Latin

Çölüň deňiz günleri - 05

Total number of words is 3700
Total number of unique words is 1963
33.7 of words are in the 2000 most common words
47.4 of words are in the 5000 most common words
54.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
alardy. Möngözlüje welin muňa üns bermelidirem
öýtmedi. Ol aw awlanyny hemem garnynyň doýanyny
bildi. Möngözlüje şol günüň ertesi bu ýerleriň (bu ýerler
diýlende ol garaguşlaryň her günki üýşüşip-çaşyşýan
ýerlerini, özüniň häli-şindi gelip suw içýän uly kakyny
(kiçi kaklardan ol aňsat suw içmezdi, ol ýerlerde suwlar
tiz porsap içime ýaramsyz bolardylar), özüniň tilkiler
bilen şatyrdaşyp gezen ýerlerini bilýärdi) mährinden
99
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
geçmegi ýüregine düwdi. Onuň başyny alyp, hüwiň
aýdanyny edip, Hindiguş daglaryna tarap gidesi, ol
ýerden enesini tapyp, ýene-de onuň mährine çoýunasy
gelýärdi.
Baýryň depesinde dem-dynç alyp otyrka, onuň
bu höwesi has-da möwjedi. Bu ýerden Möngözlüjäniň
elýetmez dagy - Hindiguş garly gerşini agardyp,
howalanyp görünýärdi.
Möngözlüje ýüzüni daga tutup ýola düşdi.
Birsalym ýöränsoň ol ýene-de bir gezek ýeňsesine
öwrüldi. Şonda ol özüniň torç eden ýerlerini, uly kakyň
bir çetini, ýylgynly kölüň garamtyl ýazgyn suduryny,
ýumrulanyşyp oturan baýyrlary ýene-de bir ýola
gördi. Möngözlüje birsalym ýöränsoň, ilki ysyrganyp,
şemaldan süriniň habaryny aldy. Birsalymdan bolsa
serkäniň boýnuna dakylan jaňyň: «Men bärde, men
bärde...» diýip owurdyny dolduryp logurdadýanyny
eşitdi.
Möngözlüje aýak çekip, umytly nazar bilen
töweregine garandy. Howany ysyrgandy, töwerege
gulak salyp, jaň sesiniň gelýän tarapyny anyklady.
Jaň göni gabat garşyda logurdaýardy. Şundan soň ol
«Ejeme, uýama duşaryn...» diýen begençli pikir bilen
şol toýun ysy gelýän tarapa ähli güýjüni jemläp, ylgap
gitdi. Süri görnen çagy bolsa ol şatlygyna bäs gelip
bilmän «jöw-jöw» üýrüp, özüniň gelenini buşlady.
100
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Aňyrdan agyp-dönüp gelýän süri Möngözlüjä
golaýlaşdy. Süriniň öňüni çekip şahlak teke bäş-üç
geçiniň ugratmagynda kä ýerden bir agyz ot çürtüp,
göwünli-göwünsiz gäwüşäp, öz maýdalyna ýöräp
gelýärdi. Tokarja guzujyklaryň mähirli mälemeleri
howany endiredýärdi.
Möngözlüje sürä ýetiberende, bir-birine çalym
berip duran gulaksyz-guýruksyz, ýüzleri hyrsyz
iki sany daýaw it bir ýerlerden çykyşyp, keserişip
durdular-da, onuň öňüni kesdiler.
- Ýeri, gulaklyja, ýaman keýpihon görünýäň-le,
nähili hezilligiň üstünden bardyň? Şagal ýaly ýöne
alagoh bolup gelýäň.
- Men, menmi? - Iki iti görüp, biraz howy basylan
Möngözlüje demi-demine ýetmän durşuna habaryny
berermen boldy.
- Men, neme...
- Görýäs seniň sendigiňi. Ýöne sen kim? Itleriň
gözi gyzyly onuň aljyraňňylygyny halaman hyňrandy.
- Men ejemiň ýanyna geldim.
- Bu ýerde seniň ejeň ýok, güjüjek. Ýöne gözläber,
Pendi baýyrlarynyň arasynda süri kändir. Hol, daglara
barynça daş-töweregiň agyn sürüdir. Häzir bolsa git bu
ýerden, süriniň ynjalygyny gaçyrýaň!
Möngözlüje bu iki itiň ýüzüne seredip, özüniň
çakynyň çykmanyna ynanyp bilmän, birsalym mäzerip
101
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
duransoň, lapykeç halda yzyna dolandy. Ýogsam, ol iki
itiň ýüzi juda hyrsyz görünýärdi, sähel bahana bolsa,
olaryň güpür-tapyr basyp, dalajagynyň ujy iki däldi.
Şeýle-de bolsa, ol sürini oýtarlap gelip, eşegiň üstünde
kitap okap, dünýäden bihabar oturan çopany ot-çöpe
bukulyp, tilkiçeläp ýagşy synlady, ysyrgandy. Dogrudanam, bu ýerden ol ýadynda galan çopan-çolugyň
ysyny tapmady. Diňe şundan soň ol bu ýeriň özüniň
gelmeli ýeri däldigine ynandy.
***
Pendi baýyrlaryny aýlanyp, gül-gunça, çomuçdyr
pak-paka öwrülip ýören ýazyň şähdi açykdy. Meýdanda
her gün telim bir täze ot peýda bolup, ýazyň ýetnesi
bolup, otlar mähellesine goşulýardylar. Wagtal-wagtal
ýaz ol dag tarapdan bir topar buludy sürüp, şemalyň
öňüne salyp getirerdi-de, baýyrlaryň üstünden, suw-sil
edip ýagyp geçýärdi.
Ýene-de birsalymdan bolsa bulutlaryny syryp,
ýaz özüniň, durumsyzdygyny äşgär edip, Gün bolup
ýylgyrardy.
Bu dünýäni baharda ilkinji gezek gören tilkijikler,
güjüjekler we beýleki mör-möjekler şundan soň öz
hallary bilen bolmazdylar; elewreşip, çapyşyp, öz
keýpihonlyklaryny mälim edişip, ýakalaşyp oýnardylar.
102
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ýazda hiç kimiň jokrama tomus hakda, bu
berekedi depeläp, ýere sokjak gyş hakynda pikir
edesi gelmeýärdi. Hemmeleriň başynda ýaz humary
kükeýärdi, ýaz bolup ýaşasy gelýärdi. Ýöne ýaz näçe
gowy-da bolsa, Möngözlüjä enesini görme höwesini
unutdyryp bilmedi.
Ol telim günläp sürüleriň arasyna aýlanyp, enesini
gözledi. Her baran ýerinden ol şol bir: «Biz-ä seniň
ýalyny göremzogam, tanamzogam, ejeli bolsaň, ejeňi
başga ýerden gözle!» diýen jogaby eşitdi.
Dag bolsa entek-entekler uzakdady. Ol elesläp
görnüp dursa-da, oňa ýetäýmek aňsat däl ekeni.
Möngözlüjäniň göwnüne dag ökje ogurlap, barha yza
tesýäne meňzedi.
Gündiz tüssä ýörelende bolşy ýaly, hiç bu
ýoluň yzy gelmedi. Bir gezek Möngözlüje käkiligiň
sesini eşidip, ony ýakyndan diňlemegi niýet edinip,
seresaplylyk bilen mahal-mahal durup, diňirgenip
barýarka garaşmadyk bir ahwalata gabat geldi.
Ilki gowrulan etiň ýakymly ysy onuň sülekeýini
akdyrdy. Giňişlikde ýakylan oduň başynda üç-dört
adam bar ekeni. Olar oda käte bir odun atan bolşup,
ýakymly ysy dünýä ýaýradyp, çişlik bişirýärdiler.
Möngözlüje bular turup gidensoň, şol etlerden
galak-gaçagy bolar diýen niýet bilen bir çöpe bukulyp,
öz isleýän pursadyna garaşyp oturdy.
103
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ol öz maksadyna ýetse-de ýeterdi, ýöne hüwi,
ana, şol ähli zady bulaşdyrdy. Ol bir ýerden bir ýere
uçup barýarka, Möngözlüjäniň busup ýatyşyny gördide ony tanady. Özüni howada saklap pelpelledi.
- Gidiber, gidiber, güjüjek, şu barşyň dogry,
eneňi ýatdan çykarmankaň, ony tapsaň gowy, seniň
entek eneňden öwrenmeli zadyň kän. Dost-duşmany
anyklamasaň, bu çölde ýaşamak saňa ýeňil düşmez.
- Men golaýlaşdygymça dag aňry gaçýa-la...
- Häý, samsyjak. Dagyň meniňki ýaly ganaty
ýokdur, seniňki ýaly aýaklary-da. Sen ylgap barýarkaň
oňa seret, ol hut saňa tarap, seniň özüň ýaly howlugyp
ylgap gelýändir.
- Hawa, gördüm. Ýöne...
- Häý, samsyjak diýsänim, sen...
Hüwi öz çakyr sesini halaman, oduň başynda
oturanlaryň bir zat almak üçin ýeňsesine öwrülenini
görüp, ganatlaryna bat berip gaçmak bilen boldy.
Şeýle-de bolsa iň soňky diýesi gelen sözüni diýip gitdi.
- Sen, güjüjek, gultunyp oturan ekeniň. Olardan
süňk-saňk, bir zat galaýmagy-da mümkin. Adamlar
itleri erbedem görmeýärler. Ýöne hemmesi däldir.
Onsoňam olar şol ortada duran çüýşeleri boşadansoňlar,
öz hallary bilen bolýan däldirler.
Gapdalda ýatan omurmany alyp ör turan adam
hüwä sözüni soňlamaga maý bermedi. Tüpeň göçüp,
104
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
dünýäni sarsdyrdy.
Maşyndan göterilýän ysdanam ýakymsyz bir
ys töwerege ýaýrady. Möngözlüje gorkudan ýaňa
tarsa böküp, özüniň bu ýerde bukulyp oturanyny
duýduranyny hem duýman galdy. Onýança-da tüpeň
ýene bir gezek pöwhüldäp atyldy. Möngözlüje gaçyp
barşyna otyrýerinden kimdir biri hatladyp yzly-yzyna
iki gezek dişleşdirip alan ýaly bolanyny duýdy. Hüwi
çirkin gygyryp, bir ýerlere ýitirim boldy, diňe onuň iki
sany ýelegi howada gaýmalady.
Möngözlüje howp abanan wagty güýçliniň
sürenine girilse-de, haýwanlaryň arasyndaky kanuna
görä, azar berilmeli däldigini ýatlap, şol eňip barşyna
çem gelen sürenleriň birisine kürsäp urdy.
Birsalymdan ol öz oturan süreniniň töwereginde
ýaňky oduň başynda oturan adamlaryň sesini eşitdi.
- Eý, ol it ýaly-la!
- It näme işlesin-laý. Onuň boluberşini
görmediňmi, edil tilki. Gördüň-ä, gaçan mahalam gözi
töwereginde.
- Häý, diýseňem-ä...
- Tilkidir. Bada-bat sürene süsdürilendir görseň.
It bolsa, ol gören ýerinden urup geçip giderdi. Sürene
girmek, top ýaly togarlanmak onuň ýadyna düşmezdi.
Ýene-de süreniň agzynda «Şol hakyt tilki» diýip,
öz sözüni häli-şindi serhoş adamlara mahsus irginsizlik
105
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bilen tekrarlaýan gyryljyk ses eşidildi.
- Hany, baryň, biriň ýaşkiçilik ediň-de, gidip oduň
başyndaky kükürdi getiriň!
- Aý, hany, gidip keýp çekeliň-le, tilkiden näme
boljag-aý!
- Ýok, biraz tagapyl et, häzir süreni tüsse bilen
doldyrys welin, şol diýýän tilkim çydaman okdurylyp
çykar. Baryň, odun çöpleşdirip getiriň! Süreniň agzyny
özüm saklaryn.
Birsalymdan Möngözlüjäniň oturan süreniniň
içinde ajy tüsse göç edip ugrady. Onuň dem almasy
şundan soň barha kynlaşdy. Möngözlüje süreniň
içinde näderini bilmän, elewräp, tüssä boglup ýörşüne
janygyp çyňsady. Ol çyňsap ýörşüne ahyr bir arassa
howa gelýän, alaka gazan deşigi tapdy. Şundan soň
onuň biraz göwni aram tapdy. Tilkiniň yşgyna düşen
adamlar onuň çykaryna garaşyp-garaşyp ýadansoňlar,
süreniň agzyny tüsse çykmaz ýaly gum bilen gömüp
«Tilki nalaç bolup, gelip süreniň agzynda süýner,
onsoň birsalymdan gelip, öli tilkini ondan süýräp
çykaraýmaly bolar» diýen pikir bilen şu ýerden gitdiler.
Möngözlüje töwerekde adam-garanyň ýoklugyny
syzansoň, bar güýjüni jemläp, süreniň agzyny köwüp
ugrady. Ol soňky deminde süýrenip, ýagty-ýalança
çykan mahaly ýeňsede, bir ýerde ýaňky dörtleriň
gülküsi dik asmana göterilýärdi. Ýeriň pesi bilen
106
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Möngözlüje bu ýerden barha daşlaşdy. Indi onuň şol
seçme giren artky aýaklarynyň birisi düýbünden diýen
ýaly diýen etmeýärdi, şeýle-de bolsa, gorky ony bu
jelegaýda goýmady. Häzir onuň bar maksady, nädibem
bolsa, adamlardan uzaklaşmakdy.
Mes adamlaryň ýüzi, olaryň göçgünli gülküleri
soň-soňlaram wagty bilen Möngözlüjäniň ýadyndan
çykmady.
***
Süňňüne ýara düşensoň Möngözlüje üçin geçmesi
kyn külpetli günler başlandy. Ýek ýigrendigi siňeklerdir
gögeýin indi onuň ýarasynyň töweregini bazar edişip
ugrapdylar. Olar her gün Gün gyzyberende gelip, gün
gijigiberende hem agzybirlik bilen bir ýerlere sumat
bolardylar. Uçuşyp-gonşup, Möngözlüjäniň ýüregine
düşerdiler, ýöne onuň bu ýürege düşgünçleri tutmak
üçin agyrysyna döz gelip edýän synanyşyklary hemişe
şowsuz gutarardy. Şonuň üçinem ol bialaç bu bolýan
zatlara diş gysmaly bolýardy. Käte bolsa: «Git, gelme
ýakyna, hatladyp dişlärin» diýip, gögeýine öçli seredip,
gözleri bilen ele düşäýse, oň bolmajagyny duýduryp,
abaý-syýasat ederdi. Gögeýin bolsa oňa: «Sen häzir
meni dişlemersiň, sen, gowusy, ýat-da derdiňi çek, indi
seniň bu dertden gutulaýaryňam gümana, çydajak bol,
menem biraz ganyňa bulaşyp, ýaraňy depeläp, hezil
107
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
edeýin» diýip, oňa içýakgynç jogap gaýtarardy.
Möngözlüje her gezek bulardan täzelikde tapan
köne sürenine girip janyny gutarardy. Gijelerini bolsa
ol agyrysyna çydaman, janagyryly çyňsap, ukusyz
geçirerdi. Howa çygsyz bolan güni ol her gije daşaryk,
süreniň öňüne süýrenip çykardy. Ol bi ýere gidip, taýyn
aw gözläp, özüni naharlardy. Dolanyp gelensoň bolsa
şemal deger ýerde ýatyp, ot-çöpleriň ysyna, gijäniň
ümsümligine maýyl bolup, birsalym ýarasyny unudyp
gözüniň awusyny alardy.
Ilki-ilkiler oňa kinaýa bilen sereden pyşdyldyr
kirpi-de indi onuň bilen goňşularça hoşamaý
sözleşýärdiler. Pyşdyl her duşanda säginip: «Çydajak
bol, güjüjek, seniň ata-babaň mundanam erbet dertlere
döz gelipdiler. Sabyr et. Sabyr bir gowy zatdyr. Ol seni
bejerer» diýip göwünlik berýärdi.
Kirpi bolsa duşsa: «Uklajak bol, ukyny almasaň,
iýip-içmeseň gutulmarsyň. Ana, hol uçudyň etegine
barsaň, ahmallykda uçan gulan çagasynyň jesedi
ýatyr» diýip, bir täzelik aýdyp geçerdi.
Olaryň ikisi-de köpügören, öz berýän
göwünlikleriniň dertli üçin uly zatdygyny bilýärdiler.
Bir gezek töwerekde ygyp ýören bir möjegiň ýoly
Möngözlüjäniň üstünden düşdi. Ol Möngözlüjäniň
töwereginden birki gezek aýlanansoň, onuň dertlidigini
aňdy.
108
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Näme, garyňy ýassanyp ýatyrsyň, ýaralandyňmy?
- Ýaralandym.
- Kim ýaralady?
- Adamlar.
- Hä, şeý diýsene, şol-a tüýs bolaýypdyr. Ýenede siz olara wepaly hyzmat ediň! Olar gerek wagty
sizi naharlaýarlar, ulanýarlar, gerekmejek wagtyňyz
bolsa hemişe sizi şu güne salýarlar. Hälem olar seni
çukur gazyp gömmändirler, şoňa şukür et. Olaryň käte
güjüjeklerden geregini alyp, özgelerini şeýdäýmeleride bardyr...
- Möjek daýy...
- Ýegen, men saňa düşünýän, hiç zat diýmede. Gorkma, men ol degene-de, degmedige-de degip
ýören, siz itlerden azan, möjegiň adyna ysnat getirip
ýören gyzyl gurt däl, men çyn möjek. Çyn möjegiň
mert bolýanyny bilmeseňem ejeň-kakaňdan eşidensiň,
olar bilýändirler.
Möjek şeý diýip, ahmyr ýelini boşadansoň ýenede gidiberdi.
Möngözlüje suwa barýarka ýa-da şemallap
ýatyrka, köne tanyşlarynyň käte birine, käte bolsa
birbada iki-üçüsine gabat gelip, hal-ahwal soraşyp
durýardy. Köp duşýanlarynyň biri-de serçedi, ol
gelip çagalaryny töwerekde sykylygyna laýyklykda
bökdürip-düşürip oýnadardy.
109
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Bökdük, uçduk, mündük-düşdük - diýip, jandan
syzdyryp jedirdärdi.
Howada asyl-asyl bolup, çagalarynyň ertirki günü­
niň aladasyny edip, olary hakyky guşluga taýynlaýardy.
***
Gijöýlänler suw içme meýli bilen çykyp giden
Möngözlüje bu gije sürenine dolanyp gelmedi. Ýaraly
aýagy diýenini etmäni üçin, ol ýene-de ýolda galmaly
boldy. Bu derde uçraly bäri beýle ýagdaý indi onuň
bilen häli-şindi bolýan zatlaryň biridi. Öňem ol telim
gezek ýaban ýatyp, ertiriň bir ýerlerinde dolanyp gelip
görüpdi. Bu günem hut şeýle, şol ýolda şöwür çekilmeli
günleriň birisi boldy. Onuň ýatan ýeriniň beýleräginde
ösen bir porsy otuň ysy dem almasyny kynlaşdyryp,
Möngözlüjäni birsalym ynjalykdan gaçyrdy. Şeýlede bolsa, ol turup, bu ysdan daşlaşmagyň ýeňil
düşmejegini ýatlap, gitmegi goýbolsun etdi. Ýogsam,
onuň näler turup, ýol ýöräp, ýamandan arany açasy
gelýärdi.
Möngözlüje daş-töwerek bilen raýlaşyp, ahyrsoňy
uka gitdi. Şeýle-de ol ukynyň köp zatlary hasaba
almaýan häsiýetiniň barlygyna belet bolansoň uklasa,
bu ysyň özüne azar bermejegine-de ynandy.
Möngözlüje gijäniň bir wagty töwereginde dörän
110
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
goha tisginip oýandy. Onuň bäş-on ädimliginde bir it
bilen möjek darkaş gurşup, urşup durdular. Möjegiň
gözleri gazap bilen ýanyp, dişleri şakyrdaýardy. Ol
itiň hüjümini mertlik bilen yzyna gaýtaryp, onuň bilen
deň sermenekleşip uruşýardy. Iki duşman ýakalaşyp,
bogalaşyp, biri-biriniň gowşak taraplaryna aralaşyp,
başagaý boluşýardylar.
Möngözlüje aýak astynda galmazlyk üçin turup,
gapdaldaky kerte dykyldy. Arkasy kerte direlensoň, ol
mundan artyk gaçybam bilmedi. Şeýle-de ol soňabaka
bu söweşe gyzykdy. Özüniň kimdigini unudyp, bir
hezil oýny gapdaldan synlaýan janköýere öwrüldi.
Bu söweş ýene-de dowam etse-de ederdi welin, ýöne
Möngözlüje şol arada duýdansyz özüniňem bu ýerde
bardygyny mälim etdi oturyberdi.
- Haw, haw. Bu nä boluş?..
Bu ses möjege: «Ine, menem kömege geldim»
diýlen, ite ýüzlenip aýdylan ses bolup eşidildi. Onuň
ýeňsesinden ahmal galmazlyk üçin ses çykan taýa
öwrülenem şoldy welin, läheň it ony güpürdedip,
garysynyň aşagyna düýrläp aldy. Möjegiň şundan soň
janhowluna edişdiren hereketleriniň hemmesi biderek
boldy. It onuň bilen bellisini edip turansoň, gapdalda
duran Möngözlüjä geňirgenme bilen seretdi.
- Senmi şol?
- Haýsy? - diýip, Möngözlüje näme diýjegini
111
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bilmän ýuwdundy.
- Şol üýren. Men kömege geldim diýen.
- Hawa, men...
- Berekella, onda saňa. Sen maňa uly kömek etdiň!
Möngözlüje näme kömek edenine göz ýetirip
bilmän, mölerilip, kibtini gysdy.
- Sen üýreňsoň, möjek «Indi bular köpeldiler, meni
tüýt-müýt ederler» diýip pikir etdi. Süňňi gowşady.
Bu duýdansyz öwgä Möngözlüje monça boldy.
Sebäbi ol üýren çagy bu pikir bilen, beýle ýagdaý
bolar diýip üýrmändi. Şonuň üçinem garaşylmadyk
şatlyk ony ilki juda begendirdi. Daýaw it ýene biraz
ýeňijilerçe - ýeňen möjeginiň maslygyna özüne
göwnüýetijilik bilen seredip duransoň, gapdalyna
öwrülip, Möngözlüjä minnetdarlyk bilen hoşamaýlyk
etdi.
- Bolýar onda, güjüjek. Kömegiň üçinem sag bol.
Bilip bolmaz, öz giňliginiň töwereginden öwrüm edip
aýlanyp duran çöldür bi. Belki, menem bir öwrümde,
kyn günüňde saňa kömek ederin!
Wah, daýaw it öz ýeňşine azrak buýsanyp, biraz
ünsli bolan bolsady, onda ol-da Möngözlüjäniň
ýaralydygyny, halynyň teňligini görse-de görerdi.
Şol köpegiň agzynda aş gatykladyp berermen bolan
nesýe kömegi oňa soň bir gezekde däl-de, hut häziriň
özünde gerekdi. Kömek soramaga bolsa, nämüçindir,
Möngözlüje utandy. Türkmeniň bir özi däl, onuň
112
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
item dürtmeseň duýmaýar ahyryn. Hana gitdi köpek
ýagşyzadasyrap, hondan bärsi bolup.
***
Möngözlüje näçe islese-de goňşularyň niýetine
görä ýarasy gutulyp ötägitmedi. Gaýta siňekleriň
depeşek eden ýerlerinde gurtlar döreşip, müňňüldeşip
ugradylar. Soňabaka bu müňňüldiler bilen agyry onuň
halys ýüregine düşdi. Ol hiç ýerde janyna jaý tapman
kösendi. Sorkuldyly, azaply agyrydan gözüniň öňi
garaňkyrap, başy aýlanmaga başlady.
Ahyry ol bir gün köpden bäri pikir edip, ýürek
edip bilmän ýören zadyna göwün togalady.
Ol geologlaryň depäň üstünde guran wyşkasyny
suwa geçende görüp, telim gezek synlap durupdy.
Gijede ol töwerekde oduň başynda adamlaryň
gaýmalaşýanlaryny görse bolýardy.
Möngözlüje bulary şol özüni atan adamlardyr diýip
çaklaýardy. Ol ýere barsa, olaryň ýene-de tüpeňi ele
aljaklaryna ynanýardy. Ýöne ol indi ölümden birjigem
gorkmaýardy. Sebäbi nähili ýol bilenem bolsa, ol bir
ýol bilen bu agyryny syzmaz ýaly bolsa kaýyldy.
Ol bir gün ahyr ýüregini bire baglap, gije
birkemsiz öz ornuny eýelänsoň, iň soňky güýjüni
jemläp, sürenden çykdy. Ýöne onuň maýyp aýak bilen
113
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýol öndürişiniň ugry bolmady. Ody görse-de, wagty
bilen oňa ýetip, maksadyna ýetip bilmedi.
Möngözlüje süýrenip, ot ýanan beýigiň etegine
ýeten çagy eýýäm daň saz berip, töwerek ýagtylyp
ugrapdy. Bu mahal oduň töwereginde gurlan
çadyrlardaky adamlaryň hemmesi süýji ukuda
ýatyrdylar.
Birsalymdan çadyrdan ilki bolup dolmuş garry
aýal saçlaryny düzedişdirip çykdy, ol çepine öwrülip,
alaňyň ýeňsesine öwrüm edip gelensoň, gapdalda
basylyp goýlan ojardan alyp ot ýakmak bilen boldy.
Ikinji bolup iň çetki çadyrdan bir daýanykly adam
penjegini ýelbegeý alyp çykdy-da, birnäçe sekunt
çadyryň agzynda, çykan ýerinde aýak çekip, çilim
otlandy, soňundanam assa-ýuwaş ýöräp, alaňdan aşak
indi. Ol göni Möngözlüjä tarap tüsseläp gelýärdi, özide golaýlaşdygyça oňa boý çekip, in ýazyp ulalýan
ýaly bolup göründi.
Gorkudan Möngözlüjäniň süňňi saňňyldady, ol
adamlara düşünse-de, adamlar welin aňsat olaryň
dillerine düşünmezdiler.
- Oh-how, görýän welin, sen, dost, ýaralanypsyň
öýdýän! - Ädikli adamyň sesi Möngözlüjä ýakymly
eşidildi. Ol başyny göterende, saçyna çal sepen, agyz
bilen burun aralygy agyn murt bolup duran ýüzi
bereketli, parahat nazarly adamy gördi.
114
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ädikli adam onuň ýarasyna seredip, ýene-de lak
atdy.
Möjek bilen garpyşaýma ýeňil däldir görseň. Zeleli
ýok, sen entek ýaş görünýäň, aryň köýesi ýok. Urulman
urýan ýokdur. Sen bize kömek sorap geldiňmi, gowy
edipsiň, ýöne öňräk gelmeli ekeniň. Ýarany birneme
köneldipsiň, dost...
Möngözlüje ädikli adamyň sözüni tassyklap,
ondan delalat isläp çyňsady. Şeýle-de ol özüni bu
adamyň möjek bilen çaknyşan gahryman hasap edenine
ekezlenip, monça boldy.
Möngözlüje it synçylygy bilen töweregine
üýşüşen adamlaryň ýüz-gözlerini synlansoň, olardan
özüne garaw bolmajagyna gözüni ýetirdi. Ol gaýta her
synlan ýüzünde mähriň, özüne bolan nebsagyryjylygyň
alamatlaryny gördi.
Ilki olaryň ýanyna iki sany, ädikli adamdan ep-esli
ýaş görünýän ýigit geldi. Olar ädikli adamyň kimdir biri
bilen gürrüňleşýänini görüp, aňyrdan ýylgyrjaklaşyp
geldiler.
- Ussa Jepbar, näme tapdyň? Tapan zadyňa bizem
şärik!
- It tapdym, ýigitler! - Murtlaryny aýasy bilen
sypalansoň ädikli adam sözüniň üstüni ýetirdi. Has
dogrusy, ol bizden delalat gözläp, ýarasyny bejertmäge
gelipdir.
115
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Akylly janawardygyny munuň.
- At bilen it nirede bolsalaram, hemişe bizi
küýsärmişler.
Soňundan bolsa ol bu gelen iki ýigide: «Şärik
boljagyňyz çynyňyz bolsa, äkidiň çadyrlyga,
dişläýmesin, süňňi yzalydyr, biriň agzyny tutuň, biriň
bolsa elini aşagyndan geçirip, guzy göterilişini ediň!»
diýdi.
Ýigitler ussa Jepbaryň diýşi ýaly göterip,
Möngözlüjäni goşa getirensoňlar, onuň töwereginiň
märekesi has-da artdy. Olar ertir hemmelerden ir turan
aýal jama salyp, nahar getirensoň, onuň töwereginden
gitdiler. Şol gün Möngözlüje özüni tapana köpçüligiň
ussa Jepbar diýýänini, bu ýüzi gasyn atyp ugran aýala
bolsa Dusýa daýza diýilýänini özi üçin açyş etdi. Ol
beýlekilerem tanasa tanardy welin, ýöne ony doktora
görkezmegiň kül-külüne düşen ussa Jepbar bu ýerde
uzak galdyrmady.
Möngözlüje özgeler bilen tanyşmagy soňa
goýmaly boldy. Şol günüň ertesi asmandan ala pasyrdy
bolup uçup gelen dikuçar ýere gonanyna mähetdel ussa
Jepbar işini kömekçilerine ynanyp, Möngözlüjäni ýola
taýynlama bilen boldy.
Oňa burnuny kertmez ýaly inli esgiden iki gatlap
nogta ýasady. Dymyljap gurtlap ugran ýarasyna ýod
döküp, ýag ysly esgi bilen sypmaz ýaly edip ykjam
116
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
saraşdyrdy.
Dikuçara münensoň Möngözlüje özüniň ala
güpürdiň arasy bilen uçýandygyny duýup, gorkup
ýuman gözlerini açdy. Şeýle-de bolsa ol gapdalynda
ussa Jepbaryň bardygyny duýup durmak üçin, onuň
egnine has-da gysmyljyrady. Diňe şundan soň ol öz
gabadyndaky aýnadan ussa Jepbaryň seredip oturan
tarapyna seretdi. Möngözlüje ol ýerde şol gezek
garaguş bilen uçanda gören bir-birleriniň töweregine
öwrülişip duran ýaşyl donly baýyrlary, gözýetimden
özüne tarap süýşüp akyp gelýän lemmer-lemmer çal
bulutlary gördi.
Şundan soň ol özüniň uçýanyna-da, dag tarapa,
enesidir uýasynyň bar ýerine barýanyna-da, olaryň
özüni görüp şatlyk bilen bökjekleşjekdiklerine-de
ynandy.
Ol ussa Jepbaryň özüni orta guýa, mal doktoryna
görkezmäge alyp barýanyndan habarsyzdy. Uçýanyny
bilmek Möngözlüjä diýseň hoş ýakdy. Ol bu güni, gör,
näçeler arzuw edip gezipdi. Ine, ahyr ol günem geldi.
Möngözlüje şuny, özüniň ýene-de bir gezejik uçup
bilse bagtly boljagyny bilýärdi. Onuň şol bir sereden
ýerinden wagty bilen gözüni aýrasy gelmedi...
117
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
II
Pendi baýyrlarynyň arkasyndan göterilen gyzyl
Gün şemalyň öňüne düşen şara meňzäp asmana
göterilip barýar. Asmanda bolsa bölejik-bölejik bulut
atyzjyklary ak meýdan bolşup ýüzüşip ýörler. Gün ol
ak adajyklary synlap, olaryň özge bir zat däl-de, hut
üsti üýşmek-üýşmek garly meýdandygyna ynandy.
Gar, gör, nähili oňatlyk. Onda-da tüp yssylar bolýan
häzirki tomus günlerinde. Ol ýere ýetip tokgalap gar
oýnamagyň keýpine düşen Gün şundan soň has-da
höwesli ýöräp ugrady.
Gün ol ak bulutlary gar hasap etmese, edenem
däldir. Ýöne ony bu pikirler bilen çadyryň gapdalynda
synçy bolup oturan Möngözlüjän pikirlendirdi.
Möngözlüje şol gezek ussa Jepbar bilen dikuçarda
uçup gidensoň, biraz şäherde bolup, ýarasy gutulansoň,
ýene-de gaýdyp gelipdi. Indi ol şol günden bäri Pendi
çölünde gözleg işlerini geçirip ýören geologlaryň
arasynda ýaşaýardy.
Bu çadyrlardan ybarat obajygyň ýaşaýjylarynyň
hemmesi geologlardan ybaratdy. Olar her gün ürç
edip, ýörite gurallaryň kömegi bilen ýer burawlap,
barlag işlerini alyp barýardylar. Möngözlüje çadyrlyga
gaýdyp gelensoň telim günläp, töwereginde aýlanyp,
geologlaryň hereketlerini synlady. Möngözlüjäniň
118
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
adamlaryň näme edýänine göz ýetiresi gelýärdi.
Häli-şindi ýere girip ol ýerden toprak alyp çykýan
burawyň hereketi, guýa gaçan bedräni almak üçin
sallanan syrygy ýatladýardy. Bir gyz bolsa burawyň
her gezek aşak çümüp, soňundan ýokary göterilende
çykarýan topragyndan barlag üçin alyp, olary aýratyn
sellofan haltajyklara salyşdyryp bellik edişdirýärdi.
Irginsiz gaýtalanýan şol birmeňzeş hereketler,
soňabaka öz düşnüksizligi bilen Möngözlüjäni irizdi.
Bu bolsa onuň geologlaryň pişesinden sowaşmagyna,
ýene-de öňki it aladalary bilen gümra bolmagyna
sebäp boldy. Az wagtyň içinde ol özüniň bu ýerdäki
wezipesini anyklady. Esasy işiniň çadyrlygy azypýazyp gelýän çöl haýwanlaryndan, beýleki belabeterlerden goramalydygyna düşündi. Biraz tukadrak
hem birsydyrgynrak iş diýmeseň, Möngözlüjäniň
wezipesi hiç neneň däldi. Ýöne şu töwerekde ýaşaýan
şagallar welin, onuň bu ýerde peýda bolmagyny
halamadylar. Olaryň wagtal-wagtal çadyrlyga golaý
gelip, gapdala dökülen galyndy naharlary, ýeneki olbi zatlary iýip gidäýmek endikleri bardy. Möngözlüje
gaýdyp gelensoň, şagallar indi bu ýerde özlerine
hemişeki ýazylganlygyň bolmajagyna düşündiler.
Şeýle-de bolsa, olaryň birbada agzy maza tapan
ýerlerinden tamalaryny üzesleri gelmedi. Şagallar
şol gowy günlerini ýene-de dolap getirmek üçin,
119
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Möngözlüjeden dynmagyň ugruna çykdylar. Olar
her gün töwerekde üýşüşip, Möngözlüjäniň peýda
bolmagyna öz nägileliklerini mälim edişip, gohlaşyp,
topalaň turzuşyp ugradylar. «It, ýok bol, git, ýok
bol!» diýşip, ses goşuşyp gykylyklaşdylar. «Şeýtsek,
Möngözlüje gelen ýerine gider» diýşip tama etdiler.
Ýene bir gezek-de bolsa bir şagal ýakyn gelip,
ony ýekme-ýek urşa çagyrdy.
- Çyk meýdana namysyň bolsa, syrtyňy adamlaryň
ýorganyna sokup ýatma-da! - diýip tarp urdy.
- Çyk, diýseň çykaýmaly bor-da! – diýip,
Möngözlüje ol şagalyň çakylygyny höwes bilen
kabul etdi. Sebäbi şagallar öz gohlary bilen indi onuň
ýüregine düşüp, halys degnasyna degip ugrapdylar.
Onda hem mümkinçilik bolsa, bulara bir göz görkezip,
gaýdyp adyny tutmaz ýaly etmek pikiri döräpdi. Ony
çakylyga gelen şagalyň yzyna düşüp ýapydan inen
ýerinde, bukuda ýatan şagallar güpbasdy etdiler.
Möngözlüje ynanjaňlygy bilen ýene-de özüniň
aldawa düşendigini bildi. Indi howlukman hereket
edip çykalga tapmalydygyna düşündi. Şeýle ýagdaý
bolanda aljyraman hereket etmegi oňa, tilkijikler bilen
ýaşan döwründe ene tilki köp sakyrypdy.
Möngözlüje ilki gabat gelen şagaly basyp, gazap
bilen onuň bokurdagyndan agyz saldy. Girä düşen
biçäre janhowluna öz sesine meňzemeýän eýmenç ses
120
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bilen şeýle bir gygyrdy welin, beýleki şagallar duranduran ýerlerinde bada-bat dyr-pytrak boldular. Olar
guýruklaryny ýamyzlaryna gysyşyp, çem gelen tarapa
gaçyşyp gitdiler. Şol baryşlaryna-da:
- Sen, ýene gabat gelersiň!
- Biz seniň bilen haklaşarys! - diýşip, haýbat
atyşyp gohlaşdylar.
- Ondakysyny onda görüberis - diýip, Möngözlüje
öz bokurdagyny owan şagalyny arkaýyn ölmäge goýup,
yzyna dolandy. Şagallar gahar ugruna: «Seniň bilen
soň duşuşarys» diýişseler-de, gijeden-gije töwerekde
üýşüşip: «It nejis, git, nejis!» diýşip, gohlaşsalar-da,
soňundan dolanyp onuň bilen garpyşmaga milt edip
bilmediler.
Geologlar Möngözlüjäni mähriban itligi üçin, onuň
düňle çölüň tukatlygyny özleri bilen bölüşýäni üçin eý
görýärdiler. Hemmelere ýakymly bolşy ýaly, gowy
görülýänini duýmak Möngözlüjä hem ýakymlydy.
Hoş söz eşidende ol hem hemişe ýalmanyp, guýrugyny
bulaýlap, öz haly bilen bolmazdy. Hawa, it bolmak bu
ýerde hiç neneň däldi. Az wagtyň içinde Möngözlüje
töweregindäki adamlaryň ýüz-gözünden tanamagy
däl, olaryň häsiýetlerine hem belet boldy.
Bu ýeriň geologlary her on bäş günden beýleki
bir topar bilen nobat çalşardylar. Bir topary gidip,
onuň ýerine dem-dynç alan beýleki topar gelerdi. Bu
121
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýagdaý ýyl dowamynda şeýle tertipde gaýtalanardy.
Geologlaryň arasynda wagtal-wagtal Möngözlüje
bilen oturyp iç döküşýänler-de bardy. Kadyr diýlip
ady tutulýan geolog bolsa oňa birnäçe gezek smena
gutaransoň, özi bilen şähere gitmäni teklip edipdi. Ol:
- Gaplaň, sen gowy it. Meniň bilen şähere
gidermiň? Seni görüp, meniň çagalarym begener.
Olaryň siz itleri nähili gowy görýänini sen bir bilsediň.
Seni ertsem, çagalar, gör, nähili begenerler. Gujaklap
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 06
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.