Latin

Çölüň deňiz günleri - 12

Total number of words is 3649
Total number of unique words is 1883
34.6 of words are in the 2000 most common words
49.1 of words are in the 5000 most common words
56.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görýäniniň sebäbini men gowy bilýärin. Her gün men
onuň saçagyna akja ýumurtga togalap otyryn-a. Her
ýyl kürk bolup aşagyma toplap bilen ýumurtgamy
toplap, bir topar eýjejek jüýjejiklerem çykaryp berip
oturan oňa men... Ýöne näme hyzmatyň üçin eýämiziň
seni eý görmelidigine düşünip bilemok?
Horaz şonda petekesini gaýşardyp buýsanç bilen
şeýle diýdi:
– Men her gün irden gygyryp, Güni dogrup
berýärin.
AÝAZBABA
Ýoluna köp garadan Täze ýyl baýramçylygam
ahyr ýetip geldi. Töre bilen kakasynyň oturdan ýaşyl
arçasy ýakymly ysyny ýaýradyp öýüň törüni bezedi.
Oňa bezeg şaýlaryny bolsa Töre ejesi bilen dakdy.
Şeýdibem ýaşyl ýolka öýüň töründe şaňňyrdap oturan
şaýly gelne öwrüldi. Häzire çenli her ýyl Aýazbaba
Töre üçin täze ýyl sowgadyny şonuň aşagynda goýup
giderdi. Aýazbabanyň özi bilen Töre heniz duşuşmandy.
Şonuň üçin bolsa gerek onuň özüniň Aýazbaba bilen
duşuşyp, diýseň tanşasy gelýärdi. Muny Töräniň ejeside, kakasy-da bilýärdi. Şonuň üçinem olar bu ýyl oňa
diňe Aýazbabany çagyrmagy däl, hatda Töre onuň
262
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gelerine çenli geçen ýyllardaky ýaly uklap galaýsa
hem oňa turuzmagy-da söz beripdiler. Ýöne Aýazbaba
geçen ýyllardaky ýaly giç gelmän wagtyragynda gelse
gowy. Töre hakyky hezilligiň şonda boljagyna ynanyp,
oňa diýseň garaşýardy. Sowgadam Aýazbabanyň öz
elinden almak isleýärdi. Şonuň üçinem ol «Aýazbaba
giç gelse-de, meni hökman turzuň!» diýip, ejesinede, kakasydyr mamasyna-da berk sargapdy. Bu gezek
Aýazbaba ýatar wagta çenli garaşdyrmady. Täze ýylyň
hormatyna toý saçagy taýynlanyp bolup barýarka onuň
kakasy: «Men bir gyssagly işime aýlanyp geleýin»
diýip, maşynynyň açaryny alyp çykyp gitdi.
Şundan soň köp wagt geçmänkä Aýazbaba hem
gapyda aýagynyň garyny tarp-tarp kakyp, elindäki
hasasyny «tyrk-tyrk» ýere urup gapydan girdi. Gelegelmäne-de: «Töre atly gowja oglanjyk şu öýde
ýaşaýarmy?» diýip, ony sorady. Töre onuň geleninede, öz adyny bilenine-de juda begendi. Aýazbabanyň
özüne garaşýan hemme çagalaryň adyny bilýänligine
ynandy. Aýazbaba bolubam ähli çagalaryň adyny
bilmese bolmaz-a. Tanyşlykdan soň ol Törä ýany
bilen getiren sowgatly haltasyndan çykaryp, dosty
Gurbanlarda göreni ýaly ullakan owadan aýyny sowgat
etdi. Onuň ýany bilen ýene-de süýji zatlardan doly bir
torba-da berdi.
Töre has-da aýyjyga begendi. Sebäbi Gurbanyň
263
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
aýysyny görüp oňa diýseň gözi gidipdi. Hatda ejesine,
«Maňa-da Gurbanyňky ýaly oňatja aýy gerek» hem
diýipdi. Neneň begenmejek?! Törä aýy gurjagyň
gerekligini bilip, ony Aýazbaba getirip otyr. Aýazbaba
hemme çagalaryň arzuw-isleglerini bilýän bolmaly,
ýogsam ol Töräniň aýy oýunjagy isleýänini nä bilsin.
Bilýändir bilmese-de bir ondan Aýazbaba bolarmy?
Arçanyň daşyndan aýlanmaly bolanda ol bile
aýlanmak üçin, onuň enesine «Eje, sizem bärik geliň,
Sona senem» diýip, ejesiniňem adyny bilip, ony-da
arçanyň ýanyna çagyrdy. Töre enesiniň, ejesiniň ady
tutulanda «Be, Aýazbaba bulary hem tanaýar ekenow?» diýip, biraz geň galyp oýlansa-da, munuň
sebäbine tiz düşündi. Aýazbabanyň diňe çagalaryň
atlaryny däl-de, ulularyň hem atlaryny bilýänine
ynandy. Bu zatlary bilmese, ondanam bir Aýazbaba
bolarmy? Dogrudanam, arçanyň daşyna Aýazbaba
bilen aýlansaň, gowy bolýan ekeni. Töre Aýazbaba
bilen arçanyň daşyndan aýlanyp ýörkä: «Kakamam
öýde bolan bolsa, gör, nähili gowy bolardy» diýip,
häzir onuň bu hezillikde ýoklugyna gynanyp oýlandy.
Onuň tizräk Aýazbaba gitmänkä ýetip gelerine
garaşdy. Tiz gelerin-ä diýipdi, belki, ýetişip gelse-de
geler. Emma Töre aýazbabaly uly şatlygyny kakasy
bilenem paýlaşmak islese-de, ol Aýazbaba gidýänçä
gelmedi. Aýazbaba gidende: «Indi şu ýyl güýzde sen
264
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
okuwa gitmeli. Gowy okap göreldeli okuwçy bolgun.
Gowy okasaň, men täze ýylam ýene-de arça bezäňde
gelerin. Seniň isläp sowgadyňam getirerin» diýip,
onuň bilen hoşlaşdy. Töre «Täze ýyl bu meniň näme
sowgat islejegimi nädip biljekkän?» diýip geňirgenen
hem bolsa, ýene-de onuň Aýazbabadygyny, onuň öz
arzuwyny öňünde biljegine ynandy.
Aýazbabalaryň näme bilmeýän zady bolýarmy?
Töräniň kakasy Aýazbaba gidenden soň birsalymdan
geldi. Töre henizem Aýazbaba bilen bolan duşuşygyň
täsirindedi. Ol Aýazbaba bilen duşuşygy kakasyna
howlugyp, begenip gürrüň berdi. «Aýazbabalar
birazajyk kakalara-da meňzeş bolýan ekeni, onuňam
sesi, hasam gözleri saňa meňzeýän eken, kaka» diýdi.
Şu pursatda Töräniň ejesi bilen kakasy bir-birleriniň
ýüzlerine gözleşip, ýylgyryşanlarynam duýman
galdylar.
ŞEÝDIP AÝDANYŇDA
Bir gün bilbil bilen özüniň bilbilden kem
saýramaýanlygyna
ynanýan
garga
arasynda
basdaşlarça şeýleräk gürrüň boldy. Garga bilbile:
– Ganatdaş, saňa bar sowalym bar?
– Aýdyp otur, gardaş!
– Aýtsam aýdymy bizem-ä sençeräk aýdýarmykak
diýýäris welin, ýöne nämüçin hemmeler seni bagşy
265
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
hasaplaýar?
– Men aýdym aýdanymda ony halys ýürekden
syzdyryp aýdýaryn.
– Bizem-ä ýürekden aýdýarys.
– Onsoňam meniň aýdymlarym Watan hakynda.
Watan hakyndaky aýdym bolsa ol hemişe belent
ýaňlanýar.
ÝAZ GELIP
Bu gezegem ýaz gelende Gün bilen bile geldi.
Görse ähli baglaryň diýen ýaly eginleri çyp-ýalaňaç.
Öz boluşlarynda uýalyşyp, sallam-sajagrak bolşup
otyrlar. Ýaz bolsa gelende tomsa tabşyryp gidendäki
ýaly ýaşyl ýurduny görjek.
Ýaz şundan soň ýene-de arman-ýadaman
köwsarlap, ähli baglaryň töweregine aýlanyp ugrady.
Täzeden geýindirmek üçin azaçlaryň hemmesiniň inboýunyň ölçegini aldy. Ähli ýere Gün bilen aýlanany
üçin, soň oňa baglary öz eý görýän ýaşyl geýimleri
bilen geýindirmek kynam bolup durmady. Hemmeler
dünýäniň ýene-de ýaşyl öwsüp ugranyny görüp:
– Bahar mylaýymlyk bilen söýüp-sypap dünýäni
ýene-de ýaşyl gowluga öwürdi.
– Bahar baglara gelşikli köýnekler tikip, özüniň
ussat tikinçidigini ýene-de görkezdi – diýşip, ony taryp
etdiler.
266
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
AGA BILEN AÝAZBABA
– Aýazbaba, Aýazbaba!
– Diňleýän, oglum!
– Hasaňy eliňe alsana!
– Aldym.
– Sowgatly haltaňam arkaňa alsana indi?
– Ine, onam arkama atdym.
– Ýör onda ikimiz tokaýa gideli!
– Hä, tokaýda näme işim bar meniň?
– Seni arçanyň ýanynda göresim gelýär.
AGYR MESELE
Aman deň-duşlaryny görüp daş çykdy. Onuň
başynda ýyldyzly papagy, elinde awtomaty bardy.
Amanyň beýle geýinmegine onuň agşamky telewizorda
gören uruşly kinosy sebäp bolupdy. Aman indi özüni
şol kinoda gören gyzyl esgerleriniň birisi hasaplaýardy.
Onuňam duşmanlary gyran-jyran edişdirip, gahryman
bolasy gelýärdi. «Duşman» tapylsa, indi oýny
oýnabermelidi. Ol Älliniň ýanyna bardy.
– Gel, atyşyk oýnalyň!
– Gel bäri.
– Ýöne sen duşman bol!
– Aý, ýok onda men-ä oýnajak däl.
267
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bol!
Aman soň baryp, Çara ýüzlendi:
– Çary, uruş-uruş oýnarysmy?
– Gel, oýnalyň!
– Onda Älli ikimiz-ä gyzyl esger, senem duşman
– Näme? Äý, beýle bolsa onda men oýnamaýan.
Aman soň Ylýasyň, Aşyryň hem ýanyna bardy.
Ýöne olaryňam hiç birisi duşman bolmaga razy
bolmadylar.
Amanyň özlerinden nägile bolanyny gören
oglanlaryň biri ahyr onuň öz teklibi bilen özüne
ýüzlendi:
– Oýnaly, ýöne duşman sen bolarsyň! Amanyň
ýüzi derçigip gitdi. Ol nämä garaşsa-da, bu sözüň
özüne diýlerine garaşmandy.
Şundan soň ol dostlaryndaň ýeňil zat
soramandygyna göz ýetirdi.
ARY
Ary öz söýgüli aýdymjygyna hiňlenip, gülleriň
arasynda uçup ýördi:
– Wyz-wyz-wyz-wyz.
Arylar biz...
Şol arada baýra gezelenje gelen üç oglanyň oňa
gözi düşdi. Arynyň gülleriň üstünde elewräp ýörşüni
268
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
görüp, olaryň hersi onun hereketlerinden özüçe bir
many çykardy. Oglanlaryň biri:
– Ary öz yzyna düşjek bolan jigisini aldap, öýde
galdyryp gaýdandyr, seret ol ýaltaklap, häli-şindi
yzyna seredýär – diýdi.
Ikinji oglan:
– Ýok, ol aýlanyp gülleriň arasynda iň yslysyny,
iň owadanyny gözleýär – diýdi.
– Meniň pikirimçe-hä, ol uçup ýören ary däl.
Kimdir birine ýetmeli habar bolmaly. Seret ol elewräp,
barmaly ýerini gözläp ýör – diýip, oglanlaryň üçünjisi
hem ony özüçe okady.
Ary ýene-de bir salym oglanlaryň töwereginde
«wyz-wyzlap», olary özi barada oýlandyryp uçansoň,
gülleriň ysyna goşulyp gözden ýitdi.
IKI BOÝDAŞ BERÝOZA
Iki berýoza ýol gyrasynda ösüp otyr. Iki berýoza
iki boýdaş gyza meňzeýär. Olary Garagum kanaly
çekilen ýyllary kimdir biri ekipdi. Ondan bäri indi
ençeme ýyllar geçdi. Berýozalar ösüp ýognadylar,
göze göründiler. Olaryň sesýetimliginde bolsa kanal
boýunda dörän oba otyr. Iki boýdaş berýozanyňam gözi
şol obada. Özi-de olar ýaňky geçip gideň awtobusdan
düşüp, indem niräk barjaklaryny bilmän aýak çeken
269
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
iki deňemik rus gyzlaryna meňzeýär.
Bu gün Oraz hem berýozalary synlap, olary
şol uzakdan gelen myhmanlara meňzetdi, soňra
myhmanlaryň habaryny almak üçin olaryň ýanyna
bardy.
– Gyzlar, siz kimiňkä geldiňiz?
– Biz, siziň obaňyza geldik, Oraz! – diýşip,
berýozalaryn ikisi hem birden owsunyşyp, şadyýan
pyşyrdaşdylar.
GAR ADAM
Durdy
howluda Paýzynyň gar adamyň
töwereginde gezmeläp ýörenini görüp, onuň ýanyna
geldi.
– Gar adamy neneň gördüň?
– Hiç neneň däl!
– Ony düýn Nazar, Saçly dagymyz ýasadyk.
– Senem gardan adamy gowy görýän ekeniň!
– Eýsem näme?
– Hawa, ony menem gowy görýän. Ol Aýazbaba
meňzeş...
– Dogry, ol Aýazbaba meňzeş. Ýöne onuň bir
kemi bar. Egninde Aýazbabanyňky ýaly içi sowgatly
haltasy ýok.
– Şol dagy bolanlygynda ol tüýs Aýazbabanyň
270
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
özi bolardy.
Paýzy üşän eline üfläp, ony demi bilen ýylydyp
durşuna Durdynyň pikirini ýürekden goldady.
GARA ÖÝ
Juma ejesi bilen daýylaryna gezmäge geldi.
Daýysynyň jaýynyň öňünde köne gara öýi görüp,
ol begendi. Öňräkler bu öýde onuň garryja mamasy
ýaşardy. Juma hem ejesi bilen gezmäge gelende,
hemişe şu öýde mamasynyň ýanynda bolardy. Ojak
başynda oturyp, mamasy bilen çaý içerdi. Onuň
gyzykly gürrüňlerini diňlärdi. Agşamlaryna bolsa
Jumanyň daýylarynyň, daýzalarynyň hemmesi bu ýere
üýşüşerdiler. Toý ýaly bolardy. Şol günler goňşular:
«Bular her gün toý edýärler öýdýän?» diýip pikir
edýärdiler.
...Juma arkasyny tärime berip bir salym öýüň
içini gözügidijilik bilen synlap mamasyny ýatlap
oturdy. Öýüň törüne halyça çuwal, gotazly düýebaşlyk
gerlipdir. Gapynyň golaýyndaky asaçda mamasynyň
dony bilen atynjasy asylgy duran eken. Ol bir salym
oturansoň: «Gara öý mamam janyň özi ýaly mähirlidä» diýip, pikirini kimdir birine gürrüň berýän äheňde
diline alanyny hem duýman galdy.
271
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
GÖR, KIME GARAŞYLAN EKENI
Güýz aýaklap barýardy. Indi iki-üç günden
bäri meýdanda sowuk şemal öwüsýärdi. Töwerek
başagaýdy. Şemal ýapraklary öňüne salyp, birsyhly
uçuryp bir ýerlere äkidýärdi. Ýere käte bir galtaşyp
kagyz bölekleri uçdum-uçdum bolşup barýardylar.
Hemmeler kimdir birinden gaçyp barýana meňzeýärdi.
Şemal sübseläp-sübseläp, töweregi takyr meýdana
öwüräýsem diýýärdi. Onuň hereketleri bir ýerlerden
uçup geljek ägirt uly uçar üçin gonmaga meýdança
taýynlaýana menzeýärdi.
Şemalyň beýle basga düşüp işlemeginiň sebäbi
penşenbe güni diýlende belli boldy. Irden ukudan
turan adamlar töweregiň ak meýdan bolup ýatanyny
gördüler. Agşam düşen gar äpet bir ak uçara meňzeşdi.
Adamlar ony görüp:
– Gör, şemal näme üçin gonalga-meýdança
taýynlan ekeni, ol gonalga meýdançany şu ak uçar
üçin taýynlan ekeni diýişdiler.
Agaryp uçara meňzäp oturan ak garly meýdany
höwes bilen synladylar.
272
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
IKI KÄRDEŞ
Ýusup mekdepden gaýdyp gelýärdi. Ol suwa inen
sürini görüp, çopanyň ýanyna sowuldy. Çopan bir
gapdalda taýagyna söýenip, süriniň suw içişine göz
aýlap durdy.
– Daýy, sen çopanmy? – diýip, Ýusup oňa
ýüzlendi.
– Hawa, men çopan.
– Onda ikimiz kärdeş ekenik.
– Şeý, diý-ä?
– Hawa, ulalamsoň menem çopan boljak-da.
– Ulal onda tizräk. Sürini bile bakarys – diýip,
çopan oňa guwandy.
ÝYLDYZ ÝYGYMY
Pagta ýygym günleridi. Sona-da atyza ejesine
kömek bermäge geldi. Ejesi bir fartugyny çözüp
onuň biline dakdy. Saçyna çaň syramaz ýaly başyny
hem akja ýaglyk bilen daňyp berdi. Şeýdibem Sona
töwerekdäki pagtaçy gyzlara meňzedi. Daş-töwerek
bolsa ak hanalardan – ak çyrajyklardan dodoludy.
Bir ýola Sona başyny göteren wagty, goňşularynyň
ogly Ýylgaýy gördi. Ol eglesi gelmän, töweregine
garanjaklap, suw boýlaýan ýaly bolup durdy. Sona
273
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
onuň bilen gyzyklandy.
– Näme dursun?
– Aý, ýygasym gelenok...
– Ýygjak bol-da!
– Nädip?
– Hanalara seret! Olar nämä meňzeş? Olaryň
hersi bir Ýyldyz-a!
– Meňzese meňzäpdir-dä.
– Seniň ýyldyz ýygasyň gelenokmy?
– Gelende näme?
– Ýyldyz ýygasyň gelse, hanalary ýyldyz hasap
et-de ýygyber.
Sona birazdan Ýylgaýyň işe gyzyganyny görüp,
ýene-de oňa ýüzlendi.
– Nähili?
– Ýyldyz ýygsaň gowy ýygylýar eken – diýip,
Ýylgaý gysgaça jogap berip, ýene-de hana-ýyldyzlary
ýygmasyny şüweleňli dowam etdirdi.
KARTOŞKA NIREDE ÖSÝÄR
Bir gezek Töre enesi bilen bir peliň kartoşkasyny
köwledi. Iki depseň, bir bedre kartoşka bolup dur. Bu
iş Törä diýseň ýarady. Şol günüň ertesi onuň ýene-de
düýnki ýaly kartoşka köwläp ýygnasy geldi.
Ýöne onuň bu gezek enesini azara goýasy
274
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gelmedi. Kartoşkany gidip bir özüniň köwläsi geldi.
Köwlän kartoşkalaryny görüp, enesiniň soňundan
özüne berekella berjegine ynandy.
Ol ilki golaýdaky atyzlaryň birini köwçeledi.
Emma kartoşka tapylmady. Soň ol çeträk gidip ýenede bir peli barlady. Emma bu ýerdenem kartoşka
tapylmady. Ol kartoşka gözläp üçünji bir ýeri köwçeläp
durka, gözläp ýören enesi onuň üstünden geldi.
– Oglum, sen ol ýerde näme işläp ýörsüň?
– Kartoşka gözleýän ene.
– Sen ony ol ýerde ekipmidiň oglum?
– Ýok. Men-ä ekemok...
Onda oglum kartoşkany ol ýerden gözleme.
Ekmedik ýerinde kartoşka näme işlesin!?
MYHMAN
Ýazda Myratlaryň eýwanynda ýene-de iki sany
garlawaç höwürtgeledi. Myrat görüp, olaryň geçen
ýylky höwürtgelän garlawaçlardygyna ynandy. Birnäçe
günden ol höwürtgede dört sany garlawaç çagajygy
peýda boldy. Olaryň ýakasynda akja öňlükleri bardy.
Bu bolsa olaryň iýmäge hemişe taýyndyklaryndan
habar berýärdi. Çaga garlawaçlar peýda bolany
bäri, indi ene garlawaç bilen ata garlawaç bir ýerde
durmaýardylar. Ikisi iki ýerden gidip, çekirtgeleri,
275
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
mör-möjekleri tutup getirýärdiler. Çagajyklar açyk
bolsa agyzlaryny ýokaryk tutuşup jürküldeşip, «ýenede iýjek, ýene-de içjek» diýişýärdiler. Çagalaryň iýmek
höwesi garlawaçlaryň gaýta-gaýta iýmit gözlegine
çykmaklaryna sebäp bolýardy.
Bir ýola Myrat pişiginiň eýwana söýelen
merdiwana bet niýet bilen dyrmaşyp barýanyny gördi.
Merdiwany öý eýeleriniň biri üçekden bir zat almak
üçin söýäp, soňam ony aýyrmagy unudypdy. Pişik
merdiwany görüp, bu mümkinçiligi peýdalanmagy
niýet edipdi. Merdiwan garlawaç höwürtgesiniň
golaýynda söýelipdi. Ol eýýäm garlawaç çagajyklaryna
golaý hem barypdy. Myrat ylgap baryp merdiwany
ýokary göterdi. Ahmal galan pişik kelemenläp aşak
gaýtdy. Şeýle-de bolsa ol ýere hemişekisi ýaly ýene-de
çeýelik bilen dört aýagynyň üstüne düşdi, awunmady.
Soňundanam ol:
– Tys-s, näme beýdýäň? – diýip, nägile bolup,
öwrülip Myradyň ýüzüne seretdi.
– Gaharlanma, «myr-myrym». Olar biziň
myhmanymyz ahyryn. Enem «Hakyky adam myhmany
ynjytmaz, ony hiç kime ynjytdyrmazam» diýende,
senem bardyň-a. Uklan bolup pejiň gapdalynda
ýatyrdyň-a – diýip, Myrat oňa ýagdaýy düşündirdi.
Pişik şundan soň «Bolýar-da onda beýle bolsa»
diýip, alaçsyz Myrat bilen razylaşdy.
276
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
YKBAL HALY
Biziň öýümizde diwardan asylgy duran bir täsin
haly bar. Biz oňa «Ykbal haly» diýýäris. Bu halyda
kakamyň atasy bize seredip otyr. Ol otuzynjy ýyllarda
sowatsyzlyga garşy göreşen adam.
Daýym şol ýyllarda garry atamyň suratyny
çekenmiş. Enemem alypdyr-da, ol suraty hala çitipdir.
Gürrüň bermeklerine görä, atam hem öňler
mahal-mahal halynyň öňünde durup, agyr döwürdöwranlarda onuň bilen sessiz-üýnsüz gürleşer ekeni.
Has-da ol kyrkynjy... şol gowgaly ýyllarda onuň öňüne
köp gelenmiş.
Kakamyň agalary, iki ýigit bolup, urşa
gidenlerinde hem bu halynyň ýüzüne seredişip
duranmyşlar. Indi bolsa mahal-mahal gelip, men onuň
bilen gürleşýän.
– Nähili okuwlar?
– Hiç neneň däl.
– Arada, bir hepde ýaly görünmediň welin, ýa
sapaklaryňdan bir ikilik dagy alaýdyňmy?
Utandym...
– Menem şony pikir etdim.
– Soň bir bäş, iki dört aldym.
– Ine, munyň başga mesele. Hany, bu gün haýsy
harpy geçdiňiz?
277
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
– Bu gün «U»-ny geçdik.
– Ä-hä, görýän welin siz ähli harplary geçip
gutaryberipsiňizem? Häzirlikçe az däl...
«Ykbal haly» bilen gürleşmek meniň üçin hemişe
ýakymly.
OL OTAGA BIR GEÇ
Töre bilen jigisi Merýem oýnap otyrka birden
tersleşdiler. Jigisi gahar edip, Töräniň kubiklerden
oňaran galasyny ýykdy. Töräniňem Merýemden
kem galasy gelmän, onuň gurjaklaryny çaşyrdy.
Soňundanam hemişe gahary gelende edişi ýaly, onuň
saçyndan çekmek üçin söbügine mündi.
Öýde araçy bolar ýaly bularyň özünden başga
hiç kim-de ýokdy. Kakalary işdedi, ejeleri «Dükana»
diýip, ýaňyrak öýden çykypdy. Bu ýagdaý Merýemiň
ýadyna soň düşdi. Ýogsam, ol ejesi-kakasy ýok wagty
aňsat agasynyň tersine gitmezdi. Töräniň saçdan
tutaýsa, mazalyja çekjegi bellidi. Birsalym öýde
kowalaşansoňlar birden kakasynyň iş otagy Merýemiň
ýadyna düşdi. Ol kürsäp şol ýere girdi.
– Kaka, gör-ä muny, saçymdan çekýä-dä? – diýip,
garşydaky diwara seretdi. Diwardan kakasynyň ejesi
bilen düşen suraty olara seredip otyrdy. Töre kakasy
bilen ejesiniň nazaryny görüp, kürtdürip durdy.
278
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
– Bu nä boluş, oglum?! Özüňden kiçi bilenem
deň bolarlarmy? – Ilki kakasy oňa ýüzlendi.
– Özi näme onda meniň kubik öýümi ýykdy?
– Oglum, jigiňdir, bu gezek ony bagyşlaý! Ol indi
gaýtalamaz!
Sonundanam ejesi oňa mähirli sesi bilen ýüzlendi.
Şundan soň Töre jigisine: «Sen hezek tersleşeniňde
ejem, kakamyň ýanyna entek ol jaýa geçmän
oňmarsyň» diýip, öýkeli ýeňsesini tüňňerdip yzyna
dolandy. Merýem ejesi gaýdyp gelýänçä suratly jaýdan
çykman oturdy.
ÝAKYMLY DUŞUŞYK
Erkin bir gün dermanhana geldi. Ony enesi derman
getirmäge ugradypdy. Ol elindäki hatyny ak halatly
aýala uzadansoň, töweregini synlap durdy. Birdenem
onuň nazary witrinadaky emziklere düşdi. Ýylgyryp
goýberenini onuň özem duýman galdy. Emzik emen
günleri ýadyna düşdi.
Ol dört ýaşyna çenli süýdi çüýşeden emzik bilen
emipdi.
Şol günleri ýatlan mahaly ýene-de, ýyljajyk süýt
onuň ýakasyndan syrygyp giden ýaly boldy.
Ak halatly aýal gerek dermanlary tapyşdyryp,
olary Erkine uzatdy.
279
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
– Al, gaýtargyňa näme bereýin?
– Emzik beräýin – diýenini onun özi-de duýman
galdy.
«A» ALAŇYŇ ÜSTÜNDE
Ýol gyrasynda telegraf sütünleri hatarlanyşyp
otyrlar. Olaryň alaň üstünde oturan birisi goşalanyp
oturyşy bilen «A» harpyna meňzeýär. Aga gyzyklanyp,
onuň golaýyna bardy. Dogrudanam, ol «A»-nyň hut
özi. Aga «A» bilen bir wagtdan bäri tanyşdy. Ilkinji
gezek geçen ýyl «A» bilen Agany çagalar bagynda
mugallym tanyşdyrypdy. Hatda oňa öz Aga adynyň
hem hut şu «A» harpyndan başlanýandygyny-da
mysal getirip aýdypdy. Häzir «A»-nyň alaň üstünde
yzyny gözläp, bolup durşy kimdir birine garaşýana
meňzeýärdi.
– «A», sen bu ýerde kime garaşýaň? – diýip,
Aga onuň bilen gyzyklanyp sorady.
– Doganlaryma garaşýan.
– Hany, nirede onsoň olar?
– Olaram indi, hä diýmän yzymdan ýetip gelýän
bolmaly.
«A» şeý diýdi-de, boýurganyp ýene yzyna gözledi.
Soňra ol «A» Agany hem öz duran alaňynyň
üstüne çagyrdy.
Birsalymdan olaryň gözleşip duran gözýetiminde
280
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
harplaryň ýodajygy yzarlap, hatar gurup gelýänligi
göründi.
Aga alysdan gelýän dostlaryny görüp begendi.
BUÝSANÇ
Daş-töwerek agyn baýyrlyk. Ol baýyrlaram çöküp
oturan düýelere meňzeşdiler. Düýeler hem çöken
wagtlary hut şol baýyrlara meňzeýärdiler. Köşejik hem
indi birki aýdan bäri şu baýyrlaryň arasynda ýaşaýar.
Çöl çöl-ä, ýöne köşek şeýle-de bolsa, bu ýerde birjikde ýekesiremeýär.
Eýsem, töweregiňde özüňkiler, özüňe meňzeşler
barkan ýekesiräp näme?! Köşejigiň özi-de indi çöken
wagty töwerekdäki şol baýyr depeleriniň birine
meňzeýär. Elbetde, ony bu baýyrlara meňzedýän onuň
şol arkasyndaky depe bolup oturan örküji. Köşejik
özüniň örküjini diýseň eý görýär.
Seredip-seredip, ondan doýup bilenok. Asla
guwanmazça hem däl, sebäbi örküji köşejigi diýseň
görmegeý, diýseň syratly edip görkezýär.
Günlerde bir gün köşejik özüniň arkasyndaky
örküjini görkezmäge oba – mamalaryna görme-görşe
gaýtdy.
Elbetde, mamasy-da onuň arkasyndaky örküç
baýyrjygy görüp begendi, oňa: «Köşegim iner
çykypdyr» diýip buýsandy.
281
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
BIZDEN SORAÝAR
– Oglum, bu gün haýsy harpy öwrendiňiz?
– diýip, bir gezek ejesi Çarydan sorady.
– «Ç»-ni geçdik – diýip, Çary göwünli-göwünsiz
dillendi.
– Keýpiň ýok-la, oglum, nämä kejigýäň? – diýip,
ejesi ýene onuň bilen gyzyklandy.
– Mugallymymyza-laý...
– Hä, näme üçin?
– Geçjek harpyny onuň özi bilenok-da, her gezek
tagta ýazyp: «Şu haýsy harp?» diýip, ony bizden
soraýar.
– Şeý diýsene – diýip, Çarynyň ejesi oglunyň
gepine myssa ýylgyranyny hem duýman galdy.
ÇARY ÇOPAN
Şemallyja sergin günleriň biridi. Çary mekdepden
gaýdyp gelýärdi. Çary derýanyň üstünde gernip duran
köprä ýetip, ol ýerde aýak çekdi. Derýanyň üstüni
häzir tolkun örtüpdir.
Tolkunlaryň hümerlenişip baryşlary, çopan öňüne
düşüp barýan sürini Çarynyň ýadyna salýardy.
Çopan bolmak Çarynyňam arzuwydy. Ýöne entek
ol kiçijik bolansoň, ony çöle-de äkidenokdylar, oňa
282
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
süri-de ynananokdylar.
Ol derýanyň ýüzündäki sürini höwes bilen
synlady. Häzir derýanyň üstüne göterilen ümürem hut
süri geçende göterilýän ýukajyk çaň-toza meňzeýärdi.
Şol barmana, Çary özüniň şu süriniň çopanydygyna
ynandy. Süri bolsa, tozanlap henizem geçip durdy.
Bölünip gapdala sowuljak bolýanam ýok, agsaptogsap yza galjak bolýanam. Derýanyň olumy bilen
lagambir sürlenişip geçip barýarlar.
Gör, çopan tejribeli bolanda süri nähili bolýar!
DOGANLAR
Döwran aňyrdan gelşine gapylarynyň öňünde
aýaklaryny gezekli-gezegine howlukmaç silkişdirdide, köwüşleriniň hersini bir tarapa zyňyp goýberdi.
Olaryň birisi daş işikde galsa, beýleki birisi zyňlyp
hol ýeňsä düşdi. Köwüşler iki dogandylar, olar hemişe
bileje bolmagy gowy görýärdiler. Mekdebe-de bileje
giderdiler.
Ylganlarynda hem bilediler. Futbol oýnalanda
olaryň birisi, topy göterip, çeme alyp berse, beýlekisi
ony depip, derwezä salardy. Agşam ýatanlarynda hem
köwüşler bir-birlerine höwür bolşup, gysmyljyraşyp
bileje ýatardylar.
Köwüşleriň bu gün Döwrandan göwni galdy.
283
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Has-da gapdala atylyp düşen çep taý köwüş ondan
gaty gördi. Ol şol gün gijäniň bir wagtyna çenli bir
egninden beýleki egnine agdarylyp, ynjalyp bilmedi.
Gije goňşynyň iti Alabaý köpek seýlini edip töwerekde
aýlanyp ýörkä, şol köwşe duşdy. Ysyrganyp dessine
ony tanady.
– Ih, köwüş, bu senmi?
– Hawa, mendirin, goňşy...
– Sen gijäniň içinde bu ýerde näme işläp ýatyrsyň?
– Zyňdylar...
– Onda gerek dälsiň-dä!
– Mümkin... – diýip, Döwrandan göwni galan
köwüş gamgyn bolup uludan demini aldy.
– Beýle bolsa, ýör, onda meniň bilen! Belki,
geregiň çykar...
Ertir Döwran mekdebe gitmekçi bolanda, näçe
gözlese-de, töwerekden köwşüniň çep taýyny tapyp
bilmedi.
Köwüşleriň beýlekisi hem dogany ýanynda
bolmanlygy üçin öýkeläp, şol gün mekdebe gitmedi.
ERTEKI
Erkin düýş gördi. Düýşünde ol ite mündi. It ony
toýa getirdi.
Olar toýçular bilen goşulyşyp oturdylar. Olaryň
284
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ikisine bir ýalaga nahar guýup getirdiler. It işdä
bilen nahar iýip ugrady. Erkin welin, nahara elinem
uzatmady.
– Näme otyrsyň, iý-dä! – diýip, it bir ýola oňa baş
atdy.
– Sen iýiber! – diýip, Erkin çytylyp ýuwdundy.
Ol henize çenli it ýalagyndan naharlanyp
görmändi.
Şonuň üçinem oýkeläp, toýdan göwün etdi.
Soňundanam ol ýerden turup gaýtdy. Ýöne toý
bagşysynyň aýdan bir aýdymy welin, soň-soňlaram
onuň gulagyndan gitmedi.
– Ugramankaň bir ýere,
Barjak ýeriňi bil sen!
Ýalak geler öňüňe,
It bilen toýa gelseň.
GÄMILER
Ejesi oýarsa-da, wagty bilen Ärnazaryň turasy
gelmedi. Ýorganyň ýylysyny duýup, onuň enteklerem
ýatasy gelýärdi. Ejesi ikinji gezek gelip, oňa mekdebe
gitmelidigini ýatladansoň, Ärnazar alaçsyz, yraňdaraň turup geýinmäge durdy.
Saçak başyna baryp, çalak-çulak garbandy.
285
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Soňundanam torbasyny alyp, göwünli-göwünsiz
öýden çykyp mekdebe ugrady.
Daşarda düýn-öňňinki ýagan gar dünýäni eýeläp,
ak deňiz bolup otyrdy. Jaýlar onuň içinde tüsseleşip,
bir ýerlerden gaýdyp gelýän gämilere meňzeýärdiler.
Ärnazar birsalym gämiler bilen gyzygyp, töweregini
synlap durdy. Edil ýoluň gyrasy bilen Äşeleriň jaýy
gämi bolup ýüzüp gelýärdi. Ärnazar aýak çekip, şol
ýerde onuň öz yzyndan ýeterine garaşdy. Onuň niýeti
mekdebe Äşe bilen bile şol gämide ýüzüp barmakdy.
Ol mekdebe gelende bu ýerde indi bireýýämden bäri
sapak gidip durdy.
– Bu nä boluş? – diýip, mugallym ony görüp
çytyldy.
– Men öýden-ä wagtynda çykdym. Ýöne gämiler
wagtynda gelmediler.
– Ol nähili gämi? – diýip, mugallym bada-bat hiç
zada düşünmän, egnini gysdy.
– Ana, şol parahod – gämiler-dä – diýip, Ärnazar
penjirä elini uzatdy. Mugallym «Ol ýerde nähili gämi
bolup bilýärkä?» diýip, penjireden sereden wagty,
töwerekde jaý-gämileriň tüsseleşip, ak deňizde ýüzüşip
ýörenlerini gördi. Mugallym birsalym daşaryny synlap
duransoň, yzyna öwrüldi. Soňundanam:
– Diýseň-diýmeseň meňzeýär – diýip, ol hem
Ärnazary makullap ýylgyrdy.
286
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
SYNAG
Synp öz futbol komandasynyň kapitanyny
saýlamakçy boldy. Elbetde, synpda gowy oýunçylar
az däldi. Şeýle-de bolsa, kapitan saýlamak çekeleşikli
boldy. Şonuň üçinem mugallym bu ýygnanyşygy soňa
goýup, okuwçylara ertire çenli ymykly pikirlenmegi
maslahat berdi.
Şol günüň ertesi okuwçylar ýene-de öz futbol
komandasyna kapitan saýlamak üçin sapakdan soň
maslahata üýşdüler.
– Salyh oňat oýnaýar. Şony özümize kapitan
belläýeliň! – Aşyr ilkinji bolup öz pikirini aýtdy.
– Ondanam bir kapitan bormy!? Hol günem
alňasap, topy öz derwezämize saldy – diýip, Ýusup
oturan ýerinden oňa garşy çykdy.
– Onda Nepes kapitan bolaýsyn!
– Nepes gezip ýören ýerinde irkilip ýör-ä,
ondanam bir kapitan bolarmy? – diýip, Ýusup ýenede hemmeden öň oňa-da garşy çykdy.
– Çary hem gowy oýnaýar. Goý, onda kapitan şol
bolaýsyn!
– Sen näme, futbol oýnaýaňmy? Bir zat diýmeli
diýseler, ýöne gepläberýäň. Çara biz belet, utulyberse,
gyzyp aýaga depýär – diýip, Ýusup bu gezegem ör
turup, ony görkezen gyzyň al petinden aldy.
287
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Okuwçylar Ýusubyň bolşuny geň gördüler. Şu
arada nädip tarsa ýerinden turanyny Çarynyň özi hem
duýman galdy. Soňundanam ol Ýusuba ýüzlenip:
– Näme, synpda özüňden başga dilli ýokdur
öýdýärmiň? Hemmäni garalap otyrsyň-la sen! – diýip,
Ýusuba çytylyp seretdi. Ýusup Çarynyň bolşuny
synlansoň, köpmanyly gülümsiräp, ýene-de ör turdy.
– Ýoldaş mugallym, Çary bize kapitan bolup
biljek ekeni...
Soňra ol synpa özüniň bu günki geň hereketleriniň
sebäbini düşündirdi. «Düýn men öýde özümize
kapitan saýlamakçy bolýanymyzy atama gürrüň
berdim. Ol-da maňa kapitan edip öz mertebesini gorap
bilýän oýunçyny saýlamaklygy maslahat berdi. Men
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 13
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.