Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 10

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 2517
23.9 of words are in the 2000 most common words
34.6 of words are in the 5000 most common words
40.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şeýle-de, ajy däne erigiň maňzynyň süýji keseliň, ýagny, ýalmawuzyň merkini
berýändigini belläp gyzar ikindinler öýüne gelemizde, agzy-burny bile
dermanlyk otlardan doly dört tamyna-da aýlady. Agşam ýatjak bolamda-da, elli
alty otdan gaýnadan gara melheminden guzyň çöri ýalagyna düýe pyçagyň
uçuna mündürägetdin ýalatdy welin, kellämi ýassyga goýanymy bilýän.
Oýansam guşluk «Waý, bi gopagy-da, waý, bi gynagy. Buiýa gün dogara-da
gaýlaýjak öýdýän» diýşiň, jürküldeşip ugran ekeni. Haçanda gaýtjak bolamda,
Hajymyrat akga öz ýasan iki sany göz degmezlik dagdanynyň meň sumkama
saldy.
Birin-ä, aýalyň dakynsyn. Seň ýaly il mirasy üçin sersenil kişiň öýöwzaryny dargatman, daşyny dolap bilýäniu üçin. Birinem müzeýiň
bosagasyndan as. Özem bu kiçi bärki, agzyň ugruna aýdylýan häki bir gep
däldir. Gaty çynymdyr.
Ine, seret! Meň öz dagdanymam şu gumagymda. Öňräk bir ýygynçakda
ýylan ýasaw içigara aladajy nazaryny ýüzüme dikdi welin, öýe gelip seretsem,
gör-ä, onuň maga gözi degibilmän, ine, şu dagdanyň bir burçuny aburyp eken
şonda — diýdi welin, gadymy bir rowaýat gerbe ýadyma düşdi.
Ir eýýam peýwere gol atdyryp oturan dört-bäş kişiň biri seretse, anka, bir
hatar erkek. Iň öňünde-de bir ak iner bar welin, saňa ýalan, maňa çyn, edil
gözüň ýagyny işip gelýä-de.
— Aý, adamlar! Ho, nogtabaşy ak ineriň bagyr öýkenini iýesiňiz gelýän
bolsa, dillenäýiň. Oňa göz degrip, pyçaga getirmäg-ä, meň bile.
— Ýok, how! Ozalam seň çakgyň çüýi ýaly, şo eýeli gözüňden oba-gara
az azariýenok. Arada uklap ýatyrkaň, gaýdyp, ynsa-jynsa gözüň degmez\ ýaly,
aýak ujuňa geçip, jynazyny okaýjagam bir boldular. Onda-da ýene özüň bile
boman, goçbolsun edäýdiler. Ýöne ýatladyp goýdugym. Gaty dek gezgin.
Ýogsa birden özüňden ökdä suşup, aňňallak gapyp galaýmaly diýselerem,
öwrenilen gylyk, örkleseňem durmazlary-da. Ol!
— Haý, haý! Ojagaz ak ineriň bolup gelişjegini! — diýen badyma, o
janaweriň aýagy taýan ýaly edýä-de, töweregi ala tozana gaplanýar. Bir
hanokdan soň tot-tozan sowlup, seretseler, hälki ak iner gelýämiş-dä, başyny
belent tutup, owsarynyň ötagasyny ynjydyşyna.
Şeýderkä-şeýderkä, kerwen golaý gelip, oň eýesi sowulmazmy oturanlar
bile hyl-häzir soraşmaga.
— Haý, halypalar! Sag-aman salkynlap otyrmysyňyz? Ýaňy biriňiz ak
inerime jaň ajygly göz dikdigiňiz welin, her halam bolsa, eý görmüş, hatabynyň
dagdandan ýasalandygyny alyp çykaýdy. Ýogsa-a ony serimeden gaýdan ýaly
edýädiňiz gürpüldedip.
— Bä, oň howudynyň hataby dagdandanmydy, asyl?
— Hawa, halypa, dagdandandy şo! Ýöne seň alaja monjuk ýaly bu algyr
gözleňňem-ä, beý-bä, hiç zatdan peslär ýaly däl eken-ow — diýen düýekeş bir
elini kemeldýän welin, hälkiň iki gözem patylaň gaçyp orurybermezmi edegine.
Hawa, biziň mungysyz milli mirasly eždatlammyz dagdany göz
dögmezlige garşy durubilýän haram agaç hasaplap, «Dagdanly taýmaz, taýsa-da
duýmaz» diýen parasatly pähimem döredip gidipdir.
HAJYLYK HARAJADYŇY...
— Şünler, Jan dogan, agzym bimazamy, nämemi, birhili ýüregim
ezmiljiräp, başym aýlanjak bolup dsur-da.
—Oň ýaly bolsa, gaýyn eneňden eltileňňe, halys uwnup çydamasaň öý
adamyňa aýdaýmaly ekeniň ýaty-ýagdaýyňy.
—Wah, jan dogan, olaň elinde-ujunda diş synçgarlyk zat bolmansoň,
ýöne odunyp oturandyrys biz-ä.
—Oň ýaly bolsa, aýdyp otur, jan jora, göwnüň näme isleýänini?
— Aýtsam, jan dogan «Hojagaz akja guzyň bagyr-öýkenini iýseňdiň»
diýip, atygsap dur-da ýüregim.
—Oň ýaly bolsa, häzirjik gowrup öňünde goýaýmadykmy, ony — diýen
ekabyr gelin ojagaz ýüň tüýlinio ýüpüne çolaşdyryp, gaýyn atasyny
çagyrmazmy, ýaşmak astyndan.
— Atasy, aý, atasy! Bujagaz tokly gölerip, pyçaga gelipdir welin, şony
bir halallaýmasaňyz-a — diýen gelin goluny çyzgap gowurtmaglaýşyna, ysy
janyňy alyp gelýän börtme bilen pahyrlamazmy, hälki pakyrymy.
Soň bir aýlawda hälki kalby kireňsiz maşgalaň tokwa gaýyn atasy
Mekge-Medinä Haja gitse, gör-ä. Gelniniň bilezikli goly Käbeýi Hananyň altyn
halkasynda diýýä. «Be, bu nehili bold-aý?!» diýip, iňkise galşyna, böwrüne diň
salan kişi öýüne gelenje badyna dilýarmazmy o hakda.
— Günämizi geçeweriň. Gelşiksizrägem bolsa, öňräk, şeýdäýdik-dä,
atasy.
— Ýok, onyň üçin Berekella! «Berýän, jan guzym, saňa. Wah, onsoňam
şeýdip, Hajylyk Harajadyny ulusyna sürtäp, Hajylygy üstüne getirýän seň ýaly
göwni gorlular kän bolsa-dy, bu dünýämizde.
HERSIN PATA BERIP...
— Wah, wah-eý! Gara gözümem, şirin sözlülem! Siz bir beýdiýmäň-ä.
Heý, goňşy obaň zir-zöwran edilip çapylar-da, janyňa torataparmaň diýsene!
Şuň ýaly dara-direlikde atasy Azadam, mydama, ýatymlyk gidildigidir bir
ýaňa. W-ah, umytly ballym, Magtymguly janam ýaly-da, enteji. Ýöne onda-da,
hany, özüm bir çykyp göreýin öňlerinden — diýen Orazgül ýeňňe göwnüni bire
baglaýar. Buljumly ýodajyga düşüşi-de, ugralmazmy il gallap. «Wah, şuň ýaly
gyssanyp, etek alty, ýeň edilige ýeteňde, şu artybam duranok-da, aýagyňda»
diýşine, köwşünem eline alýar.
Şeýdip, dabaranlaryny daşa dildirişine, uly ýola çakýar, eňip oturyşyna.
Onynçada, sered-ä, eren-tozan edilip sürülip gelinýän bosgunlaň öňi
görünmezmi.
— Haý, gara zalywatlar! Bu nätdigiňiz boldy, siziň! Heý, musurmanam
beýdip zulum edermi bir-birine?! Wah! Wah! Taňrydan tapanlar diýsänim!
Siziňem bardyr-a, oglan-uşakdyr ilen-çalanyňyz.
—Bu, nä päli azan garry! Hany gatdy-gutdyňy goý-da, sowul ýoldan! Nä,
öňümize eliňi germäp, çyzykdan çykýaň-la.
—Görsene, muny! Indi il-ulusy ulturadyn akjyk jüýje, oňa-töwella-tagsyr
kyýamatym päli azan bolýa-da?!
—Hany, sowul! Men seň päli ozanyňam bilmen niliazanyňam. Bolmasada, ine, düşürdim, dowzahly dürräň demine, hany çolaşma aýaga — diýşine,
gamçysyny galgadyp ugraýar.
— Heý, niýetikaza, päliňe giriftar bolmadyňda, jan taňrym — diýen
Orazgül ýeňňe oturyma gelen ýaly ileşik murtuna syrtlaşyp münäýmeli
bedroýdan garaýagyz atly tarap topulýar. Edil şo halatam şuwwuldysy şarpylda
ýazan depesinde oýnan Orazgül ýeňňäň göwresi elenip gidýär. Ol özüni tutuptutmanka-da, jylawy burlap aýyň deri daşap duran gerimli göwsi görgülini
honda taşlaýşyna, ýol ýakadaky gara daşy ýelmäp goýberýär. Şonda: — Heý
enesi ýalamadyk tohumy türkmenler-ä! Ile edýän şu sütemiňiz üçin, baryňyzy
sarsa tenteklige ýetirsin-dä, biribarym — diýen görgüli almany çagyryşyna,
didesini ýaşlaýar. Soňam eliniň aýa däl-de, arka tarapyny ýüzüne sylyşyna,
gandyr gözýaşdan, ahydyr haladan bähra tapyşyna, garagy jöwherlenýän zandy
kesilenlere tersin paty berýär.
Ýöne ozatlar alamançylygyň piňenemi diýsene! Gara ýol göteren ýaly
edip, elesledip barýalar, bir topar görgülileri, gamçylaryndan gan damdyryp.
Ine, şeýdip, sür-hä-sür bile kürenleriniň gyrasyndan girseler, gör-ä, o
hudaý tutanlary! Ýekejesiniň dagam, ýetim- ýesirdir gyzyl ala olja bilen seri
ýok. Biri bajysyna, biri ejesine, biri enesine, biri ýeňňedir enesine ýapyşyp,
asyl, syparyşlaryna, olary basalap barýalar, gyra beýlekä-de, çekäýmän.
—O-ho-how! Bu işigaýdanlara nä döw çaldyka? Beýle-de bir başyna
gidenlik bomy? Ömrümizde gören däldiris, biz-ä, bular ýaly ejesini eňredip,
ýeňňesini ýakalany.
Hany, aýdyň-a, bendi bolsaňyzam oň sebäbini?
— Biz-ä, aga, pylan diýsek ýalançy. Ýöne ýaňy ýolda, bizi sürgüläp
gelýäkäler, gapdaldaky dag ýodasyndan bir aýal çykdy, saçyny ýaýyp.
Ýalbaryşyna, zar-zar aglabam, bizi boşatdyrjak boldy. Şonda ony gamçylan,
ataň göwni bile kakdyryp goýberdiler, harsaň daşlaň arasyny. Olam ýüzüni
göge tutuşyna, agzyny ak köpük edägetdin, eliniň çöwre ýüzi bilen tersin pata
berdi, bulara!
—Eý-ho! Baryň, onda bu bedibirewleriň başyny ýalaňaçlap, çönüp
tanapa kökeriň-de, sürüň yzyna getiren bendileri bile gidibem, nirde ýbolsa,
tapagetdin, «Ynha bosgunlaň, günämizi geçeweri» diýiň-de, ýykyň o maşgalaň
aýagyna bulary. Ýogsa uwaňyz dargap tohumyňyz tükenip ugrar.
IKI SAGATLYK ÖMÜRÜŇ GALANAM BOLSA...
— Biribaryň buýrugy şeýle, Pygamber resul! Indi iki sagada ýeter
ýetmez ömrüň galdy. Onsoň siz jan teslim kylmaly.
— Siz hakyň melni, Jebraýyl perişde. Şonuň üçinme, aýdaýsaňyz? Şol iki
sagatlyk müdretde biz näme bile meşgul bolarkak?
—Ylym öwrenäýiň, Muhammet resul.
ÝIGRENDIGIM ÝALAN BOLANSOŇ...
— Bizi bagyşlaň, Hydyraleýssalam, sizden birç zat soramakçydyk
welin...
— Beýdip, sazanaklap durmaň-da, soraberiň göwnüňizdäkini!
— Sorasak, Hydyr atamyz, siz nädip beýle, ömür ölmez uzak ýaşlyga
ýetip bildiňiz?
— Enimde ýigrendigim ýalan ýabşyrmadyr gybatly gürrüň, gözlegimem
adyllykdyr adalat bolany üçin beýik biribar bizi baky dirilige dahyl etdi-dä.
ENTEK ÄHLI ADAM DOGLUP GUTARANOG-A.
— Aý, agam, saňa «Her ugurdan bir suwluk hakyny alýan aňlydan
üşükli, onda-da, ugursyz üşükli kişi» diýdiler welin, siz jümle-jahandaky bar
zady bilýäňizmi?
— Heý, onam bilip bomy, jan ini!
— O näm üçin beýle bolýar-a?
— Sebäp diýseň, men hemme zady biler ýaly, ähli adam entek doglup
gutaranok ahyryn.
ÇEKE-ÇANDYR KIŞÄR-Ä.
— Halypa, kyn görmän aýdyp beräýseň, akylly bile parasatlynyň
aratapawudyny?
— Aýtsam, jora, ähli çalyşan çogçaryndan görgi görse-de, baş alyp
çykybilýän çeke-çandyr kişär-ä akylly, hiç haçan olar ýaly alys-gopaslygyň
gyrasyndan görünmän, başyny çarabilýäne-de, parasatly diýilýändir.
ÖÝÜŇ YRSA GELEN GELIND-Ä...
— Atasy, aýuw, atasy! Indi bir hepdäň içidir, ho «Süribaşym!» diýip,
guwanyp ýören garagulak düýäň ýitäýdi-dä yzyňda.
— Beýle bolsa, bar, sora gelniňden. O geleli bäri hamyr edip, elini
ýuwansoň ýuwundysyny ýere dökdümik-ä?
— Ýok, atasy «Ýeke dökmän, samanaşa goşdum, şemmedir beýleki
bilen» diýýä ol-a.
— Onda gaty arkaýyn ýat, heleý han, aýagyňy uzat-da. Ine, saglyk bolsa,
uzaga galman, o dünýäň ger ýatagyňa. Sebäp diýseň öýüň yrsy gelen gemen-dä
— diýen kişi ertesi daň çyzylyp-çyzylmanka daşary çyksa, gör, ahyryn, şo
garagulak düýeli gäwüşäp oturanmyş-da, gapysynda.
ORLAŞYKLY ORDA BOLSA-DA...
— Şir şepe, aý, şir şepe! Gör-ä, meň bujagazza ballyja zatlammy? Seň
ýeke dikrardan zaňňuk şirbeçeleň aňry gitse ikidir welin, tüweleme, meňkiler
ba-da, esliň bäri ýany.
— Dogrudyr, doňuz dost. Şonyň. Ýöne bilip goýgyn! Seň o batga
bulanarlaň orlaşykly orda bolsa-da, meň ekemen batyr bileklem bir gözüni
agdardygy, läw-läşlige etäýer, olaň ählijesi.
UNUŇ IR DÖKÜLENDIR, HAN OGUL.
— Kaka, kaka! Ejem elegini elesledip, unumyzy dökäýdi-de kendirigiň
daşyna.
— Aý, jan oglum! Ejeňi alan günümiz dükülendir biziň unumyz. Şoň
üçinme, ballym, boýnuňa alaýgyn, onça-munça war-zirligi, kiçi sakgalyňy
dişleýşiňe.
OLAR DAGANLARYN-DA...
— Nähili, halypa, goňşylaň «Harman aldy» diýip, gulagymyza degdi
welin, o birnemejik çykdymyka?
— Dagyň-a biljek däl welin, tüýdeş, olar dagaşanlarynd-a «Aý, saglyk
bolsa, bor-la» diýşip, çaşaýdylar öýdýän.
HAS GÖWDÜGENLERI GONAÝMASA...
— Haý, halypa, senem-ä, kow-a, beýdip janyňdan iren ýaly bolup
oturma-da, eliňdäki ýara ýapyşyp ýatan ol açmaňyz siňekiri. Men näm üçin
Kowaýyn-a, o siňekleri?
— Gör-ä, olaň egele gurap, seň ýaraň gan-Kokunyň üstünde ölüp-öçüp
baryşlaryny.
Ana, şoň üçinem «Kow!» diýýän-dä, men olary.
— Ýok, men kowman, sen hernäçe sakyrsaňam, dok uçagetdin, olaň
ýerine has göwdügen, has üzit ýaly siňekler hüwwe üýşer-de, ýamaşgandan
ýapa salyp ugrarlar-da ýarama.
GÖDUKLADYP KEÝIK AWLAMA.
Gürrüňdeşiň gojalarmy! Bo-ho-how! Onda seň işiň oňdugydyr. Siňňin
söhbete diň salşyňa, peýrewä kesel getirmän otur hezil et-de. Ýöne jonnuk
galamyň bile könelmez kagyzyňam açmazyňda bolsun. «Aý, ýatkeşligim ýalyn
ýaly-la, bu zatlaň düwür-depesinem hakydamdan çykarman, ömür-baky
huşumda saklaryn-la» diýip, aňsadyna býakman, ýetişdigiňden, ýekekjesinem
sypdyrman ýazyp almaga çalş. Hawa, hawa, nä wagt, nä zamana, bu gerbar
zady çepbe işip, astyn-üstünlige ýetirýändigini biz nä şün görmelimi.
Golaýda Edrek Atajandyr Nury Jeňňel, Hommat Mätýardyr Aşyr Çary
Hazza dagymyz «Bir günjügem bolsa, oda gorsap çomuç işip, çölüň çägesinde
aýak ýalaňaç gezeli-le» diýşimize, sutgydan saýlanyp, «Ýagşy gulyň» ýoluna
düşdük.
Ana, şonda ýaşulylar bile müzeýimiz üçin sarysolmazdyr durna daban,
kerpekesendir ketgensagan, guşagarmazdyr gyzyl gozalak, boý bodrandyr
doňuzdarak, mollak selikdir çebşek otaran, garaýapbandyr guzy gulak
gözleýşimize alaň-alaň aşdyk.
Albolmaň bire bir emi saýylýan gapdepe, gary agyryň dermany guzy
köpene, endam agarmaň garşysyna ulanylýan ýegmal ota-da duşduk.
GODUKLADYP KEÝIK AWLAMA.
Gürrüňdeşiň gojalarmy! Bo-ho-how! Onda seň işiň oňdugydyr. Siňňin
söhbete diň salşyňa, peýrewä kesel getirmän otur hezil et-de. Ýöne jonnuk
galamyň könelmez kagyzyňam açmazyňda bolsun. «Aý, ýatkeşligim ýalyn
ýaly-la, bu zatlaň düwür-depesinem hakydamdan çykarman, ömür-baky
huşumda saklarynla» diýip, aňsadyna bakman, ýetişdigiňden, ýekejesinem
sypdyrman, ýazyp almaga çalyş. Hawa, hawa, nä wagt, nä zamana. Bu gerdişi
köp gabha pelegiň göz açyp-ýumasy salymda bar zady çepbe işip, astynüstünlige ýetirýändigini biz nä şün görmelimi.
Golaýda Edrek Atajandyr Nury Jeňňel, Hommat Mätýardyr Aşyr Çary
Hazza dagymyz «Bir günjigem bolsa, oda gorsap çomuç işip, çölüň ägesinde
aýak ýalaňaç gezeli-le» diýşimize, suigtudan saýlanyp, «Ýagşy gulyň» ýoluna
düşdük.
Ana, şonda ýaşulylar bile muzeýimiz üçin sarysolmazdyr durnabadan,
kerpekesendir ketgensagan, guşgonmazdyr gyzyl gozalak, boýbodrandyr
doňuzdorak, mollak selindir çebşikoşaran, garaýapbandyr guzy gulak
gözleýşimize alaň-alaň aşdyk.
Albolmaň bire bir emi saýylýan gapdepere, gury agyryň dermany guzy
körene, endam agarmaň garşysyna ulanylýan ýegmal ata-da duşduk.
Çaý başynda Nury Jeňňel Türkmen aganyň gara öýleriniň aýratynlyklary
hakda dil ýarsa, Edrek aga on ýedi hünäriň eýesi Ükgi Ussa Oraz şahyr ogly
dogrusynda söz açdy. Aşyr akga bolsa seniň sähramyzyň sakgysyz saýlarynda
aw eden ynsaby täretli mergenleri ýatlady.
— Jan doganlar! «Aw däl, awy», «Awçy bir gün et iýer, müň gün let
iýer», «Bidöwleti gyzyl keýigiň agzynda gördüm» diýselerem, öňkülemmiziň
aýtmagyna görä, aw eden pursatlaň ömrüňwe girmezmiş.
Ine, sen bir gazan götä garadayň welin, dört-bäş sany, gözüňe söwleýin,
keýip otlap ýör, aga-ýana. Seň ýarag-enjamlaryň her neneň üpjün bolsa-da, olaň
diňe birini aýtmaga haklysyň. Birini ur. Elin garna, halalla-da. Eger ilki ikisiniüçüsini paýhynlaýsaň, onda Hudaýyň öňünde günäkärligiň üçin başaklygyňa
ýöräp baraýmalysyň huzuryna kyýamat magşar çenini alaňda keýikdir beýlekiň
öň aýagyny nazarlamaly. Şonda sandygyň bir gapdalyndan giren ok awyň
aman-zamanyny bermez. Eger ýardyksyzlyk edip, garnyndan ursaň, awyň
gider, içegesini süýrär-de ýetdirmän. Agşam ýyldyü gördügem bir ýerde ölüp
galar.
Eger sende çyn awçyň erk-ygrary b9lsa, daň ýagtylyp-ýagtylmanka, şo
garnyndan ýaralap goýberen awyň gözlegine çykaýmalysyň. Eger ölüp galyp,
barynçaň tilki beýleki degmedik bolsa, onda ol seň halal awuňdyr.
Bir gezegem men göle ýalak teke keýigi ýaraladym. Olam ýapa tutdy.
Şonda uly ilim bile gykylykladym welin, o janawer şo taýda bir tebil tapan ýaly,
gaýtdy-da agdarylyp.
— Hawala, Aşyr aşyna, aw etmegem hil-hil bor ekeni — diýen Edrek
aga-da tirsegine galdy.
— Ir eýýam bir aznawur kişi golakly torbany egninden aşyryp awa gider
ekeni. Meýdandan towşan turşusyna, ony golak zyňyp ýaralaýar, geregini
edinibem yzyna dolanar ekeni
Erdar baga diýen garadan gaýtmaz kişi bolsa, goltugyny garyş ýaly
degerli taýakdan dolduryp awa çykyşyna, meýdan towgy turzar, soňam
ýerdekä bir, uçanda üç bolup barýan hälki towguň yzyndan zyňar-da, elindäki
çekindi-taraşa-taýagyny, alar ekeni ony ganatyna dolaşdyryp.
Eger sen guş ursaň. O-da suwa ýa agajyň üstüne gaçsa, barsaňam, öli
bolsa, bilip goýaýgyn. Ana, o halal däldir seň üçin.
— Bä, meýdan towuk diýeňiňizde bir zat ýadyma düşdi-dä. 1947-nji
ýylyň ýazynda Mary-Guşgy demir ýolunyň ileri ýanda, sutga ýabyň aşak
ýakasyndan akgam nahar bile sürüli dünýäni gaýralygyna alyp barýadyk. Şonda
110-120 metr çemesi ýokardan bir guş ojarly öwülýä tarapdan Köşk öwülýä
garşy uçup barýa, seretsek. Şonda akgam pahyr penjesiniň boş däldigini
aňandyr-da, erbet haýkylygyny edip, bir sesine bat berdi welin, hälki guş
görgüli özüni ýitirip erbet aljyrapdyr-da, penjesindäki zady goýberiberdi-dä, şo
ýokardan pel-pelledip. Ataly-ogul haýdaşlap baryp görsek, ine, çalarak ýaraty
bir gyzyl horaz.
Şonda ömrüni mala çörňeşip geçiren ýaşulymyň:
— Bar oglum eşegi mün-de, yzyňa, öýe git. Ejeň bugdaýdan ýarma
ýaryp, bu horazy içine atsyn-da, agşamlyga aş bişirip goýsun.
Guşuň agzyndaky alamyz soň, bu bir geňsi aw boldy. Nesip etdiginden,
muny goňşy golamlar bile üýşürip iýeliň — diýenini şu günki ýaly ýadymda.
Bir saparam bar-a, Aşyr akga! Akdepäň ýokary ýandan tazymyz bir
towşan turuzdy. Kowalaý-kowalaýam, ahyry ony Akdepäň ileri ýüzüniň orta
bilindäki ýalňyz ýandagyň düýbündäki hine girizdi. Sapar Gelatdar Hanby Işan
üçümiz barsak, tazy hassyldap otyr, hiniň agzyny saklaýşyna.
Şonda kelte kakuw hine elini sokup towşany alan ýoldaşlam, çöp bile oň
daýagyny çalyp otyrkalar, menem eglip hine seredäýmenmi. Gör-ä, hinde, asyl,
öňem bir maral towşan gözüni bakyradyp oturan bolsa nätjek. Ine, şeýdibem,
günortan ähli mal bakanlar bolup hezil edindik-dä, şa-ra bişirinip.
— Hawa, Ümür ini, o günler aw köpdi-dä, meýdanda. Indi bolsa, her
ýaparada bir tüpeňli.
Halypam Aga Mergen bu jemagaýlarda keýikdir tilki towşan bolsa, ençap
gezek, keýigi godukladyp, agty ýaragsyz zatsyz tutandyklarynyňam gürrüňini
berdi.
— Bä, Aşyr akga keýigi godukladyp tutmak, ol-a, gaty täsin zat eken-ow.
— Oň üçin jan ini! Süri bolup bir oýda emin erkin otlap ýören keýikleri
ýerli-ýerden gabamaly, bogazyňa sygdygyndan gygyryp, haýdaşlap barşyňa.
Ana, şonda tagy-tarhan janawerleň haýaty gösýä. Aljyraýşyna, başynyň
salgyna-da, gaçyp ugraýa gözi ýok ýaly. Şeýdibem, olaň iki-üç sanagy birbirine urlup, ýaradar bolşuna, awyň oljasyna öwrülip, galyberýä-de ortada.
GÖRKEMIK
Arada Bäşim Atda, Muhammetsapoar Muhammetberdi ýaly şägirtlemmiň
hatarkeşine baglanyp, Guşgudyr Galaýmor, Gara çöpdür Çemenebit
töwereklerine aýlandyk! Arslan Jumadyr, Çary Aman geldi ýaly töwerek gel
aşnalam bile täsin talantly Tanziowyň zehin zülmiýanalygyny siňdirip, sungat
derejesine ýetiren jaýdar şekilleriniň mümkin bolanlaryny bir ýere jemläp,
Guşgyň gujagynda göreniň duýgusyna damyp hakylyny haýrana goýjak
meňzeşikli muzeý döretmek dogrusynda-da pikir alyşdyk.
Göwni gorly şägirdim Baýram Hezretgula Akrabat-Babaçöňňe sebitinde,
ýagny Ýomutgyrlanda pida bolan ildeşlerimize sadaka bermekçidigimizi, ol
hakda Mary welaýat häkimi ýoldaş Gurban Orazowa, Daşhowuz welaýat
häkimliginiň orunbasary ýoldaş Myrat Begjanowa sala salandygymyzy
ýatladyp, oňa akrabat tragediýasy tabşyrdyk.
Badhyz goraghanasynyň baş bermçisi, gaçalaksyz hemdemim Tagan
Ýagşymuradowyň gurnadan geň alaýmaly tebigat müzeýine-de aýlandyk. Onuň
bile Kepeledir Ýeroýlanduz, Agardyr Pinhan babatyndaky garaýyşlarymyzy
paýlaşybam, margir Berdi Saparyň lorsdur kepjebaşlaryny synladyk.
Hojagär baba gopamçylygynyň müti müjewüri Täşli Seýitmuhammediň
eken pisselerine ser salyp, saldyran enwalaryna aýlanyşymyza, oňkuda düşläp
geçdik. Soň Ymambaba gelşimize doga döwletment Muhammet berdi. Merediň
myhmany bolduk. Ol ýerde Gurt Ýakubyň dersdeşi Oguldöndi Gurt bile
gürleşip, uly ussat barasynda heniz belli bolmadyk käbir maglumatlary ýazgada geçirdik.
Şyhy panylyga, ýagny 83 ýyl bile 4 aýa, ýa-da müň ömür sürmä
golaýlaberen dili senaly Hümmet Welmyradyň hem gürrüňlerine gulak gerdik.
Haçanda altmyş sekiz ýaşly, batyl mama Rejep gül Çary Berdi gyzy bile
hal-hözir soraşyp, sözüm alşyp ugranda bolsa, haýran galmadan ýaňa agzym
açyldy. Duşakdyr Dänewi, Awazadyr, Jewi, Gultakdyr Gorjawy, Çekişlerdir
Çärjewi, Şarlawukdyr Wasy, Esennurdyr Hasy, Bentdir Balyny, Hojaýpildir,
Gämini, Awlamyşdyr Nowatany, Gaýtarydyr Kowat any, Burdalykdyr
Ymarady, Kürüždeýdir Daşarbady, Gargylydyr Gökdepäni, Arapjykdyr
Akdepäni...aýlanyp, akyl aýtynynyň giňligini alyga alaýmaly onlarça
huşymetdaň huzurynda goş ýazdyranam bolsam, boýun alan ýagşy, henize çenli
aýal maşgalalaň içinde ýady ýalaw ýaly, ýeke ýola gulagyna kaklyşan zady
syrgasyny syndyrman hakydasyna galyplabilýän paýhas ýüki ýetik şeýle
natuwana kän bir dahyl gelmändim.
— Aý, jan dogan, pylan zeýilli gün görmedigem bolsam, gadarlanyna
sabyr kylyp, söýenip gelýändirin il-günüm — diýen Rejepgül dogan ýanyndaky
agtyjagynyň arkasyny sypalaýşyna, ornaykly oturdy — Atam ölüp, ejemi
satansoňlar daşym guwaryp daýym Nowruz Bazaryň garamagynda galypdyryn.
Ýetimligem näme:
Ýetim oglan it bolar,
Ýakasy doly bit bolar,
Ölmese ýigit bolar —
— diýleni. Şeýdip, özüm aglap, özüm diňip, ýedi ýaşyma ýetemde maňa
akmama çykmazmy.
Hawa-la, «Hudaý urany, pygamber hasasy bilen dürter» diýleni. Akmama
«görkemigem» diýipdir öňkülemmiz. Akmama çaga ugursyz owadan
görnensoň ol hakda «Görkemegi gözden gora, gyzamygy ýelden» diýen aýtgy
bolup, akmama çykan çagany diňe enesi görmeli ekeni. Dessuryna has
pugtumal ýerler-ä, akmamany peşanady saklaýşyna, goňry-golamdyr dogangaryndaşlar-a däl. Täret-teýimli bolmasa, hatda şasyna hem görkezmändir.
Men bolsa, edil gyzylýetene guş ýaly ütülmiş bir ýetim. Ýelden ýelpäp,
günden goran bolmansoň, bar kişi üstüme girip, akmamam öte beterläpdir.
Ýogsa oň üç güni gy\gyn, üç güni dolgun, üç güni solgun bolup, on iki gün
diýlende ýüzi gaýdaýmaly.
Gyzamyk bolsa, dokuzynjy gününde yzyna gaýtma bilendir. Ýöne onam
üstüzne çogdy bolman, ýelejiretmän beýleki etmän saklamaly-da, pugta
goraglap. Çagalaň oýnap ýörkä geçirýän ýeňiltek örgünli garamagyn-a, özüňem
beletsiň-le.
Hawa, güýz öýüne girende men gyzyp ugrapdyryn. Onda-da ýöne-möne
gyzmakmy diýsene ol. Şonda özümi bilmän ýanar oduň içindäkäm, molla
goňşymyzyň meň bile gözlüje görkemik degen ogluny bolsa, o görgülmedik
gyzgyn girdabyna gapgarypdyr.
Şeýdip, lapylap ýatyşyma, sekiz aýlaw jowranypdyryn-da, görkemigiň
içinde. Onuň üçülenji güni yşrarymyň çala görýäni, içgi howruma çydaman,
ýüz-gözümi ütmeläp, ýolup-ýorsup alanlygam ýadymda. Soňa bakdan endamjanym domüp, on iki süňňümiň her bendelgesi tabrap akmazmy deşilip. Ana,
şonda görkemigiň maňlaýyndan syrygan şoraňňyz jerhedi gözüme girişine
gijedip, gapmazmy garagymy, ardurja. «Ardurja» diýmegimiň bir emmasy bar,
jan dogan. Şonda bilmändirmedir-dä, ýogsa, akmamanyň ýarasynyň kesmegini
alyp, guradyp, soňam ony elin ezip, görkemikliň gözüne guýaýmaly ekeni-dä,
köp bomaz ýaly. Şeýle-de, «Görkemik degmesin, degse-de, ýeňiljek geçsin»
diýip, öňünden gaçyp çaga-çolagyň endamyna-da çalyşdyrypdyr könelemmiz
ony. Ýöne o zatlar soň eşidişilýä-de.
Men weli kösenme kemini goýmandyryn-da, tamdyra tutulan ýaly bolup.
Ýaza ýetilip, howa tebit ylyp ugranda «Gyş gyzamyk gelmesin, tomus mama»
diýleniň tereýn tarapy alnyma gelip, ysymdan durar ýaly bo9lman erbet
porsadaryn. Şonda meni daşym çylygar ýaly güneýde goýupdyrlar. Şeýdip bir
meýdan ýatamsoň, goturaky güjügiň aýagymdan dişläp, jeňňele tarap tartaklap
ugtrany düýş ýaly bolup ýadymda galypdyr.
Hawa, jan dogan, ýedi ýaşymda gözüm gidip, arly ýyllap kündüre-de
günjüm ýetmän, aýagym çugdak bolup oturdym. Men dyzyma gapjap tikin
tikmedigem bolsam, dokuz ýaşymdan başlap ot ordum. Degirmen üwedim.
Baý, toýlaň-sadakalaň ýarmalyk mekgesini ýarandyryn-a, on-on bir taňňyr
edip. Men il ýaly göge gidip bilemok, gözüm gapyk bolansoň.
Emma eklenç-şu garabokurdak ýaly ýaman zat ýok. Bu artyp galan kese
çyzygy, ine, şu agzy, köne köýnekdir ýyrtylan ýan ýaly ýamap-ýarkabam
bolaýanok. Ondan bir zat ötüräýmeli diri bosaň. Şeýdip, günemamyza ýarnalyk
bor ýaly, it ýatsa-da, ýatman, çopan-çoluklar üçin aldygyna un üwändirin-ä,
«Ondan biri seňki» diýensoňlar.
Goňşy-golamlaň sagdyrmaýan bedeserden sarç sygyrlary bar-a, ana,
şolaram kän sagyp berdim, jan dogan! Gijäm-gündizim deň boansoň, olaňňam
ýanyna bararyn. «Höwlüm-höwlüm!» diýşimme, sypap-sermäp. Mal gepläp
bilmese-de, seň mähir-muhabbet siňdirip eden ýagşylygyňy ýanyşdyrmak üçin
duruberýä-dä, abşarylyp.
Ine, şeýdip, gadyrdanym ýörkägem Nowruz daýym urşa gitdi. Oň erbet
habary ýaýransoňam Gurbangül daýzam turarman boldu-da, ýene zaňňuk
galyberdim. Oba şuramyzyň başlygy «Indi senem göze görnen maşgala ýa
biriniň eli ýetjek, ýa biriniň dili ýetjek. Şoň üçinem seni ýa hökümete
tabşyraýyn, ýa ynsaby täretli aljaga gyzlyk bereýin» diýdi. Menem «Jan agam,
meni obadan azaşdyrma-da, bir göwni gemresize gyzlyk beräý» diýdim.
Şeýdibem, Ýagşygeldi Rozynyýaz diýen bizürýat görgüliň gyzlygy
boldum. Ýedisekiz gün geçip-geçmänkä-de oba ýaşululary bir maslahat
tapandyrlar-da, üýşägetdin meni heleý üstüne oňa nikalap oturyberdiler. Ana,
onsoň men, jan dogan, 21 ýaşlykam 55 ýaşly aksakgalyň ikinji aýaly bolup
galyberdim.
Dogrusy, ýapynara ýorganymyzam ýokdy. Günimiň adyna-da Orazgül
diýerdiler. Ol garadan gaýtmaz, dogmazakdan bir hanazat aýaly. Onuň ak
diýeni ak, gara diýeni garady. Onda-da, pahyr gözüniň pyçagyny çykaryşyna,
alarylma kemine goýmaýan tizgapar bendedi.
Baý, oň nakak şarpygyny iýendirin-ä, jan dgan. Aslyýetinde, önmezegiň
ýüregi dyma bolýan bora çemeli, dünýäden dil girligi üçin, sähel zady
bahanalap, buz üstünden tozan araýşyna, bir müçükdirdi welin, zamanaň jünnek
bolup gider. Adamym «Muň ýaly, ýumry-ýumşak, dilsiz-agyzsyz pahyrym
ýokdur, bu jelegaýlarda. Muny beýdip taýak ýassygy etme, enesi muny
uranynam, gara ýeri saýgylanyňam des-deň-ä» diýip, bagyrlaryny ýarsa-da,
«Sen bidöwlet aksakgal, ýersiz ýere bu batyl salatyny tarwanlap, oň gulagyna
münüp beleň berme» diýip, ýok takala tutardy. Ýöne ahyry jan berjek bolanda
«Sen behişdi borsuň, Rejepgül. Meň bile deň bolman, ýekeje ýola-da
hyzmatyňy gaýgyrmadyň. Ak guş ýaly edibem sakladyň» diýip, minnetdar
bolubam gitdi görgüli.
Olaň bir ogullygam bar ekeni. O neressäni Parça atly aýdan ary, günden
dury maýa ýaly maşgala öýlendirenem bolsalar. «Ertir güneş çoýmasa, öýlän
güneş neýlesin» diýenleri. Parça bajam dogup-döşemän, urşa giden adamsynyň
yzynda kyrk bir ýaşynyň içinde arman bile agzy ýaşmakly gözüni açyp gitdidä.
Men göbek kesmedim. Elimde repide tutup, tamdyra nanam ýapmadym.
Ýagdaýym şeýle bolansoň, jan dogan. Ýöne dyzyma çöküp, üstüne abanyşyma
eden-ýugran hamyrym mesge ýaly bordy-da, ondan bişirilen maňňyldap duran
ender kysmy mele myssyk nana edil gaýmak gatylan ýaly, asyl, iýip-doýup
bolmazdy. Ozalybetinde, hamyr etmek, uzyn etekliň bahasyny biçip, kimdigini
kesgitleýän iň esasy zad-a.
Dogry, biziňkilerde «Hamyrda giden güýjüň gaýdyp gelmezmiş» diýen
geçem bar. Emma çöregiňi çeýnäp, saňa alkyş aýdanlaň
hikmetli
minnetdarlygy güýjüňe güýç goşup, ömrüňi uzaldýandygynam bilip goýan
ýagşy, hawa, hawa.
Eger çyn öý bikesiniň hamyrturşysy ýok ýa zaper tapynan bosa, ol asly
ýilik ýalam bolsa, soň turşanrak gowy gatygy oň ornuna salar. Hälki gatyk
hamyryny güberdip aldyransoňam, maýalygyny aýrar.
Özüne-de dokuşykly keýwany hamyrturşysyny güne görkezäýmäň ýa
tutuşlygyna sorap gelen berip goýberşine, äriniň yrsyna badak ataýmaz,
gözgörtele. Çagasy görgülik bile azarly bolýan aýallaň bäbegi ýeňil-ap-aňsat
dogulýan gelinleň gözüne güýdüşip, kepdirigindäki hamyrturşusyny göterip
gidişine, o görgülini kyn güne goýup, özüniň azarsyz bil tutulma etýänini nä
saňa men aýtmalymy, jan dogan.
Şeýle-de, ederini bilýän anjaýyn zenanyň hamyrturşysy güne galsa, ýa
onuň üstünden çaga-çolak ätländir öýtse, nany hepdeläp gül atmaz ýaly,
maýalygyny üç öwrä duz torba salyp çykar. Soň üç öwrä bilinden aýlaýşyna, üç
öwrä-de kündigiň jürniginden suw akydar üzstüne.
Hawa, hamyr turşysydyr
tamdyrdan ilki çykaran çöregiň gaty
goraglanmaly zat. Onsuz ýan ýoldaşyň döwlet-dünýäsi suw-saman bolma
bilendir. Aýal adamyň tamdyrdan goparyp, sogap suwuny sepen ilkinji nany
bar-a. Ana, onuň gyrasyndan gädip, birbada başyny bozmaly däl-de, el
degirmän goýmaly, esgi saçagyň üstünde. Soňky çykaran çöreginden bolsa,
aşyk ýalagyny döwüp alşyňa «Bisimilla!» diýip, ilki özüň agzyňa salmaly-da,
yzyndan tamdyryň başyndakylara hödür etmeli.
Ýöne edeni ugruna bolup, gözi gyzaran käbir baýlaň ýek-ýarym heleýiniň
«Ärimiň yrsgaly ot alan ýaly bolup, şu gidişine gitse, dessinem üstüme güni
getir. Şoň üçinem bu myrryhyň çyssy pelewersin, Hudaýym» diýip, tamdyrdan
ilki çykardan nanynyň gyrasyny gädik-gemrik edip goýaýandyklarynam aýdyp
beräýin, jan dogan, saňa.
Hawa-la, öýüň dokuzy düzüwligi, hatda döwletiň dokuzy düzüwligem
eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik hakykyhatyna ýbaglydyr. Goý, ony hiç
kim, hiç haçan hakydasyndan çykarmasyn, birjigem.
Aýalyň çyn keýwanymy? Onda yrsyň dagy ýaryp, suwy böwsüşine,
pişigiň towşan tutup ugrar. Ogul-gyzyň hem daryny deşip, bugdaý ötürişine,
baran işini bitirip giden ýerinden gep däl, nep getirmäni endik edinme bilendir
Şeýle-de, «Ýaman aýal bugdaý unun harap eder, ýagşy aýal, arpa undan
şerap eder» diýenleri. Galyberse-de süýtli aş bişirmegem, baý, uzyn etekliň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 11
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.