Latin

Çölüň deňiz günleri - 14

Total number of words is 3662
Total number of unique words is 2020
34.4 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Mugallym Ýegeniň islegine düşünip ýylgyrdy,
313
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
soňundanam oňa oturtmaga ýene-de birnäçe düýp
nahal berdi.
Okuwçylar nahallary ekip gutaransoňlar,
mugallym töwerege aýlanyp kimiň näçe nahal
oturdanyny hasaplady.
– Sen näçe nahal oturtdyň? – diýip, ol Ýegendenem
duşuna gelende, sorady.
Ýegen: «Bir, ýene-de bir, ýene-de bir...» diýip,
töwerekdäki öz eken nahallaryny bir-bir görkezişdirdi.
– Hemmesi bilelikde onsoň näçe bolýar?
– Bilemok – diýip, Ýegen mugallymyň öňünde
özüni müýnli duýup, egnini gysdy.
Ýegen entek mekdebe barmandy. Ol goşmakaýyrmagy hem bilmeýärdi.
– Zeleli ýok. Tizden senem mekdebe gatnap
başlarsyň, şonda sen diňe bir eken nahallaryňyň
sanyn-a däl, olaryň ýapraklarynyň näçeligini hem
hasaplap bilersiň – diýip, mugallym Ýegeniň göwnüni
göterdi.
IŇ OŇAT OBA
Zaman bir ýola ejesi bilen uzakda ýaşaýan
daýylarynyňka myhmançylyga gitdi. Hatar-hatar
jaýly, köçeleri asfaltly oba aýlanyp görensoň, bu ýer
oňa ýarady. Mundanam başga bu ýerde onuň gowy
314
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
görýän zatlary: gazly suwlar, buzgaýmak satylýan
ýerler hem bar eken. Owadan oba şähere meňzeýärdi.
Gelen güni Zaman pikirinde daýylarynyň obasyny öz
gören beýleki obalary bilen deňeşdirip, onuň iň oňat
obadygyna ynandy.
Myhmançylyga gelen gününiň ertesi ol ilki obada
galan enesini ýatlady. Hawa, soňra hemme zat hem,
hut, şundan başlandy: kakasy, agalary, bile oýnan deňduşlary, suwa düşýän güzerleri, iti Alabaý, ýene-de
öz obalary bilen bagly köp zatlar onuň ýadyna düşüp
ugrady.
Şeýle-de ol haýsydyr bir düşnüksiz güýjüň özüni
obalaryna tarap çekýänligini hem syzdy. Şundan soň
häli-şindi şu zatlary ýatlap küýsäp duransoň daýydaýzasynyň, olaryň çagalarynyň myhman hökmünde
özüne edýän hezzet-hormatlary-da onuň öýlerine
gaýtmak islegini asla kemip bilmedi. Häli-şindi ol
yzyny küýsäp tukatlandy.
Bir hepdeden Zaman maşynda ejesi bilen
myhmançylykdan gaýdyp gelýärkä, uzakdan öz
obalaryny görüp begendi. Maşynyň içinde oturyşyna
oňa tiz ýetmäge hem-de: «Iň oňat oba-ha sen ekeniň,
obam!» diýmäge howlukdy.
Näme üçin şeýledigine düşünmese-de, Zamana
öz obalarynyň dünýäde iň gowy obadygyny bilmek
diýseň ýakymly boldy.
315
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
BAÝDAK
Ol depe Ýusuplaryň öýlerinden şeýle bir uzakda
hem däldi. Bary-ýogy bäş-on minutlyk ýoldy.
Baýyrlardan üzňelikde ýeke özi sömelip durany
üçin bolsa gerek, oba adamlary ony «Ýeke depe»
diýip atlandyrardylar. Bu depe, dogrudanam, ýeriň
endamyndan dömen ýara meňzeş bir zatdy.
Depäniň üstüne çykyp, goňşy oba, ekerançylyk
meýdanlaryna, gamyşlygyň arasyndan akyp gelýän
Murgaba seredip oturmak diýseň hezildi. Depäniň eýle
tarapyndaky obanyň oglanlary gelip, käte şu depäniň
üstünde futbol ýaryşyny gurardylar. Ýöne näsaglap,
ýanyny düşege bereli bäri Ýusup köp oýunlary görüp
bilmändi. Birnäçe wagtlap onuň ýerinden galmaga
hem ýagdaýy bolmady. Diňe güýzün ahyrlaryna,
doktorlaryň däri-dermany ýene ony aýak üstüne
göterdi. Yraw-daraw ýöräp, daşaryk çykyp ugrady Ol
soňabaka her gün diýen ýaly, tä ejesi-kakasy: ''Köşek,
düşegine geç, az-kem dynç al, ýene birden süňnüni
gyzdyraýma» diýýänçä, arkasyny diwara berip,
güneşläp oturyşyna şol ýeke depä hyrydar serederdi.
Depe-de oýnalan oýunlar ýadyna düşerdi.
Ýöne bu gün ol depä seredensoň, öz haly bilen
bolmady. Ýüregi urgusyny güýçlendirdi. Onuň wagty
316
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bilen depede parlap görnen baýdakdan gözüni aýrasy
gelmedi. Kä goňşy obanyň, käte öz obalarynyň
oglanlary ýaryşma hyýal bolan mahallary Ýeke depä
çykyp, baýdak dikerdiler. Bu garşydaşlaryň: «Güýjüň
bolsa – taý çykar, ine, biz ýaryşa geldik!» diýdigidi.
Ýusup töwereginde begenjini paýlaşara adam
görmänsoň, irkilip ýatan güjüginiň ýalanan burnuna
pitikläp, onuň gözüni açdyrdy. Barmagyny uzadyp, oňa
Ýeke depäniň üstündäki baýdagy görkezdi. Bu güýz
düşeli bäri baýdagyň ilkinji gezek görnüp durşudy.
Ýusuby bu baýdak öz gününe goýmady. Hut
düýnüň özünde-de ol: «Entekler ol depä çykyp
bilmesem gerek» diýip, oý eden hem bolsa, şundan
soň onuň bu ýerde durasy gelmedi. Ol bar zady,
hatda özüniň şindi tapsyz syrkawlygyny hem unutdy.
Töwerekde ejesi görünmänsoň, ol baýdagy nazarlap,
gyrmyl-gyrmyl ýola düşdi.
Ýusup çir-çitir bolup baýra dyrmaşyp barýarka
durup, telim bir ýerde, depäniň üstünden tanyş sesleri
eşitmek üçin gulagyny ýere goýup diňşirgendi.
Imi-salalyk. Ne daban düňküldileri bar, ne-de
göçgünli tanyş sesler. Ýusup bile top depip oýnan deňduşlaryny göz önüne getirip, ýene-de baýdaga tarap
dyrmaşdy. Ol hasylap, demi-demine ýetmän daljygyp,
depä çykan mahaly, aňk bolup, esli wagtlap, sömelip,
bir nokada seredip durdy. Depede ne oglanlar bardy,
ne-de baýdak. Onuň hol, beýleräginde egni Keteni
317
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
köýneklije gyzjagaz bäş-on sany çekenäni öňüne salyp
bakyp ýördi.
ŞAHYR
Iň soňky sapak aýdym sapagydy. Mugallym adyny
tutup, Taňňyny tagta geçirdi-de, ondan öýe berlen
ýumşy sorady. Taňňy seňrigini ýygryp, çekgesini
dyrmalansoň, aşak seretdi. Bu onuň sapagy bilemok
diýdigidi.
Öňki partada oturan ak fartuklyja gyz Taňňynyň
ýüzüne seredensoň, ýanyja partadaşy bilen tersleşip,
aralyga çyzyk çekenini hem ýadyndan çykaryp, oňa
tarap süýşüp pyşyrdady.
– Şu, Taňňy oglan bir ýalta, goşgynam ýat tutman
gelipdir.
– Ziňkildemesene, özüň çyzdyň, indi özüňem
geçme! – diýip, ýoldaşy çyzylan çyzygy görkezip,
gaşyny çytdy. Gyz elini çekip aldy-da, partadaşyna
seredip, dodagyny çöwürdi.
Synp žurnalyna güýmenip oturan mugallym
partalaryň üstünde tokaý bolup duran elleri görse-de,
ol goşgyny başga bir okuwçydan soramady.
Taňňy birsalym ýüzüni salyp duransoň, başyny
göterip, burça seretdi, dodagy çömmerdi. Şundan soň
ony synlanlaryň köpüsi elini ýatyrdy. Sebäbi, Taňňy
geplän mahaly mydama dodagyny çömmeldip, bir
318
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýana seredip geplärdi. Häzirem onuň dodaklarynyň
çömmelmegi onuň geplejek diýdigidi.
Baharda baýra gitdim,
Köp kömelek çöpledim.
Gyzyl-ýaşyl güllerden
Ýassyk ýaly topladym.
– Wi... bu oglany, ol-a däl – diýip, öňdäki
partada oturan çepiksije gyz ýene-de elini öňe uzadyp
dillendi. Eýlekilerem mugallymyň bir söz diýerine
garaşyp üşerilişdiler. Taňňy hem mugallymyň ýüzüne
göz gytagy bilen syn edip, sakanaklansoň, ýene-de
goşgusyny dowam etdi.
...Göwnümizi göterdi
Dürli gülleriň ysy.
Mugallym Taňňy başlan goşgusyny aýdyp
gutarýança, ne oturyşyny üýtgetdi, ne-de ýüzüni.
Ýene baýra gelerin.
Öwüp goşgy ýazaryn.
Atam ýaly üstünde.
At çapdyryp gezerin.
Taňňy goşgyny tamamlap, ýere seretdi.
– Goşgyny haýsy kitapdan ýat tutduň? – diýip,
319
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
mugallym biraz dymansoň ondan sorady.
– Özüm, özüm ýazdym...
Okuwçylar gulaga öwrülip üşerilişdiler.

Mugallym, ol «Güneşden» göçüren
bolaýmasyn, şonda goşgy kän çykýar – diýip, kimdir
biri ynamsyzlyk edip, yzdan seslendi.
– Ýok, beýle däldir-le, goşga üns beren bolsaňyz
onda Taňňynyň diýäýjek zatlary ýok däl.
Atam ýaly ustünde,
At çapdyryp gezerin.
Bu setirleri ýazan mahaly Taňňy, dogrudanam,
öz serkerde atasyny ýatlapdyr. Hakykatdanam, oň
atasy ülkämizi keseki duşmanlardan gorap gezen belli
adamlaryň biri.
Taňňy atasy hakynda başlanan söhbetiň
uzalmagyny islese-de, mugallym gürrüňi şundan artyk
äkitmedi.
Kem-kemden okuwçylar Taňňa gözügidijilik
bilen seredişip başladylar.
– Şahyr, öýe berlen ýumşa sowuk-sala çemeleşeniň
üçin bu gezek saňa käýemäýin, ýöne indiki aýdym
sapagynda ýene-de sorajagymy bek belle. Goşgyny
hem sapaklaryňdan boş wagtyň ýazyber. Emma şu
zady hem ýadyňdan çykarma, şahyr bolmak üçin
320
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
köp okamaly, köp bilmeli, duýmagy başarmaly.
Sapaklaryňa hem yhlas bilen ýapyşmaly...
Şu wakadan son häli-şindi Taňňynyn adynyň
yzyna «şahyr» lakamy tirkelip ugraldy.
Hol gün synpdaş gyzlaryň biri ejesi bilen bir
ýerden gaýdyp gelýärkä, Taňňa duşup, ony ejesine
görkezdi:
– Eje, şoňa seret, şol oglan biziň synpymyzyň
şahyry.
Taňňy bu gürrüňi eşitmediksirese-de, özünin
«şahyr» diýlip tanalýanyna monça boldy. Ýene bir
ýola bolsa 8-nji synpda okaýan Sapar atly oglan ony
gözläp ýörite geldi. Ýuwaşlyk bilen bir gyzyň şanyna
goşgy düzüp bermegi, ondan gara çyny bilen haýyş
etdi. Ol oglanyň haýyş edişine görä gyz goşgyny okap,
tapyr-tupur oňa aşyk bolmalydy. Özi-de gezeginde bir
gap şokolad hem «Kyrk teňňe» atly gyzykly kitaby
sowgat etjekdigini aýtdy.
Ýöne Taňňy näçe çytraşsa-da:
Men seni söýýärin,
Yşgyňda köýýärin.
– diýen iki setirden özge, söýgi barada hiç zat
ýazyp billmedi. Oňa derek kebelek hakynda bir
goşgy ýazdy. Goşga garaşyp, mat bolan Sapar: «Aý,
321
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ol hakyky şahyram däl eken-laý» diýip, onda-munda
göwnüýetmezçilik etse-de, onuň sözüne ynanan adam
bolmady.
Taňňynyň dowlundan soň, mekdepde şahyr
boljak bolup goşgujyk ýazanlar başga-da köp boldy.
Ýöne olaryň hiç biri hem Taňňy ýaly şöhrat gazanyp
bilmedi. Onsoň olaryň özleri ýuwaş-ýuwaşdan goşgy
ýazmalaryny taşlap ugradylar.
Bir ýola arakesme mahalynda Taňňy öz synp
ýolbaşçylary bilen başga bir mugallymyň özi hakda
gürleşýän wagtyna pete-pet geldi. Aýak çekip
diňşirgendi.
– Şahyryň hakynda seniň özüň nähili pikirde,
onuň dabarasy ýaman uly boldy-la.
– Şeýl-ä boldy özün-ä, ol hakyky şahyrmy ýa-da
dälmi, on-a biljek däl, ýöne onuň oňat zada guwanmagy,
erbet zady seljerip, ýigrenip bilýänlig-ä hak. Okuwyna
hem yhlasy erbet däl...
Mugallym ýene bir zatlar diýdi. Ýöne synpa
çagyrýan jaňyň turzan gohy oňa başga hiç zat
eşitdirmedi.
GÜÝÇLI
Orazyň özünden göwni hoşdy. 4-nji «B» synpda
okaýanlar ony öz aralarynda: «Iň güýçli, taýsyz» diýip
322
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
hasap edýärdiler. Oglanlar ondan birneme çekinerdiler.
Synpda öýlerinden getiren gutabyny, şokoladyny
Oraz bilen bölüşip, oňa ýaramsaklyk edýänler-de ýok
däldi. Gyzlar bolsa ondan çekeräk bolanlaryny kem
görmezdiler. Orazyň ýanynda ýoldaşlaryny ynjytmak
eşekden palan alança-da ýokdy. Islese her kime bir
lakam dakardy. Ol inçejik Ýusuba «çöpünjik» diýse,
Törä kellesi goçak bolany üçin «Butdaşkelle» diýip
ýüzlenerdi. Soňabakan onuň okuwçylara berýän
azary has artyp ugrady. Mugallymyň beren temmiside oňa tär etmedi. Düzelmäge söz berse-de, beren
sözüni şol ýerde unutdy. Gaýta ynjap, mugallyma ýüz
tutan ýoldaşlaryna «şugul», «akjyk» diýen lakamlary
dakyşdyrdy. Olary gören ýerinde: «Akylyňyza
mugallym näme berdi, ýyrtyk ýeriňize ýamalak
aldyňyz gerek? Hany, tahýaňyzy aýryň, seredeýin,
ýene size şah çykan bolaýmasyn?!» diýip, olaryň
üstünden gülerdi. Onuň ýalan hikirdisi, her ädimde
men-menlige ahyrsoňy oglanlary ymykly oýlanmaga
mejbur etdi.
Bir gün Orazyň mekdebe gelmedik güni oglanlar
toparlanyşyp, oňa öý işleri göçürtmezligi, ýarymsaklyk
etmezligi, gerek bolsa garşysyna çykmagy hem öz
aralarynda dilleşip, maslahat etdiler.
Ertesi Oraz mekdebe gelende jaň bolmaga entek
wagt bardy. Ol öýden gaýdanda, düýnki öýe berlen
323
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
işi oglanlaryň birinden, mugallym synpa girmänkä,
hasyr-husur göçürmegi, soňundanam biraz basalaşyp
oýnamagy niýet edinip gaýdypdy. Ol otaga giren
mahaly bir zatlar ýazyp oturan Töräni görüp begendi.
– Butdaşkelläm, geldiňmi? Munuň kellesi durşy
bilen hasap-hesip ahyryn, hany, depderiňi al, öý işi
göçüreli?!
– Depder-ä ýok.
– Näme, näme? – Oraz ör-gökden geldi. – Sapak
gutaransoň hasaplaşarys – diýip, ol Törä ýumrugyny
görkezdi. Orazyň bu gün Töräni kakaýmasa
ynjalmajagy hakdy. Hemmeleriň garaşyşy ýaly hem
boldy.
Soňky sapakda bolmadyk Oraz ýoluň gyrasyndaky
ýandaklykdan ör turanda Ýusup bilen tirkeşip barýan
Töräniň ýüzi derçigip gitdi. Syrylan kellesi kibtine
giräýjek boldy. Gaçmak üçin yza tesdi. Ýöne Orazy
görüp ylgaşyp gelen oglanlar ony goýbermediler.
Hasanaklap gelen Oraz ýakadan almaga ýetişsede, el salmaga ýetişmedi. Topbaklygy bilen üstüne
zyňan göwre Orazy ýere ýazdy. Bu Ýusupdy. Şundan
soň oglanlar hüwmek bolşup, Orazy aralaryna aldylar.
Kim ony döwüp alan ýandak çybyjygy bilen saýgalasa,
ýene biri lineýkasyny onuň depesinden inderýärdi.
Urmaga çemeli zat tapman kemerini sogrup alan
Töre hem bir eli bilen balagyny tutup, beýleki
324
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
elindäki kemeri bilen Orazy gerňeýärdi. Oraz özüniň
garşylygynyň biderekligine göz ýetiren bolsa gerek. Ol
birki ýola elini salgan-da bolsa, soňundan ýüzin düşüp
möňňürip ugrady. Töwerekden uly adamlar ylgaşyp
gelmedik bolsa, oglanlar ony entekler ýençmekçidiler.
Olar ýaňy gyzyşyp ugradylar ahyryn.
***
Bu waka mekdebe dessine ýaýrady. Şol günüň
ertesi 4-nji «B»-leriň oglanlary tagtanyň öňüne
geçip, hatara durdular. Oglanlaryň hersi indi gaýdyp
uruşmajaklaryna söz berensoň, nobat Oraza ýetdi.
Ol köpçülikden bir ädim gapdalda ýeňsesini gaşap,
ýüzüni sallan bolup durdy.
– Indikile uruşman...
– Hany, doluja aýt, gatyrak aýt özüňem, ýogsam,
hol yzky partada oturanlara eşidilenok! – diýdi-de,
mugallym ondan sözüni täzeden gaýtalamagy talap
etdi.
– Men indikile öz ýoldaşlarymyň göwnüne
degmerin!
Ynamdan düşeni üçinmi, nämemi, mugallymyň
onuň sözüne ýene-de ynanasy gelmedi. Okuwçylara
ýüzlendi:
– Orazyň sözüne bu gezek ýene ynanarysmy?!
325
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Synpyň içi dym-dyrslyk boldy. Hiç kimiň
birbada dodagy gymyldamady. Diňe birhaýukdan soň
«çöpinjik» lakamly Ýusup ýerinden turdy.
– Ynanaýyň, mugallym, Oraz bu gezek dogrusyny
diýýär. Indi oňa düzelmekden özge alaç ýok. Düýn Oraz
iň güýçliniň kimdigine gözüni ýetirendir, ynanaýyň,
ýoldaş mugallym!
Hemmeler bir-birleriniň ýüzlerine seredişip
ýylgyrjaklaşdylar. Oraz hem gyzaryp durşuna
ýylgyryp, ýeňsesini gaşady.
GULPAK
Gulpak gyzjagazlaň başyna, baý, gelişýär-ä.
Ýuwup, dagam bir darap goýberseň, ana, ony onsoň
gör, edil ýüpek ýaly bolup, eliňde akyp, seçelenipdökülip durandyr. Ony örüp dagam bir köwlendirip,
lenta dakarsyň welin, gyzjagazyň her egniniň üstünde
bir ak gül parlap bir penje bolup açylyp dursun. Şonda
gyzjagaz jaýtyldap, towsaklap ýören geçi owlajygyna
meňzär. Onsoňam gulpak-da bi, ol entek uzalyp-össe
dagy gyzjagaza, gör, nähili görk berer. Ony şol halda
gören ýigidiň ýüregi «jig-g» edäýmezmi?! Ana, onsoň
gyzyň öňünde ýuwdunyp, derçigip gürläp bilmän
duran ýigidiň bardyr.
Ýöne häzir welin ýagdaý düýbünden başgaça.
Gyzjagazam uly gyz däl, gulpajyklar olaram ösüşde.
326
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Asylam soňky döwürde gyzjagaz mekdebe gatnap
ugransoň, ol gulpaklar eýesine halys dert hem bolaýdyda. Töweregiň garagolam ýetik. Birde bolmasa, birde
ol garagollaryň biri oýun edip, ondan çekip goýberýär.
Onsoňam şu oglanlaryň gelşikli gulpak görseler,
gözleri gidýärmi ýa-da gyjynýarmy, nämemi asla
durup bilenoklar.
Hol gün gyzjagaz mekdepde jaň kakylyp,
daşaryk çykmak üçin ör galanda, kimdir biri onuň çep
gulpagyndan çekip goýberen ýaly boldy. Haçanda ol
saçyndan çekeniň kimdigini anyklamak üçin ýalta
yzyna gözlän mahaly öz bir gulpagynyň partadaşynyň
gulpagyna çatylandygyny, häzir onuňam saçyndan
çekeniň kimdigini bilmek üçin ýeňsesine öwrülenini
gördi. Munuň, elbetde, yzdaky partada oturýan
oglanlaryň işidigi belli zat. Haçanda, gyzjagazlar
özlerine tarap öwrülen mahaly olar gülkülerini zordan
saklaşyp, oňa-muňa seredip, hiç zatdan habarsyz
bolandan boldular.
Gyzjagazlar birbada, elbetde, garagollardan gaty
görýärler. Şol wagt olarda ejeme, kakama arz edeýin
diýenem bir pikir döreýär. Ýöne her gezegem ol pikir
çekilen gulpaklaryň düýbi agyrmagyny goýan dessine
olaryň ýadyndan çykýar.
Birsalymdan görseň olar ýene daşarda oglangyz bolşup, goşulyşyp, köýneklerini pasyrdadyşyp,
haýsydyr bir hezil oýun oýnaşyp ýörendirler.
Şonda olaryň bu bolşy «Hany, entek men oýnamaly
327
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
oýunlarymy oýnap, okamaly okuwymy okap, bir
ulugyz çykaýyn, siziň bilen onsoň hasaplaşaryn»
diýýäne meňzeýär.
...Ana, onsoň melek gyzyň öňünde ýuwdunyp,
derçigip, çagalykda eden ähli garagolluklaryna ökünip
duran ýigidiň bardyr. Il içinde oglanjyk çeken gulpak
has tiz ösermiş diýenem bir ynam bar. Haý, özem şol
dogram bolsa gerek.
Gör, indi ol gyzjagazlaryň gulpaklarynyň ösüpýognan, gün-günden ulugyzlaryň saçlaryna meňzäp,
owadan bolup barşyny...
GYRANLY BABANYŇ
ERIKLERI WE ÝENEKILER
Gyryň düýbüni ýalap akýan Ýekeýüz ýabyň
boýunda iki-üç ýerde ýagşy ýaşyny alan erikleriň
birnäçesi her ýerräkde, her ýerräkde iki bir, üç bir
bolşup ösüp otyrdy. Ýaşap giden ol erikler üstesinede beýleki oba eriklerinden biraz irem ýetişerdiler.
Onuň belli eýesi-de ýokdy. Arka ýüzünde öwlüýä bar
bolansoň, esasanam, ol zyýarata-ýenä öwlüýä gelenler
iýsin diýlip, kimdir biri tarapyndan haýyr-hudaýýoly
hökmünde ekilen daragtlar hasap edilerdi. Soňky
ýyllarda onuň gapdalynda kolhozyň towukhanasynyň
jaýy bolup, kim ol ýere göçüp gelip, towuk çopan
328
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolsa, eriklere-de şol eýemsirärdi.
Şol erikler hal atyp, biz bir bölek oba oglanlary
bolup, Meret nekäniň gazabyna düşen günlerimizden
owal ol erikler towukçynyň öýüniň aňry ýanynda
obanyň bir çetinde, Ýekeýüzüň raýyşyny ýassanyp
turan ak öýde ýaşaýan Jumanýaz dogtaryňkymykan
öýderdik. Onuň şetdalyly, almaly giden meýdany tutup
oturan bagyna biz öňdenem beletdik.
Obada onuň oturan jaýyna hünäri-kesbi bilen
baglap, mal dogtaryň jaýy diýerdiler. Onuň aňyrsynda
bolsa kolhoza degişli Kämirän babanyň üzümçiligi.
Biziň obada baglar öz bagbanynyň ady bilen tanalýar.
Ondan aňyrky kelteräk boýly, başyna gögüş matadan
selle oraýan Weli akganyň, soňra Juma janje diýilýän
adamyň üzümçiligi bolup, Gyranly babanyň eriklerinden
başlanýan bagçylyk bir-birlerine sep bolup ýaýrap
gidýär. Biziň bu erikleri Jumanýaz dogtaryňkydyr
öýdüp ýörmegimizem şonuň üçindi. Onuň enesiniň
başynda biziň obanyň aýallarynyňka meňzemeýän,
daşyna ak hasa çolanan uly topbusy bolardy. Biz erik,
alma çilermen bolup, töwerekde köwsarlap ýörkäk, şol
topbyny görsek, dessine gizlenmek bilen bolardyk. Bu
aýal hem Jumanýaz dogtar instituty gutaryp, biziň oba
mal dogtar edilip iberilen döwürleri peýda bolupdy.
Jumanýaz dogtaryň bizden bir ýaş uly hortaň,
uzyn ogly Mätjan bizden bir synp ýokary 5-njide,
329
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
onuň özünden kiçi gyz jigisi bolsa bizden bir synp
pesde okaýardy. Ýöne olar biziň Gyranly babanyň
eriklerini gyrraýdýandygymyzy görseler-de, öz
gapdallaryndaky iki düýp erige degmesek, kowjakdegjek bolup ýörmezdiler.
Ýöne bag bolsa, onuňam miwesi bolsa, bizem
gören zadyna dyrmaşyp, dalaşyp ýören oglan bolsak,
hany, onsoň bizi nädip saklajak!?
Biziň
bu
döwürdäki
garagollyklarymyz
Jumanýaz dogtaryň ogly Mätjanyňam ýadynda galan
ekeni. Segseninji ýyllarda men Anna Kowusowdan,
Abdyreşit Taşowdan ybarat ýazyjylar topary bilen
Gazojagyň gazçylarynyň arasyna duşuşyga bardym.
Şol duşuşyklaryň birinde meniň çykyşymyň yzysüre
märekäniň öňräginde oturan uzyn boýly bir adam
meniň ýaşlykdan gysgaldylyp tutulan adymy tutup,
maňa ýüzlendi:
– Aga, hany, özüň barada gürrüň bersene! – diýip,
meni tanap ýylgyrdy.
Görsem, ol Jumanýaz dogtaryň ogly şol Mätjan
ekeni. Olar biziň obadan men ýedinji-sekizinji
synplarda okap ýörkäm, göçüp gaýdypdyrlar. Ol
bu ýerdäki gaz inženerleriniň biri ekeni. Men oňa
sataşanyma çagalygyma duşan ýaly begendim.
Elbetde, Gyranly babanyň erikleri-de, Meret neke-de
ýatlanyldy...
330
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Biz şol gezek Gyranly babanyň bir çeträkde duran
erigine dyrmaşanymyzda biz alty-ýedi dagam bardyk,
topar Hommatjadan, Akynýaz, Ýazgeldiden Gurluşdyr
Sydy Hommatjandan, Apbatdyr menden ybaratdy. Hal
atan erikler bolsa ýaşyl ýapraklaryň arasynda ýalp
berýär.
Töwerekde
adam
görünmese-de,
erigiň
goragçysyz däldigi hem pikirimizde. Erigiň düýbüni
ýalap, akyp ýatan suwdanam balaklar çermelip,
hüşgärlik bilen girilip geçildi. Galyberse-de, günortan
hemmeleriň yssa çykman, köplenç, öýünde oturýan
mahaly... Ýapraklaryň aralaryny dörüşdirip, ýaňy hal
atan eriklerden birini iýip, beýlekisini köýnekleriň
içine salyp ugranymyzam şoldy welin, towukýatak
tarapyndan dükürdäp, barha golaýlaşyp gelýän at
aýagynyň sesi eşidildi. Ol atlyny biz ilki öz aladasynyň
ugruna barýan bir ötegçidir öýtdük. Onuň gapdaldan
geçip giderine garaşyp, indi her kim oturan-oturan
ýerinde görünmejek bolup, bukulyşyp otyr. Ýöne
beýdip bukulyşan bolup oturmagymyzyň geregem ýok
ekeni. Ol biziň erige talaň salýanymyzy görüp, atlanyp
gaýdan bolsa näme? At üstünde ýaňyrak towuk çopan
bolup işe başlan agsak Meret neke otyr. Elinde-de
hakyt iki gözli omurma tüpeň. Ol gele-gelmäne ýabyň
o başynda durup, bize hemle urdy.
– Eý, deýýusja ogrujyklar, hany, bejit düşüň
331
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bagdan!
Biz gorkudan oturan-oturan ýerimizde doňup
galana meňzäp, ýerimizden gozganmaga gyssanmadyk.
Aşagrakda oturamsoň, ol meni ilki gördi. Tüpeňini
ýokary göterip: «Düş diýilýär size!» diýip, öz sözüni
ýene bir gezek hökümli gaýtalady.
Men bagdan ilki düşdüm. Ol meni birine
meňzetdimi nämemi, dessine sorag berdi:
– Sen kimiň ogly?
– Enemiň.
– Ýok, akgaň adyny aýt!
– Allanazaryň.
– Hä, boldy. Sen joramyň ogly ekeniň, bar gidiber!
Men içimden: «Akgamam, gör, kim bilen dost
bolup ýör, dost boljak bolsa, Nekeden oňlurak adam
tapmadymykan?» diýip, ony halamazlyk bilen
oýlanýaryn. Kakamam käte Meret neke bilen kolhozyň
ýük düýelerini çekdig-ä diýip gürrüň arasynda ýatlardy.
Olar şonda dostlaşan bolmaly.
Beýleki oglanlar bolsa henizem baga ýelmeşen
ýaly bolşup, düşmäge gorkuşyp otyrdylar.
– Gurbanyň ogly, näme gulagyň kermi, düş
diýilýär saňa!
Indi onuň meniň ýokarymda oturan Hommatjany
tananlygy belli boldy. Yzysüre-de töwerege
sarsgyn berip, tüpeň atyldy. Hommatja kelemenläp
332
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gaýtmazmy ýokardan, pažžyldabam suwa düşdi.
Men ýeriň pessi bilen gaçyp barşyma Meret neke
onuň kükregini garaldandyr öýtdüm. Tüpeň sesiniň
yzysüre oturanlaryň ýene biri öýlerinde onuňam ady
Hommatja biziň aramyzda Sydy lakamy bilen tanalýan
ýoldaşymyz tüpeň sesinden gorkup:
– Waý, mama! – diýip, kömek sorap lägirdi.
Olaryň öýleri ses ýetimde bolany üçin mamasy
özüni eşider öýdýändir-dä.
Men şol eňip barşyma bolşundan çen alyp, oňa-da
bir seçme-ýarym seçme degendir öýtdüm.
Oba giren ýerimde öýleriniň duşunda tüpeň
sesini eşidip, Sydynyň iki mamasynyň biri: «Bu
näme boldugyka?» diýip, diňirgenip duran ekeni.
Umumanam, Sydynyň iki mamasy bardy. Olaryň biri
kakasynyň ejesi Mamajan mama bolsa, ýene biri obada
«Gara heleý» ady bilen tanalýan garyndaş, dogumly
mamasydy. Eger kimdir biri bir ýerde onuň göwnüne
degäýse hem Sydy hemişe onuň üstüne kükredip, Gara
mamasyny alyp barardy.
Gara mama golaýyna gelip-gelmänkäm gezelip
durşuna maňa ýüzlendi:
– Ol tüpeňi kim atdy?
– Meret neke Hommatjany atdy...
Gara mama bu habary eşidip, içini çekip, örgökden geldi. Gözleri öjügip ýandy. Ylgap gidibem
333
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Sydylaň gapysyndan baryp, onuň beýleki mamasyna:
«Ogluňyzy atypdyrlar» diýibem, özi soňundan iliň öňi
bolup, samyrdap ilerligine tutdurdy.
Aýallar eşidişip, indi ondan-da çykýardylar,
mundan-da. Boldy bir köçe bilen Gyranly babanyň
eriklerine tarap süýşüp barýan yzzan-da-çuwanlyk.
Maňa atylanyň Sydy Hommatja däl-de, beýlekidinini
aýtmaga mümkinçiligem bolmady. Gopjak harasat
eýýäm gopupdy, indi aýdanyňda-aýtmanyňda näme?!
Mamajan mama «atylan agtygyny» ýat edip,
ýolboýy «Ýekeje balam-ow!» diýip aglap-uwlap
barýar. Gara mama ýogy-bary ýatlap, barha beleň
alyp, Meret nekä sögýär: «Wah, ol bir kantuş artyb-a,
nemisiň oky onuň kellesiniňem esli ýerini goparyp
gidenmiş, indi beýnisi mylkyldap duranmyş. Wah,
nemisiň oky seniň bir aýagyňy çolak etmän, kelläňem
«ol gezek alyp geçmeli ekeni» diýip watyrdaýardy.
Biz aňyrdan ýygyn tutup, janköýer mamalar, atylan
oglany göresi gelenler, keýpine tomaşaçylar bolup
gelen wagtymyz Meret neke ogrularyň hemmesini bag
üstünden düşürip, öz öňünde hatara düzüpdi. Indem
atyň üstünde oturan ýerinden tüpeňini hem bir eli bilen
asmana somlap, käýinip durdy.
– Ogurlyk etseňiz, ele düşjegiňize düşündiňizmi
indi?
Meret neke beýdip, atyny dyzandyryp, ýarag
334
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
somlap durka hany, düşünmedim diýjek barmy oňa!?
Dur hemmeler aşak bakyşyp, sortduryşyp, pişigiň
atymyna gelen syçanlara öwrülişip.
Sydynyň atylsa-da Meret nekäniň öňünde
«ogrularyň» hatarynda duranyny gören mamasy
şundan soň, biraz ynjaldy. Aňyrdan Meret nekäni atdan
alyp, ýere bulap urarly bolup gazaplanyp gelýän Gara
mama-da şundan soň ony görüp: «Wiý, ol-a hola dur»
diýip, köşeşme bilen boldy.
Ýüregi sarsdyran bu waka soňra biziň wagty bilen
ýadymyzdan çykmady. Nädibem bolsa, bir zat edip,
biziňem ýüregimizi ýaran Meret nekeden ar alasymyz
gelýärdi. Şonuň üçinem biz mekdepde Alynyň aryny
Ahmetden çykar etdik-de, onuň özümiz bilen okaýan
ýegeni Narlydan ar alarman bolduk. Narly mekdebe
okuwa Meret nekäniň öýünden gatnap ýörse, biz ony
şonuň gyzymykan öýderdik. Ýogsam atasynyň adam
başgady-laý, ýöne kim onuň şol wagt atasynyň adyna
üns berýär?
Bir gün men onuň kitabyny alyp, başga bir partada
bukup, gözledip gynadym. Hommatja-da bir gün onuň
saçynyň ujuny gapdalynda oturan gyzyň saçyna çatyp
kösedi.
Dogry-da walla, şol kantuş Meret nekä dagy aryňy
köýdürip...
335
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
POBIT DAÝY
Meniň gelmegim Pobit daýyny biraz geňirgendirdi.
Birwagt obadan okuwa diýip gidip, bir ýerlerde işläp
ýören ýegençi nire, Pobit daýyň öýi nire!?
Obadaş bolsa-da, daýy ugry bolsa-da, meniň
oglanlykda enem bilen onuň öýüne toýa-tomaga
gelenim bolaýmasa, başga wagt gapysyndan garanym
ýadyma düşenok.
Ozal gapydan görünmeýän adam nämüçin beýdip
gelip biler, onsoňam indi ençeme ýyllardan bäri onuň
görmedik, ýadyndanam çykarlaňkyrlan ýegençisi?
Ýöne ol pylanynyň ogly Aşgabatda gazetde bir ýerde
işleýärmiş, ýazyjy bolanmyş diýib-ä eşiden bolmaly.
Şol ýerlerde gezip ýören adam bir gün gapymdan geler
diýip kim pikir eder.
Ol aýaly Ogultäç daýzam bilen saçak başynda çaý
içip oturan ekeni. Maşgala ýaňyrak naharlanan bolmaly,
saçagyň üstünden gap-gajam entek ýygnalmandyr.
Pobit daýy meni gapyda görüp: «Oh-h» diýdide, asla gözlerine ynanmaýanyny mälim edip,
geňirgenibräk durşuna:
– Ýegen, sen nireden çykdyň? – diýip, meniň
gelenime hoş bolup, ýerinden ýeňil gopup gelip
336
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
görüşdi. Dessine-de olar meni töre geçirdiler. Daýzam
maňa çaý demläp, nahar taýynlap, hezzet-hormat etmek
üçin ýüzüniň ugruna eline-de saçagyň üstündäki boş
çäýnek-käseleri-de alyp gitdi. Pobit daýy bolsa menden
öý-içerilerim, işlerim barada gadyrly soraşdyryp
oturdy. Şol bir wagtda hem onuň meniň näme üçin
gelip biläýjekligim barada oýlanýanlygy duýulýar.
Haçanda meniň: «Siz barada gazete ýazmaga
geldim» diýmegim ony birhili düşnüksiz ünjä goýdy.
Görüp otursam, meniň gelmezimiň öň ýanynda işde
bir ýagdaý bolup, şol ýagdaýda gazet sözi hem agzalan
bolsa näme?! Pobit daýy men bilelim bäri kolhozyň
gara mallar fermasynda işleýär. Maljanly adam.
Sygyrlara her gün hyzmat edensoň, ol öz sygyrlarynyň
bardygyny hem unudýan adam däl. Ferma müdiriniň
gözüne güýdüşip bilse, sygyrlara berilýän künjaradyr
otuň gowrak ýerinden öýüne-de bir halta, ýarym halta
alyp gaýdybermesi-de bar. Tapan ýeriňden almak, gowy
gören zadyňdan özüňe-de sürtmek bu Pobit daýa oglan
döwri, şol iliň bakjasyndan gawun, garpyz çilen, erikleri
eýesi bilen deňine iýip gezen döwründen galan endik
bolmaly. Ol her gezek käýelensoň, indi almaýynam
bir diýýärdi, ýöne ferma müdiriniň özüniňem araba
ýükläp, öýüne äkidip ýörenini görensoň, hemmeler
alýar diýip, ýene-de alaýýardy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 15
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.