Latin

Çölüň deňiz günleri - 04

Total number of words is 3742
Total number of unique words is 1847
34.1 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
55.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
- Başyndaky, egnindäki ak gar ýapynjasy oňa
diýseň gowy ýaraşýar. Owadanlygy bolsa gör, men
nähili synlamagy gowy görýärin. Gün çykyp bu gün-ä
ol has hem owadan bolupdyr.
- Indi uçup bolandyrys. - Garaguşuň sesi gussaly
eşidildi.
- Näme üçin?
- Näme üçiniň bormy. Mönsüräp aýag-a owratdyň,
deýýus. Badalgaň, döwük aýak bilen uçup bolýarmy?
Möngözlüje özünde hiç hili müýn duýmaýanlygy
üçin, ýene garaguşa düşünmedi. Gaýta, garaguş bol
etden garnyny doýransoň uçmaga ýaltanýandyr.
Garnym doýansoň, meniň-ä ukym tutýardy...
diýip alasarmyk oýlandy. Möngözlüje garaguşdan
möhüminiň bitmejegine düşünensoň, ýene-de garnyny
otarmagyň ugruna çykdy. Garaguşlaryň arasynda öz
tanşy hem bar bolany üçin, üstüne topularly bolup
görnen guşlardan indi oňa öňküsi ýaly juda bir
howply bolup hem görünmedi. Näme çekinip, köpüň
içinde arkaňy alaýjak garaguş ýaly öz guşuň barkan!
76
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Möngözlüje şundan soň yzyna öwrülip, gapydan
kowlan penjireden geler etdi-de, gelip garaguşlaryň
arasyndaky bir açygrak ýerden tumşugyny sokdy.
Garynlary dok garaguşlar oňa üns hem bermediler.
Diňe Möngözlüjä belet garaguşuň şundan soň
bokurdagyndan zat ötmedi. Ol Möngözlüje ýakynlaşsa,
onuň temmisini bermek maksady bilen, başyny göterip
häzirlendi. Ýöne Möngözlüje welin oňa barmysyňam
diýmedi. Tenini gataldyp, gaçarak durup, garnyny
doýransoň, ýene-de yzyna dolandy.
Garaguşlar bilen bu gezekki duşuşyk Möngözlüje
üçin diýseň peýdaly boldy. Ol soňra islän çagy asmany
synlap, garaguşlaryň gaýmalaşýan ýerinden özüne bir
garbanarlyk iýmit tapdy.
***
Möngözlüje garaguşlaryň toýunda bolup garnyny
doýransoň, öz tilki doganlary çapawulçylykdan
dolanyp gelendir diýen pikir bilen ýene-de sürenine
dolandy. Ýolda howlukdy. Ganlyja et iýeninden soň,
suwsaýanyny ýatlap, kaka inip suw içdi diýäýmeseň,
ol ýolda hem hiç zada güýmenmedi.
Ýöne näçe islese-de, onuň tamasy çykmady.
Süreniň töwereginde onuň göresi gelýän doganjyklary
ýene-de ýokdular. Olar ýene birsalymdan, hatda ondan
77
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
soňragam gara bermediler. Möngözlüjä doganlarynyň
gözlegine çykmadan başga alaç galmady. Ol ilki taýyn
«aw» bolýan ýerleriň birinjisini, soňundanam aýlanyp,
başga-da birki sanagyny barlaşdyrdy. Dymyljyk etiň
ysy gelýän ýapynyň depesinden inen wagty ol bir
möjegiň porsan goýnuň töwereginde timisgenip
ýörenini gördi. Ol bu möjegi öň hem tilki enesidir
doganlary bilen gelende şu ýerde birki sapar görüpdi.
Her gezegem eneleri olary möjegiň töweregine eltmän,
öz töwereginde saklardy: «Sabyr ediň! Ol möjekler
kimdir biriniň öz «taýyn aw» edýänini görse utanar.
Görmedik boluň ony!» diýerdi. Soňundan bolsa
möjegiň jahyl döwrüni ýatlap, onuň islän sürüsine
darap, awuny gapyp, mes ýaşandygyny, Gyzyljaryň
möjeklerine demini ýöredip gezen serdar bolandygyny
öz könelerinden telim gezek eşidendigini ýatlardy.
Garry möjek dişiniň basan et böleklerini iýişdirip,
ýene-de assa-ýuwaş ýöräp yzyna dolandy. Ol özünden
güýçli tapylan güni onuň tabynlygynda ýaşamagy
özüne peslik bilip, Gyzyljary terk edip gaýdypdy. Indi
ol ölmek isleýärdi, ýöne ölüp bilenokdy.
Möngözlüje öz gapdalyndan yraň atyp gelýän garry
möjegi geçirensoň, ýene-de yzyna dolandy. Bir baýryň
jülgesini syryp seňkildeşip barýan tilkileri görende,
Möngözlüje bada-bat özüniň haýsy ýere barýanyny
unutdy. Özüniň gözleýän tilkilerini ýatlap: «Şolar,
78
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
şolar bolaýmasyn» diýip oýlandy. Ýüregi galkyjaklap,
begençli gürsüldedi. Ol aýagaldygyna ylgap, tilkileriň
yzyndan ýetende, olaryň özüniňkiler däldigini gördi.
Şeýle-de bolsa, onuň bulardan galasy gelmedi.
Ene tilki bilen ata tilki ony duşman saýyp gaýtargy
berme niýeti bilen yzlaryna öwrülen wagty:
- Menem özüňiz bilen äkidiň! - diýip, Möngözlüje
olara ýalbaryp özelendi.
- Seniň biz bilen işiň ýok.
- Men doganlarymy gözleýän, olaram siz ýaly
tilkijiklerdi.
- Ýeri, agzyňy öweldip samahyllaberme. Itden
bize dogan bolmaz.
- Beý diýmäýmelidiň-dä. - Möngözlüje tilkilerden
ýakymly söz eşiderin diýen tama bilen ýene-de
mylaýym gürledi.
- Seniň biziň bilen işiň ýok.
- Nämüçin?
- Üçini sen it.
- Bolanymda näme?
- Näme diýýämiň? Nämäniň sebäbi şol: it öz itligi
bilen bolmaly, tilki hem tilkiligi bilen, düşündiňmi?
- Ýok, düşünmedim.
- Ine, düşünmeseň - ata tilki güýjüne daýanyp,
Möngözlüjäni tumşugy bilen hütletdi. Möngözlüje
diňe häzir, awunandan soň, özüniň bulara juda golaý
79
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
duranyny bildi. Oňa şundan soň «Eý, bular-a biziňkiler
däl ekeni» diýip, yzyna dolanmakdan başga çäre
galmady.
Ýatar wagtyň öň ýanlarynda Möngözlüje süreniň
öňünde doganlaryna garaşyp, olaryň gaçyp gidenlerine
ynanyp bilmän, ýola garap ýatyrdy. Işsizlikden, näbelli
bir zada degip biraz agyran çep aýagyny ýalaşdyrýardy.
Asmany, ýyldyzlaryň barha köreýän ýerini synlaýardy.
Ýeňsede bir ýerlerden adam sesine meňzeş ses eşidilip
ugran mahaly Möngözlüje bada-bat bilesigelijilik
bilen heserlendi. «Bu näme boldugykan, ol gygyrýan
kimkän, adam bolsa gerek, ýene-de meniň eýäm şol
çopan meni gözläp ýören bolmasyn?!»
Möngözlüje tanyş ys bardyr diýen tama bilen
howany ysyrgandy. Howada hiç hili tanyş ys ýokdy.
Ol ses birsalymdan ikinji gezek, soňundanam üçünji
gezek gaýtalandy.
Telim bir guş sürüsi Möngözlüjäniň üstünden şol
ses gelýän tarapa uçup geçdi. Ol ýerde näme-de bolsa,
bir zadyň bardygy şundan soň Möngözlüjä-de mälim
boldy. Ses gelýän tarapa birsalym seredip duransoň,
Möngözlüje ol sesi anyklap görmegi ýüregine düwdi.
Ýylgynlygyň baryp çetinden giren mahaly, bassyrbassyr gaýtalanýan bu ses oňa has-da çasly eşidildi.
Tizden ol öz öňünde iki sany lowurdap ýanyp duran
gözi gördi. Ol birbada öz gören zadyna ynanyp bilmedi.
80
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Onuň öňünde bir ýylgynyň bilinde hüwi yranyp otyrdy.
Adam sesinde uwlap gygyrýanam şol ekeni. Onuň öňi
bolsa agyn guşdy. Guşlaryň gelim-gidimi henizem
dowam edýän ekeni. Hüwi bolsa erteki otarýardy.
Möngözlüje hem başga-da bir edere işiniň ýoklugyny
ýatlap, öz gizlenip oturan ýerinde çykyp, hüwiniň
ertekisini diňlärmen boldy.
- Bilýäňizmi näme? - diýip, hüwi hut ýaňyja
aýdyp gutaran gürrüňine täzeden, hut ilkinji gezek
aýdylandaky ýaly hyjuw bilen başlady. - Bir wagtlar
hemmeler uçup bilýän ekenler. Hatda düýelerem,
pillerem, žiraflaram, ähli haýwanlar uçup bilipdirler.
Şonuň üçinem gögüň, ýüzi hemişe gara-gura bolup
duranmyş. Göz öňüne getiriň, şol läheň haýwanlaň
arasynda bize uçmagyň nähili kyn bolanyny.
Hut şonuň üçinem biziň ýaly kiçi guşlaryň her gün
telimsi çaknyşyp, heläk bolupdyr. Bu dünýäde kiçi
bolana, sada bolana gün barmy näme?! Olaryň kimsini
krokodiller, kerkler, gippopotamlar öz ganatlarynyň
ýelgini bilen heläkläpdirler. Olary tutup, diýmejegini
diýmäge mejbur edipdirler.
Bir günden bir gün kiçi guşlaryň arasynda bir
dana guş tapylypdyr. Ol başynyň tüýi düşen, bürgüdiň
ýumurtgasyndan çykan guş ekeni. Hemmeleriň çydam
käsesiniň püre-pür bolanyny görüp, bir gün ol kiçi
guşlaryň wekillerini maslahata çagyrypdyr. Geljekler
81
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gelşensoňlar bolsa: «Doganlar, bize indi bu sütemden
dynmaga wagt boldy» diýipdir. Maslahata gelenler
ýerli-ýerden: «Nädip-de, nädip?» bolşup, ýene-de dana
guşuň özüne sala salanmyşlar. Dana guş şonda olara
agzybirlik bilen ýeri öwmegi, şeýdilse, uly guşlaryň
göwnüni bölmeginiň mümkindigini aýdypdyr.
«Oturan-turan ýeriňizde siziň mesgeniňiz ýer, biziňki
bolsa asman» diýip gaýtalamagy maslahat beripdir.
Diňe şeýle edilende, asmany eýeläp, ine-gana uçup
boljagyny nygtapdyr.
Olar bize: «Ýit, eý, samsyk guşlar!» diýmezmikä?
- diýşip, käbir guşlar birbada üstünligiň boljagyna
ynanmandyrlar.
Dana guş: «Birine şol bir zady köp aýtsaň, onsoňam
şol bir sözi bir agyzdan däl-de, köp agyzdan eşitse, ol
iru-giç böwrüni diňlär. Bolmanam bir günde hiç kimi
ynandyryp bolmaz. Yzygider hem erjel hereket etmeli»
diýipdir. Şundan soň guşlar «hoş» diýşip, dana guşuň
maslahatyny göwünlerine jaý edişip, ýedi yklyma
ýaýranmyşlar.
Oturan-turan ýerlerinde dana guşuň öwreden
sözlerini gaýtalanlary üçin, ilki munuň hut şeýledigine,
öz sözleriniň täsirine berlip, guşlaryň özleri
ynanypdyrlar. Özleri öz diýýän zatlaryna ynanansoň,
özgeleri muňa ynandyrmak kiçi guşlara şeýle bir
kynam bolup durmandyr. Kem-kemdenem bolsa uly
82
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
guşlaryň ýere bolan ýakynlygy artypdyr. Olar ömrüniň
köp bölegini ýerde geçiripdirler. Uly guşlaryň soňkurak
nesli bolsa uçmagy ýeňlesleriň işi hasap edipdirler.
Şundan soň tebigat öz oňaryp beren ganatlarynyň uly
guşlara gerekmejegini görüp: «Uçmajak bolsaňyz,
size ganat nämä gerek?» diýipdir-de, olary ganatdan
mahrum edipdir. Dana guş şeýdibem mamla bolupdyr.
- Eý, hüwi, aýtsana, meniňem ata-babamyň ganaty
bolanmyşmy? - Möngözlüje gürrüňe berlip, özüniň
görünmän ýatanyny unudyp, ata-babasynyň ganaty
bilen gyzyklandy.
Duýdansyz sese guşlar alabasgy bolşup asmana
göterildiler. Ýüregi sarsyp, iliň biri bolup uçan hüwi
asmanda bu sesiň kimiň sesidigini ýadyna salansoň,
hol beýleräkdäki başga bir ýylgynyň üstüne gondy.
- Şol aldananlaryň arasynda seniňem köneleriň
bar ekeni.
- Gör, nähili gynançly zat.
- Boljak iş bolansoň, soňundan gynananyň peýdasy
bolmazmyş.
- Eger ata-babam ganatly bolanlygynda, menem
ganatly bolardym. Hezillik şonda bolardy. Men
islän ýerime uçup ýeterdim. Uçmagyň nähili gowy
zatdygyny bolsa indi men bilýän.
- Hüm-m, seniň biläýşiňi. - Hüwi süýji arzuwa
berlip, asmanda uçan pursadyny gowy bir zat hökmünde
83
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýatlan Möngözlüjäni samsyk saýyp ýaňsylady. - Sen
bir bagty getiren ekeniň, seniň ýaly güjüjekleriň telim
birisi senden soňam garaguşlaryň demine düşdi.
Senem indi biraz bolan-goýandan baş çykarmagy oňar.
Sen eýýäm tokarja güjük ahyryn. Seniň deň-duşlaryň
eýýäm birgiden zat bilýärler.
- Menem bilýän.
- Sen bilýänem tanaňok.
- Ýeri, onda men seniňçe nähili bilmeýämişim?
- Hol garly dag tarapda seniň ejeň bilen uýaň
bar, sen heniz şonam bileňok. Ejeň görgüli henizhenizlerem seni ýatlap, asmana seredip çyňsaýar.
A, sen bolsa... iliň gürrüňini diňläp, aýlanyp ýörsüň.
Ondan-a dag tarapa git-de eneňi, uýaňy gözle.
Hüwini diňlänsoň, Möngözlüje lapykeç halda
yzyna dolandy. Ol ýolboýy enesini, uýasyny, özüni eý
gören çopany ýatlady hemem bularyň ysyny ýatdan
çykarmanyna begendi.
Onuň gelip sürenine girjek bolanam şoldy welin,
kepjebaş ýylan haşlap, onuň öňünde dikeldi.
- Ýeri, kim gerek saňa?
- Bu ýeri meniň öýüm...
- Seniň öýüň bolmaz bu ýerde.
- Bolýar, bolýar, ýalňyşypdyryn, gidäýerin...
Möngözlüje ökje ogurlap yzyna gaçdy. Ýylan
bilen iş salyşmaly däldigi Möngözlüjä ejesiniň ilkinji
84
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
öwreden zatlarynyň biridi. Ol «Ýamandan boýuny
satyn al» diýleni edip, gözüniň gören tarapyna yzyny
gözlemän gaçdy. Onuň soňra gaýdyp öz gorkan ýerine
dolanasy gelmedi.
Gijäniň köpüsini haýsy ýerde ýerlejegini bilmän
elewräp gezen Möngözlüje ertir irden bir baýryň güneş
ýapysynda oýandy. Ibirtde-zibirtlik onuň töwereginde
indi bireýýämden bäri dowam edýärdi. Suwulganlar
hasanaklaşyp, onuň kä eýlesinden geçýärdiler, käte
beýlesinden. Beýleräkde durup, hekgerişip, ony
aýratyn bir dymmak bilen synlaýan suwulganlaram
bardy.
Möngözlüje hiç zady hasaba alman, ýene birsalym
şol bir ýatyşyny üýtgetmän, asmanyň garaguş ýaly
öwrüm edişip ýören bulutlaryny synlady.
Garaguşa meňzeş bulutlar garaguş bolýan
ýerde iýere bir zadyň bolýanyny ýatladyp, ýene-de
Möngözlüjäniň agzyny suwartdylar. Şol arada bir
suwulgan kürsäp onuň aşagyna dykyldy. Möngözlüje
özüniň äsgerilmändigini görüp düýrükdi.
- Eý, sen ýylanyň nämesi?
- Hiç zadam däl.
- Özüň-ä meňzeýäň. Ýöne hereketiň bilen gözüň
birneme elek-çelegräk.
- Sen, it, gowusy, agnan bolup ýatma-da, biziň
hinimiziň agzyndan tur. Biz indi bir wagtdan bäri oňa
85
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
girip bilmän durus!
Möngözlüje suwulgany diňläp, «Bäý, meniň
baran ýerim gap-çanak bolaýýar-ow» diýdi-de, bir
gyra çekilip, olara geçere ýol berdi.
Şol arada öýüne girip, bir ýerlere gitme maksady
bilen çykan çalasyn suwulgan gapdalyndan geçen
mahaly bir ýoknasyzyny atdy.
- Eý, it, senem beýdip ýörmän, gidip, beýleki itler
ýaly bir sürini saklasaň bolmaýarmy?
Özünden kiçiniň bilimsek bolan bolup özüne
akyl bermegi Möngözlüjä ýaramady. Ol iki bökende
suwulganyň yzyndan ýetip, onuň guýrugyny basdy.
- Hany, ýaňkyja diýeniňi ýene-de bir gaýtala!
Dilinden bela galan suwulgan iki ýana urnup, çar
tarapa elewredi. Şol barmana-da suwulgan guýrugyny
göwresinden bölüp galdyrdy-da, öz häsiýeti bilen
Möngözlüjäni geň galdyryp ara açdy.
Möngözlüje öz öňünde düýrülip-ýazylyp ýören,
kiçiräjik ýylany ýatladýan janly guýrujygy görenden
geň galyp, bada-bat öz maksadyny unudyp aýak çekdi.
Sebäbi ol suwulganlaryň gaty gyssanan ýerlerinde,
guýruklaryny taşlap gaçýanlaryndan bihabardy.
Ol suwulgan guýrugynyň bölünip galanyndan
habarsyzdyr öýdüp onuň yzyndan gygyrdy.
- Eý, eý, balagyň galdy, dur-eý!
Zähresi ýarylan suwulgan esli gaçansoň hekgerip
86
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
yzyna gözlese-de, dolanyp guýrugynyň yzyndan
gelmedi.
Möngözlüje şol kürtdürip duran ýerinde butnaman
durşuna janly guýrujygy ýene biraz synlansoň, guýruk
özüne niýetlenip galdyrylandyr öýtdi-de:
- Men seniň guýrugyňy başyma ýapaýynmy?
diýip, öýkeli hüňürdedi.
***
At toýnaklarynyň güpürdisini Möngözlüje ilki
eşiden mahaly uzaklarda bir ýerde gök gübürdeýändir
öýtdi. Özüne eşidilen sesi bolsa ol şol ýerdäki
gümmürdiniň bir çeti hökmünde kabul etdi.
Ýeňseden at toýnaklarynyň güpürdisi eşidilip
ugran mahaly otluga gonan käkiliklere ymsynyp ýören
Möngözlüje aýak çekip diňşirgendi.
Ýeriň süňňünde duýlar-duýulmaz sarsgyn
peýda bolupdyr. Özi-de bu sarsgyn barha güýçlendi.
Möngözlüje bilesigelijilik bilen baýryň ýokarsyna
çykan mahaly bir süri atyň jülgäniň arasyny dolduryp
özüne tarap çapyp gelýänini gördi. Süriniň öňüni bir
maňlaýy sakar dor at çekip, ol gerimli ädim urup, her
ýerden bir basyp çapyp gelýän ekeni.
Bularyň aýratyn bir dabara bilen bu
bolup
gelişlerine, olaryň boý-syratyna ýene-de
87
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Möngözlüjäniň gözi gitdi. Atlar pessaýlap kölüň
üstünde gonma hyýal bolup uçup ýören ördek sürüsini
ýatladyp, Möngözlüjäniň öňünden geçişip gitdiler.
Möngözlüje birsalym atlaryň yzyndan seredip,
olary nazary bilen ugradyp duransoň, atlaryň otlaýan
ýerine barsa, şonda olary isledikçe görüp-synlap
boljagyny ýatlap, pikirinde şol ýere ýetmäge howlukdy.
Süri baýyrlaryň gabawyndaky ýaşyl öwsüp, köle
meňzäp oturan açyklykda otlap ýören ekeni. Atlaryň
aralygynda, çaga bigamlygy bilen dänjiräp çapyp
ýören taýçanak Möngözlüjäni hemmelerden öň gördi.
- Men ýyndam gerek? - Taýçanak Möngözlüjäniň
öňünde aýak çekip, göçgünli keýpi bilen oňa ýüzlendi.
- Hawa, gowy çapýarsyň - diýip, Möngözlüje hem
onuň öz perdesinden deň gopdy.
- Ejemem maňa şeý diýýär: «Häzirden şeýdip,
oňat çapmaga türgen bolsaň, soňundan senem kakaň
ýaly süriň öňbaşçysy - serdar at bolarsyň» diýýär.
- Soňra ol: -Seret, biziň kakamyz nähili görmegeý! diýip, sakar ata tarap guwançly seretdi.
- Owadan - diýip, Möngözlüje-de ilki gören
mahaly pikirinde dörän soragy ýatlady.
- Men-ä güjük. Seniň ýanyňa oýnamaga geldim.
- Maňa seň bilen oýnamak bolýarmykan?
- Bilemok.
- Onda sen şu ýerde biraz otur. Men dessine gidip
88
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ejemden soraşyp geleýin.
- Bar. Ýöne köp eglenmegin!
Taýçanak iki bökende çal baýtal bilen özüne tarap
otlap gelýän gaba garyn enesiniň ýanyna ýetdi.
- Eje, ana, hol ýerde güjük bar, şonuň bilen
oýnasam bolýarmy?
- Itmi? - Jeren baýtal başyny ýerden göterip,
Möngözlüjä çiňerildi. - It bilen oýnasaň bolar. Ýöne
uzak gitme!
- Bolýar, men şujagaz ýerde golaýjakda oýnaryn.
- Bar, oýnaber oýnasaň.
Taýçanak rugsat alyp, oýna höwesek bolup,
Möngözlüjäniň ýanyna öwrülip geldi. Olar ilki sürini
oýtarlap çapyşdylar, soňundan bolsa oýun edişip,
«kebelek-kebelek» oýnaşyp gezdiler.
Süri birsalym otlansoň atlar ikibir, üçbir bolşup
dem-dynç almak üçin onda-munda ýatmak bilen
boldular. Birsalymdan diňe iň owadan sakar dor at aýak
üstünde galdy. Ol keýerip, uzaklara nazar dikip duran
mahaly Möngözlüjä has-da görmegeý bolup göründi.
- Kakaň-a görmegeý ekeni.
- Ol hemem güýçli.
- Duýulýar.
- Hemmelerden ýyndam.
- Bolup biler.
- Ejem-ä, sen onuň garrap ugran wagtyny gördüň,
89
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýaş wagty dagy ol has görmegeýdi, has kuwwatlydy
diýýär. - Taýçanak her gezek «has» sözüni aýdanda,
ol söze agram berip, aýratyn bir guwanç bilen gürledi.
Atlar bir ýerlere gitmäge hyýallanyp, örüşip
ugran mahallary garry baýtal hokranyp, Möngözlüje
bilen höwür bolup, dem-dynç alanyndan soň, ýene
oýnamaga küýlenip duran taýçanagy ýanyna çagyrdy.
- Gel-uw, senem indi.
- Eje, ýene birazajyk oýnaýaly?
- Oglanlygyň gutarmasa, oýundan doýmarsyň,
oňa bolsa entek ir, gel, gidýäs!
- Niräk gidýäs?
- Gäle çeşmä.
- Suw içmägemi?
- Hawa, suwa gidilýär.
- Men-ä onda gitdim. - Taýçanak Möngözlüjä
alaçsyzdygyny mälim edip seretdi.
- Menem siz bilen gidäýeýin? - Möngözlüjäniň
täze dostundan galasy gelmedi.
- Özgeleriň toplanyşyp ugranyny gören garry
baýtal ynjalygy gaçyp, ikilenç ýene-de bir gezek
boýnuny süýndürip hokrandy.
- Ýör diýilýär saňa, höwes etdiň, oýnadyň, bes et
indi!
- Menem gitsem bolarmyka? - Möngözlüje
jogapsyz galan soragyny ýene-de bir gezek gaýtalady.
90
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Bilmedim. - Taýçanak towsaklap, ejesiniň
ýanyna ýetmäge howlukdy.
Möngözlüje öz eýesiniň goşunda gören sähelmähel zada gaharlanmaýan düýedir salpy gulak eşegi
ýatlap, atlaryň hem hut şolar ýaly uludygyny, özüne
zelellikli zadyň edilmejegini ýatlap, taýçanagyň yzy
bilen ylgady. Bu babatda göwreden çen tutup, özüniň
ýalňyşandygyna ol tiz göz ýetirdi.
Onuň aýaga çolaşyp ugranyny gören bir baýtalça
halamazlyk bilen gulaklaryny gaýçylap düýrükdi-de,
toýnagy bilen ony sähelçe kakdy. Möngözlüje içigip
aşak oturdy. Esli salym onuň demi-de gelmedi. Diňe
agzy giňden açylyp sülekeýi akdy.
Atlar güpürdeşip, baýyrlaryň süňňüne sarsgyn
berşip, çapyşyp gitdiler.
***
Şol günüň ertesi Möngözlüje ýene-de düýnki köle
meňzeş ýere atlaryň otlamaga gelýänini ýatlap, serkerde
sakar ata meňzeş keýpihonja taýçanak bilen duşuşaryn
tama bilen şol ýere ugrady. Soňunyň birhiliräk
bolanyna seretmezden, ol düýnki gününden, taýçanak
bilen oýnan oýunlaryndan hoşaldy. Hüşgärligi elden
bermeli däldigini, has-da şol depen gyňyr ýaş baýtala
ýakyn durmaly däldigini ugramazdan öň Möngözlüje
91
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
özüne ýene-de bir gezek ýatlatdy.
- Mä-ä-ä... mä-ä-ä... - Eje-e, ej-je...
Möngözlüje aýak çekip, ses gelen tarapa seretse,
ýaňyja aýaklanan bir guzujygyň ot-çöpleriň arasynda
ýykylyp-sürşüp ýörenini gördi.
Guzujyk enesini gözleýärdi. Ýöne häzir töwerekde
ne onuň enesi görünýärdi, ne-de özge bir gara.
Guzujygyň bu töwerekde diňe bir özüdi. Möngözlüje
biçäre guzujygyň gapdalyndan parhsyz ötüp bilmedi.
Sebäbi ol onuň ýazyň başynda, enesini emip ýören
bagtly günleri özi bilen böküşip oýnan buýra tüýlüje
guzujyklaryna diýseň meňzeşdi.
- Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? - Möngözlüje
guzujygyň garşysyna gelip, ondan habar aldy.
- Men ejemi gözleýän, ol ýap-ýaňyja-da bardy,
uklap tursam bolsa ýok... - diýip, guzujyk üzlemsaplam gepläp, Möngözlüjä ýagdaýy düşündirdi.
Depgilenen otuň üstünde indi biraz könelişip
ugran goýun ysy hemem süriň yzyny salgy berýän
çörler bardy.
Möngözlüjäniň taýçanak bilen oýnamaga gidesi
gelip, içi byjyklap dursa-da, täze tanşyny ýeke
galdyrmaly däldigini ganyna guýlan it häsiýeti bilen
aňdy.
- Ýör, onda men saňa ejeňi tapmaga kömek edeýin!
- Nirede ol? - Guzujyk enesine ýetmäge howlugyp,
92
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
howany ysgap, töweregini garanjaklap gyssandy.
- Ýöräber, gözläris...
Guzujyk kaýyllyk bilen Möngözlüjäniň gapdaly
bilen ýöräp ugrady. Otlar gür bolansoň guzujyk
Möngözlüjäniň aýagyna eýerjek bolup, häli-şindi
ýykylýardy. Birsalym ýörelensoň bolsa, ol halys durdy.
It aýagyna eýermek oňa barha kyn boldy. Guzujyk
ahyry çydaman dillendi:
- Maňa-da garaşsana!
- Hä, näme? - Möngözlüje yzyna gaňrylyp,
guzujygyň ýüzüne alaryldy.
- Men seniň aýaklaryňa eýeremok ahyryn. Mytdylmytdyl ýöräbersek bolmaýarmy?
Möngözlüje guzujygyň gapdaly bilen bialaç onuň
maýdalyna ýöremeli boldy.
Geçilen ýol uzak bolmasa-da, birsellem ýörelensoň
guzujyk ýene-de halys ýadady. Olar şundan soň iki
dost bolup bir baýryň eteginde dynç almaga oturdylar.
Guzujygyň
pyşdyl
ýörişi
soňabakan
Möngözlüjäniň halys ýüregine düşdi. Onuň ýüzin salyp
ylgasy, çagalyga mahsus keýpihonlyk bilen ýapylara
ýarmaşyp, şol ýerdenem ýene aşaklygyna togarlanyp,
peşmek bolup ýaýnasy gelýärdi. Ahyr ol öz hyjuwyna
bäs gelip bilmedi. Guzujyga: «Sen şu ýerde biraz otur,
men häzir» diýdi-de, jülgä düşüp, Günüň jokrap äpet
gyzyl nan bolup duran ýerine tarap ylgap gitdi.
93
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Aýaklarynyň ýelini alyp, yzyna dolanyp gelen
mahaly ol ýadaw guzujygyň myşylap süýji ukuda
ýatanyny gördi. Möngözlüje onuň gapdalynda dyzyny
epip, gowuja bolup ýatanyny synlap: «Men özüme
osup bujagazy halys ýadadaýdym-da...» diýip oýlanyp
oturdy. Ol birsalymdan öz süňňüne-de birhili ýakymly
agyrlygyň peýda bolup ugranyny syzdy...
- Mä-ä, mä-ä-ä... Ej-e-e, eje-e...
Möngözlüje guzujygyň sesine gözüni açan mahaly,
özüniňem ukusy tutup, uklap galanyna düşündi. Gün
bolsa eýýäm ýeňsä aýlanyp ugrapdyr. Günortadan bolsa
gül ysly pessaýja şemal ösýär. Bu şemal mylaýym el
bolup guzujygyňam, Möngözlüjäniňem ýüz-gözlerini
sypalaşdyrýardy.
Hut öz eýesidigine ynanýanlygy üçin, ol guzujyk
özüni «Ýör-ýör, ana, ýetdik, ine, bardyk» bilen alyp
barýan Möngözlüjä, goşda güjüjekler bilen bökjekleşip
oýnaýan tokarja güjüjegi göz öňüne getirip, oňa sorag
berdi:
- Sen başga guzujyklar bilen-ä bökeleşip oýnaýaň,
goşa ýetsek, meň bilenem oýnarsyň gerek?
- Eýsem näme! - diýip, söz içinde «oýun» sözi
hem bolany üçin, Möngözlüje oýun bolsa, hezilligiň
boljagyny ýatlap guzujyga ýüzugra jogap berip
arkaýyn etdi. Ýogsa-da, bu çölde onuň ýeke-täk oýnap
doýup bilmeýän zady oýun dälmidi näme?!
94
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Soňabaka Möngözlüjäniň özi-de başga bir ýere
däl-de, hut şol ýere - çopandyr enesiniň ýanyna
barýanyna ynandy. Özüniň gowy görülýän ýerine
gowuşjakdygyny ýatlap begendi. Sebäbi ýekelik onuň
halys ýüregine düşüpdi.
Olar guzujyk bilen tirkeşip, süri yzyny yzarlap,
ýene-de birsalym ýörediler.
Möngözlüje bir baýryň üstüne çykan mahaly
hol beýlede bir itiň özlerine tarap, otlap gelýän süriň
öňi bilen gelýänini gördi. Guzujykdyr Möngözlüjä
gözi düşen wagty ol biraz sakanaklan ýaly etdi-de,
soňundanam öwrülip, göni bulara tarap gaýtdy.
Guzujyk öz howandaryny, onuň aňyrsyndan
görünýän sürini görüp begendi. Onuň göreçleri bolsa
guzujygyň bagtlydygyny alamatlandyryp buldurady.
- Ana, ana, biziňkiler...
- Hawa, siziňkiler.
- Ýör, howlugaly.
- Sen howlukmaly...
It golaýlaşdygyça Möngözlüjäniň sözi ysgynsyz
eşidildi. It bolsa Möngözlüjä ýakynlaşdygyça ulaldy
hem hyrsyzlandy. Şeýle-de ol itde ýat itiň, onuň
ejesiniň ysyna meňzemeýän ys bardy. Şol arada ýat
bilen duşuşanda nähili bolýany, öňki gezekde dalanany
onuň ýadyna düşdi. Ýat itiň girisine düşüp, onuň ikinji
gezek ýene-de awunasy gelmedi. Ökje ogurlap, yza
95
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
tesdi.
- Onda men-ä gitdim, guzujyk!
- Nirä? - diýip, hiç zatdan habarsyz guzujyk
geňirgendi.
- Yzyma, gelen ýerime.
- Gitmesene! Ine, indi geldik ahyry!
- Ýok, bu ýer meniň gelmeli ýerim däl ekeni.
Möngözlüje tä ses ýetimdäki başga bir baýryň
depesine çykýança, läheň itiň howsalasyndan dowul
alyp, yzyny gözlemän gaçdy. Diňe şol ýere ýetenden
soň, ol yzdan gelýän kowgynyň ýoklugyny görüp
arkaýynlandy.
Süri bolsa öz maýdalyna otlap, läheň it bilen
guzujygyň duran ýerine hasam golaýlaşan ekeni.
***
Bu gezek Möngözlüje garaguşlaryň meýlis edýän
ýerlerine gelende, ol ýerde bary-ýogy iki sany garaguş
oturan ekeni. Olaryň birisi Möngözlüjäniň bolup
gelşinden tebil alyp, bada-bat ganatlaryny pasyrdadyp,
howlukmaçlyk bilen asmana göterilmek bilen boldy.
Garaguşlaryň ikinjisi bolsa ony görüp, bir ganatyna
agramyny atyp, hüžžerildi-de, oňa gaýtawul bermäge
häzirlendi.
Bu garaguşuň öz-özünden howsala tapyp boluberşi
96
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Möngözlüjäniň bilesigelijiliginiň artmagyna, aýak
çekip, öz garşysynda duran guşy synlamagyna sebäp
boldy.
- Senmi bi? - Möngözlüje köne tanşyny
tanap begendi. Enesini emýän guzujyga meňzäp,
boýunjygyny burup, guýrugyny oýnaklatdy. Her gezek
garaguşa duşanda bolşy ýaly onuň ýene-de uçasy geldi.
- Ýene-de uçarysmy?..
- Ýene-de uçarysmy? - Möngözlüje asmana
seretdi, ol ýerde öz maýdalyna Hindiguş daglaryndan
bärligine ýüzüp gelýän çal bulutlaryň deňinde iki sany
garaguş goşulyşyp uçup ýördüler.
- Ýok, indi sen ulalypsyň, agralypsyň. Onsoňam
şol uçanyň indi saňa besdir.
- Aý, näme, uçaýmalydyk-da!
Häzir garaguşuň özüniňem näler uçasy gelýärdi.
Ol indi köpden bäri (şol gezek Möngözlüje bilen
uçan gününden bäri) bir gezegem uçup görmändi.
Telim ýyllap özüni bagtly eden goşa ganat indi deň
ygşyldaşyp, garaguşy asmana göterip bilmeýärdiler. Ol
şol günden bäri biçäre bolup, kesekiniň awundan iýip
mydar edýärdi. Şeýle-de bolsa köpi gören guş ýene-de
syr bermezlige, duşmandan syryn gizlemäge çalyşdy.
- Men seni bir ýola uçurdym, indi sen beýlekiler
bilen uç. Olar seni... Weý, näme sokulyp gelýäň?
- Senden et ysy gelýär.
97
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Çekil, ýogsam, gözüňi çykaryn! - Garaguş
howpuň abananyny syzyp, has-da hüžžerildi.
- Gözümi nädip çykarjak?
- Ah, henizem seniň şol mönlügiň ekeni, senem
bir gorkmany bilsediň.
- Maňa öwredenoklar ahyryn.
- Ah, senjagazmy...
Möngözlüje ýaly bir sebäp bilen öz penjesinden
sypan güjüjekleriň men diýen it, möjek, tilki bolup
ýetişensoňlar hem özünden gorkup gaçgaklap
gezýändiklerine garaguş beletdi.
Garaguşa ýakynlaşdygyça onuň aýagyndan
dişlän wagty agzynda galan tagamly et ysy barha
ýüregine düşüp ugrady. Demir penjeleriň özüni gysan
wagtyndaky iki bykynda dörän agyrynyň ýatlanmagy
hem onuň ganlyja et iýmek höwesini öçürip bilmedi.
Möngözlüje alarman bolup, gözi ýok ýaly dykylyp,
ysyrganyp garaguşa golaýlady. Garaguş indi rejäniň
geň däldigini kemsiz aňdy. Ol howatyr bilen iň soňky
güýjüni jemläp, birazam bolsa uçmak üçin yzyna
öwrülip gaçmak bilen boldy.
Barybir, näçe çytraşsa-da ganatlaryny taýlap
uçmak oňa başartmady. Çeýnelen aýak ýene-de agyr
geldi. Garaguş uçma höwesiniň başa barmajagyna
göz ýetirip, aýak çekdi-de, yzyna öwrülip Möngözlüjä
gaýtawul bermäge çemelendi.
98
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Golaý gelme, ýogsam soň ökünersiň, meniň
çüňküm ýitidir, maňlaýyňy jopba deşer!
- Bir buduňdan azajyk iýeýin, men gyzylym aç.
- Saňa akyly çaşan samsyjak diýerler!
- Haýyr, diýäý, ýöne men ýaman ajykdym...
Möngözlüje garaguşuň haýsy ýerinden barjagyny
bilmän, birsalym töwerekde çalganaklap aýlanansoň,
ahyry çemini aldy. Ol tilkiniň öwredişi ýaly, ýeňseden
baryp, ussatlyk bilen garaguşuň demligini dişleriniň
arasyna aldy, soňundanam ol tä garaguş pasyrdap,
garşylyk görkezmesini goýýança, agzyny şol bir dişlän
ýerinden aýyrmady.
Möngözlüje ganlyja et iýip, garnyny doýurdy,
ýöne ol it bolansoň has bir uly iş edeninden, onda-da
abraýly it nesline mynasyp iş edeninden, duşmandan
öz köýen aryny alanyndan bihabar galdy. Ar almagyň
tagamyny bilenliginde ol onda bu tutluşygyň
netijesinden garnyny doýranyndakydan has uly lezzet
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 05
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.