Latin

Çölüň deňiz günleri - 13

Total number of words is 3593
Total number of unique words is 1902
33.9 of words are in the 2000 most common words
48.9 of words are in the 5000 most common words
56.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
atamyň öwredişi ýaly hakyky kapitany tanamak üçin
synag geçirdim» diýdi. Ýusubyň pikiri hemmeleriň
göwnünden turdy.
Okuwçylar Çaryny öz futbol komandasynyň
kapitanlygyna saýladylar.
GAWUN BÄBEK
Biýaralaryň arasynda gawunlar togarlanyşyp
ýatyrdylar. Olar gundaglyja bäbejige-de meňzeýärdiler.
Bir ýola, mekdepden gaýdyp gelýärkä, Garlynyň gözi
şol gawunlara düşdi. Ol dessine elindäki kitap-depderli
288
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
torbasyny ýerde goýdy-da, baryp bir bäbejik-gawuny
alyp, ony gujagyna göterdi. Şol arada ýeňseden,
kimdir biriniň ýuwaşja ardynjyramasy eşidildi. Garly
gaňrylyp ýeňsesine sereden wagty, bu ýandaky tuduň
kölegesinde ýaplanyp çaý içip oturan ýaşulyny gördi.
– Salawmaleýkim, baba!
– Waleýkim, näme tapdyň, oglum?
– Bir gowuja bäbejik ýatyr ekeni. Ejem bäbejik
alanda, men ony, ine, şeýdip göterjek.
Garly gujagyndaky gawuny eýläk-beýläk yralady.
Sakçy baba ony diňläp ýylgyrdy.
– Bar, onda, oglum, bäbejigi öýüňize äkit. Goý,
ejeň ony sallançaga salyp üwresin. Ýogsam, ol ýenede ukusyny alman oýanar!
Garly iki bökende bakjadan çykdy.
ÖZÜŇ IÝMESEŇ
Agşamarady. Illi işikleriniň öňündäki sekiden
aýagyny sallap otyrdy. Birden onuň nazary gapdaldan
gybyrdyklap, howlukmaç geçip barýan kirpijige
düşdi. Kirpijigiň kimdir birine görünmejek bolýan
ýaly bolup, bukdaklap barşy Illiniň ünsüni çekdi. Ol
towsup sekiden düşdi-de, ylgap baryp, onuň öňüni
kesdi. Kirpijik özüniň öňünden çykylmagyny asla
halamady. Ol şundan soň dessine düýrügip, tikenli
289
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
garaja pökgä öwrüldi.
– Niräk howlugyp barýaň, kirpijik? – diýip, Illi
oňa golaý durup habar sorady. Kirpijik welin, şundan
soň jogap ýerine has-da düýrükdi. Illiniň şol barmana
kirpileriň almany gowy görýäni ýadyna düşdi. Ol
ylgap gitdi-de, sekide duran almaly jamdan bir almany
getirip, ony kirpijige hödürledi.
– Gowy alma. Al, iýip gör! «Dogrudanam, gowy
alma eken» diýersiň! – Illi näçe hoşamaýlyk etse-de,
kirpijik ylygyp, gaýdyp oňa ýüz bermedi. – Sen-ä
kejir ekeniň – diýip, lapykeç bolan Illi ahyr elindäki
almany – Al, onda, özüň iýmeseň, äkit-de, çagalaryňa
beräý! – diýip, ony kirpiniň tikenli arkasyna dürtdi.
Illi ýanyndan gidensoň, kirpi hem birazdan
ýerinden gozgandy, soňundanam töwerekde hiç kimiň
ýoklugyna gözüni ýetirensoň, berlen almany arkasynda
göterip, gybyrdyklap howlukmaç ýola dişdi.
ALAJA
Bir ýola ejesi Aýjahany ýanyna çagyryp, onuň
goşaryna alaja dakdy. Soňam oňa gözdegme, dildegme
diýen belalaryň barlygyny aýdyp, şolardan goranmak
üçin alajany aýyrman dakynmagy maslahat berdi.
Aýjahan alajanyň nähili edip ol bela-beterlerden
özüni gorajagyna düşünmese-de, ejesiniň diýenini
290
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
etmelidigine welin düşündi. Eýsem näme, ejeler
hemme zady bilýär ahyryn.
Şundan soň Aýjahanyň özi-de alaja iýşip ugrady.
Alaja iýşmek şeýle bir kynam däl. Bir ak, bir gara
sapak alyp, olar bilelikde aýaňda tow berip iýşseň, ine,
saňa alaja bolup dur. Aýjahan ilki iýşen alajasyny öz
söýgüli gurjagynyň boýnuna dakdy. Şondan soň, alaja
ýene-de köpeldi. Indi daşarda itdir pişik, göledir owlak
dagam boýunlary alajaly gezişip ýörler. Aýjahan gyzyl
horazyň boýnuna alaja dakan mahaly ol ilki gorkup,
pasyrdap uçjak bolup bir başagaýlyk döredipdi. Indi
bolsa öwrenişipdir. Alaja dakynyp, hondan bäri bolup
ýör. Aýjahan ýene-de alaja iýşýär. Indi alaja hasam
köpe ýeter.
Sebäbi Aýjahan hemmelere gowulyk bolmagyny
isleýär. Uly adamlar ilki itiň, pişigiň alaja dakynyp
ýörenini geň hem gördüler. Indi bolsa, gaýtam, olar
Aýjahanyň tarypyny edýärler.
– Aýjahan gowy gyz. Seret, onuň alajalary
ediberişini. Sebäbi ol hemmelere gowulyk bolmagyny
isleýär – diýişýärler...
TAÝÇANAK
Men çybyk atymy münüp, töwerekde çapyp
ýördüm. Hem özümi ýeňilaýak taýçanak hasap
291
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
edýärdim. Şol barmana, ýeňsämden kimdir biriniň
golaýlap gelýänini duýdum. Görsem, ine, maňlaýy
sakar, bir gowuja taýçanak.
Men süýji iýýärdim, elimde-de ýene onuň
birnäçesi bardy. Olary men ýanyma gelen dostlarym
bilen bölüşerin diýen pikirdedim.
Dessine taýçanaga şol süýjüleriň birisini uzatdym.
– Al, narpyzlysy saňa!
Taýçanak boýnuny uzadyp süýjini ysyrgansada, ony almady. Men taýçanagyň süýjüçil däldigini
dessine bildim. Belki-de, ol ejesiniň: «Süýjini köp
iýseň, dişiňi owarra edersiň» diýýänine ynanýandyr...
Gapdaldan ýap yňdyrylyp akyp ýatyrdy. Şonuň
üçinem soňra men taýçanak suwa gelendir diýip
oýlandym. Sykylyk atylanda atlaryň suwy arkaýyn
içýänini ýatlap, sygyryp, sürüsini suwa indiren çopana
meňzedim. Ýöne, näme üçindir, taýçanak suw içmägede howlukmady. Gaýtam ýüzüme bakyp, uzaklara
seredip, guýrugyny bulaýlap, maňa üm bilen bir zatlar
diýip dur. Ýöne men oňa şol mahal düşünmedim. Bir
salymdan taýçanak yzyna öwrüldi-de, towsaklap çapyp
gitdi. Diňe şundan soň maňa taýçanagyň maksady belli
boldy. Ol meniň ýanyma: «Senem taýçanak, menem,
gel çapyşaly» diýip gelen bolsa näme? Ana, indi ol
höwesini kowalap, çapyp barýar. Wagtal-wagtalam:
«O taýçanak yzymdan ýetip gelýän bolaýmasyn?»
292
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
diýip, meni ýatlap, gaňrylybam yzyna seredýär.
KAPITAN
Indi telim gün bäri kürk towuk samankepbede basa
oturyp, ýumurtga basýardy. Käte bir gidip, töwerekde
gezmeläp aýagyny ýazyp geläýmese, ol uzakly gün
diýen ýaly ýumurtgalaryň üstünden turman oturardy.
Akja ýumurtgalary ol enelere mahsus irginsizlik bilen,
yhlas bilen basýardy.
Bir gezek towuk aýagyny ýazmaga meýdana
çykan mahaly onuň basyp oturan ýumurtgalarynyň
birisine jan girdi. Ilki ol gozganyp, leňňer atdy, ýumak
bolup togarlanyp giderli göründi. Şonda onuň içinde
kimdir biriniň barlygy aýan boldy.
Birsalymdan bolsa ýumurtga jaýryk atyp iki
bölündi-de, onuň aşaky böleginde bir akja jüýjejik
peýda boldy. Jüýjejik şol duran ýerinde birsalym geň
galyp, daş-töweregini synlap durdy.
Jüýjejigiň duran maýa bölejigi akja gämä
meňzeýärdi. Şonuň üçinem ol häzir şol akja gämide
bir ýerlerden ýüzüp gelen kapitandy.
Jüýjejik ýene-de birsalym gäminiň üstünde
kapitan bolup, töweregi synlap duransoň:
– Bu ýer hem ýaşamazça däl ekeni – diýip, dabara
bilen gämiden düşdi.
293
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
LÄLE
Läle bir gezek ýazyň öýüne myhmançylyga geldi.
Ol egnine ýakasy keşdeli ýaşyl köýnegini geýipdir.
Başynda bolsa şabram-şelpeli gupbaly tahýasy. Ol
owadandy. Ýazyň özüne meňzeşdi. Töweregiň gülleri
Läläni görüp begençli pyşyrdaşdylar:
– Serediň, biziň doganlarymyzyň ýene-de birisi
açylypdyr!
– Ol meniň ýanyma gelsedi, men şonda has
owadan bolardym.
– Mümkin, ol läle-gülleriň iň owadanydyr...
– Şoldur.
– Läle iň owadan güldür...
Läle gelensoň gülli meýdan hasam owadan
bolupdy. Töwerek mör-möjekleriň sesinden doldy.
Häzir olaryň hersi bir ýerden aýdyma zowladyşyp
otyrlar. Asmanda, jürläp, torgaý saýraýar.
Läle hem bir salym töwerege synçy bolup
duransoň, töweregindäki lälelere meňzäp özüniň ýagyş
hakyndaky söýgüli aýdymyna hiňlenip ugranyny hem
duýman galdy:
Çagyrar ol ýagar-da;
Oýnalyň-a, tiz geliň!
Uzyn bolýar saçlary,
Oýnanyň meniň bilen.
Oýnanyň ýagmyr bilen.
Sebäbi töweregi diňläp duraňsoň, aýdyma
goşulmazlyk asla mümkin däldi.
294
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
MÄHEK DAŞ
Bir ýola tilki atyzda ekinlerini suwaryp ýörkä,
birden ýabyň suwy kesildi. Gözbaşda ýa-da suwuň
ýol ugrunda bir hadysanyň bolandygy belli boldy.
«Näme bolaýdykan?..» diýip, tilki ilki jogap gözläp,
böwrüni diňledi. Soňundanam onuň sebäbini bilmek
üçin, ýabyň boýuny syryp, gözbaşa gitdi. Az ýöräp,
köp ýörap, ahyr ol daga ýetdi.
Ine, görse, dagyň depesinden togarlanyp gaýdan
äpet bir daş keserip, suwuň ýoluny kesipdir. Tilki
ony görüp, ilki hyk-çok edip, daşy ýoldan aýyrmaga
synanyşdy. Emma güýji ýetmedi. Şundan soň, ol bu
daşy bir özüniň gozgap-goparyp bilmejegine düşündi.
Oýurganyp çykalga gözledi.
Şol barmana-da aňyrdan her ýerden bir basyp,
apaň-sapaň edip gelýän aýy göründi. Tilki aýyny gören
mahaly bir emel kellesine geleni üçin, birbada ony
görmedik boldy. Aýyny gyzyklandyrmak üçin öňünde
ýatan daşyň sagrysyny sypalap, özbaşyna samrady.
– Gözläp gezenje daşym, zordan tapanja zadym...
Aýy tilkiniň dünýäni unudyp, samrap oturyşyny
görüp, onuň duşunda aýak çekdi.
– Ýeri, how tilki, gotur daşy gujaklap, bu bolup
oturyşyň nähili?
Tilki aýynyň ýüzüne gözläp, ýalmanyp
295
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
şelaýynsyrady.
– Aýy daýy, bu daş ýönekeý daş däl-dä...
– Hä, ol nähili daşmyş beýle?
– Biler bolsaň, muňa mähek daşy diýilýär. Şeýle
keramatly daş hakynda heý, bir mahal eşidipmidiň?...
– Eşidipdim özün-ä... – Aýynyň sözi gowşak
çyksa-da, daşyň tarypy barybir onuň bilesigelijiligini
artdyrdy.
– Eşitseň, ine, bu, hut şol daş-da. Muny telim
günläp doganym bilen bile dagdan-daga dyrmaşyp,
dabanlarymyzy gyýçak daşlara dildirişip, zordan
tapdyk. Togarlap-togarlabam, ine, şu ýere getirdik.
Öýe ýetirip bolsa, bazarda munuň aşyk ýalysy topaz
ýaly altyn turzup dur.
– Şeý diýsene...
Tilkiniň şu taryplaryndan soň aýy gotur daşyň
ýöne bir daş däldigine halys ynandy. Içinden bolsa
daşyň özüniňki däl-de tilkiniňdigine gynandy. Ol:
«Ýenjip, ony tilkiniň elinden alaýsammykam, oňa
güýjüm-ä ýetmän duranok» diýibem bir oýlandy. Tilki
aýynyň daş bilen gyzyklanyp ugranyny görensoň, haýal
etmän, öz tilsiminiň ikinji bölümine geçdi. Gözüni
süzüp, alyslara seretdi. Aýa özüniň kimdir birine
garaşýanlygyny mälim etdi. Soňundanam ýalmanyp
haýyş bilen oňa ýüz tutdy:
– Aýy daýy, eger sen häzir howlukmaç bolmasaň,
296
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bir haýyş bar. Birsalym şu daşa göz-gulak bolup
otursaňyz? Inim häliräk mähek daşyny bu ýerden
äkitmek üçin oba araba getirmäge gidipdi, şol eglendi,
azaşyp dagy ýören bolmasyn. Ýogsam, ol meniň
hasabym boýunça bireýýäm bir ýerden görünmelidi.
Siz razy bolsaňyz, men häzir gidip şonuň öňünden
çykaýyn.
– Arkaýyn gidiber, tilkim. Tä, sen gaýdyp
gelýänçäň gözümi daşdan aýyrman oturaryn – diýip,
aýy dessine onuň bilen göwünjeň razylaşdy. Öz
ýanyndan Bu keramatly daşy tilkiniň elinden nädip
alyp bolaýarkan diýip oýlanyp oturan aýynyň gökdäki
dilegi ýerde gowuşdy.
Tilki gidip bir depe aşansoň yzyna öwrülip, şol
aşan depesiniň ýeňsesinde gizlenip, daşyň başynda
galan aýynyň bolşuny synlady.
Aýy ilki tilkiniň garasy ýitensoň, ýaltaklap,
töweregini syndan geçirdi. Golaý-goltumda hiç
kimiň ýoklugyna gözüni ýetirensoň bolsa ýaňky daşy
«homp» etdirip egnine aldy-da, tilki dolanyp gelmänkä
bu ýerden daşlaşmak üçin ýegdenekläp, howlukmaç
ýöräp ugrady.
Birazdan ýene-de akarda suwuň şadyýan sesi
peýda boldy.
297
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
NAN
Nazaryň ejesi tamdyra nan ýapyp durdy. Ol hälişindi eglip, tamdyrdan tegelek Güne meňzeş nanlary
çykaryp alýardy. Nazar bu ýerde, bir gapdalda durup,
ejesiniň hereketlerini synlap, her gezek nan ýapylanda
özi üçin ýörite kiçijik çöregiň çykarylaryna garaşýardy.
Şol gezek ol ejesini synlap durşuna, oňa sorag berdi.
– Eje, näme üçin nany tegelek edip bişirýäňiz-ä?
– Nan Güne meňzeş, oglum!
– Nämüçin, eje, ol Güne meňzeş?
– Sebäbi Gün – Babadaýhan:
Ýerleri öz howry bilen taba getirýän kim? – Gün.
Ekinleriň ösmegine kömek edýän kim? – Gün.
Bugdaý sümmüllerini sypalap-sypalap bişirýän
kim? – Gün.
Özümizi sylany bizem sylaýarys. Şonuň üçin
nanymyzy onuň hormatyna tegelek edip – Güne
meňzedip bişirýäris.
Nazar ejesiniň tamdyrdan çykaryp özüne uzadan
kökejigini alyp, ony depesine göterip, Güne görkezdi.
– Gün, seret, meniň çöregim saňa meňzeş!
Ony görüp, Gün – Babadaýhan göwnühoşluk
bilen ýylgyrdy.
Şonda dünýä has hem owadan boldy.
298
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
DEŇIZ
Deňiz – ullakan gök ýorgan. Ol gök mahmal
ýorgan bolup, owsunyp tolkunýar. Çarlaklar her
gün şol gök mahmal deňziň ýokarsynda galgaşyp,
uçuşyp gezýärler. Olar, bu günem hol-ha, ýene-de
hemmelerden ir oýanypdyrlar.
Uçuşyp-gonşup ýörler.
Deňiz ýorganyň örtüginiň aşagynda bolsa entegem
ukuda ýatanlaryň az däldigi bildirýär: balyklar,
leňňeçler, düwlenler... henizem şol ýylyjajyk deňiz
ýorganyň aşagynda doganlar bolşup, depişip ýatan
bolmaly.
Deňiz ýorganyň aşagy häzir agyn müňňüldi.
TAŇŇY
Taňňy mekdepden gaýdyp gelýärdi. Ol mekdebe
ýaňrak gatnap ugrapdy. Şol barmana, ýolda onuň
öňünden bir garryja mama çykdy. Ol Taňňyny tanady.
Garryja mama Taňňylara, onuň enesiniň ýanyna
mahal-mahal oturmaga gelerdi. Mama aýak çekip,
Taňňa ýüzlendi.
– Nireden gelýäň, oglum?
– Aý, okuwdan-laý.
– Okuwyňyz eýýäm gutaraýdymy?
299
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
– Ýok, ertir ýene-de gelmeli diýdiler.
Taňňy bu sözi egnini gysyp, agyr ýüküň aşagynda
galan ýaly, diýsen lapykeç bolup aýtdy.
ŞAH ÇYKANDA GEL!
Agylda iki sany owlajyk bardy. Olar, käte oýun
edişip, bir-birleri bilen süsüşip oýnardylar. Käte
Orazam gelip, gapdaldan olaryň oýunlaryny synlap
durýardy. Bir ýola bolsa Orazyň hem owlajyklaryň
oýnuna goşulasy geldi. Agyly açyp, onuň içine girdi.
Şonda owlajyklaryň birisi ondan gorkup, dessine
towsup, baryp enesiniň arkasynda gizlendi. Olaryň
ikinji birisi, sakarja owlajyk welin ondan gaçmady.
Gaýtam, kellesini aşak edip, onuň bilen süsüşmäge
taýynlandy. Owlajygyň kellesinde ýaňyja tümmerip
gelýän şahjagazlary bardy. Oraz hem owlajygyň özi
bilen süsüşmäge höwesekligini görüp, onuň garşysyna
geçdi. Sakarja owlaga meňzäp, kellesini tüňňertdi.
Süsüşmäge taýyndygyny mälim etdi.
Süsüşen wagtlary Orazyň gözünden ot paýrap
gitdi. Has-da maňlaýy erbet agyrdy. Ol şundan soň
uzak durman, maňlaýyny sypalap agyldan çykdy.
– Eý, süsüşjek bolsaň, şah çykanda gel! – diýip,
özüni ýeňiji hasaplap duran sakarja owlak onuň
yzyndan seredip çekräp goýberdi.
300
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ÖÝLÄNÇI
Öýlänçi ýene-de duýdansyz geldi. Ýaz günleri bu
öýlänçiniň edähedidi. Häsiýetinden çen tutsaň-a, onuň
ady «Tiz ýagar» diýen ýaly bir zat bolmalydy. Ýöne
oňa adamlar hemişe öýländen soň ýagýanyny göz
öňünde tutup, «öýlänçi» diýýärdiler.
Öýlänçi bu gezegem, bada-bat asfalt köçeleri
ýalanan göläniň arkasyna meňzedip ýalpyldatdy. Onuň
akja damjalary şagalaň bilen ýapraklaryň ýüzünden
syrylyşyp «taýdym-taýdym» oýnadylar. Ýolda ol
mekdepden gaýdyp gelýän çagalaryň hem yzyndan
ýetip, olary-da süllümbaý ezdi. Ýöne, çagalaram
ondan gaçyp bukuljak bolmadylar.
Gaýta bökjekleşip, şatlanyşyp hezil etdiler.
Öýlänçi olary ezse-dä ezdi welin, ýöne ol soňundan
eden işine ökündi öýdýän. Bada-bat öz ýalňyşyny
düzetmegiň ugruna çykdy. «Çagalar geýimlerini serip
guratsynlar» diýip, dessine bir ýerden älemgoşary
tapyp, ony asmanda gerdi.
– Her kim geýimini halan reňkine sersin – diýip,
älemgoşary olara görkezdi. Sebäbi ol her kimiň öz
söýgüli reňkiniň bardygyny bilýärdi.
Çagalaryň hersi pikirlerinde öz geýimlerini
asmakdaky älemgoşaryň bir reňkine serdiler...
301
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
HADYSA
Bir gezek köşejik suwkädini göterip, suw
içjek bolanda, bilmän ony başyna geýäýdi. Soňra
ol suwkädini eýläk-beýläk öwrüp näçe itinse-de,
ondan başyny gutaryp bilmedi. Ilki muny ejesi
görüp, suwkädini köşejigiň kellesinden aýyrmakçy
boldy, emma bolmady. Soňra onuň kakasynyň eden
synanyşyklarynyň hem barysy peýdasyz boldy.
Ahwalaty eşidişip, goňşular hem üýşüşdiler. Emma
olaryňam alan galasy bolmady. «Haý, bolmandyrow!» diýşip, duýgudaşlyk etmekden başga bitiren
işleri bolmady. Gaýtam, öz aralarynda: «Indi munuň
kellesini kesäýmesek bolmaz» diýşip, köşejigiň ejekakasynyň howsalasyny artdyrdylar.
Bu üýşmeleň bir gapdalynda goňşy obadan gelen
tilki hem synçy bolup durdy. Ol ýaňrak bir iş bilen
bu düýeler obasyna gelipdi. Märekäni görübem: «Ol
ýerde näme barka?» diýip, şu ýere sowlupdy.
Düýeler artdykça ýagdaý barha dartgynlaşýardy.
Köşegiň ejesiniň howsalasy artdy. Ilki ol oglunyň
başyndan jüp çörek hudaýýoly aýtdy. Ýagdaýyň
çäresizdigine göz ýetirensoň, Taňrydan kömek sorap,
has-da eçildi. Bir işşegi onuň ýoluna bagyşlady.
Düýeleriň bolşuny synlap, olaryň sadalygyna
içini güldürip duran tilki işşegiň ady orta geçensoň,
302
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
höwesli ýalmanyp, köşegiň ýanyna geldi. Ilki: «Haý,
bolmandyr özün-ä...» diýen bolup, näderini bilmeýäne
meňzäp, onuň töwereginden aýlandy. Ara wagt salyp,
ýagdaýa has-da dartgynlyk berdi. Soňundanam:
«Hany, pirimi çagyryp, menem bir synanyp göreýin»
diýip, ýeňlerini çyzgaşdyryp çemelendi.
– Göreweri...
– Gör, tilki aga – diýşip, bu ýagdaýdan baş çykaryp
bilmän, alaçsyz duran mähelle hem ýerli-ýerden ony
makullady.
Tilki köşege golaýrak durup, onuň başyndaky
suwkädiniň bokurdagynyň iki tarapyndan tutup, bir
çekdi welin, ol darka bölünip, onuň her tarapy tilkiniň
bir eline geldi. Şondan soň, düýeleriň üstünden agyr
ýük aýrylan ýaly boldy. Olar: «Hudaýa şükür, derdimiz
dep boldy» diýşip, ýeňillik bilen dem aldylar:
– Bä, tilki agada emel kän-ow...
– Tilki aga ýetişäýdi. Ýogsam, onuň kellesini
kesäýmesek bolmazdy...
– Asyl, beýdäýseňem boljak eken-ä. Kellä
gelmändir-dä – diýşip, onuň soňundanam gürrüňini
etdiler.
Tilki soňky gürrüňleriň hiç birisine-de gulak
gabartmady. Ol Hudaý ýoluna aýdylan işşegi eşeginiň
syrtyna aldy-da, çagajyklarynyň ýagly guýruk
gapjagyna begenip, niredesiň öýüm diýip, ýola rowana
boldy.
303
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
RAHMANYŇ ÖÝKESI
Rahmanlaryň goňşusynyň köşeklije düýesi bardy.
Ol köşejik diýseň mähirlijedi. Ony gördügiňçe, göresiň
gelýärdi.
Rahmanam hem her gün telim gezek gelip, ony
synlap giderdi. Birde ol köşejigiň emip duranyny görse,
ýene birde onuň enesiniň töwereginde patanaklap,
dänjiräp ýörenini görerdi. Köşejik käte oňa aýaklaryny
aşagyna ýygnap, özüniňem ejesi ýaly çöküp, depe bolup
oturyp bilýänini hem görkezerdi. Bir gün goňşular
düýelerini köşegi bilen äkidip, bazarda satyp geldiler.
Şundan soň, Rahmanyň ol öýe aýagy çekmedi:
Bir ýola goňşy aýal ejesiniň ýanyna oturmaga
gelende, oňa habar gatdy:
– Rahman jan, näme bize barmaňy kesäýdiň-le,
oglum?
– Men öňem size baramokdym. Köşejiklere
barýardym – diýip, Rahman öýkesini mälim edip,
ýeňsesini tüňňertdi.
Çaýlaşyp oturan aýallaryň ikisi-de şundan soň:
«Gör, gep gelip nireden çykdy» diýýän manyda, birbirleriniň ýüzlerine uýatly seredişip dymdylar.
304
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
TILKINIŇ ÝÜZ BIRINJI SAPALAGY
Tilki bir ýola çölde aýlanyp ýörkä, dynç alyp
oturan möjekleriň üstünden geldi.
– Hany, bärik gel! – diýşip, möjekler ony gören
batlaryna, dessine öz ýanlaryna çagyrdylar.
Gaçaryny aldyran tilkä möjekler näme diýse «hä»
diýmekden başga alaç galmady.
– Hawa, agalar, näme hyzmat! – diýip, ol mylaýym
sözläp, guýrugyny howada oýnadyp, gowusyrap
olaryň huzuryna geldi.
– Sen aldawçymyşyň, hany, bizem bir alda...
– Ýok, agalar, aldawçam bolsam, men sizi, möjek
neslini aldaýan däldirin. Miltem edip bilmerin...
– Ýeri, ýeri, saňa biz beletdiris!
– Ýöne meniň «Gawun ogurlaýşym», «Tazy
aldaýşym» diýen ýaly oýunlarym-a bardyr. Bolmasa,
şolaryň birden birini size görkezäýeýin!?
– Görkez hany!
– Onda, agalar, oýunyň şertine görä siz tegelenip
duruň.
Möjekler hezillik görmek üçin tilkiniň töweregini
halkalap durdular.
Tilki:
– Düme ýerden, ine, şeýle gawun ogurladym
– diýip, ilki bir kiçiräk gawunyň şekilini ýere çekip
305
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
görkezdi. Soňundanam şu usulda beýleki ýerlerden
çilen gawunlaryny hem suratyny çekip ýekeme-ýeke
görkezip ugrady.
– Bi zaluwad-a dünýäň gawunynyň işini gören
ekeni – diýşip, möjekler tilkiniň gürrüňine has-da
gyzyklandylar. Şol arada tilki: «Ine, şunuň ýalam
birini ogurladym» diýip, aňyrdan ýer çyzyp gelşine,
ata möjege golaýlaşdy. Möjekler häzir tilkiniň daşan
gawunlaryny göz öňüne getirişip, sülekeýlerini
sallaşyp durdular. Tilki şol arada amatly pursadyň
gelenini duýdy. Harsa, ata möjegiň aýaklarynyň
arasyndan sümlüp geçdi-de:
– Ýa pirim, çöl, özüňden medet – diýip, berdi
ýazzyny.
Möjekler «Haý, deýýus-a, bizi ýene aldad-ow» –
diýşip, onuň yzyndan seredişip, gülşüp galdylar.
ŞÜBHE
Ýaş garga gargalaryň toparyna goşulyp,
ýaňyrakdan bäri uçup ugrapdy. Bir gün ol gargalar
bilen bir öýüň gapdalynda ony-muny çokup ýörkä,
gezmeläp, gapa golaý bardy. Ol ýerde jaýyň kölegesine
atylan keçe bardy. Keçäniň üstünde çigit gabyklary,
çörek owuntyklary pytraşyp ýatyrdylar. Bu ýerde
ýaňy bir gyzjagaz saçyny darap, howlugyp mekdebe
306
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gidipdi. Onuň ýygnaşdyrman giden aýna-başdaragy
hem häzir keçäniň üstünde pytrap ýatyrdy. Şol arada
garganyň gözi aýna düşdi. Ýöne ol öz öňünde peýda
bolan gargany birbada tanamady.
Gaýta gaýşarylyp, öňünden çykanyň kimdigini
bilmek üçin:
– Eý, sen kim? – diýip, ondan habar sorady.
Aýnadaky garga hem onuň hereketlerini üýtgewsiz
gaýtalasa-da, hiç hili jogap gaýtarmady. Garga birsalym
geň galyp, garşysyndaky öz hereketlerine öýkünýän
gargany synlap duransoň, ahyry onuň özüdigine göz
ýetirdi. Ýöne şeýle-de bolsa, ol şol görýän gargasynyň
özüdigine asla ynanyp bilmedi. Sebäbi ejesi bilen
kakasy hemişe oňa «Ap-agym» diýerdiler. Şonuň
üçinem, ol özgeler gara bolsa-da, gargalaryň arasynda
bir özüniň akdygyna diýseň ynanýardy.
Garga aýna bakyp durşuna oýurganyp, iňkise
gitdi:
– Bäý, walla, men nirede gazan gara dagy süýkenip
ýörkäm-äýt?..
TÜRKMENIŇ ÝAŞYL TUGY
Türkmeniň Tugy pasyrdaýar.
Onuň ýaşyl reňki bar. Ýaşyl reňk ilki bilen-ä
düşümli reňk, galyberse-de, ol baharyň lybasy.
Türkmen Tugy bilen ýaz paslynyň diňe bir reňki
däl, olaryň many-mazmunlary-da bir-birlerine meňzeş.
307
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Bahar her gezek gelende, dünýä özi bilen gowulyk
getirýär. Ol gelensoň, onsoň, hemme zat al-ýaşyl
öwsüp, ösmek-özgermek bilen.
Ýüreklerde ynam, gursaklarda höwes peýda
bolýar. Baharda diňe bir özüne ýaşyl ganat-per ýasanan
agaçlar däl, hatda adamlaram, daglaram özleriniň uçup
biljegine ynanýarlar...
Türkmeniň ýaşyl Baýdagy parlaýar...
Ol hem ýaz ýaly öz halkyna YNAM getirdi.
Türkmen indi şu Baýdagyň astynda özüniň heniz
görülmedik, ýöne köp arzuw eden gowulyklaryna
tarap barýanyna ynanýar.
Ýaşyl Tug kuýaş bolup, il kalbyny çoýýar.
Türkmeniň bahar reňkli Tugy bu gün dünýäniň
köp döwletleriniň paýtagtyny bezeýär. Türkmen Tugy
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Köşgüniň
öňünde pasyrdap duran belent başly baýdaklaryň hem
birisi. Türkmeniň ýaşyl Tugy halkynyň manysyny,
maksadyny aýgyt edip pasyrdaýar.
Ony synlan didelerde guwanç däneleri bulduraýar.
U-U-U-U
Gijara obanyň ýeňsesinde ýene-de içigişipiçigişip şagal uwlady.
– U-u-uw...
308
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
– Eý, şagal, näme uwlaýaň?
– Howada meniň söýgüli gawunymyň ysy bar.
– Heý, şonuň üçinem bir beýle zarynlap uwlamak
bolarmy?
– Iýesim gelýär ahyryn. U-u-uw... U-u-u...
BATYRJA GAÝYK
Ýegen ýap boýuny syryp barýardy. Şol arada,
onuň gözi tolkunlaryň arasyna düşen ýaprak-gaýyjyga
düşdi. Tolkunlar süri bolşup, ony kowalaýardylar,
synyndan aslyşýardylar. Ýöne gaýyjygam ýeserjedi.
Olara tutdyr ýaly däldi. Ol galgap, bir ondan çykýardy,
bir mundan. Töwerekdäki tolkunlar bolsa ony aljyratjak
bolşup ber-başagaýdylar.
– Batyrja gaýyk eken – diýip, Ýegen ony birsalym
synlap duransoň guwandy.
– Şular ýaly batyrjalar soňra matros bolýa-da –
diýip, suw hem onuň pikirini makullap, töweregine
tolkun ýaýradyp, owsunyp goýberdi.
ÝÜZÜNI NURANA-DA GÖRDÜM-LE
Bu waka tilki sürüji bolup işleýän döwürlerinde
bolupdy. Şol gezegem ol öz başlygyny alyp, şähere
barýardy. Obanyň çetine ýetiberende, ötüp barýan
309
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bir bölejik çekene ýoly baglan mahaly, ol alaçsyz
saklanmaly boldy. Goýunlaryň yzynda eli çybyklyja
çopanjyk bardy. Aňyrdan wazlap gelen maşynyň
sürüjisi
gele-gelmäne
yzly-yzyna
maşynyny
düýtdülledip, ýoly tiz boşatmagy talap edip ugran
mahaly, onsuz-da sürüsini tizräk ýoldan sowmagyň
aladasy bilen başagaý bolup duran oglanjygy aljyratdy.
Çopanjyk goýunlaryň töwereginde elewräp, eýläk bir
ylgady, beýläk bir ylgady.
Onýança tilki maşynyň aýnasyndan kellesini
çykaryp, elini salgap, dyzanyp talaply gygyrdy.
– Eý, sen ýoly boşadýaňmy, ýok. Haý, mysalaň
gursun!
Çopanjyk
ýagdaýy
görüp
duranlygyna
seretmezden, tilkiniň özüne käýinmegini halaman
çytylyp, nägile bolup, baş göteren wagty ol tilkiniň
gapdalynda özüni synlap, guwançly ýylgyryp oturan
agasyny görüp, birden ýylgyryp goýberenini-de
duýman galdy.
Sürüji başlygynyň hem ýylgyrýanyndan habarsyz,
çopanjygyň içiňi ýakaýyn diýýän ýaly ýylgyrmasyny
halamady.
– Munuň akyly-zadam ýerinde däl öýdýän.
Men-ä janymy ýakyp, ýoldan sowul diýýän. Bu bolsa
samsyklap, ýylgyryp ýüzüňe seredýär.
Süri sowlup, maşyn ýene-de ýoluna gönügensoň,
310
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
häliden bäri wakany gapdaldan synlap oturan başlyk
tilkä ýüzlendi:
– Ýaňky çopanjygy tanadyňmy, tilki?
– Aý...ý, ýok... başlyk.
– Ol meniň uly agamyň ogly. Ýaňy gaňrylyp
yzyna sereden mahaly ol meni tanap ýylgyrdy.
– Hä, şeý diýsene, ýüzüni nurana-da gördüm-le...
Hawa-da, tilki hemişe tilki bolýar-da. Ol
ýalňyşmakdanam asla gorkmaýar. Sebäbi ýalňyşsa-da,
ony ýüzugra düzetmegi başarýar.
Maşyn şäher ýoluny külterläp, myçyp gitdi.
WATAN GADYRY
Wepanyň indi köpden bäri garlawaçlara bir sorag
beresi gelýärdi.
Ahyr bir gün ol ýapboýunda suw içip oturan
garlawaja duşup, öz soragyny ýadyna saldy. Onuň
soragy garlawaçlaryň guş häsiýetleri bilen baglydy.
Olar hem köp guşlar ýaly, her ýyl gyş golaýlaşyberende
göç edip, yssy ýurtlara giderdiler. Şol gidişden diňe
gyş geçip, ýaz çykansoň, yzlaryna dolanyp gaýdyp
gelerdiler.
Wepa bolsa gowuja guş-garlawaçlaryň hemişe öz
töwereklerinde bolmagyny islärdi.
– Garlawaç, sen näme, her ýyl bu ýerden göç edip
311
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gidýäň?
– Watanyň gadyryny bilmek üçin.
– Onda näme, ýene-de her ýazda ýazyň öňi bolup,
yzyňa gelýäň.
– Watanyň gadyryny bilmek üçin.
Garlawaç soňra töwerekdäki gözýetimden
gözýetime ýaýrap oturan seleň sährany guwanç bilen
synlap: «Watanyň gadyry ondan aýra düşeniňde has
gowy bildirýär» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
YKBAL HATARY
Yklym Saparlara gezmäge gelipdi. Olar çolaja
otagda oýnap otyrdylar. Şol barmana birden Yklymyň
ünsi diwardaky asawaja düşdi. Ol ýerde üç sany esger
şineli asylgy durdy.
– Bular näme? – diýip, Yklym şinellere hyrydar
seretdi.
– Ine, bu atamyň şineli – diýip, Sapar turup, ilki
guwanç bilen birinji asawaçdaky şineliň syýyndan
tutdy.
– Ikinji şinel kimiňki?
– Ikinjisi kakamyňky. Onuň yzyndaky bolsa
agamyň esgerlikden geýip gelen şineli – diýip, Sapar
üçünji şineli hem buýsanç bilen görkezdi. Soňundan
ol asawaçdaky boş ilgençege elini uzatdy.
312
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
– Ine, bu bolsa meniň şinelimiň ýeri bolmaly.
Men desantçy goşunda gulluk etjek.
Hatara esger bolup duran şinellere oglanlaryň
ikisiniňem gözi gitdi...
Şol pursatdanam oglanlaryň ikisi-de pikirlerinde
depelerinde ýaşyl Baýdagy pasyrdadyp, nyzam bilen
barýan esgerleriň arasynda özleriniň hem barlygyny
gördüler.
ÝENE-DE BIR, ÝENE-DE BIR...
Okuwçylar köçäniň gyrasyna nahal oturdyp
ýördüler. Ýegen hem olary görüp, ýanlaryna bardy.
Birsalym töweregindäki nahal oturdýanlary synlap
duransoň, onuňam şolara meňzäp nahal oturdasy geldi.
Mugallym muny duýdy-da, oňa-da bir düýp nahaly
oturtmaga berdi. Ýöne Ýegen nahaly alyp oturdyp
bolansoň, ýene-de tukatlandy. Mugallym onuň bolşuny
görüp, geň galdy.
– Näme oýa batdyň, Ýegen! Sen begenmeli
ahyryn. Gör, nähili agaç ösüp ýetişer!
– Meniň nahalym ýekesirär-ä, mugallym. Menem
öýde ýeke galanymda ýekesireýän-ä. Bolmasa, men
ýene-de bir düýp nahal ekäýeýin?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 14
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.