Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 11

Total number of words is 3657
Total number of unique words is 2463
21.6 of words are in the 2000 most common words
32.3 of words are in the 5000 most common words
37.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kimdigini kesgitläýändir-ä. Iş edende eli eline gelşip barýan şetdat ýaly edenli
zagy nanyň süýtli aşyn-a, iýip doýup bilmersiň. Ýardyksyz, halama öý bikesiniň
şzürbünji bolsa, öňünden duz atyp, süýdüni keseni üçin tülpe bolup ýatandyr
birhili
Käte öýe myhman gelen günim «Rejepgül hany, haýdan-haý süýtli (şir)
bürünç bişir diýer welin, o tagamyň pygamberimiziň aşydygyny, özüne-de, bäş
barmagyňam batyryp, omrakaýlanyp iýmelidigin, hödür etmeselerem ony
bişirenleň öýüniň galşynaoýkanyp gaýtmalydygyny aňymda aýlaryn. Soňam
ýandagy ýerden sürpäp, içine ol-bi çagyrman, bir bişirin welin, ysy janyňy alyp
gelýändir. Onsoň ony öňüne çekenler şapbyuldysy bilen agzyňy suwardyp,
çanagyna çenli ýalap, okara ýuwmadan dagam dyndardylar.
Hawa, şeýdip, ömür sürdüm jan dogan, Ümür Adamyma-da iki gyz
dogrup berdim. Kiçim ýetişdi, ese-boýa galyp. Ýöne ol «Meň atamdan ogul
ujagy galmady. Şoň üçinem, kim üstüme gelip, eýelik etse, kyn şonuň natuwany
Atamyň ýurduny ýitiresim, kör enemi süssenekledip birewiň gapysyndan
giresim gelenok» diýensoň, özümize tabyn bir kiçigiýewem tapyldy. Biz eneli
gyz şoň bile iltimas edip oturşyşymyzda, şükür allam dililla, oram-oramlyga-da
ýetişdik,jan dogan — diýen rejepgül siňlim sözüni soňlady.
Şonda men gölülerden agam Ata Salykyň Emindenem, dilindenem dür
dökülýän wekilbazarly uýasy. Enne Annageldä meňzetdim. Onuň özüme gürrüň
beren zatlarynyň iň bolmanda bar ülüşini ini gyzgyny bilen okyjylara
ýetirmegiň aladasyna-da berildim.
DÖWLET BAŞY OWLAK
Gojalaryň gep salgyna görä, şygap (ýagny, Şuaýýyb) pygamberiň
gyzynyň-Musa kelamyllanyň zagynasy zinaranyň çopanlary «Galyberse-de,
gönel goçlary goýunlary. Heý, oňa-da, sähet sorarlarmy?» diýen ejazaly
patasyndan soň, guzulara derek owlak dogubam, geçi döränmiş:
Ine, şeýdip, ýagty ýalança inen gyltüýli geçi ekinçiden kejemalahlygyna
garamazdan, ugursyz nepagaly. Ösüp-örňegiçligi babatrynda-da, ol edil
çyrmaşyk mysala. Meger, şol zerarlam «Geçimiň baýanany goňşusy
bilmändir», «Çemme bay bulak, döwlet başy owlak» ýaly ajap aýtgylar
dörändir.
Onuň «Geç eti, goç eti» diýdiren göşi kömelek kysmy ýakawuntsuzrak
gelse-de, gözigyzyl bagçebşiň şahsuwdur derili gömmejiniň datlydygyny dagy
diýsene!
Ýöne sakgalyny selkildedip, süriň başyny çekip oturyşyna, bar otuň
gülüni çürtýän geçiň süýdem müň bir derdiň dermany. Ondan içip süýr depäňi
derletdiňmi? Onsoň üsgülewükli lebsedir süňk inçesi dar-a, seň garagörnüm
yzyňdan aýlanyp geçme bilenmdir. Şeýle-de, geçiň sakgalyna ýelmeşen ýaz
otunyň şire-şepbigiinň yzaly içkesellerine bire-bir emdiginem bilip goýan
ýagşuy.
Gep gerdişine gelende, Çarşaňňyly çyn tebip Hajymyrat babadan diňlän
bir gürrüňimem ýatlamakçy. Ol tä otuz ýedi ýaşynça, sary samana dönüşine,
derdejellikden dynmandyr. Ýöne «Eşegi girse, tebibi üstüne ger» diýleni. Oňa
elidir dili sebäpli bir halatly kişi dahyl gelmezmi. Ýaşuly onuň:
— Seň öz ithiligiňden kelekütä saklanmak isleseň, goýun bak. Mallaň
içine geçidir eşegi eminierkin goýber-de. Olaryň ikisem tebip ýasawjandyr-a,
ozalybetinde. Özlerem tagy-tarhan gezse örän sypyk, çak edişiňdenem
çümhörek.
Ana, şolaň başyny çürtüp giden dernmanlyk otlaryndan iý, senem, bir
ýyl-alty aýlap, nan tohumyny datma-da. Nädersiň, onsoň ähli wawy-säkinmegiň
synba-sykyrylagetdin, edil tykalanan ýaly bolaýsaň — diýen pendine ten
beribem tut ýaly saralýar. Tebip bolubam ýetişýär.
Hawa, geçiň nygtaýmaly taraplary bir ýa iki däl. Onuň gyra ýüň bile
gyrylan çöpürinden guýa girer ýaly ähtibatly urgan. Gowşuntbent ýaly desgalaň
düýebaşy ýylgyn logalalaryny sandyzlap sarara tanap, öredir öýgamyşlary çykar
ýaly gündür çaga durumly ýüp-bükdürilgi eriş edilipdir.
Emma geçi goragly zatlara örji şeýtany mal. Ýüzüňe jiňkerilip, kimdigiňi
kesgitläbildigi bolany. Onsoň gözüňe güýdüşip, eýýäm haçan çagandan çykyp
barýandyr. Belki, şoň üçinem könelemmiz «Bir owlak bir şäheri ýykypdyr»,
«Enesiniň çykan ýerine, owlagam çykar», «Ýedi ýyl geçi bakanyň akyly
nogsanly diýen ýaly pähimleri ganatlandyryp gidendir.
Biziň bir obadaşymyz bardy. Oňa Aba gedaý akga diýerdiler. (Ir zaman
bendilik belasyna uçran bir dözmezlerini gapy-gapy geçip zat ýygnap,
ýesirlikden boşadanlary üçin olara «Gedaý» lakamy galypdyr). Aba aga ekin
aralarynda öz çerenejigini bakardy
Ýöne oň ýyla iki ýola ekiz owlak berýän şahlak-şahlak geçileri welin,
çimiz üsti bilen hatar guşuň barsa-da, «Ekine beýlekä boýnumy uzadaýyn»
diýmez ýekeje-de.
Bir günem men Aba akgaň geçioleriniň şeýleki tälim-terbiýeçililiginiň
sebäbini agam Tirkiş Meretdurdy ussa oglundan soradym.
— Oha-ho-how! Aba akga zor adamdyr. Özem «Geçi hakd-a, gürrüňem
ýok. Goýnam aýda bir urmasaň semremez» diýen ýörelgä eýerýän şeýle
maljanly adamdyr. Ol buýtar-suýtaryny köpeldişine käýindirip ugran geçilerini
günortan güýlüşdirip taşlar. Olaram, näme, kemsiz çişer. Onsoň Ata akga eline
ujy pytanakly bir çomursagy alar-da, sydyrdyp goýbär, hälkiň bykynyndan,
geýä-de, özüň belet. Uly ili bilen «Lä-ä-ä!!!» eder welin, Aba akga «Geç-ç!!!»
diýip gygyr.
Ana, onsoň öýlän görseň, hälki geçiler edil «Dört» diýlen ýalydyr. Asyl,
taragar çakjybaşlygyny edäýmez. Ýaşuly «Geç-ç!!!» sesi gulagyna
kaklyşydygam kellesini goýunlaň işagyna sokup, gizlenme bilendir.
Hawa, geçi mydama gerimli çarörä etmäň telwasynda. Ýşne onuň çynmaçyna gelende çytyrymly çygyr öride goýundan gowy başyny çaraýandygynam
bellemeli.
Galyberse-de, geçili bnolmany ýüregine düwenleriň «geçi goturasy
tükener, goýun guturasa köneler» diýen babalar pähimini hakydasyna galyplap,
ony gaty gyzgyn bolmadyk seleňräk ýerde saklamalydygynam bilmegi gerek
Umuman, gojalara golaý durup, geçi dogrusynda gürrüň gozgadyňmy?
Şonda ýaşulylaň biri üstüne geçi süýdi salnan erigiň teninde tenekar, göwräňe,
gurbatdygyny nikartlap, agzyňy suwardar. Ýomarlanan garamakdan (ýörite ýaş
goýulýan jaýdan) çykan Röwşenjige, ýagny, Görnükli süýdüni emdirendigini
belläp. Başga biri bolsa, atam möwritlide bir ezber tebibiň dünýäsindäki iň
derman oty geçiň üsti bilen ýüze çykarandygynyň beýanyny berer.
Has huşy metda başga bir danyşmant bolsa, geçiň haýyndan sagrybökejem ädigiň tikilip, ýaplykdyr sapar, meşikdir tullama taýarlanandygyny,
tekrarlap. Geçiň boýnuzyndan pyçak saplygyň, toýnagyndan elimiň
ýasalýandygynam ýatlar. Beýlekisem!
Goýun ýüňünden üşär,
Geçi sakgalyndan üşär,
It burnundan üşär,
Sygyr şahyndan üşär,
Eşek ýalyndan üşär,
Ýaby gerşinden üşär,
Düýe syrtyndan üşär,
Çaga elinden şär,
Ýigit ýeleginden üşär,
Garry ýiliginden üşär,
Aýal yzyndan üşär,
Erkek dyzyndan üşär —
Düýeli baý-dünýeli baý,
Goýunly baý-goýy baý.
Sygyrly baý-sygyr baý
Geçili baý-kiçi baý —
— diýşine, öme-duma arkalaryny çakyşdyryp, bile, çöp yklaşan
goýundyr geçiň arasynda bolan söhbetdeşlikden söz açyp ugrar.
Ine, bir günem geçiň goýna deginesi gelmezmi.
— Goýunguly, o gün jarandan bökemizde, seň syrtyň açylaýdymy
agaryp?
— Ýa, geçi ýegen, seň syrtyň mydama özüni serençläp ýörse-de, biziň-ä,
göwnümiz bir ýaly. Aýyp-syn kylmadan elli bizar welin, sen-ä, tüweleme, öz
abraýyňy bilmeseňem, il aýbyny tagmalamaň-a, ezberi ekeniň — diýip, goýun
görgüli ýuwup-ýaýyp, süňk sypaýçylygyny etse-de, gotury gijäp ugran geçi per
bererli däl, asyl.
— Aý, goýunguly, her neneň agyrbaşsyran bolsaňam, mençe daş ýoksuň,
sen. Ony aýny hata bilýän.
Göňrşüň ýaly, men, çopanyň sürübaşysy. Men bol otuň gönerinden
saparlam soň, sen meň agzymdan galan arta-taşam bile oňňut etmeli bolýaň-a,
goýunguly dogan.
— Haý, geçi ýegen, özüň her kesem bolsaň, oň ýaly pazylabermegin.
Ýüňümden ýorgan bolýar,
Süýdümden säargan bolýar.
Gyzlaň gyzyl-ala sepi,
Olaram menden bolýar,
Geçi syrty toba tutmaz.
Oh-he! Öh-he! Jyrt eder —
— diýse-de, geçi gerk-gerk edişine, mugyra geläýse nädersiň.
— Haý,haý, goýunguyly! Akgaňlar bile doga bagyňy deňlemek o dünýebi dünýe başardasy ýog-a, saňa. Ony bekje belläýgin — diýen geçiň ýazdyr
güýz ýelegini ýel çyrkyp, her neneň hekgildese-de, ahyry gygyryp gyşam
gelemeli-dä.
Şonda ol digdirekläp durşuna:
— Haý, goýun gardaş! Öz pahyryňa pena bolaýmasaň-a, bu çapgyn
şemal çalyp gelýändir dama gylyp — diýşine, sakgal saýy goýberip, goýna
gysmyljyrapdyr.
DÖRT DIRHEMDEN KESILEN SOŇ...
Öňem bir pahyrym kişi eşekli obasyna gelýärke, ençeme adamyň uly bir
agaja «Hudaýymyz!» diýip, sežde edip duranyny görýär. «Be, bu bendeleň
biribara sygynman beýdip, ýykan-sürän boluip ýörişlerini» diýibem, öýünden
paltasyny alyp ugraýar. Hälki daragty çapyp, jemagaty ýerliksiz bagry
girýanlykdan dyndyrmak üçin.
Ine, şeýdip, ýola düşüşine esli aralygy geçiberýärem welin, gözi
ýassyksyzam bolsa, peşeneliden nurana aksakgalyň sypatynsdaky şeýtana
duşmazmy.
— Ýeri, ýaşuly, ugur hatyr bol-a?
— Ugr-a, tüýdeş, şeýle-şeýle zat üçin pylan ýerdäki daragty çapyp
gaýtjak düýbi-teýkary bilen.
— Ýok, ony beýtme, ýaşuly!
— Ýok, men o görgüsi ýeserleň huidaýa agrarly ýoluny düýn-öňňin
tekini tutulan kesewi kysmy agajyň bendiwanlap durmagyna ýol beri bilmen-ä.
— Ýok, ýaşuly! Sen şonda-da gaýt yzyüňa! Şol daragty çapmanyň üçin
her gün seň ýbassygyň astyndan dört dirhem çykar ýaly edeýin men!
— Oň ýaly bolsa, näme... — diýen kişi dolanmazmy yzyna. Ep-esli
ýassygyň teýiknden dört dir hem alşyna, nebsem otugyp ugramazmy keminkeminden
ine, bir günem ukydan oýanan badyna, gözüni açalak-ýumalak edip, kirkimirden ýaňa ýaldyrap giden ýassygyny galdyrsa, dirkemen ýok, beýlekem.
Onsoň gözi hüwlenip, gahary ganyny gaýnaglyga ýetiren ýaşuly ýene
paltasyny goltugyna gysýar. Ýola-da düşýär. Edil şo mahalam öňki tanyş
şeýtany dahyl gelmezmi pete-pet.
— Ýeri, Ýaşuly, ýene şo posly paltaňy çommaldyp ugransoň welin, hernä, eýgilik bol-a?
— Aý, hol günki agajy çapyp dynmasam boljakdäl öýdýän.
— Senjagaz, ýaşuly ol agajyň ýele ýanyndanam baryp bilmersiň indi.
Çünki sen ol daragty ozal bir Hudaýa tagzym kylmaga husurlanma salýany üçin
çapmakçydyň. Häzir bolsa, ony gündelik alýan dört dirkemiňden kesileniň
zerarly nis-namut etmäge barýaň. Şol sebäplem, gönümel gaýdyber yzyňa.
Ýogsa saç-sakgalyňy tüýtmeläp, bulamak içmeli edip goýbärler seni.
ÝEKIMDE ÝIGRENÝÄN ÖHEDIME ÖWRÜLÝÄ-DE...
— Şeýtan şepe, seň iň gowy görýän ýerge dostuň kimdir-ä?
— Meň iň ýakawuntly hemdemim, halypa jan, baýyň gysganjy
— Munça bolanyna gör-ä, gördügiň jynyň atlanýan iň myrryh duşmanyň
kimdiginem aýdaýsaň?
— Iň ýakasy gaýyşly ganymaa pasykdan sahy kişid-ä, meň.
— O nämeüçin beýle, şeýtan şepe?
— Sebäp diýseň, barjamly husyt meň çyzygymdan çykybilmez ölse-de.
Ganyma görüpliuk gatylyp, byjlyga ýaran bolany üçin.
Ýöne pasykdan sahy pemit welin... Ol herneneň şumraýlygyň gyrasynda
görünse-de, il-ulusa edýän nepagaly-sahawaty ony meň garşyma goýup,
ýerimde ýigrenýän öhedime öwürýä-de.
ÝATAGYŇA ÇAPSAŇ...
— Enesi, aý, enesi! Men-ä, turmakgytünegiňi taşlap.
— O nä geňsi gep, gelin jan?
— Aý, oň sebäbinmi sorap, düýbüni çyzgajak bolmaň-da, enesi, meň
talagymy beriň, şu pilläň özünde.
— Jan gelin, gaýa-gopuz ýok ýerinden tözli tükez zybana tutmaň-da,
aýdyp oturyň, oň näme üçinligini.
Aslyýetinde, sen bir maňyzly-meňzeşikli maşgala. Şeýle täbehetsiz sözi
ap-aňsat aýdyp goýberibem, agyz-burnuň gyşarmaýşyna gaty haýrandyryn
men-ä.
— Ýok, enesi, bu ýerde elden alyp, etege salar ýaly geň gep göremok,
men-ä, ýekeje-de.
— Onda, diý-de, düşündir-dä, nämüçin tasanjyraýanyňy? Ozalybetinde,
sebäpsiz çöp başy gymyldanog-a.
— Aýtsam, siziň tohumyňyz teýsiz ekeni, enesi.
— Haý, haý, gelin baý! Seň agzyň aýdýanyny gulagyň bir eşidýämi?
— Eşidip beterem edýä, enesi! Men, seň neberäň edil et-eşek kysmy arwarsyz, öz ýatagyna çykyp ýören bir suw diýdik ekeni» diýýän enesi?
— Haý-ha! Oň ýaly ýok myjabaty ýapyp, näme görüp-eşeiotdiň bu
oýtandan.
— Bu aýdýanlam myjalat däl, enesi! Ozalam-a, iň kiçiň nämesi kesileniň
ýalandan ýyljyraklap, bimahal-nämehal ýantazy ýaly gypdaklap, gapdalymdan
galanokdy, welin, ulyň argyja gideli bäri kysym pyglyny pozdy.
Indi bir hepdäň içi. Onda şunda ygyp-ygyp halys jyllygy çişensoň öýe
köwlenýä okaýasynlar onyň. Gelşine-de, meň başujymaçökýä-de, wah, gelneje
jan! Men seni nähili gowy görýänimi bir bilsediň, diýip, aňyma-maňyma
garaman, goşarymdan tutuşuna, garaheläk ýorganyma girjek bolup.
— Haý, haram-harsy, salaty diýsänim! Seň päliň azypdyr! Sen
aýrygsapsyň! Seň gözüňi ýeňsäňden çekmeli.
Gör-ä, muň tapýan zadyny!
Heý, meň gül eli çirksiz çagamam öz agajyna tokunarmy şeýdip.
Sen agzyňa geleniňi atalap, ýok patarrakyny ataryşyňa biziň abraýly
janymyzy poh-pyrryhly çüýge bulajak bolma beýdip. Onsoňam, men-ä,
saldamly-sarmakly salkyp ýördüm welin, sen-ä, asyl, aýryhaňam-aýryhasy
ekeniň. Gapdalyňdakyň bäş günlük bir ýaňa gidende gandyzyň gijäp ýok gürrüň
tapyşyňa, eýýäm haçan, näjürediňi ile peçan edäýdiň.
— Ýok, enesi, beýdip öte düşmäň. Biribaram, bendesem menden melal
tapmaz çigidiň deti ýaly. Eger kiçi haýranyň elimden ýapyşyp, sandyraklap
ugranda, oň goltugyna gysylagetdin, buduma buýrup bilmedik boolsam, ana,
şonda, baý, bilerdiň-ä, meň kimdigimi.
Ondan buýanam, enesi, şu gije meň ýerimde ýatyp gör, sepini bildirmän.
Ana, onsoň dessine akylyň çatyp ugrar kimiň gende, kimiň aýryha, kimiňem
gyzýan şerhorluygyna.
Ine, şeýdibem, ot agyzly, orak dişli gaýyn ene öz çakjabaş dogmasynyň
ýelemýüwletligi zerarly görüzlmedik görgä galşyna, girmezmi gelniniň
ýorganyna.
«Be, birden biemsiz-yrsyz şumroý gelnimiň aýdýanyny jaýba-jaý
geläýse! O-ho-how! Onda meň günümiň gök esgä düwlüp, işimiň gaýtdygy.
Ýeri «Ballym-bellim!» diiýp, burnuny sykyp örňeden öhediň özüňkä erşip
ugrasa, ölermiň-ýitermiň.
Onsoň nesil ulgamyňa keleçaý kümsüklik aralaaşarda, olaň süňkdür
süýegine gyzyl tüýlüligiň ujy inçemik akja gurçugy ömür ölmez tohumyny
taşlar. Şeýdip, ýed-ä däl, eýsem, ýetmiş arkaňa-da azarsyzja ýetilgidir
küpbükmäň kämilligine. Ýerden ýöränem «Bu loly hanawlygyň baram şo
ýuwnuksyz akabanyň dohran dölüniň biwazy buljumlygyndan başlandy-da»
diýip, meni günertläp, tagna edişine» diýibem, tä il ýatyp, it uklynça, gözüne
çili kakylan ýaly bolup syhlamazmy özüni.
Ahyry näme, eýdip ýatyşyna, kirpigi çatylan ýaly
bolup,
ymyzganmazmy çalaja. Edil şo halatam «Gül gelnejem, bal gelnejem,
gelendirin, bol gelnejem» diýen sese başyny galdyrsa, bir gara goşaryndan
gysymlaýşyna, abanyp dur üstüne. Şonda:
— Haý, eşşek atasy! Indi şoruň depäňe çykyp, gelnejeňdir eneňi eleýtas
bolup ýerinden tutuşuna, oglunyň ýüz-gözüni ý0olmnalap ugramazmy.
ÝATYP ORSAŇAM-A BOR WELIN...
— Däde, däde! Aý, däde! Tüweleme, sen-ä, bir hili süňňüň gowly ýaly
ýadamany — ýorulamanm bileňok. Asyl, olary ýeke ýanyňdanam geçirmän.
Ýöne haýdaşlap barýaň. Yzyňdaky desseleňňi goýup ýatan ýal;y edişiňe.
— Wah, şeýdip, tokgalygyňa topulyp, depäňi derletmeseň, haky, ýatan
öküze iým bamy bu dünýäde.
Onsoňam, bilip goýgun, guzym! Eliňidegrip, syrtyňy sowa saklasaň, baýa
başyny çatyp, bitiren goşun bolmaz. Galyberse-de, gepe tüýserlenip, gün
görmegi ýüregine düweniň, dil bile orak orşuna, agzynda aş gatyklanyň ýüzüne
köz degsin.
— Bu aýdýanlaňňa daş ýäny bilenem düşünýän weli, däde, meň birhili
bilim uçup gelýä-de, agyrysyna çydatman.
Eger käýýäp jabjynmagyň, menä, däde, oturyp oraýjak özüme bölüp
beren bu oýtagyňy.
— Ýatyp or, oturyp or. Orsaň bor ony.
Ýöne, oglum, iliň ýagşysyna meňzemän, gözegçiliklige ýetip, gözden
düşüň kem yrsgallyga dahyl gelip, aýallyk diläp okaraňy tutmaly
boljakdygyňam hakydaňa galyplaýgyn.
BIRIBARYŇ
DERGÄHINDE
Bir gün täňry tagalla ösňedip goýberen haýwanlarynyň halyndan habar
almagy ýüregine düwşüne, ilki bilen doklugyň nyşanyny hasaplanýan doňza
ýüzlenipdir.
— Sizi doňuz edip döretdik weli, bizden nägile bolşuňyza, içiňizi
hümledip ýören dag-a, dälsiňiz-dä, hernä?
— Ýok, ýaradanym! Eşek etmän, «Doňuz» diýip, şu kaddyma
getirenligiň üçin ugursyz yrzadyryn. Çünki köşti çekebe nepagaly jandar-a, men
— diýensoň, hudaý huzuryna çagyrmazmy eşegi.
— Menem, birabarym, it etmän, eşek edip şu durmuşa ýetireniň üçin müň
mertebe minnetdardyryn size. Sebäp diýseň, men it ýaly ýaryp-üýrmän, eýämiň
goş-köteldir gaýry paty-putusyny göterýän. Oňa gaýym aýakulag bolýan. Etim
haramam bolsa, başardygymdan halal edýän — diýip, sözüni badyma, Allanyň
dergähine äkelmezlermi iti.
— Eý, perwerdigärim. Meni horkuldyly doňuz däl-de, şeýle görkli, şeýle
görmekli ýagdaýda dünýä indereniň üçin, öz ahwalatymdan nägadar
hoşaldyryn. Onsoňam men eýämiň daşynda pelesaň kakyşyma, görülmedik
wepalylyk bile, onuň garabaşydyr mal-garasynam garalýan — diýensoň biribar
bu jygba-jygly dünýäsine takdyra kaýyllygyň şeýle-jaýba-jaýlygyna düşürenligi
üçin hasam hoşnutlanmazmy.
BAZARLARYŇ PIRINE ÖWRÜLIP...
Bir gün Hoja Ahmet Ýasawy iň ynamdar sopusyny yzyna eýerdip. Uzak
menzile barýarka:
— Taňry myhmany alarmysyňyz, bizi? — diýip, ýeriň-ýurduň garyby bolan
garry är-aýalyň gapysyndan girýär.
Pakyr-pukara-da, özüňiz belet. Etde-ýütdelikden başga aýby ýok, ýekejede.
— Geliň! Geçiň! Gözümiz üstünde ornuňyz bar. Öz oňňudymyz bile
mydar kylsaňyz — diýip, gadyr akdyryp garşylanlar. Tapdygyndan hezzethormat edibem, ýeke geçisini söwüşlänler.
Şonda Hoja Ahmet Ýasawy:
— Biribaryň bendeleri, gün-güzeranyňyz-a gördük. Indi oguldyr gyzyňyz
barada-da eşidäýsek käbir zatlary! — diýip, hälki görgüli ýüzlenipdir.
Şonda haly perişanlyga öten o pahyrlar aglap ugrapdyrlar:
— Wah, biz oguldyr gyzyň dyrnagyna zar-da, bu ýagty ýalançyda.
Indem, näme, köpümiz ötüp, azymyz galdy. Segseni sermeläp, göre aýagymyzy
sallaýşymyza, nam-nyşansyz geçip barýas bu dünýäden.
— Beýdip, näumytlyga düşmäň, taňry bendeleri. Ine, hudaý «Al, gulum!»
eden-de, siziň bir ogluňyz bor, enşalla.
— Myhman, sen gaty deň kişi bora çemeliň. Ilkä, ýok ogul-gyzymyzy
ýatladyň, öňem ýaraly ýüregimizi çakdyň. Indem, «Şu ýaşdan soň ogluňyz bor»
diýip, näme biziň üstümizden güljek bolýaňyzmy?
— Ýok, ýok! Oň ýaly ýanaşyksyzlyga ýaran bolup, umytdan düşmäň,
birjigem. Ine, biribar rähmet nazaryny aýlar welin, güzni-sagady dolagetdin
ogluňyz bor, balaman ýaly.
Ýöne tä özümiz gözümizi görkezinçäk, oňa at dakaýmaň — diýen Hoja
Ahmet Ýasawy ýola düşüpdir.
Şeýdibem, aýlar aýlanyp, ýyllar dolanýar. Ine, bir günem ýaşulynyň
şägirdi böwrüne diň salyna:
— Hezretiu halypamyz! «Ylahym, ohluňyz bolady» diýip, ýagşy dileg
eden şol möminlediňizden-ä, zürýat önüp, ol ýedi ýaşaberen ýaly-la — diýipdir.
Ana, onsoň Hoja Ahmet Ýasawy şägirdini tirkäp şol duz iýen ojagyna
barypdyr. Olaryň eýýäm, ers-mers bolup ugran ogullaryna Bahawetdin adyny
dakybam, agzyna tüýkürişine, pirlik patasyny, beripdir.
Hoja Ahmet Ýasawy ýaly sahypkaranyň yssy nazary ornana
Bahawatdinem, näme, gojalaryň gep salgyna görä, uzagyndan bazarlaryň pirine
öwrülipdir.
GOŇŞYM GOWY BOLANSOŇ...
Öňem ýer urup, ýerde galan görgüli ýeseriň ýüz tümen bergisi bar ekenide, bir hannasa, oň ýalyb algydaryňam näme, men bermeli däl, salgyny. Bir gün
hemdella bolşuna, abanyp ugramazmy hälkiň üstüne.
— Aga, men-ä, suwda-duz oturandyryn, uçmaz guş bolup. Elimdeujumda zat bolmansoň.
— Oň bile işim ýok! Ýeriňi sat! Ýurduňy zat! Meň algymy ber. Algymy!
— diýensoň o pahyrylgamazmy bir barjamlyň ýanna. Ondanam möhümi
birmänsoň, nätsin-dä, bende. Ahyry ahmyr bile aşaky dodagyny diýlişine, müň
tümen nyrh kesip, satarman bolupdyr-da, öý-öwselesini.
— Haý, halypa, haýrangalkaýmaly adam-ow, senem. Şu ezenegi alyp
ýatan ebtimtünegiňi müň tümen bahlap sered-ä, oň yöwereginde-de, zat ýok
idili. Iki sany haçjamly agaçdyr bäş bogdak hyşadan başga.
— ÝA, menem görmän duramog-a, bu hütdügimiň hem eleşan, hem
ýykan-ýumrandygyny. Ýöne meň goňşym gowy, goňşym. Ana, şoň üçionem,
asmandan asýan-da, men bulammy — diýende gapdal goňşusy durup bilmän
gözüne ýaş aýlapdyr.
— Wah, goňşy jan! «Kyýamat güni goňşudan», «Goňşyň gowy bolsa, kel
gyzyň äre, gider» diýlenidir. Heý, garybam bolsa, gadyr biler seň ýaly
goňşynam gapdalyndan gidirip bomy! Bar bergiň ýüz tümen bolsa, oň üçin
öýüňem satma, beýlekiňem. Ony, ine, men üzýän giden-gitdiligine.
DÜÝN «ATYM-ÝARYGYM» DIÝENEM BOLSA....
Keýmir kör kaka, bir guljagaz tutduk. Ilk-ä, ykjam bir at goýuň, onamçeneşiňize. Soňam, näme, azap çekip beriň, azan atasy bola getdin.
— Heý, oňam gürrüňi bomy — diýen Keýmir baba barsa, ynha, balaman
ýaly bäbek, özüne-de, içigip-içigip, şeýle bir aglaýa welin, asyl, bu gorygyň däl.
— Bo-how, ini! Tüweleme! Bujagazyň häzir-ä «Atym-ýarygym, ulusym
geregim» diýip, nagra tartýa welin, galamasynam, näme, bir täkden
göräýmedikmi — diýen ýaşuly ertesi gelse, bo-ho-how! Eýýäm enesini emip,
töweregine gatyş-gara bolup ugran ohlanjygyň sesi syrly ýaly. Asyl, düýnki
azymly hikmetiň düşnügi dagam ýok-da.
— O-ý, how! Jan ini! Eýýäm haçan dogmaň terzi üýtgäberen ýaly-la.
Düýn ol «Atym-ýarygym, ulusym geregim» diýip, zowladýady, welin, bün-ä,
«Terezim – daşym, öz gara başym» diýmäge-de ýetişipdir — diýşine, turma
bilen bolmazmy sanyny silkip.
AÝA BIR GIJELIK.
— Keýmir diýýän-ä, her sapar dahyl gelemde goraýyn-soraýyn
diýsemem, birhili agzymdan şeýtan hakýan ýaly-da. Ýöne aýtsana? Seň ülkäň
eýlesi-beýlesi näçe wagtlyk ýoldur-a?
— Ýa, Nedirguly senem-ä?! Ömrüňi at oýnadyp Aldyrlygyňa geçirjegow! Meň mekanym aýa bir gijelik, güne-de bir günlük menzildir.
— Nähili, onsoň, birden äwüp-säwüp, gezmäge baraýsam, gadyrly
garşylap, söwüş-serpaýymy ýetiriň?
— Bar «Gelen döwlet, giden mähnet» diýipdirler. Özüňe azyk tapylmasada, atyň-a gazyk tapylar. Sebäp diýseň, bizde bugdaý gymmat, nan arzan, taý
gymmat-da, at arzan, dul gymmat-da, gyz arzan.
— Bo-ho-how! Keýmir beg! Sen ugursyz jogaby adam. Asyl, saňa
halatly diýseňem boljak. Ine, ýaňky gepleň bar-a. Ony her öňýeten maýdalap,
manysynam tirebilmez. Şoň üçinem, meň köşgüme bar. Hezil edinip, bir
peýrewä gol atdyraly.
Hawa, hawa, bar. Hezzet-hormatyňy ýetirip, atyň öňüne haly düşemegem
meň bile.
— Onyňa ynanýan. Ýöne «Atyň öňüne-de öz halylaňdan düşärin»
diýmäň weli, maňzyma batmady, Nedirguly. Ol türkmen ulusynyň kowahadyna
sygjak zat däl. Heý, öz mertebesini basgylandanam adam bomy diýsene!
KAMIL JANYŇ KAKY.
Arada Seýitlidir Parahat Söýün, Amanmuhammet Nepsedir, Hangeldi
Myrat kiçi, Jumaberdi, Jumadurdy ýaly hemmelerem bile Gulanla baryp,
Kakabaý Işanyň myhmany bolduk. Otaýda otyrkagam, gör-ä, «Gurt agzasaň,
gurt geler» diýenleri, hernäçe sorag-ideg etsegem ugraşybilmedik aýnamyz
Allamyrat Berdimyrat hürrüt goçak (Hürrüt-1040-njy ýylyň DendanakanDaşrabat söweşinde garaşylman durka bir ýerden çykyp, ildeşlerini ýeňşe ýaran
eden türkmen goçagy-serkerdesi) üstümize gidäýdi.
Şonda Maşady – Misserman, Sarahs, Abiwerd (Kaka) taryhy
goraghanalaryny açdyrmak üçin eden tekliplerimiz, şägirtler känimiň
esaslandyran ýigrimi gowrak müzeýi baradaky söhbeti yzlap, dabarasy dünýä
dolan Tretýakow galareýasy dogrusynda durup geçdim.
Iki dogan Tretýakowlaryň dürli kartinalary jemläp (1856) açan şahsy
milli sungat muzeýiniň ulala-ulala il emlägine döküşine 55 müň eseri (1975)
äpet bir galareýa öwrülendiginem nygtadym.
Indi Garaşsyzlygyny gazanyp ýoldaş S.Nyýazowyň nogtabatylygynda
gitdigiçe gadymyny gerimlendirýän dogduk Diýarymyzyň maňyzly-meňzeşikli
döwletment ogullarynyň-da, Tretýakowlara meňzemeli möwritiniň gelendigini
tekrarladym. Olaryň öz küren-kendi, ýol-derbendi üçin ýa-da Türkmen aga
aýtmyşlaýyn, öz şärikli öwülýäsi üçin nepagaly bitelikler bitirmelidigini
düşündirdim.
— Aslyýetinde, baýlykdyr mal-dünýä eýe kiri kysmy goşançly bir närse.
Sähel tebil tapyp, synyň silkildigi sypba-sypyrylmak bilen. Oňa derek ýalan
däl-de, berkemdeli abraý welin, altyn-kümüşden müň mertebe arzyly.
Şol mynasybetli, türkmeniň berkeli döwlete eýe, gerçekden kalby
kireňsiz ogullary öz hasabyna köprüleri gurnap, ýollary syrça etse,
obadaşlarynyň gazdyr suw üpjünçiligine husursyz hemaýatyny ýetirse,
mekdepdir müzeýleri husursyz hemaýatyny ýetirdse, mekdepdir müzeýleri
salsa, gör, nähili gowy bolardy — diýşime, dostum Berdimyrada Gulanly
şäherçesinde öz hususy Magtymguly muzeýini esaslandyrmagy teklip etdim.
— Bor, Ümür aga! Seň ile ýamanlykly zat aýtmaýandygyňy göre-göre
gelýäs biz. Şoň üçinem men açýan şeýle muzeýi öýümde. Ýöne bir haýyş.
Goldawyňy gaýgyrma. Sen aýran-jöwren köne müzeýçi. Ýygnaş bize gerekli
ekenopatlary. Şeýle-de, bir ynsany täretli adam tapyp ber, ol müzee beemçilik
eder ýaly.
— Wah, Allamyrat jan! Han howuz gulanlysynyň iň esasy köçesindäki
öz jaýyňda meşdagyň, eksponat ýygnamaň, oňa kähuda tapmaň-a, gürrüňi ýok
ýekeje-de. Asyl, sen meň Gulanlydaky müti şägirdim, edençi pedagog Atajan
Muihammetgurbany işiniň daşyndan belläý, öz müzeýiňe ýolbaşçy edip.
Ine, bizem, seýitli akga bile, Tejendir Duşaklyk, Kakadyr Änewlik
işlerimizi ýüzugra bitirip, Aşgabada bararys, saglyk bolsa. Ol ýerden burnumy
sykan halypalam Nazar Gulladyr Abdyrahman Mülkamynyň çapa taýarlan,
sahawatly aşnam Annageldi Öwezgeldiňem öz hasabyna Türkiýede çapdan
çykardan iner bahaly «Magtymgulysynyň» birini ilkinji eksponatyň hökmünde
saňa äkelip bermek biz bile — diýip, esli oturdym oýurganyp.
— Näme beýle, pikire batdyň-la, Ümür aga?
— Aý, Allamyrat jan, Kamiljanyň kaky ýadyma düşdi-de...
— Aýdyp otur, oň ýaly bolsa, bizem eşidel-ä, Kamiljanyň o kaky hakda.
— Aýtsam, jan seni, 1994-nji ýylyň iýul aýynyň başynda şägirdim Bäşim
Atda, Tirkişdir Aýnaja Şirberdiler bile Üçdepe — Taýp — Üňüz — Kerpiçli
— Balguýy6 — Gaz ojak — Tagta ýoly arkaly Daşhowza ýetdik, ol ýerde
Gaýyndyr Amanjan Jumagulynyň Baýram Ballydyr Mergen Ilmädiň, bagban
Myrat Doganyň gonaçy bolubam Polatsoltandyr, Örebaba, Ysmamyt atadyr.
Şamu Nebi (Pygamber) gonamçylyklaryna aýlandyk.
Soňra Bötendaga baryp, Ýegendurdy Öreş, Gurbandurdy Sorybaý,
Pejepmämmet tagyrban, Akmämmet Baýrammämmet, Amanbaý Haýtbaý,
Azat Magtym, Taňryberdi Gazak ýaly ýoldaşlar bile hem söhbet bomy umyza,
Ybraýym Edhama-de zyýarat etdik.
Şonda maňa «Ana, Ümür aga, ol-a, Bent obasy, o-da Göroglyň döwürdeşi
Harmandäliniň galasy, ona, o bolsa, Kamiljan Atanyýazyň kaky» diýişlerine,
ugursyz kän zadyň beýanyny berdiler.
Şol günüň ertesi daň agaryp-agarmanka ýerimden turşuma, Bötendagyň
ileri düýbündäki daragtly desgaň, ýagny, iki dogan halkyň — ýagny, özbekdir
türkmeniň hoşzyban zürýady ajap aýdymçy Kamiljanyň öz hasabyna gazdyran
kakynyň başyna bardym.
Onuň töweregine boýam-soýam edip, çöp-çalama ilişip galan torum
gapdallary çöpleşdirip ýörkämäm, günorta tarapdaky bent obasynyň
arwanalary, tüweleme, yzy üzülmez tirkelme bilen suwa inip ugrady.
Şonda men kakyň gündogaryndaky tümlüge çykyşyma, Hydyr gören
ýasydabanlaň edil Kökerilen kysmy bolup, uly horpuldy bile suw içişlerini
synladym. Gözümi süzsekledip oturyşyma, Mollanepesiň başyny başlan
ýörelgesini döredijilikli ösdürip taý tapylmaz Magtymgulymyzyň goşularyny
özbekçe röwüş-labyz-äheň bile ganaty goşalanmalara ýetiren Kamiljan äkäniň
at-abraýa beslenen ömür ýoluny ýatladym.
«Eger gurby gaňrylmazlar oňa meňzägetdin, şuň ýaly zerurlykda bir igit,
ýa dara-dire taýgaga geçit gurasa, ýa alyga alaýmaly gaýry bir öňjeýli biteligiň
tekinini tutsa, şeýdibem, il-ulusynyna sahawat saýasyny salsa, onda
kowumdaşlary onuň adyny asyrlardan aşyryp, hemişelik hemrasyna-da öwrerdi
— diýen pikire-de gapandym.
IT BIÇENIŇKI ÝALY
— Aý, halypa, şu soramda senden saýhally, senden sarmakly, senden
saldamly, senden görmekli, senden edermen, senden edenli kişä duşan däldiris
biz-ä.
Sen, halypa, hut, «Ogul gördük, seni gördük» diýdirýän gujur-gaýratly
bir merdi-merdana. Şoň üçinem, täs-mäs edägetdin, meň itimi agtalap bersene,
kyn görmän.
— Oň-a, ýekeje-de kynlygy ýok welin, näme etjek o janaweri gynap.
—Ol idisiz hepderew-hepderew möjekleň ýalasyna goşul-da, kellesiniň
gyzgynyna, meselkdeşlerini yzyna tirkäp, öz ýatagyna daňaýa-da. Ana, şo
zerarlam...
— Oň ýaly bolsa, men ho, ojar oduň başyndaky boz keçäň üstünde oturan
sala salyp göreýin-dä. Birden-bire olar tersine towlap, gaňryşyňma
gaýdaýmasyn.
— Ýa-heý, halypa! Sen nä könelemmiziň «Köpe geňeş, ýöne öz bildigiňi
et» diýen tekrarlamasyny şün eşitmelimi.
— Ondan-a, çalak-çulak habarym baram welin ýaşulylaň agyz ulyňyny
aňman bitirmäýin-lr, sen şu ýumşuňy — diýen kişi baryp, ýagdaýyny aýtsa, olar
kes-kelläm narşy beýle bor-boolgusyzlyga.
— Be, gojalar boruň üstünden barmalydylar welin, men gyrasynda
görünmäýin-le, şeýle şübheli pişäň.
— Ýa senem-ä, bu dünýäň keýiginden gork, gulanyndan gork. Näme
beýdip. Onsoňam men saňa iki teňňe sowalga-da berjeg-ä, duz ýaly edip.
— Aý, oň ýaly bolsa, ýüz çark çekäýmeli bor-da, jan dogan — diýen kişi.
«Gyzyl görse, hydyr azarlaryna ýüp urýar.
Güýlünen iti agtalap, elini ýuwmak üçin, ýaşulylaň ýandaky oduň
gyrasynda goýlan abtaba-kündüge elini uzadybam ugraýar.
— O-ho-how! Sennä sokjarylyp gelýäň-le, bu taýyk?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 12
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.