Latin

Çölüň deňiz günleri - 08

Total number of words is 3642
Total number of unique words is 1893
33.1 of words are in the 2000 most common words
47.8 of words are in the 5000 most common words
55.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
niýet edinipdi. Möngözlüjäni görüp olar boýunlaryny
gaýşanakladyşyp, ýerli-ýerden haşlaşdylar.
- Bu ýerde biz bar!
- Nirä gelýäň süssenekläp?
166
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Yzrakda duran garry kepjebaş ony tanap, toparyň
öňüne geçdi.
- Goňşy, bu asyl senmi? Soňky döwürde ýitdiň
öz-ä! - diýip, ol köpi görenligini edip mylaýym gürledi.
- Kepje han, men senden bir zat sorajak, jogap ber!
- Bilýän sorajak zadyňy.
- Aýt, ol kimiň işi?
- Bilmedim. Ýöne biziňkileriň-ä işi däldigini anyk
bilýärin.
- Onda Gökýaltalardan biridir-dä?
- Anyg-a biljek däl, ýöne olaram däl bolsa
gerek. Biz seniň bilen öň birek-birege zelel etmezligi
wadalaşdyk ahyryn.
Möngözlüje kepjebaşyň gurrüňinden ol aýtmasada bu öwrede başga bir ýylan maşgalasynyň peýda
bolanyny aňdy.
- Hüm-m, boldy... - Ol hyrra yzyna öwrüldi-de,
täze goňşularyň ugruna çykdy. Birsalymdan ýat ýylan
yzy çopan taýagyna meňzäp, onuň ýoluny kesdi.
Möngözlüje ol yzy yzarlap, kert depäniň alkymyndaky
köne hinleriň öňüne geldi. Ysyrganyp hinde häzir gözleg
salyp gelen ýylanlarynyň ýoklugyny anyklansoň, ol
ýeňseräge çekildi-de: «Öýüňe-hä birwagt dolanarsyň»
diýip, buky ýerde garaşdy ýatyberdi.
Uzakly gije aw awlaşyp, çölüň şöwrüni çekişip,
gezen ýylanlar daňyň öňüsyrasynda öz maýdallaryna
gaýkyjaklaşyp, hinleriň öňüne gaýdyp geldiler.
167
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Olar ýalmanyşyp duran iki sany garagaýçak ekeni.
Möngözlüje ilki olary gapdaldan içgin synlady. Bularyň
öz gözläp ýören ýylanlarydygyna ynanansoň, birbada
iki ýylan bilen söweşmegiň özüne ýeňil bolmajagyny
ýatlap, ilki bir ýylanyň hine girerine garaşdy. Garaşan
pursady gelen wagty bolsa ol çalasynlyk bilen turup,
ýoldaşynyň yzy bilen hinine tarap ýönelen yzky
ýylanyň kellesiniň iki barmak yz ýanyndan çalyp
tutdy. Silken ugruna hem ony agzynda uzak saklaman,
taýak atan ýaly edip asmana zyňdy. Soňundanam
ýene heniz ýylan ýere düşmänkä ylgap baryp, onuň
düşer ýerinde peýda boldy. Ýere düşerine mähetdel
ýene-de ony dişläp asmana zyňdy. Ýylana aýňalara
mümkinçilik bermedi. Dördünji gezek ol asmandan
patlap düşende, eýýäm jansyzdy. Garagaýçak ýylan
näme-näme bolanyny bilmän öldi.
Möngözlüje onuň taýynyň hem hinden çykyp
özüne olaryň ikileşip etjek hüjümlerine garaşdy. Ýöne
hine giren ýylan şol wagtam, ondan soňam gaýdyp
gara bermedi. Möngözlüje onuň bu hereketinden
özüçe many çykardy. «Ýylan soňra bir ýerde meniň
ahmalymy aňtajakdyr, şonuň üçinem häzir ol bu işi
görmediksirän bolýandyr» diýip oýlandy. Hemişe
hüşgär bolmagy özüne ýatlatdy.
Geologlar obajygynyň adamlary ertir ir bilen
oýanan wagtlary çadyrlaryň öňündäki açyklykda
kellesi çeýnelen ýylanyň uzyn süýnüp ýatanyny
168
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gördüler. Möngözlüje bolsa bu mahal ýeriň pesi bilen
gyzylgurt ordasyna tarap howlukmaç barýardy.
Orda bir gezek nobatdaky awdan soň dem-dynç
alyp ýatyrka, töweregi aýlanyp aýagynyň keýpini görüp
ýören güjükleriniň iki sanysy begenişip, bökjekleşip
geldi. Olar ýaňy töwerege aýlanyp ýörkäler özleriniň
garry atalarynyň yzlaryna duşandyklaryny, ol yzlaryň
tirkeşip daga tarap gidendigini aýdyşdyrdylar. Garry
köpegiň golaýda barlygy belli boldy. Onuň gidenine
eýýäm birnäçe gün geçip, ol indi biraz ýatdan çykyşyp
ugran-da bolsa, bu habar gyzylgurtlary üşerildirdi.
Hemmeleriň ony göresi geldi. Has-da onuň ordany
taşlap gidenine gynanýan ýaş gyzylgurtlar begendiler.
Olaryň göwünlerinde öňden garry köpek bilen baglap
ýören arzuwlary bardy. Ýaşlaryň öz atalaryna keýikleri
ýetip çalyp tutuşyny, ony ýeňip bilýänini görkezip,
göwnüne ýetmek, berekellasyny eşitmek arzuwlary
bardy.
Güjükleriň getiren habary gara gaýyňy hem
oýurgandyrdy. Ol birsalymdan baş göterip, sala salýan
äheňde gapdalynda gözlerini süzüp oýurganyp ýatan
Möngözlüjä ýüzlendi.
- Şu öwrede atamyzam-a barmyş!
- Şeýlemi... Ä-hä, onda ony tapyp duşuşmak
gerek. Ol ýakymly goja.
- Men aýallaryň şu häsiýetini halaýan. Olara bir
gezek göwünlerine ýetip edermenlik görkezip bilseň,
169
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
soňra seni şol belentlikden düşürmän saklamany
gowy görýärler. - Gara gaýyň Möngözlüjäniň bu
sözlerinden ýaňsy aňansoň, ýaňy garry köpegi ýatlap
biraz gürrüňdeşiniň göwnüne degenine düşündi. Ýöne
beýtmek onuň göwnünde ýokdy. Käte bolşy ýaly,
bu-da tötänlikde gepiň gerdişine görä dilden sypýan
gürrüňleriň biri bolupdy.
Gara gaýyň topary bilen güjükleriň görkezen
yzlaryny yzarlap gitdi.
Garry ata ordany goýup gaýdaly bäri dagyň bir
gowagynda ýaşaýardy. Töwerekdäki öz güýjüniň
ýetýän haýwanlaryny awlap, beýleki jandarlaryň
awundan galan galyndylary iýip gün görerdi. Dok wagty
bolsa günüň köpüsini gowakda ýatyp geçirerdi. Orda
özüni gözläp gelen mahaly ol süýrenip bir ýerlerden
gaýdyp gelýärdi. Ýaş güjükler ylgaşyp-begenişip onuň
öňünden çykdylar. Ysgaşyp habar soraşdylar.
- Saryjam, Goňurjam, Gudumanjam... diýip, ol
özüniň söýünç sözlerini aýdyp, güjükleriniň atlaryny
tutuşdyrdy. Garry ata bularyň gelenine juda begendi.
Sebäbi eýýäm ýekelik ony halys irizipdi, topary göresi
gelipdi.
***
Gyzylgurtlaryň nämedir bir zatlar iýesi gelýärdi.
Içleri gorlupdy. Onda açlygyň derdinden hemişeki
peýda bolýan agyry döräpdi. Olar häzir düýn170
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
öňňinki awlan awlaryny ýatlaşyp, mümkinçilikden
peýdalanyp, şonda ýagşy garny doýurmandyklary
üçin, öz-özlerine igenişip ugradylar. Her gezegem
hut şeýle bolardy, nebsine ejiz orda ajygyp ugrasa,
öň awlanan awdan şol gezek köp iýmän az iýenleri
üçin öz-özlerini günäkärläp ugrardylar. Gara gaýyň
ordanyň itlerini aýaga götermegiň wagty gelenini
duýsa-da howlukmady, ýogsam bu meselede onuňam
ýagdaýy töweregindäkileriňkiden öwerlik däldi. Içi
eljuk diýýärdi. Şeýle-de bolsa ol köpügörenligini edip,
sabyr saklap syr bermezligine çalyşýardy. Şeýtmek
gerekdi. Her şowly aw öňünden ilki gowy pikir
taýynlygyny talap edýärdi. Şondan soňra kyn işler özözünden aňsat bolýardy. Orda şeýle bolanda çakgan
hem aýgytly hereket edýärdi.
Gara gaýyň günortanyň öňüsyrasy ordanyň
möjeklerini awuny almaga kemsiz taýyn hasap
edensoň, ony aýaga göterdi. Özi toparyň öňüne düşüp
iki baýyr aralygyndaky dar jülgä düşdi. Bu jülge hem
töwerekdäki beýleki jülgelerden görnüşi boýunça
şeýle bir tapawutlanyp barmaýardy. Ýöne gara
gaýyň üçin ol üýtgeşik jülgedi. Ýaz otlary guransoň,
daga tarap çekilen keýikler bu ýerden wagtal-wagtal
aşakdaky çeşmä suwa inerdiler. Keýik aýaklarynyň
depeläp ýasan insizje ýodajygy jülgäniň içinde ýylan
bolup towlanyp ýatyrdy. Keýik toparlary endik
boýunça hemişe şu ýodany yzarlap, çeşme bilen dag
171
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
aralygyny gatnardylar. Bir öwrümde depeden inip,
jülge bilen haltyldaşyp gelýän topary umytlandyrdy.
Bu yzlar keýikleriň irden salkynda şu ýerden suwa
geçip gidendiklerini olaryň ýene birsalymdan yzlaryna
geçjekdigini habar berdi. Gyzylgurtlar amatly ýeri
peýläp ornaşdylar. Gara gaýyň bilen Möngözlüje bir
düýp ýezgeniň ýeňsesine geçdi.
Güýz gelip, gündiz gysgalyp, salkyn arap ugrapdy.
Çölüň ýazdan soňky ikinji gowy döwri başlanypdy.
Bu döwür Günüň hem gelip, dünýäni özüniň sansyz
şöhleleri bilen gujaklap, ilkinji bäbegini eline alan
gelin ýaly, onuň ýüzüne mylaýym seredip guwanýan
döwrüdi. Gün çogy ýakymlydy, meýmiredijidi,
Möngözlüje ýatan ýerinde ymyzgandy. Onuň entegem,
ýakymly şöhleleriň lezzetini duýup ýatasy gelýärdi.
Beýlekiler bolsa oturan ýerlerinden gözleri bilen jülgäni
dürbüleşip otyrdylar. Möngözlüjäni birhaýukdan gara
gaýyňyň aladaly ýuwdunmasy oýardy.
- Näme bar?
- Olar göründiler...
- Bolupdyr.
Ol garysyna galyp, awçy seresaplylygy bilen
jülgäni synlan wagty suwa geçen keýikleriň ýodajygy
yzarlap öz maýdallaryna hatar bolşup gelýänlerini
gördi. Töwerekdäki bir-birlerinden galjaň gyzylgurtlar
keýiklere tarap atylyp gitmäge häzir bolşup otyrdylar.
Olaryň süňňünde her gezek awuň öňüsyrasynda
172
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
döreýän ýakymly galpyldy peýda bolupdy.
Toparyň öňüni burum-burum şahly süňkbaşy iri
teke çekip gelýärdi. Ol wagtal-wagtal aýak çekip,
howatyrlanyp töweregini diňşirgenýärdi. Howpuň
ýoklugyna göz ýetirensoň, ýene-de öňki hörpünde
ýoluny dowam etdirýärdi.
Häzir ol özüniň, biri-birinden akylly çagalaryndan,
biri-birinden mähirli keýiklerinden ybarat bolan sürini
yzyna düşürip, ölüme alyp barýanyndan bihabardy.
Gyzylgurtlar agyzlaryny açyp, süriniň üstüne
eňdiler.
Olary görüp, süri tebil tapdy. Ýöne gyzylgurtlar
eýýäm alkyma gelipdiler. Ýeke-täk ýol bardy, ol-da
ordanyň döreden halkasyny böwüsmäge synanyşyk
etmekdi. Teke şu ýoly saýlap aldy. Ol şahlaryny naýza
öwrüp, toparyň serdary bolsa gerek diýen çak bilen
garry köpegiň üstüne eňdi. Garry köpek onuň öňünden
sowulmaga ýetişmedi. Teke şahyna mündürip bir
silkende ol baryp hol beýlä düşdi. Göz açyp ýumasy
salymda tekäniň yzy bilen aňyrdan eňişip gelýän
keýikleriň hem birnäçesi onuň üstüni depeläp geçdiler.
Ýöne keýikleriň ikinji bir bölegi böwsülen gabaw
halkasyndan wagtynda çykyp ýetişmedi. Topary
gyzylgurtlar orta alyp keýpine paýhynladylar. Maslyk
maslyga çaknyşdy. Gyzylgurtlar maslyklaryň arasynda
aýlanyşyp, islän ýerlerinde damakgan ýalaşyp, hezil
etdiler. Damakgan olaryň iň eý görýän höregidi. Keýik
173
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
maslyklarynyň töwerekde sergi bolşup ýatyşyny
synlap, Möngözlüje bir garny doýurmak üçin munça
keýigiň nämüçin gerekligine ýene-de düşünip bilmedi.
Onuň bolup durşuny görüp, gara gaýyň bu zatlaryň
Möngözlüjä ýaramandygyna, adamlaryň arasynda
bolup, şolaryň pikiri bilen pikirlenmäni öwrenen, itiň
gaharyny getirjegine düşündi. Gahar ugruna onuň bir
berbaşagaýlyk edäýmeginden howatyrlandy. Dessine,
bu pikirden ony çetleşdirmek üçin aňyrdan ýalmanyp
geldi-de, Möngözlüjä süýkenip, onuň läşlerden ünsüni
sowmaga çalyşdy.
- Ýör, garry köpek bilen hoşlaşmaga baraly!
- Oňa näme bolupdyr? - diýip, Möngözlüje
töwerek bilen juda bir gyzykmaýanyny mälim edip
başyny asdy.
- Ýaňky teke onuň garnyny silkip geçipdir.
Möngözlüje gara gaýyň bilen tirkeşip, köpegiň gana
bulaşyp ýatan ýerine geldi. Ol agdarylyp düşen ýerinde,
ölüm halynda ýatyrdy, Gara gaýyň ysyrganyp ugran
wagty ol duýup süzülip, hemişelik ýumlup barýan
gözlerini açmaga, töweregini ýene bir ýola görmäge
synanyşdy. Ýöne onuň ne başyny götermäge, ne-de
gözüni açmaga gurbaty ýetdi. Gara gaýyňyň köpegiň
bolup ýatyşyna nebsi agyrdy hem onuň özünden
göwni hoş ýakymly pikirlere berlip, dünýä bilen
hoşlaşmagyny isläp taryplady.
174
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Sen gowy serkerdediň, edermendiň, akyllydyň...
Seniň ölümiňem serdar ölümi boldy. Seniňki ýaly
deňli-derejeli ölüm maňa-da miýesser etsin.
Ganlyja keýik etinden doýan gyzylgurtlar çar
ýandan gelşip, garry atalarynyň töwereginde aýlanyşyp
çyňsaşdylar: «Ata, biz nirik gidenem bolsa, ol tekäni
gözläp taparys, onuň läşini güberdip orta alan wagtymyz
seni ýatlarys» diýip, janagyryly çyňsaşdylar.
Orda wagty bilen garry serkerdäniň töwereginden
aýrylyp bilmedi, olar uzak gijesi bilen uwlaşyp, onuň
töweregini alşyp oturdylar...
Möngözlüje tanyş ýüzleri küýsäp, wagtal-wagtal
gelip geologlaryň ýanyna aýlaw berip giderdi. Anyk
bilmese-de Jepbar ussa onuň söýgi derdine ulaşanyny
çak edýärdi. Bu derdiň ýolugan zadynyň erkini
alýanlygyndan, onuň şemal öňüne düşen peşmek
ýaly üflenen ýerine gidip ýörmeli bolýanlygyndan
ol habarlydy. Ýöne ol Möngözlüjäniň baryp
gyzylgurtlaryň kölegesini ýassananyndan bihabardy.
Ol öz Gaplaňy bir çopanyň goşundaky ganjyk itiň
töweregindedir, ýakymly gylygy bilen eýýäm çopanlara
hem özüni aldyrandyr, çopanlar hem ony giçgiýew
edinendirler diýip pikir edýärdi. Oňa bu demir-dümrüň
arasynda ýaşanyndan ol ýerde özi ýaly itler bilen
süriň töwereginde, mähriň giden ganjygyň golaýynda
bolmak amatlydyr diýip oýlanýardy. Şonuň üçinem ol
175
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
indi hemişekiler ýaly Gaplanyň ýitip gidýänligi üçin
birahat bolmaýardy. Gaýta, ol Gaplaňyň ýok wagty
ony Dusýa daýza bilen ýatlap guwanardy.
- Dusýa, senem, zaluwat, Ýagmyr bilen söýşen
bolup, ite-de söýüşmegi öwredäýdiň öýdýän - diýip
degşerdi. Bu gezegem ol geologlaryň ýanyna gelýärkä,
ýolda ol özüne atylan öňki henekleri ýatlap, Jepbar
ussanyň özüni görüp ýene-de degişjekdigini, şonda ony
diňlemegiň ýene-de özüne ýakymly boljagyny ýatlady.
Geologlar obajygy, goluny çyzgap nahar bişirip duran
Dusýa daýza, ürç edip ýer köwýän adamlar, itiniň
gaýdyp gelýänini görüp ýylgyryp duran Jepbar ussa
onuň göz öňüne geldi.
- Hüm-m, Gaplaň, yzyňy tapdyňmy? Näme
how, ýene sen gelniňi getirmänsiň. Çagajyklar nähili,
heý, bolmanda şolaň birini bir görme-görşe getirseň
bolmaýarmy! Hä, sen alyp galarlar diýip gorkýansyň,
zaluwat, hawa-da, alyp galmagymyzam gaty ahmal.
Sen özümiziňki, hakymyz bar.
Möngözlüje süýji hyýallar bilen geologlaryň
mekanyna ýeten wagty, töweregini synlap, aňalyp
galdy. Ol birbada töweregi görüp başga bir ýere
gelendirin öýtdi. Ýapynyň ýüzünde ne-hä geologlar
bardy, ne-de çadyrlar obajygy. Diňe olaryň kölçeripkölçerip ýeri galypdyr. Birem içine solidol ýagy salnan
agaç çelek bir tarapda ommalyp ýatyr. Geologlaryň
176
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
telim aýlap ýer gazan ýerinde bolsa ýeke turba somalyp
otyr.
Geologlar Möngözlüje öz dünýäsi bilen gümra
bolup ýören günleriniň birinde bu ýerleriň işlerini
tamamlap, başga ýere göçüpdiler.
Möngözlüje birsalym aýagy bişen ýaly zowzuldap
töweregi aýlandy, çadyrlaryň duran ýerini, ondamunda galan ýag ysly demir böleklerini ysgaşdyrdy.
Ol töweregiň habaryny alsa-da, birbada näme-näme
bolanyna düşünip bilmedi. Ýöne bir bolmasy işiň
bolanyna töweregi aýlanyp çykansoň düşündi. Soňra
ol geologlar şu galdyran demirlerini almaga geläýseler
gerek diýen inçejik tama bilen, gelip ýerden çykyp
duran şol turbanyň gapdalyny ýassandy.
Giçden soň ýene-de uzakly gün ot-çöpleriň
ýeriň süňňünde busup ýatan ýakymly çöl yslary bilen
kükregini dolduran agşam şemaly öwsüp ugrady. Howa
barha serginläp, dem almak aňsatlaşdy. Töwerekde guş
ganatlarynyň pasyrdysy, mör-möjekleriň şygyrdysy
köpeldi. Ilki baýyrlaryň depesi garaňkyrap, töwerek
gijä öwrülip ugrady. Bir öwrümde burnuna gelip duran
goýun çörüniň ýiti ysy Möngözlüjäniň ýadyna Ýagmyr
çopany düşürdi. Onuň barsa özüni tanajagyna: «Hä,
Gaplaň, bu asyl senmidiň, häý, sen-ä bir gowy itsiň
welin, arman, şi gulak-guýrugyň bar-da» diýip, öňküsi
ýaly hoşamaýlyk etjegine ynandy. Möngözlüjäniň häzir
177
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
kimi-de bolsa bir tanyş ýüz göresi, onuň bilen könäni
ýatlaşasy gelýärdi. Geologlar barada, Dusýa daýzadyr
Jepbar ussa barada sorasy-bilesi gelýärdi. Çopanyň
ýanyna ol biraz töwerek garaňkyransoň ýüzüni garaňka
tutup barmagy niýet edindi. Sabyr saklap garaňkynyň
düşerine garaşdy. Ýöne birazdan Ýagmyr çopanyň goşy
tarapdan eşidilen zowwam aýdym sesi onuň lapyny
keç etdi. Goşda häzir Ýagmyr çopanyň ýokdugyny,
onuň ýok ýerine bolsa baryp oturmagyň geregi
ýokdugyny pikir etdi. Aýdyma zowladýan çolukdy. Ol
ýaňyrak tötänden çöle düşen, onuň ümsümliginden,
garaňkysyndan gorkýan bir adamdy. Ýüregine dowul
düşüberse, aýdyma gygyrmak onuň endigidi. Onuň
başdanaýak aýdýan belli bir aýdymy hem ýokdy,
haýsyndan bir bent, ýarym bent ýadyna düşse, şoňa
başlabererdi. Möngözlüje oturan ýerinde onuň
aýdymlaryny Ýusup bilen Lenadan eşiden aýdymlary
bilen deňeşdirdi. Çoluk aýdymlaryň gerimini bermän,
howlukmaç agzynyň ugruna maksadyna ýetirmän
aýdardy. Çoluk ýa-ha bir zadyň garasyny gördi, ýa-da
sesini eşitdi, garaz, birden töweregine ok ýagdyrmaga
başlady. Möngözlüje çolugyň bolşundan haýygyp,
özüniň wagtynda goşdaky ýagdaýy anyklanyna
begendi.
- Gyw, gyw-w-gyw - Birazdan Möngözlüje
ýeňsesinden ýaňsyly ses eşitdi. Ol ses şu öwrede
178
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýaşaýan şagallardan biriniň sesidi. Geologlar gidensoň
hem öň agyzlary maza tapan şagallar Möngözlüje
ýitirim bolany bäri bir iýmäge ýaramly zat zyňlan
bolmasyn diýen tama bilen bu töwerege öwrüm berip
gidýärdiler.
- Gördüňmi, it, görseň dünýä agyp-dönüp
durandyr. Birde dünýäniň örküjinde oturan, ýene birde
onuň aşagyndadyr.
- Seniň ol diýýäniň düýedir - diýip, Möngözlüje
hem şagalyň ýaňsysyna ýaňsy bilen jogap berdi.
- It öz arryklygyňy gurda bildirmez edýäň-ow!
Garnyň welin aç, içegeleriňem jugurdaşyp durandyr.
Indi adamlar bilen deň iýýän gowy günleriň geçendir
seniň.
- Size näme? - Bu gezek Möngözlüje başyny
öwrüp, çyny bilen sorady.
- Biz hiç. Ýöne seniň bilen deňleşdik, şoňa
begenýäs. Öň sen bizi geň görýädiň. Şükür, indi senem
hut biziň ýaly günemaňy çölden özüň gedaýçylyk edip
tapmaly.
Gedaýa deňelenine Möngözlüjäniň birden gahary
geldi.
- Ah, siz ker deýýuslar... Ol tasap ýerinden turdy.
Möngözlüjäniň gaharyny getirenlerine hoş bolan
şagallar gülşüp, gygyryşyp gaçyşyp gitdiler.
179
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
***
Aňyrdan ordanyň öňi bolup, alakjap çöli söküp,
gözleg salyp gelýän gara gaýyň Möngözlüjäniň
somalyp ýerden çykyp duran turbanyň gapdalynda
ýatanyny görüp, onuň şol turba saralyp goýlanlygyny
pikir edip, örtenip alada galdy.
Oňa kömege ýetişmäge howlukdy, haçan
Möngözlüjäniň hiç zada daňylgy däldigini, peýwagtyna
ýatanlygyny görensoň bolsa begendi.
Onuň ýanyna gelip höwes bile ysgaşdy, basalaşyp
ugrap tokarja güjüjekleri enelerine gulak salyp,
beýleräk çekildiler-de ýene basalaşyp ugradylar. Gara
gaýyň çagalary şeýdişip ýürege düşüberse, olaryň tä
gyzylgurt çykýançalar basalaşmalydyklaryny unudyp
kejigerdi. Barybir, olar garynlaryny doýursalar,
dek oturyp bilmezdiler. Bu gezek bolsa olaryň
dänjireşmeleriniň sebäbi Möngözlüjäniň özüdi.
Güjüjekler kakalaryny görüp, diýseň begenişipdiler.
Gözläp tapanyňdaky şatlykly pursat başdan
geçirilensoň, gara gaýyň Möngözlüjäniň gapdalynda
ýatdy.
- Göçdülermi?
- Göçüpdirler. Men gidensoňlar geldim - diýip,
Möngözlüje ýagdaýy düşündirdi.
- Geläýmekleri-de mümkin - diýip, soňra ol
180
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gidenlerden doly tamasyny üzmändigini hem aňdyrdy.
- Aý, näbileýin - diýip, gara gaýyň ynanmazlyk
etdi, soňundanam: - Ol ýylgynly oýda hem şunuň ýaly
ýere sokulan bir turba bar. Ony biz çaga wagtlarymyz
şol ýerde galdyrypdylar. Şonuň-a henizem yzyndan
gelýän ýok - diýip mysal getirdi. Möngözlüje gara
gaýyň göni aýtmasa-da, onuň sypaýyçylyk bilen,
«Akylyňa aýlan-da, gidenlerden tamaňy üz, olar indi
gelmez-le» diýenine düşündi.
Möngözlüje gijäniň bir wagty, çadyrly obajygyň
oturan ýerinden toparyna baş bolup göterilip gitse-de,
geologlaryň bu ýerden hemişelik gidenlerine ynanyp
bilmän ünjüli gitdi.
***
Bir gezek töwerekde gözegçilik çekýän
gyzylgurtlaryň biri toparyň arasyna howsalaly habar
getirdi. Eli ýaragly üç adamyň töwerekde aýlanyp
aw gözleýänini aýtdy. Gara gaýyňyň ýüregi bu
adamlaryň adaty awçylar däl-de, ýörite öz kastlaryna
çykanlardygyny syzdy. Sonky döwürde talap
edilmeýänligi üçin aw awlamagyň öňki aňyrdan gelýän
kadasy bozulypdy. Töwerekdäki sürüleriň üstüne hem
birnäçe çozuşlar edilipdi.
Garry köpek serdar wagty goňşa degmezlik kadasy
181
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
berk saklanardy. Ol golaý-goltumdaky sürüleriň galangaçanyny almaga ygtyýar etse-de, toparlaýyn çozuşlara
rugsat etmezdi. Beýle işleriň adamlary dergazap
edýänine ol beletdi. Olaryň gazaby bolsa hemişe orda
juda gymmat düşýärdi.
Gaçmalydygy, adamlaryň gazaba galanlygy,
gaýdybam bu etmişler ýatdan çykýança töwerekde gara
bermeli däldigi anyk boldy. Möngözlüjäniň äwmeýänini
görüp gara gaýyň adam bilen baglanyşykly bu sözüň
oňa, özlerine täsir edişi ýaly täsir etmeýänligine,
ýolbaşçylygy öz eline almalydygyna düşündi. Ol adam
diýen sözi eşidip, ýatan ýerlerinden zöwwe-zöwwe
galan, indem gaçmak üçin töwerekdäki dyzaşyp köz
basyp alýan ýaly bolşup duran gyzylgurt ordasynyň
öňüne düşdi. Orda yzyny gözlemän ýeriň pessi
bilen birmeýdan gaçansoň, şol barmana tanyş depe
Möngözlüjäniň öňünden çykdy. Ol özüniň geologlar
obasynyň gapdalyndan geçip barýanyny bildi. Bu depe
Ýusup bilen Lenanyň mahal-mahal gelip, gitara çalyp,
aýdym aýdyp oturýan ýeridi. Depäni tanap, öňünde
aýak çeken mahaly ýene-de şol köp eşiden mylaýym
aýdymy onuň gulagyna geldi.
Tolkunlar owsunşyp asmana galýar,
Umman agyn şolar, köp olaň sany.
Çarlaklaram tolkun bolsalar gerek,
Olaryňam juda uçmak isläni.
182
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Hemişekisi ýaly bu aýdym ýene-de Möngözlüjäni
öz gününe goýmady. Ol ýene-de her gezek aýdym
aýdylandaky başdan geçirýän ýakymly pursadyny
başdan geçirdi. Ýerden aýagyny üzüp uçup ugrady...
Ýeňse-de durup onuň bolşuny synlan gara
gaýyň bu pursat Möngözlüjäniň ýene-de pikirinde it
bolanlygyna düşündi. Durdugyça onuň öňki öz itligine
höwrügjegine, onsoň ýene-de ol ýerden çekip almagyň
aňsat düşmejegine ynandy. Ony özi bilen aňyrlygyna
äkitmek üçin, hiç zatdan habarsyz bolan bolup,
gapdalyna gelip süýkendi.
- Näme, öňde bar howpy aňdyňmy?
- Görýän welin, men siz bilen gidip bilmesem
gerek.
- Sen bolmasaň, biz näderis? - diýip, gara gaýyň
onuň bilen bolmagy isläp delmindi. Alada bilen ýer
depeläp, onuň töweregine aýlandy.
- Siz gidiberiň!
- Sen entegem özüňkilere duşaryn diýip tama
edýäňmi?
- Haýsydyr bir güýç meni adamlaryň ýanyna çekip
dur. Goýberenok...
- Hawa-da. Şu itligiňden başybitin gaýtmak saňa
kyn-a düşdi. Dogrusy, kakasy-a, seniň özüňem bir
düşnüksiz. Seniň ýaly bolup orda goşulan itler itligini
örän tiz unudýarlar. Seniň welin pikiriň bir ýerinde
183
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
hemişe adamlaryň dünýäsine bolan islegiň ýatyr.
- Mümkin.
- Onda nätmeli?
- Sen bu ýerden gitmeli.
- Sensiz...
- Meniň it bolasym gelýär. - Soňra ol: «Meniň
sözümiň sözlügini sen bileňokmy» diýen äheňde gara
gaýyňy nazary bilen dalady. Möngözlüjäni pikirinden
dänderip bolmajagyna, mundan artyk ýalbaryp
durmagyň gerek däldigine gara gaýyň düşündi.
- Gezen ýeriňde sag gez! - Ol şeý diýdi-de,
töweregine gitmelidigini duýduryp, öýkeliräk yzyna
öwrüldi. Orda onuň yzyna düşdi.
- Bäri-bärde durmaň! - diýip, olary nazary bilen
ugradyp duran Möngözlüje serdar hökmünde maslahat
berdi. Soňundanam Ýusup bilen Lenanyň oturýan
depesine çykyp, şatyrym-şallak bolşup özünden
uzaklaşyp barýan ordany gözden ýitýänçä synlap
oturdy.
Ýagmyr çopan ýadyna düşen wagty Möngözlüje
ýene-de ondan hemişeki eşidýän hoş sözlerini eşitmek
isledi. Häzirki pursatda oňa ýetmeýän zat hut şu göwün
göteriji hoşamaýlykdy. Ol toparyndan galanda hem
hemişe nirede bolsa-da özüniň adamlaryň mährini
küýsejegini, giden ýagdaýynda islän çagy bu höwesine
öwrülip gelip bilmejegini pikir edipdi. Şeýle-de onuň
184
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
kalbynyň bir ýerinde özümi tanaýan adamlaryň birden
birine duşaryn, şeýlelik bilenem ýene-de adamlaryň
töwereginde ýaşamaga mümkinçilik bolar diýen
inçejik tamasy hem bardy. Möngözlüjäniň esasy
tamasyny baglaýany-da Ýagmyr çopandy. Ol Ýagmyr
çopany gözläp, goşdan uzak bolmadyk ýowşanly käliň
içinden tapdy.
Güýz çöle ymykly gelipdi. Wagtal-wagtal ýagyş
ýagýardy. Şemal ugruny üýtgedip indi öwsende,
köplenç, demirgazykdan öwüsýärdi. Sowukdy,
çopanlaryň «dişlije şemal» diýýänidi. Şeýle günlerde
çopanlar, köplenç, sürini uzaga äkitmän, agylyň
töweregine ýaýradardylar. Goýunlardanam beter
geçiler üşek bolardylar. Olar sähel aýaz bolsa ligirdeşip
ykyş ýer isleşip, ýataga tarap serpilişibererdiler.
Möngözlüje ýalmanyp süriniň gapdalynda peýda
bolan mahaly ses ýetimlikde çommalyp, ýüzüni asyp
oturan agyr ýüzli köpek ony görüp: «Howf» edip –
Dur, how, nirä süssenekläp gelýäň? - diýip üýrensoň,
iki-ýeke basyp, onuň aýak çeken ýerine geldi.
Köpek güjükliginde basalaşyp oýnan itini tanady.
Itler ysgaşyp hal-ahwal soraşdylar.
- Gaplaň, senmäý-bi?
- Görşüň ýaly-da.
- Senden how, möjegiň ysy gelýän ýaly-la - diýip,
läheň hiç zada düşünip bilmän ysyrganmasyny goýup,
185
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýeňsä çekildi. Halamazlyk bilen seňrigini ýygyrdy.
- Ýa, läheň, senem-aý. Seniň henizem şol
sadalygyň, şol yňdarmalygyň, eýäň gidensoň, hany
onsoň saňa öý-öwzar, idi-issiwat. Nirden bir boş
küren tapsaň, şol ýerde ýatyp-turup ýörensiň-dä. Şol
kürenleriň birinden süňňüme ornan ysdyr-da...
Möngözlüje bu sözleri tilkileriň aýdyşy ýaly
şeýle bir çäresizlenip aýtdy weli, läheň oňa dessine
ynandy. Hem Möngözlüjäniň hak eýelerinden galyp
düşen gününe gynandy. Möngözlüje soňra özüniň
gelenini mälim etmek üçin, eşegiň üstünde hiňlenip
ýören Ýagmyr çopanyň ýanyna ugrady. Hemişekisi
ýaly guýrugyny bulap, gowusyrap, gysmyljyrap onuň
gapdalyndan çykdy. Ýagmyr çopan ony görüp, ilki
gözlerine ynanmady.
Gözüne
görünýändir
öýtdi.
Gözleriniň
aldamaýanlygyna, göz ýetirensoň bolsa garaşylmadyk
ýagdaýda birden jyny atlanyp kejikdi. Eşegiň üstünde
kese basyp oturan çopan taýagyny Möngözlüjä tarap
zybyrdadyp gaharly aýlap saldy.
- Häý, seniň Dusýa diýen eýäň bilen... - diýip,
janyýangynly hapa sögündi. Möngözlüje rejäň geň
däldigini aňyp, yza çekilip gaçmak bilen boldy. Taýak
atanyny, sögenini az görüp, soňundanam horjunyň
gapdalyndaky goşany ýatlap, Möngözlüjäniň yzyndan
pöwhüldetdi.
186
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ýagmyr çopan: «Irde-giçde Dusýa meniň
höwrüm bolar, sabap barýan ömri birsalym onuň
bilen bileje ýaşarys» diýip, köp göwün ýüwürdipdi.
Ony geologlaryň ýanyna gatnadanam hut şol inçejik
tamady. Geologlar göçjek günem ol şol ýere barypdy:
«A, dost, bir ugruny tapyp şuny goýup gidäýsene?»
diýip, Jepbar ussa ýalbarypdy. Ol bolsa: «Dusýa häzir
işde, hany, rugsada zada bir çyksyn, onsoň özüm ony
seniň ýanyňa getirip giderin» diýip, hemişekisi ýaly
ýene-de ony oýun bilen başyndan sowupdy. Ol şol gün
Dusýa daýza bilen indi hiç mahal duşuşmajagyna, öz
eden tamasynyň çykmandygyna, bu ýerde Dusýa daýza
hakyndaky bolan gürrüňleriň, hakykatdanam, birhili
düşnüksiz oýun bolanyna düşünipdi. Şonuň üçinem ol
öz diýeniniň bolmanlygy üçin geologlardan kinelidi.
Indi her gezek olar ýadyna düşse, onuň jyny atlanyp,
jany ýanyp ugraýardy. Möngözlüje bu zatlar bolanda
uzakdady. Şonuň üçinem onuň hiç zatdan habary
ýokdy. Ýagmyr çopanyň özüni, öňküsi ýaly gowy
görýänine, duşsa ondan hoş söz eşitjegine ynanýardy.
Ony ordadan bölüp alyp galan zatlaryň biri-de hut şu
tamady. Onuň adamlaryň arasynda bolmak höwesidi.
Möngözlüje şol gaçyp gelşine yzyny gözlemän
çadyrlygyň oturan ýerine geldi. Geçen günleriň
şaýady bolup oturan turbanyň töwereginde aýlanyp,
janagyryly çyňsady. Möngözlüje näme bolanyny anyk
187
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bilmese-de, Ýagmyr çopan bilen geologlar arasyna
bir sowuklygyň düşendigini bildi. Onuň bilen gaýdyp
duşuşmaly däldigini, gabat geläýse, indi özüniň
gaýgyrylmajagyna gözüni ýetirdi. Ol gelip demir
turbanyň gapdalyny ýassanyp birsalym ýatansoň,
geologlar obajygynyň duran ýeri bilen hemişelik
hoşlaşdy. It aýaklary ony düýnki gara gaýyňyň öz
topary bilen giden tarapyna äkitdi. Möngözlüje daňyň
öňüsyrasynda bir gumak ýapynyň eteginde öz tanyş
yzlaryna gabat geldi. Şundan soň ol durup, ysyrganyp
ordanyň giden ugruny anyklansoň, şol yzlaryň yzyna
düşdi.
188
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
189
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ÇÖLÜŇ DEŇIZ GÜŇLERI
ILKINJI UÇUŞ
Meniň çöle gitmek, çölüň ýazyny görmek
hyýalym başa barmasa-da barmazdy. Ilki haýyş ediр
özeleniр dursam hem kakam meni ol ýere özi bilen
äkitmäge razy bolmady.
— Çölde näme işlejek?
— Seň ýanyňda oýnajak.
— Çöl oýnamak üçin gidilýän ýermidir indi?
Kakam günäkär däl, meniň özüm günäkär. Men
oňa ýanynda bolmagy isleýändigimi, käbir gijeler
göresim geliр oýanýandygymy düşündiriр aýdyр
bilmedim.
Kakam ýaz aýlary, ylaýta-da guzujyklaryň
köрelýän wagty çölde uzak eglenýär. Şeýle bolansoň
jigim käte onuň öz kakamyzdygyny-da unutmaga
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 09
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.