Latin

Çölüň deňiz günleri - 06

Total number of words is 3682
Total number of unique words is 1899
34.3 of words are in the 2000 most common words
48.4 of words are in the 5000 most common words
56.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ogşarlar. Aýalym Marinanyň seni biraz halamazlygyda mümkin. «Bir öýe iki it gerek däl, getiren ýeriňe
äkit, nirä üýrmeli bolsa özüm üýrüp bererin» diýer.
Ýöne o-da, umuman, oňuşmazça keýwany däldir.
Arkaýyn bol, arkaňda özüm bilen çagalar bolsa,
ahyrda biziň diýenimiz bolar. Galany özüňe bagly,
gören ýeriňde aýlanyp öýi hapalap ýörmeseň bolany.
Aýalym nahary-da örän tagamly bişirýär. Ol ýaşamak
üçinem hiç neneň bike däl. Gadyr bilýän, özi-de men
diýip, çagalar diýip hemişe tozup ýörendir.
Şeýle gürrüňler hemişe bir smenanyň ahyrlarynda,
beýleki smenanyň bolsa başlanjak uçurlarynda bolardy.
Kadyryň bu bolşy onuň öýüni, aýalyny, çagalaryny
küýsäp ugranlygyndan habar berýärdi. Ýöne dikuçar
her gezek smenany äkitmäge gelende welin, Kadyryň
beren sözi ýadyna düşmezdi. Ol hem beýlekiler ýaly
goşlaryny howlukmaç jemleşdirip, uçmak bilen
bolardy.
122
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Käte goşda diňe Dusýa daýza bilen ussa Jepbar
galardy. Olaryň ikisiniň-de şäherde gün sanalyp
garaşylýan ýeri ýokdy. Şonuň üçinem olar giden bilen
gidip, gelen bilen geljegem bolmazdylar. Galybersede, ýanynda ýürekdeş ýoldaşyň bolsa çöl ýaşamazça
ýer hem däldi. Baýramçylyklar gabat gelerdi ýa-da
ýeneki bir sebäp tapylardy. Bir topar gitse-de, beýleki
toparyň gelmedik wagtlary bolardy. Şeýle günlerde
ýanaşyk çadyrlarda ýaşaýan Dusýa daýza bilen ussa
Jepbar goşulyşyp, bir çadyrda ýaşaýardylar.
Möngözlüje onsuzam olaryň dürli çadyrlarda
ýaşasalar-da, bir-birlerine ýakyn adamdyklaryny
bilýärdi. Dusýa daýza bu günlerde otur-tur bilen
baglanyşykly işleri aýratyn bir yhlas bilen, ussa
Jepbaryň göwnünden turmak islegi bilen edişdirerdi.
Bir keçäniň üstünde oturyp, onuň bilen dyz degşirip
çaý içerdi. Gümür-ýamyr edişerdi.
Möngözlüje gijeleriniň köpüsini olaryň bolýan
çadyrynyň töwereginde aýlanyp geçirerdi. Ýatyp, öz
uçuşyny ýatlardy... Şonda ol ýene-de uçardy, özi-de
öňküsinden has belende göterilerdi. Ýerden seredende,
alys görünýän ýyldyzlaryň golaýyna barardy.
Her gün Gün ýokary göteriliberensoň,
Möngözlüjäniň çadyryň töwereginde oturyp mazasy
bolmazdy. Kölegelerem çadyrlara tarap çekilişmek
bilen bolardylar. Soňundan olar barha kiçelip, çadyryň
123
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
içine ýygnanyp, şol ýerde tä öýläne çenli gizlenip
oturardylar. Çölüň süňňünden howur göterilip
ugraýardy. Gün meýdanda ýatan demirleri, daşda galan
gap-gaçlary, çadyrlaryň depesini, ähli zady şeýle bir
gyzdyrardy welin, onuň derdinden töweregiň howasy
endiräp ugrardy. Şeýle pursatda Möngözlüjäniň
hemişe ýadyna depesi gümmezekläp duran baýryň
etegindäki salkyn süren düşerdi. Bu ýere ol geçen
tomus, Güne bolmaýan it kellesini nirede gizlejegini
bilmän elewräp ýören günleriniň birinde tapypdy.
Oňa höwrügipdi. Şondan bäri-de süren tomusda onuň
gaçybatalgasydy.
Günüň özi bilen-hä oňuşmazça-da däldi, ýöne
onuň gögeýindirin diýdi, sakyrtgadyryn diýdi, bir
topar ýakymsyz nökerleri bardy. Olaryň bar ýerinde
bolsa Möngözlüje hemişe özüni oňaýsyz duýardy.
Bular onuň kejikmegine, öz-özüni dişleşdirmegine,
janyna jaý tapman elewremegine sebäp bolýardy.
Yssyda öwjügýän mör-möjekleriň köpüsi bu sürene
gelmezdiler. Olaryň ýok ýerinde bolsa Möngözlüje
özüni hemişe hiç neneň duýmazdy. Ilkiler ol Gün
hakynda bulaşyk pikirler eden-de bolsa, soňra oňa
kemsiz belet bolupdy. Şol günler ol Günüň şeýdipşeýdip, soňundanam bu gün, erte ýanyp gutarjagyna
ynanýardy. Ol ýanyp tükense, şonda çölde beýle
ýüregedüşgünç yssynyň bolmajakdygy hakynda pikir
edýärdi.
124
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Yssyda ol hemişe süňňüne ýaltalaç agyrlygyň
aralaşýanlygyny, dünýä bilen höwesiniň azalýanlygyny,
hiç bir zat bilen gyzyklanasynyň gelmeýändigini
syzýardy. Bu ýagdaýlaryň sebäpkäriniň Gündüginide bilýärdi. Geçen güýzde ol, Günüň howrunyň
gaýdyşýanyny, täsiriniň azalýanyny görüp: «Ä-hä, ana
boldy, Gün ahyrsoňy ýanjagyny ýanyp gutardy, şüýä tüýs bolaýdy, mundan dyndym» diýip oýlanypdy.
Sebäbi ol günler Möngözlüje dört paslyň her ýyl
gezekli-gezegine gelýäninden, hersiniňem öz lybasy,
öz häsiýeti bilen bolup gidýäninden habarsyzdy.
Möngözlüje bu gün ýene gelip özüni şol eý görýän
ýerine - salkyn sürene atdy. Jany aram tapyp ymyzgandy.
Oýanan wagty özgäniň ýakymly ysy ýene-de onuň
burnuna urdy. Bu ys oňa indi daşarda, kölegeleriň
uzap, salkyn arap, şemal öwsüp ugranlygyndan habar
berdi.
Şundan soň ol çadyrlar obajygyna öwrülip barmaga
wagtyň bolanlygyny ýatlap, turmak bilen boldy.
Möngözlüje wagty bilen öwrülip barmasa,
ol ýerde özüniň ideljegini, «Itimiz niräk ýitirim
boldukan?» diýiljegini bilýärdi. Adyny Gaplaň
diýip, mahabatlandyryp tutsa-da, ussa Jepbar
henizem Möngözlüjäni sadaja güjüjek hökmünde
görýärdi. Töwerekde ony görmese alada galardy.
Özüniň eý görülýänini duýmak hemmeler üçin bolşy
125
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýaly, Möngözlüje üçin hem ýakymlydy. Ýöne oňa
seretmezden, Möngözlüje öz ýanyndan özüni ýetişen
it hasaplap ýördi. Şonuň üçinem ol hemmeleriň özüne
güjüjek hökmünde däl-de, deňli-derejeli it hökmünde
seretmeklerini isleýärdi.
Möngözlüje sürenden çykan ýerinde aýaklaryny
öňe uzadyp gerindi. Soňundanam ukudan soňky
bolýan gerinmäniň lezzetini duýup, birsalym şol
ýerde pallap durdy. Ýöne ýeňseden golaýlap gelýän
möjek ysy ony birden üýşendirdi. Gaňrylyp ys alan
tarapyna sereden mahaly ol jülgäniň içi bilen bir
topar möjegiň ikibir, üçbir, şatyrym-şallak bolşup
ylgaşyp gelýänlerini gördi. Olaryň bolşy nämedir bir
zatdan elheder alnyp gaçylandan habar berýärdi. Bu
töwerekde gyzylgurtlar adyny alan bir möjek ordasy
bardy. Orda möjek bilen it gatnaşyklaryndan emele
geleni üçin, ony gyzylgurt diýip, adaty möjeklerden
tapawutlandyrýardylar. Gyzylgurtlar, hakykatdanda, özleriniň ugurtapyjylyklary bilen, zalymlyklary
bilen, ynsapsyzlyklary bilen adaty möjeklerden mesemälim tapawutlanýardylar. Näçe urdumşalyk etselerde, eden ýykgynçylyklary hemişe olara az görünýärdi.
Bu häsiýetleri üçinem adamlar gyzylgurtlary
adaty möjeklerden erbet ýigrenerdiler. Bu zatlar
Möngözlüjäniň gyzylgurtlary görmezden öň olar
hakda adamlardan eşiden zatlarydy.
126
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Bular şol gyzylgurtlar ordasynyň möjekleridi.
Orda çapawulçylykdan gaýdyp gelýärdi. Olar ýapýaňyja bir süriniň üstüne çozupdyrlar, göz açyp-ýumasy
salym içinde goýun-geçileri basyp, kowup, tutup,
bütin sürini paýhyn edipdiler. Çopan goşa tüpeňden
ot sowrup ugransoň bolsa assa gaçan namart edip,
gaçmak bilen bolupdylar. Hezillik entegem dowam
etse ederdi welin, ýöne olar tüpeň bilen oýun etmeli
däldigini juda gowy bilýärdiler. Garry gyzylgurtlaryň
oturan-turan ýerlerinde sargydy: «Tüpeňden daşrak
boluň, başarsaňyz görünmäň, bu tilkijikleriňem iň
gowy sapalagydyr!» diýip, ýaşlara wagyz ederdiler.
Bosgunyň öňi bolup gelýän iki möjek
Möngözlüjäni gyssagarada ýeňiljek dalap geçdi.
Onuň yzy bilen gelýänlerem şol hereketi gaýtaladylar.
Eýlesinden-beýlesinden gelnip dişlenýän Möngözlüje
birbada näme etjegini bilmän, duran ýerinde ters
öwrülip, tüweleýiň arasyna düşen peşmege döndi.
Yzly-yzyna gelşip duran möjekler şundan soň ne oňa
yza sürene çekilmäge maý berdiler, ne-de başyny
alyp gaçmaga. Birsalymdan üç-dört möjegiň yzynda,
maňlaýy gara ýol belgili it pisint möjek peýda boldy.
Möngözlüjäniň duşuna gelende ol sägindi. Garry
diýmeseň aňyrdan gelen gyzylgurt serkerdesiniň
keşbinden
onuň
dogumlydygy,
ugurtapyjy,
paýhaslydygy duýulýardy. Ol Möngözlüjäni siňňin
127
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
synlap, öz öňünde aljyraňňylyga düşen, şindi
göwnünde möjeklere bolan ýigrenç döremedik ýaş itiň
durandygyny anyklady.
- Sen nireden çykdyň?
- Sürenden - diýip, Möngözlüje ýeňsesini gözledi.
It pisint möjek sürene seretdi, soňam töweregine
howlukman gözüni aýlady.
- Bu sürende birwagt şularyň mamasy bilen
menem ýaşapdym - diýip, gapdalynda gözlerini jeljelledişip duran möjekleriň birini nazary bilen görkezdi.
Soňundanam:
- Hiç neneň süren däldir - diýip ýatlady.
- Hawa, hiç neneň däl - diýip, Möngözlüje
töweregindäkileriň möjekdigini hem unudyp, onuň
sözüni göwünjeň tassyklady.
- Ýaşlykda, güýç-gaýrat barka, erbetlik seniň
töweregiňde görünmez eken. Gujur-gaýratyň bar
wagtynda sen hemmä gereksiň. Ýeňişlerem, ähli
gowulyklar seniň töweregiňdedir. Şowsuzlyk senden
gaçyp gün görse kaýyldyr. Bela-beterler özüňden
galyp garraňsoň seniň töweregiňe üýşüşip ugraýarlar.
Ana, onsoň, seniň edeniň tersine bolar durar...
Häzirki pursatda garry köpegiň göräýmäge gerek
bolmadyk bu gürrüňi etmeginiň öz sebäbi bardy. Ol
şowsuz aw üçin häzir ordanyň özüni näletleýänini çak
edip, ýolboýy müýnürgäp gelýärdi. Möngözlüjäniň
128
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
peýda bolmagy, oňa diýesi gelýän zatlarynyň
käbirini töweregi üçin aýtmaga mümkinçilik berdi.
Garry köpegiň pikirinden bihabar Möngözlüje onuň
sözlerini ulynyň ýaşlara berýän akyly hökmünde kabul
etdi. Goja köpegiň öz ýaşlygyna gözüniň gidenini
duýdy. Köpegiň soňky sözleri bolsa Möngözlüjäniň
bilesigelijiligini has-da artdyrdy.
- Men seni tanaýan, ýaş köpek!
- Nireden?
- Hökümim ýöreýän ýerde meniň bilmeýän zadym
bolmaz. Seni garaguş göterip galgadyp barýarka, biz
aşakda saňa syn edip durduk.
- Men-ä sizi görmedim - diýip, Möngözlüje ýüzugra
agzyna gelen sözi aýdyp goýberdi. Soňundanam ol
ýeňleslik edip özünden ulynyň gürrüňini bölenine
ökündi. Garry köpek başyny aşak salyp, esli wagt
ýitiren pikirini aňyndan gözläp oýurganyp durdy.
- Garaguş göterse, soňundan hemişe iş erbetlik
bilen gutarardy. Şol gezek welin... Hawa diňe şol
gezek ähli zat başgaça boldy. Sen onuň awy däl, ol
seniň awuň boldy...
- Dana serdar! - diýip, Möngözlüje köpegiň adyny
howalandyryp, «dana» diýleni üçin ol minnetdar bolar
diýen pikir bilen söze başlady.
- Goý, bu ýaramsaklygy saňa tilki eneň
öwredendir! - Möngözlüje öz oýnunyň geçmedigini
129
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
duýdy. Ýalmanyp ýöwselledi.
Garry köpek ýoluna ugransoň töweregindäkilerem
şakyrdaşyp, onuň yzyna düşdüler.
Töwerekde gözlerini jel-jelledişip duran möjekler
uruş meýillidiler. Ýöne serdar hiç zat diýmän gapdaldan
geçensoň, olar hem Möngözlüjäni basa düşmäge milt
edip bilmediler. Öwrüldiler-de, garry köpegiň yzyna
düşüberdiler.
Jülge bilen gaçyp gelýän toparyň yzyny ýalmanyp
duran, syratly gara ganjyk jemläp gelýärdi. Ol aňyrdan
gele-gelmäne, Möngözlüjäni basa düşdi. Möngözlüje
öz ynanjaňlygy bilen ýene-de ahmal galdy. Ol serdar
hiç zat diýmän geçensoň, yzdan gelýänlerem şeýder,
indi bulardan maňa zelel ýok diýip arkaýynlanypdy.
Gara it Möngözlüjäniň iň agyryly ýerini tapyp,
şeýle bir dişledi welin ol görgüli, duran ýerinde ýöne
zowladyberdi.
- Agyrýar-a!
- Siz itlere geregem şol-da.
- Näme günäm bar meniň?
- Seniň günäň - itligiň. Mundan uly dünýäde
ýene nähili günä, nähili erbetlik bolsun! Adamlara
ýaramsaklyk edip, hemişe şolaryň tarapynda.
- Olar gowy ahyryn...
Bu söz agzyndan sypansoň, onuň möjegi hasda wagşylaşdyrjagy soň ýadyna düşdi, ýöne ýene-de
130
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
onuň pikir edişi ýaly bolmady. Gara it dişini aýryp,
aýratyn bir yhlas garaşylmadyk mylaýymlyk bilen ony
ysyrganyp ugrady.
- ...Gör, seniň ysyň nähili parym.
- Bolanda näme?
- Sen meniň jynsymy ýadyma saldyň.
- Ilk-ä, hatladyp dişleýär. Çyňsadyp alýar.
Soňundanam mylaýymsyran bolýar. - Möngözlüjäniň
sözi öýkeli çykdy. Ýöne onuň köpek ysyndan beýhuş
bolan gara ganjyk bu sözleri hasaba almady, ysyrganyp
lezzet almasyny dowam etdirdi.
- Ah sen, sadaja köpek. Ah... sen...
Gara it özgeleriň daşlaşýanlygy ýadyna düşüp
serpilip, birden ýeňsä çekildi. Töweregini gözledi.
- Men gitmelidirin, maňa garaşýandyrlar. Ol iki-üç
ädim ätläp ýene-de yzyna öwrüldi. Şonda Möngözlüje
onuň möjek gözleriniň mylaýym zenan nazary bilen
mähirli-hyrydar bakyp bulduraýanyny gördi.
- Biz şu golaýda. Tap bizi! - diýip, gara ganjyk
ýalmandy.
- Hä, ýene-de meni dalamakçymy?
- Öýkäňi äkit ýanyň bilen. Unudarsyň, ana, onsoň
geläý. Seniň ejeň, kakaň ýöne it bolmandygy duýulýar.
Bize goşulyp gezseň, sen has gaýratly, bagtly bolarsyň.
- Meniň möjek bolmak niýetim ýok. Itligim bar,
şol besdir.
131
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Gara gaýyn häzir bu gyssagarada Möngözlüjä
gep düşündirip bilmejegine düşündi. Ol söhbetiniň
dowamyny soň bir gezege goýup, öwrüldi gidiberdi.
Möngözlüje hem şundan soň silkinip, çaňyny
kakyp, ganjaran ýerlerini ýalaşdyryp, geologlar
obajygyna dolandy.
Gözýetimde eşejigini dikgirdedip gelýän adam
göründi. Möngözlüje gözi kaklyşandan ony tanady.
Ol şu golaýda goýun bakýan Ýagmyr çopandy, Jepbar
ussanyň tanşy. Aýak üstündenem bolsa ol häli-şindi
bu ýere gümür-ýamyra gelip giderdi. Hol bir gezekki
Dusýa daýza bilen bagly degişme gürrüňleri çyn hasap
edensoň, ol bu ýere gelmesini has-da ýygjamladypdy.
Onuň geologlara bolan yhlasy artypdy. Ol ýaňydan
bäri her gezek goýun soýanda gadyr edip bir satan,
ýarym satan et hem getirmäni çykarypdy. Ýagmyr
çopan ýekelikden zeýrenende Jepbar ussa oňa Dusýa
daýza ýaly birine öýlenmegi maslahat beripdi. O-da:
«Şular ýaly etlije-ganlyja biri bolsa men öýlenjek-le»
diýip, Dusýa daýza hyrydar bolupdy.
Munuň ýaly hezil edere amatly zat tapsa göhi
gelýän, pursady elden bermeýän Jepbar ussa: «Şundan
sorap göreýin, durmuşa çykjak däl-ä diýýä, şu bir
başy boş heleý» diýip, Dusýa daýzany görkezip,
çopan görgüliniň ýüregini gul-gula salypdy. Bir amaty
gelende onuň bilen gepleşip bermegi söz beripdi. Oýna
132
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
düşünmedik bende şol gezek diýseň hoş bolup, aýagy
ýeňläp, hyýal guşuny uçuryp gidipdi.
Geologlaryň arasynda Ýagmyr çopanyň lakamy
Tahyr begdi. Onuň gelýänini gördükleri olar: «Tahyr
beg-ä Zöhresini gözläp ata çykypdyr» diýşip, ony
aşyk-magşuklara meňzedip gülşerdiler. Bu gezegem
ony gören geologlaryň ýüzlerinde ýylgyrma alamatlary
peýda boldy.
Dusýa daýza bu mahal gazan ataryp, çanakçemçeleri töweregine jemläp, günortanlyk taýynlap
durdy.
Ýagmyr çopan golaý gelen wagty Möngözlüje
guýrugyny bulaýlap onuň öňünden çykdy. Çopan güler
ýüz bilen garşylany üçin ondan minnetdar boldy.
- Gaplaň, berekella! Tanadyňmy, zaluwat. Sen
gowy it, Gaplaň, ýöne arman, şi, gulak-guýrugyň barda...
Eşeginden düşüp, gaňňadaky horjuny eline
alansoň ol gowadaň ýöräp, Dusýa daýzanyň ýanyna
ýöneldi.
- Dusýa gelin, amanlykmy!
- Şükürdir.
- Al, şujagazy...
Soň ol elindäki horjuny mazamlap oňa uzatdy.
Möngözlüje ol ýerden täzeje etiň ysyny aldy.
- Hany biziň dost görnenok-la? - diýip, ol soň
133
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
başga-da bir diýäýmäge söz tapman töweregine
gözledi.
- Dostuňam bardyr. Işlemese-de işleýänleriň
töwereginde garaýaga bulaşyp ýörendir.
Jepbar ussa geologlaryň beýleräginde ertirden bäri
sürüji ýigit bilen bir kem tapynan maşynyň motorynyň
daşynda köwejekleýärdi. Ol Ýagmyr çopanyň gelip
eşekden düşenini görensoň, ýylgyryp sürüji ýigide
birzatlar diýdi-de, elini esgä süpürip, goşa tarap gaýtdy.
- Biziň dost gelen ýaly-la!
- Hä, aý bir halyndan habar alaýaýyn diýdim.
- Gowy edipsiň. Dusýa bilenem düýn soňky günler
Ýagmyr görnenok, oba dagy gitdimikä diýip, ýatlaşyp
otyrdyk.
Görşüp salamlaşansoň Jepbar ussa ony depesine
çadyr gerlen nahar stoluň başyna alyp bardy. Dusýa
daýza derrew iki sany käse bilen bir çäýnek çaý getirdi.
«Çaý içiň, naharam, ine, bolup barýar» diýdi. Bu sözleri
Dusýa daýza özüne seredip aýdany üçin, Ýagmyr
çopan eselip monça boldy. Çaý başynda gürrüňi dowam
etdirip, ol ýene-de çyny bilen ýekelikden zeýrendi.
- Bäş gelniň, bäş ogluň bolsa-da, dost, bir heleýçe
boljak däl eken. O pakyr bar wagty oba gidesim geler
durardy - diýip, aýalyny ýatlady.
- Aý, näme-de bolsa oba-da aýlanmaly.
- Çagalary görüp gaýdýaň. Ýöne, dost, sen şuň bir
134
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bellisini bilseň!
Ol hyrydarlyk bilen, nahar bulap duran Dusýa
daýza tarap göz gytagyny aýlap goýberdi.
- Menem-ä ugrunda öz-ä - diýip, Jepbar ussa
burnuna salyp ynamsyz myňyrdady.
- Hä, dost, özüň-ä, ýöne soňy gelenok. Şuň ýaljak
birini tapsam, men goýny zyňyp obada, ýakynynda-da
boluberjek.
- Ýa, senem-ä, dost, ol näme iş tapman şu ýere
gelendir öýdýäňmi. Ol bu ýerde çölüň howasy diýip
gezýär. Seniň obaňy başyna ýapsynmy?
- Onda näme çopan-çoluk bolşup, bu ýerde bileje
bolubermeli bor-da.
- Ine, munyň başga gürrüň. Şeýdip döwletli gürrüň
tapaweri.
- Şeýderis ony. Bile bolsak, nirede bolsagam men
razy. Wah, bir karara geläýedi-dä.
- Geler, howlukma. «Sabyrly gul dura-bara şat
bolar» diýipdirler.
Möngözlüje iki dost gürrüňleşýän mahaly, köplenç,
nahar stolunyň aşagynda ýatardy. Her gezegem ol
Jepbar ussa bilen Ýagmyr çopanyň arasynda bolýan
şuňa meňzeş Dusýa daýza bilen baglanyşykly
gürrüňleri eşiderdi.
- Sered-ä oňa, seni görse öz haly bilen bolanokhow ol, saçyny düzedip, başyndaky ýaglygyny çözüp
135
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
daňyberýär.
- Ýak, Jepbar, senem-ä, oýun etmesene, dost diýip, Ýagmyr çopan, biraz oýnalýanyny çak etse-de,
hoş bolup jykyrdap gülýär. Göz astyndan bolsa Dusýa
daýza seredýär.
Ony törüne geçirse, bagtly günleriň başlanjagyny
ýatlap, göwün ýüwürdýär.
Geologlar birlän-ikilän nahar stolunyň başyna
gelşip ugransoňlar, Ýagmyr çopan aladasyny
bahanalap turmak bilen boldy. Dusýa daýza onuň
pekarnýada bişen çöregi halaýanyny ýatlap, düýnki
getirilen çörekden iki sanysyny onuň horjunyna salyp
uzatdy. Ýagmyr çopan gidende Dusýa daýzanyň özüni
ýakymly zenan nazary bilen ugradanyna hoş bolup
gitdi.
Tomus günlerinde garaňkyň gatlyşmagy, gijäniň
gelip töweregi eýelemegi çöle serginligiň aralaşmagydy.
Her gün giçden soň aşyrym-aşyrym depeleriň
üstünden aşyp gelýän agşam şemaly öwsüp ugraýardy.
Töwerekde ot-çöpleriň süňňünden göterilen ýakymly
ys peýda bolýardy. Kükregiňi dolduryp arkaýyn
dem almaga mümkinçilik döredýärdi. Bu gije hem
şeýle gijeleriň birisidi. Her gün garaňky gatlyşansoň,
gijäniň serginliginden peýdalanyp bir meýdan işleýän
geologlar hem bu günlükçe işlerini boldum edişip,
gaýdyp gelipdiler. Çöle birsydyrgyn ümsümlik
136
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
aralaşypdy. Iş gutarýança ala-goh bolup işlän, töweregi
çyra bolup ýagtyldan dwižok häzir bir gapdalda
çommalyp ite çalym edip otyrdy. Töweregiň dünýäsine
rahatlyk aralaşsa-da, kalby ünjüli Möngözlüje bu gün
rahatlanyp bilmedi. Ol gorsawyň üstünde gezmeleýän
ýaly zowzuldap, bir çadyrlyga abanyp duran depäniň
üstüne göterilse, ýene birde şagallaryň ogryn-dogryn
gelip gidýän, ol-bi galyndy atylýan ýerde peýda boldy.
Kellesini howada gezdirip ysyrgandy. Howada tanyş
ys bardy. Ony şemal bir ýerlerden öňüne salyp bu ýere
getiripdi. Ol ys şol gara ganjygyň, Möngözlüjäniň
ýadynda galan ýakymly ysydy. Möngözlüje töwerege
aýlanyp ýörşüne hyýalynda onuň bilen duşuşyp, ýenede telim gezek ysgaşdy.
...Her gezekde-de ol şol gezekdäki ýaly öwrülip
ýoluna ugran wagty Möngözlüjäni täsirli synlady.
Bu garaýyş Möngözlüjäniň ýüregini gopdurdy.
Gara ganjygyň mähir bilen aýdan sözleri gulagynda
ýaňlandy:
«Bizi gözle. Taparsyň. Biz şu töwerekde
bardyrys»...
Gara ganjygy görmek höwesi soňabaka
Möngözlüjäniň has-da ýüregine düşdi.
Beýle ýagdaý onuň durmuşynda hiç mahal bolan
zat däldi. Şonuň üçinem ol birbada tebigatyň özi bilen
nähili oýun oýnaýanyna düşünip bilmedi. Birsalymdan
137
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolsa ol höwesiniň öňüne düşenini-de, onuň özüni bir
ýerlere alyp barýanyny hem duýmady. Diňe birsalym
ýöränsoň yzda özüne ynanylan goşuň galany ýadyna
düşdi. Möngözlüje çadyrly obajygy görmek üçin aýak
çekip ýeňsesine seretdi. Çadyrlyk ýokdy. Ol iki-üç alaň
arkada, gijäniň içinde galypdy. Goşy taşlap gitmegiň
gelşikli däldigini onuň it duýgusy ýatlatsa-da, bu gezek
Möngözlüje beýtmezligi özünden talap edip bilmedi.
Gara ganjyga ilki «Seni başyma ýapaýynmy?» diýsede, häzir ony hatda göz gytagy bilen bolsa-da göresi
gelip, ýüregi özelenýärdi.
Bu höwesi Möngözlüjäni gijäniň içi bilen ýene-de
aňyrlygyna äkitdi.
- Eý, ykmanda, bu senmäý? - Möngözlüjäni
gapdaldan eşidilen gyryljyk ses saklady. Bu hüwüdi.
Ol ýylgynyň üstünde, ýaýjykly stolda oturan ýaly
hallan atyp otyrdy.
- Hä-ä, bu senmi petre-ýaňra! - Möngözlüje ony
tanap aýak çekdi.
- Ýol bolsun, ýüzi garaňka tutupsyň ýa-da şol
şagallaryň diýýäni ugrunda barmy?
- Aýt hany, şagallar näme gybat edýäler? - diýip,
Möngözlüje özi hakynda edilýän gybat-gürrüňler bilen
gyzyklandy.
- Aý, özüňem eşidensiň-le, gürrüň öňräkden bäri
bar. Gara gaýyňyň saňa syny oturanmyş. Indi ol oturan138
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
turan ýerinde seni ýatlaýarmyş. «Şoň ýaly ýoldaşyň
bolaýsa» diýýämiş.
- Bu näme boldugy?
- Bu häzir seni gijäniň içinde çölde öňüne salyp
kowalap ýören güýç-dä.
- Bilemok ol güýjüň nähili güýçlügin-ä welin,
ýöne maňa bir zad-a bolýar, petre han - diýip, ugrap
barşyna Möngözlüje ilkinji gezek özi bilen bir
zatlaryň bolýanyny boýun aldy. Birazdan howada ýiti
çör ysy bilen ýüňüň ajymtyk-dymyljyk ysy peýda
boldy. Möngözlüje aýak çekip, ysyň habaryny aldy.
Özi görünmese-de, garşydan bir bölek goýnuň ýetip
gelýäni belli boldy. Birsalymdan gözýetimde süriniň
özi-de peýda boldy. Ol keseribräk ýanyn duran baýryň
ýüzi bilen çabrap gelýärdi. Süri häzir häli-şindi ýaz
günleri dag eteklerinde peýda bolýan ümür toplumyna
meňzeýärdi.
Möngözlüje sürini synlap, ony ümre meňzedensoň,
ýene birazdan ol ümrüň baýryň depesine göterilip,
ondanam aňyrlygyna - togalanyp asmana galyp
barşyny göz öňüne getirdi. Onuň ümre gözi gitdi. Şol
uçan gününden bäri Möngözlüjäniň uçup bilýänleriň
hemmesine gözi gidýärdi. Ol hyýalynda sürini uçuryp,
birsalym onuň yzyndan gözügidijilik bilen seredip
durdy.
Diňe birsalymdan golaýlap gelýän iki köpegiň
139
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ysy Möngözlüjäni özüne getirdi. Ol bulara duşmaly
däldigine, eger duşsa, özüniň bet niýet bilen sürä
aralaşmakçy bolýan garakçy hökmünde dalanjagyna
gözi ýetdi. Tilki enesiniň akyly şeýle pursatlarda hälişindi onuň gulagynda eşidilerdi. Ol: «It görmesinem,
üýrmesinem» diýip, wagyz ederdi. Möngözlüje süriniň
gapdalyndan sowlup geçmek üçin duran ýerinden aşak
indi.
Gyzylgurtlar ordasy aşagy uçut kert, ýokarsy
ýazgyn depäniň üstünde şöwür çekişip ýatan ekenler.
Möngözlüje beýleräkde silkme telpege meňzäp oturan
ketgeniň ýeňsesinde ornaşdy. Bu ýerden depäniň üsti
elin aýasynda ýaly görünýärdi. Möngözlüjä geregide şoldy. Ol depäniň üstüni birlaý gözden geçirensoň,
nazaryny gara gaýyňda saklady. Gara gaýyň çommalyp
oturyşyna bir zadyň pikirine berlip, ordanyň üstaşyry
uzaklara seredip otyrdy. Onuň gapdalynda garry
köpek kiçiräk depe bolup güberçekläp ýatyrdy. Garry
köpegiň bu bolup ýatyşy onuň garrylyga halys eňkini
aldyranlygynyň alamatydy. Ýogsam, häzir möjek
kanunyna görä, hüşgärligi gara gaýyň däl-de, onuň
özi çekmelidi. Aňyrdan - ata-babadan gelýän däp
şeýledi. Möngözlüje gara gaýyňyň boý-syraty bilen,
öz göwün galybyny dolduryp synlap ugransoň, diňe
bir özüniň niredeligini däl, asmandyr ýeriň hem
barlygyny, ýyldyzlaryň ýokardan özüni synlaýanyny,
140
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gaýdan ýeriniň alysda galanyny, hemme zady unutdy.
Ol synlap-synlap gara gaýyňyň bu çölde ýeke-täk
itdigine, ondan syratly, ondan ýakymly ysy bolan itiň
ýoklugyna ynandy. Höwesi ony telim gezek «ýör»
diýip, gara gaýyňyň ýanyna çagyrdy.
- Gideli, onuň ýanynda bolsaň, sen bagtly bolarsyň.
Süriň guwanjy bolarsyň!
- Gerek däl, hiç bir halatda kelläni ýitirmeli
däldir - diýip, başga bir pikir häli-şindi akyl berip,
onuň tanapyndan çekdi. Howada bolsa şol aňyny alyp
barýan ýakymly ys bardy. Möngözlüje aňynda gara
gaýyň bilen duşuşyp, şol bir belendiň üstünde onuň
bilen bagtly bolup oturdy. Ol çadyrlygy ýatlap yzyna
öwrülen wagty daň saz berip ugrapdy. Gara gaýyňy
daşdanam bolsa göreni üçin, Möngözlüjäniň ýüregine
biraz arkaýynlyk aralaşypdy. Täsin, şeýle-de düşnüksiz
bir derde uçranyny Möngözlüjäniň özi hem syzdy.
***
- Gaplaň!
- Gaplaň!
Erkek adamyň ýognas sesiniň yzysüre ýakymly
aýal sesi Möngözlüjäniň adyny tutdy. Möngözlüje bu
mahal iki çadyr aralygyndaky boşlukda töweregini
diňşirgenip, öňe uzadan aýaklaryny ýassyk edinip
ýatyrdy.
141
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Nahar stolunyň töwereginde şowhun başlanypdy.
Ol ýerde Dusýa daýzanyň tagamly bişiren naharyndan
soň dem-dynç alýan geologlar gyzygyşyp domino
oýnaýardylar. Domino bu ýerde iň ýörgünli oýundy.
Ony geologlar her dynç alyşda höwes bilen, uly
gyzyklanma bilen oýnardylar. Möngözlüje-de wagtalwagtal baryp olary gapdaldan synlap, durup-durup
gaýdardy. Ýöne adamlaryň ellerindäki domino
kerpiçjiklerine seredip, nämüçin olary yzly-yzyna
patda-patda stola goýuşlaryna düşünip bilmezdi. Jepbar
ussa hem gyzygyp, bu oýny höwes bilen oýnardy.
Möngözlüje başyny göteren wagty sary saçly Lena
bilen Ýusubyň bäş-alty ädimlikde özüne seredişip
duranlaryny gördi. Ýusubyň elinde gitarasy bardy, ol
penjegini egnine ýelbegeý alypdyr. Lena bolsa bili
bogdakly özüne gelişýän gögüş köýnegini geýipdir.
- Ýör, senem biziň bilen. Gezelenç ederis!
Möngözlüje gezelenje barylýanyna düşündi-de,
höwes bilen turup öňe düşdi.
Ýusup bilen Lena hem bu ýerde domino oýny
bilen gyzyklanmaýan az sanly topara degişlidiler. Olar
domino oýnanlaryndan töwerekde aýlanyp gezenlerini,
çeträge çykyp gürleşip oturanlaryny kem görmeýärdiler.
Şeýle-de olar gezelenje gidenlerinde Möngözlüjäniň
hem hemişe öz ýanlarynda bolmagyny isleýärdiler.
Her gezek tirkeşip ugramakçy bolanlarynda ony ýatlap
142
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
töwerekden gözleýärdiler.
Özüniň uzyn aýaklary bilen her ýerden bir basyp
barýan Möngözlüje birsalymdan tanyş pişigiň yzyndan
ýetdi. Bu pişik hem geologlaryň töwereginde ýaşaýan
jandarlaryň biridi. Möngözlüje ondan habarlydy.
Uzakdanam bolsa, birküç ýola ony görüpdi. Has
ýakyndan tanyşmaga-da mümkinçilik bolupdy, ýöne
her gezek tanşaýmaly bolanda pişik ýeňsä çekilip
ondan gaçypdy.
Birki günlükde Möngözlüje gyzylgurtlaryň
ýanyndan gelende özi bilen töwerege howsala getiripdi.
Onuň gara gaýyňyň yşgyna ymykly düşeni belli
bolupdy. Bu gowulygyň alamaty däldi. Söýgi däliligiň
bir görnüşidi. Ol kime ýoluksa, şonuň häsiýetini mesemälim üýtgedýärdi. Bu bolsa ýerde gezýäniňi köplenç
unudyp, aýaklarynyň käte bir ýere galtaşýanyny duýup,
asmanda gezýäniňe ynanmak diýmekdi.
Pişik «Çagalarymyň biri ýene-de bu başyny
ýitireniň eline düşäýmäwersin» diýen gorky bilen
ýurt salyp göçüp ýördi. Häzir onuň agzynda ýaňyrak
dünýä inen çagajygy bardy. Ol çagalary bilen bir
bolmasy işiň bolaýmagyndan howatyr edipdi. Eger şu
howp bolmadyk bolanlygynda, geologlaryň töweregi
ýaşamak üçin hiç neneň däldi. Ýuwundy dökülýän
ýere gelseň, hemişe garyn talaby uly bolmadyk pişikler
üçin garbanmaga bir zat tapylardy. Möngözlüje-de ony
143
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
onda-munda görse kowalap ýörmeýärdi. Sebäbi heniz
uçmanka «Itde-pişiklik kadasy» hakda ol ejesinden
hiç zat eşitmändi. Şonuň üçinem ol pişiklere ata-baba
duşmany hökmünde däl-de, adaty goňşularyň birisi
hökmünde serederdi.
- Goňşy, nirä ugradyň?
Pişik ogurlykda tutulan ýaly, ýeňseden gelen
duýdansyz sesi eşidip ziňk etdi. «Bu meniň çagamy
almak üçin yzymdan gelýändir» diýip pikir etdi. Pişik
agzyndaky näzijek sesi bilen wagtal-wagtal mawlaýan
çagasyny ýerde goýdy-da, ony öň aýaklarynyň
arasynda saklady. Özüniň güýçsüzligini unudyp,
çagasyny goramak üçin gazaplanyp, Möngözlüje bilen
garpyşmaga häzirlendi.
- Ts-s... näme, meni dalajak bolýarmyň?
- Aý, ýok.
- Onda näme, yzymy çalyp gelýäň?
- Aý, goýa, men-ä seniň yzyňam çalamok. Şular
bilen gezelenç etmäge barýan. - Möngözlüje yzyna
seretdi. Pişik hol yzdan degşip-gülşüp gelýän Ýusup
bilen Lenany görensoň, Möngözlüjäniň öz yzyndan
gelmeýänine ynanyp, biraz arkaýynlandy.
- Şeýlemidi ýa? Onda, ýol bolsun!
Pişik şundan soň öň aýaklarynyň arasynda gapjap
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 07
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.