Latin

Gojamdan aýlanaýyn! - 15

Total number of words is 3668
Total number of unique words is 2456
21.9 of words are in the 2000 most common words
31.0 of words are in the 5000 most common words
36.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
muny maýda-maýda edägetdin dograly emenjek. Soňam üstüne suw guýaly.
Nan suwa ýumşap, mantaşa bolup mazaly myjlama ýeterem welin, halanyny iý,
hala-da, suwuny iç.
— Men-ä, jan dogan, oň ýaly, muň ýaly maýda-çuýdäň myzaýygyna
gelmäni bşarýanlardan däl, şoň üçinem...
— Onda, men-ä, nany iýäýjek.
— Aý, gözel göwnüň, jan agam — diýen kişi ýoldaşynyň süzgüläp
nanyny iýen bulanymtyl suwuny başyna çeken.
Ine, şeýdip, bir ýarym gün çemesi ýol ýöränsoňlar hälki nan iýeniň
elkemi alty bolşuna, essi aýylýar, gözi garaňkyrap. Onsoň näme, nanyň suwuny
içen aýnasy ony egnine alşyna, aşyrmazmy menziline.
BIRIBARA ŞEKLI
GARAP...
Öňem bir ýagşyzada salam berip girýär welin, içeri tüm-garaňkylyk.
— Ýeri biriwaryň bendeleri, bu nä boluş?
— Aý, şütük çyraglyk ýagymyz doldy-da-baýady-da, otyrys-da, şeýdişip.
Iş alada bile agşam yşyklygymyzam, näme, alaýmandyrys-da, önjeýli.
— Oň ýaly bolsa, hany, äberiň bäri şo çyraňyzy — diýen ýagşyzada
dolduryp gelmezmi ony beýleräkdäki akardan.
— Ýakaýyň, indi çyraňyzy!
— Bä, ýag ýerine ýabyň suwuny guýupsyňam welin, gör-ä, ýanyberdi-dä
lybardap. Biz şeýden bolsag-a, ömürilla-da ýanmazdy bi.
— Ýok, ýok! Küpür gepläp, pasyk bolmaň! Hany, süňňü-süýegiňiz bile
Biribara baglanyp, duruň, şoň gullugyna. Onsoň, nädersiň, çyraňyz ýanyberse.
— Be, biý-ä, mundan çykd-ow — diýen öýdäýesi asbagpyrylla çekeçeke, tobasyna daýanýar. Hudaýa sydkyny baglyşyna, ap-alla näme çyralam
bolýar.
Ine, bir günem daşary çyksa, dünýäni böreň-böreň suw edişine, guýup
durmuş-da, mele jala.
— Haý-haý-eý! Hudaýjanym! Gudratyňdan aýlanaýyn! Ýöne beýdip, bu
ak alaňlaň üstüne ýagyp durman, barja buijagazyňdakyny eňterseň bolmyýamy,
ho, pesetdäki çürşüp oturan gawun-garpyzlaň üstüne — diýşiune, agşam
çyrasyny ýakjak bolsa, eger-eger, ýatyrmyş-da garalyp.
Şeýdip, birki hepde garakösem bolansoňam, şol öňki zada gelmezmi
gapysyndan.
— Nä, ýene otyrsyňyz-la, çyrasyz? Ýa onyňyzyň peltesi çyg çekäýdimi?
— Biz-ä, bilmedik, oň nämesindendigini? Ho günki erbet jaladan bär-ä,
şunymyz pyglyny pozzy bir hili.
— Be, onda Taňrytagallaň barça zada çyragly gözbaşdygyna şekli garap,
oňa sapak salgyberjek dag-a boan dälsiňiz-dä? — diýen ýagşyzada ynamyň
berkendeli akawudyna düşürensoň, olaň çyrasy ömürem öçmändir.
MAÝDA MALLYŇ...
Wah, hawwa-la, jan doganlar! «Goýnuň ýüze ýetinçä, posteçi (derisi)
müňe ýeter» diýleni. Inne, birden garaşman otyrkaň «Türkmeniň dagy işi
bolmasa, düýesi ýaban çökeri» alnyňa ger-de, malyňa möjek alar, ýa şagal
uşlar. Ýa emgek ýanap ýolda ýatar, ýa ýerde duşup, batga batar. Ind-ä, eli
myltykdyr jysmykly gyşyk guzlananlaň demine düşmesem käpeli berdi mal
janawerleň.
Alty-ýedi ýyllykda bolaýsa gerek. Ikindin aralar Guşgy Golaýmorynyň
desgaly klubynda çykyş edip durkam, bir duşdaşym sözümi böldi.
— Ümür aga! Kyn görme-de, diňe ogrular, onda-da, tüý kesme ogullar
hakda gür bersene? Olar biziň ýarym müň gowrak gara malymyzyň soňuna suw
çaýkady.
Hawa, hawa. Ýarym müň gowrak. Şoň üçinem, ozalybetinde, ogryň
kimdigini olar eşider, şeýle-de, ömür gulagyndan gitmez derejede huşunda
saklar ýaly, üstlerinden bir kese ýöresene? — diýensoň ogrular dünýäsiniň
gyrasyndan girdim.
Agzy bimazaka eli egrilik eden hepbesiz heleýden dogan dogmaň ogruja
bolup, gözüge-gözüge ýakasy gaýyşlylyga ýetensoň, töweregini ot
uşladýandygyny nygtadym. Maryly Orazdyr Alty, lebaply Gurbandyr Hemra
ýaly taý tapylmaz ogrulaň ömür beýanlaryny yzlap, rowaýat eňterişime, onlarça
nakyly ýatladym.
Ine, birdenem, adamlar meň bile däl, asyl. Klubyň kybla tarapyna
gaňrylyşyp. Seretsem, iki sany däkenek pyýada, gelýä-de, elini ýüzüne
tutuşyna, sahna gandalky çykalga.
Birdenem, bar kişi çykuwly pahyrdyny göge galdyryşyna, ugradyp
göýberdi-dä, tenesi püre-pür söhbeti süňňüne siňdiribilýän, özüni tagmaladan
oba ogrularyny.
— Hawa, malyň ýagysy ýetik. Ýöne arzyly agam Ata Köpekmergen
pahyryň aýdyşy ýaly, goýupdyr beýleki içegesi ugursyz uzyn jandar bolansoň,
tüketdirmän ýör-dä, tohumyny. Ýöne gep gerdişine gelende, «Mal ajygynyň jan
ajygydygyny» bilip goýşuňa «Malym-janym», «Maly bolmadygyň, haly
bolmaz», «Maýda mallyň ýasy gutarmaz», «Öňümden malymy alynçaň,
içimden janymy al», «Mally bomak bir ýaman, malsyz bolmak iki ýaman»,
«Mallyň ýüzi garyk, malsyzyň ýüzi ýaryk» ýaly aýtgylaryň bardygynam
hakydaňa galyplamaly.
Akgam görgüli talabançylyk ýyllaryndan dil ýaranda önelgesiz bir
barjamlyň öýüne möjek dil ýaranda önelgesiz bir barjamlyň öýüne möjek
bokurdaklan sürübaşysynyň derisini eltendigini nygtardy. Şonda titrekläp, gözi
hanasyndan çykara gelen baý «Alyň gaharyny Ahmetden çykarlaryny»
edägetdin hamyr ýugrup oturan keýwanysyndan salmazmy, gol boýy salyr
syplany her näme-de bolsa, aýaly bende çalawuntlydan ýetişikli ekeni. Ol otda
duran doly kündügi öňüne tutanja badyna-da, eýlesine pyýagyň ujy iki barmak
ornan aptabadan ugrapdyr-da, suw joralanyp.
Bu ýerden «eý gözi em dälmi, sypalasa iým dälmi» diýen garaýşa ten
berenler üçin malyň nägeňsi gadyr gymmatynyň bardygy köre hasa.
Hakykatdanam ýartyny bitin edişine, barça beşer (ynsan) balasyny iýindiripgeýindirýän hydyr gören malyň hut sadagasy bolaýmaly. Ýöne bir herneneň
ýagşy görsegem, hemme babatlarda onuň daşyna direg, göwresine gorag
bolmany başaryp baramzok.
Ine, geleňsizligiň zerarly, gözüň ýagyny iýip gelýän malyň ölendir
gölerip. Sen başyňa ýaýkyşyňa, eýýäm, o janaweri çykaransyň nebsiňden.
Soňam haýsydyr bir ulaga daklyşdyrybam, zyňyp gersiň, itiň ölen ýerine.
Gömmän beýleki etmän. Onsoň ony it çekelär, gum çokalar. Şeýdip, eýesiniň
adyna lagnat ýagdyryp, onuň yrs binýadynyň düýbüne palta urşuna o
janawerem ýatandyr göz-gülban bolup.
Aslyýetinde welin, meýdanda haram ölüp galan malam «Eýýäm gelse-di,
bir ser salsa-dy, damagymy çalsa-dy, hamymy alsady. Soňam ýag urgymy
beýlesine geçirin, göwrämem görene göz bolmaz ýaly ýere duwlasa-dy» diýip,
eýesine üç günläp garaşarmyş, irikgä halda.
Saryjalaň saýlatgydan göze gelimli, haly halar ýüpek ýüňli goýny hakda
mungusyz kän zady gürrüň beren salyr akga pahyram agryňa buýurman, haram
gatan maly başyn aýlag edip, çagandan çykaraýmaly däldigini baý, sakyr-da.
— Hawa, jan ini! Mal ölensoňam, ölinçä-de seňki. Şol sebäplem,
yrsyňdan daşgyn gelen, sydky halal härsäňi it gülkünç ýagdaýa ýetirip, ýedi
ýolup ýakasyna zyňaýmaly däl, güberdip. Umuman, ynsaby täretli
könelemmiziňki kibi çemeleşmeli oňa.
Oň üçinem, gepem bardyr-la «Haram soýan ýaly» diýip. Ilk-ä, dilip
derisini sypyrmaly. Soňam ýag düşnügi bolsa almaly. Üzüm ýaljagynam yrýa
etmän. Öňkülemmize öýkünip, sabynçydyr beýlekä berip, derde ýaradybilseň
dag-a, oňa ýetesi zat ýok. Juda bolmasa, gowurga goýaý, bir gopda. Köwüşdir
gaýratyňy ýaglaryň ýaly.
Galan läşem «Garnyny ýazsyn-la, şu görgülem» diýip, süýräýmeli däldir
itiň öňüne. Könelemmizä ony çuňdan çuň çukur gazyşyna gömerdi bagdyr
beýlekiň aşagyna, dökün hasabynda.
Çölde-gyrda haram ölen malynam, aladasyndan gaçman, alla owarradan
bolsa-da, getir goşuna. Soňam hamdyr ýagyny alşyna, şakgala getdin, ähli labylubusy bile basar gazana. Ony ýedi ýola lasyrdadybam «It guş iýsin» diýşine,
goýuşdyr aýak ýetirden açygrakda, bir çöpüň üstünde.
Eger sen, haram öleniňi görmez arkasy güýçlülige salyp, diýeli,
epberipsiň-dä, hopda. Onsoň näme «enäň enesi bar» diýleni alnyňa ger-de,
hälkiden geregini edinen it-guş ýaman öwrener uzagyndan. Ahmal-delil, göwni
bölek ýatanyňa bidin agyz urşuna. Ana, şol zerarlam «Iş aňsadyn ýalta
tanarlyga» salyp, agzyňa buýurmadyk malyňam elem-tas biarzylyga ýetirmän,
oňa diýseň ynsan perwerlik bile çemeleşmeli. Geljekde berkendeli döwlet
tapyp, diýseň yranmaz yrsgallyga ýeteriň ýaly...
Hawa, sylar akga mamla. Dogrudan-da, ynsan balasy gözünden suwam
içirmeli. Şeýdip, maly güzerana goşantly gözli çeşmä öwrüp, hat-da onuň
haram ölenine hem hudaýlykly hojalykçynyň nazarýeti bile garamany endigiňe
girizmeli.
TÖWEKGEL TOPULYP...
— Aý, sakgaldaş saňa «Gul daňmaga garyp ökde» diýdiler welin...
— Ýa senem-ä, tüýdeş, diýseler diýer ýörerler-dä, kä ilde agzy boş
gytmy?
— Meň gulagyma kaklyşyna görär-ä, o ypytdyň ýalan ýabşyrmaly şowşowam däl ýaly.
— Dogry. Olaň bir ýandan eltýän bomagam ahmal. Ýöne menem köpüň
biri, kölüň suw-a. Göze dürtülişi duran üýtgeşikligimi, özüm-ä, oňyp baramok.
— Ýok, how, halypa, men gaty wakybal ýerden eşitdim-ä «Guşaga
gysdyryp gidibermeli hyrlandy ýalydyr daşyndan göräýmäge. Ýöne müçesine
seremegin. Ol adyň bölegidir. Reňk ýaly bolup. Galyň-galyň zeberdest gullary
dagy öňyna maňyna garaman, birden läw-läş edägetdin, şeýle bir daňar welin,
hoşuň gelsin. Diňe başyňy ýaýkaýmalydyr. Özem ele-aýaga urulýan gapdaldyr
işligem, ýa iki başam barmaga jüpläp geýdirilýän gyzgandyça gysýan ýasmyk
oýmagam derkar däl oňa. Diňe çöpür garylan işebir tanap bolsa bolýa. Ol iş
edende-de, kemini-kösüni goýanok. Edil gul daňşy ýaly gözüňi dokundyryp
durandyr» diýenlerini.
— Diýenlerinde näme?...
— Ýok, «Näme» diýme-de, in-ä, men, ine-desen, Hany nädip täs-mäs
edişiňe, görkez-dä, gul daňşyňy maňa, beýdip, eliňdäki gol boýy gandym bile
çaşaryň otly gorsawyny dörüp oturman.
— Aý, jan dogan, daňlyşyp, beýleki edip durmala, gaýa-gopuz ýok
ýerden.
— Be, saňa «Gul daňmaň ezberi» diýselerem, gury samahyllama ekenidä, onda o aýdylýan zatlar mahyllama ekeni-dä, onda o aýdylýan zatlar.
— Aý, çynma-çyna gelende, o diýilýänleň ugry ýogam däldir — diýen
kişi birden-bire elindäki gorsaw oýnap oturan taýagy bile beriukdirmezmi
hälkiň seňrigine. Olam, näme, çiň arkan gaýdyşyna, gidýä-de özünden.
Ine, şeýdip, hälkini kere-mara sansyz ýaly sarap boluberende-de, gul
daňlyşyny görjek görgüli açmazmy gözüni.
— Gördüňmi, halypa, guluň nädip daňylýandygyny?
— Aý, muň ýaly etmeli bolsa-a, onda menem...
— Ýa, senem-ä?! Jygba-jyga gelende töwekgel topulyp göz görkezmeseň
bogan sübsäň bolmaz-a. Ana, şol sebäplem, meň biteligiň bähbidi üçin —
nädemde näme!
DOWZAH DÜKANDA OTURYP...
— Hany pirimiz?
— Ol-a, indi alty aýyň ýüzi ýatandyr, ho, ýykylmyş meýhanada.
— Be, walla, onda men dolanaýsammykam yzyma, at münüp, atan
gomap (atan-agtalanan erkek), oňa gol bermäge gelenem bolsam.
— Onçasyny biljek gäl welin, baýa minnet, gelipsiň özüň-ä?
— Hawa-la, aýagym bilke ýöräp, ýörite üstüne gaýdamsoň görüp
gideýin-le, ýapy-ýagdaýyny elinjek — diýen kişi barsa, meýhanaň gyk-bakly
ybagat-gybagaýlygy däl-de, bi görleniň. Demige-demige geçiren ajy ýaljygyna
seri sämäp, boljagy bolan bedi-berrew pyýadalaň, gözler-ä, burç oýkalan ýaly.
Badak urlan dillerem wazzy-wuzzuly. Elleri dagam durşuna saňňyldy. Şo
boluşlaryna, özlerem çille mesi kibi hil-hal, asyl biri-birine heserli pitjiň
atyşyna. Sähel gaňryşyna gaýdyp, tüýüni tersine sypolaýdygyňam, bekje
belläýgin, gözüni gan guýma ýagdaýa ýetirişine, ýarar depäňi.
— Eý-ho! Pirimiz! Sizem düşäsi ekeniňiz-ow! Gör-lähetli bu ýykanýumranlyga?
— Hawa, Biribar boýnuma uransoň, otyryn-da, menem, munşarylyp, bu
lülgamlar bendeleň arasynda. Olaň içh-ä-içli, gusha-gusly kesbine şärik
bolmasamam, ýüzlerine seredip.
— Şeýledir özün-ä welin, ýanyňyza pata almaga gelemsoň, menem
boldum-da, bir hili bulanyp urlan ýaly.
— Oň ýaly böwrüňe diň salyp, şübheli garyşyňa. Maňa ynanmaýan
bolsaň, gidibereli ekeniň-dä yzyňa. Ýaňy oba girip, meň şu taýdadygymy
eşidip, ikirjiňläp ugran badyňa.
— Bä, pirim, şu erew-berewli poh-yrryhlygyň içinde-de, meň göwnüme
güman getirendigimi bilen bolsaň, halatlylygyňy saklap. Aýtsana, nämeüçin, bu
dowzah dükanda oturyp gün geçirýänligiň sebäbini.
— Aýtsam, arak içip, döwtaalplyk bile döwletimize barýan adam
akylyndan azaşyp, şeýtana şägirtlige durýa., ony gaty gižželemän, sypagsermegdir «Hanym-janym» bile paýyndan gaýtarmaly. Kelesi çaý beýni
bolmanka, ynsan gylykly ýörelgä ýetirmeli. O mesele-de hemmeleň borjy. Ana,
şo zerarly, menem, gije-gündiz otyryn-da irikgäligime «Iň bolmanda bulaň
birini bir hapa weýranlykdan kele-küta daşlaşdyryp, dogry ýola salyp
bolmazmyka?» diýşime.
— Oý-ho-how, pirim! Oň ýaly hoş manzaralyk bile bu ýerde goş toşlan
bolsaň, ine, menem çökdüm gapdalyňda.
ELIŇI GOWHARDAP...
Ir eýýam bir dili senaly Haja barýar ekeni, pyýadalap. Ol «Gel, şulaň
metjidiniň saýasynda geleňläp, dürsäýin-le, demimi» diýip, aglagrak oba
sowulsa gör-ä! Bedeser bir düýe depip-gapyp köşegini alşyna, asyl, ýanyna
adam tohumyny sekdiräýse nädersiň, gözüňi höwlendirip.
Onsoň hälki mollaçar ýaşuly, sen-men ýok, talagar;lyk edişine, gögüni
gözläp duran düýäň dykylyp barmazmy açmazyna. Çöküne düşüşine, agzyny ak
köpük edip, aldygyna okabam, kele-küta goýdurmazmy o janaweriň beresligini.
Ine, şeýdip, göz görtele göz görkezişine, adamlary aňk eden kişinem
engamlap hezzet-hormatyny ýetirenler.
Şol günüň ertesi ýola düşen pyýadaň haýdaşlap oturyşyna ahyry baran
ýerem Käbe däl-de, gyk-bagy ýetik, galdyr-basdyrly bazar bolup çyksa nätjek.
Şonda o bende «Be, bu näme üçin beýlek-ä?» diýip, içini gepledişine, gaýtadan
harp alýar. Salgy ala-ala jyllygy çykyp, maňlaýyny dirän derwezesem, sered-ä,
şo tuta-kesmi bazar-da, artyp galmyş, öňküsi ýaly. Onsoň ol «Gör-de duraý,
meň gäbim azandyr. Ýogsa, beýle kösenmeli däl-ä, men, bu dara-direlikde»
diýip, her näçe urunsa-da her näçe jebrinse-de, ýene şo bazar. Ýene şo
şowurganly alam-ajamlyk.
Şeýdibem, ol kejal bolşuna, ýatmazmy başyny basyrynyp. Ertesi turup,
günüň doguşyny synlap durka-da, bir haçdan gelýäne bile hal-hödir soraşýar.,
— Şeý-de-şeý-de, görgi köküni gördüm-dä, sakgaldaş.
— Wah! Saňa üç öwrä şeýtan bazaryna barsa-da, olara gatyş-gara
bolmadyk görgüsiýeser diýerler, halypa.
— Oň ýaly bolsa, jan dogan, meň, nämeüçin ala-böle şeýtan bazaryna
idirdäp durmagymyň, sebäbinem düşündiräýseň?
— Ýolda-yzda eliňi süýreldip, ony-muny alan dag-a dälsiň-dä,
uzadanlarynda/
— Wah, eldirgän ýaly bir düýäni okap, burny deşilen ýaly edemde,
berlen aklygy gysaýdym-da goltugyma.
— Ondan başga saňa nä merh gerekmi? Aslyýetinde, adamyň eli kümüş
kysmy arassa bolmaly. Ol öz derine ýurumy ýetmedik haram zadyň ýa lola, ýa
ölä gidýändigini hakydasynda saklamaly. «Her kim her zat diýse-de, maňa-ha
ýokýa şu garp-çyrply gazanjym» diýen, oňamytdanykly «hä-hawa-da» bermeli
däl.
Uzak süresi bar ýaly görünse-de, haram zat aňyrsy bir garyndan, ýagny,
otuz ýedi ýyldan gaty toýnak bolup, böwrüňi böwsüp çykyşyna, nesil
daragtyňy omrup-jomurýar.
Özüň ýaly haç sogabyny gazanjaklar-a, hasam wakybal bolmaly. Eger
olar ömründe ýeke ýola musulmançylygyň gyldan inçe, gylyçdan ýiti
ýörelgesinden ýalňaram bolsa, umydam etmegin, hatyraly hajylyga ýetip,
kyýamat harjylygymy gazanandyryn öýdüp. Her näçe «Hajy boldum» diýip,
göwnüni aldasa-da.
Şoň üçinem, yzyňa gitdejik şol düýeli obadan aryp gaýdan sowgatserpaýyňy gowşur eýesine ötünç soryşyňa.
Ana, onsoň sen, häzirkiň ýaly, şeýtanlaň şepagatsyz bazaryna dahyl
gelmän, gönümel gujagyna gysylarsyň sahawatly Mekge-Medinäň.
PORSATLYGY HEMDEKDE
Idris babadan tälim alşyna, ganatyny goşalandyran Ýazguly halypa Emir
çagyransoň Buhara barýar. Gyzyl aýakdaky metjidini şägirtlerine galdyryp (?)
Ýöne gohdur gowry, hiledir howry ýetik, jygba-jygly Buhara-da, näme,
özüňe belli. Çopantaklygyna garamazdan, Gurhanyň sürülerini tüýdükde
çalşyna, emiragzamy aňk edenem bolsa, abaýtaşsyrap ýören käbir kalby külpetli
molla-murtulaň göwni ýetäýenoik Ýazguly halypa.
Onda-da uly ussat o zatlary piňine alaýarly däl. Özüne damdyr duzak
gurýanlaň gününi gök esgä düwşüne.
Ine, bir günem ol «Tagsyr, bizem, hüjrejiik gurnaýsak nädýä», siziň
saýaňyzdaky Buharany şerifde?» diýip, emire ýüz tutýar. Bir babapitiwa
kylynmasa-da, irmez awçylyga salan halypa ahyry şäheriň içindäki çukur kölüň
daşyny bermezlermi gazyklap. «Hany, göreli bakaly dili ýasy çakjabaşyň şu
porsatgyly höndekde matjit-medrese dikeldişini. Nädersiň, peşä etden ot
bolşuna, bina bitirmeden elli bizar, gülkä galyp, gaçyp gitmäge ýuwnaýsa»
diýişlerine.
Ýazguly halypaň bolsa, şol bir kakuwy hikmetli hemdemi Aşyr Döwman
bile medresäň tekini tutuljak gurbagaly köle käte bir pil gum oklyşyna. Ine, bir
günem ol Buhara emirine «Ertir däl birigün, ýary gijeden soň kimde-kim
jaýyndaän jyklap ýa çykyp, zeper tapynsa, özünden görsün» diýip, perman
berdirişine, başlamazmy gurluşyga. Pesedi şakyrdy, asmany güwwüldi bile
dolduryp.
Ana, şonda çolajyk bir döw «Hezreti işanlaň metjidine eýetmelidir»
diýilse-de, öte edişine, göterip gaýdan tam ýaly dört gyraň daşyny Buhara dälde, Ýazguly halypaň Halaçdaky metjidiniň beýle ýapragyna taşlamazmy
gütüledip.
Şeýdip, ertire çyksalar, ine gözüňe söweýin. «Çarminar». Ýöne
«Döwletiň bir tekini göwre» diýleni. Oň örümi abşaksy gelen bir gapdalynam,
näme Ýazguly akga egni bile çalaja galtagetdin, siltenjirän ýaly edýär welin,
duruberýär-de düzelip.
Ine, şeýdip, Buharada desgasyny düzüwlän Ýazguly halypa bir gün
ýetişmezmi bitakatlyk. «Be, möwlanam, gysyljak bolaýýam-aý birhili» diýşine,
ýanyna bäş gadak göş, bir sanaç un alybam, ugraberen galkyjaklap. Ýolda
«Gel-aý, gujak-goltuk jagrama-da çöpläýin-le» diýşine, Beşirdir Mekan
aralygyndan ýüküni tutup barsa, hakykatdanam, hasynasynyň Halaçdaky
hüjreliginiň daşy uly hümer. Kyrk sany galandar Idris babaň huzuryna
gelensoň.
Şonda ussadynyň göwnüni gören Ýazguly piriň keramaty çawukly
magaryflandyryjy bolup, onuň meşhur Magtymguly bile baglanyşykly
sahypalarynyň diňe bir özüniň hem uly gadyr goýulmalara mynasypdygyny
bellemeli.
Idris baba barada söz açylanda ýerligi horezmli bolsa-da, onuň Halaçda
ymykly orun tutandygyny bilip goýmaly. Halypa muňşarylyp oglan okadyşyna,
bagbançylygam edipdir. Il-gün bile mamurly gatyş-garalyga ýýetişenine, özüne
sala salnar mertejä göterilip, Magtymguly ýaly welitarapyň seždegähine-de
öwrülýär. Haçanda ýerli halkyň bir bölegi täze ýurt tutuyp, günorta gapdala
göçmeli bolanda, o taýda süre-sykma tut ekmegi tabşyansoňam, ol oba
Tutlygyzyl aýak atlandyrylyp ugraýar.
Hawa, biziň terbiýeçiden täsin taryhymyz uçursyz kän süre-sykmalygy
gursagynda göterýär.
Eger olary käbir çapraz düşmeleriň bardygyna garamazdan ilki irgöz,
soňam uşak göz elekden geçirişimize, il gullugyna goýmagy başaryp
bilsedik,onda biz gör nähili, oňyn ilerlemelere ýetirdik.
DOST SOGABYNYŇ UJUNDAN
— Aý, söwer dostum, näme üçin sazanaklap dursuň-la, bu taýda? Behide
barýan ýola düşübermän?
— Men-ä, dogan jan, sähel sogabym kemtik kakansoň, Irikgä edip
goýaýdylar-da, indi esli wagtdan bäri bu ýerde.
— Be, tanyş-bilişdir kowmy-hyşlaňdan, hi, hemaýatyny ýetiren
bolmadymy saňa?
— Wah, öz günä-sogaplary gyrba-gyrat gelensoň, olar menden elli
bizar. Hatda atamdyr enemiňem gaçgyny men. Gözümi tegeläp, her aňýetenden
hantama halda sary dşsadylla dönüp duramsoň. «Özüň başyňy çara. Bu ýerde
bir bize hossa aýak baga öwrülme-de» diýişlerine.
— Oň ýaly bolsa, jan dogan, hiç zady gaýgy etme-de, meň sogabymyň
bir bölegini alagetdin, arkaýyn baraý jennede.
— O diýýäniňem-ä, bolman durmaz welin, birden seň sogabyň bärden
gaýdaýsa...
— Aý, janym-jigerim, sen oň gaýgysyny etmegin ýekeje-de — diýen kişi
öz jogabynyň uly ülüşini nana-düwün hemdemine bagyşlaýar. Ony jennetil
baka ýollabam özi galybermezmi daşarky köwüş bazarda.
Ýöne öz dostuny behişdi etmek üçin dowzaha kaýyl gelen bendänem
Biribar namut goýanok. Sahawat saýasyny salşyna. Onam desbidähel ýetirýär
jennetilige.
OTUŇY ORDAJYK...
— Aý, oglum, oglum! Indi köpi ötüp azy galan soň, ataňam lagar
düşüberdi. Çagarygy çaşyp. Akylym, heýbe-heýräk gelse-de, huşum gaçan
ýaly. Asyl, goýanymy göterenimem bilmejek bolýan-da birhili.
— Be, biz-ä, jan ata, «Agzyna seretseň, entejik dikgirdiýen bar, bi
gojamyzyň» diýip, gaty arkäaýyndyrys senden.
— Arkaýynsyňam-a, welin, jan oglum. Ota gitsem, oragymy tapamok.
Ýygyp otumy ýüpe çykyşyma, eşege ýüklämsoňam, it masgarasy bolýan-da,
çykaran donumy nirde goýandygymy bilmän.
— Oň ýaly aňkaň aşyberen bolsa, atam jan ş, otuňy ordajyk, aragyňy
biliňe gysdyr. Donuňam tutuwbaşdan örklengi eşegiň ýanrajygynda goý.
Onsoň, asyl, kösenip jöwlan urmarsyň ýekeje-de.
— Haý, derdeser, oglum! Ýata paý, oglum! Ýarym paý, oglum! Yrsy,
waý, oglum! Her zat öwretjek welin, «Ata, otdan galaý! Oň azaryny saňa
ýetirmen indi» diýäýjek däl-de.
ŞEÝTAN GOWAGA GOLAÝLANDA
Indi, gör, niçeme ýylyň içidir. Şeýtan bile beşer balasynyň ekjeşikli
gatnaşyklary dogrusynda jotsdarajygam bolsa, käbir zatlary ýazmagy ýüregime
besläp ýörenime.
Ýöne onda-da, o diýdi, bu diýdi. Asyl, sähedim sazlanyp, gurram
duşmady. Ýogsa biziň milli mirasymyzyň talhatanbabaň suwy sowdurmaz
jürdegi ýaly gary gowzamaz gaznasynda mungusyz zat jemlengem-le, o pygly
pis Peläket barasynda.
Aslyýetinde, şeýtan uly alym, Emma älemiň ýakasy gaýyşly baş byjy
bolany üçin, behiştdir beýlekiden gyrahladylan bora çemeli. Adama ýap
gazmadyr däri ýasamagy öwredip, dutara şeýtan perde, suw degirmene şeýtan
agaç, dokdyrmasy, gargy-naý tüýdüge şeýtan agaç, dakdyrmasy, gargy-naý
üýdüge şeýtan deşik deşdirmesem, onuň hakykatdanam, uçursyz
köpbilmişliginiň kesgin kepil namasy.
Berekedine şeýtan siýen ýaly, şeýtanyň yşygy ýaly şeýtanyň okarasy
ýaly, şeýtanyň şeri ýaly, şeýtanyň şepbighi ýaly, şeýtanyň siýdigi ýaly,
şeýtanyň şägirdi ýaly, ala şeýtan ýaly, şeýtana sapak beren, şeýtanyň dürtdürtüne gidip, şeýtanyň ylmyny okan, «Şeýtandan», «Köpbilmişiň başyna
töwki» ýaly halk aýtgylarynyň onlarçasy bolsa, onuň, ozaly betinde, çig süýt
emen ynsanýet üçin keramatly bir towky-togandygynyň siňňin subutnamasy.
Ana, şol zerarlam, bir dogaýy ýagşyzada «Adamlar remezanda bir
şepagatsyz şeýtanyň gižže-gižželi alys-gypaslygyndan daşrakda durup, ine-gana
tursun-la orazyny» diýşine, gabamazmy garaňky gowaça, olaň çarbaýly gykbagyna bakman.
Şeýdip, şeýtanyň pyssy-pyjurlykly was-wasasyndan at gaýtarym gyrada
galan jemagat bir bada hezil edinen ýaýnap. Bäsdeşlik beýleki ýitip, birekbirege misilsiz mähir-muhabbetem oýanan. Ýöne sähel-salym geçip geçmän häde, iýki basdaşlygy ýitip, hujuwlary söneň onsoň guşaklary gowşap göwreleri
salparan-halkaran köpçüligi içikdiriji sussy peslik basmarlaýar. Olaň şatlykdyr
şagalaňy ýetik bu ýagty ýalança şärikligi peselip, alyp ugramazmy ezenegi.
Onsoň «Bo-bow! Beýdip şeýtanlary bendiwanlyga ýetirseg-ä, boljak gäl
oguşýap. Asyl, şeýtan dürt-dürt edip, adamlary gylawlandyryp durmasa, bu
däli-dünýäň gyzygy gaçaýjak eken-ow» diýip, ýene saýdyryp goýberenler, ähli
şerti şeýtany .
TAMDYRA BUŞUGYP
— Maňa-da, halypa, öwretsene, özüňki ýaly ters okanlygy?
— Bor, Onda, ho, tamdyra buşugyp gel.
— Bor — diýen kişi gitse-de, gelmezmi edil öwülýä ýaly, keramatly
tamdyra buşugybilmän.
— Siýdiňmi, Tamdyra?
— Hawa!
— Näme gördüň onsoň?
— Hiç zadam göremok, men-ä!
— Onda, sen siýmänsiň tamdyra. Bar, git-de aýdylany et. Zat öwrenjegiň
çynyň bolsa!
— Bor — diýen pemedem ýüzüne çarh çekişine buşugmazmy tamdyra.
— Indi bir, siýdiňmi?
— Hawa
— Näme gördüň, onsoň?
— Bir melemtil zat göge galşyna, towlam-towlam bolup gitdi-dä, oň
içinden.
— Hä. Hä, indi sen okarsyň.
— Näme üçin.
— Sebäp diýseň, ol mele zat seň imanyň.
— Wah, eýdiýsene, asyl!
Onda indi men imansyz-da.
— Hawa, indi sen imansyz. Aslyýetinde-de il-ulusynyň zeleline çapýan
ters töwürleň ählijesem imansyz-a
«IŞ AŇSADYN ÝALTA TAPAR» ETMÄN...
— aý, sallah akga! Tüweleme, seň ýeriň-ä, gül-de-pürçük. Gawunmygarpyz, hyýarmy-narpyz, käşirdir kelemmi, sogandyr şalgamly, asyl, adyny
tapan ekensiň bar. Gyrasanjak edişine, otyr-a, diň gögüni gözläp.
— Gözüňi bir degräýmeweri, mülki hojam! Ýene tüwelemesini ýetirip,
«Tüf-tüf!» Kyrk kişiň tüýküligi diýeweri...
— Onsoiňam, Salyh akga, meň ýaly kalbyndaky diline gelip duran
göwni gatlaksyzyň hiç zada gözi degmez öme-duma. Tiňkesini diken zadyny
serpmeden gaýdan ýaly edýänler, goňşy jan, içigaradyr görüipleň bahyldyr
beýlekileňö kowmundandyr.
— Ona çalarak aňýan, Mülki Hojam.
— Aňsaň, Salyh akga, meň ýerim edil tohum berlen ýaly, çolaşymçolaşym çaýyr. Hany, şoň ýoguna ýanyp, maňa-da, özüňki ýaly ýerden gyzyl
öndürmäni öwretsene?
— Oň ýaly bolsa, ertir irden ýazylmaga ugraňda-da, eliňden piliňi
goýma. Asyl, gydyrdanyp içinden çykma atyzlaň. Eger «Ýerim jymyz çaýyr.
Ony agdaryp eýelemegem gaty mydyrdyk iş, başyňy gözüňi aýlap gelýän»
diýen pikirde bolsaňam, Mülki Hojam.
— Aý, saglaklar bol-a, Salyh akga — diýip, giden goňşusy ertesi däl, biri
gün ýene gelmezmi ýaşulyň ýanyna.
— Aý, Salyh akga, ol öwreden emeliňi edip, iki öwrä agdardym welin,
meň ýerim-ä durşuna suwa maý çaýyr boldy-da ýatyberdi.
— Beýle bolsa, ýör gidip göreli-le, seň şo çaýyrly kölçejikleňňi — diýen
Salyh akga Mülki Hojam bile barşyna, oňa alty ganat öýüň içi ýaly ýeriň
çaýyrly ýüzüni zyňdyrýar, täze pil bile depdirägetdin bir gapdala. Soň çaýyrçamyrsyz yzynam pilgerdan etdirişine, okladýar beýle tarapyna.
— Ine, indem, Mülki Hojam, ho, çaýyrly guşaňňy tapyrdyt-da, taşla,
ýüzüniň iki depigini aýran çukur ýeriňe. Çünki çaýryň köki depinden aşak
geçenok. Eger ony iki depik çukurlyga taşlabildigiň tepbediniň okaldygy.
Aslyýetinde, oň galşyňky ýaly bir gulaççuňukdan çykýan sahymtyl köki ýog-a.
Ana, şoň üçinem Mülki Hojamdan, sen çaýyr çöplemäni irlik bir hysyrdy
hasaplasaň, ýeriňi iki dep-de, o Pelidi şoň aşagyny düşüräý. Eger, «Iş aňsadyny
ýalta tapar» etmän, hasyl alyp, gözüňi dokundyrmak.
TEZEKLI BAHANA BUKULYP...
— Aý, eşek aga, beýlesiň tamam ýokdy welin, sen birhili. «Mellekçä ýer
berseň, ýer eýesini ýerden çykarlaryny» edip barýaň-la. Meni atamdan galan
agylymdan çetleşdirip.
— Ýa Ýaby ýegen, senem-ä. Eşdensiň-ä «Elinden gelen gül eder» diýip.
Öňküň ýaly agylda läwjerip, çöp yklaryn tamaň tala daňman ýaly bolaýsyn,
indi.
— Beýdip «Hezzet etseň eşege, hyzzyn urar duşaga» diýmeklerini etseň,
kaza baraýmaly borus-da, aňňyr hajy aga.
— «Kazylaşandan garyndaş bolmaz» diýen gepem-ä bardyr welin, ýör,
kazar-a däl, ýer ujyn Garadenä gitmelem bolsa — diýen eşek ters dawwa
tutuşyna, ýaby bile goşluşyp, barmazmy kazyň huzuryna.
— Kazy aga! Ine, ýaby! Ynha-da men. Ýöne bu meni saýanok. «Seň
aslyň daş. Özüňem ýakawuntsyz şeýtan däli. Meň bolsa, aslym döwem bolsa,
halal hyzmat ede-ede «Behişdi bedew adyny aldym, şoň üçinem garaňy saýly
açyldan» diýip.
— Dogrymy, şuň diýýänleri, ýaby ýaşuly?
— Ýok, kazy aga? Eşek goňşym her neneňpş eşekligini etse-de, açylda
hilem ýokdur ýekeje-de.
— Oňa, ynanma, kazy kaka! Ondan bu ýanam, «Hemedan daş bolsa,
kädibaş ýakyn» diýleni. Eşekli gidip, görüp geläýsin, elinjek, açylda kimiň
tezeginiň kändigini — diýen eşek aýak ýoluna görä has ýygy-ýygydan
oturýanlygynyň bahanamasyna bukulybam, gyrahlatmazmy, ýaby görgülini
miras geçen agylyndan.
ASLYMA DÄL-DE, PASLYMA.
— Bendäm, dogaby seň aslyňa bereýinmi, paslyňa.
— Taňrym, sogaby meň paslyma bereweri!
Ýogsa birden aňňalak ganyp galybermäýin, iki dünýädenem elimi
ýuwşuma.
— O näm üçin, boýny boş bendäm?
— Sebäp diýseň, Biribarym,, ömür ulgamymyň külpetli kökeni çak
edişimden çökder çykyp, birden-bire men säwligedahyl geläýmäýin.
Ana, şo sebäplem, sahawatly seredegähim! Sogaby meň paslyma beräý.
Çünki saňa sygnyp, bir saňa gulluk edişime, iň bolmanda ýek-ýarym ýalkanma
duşup bilmezmikäm.
ŞIRBÜRINÇ IÝERDIM...
— Hudaýym! Eger siz ynsan bolaýsaňyz, nämr iýersiňiz?
— Süýtli aş — şirbürünç iýerdim.
— Näme giýerdiňiz?
— Düýe ýüň çäkmen.
— O näme üçin?
— Sebäp malyň etini iýen adamyň edil geçidir goýun, sygyrdyr ýylky
ýaly kanagady gidýär. Uzagyndan doýup-dolanybam bilenok.
Dünýäň ýüzüniňem häsiýetli hikmetleri bolup, egnine geeni müň bir
derdi — nägehandan goraýandyr.
KEBZESININŇ DERI KEPMÄNKÄ
Ine, bir günem Mäne baba şägirtler känini yzyna eýerdişine, barmazmy
bazara. Gohdur şowurgyny ýetik bazaram, näme, şam-şarklyk. Alýanam bar,
satýanam. Kimsi ýassyksyz gözüni oýnakladyp, gabat geleniň ýagyrny igligini
tütetse, kimsi «Näden, nä bolýarka?» diýip, saňsyraklaýşyna, sandan galan
köneküşülini eýermäň aladasynda.
Bo-how! Bu bazarlarmy? Ondadiňe ataň-eneň bile adamyň jany
sabylanok. Akjan kekirdekden bolsa dag-a, on öýleneýin diýseňem koh berjek
ýok, ýekeje-de.
Şol barmana-da boldy birgyn-bakly garma-gürmelik.
Onynça-da, sered-ä «Ogruda-ogry!!!» bolşup, heşelle kakyşlaryna, gözi
elek-çelekligine, eýýäm kaçan, aňkasy aşyberen bir pahyrymy äkeldiler
idirdedip, mähelläň ortasyna.
— Beýdip, it masgarasy bolanyňdan «Jan aga!» diýdi-de, dogrul-da, diläp
alaý-da, ajyň dip ölüp barýan bolsaň.
— Görsene, bu pelidiň şu gözde-ýüzlükde eli egrilik edişine.
— Sen, halypa! «Eli egrilik-beýleki» diýip, ýuwmarlajak bolmasana
beýdip!
— Ýuwmarlap-ýuwmarlamaň, ejesi agzybimazaka elini süýreldip,
ogurlyk edip, gönezligini gargylansoň, o bagtygara nätsin, goýmadygyny
götermän.
— Ýa, senem-ä, sakgaldaş! Şeýdip, hamyrturşysyna har hamyrlyk
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gojamdan aýlanaýyn! - 16
  • Parts
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 01
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2515
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 02
    Total number of words is 3745
    Total number of unique words is 2564
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 03
    Total number of words is 3656
    Total number of unique words is 2616
    21.0 of words are in the 2000 most common words
    30.0 of words are in the 5000 most common words
    36.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 04
    Total number of words is 3685
    Total number of unique words is 2547
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    34.9 of words are in the 5000 most common words
    40.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 05
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2360
    24.7 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 06
    Total number of words is 3721
    Total number of unique words is 2384
    22.9 of words are in the 2000 most common words
    32.5 of words are in the 5000 most common words
    38.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 07
    Total number of words is 3776
    Total number of unique words is 2474
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 08
    Total number of words is 3766
    Total number of unique words is 2506
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    32.4 of words are in the 5000 most common words
    37.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 09
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2528
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 10
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2517
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    40.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 11
    Total number of words is 3657
    Total number of unique words is 2463
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    32.3 of words are in the 5000 most common words
    37.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 12
    Total number of words is 3715
    Total number of unique words is 2496
    22.4 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 13
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2520
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    31.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 14
    Total number of words is 3702
    Total number of unique words is 2507
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 15
    Total number of words is 3668
    Total number of unique words is 2456
    21.9 of words are in the 2000 most common words
    31.0 of words are in the 5000 most common words
    36.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 16
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2437
    22.2 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 17
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2526
    23.0 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    38.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gojamdan aýlanaýyn! - 18
    Total number of words is 1525
    Total number of unique words is 1078
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    44.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.