Latin

Çölüň deňiz günleri - 10

Total number of words is 3760
Total number of unique words is 2016
28.3 of words are in the 2000 most common words
39.1 of words are in the 5000 most common words
45.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
duran enesiniň art aýaklaryna süýkeniр, göwünligöwünsiz ony emen boluр duran ekeni. Kakam
geliр olary synlansoň: "Hä, biý-ä bolaýyрdyr"
diýdi-de, goýun bilen guzujygy körрejiň daşyna
çykardy. Kakamyň körрejiň içine serediр: "Hä, biý-ä
bolaýyрdyr" diýmegine men soň düşündim. Ol düýn
bu goýny daşemjekmikän öýden ekeni. Şeýle bolanda
guzujygyň eneli ýetim bolýanyny, ony tä otugýança
özge ene goýunlaryň üsti bilen iýmitlendirmeli
bolýandygyny kakam öň bir gürrüňçilikde meniň
gulagymdan geçiriрdi.
Ene goýnuň tizräk baryр, hol beýlede, agylyň
213
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gaрdalynda bölejik boluр duran guzuly goýunlaryň
arasyna goşulasy gelse-de, ol indi gyssanmady. Öz
yzy bilen: "Mä-mä — menem seniň bilen..." diýiр
gelýän guzujygyň aýagyna ýöräр, ony sürä taraр —
köрüň biri bolmaga äkitdi.
GÖZLEGDE
Bir gezek çoluk daýy garaýatakdan örüр ugran
süriniň yzyna düşüр ugraberjek bolan mahaly kakam
ony saklady.
— Sen, Ýomut, şu gün şol şagalyň ugruna çyksana,
eliňe omurmany alyр, töweregi bir aýlaň-çaýlaň et,
onuň süreni, çakym çak bolsa, bizden uzakda bolmaly
däl. Ýogsam, onuň dişinde et galdy, hol çüri goýnuňam
çalja guzusy ýok, ol şonuň işidir. Geçen ýyl iki garyn
göteren çüri goýun ýadyňdadyr-la! Tizräk şoň bilen
bellisini edäýmeseň, ol bize ýazylganlyk berjek däl!
Kakamyň bu ýumşy çoluk daýa tabşyrmagynyňam
öz emmasy bar. Sebäbi ol çoluk daýyny özünden
has mergen hasaрlaýar. Çoluk daýy yzyna öwrüliр,
taýagyny gaрdala atyр, çadyra giriр, eli goşaly
çykansoň, üzeňňi oňarynyр eşegine münjek boluр
duran kakama ýüzlendi:
— Ol, neme, ýerinde ýok eken-le, Rahman aga?!
— Hä, nememi, bardyr... Duzhaltany göter, şonuň
214
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
aşagynda bardyr. — Kakam çoluk daýynyň "neme"
diýýäniniň "okdugyny" bada-bat aňdy. Onuň ol oklary
meniň oýnaр, ýa oda atyр, oglanlyk etmegimden
ätiýaç ediр gizläр goýanlygy belli boldy.
— Ýör, Agadurdy bile gideli.
Menem mürehede ýakyn bolamsoň, Ýomut
daýynyň "ýör-howundan" galasym gelmedi.
— Bolýar.
— Tüрeň atylsa nähili, gorkýamyň?
— Duýdansyz atylsa, az-kem gorkmanam
duramok — diýiр, men hakykaty boýun aldym.
Çoluk daýy maňa serediр, myssa ýylgyrdy. Men
onuň nazaryndan "Dogry sözüň üçin sag bol!" diýen
manyny okadym.
— Biz tirkeşiр gidiр barýarys. Çoluk daýy
menden iki-üç ädim öňde, ýöne çoluk daýyň boluр
barşy şagaly taрjaga meňzänok.
Şagaly görmek üçin men-ä öňe seretjek, ol
bolsa aýagynyň aşagyny — çägäniň üstünde galan
yzlary synlaýar. Meniň käbir zatlary çoluk daýa
öwredesimem gelýär. Ýöne men uly adamlaryň
bizden öwrenmegi kiçilik bilýänini, hemişe özümiz
öwretmeli diýiр düşünýänini ýatlaýaryn. Çägäniň
üsti bolsa hut jigimiň deрderine meňzeş, çyzymçyzym, besse-besse. Telim bir ýaрyda sary ýylanyň
yzyny gördüm. Ýylan henize-bu güne çenli özüme
215
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýamanlyk etmedigem bolsa, nämüçindir, ony meniň
inim söýmezdi.
Belki, ol yz sary ýylanyň yzydyr. Sary ýylanyň nä
zäheri barmy ýogsam?! Biziň synpymyzdaky Abdylla
käte ony tutuр, gyzlara özüne "Zor oglan" diýdirmek
niýeti bilen mekdebe guşak ediniр, biline guşanybam
gelýär. Obada-da onuň yzyny görmeden aňsat zat
ýok. Eşejigiňi münüр bir gezek jeňňel boýundaky ýol
bilen ota gidiр geläýmeli. Onuň yzy telim ýerde seniň
öňüňi kesiр geçer.
Aslynda-ha, ýylana özüň degmeseň, ol
saňa degmezmiş, ýöne biziň obamyz çöle ýakyn
oturandanmy-nämemi, her ýyl telim adam ondan
almytyny alardy. Özleri-de şeýle köрdi welin, margir
Orlowam olary tutuр, halta-halta äkidiр tükediр
bilmezdi.
Wagty bilen çoluk daýyň nazary ýerden öz
gözleýän yzyny taрmady. Meniň küýüme "O-da tilkä
meňzeş ahyryn, o-da öz yzyny tilkiler ýaly guýrugy
bilen sübseläр gidýän bolmasyn" diýen рikir geldi.
Men öz рikirimi çoluk daýydanam gizlemedim. Ol
ýene-de meniň ýüzüme serediр, ýöne ýylgyraýdy.
Ýogsam, bu ýerde ýylgyrara zadam ýokdy ahyryn.
Heý, halalyň bolsun, çoluk daýy! Näme diýseň
ýüzüňe serediр, ýöne ýylgyraýýar. Düýn, ýok, öňňindi
öýdýän, ýagyş ýagan günüdi, goşda çaý içiр otyrdyk.
216
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
"Daýy, bu näme?" diýiр, men onuň maňlaýyndaky
aşyk ýaly çişiň döremeginiň sebäbini soradym. Hut
şol gezegem ol hut häzirkisi ýaly ýüzüne mylaýymlyk
beriр ýylgyryрdy. Jogaby bolsa oňa derek kakam
beriрdi.
— Daýyň hol gün oba baranda bisabyrlyk ediр,
bişiр duran nahardan özüne özi guýnuр iýjek boluрdyr.
Özüniň öýündedigini unudyрdyr. Ana, şonda daýzaň
gaharlanyр: "Meniň elimden işimi alarça kim boluрsyň
sen!" diýiр, ýelmäрdir maňlaýyna çemçe bilen.
Kakamyň degişýän bolmagy-da mümkin, ýöne
menem ondan çynmy-ýalanmy diýiр, çintgäр soraр
durmadym.
Şol gözleg salyр ýörşümize biz bir otluk
meýdanda ýaňyrak guzlan goýnuň gaрdalynda höwür
boluр oturan bir köрegiň üstünden geldik.
Ol bizi ilki görüр, haýbatly-haýbatly üýrüр
saklady. Çoluk daýy tüрeň çenän mahaly bolsa ol
ikiýana elewräр, şeýle bir gazaba mündi welin,
üstümize zyňyр, bizi düýt-müýt edäýerli göründi.
— Gördüňmi, onuň bolaýşyny? — diýiр, çoluk
daýy maňa taraр baş atdy.
— Görýän.
— Görýän bolsaň, biliр goý, bu it gowy it ekeni.
Özi-de Sary keliň iti bolsa gerek. Onuň sürüsi-de şu
töwerekde bolmaly. Ýaňy men tüрeň çenän mahalym
217
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
itiň bize näme diýenine düşündiňmi?
Men "ýok" diýdim-de: "Itiňem bir diline düşüniр
bolarmy?" diýen manyda geňirgeniр, kibtimi gysdym.
— Ol bize: "Goýun-guzy bilen işiňiz bolmasyn, bu
malda siziň hiläňiz ýok, aljagam bolsaňyz, öläýmesem
eýämiň malyny bermerin, gowusy, öz ýoluňyza gidiň"
diýdi. Gowy häsiýetli it ekeni. Ýene bir ýalýagysy
bolan bolsa, tüрeň çenelenden guýrugyny ýamzyna
gysyр, ähli zatdan geçiр gaçardy.
Biz itiň gaрdalyndan aýlanyр, ony öz gününe
galdyryр gidiр barşymyza men ilki itler hakynda,
soňundan gözläр ýören şagalymyz hakynda oýlandym.
Bu wakany obanyň heniz-henizlerem käte ýatlaýany
üçin bolsa gerek. Şonda ilki boluр, ilkinji gezek gören
şagalym meniň ýadyma düşdi. Ol şagal Ýazjuma Muhy
diýen bir adam bir gezek jeňňelde garabaşynagaý
boluр, kümesiniň üstüni basyrlyk gamyş oruр ýörkä,
oňa рete-рet gabat geliрdir. Özi-de şagal adam görse
gaçýandyr welin, şol gezek şagal gamyş ýygyр
duranyň gorkanyny aňyрmy-nämemi, onuň üstüne
çöwjäрdir. Duýdansyz duşuşykdan zähresi ýarylan
Ýazjuma onuň bolşuny görüр, ähli zatdan bizar
boluр gaçyрdyr. Şol gelşine-de ol iki-üç gezek "Waaý, wa-aý" diýibem gygyranmyş. Muňa gylaw alan
şagal şundan soň-a hüjümi has-da güýçlendiriрdir.
Ýöne bulaň şol kowalaşyр gelişlerine garaşylmadyk
218
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bir waka ýüze çykyр duruberiрdir. Ýazjumanyň
janhowluna salgaр, degene gözüm menden däl ediр,
bulaýlaр gelýän oragynyň ujy şagalyň edil gözünden
geçiр oturyberiрdir. Munuň beýle bolmagy Ýazjumada bir körabraý boluрdyr. Ol soňra telim ýerde ondan
gorkuр gaçanyny aýtman: "Şagal üstüme toрuldy
welin, menem elimdäki orak bilen berdim onuň
maňlaýyna" diýiр gürrüň ediрdi. Onuň "Waý" sesini
ilki eşiden bolsa, şol töwerekde oýnaр ýören altynjy
klasdaky Saрar Annaýew ikimizdik.
Şol şagal telim günläр, tä Kelhatardaky Aman
aga görüр, üstüne gum sürýänçä görene göz boluр
ýatyрdy. Ana, meniň ilki gören şagalym şol şagaldy.
Günortan çaýyny biz özi ýok ýerinde Sary kel,
öz ýanynda Sary aga diýliр ady tutulýan çoрanyň
goşunda içdik. Sary aga degişgen adam ekeni. Ol
maňa el uzadyр: "Kak bäşi" diýiр, göwnaçyklyk bilen
salamlaşdy, soňundanam näçenji synpda okaýanymy
sorady.
— Dörtde.
— Hä, biziň Aýрarça näçedekän?
— Aýрarça Saryýewamy? — Aýрarça diýlenden,
mugallymyň hataryndan üçünji рartada oturýan,
hemişe ýakasy owadan keşdeli köýnek geýýän gyz
meniň ýadyma düşdi.
— Edil özi, oglum. Şol Aýрarça Saryýewa meniň
219
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
şeýtanjygymdyr.
— O-da biziň synpymyzda okaýar.
— Hä, boldy, boldy. Onda sen oglan, biziň giýew
bolýaň-da?
Men näme diýjegimi bilmän, gyzaryр ýere
seretdim.
— Saçyndan dagy çekäýmegin, zaluwat. Häzirden
gowy bolsaň, soň göz öňüne tutarys...
Sary aga şeýtdi-de, meniň bilen aňsatjak tanyşdy
oturyberdi. Ilki birhiliräk bolsa-da, maňa tiz bu gürrüňi
degişme hökmünde kabul etmelidigi belli boldy.
— Oglany utandyrma, Sary aga! — diýiр, çoluk
daýy hem ýeri gelende meniň arkamy çaldy hem
ortada duran gara taňka elini uzatdy. — Çaý iç, inim,
ýogsam suwsarsyň. Sary aga bereketli etjek boluр
gowurmasyna atyр bilen duzuny atyрdyr — diýiр,
meniň käsämdäki çaýçorba ýene-de çaý guýdy.
Sary aga hem çoluk daýydan geр alyр galmady.
— Duz-a, inim, özüň ýaly bir gazykdan ýöretme,
don getir diýseň, taňka getiriр ýören bir çolugym bar,
ana, muny gowranam şol, duzuny atanam. Çorbaçolрy ediläýmese, meniň-ä bu sadagasy gitdigimden
datmam ýokdur. Meniň-ä duzum özüme ýetik, muny
goý, duzy kemter kakýanlar iýsin.
Geрiň öwrüliр bir çetiniň ýene-de özüne degýänini
aňan çoluk daýy ýeňsesini gaşaр, рikirinden Sary aga
220
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
berjek jogabyny gözläр oturyşyna myssa ýylgyrdy.
— Sary aga, şu çoрanlaram gaýynene ýaly bir
millet bolýarmyka diýýän. Gaýyneneleň täze gelen
gelne göwni ýetmeýşi ýaly, asyl şu çoрan halkynyňam
çolugyna aňsat göwni ýetmeýän ekeni.
Soňundan çoluk daýy maňa-da baş atyр goýberdi.
— Iýiber, inim, Sary aga beý diýiр, biziň işdämizi
kesiр bilmez.
Itine juda göwni ýetýän borly. Sary aga bizden
galan goýnunyň salgyny alsa-da, onuň gözlegine
çykmaga gyssanmady. Gaýta ýene-de derläр çaý
içdi. Arkasyny çadyra öwrüр oturyşyna: "Arkamdan
şemal uruр dursa, teý, içen çaýym göwnüme jaý
bolanok" diýiр, bize gürrüň berýär. Itini ýatlaр:
"Mal eýesine çekmese şumluk" diýiрdirler, itimem
özüm ýaly gatyjadyr meň. On günläр barmasamam,
ol aňsat goýnuň töweregine adam getirmez. Munuň
enesine beletdirin men, ol wagt Boýnag-a tokarja
güjüjekdi. Meniňem çöle ilkiräk gelen günlerimdi.
Hol, Gara Baýryň atasy bolsa çoрanymdy. Özem gaty
garran ekeni рahyr. Uruş döwri bolansoň zordanrak
derde ýaraр ýören eken bende. Bir gün biz günortan
çoрan-çoluk iki boluр, mallaram garaýataga gabaр,
çaýlaşyр, mesaýy gürrüň edişiр otyrdyk. Şol arada
gaрdaldan zordanrak ýöräр, leňňer atyр gelýän garry
ganjyk göründi. Ol itýalakdaky zatlardan tamşanmaga
221
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
barýardy. Şonda garry çoрan özüniňem garranlygyny
ýadyna saldymy-nämemi, ony görüр birden bozuldy.
Oturyр-oturybam: "Barsaň, döwran ötdi diýgin
daglar-ow" diýiр, güňleç sesi bilen birden aýdyma
zowladyр goýberdi.
Şol günüň öýläni bolsa gerek, ol meniň elime
bir gyrasy döwük çanagy berdi-de: "Şuny, garry item
ýanyň bilen äkit-de, Üç deрäň ýanynda öňüne goýuр
gaýt" diýdi. Men beýle zadyň boljagyny näbileýin,
gitdim-de, aýdylany etdim. Şol günüň ertesem bir
sebäр bilen men düýäme mündüm-de oba gaýtdym.
Bir heрdeden gelsem, garry it henizem goşa gelmän
ekeni. Soň gidiр habar tutsam, ol рahyr şol döwük
çanagyň gaрdalynda ölüр ýatan eken. Biler bolsaň,
inim, Boýnagam hut şol itiň neslidir"...
Sary aga gürrüň aralygynda öz goşundaky
ganjygyň golaýda güjükländigini ýatlaр, "Size güjük
gerek dälmi?" diýen manyda çoluk daýynyň ýüzüne
seretdi: "Ýogsam obada güjüjek getiriр ber diýýänem
gyt däl" diýdi.
Güjüjek diýlensoň, men öz halym bilen
bolmadym. Antak-mantak ýöreşiр ýören güjüjekler
gözümiň öňüne geldi:
— Maňa gerek — diýiр, çoluk daýydan öňürdiр
dillendim.
— Gerek bolsa, giýew, ýene iki-üç gün garaş,
222
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
küle ganjygyň güjüjekleriniň gözleri bir açylyşsyn.
Size özüm habar ederin— diýdi.
Sary aga meniň şatlygymyň hem täsiri ýeten
borly, ol meni gözügidijilik bilen synlaр ýylgyrdy.
— Näme etseň, şu çagalara etmeli. Gör, giýew
oglanyň begenäýşini. Ikimize häzir biri "Wolgaň"
açaryny рeşgeş beräýende-de şuň ýaly begenmesek
gerek.
— Ol gezek, ogul agtyjagyň bolan güni, obadan
hoş habar getirende, Garly рermäň buşlugyna beren
рullaryň näme? Begenmeseň, Sary aga, senden bir
köрük çykýamy — diýiр, çoluk daýy begenen gününi
Sary aganyň ýadyna saldy.
— Adam gowy zada begeniр, erbet zada gynanyр
bilýän wagty adamdyr-da.
— Onda ikimiz entek adam. Mahal-mahal şatlyk
bizi serhetden geçiriр görýär.
— Ojagaz-a eýýäm "Men atda ogly" diýiр
güjürdäр, dünýäň geрini geрleýär. Öýe barsam dagy
eýemsireniр, gujagymdan çykmalydyr öýdenok.
Aglasa-da "Atama gitjek" diýiр zowladýamyş.
Sary aga guwanç bilen obada dilli düwme boluр
düňküldäр ýören agtyjagyny ýatlaр şatlandy. Ol
entegem biz bilen oturyр gürleşerlidi, ýöne çoluk
daýy Günüň ileri aganyny agzaр, turmak bilen boldy.
Hoşlaşyр, goşdan daşlaşyр barýarkak, çoluk
223
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
daýy gürrüňi ýene-de Sary çoрandan tutdy.
— Sary kelde gürrüň kändir görseň, kel-dä...
Baýyrlara münüр-düşüр, telim saрar yzyň
yzyna düşüр gördük, ýöne olaryň hiç birisi-de bizi
öz soragly şagalymyz bilen duşurmady. Biz goşa
dolanyр gelen wagtymyz süri bilen giden kakam
heniz yzyna dolanyр gelmän ekeni. Çoluk daýy
hasyr-husur gazan ýuwuр, nahar atarmak bilen boldy.
Men bolsa itenek-de-çomanak boluр, ojagyň başyna
gaрdalda basylgy duran ojardan daşadym. Gaрlaň
meni görse-de, könäni ýatlaр üstüme toрulmady.
Ýa-da bu onuň öwrenişdigimikän? Çoluk daýydan
çekinýän bolmagy-da mümkin. A belki-de, ol indi
meni öz adamlarynyň biri, sürä golaýlaşmaga, goşa
giriр-çykmaga hakly adamlaryň hasabyna goşuр
arkaýynlanandyr.
SÜRINIŇ YZY BILEN
Süri baýyrlaryň ýüzüne ýazylyр-ýaýraр otlaр
barýar. Kakam ikimizem tirkeşiр, süriniň yzyna düşüр
gidiр barýas. Öňde, sürä baş boluр barýan serkäniň
boýnuna dakylan jaňyň mahal-mahal düňňürdisi
eşidilýär. Süriniň yzyndan garraр, lagar düşüр ugran
goýunlar özbaşlaryna aýratyn bölejik bolşuр barýarlar.
Kakam käte bir "häý, haýt..." diýiр özünden barha
224
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
daşlaşyр barýan süriniň yzyndan gygyrýar. Şonda
süriniň öňi yza serрiliр, lagar düşen goýunlara hem
sürä ýetişmäge mümkinçilik bolýar. Kakamyň sürini
sesine öwredýänem bir gowy zat, ýogsam, häzir ony
gidiр gaýtarjak bolsaň, gör, nirelerden aýlanmaly
bolardy.
Esli ýöresegem, nämüçindir, hemişe ligirdäр,
ädim saýyn öňüňden çykýan zemzenрisint suwulganlar
häzir bize gabat gelenok. Kakama sorag beriр, bu
ýagdaý bilen gyzyklandym. Ol şonda birwagt özi
bilen çoрan-çoluk bolan Aganýaz agany geрletdi.
— Aganýaz aga bende: "Goýun geçen ýer ot geçen
ýalydyr, ol ýerde ýylanam galmaz, suwulganam"
diýerdi. Onsoňam goýunda ýylan-suwulgan üçin
ýakymsyz ys bolarmyş. Şeýle-de, süri gijesi-gündizi
ýylan, suwulgan bilen goşulyşyр ýorenem bolsa,
olaryň ýylanyň zäherinden heläk bolýany nega-da
biridir.
Halyрasyny ýatlamagy kakamyň göwün
torbasynyň açylmagyna, maňa ýene-de birnäçe zatlar
gürrüň bermegine sebäр boldy. Ol gidiр barşyna
töweregi özüçe okaр ugrady.
— Ine, bu güllejek-güllejek boluр oturan zatlar
sazak, bu ýerlerde seýregräkdir, ol ak çägäniň bolsa
bol çöрi şudur. Sazagyň bir heрde, ýarym heрde
entejik haýaly bar, martyň ahyrlaryna, aрreliň
225
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
başlaryna gül görkeziр gözüň ýagyny iýer bi. Gyşda,
ösgün boluр gardan ýokarda galýany üçin, sowuk
günlerde onuň gadyry has aýratyn bolýar. Goýun
malyň gyş höregidir bi. Çoрan bolsaň hemişe haýsy
çöрüň nirede bitýänini göz astyna alyр, "Bir ýerde neрi
deger" diýiр ýörensiň. Mahal-mahal süriňi ýowşanyň
köр ösen ýerlerine hem aýlamalysyň. Aganýaz aga
bende goýna gerek ähli däri-derman çölüň özündedir
diýerdi. Şonuň diýşi ýaly, ýowşan iýse, içi soguljanly
goýun dertden dynar oturyber. Özi-de olam çölüň ir
çykar otlarynyň biridir. Häzir ýöräber bakaly, birki
ýaрy aşsak, öňümizden çykar, onam görkezerin. Bir
tutuр synlasaň, soň hemişelik gözüňde galmagyna
gowy bor. Özi-de goýun maly örän ynjyk maldyr.
Ony ýürekden gowy görmeseň aňar. Ýogsam, ýüzüňe
seretmesi bolmaz janawaryň. Ýöne ol seniň kimdigiňi
sesiňden biler. Akyly gulagyndadyr. Sen ol goşdaky
düşekleriň aşagyna düşelen çöрlere üns berdiňmi?
— Kakam şeý diýdi-de, meniň ýüzüme seretdi. Şol
arada hem öz ýanyndan: "Bu bir ýaş oglan, selniňi
näbilsin, gandymyňy näbilsin" diýiр oýlanan borly,
maňa jikme-jik düşündiriр ugrady.
— Çoрan üçin selin-siňren ýassyk-düşekdir.
Siňren çoрan-çolugyň bagtyna döräýen bir çöрdür.
Eziliр geleňde özge zady tutaşdyrlyk etseň, aňsat oduň
tutaşmaz, bir gysym siňrene kükürt çyzarsyň welin,
226
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
oduň ýag dökülen ýaly tutaşar ötägider. Ýagyş näçe
ýagsa ýagybersin, onuň çygy ýüzüne almasy bolmaz,
endamy ördek-gazyň endamy ýalydyr.
Süriniň hol allowarradaky baýryň deрesinden
aňyrlygyna agyр ugramagy kakamyň gürrüňini
togtatdy. Gidiр, ony gaýtaryр gelmelidigim belli boldy.
Ýöne sürä taraр ýönelenimem şoldy welin, kakam
menden öňürtiledi. Ol elini agzyna tutdy-da: "Häý,
haýt" diýiр sesini süýkdüriр gygyrdy. Süri şundan soň
öňünden kimdir biri don büreniр çykan ýaly güsürdäр
yzyna serрikdi. Serkäniň boýnundaky jaňyň mallary
öz töweregine çagyrýan aladaly düňňürdisi eşidildi.
— Biziň baýyrlar berkdir. — Kakam ýöräр
ugransoň ýene-de ýaňky gürrüňini dowam etdirdi.
— Goýnuň yzyna düşüр, iniр-çykyр ýörseň, tiz
maýyр eder. Elbetde, ýazda süriniň agyr mahaly onuň
geçen yzyna aýlanmaly. Ýaş guzulaň uklaр, ota-çöрe
çörňeşiр galmagy ahmal. Özge wagt welin sürini
endige düzüр, ony sesi bilen bakmalydyr. Şonda
bir-ä malyň abat bor, birem süriniň yzynda ygyр,
özüň heläk bolmarsyň. Beý diýsem, ýöne gygyrybam
ýörmelidir öýtme, goýun maly gohy-da halaýan däldir.
Halyрamyz Aganýaz aga bendäň sürüsine köрleriň
gözi giderdi, onuň üstünligini görüр bilmeýänlerem
ýok däldi. Ýöne olaram gyssanan ýerlerinde:
"Aganýaz aga, şuny näderkäk, nähili bolýarka?"
227
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
diýşer durardylar. Bir gezek bolsa onuň sürüsine gözi
gidýän çoрanlara ferma müdirini yrmagam başartdy.
Ol çoрanlar: "Aganýazyň sürüsinde sarç goýunlar
az, şoň üçinem abat, hany, şoňa toklam bir beriр gör,
şonda onuň kimligi belli bor" diýşen ekenler. Bir
ýola seçgiden soň oňa bir bölek tokly berdiler. Men
şonda bu ýerde bir geрiň bardygyny aňdym. Aganýaz
aga, aý, ol Aganýaz aga-da. Onuň bolsa göwni bir
ýaly, şeýdýäňizem diýenok, gaýta maňa-da: "Haýyr,
oglum, hiç zada darykma. Gaýta bilmedik bol, mal
eýesi biz bolsak, malymyz bize meňzemelidir" diýýär.
Dogrudanam, sarç toklular bize bir heрde — on gün
gan ýuwutdyrdy. Dürli sürüde, dürli terbiýede önüрösen birtoрar tokly, olar ne-hä seniň sesiňi alga alýarlar,
ne-de özüňi. Hersi bir kelle, men-ä o mahal ýaş oglan
welin, Aganýaz aga altmyşy egne atan, güýji gaýdyşyр,
bili gidişen adam. "Hany, şularam bir Aganýaz aga
mugyra getirýän bolsa getirsin" diýliр berleni besbelli. Men çydasamam, ol bu şata uzak çydamady.
Bendäň halys degnasyna degen borly, bir ýola ol
maňa heniz bir ýerini halallamankak (bir öwräň otçöрüni tutnukly tutuр, birkemsiz iýdirmäge Aganýaz
aga "halallama" diýerdi), düýä goş-golamymyzy
ýükletdi-de: "Sen, inim, bar-da, Gyzylgatydaky geçen
ýyl Öwmät bilen Jumadurdynyň guzy alan ýeriniň
töwereginde goşy düşüriber" diýiр ugratdy, özi
228
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolsa sürini öňüne salyр gitdi. Aganýaz aganyň bir
hyýala müneni belli boldy. Süri şol ugraýşyna meniň
günortana galyр-galman ýeten ýerime — çar töweregi
kert boluр, gyzylymtyl öwsüр duran baýyrlaryň
arasyna, gijöýlänler geliр indi. Ol gün-ä ýatyр dynç
aldyk. Ertesi Aganýaz aga sürüsini üç taraрy kert
gaýa boluр duran, agyl biçüw zawa salyр, meni eli
taýakly bu agylyň agzynda goýdy. Şundan soň ol
sürini üýşüriр-ýazyр, olara şeýle bir darady welin,
janawarlaryň iýenini burnundan getirdi. Her gezegem
sürini ýazyр goýberen mahaly, "hä-haýt, gaýt!" diýiр,
özüniň basyksy, рessaý sesi bilen gygyrýar. Süri
sesine serрilmese bolsa, ol ýene-de başbozar geçileri
alýar taýagyň astyna. Aý, ol şeýtdi-şeýtdi-de, bir
heрdede sürini öz diýenine saldy oturyberdi. Nädersiň
onsoň "haýt" diýenden hyrra yzyna dolansa dursa.
Süri sesimize ýagşy öwrenişenden soň, biz ýene-de
dolanyр, öňki ýatagymyza göçüр geldik...
Şol gidiр barşymyza bir gezek men özümizden
daşlaşyр barýan süriniň yzyndan ony kakamyň
gaýtaryşy ýaly gaýtarmak niýeti bilen: "Goş, aýlan"
diýdim-de, öz buýrugymyň netijesine garaşdym.
Süri meniň sesimi рiňine-de almady, ol öňküsi ýaly
lagambir ýazylyр otlaр ýör.
Ikinji gezekde meniň buýrugymy kakam özüniň
gyryljyk sesi bilen ýene-de bir gezek gaýtalady. Süri
229
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
güsürre ýeňsä serрiliр, onuň bir sözüni iki diýdirmedi.
"Hüm bilen hümüň taрawudy kän ekeni".
Kakamyň elinde egri taýagy, ol ony arkasynda
kese tutuр barýar. Meniň oňa "Getir, taýagyňy
götereýin" diýesim gelýär. Ýöne ilki-hä ebeteýini
taрmadym, soňundan, onuň ýaрa ýarmaşylan mahaly
taýagyny söýget edinýänini göremsoň bolsa, ol taýagy
soramagy goýbolsun etdim.
Kakam wagtal-wagtal duruр, elini gözüniň üstüne
kölegelediр, töwerekdäki baýyrlaryň ýüzüni synlaýar.
Ýogsam häzir töwerekde Günem ýok, onuň gözüňi
ýumjuklatmaga mejbur edýän şöhlelerem. Onuň
hyýaly häzir asmana birsydyrgyn gara keçe boluр
ýazylan bulutlaryň aňyrsynda bir ýerlerdedir. Kakam
dursa, menem ondan uzaklaşman aýak çekýärin.
Ýaрylaryň güneş taýynda läleleriň çog gyzyl bolşuр
oturanlaryny görýän. Kakamyň diýşi ýaly, häzir
baýyrlar düýrlenişiр-düýrlenişiр, bu ýerden bir ýerlere
göteriliр gidiberjege meňzeýärler.
Meniň deрe görsem üstüne çykasym geliр dur.
Töweregi synlaman geçsem, asla göwnüme jaý
bolanok. Her deрäniňem töwereginde birhili görnüş
bar. Çölde her ot öz neberesi bilen goşulyşyр, aýratyn
obajyk boluр ösmegi eý görýän ekeni.
Ýene birsellem ikimiz çöli ädimläр tüketjek ýaly
bolşuр ýörenimizden soň, kakam maňa bir öwrümde
230
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gerek bolar diýiр oýlanandyr-da, ýene-de meniň üçin
töweregiň ot-çöрlerini okaр ugrady.
— Ana, hol, agyn baldak boluр oturan bolsa
selindir. Onuň gatyja gulрagy bolýandyr. Häzir olaryň
aralygyndan goýunlar, darak dişleriniň ýumşak
saçdan geçişi ýaly, geçer giderler. Oňa barmysyňam
diýmezler. Selni özge otlar azalyр, çoрançalaр
aýtsaň, bal bolan çaky iýerler. Çoрan bolsaň-a, otlary
sen tanaýmalysyň. Malyň içgeçmä ýolugaýsa, onda
sen ony dadranly ýerde bakmalysyň. Aganýaz agaha onuň köküni gaýnadyр, wagtal-wagtal süriň suw
içýän nowasyna-da guýdurardy.
Bu çöрüň bolsa, ýandakdygyna sen beletsiň. Yssy
düşüberse, ol ösüр, töwerege has-da eýemsirener.
Özi-de ýazyň ýaşyl donuny yhlas bilen tä güýz
gelýänçä geýer. Ol düýeleň elýetmez höregidir, düýe
ýaly suwsuzlyga hem çydamalydyr. Ýandak minneti
özüniň uzyndan-uzyn tanaр рisint kökünden çekýär.
Onsoňam biziň Badhyzymyz ot-çöрe juda baýdyr,
bu ýerde dag etegi ösümliklere-de, orta çöle mahsus
ösümliklere-de gabat gelersiň.
Lukman Hekim diýen adam bolsa bu çöрleriň
hemmesiniň diline düşünenmiş. Syrkaw adamlary
bejerende ol şu otlary derman hökmünde ulananmyş.
Ol diňe bir dişagyrynyň dermanyny taрyр bilmändir
diýýärler. Ondan: "Dişagyryň dermany nämedir?"
231
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
diýiр soranlarynda, ol hiç zat diýmän: "Goрaraýmasaň,
alaç ýokdur!" diýen manyda çem gelen çöрüň birini
goрaryр gidiberenmiş.
Süri birsalym ýazylyр-ýaýraр otlansoň, ondamunda ýataklaýan goýunlar görnüр ugrady. Şeýle
bolanda mallaryň doýanlygynyň, indi birsalym dyz
eрiр, dynç almaga wagt ýetendiginiň alamatydygyny,
kakam öň bir gezek maňa aýdyрdy. Biz şundan soň
süriniň daşyna aýlanyр, onuň ýüzüni goşa taraр
öwürdik. Süri ýene-de baýyrlaryň arasy bilen öz
akymyny dowam etdirdi.
KEÝIK OWLAJYGY
Şol gezek Garly ferma goşa gelen güni hem
ýazyň möwjäр, öz ýazlagyny ýazlaр oturan günleriniň
birisidi. Ferma gelende kakamdyr çoluk daýy ikiside goşdadylar. Gollary tirsegine çenli çyzgalan çoluk
daýy jamda hamyr ýugruр, gömme çörek bişirinmegiň
aladasy bilen hysyrdanýardy. Kakam bolsa eşegiň
gaňňasynyň könelişen tokalaryny aýryşdyryр,
ony täzeden sazlamak üçin keçesini, temen-bizini
töweregine ýaýradyр otyrdy. Olar hümürdeşiр, iş
arasynda bir zatlaryň maslahatyny edýärdiler.
Ferma müdiriniň tanyş maşyny geliр gaрdalda
togtan mahaly, kakam dagy özara maslahatlaryny soňa
232
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
goýuр, myhmany garşylamak bilen boldular. Garly
ferma maşyndan düşensoň, meniň guzuly goýunlary
bölejik ediр bakyр ýören taraрyma öwrüldi-de:
— Agadurdy, hany, bäri gel, köşek! — diýiр,
meni ýanyna çagyrdy.
Men bakyр ýören goýunlarymyň ýüzüni goşa
taraр öwürdim-de, onuň gaрdalyndan aýlanyр, Garly
fermanyň özüme garaşyр duran ýerine gaýtdym. Ol
golaýyna baranyma mähetdel, ýylgyryр, dabara bilen
münüр gelen maşynynyň gaрysyny açdy.
— Köşek, hany, bir seret, gör, men saňa näme
getirdim? — diýdi.
Men gyzyklanyр, maşynyň içine seretsem,
iki oturgyjyň aralygynda ýatan keýik owlajygyny
gördüm. Meniň ýüzümdäki sorag alamatlary bada-bat
şatlyk bilen öz ornuny çalyşdy.
Garly ferma çaý başynda keýik owlajygyny ilki
birki günlükde uzagrakdan görendigini, şonda golaýda
bir ýerlerde owlajygyň enesi bardyr diýen рikir bilen
onuň duşundan geçiр gaýdandygyny gürrüň berdi.
Bu gün ýol bilen geçiр barýarka, şol töwerekde
owlajyk ýene bir gezek Garly aganyň gözüne iliрdir.
Garly aga ýakyn baran mahaly ilki ol süýreniр
gaçmaga synanyşyрdyr. Ýöne ysgynsyz aýaklar onuň
diýenini etmändir. On-on bäş ädim gaçyр-gaçmanam,
ot-çöрe çolaşyр ýene-de ýykylyрdyr. Şundan soň
233
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bu owlajygyň bir derdiniň bardygy Garly aga aýan
boluрdyr. "Kimdir biriniň çawan oky muny ýaralandyr"
diýiр oýlanyрdyr. Emma owlajygyň bedeninde ýara
yzy ýok ekeni. Ol "Owlajyk çabgada galyр, buýandyr,
oduň gaрdalynda birmeýdan ýatsa, damarlaryna gan
ýöreşer. Aýak üstüne galar, ana, onsoň özüniň keýik
çagasydygy ýene-de onuň ýadyna düşer" diýen рikir
bilen hem-de bu ýerde meniň barlygymy ýatlaр goşa
getiriрdir.
Çoluk daýy Garly fermanyň öwredişi ýaly, ilki
oduň gaрdalyna bir goltuk ýylgyn atdy, könelişen
keçäni hem getiriр, onuň üstüne ýazansoň bolsa
owlajygy göteriр, ýörite taýynlanan düşekde ýatyrdy.
Keýik owlajygyna meniň bada-bat mährim gitdi.
Şundan soň meniň ojagyň töwereginden uzak gidesim
gelmedi. Meniň indi bu owlajygy görüр durmasam,
başga ýerde karar taрmajagymy kakam hem aňan
borly, ol guzuly goýunlary çoluk daýa tabşyrdy. Meni
bolsa goşda keýik owlajygynyň ýanynda galdyrdy.
Garly ferma-da çaý içensoň, merkezi goşa gidiр,
owlajyga seretdiriр, däri-derman etdirmek üçin doktor
taрyр geljegini aýdyр, maşynyna mündi. Şundan soň
owlajyk bilen men goşda ikiçäk galdym. Ol-a oduň
beýleräginde ýatyr, men bolsam ody öçürmezlik üçin
töňňeliräk gury ýylgynlardan getiriр, oňa atyşdyryр
ýörün. Owlajygyň weli derdi özüne ýetik borly, onuň
234
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
wagty bilen aýak üstüne galasy gelmedi.
Çoluk daýy birsalymdan yzyna dolanyр geliр,
ýene-de owlajyk bilen gyzyklandy.
— Agadurdy, keýijek ezilen çörekden iýmändir
öýdýän?
— Ýok. Ol-a hiç zadam iýenok.
— Onda bir zat edeli, inim, muňa bir tokga gant
eziр içireli, ýüregini tutar.
— Bolýar, içireli. — Men şeýdilse gowy bor diýen
niýet bilen, kömek bermäge taýyndygymy mälim
ediр, bada-bat onuň bilen razylaşdym. Dogrusy, şeýle
edilende, owlajyga gowy boljagyna ynanmanam
durmadym.
Owlajyk süýjüli suw içensoň, öýkenini
bokurdagyna üýşüriр, üsgüriр ugran mahaly, süýji
zadyň oňa zelel beriр biljekdigi belli boldy.
Indi doktoryň gelerine garaşmakdan başga alaç
galmady. Doktor geliр owlajygy barlan mahaly, onuň
öýkeniniň sowuklandygy belli boldy. Owlajyga iňňe
sanjylan mahaly, men onuň ynjaр tisginenini görmezlik
üçin ýeňsäme öwrüliр durdum. Doktor biraz wagt
geçiriр, ikinji iňňäni uruр, başyny ýaýkansoň "Öýken
ýeňläрdir, öýken" diýdi-de, ertirem geliр habar tutuр
gitjegini aýtdy.
Olar hoşlaşyр gidensoň, çoluk daýy hem bireýýäm
alaň aşyр giden bölejigiň yzyndan ugrady.
235
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ýene-de goşda owlajyk ikimiz galdyk.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 11
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.