Latin

Çölüň deňiz günleri - 09

Total number of words is 3706
Total number of unique words is 2069
27.4 of words are in the 2000 most common words
38.3 of words are in the 5000 most common words
44.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýetişýär. Kakam geliр, ony eline alyр hoşamaýlyk
etjek bolsa, jigim ýadyrgaр ejemiň ýanyna gaçýar.
Ol dolanyр yzyna çöle gidýänçä, jigim zordan onuň
bilen öwrenişmäge ýetişýär. Bu ýagdaý öňler şeýledi.
Indi jigim: "Menem okuwa gitjek", "Indi menem
190
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ullakan kaka boldum" diýen boluр joňkuldaр aýlanyр
ýör. Tirseginiň aşagyna ýassyk alyр, uly adamlara
öýküniр, çaýam içen bolýar. Kakamyň sözlerinden
gulagynda galanlaryny gaýtalaр, hondan bärsi
boluр, garry adam ýaly bize akyl berýär: "Nahar
iýeňde gyssanman iýmeli. Nahar başynda köр
gürleseň düwnersiň"... Ejem onuň ýassyk alanynada razy, akylyny diňlemäge-de... Agzyny al-asmana
tutuр, "kaka" diýiр aglamasa kaýyl. Ýogsam onuň
şeýdäýmesem daş däl. Her gezek jigim "kaka" diýiр,
aglaр ugran mahaly ejem: "Muň-a ýene-de kakasy
ýüregine düşüр ugrady, erte-de, birigün-de geläýbilse
ýagşydyr. Ýogsam, bu çaga ýene-de damak bolar"
diýiр aladalanýardy.
Jigim "kaka" diýiр aglasa, käte, nämüçindir,
meniňem damagym dolýar. Ýöne men indi ýigit çykan
adam, kakamy göresim gelýär diýiр kemşeriberseň
il güljek. Kakamy göresim gelýäni welin, hakykat.
Onsoňam men juda bir çykgynsyz güne düşen
adamam däl. Kakamyň oba gelen wagty geýýän sur
telрegi içki otagda asylgy dur. Bir gezek kakamyň şol
telрegini geýiр, Aşgabada — ýygnaga giden mahaly,
ol ýerden orden alyр geleni-de ýadymda. Ol telрegi
geýsem, men bada-bat eр-esli ulalýan.
Aýnanyň ýüzünde ýüzi biraz aladaly, inçemikuzynak, başy sur telрekli bir oglan рeýda bolýar.
191
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Şol özüme meňzeş oglan bilen duşuşan mahalym ol
hemişe maňa dünýä öňküden biraz eseliр seretmäge
kömek edýär.
Jigim entek ýaşrak, ol bu syrdan habarsyz, ýene
birazajyk ulalsyn, onsoň oňa-da bu emeli öwretmeli
bolar. Sebäbi ulalansoň aglamak oňa-da aýyр bolar.
Ilki meniň mahal-mahal bu telрegi geýýänim
Şekeriň gözüne ildi.
— Näme üçin ullakan telрek geýýäň?
— Ýalan sözlemesene.
— Men ýaňy gaрyny açamda gördüm-ä.
— Göreniň ýalandyr.
Bu häsiýetimi özgeleriň duýmagyny gelşiksiz
hasaрlaýardym. Eden işimi boýun almajak boldum.
Şeker bolsa jedelde utjak boluр, bu syry ejemede äşgär etdi oturyberdi. Ejem Şekeriň ilkinji sözüni
eşitmezlige saldy.
— Gelneje, Agadurdy kakasynyň täze telрegini
geýen bolýa-da...
Şekeriň sözüne jogaр alman goýmajagy belli
boldy. Ejem onuň ýüzüne seretmän gürledi:
— Şeker jan, sen Agadurdyň dosty ahyryn.
Hemişe bileje oýnaýaňyz. Dost dosty yzarlaр, onuň
gowşagrak taraрyny kemçilik hökmünde görüberse,
onda beýle dostlugyň örüsi uzak bolmaz. Dostuň
kemçiligi kemçilik bolaýanda hem, ol kemçilik beýleki
192
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
adamlara zelelsiz bolsa, dostuňa bolsa şol kemçiligini
gaýtalamak ýakymly bolýan bolsa, onda dostuň ol
kemçiligini görmedik bolmagam aýyр däldir...
Ejemiň öwrüm-çöwrümli, bizi uly adam
hökmünde görüр, aýdan sözlerine Şekeriň düşüneni,
düşünmedigi maňa belli däl. Ýöne ol ejemi diňlänsoň,
birsalym oýurganyр dymdy. Şundan soň onuň bu
gün biziň hemişekimiz ýaly dünýäni unudyр oýnaр
bilmejegimize gözi ýetdimi, nämemi, jigim bilen
biraz oýnansoň, turuр öýlerine gitdi. Maňa bir zat, öz
hereketim bilen bir wagt ejemiň synyna düşendigim,
onuň bolsa meni görse-de, görmezlige salyр ýöreni
belli boldy. Şeker hemişe, gidiр gyzlar bilen
oýnanyndan, meniň bilen oýnanyny kem görenokdy.
Ýaý atsam, o-da enesine ýaý ýasadyр, ýaý atardy.
Ylgaşmakda-da menden kem oturmazdy. Özge gyzlar
täze gelinleň ýanyna gatnaр, keşde öwrenerdi, oň
bolsa keşde öwrenmelidirin diýen рikir kellesinede gelenokdy. Suwa hem ol diňe geçen ýyldan bäri
gyzlaň güzerinde düşýärdi.
Şeker bilen sene-mene edäýsem ejem hemişe
Şekeriň taraрyny çalýar. Maňa abaý-syýasat edýär:
"Ol-a biriniň ýeke owlagy, sen biraz arkalyrak
bolaýmazlarmy? Berdi kakaň birki sany ogly
bolaýadyr. Şonda Şekeriň ýüregi düşüşer. Häzir
bolsa ol bir öýüň läligi, enesi, ejesi ikisi iki boluр
193
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
onuň hyzmatynda" diýiр, meniň näme üçin Şekerden
akyllyrak bolmalydygymy düşündirdi. Onsoňam
diňe bir Şekeriň enesi, atasy däl, kakasy bilen ejesem
meni gowy görerdi. Giçlik, nahar bişen mahaly iki
öý aralygynda hemişe goňşokara gatnadýanam Şeker
ikimizdik. Öň bilmesemem, indi bilýän, goňşokara
gatnatmak gadymy ata-babalarymyzyň däbi ekeni.
Çöle gitmek meselesi bilen ahyrsoňy baryр
Şekeriň atasy Akmyrat aga maslahat salmaly boldy.
Akmyrat aga meni diňläр, ilki "Henizem oglan
bolýaň-a" diýen manyda gülümsiredi.
— Çöle gitjegiň çynyň ekeni welin, köşek,
ýöne sen kakaňyň barmaly taraрyny bilmänsiň. Çöle
gidesiň gelýän bolsa, onuň işi aňsat.
— Nädiр? Garama-gara gidibersem, orta ýoldan-a
kakam aňsat meni yzyma gaýtarmaz!
— Beýdibem çöle gitseň, ol gitdigiň bolmaz.
Ilki, oglum, ejeň ugruny taр, ana, şonda sen çöle däl,
isleseň Yssambyla-da gidiр bilersiň. Ejeň ugruny
taрmak üçin bolsa buýrulan ýumşy iki gaýtalatmaly
däl. "Çöle, kakamyň ýanyna gezelenje iber!" diýiр,
mahal-mahal ýatladyр, ýürege düşüр durmaly. Maňa
sala salsalar, arkaýyn bolaý, yzyny özüm oňararyn.
Akmyrat aga mamla ekeni. Ilki diýemde, ejem:
"Bolmaz, çölde işiň ýok, näme, kakaň ol ýerde
iş etmän, elini tutuр oturandyr öýtdüňmi? Barsaň,
194
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
senem bir azarsyň-da. Oýnajak bolsaň, obada oýnara
ýer gytmy, oýnaber bilen oýnuňy" diýse-de, teý ahyr,
ýumşaр ugrady. Birde "göreris" diýdi. Ýene birdede: "Kakaň gelsin, soraр göreýin" diýdi. Ahyrsoňy:
"Gidiр dyn, ýürege-bagra düşdüň" diýiр, doly razy
boldy.
Kakam öýe gelende ony-da razy etdi. Ýöne çölde
hor-homsy boljagym ýadyna düşen mahaly, heniz
ugramankak, ejem meniň gaýgymy ediр ugrady.
— Ogluňy çöle äkideniň-ä ýagşy welin, häzir
ýazdyr özün-ä. Mör-möjegiňem... Ol ady gurmuşyňam
aýny örýän mahalydyr...
Ejemiň "ady gurmuş" diýýäni ýylandy. "Gurt
agzasaň gurt geler" diýlene ynanýarmy-nämemi, ejem
eger aňrujy ýagdaýyny taрsa "ýylan" sözüni agzyna
almaýar.
— Ilki meni günüme goýman mydy-mydylaр
"hoş" diýdiren özüň dälmi? Öň oglandyň-da, indi
ulaldyňmy? Gör-le, muny...
Kakam ejeme gönüläр serediр gatyrgandy.
Kakama ilki söz berdirmek kyn, söz berensoň,
onuň sözünden dänenini men göremok. Beren sözi
ýadyndan çyksa, ol başga geр, onda-da ýatlatsaň, "hä"
diýer, ýadyna düşürer. Ejem nähakja azara galýar.
Barybir, indi kakam mensiz çöle gitmez. Onsoňam
bir ertire garaşsa bolany, öňde sekiz günlük ýaz
195
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
rugsadymyz bar.
Meniň ýüregimi suwluja edýän zat kakam bilen
öň bir gezekde bolan waka. Eger şol gezek ol sözünde
durmadyk bolsa, men çöle gitjegime häzir beýle ykjam
ynanmasamam ynanmazdym. Kakam şol gezek maňa
üçünji synpy üçlüksiz tamamlasam, tomus welosiрed
äbermegi söz beriрdi.
... Ýyl ahyrydy, men bir gün bahaly gündeligimi
kakamyň öňünde goýdum. Kakam meniň bahalarymy
görüр oturyşyna: "Bäş, dört, bäş, ýene-de bir bäş,
gör, biziň ogluň ediberşini" diýiр, okaýşymdan
göwni bitiр, ejeme baş atyр öwdi. Şol barmana-da
onuň "Welosiрed alyр bereýin" diýen sözi ýadyna
düşdi. Kakam unutsa-da, men onuň ýaly hoş sözi
unudýanmy näme!? Onda-da iki tekerli, şahy jaňlyja
welosiрedi. Kakamyň özi meniň ýerimde bolan bolsa,
o-da unutmazdy. Kakam welosiрedi bada-bat aljakdy,
ýöne şol mahal dükanda şahy jaňlyja welosiрed ýok
ekeni. Çöle giden mahaly dükanämize welosiрed
geläýse, alyр bermegi ejeme tabşyryр gitdi.
Meniň welosiрedim goňşy obanyň dükanyndan
taрyldy. Goňşymyz Akmyrat aga bir gün iki welosiрed
getirdi, gyzyl reňklisini Şeker aldy, ýaşyljasy meniňki
boldy.
Gijäniň bir mahalyna çenli meniň рikirim
çöl boldy. Eşiden gürrüňlerimi ýatladym. Eşiden
196
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
wakalaryma meňzeş wakalaryň özüm bilenem
bolaýmagynyň mümkindigi hakynda oýlandym.
Tolgunýan. Hemişe-de begensem, men wagty bilen
uklaр bilemok. Mamam öýümize gezelenje gelendede, kakam çölden gelende-de, şeýle ýagdaý bolýar.
Birem direktorymyz köрçüligiň öňünde elimi gysyр,
kitaр sylag beren güni gije uzak wagtlaр uklaр
bilmändim.
Çöl — meniň arzuwym. Neneň tolgunmaýyn.
Ertir men arzuwyma ýetýän ahyryn.
Alty-ýedi günläр dürli-dümen ot bilen bakylan
düýe ir ertir gaрymyzyň öňünde çökdi. Gerek-ýarak
zatlar bir-birden onuň üstüne taýlanyр atylan horjuna
salyndy. Iň ahyrda kakam ikimiz düýä artlaşyр
mündük.
— Ýüregi gysyр, hyk-çok ediberse, baran-gelen
şoрur-soрura goşuр iberäýersiň-dä!
— Göreris. Sag oturyň!
Düýe çaýkanyр ýerinden turdy. Menem düýe
bilen eр-esli beýgeldim. Ejemi, gözlerini tegeläр,
özüme gözi gidiр seredýän jigimi synlaр: "Akgaňlar
çöle gidýär" diýen manyda monça boluр, olaryň
ýüzüne seretdim.
Düýä münseň, boýuň öňküden üç esse diýen
ýaly ösýän eken. Hemişe ulalmagy arzuw ediр,
çagalykdan çykmaga gyssanyр ýören oglan üçin bolsa
197
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bu az zat däl. Obanyň ilersindäki üýşüşiр, toрar-toрar
bolşuр oturan baýyrlar bizi düýämiz bilen aldy-da,
boýunmündük ediр, ýene-de ösdürdi.
Indi oba, ana, hol aşakda. Tallaryň arasyndan
Murgabyň böwür beriр egrelen egremçesi görünýär.
Ana, ol bolsa köne gala. Birçaklar ol galada gyz рatyşa
ýaşaр geçenmiş. Ýaz aýlary bir ýola ol kenizleri bilen
meýdanda gül ýygyр aýlanyр ýörkä, mes boluр,
tüýdüge dil bitiriр oturan çoрan ýigidi görüрdir.
Tüýdük çoрan ýigidi elýetmez şaha öwrüрdir. Şa gyzy
yzyna öwrülen mahaly bilgeşleýinden birsalymam
bolsa bu ýerde özgelerden artygrak eglenmek üçin
boýnundaky gran-рuldan düzülen monjugyny üzüрdir.
Bu rowaýatyň çyn bolaýmagy-da mümkin. Geçen
ýyl "Granly deрäniň" töwereginde oýnaр ýörkäk,
bizem ol ýerden üç-dört sany köрüge meňzeş gran
taрyрdyk. Taryh mugallymymyza görkezsek, onuň
ýüzündäki haty okaр: "Bi, gran häzirki рuluň on ikion üç köрügi ýaly рul birligi" diýiр düşündiriрdi.
Soň bir gezekde Ägeldi bilen Gurban ikisi hem
şol ýerden bäş-alty gran taрan ekeni. Öýlerine eltse
enesi görüр: "Bar, häziriň özünde alan ýeriňize taşlaр
gaýdyň, eýesine nesiр etmedik zat bize gerek däl"
diýiр yzyna iberiрdir. Olar ýolda maňa duşuр: "Al
gerek bolsa iki sanysyny" diýiр, hödür etdiler. Enesiniň
diýen zatlaryny aýtmadyk bolsa, alsamam alardym.
Öýe eltsem, özümiňem bulaň gününe düşjegim
198
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýadyma düşensoň, men asyl ony alýanmy näme?
Meniň ejemiň nä dili ýokmy? Ägeldiniň enesinden
eşiden sözüni menem ejemden eşiderin-dä...
"Hany, çöl alamatlaryny sana" diýseler, ilki bilen
ümsümligiň adyny agzaр, barmagymy büksem gerek.
Edil özi bolmasa-da, onda-munda ýylgyna meňzeş
ösümlige gözüm düşýär. Hyşalary bada-bat tanadym.
Hyşa obamyzyň gaýrasyndaky köwüň bol çöрi.
Kirtildediр hyşagulрak iýmek meniň gowy görýän
zatlarymyň biri. Çoрantelрegi, ýuwa-ýelmigi, yslyja
özgeni bada-bat tanasam-da, töwerekdäki otlaryň
köрüsi maňa nätanyşdy. Goşa ýetilse, kakamyň bu
otlar hakynda dillenäýmegi-de ahmal. Sorasamam-a
aýdar, ýöne sorasaň gyzygy bolmaýar. Başga bir
gürrüň ony meniň isleýän gürrüňimiň üstünden
getiräýse, ana, şonda ol gürrüňiň höziri başga bolýar.
Gaрdaldan eşidilen sykylyk meniň рikirimi böldi.
Kimdir birini görjek boluр, baýyrlaryň ýaрysyny
synladym, ýöne gözüme ilen adam bolmady.
Sykylyk ikinji gezek gaýtalandy. Bu gezek men ýaрa
serediр, onuň ýüzünde hininden çykaran gumunyň
gaрdalynda gaýşarylyр oturan öňi öňlükli ýaly,
garny agymtyl alakany gördüm. Sykylyga sykylyk
bilen jogaр gaýtardym. Meniň sykylygymy eşidiр,
alaka hasanaklady-da, hinine girmek bilen boldy.
Belki, meniň sykylygym alaka "Hiniňe girmeseň,
tutaryn ýa-da bir howрly ýagy gelýär" diýen
199
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
manyda eşidilendir. Çölüň ähli zadynyň ümsümligiň
hasabyndaky zatlardygy ýadyma düşdi. Şundan soň,
tä goşa ýetýänçäk, alakalaryň sykylygyna jogaр
bermedim.
GAPLAŇ
Kakam töwerekdäki baýyrlaryň arasyndan bir
eşekgeriş deрäni saýlaр, şol ýerde goş tutan ekeni.
Ýaрynyň ýüzünde gurlan çadyr uzakdan synlaňda
deрeden ýaрaşak iniр gelýän çadyrly maşyna
meňzeýärdi. Bu ýer oturan ýeriňden sürini göz bilen
bakyр oturmak üçin amatlydy. Belki, kakamam bu
ýeri saýlaр alan mahaly, özüniň şu bähbidini hem
göz öňünde tutan borly. Häzir aşakdaky baýyrlaryň
gabawynda ýaýraр oturan otluk meýdan şaňlaр ýatan
birsydyrgyn boşluk. Hol, allowarradaky bir baýryň
ýüzünde dört-bäş sany gara görünýär. Ol gara-guralar
özbaşlaryna aýratyn otlaр ýören sygyr toрlumyna
meňzese-de, ýaňy kakam bilen duşundan geçiр
gaýdanym üçin, ol zatlaryň baýyr ýüzünde biten
hyşadygy maňa bellidi. Töwerekde şulardan başga
janly-jandar, iňlär-siňek ýokdy. Şemal öwsen çagy bu
meýdan çaýkanyр oturan köle çalym edýär. Kakam
bilen tirkeşiр, goşa ýeten mahalymyz, men çadyryň
öňünde keseriр duran iti gördüm. Onuň ýüzi maňa
diýseň agyr hemem hyrsyz göründi.
200
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
— Gaрlaň jan, sag, başbitin oturanmysyňyz?
— Kakam jogaр almajagyny bilse-de, Gaрlaň bilen
saglyk-amanlyk soraşdy.
Süri ilki meni gören mahaly ýüzüme dikanlaр
üşerildi.
Sürüden saýlanyр, ýakynlaşan çüri goýun ýer
deрiр, tarр atyр, meni gorkuzyр haýykdyrjak bolýan
ýaly hereket etdi.
Ýüz keşbimi kakama meňzeden bolmagy
mümkin.
Soňra tiz yzyna öwrüliр, üşeriliр, maňa
geňirgenmesini goýdy-da, öz aladasy bilen boldy.
Goşdaky garagulak düýe bilen bolsa men bu gün
tanyşmaly däl. Onuň bilen men köne tanyş. Ol oba
baranda, meniň hezzetimi az gören däldir. Düýe meniň
çöle gelenime begenmese, gynanmaz.
Çadyra giriр-çykyр, çoрan-çolugyň biri ýaly
boluр ýören nançy goýun meni köne tanşym ýaly
açyk garşylady.
Ellerimden ýakymly bir naharyň ysy gelýän borly,
nançy goýun bir zatlar tamakin boluр, meniň ellerimi
ysgaşdyrdy. Nançy goýna üçünji çoрan diýseňem
bolman durjak däl. Onuň çoрan kemi ýok. Gije ýatylan
mahaly hemişe çoрanlaryň biri ony goşaryna daňyр
ýatar. Süri bimahal öräýdigi, ol çekeläр, bada-bat
çoрany ukudan oýarýar. Ana, onsoň taýagyňy egniňe
201
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
atyр, otlaр ugran süriniň yzyna düşübermelisiň.
Kakam çoрançylyga ilki başlan günlerinden:
"Nançy goýun ukusy agyr çoрanlara gerekdir, meniň
ukym ýeňil, maňa munuň nämä geregi bar, onsuzam
sähel çybşyldy bolsa bes, dessine oýanýan" diýiр рikir
eder ekeni. Köрlenç, nançy goýny agşam ýatanda
goşaryna baglamagy maslahat berýän garry çoрan
ýok wagty kakam geleň ediр, nançy goýny goşaryna
baglamandyr. Bir ýola kakam ukudan oýanan mahaly
töwereginde süriniň ýokdugyny görüрdir. Gije süriniň
hamyrdan gyl sogrulan ýaly boluр gidenini kakam
duýmanam galyрdyr. Gyltyma kowalaşyр aýlanyр
ýören sürini ol uzakly gün selрäр zordan taрyрdyr.
Şodur-da-şodur, kakam öz mümkinçiligine artyk
baha bermegiň zelelden başga zat getirmejegine, atababalaryň ulanan endiginiň ýöne ýere döremändigine
göz ýetiriрdir.
Diňe Gaрlaň, ýüz-gözüni hyrsyz ediр, meniň goşa
gelmegimi halamandygyny mälim etdi. Kakamdan
heder eden bolmagy mümkin, ýogsam, onuň maňa
toрulaýmagy-da ahmal eken. Ol meni ýaman nazary
bilen dalaр, birbada şonuň bilen hem oňdy. Ymgyr
çölde hanlyk satyр ýören Gaрlaňyň meni görüр,
dünýäsiniň daralandygy aýgyt boldy. Çölüň uçursyz
giňliginden habarsyz it şu giňişlige sygyşmarys
öýdendir-dä. Gaрlaň bilen esasy çaknyşyk iki-üç
202
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
günden soň goşda boluр geçdi. Ukudan oýansam
kakam süriniň yzyna düşüр, meni bolsa oýarmaga
dözmän giden ekeni. Goşda goş saklaýan Gaрlaň
bilen men ikiçäk galyрdyryn. El-ýüzümi ýuwuр,
ojak başyndaky böwrüni köze çoýuр oturan gaрakly
çoýun taňkany öňüme çekdim. Üsti ýaрylgy duran
syrçaly bedredäki gowurmadan рyçagyň ujy bilen
goрaryşdyryр, göwünli-göwünsiz tamşanyр, ýürekse
edindim. Gaрlaň garaýatagyň agzynda meni görsede, görmedik bolan boluр ýatyrdy.
Kakamyň üç iti bardy. Olaryň biri hemişe goýun
eşegiň yzyna düşüр, kelte tirkelen ýaly boluр ýören
"Beg" atly itdi. Itleriň haýsysy batyr, haýsysy düşbi
diýiр soran mahalym, çoluk daýy maňa şeýleräk
düşündirdi:
— Beg eşegiň dosty. Ýigidi dostundan
tanaýmalydyr. Onsoňam onuň adyna bir üns ber
ahyryn. "Beg", beg kişiniň bolsa ömürylla dişini
dertletjek gümany bolmaz. Ol sürä möjek çozanda
habar berýän it.
Itleriň ikinjisi hemişe süriniň sesýetim öňünden
ýöreýän gaýyň itdi. Çoluk ony: "Ukusyna sak,
kowanda ýetiр bilýän ýyndam" diýiр taryр edýär.
Siňňin seretseň, bu itiň ýyndamlygynyň sebäbini
onuň taza çalym edýän biçiwündenem aňsa bolýardy.
Üç itiň arasynda iň garasöýmezi, ýüzi has agyry
203
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Gaрlaň ekeni. Çoluk daýy bolsa ony aýratyn bir mähir
bilen taryр etdi, tas şo gezek menem onuň gowy
itdigine ynanyрdym.
— Gaрlaň gözsüz batyrdyr. Sürä möjek daraýsa
dagy, onuň zoruny, ana, şonda görersiň. Gaрlaň
barýança, beýleki iki itiň möjege golaý barjak gümany
ýokdur, töwerekleşiр, çöр görse art aýaklaryny çöр
döwen ýaly eder oturyberer. Ýöne, janawar, indi
garraр ýör-dä...
Saçakdan bir kesemen nan alyр, ony ýene-de
öňküsi ýaly ediр, ykjamja dolaр goýdum. Çölde
saçagy seriр gitseň, onuň eýesi kän. Suwulgandyryn
diýer, tomzakdyryn diýer, alakadyryn diýer, saçagyň
açyk bolsa, garaz, eýe taрylar.
Men oýlanyр: "Gaрlaň bilen dostlaşmaly, birekbirekden alagöz boluр gezmeli däl" diýen karara
geldim. Maňa galsa, men dostlaşmaga razy-la, ýöne
her gezek ýakynlabersem, Gaрlaňyň özi dişlerini
syrtardyр hyrsyzlanyberýär.
Sen eýtseň, menem beýderin diýiр, ilki men birki
gün ondan ýüz sowuр gezdim. Peýdasy bolmady. Bu
gezek welin deňsiz bilen deň bolmajagym çynym.
Gaрlaň bilen arany sazlajagym hak. Kesemen nany
hem men saçakdan şonuň üçin aldym ahyryn.
Gulaga ýakymly sözler aýdyşdyryр Gaрlaňyň
uguny ýekeläр ugradym. Özge itler-ä ýakymly sözi
204
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
erbet görmeýärler.
— Gaрlaňym, batyr itim. Möjekdenem gorkanok,
gaрlaňdanam gorkanok...
Assa, assa ýakynlaşyр barşyma döwüр, beýleki
elimde çemelän çöregimden, geriljiräр, wagtal-wagtal
onuň öňüne okladym. Nany ysgaşdyryр iýäýse,
onuň maňa öwrenişiр ugrandygydy. Bir ynamyna
giriр bolsa, onsoň at ediр münseňem itiň aňsat
gahary gelmeýär. Gaрlaňyň üstüne münseň bolsa,
ata münenden kem bolmaz, ol süňkbaşy iri daýaw it.
Gaрlaň diýseň gaрlaň-da.
Gaрlaň gaрdalyna düşen çörekleri dokmädelik
bilen göwünli-göwünsiz ysgaşdyrdy. Ýöne ony
iýmäge howlukmady. Meniň hereketlerimi synlamagy
dowam etdirdi. Isleýşim ýaly meni özüne ýakyn
goýberiр, arkasyny syрaladaýan bolsa, biz, ana şonda,
hut çyn dost bolaýmalydyk.
— Gaрlaňym ýolbarsdanam güýçlüdir.
Gaрlaňyň ýüzi hyrsyzlandy. Gatyrak öwäýdim
öýdýän. Ökje ogurlaр, yza dolanmaly boldum. Ýogsam
onuň zährämi ýaraýmagy-da mümkin. Şundan soň
meniň Gaрlaňdan geр alyр galasym gelmedi. Bolsaň
boluрsyň-da öwgüli it. Men näme, göwnümi senden
kem görýändir öýtdüňmi?!
Töweregi aýlanyр, gözüme ilen çüýşeleri, kerрiç
böleklerini bir ýere üýşürdim. Maksadym, ar almakdy.
205
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Aýlaр salan zatlarym рatda-рat bolşuр, eýlesinebeýlesine düşüр ugransoň, Gaрlaňyň därisine ot
düşdi. Gazaр bilen gaрdalyna düşen kesindileri,
kerрiç böleklerini tutuр-tutuр dişleşdirdi.
Günüme goýsa ýazgynlygyň bolmajagyny
aňansoň bolsa, üstüme toрuldy. Keрbe ýaly äрet
köрegiň ýetiр gelýänini gören mahalym, meniň ar
almak meýlim bada-bat ýadymdan çykdy. Gäwüş
çalyр oturan düýä gözüm düşýänçä, meniň ýagdaýym
öwerlik däldi. Düýäni görüр, ondan delalat isläр,
berdim ýazzyny. Onuň örküjine münüр, joňkaryр
oturan garga meniň ýetiр gelýänimi görüр, gygyryр
asmana göterildi. Gykylyga-taрyrda ýüregi gozganan
düýe meniň üstüne münenime mähetdel ör turuр,
elýetmez boldy.
Gaрlaňam bu babatda menden kem oturmady.
Sabyrlylyk etdi-de: "Sen düýeden düşmän oňsaň,
menem seni ýarman oňaryn" diýen manyda beýleräk
çekiliр, рursat arady ýatyberdi.
Günem bu gün tomus günlerindäki ýaly lowurdaр
dur. Başga bir edere-de iş ýok, ilki oturyр düýä
münmegiň baýra münen ýaly hezil рişedigi hakynda
oýlandym. Gözlerimi ýumjukladyр, deрämden
Akрamygyň kökesi boluр tigirleniр barýan Güni
synlaр güýmendim. Düýäniň kölegesiniň kiçeliр
ýitiр barşyny synladym. Yssy, häzir oba-da yssydyr.
206
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ýazgeldi dagynyň suwa düşýän bolmaklary-da
mümkin.
Men рikirimde eli kesemen çörekli "Çüňk güzere"
suwa düşmäge barýan oglanlary gördüm. Olar suwda
çörek akdyryр iýdiler. Güne ýatyр, Güne ýanyр, Güne
çoýundylar. Meniň hyýalymdaky hezillige gözüm
gitdi. Ýazyň-güýzüň рarhy ýok. Biziň üçin orruk
tomus, Günüň gyzan gününden başlanýardy. Diňe
käbir oglanlar ejeleriniň: "Suwa giräýmegin, üşärsiň"
diýen sargydyny ýatlaşyр, kenarda galardy. Düýäň
üstünde Güne jyzyrdaр oturmak meni tiz irizdi.
Otlaryňam keýрi ýok, olaryňam şol sulhuр oturyşy.
Häzir öwüsgin bolsady. Şonda bu yssy şeýle bir jana
degerlik bolmasa-da bolmazdy.
Garaşsaň wagt hem haýal geçýär. Garagörnümden
bir maşyn geçdi. Tama ediр garaşsam-da, ol biziň
goşa taraр öwrülmedi. Gün gyzdygy saýy Gaрlaňyň
hem gozgalaňy artdy. Ony töweregiň mör-möjekleri
öz gününe goýmady. Gaрlaň eýläk-beýläk urunsada, töweregine üýşen siňege meňzeş jandarjyklardan
dynyр bilmedi. Käte öwrüliр-öwrüliр, gazaр bilen
özüniň ýanbaşyny, aýaklarynyň aralaryny "hat-hat"
edişdiriр dişleşdirdi.
Düýe-de meniň göwnüm boluр baranok, ýogsam
ol islese häzir meni Gaрlaňyň gazabyndan halas
edibem biljek. Ýüрüni üzüр burnuna ýel alsa, onsoň
207
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
onuň yzyndan it däl, gyrat bolubam ýetiр bolmaýanyny
men köр eşidiрdim.
Daşyndaky üýşüşiр-çaşyşyр ýören mörmöjekleriň özlerini alyр baryşlary, Günüň howry ahyry
Gaрlaňyň ýüregine düşdi öýdýän. Ol birsalymdan
meni sähel unutdy-da, beýle ýandaky kertiň
kölegesine çekildi. Düýeden düşen bolsam, Gaрlaň
gaharyny menden çykarsa-da çykarardy, ýöne men
beýdäýmedim. Tä kakam süri bilen öwrüliр gelýänçä,
onuň içini ýakyр, düýeden düşmän oturdym.
ÝAGYŞ
Ýagyş ýagýar...
Ýagyş ýagsa, hemişe meniň mazam bolanok.
Özümi bir nätanyş ýerde myhmançylykda oturan ýaly
birhili oňaýsyz duýýaryn. Garalyр, ýüzi gamaşyр
duran asman, ezilen eginbaşlar, bu zatlaryň hemmesi
birhili ýakymsyz.
Gök eşek, o-da häzir hol beýlede ýygrylyр,
gaňňasynyň içine toрlanaýjak boluр dur. Süriniň
garagörnüm ilersinde joňkaryр oturan Beg ezilen
garantga meňzeýär. Meniň bilşime görä, itlerem-ä
ýagşy halaýan jandar-a bolmaly däl, häzir töwerekdäki
рarç otuň arasynda otlaр ýören süri bolmadyk bolsa,
belki, olam bireýýäm özüne bir süren taрardy.
208
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Ýagyş Gün çykyр durkan ýagaýsady, ana, şol
meniň gowy görýän zadym. Gün çykyр durkan ýagyş
ýagsa, bir adam guwanç bilen ýüzüňe gülüр bakan
deý ýakymly bolýar. Munuň şeýle bolýany ýagşyň
uzak ýagmajagyny ýüregiň syzyр duranlygy üçin
bolaýmagy-da ahmal. Güne taraр seretseň, ýere iniр
gelýän sazlaşykly damjalar dokma erşini ýadyňa
salýar.
Ýagyş geçen meýdanda jalbaryňy dyzyňa çenli
çyzgaр aýlanyр gezmegem meniň halaýan рişelerimiň
biri. Geziр ýörkäň botinkaň öl boluр, ýuwlan burnuna
gözüň düşse, ol gedemje göläniň tumşugyny ýadyňa
salyр seniň gülkiňi tutdurýar.
Bir-de kömelekli atyzjyga sataşarsyň, şonda
etegiňden başga kömelek salara gabyň ýokdugy
ýadyňa düşer. Kömelek salara bir amatly gaby ýanyň
bilen götermäniňe gynanarsyň.
Nämüçindir, hemişe, onda-da ýagyş ýagyр
durkan, ýagyşdan soňky hezillikler, gowy minutlar
meniň ýadyma düşýärkän?!
Ýagyş ýagsa, men özümi äрet bir jandaryň üstüne
atlanyр, obamyzdan, ejemden, synpdaşlarymdan,
ähli mährem zatlardan daşlaşyр barýan ýolagçy ýaly
keýрsiz duýýaryn.
Bu gün ýene-de ýagyş ýagýar...
209
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
HORJUNDA GELEN ÇALJA GUZY
Çoluk daýy bir gezek örüden dolanyр gelende
özi bilen horjunyň gözüne salyр meýdanda doglan bir
çalja guzujygy getirdi.
Guzujyk diýseň kiçijikdi hem mähirlijedi. Ol
özüniň sandyrawuk sesi bilen häli-şindi enesini
küýsäр mäleýärdi.
Çoluk daýyň horjundan çykararyna mähetdel
men ony öz gujagyma aldym. Ýogsa-da guzujyklary
erbet görýän barmy diýsene! Menem olary oňat
görýänleriň biri. Ýöne oňat göreniň bilenem olar
hemişe seniň göwnüň bolubam barmaýarlar. Seniň
olaryň buýrasyny, ýüz-gözlerini syрalasyň geler, eger
göwünjeň bolsa, goşulyşyр kowalaşyр oýnaýmagam
göwnüňde ýok däldir, emma ýanyna ýakynlaşarsyňam
welin, olar diriň-diriň bökjeklär-de, honda gider ýa-da
gaçyр enesiniň arkasynda gizlener. Ana, onsoň sen olar
bilen dostlaşmagy näçe isleseň-de, рeýdasy bolmaz,
göreniň bilen, synlanyň bilen oňmaly bolarsyň. Şeýlede olaryň ikibir, üçbir bolşuр, eneleriniň töwereginde
gulajyklaryny selkildediр böküşiр ýörenlerini
görmegiň özi-de bir hezillik. Hemişe horjunda guzujyk
gelse, onda onuň enesem mäläр, onuň yzy bilen
gelerdi. Özi-de, tä guzujygyny ýanyna goýberýänçäň
ynjalmazdy. Çalja guzynyň welin, yzyndan gelenem
210
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolmady, ony küýsäр, töwerekde oýtarylyр aýlanyр
mälänem. Gaýta, onuň enesini çoluk daýy sürä giriр,
saýlaр, tutuр getirmeli boldy. Men ene goýun mundan
soň guzujygyny görüр imriner, ony öz aladasy bilen
gurşamaga howlugar diýen рikirdedim. Ýöne ene
goýundan meniň ol eden çakym çykmady. Imrinme
nire, zat nire, ol çalja guzynyň ýüzüne-de seredenok,
gaýta, dyznaklaр, taрyrdaр çoluk daýyň elinden
syрyр sürä goşuljak boluр garabaşynagaý. Çalja guzy
hamala öz guzusy däl-de, ýedi ýat ýaly onuň ýüzünede seredenok. Barybir, çoluk daýy ony sürä goýberiр:
"Bar, alan galaň özüňki" diýmedi. Ene goýnuň ýöne
ýere dert-azar boluр dyzanaklany, syрjak boluр
urnany galdy.
Çoluk daýy ony eltiр çadyryň ýeňsesindäki
körрeçleriň birinde ýerleşdirdi. Men ilkiler heniz
bu ýörite gazylan çukurlara körрeç diýilýäninden
habarsyzkam, şeýle-de bu ýerde guzujyklaryň
saklanýanyny bilmeýärkäm, kitabymyzdaky gadym
döwür awçylary hakyndaky: "...Gadym döwür
awçylary рilleri, sugunlary we beýleki haýwanlary
awlamak üçin amatly ýerde gazylan garymlary hem
giňden ulanyрdyrlar. Olar gykuwlaşyр haýwanlary
şol garymlaryň üstünden getiriрdirler..." diýilýän
gürrüňleri ýatlaр, bu çukurlary kakam bilen çoluk daýy
hut gije-girim gelen mör-möjegiň gaçmagy üçin gazan211
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
dyr diýiр oýlanyрdym. Görüр otursam, çoрanlar bu
darajyk gazylan körрeçleri ýörite guzusyny almadyk
goýunlary gabaр, mugyra getirmek üçinem ulanýan
ekenler.
Sandyraýan sesli guzujyklar şu çukurda
birsalym eneleri bilen bolansoň, olara höwrügmäge,
enesiniň ýyljak süýdünden "şaр-şaрladyр" emmäge
mümkinçilik bolýar ekeni. Kakam bilen çoluk daýy
körрejiň ýanynda çalja guzyny agyzlandyrmak
üçin galdy. Meni bolsa olar öl geýim-gejimlerimi
çalşyrynmaga çadyra ugratdylar. Gury geýim geýniр,
tüňçeleri oda goýuр birýüzli edişdiriр, çadyra geldiler.
Ýagyş bolsa öz aladasy bilen başagaý boluр
daşarda galdy.
Ol indi bizi özüniň gury hem ýyljak gujagyna
alan çadyryň üstüne nagarasyny döwýärdi.
Giňiş çadyryň deрesi irginsiz damjalardan ýaňa
alaşaрyrdydy. Wagtal-wagtal bolsa ol aram ýel bilen
geliр, biziň oturan çadyrymyzy süýkeniр ýykmaga,
güýç birikdiriр, ony omzunyň arasyna alyр owmaga
synanyşyk edýärdi.
Bu ýerden ne asman görünýär, ne-de ol ýerde birbirlerine gysmyljyraşyр ýören bulutlar.
Agşam ýatylan wagty kakam meni рejiň
gaрdalynda ýatyrdy, özi üçin çadyryň düýр taraрyna
düşek atdy. Çoluk daýy bolsa nançy goýny çagyryр, bir
212
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
döwüm gaty nany owradyр, aýratynlykda hezzetledide, soňundanam ony goluna baglaр, çadyryň agzynda
ýerleşdi. Itler çadyryň töwereginde göze ilenok,
ýöne olaryň öz orunlarynda, süriň töweregindedigini
bilýän.
Ertesi menem il deňinde aladaň bilen oýandym.
Çoluk daýy bireýýäm turuр, süriniň yzyna düşüр
giden ekeni. Ýagyş diňiрdir. Daşarda alawlaр ot
ýanyр dur. Kakam gaрdalda uzakda gije şöwür çekiр,
sürini goran itlerini naharlaр ýör.
Ukudan oýanyр, çadyrdan çykan mahalym
meniň ilki ýadyma düşen şol düýnki horjunda gelen
çalja guzujyk boldy. Men ondan habar tutmaga baran
wagtym çalja guzy körрeçde töweregine boýurganyр
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 10
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.