Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 01

Total number of words is 3666
Total number of unique words is 2515
21.7 of words are in the 2000 most common words
32.5 of words are in the 5000 most common words
38.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
BERDI
ÝABY.
GOJAMDAN AÝLANAÝYN!
Otur-turumyňdyr girim-çykymyň, saldam garmagyňdyr ýylgyr ýakymyň
bilen göwünlerini görüp, ynamyna girdiňmi? Onsaň nämedendigini aňmasaňam,
olaň bakysy-ýakysy sensiň. Zägewli çaýyň düýbüni käsäňe syrkyşlaryna, äwmänalňasaman, geýrewe towuny ýetirip ugradyklaram hyrçyňy dişleýşiňe «Wah, biziň
biweçligimizi diýsene! Bu perişde kimin ýaşulylaň gazet-gatydyr kitap kökenine
girmedik gyzylly şaý kibi goýazy gürrüşleri, gör, nähili täsin! Olar terbiýetli
taryhymyza toý tapylmaz goşandam bolup biljek. Emma biz welin, bu günki
işimizi ertä goýup, owarrama urşumyza, olaryň soňuna galyp ýöris, aglaba diýip,
özüňi syhlan başlaýaň.
Hawa aksakgallarymyzyň hikmetli dünýäsi çak edişiňden özboluşly. Eger
olaň bar bilýänleri edil Edrek akgaň doňuz perderi doldyrşy ýaly ekedi-nokady bile
ýazga geçirilse, dog-a bar onsoň türkmen taryhynyň gurdunyň gündiz uwladygy
bordy.
Aslyýetinde taryhy maglumatlary ýiti yzlan ýaly soraglamak, ýygnamak
eşreti kysmy eý görşüňe, süňňin syntgalama bilen emlägine öwürmek diýseň
möhüm mesele. Çünki öz halkymyzyň gowgaly geçmişini eki-köki bilen
hakydasyna galyplap, taryhyň hupbatly tejribesinden ugur alýan metda şahsy her
neneň dürt-dürt etseňem, çakjabaşlyga ýetirip, topuldyrmarsyň ganybir
garyndaşynyň üstüne. Asyl akymy gözündedir. Säwmegi tötänlikdir, ötürik
dümäýse-de.
Onuň tersine, eždatlarynyň ömür ulgamyna parhsyz garaýan, geldi-geçer
gamyşbaşy elhegi bolsa, goltugyna garpyz gysdyryp, sen-sen bile, sähel
hekgertdigiň, eýýäm haçan, gany çalşyrylan ýaly, yzakdan çykyşyna, oýlanyşykly
ýalňyşa sokulyp, işini gaýraky atyza geçirendir.
Bu ýerden tohum berlen ýaly pytraňňylyga ýeten taryhy medeni
mirasymyzy, edil gyzylyň gyryndysy ýaly apalap, jemlemäň gaýra goýulmaz
borçdygy, onda-da hut kanuny borçdygy subutsyz akmama.
Mundan (öň) on-onki ýyl ozal maňa tanymal türkmen akyldary, meşhur
magaryflandyryjy, eziz agam Muhammetdurdy Annagurdow bile söhbetdeş bolma
bagty ýetirdi. Şonda ýaşuly «Ümür ini, sen gaty geň adam ekeniň. Bir süri çagaň
bardygyna garamazdan, uniwersitetem gowy gutarypsyň, gaýybana, indem
öýüňden elli bizar, ondan-oňa selpäp, ýaban ýatyşyna il taryhynylygyny ýygnaýaň,
jan-jedel, şeýdibem, uly iş edýäň.
Bilşiň ýaly menem, şeýle müti, şeýle bilesigeliji adam. Ýöne Maryň
etegindäki obam Merjenli Perreňiň gelip çykyşyny taryhylygymy seň makalaňy
okamsoň bilip galdym-a. (Aslyýetinde, Merjen gajar basgysynda marylylary
garpykdyrmak üçin sürnüp gelen Hemze Mürzäň Siga-wagtlaýyn nika aýaly ekeni.
Ýöne masgaraçylykly ýeňlişe dahyl getirilen Hemze-Mürze gaçmazmy azzat-damazzat, daraýgözli Merjen hany taşlap. Ine, şeýdibem Han geçeniň eteginde ýeke
öýli oturan ýurduna onuň ady galýar. Haçanda şa bolup bijesi atylanda-da
perreňlere düşübem o taýlary «Merjenli kerreň» atlandyrylyp ugraldy.
Şeýle-de, seň ot-elek bolup, bitirýän bitelikleňňi görüp, özümiň gaty bärden
gaýdandygyma göz ýetirdim turuwbaşdan eger men ýigriminji ýyllaň aýagyndan
gurhan ýaly gojalaň, Epdek kibi ejemiň gowurdakly gürrüňlerine gulak gerip, seňki
ýalak, il mirasyny ýygnamagy kesp edinen bolsamdym, onda biz, gör, nähili
bimöçber baýlygy beýlämize geçirdik.
Men bolsa, «Ederine bilmeze ýagy hajatlyga» ýetip, kyrk-elli ýyl soňrak
başyna barlanda-da, seniňmi zelem goýmajak metbugat taryhymyzy öwrenmäge
ulaşypdyryn. Şeýdibem, edil gapdalymdaky gory gowzamaz gaznalary goldan
gidiripdirin-dä, ar-durja-diýip, başyny ýaýkady.
Hawa, biz etmeli, nesip etmeli öz taryhymyzyň küýze döwük jäjelleri ýaly
pyteraňňylyga ýeten peseňli parçalaryny ýygnamalay. Galyberse-de, Klara Setkin
pahyryň «Biz ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda duşdan geçirilen zatlaryň yzyndan
ýetmäge çalyşmalydyrys» diýendigini huşumyza galyklap, diýseň dogumly
deprenmeli. Türkmen taryhyna hepagaly goşant bolup onuň ak tegmilli
sahypalaryny dokunar derejelere ýetirip biljek ýekeje närsänäm gyrada galdyrman,
bu işe hut gögümiz geçip barýan ýaly otlukly topulmaly.
Şeýle-de, gep gerdişe gelende, ermeni doganlarymyzyň milli mirasa nägiňsi
gadyr goýýandyklaryny ýatlamagam zelele goýar öýdemok özüm-ä. Olar
müňýyllyklaryň dowamynda diş-dyrnak bolup, jemlenen golýazmalar känini, ýagy
dökülende buljumly dag gowaklarynda gizläp, asyrlardan aňyrdy.
Olaň Seljuklaň goşunynda talaňa salnan on müň man uskripti gaýtadan
dikelmek üçin gören görgüleri, çeken hunabalary, golýazmadan goparylan ýeke
sahypa üçin ýer ýykyp, dünýä derejesinde gözleg geçirişleri, galybersede şeýle
mukaddes mirasyň hataryna üstümizdäki asyryň ýigriminji ýyllarynda öz elipbiýini
täzelik teklibine «he-hawa» bermändiklerinem hut bilip goýaýmaly.
Hawa, halkymyzy ruhy gangynlyga, ruhy sagdynlyna, ryhy kämillige ýetirip,
mährem mekany milli messep, milli guwanç, milli buýsanç bile has düýpli, has
düşünjeli söýmäge alyp barjak taryhy mirasy ýadawsyz ýygnamaly.
Bizem şeýle garaýyşlardan ugur alşymyza iň bir ujypsyz mümkinçiligem
duşdan geçirmezlige çalşyp, edil gözümize gurt düşen ýaly gözleg geçirdik. Onsoň
näme, «Otuz bölek, ýüz süri», «Ýüzdeý ýüwrük çykar, müňden tulpar» diýilşi
ýaly, assaň işi biterlerine bardy-da, mungusyz miras jemlendi.
Ana, şolaryň birem Berdi ýaby baradaky gürrüňleriň tapgyry. Berdi ýaby-ol
gaýypdan gurnalan haýdar howaýylaň kabylasyndan däl. Ol ýüregi tamdyr ýaly
garadan gaýtmazlaryň biri. Özem Watan, il-ulus bähbidini mäşirlik ýaly gara
kelleden has ileri tutubilýän gylyçly garahmetleriň iň çorba çykary.
Huşy Metde agam Nurgeldi Abam ogly «Baý-bow! Ümir inim, oňa
ýadamaz-ýorulmazlykda ýakasyny tanadyp, daýawlaryň daýawyny poh iýdirensoň
«Muň özi at, özi ýaby» diýlibem, «Berdi ýaby» lakamy galypdyr. Onuň ogluna-da
«Allaberdi ýaby» diýerdiler. Gögeleräkkäm göräýdimem öýdýän ony, sypatdyr
şekili, sarmakdyr akyly barada alyça alarlykly pylan zeýilli zadyny aňşyrmadygam
bolsam. Ýaňkyň oglam Çolluk Allaberdi. Ho, Tagtabazara häkim bolup ýören
daýaw Baýramyň kakasy. Çoluk aga atly-abraýly başlyk bolup köp gezdi. Ol Baýar
Öwez, Jumaguly Mährem, Guwanç Oraz, Agaýusup Aly, Orazgeldi Ärsary,
Allaberdi Atagarry, Rejepguly Ata, Mykgy Lorsy, Hüdük Myrat, Hurana
Gurbanmyrat, Hyrslan Juma, Akgurban Jumamyrat, Gaýyp Öküz, Sapar Demir,
Gyzylgül Annamuhammet, Kerim Ahmetýar, Müsür Ýusup, Meret Muhat, Gurban
Hanja, Sapyş Çerkez, Myratberdi sopy,
...ýaly şöhrady çawuk ýolbaşçylaň sapynda durşuna, baý, halkyna nan
berendir-ä. Ýöne onuň garry atasy Berdi Ýabam il-halkyny ugursyz gowy görýän
ynsaby täretlileňňem iň naýbaşysy ekeni. Ine, bir gezegem «Hi, halypalar! Başy
boşuňyz ýokm-aý! Meň-ä, dulluk hadys maýymy alyp, şorumy depäme
çykarandyr. Goldawly goluňyzy aýlasaňyz-a» diýip, Gurban han atly gözi
höwlümli bir tekesirän, olaň obasyna gatnaý-gatnaý çykarmazmy bizar-peteňlerini.
Onsoň her neneň süňk sypaýçylygyny etselerem, ahyry paltalary daşa galtap,
degnamalaryna degilme, kemi galmadyk adamlaram, näme, «Şu bedasyly
başymyzdan sowup, bir müçükdirsene, merkini berde» diýip, towakga etmezlermi
Berdi ýabydan.
Şeýdibem «Algyt-salgyt, galyňly ýolgut» diýägetdin, obaň keleňter kişileri
hälki berebekgeý peläketden tolaý zady urup, geçirenler beýlesine. Sähedini bellän
günlerem oň alaşasynyň ardyna çekip goýbermezlermi bezelip, beslenip, oral aýal
derejesine ýetirilen Berdi ýabyny.
Garasyny syrtyna çekip, alaň aşan «mäşbürünç jahylam» özüňe belli.
Dylym- dylym edişine, howsalaly oýkanjyrama bile egninden garasa, burny
öwhägiň tirsegi ýaly, ýalawyň duzy deý garaýagyz ýüzüne polat suwy urlan bir
pyýada aýal bolan bolşuna, otyr-da omrakaý ýaşynyp.
Ana, şo taýda tutluşyp, atdan agyşlaryna olar bir salkyn dagy geýdirilşi
mezmi, ahyram, soňky söwda-da mahmal jyklap hezil edinmekçi görgüli
gaçmazmy höküdikläp, ulagdyr beýlekisini taşlyşyna.
Hawa, Berdi ýaby il namysyny öz namysyndan ileri tutuşyna, «Ojak başym
sag bolsa, özge dünýä ot alsyn» diýýanleriň tersine, edil Mämmet şyh ýaly ähli
türkmen bähbitlerini goraglapdyr.
1884-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ozalky Ahal hany Nurberdi Döwletýar baý
oglunyň (1826-1880) Marynyň Gadyrýap diýen ýeriniň Han obasynda oturýan
üçünji aýaly Güljemal hanyň (1837-1922) işiginde uly Geňeşe çagyrylýar.
Şoňa Baba şahyryň:
Aşgabatdan gaýtdyň aýdym-saz bile,
Bir näçäni ýakdyň han owaz bile,
Otly arabaň geldi gürji gyz bile,
Sansyz şäherleri aldyň, Allahan.
Ýüz müň otag saldyň tomaşa toýly.
Ýüz müň gürji gyzyň esbaby şaýly,
Munda Ýeleň Serdar, garahmet Maýly,
Duşmanyň boýnundan ildiň, Allyhan.
Çar tarapa dilip boldy duzagyň,
Sowulmaz nobatyň geldi gezegiň,
Öňüňde ot sowyr atly gazagyň,
Köp-köp şäherleri aldyň, Alyhan—
—diýen setirlerinde ýatlanýan Amhanow—Awarskiniň geljekdigi gulaga kaklyşan
Berdi ýaby ugramazmy ot gapyp, oraz Kirşi (Hajy), Annanepes Serdar Kuwat Şyh
(?) ýaly ençeme hepdemi bile.
Çünki şondan gyrba-gyrat alty ýyl ozal (1878) A. Awarskiý Bogsaklydyr
(Inçäň) egrijäň (ýagny, Murgap derýasynyň ugry bilen Mara aralaşypdy,
türkmenistany özüne birikdirmekçi Russiýanyň jansyz-içalysy hökmünde,
söwdaýy-derwüş terzi bilen. Ol Alyhan mülhit ady bile hangeçen bazarynda «Abu
huda! diýşine, sowuk suw satan bolup ýörse-de, tersa pygly Maryly tekeleriň
nogtabaşysy Gowşut hanyň başyna ýetip, Russiýanyň geljekki basybalyjylykly
ýörelgesine täsgenç döretmez ýaly, assyrynlyk bile ony aradan aýyrmakdy.
Şeýdip, Maryda eýeli bolan Alyhan mülhit ýaýlymly ýygynçaklarda
Gowşudyň köwşüni goltuklap ýaramsaklyk edişine, ony kemsiz öwrenýär. Sepini
syzdyrman, oňa-muňa sorag-samnyna, hanyň «Iliň agyr garamaşyny boýnuma
çekip ýörkäm, birden-bire zäherläýmesinler» howatyyr bile, üç ýarym adamy
öldürmek awy atmaga werziş bolandygyna-da göz ýetiýär.
Şeýderkä-şeýderkä, bir gün daň atar-atmazda, amatyny salybam, şaltaňdan
aýbygadym gyznaza Gowşudyň aýaly Umsa baýyň üstüne ot-köz dilemäge ýollan
bolubam, hanyň hokgasyna iýäji çaldyrýar.
Ine, bun bolsa, pisit pirimi arkaly aždarha ýaly agyzly Gowşudyň
tenbedenini okan şo mülhit, şo hunhor gelýä-de gaýtadan. Alabeder soýkasyny
syparyna bile aňylman-tanalman öýdüp, Mara Hekim bolmaga.
heý, şeýdip, Gowşudy han ýaly il bähbidi üçin örtünen merdi-merdanyň
gandary üstüňe gelensoň, hakyňy alybilmän, gaýyň gandallyga salasyňa, eliňi
owkalap durmak görülmedik bigaýratlyga bilene.
Ine, şeýle niýet bile bir çukura tüýküren Bedi ýaby dagy bolmazmy
Güljemal hanyň işigindäki desgaly geňeş. Ýöne ojar odunyň aýawly şuglasyna
olaň biriniň egnindäki donuň ýartmajyndan görünmezmi kössäň lowurdyly ujy. Edl
şo halatam biri azymly ardynjyran ýaly edýän welin, çalawuntla atly gazaklap
basýar-da gübürdedip olaň Oraz kireşeden özgesini.
Oraz kireşe bolsa, üstüne okdurulanlaň hersini bir ýere zyňşyna, towsumly
üçürdikleme bile böküşine şeýle bir gaçypdyr welin, ertesi ölçäp görseler, onuň her
badalma aralygy aday ädimiň on bir ýarymyna golaýlaberen ekeni.
Şeýdip, ele düşen Berdi ýabydyr Annanepes müjewür dagyny ertesi irden
serkaby zarňyldyly äheňňiriň ýanyna eltenler. Olaň goşarlaryna urlan işgil bulawyň
bir ujuny dyzlarynyň ýokarsyndaky halka berçinläbem, sürgüläberenler «Niredesiň
Aşgabat?» diýip, ýanlaryna ýigrimi esgerli ebeer bile azyk-suwlukly furgon goşa
getdik.
Ýol bolsa agyr. Çaklyşyňdanam hupbatly. Şonda-da ýöräýmeli. başyňy
belent tutuşyňa, sepiňi bildirmän. Kesäňden kikirdisini käneldip, üstüňden
güljekleň agzyna gum atyşyňa. Ýöne bilekleri buda bendiwanlap bu tershalkalaň
ýürege düşgünç jyňňyrdysyny diýsene! Wah! Olam owarram-la! Aýt! Aýt! Işgilli
golaňňy gorkardyp ýol ýörämäni aýtsana! Onda-da, ýagyrnyň gözüne gezelgi
naýzalaň öňünde. Elleňňi hallanladyşyňa, emin-erkin ýol ýöremek dagy janyň ujy
eken-ow, asyl bilene.
Şeýle oýlara gaplanan Berdi ýaby haýdaşlap oturyşyna, öňe saýlanyp, ýeke
çykybereninem aňanok. Oňynça-da, gyjyrdyklap gelen ebser ellerini kelemenledip,
ber-başagaý, asyl. Barmagyny çommaldyşyna, şonda «Bor-bor» diýşine, başyny
atan Berdi ýaby ýaňy bir omuzlaryny gerimlendirip ugraýar welin, titrekläp, dälilik
hetdine ýeteňkirlän hälki esber eslem-tas bolup gelýär-de, ezeneginden aslyşyp,
agzyna öýkünip ugramazmy Berdi ýabyň.
Ana, şonda birden-bire goýazy gaýraty gaýnagly gaharyň ýerdabyna
goplanan Berdi ýabyň gözi daraýy ýaly bolýar. Ol eginlerini silkeläp, çeňses bir
haýkylyk bile towsaklan ýaly edýärem welin, ebser gitmezmi tüwdürilip. Onsoň
küdüň kysmy aýagyny, çalnyp ýatan ebseriň bokurdagyna goýan Berdi ýaby
düwünli bakanyna bir agram salan ýaly edýärem welin, gör-ä, Dartylyp-düýrügen
ebser görgüliň ýazyp ýatyberen-dä boýun oňurgasy.
Şeýdip, bertebesi peseldilensoň, sabyr käsesi püre-pürlenip, gandarlyk
derejesine dahyl gelen Berdi ýabyň günine it aglasyn indi! Onynça-da, nämäňnämedigine göz ýetirip hasanaklaşyp gelen soldatlary diýsene! Olar gyzyl ary ýaly
daşyna üýşüp, göz açyp ýumasy salymda ganyny gotura derman edäýjekler Berdi
ýabyň.
Ýöne, eýgörmüş, köpügören bir gartmajrak soldat tapylýar-da, eýýäm haçan,
endam jany naýza bile pers-ala edişine, ölüm pillesine ýetirilen Berdi ýabyň üstüne
bolmazmy howala. Şeýdip usurgyşyna, esli ýatan Berdi ýaby ahyry saň-suň edip,
ýerinden galşyna ugramazmy ertir.
Aşgabada baran batlaryna-da, ony, desbidähel, etmezlermi generalyň
huzyryna. «Her diýen garaýşa eýeren general ýalan güles-ýala» arkaly ony öz
gullugyna goýmak üçin näçe çytraşsa-da, eger-eger. kesmek baglan ýaralarynyň
gany jyzlaşyp dursa-da, Berdi ýabyň şo bir ýasawy, şo bir kakuwy. Öljek-ýitjek,
ýöne gylçylyk ediuşine, elaman diläp, jan aga!!! diýjeklerden däl.
Onsoň, turşumtyl ýylgyran general bir tabada esli bulamak getirdişine, oňa
batyrtmazmy Berdi ýabyň ekez gamyş ýaly murtuny. Şeýdip, onuň gözüne kölge
salyp duran sargowsy murtuny küsserdip, aşak sallan general «Gördüňmi,
başbermezek boýny ýogyny nädiberýändigimizi? Şoň» üçin gedemligiňi goýda,
eşegiňi ýola gat. Ýogsa, boýuňa, başyňa deňäp ýören göze gelimli murtuň düşen
gününi görýäň-ä!! diýşine, her näçe içýakgyçlygyna tutsa-da, Berdi ýabyň şo
doňňaradaşlygy. Gepläýin beýlekem diýenok. Şo gözüni agdaryp oturyşy.
Ine, birdenem ol owlak ýatan ýaly gaşlaryny gerjeşdirip, saldar alyp duran
kellesini silkip goýberdi, yzyndanam çekge damarlaryny dartymlandyryşyna,
gaýzygan çöwlümli dodagyny bir mülküldeden ýaly etdi welin, o-how-how! Gör
ahyryn! Ilki bi tar murty bulamagyny silke- silke goýmazmy göge. Soňam ýene
biri...Ine, şeýdibem, içgi harasady towlamly tüweleý turzansoň, murty öňki ýaly
syh-syhlyga ýeten Berdi ýaby başyny ahmyrly talawladanda general dodagyny
dişlemezmi. Şonda ol «Bo-hjow! Bu möjegi ömürylla-ňa hezil bermez bize. Gör-ä
murtuny bulamaga bulak, masgara edişimi, üstünden güljek bolsamam, göwni bir
ýaly. Içki ýigrenjine basalyk berşine. Şoň üçinem, «Gurt çagasyndan ekdi
bolmazlaryndan» ugur alagetdin, muny howla çykdygy «Gaçjak boldy» bahanasy
bile, tüpeňledeýin ýeňse çukuryndan» diýip, içini gepledensoňam, Berdi ýaby
aksaň ýoguna ýanylýar.
Soňam gözi hamlanan Gajar han topaza goşluşdyrylan Annanepes müjewür
dagy Sibirden çykarylýar. Annanepes müjewür müň muşakgat bile Sibirden
gelenem bolsa, Çary Gurbangylyçdyr Annamuhammet Innäneden ýazylyp alnan!
Ýüzleri näzenin, güllerden aýly,
Manyda hökümli, Ahalda taýly,
Binamys, bigaýrat bolduň-la Maýly,
Elden gitdi, Gowşut hanym gelmedi.
«Ýol», diýip ýöredim, öňüm köl boldy,
«Bemt» diýip tutanym orsa ýol boldy,
Gajar han Sibirlik, Maýly il boldy,
Elden gitdi, Gowşut hanym gelmedi.
Dor aty galandyr öýünde,
Gezdiler ganym
Görmedim Mary oýunda,
Iliň Gajar hany gitdi.
Duşman boldy dumly-duşy,
Söküp gitdi, dagy-duşy,
Ýanyndadyr syýapaşy,
Iliň Gajar hany gitdi—
—diýen bentler Gajar hanyň Sibirde galandygyny äşgäre getirýär.
Ejem Agoraz hekim gyzy bolsa, Gajar hanyň Annanepes müjewir bile
Sibirden gelýäärkä Annanepes müjewür bile Sibirden gelýärkä ejdatlammyzyň
atam mwritinde ýaşan köne ýurdunyň golaýynda, görmäge göz gerek owadan bir
dagyň düýbünde düşländigini ýatlardy.
— Annanepes akga! Bu dag gaty göze geliumli welin...
—Sen, Gajar beg, beýdip, düşme ýürege-bagra. Däliden dogry habar. Seni
goýberjekgä, şo kaşaň kysym dagyň (düýbünde düşländigini ýatlardy.
— Annanepes akga! Bu dag gaty göze geliumli welin...) üstüne.
—O näme üçin, Annanepes akga?
—Öňkülemmiz gürrüň ederdi. Ir eýýäm, biziňkiler bu jemgaýlarda oturanda
bir kuh bar ekeni, Ýylgyrdaky diýip. Ana, şoň üstüne münen—dyrmaşan kişi
kimin bolsa bolaýsyn, bärisine bakyp, ýylgyryşyna, eňiber ekeni aňyrlygyna,
gözüne urlan ýaly. Şo zerarlam, gorkym bar, Gajar beg, şu dagam şo myka diýýän.
Şo sebäpläm, seň aýagyňam sekdirjekdäl, şu tagap.
—Annanepes akga! Eger bu şo ýylgyr dagy bolsa-da, geň edýän, men saňa!
O ýeri bir synlap, öňki adamlaň nämeüçin ýylgyryp, aňyrlygyna ýeňselerini el ýaly
ediberýändikleriniň sebäbini bilsemem bolany. Meň başga zat derkaryma däl.
Onsoň yzyma dolanmasam bolmadygym. Galyberse-de, men gepi-gep, sözi-söz
Gajar han topaz-a! Şoň üçinem, oň aňyrsy her neneň gülüstanly ýaýla bolsa-da
gidibermen-ä, jan ýaly ýoldaşymy taşlap.
—Her näme diýseňem, bu özüň ýaly ýüzläp Gajardyr, Bejeri ýylgyrdyp
ýygnansoň, alan bolaýmasyn ýylgyrdagy adyny?
—Aý, oň ýaly däldir-le, Annanepes akga?!
—diýen Gajar han topaz töwella-tagsyra bakman, ahyry ugramazmy daga tarap.
Onuň üstüne çykyşyna-da, Annanepes akga ýylgyryp bokagetdin dükürdä.
Soňky gözlegler ýylgyrdagynda ýoldaşyny aldyryp, ahyry ulusyna gowşan
Annanepes müjewüriň umgur çölde öri garawuly bolup gezendigini ýüze çykardy.
Tejen Annasöýündir Tüýli Sapar ýaly danyşmentleriň aýdyp beren:
Söwdagär agalar kaýdan geler siz?
Haýsy hanyň ilatyndan bolar siz?
Berdiniň halyndan sorsak biler siz?
Beg nökeri berdi handan aýryldyk.
Söwdagäriň kisesinde pul bolar,
Işiginde gyrnak bolar, gul bolar.
Tüýs bidöwlet orta ýaşda dul bolar,
Beg nökeri Berdi handan aýryldyk.
Tähranda tutular balamyň ady,
Ýagmyr bilen sönmez synamyň ady,
Göwnümiň kuwwady, ýüregmiň şady,
Beg nökeri Berdi jandan aýryldyk.
Goşun serkerdesi alaman başy,
Berdi janyň heserdeşi deňdeşi,
Ýetişipdi ýaňy kyrky-kyrk bäşi,
Berdi ýaby, Gajar handan aýryldyk.
Mundan gitse gara dagy awlardy,
Çeşmelerden birin-birin suwlardy,
Ýalňyz özi duşmanyny kowlardy
Göwre mende galdy, Başdan aýryldyk—
—diýen şygry bolsa, Berdi ýabyň ejesiniň il namysy üçin baş goýan jigerbendine
bagyşlanan matamly ekeni.
Hawa, biz şeýdip, hysyrdysyndan gaýpynman, öz taryhymyzy dikeltmeli. Öz
taryhyny dikeldip, taryhy tejribä ser salşyna öňe barýan halkyň nazarýetiniň
jöwherli gazanjynyň göwherli boljakdygam fakt.
BEGMYRAT GÖDEK .
Babadaýhanly
Atamyrat
bagyşlanýar.
aşnam
Gatakara
Garaşahyryň (Pidaýynyň) Dowam bilen aýdyşygynyň:
Mele bir haýrandyr oturan ödek,
Hojanepes burkaz ol hem bir madyk,
Täç gök serdar bilen Begmyrat gödek,
Sygmaza baş bolup, Käbilden geçsin—
—diýen bendinde ýatlanýan taryhy şahslary anyklamak üçin Ata Köpekmergen,
Çary Gurbangylyç, Mäti Köse, Han Körbaba, Baýmuhammet Garry, Sahy Jepbar,
Mommat Salyk, Nazar Gulla, Kakajan Ata, Nury Atda, Tagan Söhbet, Allaberdi
Oraztagan, Oraz Ýazym, Akmuhammet Aşyr, Gutjan Laýmy, Hojaguly Baba,
Geldi Wekil, Kadyr Rahman, Nurgözel Gurtja, Tejen Annasöýün, Orazgeldi Abdy,
Hümmet Gully Sony, Rozy bagşy, Öweazmyýaz Bekmyrat, Atdan Berdi, Öwez
Dowan, Ata Kary Muhammet Döwlet Ata, Orazgeldi Amanberdi, Jumamyrat
Atabaý, Orazmuhammet, Ata Juwaz, Tüýli Sapar, Bibinäzik Täte, Weýis
Nurýajy...ýaly ediýawly ýüzlerçe ýüwrük bilgä sala saldyk.
Şeýdibem, mele haýranyň depseň yranmaz döwlet bolan belli baýdagy,
eýran-türkmen dostlugyna rowaçly gerimlenmeler girizen sahabatly Allanazar
Weli Batmanlar bilen guda düwündigi, Dowzah çukur (Hanhowuz)-sarahs
aralygynda onuň adyna oturan ýeri bilen baglanyşykly bir depäniň bardygy ýüze
çykaryldy.
Hojanepes bukaz hem ýüzi ýalawyň duzy ýaly garadan gaýtmaz batyr ekeni. Ol
gajar basgasynda (1860-1861) bäş ýüz şem halka baş bolup ýeňiş tebliniň
kakyrmagy üçin güýç gaýgyrmandyr. Onuň ogly Oramet burkazam öz döwrüniň
atlydan agyzly adamsy hasaplanypdyr. 1916-njy ýylda Oramediň haly horjunynda
Körmollanyň kakasy Öwezberdiniň ýagny Sakar mollanyň Taryhy «Tekenamasy»
görlüpdir. (Maryly gojalaryň haýyşy boýunça asly ýerligi Sakar bolup Abdulla
işanyň elinde tälim alan Sakarmolla tarapyndan döredilen ol eseri hernäçe
agtarsagam, häzire çenl-ä, ele salmak başardanok).
Täç gök serdar bolsa, ilimiň söwer ogly Gaýgysyz Atabaýyň kakasy. Ol
Mary-Hangeçen jeňinde gözsüz batyrlygy bilen ýigitleri uly ruhlanmalara ýetiren
şahs. Ýöne geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda ýüze çykan çapraz düşmeler zerarly,
onuň Mäne-Çäçe göçendigi, ol ýerde-de, owgan-türkmen hyzmatdaşlygyna
nepaganyň ilerlemegine ýetirendigi nygtaýmaly hakykat.
Şygyrda ýatlanýan Begmyrat gödek dogrysyndaky maglumatlary bolsa,
türkmen taryhynyň gözli gaznasy, agzaly agam Edrek Atajan äşgäre getirdi.
—Aslyýetinde Begmyrat aga gödek lakamyny göterse-de, ol ýüregi ýuka, bir
dözmez bolansoň, mydama il-ulusy bilen deňdeş dem alypdyr. Ine, biri, çyzykdan
çykyp, gyz süýrär. Ýa öridir guýyň, ýa bir gulak suwdur bimesrep agryň üstünde
iki syrgyn jark bolmaň bäri ýanyndadyr. Ýa «Ýekä pyçak, ikä taýak» edilende,
birewiň bagty taýagetdik aragan düşendir. Şonda gandar taraň töwella-tagsyryny
aldyryp, ölen üçin hun tölejekdir. Sen, Ümür jan, hunam azym «Küjüm zatdyr
öýdäýmegin. Eýläk ýatsaňam, beýläk ýatsaňam oňa geçiräýmelisiň, iki gyzyň
bakasyny, Ýöne ganly gapdalam. «Ýok! Ýok! Biz gana-gan alarys. Hun däl-de»
diýşine, dyzanyp durandyr, gylyç gemrişine.
Ana, şeýle halatlarda Begmyrat ýaşuly ýanyna günäli-gandary alşyna, senmen ýok, baragetdin gan algyşlaň işigijnde çöker, ekeni dyza, guşagyny boýnuna
atyşyna. Onsoň bildiginden aýat okap oturşyna, tä mytdapyk-momurlyga ýetilinçä
gowsunyp-gozganaýsa nädersiň.
Ine, şeýdibem, ol işan-molla inderilmeýän töňňeli tersalygy ýazylgançylyga
ýetirip ýörşüne, kemin-keminden adygýar. Hatyrasy artyp, hemmeleriň
hormatlanýan il agasyna-da öwrülýär.
Şeýdip, söz ýykylman, islendik meselede geňeş salynýan Begmyrat akgaň
ýanyna bir gün gelmezmi obadaşlary.
—Aga, ajygyp ugrandyrys, biz-ä, çykdan, özüň bir ýagdaý edäýmeseň.
—Ondan-a habarym bar.
—Habaryň bolsa, jan aga, öte ýatyşyna, adamlaryň çiş ýöräp ugrandyr. Bi
döwletli maslahat tapaýmasaňyz. Görşüň ýaly bişşeçilige-de är ölüm, asyl, başy
bozulmadyk bäş aý bar-da.
—Onyň dogry. Ýöne bu dara-direlikde argyşa giribem-ä, ile ýalamýoklamlyk äkelip bolmaz. Gyşyň oňurgasy öňümde bolansoň, ajybalgazdyr
kertiklä ýapyşjak gumanyňam ýok. Şonuň üçinem, aýdyp otyryn göwnümizdäkini.
—Aýtsak, agam, alyp bolsa, bugadaýa edil elimiziň aşagynda-da bar welin...
—Be, kimdiaýt, ol?
—Ol-a, siziň agaňyzyň at ýatagynyň aşagyndaky uly uruda. Öten ýyl däl,
öňňil bugdaý başyna gören ýaly bold-a. Ol onda ol ähli algylaryny aldy. At
ýatagynyň daşyna-da, it garagörmez, üýrmez ýaly daşa aýlady-da,
tapyrdadygetdim gömdi bir ýolly gije.
Indem, näme, içinden «Garny ýaryk gyzyl süýrim, ysgynsyzyň bire-birim»
diýşine, garyp-gasarlaryň hem egbarlaryna garaşyp ýatandyr. Gymmat bahadan
satyp, galyň görgieseriň elindäki-ujundakyny arzan-u girýan çöpläri ýaly.
—Onuň ýaly bolsa, adamlar... Onsaňam, gepiň ýalan çykmaz dälmi seň?
Ýalan çykmasa, onda, nädeliň diýsen-e! Obaň ähli inçesi üzülip, ýogyny söz
manyny ýygnaň. Ellerinde-de bolsun, gap-gajy. Onsoň uryny agtaragetdin,
paýlalyň gelenlere, bar bugdaýam deň-derman edip-diýen Begmyrat aga dagy uryň
üstünde daňlan atyň gazygyny üýtgedip, syza sübse bilen töweregi galgylap ugran
batlaryna, agasy gelmezmi atylyp.
—Haý, galman giden wepezzyna diýsänim! «Il meni sylaýar. Hatyramy
saklaýar» diýip, beýtmäň näme? Könelerimiz «Agyry aşdan ýeter, dawa
garyndaşdan ýeter» «Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy?» diýenlerinde
gaty dogry kesen ekenler. Gör-ä, bu teýsiziň goýmadygyny goterjek bolup. ket
etegini Kesekläp durşuny!
Hany, ugra! Göteril bu ýerden! Ýanyňdaky taňry gargan tuwmaýaklaryňam
al-da. Hä, bu taýda gel. Gelnejeň sepini satyp alanyňy ýygşyryp goýupmydyň?
—Aga, bilip goýgun! Barsyz bolmasa, barjamly bolýan däldir. Şu adamlaryň
bilmeýänini bilip, bulara kapyr nogta salyp, agzyndakyny aldap alyp, sen baý
bolansyň. Şonuň üçinem bu taýda, bu bugdaý ýeriň ysyny alyşyna, zeperlenme
tapyp, ýatandan, goý, bir topar adama jantetärinlige ýarasyn. Ine, bugdaý bişip, erte
iliň kärendesi ýetişer. Onsoň seni üzerler daş ýany bilen.
—Haý, seniň kärendäňem gursun, direndäňem. Hany, şu ýanagaç bilen seň
depäň öli ganyny bir alaýyn-la—diýen agasy agzyny ak köpük edişine, ugramazmy
gözüni höweslendirip.
—Onuň ýaly bolsa, oglanlar, hol, talagartaly diniň-de, saraň agamy, şoňa
gyllyşamaz ýaly edip. Eger agzyndan paýyşdan-pajama söz çyksa-da, dykyň
agzyny, hol letde bilen-diýen ýaşuly salsanly laý bilen suwalan uryň hyja
gulpaklaryny aýyrdyp durka-da, nil dodak ýeňňesi gelmezmi baş bogusyny
tasadyp.
—Haý, tohumy tükenen, tohumy tükenmiş diýsänim. Nä, bu ýerde dul
heleýiň gaýrynsyz gaznasy maly barmy? Hany ýoguňy çek! Bu hudaýtutan
garamaýaklaryň-am al-da.
—Hany, gelneje, sylagyň baka, tüket nadaralygyňy. Onsoňam, meň
garamaýaklarym bilenem. Olar dälmi seni ýag iýdirip, ýürege çolaýan. Şonuň
üçinem edil burnuň deşilen ýaly bolgun. Ýogsa-da...
—Waý, iller-eý! Günler-eý! «Hem ogry hem rüstem» bu taňrydan tapana
serediň-ä?! Onsoňam sen «Ýogsa-da» diýmäm, size saýhally bolmagy
sargadygym. Ýogsa, Hol, garaýagyz gelinleri, birki sanysy senem, hol, diregi dikä
getdin, daňyr goýar agam ýaly—diýen Begmyrat aga gelnejesiniň igençli
iňňirdisine, agysynyň «Boşabardyr» diýen hitüwli hüňňürdisine nitiwa kilman,
urudaky ähli depäni sähel salymda Guwaşyň toýuna dönderip goýberen.
Şeýderkä-şeýderkä-de, il-ulusy bilen aýrylmazgatyş garalyga ýeten
Begmyrat aga «Akylla gün ýok, biakyla ölüm» diýilişi ýaly hemme babatlarda
tutulýan ynsaby täretli nazarkerdä öwrülýär.
Bir günem Begmyrat aga goňşy obadaky çakylykdan öýüne gelse, ine küňre
kysmy pukara surraý ýigit otyr-da, dullugyň gülini dyrmalan.
—Näme habar, han ogul?
—Aý, aga, men-ä, ötenibilmän örtenip ýörendirin. Şonuň üçinem, oňa-muňa
geňeşip, ahyry daşymy dolarsyň diýip, ýanyňa geldim-dä. Duluňdaky maşgalaňy
—Sen-ä, Han ogul, ýüzüňe çark çekiişiňe «ýetim oglan öz göwegini özi
keser» edipsiň welin, sözüňi ýykmaýyn. Ene süýdünden halal: Gyz seňki.
A-how, Enesi! Senem soň kölegeli gürrüň tapaýmagyn. Gyzyň sähed-ä,
pylan gün. Körekeniňem, ine, şu düňderilip oturan bürgüt ýasaw ýigitdir.
Şeýdip, Çökder ýüzi gaýzalyga salşyna, Begmyrat gödegiň ezip içäýmeli
gyzyny beýlesine geçiren hälki gerçegem gola ýüreklerden ekeni.
Bir günem ýekeje özi ýitirim bolup, alamana gidişine, sürüp gelmezmi, agyr
süri akja kürtüni. Olaryň galabasyny güzerany gysbylara üleşdirip, galan esli
sanwernam işigindäki çagşy tegene gaban.
—Ine, gelinbaý, şularyň baryny dädeň Begmyrat aga gowşuryp gaýtmakçy.
Çünki ol bir sorgunbçy alman, seni göterdip goýberşine, meni ömürlik bergidar
etdi. «Öýüň rysky gelen gelinde» diýen gepiň halal hakykatly gelni äşgäre
getirişine, seni maňa beren, öýüme direg, daşyma çyrag boldy.
—Ýok, Eltibem oturma, Dädem almaz eýle-beýle şikweli mal-garaňy.
Galyberse-de, ol zada zar däl-ä. Goýun-geçisiniň urbaşyny ýitirmänsoň.
Şonda gelnine «Hä-Hawa» bermedik ýigit barsa, gör-ä, gaýnam şo pikirdedä.
—Sen, han ogul, galan ömrüňe şeýle pisitçileşli ýörälgä baş goýmazlygyň
«Öwez alaman» beýleki diýip, herneniň sülä getirjek bolsalaram, alaman,
alamandyr. Onda ýa alarsyň. Ýa aldyrsyň. Ýa ýolarsyň, ýa ýoldurarsyň.
Şonuň üçinem, ondan daşda durşuňa, ýer suwdur mal-hala çyndan ýapyşyp
adyllylygy elden bermegin. Şonda köpelip köl bolarsyň, ösňäp il bolarsyň.
Ýogsamam, şor köle zyňlan kesek kysymly kytrama bilensiň.
DÖWELEME.
Öňräk
Amanmuhammet Nepes, Atajan Muhammet gurban ýaly
hemdemlem bile seleň sähraly sarahsyň Ata obasyna bardyk. Ol ýede eden işi
nusgalyk, geplän gepi güwälik Çoluk aga duşduk. Ýaşuly bile aman-saglyk
soraşyp, öter-geçerden söz açyp ugran badymyza-da «Wah, sen bir idili adam
bolsaň, ozal bu kürene berdi Törä tirkelip geleňde Çoluk akgany tapmazmyň
indäm. Çoluk akga-da, edil Edrek Atajan, Gutly Juma, Gulmurat Şahmyrat, Nepes
Şyhy, Gutlymyrat Begmyrat, Köýtenli Hajymyrat tebip ýaly gorulmaz gazna,
ulgamly ulgam eken-ä» diýip, öüzmi sakladym.
Hakykatdan-da, Çoluk aganyň bilýän-goýýan, gören-eşiden, hakydasyna
çitimlän zatlary datly dünýä. Ýaşuly ylahynyň güzerinden gelen, wiý ýaly göni
urýan adam. Özüň kümüş hozan owazasy kibi ýakawutly gürrülerini, serkap suwy
berlen jaýdar jümleleler bile bezäp barşyny göreňde, özüňden göwnüň geçer.
«Haý, betjigaran balasynyň goýazylygyna bir sered-ä» diýşiňe, başyňy ýaýkap,
dişlärsiň dodagyňy.
Galyberse-de, Çoluk Gurban uçursy 3 hojalykçy. Asyl, dynmazjan adam.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 02
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.