Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 07

Total number of words is 3776
Total number of unique words is 2474
22.7 of words are in the 2000 most common words
31.7 of words are in the 5000 most common words
37.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
—Beterem şoň ýaly. Hol, gün dämi, talagardan täkmekli ýük urup gyzyl
erkegi ýagyr-jyzaly edeniň. Öňrägem sürini guýyň oýuna gündogardan däl-de,
demirgazykdan indereniň, ýaltanyp.
—ÝA, senem, akgam?
—Goý «Senemäňi». Şu mallar dämi seň agzyňy aşa duluňy goşa getiren!
Bo-ho-how! Inerçelerem! Daşyndan aýlanyberiň şu Hydyr gören
janawerleň. Bulaň ýüň-ä ýorgan, süýdem sargan. Eti-ýagam tapylgysyz tenekar!
Wah, wah! Bular gapdalyňdamy? Onda aýran diläp, okaraňam
somlamarsyň. «Ägim açyljag-ow» diýip gözüňem tegelemersiň.
Saryjalary «Saryja» eden şu maslamma döneýin. Wah! Bulaň buşugan
ýerine selme gögerse, ýyl aşan çöründen sakyrtgadyr siňegiň ýoguna ýanýan
garaýag alynýar-a.
—Onuň-a, dogry, akgam!
—Dogry bolsa, guşaklykdan bolup duran bu mallaň ýartyny bitik
edýändiginem bilip goýaýgyn, ýeriň giňinde.
—Ýa, jan akgam! Şunyňa has ýöwsi ýasawrak bolaýdy öýdýän! Heý, şu
doýmaz-dolmaz gaty toýnaklaňňam bir ýartyny bitin edermi diýsene?!
—Ynangyn, şoňa! Ýogsa, sen ýaly ýoldan dogry ýöräp bilmeýän, çikgesi
çylpykly alagöşe kim berer diýsene, gyzyl horaz kysmy daraýypoş gyzyny!
Kelläňde şygyrdyň bolsa düşün-ä?! Ogyz kim? Sen kim? O gyz-a,
ýokarky dodagynyň baly, aşaky dodagyny taktak damyp duran, özem basan
ýerinden ot çykýan maňyzly-meňzeşikli maşgala.
A, sen bolsaň, sered-ä! Maňkaly burnunyň sümügine at daňaýmaly,
görseň gusasyň gelýän, agzy gyşyk mysalasyz makasow-a.
Eger biz oňa iki gelniň bahasyny töläp, seň köp düýäňi köprüden
geçirmedik bolsak, wah, günüňe ýanaýyn, ölseň ýüzüň düşermi, şoň ýaly
tumarça kysmy gumry gelne.
TELPEGIMI AÝLAP SALAGETDIN...
—BAý, kakasy, senem-ä, edil emdirme guzy ýaly gaýşa-gaýşa, halys
bagrymy suw etdiň-le. Seni sepiňi bildirmän, ile goşjak bola-bola, galçagyňy
gazama kemini goýmadym. Onda-da ebtini egdyryp, janymy dyndyrmadyň.
Telpegiňi haram ölen towguň maslygy ýaly edip.
—Sen, heleý han, erim nekbeti diýip çyzykdan çykybermän, ugruňajyk
gezgin. Bolýamy? Ýogsa sen ýaly dogumyna bäs gelibilmän, ýyldyza toýnak
salýan, şama-şama bäş dodagy etjegim badyr.
Hawa, hawa, gaty gaňryşyma gaýdaýsaň. Telpegimi aýlap salgetdin,
unaşam içmän, gidiberin, kellämiň salgyna.
ÖŇEM HARANZADA MEŇZETDIM-DÄ...
—Jan gyzym, Gotur pälwanyň öýüni salgy berseňizläň, kyn görmän.
—Oň-a, hiç hili kynçylygy ýok welin, jaän agam.
—Welin diýip, sözüňe säginme salyp, kän seretdiň welin, nä birine
meňzetjek bolduňmy, bizi, jan gyzym.
—Hawa, agam! Aňyrdan gelşiňe, bir toglar sakgally-sarmykly adama
sorag salman, olaň gapdalyndan gönümel geçip aýtdyň. Gel-gele maňa
ýüzlendiň. Gyzym, jan! Diýen bolup.
Ana, şoň üçinem gara görnüm aňyrdan dal bedewi säpjedip, bir mysgal
bolup geşiňe synym oturyp, ilki sizi şöwketli şazada meňzetdim.
Golaýrak gelensoňam, atda abaýtoş oturyşyňy, bökejem edikdir. Hywa
telpegiňe gözüm kaklyşybam, sizi bir bezemen begzada meňzetdim.
Ýöne, egele gurap oturan märekä barmysyňam diýmän, ýalyň ýüzlük
edip, meň ýaly uly gyza ýüzleneniň, üçinem, jan agam, sizi haýasyz haramzada
meňzetdim-dä.
TERSINE TOWLAJAKLAŇ GARAÇAGYNA KAKYNÇAM
—Eý, puşty penaýym! Hökümdar bolup näçe ýyl döwran sürdüňiz-ä?
—Bary-ýogy ýedi ýyljak-la.
—Muny nädeýdiňiz-aý, tagsyr?! Siz biziň atamyzyň möwritinde-de
hökümdar ekeniňiz-ä?
—Wah, kelte kakyp, düşünmänsiň-ow, aýdanyma?!
—Be,eýdiýsene, kyblaýy-älem?
—Hawa, Hawa! Öň bir gapdalymda atam, bir gapdalymda enem baka,
olar ýüzüme ýyljyraklap, agyzlaryndakyny çykaryp, agzyma salýarkalar, ana,
şonda ýedi ýyl tagy-tarhan döwran sürdüm. Hökümdarlygam etdim. Gepimem
geçdi.
Patyşalyk kürsüne geçelim bäri bolsa, il-ulus üçin aýdanym bolaýanok,
tä, tersine towlajaklap garaçygyna kakynçam.
«ÖŇÜM GELENDEN, SOŇUM GELSIN».
—Aý, aksakgal, men Taňryň emini! Aýdyp otur! Öňüň
gerekmi, soňuň?
—Be, men näme diýsemkäm saňa?
—Hany bol! Beýdip sagynma-da, belliňi et.
—Şu çal-çapdan gyr-gytyz eklenjem-ä gaty gynap, gözümizden ganly
iriň getirýä welin...
—Ýok, atasy, il mamurçylygy üstümizde dursa, işläp iýip, dokap geýip
bilmesek, goý garagymyz aksyn.
Şoň üçinem, jan atam, beýtmäň-le, soňuňyzy, ýagny, ahyrediňizi diläň.
—Bor, jan gelnem.
Bor, halal hon sürübaşym!
Goý, onda öňüm gelenden, soňum gelsin. Meň, eý Taňryň emini!
Ine, şeýdibem «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýen aýtgy döremezmi.
GOŞA GYLY GIREW GOÝUP. . .
—Hormatly haluypa, hatarly kerwenden galyp, ýol ýakadaky ýaýlymly
kemle sowlanda ýüzüne kül urlan ýalakdy welin, ind-ä, tüweleme, gözü
jöwherlenme tapan ýaly.
—Şu Mekge-Medine haja gatmak üçin näçe ýygyp-düýrenem bolsam,
birhili kemtik kakaýdy, yzyma gaýdarlygam galman. Onsoň ýaňky kürene
aralaşyp bir barjamla günlükçi durarman boldum. Onda-da. «Beýtme-de, biziň
obada bir goja bar, sahawatly.m Ana, şoň ýanna bar. Göwni ýetse, ol saňa, ýol
harjylygam berip goýbär» diýensoňlar, salgyny alyp, oňka bardym. Hal-häzir
soraşdyk, bir käse-ýarym käse çaý içibem, arzymy aýtdym. Ol «Karz pul
bermäň-ä, gürrüňi ýok welin, soň siz nädip oň aşagyndan çykarkaňyz, kyýamat
bergidarlygyna galman. Ana, şo taýy meň böwrüme bükgüldi salýa diýensoň,
oýurganyp esli oturdym.
Onsoň o ýaşula «Agam, men halal barmak ýalap galdym, heniz ýaläanly
ýabşyrmany süňňe siňdirmänem öwrenemok, ýöne, jan agam, meň iň öňe tutar
iň ykitybarly zadym, ine, şu çalmar ýaly ak sakgalym. Şoň üçüribem, men
ondan ant içip oturmaýyn. Onuň iki sanjak gylyny bergimi üzjekdigimiň girewi
hökmünde size goýup gitmekçi. Uzaga galmanam, ony elin alyp giderin, puluny
dolap äkidişime» diýidim welin, öýe barynçam ýapyşalgamy beräýdi,
ikirjeňlenmän.
—Be, oň ýaly bols-a, halypa menem, azak-tenek pul diläýmeli ekenim
ondan-diýen kişem ýorgalybermezmi hälki sahawatly gojaň huzuryna.
—Aý, agam, maňa-da, pul eçileweri azowlak. Ýolda ägim açylaýmaz
ýaly. Ony sähel salymda yzyna gowşurjakdygymy güwäsi hökmünde-de, ine,
bir gysym gara gyl sakgalymdan.
—Ýaňja-da bir myzapyr gelip, harjylyk sorady. Ygtybarlylygyna gözüm
ýetdi-de, berip goýberdim. Sakgalynyň goşa
taryny kesgin kepilnama
hökmünde gudratly gurhanyň gatynda goýup gidensoň.
Ýöne saňa welin, ýeke jinnegem pul bolmaz, jan ini! Çünki sen selin ýaly
sakgalyna sarpasyz, ony gysymlap goparmanam eşekden palan alança-da
görmeýän, parhbilmez bir lakma ekeniň.
ELIN ELDE DEMLENMESE...
—Halypa, häzir-ä, han agaň ýanyna goýberip biljekg-ä, seni.
—Näme üçin, jan dogan?
—Nämüçini, çaý içýär, han agam, şu pille penekläp.
—Pineklände näme? Baryp aýtsaň, aýny hata bilýän, ýok diýmez.
Menem oň özi ýaly han-a, dag ilersinde.
—Han bolsaňam, beg bolsaňam, halypa, şu mahal biýejaza ýanyna
girseň, o seni gönümel atar.
—Aý gaty bir oň ýalam däldir-le-diýen kişi gapyny açyp, sen-men ýok,
girmezmi içeri. Edil şo halatam:
—Men çaý içýän wagtym kim seni goýberdi bhu taýa? diýen
hökmürowan haýbatyň yzy gümpümdä ýazyp gidýär.
—Bä, hanm aga!? Gara çynyň eken-ow, çaý süzende mazaňy alana
ýowuz daraýanyň.
—Ýazylyp-ýaýraýşyma, majrap güllelede, keýpime koh berene egilişik
edemok-da, ýekejede.
—Oň ýaly bolsa, hakykatdanam, çyn çaýhordygyňy synasmakl üçin,
görme-görşe çagyrýan seni galama—diýen kişi özüniňkä baran hemdemine çaý
äkelmegi tabşyrýar.
Şonda, çaýy gaýtaryp ugrandan tömegini temezzigini, ýagny, burun
deşigini çalarak ýellendiren myhman:
—Aý, munyňdan-a, çaý bolomaz, han aga—diýşine, naşyjadan çonjy
ýarymlygy yzyzna süýşürýär.
—Beriň, how! Ýamaşeketdandan demläň çaýyňyzy.
Emma soňky uzadylanam gonagyň hoşuna geläýse hädersiň.
—Aý, han aga, mynyňam..
—Ana, şondan soň hälki getirmezlermi üçünji çäýnegi. Ony öňüne
çekişine täzeden gaýtaryp ugran hanyň ýüzi ýagtylyp gitmezmi birdenem.
—Ine, bunuň boluberipdir, jan aga!
—Aý, bolsa-da, han aga, çaý horlugyň gaty çynyň ekeni. Eger birinji,
ikinji çäýnege ýanyşan bolsaň, seňki ýaly sowa geçirmän, içiňi ajy tüsseden
doldurjakdym, Ýöne,,
—Ýöne diýip, gürrüň guzladyp oturasy iş ýok, bu taýda. Ilkinj-ä,
gumakda demlenip, oňa ýeriň, soňkyňa-da, dullugyň köçe ysy çykypdyr.
Ine, öňümdäki üçünjiň welin, ýere-göge dahylsyz elin elde demlenipdir.
GAZAP ATYNA ATLANMAN...
Gahary bolmadygyň,
Gaýraty bolmaz.
Gaýraty bolmadygyň,
Namysy bolmaz.
Namysy bolmadygyň,
Imany bolmaz.
Imany bolmadygyň,
Ahyrýeti bolmaz—
—diýselerem, halk hakiydasynyň töründe «Gahar-kapyr» diýen aýtgy
bar.
Aslyýetinde, sähel zada gözüňi höwlendirip, ganyňy gaýnatmaly dälem
bolsa, beşer balasy çig süýt emen-dä. Hoşuna ýakmadyk çepbe işme halys
bagryna batdymy? Ol özüni ýitirişine, gazap atyna atlan ýa-da, çyzykdan
çykyberýär.
Ýöne könelemmiziň magallaklap inen lasyrdyly gaharyny ýuwdany äriň
ärmämmedi, zoryň pirmämmedi saýandygynam bilip goýmaly. Gojalaň gep
salgyna görä, gahar ilki gara dag, gara bölegi ýaly, üstüňe howaly bolarmyş.
Şonda özüňe ähem berşine, sabyr kylagetdin, ýaňkyň köwlümli şatysyna döz
geldiňmi? Şonda hälki gahar kiçem-kiçem edil müji aşygy ýaly bolup, agzyňa
golaýlarmyş. Onsoň näme, gaharyna bäs gelen merdi-merdana diňe ony
ýuwdup goýberäýmek galarmyş.
AHMEDI WIGAMYŇ HUZURYNDA.
—Wah, jan agam! Indi ýedi ýylyň ýüzidir. Dünýäde gaýgy-gamy
golaýyna getirmän, tagy-tarhan ömür sürýän bagtyýary gözläp ýörenime. Ýöne
häli-häzire çenli, ýeri gazyp, gögi dilşime, her neneň legzan ursamam, oňa
duşup bilemok-da.
—Be, oň ýaly bolsa, sen Ahmedi bigamyň ýanyna et. Ol görseň gözüň
gidäýmeli, şeýle şam-şarklykda günini geçirýän kişi. Sazdyr söhbet. Iýgidiriçgi. Asyl, bar zat kekirdekden. Ýanyna bir barybilseň bolany. Gülüp-oýnap,
gözde ýör, hezil et-de.
—Wah, janym agam! Wah, jigerim agam! Men size öňräk ýolukmaly
ekenim-ä—diýen salgyny alşyna, barmazdan. Ahmedi bigamyň huzuryna.
Ine, bilbilleri kah-kahly bulut ýaly çarbag. Daşyna-da belentden-belent
bir künreli howly aýlanypdyr weli, hut telpegiňi tutup seredäýmeli.
Derwezesiniň gazma gapylaryny dagy diýsene! «Bä, ylahydan indimikä?»
diýşiňe, biygtyýar başyňy ýaýkarsyň.
—Aman-saglykmy, jan ini? Hemme gurgunlykmydyr?
—Hawa, bizem tükelkçilik! Özüne-de, agam jan, jümle-jahanda gamdyr
gussany ele ýanyndanam geçirmeýän, iň şadyhorram adam diýip, ýanyňa
gelşimiz.
—Wah! Göwnüňden aýlanaýyn, jan ini! «ahmedi bigam» diýseler, sen bu
ýagty ýalançyň girdikärini topugyna çykarmaýan bir kelenter kişini görjeksiň.
Şeýle dälmi?—diýen Ahmedi bigam myhmanyny yzyna tirkäp ugraýar. Ýedisekiz ýyl mundan ozal, ol hakykatdanam, şeýledi. Ine, bir günem gözi göwher,
süňňi jöwher, helal gaşly, hünji dişli, metda huşly, ýumry döşli, käkil başly,
näzi çawly, zülpi tawly, badam gabak, ýuka dodak, alma ýaňak, babyr bilek, eli
ýiti, kalby ýagty, şirin zyban, pisse dahan, sahy gerdan, mürçe miýan, aýdan
ary, günden dury, gowy gury...Edil buýrulyp ýasalan ýaly guýumy dürdäne
maňyzly maşgalany beýläme geçirdim. Oň bile bal-da-toşap bolup esli
ýaşadymam.
Ine, birdenem, şa tutumly, uz gylyklym ynjyl-mynjyllyk tapaýdy. Bakbejer. Sypag-sermeg et. Tebipdir hekimini, bilgedir lukmanyny goýman ot
gapsamam, elime götergiläp, guş iýmlän ýaly esersemem, eger-eger. Eräp gidip
barýa-da.
Ie, şeýdip, çekişip-dartyşyp ýörkägem, ol gözünden ýumman-ýumman
goýberýä, bir seretsem.
—Wah, indi men-ä «Hä» diýmän öler giderin, senem onsoň...
—O «Onsoňyň» nä görgi, gül mekanym, bol dükanym.
—Onsoň senem öýlenersiň. Dergime gelen gyrnagym...
—Ýok, ýok! Oň ýaly zady göwnüňe getirmän, soň sagal basymjak Aýny
hata bilýän, sen ölmersiň öläýeňde-de, men öýlenmen-ä
—Ýok, sen öýlenersiň. Ana, şolam meni otdan alyp, suwa salyp, janymy
juwlandyryp, jähenneme ýollap barýa-da.
—Ýok men öýlenmen, hiç haçanam senden başga.
—Oň ýaly bolsa, hany, agtalat-da özüňi gözümiň alynynda—diýensoň
menem «Gel-aý, şu natuwan görgüliň göwni galmasyn-da» diýip, gara kelläni
töwekgeliň ötüginden ötürägetdin, oturyberdim-dä, özümi bigidirip. Şol günüň
ertesem seretsem, hälkiň sary samana dönen ýüzi birhili yşnaklanyp,
damarlaryna suw ýörän ýaly. Ine, şeýdişine, sähel-salmydan öňki görnümdar
görküne, çyraýly durkuna geldi-de, çolanyp-çyrmanyp ugraberdi. Ýarym aýa
galyp-galmanam, ýelegini ýel çyrpyp, sagrysyndan öý tutaýmaly boldy-da,
başlaberdi. Üstüme çöwjäp.
—Haý, mahluk myrryh!!! Haý, ähedinem sypatsyzy!! Haý, içinde it ölen
nekbeti diýsänim! Erkligiňi ýanbaşa aldyr-da, otur indi şeýdip, başyňa bulamak
çalaýmaly bol-da!
,ýaw‫ ר‬beýdiým-ä görer gözüm, şirin sözüm. Men seni ynjytmajak bolup,
özümi şeýtdim-ä diýip, her näçe ýaramsaklyk etsemem edil arraw derman atan
ýaly.
—Indi iki başboglyň bir ýerde göri ýok. Şoň üçinem, men-ä, boýny bugra
ýaly garadan gaýtmazlary getirişime segredip, göwün solpymdan çykyp
ugrajak. Eger gözüň pyçagyny ýykaryp olara pitjiň atyp, beýleki edenseň dagy
eşitmedim diýmegin, deriňi deprege dartdyryn. Şony huşundan
çykaraýmagyn—diýdi-de, yzynyň egelesini artdyryberdi, gün-günden.
Onsoň, näme, «Içi ýananyňam gülkisi bormuş» diýenleri-de. Menem her
dişime bir ýylgyrma girizip ýalaňňat şowurgyn bile ömür sürşüme «Ahmedi
bigam adyny aldym-da, galyberdim-dä, jan ini.
«BEKRE BALYK ETINI IÝMEÝÄN JANYM...»
Öňem «Eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik», edil metda ýaly bir
gyzy Kasym kenaryndan çöl içine durmuşa çykaranlar. Gumuňam, häme, kät-ä,
bar zady kekirdekden, Iý-iç, ýaýna-da, göwün sopudan çyk, käte-de, iş başdan
agdyk gelägetdin saçyň gözüňe iner. Şeýle halatlarda ne erkege dynuwdaýanuw badyr ne-de gelin-gyza.
Ine, bir saparam şo sysmy albadaňlyk howala bolýa-da ulyň-kiçiň
gözüne gurt düşene dönýär. Ana şonda hälki maşgala:
—Wah, bekre balyk etini iýmeýän janym, porsy koý etine-de zar boldyda, çäge çeýnäp ýörşüme—diýip dullenmezmi.
JYPYTDYŇ GEPINE GITSEŇ-Ä...
«Ogluň ýetişse gyzly gözünde bolsun, gyzyň ýetişse ogully gözünde bolsun»
diýenleri-de Baba lakgy agada ogly Aman ese-boýa galyp ugrandan gyzlylary
telleý-telleý, ahyry goňşy oba barmazmy gudaçylyga.
Haýyr işiňem, näme, dost-a sekiz, duşmanam dokuz. Ana, şol düpbozan
dokuzlaryň birem patalaşan iki gudaň arasyna düşmezmi, pisini aşyryp.
—Siz Baba lakgy özüňe osmaň. Oň ogly goýanyny-göterenini bilmeýän
ötedeşik öhed-ä. Agzyny bujak-sajak edip, dogumsyran bolsa-da, sümüginem
oňarýan däldir. Wah, o bir jandyndarmaz ylhanad-a! Oň ýaly nekbeti ýurt
lakmasyna bir bermäweriň, gülden görkli gyzyňyzy!
Onsoň näme, guda gapdalam böwrüne diň salşyna, tykyrap ugraýar, «Ýigitlerini
başga ýerden, gözläýsinler» diýip. Ýöne Baba lakgy agamy bir aran uran
ýerinden el çekjek.
Ine, bir günem ol ogly bile ýola çykmazmy, iki atly bolup. Şonda:
—Jan oglum. Işiňi ýamana san, ýagşy çyksa alynyndan diýen ýörelgä eýergin.
Ýogsa, çammalagyň çaşyp ugrar. Özüňi oňarman, ebtini agdaryp ýörseň,
başyňy çarabilmän, öňeten alasamsyk üstünden köse ýöräp gitjekdir. Şoň
üçinem, saldamlydan sarmakly, sypaýydan saýhally, edepliden ekramly,
edermenden ejaply bolmaga çalyşmaly.
Ine, hä diýmän, gudalara bararys. Bar kişiňem gözi sende bor. Şonda gepdir
sözüňem, gözdür ýüzüňem, süňkdir süregiňem, eldir aýagyňam, ýeklejede
ýalnaraýmasyn.
Baramyzda atymyzy tutarlar, düşüp düşmänkäk Turjak bolamyzda-da, il meň
atymy äkelip berşine, soň özüň atlanarsyň. Nahar äberenlerinde dagam, doýan
guş ýaly bolm,an, sähel-säwlik sypdyraýsaň, hyjyl hatymyz elimize berildi
hasaplaý—diýşine pendu-nesihat edip ugran Baba akga gudasynyňka barýar,
ogluny tirkäp. Sag-salamatlyk soraşyp, çaý içýär. Çörek iýýär.
Bilişiňiz ýaly, Baba meşgur Ata Salyhyň huşy metda inisi Mämmet akgam
aýtmagyna görä, Baba aga 1926-njy ýylyň martynda ýogalypdyr. Lakgyňam,
näme, baran ýeri alaýaz. Şatlyk şowrugyn. Henekdir gülki. Gojaň geçisi ýaýrsp,
küňreli kyssalygyň gyrasyndan girip ugradykç-a, bar onsoň. Töweregini
märekesinden dyz epere ýer tapsam pirizor boldugyňdyr.
Şeýdip heniz, gün gyzmanka baran ataly-ogul gyzar ikindinler soramazmy.
Gaýtmaga ejazany
—Bo-how! Baba kaka! Rugsat Alladandyr! Onsoňam, Baba kaka gylym agzy
boş enesi ýalamadyk Baba lakgyň ogly suw sowlujyk bir gamyş başy diýse-de,
tüweleme, dogmaňyza alla näme, edil ýylgyn ýaly ýigit ekeni.
—Ýa, jan aşnam, ynanaýmagyn, her öňýeten jypytyň sözüne.
—Wah, Baba kaka! Adam bir çig süýt emen çala göz bolansoň ynanaýýa-da
aýdylana.
—Ýok! Ýok! Asyl, ynanaýmagyn, her bir şypjygyň gep-gürrüňine!
Baý-ba! O ýelemýüwletlermi? Ynha, biz-ä, olaň ýekeje sözüne-de pitiwa
kylamyzok, «Siziň gyzyňyz ýerine buşugyp turýar» diýselerem.
ÖZ ÝÜREGIŇDEN HABAR BERENSOŇ...
—Nähili sopym? Geldiňmi? Oba-garaňam sag-salamatlykmy?
—Eden-etdi urha-urlup, tagzyr. It eýesini, pişik bikesini bilenok.
—Sopym, seňkileň ahwalaty nägeňsi?
—Hala-la bir heýbe-heýlik, halypam, ýagşysy-ýamanam.
—Ýeri, üçünji sopym? Il-ulusyň gün-güzerany bir kada ýakub bardyr-a?
—Aý, aga, biz-dä ýag iýip, ýalaňaç ýatybermeli. Hiç kimiň pelek-perwaýyna
däl.
—Bolubilýä-le sopulam.
—Pirim, siz «Bolubilýä» diýseňizem bu sopulaň üçisem bir ýaýlymly kürenden.
Şeýle-de bolsa olaň ikinjisiniň obas-a tut-da baslyk. Alan aldyňky eýlekiňkäm
gowuly-hordaly. Eýlekileňki welin, bir allanäme. Güla-güllük. Ýal ýalak
ýüpege çolanybermeli.
Ýöne pirim, biz-ä ýekeje-de düşünen däldiris, olaň näme diýjek bolýanna?
—Ýa heý, jan inim! Ýaňky sopulammyň hersiniň öz ýüreginden habar
berýändigine nä aňmadyňmy?
Ýüwrükbilge üç sowal.
—Aý, agam! Dünýäde iň gaty zat nämedir-ä?
—Ol-a wadadyr, jan inim!
—Onsoň, bu dünýädäki iň agyr zat nämekä jan agam!
—Onyň-a garyplykdyr garyndaş.
—Indi, jan agam, älemdäki iň süýji zadyň nämediginem aýdaýsaňyz?
—O-da ynsan jübütligidir, jan jigim.
ÇERETENI ÝAKYP...
Öňräk dostum Derýa Aşyr bile Tejen aýagyndaky Götine bardyk. Geldi Aşyryň
işigindäki kerpiçden salan türkmen öýüni synladyk. Onuň ösdürip ýetişdiren
ojarlarynyň kölegesinde saýalabam, goňşysy Çerkez Gandym bile hal-häzir
soraşdyk.
Şonda ýaşulyň keýwanysy Tylla dogan garçyn çuwaldyr suwluk torba,
yrgadyr köçnekçe hakda söz açdy. Soňam gara öýüniň dulundaky seçekli
torbadan asylgy agyz oňurga ser salan ýaly etdi-de, gürrüňe başlady.
—Saňa, Ümür dogan, öňkülemmiziň sabyn gaýnadyşynam aýdyp beräýeýin.
—Wah, şeýtseňizläň, jan dogan!
—Oň üçinçeteni ýa çogany ýak. Kömrüni aýryp, külüni ele. Ony uly gazana
gapgarybam gaýnat. Soňam suwuny durlap al-da, çökündisini dök, hawamy?
Şeýle-de, haram ölen malyň ýagyny al. Onam dogra-da, elin gowur.
Boljagy boluberensoňam, üçolpy bilen jigirdeçini aýragetdin, ýene bir baş
gaýnat. Yzyndanam, ýaňkyň hälki durlap alan aşgaryň üstüne guý, lapyrdat-da.
Ýöne aşgaryň agdykrak, ýagyňam kemtigräk kakmalydygyny bilip goýaýgyn.
Onsoňmy? Onsoň gaýnadyber, amagtaja oduny lybyrdat-da. Haçanda
gazanyňdaky goýalyp, sogaşyklyga ýetip ugraram welin, el çägeden
appanöýjük ýaly galyp edägetdin, guýybir ýandan ti-taýýar sabynyňy.
AJYKDYRYBA IÝDIRÝÄN...
Atam möwritinde tanymal tebip talap isläp barmazmy bir ulusa. Ýöne
oňa, öwüp-säwibem, ýekeje kişi dagy ýüz tutaýsyn-da. Ol «Be, beýle
ýagdaýlary bar welin, bulara kimem edýärkä?» dsiýip, aşaklyk bilen sorag-ideg
etse, asyl, olary has aýran-jöwren tebip bejerýän bolsa nätjek.
—Hatyraly halypa. Bu ilatyň ýekejeso dagam ynjyl-mynjyl dälle? Bulary
nädip bu ýagdaýa ýetirwndigiňizem bir aýdaýsaňyz?
—Men ilk-ä olary ajykdyryp iýdirýän, doýmanam goýdurýan. Onsoň,
näme edil garnalan ýaly bolup, bulan birem syrkaw-sökellik tapanok-da.
NAMYSYŇY GORAGLAP. . .
Suwa barsaň, akar ýabyň ýakajygynda sygyr çopanlar-bijinjikler
titrekleşip durandyr. Olaň asly gyrnakdyr.
Ir eýýam atasy ony okadypdyr. Gyzm, nä wagt, nä zamana. Birden üstüňe
näkes howala boljak bolaýsa, onda şu dogany okap, öz ar-namysyňy
goraglarsyň diýip, bir keramatly doganym öwretmezmi.
Ine, bir ýol-da, ýaňky maşgala ýabyň boýny gelse, dok doňza dönen bir
bozuk baý ýakynlyk etjek bolmazmy.
Şonda hälki gyz öwrenen dogasyny okap özüni suwa urýar.
Şeýdibem, bijine öwrülip, şu günlerem «Heý, atam janyň kersenine duşup
bolmazmyka?» diýşine, suwuň ýüzünde iki baka oýnaklap, ýüzüp ýörse nätjek.
«AÝRATYNYŇ RAST BOLSA...»
—Eje jan! Gaznam gutaryp barýa-la. Indi näderkäm?
—Nätmeden Hudaý saklasyn, oglum! Seň şa bolanyň haçan? Gaznaň
gutaryp—baýap ugrany haçan?
Eger sen gepi-gep, sözi-söz şa bolsaň, gara köçä möhür basyp, yzyzndan
durubilseňem, ol gaznadadyr-da.
—Aý, eje jan! Aýtganyň rast bolsa, diýgeniň düzükdir.
LAKAMY ASMAŇ-DA . . .
—Eý, gassap! Saňa uçursyz üşükli, malyň gyrasyny gördügi bes. Etdir
ýagynyň näçe gadak geljegini aýdyp durandyr. Tylla terezi ýaly —diýdiler.
—Aý, gaty bir oň ýalam däldir-de, kyblaýy älem!
—Oň ýalymy-dälmi? Ony häzir takyk tagmalaýarys. Ana, arkasy palanly
ýaly, ho, azman bar-a. Ilk-ä, şoň etiniň näçe, ýagynyň näçe çykjakdygyny aýt.
Soňam soý! Hany seň nägeňsi arymsa gassapdygyňam bir görel-ä:
—Baş üstüne, hökümdarym! —diýen kişi ilki siňe seredip, azmanyň
näçeräk et, näçerägem ýag ýygnandygyny aýdýar. Yzyndanam hälkini
kars0kurs edägetdin şakgalaýar welin, ýekeje gyl dagy bolaýsa nädersiň.
—Haý, berekella, gassabym! Özüň-ä, eden işi nusaglyk ýaýlasyndan
ekeniň welin, hany üýt, namaz okaýamyň?
—Ýok, binamazdyryn, şahym.
—Oň ýaly bolsa, asyň peläketi!
Onsoň näme, ýaňky gassaby idirdedip ugramazmy daryň teýine. Edil şo
halatam hälkiň ogly gelmezmi hasanaklap.
—Hökümdarym, näme üçin asmakçy meň mähribanymy?
—O namaz okanok eken-ä.
—Siz, şahym, namaz okamaýany asmalydygyny bilseňizem, kimi
asmalydygyny bileňok ekeniň. Siz kakamyň atasyny asyň-a.
—O nämeüçin?
—Sebäp, diýseň, ol muny okatmandyr. Kakam bolsa görşüňiz ýaly tälimterbiýeli etdi meni okatdyp.
«GOŞA GUZYMY EMDIRIP...»
Iki sany jöhit gapaän guraý-guraý ahyry tutmazlarmy bir ene kiýigi. O
görgüli «Heniz aýaklanmadyk, göz monjugy ýaly iki owlagym bar, ajaza
etseňiz bir emdirip gelsem, şolary» diýip her näçe zorlasa-da, eger-eger, edil şo
halatam görsene, bu bolýan zatlary pygamber huda gelmezmi olaň üstüne. Ol
«ynanaýyň, muň gaýdyp geljegine» diýip, kepil geçensoň, hälkiler keýigi
goýberen. Olam barşyna balalaryny emdirýär.
—Guzulam, onda gidäýjek men-ä, yzyma.
—Gidäýiň. Indi biz ölmeris. Çünki sizden Muhammet Pygamberiň ysyny
aldyk.
Ana, şeýdibem,. Hälki keýik dessine dolanyp barýar, jöhitleň ýanyna. Bu
ahwalata aňk bolan jehitlerem, näme, gapanlaryny zyňyp, musurman bolmaň
ýoluna düşmezmi.
HIJYŇ ÝOLUNDA.
Her zatdan bir suwlyk hakyny alan könelemmizi diýsene! Olar daryny
deşip bugdaý ötürişlerine, goýnuň malgam ýaly sogaşykly süýdüne dagy şeýle
bir oýlanyşykly çemeleşipdir welin, asyl, huşuň gelsin. Sykmanmy sargan!
Goýultmakmy pirik. Ýa, sen, gara gurtdan-turizadan ýalap, akdyr gyzyl gurtdan
(ol sargan suwundan taýarklaýar) datjakmy? Öňkülemmiziň goýundan bir ýylda
iki sapar guzy alyp, garagylçyk bugdaýy iki öwrä hasyly durdup bilendiklerem
huşuňa galyplaýmaly zad-a.
Ýöne sagdyndan sarmakly, syrdamdan görmekli, çylgym-çylgym
çekgesiniň gany damaýyn diýýän baba kelamlarymyzyň pyýada-suwara haja
gisdişlerinem bilip goýaýmaly. Olaryň her hili ýagdaý ýüze çykaýanda-da, öz
siňegini özi garabilýän Oraz Kiriş (ol 1884-nji ýylyň 1-nji ýanwaryhnda
Güljemal hanyň öýünde uly geňeş geçirilende, 1878-nji ýylda Gowşut hanyň
hokgasyna iýji galdyryp alan Alyhanowa öldürjek bolanda aňylyp, gaçyşyna,
Mekge-Medinä ýgiden) kysmy ýedi-sikiz synagy bir çukura tüýkür.
Soňam Allaňy çuňdan çagyryp, düşmezmi ýoluň dogrusyna. Ýel weli
uçursyz uzak, uçursyz hupbatly. Köteldip kesapatly. Sered-ä, tünüň süýnensoň,
gan-gabarçak bolan aýaklaň ýekeje-de ädilesi gelenok-da.
—Ana, şonda köpi görýän babalammyz nädýär ekeni diýsene!
Donlarynyň synyny eginlerinden öňe aşyragetdin, arkalaryna iki put çemesi
harsaň daşy alar. Soňam gözüne urlan ýaly yorgalyp ugrar. Şeýdip, kebzesiniň
ajy deri sarkyp, süňňi gow ýaly bolansoňam, hälki harsaňy honda goýbär welin,
asyl, ökjesinem doňlan ýalak alakjap barýandyr.
Ýöne bir gezek garadan gaýtmaz takwaň ýeke özi haja ugramazmy. Guş
gunyny syrdap şo haýdaşlap oturyşyna-da, ahyry umgur çöde, onda-da, hut
depäňden gan alyp gelýän tüp yssyň astynda suwy gutarýar.
Şonda ol «Eý, Hudaýa, bar hudaýym! Mren uzyn ömrümi gaýym
gullulyňa goýdum. Halal barmak ýalap, ese-boýa galşyma, bir bendäňe-de
gyýa gözňe hajy bolmaga barýakam, bewýdip, orta ýolda gönümi gatadyp,
haram öldürmekçimi meni» diýşine gögüni gizläp ugraýar.
Görsene! Edil şo halat ol bäş sany atly inmezmi depeden. Olaň ergin
gurşun ýaly ýapyň ýüzi bile bedewlerini gorgunladyp sürşüne dagy bir
sered-ä. Üçüs-ä selleli, ikiniňem baş açyk.
Gelişlerine-de, sen-men ýok, hälki teşnäň golundan tutagetdin, atyň
ardyna alyp, ýöräberýärler çaňap.
—Ýeri, how, halypalar! Näme beýdip, ýaman algyly ýaly elesledip
barýaňyz-la? Yzymda agzy açyk gül-çagam bar-a, meňňem.
—Şoň üçin şeýdýäs-dä, bizem! Onsoňam, bilip goý! Biz seň il-güne
ýagşylyklaň. Özümizem hudaý tarapyn iberildik. Biz seni ilki handa eltip,
soňam elin bala-çagaňa gowşurmaly...
—Siz taňry tarapyndan ýollanan bolsaňyz, özüne-de, onda näme üçin
üçiňiz selleli-de ikiňiziň kelläňiz ýalaňaç-la?
—Sen özüňi herneneň okumyş, herneneň sabyrly saýsaň-da, bikanatlyk
tapyp, iki ýerde nahara bissimillasyz başlapsyň. Ana, şol zerarlam, ho, kellesi
örtmesizler, seň nogsanlygyň nyşanasy hökmünde huzuryňa geldi-dä.
DIŞIMI DÖKERSIŇ.
—Baý aga! Bar gatyr-guturymyz sabaşyberdi welin, heý, bir işjagaz
tapylmazmyka, bize-de, güýmenjilik.
—Aý, jan ini, jan ini! Eýgerene işden, iýmişden kän zat ýog-a, bu gaty
ýalançyda. Ýöne eliňi degrip, syrtyny sowa saklasy gelýän, üşüksize,
galyberse-de, özüň ýaly işi hälki bir gzüýmenje «Gitdim eşek, geldim eşek»
hasaplaýana bizde iş güýç bolmaz ýekeje-de.
—Ýok, baý aga! Men iş-ä ederin, gije-gündiz çalganaklap
—Onyňa ynanýan. Ýöne akyl käsäň kemtik kakyp, beýniň başlaň gelse,
müň haýdaşlanyňam pak pisselik peýdasy ýog-a, «Ederini bilmeze ýagy
nehajat» diýşi ýaly.
Ondan buýanam, jan ini! Hol, hatar-hatar bolup barýan akabalary
görýämiň? Git-de, şolardan habar tut. Hal-häzir soraş. Nirden gelip, nirä
barýar;lar. Söwdagär dagy bolsalar-a, ýüklerini, oň nyrh-nowasynyň
nägeňsidiginem takyk tagmalap gaýt.
Onsoň bileris, seni işe almalymy ýa, almaly dälmi.
—Bor, baý aga, häzir o diýenleňňi täs-mäs edämädikmi?—diýen kişi
ugramazmy loňkuldaklap, esli salymdam soňam:
—Baý aga, olaň ýük-ä, arpa ekeni—diýşine, gelýär hasanaklap.
—Bahasy näden ekeni? «Ony soramak ýadymdan çykypdyr» Wah! Onda
yzlaryndan ýet-de, bilip gel, onam!
—Bolýa, baý aga! —diýen kişi ylgawyny ýazman gidsişine, bir haýukdan
soň dolanmazmy yzyna.
—Ol arnaň-a, baý aga, puty bir manatdan ekeni.
—Ony näme çalyşýandyklarynam anykladyňmy?
—O hakydama gelmändir-dä, baý aga.
—Oöň ýaly boilsa, yzlaryndan ýetägetdin, sorap gel onam.
—ÝA, heý baý aga! Oň gürrüňi bolmaz-a—diýen görgüli önümiň
öýünde kowup ýetişine, arabalylar bile habarlaşýar. Dilini sallabam yzyna
dolanýar.
—Baý aga, olar-a, heýbe-heýli geleşige gelinse, ýüňdir beýlekä-de
çalşaýman durjak dol arpalaryny.
—O diýýäniň, dogrus-a, dogrudanam welin, jan ini, bir jüpläp bökeňde
bitiräýmeli bielik üçin üç-dört öwrä höltüldäp ýören özüň ýaly dyllym-deşik
janderdä mend-ä işi ýok.
—Alaý-da, baý aga, menem işe. Bir diýeniňi
iki gaýtalatsam bolmadygym.
—Ýok, ýok! Maňa aýdylany süýrenjeňe onda-da, üzlem-saplamly
süýrenjeňe salýan tutma talaban derkar däl. Maňa «Buýurylmadyk ýumşam
etsem—etsem» diýip duran, gyrasyndan göründigi, bar işi bitirýän, giden
ýerinden getirýän, ähli zada edil ýiti päk ýelmeşip ýatan ýanbermezler gerek.
Onsoňam, ýene bir zat, jan ini! Men seni ýaňky ýaly synag salmasyndan
bökdüremde, hoşuma gelseňem, seni dogran enäni göräýmän, aňsat-aňsat,
«Gel-de, işläber» diýmen saňa. Eger ejeň «Sölite suwda belli, manjy hamyrda»
diýilýänlerdenm bolup, küli depä, pohy saka çykyp durmy. Onda «Atyň atasy
gerek, ýigidiň enesi» diýleni alnymyza gelip, janymy dyndarmarsyň. Degnama
degşiňe, dişimem dökersiň.
«DEPIZ DOŇANDA GELÄÝ»
—Aga, şu gylyjyňy bersene, maňa?
—Onda, depiz doňanda geläý, batyr.
—Wah, bor-la, oň ýaly bolsa—diýen badyhowa ýigit şu wagtam depiziň
doňýan wagtyny görjek bolup, aýlanyp ýörmüş-dä, depizi (daşly goly)
jygyldadyp.
O GYBATDYR
—O ne juwandyr. Bir ýyl hamyla bor, kyrk ýylam dograr?
—O şeýtanyň uly gyzydyr.
—O gyz kimdir?
—O gybatdyr.
INDI
ILIŇ GUTARANDYGYNAM.
—Wah, il saňa her neneň umytly
hantamaçylyk baksa-da, hiç
ýatyrmadyňda, han aga.
—Ýa, heý, währi galar, indi iliň halys gutaryp, ýykylara çukur
tapmaýanynam, gel-gel, menden görjek bolýaňyzmy?
«...IT UKLANDA»
«It ýatyp it uklanda» diýen aýtga dildir dişim dürteleri bäri,
hakydama galyplanan bolsa, aslyýetinde itiň haçan uklaýanynyn bilmän
ýördüm.
—Aý, o bir itdir-dä. Oňa «Itden ajam ýok, dynjam ýok» diýipňdirler-ä.
Ol «Haçan ýatyp, haçan turanda näme? Oň nä işi galýamy?» diýselerem, ol-a,
asyl, beýle däl ekeni.
Birki ýyllykda gumly gojalaň ýapda gürrüň towuny ýetirip otyrkak,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 08
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.