Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 18

Total number of words is 1525
Total number of unique words is 1078
29.5 of words are in the 2000 most common words
39.5 of words are in the 5000 most common words
44.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Ony edenlerinde, nä men şeýdip ýörjekmi, gara kösem bolup?
— Nä, hossaryň beýlekiniň ýokmudy yzyňda?
— Bir enem-ä bolmalydy welin, olam kakam gaýdyş edensoň, ojagyny
başgalaýdy öýdýän. «Är öldi, hatyn talak» diýlenni edip.
— Onda-da, maňa salgy ber, öňki ýeriňi-ýurduňy? Sorap-idäp taparyn,
garry eneň niräk duz nesibisiniň çekendigini — diýen kişi ertesi daňyňy gyraasy
görnenden hälki merhumyň enesiniň gözlegine çykýar. Gören kişisinden salgy
alşyna, ahyry tapýaram ony.
— Aslyýetinde, meň şeýle bir oglum bolmaly. Ýöne adamym pahyr
ýogalyp, başyma bulamak çalnana döndüm-dä. Aýat-töwir däl hatda oglumyň
özem ýadymdan çykyberdi.
— Ana, şonuň welin, bolman ekeniň-dä, jan dogan. Her neneň çaýbaýgylyga
düşüp, köşeleň kesilere gelse-de, demiňe degilmese, degsin — töwiriňi goýmaly
däl ekeniň, amanadyňy azdyryp. Bilýäň-ä, öli doýmasa, diriň doýmaýanyny. Şoň
üçinem, ýogalyp Basraň goýuumçasynda namut ýatan şo ogluňa aýat oka,
tapdygyňdan sadaka ber-de — diýen kişi yzyna dolanýar. Gelip görse, ahwalatlar
bütinleý başgaça. Öňki ezilen towuk ýaly oglan hep-herseňňi ýüzüne şatlyk
şuglasy çaýylyp, gerdenleri gerimlenensoň.
— Sag bolgun-a, jan agam ters yzymy alyp, ýörite agymy aglanyň üçin. Indi
menem sana goşuldym. Yzymdan ys edilip, aýatly düwünçek ýollanansoň.
UMMANYŇ ÖWEZINE
Meşrep diwana bir gün şägirtlerini daşyna çugrukdyryşyna, otyr ekeni-dä,
gürrüň towuny ýetirip. Edil şo halatam, kebzeleri jümşüldeşip, bolmazmy süňňi
syzap ýaly. Şonda ol gözüni süzgekledip, görgüni garasa, sered-ä, samarkantly
halypasy hal üstünde. Şeýtanam başujynda pelesaň kakýa-da, niýetikaza, gözüni
elek-çelek edişine. «Gör-ä, herneneň pylankessirän bolsaňam, çynma-çyna
gelende, asyl, halyňdan habar alýan ýokdur, bagryny paralap.
Ana, şoň üçinem, saňa bir pyýala sowuk bereýin. Ýöne oň öwezine, sen
maňa imanyňy goýup gitmeli borsuň» diýip, pirem näme, dodaklary tebsiräp,
bokurdagy kesildi sokulana depse-de, per bererli däl, ýüzüni sapajak-supajak edip.
Ine, şeýdip, aljyraňňylyk tapyp ugran Meşrep diwana ýanyndaky ýigitlere
ýüzlenmezmi.
— Jana-janlam! Häzir meň samyrkantly ussadym demini sanap ýatyr, ölüm
ýassygynda. Ýöne şon-da, ol imanyny aljak bolýan şeýtan bile darkaşly söweşe
girilgi.
Belki, siziň içiňizde hupiýalykda ganatyny goşalandyryp ýöreniňiz bardyr.
Desbidähel, kömege ýetişip, ony şeýtanyň şerinden halas edere?
Emma bar kişi agzyna suwlanan ýaly «Ýer synçgap oturyşyna»
— Be, men-ä «Düýe garrasa, köşegine eýär», edäýjekdim welin, siz-ä,
ýarytmadyňyz-ow!
— Hezreti halypamyz! Beýle kyn gysgaça bar biz-ä bir baýaky diýeli. Siziň
bir güýç-gorabaňyz kemtik kakman durarmyka oň ýaly pelpelläp inmeli hemaýata.
— Dorudanam-aý!? — diýen Meşrep diwana nagraly nazatyny ýaz
otlarynyň ýüzi gaýdaňkyrlan ýalpa gönükdirip, ah çeken ýaly edýärem welin,
töwerek tutuşlygyna ýalna gaplanýar.
Şeýdip, ýeňil ýorgalama bile gaýdyrylyp ugran Meşrep diwana halypasynyň
huzuryna girse, henizem, şeýtanyň öňküje heňňamy.
Şonda Meşrep diwana Allany çagyryşyna, bir käsäni suwdan doldurýar. Ony
jan deri gelip ýatan görgüli görer terzde ýokarrak galdyryp saklyşyna, dodagyny
ölläp, pagta bile suw damdyryp ugraýar, onuň agzyna.
Bu ahwalaty synlap şeýtanam «Bo-how! Bu beşir balasy nbärem, demini
sanap ýatan pahyryň-bendäň bokurdagyny öllemäge gezek gelende suwly tabagy,
oň gözüniň öňünde saklap ugranlar.
OND-A, ARPA EKÄÝMELI EKENIM
Öňem «Işlemenem, iýmenem, ölsem Alla» diýmenemlige» ýykgyn edýän
ýakasy gaýyşly bir ýalta bar ekeni. Öz-ä, ýüzi jozman kibi, tumşugy toplaberen
epeý pyýada. Ýöne ýatan çöpi galdyryp, bitelik başyny çataýsa nädersiň.
Iňirde, käýin, sokran. Edil eşşegiň gulagyna kyrk ýasyny okan ýaly. Gaýta
içýakgyç gürrüňiň kökenini kültüşine, tutuş hepdeläp, kelläň gurşugy aýrylmaz
ýaly edip goýbär.
Ine, onsoňam, bir gün, näme, halys paltasy daşa degendir-dä. «Aý, bu öter
dünýedir-le» diýşine, ondan-mundan karz-kowal alşyna, ýumurtga börek iýip
ugaýar. Şeýdibem, ite bir sümek bergi edip çykmazmy, alty aýa galyp-galman.
Algydarlaram, näme, ahyry, zatlarynyň hatyrasy üçin, bimahal-nämahal
gelip ugramazmy hälki bilmesrebiň üstüne.
— Be, sizem, walla, halys ynjalyk berjek gäl-ow, indi, maňa?!
— Näme, jan jora? Alaň-da süýji-de, bermeli bolaňda ajy görnäýýämi saňa?
— Aý, «Öter-geçerli dünýä» diýlensoň, beýle bolaram öýtmändim welin,
halys gaçyp gitmäge-de, uwnudyberdim, men-ä.
— Sen bu dünýäde gaçyp gutulsaňam, o taýda sypdyrmarys seni kyýamat
eşegi münşümize.
— Be, şeýdiýseňizläň?! Oň ýaly bolsa, halypa, sen algyňa arpa bermesem
alarmyň?
— Alman beterem ederin. Näme arpa zat dälmi?
— Oň ýaly bols-a, jan dogan, indiki ýyl, men birinden kärende ýer,
birindenem tohum alşyma, arpa ekäýmeli ekenim.
«IDEG BILE EÝEREN ITIŇ...»
— Kaka, aý, kaka!
— Näme, jan oglum?
— Bu düýäň diýenime diň salman, ýöne arkanjaklap dur-la?
— Oň ýaly bolsa, ilki owsaryny silkele. Soňam, ur eliňdäki ýylgyn taýak
bile.
— Onsoň oň niresine uraýyn, kaka jan?
— Wah, mölegöz mönüm, sölite sakym, ýakdyň-la, janym. Indi ata sakgaly
eňegiňe dürterensoň, boýnatmaç bugurçyň niresine urmalydygyny bilmeseň,
neneňler ederkäm, men.
— Beýdip, käýinmesene, kaka jan?!
— Heý, ädiň ýana-ýana, tüntaw bolaňdan bagryň bergaw bolansoňam
käýinmezmiň? Özüňden bilmeseň, men niçesar saňa bar zady sakyryp duraýyn.
Aslyýetinde-de, «Ideg bile eýeren itiň goýna peýdasy ýog-a».
Ana, şoň üçüribem... Wah...!!!
MISGÄR LYBASYŇY ÇALŞYRYP...
— Gowşut han aga! Bir arz bile ýanyňa geläýendiris biz-ä?
— Oň ýaly bolsa, syratsyz summatyňy üýtgetmäň, öňki durkuňajyk
geläýmeli ekeniň-dä. Seň külli türkmeniň nogtabaşysy bolan salyrlaň Teke
hanylygyň haçan? Özüňi tanatmazlyk üçin meň ýanyma misgäriň şokurdyk
lybasynda gireniň haçan?
— Onyň-a, dogry, janym agam! — diýen Teke han öýden çykyşyna, sagry
edipdir zerrin kemerine laýykatly geýimlerini geýip gelen.
Ana, şondan soňam Gowşutdyr Taka han Zirewedäki salyrlary Sarahsa
göçürip getirmäň has oňyn çözgütlerini agtarmaň aladasyna berilmezmi.
GOWURLY GEPE GUK BERMÄN...
— Türkmen aga, sen nä mazarlaň başdyr aýak ujuna agaç, aglaba-da, daş
tikşiňe, ýörüň-li ber-başygaý bolup.
— Aý, garyndaş! Zerur bolanda men haýsy ogul-gyzymyň nirräkde ýer
düşnäp ýatandygyny azarsyz anyklarym ýaly, tire taýpasyny basýan-da, şol daşdyr
agaçlara.
— Munça bolanyna görä, Türkmen aga, Amyderýaň ýakasyndaky bir
öwülýäňe näm üçin, ýüpli ýaly, Çemmerli baba (çemmer-çeki: «Düýe çökerip,
çemmer işme») atlandyrylandygynam aýdyp beräýseň?
— Ýa sakgaldaş, senem-ä! Beýdip gowurly gürrüňe gol atdyrmaňy endigiňe
girizmegin. Aslyýetinde, biz o goýumçamyzy bagdan boşatsak, ol topulybermikä
diýip gorky etdik-dä, gaýry gonamçylyklara.
ON SEKIZ OGLY ÖSŇEDIP...
Aýrylmaz @@ Seýitli Söýünden.
Öňem demi ýer ýarýan barjamly uragetdin, gözüni çykarmazmy boýny boş
bir garybyň. Ýöräre ýoly, batara köli bolmadyk görgülem, nätsin. Geziberýä-de,
egnini gysyşyna «Meni urany, hudaý ursunlyga» salyp.
Emma onuň gözi ýanyp duran, garaýagyzdan gelen aýaly welin, tara-tapaýsa
nädersiň.
— Kakasy, men-ä, gaty namys edýändirin. Şo myrryhyň gözüni çykaranna.
— Ýa, ejesi senem-ä? «Kasas kyýamata galýan däldir. Ine, görsüň welin,
alypber, hudaý jan, hakymyzy.
— «Hudaýa-da ynansaň ynan welin, eşegiňi berk duşagyn» kakasy. Şoň
üçinem, alsaň, bir maslahat bermekçi saňa.
— Aýdyň oň ýaly bolsa, enesi.
— Eger göwneseň, men seni öz elim bile emen öýlendirmekçi.
— O näme üçin, enesi? Adam ata bile How ene-de geçipdir-ä, bir-birine
kaýyl bolup.
— Onyň-a, sözüm ýok, kakasy. Ýöne seň aryňy ýerine sarymyz ýaly,
köpelip köl bolmagymyz gerek. Düşünýämiň şoňa?
— Düşünýän-ä, welin...
— Oň welini bolmaz. Ine, meň-ä, häli-häzirlikçe, dört oglum bar, kakasy.
Indiki aljakdyr soňky öýlenjekleňdenem ýene şondarak ogul bor welin, hudaý
berse, onsoň baýyň baýam durubilmez depäňde — diýen at agyzly, orak dişli
maşgala ara alty aýdan sekil sala-sala üç öwrä öýlendirýär-dä adamsyny.
Olardanam, Alla jan «Al gulum» edip, bolmazmy bir süri ogul. Iki aýakly
günde» diýilşi ýaly, hälkilerem sähel-salymda ers-merslige ýetip, ýaramazmy taý
münüp, taýak tut ara.
Ine, bir günem, syh ýaly on sekiz ogly beýlesine geçiren aýaly ýanýoldaşyna
ýüzlenen.
— Ind-ä, bir çen boluberdi öýdýän, kakasy, araňy alaryn diýseň?
— Bor, enesi, oň ýaly bolsa — diýen ärem, näme, baran-da baýyň üstüne.
— Ýaşuly, sizde meň bir köýüm ýatan göz algym bardy welin, nähili barka,
ony yzyma dolap beräýseňiz?
— Üsti-üstüne aýal alyp, ogul ösňedişiňdenem aňyp ýördüm, onuň üçin bünerte döwjella boljakdygyňy. Şol sebäplem, haçan diýseň, men taýýar o
haklaşygyňa.
— Be, baý aga, sen-ä, oň ýüreginden towşan turanam bolsa, beýle ekeniňow?!
— Beýle bolup bolman, aljak bolsaň alyp dyn how, jan ini, şol algyňy,
beýdip bükgüldedip ýörmän.
— Be, baý aga, bilýär ekeniň-ow, uzakdan kowgulap gaçaryňy alanymyzy.
— Onam bilýän. Ar köýen ýerde är döreýändiginem bilýän.
— Beýle bolsa, geçýän seň günäňi. Aslyýetinde-de, seň gözüňi çykaranym
bile, men gözli bolamog-a.
Onsoňam «Deňleşen dep aşanok» ahyryn. Galyberse-de, «Genç geçireniňkä, baý aga.
ATAMDAN GEÇEN GYLYK-DA...
— Be, halypa, egniňhorjunly haýdaşlap barýaň-ow, bu tüp yssyň içinde, ala
tozan turzup. Onsoň bolup gelşiňe gözümi gyýman «Alyp gideýin, bu boýny boş
neressäni» diýip atlandyrdym-da.
— Aý, Komma kaka! Ýaňy ýoldaşym «Bar, senem bir öýüňe görnüp gaýt.
Beýdip, kebzäňi torladyp ýörme-de» diýşine, oba ugratdy. Onsoň gaýdyberdim-dä,
menem, ulagfa beýlekä garaşyp, wagt ýitirmän.
— Goýun eşegiňizi münüp gaýdyberseňem-ä, bordy welin...
— Aý,olam indi halys garrady. Ýetidirip lagar düşdi. Ytdyldap ugraýar
welin, ur, syhla. Böwrüne depgile. Şo bir bolşy. Asyl, göwnüň üçinem, artykmaç
başyny ataýanok.
— Aý, sen-ä, şonça goýnuň ýanyndan örläp, ýaban ýatyşyňa, eşek beýleki
münüp ýörmeli ýigidem däl welin, bir hili goram-gowşakdan ýardyksyzrak-da
özüň.
Nädersiň, şo mollaň aşaklyk bile elli-altmyş sanagyny ýoklagetdin, meň
şujagaz bozdumanym ýaly, ligirdili bir maşynjyk edinäýseň.
— Onyňam-a, jany barsa bardyr welin, Komma kaka, bu doga dogry bolmak
maňa atamdan geçen gylyk-da. O pahyr «Oglum, sen, diňe adyllykly ýörelgä ten
bergin. Şonda özüňçe bar-ýoguň öňünde ýöwselemeli bolmarsyň.
Eger sen bir galdyr-basdyrlyk etseň, meň şärikli öwülýäňde3 ýatan
tümmegim titräp. Eger sen ýene pyssyny jurlygyň gyrasynda görünseň, onda meň
görümdäki süňklem şakyrdar. Eger sen ondan soňam bir mojuklyk gaýyrdyňmy?
O-ho-how! Onda meň şo şakyrdan süňklemme beze çykar, gaýtadan. Eger sen
ondan soňam tobaňa daýanman, etdiňmi, pis pygyllygyňy! Men tä kyýamat
magşara çenli görümde dik oturyşyma, saňa gargap geçmeli borun» diýip, baý,
sakrawaçlygyna tutard-a.
— Ana, şoň üçinem, Komma kaka, men pyýada — suwara bolsamam,
gezibereýin-le, öňküje pukara ymam-kowullygym bile.
«OGRY ÖLSÜN...»
Öňem bir p-ahyrym kişi otursa-tursa «Ogry ölsün! Ogry ölsün!» diýip,
düşmezmi adamlaň ýürek-bagryna.
Şeýderkä-şeýderkä aýlar aýlanyp, ýyllar täzelenýär. Döwürler dolanyp, är
ölerem geçiberýär.
Ine, bir günem hälki bende namasyny üýtgedişine, «Dogry ölsün!» diýip
ugramazmy.
— Saňa nä döw çald-ow, halypa? Birden-bire «Ogry ölsün!» diýmäňi kesip,
«Dogry ölsünme» käkelemäňe başladyň-la.
— Aý, üpdeş! Meň «Ogry ölsün!» diýýän ugurlamda ogry azdy. Asyl, taktukdy. Ýöne soňa-bakdan olar edil ititň güjügi ýaly köneldi. Şeýdibem, işläp iýýän
göwnügatlaksyz görgüsi ýeserleň güni gök esgä düwüldi. Güzerany gysbylanyp,
ýüzüni görüp, halyny soraý maly ýagdaýa-da ýetdi. Onsoň näme! Bulara beýdip,
oda gaçan içege ýaly örtenip, gara kösem bolup ýörmesin-de, dynsyn-da, dünýä
azabyndan» diýşime, başladym-da, «Dogry ölsünime».
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.