Latin

Çölüň deňiz günleri - 03

Total number of words is 3795
Total number of unique words is 1890
34.4 of words are in the 2000 most common words
46.6 of words are in the 5000 most common words
54.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
öýüne girip gizlenip bolýar.
- Şeýle-de bolsa, ol örän täsin ekeni.
- Ol ýerde düşegiň-ä ýumşady öz-ä.
51
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Pyşbaga iki ýüz elli ýaşapdyr.
- Nädip?
- Howlukman bolaýmasa...
- Menem üçe çenli sanap bilýän, iki ýüz elli üçden
köpmi ýa az?
- Näme yza galýaňyz? - Ene tilkiniň igenç äheňli
sesi tilkijikleriň ädimini tizledi.
Birsalymdan Aý dogup, Pendi baýyrlary birmeňzeş
süýtreňk ýagty bilen örtündiler.
Tilki bu gün öz çagalaryny taýyn awuň ugruna
äkitdi. Çopan-çoluklar haram ölen mallary sürüden
saýlap, bir gorpa atýardylar-da, üstüne birki pil
gum atyp, telli-pelli gömüp gaýdýardylar. Ýaltarak
çopanlar bolsa bu iki pil gumy hem atman, getiren
maslygyny mör-möjegiň üleşigine galdyryp, yzlaryna
dolanardylar. Şeýle taýyn «aw» has-da çölde kiçijik
guzujyklaryň köpelýän wagty, ýazda köp bolardy.
Tilkiler bu «awy» öz ýanlaryndan «taýyn aw» ýa-da
häki bir «garyndoýurma» diýip atlandyrardylar. Ýöne
beýle awuň iýlen wagty, hakyky aw awlanyndaky ýaly,
şeýle bir tagamy bolmaz-dy. Şeýle-de bolsa garnyňy
doýurmak, hut şunuň özem kiçi alada däldi. Tilkileriň
arasynda bu meselede: «Aw eti bilen taýyn awuň
ikisiniňem bitirýän işi bir, ikisem deň ýokumly, ikisem
bize güýç-kuwwat berýär» diýip, gören ýerinden tapan
zadyny iýmeli diýen pikire uýýanlar-da az däldi.
52
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ene tilki hem bu öwräniň: «Hut gören ýeriňden
tapan zadyňy iýmeli» diýen pikire eýerýän tilkileriň
birisidi.
Olaryň ilkinji gelen ýerlerinde ýaňyrak ölen
guzujygyň ysy bolsa-da, onuň özi ýokdy. Ony
şagalmy, möjek, haýsydyr biri gabat gelip, süýräp
giden borly. Guzujygyň ysy depesinden düýbi has
garaňky bolup görünýän, iki aýyrt bolup ýatan jülge
tarapdan kükeýärdi. Aýaklaryň ol ysyň yzyna düşesi
gelse-de, gözleriň öz görmedik zadyny gidip gözläsi
gelmedi. Galyberse-de, «taýyn aw» her süriniň diýen
ýaly töwereginde bolardy.
Olaryň ikinji baran ýerlerinde üç-dört sany o ýeri-bu ýeri zaýa bolup, porsap ugran jyrryk ýatan ekeni.
Şeýle hem häzir bu ýer boş däldi. Olaryň öňüsyrasy
gelen erkek tilki bir soky ýaly jyrrygy çete çekip, onuň
töwereginde gyr-gyrlap pelesaň urýardy. Ol ene tilkiniň
toparynyň gelenini görüp, öz awuny gysganyp has-da
düýrükdi. Burnuny haýbatly «tyssyldadyp», maslygyň
bir eýlesine geçdi, bir beýlesine, awuny goramaga
häzirlendi.
- Golaýyma gelmäň!
- Seniň bir özüň onça zady nädip iýjek? Jyrrygy
onuň bir özüne köp gören tilkijikleriň birisi oňa gep
gatdy:
- Iýerin, iýmänmi, hek ederin. Golaýyma gelmäň!
53
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Birdenem ol üstünde ölüşmäge taýyn awuny
goýdy-da, howany ysyrganyp-ysyrganyp, bar zatdan
bizar bolup göterdi ökjäni. Onuň gaçanyny görüp,
«Haýsydyr bir howply duşman ýetip gelýändir»
diýen gorky bilen beýleki duranlar hem duran-duran
ýerlerinden jyrryklardan geçip, gaçmak bilen boldular.
Howsala birsalymdan ene tilkiniň toparyny ilki
gaçan tilkiniň yzyndan ýetirdi.
- Ýeri, nämeden gaçýas, näme bar? - Ol ilki
gaçan tilkä deňleşen wagty ondan özüniň bilesi gelýän
zadyny sorady.
- Itiň ysy bar - diýip, ilki gaçan tilki hopukdy.
- Nirede?
- Häzir ol göni yzymyzda, ökjämizi basyp ýetip
gelýär.
Ene tilki howany ysgansoň, nämäniň-nämedigine
düşündi-de «Ýak-heý...» diýip, lapykeç halda aýak
çekdi. Bu onuň öz çagalarynyň biri bolup ýören
Möngözlüjäniň ysydy ahyryn.
Ene tilkiniň duranyny görüp, iliň öňi bolup gaçan
tilki hem hol beýleräkde aýak çekdi. Geňirgendi:
- Ýeri, näme durduňyz?
- Ol biziň öz ysymyz ahyryn.
- Seniň akylyň çaşypdyr, kempir, seniň indi
ölümiň golaýlap ugrapdyr. Öljek tilki hemişe «Itleri
talap, olary mugyra getirjek» diýip, samrap ugrarmyş.
54
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Bir zady öwran-öwran gaýtalansoň, ahyrsoňy onuň öz
diýen zadyna ynanarmyşyn. Özüniň tilkidigini, itiň
bolsa itdigini unudarmyşyn. Şeýdibem ol bir gün itiň
garşysyna çykyp güýç görkezmekçi bolarmyş. Itiň
öňünden çykanyň bolsa gözüniň näme görýänini sen
mençeräk bilýän bolsaň gerek...
- Sen entek bir dursana! - diýip, ene tilki gepleme
gezegi özüne alyp, ýagdaýy oňa düşündirmekçi boldy.
Ýöne ýüregine howsala dolan tilkiniň hiç kimi
diňläsi gelmedi.
- Dursaň, özüň duruber! Bir porsy guzy diýip,
men-ä derimi serdirip biljek däl. Ýagyň özüňe nesip
etsin!
Ýat tilkiniň garasy şundan soň barha daşlaşyp
ýitmek bilen boldy.
Ene tilki yzyna dönüp, çagalaryny ýene-de şol ýat
tilkiniň dow-dowuna düşüp gaçylan ýere getirdi.
Tilkiler garynlaryny otaryşyp, yzlaryna dolanan
wagtlary Aý eýýäm al-asmana göterilipdi.
Tilkijikleriň keýpi kökdi, olar şol gelişlerine
dänjireşip, bir-birlerini itekleşýärdiler, ýumak bolşup,
otlaryň üstünde togarlanýardylar, ýakalaşýardylar.
Enelerinden yza galyşyp, ýene-de ýüzin salşyp, onuň
yzyndan ýetýärdiler. Olar şol gelişlerine bir baýryň
eteginde dörän ikinji bir depäniň üstünde bölejik bolup
dynç alyp ýatan atlaryň üstünden indiler.
55
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Atlar aýdyň Aýyň ýagtysynda dünýäni unudyşyp
ýatyrdylar. Duran ýerinde uklamagy gowy görýänleri
bolsa biri-birleri bilen kelle degrişip, aýak üstünde
irkiljireşip durdular.
Gylýallaryň on-on bäş ädim beýle ýanyndaky
depäniň üstünde serdar at serini dumanladyp, uzaklara
seredip durdy. Onuň bedeni Aý şöhlesi bilen nurlanyp
ýalpyldaýardy. Serdar birde aýaklarynyň biri bilen
ýer peşese, ýene birde keýerjekläp has-da görmegeý
bolýardy.
Atlary görüp, diňe bir bilesigeliji çagalaryň däl,
hatda ýöne-möne zatlarda üns saklamaýan ene tilki
hem birsalym aýak çekdi.
- Eje, şular hol gün gören atlarymyzmy?
- Hawa.
- Onda näme olar bizi kowalanoklar? - diýip,
naşyja tilkijik ýene-de doganlaryndan öňürdip, ejesine
yzly-yzyna sorag berişdirdi.
- Biz ýakyn barsak, olar ýene-de bizi sylap
goýmazlar.
- Şol gije meni kowalan atlarmykan şular? - diýip,
Möngözlüje hem özüniň başagaý bolan gününi ýatlady.
- Haý, sammyjak... - Tilki Möngözlüjäniň
soragyna gülensoň, oňa başdansowma jogap berdi. - Ol
ýerde şemal bulutlary toplap çaknyşdyrýar, ýyldyrym
çakýar. At küje, taý küje...
56
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Eje, biz haçan at bolarys? - Serdar aty synlap,
onuň merdemsiligine gözi giden tilkijikleriň biri
ejesiniň pikirini böldi.
- Hiç haçan.
- Näme üçin hiç haçan, eje? Meniň at bolasym
gelýär ahyryn...
- Bes ediň. Öz pikir edip bilmeli zadyňyzy menden
soramaňyz näme?
Möngözlüje bolan gürrüňlerden çen tutup, bu
atlaryň şol gije özüni depeläp ötjek bolan atlar däldigini
anyklady.
Alaňyň depesinde öz mertebesini göz edip duran
dyzmanç at töwerekde bir ýakymsyzlygyň barlygyny
duýup, gulaklaryny bir tarapa gönükdirip üşerildi.
Şundan soň tilki ýene-de çagalaryny yzyna tirkäp,
ýola düşdi. Möngözlüje birsalym ylgap yzyna sereden
wagty, serdar atyň şol bir duran ýerinde keýerjekläp,
şöwür çekip duranyny gördi.
Ýagyş ýagan gününiň ertesi ýata-ýata halys
bolan Möngözlüje hemmeden öň oýandy. Ol ýaltalaç
gerinjiräp daşaryk çykan mahaly töweregiň çal ümrüň
arasynda çala sudur bolup, bugaryp oturanyny gördi.
Howa hoştapdy, onda säher çygynyň, gülleriň, ot-çöpleriň ýakymly yslary bardy. Ümrüň bugaryp, göç
edip ýörşi gören zadyny düýrläp alyp giderli görünýärdi.
Möngözlüje birsalym dünýäniň synçysy bolup
57
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
duransoň, bir zada - özüniňem, doganjyklarynyňam
uçýandygyna, onda-da barha özleriniň ýokary
göterilip barýandygyna ynandy. Sebäbi ol şol gezek
uçan güni hem asmanda öz töwereginde hut şeýle çal-çul zatlaryň sallam-sajak bolşup, uçuşyp ýörenlerini
görüpdi. Uçmak bolsa, gör, nähili gowy zat! Onda-da
öz basdaşja doganjyklaryň, ýyljak süreniň bilen bileje
uçmak diýsene!..
Möngözlüje şatlygyny paýlaşmak üçin keýpihon
bökeläp sürene giren mahaly tilkijikler entegem
ymyzganyşyp, halka atyşyp ýatyrdylar.
- Uçýarys, uçýarys! Biz uçýarys! - diýip,
Möngözlüje sürene giren ýerinde durup, aýratyn bir
joşgun bilen seslendi.
- Näme, näme? - gepi çala eşiden ene tilki
howlukman turup, ýüregini howsalaly bükgüldedip,
onuň habaryny aldy.
- Biz uçýas, ene!
- Kürsäp girip ýüreg-ä ýardyň - diýip, ene
tilki soňundanam ibirtde-zibirt bolşup, turşup
gelýän çagalaryna hiç hili howpuň ýokdugyny
aňdyrýangaraýyş bilen seretdi.
- Senem, menem, hemmämiz uçýas! - diýip,
Möngözlüje şatlygyny kemmän, doganjyklaryna
buşlap, ýene bir gezek seslendi.
- Niräk uçýas? - diýşip, tilkijikler geňirgenişdiler.
58
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Bilmedim, ýöne özümiz-ä uçýan ekenik, daşaryk
çyksaň bildirýär...
Tilki çagalaryny yzyna tirkäp daş çykan mahaly
goýry ümrüň ähli baýyrlaryň başyna öz possunyny
ýapanyny, dünýäniň daralyp, endam-jany bilen
bugaryp oturanyny gördi. Birsalym ümre syn edişip
duransoňlar, tilkijikler hem Möngözlüjäniň ynanan
zadyna - özleriniň uçýandyklaryna hakykatdanam
ynandylar. Sebäbi bu pursatda bütin dünýä bugaryp,
ýokary göterilip barýana meňzeýärdi.
***
Tilki ümürli gün bolanda hemişe çagalaryny
äkidip, olara alaka ýa-da bedene awlamagy öwrederdi.
Ümre dulanylyp edilen aw diýseň gyzykly hemem
şowly bolardy.
Alaka hakykatda welin tilkiniň eý görýän
iýmitleriniň, hiç birisi hem däldi. Ony iýse, agzynyň
ýuwa çeýnäniň agzy ýaly, iki-üç günläp porsap-aňkap
durjagyndan hem habarlydy. Bu aw tilki üçin ölmez ödi
- kyn günüň «allasy» diýilýänidi. Tilki bolsaň, hany,
saňa goýun eti, keýik owlajygy ýa-da towşan eti islän
wagtyň ýetdirip durmy näme? Şeýle gurak günlerde ol
alaka etini tapsa, bal etjekdi.
Tilki alaka hinlerinden ýaňa endam-jany eleme59
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
deşik bolup oturan bir baýryň öňüne gelip aýak çekdi.
Çagalary gelşip, daşyna üýşüşenlerinden soň bolsa:
«Öň öwredişim ýaly, gaty hüşgär hereket etmelisiňiz»
diýip, özüni üns bilen diňläp duran çagalaryna ýene-de bir gezek ene ynjalyksyzlygy bilen sargady.
Tilkijikler awuň öňüsyrasynda bolmalysy ýaly bolşup
hüşgärlendiler. Soňundan bolsa olaryň hersi bir hini
nazarlap, şeýle bir ussatlyk bilen çem gelen zatlara
bukuldylar welin, Möngözlüje olary soňra boýlanyp-boýlanybam görüp bilmedi. Oňa dünýäden bihabar
atyşma gürrüň edişip oturan alakalary diňlemekden
özge alaç galmady.
- Goňşy, öýüňe giräýdiňmi?
- Ýok, bardyryn.
- Hemişe bolmagyňy ir ertir, giç agşam dileg edip
ýörendirin.
- Sag boluň. Biziňem dilegimiz şol bir zat, il-günüň gowulygy.
- Çagalar gülüp-oýnaşyp ýörlermi?
- Agşam kiçimiziň-ä biraz endamy ýylady. Düýn
täze çykan dadranyň kökünden köpräk iýäýipdir
öýdýän...
- Hä, dadran gaty güýçli zatdyr ol. Ony düýe iýse-de gulagynyň etegi çygjararmyş ahyryn. Ony çakyňy
bilip iýmelidir, gardaş...
- Bu çagalaryň bir zada agyzlary degse, onsoň
60
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
onuň düýbüni deşmän goýýarlarmy näme?
- Çaga-da.
- Bizem-ä çaga bolup görüpdik.
- Ýatlasaň, bizem şulardan öwerlik bolan däldiris.
- Hä-hä-hä. Seniňkem ugrunda bar, goňşy... Ýöne,
göwnüme, ylla şular ýalag-a bolmadygam ýaly.
- Gün görnenok welin, bu ümür onam togarlap
äkiden borly.
- Sabyr edeli, ol hemişekisi ýaly niräk äkidilse-de,
öýlän ýene-de geler, onsoň...
- ... Waý-eý-ý... gaç...
Möngözlüje bu sözüň yzysüre özüniň on-on
bäş ädim gapdalynda howlukmaç tapyrdy eşitdi. Şol
tapyrdynyň yzysüre bolsa ol baýryň birki ýerinden
tilkijikleriň göçgünli seslerini eşitdi.
- Tutdum.
- Menem tutdum, eje!
Aw awlan tilkijikleriň keýpleri kökdi. Olar
öz şatlyklaryny bölüşmek üçin, agyzlary alakaly
eneleriniň ýanyna uçup diýen ýaly geldiler. Agzy boş,
lapykeç bolup gelýän tokarja tilki Möngözlüjäniň
yzyndan ýeten wagty onuňam boş gelýänini gördi.
- Senem zat tutmadyňmy?
- Ýok, men...
- Ýör, häzir bulaň awlan awlaryny bölüşip iýeris.
Ejem bizi aç goýmaz.
61
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Tokarja tilkijik enesiniň ýanyna gele-gelmäne öz
doganlaryndan närazy boldy.
- Eje, bular «tutdum-da-tutdum» bolşup, meniň
çemäme getiren awumy gaçyrtdylar.
- Olar juda begendi, oglum - diýip, ene tilki oňa bu
gezeklikçe doganlaryny bagyşlamalydygyny aňdyrdy.
- Siz bolsa indikide bu ýalňyşlygy gaýtalamaly dälsiňiz.
- Wah, ojagaşjany çemäme-de getiripdim-le... diýip, tokarja tilkijik ýene bir gezek janygdy.
Tilkijikleriň enesi tokarjanyň nägileligini hasaba
alman, aw awlan çagalaryny iş bitiren hökmünde
taryplady.
Alakalar iýmit hökmünde öňe alnansoň, häliden
bäri gultunyp duran Möngözlüje hem beýlekilerden
kem oturmady. Möngözlüjäniň bir alakany tutuşlygy
bilen öňüne çekenini gören tilkijiklerden birisi onuň
bilen bu ýumry bölegi paýlaşmagy niýet edinip
gapdalyna geldi.
- Menem iýeýin-le!
- Özüm iýjek.
- Bir özüň-ä iýdirmerin.
- Iýerin, gelme ýanyma...
- Ine, iýseň! - Tilkijik Möngözlüjäni gapdala
sowmak üçin itekledi.
Möngözlüje muňa girre gaharlandy-da, özüniň
gara güýjüne buýsanyp, tilkijigi çyňsadyp basdy.
62
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Ine, degseň.
Ene tilki öz çagasynyň düşen gününi görüp, bu
ýagdaýy arkaýyn synlap durup bilmedi. Ol çakganlyk
bilen gelip, özüni ýeňiji hasap edip, tilkijigi bagyrdadyp
basyp ýatan Möngözlüjäniň böwrüne hütletdi.
- Näme, indi seniň it damaryň işläp, özüňiň
kimdigiň ýadyňa düşüp ugradymy? Tur hany, tiz!
Möngözlüjäniň böwri erbet agyrdy. Şundan soň
ol çete çekildi-de, tilkiniň bu edenine gahary gelenini
mälim edip, närazy halda hyňrandy.
- Eý, wäg-eý, ýarama näme üçin degýäň?
- Saňa o-da azdyr.
Möngözlüje sese tarap öwrülen mahaly, baýryň
orta bilinde bir tilkiniň bu tomaşany synlap duranyny
gördi.
Bu uzyndan juda owadan guýrukly tilkini
Möngözlüje heniz bir gezegem görmändi. Ony
görenden ene tilki bada-bat üýtgedi. Boýurgandy,
özüne bu duşuşygyň diýseň ýarandygyny mälim
edip, guýrugyny bulaýlady, ýalmandy. Ol golaý gelen
mahaly bolsa ysyrganyşyp, aýratyn bir mähir bilen
onuň endamyna süýkendi.
- Sen nireden çykdyň, meniň begzadam?
- Men Üstýurduň üstünde iki-üç ýyl ygdym. Bu
ýere bolsa ýaňyrak geldim. Eşidensiň, men özümiň
mylaýym gelinligimden jyda düşdüm. Ony öňki ýazda,
63
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
çaga garaşyp ýören günlerimiz keýikleriň kastyna
çykan lökge maşynly adamlar atyp öldürdiler.
- Sen ýeke bolsaň, isleseň bize goşulyp bilersiň.
Maňa öz golaýymda seniň bardygyňy duýmak diýseň
ýakymly.
- Hawa, men seniňem ýekedigiňi eşitdim.
- Onda goşul bize, meniň seni şu çagalaryň atasy
hökmünde göresim gelýär - diýip, ene tilki owadan
guýrukly tilki öz ýanynda galar diýen inçejik tama
bilen gysmyljyrap ysgaşdy.
- Görerin-dä! - Nätanyş tilki gedemlik bilen şeý
diýdi-de, äm-säm bolup duran Möngözlüjä tarap
öwrülip çytyldy.
- Munyň näme?
- It.
- Ýok edip kowup goýberseň bolmadymy? Näme,
ony gökden gaçandyr öýtdüňmi?
- Hawa, ol gökden gaçdy - diýip, ene tilki nätanyş
begzadany has-da geňirgendirdi.
- Nädip? - diýip, ol ene tilki özüni oýnajak
bolýandyr diýen pikir bilen gazaplanyp, sesine saldam
berip sorady.
Ene tilki oňa Möngözlüje bilen bolan wakany
birin-birin gürrüň berdi. Nätanyş tilkiniň öýkesi
ýazylyşsa-da, ol özüniň şol bir pikirinden dänmedi:
- Sen şonda-da mundan dynmaly. Ýaňy onuň
64
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
çagaňy nädiberenini gördüňmi? Ulaldygyça-da munuň
iti çykar. Güýçlener. Ana, onsoň dat günüňe.
- Men ony öz geregime ulanmak üçin saklap ýörün
- diýip, özüne düşüniler diýen maksat bilen ene tilki
syryny açdy. - Itiň azgynynyň gyzyl gurt bolýanyny
men gowy bilýärin. Olar bolsa möjekden has zalym
möjek bolup döreýärler. Möjegiň sürä girse öz awuny
alýanyna, gyzyl möjegiň bolsa gören malyny parçalap,
gyzyl ýaýyrt edip gaýdýanyna sen beletsiň.
- Itiň ulalsa, gyzyl gurt çykjagyna sen onda
ynanýaň-da?
Onsoň bize muny öňe salyp, awuna şärik bolup
ýörmek galýar.
- Häý, näbileýin - diýip, nätanyş tilki
Möngözlüjäniň ýalmanyp, ot-çöpleri ysgaşdyran
bolup ýörşüni synlap, müňkürlik etdi. - Bu samsyjak
juda bilesigeliji görünýär. Ol ýumagy çözleý-çözleý,
bir gün ahyr özüniň itdiginem, it wezipesinem biler.
Bizi hem tanar.
- Ýa şeýle bolaýarmykan? - diýen wagty ene
tilkiniň sesinde müýn duýuldy.
Nätanyş tilki ugramazynyň öň ýanynda ýene-de
bir gezek nazaryny Möngözlüjede egledi.
- Bu saýry ýanymda boljak bolsa, seniň günüňe
şärik bolup bilmerin.
Şu gürrüňden soň ýolda ene tilki ilkinji gezek öz
pikirine müňkürlik edip, böwrüni diňledi...
65
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
***
Möngözlüje ukudan turup, töweregine sereden
mahaly öz gözüne ynanmady. Görüp otursa, tilki
ysly sürende onuň bir özi galan ekeni. Onuň alakjap,
töweregi aýlanyp eden gözlegi-de netije bermedi.
Möngözlüjä it häsiýetini ýatlap, garysyny ýassanyp
garaşmadan başga alaç galmady. Ol-da: «Siz öýüňize
gelmän oňsaňyz, menem sizi görmän oňaryn» diýdide, olaryň bir ýerden gara berjeklerine ynanyp, süreniň
agzyny aldy-da ýatyberdi.
Ýöne tilkijikler ne şol gün gara berdiler, ne-de şol
günüň ertesi. Olaryň ähli zatdan geçip, Möngözlüjeden
gutulmak üçin gaçyp gidenleri çyn boldy. Öwrenişen
ýoldaşlaryndan aýrylyşmak Möngözlüjä aňsat
düşmedi, hut şonuň üçinem ol tilkijikleriň hemişelik
gidenine wagty bilen ynanmady. Göwnüne, olar
ýene bir ýerden ýaltaklaşyp, şatyrym-şallak bolşup
geläýjekler ýaly boldy durdy.
Bir ýola ol süreniň agzynda garaşyp, töweregi
diňşirgenip otyrka, ötüp barýan bir kirpi oňa gabat
geldi.
- Güneşleýäňmi, goňşy?
- Hä, sen kim? - diýip, Möngözlüje heserlenip, öz
öňünde agyn tiken bolup duran kirpijikden sorady.
- Men-ä kirpi...
66
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Onda men seni tanamok-la.
- Men şu töwerekde hemişe bardym, ýöne sen
üns beren dälsiň. Onsoňam biz itler bilen, tilkiler bilen
şeýle bir gatnaşyp-gatyşyp ýörenem däldiris.
- Öň gatnaşmadygam bolsaňyz, indi gatnaşmaly
borsuňyz - Möngözlüje özüne oýnara ýoldaş tapylanyna
begenjinden ýeňil gopup, ýerinden galdy.
Kirpiniň öňüne geçip, gulaklaryny selkildedip,
guýrugyny bulaýlap, özüniň oýnamaga, gatnaşyk
açmaga taýyndygyny mälim etdi.
- Men oýun oýnamagy halamaýaryn.
Kirpi Möngözlüjäniň özüni görüp, boluberşini
synlap, onuň bu ýeňles hereketlerini halamaýandygyny
aňdyrdy.
- Oýnaly, oýnaberseň soň halarsyň...
- Gerek däl - kirpi onuň gapdalyndan ötüp
gidibermekçi boldy.
- Jan, kirpi, gel, oýnaly-la, häzir kimdir biri bilen
meniň şeýle bir oýnasym gelýär.
Möngözlüje ýene-de erjellik görkezip, özüniň
höwesini mälim etdi.
- Men oýun bilemok diýdim-ä saňa!
- Men öwrederin.
- Maňa seniň oýun öwretjek bolan dogangaryndaşlaryň öň näme gördi?!
- Bilemok.
67
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Hany, onda senem maňa oýun öwretjek bol
bakaly! - Kirpi öýke bilen ýagyrnysyny tüňňerdip
düýrükdi.
Möngözlüje towsaklap, kirpiniň bir eýlesine, bir
beýlesine geçdi.
- Bol, ine, senem şeýdip bökeläber - diýip, ony
tumşugy bilen sähelçe kakdy. Ýöne şol bada-da
çyňsap, gapdala çekildi. Ganjaran tumşugyny ýalap,
öýkeli hüňürdedi.
- Eý, kirpi, bu näme etdigiň?
- Ine, seniň dogan-garyndaşlaryň hem meni oýna
goşjak bolup eden synanyşyklary şeýle gutarypdy diýip, kirpi oňa ýaňsyly jogap gaýtardy.
- Hä, sen ýalyny tanap goýmagam bir bähbit diýip, Möngözlüje awunan tumşugyny ýalap durşuna
öýkeli hüňürdedi.
Kirpi şundan soň sesini çykarmady-da, gyrmyldap
öz yzarlap gelýän ýolunyň yzyna düşme bilen boldy.
Möngözlüje tumşugynyň awusy ýiten dessine bu
duşuşygy unudyp, ýene-de ene tilkini göresi gelip,
doganlaryny ýatlady.
Möngözlüjäniň keýpsiz torsarylyp oturanyny
görüp, çagalaryna öz bilýän zatlaryny öwredip ýören
serçe oňa habar gatdy.
- Jik-jik, näme müzzerip otyrsyň?
- Näme diýjek bolýaň? - diýip, Möngözlüje
68
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
serçäniň sözüni öz üstünden gülünme hasap edip,
gözüniň agyny köpeldip düýrükdi.
- Sen kirpiden gaty görme diýjek bolýan. Ol
şeýleräkdir, aňsat özüne degdirmez. Özem başarsa,
goňşularyna kömek eder.
- Ol kime kömek edenmiş?
- Olmy, köplere. Meselem, meniň özüme-de,
eger ol bolmadyk bolsa... - diýip, serçe özi bilen
baglanyşykly bir wakany ýatlady. - Biz onda hol
ilerki ýapynyň ýüzünde bir hinde ýaşaýardyk. Bir
gün men guşlaryň howsalaly jürküldilerini eşidip,
ketegimizden boýnumy çykardym. Görsem, bir ýylan
guş höwürtgeleriniň töwereginde ýalpyldap aýlanyp
ýör. Ony görüp, menem bada-bat özümi ýitirsem näme.
Daş-töwerek bolsa agyn jürküldi...
- Hiç kim gaçmadymy? - Enesiniň: «Ýylan görseň,
sowlup gaçgyn!» diýen akylyny ýatlap, Möngözlüje
serçäniň gürrüňiniň soňuna howlukdy.
- Heý, ol owadan-jadyly gözleriň öňünden gaçyp
bolýarmy näme. Hemmeler ol gözleri görenden eräpakyp özüniň kimdigini unudýar ahyryn. Ine, şol
barmana-da ýaňky ýylan birden gazap bilen yzyna
- guýrugyna tarap serpildi. Bir görsem, häli-şindi
gybyrdyklap, öýümiziň töwereginde görünýän kirpi
onuň guýrugyna salypdyr agzy. Şundan soň ýylan iki
ýana urnup, janyna jaý tapaýsa nädersiň. Ol kirpiniň
69
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
tikenine urlup-urlup, birsalymdan endam-janyny
gara gan etdi. Bizem ýylan gözleriniň şöhlesi öçerine
mähetdel kürseşip keteklerimize girdik.
- A soň nätdi?
- Kirpi guýruga bir agyz salansoň, ony sypdyrýarmy
näme.
Serçe
gürrüňini
tamamlansoň,
ýene-de
çagalarynyň okuwyny dowam etdirdi.
- Bökmeli, bök!
Çokmaly, çok!
Düşmeli, düş!..
Möngözlüje suwsap ugran çagy öz golaýlarynda
kak suwundan emele gelen kölüň bardygyny ýatlady.
Ol ýere barmak Möngözlüje üçin hemişe ýakymlydy.
Möngözlüje bu ýere gelse, heý, bolmanda bir, ýogsada, üç-dört sany garaguşuň şol töwerekde uçup
ýörenini görerdi. Olar bolsa hemişe Möngözlüjä onuň
şol bir gezekdäki uçuşyny ýatladardylar. «Irde-giçde
uçmasam, men ejem bilen uýamy tapyp bilmerin»
diýen pikire bolsa ol öňräk gelipdi. Hut şonuň üçinem
onuň uçýanlara gözi giderdi, özüne-de bu bagty arzuw
ederdi.
Möngözlüje bol otuň arasyndan tapan ýodajygyny
yzarlap barýarka, ol ýolda henize - bu güne çenli
görmedik äpet bir haýwanyna gabat geldi. Möngözlüje
oňa ýetmän, on-on bir ädimlikde saklandy-da, «Bu kim
70
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
boldugykan?» diýen pikir bilen öz garşysynda duran
jandary synlady.
...Okara gözler, iki ýerden naýza bolup gezelişip
duran egri şahlar synladygyça Möngözlüjä gorkunç
bolup göründi.
- Hass... näme ýolumda dursuň? - Nätanyş başyny
aşak egip, gaharly haslady.
- Sen kim? - Möngözlüje ýüzugra geçibermegem
birhili görüp, ol haýwandan habar sorady.
- Men sygyr.
- Bolaňda näme, ýaryp bilýärmiň?
- Ýok, süsüp bilýärin. Hass...
- Gaty süsýärmiň?
- Sowul ýoldan, seniň bilen sarmaklaşyp durara
mende wagt ýok.
- Näme, ýol seniňkimi? Özüň aýryl, ony hol
otlukdan özüm tapdym.
Sygryň şahlaryny taýynlap boluberşini görüp,
Möngözlüje bir tarapa çekildi-de, oňa ýol berdi.
- Geç onda.
- Hass...
- Häý, bularyň hersiniň bir halta ýeli bar-haw...
- diýip, Möngözlüje sygyr şalkyldap gapdalyndan
geçensoň öýkeli hüňürdedi.
Möngözlüje kölüň başyna gelen çagy ýaňky
ýolda duşan sygra meňzeş birnäçe haýbatly sygryň
71
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
kölüň içine girip, suw içişip duranyny, birnäçesiniň
bolsa kenarda güberişip ýatanyny gördi. Durup, olary
synlansoň heder etme bilen, ýaňky sygra sowlup
ýol berenini ýatlap, öz eden hereketini dogry tapdy.
«Ýogsam, bular köplenişip, meniň işimi görerdiler»
diýip oýlandy.
Güzere inip, suw içip durka bir tanyş ses onuň
gulagyna eşidildi.
-Wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz,
Dünýäde iň güýçli biz...
- Eý, güjüjek, goçak bolýarmyň?
- Saňa näme?
- Sygyrdanam gorkduňmy, ha-ha-ha...
- Nämä gülýäň?
- Seniň sygyrdan gorkanyňa gülýän.
- Onuň gorkunç gözleri hem şahy bar ahyry, birden
süsäýse nätjek?
- Men barkam gorkmagyn! Ine, seret, men häzir
olardan seniň aryňy alyp bereýin.
- Nädip?
Gögeýin aýdymyna hiňlenip, asmana göterildi.
Birsalymdan sygyrlar guýruklaryny bulaýlaşyp, duran
ýerlerinde şallaklaşyp, biynjalyk bolşup ugradylar.
Ýöne gögeýin munam az gördi. Ol sygyrlary bir
ýere üýşürdi-de, soňundanam olary şatyr-şallak
edip kowalap, jülgäniň içi bilen öňüne salyp gitdi.
72
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Möngözlüje gögeýiniň gidenine begendi. Sebäbi ol
gögeýiniň bar ýerinde özüni diýseň oňaýsyz duýýardy.
Ony göreninden görmedigini iki ýarym esse dagy
gowy görerdi.
Ol suw içip ganansoň, bir depäniň üstüne çykyp,
ýene-de asmany synlamaga oturdy. Bu gün asmanda
ýekeje-de bulut ýokdy. Özi-de ýaşyl öwsüp oturan
meýdana juda meňzeşdi. Häzir ol ýerde ençeme garaguş
üýşüşip-çaşyşyp, uçuşyp ýördi. Olar öz aralarynda
haýsydyr bir zadyň dawasyny edýärdiler.
Garaguşlaryň gaýmalaşyp ýören tarapyndan
et ysy gelýäni üçin, Möngözlüje ikirjiňlenmän şol
tarapa ugrady. Golaý baran mahaly ol asmandaky
garaguşlaryň dawasyny aýyl-saýyl eşitdi. Olar öz
aralarynda asmanda nobatçylyk çekmek gezeginiň
kimiňkidigini takyklaýardylar.
- Sen nobatçy bolmaly!
- Ýok, sen bolarsyň!
- Men ertir irdenem garawulçylyk çekdim.
- Sen irden ejeňe derek durduň. Häzir bolsa, özüňe
derek durarsyň!
- Men häzir guzy awlap geldim. Bir zat iýmesem
durarlygym ýok.
- Näme-de bolsa, öz deregiňe özüň durmaly
bolarsyň.
Ýokarda dawalaşyp, belli bir netijä gelşip
73
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bilmän ýören garaguşlardan, aşakda iki diwar bolup
oturan baýyrlaryň oýtumyndaky maslygyň üstündäki
garaguşlar has-da kän ekeni. Ortada, özünden güýçlä
gabat gelen bir gulan güberilip, depe bolup ýatyrdy.
Töwerekde etiň, onda-da täzeje, ganlyja etiň akylyňy
çaşyryp barýan ýakymly ysy bardy.
Garaguşlar gulanyň kellesinde, budunyň üstünde,
boýnunyň üstünde oturyp, onuň gözlerini, gapy açylan
garnyny, boýnunyň ýüzüni özleriniň demir çüňkleri
bilen ýerli-ýerden talaýardylar.
Garynlary dok, gozganmagy kyn görşüp oturan
garaguşlar Möngözlüje görnen çagy oňa ulumsylyk
bilen seredişdiler.
- Ýeri, saňa näme gerek?
- Il iýýä, menem azrak iýäýsem diýýän.
- Ýene birden seniň özüňem şu ýatan gulanyň
gününe düşüp durma. Şu-da ölerin öýdenokdy. Agşam
welin iki sany möjek duýdansyz gelip, ikisi iki ýerden
topulyp, ilki depeden togalap, onuň aýagyny döwdüler.
Soňundanam janyny alyp, garynlaryny doýrup
gitdiler...
- Ýok, meniň oňa meňzäsim gelenok. - Möngözlüje
rejäň geň däldigini, bularyň arasyna düşse, oňlulygyň
bolmajagyny pikir edip, ökje ogurlap, yza tesdi.
- Ony häzir köpleşip basalyň, ýogsam, ol sammyjak
soňra bize hezil bermez. Oňa entek gorkmany
74
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
öwretmändirler.
Garaguşlaryň arasyndan birisi has-da janygyp
gepledi. Emma ses gyryljyk çykany üçin, garaguşlaryň
hiç birisi-de ony hasaba almady.
Möngözlüje bu sesi tanap, biraz ýöränden soň,
ýene-de yzyna döndi. Gulanyň boýnunda oturyp,
özüne gahar-gazap bolup seredýän, bir ganatyna
ýaplanybrak oturan garaguşy ol dessine tanady. Bu
şol gezek Möngözlüjäni alyp asmana göterilen, ony şu
günlere düşüren garaguşdy. Möngözlüje köne tanşyna
duşanyna begendi. Ýöne onuň özüni görenden tasanyp
boluberşine welin geň galdy. Möngözlüjäniň asla
garaguşa ýamanlyk edesi gelenokdy. Sebäbi ol entek
nädip ýamanlyk etmelidigini bilenokdy. Tersine, özüni
özgelerden saýlap asmana uçurany, guş bagtyny bereni
üçin ondan minnetdardy. Uçmagyň hezilligini bolsa ol
görüpdi. Şonuň üçinem garaguşy gören mahaly ýenede onuň juda uçasy geldi. Höwesli dalbynyp garaguşa
boýun burup ýalbardy.
- Gör, nähili gowy gün. Seret, hol-ha Günem uçup
aýlanyp ýör. Ýör, bizem şonuň ýanyna uçaly!
- Ýit-ä dikdüşen sebil! - Garaguş onuň sözüne
düýrükdi.
- Garly daga hem indi biz has golaýlandyrys. Ýene
bir uçsak oňa-da ýeteris. Möngöz alysdan seleňläp
görünýän Garly daga gözügidijilikli seredip, ýene-de
75
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
garaguşa höwesli ýalbardy.
- Ýit diýdim-ä men saňa. Uçaly... Uçaly, gary
görneni bilenem hany bu ýakynda saňa Garly dag
barmy.
Şu pursatda gysga salymam bolsa Möngözlüjäniň
höwesine ylyganyny garaguşuň özem duýman galdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 04
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.