:
Nowruzdan soň
Gyş bolmaz.
Mizandan soň,
Ýaz.
Ülker dogdy
Tomus
Ýaşdy
Gyş.
Ülker dessäň
Astynda ýatmaz.
Ülkerli aýyň
Ýary gyş.
Ýaldyragyň ýangyny,
Üçýyldyzyň galgyny.
Mizan çalyp,
Hazan uran.
Mizandan soň
Hazan.
Hazandan soň
Tozan.
Mizanda urmasam,
Hazanda uraryn.
Hazanda urmasam,
Akrapda uraryn.
Akrapda urmasam,
Ahyratda-da urman —
— ýaly aýtgylarynda ýylyň pasyl üýtgeşmelerine belli bir häsiýetlendirme
berilýänem bolsa, «Aýdylmadyk zat ýok-da, eşidilmedik zat bar» diýleni.
Entek-entekler biziň mekga ýaly gojalaň, gonambaşy edäýmeli ejeleň huş
humundan alyp, il emlägine öwürmeli milli miras nemunalarymyz, meger,
müňlerçe. Onuň, hakykatdanam hem, şeýledigine Edrek Atajandyr Durdy Nepes,
Öwez Şalardyr, Hommat Atda, Ýaýlym Şükürylladyr Gul Jumuk kibi göwni gorly
danyşmentler bile gürleşeňde ýene bir öwrä göz ýetirýärsiň. Olar ilki nowruzdyr
ülker, aralykdyr üç ýyldyz, ýaldyrakdyr mizan, akrapdyr garagyş hakda ähli jikmejikligi bilen söz açdy.
Soňam uly çilläň kiçi çillä «Inim, sary (ýagny saryja gyş hasaplap)! Men-ä,
uly diýensoňlar, sakgalymdan utandym. Ýöne, sen saknyk-tutnuk heleýde
hamyrturşy, gara goýunda guýruk, gomly gyzyl erkekde örkünç goýmaweri» diýip,
sokurandygyny ýatlady.
Ana, şol saryja gyşdan, ýagny, kiçi çilleden soň, çarwa hasabyna syn atýan
aksakgallaň salgyna görä, sazak ýaran. Çünki o günleň çapgynly ýelleri aýazly
yrandyrmasy arkaly sazaklary-ojarlara ýaryp, olary pyntyklamaga alyp barypdyr.
Ondan soň bolsa, daz zarkeliň gaýy. Şol dşöwürdäki sowuklyk onuň
ýumurtgasyny ýaryp, onuň jüýjelerine jümle-jahany jykladyp ugrar ekeni.
Sarahsly Weli Taraş Çoluk akga Gurban ogly bolsa, uludyr kiçi çilläň
hersinden bäş gün alyp, on güne çekýän düwleniň (týuleniň) gaýynyň bardygynam
belledi. Onuň aldajy aňzagynda doglan düwleniň, dessine, ers-mersligiň ýoluna
düýşärdiginem nygtady.
Özüne-de, indi şeýle gaýraly ekedi-nokady bile alyklap biljek, ýyldyza ýaran
bolşuna, gar ýassanan ýaşulylaň saýpal tapyberendigini tekrarlady. Şeýle-de bolsa,
uzagyndan has anygyna aralaşylar, tamakinçiligi bile ýene käbir zatlar babatynda
söz açmakçy.
Dazzarkeliň gaýynyň yz ýanyndan nowruz gelip, dumly-duşuň läle reýhana
gaplanýar. Çisňili asmandan bähra tapan derýalar sypanyp akyşyna, adamlarda
umyt uçgunyny oýarýar. Nowruzyň jylawy gowşap, gylawy ýatyp-ýatmanka-da,
ikatýok ýüzüňi görkezer. Onsoň tä ikatýogyň-hüýpünigiň sesi galynça, sanjy bertaşlaber ýere gawundyr beýlekiň tohumyny.
Ýöne kädini bar ekinden ir ekip, gün gyzmanka telpegini tegeledip, gol
gerdirmelidiginem ýatdan çykarmagyn. Ýogsa onuň epgekli yssa paraman, egnini
gysaýmagy gaty ähtimaldyr.
Gojalar, howa öwzaýyny bozan halatynda, hüýrünigiň hindir beýlekä gidip,
mydar edýändigini nikartlap, şol ugurlarda geçi guşuň hem öz gaýy bile malyň
ugraýandygynyň söhbetini yzladylar.
Oraz akga Muhammet ogly bolsa, geçi guşuň pysyrdysynyň çyn daýhanyň
göwnüne ganatlanmalar girizip, berekediň berkendegi dünýäsine düşürýändiginiň
gürrüňini berdi. Geçiguşyň durkunyň çalaja ganatlarynyň ujunyň garajadygy
belläp, onuň tersine goýunguşuň göwresiniň saryjadygyny düşündirdi. Soň bolsa,
keýik garamygy ger. Görsem howa garamyklan, jybarly gisňeme bile ussa
pürküşini etmäge taýynlanyp durandyr. Ana, şol çyglamykly günlerem, şahyr
şepäm Guldurdy janyň gulagyma guýşy ýaly, keýikleň döli düşüp, olar owlagyny
eýerdip ugrady. Şeýle-de, şo pillerem keýikokaralar ese-boýa galyp keýik
garamygynyň terigen şahalarynyň has heserlenendiginde nazaryň eglener.
Ondan soň, howa howurlanyp bir hili töweregiňi garanjaklyşyňa, kölge
küýsäp ugrarsyň welin, gör-ä! Birden-bire baglar şuwwuldyly helewleme bile
alabadaňlylyk garyşyna, büklümli bulutlara gol bular. Onynça-da pat-put edip
başlan ýagyş damjalary güreler-de, egniňi gysanyňy duýman galarsyň. Şonda
moýsenitler. Oglanlar bu ýolbarsyň gatydyr. O janawer «Eý, Hudaýa bar,
Hudaýyň. Men güjüklämde howa çakdan aşa yssy bolýa-da, çagajyklarymyň emen
süýdi içinde uýagetdin, olar, deýebidir Allam, maňa-da bir kite kakuw gaýja gaz
ber. Örgençegim aýaklanyp, olary yzyna tirkärim ýaly diýşine, şirinden-şeker
peýrswesine tutup ugrar.
Hawa, gojalaň datly dünýäsine düşüp, «Bermez Taňrydan girmez awçy alar»
ýörelgesine ten berdiňmi? Onda sen işiň oňdygy «Dama-dama köl bolşuna, sen
milli mirasa dahylly jemläp materiýallaryň, dessine, süreklikden sürülige aralaşar»
«Süri agsaksyz bolmaz» diýlişi ýaly olaryň hemmesi hoz kibi şatylaň durmasa-da,
özüňi saklap ýörme-de haýdaşlaber.
Sebäbi soňky ösdürimler onuň üstüni boluşyna, bitmezini bitir, asyrlara ýetir
ahynym.
«INDEGSIZ GANATLYKDA»
köpi gören gojalaň gep salgyna görä, ýogalanyň üçi sowlynça, bütin oba
ýasda bolýar. Şoňa çenli «Gözmez arkasy güýçlülige» salyp, aýdym aýtdyryp,
taňňy-taňňuly toý tutmak, il-günüňi sylamaň eşşeklik etdigiň ýatdan çykaryp.
«Ody özüňe bas, ötmese kesekä» diýen aýtgyny unuitdygyň.
Merhumyň ýedisine çenli onuň goňşy-golamlary ýasdy. Olar işikde ägele
gurap, üýşüp oturyşyna, öter-giderdir emril-magrupdyr söz açyp gelen-gideniň
öňünde durdumy? Ol sarpa saklaamaň, bimöçber bahaly sylaşygyň alamaty.
Küren-kendiň, asyl, uly iliň abraýy.
Gaýdyş edeniň kyrkynyň birildigi, onuň ogul-gyzynyň ýasdan çykdygy.
Ýyly ötüp, sadakasynyň sowuldygy bolsa, ýanýoldaşynyň efganly günleriniň
geçip, gara çeýmeli matamynyň soňlandygy.
Hawa, ýas bir «Indegsiz gopaklyk» Oňa üçi geçinçä, idelmeseňem barmaly.
Aýat-töwir edip, görnüp gaýtmaly, ýasyma gelmedik ýagym» diýen ýörelgeden
ugur alşyňa. Soň bolsa, degerli hoslar hökmünde, ýas düşeginde ýeriň gädilip
durmasa, öz aladaň bile gydyrdanybermeli.
Özüne-de, ýasa baranlar, öň-ä, aradan çykanyň tä ýidisini sowynçalar,
elleşip görşüp hal-ýagdaý seraşmaz ekenler. «Biz bu taýyk matama ýygnanadyg-a»
diýip. Indi bolsa, ýas ýygynçagynda ýaý berip oturanlar bile elleşip çykmak
edähede öwrüliberdi. «Hany bir al-da, gaýdyber» diýmeseler ilki ýagşyň galany,
yzyndanam, ýerli mollalar bile görşüp, sagdan çepe aýlanşyňa, ahyry, baryp bir
ýerde otursyň, çöke düşüp.
Çöke düşüp oturmak, diňe ýas ýeriň edähedi. Biriniň öýüne baraňda ýa toýromguda ýas ýasawlyga geçip, çöküňe düşüp otursaň, göwünlerine alaýmaklary
mümkin. Ana, şonam ýeriň giňinde bilip goýan ýagşy.
Ýeke duz oturma bolsa, könelemmiziň iň oňlan usuly. Çünki onda adam
islendik pursatda gaýym galmaga taýýar hala ýetirilgi. Asyl, diňe bir gaýymgaljaňlar däl, üns eden bolmasaň, jyns atlar hem, «Nä wagt, nä zamana» diýýän
ýaly, mydama dik aýagyň üstünde, eýesi haçan «Ýör-hä-ýör» etse, gerşine
keserdip durandyr.
«Aýbogdaş gurma» diýibem bir oturyşymyz bardyr. Emma ol seniňmi
begellenip barlanok. Eger sen hil-hylsyrap, aýbogdaş gurşuňa, abaýtyşsyrap oturan
bolsaň «Hany-how! Ini batyr! Ili açlykdan çykaryp, ýagydan goramadyk, bolsaň,
senem, köpüň iri, kölüň suwy boldajyk, ýeke dyzlyga geç» diýäýmekleri gaty
ahmaldyr.
Kinde-kim iki dyzyna dikeldipm syrtyny ýerde goýup oturan bolsa, on-a
hijem halamazlar. «Beýdip, it oturyşyny etmäweri, jan hanym!» diýip, dessine,
duýdyrlar, sypaýyçylyk bile.
Şeýle-de, elleň barmaklaryny bir-biriniň içinden geçirtişiňe, çalşandyryp
oturanam o diýen makullap barýan däldir öňkülemmiz.
Hawa-la, eždatlammyz uçursyz dana! Olar nämeň dürs, nämäň terezidigini
tylla terezide telläp, gelip gidipdir-dä, iň bir oňyn çözgütlere. Şol mynasybetlem,
bize könelemmiziň ýörelgesine eýerip, olaryň şan-şöhradyny has ilerledibermek
galýar.
HAMYRY TÜÝNÜK ÝÜPDEN ASYP...
Soňky ýigrimi ýyllykda maňa Türkmen aganyň terbiýetli taryhyna dahylly
alty ýüze ýakyn rowaýaty jemläp, serhan suwuny berşime, olary hakyky
hyrydarlaryna ýetirmek bagty miýesser etdi. Olaryň bir bölegi Göroglydyr Keýmir
kör! Nedir şadyr Baýramaly han, Azadydyr Pyragy, Keminedir Molanepes,
seýdidir Zelili, Mätäjidir Gymmat gyz, Ussa Käsindir Uzan ene, Ýazguly
Halypadyr Molla Töre Ahun, Ýahýa pirdir Ak işan, Gyjak gyrykdyr Hojamberdi
Kesik, Garaýüzdir Hallypar, Nurberdidir Güljemal han, Gowşut handyr, Ussa
Haýty ýaly şanly sahslara degişli bolsa, başga bir toplumynda ýagyrnyçydyr
ýuwhalar, gara garnyndyr aýuwlar, görkendir Gulak ata babatynda söz açylýar.
Ine, bir gün bolsa, öz obadaşym, çyn çopan Oraz akgamdan eşiden güňler
galaýmaly gürüňlemmiň käbiriniň beýanyny bermekçi.
— Sen, Ümür inin, mydama gözlegdäki adam. Asyl, obaňa myhman,
sumkaňa süýräp. Şonda-da, ýadadym ýoruldymyň, dynuw-daýanaryň, gaty görme
welin, doýdum-doldumly jan ýok. Meň goýun hakda saňa aýdyp beren zatlammyň
özem-ä, ýassyk ýaly kitap boljak, hötdesinden gelibilseň.
Häzirem bir zaman eşitsemem, heniz niç ýerde dil ýarmaga milt edip
bilmedik ýok-ýarym zatlammy aýdyp bereýin. Dogry «Bulara «Öte eşiden öý
ýykar, çala eşiden çatma» edip, aýazyna gelenini urup otyr-ow» diýip, ikimize
tene taýakly topuljaklaram tapylar. Ýöne her halam bolsa, biz, töwekgelçilige salyp
«Ýatyp galndan, atyp gal» etmeli. Goý, soňkular säwliklerimizi düzedip, has
takyky ilerlemelere ýetibersin. Oňa wahymyz ýok.
Ir eýýäm bir garry aýal müňedekli gara öýde hamyr edip otyr ekeni. Şonda
birden-bire ony daşynda arwahlar pelesaň kakýan ýaly, howsala basmalarlap
ugramzmy. «Be, bu nämäň alamatyka?» Hemişe beýle bolanokdy-la» diýip,
diňşirgense, gözüniň öňünde gara kölgeler gaýmalap. Hany, sen, ho, otagymy
tüýdük ýüpden özüňi assana?! Saňa hoşroý, has hikmetli jana-janlaň garaşýar-a?’
diýşine, alyp barýar asyl, gyssap.
Şonda ol aýal «Bor, balalam., oň ýaly bolsa, siz azaajyk tagapyl ediň. Men
şu töwrekdäki üzlem-saplam aladalammy siltemdirinçäm, özüme derek, ýugrumy
ýeten hamyry asaýaýyn bu tüýnük ýüpden» dibýip, daşary çykýar.
Esli wagtdan «Be, ojagaz tokgalanjam almadymyka?» diýip, ortarada asylasyl bolup duran tebse çapagyna ýapyşsa, eý-ho!!! Öňki mesge mysally hamyry
lagta-lagta gara gana öwrüläýse nätjek!
— Bu rowaýatyň üçin, sag bol, Oraz akga! Was-wasaly gepbasma ugrap,
özüni heläkläsi gelýän käbir görgüsi ýeserleň dogan-garyndaşlary bar-a. Ana, şolar
bujagaz hekaýatyňy hakydasynda saklasa. Ýeri gelnede-de, hawa, hawa, ýeri
gelende-de, ony örtenmäň ölümli girdabyna düşüp, ot-elek bolup ugran dözmeziniň
aňyna ýetirse, eýdip-beýdip, biz, gör, nähili nepagalar gazanardyk, janym agam!
— Oň ýaly bolsa, ýene käbir zatlaň kökenini sökläýin, Ümür inin. Bu berjek
gürrüňimi bolsa meň Murgaply guşlaryň goýnuny bakýakam eşitdim çölde guýuň
oýunda puhara surraý bir pahyrym adamdan.
Olaň obasynda birden bire ölýän adamlaň sany göz-görtele artyp, agyl, yzy
kesilmese nädersiň. Biriniň-ä üçi. Beýlekisiniňem ýedisi. Olary sowupsowmankaňam, eýýäm ýene bir çäge geçirilip, barmagy çatylanyň janazasyny
okap, göl;egçisini ugradaýmalysyň. Ine, şeýde-şeýde bez boolanlaň iki sanagy
ahyry bir aýran-jöwrene salmazmy salany.
— Bo-how! Agalar, oň ýaly bolsa, siziň öwülýäňizde, ölüp göründe dik
oturan bardyr. Özem bir ujuny agzyna alşyna, kepenini çeýnäýendir aldygyna,
gözüni ligirdedip. Ol şeýdip, tä daşyndaky çeýimligini gäwşäp gutarynça, ýanyna
ýoldaş dartmagyny goýmaz. Siz bilmeseňizem, ol güne bir täleý ters gelip, erte
öljegiň düýşüme girýändir. Eline bir kesemen nan berip, yzyna düşürişine.
— Munça bolanyna görä, dogan, göründe dik oturan o meýdi yranannyň
nädip, soň aşyny biýmelidigiňem tährini tapyp beräýseňiz?
— Oň üçin posly gyr at tapyň. Onam aýsyz garaňky gijede,
gonamçylygyňyzdaky gabyrlaň o myrryh bar bolsa, hälki bedew zagyrdaklap
çarnaýa gaşyna, böküp bilmez, oň tümmeginiň üstünden. Ana, onsoň, şo gubury
agtaryp, dişini döwşüňize, kepenini agzyndan alyň hälkiň yzyndanam ony kellesini
darka ýaryp, beýnisini pytradyşyňyza, gaýtadan jaýlaň.
Ine, şeýdenje günüňiziň ertesem, obaňyzdaky ölüm-ýitimleň arasy kesiler.
Ýogsa ol gäbiňizi azdyryp, baryňyzy dagdy eder.
— Aý, agam! Ömrüň uzap, gursagyňa ak tüý bitsin — diýen pyýadalany
edip, dessine, obasyny sowulmaz tatamdan gutarmazmy.
— Oraz akga baba-kelanlammyz hannas husatlygydyr bahyl bitini iýmeligi
zerarly, ölensoňam göri tütäp, obasyny ýas elem-çetrekligine ýetirýän göwni gara
göribe könelemmiz görken diýar ekeni. Kakaly dözmezim Ahmet Halmyratdan
diňlän çürrüňim esasynda ol bir mokalajygam ýazypdym alty-ýedi ýyllykda.
— Ine, Ümür ini, bu ýatlajak ahwalatymy bolsa, 1920-nji ýylda doglan,
maljanly aşnam Oraz Sopy gürrüň beripdi.
Bir ýola olar gartaşan merhuny ýerläp, ugramazmy turup. Gölkegçilerem,
näme, bilşiň ýaly, gaty-gaty ýöräp gaýtmak bile. Onynça-da bir gürpüldi çykan
ýaly bolýa-da, gaňrylyp seretseler, sör sene, how, bu bolýan zatlary! Ýaňky, jaýlan
kişileri çalam-çaş bolup ýatyr-da, ho beýlede.
Bo-how! Ata-baba asyl, ölme-duma görülmedik zat. Hany, tam-da
jogabyny! Ene ýeriň iň adyl närsedir welin, gör-ä, oňam götermän, bu pelidi
göründen zyňyp goýberişini» diýen pikire gaplanan ähli ghölegçi dyna egele
gurasa-da, wah-wah-eý! Öli görgüli göz-gülban halda ýatyr-da läw-läş bolup. Ýöne
mazara bolan zat ýok, ýekeje-de. Pilsap sokaýmaly deşikden başga.
Onsoň näme, bulanyp urlan ýaly bolan jemagat ahyry ýüzlenmezmi
öwülýäniň müjewürine.
— Baradyrlar, bu bolýan zatdyr ozalybetinde-de. Şoň üçinem, bu bendäň
ilen-çalanlary eşek tezek çöpläp gelsin, etegini dolduryp.
Çalawuntly oglanlaram, onynça, haýdaşlap, göri agtarsyn — diýen şyh
sähel-salymda ölüni öňküsi ýaly, ýygnaşykly ýagdaýa ýetirýär. Oňa çenli
köpçülgem jaýy taýynlan, ele-ele berip, tem-täs edişine.
— Indem, şol ýeşek tezekleri elin owradyp äberiň maňa. Şeýdip, olary ilki
üçki öýüň düýbüne ýazyp çykaýyn. Gördüňizmi? Öz-özi bolup barýandyr. Hany,
indem, köplägetdin, ony ornaşdyralyň, ýüzüni demir gazyga bakdyryp. Soňam
köpeniniň ýekeje-de görünýän ýerini goýman, üstüne owradylan eşek tezegi sepip
çykarys welin, bu görgüli gymyldamazam.
Eger muň eden etmişi eşek tezek örteden çökder gelip, ýene şeýle kowma
tagmaly ýagdaý gaýtalandymy? Onda hernäçe gynansagam, bu işigaýdanyň
garnyndan gazyk kakyp, ýamaşgandan gömmeli borus — diýen şyh uly ili bile
estapurulla çekişine, süllelebaý derlişine, hälki bagtygarany ýerledipdir-dä, öňküsi
ýaly.
Hawa, mährem doganlar, il taryhylygy gorly gazna. Özem ol başyňy ýaýkap
diň salaýmaly uçursyz kän täsinlikleri gursagynda göterýär. Ýöne olary gepgürrüňinden gaçman, töwekgelçilige salagetdin, talapkär okyjylara ýetirmeli.
Şeýdibem, ýetmezini ýetirip, üstüni doluşymyza olary kemin-keminden il
hakydasynyň kanuny ýapyşalgasyna öwürmeli. Onuň, hakykatdanam, şeýle
boljagyna, özüm-ä, belaý-kelaý ynanýaryn. Çünki «Görülmedik illerden
eşidilmedik gep çyka-çyka» bu dünýämiziň eriş-argaçlygy barha baýlaşýar ahyryn.
WAH!!! NENEŇLER EDIP SAÝLAÝYN.
Magtymguly agamyň «Dostlar-a, dostum meniň, jandan şirin söýgülidir»
diýşi ýaly, köňli kesapatsyz hemdemlemden aýlanaýyn. Olaň biri meni bagjygyna
baglap, esengula eltse, beýlekisi, Bötendaga gyrmaşdyrdy. Biri sanyndan
aslyşdyryp Çarşaňňydan çykarsa, beýlekisi Awlamyşdyr Tüwere ýetirdi. Ärsary
babaň gyryna çykaryp, Gözli atyny görkezdi.
Ine, bu gün bolsa, dözmez dostum Amanmuhammet Nepes meni
Çaljaburkazdyr Mollakörüň deňinden geçirişine Ata obasyna aralaşdyrdy.
Şeýdibem, biz Sarahs sebtiniň iň suhnagöý gojasy Çoluk akga Guirban oglunyň
myhmany bolduk.
Çoluk akga aýtjagy agzyna gelip barýan adyl aksakgal. Biz ondan
halkymyzyň gowgaly geçmişiniň gamly parçasy bolan Ýomytgyrlanyň ganly
taryhyny ýazga geçirdik. Ol şonda (1932) «Ýolda-yzda gaçyp galaýmasyn» diýip,
düýäň üstündäki ýürekde daňyp goýlan ýedi ýaşly oglanjyk ekekni.
Indi bolsa, ol çekgelerine çal sepen «Bo-how, Ümür jan, indi biziň barmaly
şährimiziň yşyklary görnüp ugrady» diýýän, süňňi göw ýaly galdaw goja. «Ynsan
balasy diňe işläp iýmelidir, onuň başga dogasy bolmaz» diýen ýörelgä bagryny
badaşdyran halal hon kişi. Garynja gydyrdanmasy bile el degirmeni ýaly
hojalygyny dokuzy düzüwlige ýetirip, etdir gögi, miwedir agy bile özüni bel-telki
üpjünläbilýän bir jandurmaz jepakeş. Onda-da, göreldesini götermeli jepakeş.
Galyberse-de, Çoluk akgaň süňňüňe siňip barýan saryýag kysmy
gürrüňlerini diýsene! Olary diňlände, «Eger Çoluk akgaň ähli bilýänlerini ýazyp
alagetdin, hakyky hyrydarlaryna ýetiräýjek, gör, biz nähili ruhy hezillenmelere
ýeterdik» diýşiňe, başyňy ýaýkaň-da, ahmyr bile. O bolsa, göwni bir ýaly şo
gürrüň berip ýatyr.
— O wagtlar man oglantagrakdym. Ine bir günem oba aksakgalymyz, kakaly
Işangula tirkelip, hal üstünde goňşymyzy soramamga bardyk. Görsek, bende halys
egbarlan ekeni. Gözüni höwlendirip, asyl, tarasy ýok. Iki sanjak agtygy bile, oda
salsaň tütemez, çüýr-çüprek gelnem gapdalynda. Giremizde başy ýassykda-dy
bendäň. Biz bilenem agzyny gymyldadyp, çala salamlaşdy.
Ýöne birden-bire ýrpy göwresini galdyrdy-da «Waý, waý! Aýtsaňyzlaň,
adamlar! Indi men neneňler edip, saýlaýyn olary?» diýip, elhençden edrenji sesi
bile gygyrdy aldygygna.
Menem, näme, gögele oglan. Gözümi tegeleýşime, howsala bile ýanymdaky
ýaşulyň ýüzüne seretdim. Onynça-da, hälki öňküdenem eýmenjine tutdy.
— Wah, jan doganlar! Aýtsaňyzlaň?! Neneňler edip, saýlaýyn iondi men
olary?!
Ana. Şondan soň biz turarman bolduk. Hassa soramaga barlyşynyň ýygy bar,
tiz tur — diýen edähedine eýerip. Ýolda men gojaň näme üçin uzyn-uzyn
gygyrýandygynyň sebäbini soradym.
— Wah, Çoluk jan, sen bigapyl bolýaň-da! Bu ýalançyň ýolarynyň giňligi
Tallybutgadan daşam bolsa, oň iki derwezesi bardyr. Oň bir derwezesinden girip,
ýüküňi taýlap-taýlamankaň, eýýäm haçan, çykmaly bolýaň beýleki derwezesinden.
Emma çig süýt sokjan beşer balasy şol bir tutuş aralykda-da, goýanok-da, galdyrbasdyrly gözboýagçylygyny.
Ýaňky ýaşulam, daşyndan göräýmäge, ýagşyň galagy ýaly görünse-de,
soňky dört-bäş ýylyň içinde uly, asyl, ummata sygmaz ýaramazlyk etdi...
Gelni görgüli «Näden nä bolýarka?» diýip, iki göleli sygyr saklady. Ýer
gaty-da, gök yraklyga garamazdan, olaň süýdüni satybam, günemasyny aýlady. Ol
gara daňdandan turar. Soňam maljagazlarynyň öňüne tapdygyndan ot döker-de,
«Höwlüm-höwlümini» ýetirip, olara sagar, yzyndanam şatyr-şallak äkider
sygyrlaryny goşmaga. Edil şo halatam, bir ýerden ýaňky gaýyn atasy tapylar göz
agyrysy ýaly bolup. Elindäki aralyk bedrede-de, esli suwdur. Ony gelniniň satmaga
äkitjek süýdüniň üstüne eňterer-de, symyltarabar, ýeriň pesti bilen murdaryny
aşyryp.
Indem, özüň görddüň. Ezraýylyň ganatynyň şuwwuldysy gulagyna gelensoň,
nägeňsi haýkylyk turzup, ot-elek bolşuny, gör, bak ony o dünýäde näderler. Gygyr.
Dat ät. Asyl, soňky tüýküligiň sakgal ezmez. Şoň üçiribem, Çoluk jan, galdyrbasdyrlygyň lüýgüne bulanman dek gezmeli. Hawa, hawa, diňe dek gezmeli.
AÝATLY DÜWÜNÇEK ÝOLLANANAN SOŇ...
Öňem bir mysapyr bende arkasy goş-golaňly Haja barýar ekeni pyýadalap.
Şo gidip oturyşyna, ýoluny ýalňaran soň, düşlemeli bolýa-da, Basranyň
gonamçylygynda. Ol çaň siňen hokgasyny aýagyndan çykarýar. Soňam öwülýä
tarap ýedi ädim ätloeýşine.
Essalamäleýkum, eý, ähli gubur!
Essalamäleýkum, eý, säbehi nur!
Essalamäleýkum, eý, sabehu nam!
Eý, kerweni eýýam, kätibi kelam!
— diýip dillenýär. Yzyndanam, gury gurakdan garbak-gurbak edinip seretse,
bo-how, ähli gubur halky şam-şarylyk, bir gyradaky giňişlige gugragaşyp. Ýöne
biri welin, dünýä biolel däl. Çetde egnini gysyp, gysyma alaýmaly bolşuna,
muňşarylyp.
— O-how! Jan dogan! Saňa nä döwä çaldy? Gürrüňe goşulman otyrsyň-la,
beýdip, egniňden basylan ýaly.
— Hakykatdanam, halypa, meň bu zatlara şärikligim ýok ýekeje-de. Görüp
durşuň ýaly, biz bir öli. Bularam, olaň ruhlaryny yzyndan aýat-töwirdir degsinsadaka gelýänleň-lä, seret, murtuny palta kesmez. Gurul-çurullaryny çawlandyryp,
demleri ýer ýatýar.
— Nä, jan dogan, seň yzyňdan ys-koh edip ýollanoklarmy aýatdyr beýleki?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 18
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.