Latin

Çölüň deňiz günleri - 07

Total number of words is 3701
Total number of unique words is 1907
34.1 of words are in the 2000 most common words
48.1 of words are in the 5000 most common words
55.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
duran çagasyny agzyna dişläp, ýene-de öz ýoluna gitdi.
Onuň bilen pişik ysy hem Möngözlüjeden daşlaşdy.
144
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Lena bilen Ýusup gelip goýunguýruk bolup
oturan depäniň üstünde aýak çekdiler. Depäniň üsti
küpürsäp ýatan çägelikdi, arassady. Her gezek olar
gelip depä göterilende gözýetimiň örüsi giňäp, töwerek
özboluşly surata meňzärdi. Ýusup bilen Lenanyň hälişindi gelip höwrügen ýeridi. Käte olar uzak gijänide şu depäniň üstünde geçirerdiler. Olar gelensoň,
töwerek ýene gowulyga öwrüldi. Lena egin deňläp,
Ýusubyň gapdalynda oturdy. Ýusup gitarasyny eline
alyp, pessaý çalyp başlady. Soňundanam olar ýene-de
özleriniň ürç edip aýdýan deňiz hakdaky aýdymlaryny
aýtdylar. Olaryň aýdymy şeýle bir ýakymlydy welin,
Möngözlüjäniň özüniň hem üçünji ses bolup gapdaldan
olara goşulasy gelýärdi. Şeýtse, ol aýdymyň has-da
ýakymly boljagyna ynanardy. Şeýle pursatda hemişe
Ýusup bilen Lena onuň gözi gidýärdi.
Deňiz ýüzmek üçin jadyly gujak,
Islän bilen paýlaşýar ol hyjuwyn.
Ony görseň aşyk bolasyň gelýär,
Ýene köp gowlugy küýseýär göwün.
Tolkunlar owsunşyp asmana galýar,
Deňiz agyn tolkun, kän olaň sany.
Çarlaklaram tolkun bolsalar gerek,
Tolkunyňam juda uçmak isläni.
Olar bu aýdymy asmana seredişip, äpet uly deňzi
145
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
göz öňüne getirişip, şol ýerde bir gaýykda özleriniň
ikiçäk ýüzüp ýörenlerine ynanyşyp aýdýardylar.
Möngözlüje hem bu aýdymy diňlese hemişe özüniň
asmana göterilip, bulutlaryň arasy bilen uçup barýanyna
ynanardy. Şonuň üçinem ol hemişe Ýusup bilen
Lenanyň öz adyny tutup: «Ýör, senem biziň bilen!»
diýerine garaşardy. Bu günem olar gijäň birwagtyna
çenli şol depäniň üstünde şöwür çekişip oturdylar.
***
Gara gaýyň ganjygy ýatlap ýola çykanda
Möngözlüjäniň niýeti bu gezegem ony uzakdan synlap,
yzyna dolanyp gelmekdi. Köp wagtlap çadyrlygyň
töwereginde gara bermese, ol Jepbar ussanyň özüni
«Gaplaň nirä ýitirim bolduka?» diýip, gözlejegini
bilýärdi.
Ol baýyrlaryň etegi bilen yzyndan kowgy gelýän
ýaly bolup, howlukmaç ylgap gitdi.
Emma bu gezek oňa öz pikir edişi ýaly gara
gaýyňy daşyndan synlap, ýene-de birsalymdan yzyna
dolanyp gelmek miýesser etmedi. Ýylgynlykda awuna
garaşyp bukup ýatan topar ony özünden öň gördi.
Telim gözüň özüne seredip duranyny ol diňe ellialtmyş ädimlige gelensoň gördi. Garry köpek onuň
gelmegini halamandygyny mälim edip düýrükdi.
146
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Töwerekde ýalmanyşyp oturan gyzylgurtlar garry
köpegiň Möngözlüjäni görkezip: «Basyň, gaňryň»
diýerine garaşdylar. Ýöne gara gaýyň ony görüp,
ýene-de öz haly bilen bolmady. Hozanak bolup
töwerekde aýlanyp, it-möjek urşunyň birden alşyp
gitmeginden howatyrlandy. «Her kim öz çakyny bilse
ýagşy, ol siziň minnetiňizi çekjek it däl. Güýçli bilen
ýagy bolandan onuň bilen dost bolmak ýagşydyr. Ony
azdyryp, özümize goşup bilsek, garry köpegiň topary
şonça ýene-de ile minnetsiz, başy bütinlikde bu öwrede
hanlyk satyp biler...» diýip hüňürdedi. Soňundanam ol
hiç zady hasaba alman, meniň-ä edýänim şu diýýän
ýaly, ordany goýup, Möngözlüjäniň ýanyna gaýtdy.
Iki sany möjek ony pälinden gaýtarmak üçin ylgap
onuň yzyndan ýetip, öňüni dolady:
- Sen şol it diýip barýarmyň?
- Indi şol adamlara ýapja bolup ýaşaýan iti bizden
özüňe mynasyp gördüňmi? - diýşip, olar ýerli-ýerden
oňa kineli sorag ýagdyrdylar.
- Asla, onuň gowy boljagy hakynda şübhe edemok.
Gara gaýyň ara düşülmegini halamaýanyny mälim
edip, ýüzugra itleriň jogabyny berdi.
- It itdir, ol saňa mynasyp ýoldaş bolup bilmez!
- Siziň öz ataňyzyň asly it dälmi näme? Bu
meselede özüm sizden az bilemok. Ol geljekde biziň
serkerdämiz bolmaly.
147
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Tapypsyň serkerdäni, hany gelsin güýçli bolsa,
biz ony ara alyp tüýt-müýt ederis!
- O-da sizden kem oturasy ýok. Onuň alty dyrnagy
bar. Beýle alamaty bolan itleriň, möjekleriň irde-giçde
gaýduwsyz serkerdä öwrülýänini siz bilýäňiz-ä...
- Biz bilsegem, onuň özi bu gudratyndan bihabar.
Ýatlatmak hem gerek däl. Goý, şol aňkawlygyna
ýaşasyn!
- Ol maňa ýoldaş bolsa, men oňa ähli zady
düşündirmeli bolaryn.
- Sen şeýtseň, bu seniň orda dönüklik etdigiň bolar.
- Belki-de, topara eden ýagşylygym bor. Soňra
bolsa ol gazaplanyp yzyna öwrüldi.
- Siz meniň yzymdan galýaňyzmy ýa ýok? - Onuň
bu soragy talapdy. Muňa möjekler düşündiler. Indi
galmasalar, gara gaýyňyň özleri bilen darkaş gurjagyny
duýdular. Gara gaýyňyň pikirinden dänmejegi belli
boldy.
Möngözlüje çete saýlanyp birsalym gara gaýyň
bilen ysgaşdy.
- Senmi?
- Mendirin.
- Men seni gözläp geldim.
- Geljegiňi bilýädim.
- Hemişe seniň ýanyňda bolasym gelýär.
- Meniňem...
Şundan soň gara gaýyň öňden ýöredi. Möngözlüje
148
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
hem onuň yzyna düşdi. Olar baýyrlygyň ortasyna
ýazylyp oturan giňişlik bilen bagtyýar bolşup ylgaşyp
gitdiler.
***
Möngözlüjäniň durmuşynda bolýan özgerişlikler
köp wagt geçmänkä hemmelere mälim boldy. Ýogsam,
Möngözlüje duýdurmajak bolup adamlara duşanda hiç
zatdan bihabar bolan bolup mönsüreýärdem. Gidende
hem assyrynlyk bilen duýdansyz gitmäge çalyşýardy.
Gaýdyp gelende hem hemişe ýüzüni garaňka tutup
gelerdi. Jepbar ussanyň çadyrynyň gapdalyndaky
ornuna gelip, hiç ýere gitmedik ýaly, hiç bir zatdan
habary ýok ýaly bolup ýatardy. Barybir Möngözlüje
wagtal-wagtal ýitip ugran günleri Jepbar ussa ony
haýsydyr bir heser galtanyny duýupdy. Onuň islegli
ýerine gidýänini çak edeni üçin Möngözlüjäniň
ýitip-ýitip gitmegi bilen ylalaşypdy. Öz ýanyndan:
«Ýolbars-a zaluwat ata bolmagyň höwesine düşüpdirow. Ol töwerekdäki çopanlaryň biriniň ganjyk iti
bilen höwrügendir. Eý görşülýän döwür geçer, ana,
onsoň ýene-de öz ornuna gaýdyp geler» diýip, beýleki
itlerden çen tutup, pikir edipdi.
Möngözlüje bu gezek hem geologlar obajygyna
güni batyryp, aýak ýygnanansoň geldi. Ol gelende
her gün towuk ýaly ir ýatýan Dusýa daýza eýýäm
149
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ukudady. Gapdalyndaky çadyrdan onuň myşşyldap
parahat demalmasy eşidilýärdi. Hemmelerden giç
ýatýan Jepbar ussa nahar iýilýän stol başynda özi ýaly
ukusy gaçan biri bilen özara mydy-mydy gürrüň edişip
otyrdy. Möngözlüje Ýusubyň çadyrynyň gapdalyndan
geçende ysyrganyp onuň içerde ýoklugyny bildi. «Lena
bilen ol ýene-de şol ýerdedir» diýip, goýunguýruk
depäni ýatlady. Häzir şol ýerde özüniň kemlik edýänini
pikir etdi. Olaryň yzyndan gitmegi niýet edindi. Ýöne
açdy, üstesinede, ýadawdy. Şonuň üçinem ol ilki işdä
bilen ozalagşam özi uçin ýalaga guýlan itýalyň daşyna
geçdi. Onýança-da ýeňseden ýakymly aýal sesi eşidildi.
Möngözlüje gaňrylyp ses gelýän tarapa sereden
wagty Lena bilen Ýusubyň gol tutuşyp alaňdan düşüp
gelýänlerini gördi. Olar çadyrlygyň gapdalyna gelip,
aýrylyşmaly bolanlarynda boý deňeşdirip, ogşaşyp
hoşlaşdylar.
Hemmeler ýatsa-da ýene-de bu gije Möngözlüjäniň
gözüne uky gelmedi. Ol çadyryň gapdalynda Aýyň
töwerekde döreden özboluşly ak agylynyň synçysy
bolup otyrdy. Asman ýyldyzlary barha köpeldi, gözleri
ýiteldi. Olar soňra şol ýerden, aşakda bolýan haýsydyr
bir üns çekiji gyzykly oýny synlap oturan tomaşaça
meňzediler.
Möngözlüje töweregi aýlanyp, gije şöwür çekip
ýörkä, Aý aýdyňa sürüsini bakyp ýören Ýagmyr
çopana gabat geldi. Ol köne tanşyna duşanyna begendi.
150
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Hemişeki eşidýän hoş sözlerini eşitmek üçin ýalmanyp
onuň gapdalyndan çykdy.
Ýagmyr çopanyň yzyna düşüp ýören ýaş it,
Möngözlüjäniň habaryny almak üçin ylgap, çaknyşma
hyýaly bilen onuň öňünden çykdy. Söweşiji görnüşe
girip, Möngözlüjä haýbat atdy.
- Nirä gelýäň süssenekläp?
- Sen näme, tanamajak bolduňmy meni?
Möngözlüjäni tanansoň, ýaş it düýbünden başga
bir garaşylmadyk ite öwrüldi-de, aýaklaryny ýokary
tutup, özüniň döwüniň pesligini mälim edip, çyňsady
ýatyberdi. Şol ýatyşyna-da ýöwselläp ýallaklady.
- Ýa-heý, senmidiň agasy!
- Tanadyňmy?
- Tanadym. Menem, heý, tanamanmy?
Bu it güjüjek wagtlaram Ýagmyr çopan bilen birki
gezek geologlaryň goşuna gelipdi. Şonda Möngözlüje
dalap, onuň ýagşy gözüniň oduny alypdy. Ýagmyr
çopan hem Möngözlüjäni görüp tanady. Galkyjaklap,
gyzyklanyp, onuň habaryny sorady:
- O-how, Ýolbars, bu asyl senmidiň? Häý, sen-ä
bir gowy goýun it edinäýmeli häsiýetli it welin, arman,
şi gulak-guýrugyň bar-da...
Möngözlüje ýene-de özüniň taryplananyna monça
boldy. Minnetdarlyk bilen ýalmandy.
- Hany, onda Dusýadan habar ber! - diýip, Ýagmyr
çopan kök bolup, Möngözlüjä baş atdy.
151
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Ha-haýt, Dusýa-ha gelindir-le. Onuň töweregiňde
gaz bolup maýkyldap ýöreni nämä degenok...
Çopan Dusýa daýza hakyndaky ýakymly pikirlere
berlensoň, Möngözlüjäniň gapdaly bilen gelýänini hem
tiz unutdy. Hyýalynda Dusýa daýza bilen duşuşdy.
- Dusýa gelin, amanlykmy? Soňky döwür
görneňogam diýýänsiň. Wah, maňa galsa-ha gündede geljek-le. Ýöne her gün baryp durmaga utanýan.
Beýdäýmek üçinem repide ýaly galyň ýüz gerek.
Meniň bolsa düzdeçidigim, adam-gara bilen az iş
salyşýanlygym bes-belli. Obada ýaşap il-halk ýaly
aýal-gyzlar bilen bileräk işleşen, ýüzüniň perdesi
ýyrtylan bolsam bolmaýarmy, onda menem Dusýa
gelniň dilini tapardym...
- Senmi oglan, Ýagmyr?
- Wah, men-le. Seni göresim geldi-de gaýdyberdim.
- Şeýt-de gelip dur...
- Wah, men geljek-le. Sen diýseň, ýanyňdan
butnajagam däl.
- Eliňi gowşuryp, ýüzüme seretjek oturyberjekmi?
- Näme oturman. Otuz bäş ýyl kolhoza çopan
bolup berdim. Gyzlary ýerledim. Oglanlar öý-işik
boldular. Maňa garalgy günleri ýok. Meniňem olara.
Sag bolsalar bolýar. Seniň öňüňde oturmaly bolsam,
asyl hek ederin. Agzybirje ýaşasak bolýar.
- Men şähere gidip, gyzym-giýewim bilen maslahat
edip geleýin. Bir gowy adam tapdym diýsem, olar hem
152
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýok diýmezler.
- Şeýt-de bir özüň bu zatlaryň ugurlaryny tapaweri,
Dusýa baý!
Ýagmyr çopan gepleşigiň Dusýa daýza degişli
bölegine mylaýymlyk çaýyp gürleýärdi.
Möngözlüje bu pursadyň Ýagmyr çopan üçin gowy
pursatlaryň biriligini birsalym ony diňlänsoň anyklady.
Şundan soň ol özüniň bu ýerde artykmaçlygyna
düşündi. Bir amady gelende öwrüldi-de, pikirinde
Dusýa daýza bilen gürleşip barýan Ýagmyr çopany
ikiçäk galdyryp, çadyrlyga dolandy.
***
Ýazda Hindiguş daglary tarapdan gelýän ýagyş
suwlary Pendi baýyrlarynyň arasy bilen iki-üç
aýlap, ýap bolup akardy. Baýyrlaryň arasynda ondamunda gabat gelýän ýylgyn tokaýlyklaryny hem hut
şol döredipdi. Pendi öwresi çöl atlandyrylsa-da, ol
Garagumuň bir etegi hasap edilse-de, adaty çölden
özüniň tebigaty bilen mese-mälim tapawutlanýardy.
Bu gezek Möngözlüje gözläp gelende garry
köpegiň toparyny ýylgynlygyň içinden tapdy. Topar
ýylgyn tokaýlygynyň arasynda ileri tarapda görünýän
açyklygy garamlap otyrdy. Ol tarapdan ýedi-sekiz
gulan dünýäden bihabar öz maýdalyna otlaşyp,
golaýlaşyp gelýärdi.
153
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Bu awlag garry köpege onuň ata-babasyndan
miras galan ýeriň bir bölegidi. Onuň beýleki bölegi
başga bir möjek tohumyndan bolan orda degişlidi. Olar
alty-ýedi ýyllykda bir ýerlerden peýda bolup garry
köpegiň ägirt uly awlag meýdanynyň uly bir bölegini
güýç görkezip basyp alypdylar. Köp söweşlerden we
ýitgilerden soň garry köpek alaçsyz öz ýeriniň bir
böleginiň elden gitmegi bilen ylalaşmaly bolupdy.
Şol gazaply söweşlerden soň iki tarapyň arasynda şu
serhet döräpdi. Şondan bäri-de her kim özüne tagallyk
meýdanda aw awlardy. Serhet bozulan wagtynda,
köplenç, ýene-de iki topar arasynda gazaply çaknyşyk
bolardy.
Gulan topary häzir hiç zatdan habarsyz, möjeklere
degişli ýer bilen öz peýwagtlaryna otlaşyp gelýärdiler.
Olaryň ýüzleri garry köpegiň topary bilen sabyr saklap
ýatan tarapynady.
Gulanlar möjekleriň awlagyndan saýlanyp,
atyma geldigi garry köpek olaryň töweregini gabap,
başlaryna gara gün getirmekçidi. Möngözlüje aňyrdan
gelşine garry köpegiň ýanyna ýetmän hol beýleräkde,
özüniň biraz soňrak ideljegine ynanyp ýatyberdi. Ol
awuň keýpine berlip oturan toparyň ünsüne düşmedi.
Gyzylgurtlar ajygypdylar, olaryň garny doýurmak
islegi häzir hemme isleglerinden öňe saýlanypdy.
Olar bireýýäm pikirlerinde awlanmadyk awuň
läşiniň üstünde otyrdylar. Gara gaýyň diňe bir gezek
154
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
«Görýän» diýýän manyda onuň oturan tarapyna nazar
aýlap goýberdi. Ýöne ol-da häzir awuň kadasyny
bozmaga milt edip bilmedi. Gulanlar birsalymdan
otlaşyp has ýakyn geldiler. Indi ýene birazdan olaryň
üstüne ýerli-ýerden topulmaga amat boljakdy. Sabry
gutaryp barýan güjükleriň birnäçesi topulanda ilden
yza galmazlyk üçin eýýäm aýak üstüne hem göterilip,
garry köpekden rugsat boldugy, okdurylyşyp gitmäge
häzir bolşup durdular.
Gulanlar birazdan ýylgynlygyň tirsek bolup
açyklyga aralaşýan ýerine golaýlaşdylar. Şol arada
garaşylmadyk ýagdaýda gapdaldan bir süri möjek
peýda bolup, gulanlaryň üstüne topuldy. Bular bir
goňşuçylykda ýaşaýan ordanyň möjekleridiler.
Gyzylgurtlardan habarsyz olar hem indi bireýýämden
bäri ýylgynlygyň özlerine amatly ýerinde gulanlara
göz dikişip, göwün ýüwürdişip, olaryň atyma gelerine
garaşyşyp otyrdylar. Möjek toparynyň peýda bolmagy,
gulanlary öz ýanlaryndan aňyrlaryna geçen hasap edip
oturan gyzylgurtlaryň gaharyny getirdi. Olar şundan
soň duran-duran ýerlerinden atylyşyp-atylyşyp gitdiler.
Bir-birleri bilen öňden hasaply iki ejnebi duşman
garpyşansoň, gulanlar ýatdan çykdy.
Goranmak üçin çagalaryny orta alyp halka gurşup
toplanyşyp ugran gulanlar şundan soň amatly pursady
elden bermän, göterilip gaçmak bilen boldular.
Ýüreklerine howsala düşen toparyň şatyrym-şallak
155
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolşup gaçyp baryşlaryny diňe Möngözlüje synlady.
Iki topar açyklykda, ýylgynlaryň arasynda
gaçyşyp-kowşup, garyşyp uruşdylar. Olaryň arasynda
näme üçin çaknyşylýanyny bilmän, urşup ýörenlerem
bardy. Bular ýaş güjüklerdi. Şeýle-de bolsa olar hezil
edişip höwes bilen uruşýardylar. Sebäbi olaryň hem
batyr serkerde bolaslary gelýärdi. Uruşlarda ýaka
tanadyp serkerde bolunýanlygyny olar köp eşidipdiler.
Garry köpek: «Basyň, arkaňyzda özüm bardyryn!»
diýip, töweregini söweşe ruhlandyryp, urşup ýörşüne
köne duşmanyna, möjekleriň serkerdesine gabat geldi.
Olar diş gyjaşyp garpyşdylar.
- Sen häzirem dirimi, garry melgun?
- Men entek seniň bokurdagyňy çeýnemän
ölmerin.
- Garrylyk seni bireýýäm öldüripdir. Ýöne sen
namart ekeniň. Öleniňi şindem boýun almansyň.
- Häzir men seniň başyňa şeýle bir tomaşa getirin
welin, gaçyp gutulsaň kaýyl bolarsyň.
Möjek garry köpegi basa düşmäge, ony tüýt-müýt
etmäge howlukmady. Garry süňküň tiz ýadaýanyny
ýatlap, ony ýadadyp, soňundan ýeňmek üçin oýnap
uruşdy. Ol özüniň güýçli kükregi bilen aňyrdan gelip
batly uran mahaly garry köpek entirekläp yza çekildi.
- Meniň häzir seni pişigiň ele salan syçanyny
oýnaýşy ýaly oýnasym gelýär. Şeýtsem, meniň senden
köp ýamanlyk gören ata-babamyň ruhy şat bolar 156
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
diýip, möjek has-da öjükdi.
- Sen, gowusy, öz janyňyň aladasyny et.
Möjek ikinji gezek gelip uranda garry köpek onuň
öňünde durup bilmän serrelip arkan ýykyldy.
Möjek uzak çekeleşip durman garry köpek bilen
bellisini etmek üçin, ony gabyrdadyp basyp garysynyň
aşagyna alan wagty, haýsydyr bir garaşylmadyk güýç
ony ýeňsesinden dişläp silkdi.
Hiç bir güýje garaşmadyk möjek birbada nämenämeleriň bolýanyna düşünmän urnup, janagyryly
çyňsady.
- Aýryl-ow, öläýse nätjek?
Möjek bu söze şeýle bir haýran galdy welin, ol
esli wagtlap öz ýeňsesinde özüne zat degmän duranyň
itligine hem ynanyp bilmedi.
- Sen, kim? - diýip, ol geň galyp sorady.
- Aý, men ýolbars-laý - diýip, Möngözlüje bu
tanyşmak isleýändir öýdüp, göwünjeňlik bilen, özüniň
dostlaşmaga taýynlygyny mälim edip ysyrgandy. Ýöne
onuň eden çaky çykmady. Möjegiň sözi soňra has-da
teýeneli boldy.
- Sendenem bir ýolbars bolarmy? Sen - it. Biz size
ýuwundyçy diýýäris.
- Diýeňde näme? Ýuwundy hem ajygsaň iýmezçe
ýal däl.
- O-how, üstesine sen samsygam ýaly-la diýip, öz kemsidiji gürrüňlerine Möngözlüjäniň
157
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gaharlanmaýanyny görüp, has-da geň galdy.
Soňundanam «Bu aňkaw bilen sene-mene edişip
durman, bokurdagyny çeýnäýin diýip, onuň üstüne
zyňdy. Möngözlüje keýpine onuň bilen dikleşdi. Öňem
ýakalaşýanlara onuň gözi gidip durdy. Möjege dessine
garşydaşynyň güýçlüdigi, bir ýol bilen nädibem bolsa
onuň deminden sypmalydygy anyk boldy. Möngözlüje
uzak çekeleşip durman, ony gaňryp basdy. Möjek
özüniň ölümini boýnuna alyp, onuň aşagynda ýatan
ýerinde çyňsady. Şol arada Möngözlüjäniň zerur işi
ýadyna düşdi. Ol sen-men ýok möjegiň üstünden turup
gitdi-de, baryp bir çöpüň gapdalynda art aýagynyň
birini göterip, yzgar sepeledi. Möjek onuň bolşuny
synlap, hiç zada düşünip bilmedi. Şundan soň ol has-da
geň galdy. Pursatdan peýdalanyp, gaçmak bilen boldy.
Serdaryň ökje göterenini görüp, töwerekde urşup
duran beýleki möjekler hem onuň yzyna düşdüler.
Möjek ýagşy ara açansoň, aýak çekip yzyna
seretdi. Öz asgynlygyny duýdurmazlyk üçin soňam
şol ýerde durup tarp atdy:
- Ýuwundyçy, bir çolarakda sen ýene-de meniň
elime düşersiň. Şonda men seniň külüňi çykaryn!
- Duşsak nä, ondakysyny şonda görübermeli borda - diýip, Möngözlüje çommalyp oturyşyna möjegiň
dişleşdiren ýerlerini ýalaşdyryp, äwmezlik bilen jogap
gaýtardy.
Gaçjak gaçyp, galjak galyp, töwerekde apyla158
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
sapyla sowlansoň, meýdanda ýatan bäş jansyz göwräniň
söweş pidasy bolandygy anyk boldy. Bäşiň üçüsi
garry köpegiň toparynyň itleridi. Gara gaýyň ölenleriň
arasynda aýlanyp, «Belki, oýanar» diýen inçe tama
bilen janagyryly çyňsady. Söweşden çykan itler häzir
hersi bir ýerde ol-bu ýerlerini ýalaşdyryp, iňdiki boljak
maslahata garaşyp otyrdylar. Göwni biten garry köpek
birsalym oturyp, demini dürsänsoň, iki-ýeke basyp, bir
çetde ýatsyrap oturan Möngözlüjäniň ýanyna geldi.
Möngözlüje ör turup ony hormatlady.
Iki it ysgaşyp bir-birlerine mylakatly sözler
aýdyşdylar.
- Hiç neneň uruşmadyň.
- Şeýtmek-de gerekdi-dä.
- Bu başlangyjydyr. Seniň hakyky söweşleriň
entek öňdedir.
- Näme bolsa görübermeli bolar-da.
- Ine, munyň dogry. Ertire pal atmanyň hökmanlygy
ýok - diýip, garry köpek eşiden jogabyndan hoş bolup,
ony ýürekden makullady. Sebäbi bu jogap soňuny
saýmaz batyrlaryň beräýýän jogabydy.
Gara gaýyň birsalymdan olaryň duran ýerine
gaýdyp geldi.
- Seniň gelip bize goşulanyň gowy boldy - diýip,
ol Möngözlüjä özüçe minnetdarlyk bildirdi. Bu sözleri
ol ýogsam, biz has uly betbagtlygyň üstünden barardyk
diýen manyda aýtdy. Soňra öwrülip nazaryny garry
159
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
köpekde saklady.
- Aýtmadymmy men? Bu mön görünse-de
soňundan üýtgeşik it bolar diýip. Onuň aýaklarynyň
birisi alty barmakly. Şol bolsa onuň geljekde serkerde
boljagynyň alamaty. Töwerekden toplanyşyp ugran
gyzylgurtlar Möngözlüjäniň aýagyna sereden wagtlary
çetki art aýagyň penjeden dört barmak ýokarsynda şol
diýilýän altynjy barmagy gördüler. Şondan soň olar
öň eşiden zatlaryna ynanýandyklaryny mälim edişip,
kaýyllyk bilen başlaryny aşak salladylar. Möjek
kanuny boýunça orda serdarlygy darkaş gurup, güýç
görkezilip eýelenilýän derejedi, ýöne bu gezek şol
adaty kada bozuldy. Şu söweşden soň garry köpek
nädip özüniň serdarlykdan çetleşenini hem duýman
galdy. Hiç kim beýle bolar öýtmeýärdi. Hemmeler
serdarlyk üçin juda gazaply söweşiň bu gün bolmasa
erte boljagyna ynanýardy. Ata-babadan arkama-arka
aşyp gelýän kada-kanun şeýledi. Meseläniň şeýle
parahatlyk bilen çözülmegine, köp gowy ýatlamalary
garry köpegiň gaýratly wagty bilen bagly bolan gara
gaýyň has-da begendi. Sebäbi ol garry köpegiň öz
töwereginde bolmagyny, onuň diňe bir özüne däl,
orda hem köpi gören maslahatçy hökmünde entekler
gerekligini duýýardy.
Möngözlüje şeýlelik bilen nädip özüniň bu topara
goşulanyny hem duýman galdy.
Onuň üçin adaty bolmadyk, şol bir wagtda bolsa
160
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
öňki durmuşyndan has gyzykly bolan başga bir durmuş
başlandy. Indi onuň ýaşaýşy adamlaryň arkasyndan
taýyn iýip ýören itiň ýaşaýşyndan düýbünden
başgaçady. Gyzylgurtlara mahsus bolşy ýaly, indi olda öz rysgalyny gözläp tapmalylaryň biridi. Bu bolsa
öz gezeginde hereketi, ugurtapyjylygy talap edýärdi.
Emma Möngözlüjäniň munuň tersine sadadan gelen
geleňsiz häsiýeti bardy. Gyzylgurt toparynyň arasynda
ilkinji ýaşap ugran günlerinden onuň gerekmejek it
häsiýetleri sep açyp, şu kemçiligi duýduryp ugrady.
Onuň bu bolşy topardaky özüne göwni ýetýän
gyzylgurtlaryň lapyny keç etdi. Möngözlüjäniň ertirki
gün deňli-derejeli serkerde bolup ýetişjegine şübhe
döretdi.
Gyzylgurt serdarynyň borjy orda baş bolup,
ony gazaply söweşlere, ganly awlara äkitmekdi. Her
gezek aw awlananda, indiki awlaryň häzirkidenem
ganly boljagyna töwerekdäkilerde ynam döretmekdi.
Möngözlüje welin bu zatlar hakynda pikirem etmeýärdi.
Ýogsam, gara gaýyň oňa her ýagdaýda nähiliräk
bolmalydygyny häli-şindi ýeri gelende aýdyşdyrýardy.
Ýöne Möngözlüje onuň bu aýdanlarynyň hemmesini
adaty samralýan aýal gepi hökmünde üns bermän
gulagynyň duşundan geçirýärdi. Serdarlyga mynasyp
zady onuň diňe gara güýjüdi. Serdarlyk derejesi bolsa
oňa gara gaýyň «Meniň serdarym!» diýip ýüzlenen
wagty ýadyna düşýärdi. Ordany özüne tabyn edýän-de,
161
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
serdaryň adyndan awa alyp gidýän-de gara gaýyňyň
özüdi. Gara gaýyňyň serdarlyk edere mümkinçiligi
bardy. Ol garry köpek bilen ýaşan iki-üç ýylynyň
içinde ondan köp zatlar öwrenipdi. Häzir ordanyň
başyny bozman saklaýan hem gara gaýyňyň serdara
mahsus bolan şol hereketleridi.
Şeýle-de bolsa biraz mahaldan Möngözlüjäniň
serdarlygyna göwni ýetmeýän, onuň erteki gün hem
mynasyp serkerde boljagyna ynanmaýan gyzylgurtlaryň
iki sanysy topary taşlap gitdi. Möngözlüje olaryň
gitmegine ähmiýet hem bermedi. Sebäbi oňa bu ýerde
gara gaýyňdan, onuň jadyly zenan mährinden başga hiç
zat gerek däldi. Onuň özüni-de bu ýerde saklaýan şol
gara gaýyňyň yhlasydy. Ol yhlasy bolsa Möngözlüje
her ädimde duýýardy. Onuň göwnüne gara gaýyň ony
özündenem eý görýän ýalydy. Bu, hakykatdanam,
şeýledi. Gijelerine Möngözlüje sährada onuň bilen
çapyşyp, oýnaşyp gezerdi. Dünýäni unudardy. Ne
ýaltanardy, ne-de ýadardy. Gijäniň içinde özüniň
Gara gaýyň bilen ikiçäkligine başga dünýäde hiç bir
zadyň ýoklugyna ynanardy. Bar-da bolsa bu pursatda
başga hiç zat onuň gözüne ilmezdi. Sährany öňe
alşyp, çapyşyp barýan wagtlary ol ýene biraz ylgawy
güýçlendirseler, özleriniň aýaklaryny ýerden üzüp
uçup gidiberjeklerine hem ynanýardy.
Möngözlüjäniň uçanda asmandan öz gören
zatlaryny gara gaýyňa hem diýseň görkezesi gelýärdi.
162
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Asmanda bulut bar güni bolsa ol hyýalynda gara gaýyň
bilen uçup, buludyň üstüne barardy. Şol ýerden olar iki
bolup ýeri synlap oturardylar...
Şol günleriň birinde ordany duýdansyzlykda
taşlap gürüm-jürüm bolanlaryň biri-de garry köpek
boldy. Duýlup yzy yzarlanan mahalynda onuň daga
tarap gidenligi belli boldy. Garry serdaryň ikinji
derejeli serdar bolup ýaşamagy ýüregine sygdyryp
bilmän gidenligi belli boldy.
***
Yzynda geologlar obajygynda bir bolmasy
işiň bolanyny topar bilen gezip ýören ýerinde
Möngözlüjäniň süňňi syzdy. Onuň gelip orda bilen
gezip ýörenine eýýäm birnäçe gün geçipdi. Erbetligi
syzansoň, onuň oturyp-turup mazasy bolmady. Ol bir
öwrümde yzyny ýatlap gara gaýyňy, onuň gyzylgurt
toparyny galdyryp goşa dolandy. Möngözlüjäniň
şol süňňi syzan wakasy geçen agşam il ýatyşansoň
bolupdy. Çetdäki çadyrda ýaşaýan geologlaryň birisi
gijäniň bir wagty aýagujunda hereket duýup oýandy.
Ol bu aýaguçdaky gymyldyny goňşy krowatda ýatan
ýoldaşynyň uky arasynda uzan eli hasaplany üçin,
aýaklarynyň birini biraz ýeňsä itermekçi boldy. Şol
arada nämedir bir zat onuň başam barmaklarynyň
163
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
birine hatladyp agyz saldy. Aýaga awuly tiken çümen
ýaly bolup, jaslap gitdi. Ol hopugyp, ýalpa gözlerini
açdy. Şonda ol aý aýdyňa çalasynlyk bilen işini
bitiren ýylanyň krowatlaryň arasyndaky açyklyk bilen
ýaýkanyp, çadyryň çykalgasyna ýetip barýanyny gördi.
Geolog ýigidiň aljyraňňy sesi sanlyja minutyň
içinde töweregi som-saýak etdi. Ähli zatda ýaşululyk
edýän Jepbar ussa ýene-de dessine bu ýere geldi, ýylan
zäherini göwrä tarap goýbermezlik üçin onuň aýagyny
üç ýerinden pugta bogdurdy. Gyzyl nokat bolup,
bildirip duran diş yzlarynyň ýerini tyg bilen dilişdirdi.
Ilkinji berilmeli kömek berlensoň geologlar rasiýa üsti
bilen gepleşip dikuçar çagyryp, ony golaýdaky lukman
bar bolan, merkezi çopan goşlarynyň birine getirdiler.
Adamlaryň ýüzleri agyrdy, olar bu wakanyň
bolmagyna belli bir derejede özlerini günäkär
hasaplaýana meňzeýärdiler. Bu ýüzler Möngözlüjä
ýene bir gezek şol gezip ýören ýerinde syzan
betbagtçylygynyň bolanlygyny nygtady. Ol töwerekde
aýlanan bolup, keýpsiz bir gapdalda işiň gidişine syn
edip, çilim çekip oturan Jepbar ussanyň ýanyna geldi.
Ussa biraz açylyşyp onuň kellesinden, ýagyrnysyndan,
ýüzünden birki ýola sypalaşdyrdy. Ýakymsyz çilim
ysy-da häzir ony hemişekiler ýaly Jepbar ussanyň
ýanyndan kowup bilmedi. Galyberse-de, Jepbar ussa
golaý bolmak onuň çagalyk endigidi. Öňler, kiçijik
güjüjek wagtlary Jepbar ussa ony çaga ýaly edip
164
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gujagyna götererdi. Ýüz-gözüni sypalap, onuň çaga
hereketlerine guwanardy.
- Gaplaň, bir bolmasy iş-ä boldy özün-ä...
Gije ýatyrka bir ýylan gelip, ol biziň ýoldaşy çakyp
gidipdir. Ýylan degmedige-hä degýän-ä däldir özün-ä
welin, ýöne şu gezeg-ä şol kada bozuldy... Belki-de,
ol oglanlaryň bäş-alty günlükde ýolda maşyn basdyran
ýylanynyň taýydyr. Ony diýseňem, ýylany depgileden
biri, onuň çakýany bolsa başga biri. Ol neresse şol
gezek kemteresinden maşynyň töwereginde hem
ýokdy ahyry.
- Möngözlüjäniň Jepbar ussany diňledigiçe
ýylanyň batyrlygyna gahary geldi. Jepbar ussa ýene
biraz sesini çykarman oturansoň, çiliminiň galyndysyny
ýere taşlap, ädiginiň burny bilen ony gaharly basyp
mynjyratdy-da: - Belki, Gaplaň, sen bolan bolsaň, bu
waka bolmazdy. Seniň soňky döwürlerde bir ýerlerdehä düşegiň ýumşady! - diýip, gepiň gerdişine görä,
ýüzugra oňa hem biraz igendi.
Jepbar ussanyň bu sözleri aýtmagynyň öz sebäbi
bardy. Ol ýaşlykda «Ýaşajak ýeri çöl bolsa, muňa gerek
bolar» diýip, Möngözlüjä ýylan tutmany öwredipdi.
Zähersiz ýylanlary getirip, oňa tutluşylan mahaly
nireden dişlemelidigini, nähili goranmalydygyny,
göwünjeň geologlar bilen bilelikde ürç edip öwredipdi.
Soň birsalym Möngözlüjäniň ýylanlar bilen keýpine
tutluşan döwürleri hem bolupdy. Olar göz görensoňlar
165
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
şagallar ýaly, käte bir ýollary düşende aýlanyp gidýän
ýerleri bolan geologlaryň töwereginden aýak çekmäge
mejbur bolupdylar. Jepbar ussanyň sözünden şeýle bir
igenç duýulmaýan-da bolsa, Möngözlüje şundan soň
öz ynsabynyň öňünde birhili müýnürgedi. Oturyp,
töwerekde ýaşaýan ýylanlary ýatlaşdyrdy. «Bu iş olaryň
haýsy birisiniň işikän?» diýip, jogaby şol ýerden eşitjek
bolýan ýaly, böwrüne diň saldy. Töwerekde ýaşaýan
ýylanlaryň hemmesine, öň iş salşany üçin Möngözlüje
beletdi. Olar sanlyja maşgaladan ybaratdy. Iki-üç
kilometrlikdäki taşlanan guýynyň içinde alty-ýedi sany
kepjebaş ýaşaýardy. Beýleki topar gökýalta neberesidi.
Olar bäş-dört kilometrlikdäki alanda ýaşaýardylar.
Özleri-de hemişe gum ýorganyň aşagynda biribirleri bilen çolaşyp-çyrmaşyp ýatardylar. Tötänden
gabat gelip üstünden basaýmasaň, aňsat adam-gara
erişmezdiler.
Möngözlüje gijara ýalagyna guýlan nahary
iýip garnyny doýransoň, çapawulçylyk edip giden
ýylanyň ugruna çykdy. Ol köne guýa golaý baranda
dört sany serginlige çykan kepjebaşyň gaz bolşup,
töwerekde ýaýkanyşyp ýörenlerini gördi. Ol öz
bilýän ýylanly ýerleriniň bir-bir habaryny almagy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 08
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.