Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 05

Total number of words is 3827
Total number of unique words is 2360
24.7 of words are in the 2000 most common words
35.5 of words are in the 5000 most common words
41.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kyýamatlyk goňşym bile ara çözülmez düwün düşäýdimikä? Goňşy okaran-a goý,
baýaky zat diýeli. Ýeri, özüň gazarylyp üstüne barsaňam, ýüzi buz ýaly bolmasada, «Düşekden otury, tagam dadyp gidi» beýlekisi ýok. Göräý, şu taýda bir
ýaşyryn sowuk-saýkalygyň gözi ýyldyrap ýatandyr, hökman. Özüne-de, edil haja
gitjek bolup durkam, şu dara-direlikde diýsene. Ýok, men bu ýagdaýda ynjalyp
gidibilmen ahyry haja, oň sebäbini saýhallaman» diýip, içini gepledişine ýoňsuz
oturýar.
Ahyrnam, ýüregini bire baglaýşyna, barmazmy ýene goňşusynyňka.
—Aý, jan dogan. Men-ä, ýanyňa geläýendirin, tara tapman.
—Be, tara tapyp tapman, men-ä ikimiziň aramyza tow taşlabiljek ýokmuka
diýýän bu jelagatda.
—Onuň-a dogrudyram welin, ine. şu gün ilk-ä, sizden goňşy okara
dadymlygyny tama etdik. Ol-a bolmady. Soňam aýalym, yz ýanyndanam özüm
gelip gitdim. Emma «Gowurma gowurýas. Hany, bir duz dadyň», beýleki ýok.
Onsoň menem «Ara taýak taşlanypdyr-ow. Ýogsa, beýl-ä, bolmaly däl. Hany
goňşyma ýüregimi açyp, dogrymy bir aýdaýyn. Dil degşir adamlammy ynjydyp
men, asyl, haja gidip bilmen-ä» diýip, ýanyňa gelşim.
—Wah, goňşy jan. Ikimiziň aramyzda eýle-beýle zat, häzir-ä ýok. Ol,
enşalla, geljekde-de bolmaz. Ýöne, şu günlükçe, goňşy okara uzadyp, hödür-kerem
etmänligimiz üçinem öýkelemäň, jan goňşy. Sebäbi diýseň, hawa, hawa, jan
goňşy... Indi iki hepde bäri garyplyk-gahatlyk gapymyzdan girdi. Ýer gatyda gök
yrak bolansoň, çagalar dişiniň kirini sorup, öte ýatyp ugrady. Onsoň menem
«Näden nä bolaýarka?» diýip, küreniň çetine çyksam, ine, gelerip haram
ölengoýny bir hendege taşlapdyrlar. Taňrydan gizlemedigimi bendesinden ýaşyryp
nädeýin, goňşy jan. Menem ony getirdim-de «Hany gowur. Çagalar aç ölmese
bolýa-da» diýdim, çagalaň enesine.
Onsoň haram zady biz nä ýüzümize hödür edeli, siz ýaly dili senaly kişä?
—Wah-wah-eý. Şeýdiýsene?. Menem «Goňşym bile arama enjebiýlik
düşendirow» diýip, tut-da-bas. Oň ýaly bolsa, geç günämi, jan goňşy.
Eger obamdyr goňşy-golamyma şuň ýaly ýowuz tuta-keslik gözüni görkezen
bolsa, onda men at münüp, atan (ol agtalanan erkek) gomap haja gidip oturmaýyn.
Eger-de. Şoň üçinem, haja harçlajak harajadymy il-ulusym bile deňje
ýalaşaýyn.
—Aslyýetinde-de «Bir ajy doýurmak haçdyr» diýen gepem bolmal-a.
Şeýdäýseň-ä, hajyň özem üstüňe gerdi, jan goňşy.
DÜŞEGE SIŇEN YRS
—Agam ine, tüweleme, oguldyr gelniň bile otyr ekeniň. Menem, näme,
görüp durşuň ýaly siziň yrsgal döwletiňiz.
Indem döwür-döwran dolandy. Men sizden gitmekçi! Hany, hallyň-sallyň
etmäňde diläň dilegiňizi.
—Sakgaldaş, ýan biziň yrsgal döwletimiz bolsaň, ilk-ä biz garyby terk
eýleme. Eger kem-küta gitmekçi bolsaňam, onda meň goş öküzim bile ak eşegimi
goý-da ötägit. Şo datlam elimde bolup, günümi görübilmesem garagym akaýsyn,
yrs aga.
—Hany, sakgaldaşyň ogly, senem dile dilegiňi?
—Aý, yrs aga, meňem ýaşulymyzyňkydan arta-taşa dilejek zadym ýok
ýaňkylary goýsaň bize daş-ýany bilenem bor.
—Hany, jan gelnim! Senem dillenip otyr, näme dilegiň bolsa.
—Aý, yrsgal aga! Ilki bilen-ä towakga edip gitme, biziň peýdamyza döwek
goşup, halys töwella tagsyra bakman, ýola düşmekçi bolsaňyzam maňa goş
öküzdir ak eşegem derkar däl. Agzybirlikdir jan saglygy goýda gidiber, jan agam.
—Waý, Waý! Gelnim janyň aýdýanyna seretseňizläňmen nä agzybirlikdir
saglygy goýup, nä göre gabra giseýinmi. Waý, waý! Meni nädäýdiň-ä jan guzym?!
—diýen yrs aga ýaňky gelniň düşegine siňip ötäýgidipdir.
AKYLYŇ ALYNDYGY
Öňem «Ö» diýende öýkäni görnüp duran duran pukara ýigit çekip dartyşyna,
ölümiň öýünde ör edinýär. Ine, bir gün daň atyp-atmanka, gyş öküzini sürgüläp,
atyzynyň gyrasyndanam girýär. Edil şol halatam hälki neressäň akyly bile bagty
tut-da-bas bolup ugramazmy.
—Akyl jora! Görsene, oň azal sapyny tutşyny! Ýöne eli- eline gelşip barýada. Eger gaty garşy bolmasaň-a, men şuň bagty bolup oýanjakdyryn.
—Meň-ä, şu ylhanadyň mysalyny görüp, myrryhym atlandy. Ýeri, beýdip, il
örmänkä oýaryp, ör dörgüläp, görjegiň näme diýsene! Ölübilligiň çogana ýuwup,
kirinäm alyp galýarlar ahyryn.
Halypa, hany sen bagt bolup on oýananda näme, men akyl bolup on
göwresini terk edemsoň.
—Ýok, akyl jora beýdip ikimiz ala göz boluşmaly. Sered-ä, o bi bal ogul.
Gözüňe döneýin, ondan gitjek-goýjak diýmesene!
—Ýok, men töwella-tagsyra mätäçlerden däl. Özüne-de, ine gitdim, oň
başyndan. Hany onsoň seň oňa bagt bolup gonup alýan galaňy göräli—diýen akyl
oglanyň kellesinden göterilip-göterilmänkä, onuň azaly esliräk gyzyly beýläk
agdarmazmy.
Akyly çyndan täbil tapana-da, nemä, özüňiz belet. «Gol götermez gyzyl-a
öňümizden çykandyr welin, muny gören beýlek-ä, ýokdur-da, hernä?» diýip,
töweregine garanjaklasa, ana, bir şa nökeri agdaklap barýar. «Be, şo peläket! Muny
hökman görendir. Barşyna-da, patyşa duýdur. Onsoň günüm gök esgä düwler. Iň
gowusy ilki muňüstüne donumy ýapaýyň. Soňam ony çagyraýyn. Gelerem welin,
başymdan sowup, berip goýbereýin—diýşine, gygyrmazmy zowladyp.
BU zatlary synlap duran bagtam oýlansa işler pyrryk
—Akyl jora! Eşidäýmese, o paňkeller-ä…
—Hany bar zadyň hötdesinden gelýän, bagdyň-la sen,
—Haý, halypa! Öme-duma bile bolýas-a. Ikimiz. Hany beýdip garygyp
düýrükmä-de, aýrylma açmazymdan.
Oňynça ýetip gelen şa nökeri:
—Ýeri, näm boldy? —diýşine, urmazmy hemläni.
—Aý, jan agam! Şu ýerimi näçe süreýin?
—Ilk-ä, bir sür! Soňam, näme, gaýratyň çatsa, sür birküç öwrä.
—Sag bol, jan agam! —diýen kişiň ýene akyly başyndan uçramazmy.
—Haý, jan agam! Ýene bir gelip gitsene, ýük görmeseň, ýanyma?!
Şondan soň bagt ýene akyla ýalbaryp ugraýar.
—How, jan ini! Indi näme kyn gyssag ördüň?
—Aý, agam, şu ýerime näme ekeýin? Şonam bir aýdyp beräýseň?
—«Ekseň bugdaý, baksaň goýun» diýleni, sen, ini, şu ýeriňe bugdaý ek.
—Sag bol, agam!
—Sag boldur-a welin, gaýdyp yzymdan gygyryp, ýolumdan goýasaň
eşitdim-eşitmedim diýäýmegin. Gönümel, ajy ýagyňy çykaryn.
—Bor, agm, bor—diýse-de, birden akylly zym-zyýat bolan pahyr ýene
sesine bat bermezmi.
—Haý, agam jan, how!
—Meräz agam! Zäher agam! Zakgun agam! Haý, däli deýýus diýsänim!
Şondan soň sarysy alnan ýaly bolan görgüli gyzylyny goltugyna gysyşyna
öýüne gelmezmi.
—Aý, gelin baý! Men-ä bir hudaý bakan ýaly edip, ýer süremde öňümden,
ine şu gyzyl çykdy welin, göwnüme bolmasa, ony gara görnümden barýan şa
nökeri göräýdi öýdýän.
—Ýa, kakasy, seň harsaň kesegiň arasyndaky iki goş ýumruk ýaly gyzylyňy
allaowarradaky adam nädip görsün diýsene!
—Görmän beterem eder. Özäm görenini hökümdara aýdyp, derime samn
dykdyrmanka, iň gowusy ony özüm eline elti beräýjek.
—Wah, kakasy jan, muny beýdip, etimiň etegine gowurga guýan ýaly etme
ahyryn.
—Heý, heleý han senem-ä, käte kak-sok etmämsoň, çyzykdan çykyberýäňow— diýen kişi aýagy bişen ýaly zawzaldap ýörşüne gyzylyny bir torba salýar.
Aýalam gözüne sap atagetdin, o gyzyly ýatan bir daş bile çalşyryşyna, ugratmazmy
adamsyny.
Şeýdip, aldyrany bar ýaly, bolup köşge gelen görgüli, ur-tut torbasyny
patyşanyň eline tutdurýar.
—Munyň näme, how?
—Özüň aç-da, göräý, kyblaýy älem!
—Hany, wezir...—diýen patyşanyň uzadan topbasyndan daş gaçmazmy
lokulap,
Ýeri, how, gäbi azan, bu daşyň nä görgi?
Edil şol mahalam bagt tarapyndan. Haý, öteweri, gara zalywat!» diýlen akyl
ýaňkyň kellesine dolmzmy.
—Wah, şahym, düýn bir ýerde uly jedel gopdy, oturanlar-a. «Bu daş palança
gadak», menem «Ýok, palança gadak çykar» diýensoň, dogry çözgüdini tapyp,
münä münibilmänem, siziň huzyryňyza geldik-dä, hökmirowanym.
—Hä, patyşaň başga işleri ýüzli bolupdyr-da, indi oňa sarsalaň äkelen
daşyny tellemek galypdyr-da. Haý, ýasawuň gursun. Haý, sypatyň gursun! Tur,
güm bol, gözüme görünme-de!
Ýöne ýylana awy beren mekir wezir «Şahym, şuň yzynyň bir çpi bar
bolaýmasyn, hany bäň-üç muny bir zeýli zyndana gabap göreli. Belki, bir yş
açylar» diýensoň, o pakyry tüsse tutup, gynap ugramazmy.
—Waý çykaryň-eý, meni bu dowzahdan, dersine, dogrymy aýdaýyn.
—Hany bol-da onda, nä sähet isleýämiň?
—Wah, sähed-ä, derkaryma däl welin, men diňe kyblaýy älemiň gulagyna
çawuş çakmaçydym-da.
—Oň ýaly bolsa, ýör, bakaly—diýip, ony idirdedip, hökümdaryň edil
azmazyna eltenler.
Şonda ol agzyny çala gymyldadyp «Ýa, heý, patyşahym, zaňňuk bir adamy
dagy nädip öldüreňde-de bolup dur-a, beýdip, ot gallap tüsse turuzmanda-da»
di8ýmezmi.
Gulagyna pyşyrdalansoň hil bir zat eşidäýerin öýden patyşanyňam
bolmajysy bolýar.
—Ýitiriň! Ýok ediň! Bu täýsiz huk başy!
Ana, şondan soň ol kül-kümürdir tot-tüssesi bilenem öňüne gelmezmi.
— Bo-ho-how! Heläý han! Akylyňdan aýlnaýyn! Gyzyly aýryp, ýeine daş
salaýan ekeniň-ow?!
—Waý, kakasyny? Bagty oýansa-da, akyly kemtik kakýanlara hemaýat
edilmese bolmaz ahyryn.
ATASYNDAN OZDURAN
—Däde, Däde, Aý däde! Häli seň öýde ýokkaň, bir geň geldi. Ol ilki «Hany
kakaň?» diýdi. Menem seň ussa dükana gidendigiňi aýtdym. Şonda ol «Wah,
kakaň bolaýar ýaly ekeni. Sered-ä, meň egnimde mähnet halyň bir ujy bar. Oň
beýleki t5aýam mundan üç günlük ýolda «Ýer ujy aradepede» Kakaň bolaýan
bolsa, men şu halyny oňa görkezäýjekdigimid-dä» diýdi. Menem oňa «Ine, sähel
salymdan kakam ger. Onsoň o halyňyzy synlarys. Eger garşy bolmasaňyz, onyňyzy
biziň köz gaçyp ýanan halymyzyň ýyrtygyna ýam edýäris» diýdi welin «Bo-ho-
how. Ogly şuň ýaly lapçy bolsa, atasy dagy nägeňsikä? Ahmal bolsa bular özüňem
bir dolmazyna dyjar welin, onsoň keteliň kendinden hatyň ger» diýşine, çaýam
içmän, zut gitdi-de, kaka.
—Haý, enesi ýalamadyk, bisowat. Nämeüçin o lapçy myhmany men
gelinçäm saklaman, ulykjyn aldyrypsyň. Hany, seni bir gaýdyp ikini islemez ýaly
edeýin—diýşine, aýagyndan jüpläp tutagetdin, ogluny suwa çümrüdip-çykaryp
ugramazmy.
Oglu bolsa daş-diş. Aglamak-eňremek daga ele ýanyndanam geçenok.
Şo barmana-da ol:
—Däde, buşluk, däde, buşluk! —diýip dillenmezmi.
—Hä, şu ýasawdakaňam buşluk, beýleki diýip, ýene bir hokga çykarjak
bolýanmy?
—Ýok, däde. Hokga beýlek-ä ýadyma-da düşenok. Ýöne, ýaňyja suwy
çümdürende bir balyk tutaýdym-da.
—Hany, tutan bolsaň, o balygyň?
—Eýýäm tutudumam, gowudymam, iýdimem, däde.
—Haý, betjygaryň balasy, ganatymyň astynda bolsaňam, ganatyňy gerşiňe,
eýýäm ataňdanam ilerläberen ekeniň-ow.
GÜÝLÜG ÝÜP BERÄÝEŇDE...
Halypa, öňkülemmiz «Öýkesiz toý bolmaz, armansyz ölüm» diýse-de, menä, ähli hany-manymy harç etjek weli bir tarypy tükenmez to9ý tutjak—diýen kişi
deňli deläp toý edýär. Bökedip, çeke oýnadyp, at çapdyryp, altyn gawak atdyrýar.
Her ugradanynyň öňüne-de toý paý hökmünde ýap-ýasy işegi basmagy tabşyrýar.
Özem ýol ýakadaky hennege girýär. «Hany, hoş eden myhmanlammyň agyz
uluňyny bir aňaýyn-la» diýägetdin üstüne ýatan peşmegem çekýär. Edil şo halatam
gulagyny bir eşekleň:
—Haý, enesi ýalamadyk! Görümsiz gurrumsak diýsänim! Ýeri
pylankessiräp eşek berdiň, taň etdiň, munça bolanyna görä, sygryň guýrugyndan
pyçak döwmän, iki garyş güýlüç ýüp beräýeňde, näme takylap janyň çykaýar
öýtdüňmi?!—diýen ses gelmezmi.
ÝOLBARSLARA ÝÜKLÄP...
Ir eýýam iki sany kişi «Gel, Hoja Ýusup babaň aýagyna ýykylaly. Berse, ak
patasynam alaly» diýip, ordasyna aralaşmazmy.
Gelip ser salsalar, ýaşuly aýaly bile ojagyň başynda. Keýwanysynyň elindehä gödensiz bir çüňkli çemçe. Özem omadaklabrak oturyşyna, gazanyň
aşagyndaky ody üfläp ber-başagaý.
Şo barmana-da... Görsene bu bolýan zatlary! Aýalynyöň bir zada has jyny
atlanandyr-da. Adamsynyň ýeňse çukyryndan basagetdin, o görgüliň ýüzüni tütäp
duran közli küle süsdüräýdi. Bu ahwalaty synlap pata aljak pahyrlaňňam üstünden
edil gaýnag suw guýlana dönýär. Olaryň biri:
—Baý, bizem-ä halys gutaran-ow! Ölüpdiris-de, aglaýjymyz ýok. Indi gelgel, pata aljak bolýan kişimize sered-ä?! Heleýine kebzesinden penjeledip durşuny
diýsene-diýip, atynyň jylawyny yzyna burmazmy.
—Ýok, gaty gyssanma, jan doghan! Az-maz tagapyl et. Halypamyz bile halahwal dagy bir soraşaly-da!
—Ýa senem-ä, şo tetelli kesmekçiň hal-ahwalyny başyňa ýapjakmy
diýsene! Hany, bol basymjak, günüň ýagy barka garamyzy saýlaly bu töwerekden.
—Ýok, beýdäýsek sylaşyksyzlyk bor-a—diýen hemdemi arkanjaklap durka
Hoja Ýusup babaň olara gözi düşäýmezmi.
—Bo-ho-how! Ýagşy ýigitlert! Beýdişip durmaň-da, hany atdan düşüň!
—Aý, agam, atdanam-a düşmeli welib, birhili bolaýdyk-da.
—Ýa, heý, oň üçin hiç hilem bolmaz. Ýeňňeňiz uçursyz gowy, diýseň
tapylgysyz maşgala. Ýöne men ýazuw-bozuwsyz dini öwüt-ündewe köpräk
mübtela bolupdyryp-da, onuň azyk-suwlukdyr odun-ukajyna kän bir başam
galdyrmandyrynda. Onsoň näme, olam gaharlanşyna, çalarak çyzykdan çykaýdyda... Hany, atdan düşüň. Hol-ha, barybam, şol ýerde bar zat bardyr, jaýlaşyberiň.
Oňynça menem ýedi-sekiz ýapy aşakgetdin, gurap giden ijardyr beýlekiden gujakgoltuk getiribem, gelnejeňiziň göwnüni göreýin—diýen Hoja Ýusup baba gönümel
ýola düşme bilen bolýar.
Hälki iki myhmanam atlaryny teblehanada baglap, içeri giräýmeli ýaly
welin, olaň biri kes-kellem düşmäň tarapdary däl.
—Ýör, how, abraýymyz barkajyk şu ýerden göterileli. Heý, heleýine
şeýtdirýän aňkasy aşanyňam bir pata-töwiri bormy diýsene! Şo kärlikä-de, pylanpismidan diýen bolup, arwahdan azan aýalymam öwýär-ä özem.
—Beýdip durma, hany, ýaňky aga gelinçä girip, dyzymyzy bir epeli
ahyyn—diýen kişi zordan ýoldaşyny öýe salýar.
Onynça-da «Be, näm bar-aý?» diýip daşary çyksalar, ine, üsti mas ýükli dört
sany ýolbars. Arlamadan-beýlekiden ellibizar. «Haçan ojarymyzy düşirkäler?»
diýip, irikkä bolşup durlar.
— Hawa, iniler, görşüňiz ýaly, ýeňňeňiziň möhüminem bitirdik. Indi bir işisalalykda saglkyk-salamatlyk soraşalyň.
—Bor, halypa.
—Bor, halypadarym-a welin, ýaňy ýeňňeňiziň maňa daraýşyny giňräk
göräýdiňiz öýdýän.
—Şeýleräk özün-ä.
—Şeýlerägem bolsa, bilip goýan ýagşy. Çyn är özüne ikilik etmedik aýalyň
mährinden geçip, sähel-mähel zat üçin, oň peýdasyna döwek goşaýmaly däl.
Ugruna sürübräk, oň bile ýaşaýmaly, biziň bolşumyz ýaly. Hawa, iniler şeýdip
bende Taňryň ýalakmasyna-da ýakynlaşýandyr—diýşine, gelinlere pata berip,
otaryp goýberýär.
OGRY BOL YNSAPLY BOL
—Eklenç başyma düşdi welin, indi men haýsy käre baş goşarkam ýaşuly?
—Be, aýtsaň-aýtmasaň-aý, seň kakaň pahyryň kesbi-käri näme-de?
—Oňka ogurlykdy.
—Wah-eý-eý. Ogurlykmydy görgüliň bar bileni? Oň ýaly bolsa «Ata kesbi,
ogly halal» diýleni. Senem, näme, ogurlyk etmeli borsuň-da on-da. Ýöne, «Men
ogurlygyň haram-harsysyna galdyryldym» diýip, urup-uşadybermegin. «Ogry-bol,
ynsaply bol» diýlen gepem bolmalydyr bizde.
—Bor ýaşuly—diýen kişi ahyry has çökder ogurlyga-garakçylyga ýüz
urupdyr.
Ine, bir günem hälki ogry öz melekdeşleri bilen hatarly kerwene dahyl
gelmezmi. Baran ýerini ot uşladyp ýören naýynsaplara-da özüňiz belet «biz bir
bagty getiren, how. It-garaň görmejek, üýrmejek ýerinde mungusyz baýlyga
duşduk. Bir alla näme, öňümizem gije. Adama birini kaklap, soň edibiris geňeşi»
diýip, özgeler ot gorsasa-da, ynsaply bolmagy kalbyna galyplan ogryň göwni bir
ýaly. Ol ümleýşine, öldürmeli adansyny bir gyra çekýär.
—Agam, seni öldürmäge bognum ysanok. Şoň üçinem, gaty basym şu
taýdan garaňy saýla, meni gepe goýmajak bolsaň.
—Ne, halypa, onda sen-ä ogryň ynsaplysy ekeniň. Oň ýaly bolsa menem
saňa bir ýagşylyk edeýin.
Görşüň ýaly seň kakabaşlaňňa eýýäm men barja ýoldaşymy gara guma
gardylar. Ine, «Hä» diýmänem olar zatlary telläp ugrar. Şeýle dälmi? Şeýle bolsa
onda iň öňdäki ak iner bardyr. Ana, şoň yzyndaky gara bugurçyň ýükem ýumşak
külçedir. Ýöne, şondan dynnym-aljagynam dadaýmagyn. Olar «Birden bir bolmaz
iş bolaýsa, bize nesip etmedik zat, ogry-jümrä-de buýurmasyn» diýip ýörite
awulanandyr. Sargydym. Men dok, ýaňy gaçyryndym, atyň üstünde diýgin-de,
ondan ýekeje owuntygynam agzyňa salaýmagyn.
—Bor, agam—diýen ohry atyny arkalap, beýleki edip haýal-ýagalrak goşa
gelse, asyl, ogrular bir mysgal eýýämiň külçeli saçaklary açyşlaryna, hersiniň
elinde bir kesemen nan...
Ine, şeýlelik bilenem ynsaplylygyň ynsaplylygy oýarýandygyny gören ogry
galdyr-bassyrly kesbini kem-küta goýşuna, eklenç nazarýeti bilen ýere ýapyşyp
ugramazmy.
EŞEGIŇ AKYLYNY...
Eý, kyblaýy älem!
Eý, penaýy putt-y-pederim!
Gürrüňini etmegem-ä, gelişiksizräk welin, biziň obada bir munan garry bar.
Özem aýagyny göre sokup oturan, ýer urup, ýerde galan bir öhedi-le. Ýöne ol
mydama:
—«Eý, hudaýa, bar hudaýym!
Patyşamyza eşegiň akylyny,
Heleýiň gaýratyny ber.
Oň tyglarynam burra-burra edeweri» —diýip, samyrdap ýör. Ana, şoň şansy
bir hilegräk-ow, patyşahym-diýen halçy peläket garry enäň jürüni dikmezmi.
Özüňize belli, şugulçy-jüwwäň o sözlerinden soň gonjuna gör guýlan
hökümdaryň elhemi alty bolmazmy.
—Hany, oň ýaly bolsa, ol arwahy bir goşyma getiriň—diýen patyşa pylan
zeýilli wagt geçmänkä hälki pahyry dergähinde dikilgazyk edipdir
—Ýeri, ylhanat garry, seň nä päliň azyp ýörmi?
Näme diliň ýelini alar ýaly, indi, gel-gel, menden başga zat tapmadyňmy?
Bar «Patyşaň tyglary burra-burra», ýagny, ýiti bolsun diýeniň-ä, bolýaram
ekeni. Ýöne patyşa eşegiň akylyny, aýal maşgalaň gaýratyny dilemäň nämäň
alamaty? Biz-ä, bu samahyllamaňa düşen däldiris, ýekeje-de.
—Düşünseňizem, düşünmeseňizem şeý diýip, gije-gündiz hudaýdan dileg
edýändigimiz-ä, çyndyr, patyşahym.
—Ýeri, şeýdip, allany çagyrypsyň, taň edipsiň. Hany hökümdaryňa eşek bile
deňe-deň pähimdarlygy, aýalyňky ýaly gaýduwsyzlygy näm üçin diländigiň
sebäbinem bir aýdyp otur-a? Ýa ony ilaçasy-nogtabaşyňyzy it masgarasy etmek
üçin çagyrdyňmy?
—Ýok, ýok! Patyşahym! Heý, menem, beýdip öz hökmi rowanyma dil
ýetirinmi? Toba! Toba!
—Heý, sen şeýtana sapak beren mülkit! Beýdip ýakaňdan ebşitläp tutan
bolma. Ýylan özge ýerde egreýip ýörese-de, hine girende gös-göni bolýandyr.
Hany senem, oklaw ýaly gönel. Bolmasa-da...
—Eý, patyşahym! Patyşahym! Meň ýaly ýurtda galan zaňňugy beýdip
howatyr atyna ataryp bilmersiň. Meň ölümim ýadymda, gorkymam gözümde.
Ýöne men il-günümi janymdyr jigerimdenem has ileri görýän. Çünki ol meň ýalak
ýaýlasy ýalazyň daşynyň dolagy.
—Dolagyňam bilmen beýlekiňem. Hany, gürrüň guzlatma-da, maňa näme
üçin eşegiň akylyny diländigiňi aýdyp otur?
—Aýtsam, şahym, asly daşam bolsa, dünýäde iň akylly haýwan eşekdir. Çyn
salarlar noburdyr nowhana ýa kak gazanlarynda öz ýerçiliklerine-de guman geçip,
mas ýüklenen eşegi öňlerine salyp, şoň pesetden ýörän yzy boýunça ýördem
edipdirler.
Galyberse-de, eşekdir geçiniň bilimsekberhizdarlygy, iň gerekli oty saýlap
iýýän tapylgysyz tebipdigi kime gizlin.
Ondan buýanam, näme, şahym, «Hemedan daş bolsa, kädibaş ýakyn»
diýenleri. Hany maňa bir gol götermez argyş çuwally tylla teňňeden dolduryp ber.
Menem ony eşege ýükläp, ilden gizlin gömüp beleýin bir giňişlikde.
Senem soň ol ýeri sürdür, on-ýigrimi gezek julk et-de. Yzyndanam ähli
esgerleňňi bosdur-da, gözlet hälkini. Onsoň aýdyň boluber, nämäň nämedigi diýen
garry eşege uran tyllasyny aňyrsyna-bärisine gözýetmez golda gömüp gaýdýar.
Patyşaň hökümi ýalam güýçli zat ýok. Soňam ol ýeri tä bulamak bolynça
sürmezlermi. Ine,şeýdip, künürsäp ýatan meýdana-da şa leş eriniň ýerden ýörärini
salybam gömlen gyzyly gözledenler. Sümmülläp-syhlap, ellerinden gelenini
etselerem, tanaýanlary näteňet.
—Gördüňmi, şahym! Hiç kes gömüs gämisi tapmaň hötdesinden gelibilen
däldir welin, seret, şu eşege. Ol on-ýigrimi ýyldanam ýalňarman, öňki aýak basan
ýerini yzlap bilýändir—diýşine, garry ýen üstüne agyr gum ýüklenen eşegiň yzyna
düşüberýär. Düşüşi ýalam, hälki haltany tapyp gelýär.
—Yzyndanam, ýene, öz patyşaňa näme üçin eşegiň akyny dil;äniňe. Ýöne
indi kyn görmän, maňa näme üçin heleýiň gaýratyny diländigiňem äşgäre
getiräýseň.
—Onda, şahym, aýdan ary, günden dury, edil ezip içäýmeli, kümüş ýaly
ahlagy arssa aýaly top. Özem oň iki-üç sany çagasy bolsun. Ana, şoňa «Aý, seň
aýalyň eýle, aýalyň beýle. Kişio göwnüni görjek bolup, özüni o ýola atansoň, sen
bir ýaňa gitdigiň, egelesi egsilenok» diýip, töhmer at-da, äriniň ýüregini çişir.
Soňam ýaňkyň eline palta ber-de, «Bar, haramy heleýiň ýoguna ýanyp gel. Menem
seni ýag çalyp ýuwdaýmaly, bir içimsi maşgala öýlendireýin» diý.
Bilşiňiz ýaly, patyşaň ýanda-da, müşgül zat ýok. Edil aýdylyşy ýaly
edägetdin, bir ýigidiň ýüregini ýarylara getirişlerine, eline-de, gara tap ýarylara
getirenlerine, eline-de, gara tap teberi tutduranlar.
Ýöne sähel salymdan ýaňky neresse ýüzüni sallap gelmezmi.
—Men-ä patyşahym, başaran däldirin, ony paltalamany. Barsam, iki çagasa, gapdalynda, birem, gujagynda. Ýere ýelmeşişlerine bir enaýy bolyp ýatyrlar
welin, hiç dözmezim-dä, ejelerine.
Özüm ozal doly ýetim (ata-enesiz ýer urup, ýerde galan) bolamsoň
«Erbetligi üçin ejelerini kerçgesem, bulammyň ýagdaýam waý ýetimlige (Ataly
ýetim waý ýetim, eneli ýatim baý ýetim) ýeter. Onsoň gözlerinden ganly iriň gelip,
bujagaz jüneteýlemmiň görmedigi görde galar» diýdim-de, ejeleriniň galdyrbassyrlygynam bagyşlap gaýdyberdim-dä.
—Sag bol, oglum! Aslyýetinde, seň maňgalaň pyssy-pyjurlykdan müň
mertenbe daşda. Ýöne biz bir gep boldy-da, seň ýürek. Ýuwkalyk derejäň
nägeňsidigini göräýeli diýdik-dä.
—Indi bolsa, şahym, ahlaky arassalygy duz ýalak päkize erkegi tap. Ana,
şoň aýalyna-da, seň äriň ulalyp aňalmadyk. Şary depesine çykaransoň, seň ýaly
ýokarky dodagynyň baly aşaky dodagyna tak-tak damyp duran bir hoşgüftar
zybagözeliň
gadyr-gymmatyny aňmadyk bolýa. Gözi ýalan ýylgyranyň
topugyndan turşyaýrany ýetirýär» diýip, emridip-selüşdişiňe, eline palta ber.
Yzyna adam tirkäbem, nähili tomaşa turuzýandygyna syn kyl. Ýöne gapdalyna
goşanyň gaty wahybal bolup, wagtynda ýetişäýmese, ol adamsyny bölek-bölek
edip taşlap.
Edil aýdylyşy ýaly edilip, gany gaýnadylan maşgala eline palta berlerine
mähetdel, ugramazmy hasanaklap. Barşyna-da, sen-men ýok, saljak bolup
ugramazmy paltany gertdirip...
—Ine, şu zatlar üçinem, patyşahym, men size:
Eşegiň akylyny,
Aýalyň gaýratyny,
Tyglaňňam burra-burralygyny diledim-dä.
—Sag bol, garry ene! Ýagşy dilegýarym döwlet. Belki, akyldyr aýratymyz
öňküdenem artyp, il-halky uly mamurçylyga ýetirmek bagty bize-de miýesser
etsin-dä.
TALAÇAR IÇDÄNI ÝÜKLÄP.
Ine, bir günem, keýpi topugyna düşüp duran Nedir şa (Nedirguly Mir
Mübärek 1688-1747) Keýmir köre deginmegi ýüregine düwmezmi.
—A how Keýmir! Aýdyp otyrsana? Iň ýaramaz adam, iň ýaramaz haýwan,
iň ýaramaz odun, iň ýaramaz ýol haýsylarka?
Keýmirem, näme, islendik soraga garaşylmaýan çözgütli jaýdar jogap
gaýtaryp, edil däne döwen ýaly edýän kişi. Gynanyp gyssanyşyna, böwrüne diň
saljaklap ordasyndan däl.
Şo gezegem ýetirmän-goýman:
—Ýaňy kak çekgeden horyda keçe telpek bir pyýada talaçar içdäni
ýumrugym ýaly burny gara eşege taýlap, kötel ýoda ýarmaşyp gelýär ekeni diýip,
jogap gaýtarypdyr.
SYRTY BOGY TUTMANSOŇ...
—Kakasy, sen iliň daşyna ýag çalyp ýuwdaýjak bolsaňam özüňkilere gezek
gelende, edil pir dogasy siňen ýaly. Edeňok-da, ezmaýyşly egilişigiň ýekejesinem.
—Ozalybetinde, ejesi, el egrisinipkini özüniňkä gamgyn etjek bolup ýykylyp
ýatanyň ýüzüne köz degsin.
Aslyýetinde, akyly ýerindäki kişi goh-galmagaldyr enjebiýli ekjeşme ýüze
çykaýanda-da, özünkileň geini mamla ýetirmäge çalyşman, olary ýazgaryşyna
adyllyga barmalydyr. —Dagyňa biljek däl welin, kakasy, ýeke dikrar dogmaňa bir
ak pata ber-ä. «Akyl-huşy goýazylanyp, halys, dilimize tüý çyksa-da, şu çaika
çenl-ä «Boruň» üstünden eltib-ä, bilemizok seni.
—Bor, ejesi, şün, şo dogmaň degirmän kepbäň bäri ýanda ýatsyn, Gije il
ýatyp, it uklar-a, üstüne gyraw düşüp, ana, şonda oňa pata beräýerin.
—Kakasy, daşary gagşadyp gelýän sowga. Içerde ýaşaýsyn-da, noşatgym?
—Ýa, ejesi senem-ä. Onça-munça sowga döz gelmejege pata bolmaz-adiýen Kiş seň ogly bir bada ýazylan ýorgana girýär. Ýöne ýarygijeden soň, syrty
bogy tutman, düşegini taşlaýşyna, turup ötäýgitse nätjek. Oň ýerine-de, näme,
üzeňňiläp münäýmeli bir garala köpek baryp süýnmezmi.
Kakasy pahyram o zatlardan bihabar. Ilk-ä, kyblasyna bakýar. Soňam
dyzyna çökägetdin, gara dere batyşyna bermezmi ak patany.
Ine, şeýdip, ärtara çyksalar, hudaý ýokdurmadyk ogla berilmeli ak pata
garala şeýle bir Nazar Kerdelik salypdyr welin hoşuň gelsin.
Bar kişiň-ä gözi şonda Güjük kökem daşynda. Olaň gör-ä, jotga guýrugyny
heserli bulaýlap bar ýa-da, alyslara intizarly bakyşyna.
ZEHINI ON ADAMLYK BOLSA-DA...
—Pir aga, çakym çak bolsa, siziň birnemejik şägirdiňiz-ä, bolmaly?
—Şägirt ýüküm-ä, ýetiksizem däl welin, jan ini...
—«Weliniňiz» näm-ä, tagsyr?
—Aý, şägirtlige durjak bolanda her haýsy agzynda aş gatyklap, üzeňňiden
üç geçýä, üçürdiklişine. Ýöne ukusyny haram edip, okamaga gezek gelende welin,
olaň aglabasynyň ýüzi gara-da.
—Hawa-la, «Ýüzden ýüwrük çykar, müňden tulpar» diýenleri-de. Elenýäelenýä-de, enesinden zehindir üşük geçenleri galyberýä. Onsoň olar diş-dyrnak-da,
aýdaklaňňy ýarpy-ýalta däl-de, iki esse ýerine ýetirjek bolup!
—Şeýle şägirtleňňem känmi pir aga?
—Wah, olar bary-ýogy iki sanjak-da.
—Nähili, pir aga, olaň üýtgeşik zehinlimi?
—Biriniň-ä, on adamlyk zehini bar welin, arman, yhlasy kemtik kakyp,
agsakly gelensoň, aýagyna ýörite çolaşýan ýaly bolaý ýa-da, käte.
Beýlekisiniň welin, bir adamlyk zehini bolsa-da, yhlasy on adamlyk. Onsoň
ol ýöne alyp-ýolup barýa-da, gün-günden jöwheri çykyp.
—Pir aga, siz o şägirtleňňiziň haýsyny has gowy görýäňiz?
—Göwnümi, şunça, bire baglap, olaň ikisinem, näler, deň gözde görjek
bolýan. Ýöne şonda-da, boýnuma alaýyn, yhlasy alawly şägirdim ýanymda dursa,
dünýäm düldüräp, dokuzym düzüwlenip barýan ýaly-da birhili.
ŞONDAKYŇ ÝALY UNAŞ...
—Keýmir beg, diýýän-ä! Hywa ýesirliginden gaçyp gelýärkäm, atymyň
yzyny yzlap, meni gözläp tapmanyň ýadyňdamy?
—Näme, ýadymda bolman! Şonda gara daňdan Hywadan çyjkyşyňa dört
günläp, aç-suwsuz at üstünde syryljap oturyşyňa, eňkamyň gidip, halys pişnäni
beren ekeniň-ä. Barsam, atyň boýnuny gujaklap ýatyşyňa, çala janyň galypdyr-a.
Onsoň seni, ilk-ä, merthanama getirdim. Soňam arkan ýatyryp, göbegiň töweregine
petir hamyrdan agyljyk aýlap, içine suw guýdum! Onda-da, sen, asyl, özüňe gelip,
aýňalarly däl. Onsoň nan ownugy suwa ezip, tülpe edişime, agzyňa guýup
ugradym-da.
—Bä-hä! Keýmir beg, sen-ä, şonda meň üçin tarakga etme kemini goýman
ekeniň-ow, asyl.
—Aý, Nedir! Nedir! Her neneň tagalla dartanam bolsaň, soň şa bolduň, taň
etdiň. Taňryny tanamazlyga ýetip, gözüň gyzardy. Soňam päliň azyp, it bile
börerden ösňän hüňür ýaly, ýatagyňy çapyp ugradyň.
Sen awşar türkmenlerinden bolsaňam, garyp-gyrgap, gör, niçeme ildeşleň
sümügini gyzyl çuwala çaldyrdyň.
—Ýa, Keýmir, senem-ä!! Beýdip, duz torbaňy boýnuňdan asyp, «Gözi
ýoguň, ýüzi ýok» etme-de, şondakyň ýaly tagamy agzyňdan aýrylmaz unaş bişirip
bersene, bize.
Ine, her gezek geleňde, Göroglyňky ýaly haýkyryp, salam berip girýän bu
köşgüňe bir gara.
Gör, bu nähili zynatly!
Näme iýjek! Näme içjek! Bary kekirdekden. Hatda kepderiden saglyp
alynýan guşuň süýdem bardyr. «Hany pylan tagamy dadaýsam?» diýip, bir
yrsarasana? diýşip duran bu kökenek kepizeklere bir syn kyl-a...
Ýöne, ynanaý, Keýmir beg, bu taýdaky nazy-nygmatlaň hiç haýsy şol umgur
çölde nepesim durlanyp, özüme gelip ugramda içiren unaşyňça daş ýok-da. Şoň
üçinem...
—Onyň-a ynanýan, nedir şa! Emma datly unaş işjegiň ynyň bolsa, bu
eşretleň peýdasyna döwek goş-da, yzyma düş! Çöle çäge çeýnemäge gideli! O
ýerde-de, duz datman, dört günläp, özüňi aç sakla. Onsoň menem, hamyr
tokgalaýşyma, oklawa ýapyşaýyn.
MAMASYNYŇ ORAŞAN DÜÝŞI .
—Jan gyzym, öten agşam men bir oraşan düýşi gördüm-dä.
—Aýdyp oturm, eje, erenler düýşi, pygamberler ýorgudy bolsun.
—Aýtsam, oglum, men ol düýşi gördümem, ýordumam. Düýşümde seň
oguljygyň Nädirguly Jan bar-a. Ana, şol çekiç kellesi müji ýaly, boýny bir gujak,
satanynyň arasyndanam possunly adam sümäýmeli, bäzbent toýnakly, dal bedewe
münüpdir-de...
—Be, meň oguljygym, şeýle ata atlanaýypmy?
—Hawa, balam, heniz görülmedik, şeýle täsinden tämiz ata atlanypdyr.
Özem diýseň sermagallakly dagyň çür depesindäki çiňňä çykyşyna, uzaklara ser
salyp dur. Dagyň tutuş töweregem, adamdan ýaňa gyrym-gyrç. Ählijesiniňem
nazary Nädirguly Janda.
—Be, şeýdisene, jan eje!
—Hawa, bu düýşi görenje badyma «Meň Nädirguly Mir Mübäregim şa bor.
Ile kimdigini tanadyp, adamlaň agzyny açdyr» diýen ýorguda geldim-dä, balam.
Hakykatdanam, Nedirguly Mir Mübärek (1688-1747) mamasynyň bu oraşan
düýşünden soň «Men hökman şa bolaýmaly» diýen tommaýly pikiri, belaý-kalaý,
kalbyna galyplamazmy. Oglanlar bile oýnanda dagam, asyl, hep-herseňňi.
Kellepoşyna bugdaý başyndan jyga sanjyşyna, hut hökümdar hökmünde
gorgumsylyga gaýymlanýar. Şeýdip, ese-boýa galşyna-da, garadan gaýtnaz
okgunlygy bile külli eýrana şa bolýar.
GARA SIŇEK ÝÖRMÜLDÄP...
Hawa bendiiliginden boşan Nedir gelşine, daýysy Jabady sözläp tapýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 06
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.