Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 03

Total number of words is 3656
Total number of unique words is 2616
21.0 of words are in the 2000 most common words
30.0 of words are in the 5000 most common words
36.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ine, şeýdip, ölmez-ödi gün görüp ýörkäk, gyş geldi. Şatylama bolmasa-da,
sowuk düşdi. Bizem «Bu hyra howada sygyr üşäp, birden süýdüni
çekäýmesin» diýşimize, ony gölesi bilen saldyk-da, köne tam kepbä.
Bir günem daňyň öň ýany garabasan ýaly bolup, oýanyşyma baş açyk,
aýak ýalaň tasap daşary çyksam, tohumy tükenmiş ogrular, ezeneçi agdyk
köneje kepbäň bir taýyny tutuşlygyna itiberip ýykyşlaryna, äkidipdirler-dä,
sygry gölesi zady bilen.
Eýläk ylga. Beýläk ylga. Asyl, «Alan ogry, gören taňry» hany indi berdä, habaryňy! Onsoň, näme, uly ilimi bile haýkyryşyma, gygyryp ugradym-da
«Garala maşym, how!» diýip, bar kişem daşymda.
Şo barmana-da, Tätde akgaň oýy diýilýän ýeriň aňry çeträginden halalja
malym molap guk bersdi welin, ählijämiz eňäýendiris, sozan guýruk
bolşumyza—diýip, tutuş töweregini açlyk apatyna aldyrmadyk kipaýatly
sygrynyň gürrüňini berdi.
Hawa, sygyr maly tarypyny sözläniňe degýän jandyr. Onuň önümi
önjeýli. Müň zadym ýok. Et-ä, tekekar. Ony akaja bişirip, göşüne ýapa
salman, çorbasyndan edindiňmi geregiňi? Onda aşgazan azarlamamyň soňuna
sogan ekdim hasaplaý. Sygryň ýagdyr ýiligindenem ýüregiňe degjek gümany
ýok. Çyzykdan çykman «Et ete gider. Çorba pete gider ýag ýilige» diýen
aýtgydan uguralybilseň.
Eli işliden näderini bilýän ötügiň bolsa, sygryň süýtdeş gözli çeşme.
Sag. Bişir. Aýazyrat. Onsoň gün dogmankaçig gaýmagyny çoňja okara salşyňa,
çagalaň öňünde goýarsyň welin, olar ýöne «Men sygyr goşjak», «Men sygyr
bakjak» bolşuber. Onsoňam «Sygyr süýdi satyn alma», «Sygryň süýdi
agzynda» diýleni. Sygyr bir göräýmege düýbi deşik halta kysmy sygnagakdan
doýmaz-dolmaz tygşytsyz haýwan ýaly görünse-de, ot iými gaýrynsyz gelende,
ol ak bulagyň gözbaşy. Diňe eýesidir oň goňşy-golamyny sýtdir gatyk,
çaldyr çökelik suiw (başýuwlyk) bile bol telkilige ýetirip oňaýmaz. täzeje
mesgedir ýuwdulyp barýan aýrany igelenip duran saryýagam, köneler
aýtmyşlaýyn derýaçam açmazyňa äkär.
Ýöne mala höwrügip, mala möhümini bitirtjegem, edil mal ýaly gaty
bakan bolmaly. Ol hökmany hakykat. Meger, şol zerarlam, baba-kelanlammyz
«Ertir irden turup, tezegiň ysyny almadyk, çöregiň ysyny almaz» diýip,
nikartlap geçendir.
Eger sen sygryňa seretmän, «Ik owarram, çarh jähennemlige» urduňmy?
Onda her näçe çekeleseňçi, onyň pylan zeýilli süýt eçilmez. Gaýta,
tüňküjinden torba asaýmaly, çatylgy süňke döner. Buka gelip, balalaryşyna,
göläläbem agzyňy ýagjartmaz. Ýyla gysyr gaşyna.
Merhum agam Baýram Hoja bir ýola iýse doýmaz, ýatsa turmaz käbir
geleňsiz gelinleň nebir sygyrlary sagman, süýtden çykar ýandyklaryny ýatlady.
—Olar «Erim getir, Hudaý ýetir» diýen ýörelgä ten berşine, sygryna
seniňmi intipis edenok. Onsoň, näme, syçran ýa batga batar ý ýolda ýatar.
Aňyryň alty aş galkyp-galmanam, endam-janyny suwamaý sakyrtga basyp gan
kesele dahyl ger. Onsoň karkarasyny göneldip, ker neneň ot-elek bolsa-da,
hany soňky tüýkülik sakgal ezýämi diýsene?
Hawa, Baýram akga mamla. Ir ertir, giç agşam ýüz-gözüni sypalyşyňa
«Hoş-hoşal aga. Arka boýnuň gaşal aga» edip, sygra mähir-muhabbet
bildirdigiň bolany. Ol berkende bulagyň bar berekedini göpükdir saňa.
Bolmasa welin...
Birküç ýyllykda ruhyýeti öwreniji şägirdim Bäşim atda meni
Ymambaba äkitdi. Dosty Muhammediň seleň saçsynda otyrkagam hakydasy
umman ýaly bir batyl many gala bilen gürleşip görmegimiň hökmany
zerurlykdygyny sakydy.
Şeýdibem, ýattekişligidir iş endigine geň galaýmaly Rejepgül Çara
duşdum. Şonda ol «Ümür dogan, üç ýaşymda gyzamyk meň gözümi aldy.
Emma şonda-da, it ysy, pit ysy bolup, ese-boýa galşyma, öz çöregimi özüm
iýdim. Degirmen üwäp, ot ýygdym. Tamdyra ana ýapmasam, mege ýalak
hamyr edip, iýseň doýulmaz süýtliaşlar bişirdim.
Käbir atyry küňkäp duran keleňter gelinleri oýundan indermän, bedresini
taňňyrdadyp alla owarradan çykarýan bedeser sygyrlaram «Höwlümhöwlümli» synag-sermeg bile elimi ýalar ýagdaýlara ýetişdirdim.
Hawa-la, bar zat yhlasyň-a bag-la, Ümür dogan! Haýwan diýjeksiň
welin, ol bilipdir seň haýsy gazygy gujaklap galanyňy. Bir entek gelinler
ýatan çöpi galdyrmyşyna, sygyr ýatagyňam bilmez, bildirge bagyňam. Emma
şonda-da guşaga gysdyraýmaly, küňkürje gaýyň epesiniň süýt gazanandygy çig
gaýmagy aňk garbatmaga welin, garyp ökdedir-ä, bedibagtlar jytdyrylyp.»
Ýöne tarakgasyndan gaýpynman, Zeňňi babaň sahawatly malyny göwün
güzeriňden suwa ýakmaly. Onuň süytdir et babatynda has göe gelüwli, has
görnümdar, ýeli şertlerimize has laýykatly görnüşlerini ýetişdirmäň ugruna
çykmaly. Çykdajysynda çekinmän, ýylyň irinden hört aşymyza.
Eger şeýdip, oýlanşykly jemlere ýetişiumize, mährem mekanymyzyň oba
ýerlerindäki ilatynyň jan başyna bir göleli sygyr saklamagyň hötdesinden
gelmegi başaryp bilsedik! Onda elimiz giňäp gör, nähili ilerlemelere
aralaşardyk.
Çünki sygyr janaweriňem, goýun ýaly zady ýok. Onuň etdir süýdün-ä,
baýaky diýeli. Hamynam Gowşut Hanyň Özbegistandan Gökjä getiren
gerimleri ýaly ezber ussalar hyşa gulnagyň çyglamykly tüssesinden geçirip,
elin bişir. Soňam äliň aýasy ýaly galyňlykdaky maýkyldyly o gökden çarykdyr
çokaý, hakgadyr garaköwüm, bökejemädikdir alagaýyş taýynlap ýörendirler.
Galyberse-de gep gerdişe gelende, uç-gyraksyz Garaşsyzlygymyzyň alty müň
gowrak guýusyndan hem boljagy bolup gaňrylmazlyga öten öküziň hamyndan
tikilen aýnagaçly gowçalar arkaly suw çekilendigini bilip goýmaly.
Kömürdenem (Garrygalaly) Allaberdi aga sygryň şahyndan gezmek sap,
naşyja naskädi, toýnakdyr gaýry orta-taşasyndan elim ýasalýandygyny ýatlady.
Dürre gamçyň biçilmedik öküziň sygra gaýnaşykly düýp damarlarynyň çiglilige
duza ýatyrylan dört sanygyndan örülýändigini belläp geçişine, bagöleleň ödünem
iliň terem bile zyňaýmaly däldigini sargady.
—Eýwanyň agajyndan asylgy, ho, ödi al. Menden seň müzeýiňe ýadygärlik.
Öten ýyl soýlanja badyna-ha, içine bir gysym bugdaý guýsuma, asyl goýupdym, şo
taýdan ony. Indi şygyrdan gidendir o däneler. Ana, şolary sanjylandyr mädesi
zeperläne aýtdyrsaň bire-bir emdir.
«Uly mal ulanmaga ýagşy» diýen öňkülemmiz açlygyň magallakly
pursatlarynda halys uwnup çudap bilmän, öküzdir, sygryny soýmaly bolanda, ony
üýme-üý tellişine, basar ekeni uly gazana. Soňam silkeläňde etleri sypyp
ýalaňaçlanan o süňkleri sowuk ýerde goýmazlarmy, arassaja esgä dolap. Haçanda
has «Ýer gatyda gök yraklyk» aralaşanda bolsa, olary gaýnada- gaýnada, ýüze
galkan ýagyny alyp, alapotadyr jejekä jaz edenler. Ýöne o süýekler şondan soňam
zyňlaýmandyr, itiň öňüne. Çagalar garny sal ýaly, boýny gyýa ýaly bolup, öte
ýatyp ugranda, hälkiler döwlüp, sokuda köwzelip, degirmene çekilişine, bürküldili
un edilip, iň eňkamy gidenlere berlipdir.
Çary Wekildir Gurtjan Lammy ýaly kalby kesapatsyz hemdemlem bolsa,
etde-şütdeli gün-güzeran hakda dil ýaryulanda «Wah pahyr-pukara üçin, gümräp
ýakar şahlyň ojaryndan gowy zat ýokdur-la» diýip, sygyr tezegi taryplap
başlapdylar
Sarahsly ýüwrük bilge Çoluk Gurban ýurdy ýaladyrak owganly
garyndaşlarynyň odun-çöp meselesinde juda tuta kesdiklerini belledi. «O taýyň
käbir ýerlerinde halys jygba-jyga gelende ýatymlyk, köwläp almaly pezzigräk
oduna gidiler. Käte agaçlyrak taraşany mizana mündürip, bugdaý bilenem
çalşyberler. Ana, şol zerarlam, ýagdaýy ýeten, sygryň agzyna seredip, onuň
matjasyny eýleşýine, odun şaýyny tutjak bolup gara heläkdir» diýibem gürrüň
berdi.
Hawa, sygyr artygyny bitin edýän hikmetli mal. Eždatlammyz oňa agyz
jamalganyň söýenji, ýowlutýa ýylyň daýanjy hökmünde garamagy endigine
girizen. Çar tarapyny aldyryp, ýykylara çukur tutmadyk halatam, sygyr urbalygyny
beýatmazlyga çalşan.
Ýa-da salalyň: Hüňkaryň hun horlugyndan eze-beze bolşuna, üçgümmez
dagyna özüni atan jygaly begi. Ol ýalňyz ýapyşalgasy bolan sygrynyň otugan
gölesini goýşuna, onuň enesini soýup beripd-ä, galandarlara.
Şeýle-de, ata-babalammyz gözüni dikip oturan bitewüntli maly aňzagy
duýmaz, jalada buýmaz ýaly tümmüt kimin sygyr göleler gyzýan. Agzy
gylawlanlary dildir damajygyna duz, oýkalaýşyna, saplap ynjyl-mynjyllykdan.
Gendorymdyr aşa düşmä dahyl geluinleri bolsa, agzyna öl taly keseligine daňşyna,
dynuw-daýanuwsyz sürgülemezmi uzynly gün. Açsyllanyny şorsuwly çalnawlyga
aýlap, sakyrtga bürenlerem nowhanadyr tereň arnalarda saklap, derdeserinden
dyndaran.
Ýöne könelemmiziň gandala degende guýrugyny egnine atyp, gös-göni
boluberýän pada sürüsini tä salkyn arykça, suwly ýabyň güzerine gabap tara
tapdyrandygynam bilen ýagşy.
Şahyra Uzak Käsibiň ýüwürjisi Gara Köşek akga bolsa, padasyny gyşyň
aňzygynda ýüzi tyrkaklap duran çukur ýaplardan geçirişine, olary arly ýylhusur
taňmadan goraglandygynam hakydaňda saklaýmaly.
On müň ýaşy arka atyberen Türkmen aganyň terbiýetli taryhyna siňňin ser
salaňda, onuň bir şaýy tapsaň, düwüp goý, iki şaýy tapsaň çigip goý diýen garaýşa
eýerendiginde nazaryň eglenýär.
Hakykatdanam, deri ýagy bilen deri eýlemegi süňňüne gayňlan babakelamlarymyz çak edişiňdenem rejeli. Gör-ä! Ol soýan sygrynyň damak ganynyň
ekzurut ýalagynam yrýa etmändir. Kepis neçjarlara tabşyryp, oň bile ak öýleň
gabşyrma gabsalaryna ömür çyg geçirmez rençlenmäni girizipdir, tährini tapyp
siňdirişine.
Sygrynyň egimli gapyrgasyndan hepbik (guş gonanyny) ýasyşyna,
kellesinem döwletdir dünýäsine kalby kitüwli göribi gözi degip ulturadaýmaz ýaly,
asmazmy ýol ýakadaky daragtynyň şahasyndan.
Tüýsüz göle taşlan sygryny ardanylyga ýetiren mamalammyz, ölenje höjegiň
hamyna samandykyp, çäp edişine, enesine ony ysga-da-ysgada, alypdyr-da, satyp
tä ýitligine çenli.
Şeýdip, sygyr janawer bile bagry badaşanlyga ýeten öňkülemmiz diňe
urkaçy göle berýän nazarkerde mallary saklapdyr. Göleläp sygry tä galylynça, oňa
kepekdir ýary-ýalta ýarylan ýarmadan ýörite bulamagam bişirip beripdir. Ol eçesi
atlandyrylan, «Telpeginiň-de, şonuň bile baglanyşykly.
Ýol söküp, çöl söküp, bir ýerden göçmeli ýa gaçmaly bolanda-da nä wagt,
nä zamana» diýen pederlemmiz goş öküzi gapdalyndan goýmandyr. Birden
azaşyp-tozaşanda olary öňe salyp,m suwuň ysyny alan janawerleň yzy bile
goýupdyr haky tapary ýaly.
Hawa, sygyrmaly enedatlammyzyň jygba-jygly durmuşyna diýseň düýpli
aralaşan Keşdeçi gyzlar büklümli gaýmasyny sygyr siýdige meňzetse, huşy metda
babalammyz tarapyndan käbir otlar sygyrguýruk, höjek öldüren atlandyrylypdyr.
Könelemmiz sygry edil hindi hemdemlemmiz ýaly hudaý hasaplamasa-da,
boýnuna alaja, şahyna doga dakyşyna, piri güýçli mal hökmünde sarpasyny saklap
idegini ýetirýär. Iň gowy padymanlaryna Anna sygyrçy, Illi (Gazak) göleli, Tilki
tapa kibi ýöňkeme lakamlary ýabşyrsa-da, sygry sybry gaýlygyna münmäni känbir
begelläp barmakdyr.
Ýöne:
Isa eşegin münende,
Sygyr Musaň ulagydyr—
—diýilşi ýaly, Weýaran bagşynyň tomaşa teşne jemagaty gyzyl-gyranlyga
ýetirmek üçin mydama toý-tomça sygyr münüp barandygynam bellemekçi,
Şanyna:
Medenede Muhammet,
Türkistanda Hoja Ahmet—
—diýlip, Türkistanyň serwerine öwrülen Hoja Ahmet Ýasawynyň hem bir
eldekileşdirilen öküzçesi bar ekeni. Ol öz ýasan çemçedir çanak, okaradyr susak
kibi önümlerini her bazar horjuna salşyna bökderen hälki gölesiniň üstüne.
Öwrenen öküzçesem, näme, ýaňky zatlary aýalamazmy ak bazara, äwmän ätlişine.
Her kim söýlänini alyp, arzy bahasyny oklaýmaly horjuna. Ine, bir günem, dişi
daşyna dyzap, persi giden ondan okara alşyna, sap aýtjak bolmazmy, ökje ogurlap.
Şonda hälki öküzçe biden-bire dälirän ýaly bögürişine, münmezmi mekzesine
bimaýaň.
Aziýanyň süňňüne sandyraklama salan Nedir şanyň ordasynda-da örküçlek bolup,
olaň agramly bölegi top çöker ekeni. Taýgak geçitden aşmaly bolan bir ýörişde
halys lüti çykyp, ýetdiren öküzler duran durna dönýär. Üstlerinde telim taýak
owradyşyna, guýruklary döwüm-döwüm edilip, arkalarynda ot ýakylara gezek
gelse-de, sered-ä, olar turarly däl.
Ine, şeýdip, adamlaryň paltasy daşa degýär. Geçitden bolsa aşaýmaly. Şonda
ýigitleriň biri eger özüne Nedir hiç zat diýmese, öküzleri turzup, tonlary dartdyryp
biljekdigini syzdyrýar. Bu ahwalata geň galan Nedir ejaza eden badyna, hälki
esgeriň terzi üýtgeýär. Ol gök gübürdisine kybapdaş bükdürimli azym bile, kesmirkesmir edişine, Nedirse sögüp ugraýar welin, gör-ä! Diri maslyga döküşine, läwläşlige ýeten öküzler bar-a. Saň-suň edip, aýak üstüne galşyna, dazyrdadyp
ugramazmy toplary.
Bu ýerden:
Ýer götergen sary öküz,
Bilmen niçe ýaşyndadyr
Dört müň dört ýüz aýaly bar
Hemmejesem döşündedir—
—diýlip waspy wazaňa salnan öküzleň düşbülik jähti, güýj gorabasy, özüni eldeki
eden beter balasyna wepalylygyň mynasybeti görünýär.
Aslyýetinde tä traktorlar tarryldysyny artdyryp, ekin meýdanlaryndaky ähli
aladany gerdenine göterip çä, ol türkmen daýhanynyň düýp daýanjydy. «Azal
sanyn adam bolsa, syňdyrma» diýen goraýşa gulluk eden ene datlammyz
boýuturupdyr sama çowyny sazlap «Top janawer!» diýmesini goýmady. Ýer sürdi.
Hyza bile desse çekdi. «Üçüň daşkysy ýaly» diýdiren boýnatmaç öküzçeleň yzyna
çarhdyr çanak (gyzgan) tirkäp haram harman döwdi. Furgan bile saman-senir,
bededir beýleki daşady. Agzykçy rejeläp, gowaça hatararalaryny bejerdi. Garasaý
mährem malynyň maňlaýyny sypalaýşyna, «Göwnüm janym!» diýmesini
goýmady.
Ine, bu ýyl bolsa, müçe tirkişeginiň sygyr ýyly durmazjan işgärdim
Muhammet Saparlyň tabşyrygy boýunça sygyr hakda ýazyp ugran gurnama kürte
kysmy bujagaz mahalam soňlanyberende şeýle pikire geldim.
Ynsan balasyna ýokawuntly ýardamyny ýetirişine, asyrlardan aşa-aşa, iň
hamrak öý haýwany hökmünde özüni görkezen gadymy gäwmişiň!
Durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen soň sen bile biziň gözümiz
öwrenişipdir. Aslyýetinde, sen, mürrwweti miselsiz il Ömsümtan jandar-a! Ana,
şol mynasybetli biziň diňe bir sygyr ýylymyz däl, eýsem, müçedir garynlammyz,
asyrdyr äralammyz hem aman, hem abadan gezsin.
DOŇUZ ÝYLY ÝA – DA «DOŇUZ» DIÝLENDE...
Görsene, bi göwnügatlaksyz ynsan balasyna! Ol «Ýagşy niýet-ýarym
döwlet» diýem ýörelgä iňňit edişine, elmydama gowylygyň gönezliginde.
Herneneň galagotly günlere dahyl getirse-de, sölterip ruhdan düşmedi. Özüne
saldamly syntgy salşyna, göwresindäki artyk zady aýryp, kes zady doldy.
Käte-käte «Işiňi ýamana san, ýagşy çyksa alynyňdan» diýip, şüküranaly
pikirlere gaplansa-da, aglaba uçgunly umytlara ýaran boldy. Erany asyrlara,
asyrlary garynlara, garynlary müçelere, müçeleri ýyllara, ýyllary pasyllara,
pasyllary aýlara, aýlary hepdelere, hepdeleri günlere, günleri salkynlara, salkynlary
sagatlara, sagatlary minutlara, minutlary sekuntlara tike-tike bölüşdirdi.
Şeýdibem «Güýz bile gyşarsy...» ýaly, çeme arkasy guramaz bir tutan
ömrüne örän oýlanyşykly, hut, pirnazarýeti bilen çemeleşdi.
Ýyl başy syçan, sygyr,
Bars, towşan, luw, ýylan,
Ýylky, koý, bijin, takyky,
It doňuz boldy tamam –
—diýşine, her müçäniň laýkatly kökene köýerdi.
Gojalaryň gep salgyna görä haýwanlar ähli düzülmezmi seterä, täze dogjak
ýyly garyp-garşylamaga. Başda-da boýny goşdan, kalby kireňsiz düýe janawer.
Gözüni süzgekledişine, dur-da, köpekligini egerýdip. Şo halatam, ol oň jotdajadan
diklemli bulagynyň düýbünde çala aňlylarly bir gybyr-sybyr edilen ýalam bolýa
welin, näme, göwrümi gih aýasydabanmy, eýle-beýle maýda-çuýda pitiwa kylyp,
kellesini silkelejek.
Onýança-da köpüň gözüne güýdüşip, dünäň depesine çykan syçanyň «Ana,
ana, täze ýyl! Ana! Ony men gördüm, men. Özüne-de, ilki gördüm!» diýen
jyňňyldysy çykýa-da, ol gaýdyrylyp düşegetdin, kürsäp urmazmy küldäki hinine.
Ine, şeýdip, buýunyň belentligine buýsanyp, ýyldan binesip galan düýe pahyram
patanaklap ugraýar, janajygyna. Şo barmana-da, hälki külüň üstüne omraklaýyn
çökegetdin, ekilmedik ýerinde gögeren çemeçe syçany nis-namut etmek üçin
ugramazmy agynap. Ana, şondan bärem, düýe görgüliň kül gördüdi çöküşine
agnap oýkanyp görmesem, şo syçandan kastlylygy üçinmiş.
Ýöne ýaşulylaň ynandyrmagyna görä düýe diňe bir syçandan kine-kütüw
saklany bilenem oňmaýandyr. Ol ýyl üleşiginde özüniň gyrada galdyranlygy
zerarly öňki mytdaçyklaryndan öýkeleýşine, ýeňsesini tüňňerdibem esli gezipdir.
Ahyry oňa «Bo-ho-how! Düýe dogan! Beýdip, böwrüňe diň salyşyňa, köp
keýp bolup, özüňi horlap ýörme, uşak-düşek zat üçin. Biz seni uçursyz keramatly,
taý tapylmaz piri güýçli saýýas. Sen işiginde bir çökeniňe ýamanlyk ýüzüni
gökezeňok. Ilden öňürti ýötişiňe «Ýörüň, how, halaýyk, meýil baryňy MekgeMedinä äkideýin» diýip, çarörä tarap gadymyny gerimlendirýän göwnüňem gaty
gowy. Seň yzyňdan tirkelip, hatarkeşiňden ýapyşanyňdan suwsyz öler gümanyň
ýok. Ys alşyňa, ahyry ýetirýäň olary guýyň oýuna.
Saňa sythyny baglanlaň bit basyp, arwah-jyn görer derdeserem aradan
aýrylýar. Üç-dört aý agyňda ýatyp sen gäwüş gaýtaraňda oň ysyndan dem alanlaň
inçekeseldir üsgülewikli lebsesiniň sypba-sypyrylýandygynam saňa biz aýtmaly
däl-ä. Goý, şu günden şeýläk, seň süýdüň bişirilmesizden, ýüňüňem boýalmasyz
bolsun» diýip, ýagşy nepes edenler, hawa, hawa...
Ine, şeýdibem, müň wawy-säkin bile kaddyny dikläp ýyllar kökeni
kämilleşmezmi kemin-keminden. Beşer balasam, näme, deri ýagy bile deri eýläp,
der döküşine, ýaşap geçen köne ýylyny ak arzuwlar arkaly salamatlap ýola atarýa.
Täze ýylynam sangysyz göwün ýüwürtmelere gaplanyp, gutly-mübärekli
garşylaýa.
Ine, bünem, biz Nowruz dabaramyzy dünýä doldurup, dokuz ýylyny
garşylaýas. Ýöne boýun alan ýagşy. Hydyr gören çölüň eteginde hydyr görüp
kemala gelen Türkmen aganyň ujasyndan uzap, ýanyndan ýaýranlar, aslyýetinde,
doňzy gaty bir gowy görübem baranok. Ony olaryň «Dogry sözüm bar, dokuz
ýüzüm bar», «Doňzuň agy näme, garasy näme?», «Doňuz ölse-de, hor-hory
ýatmaz», «Salam bermedik nä doňuz, salam almadyk nä doňuz», «Eşek-doňuzdan
mal almaz...» ýaly halk aýtgylaram tassyklap durandyr-la, daş ýany bile.
Emma doňzuň etini iýip, ham-dersine eýlem bermedik baba-kelanlarymyzyň
doňuz ýylyny köp ýagşy görüp, oňa dokçulykdyr bol elinligiň özboluşly bir
pursady hökmünde garandyklarynam bilip goýmaly. Öňkülemmiziň «Aç behişde
barsa, it barar, dok barsa-doňuz», «Doňuz bol-dok bol» kysmy pähimlerem onuň
kepilnamasy.
Şeýle-de, taý tapylmaz syzgyrylgy süňňüne siňdiren ata-babalammyz «Aýal
akdan gaçar, doňuz garadan», «Doňuz gözi ýyldyz görmez», «Doňuz gökdäki gün
bile Aýy aýyrmaz», «It ýyly ekeniňi, doňuz ýyly orarsyň» diýşine diňe özüne
mahsus käbir hüý-häsiýetini ekedi-nokady bilen öwrenmänem ünsden
düşürmändir.
Ol nädip böwrüne doňuz diňini salýar. Ol nädip ösüp, diklimligine duran
gamyşy ganyş atman kesişine, dişiniň taplanyş örtügligini barlaýar? Ol näm üçin
üstüňe atylyp gälýärkä, hiç ýaňa sowulup bilenok. Megerem, boýnunyň
aýlanmaýany üçindir. Nämüçin doňuz batgada basmaly? Ol nädip düýşürgenýär?
Ine, irgezinden bu zatlary alyga alyp ugran atalammyz «Il aglak bolsa,
doňzuň depä çykyp» köküň boýuna-başyna deňäp oturan akdyr gögüni leýs edip,
soňuna suw çaýkaýanlygy üçin zaram iýipdir.
Danyşment dezmezim silli derýa ogly bolsa, doňzuň şaly ekilen agynyp,
göwün solpudan çykýany üçin, ýany ýörite itli segbanlaryň saklanýandygynyň
söhbetini yzlady.
—Gündizä, gürläp inýän guşlardan däne duran şalyny goraglap, biza-peteňiň
çykar, çyrpyly sapanbile golak atyp, sykylyk çalşyňa. Ýassynlar boluberem welin,
ýekegapandyr mekejinler iner, jojukly lakaşasyny tirkäp. Olar sürüp, agynap
basgylaýşyna, arly ýylky azabyňy ýer-ýedsan edip barýandyr, asyl.
Şonda bir ýerden çagataý segsan çykar-da «Haý, Görsebasarym! Haýşabas!»
diýşine, garadan gaýtmaz itleri bilen doňuzlary gyran-jyran edip ugrar. Şonda
kellesi gazan ýaly bolup barýan doňzuň gulagyndan ýapyşar belaý-kelaý. Bäş-alty
ädime çenli öň bile sarmanaklaşybam, birden bire, hälki doňzuň beýle gapdalyna
towsup düşägetdin, býnuny gaňryşyna, gygyrdyp alar häkini.
Bir ýylam Tejende çişleme gawun ekilip, olam başyna gören ýaly blýar.
Ýöne «Ýetimiň agzy aşa ýetende burny ganar» diýleni. Ýok ýeden gysyr emgek
tapylagetdin, hälki gawunly gola doňuz darap ugramazmy. Özüne-de, ýöne-möne
daramakmy diýsene? Tüýpli terneler toplap, suwy süýjäp-süýjemenkä, horkuldysy
ýer ýarýan mekejinleň demine düşüp, tar-marlyga ýetmezmi.
Tejenlilerem näme, öz siňegini özi gorabilýän gurşunly kenek kysmy kişiler.
Eýdip görselerem, beýdip görselerem, asyl, nebir gawunlary wer-tarkan edip
gelýän doňuzloar per bererli däl.
Ahyry alaç tapman, bir oral çalan aýala sala salsalar, hälki «Oň ýaly bolsa,
şo gowunyň bir çetinde çep tek tutup beriň maňa» diýşine, desbidäki ýeke özi
göçüp barýar o ýere, ýarbozaja gaýyňy bile.
Şo günleriň ikindinleri hälki garyy aýal gazandyr ojagyna güýmenjiräp
durka, güjügi birden-bire çyňsap gujagyna giräýjek bolup ugraýar. Şonda ol aýal
«Be, bu görgüli nä ahwalata dahyl geldikä?» diýip, başyny galdyrsa, ana, bir
ýortmakça ýolbars ýetip gelýär goşuna tarap. Onsoň hälki merdana maşgala:
Halaşirim, halaşirim,
Geleweri, geleşirim.
Senem ýeke.
Menem ýeke.
Me, şu ýaldan
Ýala şirim—
—diýşine ir ýalagyny süýşürmezmi onuň özüne. Ýöne ýolbars oňa bir göz aýlan
ýaly edýä-de, ýüzüni sowşuna, gidiberýä eýlegere. Şonda hälki zenana ýanyndaky
ýaggowurdagyň ýarragyny tebse çanaga salşyna, ýarty nan bile goýmazmy
ysyrganyp ugran ýolbarsyň öňünde. Ine, şeýdibem, merdana mylaýymzadalygy
bile ýolbarsy özüne ylykdyran, o maşgala hemmeler haýran galypdyr. O bolsa her
gün gyzarikindinler öz ekdisini ýeňiljek ýallyşyna, tä eňňere bolynça doňuzlaryň
aýagynam sekdirmändir gawunçylyga.
Ýöne gaýraty goýazy jepakeş çomrular sürmekidir joýaly gawunyňa girip,
goýanyny tapdyryp ugran ýeke gapandyr mekejini çuň çukur gazyşyna, tutar ekeni,
güpbasdy edip, soňam ekinçiliginiň edil ortasynda ýakar uly ody alawlandyr. Oňada atar güýlüngi ýatan hynhary-doňzy. Onuň jyzyrdyly gowurmasynyň ysyny
dumly-duşa doldurybam, dagy-duwara ekinine doňzuň toýnagy düşmez ýaly eder
ekeni.
Duşakly şägirdim mirasgär Nurnazar Jumanazar bolsa, ir eýýäm esirän
ýekegapanyň bir topar mekejini öňüne salyp obalaryna aralaşandygynyň gürrüňini
berdi. Şonda hekim Çepek atly çalawuntly pyýada o ýekegapana böküp münşüne,
towlap tutmazmy taýly gulagyndan. Ýekegapan nä1me, ýüzüni sallap barşyna
syrkyndyr selemeleň, gyzgyndyr garaklaň, çalydyr çetileň içinden zyrmyrylyp
oturuşyna, Heki8m Çepegiň geýim-gejimlikden ýeke çermegi galynça
okdurylybam, ahyry daljygyp ýykylyşyna tokga jany çykypdyr.
Başga bir gezegem gujury gaýratyna gatylyp duran ýanbemez ýigit atyny
gorgunladyşyna münýä ekine düşen doňzuň söbügine, eli ýalyň gylyçly. Ony
çapanja halatam, gör-ä, oturýeri wadywasylly ýetişikli bir peläket edil göz agyrysy
ýaly bolgetdin, hälki doňzuň syrtyna goýmzmy syrtyny, jaýlaşdyryp. Şonda olaň
ýanyna gelip ýetenleriň biri:
—Görsene, walla, doňzy uran garaýagyzam bolsa, syrtyny ýaglap, hezilini
gören saryýagyz bold-ow—diýip dillenipdir.
Bu ýerde doňzuň ýa-da Kemine şahyr aýtmyşlaýyn, gara keýigiň
könekillemmiz tarapyndan eti haram saýylan bolsa, oňa halk hekimçiliginde
derman hökmünde garalandygynyň pursatlaýyn beýany yzlanýar.
Hakykatdanam, öňkülemmiz doňzuň içýagyny inçekesellidir çigrekläne,
gury agyrylydyr demgysmala em etmese, onuň dişidir tüýüni gözdegmezlik üçin
çaga-çolagyna dakyp, tagaşyksyz aşygynam ýanyna göteripdir. Göwresinde
götarkalyk gijilewigi barlary gün dogansoň ýatan doňzuň üstünden ätledişine, çileli
çagany doňzuň aňagyndan alnan gum goşulan suwa düşüpdir.
Hawa, doňuz dogrusynda şeýleräk garaýşa eýeren eždatlammyz atyň öň
toýnagynyň edil saçyň etegindene ozaly ýarylmasyny doňuzburun atlandyrypdyr.
Hemdemim Orazgeldi Baýramdurdy «Ata dag, dünýä dag» diýen ýörelgä eýerilip,
doňuzburny demir bile ökde daglan, onuň dagy-duwara yzyna köwlenmez ýaly
edilendigini nygtady. Ýöne doňuzburny garaýagdyr saryýag bilenem bejeripdirler.
Onuň üçin toýnagyň daşyna hamyr aýlagetdin, garaýagdyr saryýagy gaýnadyp
guýubermeligaýrynsyz. Eger baş galdyrylyp, wagtynda öňi alynmasa, toýnak
towlanýa-da, baýrakly ýaryşlarda gamçy bulaýan bedewlerem işmalyna öwrülip
galyberýär.
Gep gerdişine gelende ýerli demirçi ussalaryň ýagny, äkeňňirleriň diýseň
sarç poardan doňuz tutar ýaly goşa sally doňuzgapan ýasandygyny bir ýere baran
batlaryna, mallarynyň daşyna garym çapmaga ýetişmedik düýe çopanlaryň hem
desbidähel depik ýarym doňuz göz gazyşlaryna, sürülerini şoňa gabap
saklandyklarynam bilip goýan ýagşy.
Şükür bagşynyň agtygy Baýram akga duşügyň düzünde adamgataňňyrdan
bäş-alty esse tapawutly, biýarasy garpyzyňky kybapdaş, sary güllü doňuz
gataňňyryň bardygyny belledi.
Ata Geldi, Bäşi Anna, Gurban Allaberdi ýaly Dertli gojalar bolsa, öz
töwereklerinde durşuna tiken bolup duran doňuzlaryň diýen ýazotunyň
gögerýänligini, onuň käte äw-sämje ýaş guzulaň gözünem alaýýandygyny ýatlap,
gyş üçin basylan doňuzdagy sowuk-saýkada mallaň bala-derman edip
iýýändiginem tekrarlap geçdi.
Hawa, on müň ýaşy arka atan Türkmen aganyň nesil ulgamynyň doňuz bile
baglanyşykly ýerleri—sonarlary bir ýa iki däl. Olar sanap tükederinden has aňyrda.
Käbir huşy metde aksakgallaryň aýtmagyna görä, araplar orta Aziýa
aralaşyp ugran uçurlarynda, Jeýhundyr Seýhun (Amyderýa-Syrderýa) aralygynda
meýdan doňzuň gyrym-gyrç bolup, olardan öz goşunlary üçin, mungysyz azyk
ýylalapasyny taýynlap araplaryň arasynda görülmedik gyrgynçylyk göge galansoň,
doňuz eti haram hasap /?/ edilipdir.
Ine, bir saparam Myrada ikinji Gökdepe gyrlyşygyna döretdirmedikleriň biri
bolan Molla Töre akga (1839-1895 ý) sopulary bilen akaryň ýakasynda päklenip
gyraraga çekilýär. Edil şo mahalam, suwbile bir zat akyp gelmezmi düňderişip.
Şonda ýaşuly:
—Bem, oglanlar, ýamaşgan arlanmaly bolaýmasak agşysdyr-ow-diýip,
oýurganyp durka, suw bile doňuz maslygy geçäýmezmi bükdürilip.
—Aý, oglanlar, indi bor, ýuwunmasaňyzam.
—Näme, tagsyr? Bize-de düşündiriň-ä, bu eden hikmetli gürrüňiňiziň
sebäbini?
—Düşündirsem, oglanlar, biz suw bile kilwanyň posuny akyp gelýärmikä
diýip çak edipdik welin, eýgörmüş, huuň, ýagny, kergeden-doňzuň maslygy
düňderilip geçäýdi.
—Be, tagsyr, kilwançyň posuny doňuzdanam haamdyr?
—Ony, oglanlar, siziň özüňiz oýlanyp bilmeli ahyryn, emin-erkin.
Bu ahwalat öňkülemmiziň bar zady mydama meňzeşikli mizana salşyna,
ýürege jüňk jemleri gelendiginiň jedelsiz subutnamasy.
Başga bir ýola-da Nedir şanyňkyda düşlän Keýmir kör kaka saçagyň
başynda süňk gemirip otyr ekeni. Şonda oňa degişesi gelip, bagry gijäp ugran
Nediriň garpyz iýip oturyşyna:
—Be, seg (It) süýekçi bor oguşýan—diýip dillenipdir.
Keýmir kör kaka-da näme, gulagyna kaklaşan gepiň manysyna seçgi salyp,
dölüni alşyna, onuň dokdur pakyny, dessine, aýyl-saýyllyga ýetirip, geplände-de,
jaýdar jümlesine nakyl ýasawuny beribilýän halatly bir nazarkerde. Onsoň ony
diýsene, Nediriň jogabyny nagt edip, petigulasyny bermejek. Şonda ol ýetiripgoýman:
—Seňki dogrudyr, Nedirguly jan: Aslyýetinde-de:
Seg süýekçi bor,
Doňuzam tarpyzçy—
—diýip, özüni ite deňän Nediri doňza meňzedipdir.
Hawa-la, biziň gojaman geçmişimize göz gezdireňde doňuz bile baglanşykly
Jojukly, Jojuk aga, Doňuz güzer kysmy dürli atlarda nazaryň eglenip, meşhur
Magrymgulynyň:
Bat alanda doňuz kimin topulyp,
Alys ýerden at salyşy gerekdir—
—diýşi ýaly, gerçek goç ýigitlere doňuz okgunlylygynyň arzuw edilendigi hem
hyýalyňda janlanýar.
Hatyraly halypam Mäti Käse-de, babalammyzyň merdi-merdana goçaklara:
Horazyňky ýaly mertlik,
Towugyňky ýaly ýaňra-iňrelik,
Ýolbarsyňky ýaly ýüreklilik,
Tilkiniňki ýaly hilegärlik,
Itiňki ýaly sabyrlylyk,
Laçynyňky ýaly belent pikirlilik,
Gurduňky ýaly açgözlük,
Dunaňky ýaly hüşgärlik,
Gulanyňky ýaly guratlyk,
Doňuzyňky ýaly okgunlylyk—
—isländiklerini ýygy-ýygydan ýatlardy.
Öňräk Edrek akgaň ýanyna baramda, şahyr aşnam Hojaberdi Çarynyň doňuz
ýylynymynasybetli makala ýazmagy towakga edendigini agzap, özüme goldaw
bermegini soradym.
—Ýölötene düşemde ýerden örülne ýaly bir gaňrylmazyň «Ümür aga, ýaňy
çykyş edip durkaň sorag beräýinmem diýdim-de, onda-da, gapyrga edip, soňa
goýaýdym. Aýtsana sen! Käbir obadaşlammyz dokuz etini iýýär öýünde, balaçagasy bilen. Onsoň bizem sadakadyr hudaýoluda, ýaşuň ýaly toý-tomguda olar
bile bir okara el sokmaly bolýas welin, ana, şo taýy diýseň agyr degýä. Belki, bu
babatda bize bir degerli maslahat berersiň, ýurt söküp ýören il ogly bolansoň»
diýse-de, şonda men gözümi tegeläp, yuwdunmadan özge zady başarmadymdiýşime hantamaçylyk bile ýaşulynyň ýüzüne garamadym.
—Ýaňky ýaly soraga keçe kesen ýaly jogap beräýmek uçursyz çetin mesele,
Ümür jan. Bilşiň ýaly, ynsan balasynyň näme iýip, näme geýýändigine serenjam
salaýmak, ol ýylan begiň işi.
Ýöne beýik Biribaryň öňünde hemmeleriň deňdigini, diňe bir suwluk
hakynyň bardygyny hemişelik hakydaňda saklap, öte geçmän, obadaşlaň bile
deňdeş dem almaly. Iliň çeke durýan zadyna gatyş gara-il gezik bolup, köpüň
gözünden düşäýmelem däl.
Şeýle-de, «Keşidiň çekse, doňuz etem halal» diýen aýtgyň bardygynam bilip
goýmaly. Galyberse-de, men saňa, Ümür jan, geçen asyrda Ors hökümeti
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 04
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.