Latin

Çölüň deňiz günleri - 17

Total number of words is 3691
Total number of unique words is 1778
31.1 of words are in the 2000 most common words
42.7 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýöne seniň pikir edýän tarapyňda däl. Men bähbit işiň
tarapynda. Sen piliň bilen indi suwuň öňüni arçap,
näçe köwçeleseň köwçeläber, suw owsunmazam,
akmazam. Onuň sebäbi bar!
Alagarga (Ýagdaýy goşgy bilen beýan edýär):
Ýalançylyk däl meň halaýan zadym,
«Şum habar getirýän» şonda-da adym.
Hakykadam aýtman durup bilemok.
Gak-gak-gak-gak, ile ýalan bergim ýok.
Akar böwetlendi habarym aýtsam,
Ony ýol ugruma görübem gaýtdym.
Äpet bir daş ýatyr suw öňün baglap,
Çöken düýä meňzäp, ýatyr ol agnap.
Güýç görmese, galarly däl ýerinden.
Şoň üçin jan ýakyp gagyldaýan men.
Gidelin gözbaşa, üýşüp gideliň,
Äpet daşyň bir alajyn edeliň!
403
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ugruna çykylsa tapylar täri.
Ýogsam suwsuz köýer ekinleň bary.
Agzy birikdirip baralyň hany.
Alyp ýatjagmyza ynanýan ony.
Goç (Howpurganyp). Aý, goý-a, haçan, nirede?
Alagarga. Suwuň sakasynda. Äpet bir dag daşy
ýokardan togarlanyp gaýdyp, gelibem keserip suwuň
ýoluny kesipdir.
Goç (Ör-gökden gelip geň galýar). Aý, goýa!
(Öz-özüne). Şum habar bolsa, onda-da ony getirenem
Alagarga bolup durka bu dogrudyr. Erbet habar
islenmese-de, hemişe soňundan dogry bolup çykýar
(Äm-säm bolup). Indi nädip borkan?
Alagarga (Galgap ýaňsyly). Ine, munyň başga
gep! Maňa sala salýan bolsaň-a munuň bir alajyny
taparys. (Çete). Bu maňlaýy garanyň menden başga
sala salara asla kimisi barmyşyn eýse? (Goça) Güýç
birikdirip hereket etmeli. Ýogsam ol daş iki-ýekäňehä ýerindenem butnatdyrmaz. Özüm gözüm bilen
gördüm, uly daş eken.
Goç (Aladaly). Be, dogrudanam, şeýle ulumy
ol daş diýýäniň?
Alagarga. Suwuň öňüni keser-de, kiçi bolarmy?
Dogry, daşy suwuň öňünden sowmak indi diňe bir
404
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
biziň hem aladamyz däl. Ol ýerde tutuş milletiň
bähbidi köýüp ýatyr. Şonuň üçinem, goňşularam bu
işe işjeň çekip, güýç toplan agzybirlik bilen hereket
etmek gerek.
Goç (Lapykeç). Şularyň agzyny birikidirip bolar
öýdýärmiň-aý?! Bularyň hersi bir kelle ahyryn!
Alagarga (Ynamly). Bolar. Şonuň üçinem seniň
ýanyňda paýhasly maslahatçy gerek.
Goç (Gep saluwa oňly düşünmän). Aý, şu mahal
dara-direde ol gowy maslahatçyny nireden tapjak?
Alagarga (Galgap). Näme etjek ony gözläp,
ýanyňda özümiz bar-a! Alagargadan akyllam bir guş
bolarmy?
Goç (Biraz lapykeç halda öz-özüne). Diýseňdiýmeseňem, häzir-ä şeýle. Alagargadan başga
meniň töweregimde janly-jandar ýok. Indi şuny öňe
salaýmaly bolarmykan?..
Goç (Alagarga ýüzlenip). Düş onda, garga
gardaş, öňe, ýol kes özüň!
Alagarga. Elbetde, düşmeli bolsam, men düşerin
öňe, ýöne ilki şuny gepleşeli, meniň diýenim bilen
bolmaly borsuň! Goýunsyň, goýunlygyňy edip, işi
bulaşdyraýmagyn. Näme diýsem, hä diýgin!
Goç. Senem gowrak gep aýtjak bol-how, hä
diýdirjek bolsaň! Gerek, gerekmejek ýerde gagyldap
ýürege düşme!
405
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Alagarga. Hä, gepime henek gatyp ugradym
diýsene? Elbetde, bu gowulugyň alamaty. Henekoýna düşünmeýän bilen ýoldaş bolmag-a bir kyn,
onuň bilen iş bitirmek bolsa ondanam kyn. Emma
suwuň öňünde daş keserip ýatyrka, ýoldaş synap
durmaga wagt ýok. Haýal etmän suwy gazanmagyň
gamyny etmeli.
Ýör gitdik onda, düş yzyma! (Alaarga galgap,
öňe düşýär, Goç hem pilini egnine atyp, onuň yzyndan
ýöreýär).
ÜÇÜNJI GÖRNÜŞ
Alagarga bilen Goç tirkeşip barýar. Şol barmana
Alagargaň gözi gybyrdyklap bakjada gezip ýören
Kirpä düşýär.
Alagarga (Kirpini Goça görkezip). Gak-gak,
kar-r... Ana, bize gerek ýoldaşyň biri-ä golaýda-da
aýlanyp ýören ekeni.
Goç (Kirpini görüp). Eý, tikenli, sen näme-ow
bakjany paýhynlap ýörsüň! Hekgeren bolup, etjegiň
içinde-ow seniň:
406
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ekgende ýok,
Dikgende ýok,
Harmanda häzir
Hoja... – diýenleri-ow sen!
Bu kirpilere gaty beletdirin men. Sypynsa
duýdurman geler-de, arkaýyn aýlanyp ýörendir
bakjada, hamala, atasyndan miras galan ýaly. Hany
men seni pilim bilen bir tapbatlap ýere sokaýyn!
Şonda bilersiň sen soragsyz daýhan ekinine düşmegiň
nämedigini.
Goç gaharlanyp, pilini ýokaryk göterýär. Kirpi
gorkup düýrülip tikenli pökgä öwrülýär. Alagarga
aladaly gagyldap ara düşýär.
Alagarga. Goç, nähil-aý sen? Haý, nebsine ejiz
zaňňar diýerler saňa. Bir hyýar üçin gyrlyşaýjak-ow
bi!
Kirpi (Sähelçe ýazylyp). Birem däl-le, garga
dost, ýartyja hyýar-how meniň iýenim. Ýöne meniň
dynnym ýaljak iýenimem Goça hemişe gaty köp
bolup görünýän bolmaly.
Goç (Ýene öňki kineli hörpünde). «Erkine
goýsaň hojany ýatyp içer köjäni». Zat degilmese, siz
407
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bakjany başa geýäýmeýäňizmi?
Kirpi (Çete). Terje hyýar görsem, men durup
bilýänmi näme? Aýaklarym ligirdeşip nädip bu ýere
gelenlerinem bilmän galýarlar. Nägile bolýaň-ow,
Goç aga. Girilmedik seniň bakjaň bolsun. Soň ol
aýaklaryny görkezip, eger indi meni igenje goýsa, şu
aýaklarymyň ikisinem goparaýaryn.
Alagarga (Goça ýüzlenip). Ana, gördüňmi,
Kirpi gowy jandar-a, ähli zada ýarym sözden düşünip
dur. Indi Kirpi seniň gaýdyp bakjaňa girmez. Özi-de
bize gerek ýoldaş.
Goç (Nägile). Indi şu Kirpimişmi bize kömegi
degjek. Ýumruk ýaly bolup, nämäň alyndanmyş ol?
Kirpi (Olaryň gepini diňläp, soragly bir Goçuň,
bir Alagargaň ýüzüne gözleýär). Nirä ýoldaş etmekçi
bolýaňyz meni?!
Alagarga. Kirpi dost, sen entek aňmansyň
öýdýän, bir bolmasy iş-ä bolandyr...
Kirpi (Oýurganyp). Ýene şum habar tapdym
diýsene?!
Alagarga (Öýkeli). Aý, Kirpi dost, senem şeý
diýäýýäň-leý. Sen akylly jandar-a, sen bir düşünmeli
ahyr maňa!
Kirpi. Aý, il şeý diýip ýörensoň diýäýdim-dä
menem näme!?
408
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Alagarga. Iliň diýip ýören zady kän, haýsy
aýdýanyna ynanjak onuň! Ýagşysyny tanamaýanlygy
üçin-dä iliň hemişe bela galyp ýörenligi.
Goç (Kirpä pisindi oturmazlyk bilen siňrik
ýygryp). Kim näme diýip, ile göwnüýetmezçilik
etse-de, sen bir beýtmeli däl ahyryn, özünem ýumruk
ýaly halyňa!?
Alagarga (Öz kiçijik bähbitleri üçin uly
aladadan sowlup barylýanlygyny duýup, özüni ele
alýar). Häzir özara ownuk dawalaryň wagty däl.
Biziň hemmämiziň üstümize uly howp abandy (soň
Kirpä). Kirpi sen aňmadyňmy?
Kirpi (Soragly). Nämäni?
Alagarga. Akaryň suwy kesildi!
Kirpi (Bir zady ýadyna salyp). Bolasy ýaňrak
suw içmäge baranymda suw azalýan ýalam gördümle. Ýeri oňa näme boldukan?!
Alagarga. Dagdan togarlanan uly bir daş onuň
öňüni baglapdyr.
Kirpi (Haýpygeljilik bilen). Haý, togarlanman
geçen diýsäni. Togarlansaň togarlanypsyň-da, seniň
ýaly dagdan togarlanyp ýören daş gytmy, düşäýdä senem başgarak bir ýere, şu akar hanasyna
düşmäniňde başga ýer ýokmy?
Alagarga. Kirpi dost, boljak iş bolupdyr, indi
409
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
oňa janyňy ýakyp oturanyňdan peýda ýok. Indi baryp,
her zat edip, bir zat edip, şol daşy suwuň öňünden
aýyrmaly. Şunda mesele.
Goç (Aladaly). Eýýäm ekinler süllerip
ugrandyrlar...
Kirpi. Suwuň bolmasa, sülleren zadyň köp
bolar. (Soň Alagarga). Suw üçin näme etmeli bolsa,
menem bar, Alagarga!
Alagarga (Makullamak bilen). Ine, munyň başga
gep. Ýöne seniň munuň ýaly il bähbitli aladadan
çetde durmajagyňy öňem bilýärdim.
Goç (Şahyny talawladyp çete). Alagargaňam
ýoldaş edinjek bolup ýören şepesini. Ýumruk ýaly
bolup munda näme güýç bar. Gaýta aýaga çolaşyp,
ile iş bolaýmasa.
Alagarga. Gak-gak-gak... Düş onda senem biziň
yzymyza. Bähbit işi soňa goýmalyň!
Goç. Baralyň!
Kirpi. Göreliň!
Goç, Alagarga, Kirpi üç bolup tirkeşip gidip
barýarkalar, olar bir öýüň gapdalynda duran Eşegi
görýärler.
Eşek (Olary görüp). Üç tirkeş bolşup bular
410
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
nirä barýarkalar? Kirpi olaryň yzyny zordan eýerýär.
Goçuň arkasyna münäýmeli ekeni-dä. Münmez bular
hemişe eşegi münmelidir öýdýärler.
Alagarga (Eşegi görüp). Mazaly Taýhar
dostumyzam öýde ekeni.
Goç (Göwnüýetijilik bilen). Ana munuň güýji
bize hökman gerek bolar.
Kirpi (Makullamak bilen). Ol gatyr eşek adyny
Güne ýatyp alan däldir. Her ýerde biriniň duran
ýerinde dura-dura gelýändir.
Eşek
(Goňşularyny
hynçgyryp,
özüçe
garşylaýar). Goňşular, tozan turzuşyp siz nirä
ugradyňyz, ýol bolsun!
Goç. Bolar, inşalla.
Alagarga. Seniň ýanyňa geldik, dost!
Kirpi. Senlik bir zerur işem çykdy.
Eşek (Gülümsiräp). Täzelik aýdaňok. Zerur
bolmasa, Eşegi kim ideýär? «Eşek toýa gaçyrylan
bolsa, ýa odun gutarandyr, ýa suw getirmelidir»
diýilmeýärmi näme!?
Alagarga (Eşege göwnüýetijilik bilen). Taýhar
gardaş, iş bitirýänsiň-de, il seniň ýanyňa gelýändir.
Şagal ýaly ot-çöpüň içinde seňkildäp, gygyryp ýören
peýdasyz bir zat bolan bolsaň, seniňem gapyňdan
gelen bolmazdy.
411
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Eşek (Alagarganyň ezberlik bilen aýdýan hoş
sözlerine biraz imrinenligini mälim edip). Eýäme,
ilime hyzmat edip bilsem, meniň armanym näme?
Goç. Hak gepi senden eşitdim.
Alagarga. Indi, dost, bolan ýagdaýy sen menden
eşit! Bir äpet daş dagdan togarlanyp akarymyzyň
ýoluny ýapypdyr.
Eşek (Alada galyp). Bagtymyz ýatypdyr
diýsene. Weý, düýn suw içip gaýdanymda şadyýan
şogurdap, akyp durdy-la ol...
Alagarga. Näme bolsa şu gün ertirden soň
bolan bolmaly. Siz bilýäňiz-ä meniň mahal-mahal
çüňkümiň bürgüdiňki ýaly ýiti bolmagy üçin ony gidip
dag daşlaryna çalmamyň barlygyny? Şeýdenimde
çüňküm çalnan orak, pil, pyçak ýaly ýiti bolýar. Ol
daşyň suw öňüni tutup omalyp ýatanyny hem men
daga baranymda şonda gördüm.
Eşek (Işiň ýeňil bolmajagyny öz ýanyndan pikir
edip). Suwuň öňüni ýapan bolsa, onda ol daşyň
gabarasy-da, agramy-da eslije bardyr!
Alagarga. Meniň güýç birikdirip hereket etmeli
diýýänimem şonuň üçin-dä...
Goç (Şahlaryny talawladyp). Suwuň aýny gerek
wagty özünem.
Kirpi (Ýaňsyly). Suwuň gerek däl wagty
412
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolýarmy?
Goç (Kirpiniň özüni ýaňsylamasyny halaman
nägile bolýar. Oňa öjügýär). Senem ýumruk ýaly
bolup, mydy-mydy eden bolup akyl satýaň. Ýogsam
sen dagy durşuň akyl bolaňda bir gysym-a. Jübä
salyp gidibermeli-ä seni.
Alagarga (Närazy bolup, galgap ara goşulýar).
Ýene-de birek-birege göwnüýetmezini aýdyşyp
ugradyňyzmy?
Eşek (Oýurganyp). Il bähbitli iş boljak bolsa,
ol ýerde-de men bolmasam bolmaz. (Soň ol sala
salmak bilen Alagarga tarap öwrülip). Arabamam
yzyma tirkäýsemmikäm-aý! Daşamaly-ýeneki zat
bolsa geregi degmegi mümkin?
Goç (Närazy). Aý dag ýerinde araby nämä gerek
takyrdadyp.
Daga-daşa degip döwülermi, nädermi? Özüň
bolsaň bolýa-da gidibereliň?
Kirpi (Nägile). Heý, munuň diýýän zadyny,
araba-da, beýleki ulaglaram gezip ýör-ä dag
jülgelerinde.
Alagarga. Ýagyny gaýtarmak üçin ýarag
dannalynýan däldir, onuňam bir öwrümde geregi
degmegi mümkindir, onam ýanymyza alsak gowy.
Kirpi. Jaý maslahat, dagda süýremesi kyn
413
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolsa, baran ýerine çenli ertip, soň şol ýerde goýup
gitsegem bolar.
Aňyrdan It bilen Pişik tirkeşip gelýärler.
It. Bu ýerdäki üýşmeleň näme-how, millet?
Ýüzüňiz ýaman aladaly görünýä-le, how, näme bir
bolan, goýan zat barmy?
Pişik. Bir gep bardyr. Ýaňy kölegede ýatyrkak
aýtdym-a Alagarga gagyldap geçende bir şumluk
bardyr diýip.
Alagarga (Öz çetine aýdylýan gepi halaman).
Eý, Pişik dost, sen bir maňa beý diýmeli däl ahyryn!
Aý, bolýa-da, gel öýkeleşmäliň. Häzir wagty däl. Aý,
dostlar, sizem aňypsyňyz bir bolmasyz erbetlig-ä
bolupdyr. Akarymyzyň öňi keserilipdir.
It (Oýurganyp). Hawa, onsoň indiki maslahat
näme?
Alagarga. Indiki maslahat, şol daşy aýryp suwuň
öňüni açmaly. Ýöne daş kiçi däl, güýç jemlemesek,
ony ýoldan aýyrmak kyn bolar.
It. Güýç jemlemeli bolsa jemläliň. Suwsuz ýaşap
bolmaz-a. Näme etmeli bolsa men-ä taýyn. Wow-f,
wow-f...
Pişik. Güýç jemlemeli bolsa jemläliň.
414
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Öz aladamyzy özümiz etmesek, edip beren bolmaz!
Alagarga (Şatlykly pasyrdap). Ine, munyňyz
boldy. Sizden tamam-da şeýledi.
Eşek (Araba tarapa gözläp). Münüň syganyňyz
araba, şemalladyp äkideýin!
Kirpi, Pişik begenip araba münýärler. Item
aňyrdan gelip araba münmäni höwes edýär.
It. Biraz aýagym agyrýady welin, menem
münäýsemmikäm?
Eşek. Senem mün. Araba münmek nä seniň
etmeýän işiňmi?
Goç (Ite). Sen meniň bilen bileräk ýöremäni
halaýaň-a. Ýör bileräk ýöräbereli-le!
Goç, It, Alagarga öňe düşýär. Eşek arabany çekýär.
Pişik (Arabada ýatan ýerinden). Geliň, aýdym
aýdalyň, aýdym bilen ýöreseň, ýol aňsat geçilýär!
Olar ýerli-ýerden ses goşup, aýdym aýdýarlar.
Gitdik, gitdik, gitdik,
Daşyň üstüne.
Barýas, barýas, ýetýäs
Ynha dessine.
415
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Barýas Kirpi, Pişik
Garga, Eşek bar.
Goç bilen Köpegem,
Biz bilen gelýär.
Güýjümizi jemläp,
Güwläp bararys,
Göterip ol daşy
Bulap urarys.
Suwuň öňün bekläp,
Ýatmasyn gaýdyp.
Aksyn ýatsyn akar
Aýdymyn aýdyp.
Gaýtalama:
DÖRDÜNJI GÖRNÜŞ
Ulgam tutup oturan meýdan. Bir kiçiräk ýapynyň
eteginde honkaryp Tilkiniň süreni görünýär. Tilki
onuň öňüni syryp-süpüren bolup ýör. Gapdaldaky
ýoldan Alagarga öz topary bilen peýda bolýar. Olar
Tilkini görýärler.
416
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Goç. Be, Tilkem-ä öýünde bar ekeni.
Alagarga. Şonam-a ýanymyza alyp bolaýsa
kem bolmazdy.
Pişik. Ol bize goşulmaz. Onuň ata-babasy
goşulypmy bize özi goşular ýaly.
It. Ýüzi ýokdur, meniň bar ýerime gelip bilmez.
Şu gyşda-da birki gezek dagy towuk ketege düşüp
alandyr ol.
Pişik. Goňşymyzyň bir gyzyl horaz bardy,
şonam gygyrdyp alypjyk gidendir ol Tilki.
Alagarga (Gysanyp bu gürrüňi halamazlyk bilen).
Köne saman sowurmalyň diýşip wadalaşmadykmy
näme? Köne dawalar bizi ýene-de maksadymyza
ýetirmän dagadar.
Pişik. Tilkini özümize goşaýanmyzda nädip
goşjak? Olam-a bize goşulasy gelip ýören jandar-a
däldir?
Kirpi (Oýurganyp). Gaty dogry aýdýaň, dost.
Ýöne ony hem özümize ýoldaş edinip bolaýsa-ha kem
bolmazdy. Her hili ýagdaýlaryň bolmagy mümkin.
Şonda tilki ýaly ugurtapyjy ýoldaşyň bolsa-ha, kem
däl.
Goç. Nädip. Ýör biziň bilen diýeniň-ä etmez ol!
Alagarga (Ynamly töweregine gözläp).
Goçumyz bar, Gargamyz bar, Itimiz, Pişigimiz,
417
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Eşegimiz bar. Indi aramyzda Tilkimizem bolaýsa-ha
kem däl. Alagargalarça men şunuň gerek boljagyny
öňünden duýýaryn.
It.
Ol zaluwady ýanyňyza alsaňyzam-a
alarsyňyz, ýöne weli onuň aly-hilesi kändir, biziň
toparymyzy aldawa salaýmasa-da ýagşydyr!
Kirpi. Dogry, ol Tilkidir. Ondan her zada
garaşsa-da bolar. Ýöne biziňem akyl-huşumyz bar-a,
aňsat onuň toruna düşmejek borus... Emma ony
özümize goşsak gowy.
Pişik. Nädip?
Kirpi. Biraz sabyr et, häzir aýtjak. Atababalarymyzyň bir nakyly bardyr: «Ody ot bilen,
suwy suw bilen almalydyr» diýip. Bizem Tilkä öz
tilkiligini ulanmaly.
Alagarga (Makullamak bilen). Dogry aýdýaň,
şeýtmeli. Hany indi oňa öz tilkiligini nädip
ulanjagaňam bir aýdyp ber bize!
Kirpi. Tilkä, hä diýdirmek üçin onuň ýüregine
howsala salyp ýerinden gozgamaly.
Goç (Şahyny talawladyp). Nädip?
Kirpi. Muny şeýtmek üçin siziň hemmäňiziň
meniň diýenim bilen bolmagyňyz gerek. Tilkiniň
başyna diňe şondan oýun salmak mümkin.
Pişik (Egnini gysyp, düşünmek bilen). Tilkinem
418
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bir aldawa salyp bormy, onuň özi sizi isledigiçe aldap
bilýär.
Alagarga (Şatlykly galgap Kirpä). Kirpim seniň
akyllydygyňy men öňem-ä bilýädim welin, şu gün
ýene bir gezek göz ýetirdim.
Kirpi. Onda diňläň meni. Biziň hemmämiz häzir
saglygy goraýyş işgärlerine öwrülýäs. Goç bilen
Eşek ak halat geýer. Biz mümkin bolan ýerimize
goşmak belgili – saglyk işgärini alamatlandyrýan ak
mata dakynarys.
Pişik. Bu näme etjek bolýarkan?
It. Hany biraz garaşaly, onsoň belli bolar, munuň
näme hyýala müneni.
Kirpi (Alagarga ýüzlenip). Alagarga, dost, sen
biziň etmekçi bolýan emelimiziň öz tarapyňdan
gagyldap, howsalasyny ýetirmeli borsuň Tilkä.
Alagarga.
Gak, gak. Geregiň howsala,
başagaýlyk bolsun, bu biziň elimiziň tersinden
gelýän zatlar-a.
Kirpi (Hemmelere ýüzlenip). Hemmämiziň
juda çyna berimsiz hereket etmegimiz hökmandyr.
Sähel sep bersek, Tilki örän duýgurdyr duýar. Biziň
diýenimiz bolmaz.
It, Pişik, Eşek, Goç (Ýerli-ýerden): Diýşiň ýaly
ederis, Kirpi. Bähbide galkynýan iş edeniňde diýseň
419
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
lezzetli bolýar-a! Ederini bilýänlere duşan wagty
başgalaryňam nämeler edip bilýänligini görsün Tilki
han!
Kirpi (Ite tarap öwrülip). Agam, sen git-de
ýaňy ýolda bir alaka ölüp ýatan ekeni, şony tiz al-da,
ýet yzymyzdan. Geregi deger. Siz bolsa töwerekden
gury tezekleri toplaşdyryň!
Goç (Tilkä ýakara odunlyk tezek çoplär öýdüp).
Tilki tezegi başyna ýapsynmy?
Alagarga (Nesihat berijilikli). Goç, goçlugyňy
et, goýun bolma! Sen diýleni et. Onuň nämä
gerekligini Kirpiniň özi gowy bilýär!
Goç (Elini salgap). Bolýar-how, bolýar. Siziň
deýeniňiz bolsun. Al-hilämiň siziňkiçe ýoklugyny
öňem-ä bilýärdim welin, käte goýunlygymy edip
unudaýýan-da...
Kirpi. Ugradyk onda Allany çagyryp, Tilkiň
üstüne!
Alagarga. Töwekgeliň işini Taňry oňar! GakGak...
Kirpi (Alagarga ýüzlenip). Alaman öňüni
serdary başlar, dost, sen düş öňe!
Topar arabaly, ýeneli, ýerli ýerden alagowur
bolşup, Tilkiň süreniniň üstünden inýärler. Tilki olaryň
420
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gelýänini görüp, gaçyp sürenine girýär. Soň ol süreniniň
agzynda şol ýerden töweregini synlap oturýar. Ine, bir
görse, Itdir, Pişik Eşekdir Kirpi töwerege bir zatlar
sepip ýörler. Alagarga bolsa «Bu ýere-de sepiň, ol
ýere-de, bu sürende hem ýaşalýan bolmaly, şol ýere-de
sepiň!» diýip, alagoh bolup beýemçilik edip ýör.
Tilki (Sürende bukup ýatan ýerinde Tilki
gapdaldan geçip barýarka Kirpä ýüzlenýär). Eý,
goňşy, bu bolup ýörşüňiz näm-aýt siziň, ala-goh
bolşup.
Kirpi (Öň görmedikden bolup oňa). Oh, Tilki,
sen öýüňdemisiň asyl?
Tilki (Nägile). Hawa, öýümde bolman nirde
bolaýyn.
Kirpi (Öz-özüne). Seniň barmaýan ýeriň,
burnuňy sokamaýan zadyň barmy? (Tilkä) Aý, nä
bileýin. Senem çeşme ýabyň gözbaşyna ýuwunmaga
dagy gitdiňmikäň diýdim.
Tilki (Geň galyp). Ol ýerde näme işim bar?!
Kirpi (Sözüni dowam etdirip). Häzir çöle gaty
erbet bir ýokanç kesel ýaýrapdyr. Ähli haýwan
ýuwunmak üçin suwa gidýär. Bizem aýlanyp, şol
keseliň giňden ýaýramazlygy üçin çöli dermanlap
ýörüs.
Tilki (Aladaly). Ölen-ýitenem bar diýýämi?
421
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Kirpi. Özi zabun kesel bolar-da ölen ýiten
bolmazmy. (Soň ol bir ýerlerik elini uzadyp). Kel
ýapyna bilýänsiň?
Tilki. Çöli çalganaklap ýörübem Kel ýapyny
bilmerinmi?
Kirpi. Ana, şol ýerde bir şagal bu derde ýolugyp,
maşgalasy bilen gyrlypdyr.
Tilki (Başyny ýaýkap). Şol ýerde birki sany şagal
süreni bardam-da, şolaryň biriniň eýeleri bolmaly ol
bagty ýatanlar.
Kirpi. Olar bilen oňly tanyşlygym ýok. Ýöne bu
keselden ölýän-ä köp.
It (Öli alakany alyp aňyrdan gelýär). Erbet
kesel, şu golaýa-da ýaýran bolmaly. Şu alakany ýaňja
tapdym!
Kirpi (Ite). Köpek aga, bar güm et-de, ony zyň
beýleräk. Üstünem gowulap göm. Kimdir biri etiň
ysyny alyp üstüni açyp iýäýmesin, ony iýene ýenede kesel ýokuşar. Juda ýokuşagandyr bu kesel.
It. Waw-waw. Häzir (Yzyna öwrülip gidýär).
Kirpi. Ýokuşagan bolmasa, biz beýdip, töweregi
dermanlap, ölen-ýitenleri tapyp, gömüp ýörmeris-ä.
Özem gaty duýdansyzdan ýokuşýan bolmaly...
Tilki (Howsala düşüp). Onuň ýokuşanyny nädip
bilip bolýar?
422
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Kirpi (Ýanhaltasyny dörüp, ondan iki gant
bölegini aýasyna alýar). Ony anyklamak aňsat. (Soň
ol Tilkä ol iki gandyň birini uzadyp). Şu gandy sal
agzyňa, eger ol süýji bolsa, onda sen sag, ajy kaksa
welin, onda ol derdiň saňa-da ýokuşanlygy (Kirpi
oňa gant berýär).
Kirpi (Çete). Tilkä ýaňy ýolda galampyr çalyp,
ýörite taýynlanja gandymy berdim.
Tilki (Gandy agzyna atyp we derrew agzyndan
çykarýar). Örän ajy ekeni.
Tilkiniň kesellidigini görüp, hemmeler oňa
howpurganma bilen, yza tesişip seredişýärler. Kirpiniň
özi hem Tilkä gant iýdirip, onuň şol aýylganç kesele
ýoluganlygyny «anyk» edensoň, hamala ol kesel
Tilkiden özüne-de ýokuşyp barýan ýaly ondan biraz
ýeňseräk çekilýär. Haýygandan bolýar.
Bu ýagdaý Tilkini hasam gorkuzýar.
Kirpi. Diýdim-ä «gaty ýokuşagan kesel» diýip.
Saňa-da ol ýokuşypdyr, goňşy. Ýogsam gant-süýji
zadam bir ajy bormy?
Tilkiniň keýpi bozulyp, täze tapynan „keselinden«
ýüregini çişirip gorkup ugranlygy belli bolýar.
423
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Kirpi (Sözüni dowam etdirip ,keseliň ýagdaýyny
anyklap ugraýar). Bir zat iýseňem, ýene tiz
ajygýaňmy?
Tilki. Hawa.
Kirpi. Oňsoň gözüň öňem käte garaňkyran ýaly
bolýarmy?
Tilki. Gözümiň öňüniň garaňkyraýanlygy o-da
dogry...
Kirpi. Günorta çagy suw içesiň gelýärmi?
Tilki. Hawa...
Kirpi. Ana, şol ýagdaýlar şu keseliň ilkinji
almatlary-da. Başyňy aýlap, ol öz degenini usurgadyp
alýar.
Tilki (Gorkup saňňyldap). Şu Alagarganyň sesini
eşidenimdenem-ä bir belanyň başymdan injegini çen
etdim-le. Ýöne beýdip beýle tiz üstümden inäýer
öýtmändim-dä.
Kirpi. Goňşy, biz hemişe il kesellese, ol özümize
degişli däldir öýdýäs-dä. Ýöne haýp ýalňyşýas.
Bu biziň pikir edişimiz ýaly gaty bir beýle-de däl.
Sebäbi biz bu topragyň üstünde, bir-birimiz bilen
belli bir derejede-de bolsa gatnaşykda bolýarys.
Derdiň birek-birekden iýmitdir howa üsti bilenem
ýokuşmagy gaty ahmal.
Tilki (Makullama bilen baş atyp). Şeýle eken424
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
dä görsem. Kimdir biriniň derdi eýýäm maňa-da
ýokuşypdyr. Heý, dermany bolmazmy munuň? Siz,
dogtorlar, munuň çykalgasyny nämede görýärsiňiz?
Kirpi (Çete). Gorkdy zaluwat. Indi munuň
ýakasy meniň elimde. Nämäniň nämeligine göz
ýetirip, özüne gelmänkä, men muny bir öz bähbidime
ulanaýyn... (Tilkä ýüzlenip). Elbetde, goňşy, munuň
dermany ýok däl. Bizde dogtorçylyk ösen-ä şu
mahal. Gördüň-ä adaty bir bölek gant bilenem
derdiňi anyňlap berip durlar. Ýene bir lukmanlaryň
bu dertden gutulmak üçin berýän maslahaty...
Tilki (Biraz tamalanmak bilen gyssanyp). Näme
maslahat berýärler?
Kirpi. Ine, şu biziň golaýdan akýan çeşme
suwumyz bar-a. Ana, şonam barlap, dogtorlar şu
keseliň bire-bir emi diýip tapdylar. Şonuň suwuna üç
gezek çümüp çykyp, peýda tapýanlaram az dälmişin.
Tilki (Biraz tamalanyp). Taňry dert berende,
onuň dermanynam şol dert beren ýerleriniň golaýyna
taşlarmyş diýýärler. Ol dermanyň öz golaýymyzdan
tapylmagy gör nähili gowy, Arçman – diýip,
Mollagara – diýip, ýol aşyp gidibem ýörmeli däl
(Soň ol bir tarapa boýnuny uzadyp gidermen bolýar).
Onda men gidip, dessine suwa düşüp dertden dynyp
geleýin!
425
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Kirpi. Biraz howlukmasaň, bile gidibereli, goňşy.
Ýoldaşlarym töwerekde keseliň öňüni alyş çärelerini
geçirip gutarsynlar. Bizem şol ýere barýarys. Her
zadam bolsa biraz dogtorlaryň garamagynda suwa
düşseň gowy bolar. Hemem soňundan ýene-de
barlap, gutulyp-gutulmanyňy-da bilip bereris.
Tilki. Ýoldaşly gitsem-ä hasam gowy bolar.
Menem siziň bilen gidäýenimi kem görjek däl.
Kirpi. Şeýdeli. Häzir gideris.
Tilki (Göwne jaýlamak bilen). Jaý maslahat.
Kirpi (Töweregine gözläp). Boluň-ow tizräk,
tükediň işleri gideliň!
Pişik. Aýdym aýdyp gideliň.
Olar goşup ýene-de ýol aýdymlaryny gaýtalap
aýdýarlar.
BÄŞINJI GÖRNÜŞ
Goç, It, Tilki, Eşek dördüsi öňden ýöräp barýar.
Kirpi bilen Pişik bolsa arabanyň üstünde. Alagarga
ýok, onuň sesi gagyldap dag tarapdan bir ýerlerden
sähelçe ýaň bolup eşidilýär. Toparyň Tilkini özlerine
goşmak üçin edilýän tagallalary, henizem sepi
beldirmän dowam edýär.
Tilki (Arabanyň üstünde gelýän Kirpidir Pişigi
426
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gözügidijilik bilen synlap). Bular-a gowy ýerleşpdir.
Dünýäni synlan bolup gelýär-ow zaluwatlar...
Goç (Tilkä). Ýogsam olar aýagy eýgerenoklar.
Eşek (Tilkä tarap öwrülip). Mün-äý senem
göwün edýän bolsaň!
Tilki (Ýasmanyp, minnetdarlyk bildirýär).
Ýok, men münmäýin, gardaş. (Töweregine seredip).
Indi ýabam uzakda bolmaly däl. (Ol diňşirgenip
geňirgenýär). Öň-ä şu golaýa gelenimizde eýýäm
şogurdan suwuň sesi eşidilip ugraýardy. Emma
häzir-ä eşidilýän zat ýok...
Kirpi. Suwuň sesi eşidilmeýän bolsa entek
ýap uzagrakda bolaýmasyn? (Çete ýaňsyly). Suw
bolmasa, onuň şogurdysy bolarmy?
It. Aý, indi uzag-a bolmaly däl. (Soň ol gapdala
gözläp). Han-ha düýe-de köşejigi bilen şol tarapdan
gelýär. Suwa düşen bolsalar gerek. Bu döremän
geçen dert hemmeleri suwa sürdi bi!
Tilki. Suwa düşeniňde ondan dynyp bolýan
bolsa bolýa-la!
Alagarga (Howsalaly gagyldap, galgap aňyrdan
peýda bolýar). Geliň, geliň tizräk, öz gözüňiz bilen
görüň. Akaryň suwy ýatypdyr!
Kirpi (Bilmedikden bolup, dikelip). Ol nähili
bolup suw ýatýamyş?
427
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Goç. Taňkyrapmy?
Pişik. Ýeser ýerde gaý tutdy diýsene.
Eşek. Suwam indi daş bir ýerlerden çekmeli
bolar-ow.
It. Näme boldukan oňa, bir sebäbi bardyr-a?
Alagarga. Bar. Men onam suwuň ugruny
yzarlap bilip aldym. Dagdan togarlanan uly bir daş
çeşme suwunyň öňüni baglapdyr.
Tilki (Gynanyp). Haý, bolmandyr.
Goýun (Şahyny talawladyp, kaýyllyk bilen).
Nätjek-dä bolmasa...
Kirpi. Nätmelidigini özüm gowy bilýärin. Güýç
birikdirip, daşy suwuň öňünden aýyrmak gerek.
Alagarga. Hak gürrüň. Güýçleri jemlesek, biziň
almajak galamyz bolmaz.
Kirpi, It, Pişik, Goç, Eşek ýerli-ýerden şonuň
diýenini tassyklaýarlar.
Goç. Şeýdeliň!
Pişik. Baralyň.
Eşek. Güýç jemlesek, bir zat ederis. Men
ätiýaçdan gerek bolar diýip, ýanyma uzyn odun
ýüpümizem aldym. Bolmasa şony daşyň daşyna
sarap çekeris. Amatly bolar.
428
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Tilki (Oýurganyp çete). Tizräk suwa düşüp,
şu dertden dynaýjakdym welin ýene bolmad-ow.
Gidip bir ýerlerde daş togalap ýörer ýaly işsiz tilki
barmaý? Öňem düýnküje tutup iýen ýekeje alakam,
açlygymdan gözüm garaňkyrap dur. Men bu ýagdaýy
açlykdanmykan öýtsem, ol şu döremän geçmiş
ýokanç keselden bolsa näme! ...Haý, şol porsy
alakyny iýsemem-ä iýdim welin... Kesel maňa şondan
ýokuşandyr. Keseli-peseli bilen garna atandyryn
ony. Hälem wagtynda şular dadyma ýetişäýdi,
ýogsam menem, şulaň ýolda gören şagallary ýaly
kesellänimem bilmän ölüp gidenleriň biri bolardym.
Alagarga (Tilkä). Tilki, näme pikire batdyň?
Ýa-da daş togalamakdan çekinýärmiň? Eýle bolsa
sen galaý. Özümiz bir zat etjek bolarys.
Tilki. Ýok, gorkýan zadym ýok, ýöne biz tilkiler
ölçerip-dökmegi gowy görýäris.
Kirpi. Ölçerip-döken bolsaň, onsoň nähili netijä
geldiň?
Tilki. Suwuň öňüni ýapan uly daş bolsa, ony
togarlamak üçin esli güýj-ä gerek bolar.
Goç (Töweregine gözläp). Bular näme güýç
dälmi?
Tilki (Oýlanyp). Güýj-ä güýçdürem welin, ýöne
ýaňky hol beýleden geçen düýänem çagyryp alaýan
429
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolsak kem bolmazdy.
It. Düýe özümiziňki. Gerek bolsa ony özüm
gözläp tapyp, getirerin şu ýere.
Alagarga (Gyssanyp). Gideliň, dostlar,
howlugalyň, bähbit iş galyp barýar!
Pişik (Töweregine haýpygelijilik bilen). Onda
aýdym aýdyp gidelň, dostlar!
Goç (Halamazlyk bilen). Pişik seniň adyňa
aýdym dakaýmaly boldy-la. Häli-şindi aýdym diýip
ýürege düşdüň-le sen.
Eşek. (Gülümsiräp). Aýdym aýtmak häsiýeti-dä
onuň. Gezip ýören ýerinde-de «myr-myr» hiňlenp
ýör-ä ol.
It (Töweregi gyssaýar). Daşyň gürrüňinden başga
gürrüňi goýuň-how häzir. Çakganrak, çakganrak
boluň! Aýdymy soň, aýdylmaly wagty aýdarys.
Olar üýşüp gözbaşda peýda bolýarlar. Daşyň
töweregine aýlanyşyp ugraýarlar.
Goç. Be, eslem bar ekeni.
It. Indi şu eýesizi suw öňünden aýyrmaly-da.
Tilki. Bir zad-a etmeli.
Tilki ony itekläp togalamaga synanyşýarlar.
430
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Emma daş gozganmaýar. Ýerli-ýerden güýç jemledik
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 18
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.