Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 06

Total number of words is 3721
Total number of unique words is 2384
22.9 of words are in the 2000 most common words
32.5 of words are in the 5000 most common words
38.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
«Näme üçin çal gözkäm alamana äkidip, ele düşürdiň. Meň üçin orulypçapylmanam, başyňy gutarsaň kaýyl bolup, gaçyp gitdiň?» diýşine, kars-kurs oň
başyna ýetýär.
Soňam il gözünden sowarak dag obasyna aralaşýar. Aýran-jöwren bir
ekeňňire-de (demirçä-de) tutma talaban durýar. Özem guşguny gatap, eze-beze
bolan jöwmes jahyl.
Herneneň agyr ýumuş buýursalaram, ýüzüni köneldip, keýik basjaklaň
kabylasyndan däl. Asyl, ýadadymam ýok. Ýorudymam. Edil gözüne gurt düşen
ýaly haýdaşlap ýör.
Ine, bir günem, dagdan arkasy bilen, ýer süýşen ýaly edip, kerkaw getirişine,
hojaýynyň ussahanasyna girýär. Peýrewäni urup otyrkalaram, ymyzganan ýaly
bolan ussa uklaýmazmy.
Edil şo halatam, onuň burnunyň sag temezziginden (deşiginden) çykan
mähnet gara siňek ýörmüldäp ugraýar. Şo barşynada, basganly körügiň öň
ýanyndaky demir suwarylýan, durluk ýaly gap-gara suwly daş toba getirýär.
Ölümiň öňünde hälki suwuň beýle çetine çykyşyna-da, esli salymlap gurunýar.
Soňam assajykdan gymyldap oturşyna, ussahanaň gumy dökülip duran
diwaryndaky jaýryga girmezmi.
Bu zatlardan gözüni aýyrman oturan Nedirdenem ses-selem çykaýsa
nädersiň. Oňynça-da, hälki jaýrykda esli eglenen siňek çykmazmy yzyna. Ýene
öňki bile gelse-de, dat toba girmän, oň ärňeginden gyrmyldap oturyşyna, ahyram,
girmezmi çep taý temezzigine.
Edil şo halatam, eşidiler-eşidilmez ykyrgananan ussa açmazmy gözüni.
—Be, men uklaýypdyryn-da, Nedirguly jan. Özüne-de, şu aralykda düýşem
göräýsem nätjek.
—Näme, «Düýş gördüm» diýdiňmi, ussa aga?
—Hawa, özüne-de, düýşümde gidip barşyma, gara iriň ýaly suwa gaçýan.
Zordan-zara ondan çykyşyma-da, bir gala gabat geldim. Ýaňkyň yşgalaňly
jaýrygyndan içine girsem, ine, gyzylmy-kümüş, laglymy-jowahyr, ýakutmymerjen... Asyl, sanap gutarjak gümanyň ýok. Mungusyz bir baýlyk. Oňa seredipseredip yzyma dolanyşyma-da, ussahanama girýämikäm diýýän.
—Dogry, dogry. «Ýaz düýşüniň ýary ýalan, gyş düýşüniň bary ýalan»
diýibem-ä, bir gep bolmaly, ussa aga-diýen Nedir syr bildiräýse nädersiň. Ýöne özi
weli, egbar ussahananyň diwaryndaky jaýrygyň aňyrsynda syrly dünýäň bardygyny
guman edişine, dagdan daş ýygýar. Her sapar oduna gidende eslisini äkelibem, uly
bir dämezli jaýyň tekenini tutýar. guman edişine, dagdan daş ýygýar. Her sapar
oduna gidende eslisini äkelibem, uly bir dämezli jaýyň tekenini tutýar. «Adam
başy ýokary, iş başy aşak» diýleni-dä.
Ine şeýdip, üç-dört aýa ýetirip-ýetirmänem, şarňyldap duran ussahana
ýetişýär.
—Ynha, jan agam! Bu ussahana seňki. Meni ganatyň aşagyna alyp, eýe
çykanyň, ekläp-saklanyň üçin şu eýwany saňa bagyşlaýan.
—Wah, Nedirguly jan! Seň bu ýagşylygyňa men nädip ýanyşdyrkam.
«Bereýin» diýsem, gyzym ýok. «Öýlendireýin başga bir natuwana» diýsemem,
görşüň ýaly, gün-güzerandyr mal-mülküm agsakly.
—Ýok, agam, maňa şu köne ussahanaňy berseň bor, daş ýany bilenem.
—Wah, o bir ýykylmyş haraba ahyryn, atam möwritinden galan.
—Aý, zeleli ýok. Şonyňy ak göwnüň bile berseň, men o dünýe, bu dünýe
razydyryn senden—diýen Nedir paty-putusyny oňa çekýär.
Uzaga galmanam, il ýatyp, it uklar uçularda hasyrdap, hälki jaýrykly diwary
köwüp ugrasa, ussaň aýdanyndan on beter. Gözüňi alyp gelýän genji-gazna. Emma
Nedir «Gyzyl görse Hydyr azarlaryny» edäýenok. «Patyşa bolmak üçin tagta tarap
atylyp ugramda, derdime derman öňküsi ýaly edip goýagetdin, öz işi bilen
boluberýär.
«NEDIR ŞA» ADYŇ BOLSA–DA .
—Janym oglum. senden gaty razy. Her gün irden bagana possuny ýasganjak
alyşyňa, turuwbaşdan, meň ýanyma gelýäň. Hal-hözirimi soraýaň.
Hawa, balam, tüweleme seň dünýä dolan Nedir şa adyň bar. Bir çaga aglapjumjaryp ugradymy. Şoňa barmagyňy gommaldagetdin «O-ho-how! Han-ha!
Nedir şa gelýä» diýibilseň bolany. Onsoň ojagaz gözüni tegeleýşine, ýogyn-ýogyn
ýuwdunyp ugrar, jyňkynam çykarman.
—Be, şeýdiýsene, jan eje?!
—Hawa, şeýdiýlen ýaly jan balam. Il-ulus seni atarman-çaparman, çynmaçyna gelende zulumdyr zalymlykdan gaýtmaýan ganojak hökümdar hasaplap
adyňy eşidenden zagyrdyklap, dursa-da, men gaty geň galýan-da. Sen şşanşöhratdyr dabara derejäň bilenem guşaga gysdyraýmaly, hut ýumrak ýaly bir gara
gyrnagyň öňünde zagyrdyklap dursuň-da jan guzym.
—Wah, jan eje! Ol meni bimahal çak syppyň guduzkam görensoň, nirämden
tutmalydygyny bar kişiden gowy bilýä-de.
IŞI KÖPLÜK BILE EDIP...
Örän ir eýýam barjamly ýeke dikrar dogmasy ese-boýa galyp ugraýar. Ýöne
sagdynlygy sazanaklama salýan ýowuz erkek sesi bolmadyk öýe-de, näme özüňiz
belet. Şeýdibem, ýaňky ýetginjek lälikden lellim, nalajedeýinden dylymdeşik, gepi
sözi agzyndan gaçyp gelýän galla tükeder bolup ýetişmezmi. Işdir güýjüň
gyrasynda göründigem sölite çolpalygy gejebäňi daladýar. Çannadyr çemçe bile
gazan galany gabamaga gezek gelende äwelin, o-ho-how, işde derlemedigini
derläp, asyl, gylmany gyl körtýändir.
Ine, bir günem ýaňky ýardyksyz ýarmämmediň ejesi obaň çiglek jahyllyyny
ýowara ýygnap, olara düýe garym gazdyrmazmy.
Olaram näme, edil gyzylja gurt ýaly çek-çandyr pyýadalar. Ellerine tüýkürip
bir gyrasyndan girdiler welin, ony eýýäm haçan, täs-mäs edägetdin, gör-ä pillerini
gumhanasyny gazaşyp otyrlar.
Yzyndanam ellerini ýuwu, teke garasyny görmedik çebiş çorbaň daşyna
geçdiler welin, iş işdesine giren kişiler-dä. Sähel salymda tebse çanaklary
taňkyradyp, saçaklaram göle ýapaýmaly ediberdiler.
Ylhanat görgüliň bolsa, şol agzyna öweldip ýörşi. Il deňinde eline pil alsada, götinjekläp depgig-ä depmedi. Oň muň erendesine artan bolaýmasa. Soňam,
saçagyu başyna geçip, okara tarap aldygyna omzuklady. Ýöne onda-da gülkidir.
Şowurgun bile ökeje dogramaça-da ýetirmediler agzyna. Ahyry ol aljygurt ýaly
çalawuntly oglanlara haýran galşyna:
—Işi köplük bile edip, nany ejeň bile iýäýseň—diýip ýogyn ýuwdunypdyr.
YHLASYŇ BOLSA MENDE...
—Uly ussadym!
Eý, hatyraly halypam! Ele tutakkak burnumyzy sykyp, ýoa saldyň. Kämillik
käsemizem pürepürlediň. Telegimize Telek kelegimize «Kelek» diýip, Musaň
hasasy ýaly dogry durmanam süňňümize siňsirdiň. Bu halal hyzmatlaň üçin,
behişdi boladyň, hudaýym!
—Bu göwni gowulygyň üçin gadamyňa gul bitip, aýagyňa
ýörmeçolaşmasynda, ylahym.
—Hawa, halypam! Siz bize terpenmez tälim-terbiýe berdiňiz:
Müň kişi okar,
Ýüzüsi molla bor.
Ýüz molla okap,
Onusy alym bor.
On alym okar,
Birisi adam bor.
Bir ýyl öňe seretseň,
Süle ýetişdir.
On ýyl öňe seretzseň,
Daragt ýetişdir.
Elli ýyl öňe seretseň,
Gyz ýetişdir.
Ýüz ýyl öňe seretseň,
Ogul ýetişdir.
Müň ýyl öňe serewtseň,
Şägirt ýetişdir—
diýibem öwretdiňiz.
Eger biz hakyky şägirt bolýan bolsak, tä ömrümiz ötinçä hepdäň bir gününi
size mugtuna işläp bermeli, emma biz welin. Ak pata aldyk-da, bu ýerden sar
göterilen ýaly bolmaň kül-külüne düşdük.
Ýöne mertebeli ussadym! Alysalarda alakjap ýörsegem, wagtal-wagtal sizi
göresimiz-ä ger. Aýytsaňyzlaň, şonda biz näderkäk?
—Aý, janym balam, bilip goýgyn:
Yhlasyň bolsa mende,
Emende bolsamam ýanyňda,
Yhlasyň bolmasa mande
Ýanyňda bolsamam Emende.
BIŞEN ÝUMURTGA ÖRGENÇEGINE GOL ATDYRSA . . .
—Aý, agam! Öten ýyl däl, öňňil bazarda ýumurtga-tohum satyp dur
ekeniňiz. Menem baryp, bir oýnam aldym ondan. Edil şol mahalam albadaňňylyk
tapyndyňyz-da, gönimjel gidiberdiňiz. Onsoň menem ýaňky ýumurtganyň
bahasyny kime goýjagymy bilmän, esli durdum. Sazanaklap ahyram, näme gitmeli
boldum-da, ýoluma. Ine, eýgörmüş, size gabat geläýdim bünem.
—Gör, sen neneňsi ekeniň?
Heý, alan zadyň bahasyny bermänem bir symyltyrabermek bomy? Aý, şu
zamanyň käbir enesi ýalamadyklaryndan her zada garaşaýmalydyr, how!
—Be, jan agam, beýdip küpürsäp, agzyňy sala goýbermeseňem-ä bordy
welin...
—Agzymy sala goýbermänmi? Häzir seni idirdedip, kazyň öňünde
dikilgazyk edägetdin, o ýumurtgalardan jüýje ösňedip, görjek girdejimi ýalpyň
ýüzüne doňdurdaryn welin, onsoň «Eneň ady näme?» diýlende, nädersiň, ýöne
«Mesme!» diýip dursaň-diýen netikaza kişi, o görgülini tagyrdadyp äkitmezmi
kazyň dergähine.
Kazym näme, «Alaryny bilse, allasyny garamazlaň» külpetli oýtumyndan.
Elini gowkardyp, ýumry ýuwdunanda berlen berimden soň ýumurtga alany
gönbertläp ugramazmy.
—Sen, idili bolsaň şeýdermiň? Dört ýumurtgaň töleg teňesine tap getirmen.
Ýumurtgalary basyryp jüýje çykarsaň, olaram towuklygäa ýetip, jäç ýaly edip
ugrasa ýumurtgalary.
Bo-ho-how! Gör, ol eýesine gumrulaýyn guýulýan nägeňsi girdejileri
getirjek. Sen bolsa... Elemýüwletlige ýan beripsiň-de, olary mugtuna göterip
gidipsiň-de, indem gözüňi gyrpyldadyp, tobaňa daýanan bolýaň.
—Asydyran, agam...
«—Asy-pasy» diýip, her näçe şypaň gürrüň tapsaňam, bilip goý.
Pesinden iki ýyl işläp bermeli borsuň, bu bendäň mülkünde.
Ine, şeýdip, ýeser emele çolaşyp, duzaga dahyl gelen neressäň görmedigi
görde galýar. Agyr gazymy, çil çekme. Pilgerdan edip, ýer agdarmamy, gum
göçürme.
Bir günem ýaňky pahyr ýasy-ýaýman ýere bugdaý ekjek bolup durka,
Behlili dana duşýar.
—Aý, agam jan! Şeýle-şeýle bolup, soňsuz söwda sataşaýdym-da, menem—
diýip dogrusyndan gelýär.
—Ondan «ýumurtga aldym» diýdiňmi? Nähili olaň bişenmidi-çig?
—Wah, bişendi-le, jan agam!
—Onda şu ekjek bugdaýlaň bar-a? Bulaň baryny bir ýandan uly gazanda
gowrup, sepiber şaýrat-da. Haçanda hojaýynyň döwjella bolup ugradygam! Ýollaý,
ony meň üstüme-diýen danaň ýanyna iki gün geçip-geçmänkä mülk eýesi
barmazmy alakjap.
—Ýeri, how, Behlili diwana! Meň o tutma talabanyma ummatda ýok zady
salgy berip, nä güne salaýypsyň. Ýaňy ýanyna barsam, gäreren gowurgany sepip,
ýör sürlen ýere, petekesini gaýşardyp. «Ýeri, how, saňa nä hudaýurgunlyk
aralaşdy?» diýsem, bar. Bählili badamdan sora, oň sebäbini diýip, pelek perwaýyna
däl.
—Aý o gün duşdum weli, sizden üç-dört ýyllykda bir oýnam ýumurtga satyn
alyp, şo wagt bahasyny berip bilmänsoň, gijeňräk huzuryna barandygyny ýatlady.
Menem, sizden nähili ýumurtga
alandygyny soradym weli, o gaýnan
ýumurtgadygyny nygtady.
Onsoň, näme, menem, oňa «Bişen ýumurtga örgençegine gol atdyryp,
goruňy gowzamazlyga ýetirýän bolsa, onda bu bugdaýyňam gowur-da, sepäý ýere,
ýarym müçelik ýyl alapaňy birden alaryň ýaly» diýdim-dä.
KETGENI PIR TUTUNYP...
Öňem biri yzgary ýetik güneýde gögeren, şeş-şeýle ketgeni pir tutunmazmy.
Güne baryp, daşyny çalgylap, syryp-süpürişine, ediberen ýaňky ybadaty.
Ketgenem, näme, biri eýe nazaryny aýlap, öýünden ýol salansoň, asyl, hepherseňňi, gabarylyp.
Ine, şeýdi
ýören kişä tanyş-biliş, «Sen bir kädisi kemtik kakýan
görgüsiýeser ekeniň. Ýogsa, şeýder ýörermiň?» diýip, terpi yzasyny dadyrsalaram,
göwni bir ýaly «Ýa sizem-ä, Yhlasa myratdyr-a,» galyberse-de, «Ýagşy niýet,
ýarym döwlet» ahyryn diýmezmi.
Ine, bir günem hälki pyýada daň atar atmazda halypasynyň huzuryna
ýetiberende, ol togalanyp gidibermezmi, ýel gopagetdin. «Haý, ussadym!
Duraweri! Beýdip, ýeke taşlap, bagrygirýan etmäweri, meni» diýip, şägirdem
ýüzübermezmi yzyndan.
Şeýdip, gaçdym-kow bolup baryşlaryna, bir çukur oýa inseler, eý-ho,
ýüzünden-gözünden nur dökülip duran esli goja. Ojar oduň başynda egeledä
sellelerini tegeläp.
—Bo-ho-how! Taňryň söýer bendesi! Geleniň gowy bolaýdy üstümize. Biz
jümle-jahandaky ýaşlygyň ýarany-kyrk pir. Biz pähimdarlygyň kyrk kethudasy.
Birimiz hata edip, otuz bdokuz bolup galdyk. Edil şu pille «Özümize ýene bir
hakyky hemdem tapynmaly boldug-ow» diýip, demimizi ulydan alyp otyrkagam,
siz görnäýdiňiz, eýgörmüş. Hany, şu ýede kyblaňy garagetdin, bir çöküne düş,
bakaly. Onsoň bizem ak pata berip, hatarymyza goşaly, seni!
Görsene! «B...dişle, bek dişle» diýen ýörelgä eýeren baba-kelanlammyzy!
Olar bu aýtgy arkalam öz bala-çagasyny çyn yhlasdyr umytly ymtylma bile arzyly
menzile ýeetmäge çagyryp geçipdir-ä.
«MOLLASY KÖP
BOLSA...»
—Doganlar! Göreş-ä çykylandyr welin, hernä, it masgarasy bolaýmanda?
—Bä, göwräme galpyldy girdi diýsene. Eýýämden. Oň ýaly bolsa, halypa,
salaý, çopan badagyny gertdir-de.
—Ýok. Ýok! Ölseň beýdäýmegin. Jan ini! Çilşirme! Diňe çilşirme bilen
işini gör.
—Sen, how, oňa-muňa agzyňy öwreldip, birden içini beräýme, o pelide.
—Aý, halypa! Halypa! Sen bulaň hijisine-de, gulak gabartma-da, ýanbaşa
alagetdin, ur, agdar-da.
—ÝA, heý! Bulaňňam gepi-bo-maý! Sen silkip çökeräý-ä, şu emertligiň
bile!
Ine, şeýdip, orta çyksa-da, her kişä bir «he-hawa» berip duran pyýada
halparyp-salparyşyna, göwresine gowşatmazmy.
Oňynça-da, garşydaşy ony aýla-ap-aýla-ap, birdenem yzyna ganregetdin,
güpürdedip basmazmy ýeriň ýüzüne.
GÜNÜMIZ GÖK ESGÄ
DÜWÜlMÄNKÄ . . .
Görsene!
Ir eýýam gül-läleli dag etginde Döwlet ýatagan atly ýigidiň daw-dawasy
dünýä dolýa.
Ine, ýüzi çopan çörekilligi ýaly ämertden tenbilmez pyýada. Çekges-ä,
çylgym-çylgym. Egninde-de, adam otyraýmaly.
Bir günem hälki Döwlet ýatagan gumly meslekdeşi Mämmet ýataganyňka
diýip düşmezmi ýola.
Barşyna-da, sen-men ýok:
—Halypa, däliden dogry habar. Şu jelagaýda ýa seň ýatagan adyň ýöresin,
ýa meň. Şoň üçinem ýörite geldim, seň bile ýatyp ýaryşmaga—diýen.
—Wah, gelen bolsaň, oňa ýetesi näme bar! Ine, ýorgan ýazdyragetdin, urup
ugrarys ukyny, nesip etdiginden. Ýöne kelte kakuw bir şertjagazymyň bardygynam
ýatladaýyn, soň kölgeli-gysyr gürrüň bolmaz ýaly.
—Aýdyp otur, halypa, nägadar şertiňem bolsa?
—Aýtsam, jora, haýsymyz ýeňsek, asgynlan oňa sepsiz-gürrüňsiz, müň
tümen beräýmeli. Şoňa razy bolsaň goýaý, büzmekli ýassyga gara kelläni—diýen.
Mämmet ýatagan girmezmi ýanyşyk ýazylan düşegiň birine.
Şeýdip, tegelek dört günläp sarsman ýer diňlän Mämmet oýanyşyna, gözüni
süzgekledip gulagyny gerse, myhmanynyň şo gyşaryşy. Zalywat goluny dagam
gymyldatmandyr-da kemteresinden.
Mämmediň welin, içi gorlup, aňyrsy eljuk diýensoň gözüne çiş kakylan
ýaly. Oňynça-da, eýgörmüş, aýaly işikden yşyklaýdy.
—Näme, kakasy?
—Haý, nämäň bar bol-a! Sepini bildirmänjik bir kesemen nanyň arasyny
garagowurdakdan dolduryp elime ber, basymjak. Ýorganyň içinde iýerim ýaly.
Şeýdişine, aňyrsyny il gulduran Mämmet gymyldaman iki täk dagy ýatýa
hor çekip.
Birdenem oýanyp, ýorgandan jyklasa Döwlet ýatagynyň şol öňküje
heňňamy. Gozganaýyn beýlekäm diýmändir-de, peläket.
Onsoň, näme, başyny ýaýkaýşyna, aňylar-aňylmaz ýylgyran Mämmedem
galmazmy gerinjiräp. Bir gün-ýarym gün iç-daşynyň ýykyk-ýemrigine-de seredýär.
Ertesem gory goýazy sahawatly weýran dilegini salşyna, düwünçege düwýär müň
tümeni. Soňam göle ýaly maňramazy basa düşüşine, tüýdeşini yralap uraýar.
—Turaweri, Döw jan! Gaýrata galagetdin. Ýogsa birden ýataganlygymyz
ýokuşyp bar kişi läw-läşlige ýetip, günümiz gök esgä düwläýmesin.
BILINI BIR BURUKDURAÝMAGYN .
—Aýuw, kakasy, senem bir ile meňze. Beýdip güýlünip ýatma-da. Tur! Irdaşda boýam-soýam et. Ýykyk-ýemşigiňi düzet. Öňkülemmiz «Güne bir uşlyp
gatlanan öý bitmezem-ýiutmezem» diýip, ýönelige aýdan däldir-ä. Owarrama urup,
başym atag edeňsoň, halys hana weýranlyga ýetip barýa-la, bu tünegimiz.
—Ýa-heý! Hiç darygyp-düýrükmegin, Ejesi. Bu bokudagy düşen hudaý,
eýdip-beýdip, eleden-ykdan güzeran tetärikliginem al guum eder-ä.
—Onuňam-a, dogrydyr welin, kakasy, göwnüme bolmasa, warzirem
ýeňňaralyk gözüni görkezensoň, keçe-küýzdir ýorgan-düşegimizem bir hili çüýrçüprekd-ä.
—Ýok, ejesi! Men syrtyna kär ýokmazdan däldirin. Ine, garyma galyp onyonda, muny-munda edip ugraryn welin, nädersiň, bu müňedekli oragyň geýregi
galyberse.
—Wah, oň ýaly bolsa, senden aýlanaýyn, kakasy. Ine, sag-aman ýeriňden
turup, eliňe piliňi alaýsaň, hol, gaýraky baýryň bäri etgindäki tegelejik oýtagymyz
bar-a?! Ana, şoňa bugdaýmy-arpamy, bir zatjagaz ekip taşlaweri, kakasy.
—Bä, o ýer-ä, gaty çytrymlydyr özün-ä welin, ejesi, men oňa bolmasa,
ketgen ekäýerin-dä. Olam, näme, dessine, güwläp galar. Oňa-da, galyň-galyň
barjamly baýlaň goýun-geçisi ger otlamaga. Şonda gollak ketginlemmize ilişip
galmazmy, ýaňky mallaň otagy ýaly ýüňi.
Senem, saglyk bolsa, olary ýygnap alşyňa, ýuwarsyň-dararsyň. Egirsiňbükdirsiň. Ýüwürdip, ýüzüne köz kakylan ýaly ne gözi halylara dokarsyň. Menem
kakylan ýaly ne gözel halylary dokarsyň.
Menem olary elin harçlagetdin, boýny bir gujak, kellesem müjä meňzeş bir
dal bedew alaryn.
—Şonda, kakasy, ardyňa alyp, atam öýüme äkidersiň-ä, menem.
—Äkiderin-ä welin, ejesi, şonda agramyňy atyp, bedewimiziň bilini bir
burukdyraýmagyn.
ÝEKEJE AÝYMYŇKY KEMTIK KAKANSOŇ...
—Aý, jan dogan! Özüň bilýäň. Türkmen agaň ujasyndan uzap, ýanyndan
ýaýranlarynyň ýyl alapalyk üçin her aýyna bir put (16 kg) däne gerek. Ýöne
gynançly ýeri, meniň on bir aýy üpjünlärlik bugdaý-arpam baram welin, arman,
ýekeje aýymyňky kemtik kakýa-da.
—Hawa, onsoň?
—Onsoňy ýok, jan dogan! Ana, şonam sen bitiräýseň diýip, ýüzümi
tamdyra tutulan ýaly edip, dilege gildim-dä.
—Geleniň-ä, gowy zat welin...
—Onda sen gaty bir çar-çeňňel bolman, nät diýsene? Şu bugdak bugdaýy
arkaňa la-da, ho, obaň çetindäki tüýnükli kepbe bar-a. Ony şondaky ýeňsizýeleksiz ölümtik garra gowşuryp gaýt. «Pylany akga ýollady» diý-de. Onsoňam
näme, bognuň yssa, geläý ýanyma, möhümiňi bitirmek meň bile.
Ine, şeýdip, ol arkasy çalçaly ýegdekläp barmazmy ýeke dikrar enäň
ýanyna.
—Ynha, garry, saňa pylany akga degirmene çekäýmeli ýanymalga iberdi.
3Iberen-ä, gowy zat welin, hany, men bir hart-hurtumy göreýin, bakaly—
diýen garry ene süýşenekläp ugramazmy.
—Bo-ho-how! Balam kepdirigim-dä, bir belkemek sanajymda-da, ýarty
ýugurlyk unum bar ekeni. Şoň üçinem «Kapagada bereket», jan oglum.
Äkitdejik, ony dişiniň kirini sorup öte ýatýan has mätäje beräý! Bolýamy?
Ana, onsoň hälki kişi tobasyna daýanýar. «Be, men bäş günlük ömre,
müň günlük tetärik etjek bolup, ýören bir dikdeşik ekenim-ow» diýşine, elten
haltasyny garry enäň daş işi. Ýene söýäp, ýeriň pessi bilen öýüne tarap
ýumrugmazmy.
BUŞDULYK JOŞUP...
«Pylany akgaň ogly boldy, buşluk» diýen galkymly habaryň synyndan
aslyşan oglan jyklary görsene! Edil aýaklaryna ýol daňlan ýaly, ondan-oňa
atylyp, asyl, ökjeleri ýer galtanok.
Ana-da, çep çekgisini peşehorda dyrmalan oglanjyk. Ol bir böwrüne diň
salan ýaly etdide, düwdenekläýdi obaň o çetine.
—Buşdulyk, ussa aga! Kerwen kakaň ogly boldy! Onsoň menem zergär
agama elin ýetişdiräýin diýip eňdim-dä bäriligine.
Emma galňas dodaklaryny ýalap, kellesini çalaja çaýkan ýaşulyň edil
şatlyga şärik balasy gelmeýän ýaly. Şagyrdadyp pul bermeden-ä, elli bizar.
Gaýta:
—Wah, bolmandyr-ow, ol-a! —diýşine, ýortmança neressäňem ýüzüne
kül urlan ýaly etdi.
Tamasy tersin bolan kişä-de, özüňiz belet. Egnini sallaýşyna, gelýä-de,
aýagy-aýagyna çolaşyp.
Şeýdip, kalbynyň künjeginde kütüwli düwünçejik galsa-da, ojagaz
oglanjyk daş-diş. Ýekeje ýerde dagy dil ýaraýsynda.
Ine, bir günem «Wäh!» diýlen ýaly hälki buşdulygyna ýüwrülen bäbejik
üýtgäýmezmi.
—Bar, ballym! Senden düşbüjesem ýok, şu çagalaň. Git-de, zergär agaňa
bujagazyň ýoýlandygyny aýdyp gaýt. Şzüne-de, dessine gelsin, ugradyşary
ýaly—diýlen sargydy alan neresse aýagy çekmese-de nätsin. Ahyry uýala-gorka
girse, salam berip, gör-ä, ussaň öňki durky, öňki küýi.
—Aý, jan agam! O günki buşlap giden oglanjygam bar-a, ana, şol
ýogalaýdy-da, ýaňyja. Onsoň menem «Gelsin, basymjak» diýip, ýolladylar
ýanyňa.
—Be, bolaýypdyr-aý, ol-a—diýen ussa, gör-ä, gül-gül açyldy. Soňam
açmazyndaky sargylt sanaja. El ýetirişine, esli teke teňňesini ýas habaryny
äkelen oglanjygyň goşawyjyna-da guýdy—Ine, derrewjik, bardym menem.
Ine, şeýdibem, ojagaz dolanmazmy yzyna.
—Nähili, jan guzym, ýetirdiňmi ýaňky habary?
—Ýetirdim-ä, welin...
—O «Weliniň» Näm-ä?
—Pylan zeýilli zadam-a ýok welin, «Ogün bu ölenje jijimi buşlamaa
baramda ussa aga buşdulygam bermedi. Begendimem. Ýaňam «Jigim jan-a
şeýdäýdi» diýsem «Şol-a bolaýypdyr» diýşine, birden ýüzi ýagtylaýdy. Dünýäň
pulunam berdi «Buşdulygyň» diýip. Ana, agam, men şony gaty gördüm-dä,
sebäbini bilmämsoň.
—soraýarys, oň sebäbini, ine, şu taýdan bir böwşenlik bolanda—diýen
goja maý tapyp ýüzlenmezmi hälki zergäre.
—Be, ol-a, onda metda ýaly, geljekde-de, derde degjek ogul bolup
ýetişer, tüweleme. Şo zatlarysynlap durýan, aňyna guýan, gelibem size aýdan
bolsa.
Hawa, ýaňky oglan ilki buşlanda, bolanja bäbegiň ýaramaz eýýamda
ömür sürüp, süňňi garjaw haramylyga dahyl geljekdigine gaty gyýyldym.
Ýoýlandygyny eşidemde bolsa, o neressejigiň günädir galdyr bassyrlyga
ýetmän, uçmaň ak guşuna öwrüljekdigine uçursyz begendim. Buşdulygam
joşdum.
GOWURGA EDÄÝMEL-Ä...
—Haý, heleý han! Bu günem ýylyssyjyk taýynlansoň-a, garynlary gözär
ýaly?
—Wah, kakasy jan, ötelge tendirip, seň gara bokurdagyň öňünde
durmaň-a, ýekeje-de ýaýdanjy ýok welin...
—«Weliniň» näm-ä, heleý han?
—«Welinim-ä», kakasy, wagtynda geleň edip äkelmänsoň, öýde odun
ýok-da, bir çöpem.
—Heý, aňkasy aşan ýelem ýüwlet diýsänim. Oň ýaly bolsa gowurga
edäýmeli ekeniň-ä.
ÇIGITLENEN PAGTAŇ ÝÜZ PUTUN-A...
—Bä, şu çigitlenen pagta gaty ýeňil zad-ow! Şeş şeýlesini alýaňam
welin, ýekeje-de, agram-sellemi ýok-da, eliňe.
—Be, aýtsaň-aýtmasaň-aý, halypa, meň lummurdawuk gara ekgegim
bar-a?
Ana, şol-a, şoň ýaly çigitlenen pagtaň ýüz putunam. emgenmän,
göteräýse gerek.
GAÝNAGLY GAHARYNA BÄS GELEN...
—Hormatly halaýyk! Siz şu ülkäniň janly-jemendesiniň iň çorba çykary.
Emeňizi owkalap durman, bir goýazy geňeşem geçirdiňiz, il nepagasyna. Ýöne,
munça bolanyna gör-ä, aýtsaňyzlaň, dünýäde iň akylly adamyň kimdiginem?
—Aýtsak, kyblaýy älem! Jümle jahanda özüni aýran akylly, ol dogduk
diýaryna ýowmul ýagydan garaglap saklaýan serdardyr—şadyr.
—Ýok, patyşahym! Iň paýhasly piýada, ýaban ýata-ýata, gerek-ýaragy
ýat ýerlerden mährem mekanyna äkelýän, hudaýdan gorkusyna-da, ony ondan
bir peýdasyna köpe satýan bezirgendir.
—Ýok, ýok, puşty penahym! Ölüňe-diriňe ýarap ýören dili senaly molla
iň saýlantgy mömindir-ä.
—Eý, hikmeti hökümdarym! Akyllyň gürrüňi edilse, tebindir yzçynam
bir gapdalyndan goýmaweriň.
—Ýa, senem-ä, halypa! Hakyllyny tellejek bolsaňyz, daýhan bile guýy
gazar ussanam ýatdan çykarmaň-a?!
—Ýa, sizem-ä, älemdäki iň akylly aýaldyr-la. O hyrraşow-pyrraşow
bolsa, nädersiň, gönezligiň gatap, işiň gaýraky atyza geçäý-se.
—Hany, indi jemagat, gaty suwutmankak, boldy ädäýeliň, beýdip
daňlaşyp durman. Şeýle-de, häzirlikçe, dargap, soň bir aýlawda kesgitläris-dä,
iň akyly kelamlyň kimdiginem—diýen il agasy mähellä turar töwellasyny
edende, egni gysyk bir neresse ýerinden galmazmy.
—Günämi geçiň, perwerdigärim! Iň akylly kişi kimdir ol gaýnap joşup,
dyňzap daşyp gelen gaharyny ýuwdup, özüni sandyraklamadan saklap bilen
merdanadyr.
BETERINDEN BETERI...
—Wah, wah! Haýsy göri güwlän muny beýtdik-ä?
Bir sered-ä? Goýaýypdayr-da, şyrdak ýaly edişine tegeläp.
Wah, wah! Meýdi erän diýsänim! Heý, behişdiň ysy kükäp duran
metjidiň içinde beýdip, emin-erkin çermenjiräp, etjegiňi edäýmek bor oguşýan,
ýalçardyp. Adam utanar-uýalar. Haýa-şerim eder.
Wah, wah! Ödewetdi ýaşy kesilmiş! Tohumyň tükenip ýurduňda
ýumurtga togalanmaly bolsun-da, hudaýym.
—Aý, pirim, siz bir iki baş adam. Beýdip, gaty gajamaň-a, içigip.
—Wah, wah! neenňler edip gargamayn ahyry, sopular başym! O enesi
ýalamadyk adam bigaýrady bolmasa, taňryň öýi hasaplanýan bu gelim-gidimli
gapyny ummata sygmajak pohhorluk edip perşanlamaz-a.
—Ýok, pirim, özüň ýaly gönezligi goýazy kişi beýdip, kelagaý bir öýediň
byjlygyna...
—Goýsana, agzyňy pelle ýaly edip, gürrüň guzlatman. Özüne-de,
hudaýlygyňdan gelägetdin aýt. Henize çenli şuň ýalak gotury gijäni gören
bolsaň.
Wah, wah! Meýdi yranan lakma myrryh! Nä porsyňy pytratjak bolsaň,
hendek-çukura, öňi urpak takyra züňi ataýaň-da, syrtyňa syryk sokulýamy
diýsene!
Wah, wah! Göwni güjükli pisaçan! Özemmetjidiň edi ortasyna gelip
ormarylyp oturşyna şeýdäýipdir-dä?
—Pirim, bir hile taşlap şerhoruyň gendeligi üçin mundan ötri örtenmäň.
Her zadyň çaky ýagşy. Indi bes. edäýiň, peýwagtyna ýel alman. Onsoňam,
näme, beteri badyr.
—O-how! Seň kelläň ýerindewmi? Heý, mundan beterem bir pisitçilik
bomy?
—Bor, tagsyr! Ýöne şükür kylyň muňa henizem, kejemalahlyga gol
bermän.
—Sen sopylar başy! Ganym gaýnap durka, çepbe işip, ösek gürrüň
tapma, dodagyňy emjerdip. «Mundan beterem bardyr, mundan beterem
bardyr» Hany, beýdip, tüýserme-de, tap, mundan beter byjlygy!
—Ýok, men tapmaýyn, tagsyr!
—Ýok, sen, janyň jäbelek bolanda-da, bilmersiň tapyp, muň ýaly
goňursy içinde it ölenligi.
—Oň ýaly bolsa, bir seret tagsyr—diýen şägirdi eline esli harsaňy alşyna,
palçyldadyp ugramazmy häkini nejasadyň üstüne.
Ine, şeýdibem, «Poha daş atsaň pytyrar, üsti başyňa syçrar» diýenleri
bolagetdin, töwerek gaplanmazmy göz gülbasarlyga.
KIM
DIÝDI «BARS»! KIM DIÝDI «TOWŞAN!»
—Aý, han aga! Biz-ä «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby
ýok» diýägetdin, huzuryňda häzir bolaýandyrys.
—Ýa-a, sizem-ä! Heý, gelinmedikdenem apy bomy?
Hany törden otur-da, aýdyber arzyňy?
—Aý, han aga! Biziň baş-başa-da, jan-jana ülkämize özüň belet. Bir agza
bakyp, bir münä-münlüge ýetilmänsoň, her kimiň öý-ä arkasynda, çemçesi
bilinde.
Şo zerarlam, «Iki göç, bir talaňa» uçran ilimiziň goh-galmagaly ýetik.
Özem ýagy-ýesir.
Ine, bizem şeýle ybagaý-çybagaýlykda sizikileň eline bendi bolup düşen
adamlammyzy dilemäge geldik-dä, ýüzümize çarh çekip.
—Dogry, dogry! Oň ýaly bolsa, haly horjuny tegeläp tyllazer, lagly-dür,
ýakut-jöwher, merjen-göwher getireniň? Ýa hikmetli halyňdyr çekiç baş
bedewden äkelensiň?!—Ýok, olar ýaly zatlaňňa, han aga, bizde ady-soram ýok.
—Onda, nä ýüzüňe gelibilýäň meň dergähime?!
—Aý, kyblaýy älem! Biziň Türkmen agamyzda «Han halatsyz bolmaz»
diýen bir aýtgy bar. Onsoň bizem, näme, «Han agamyzyň pähim-paýhasy
taýlangy bolsa, mytdapyklyga ýetip, geleşige geris-le» diýdik-dä.
—Haý, haý! Aperin, saňa! Aperin!
GÖr ahyryn! Daryny deşip, bugdaý ötürýän Türkmen agaň bu zannypolat
zürýatlaryny!
Be, walla! «Bir huşy metda kişä duşsam soraryn» diýip, ýördüm bir zady
welin, allajanym, şo nämedik-ä? wah, ol dili8miň ujynda weliun, hiç hakydama
gelenok-da—diýen han elini maňlaýyna ýetirişine esli oturýar.
Birdenem-He, he, düşdi indi ýadyma—diýşine, ýüzüne galdyrýar.
—Ynha, size bir sowal berjek. Özüne-de, ony jaýdar jogaba ýetirseňiz,
bendileňňizi boşatmaga däl, özüňize-de, sylag-serpaý bagyşlajak daş ýany bile.
—Aýdyň, oň ýaly bolsa, han aga?
—Aýtsak, her neneň özüni aýran ýüwrük bilgelere sorag salsagam, olar
meň ýylanmy ýylky, syçanmy-sygyr, asyl, haýsy ýylda doglandygymy takyk
tagmalap bilenok-da.
—Oň ýaly bolsa, tagsyr, zähmet görmäň-de, bir oturyp-turuň.
—Heý, oňam zähmedi bomy? —diýen hökümdar oturyp-turýar.
—Boldy, han aga!
—Nämesi boldy?
—Siziň edil bars bile towşan ýylynyň sepişiginde doglandygyňyz aýan
boldy.
—Bo-ho-how! Siz-ä, muny nesýe däl-de nagt edäýdiňiz welin...
—Nä han aga «Welin» beýleki diýip, oňa ynanmajagam bolýaňyzmy?
—Gaty bir oň ýalam-a däl welib, ýöne ejemdenem sorap göräýsek, ýaňky
dogrulyk derejesini!
—Gözel göwnüňiz, han aga!
Ana, şondan soň hökümdaryň burny ýere ýetepkirlän enesine
ýüzlenenler.
—Digrydyr şo gara gerşi, dili ýasy türkmeniň aýdany. Heniz meň
ballymyň göbegi kesilmänkä-de kim «Bars!», kim «Towşan!» diýipdi, oň
doglan ýylyna?
Ine, şeýdibem, hälki guýumy dürdäneler aňk edişi weli taraşlygay arkaly
hanyň söwüşini iýip, serpaýyny geýýär. Soňam dürli degrelere düşen bendi
baryny yzyma eýerdişine girmezmi ata Watana gaýdaýn ýoluň gyrasyndan.
«MAL ÝARTYNY BITIN EDER»
—Aý, akgam, akgam! «Maýa ýaly zat bolmaz. Wah, malyň tozuna
gurban! Işigiňde gara gulak düýäň gäwüş gaýtaryp, burnuna ýumruk salaýmaly
dal bedewiň horguryp dursa, armanyň näme! Asyl, göwrümiň gipgiňdir. Ine,
geçi görgül-ä köpüň göwnüň ýetmez. Emma oň süýdi inçekeseliň bire-bir emi.
Ugran edilýän çöpüri bilenem gamyş çyka. Bendiň ýylgyn logalasyny bog.
Asyl, çüýremez» diýip, ýürege-bagra düşdüň-le.
—Nä, ýalanmy, eýsem?
—Ýalan-a dälse däldirem welin, her zadyň çaky ýagşy. Beýdip, sahyrasahyra adamlaň gulak ýetinem guradaýmaly däl-ä.
Hawa, akgam, seň bileniň biteniň maýa. Gije ýataňda dagm «Gärjäm gyl
tüýlüm», «Morjam ýüň tüýlüm» diýip, basyrganyşyňa zährämizi ýarýaň. Gözüň
ýyrtylyň-ýyltylmanka-ds «Malym-janym», «Maly bolmadygyň, haly bolmaz»,
«Mally bolmak bir ýaman, malsyz bolmak iki ýaman», «Öňümden malymy
ýanyňdan, içimden janymy al» diýip, käkeläp ugraýşyňa ýok tükezzybana (ol
gudratly Gurhandaky uzyn süreliň biri) tutýaň.
—Aý, inerçelem, müň gepine pitiwa kylmaň. Bu bir eli poha batan ýaly
emelsiz. Bilşiňiz ýaly, emelsiziň-ä, dili awy, çüýreik geýmiňem biti. Bu
«Işlemenem iýmenem, ölsem «Alla» diýmenemleň seňňerinden. Bu dört
döwüm bolup gyrşanyp, çörek çeýnänden her pohuny iýenini gowy görýän
nekbeti. Bu «HAny bol! Gaýrata gal. Bitewilik başyny tut» diýenem edil
atasyny öldüren bile deňdeşlikde görýän bir ýylana goýundy.
—Aý, aksam, gaty bir oň ýalam däldir-le.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 07
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.