Latin

Çölüň deňiz günleri - 02

Total number of words is 3753
Total number of unique words is 1933
33.0 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
nämeliginden habarsyzdy. Enesiniň ýanynda wagty
bu güjüjek, onuň ünsi düşen zat däldi. Ol ot-çöplere
çolaşyp, ýykylyp-sürşüp näçe kowalasa-da, onuň ähli
hereketlerini bir-bir gaýtalap barýan garaja güjüjek hem
şonça-da gaty gaçdy. Ýolboýy bolsa onuň gulajyklary
selk-selk edip selkildedi. Möngözlüjäň gara güjügiň
yzyndan ýetip, onuň selkildeýän gulajyklaryndan,
uýasynyň gulaklaryny dişleýşi ýaly dözer-dözmez
dişläsi gelýärdi. Ol şol gulaklara agyz salsa, onuň hem
hakyny gidirmezlik üçin özi bilen dikleşip dişleşjegine,
hezil edip basalaşygyň boljagyna ynanýardy. Ýöne
28
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
garaja güjük Möngözlüje näçe çytraşsa-da, oňa el
bermedi. Möngözlüje ylgamakdan halys bolup, ahyry
bir ýerde aýak çekdi-de, has-has edip durşuna özi bilen
bir wagtda aýak çeken garaja gujüge seredip düýrükdi.
- Eý, dost, seniň bolşuň nähili, gaty gaçýaň-la?
Gel, basalaşyp oýnaly. Bilýäňmi, basalaşyp oýnamak
nähili hezil zat! Ýa-da basalaşsam ýeňlerin öýdüp
gorkýaňmy? Gel, ýeňmäýin, ýöne oýnasaň bolýar!
Men şoňa-da razy. - Möngözlüje garaja güjüge her
zatlar diýip, öz bähbidini soňa goýup ýalbarsa-da,
onuň diýeni bolmady.
- Eger sen häzir meniň bilen oýnaly diýenimde
oýnamasaň, menem soň sen oýnaly diýeňde oýnaman.
Garaja güjük ýene-de öňki bolşuny saklady, ol
Möngözlüjä ne oýnajak diýdi, ne-de oýnajak däl.
- Onda men-ä gitdim, yzyma düşäýme, ýekelik
gowumyka, hany, onuň bilen senem bir ýeke galyp
gör!
Möngözlüje kölegesinden öýkeläp yzyna dolandy.
Gün göni garşydan bolany üçin garaja güjük onuň
öňünden aýryldy. Möngözlüje öwrülip yzyna seretmedi.
Şonuň üçinem ol öz söbügini basyp, gulajyklaryny
selkildedip gelýän garaja güjügi görmedi.
Möngözlüje uzakly gün selkildese-de, ne enesini
tapdy, ne-de uýasyna duşdy. Ne-de bir oňa tirkeşäýer
ýaly ýoldaş tapyldy. Ol uzakly gün selk-selk edip,
29
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bir ýerde durman elewränsoň, halys ýadady. Indi
onuň gidip barýarka gözleri ýumlup gidýärdi, ukusy
tutýardy. Ýöne, hany, nirede ýatmaly, barara bolsa
ýekeje-de gapy ýok. Ahyry ol şol ylgap ýörşüne bir
suw köwen köwege gabat geldi. Köwegiň üstüne
arkadaky gaýanyň ep-esli bölegi, düýe ýaly abanyp
otyrdy. Şonuň üçinem bu ýer ygyşakdy hem ýalazy
meýdana görä has maýyldy.
Agşam ýagyş maýdalap ýagyp ugran mahaly,
ol meýmiräp, süýji ukuda ýatyrdy. Ýagyş onuň art
aýagynyň penjelerini biraz ezýärdi. Möngözlüje
aýaklaryny ýygnansoň has-da arkaýynlandy. Ýöne
ýarym gijeler sag tarapdan eşidilen iki aýylganç
gümmürdi onuň ynjalygyny bozdy. Hut asman
çym-pytrak bolup, tikeleri çar töwerege seçelenip
giden ýaly boldy. Töwerek birden ýagtylyp gündizlige
öwrüldi-de, ýene-de bada-bat gijäniň etegine siňip
gizlendi. Möngözlüje tarsa ýerinden turdy-da, näme-näme bolanyny bilmek maksady bilen töweregine
ýaltaklady. Ýöne ol näçe ýaltaklasa-da, pikirindäki
«Bu näme boldugykan?» diýen soragyna jogap tapyp
bilmedi.
Asman bolsa şundan soň has-da tiz-tizden
gümmürdemegi çykardy. Möngözlüjäniň göwnüne bu
gümmürdiler özüne tarap çapyp gelýän demir toýnakly
atlaryň toýnak sesi bolup eşidildi. Onuň gözüniň
30
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
öňünde bir süri dabyraşyp gelýän at peýda boldy.
Ol atlaryň öňünde bolsa, basan ýerinden ot çykaryp
syçrap gelýän gara aty gördi. Möngözlüjä ol atlar
özüni aýak astyna alyp, depeläp giderli göründi. Gök
gürläp, ýyldyrym çakan mahaly Möngözlüje hiç wagt
ýeke galyp görmändi. Onda-da meýdanda. Ol näderini
bilmän, töweregine ýaltaklap, enesini küýsäp çyňsady.
Ene başga wagtam-a gereksiz däldir welin, ýöne şeýle
günde ol juda gerek bolýan ekeni. Oňa bu atlar ýene
biraz dursa, hut özüni depeläp, mynjyradyp geçjek
ýaly bolup duýuldy. Möngözlüje atlaryň öňünden
aýrylmak üçin bir tarapa ylgady, ýöne atlar ol ýerde-de
onuň öňünden çykdylar. Ol nätjegini bilmän, başga bir
tarapa ylgady. Möngözlüje ondan oňa gaçyp, ahyrsoňy
halys ýadady. Şonuň üçinem ol soňuny saýman, ilki
göreninde gözüne gorkunç görnen sürenleriň birine
süsdürilip girdi.
Bu süren tilkiniň sürenidi. Möngözlüje tilkä
girelgäniň agzynda gabat geldi. Tilki göni garşyda
ýoly bekläp, keserip durdy. Möngözlüjäni görüp, ol
arkasyny tüňňerdip has-da hüžžerildi.
- Näme süsdürilip gelýäň, iliň öýüne?
- Men... Men biraz şu ýerde duraýyn-la!
- Bu ýerde seniň geregiň ýok.
- Meni daşarda gara atlar kowalaýar...
- Heý, sammyjak, sen sammyjak...
31
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Şol arada enesiniň garnynyň aşagyndan kiçijik bir
tilkijigiň enaýyja tumşugy göründi. Ol emedekläp, şol
ýerden sümlüp, Möngözlüjä tarap geçjek boldy.
- Eje, ol kim, ol kim, eje?
- Baryň ornuňyza, hemme zat bilen işiňiz bar!
Tilki beýlesine öwrülip gatyrgandy. Tilkijikleriň
ikisi enesiniň diýenini etse-de, ilki görnen enaýyja
tilkijigiň welin gidesi gelmedi.
- Eje, ýekeje gözüm bilen göräýin-dä ony?
- Saňa gep ýokmaz, ýeksurun ganjyk. Näme, it
görmediňmi? Çölüň bol çöp-ä şolar...
Tilki gahar bilen çagasyny süreniň törüne, beýleki
iki tilkijigiň gözjagazlaryny balkyldadyp oturan
tarapyna itekläp goýberdi.
- Ana, gör, özüň ýaly çagalar nähili ejelerini
diňläp, akylly bolşup otyrlar!
Ejeleriniň öwgüsini alan tilkijikler şundan soň
boýunjyklaryny sallaşyp, has-da akyllysyradylar.
Möngözlüje bu tomaşany synlap durşuna: «Bulaň­
ňam ejesi meniň ejem ýaly ekeni, o-da hemişe maňa
görelde hökmünde uýamy öwüp: «Senem şunuň ýaly
düşbüje bolarlar» diýýärdi» diýip oýlandy.
Tilki çagalaryny tertibe salansoň, ýene-de
ýeňsesine öwrüldi.
- Şol duran ýeriňde dur onda. Şondan bäri aýagyňy
sekiji bolma!
32
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Bolýar. Dursam bolýar...
- Ertir ir bilenem gidersiň.
- Şol atlar gitse, giderin...
- Özüňem tilkini aldaryn öýdüp hiç mönsüremegin,
ol atlaryň nämedigini sen menden gowy bilýänsiň.
Mönsüreseň halaman!
- Bolýar, mönsüremäýin, ýöne biraz dursam
bolýar.
Ejeleri öwrülip aralaryna baransoň, tilkiler ýene-de rahatlanyşyp, onuň töweregine öwrülişip ýatmak
bilen boldular. Tilkileriň ýatan wagtlary bir edähedi
bar ekeni. Olar ýatanlarynda bir-birleriniň guýrugyny
gujaklaşyp, zynjyr bolşup ýatar ekenler. Möngözlüje
birsalym olary synlap duransoň, «Tilkilere gelen tilki
bolmalydyr» diýen pikir bilen zynjyryň iň yzynda
ýatan tilkiniň guýrugyny gujaklady. Tilki guýrugynyň
ellenýänini duýup, ýatan ýerinden kellesini galdyrsa-da, oňa gaty-gaýrym zat diýmedi. Daşarda galan gara
atlar bolsa iki ýana çapyşyp, uzyn gijäni dükürdeşip
geçirdiler.
Tilki aslynda gijesine gezmegi, gije bukulyp iş
gaýyrmagy halaýan-da bolsa, ýyldyrym çakyp, gögüň
gürlejegini bileni üçin, bu gijäniň nepinden geçipdi.
Şeýle gün bolanda aljyraňňylyk bolýardy. Aljyraňňylyk
bolsa, hemişe entek aga-gara oňly düşünmeýän
güjüjekleriň azaşyp, ýitmegine sebäp bolýardy. Beýle
33
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýagdaý enelere ýürekden çykmajak arman getirerdi.
Hemme eneler ýaly, tilki-de öz çagalaryny eý
görerdi. Olaryň aýagyny tikene batmagynda rowa
görmezdi. Tilkiniň çagalary aç bolansoňlar, uzakly
gijäni çyňsaşyp çykdylar.
- Eje, men-ä ajygýan!
- Sabyr et, janym, ertire bir çykaly.
- Özüň-ä öňler agşam aw üçin amatly diýen
bolýardyň.
- Bu gün ýyldyrym çakýar. Kim süreninden çyksa,
ony daşarda gara atlar depelemek üçin kowalaýar.
Gördüňiz-ä ýaňy güjügem şol ýerden gaçyp geldi.
Tilki uzakly gije şu sözler bilen özüniň çagalaryny
rahatlandyrdy.
Ertir bolsa ol hemmelerden ir turup, süren içinde
aýaklaryny uzadyşdyryp, birki gaýra gerindi.
Sürenden daşaryk çykmak üçin çagalaryny aýak
üstüne galdyransoň bolsa, henizem agşamky giren
ýerinde bir gowuja bolup düýrlenip ýatan Möngözlüjä
seredip hyňrandy.
- Häý, it ogly, bu henizem ýatyr. Gidip ýal gözleme
aladasy ýok-da bulaň. Agalary bulaň iýjek ýalyny
öňünde goýýar. Biziňki ýaly bir garny aç, bir garny
dok gezjek gümanlary ýok. Bular diňe eýeleri bilen
gijesine düşekde bile ýatanoklar...
Pikirini
dördügiçe
tilkiniň
Möngözlüjä
34
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gahary köpeldi. Ol çagalaryndan öňe düşüp gelip,
Möngözlüjäniň üstüne kükredi.
- Eý, it ogly, tur hany!
- Ýene azajyk ýataýyn-la, eje...
- Bar, ýok bol-a, enesi ýalamadyk, saňa eje bolan
bolsun! Men-ä senden bizar...
Tilki ahyr düýrügip, ony tumşugy bilen kakdy.
Möngözlüje guýrugyny ýamzyna gysyp, tilkileriň
öňi bolup daşa çykmakdan başga alaç galmady.
Daşary häzir alaýazlykdy. Ol ýerde ne-hä sowuk
nazary bilen ýüzüňe seredýän gorkunç gije bardy,
ne-de güpürdeşip, depeläp geçjek bolşup ýören gara
atlar. Garşydaky baýryň güneş ýüzüni mesgen edinen
akly-gyzylly läleler bolsa agşam ýagşa ýuwnup, has-da gözilginç bolupdylar.
Ol ýerde häzir arylar başlaryny gülleriň ysyna
humarladyşyp, keýpihon wyzzyldaşyp, uçuşyp
ýördüler, öz dillerinde jedirdeşýärdiler.
- Baý, bu öýleriň gowudygyny, girseň çykasyň
gelenok.
- Meni şu gülüň ysy heläk edýär, düýn öýe gitmegi
hem unudyp, şu ýerde galsam näme!
- Ýazda käte şeýle-de bolýa-da. Onda sen agşam
ýagyşda nätdiň?
- Men-ä, dogrusy, gülüň ysyna serhoş bolup, şony
kän duýmandyrynam. Uzakly gije gül meni özüniň hoş
35
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ysy bilen bendi etdi. Men onuň gujagyndan çykjagam
bolmadym.
- Oňarypsyň, dost, bu öýdäkilerden sypyp bolsa
edäýmelis-ä şodur-la.
- Ýaban ýatmadyk arydanam bir ary bolarmy?
Möngözlüje
arylaryň
gürrüňini
entegem
diňlejekdi welin, tilkijikler eneleriniň yzyna düşüp,
eňşip ugransoňlar onuňam durup mazasy bolmady.
Şol barmana bolsa özi bilen ilki tanyşan ysgaşýuz,
tilkijik şolugra ony kibti bilen kakyp geçdi.
- Sen näme mölerip dursuň?
- Aý, bilemok.
- Ýör, onda, ejem şu gün bize guzy awlap berjek
diýýär. Sen guzyň etini iýip gördüňmi?
- Ýok. - Möngözlüje tilkijigiň gapdaly bilen ylgap
barşyna onuň bilen gürrüňi dowam etdirdi.
- Guzy eti juda süýji bolýar. Biz öňki ýagyş
ýagan günem guzy iýdik - diýip, tilkijik geçeni ýatlap,
süýjülik bilen tamşandy.
Başga-da bir gidere ýeri bolmansoň, Möngözlüjäniň
bulardan galasy gelmedi. Ýöne tilkileriň bolup barşy
bada-bat oňa ýaramady. Olar ogurlyk etmänkäler
ogurlyk eden ýalydylar. Häli-şindi kimdir birine
görünmejek bolýan ýaly bolşup, ýer busuşyp, töweregi
diňşirgenýärdiler.
Olaryň ýaltaklap boluberşine bolsa, kelle
36
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
çydarly däldi. Tilkileriň ulusynyň-kiçisiniň kellesi
asla birsalymam dek duranokdy. Her eşidilen
şygyrdydan many çykarýardylar. Şygyrdynyň zelelli
däldigi anyklanansoň, olar ýene-de ýollaryny dowam
etdirýärdiler.
Bir örüp ugran süriniň alkymyndan gelip
çykýançalar, tilki telim gezek çagalaryny ýatyryp-turzup, ol janawarlara görgi baryny görkezdi. Şol
bir wagtda bolsa ol Möngözlüjänem sylap goýmady.
Burnuny tys-tys etdirip, ony hem öz erkine tabyn etdi.
- Biz bilen boljak bolsaň, senem maňa bir zady iki
diýdirmeli dälsiň!
Geň galaýmaly, sürende wagtlary kiçijikler
enelerini şeýle bir diňläp durmasalar hem meýdanda olar
ejeleriniň bir diýenini iki gaýtalatmaýan ekenler. Onuň
her hereketini çir-çitir bolşup özleriçe gaýtalaýardylar.
Ümleriniň hersinden degerli netije çykarýardylar. Ýat
diýlen ýerde ýatyp, bukul diýlen çöpe bukulýardylar.
Şol barmana tilki öz yzyndan gelýänlere burnuny
iki gezek eşidiler-eşidilmez «tys-tys» edip, saklanmagy
duýdurdy-da, sürüden bäş-üç ädim saýlanyp duran
töweregi üç-dört guzujykly goýunlara ýakynlaşyp
ugrady.
Guzujyklaryna jür bolşup duran goýunlar henizem
hiç zatdan habarsyzdy. Goýunlaram, guzujyklaram
häli-şindi gezegine diýen ýaly mäleşýärdiler.
37
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Mä-ä-je, aý, eje!
- Näme, guzym?
- Eje, meni goýup hiç ýere gitme!
- Bolýar, oglum...
- Bolýar diýip, öňem-ä gitdiň.
- Suw içmäge gitdim-ä, balam.
- Eje, indi suw içmäge-de gitme.
- Bor, guzym...
- Eje, men-ä üşeýän.
- Geç, meniň beýläme, bu tarap yklaw. Ýene-de em azajyk. Dok bolsaň şemal seni üşedip bilmez.
Gaýta, ol sypalap seniň buýralaryňy ösdürer. Seniňem
galyň possunyň bolar.
- Eje, haçan?
- Sabyr et, balam. Şu otlar gurap, sary saman
bolsun.
- Ol haçan bolýar, eje?
- Eýläňe-beýläňe seretmäge ýetişmänkäň...
Tilki duran ýerinden gönümel çykyp, goýunlaryň
duran ýerine ýetmäge howlukmady, pişik basyşyny
edip barşyna sag çignine öwrüm etdi. Ol ýerde geçen
ýyldan galan iki düýp selin gök otlaryň arasynda bölejik
gara meýdan bolup otyrdy. Tilki ýaňy saga öwrülen
mahaly hut şu selinlere dulanmagy niýet edinipdi. Ol
selniň arkasyna gelip, biraz demini dürsänsoň, edil
goýunlaryň bäri gabadyndaky kerte göz dikdi. Kertiň
38
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
kert bolubam şeýle bir ugry ýokdy. Şonuň üçinem
ol ilki «Mundan maňa delalat bolmasa gerek» diýip
oýlandy. Daş-töweregini garanjaklady. Ýöne ýene-de
şondan amatlyrak ýere onuň nazary ilmedi. Tilki durup
hemişe şeýle çykgynsyz ýagdaýa düşende ýatlap, özüni
ruhlandyrýan sözlerini oýunda aýlady: «Heý, sen tilki
ahyryn, seniň ata-babaň bir eşek tezegine bukulmany
başarypdyr, olaryň nesli boljak bolsaň, senem olardan
kem oturmaly dälsiň!»
Ol ulumsylyk bilen süýşenekläp, öňündäki kertiň
alkymyna geldi. Goýunlar bolsa henizem dünýäden
bihabar, öz guzujyklary bilen gürleşip, güýmenişip
durdular. Tilkä indi bir demini dürsäp, guzujyklaryň
biriniň üstüne bökäýmek galdy.
- Haw-haw-eý, sen ol ýerde näme edýäň?
Bu ses tilkä hut bir äpet daş dagdan togarlanyp
gaýdan ýaly güňleç eşidildi. Aýaklarynyň dördüsinde-de bir wagtyň özünde şol bir meňzeş saňňyldy peýda
boldy. Itiň sesi bolsa barha golaýlaşdy. Ahmyr bilen
yza dolanmakdan başga çäre tapylmady.
Goýunlar ol yzyna öwrülip, gaçyp ugransoň, ony
görüp ürküşip, howsala bilen yzlaryna serpildiler.
Ejeleriniň gaçyp gelýänini görüp, baýryň eteginde
guzujyga garaşyp, tilkiniň öňüne düşüp gaçyp ugradylar.
Iliň gaçanyny görüp, kimden gaçylýanyny bilmese-de,
Möngözlüje-de olaryň yzyna düşdi. Möngözlüje bir
39
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gaňrylyp yzyna sereden mahaly bir sary köpegiň her
ýerden bir basyp, arany ýygryp gelýänini gördi.
- Haw-haw, hany, dur, dur diýilýä saňa!. .
Iliň durmaýanyndan çen tutup, Möngözlüje-de
«dur» diýleni bilen durmaly däldigini bildi. Ýöne bu
köpegiň höltüldän bolup gelşinden ol birneme eýmendi.
Näçe jan etse-de, çöpden-çöpe sümlüşip, özünden
arany barha açyp barýan tilkijikler oňa ýetdirmedi.
Birsalymdan ýeňseden eşidilen güňleç ses onuň öňüni
dolady.
- Haw, sen kim-eý?
- Men tilki...
- Sendenem bir tilki bormy - diýip, Möngözlüjäni
doly diňlemedik köpek onuň üstünden güldi. - Hol-ha,
tilkiler, olar al salşyp, bireýýäm ýurtdan çykyp gitdiler.
Sary köpek bu diýen gyjytly sözlerinem az görüp,
sandyraklap: «Nä bolarka, nä goýarka?» diýip, men
bolup duran Möngözlüjäni kükregi bilen hütledip
kakdy. Iterginiň zarbyna Möngözlüje togarlanyp gitdi.
- Ine, saňa, tilki bolsaň, haý, sammyjak, men
tilkidirin diýen bolýar-a. Heý-de, tilki tutulsa, men
tilkidirin diýermi?! Ol, gaýta, ýalym-ýulum edip:
«Biziň ata-babamyz bir wagtlar siz bilen garyndaş
ekeni, soň siz özüňize dost tapynyp gidipsiňiz, biz
bolsa munda galypdyrys. Şol günler siz adamlar bilen
dostlaşyp gowy edipsiňiz. Ýabany bolsaň bu ýerde
40
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
rysgaly henizem ylgap almaly. Aý, şu gün elimiňem boş
güni, şol ata-babalarymy ýatlamaga geldim. Mazaly,
görüşmek nesibämem bar ekeni, saňa-da duşaýdym»
diýip, ýumşaklyk bilen ejiz damaryny sypalap ugrar...
Bir gezek ol bizem oňaryp aldady, şonda ýoldaşym
Gaplaň pahyrdy. Biz iki bolup bir ogurlyga gelen
tilkini ogurlygynyň üstünde tutduk. Gaplaň bende juda
bilesigelijidi. Ol tilkini dalap sana geçmez etmegiň
deregine, oňa sorag berdi.
- Şu ýazda näçe guzy ogurladyň? Ýöne göniňi aýt,
ýogsam...
- San bilemok, it aga, ýöne görkez diýseňiz, ýere
çyzyp görkezeýin, özüňiz sanaýyň.
Biz «Hany görkez-de, görkez» bolşup, ony orta
alşyp durduk. Tilki çägäň üstüne ilki bir guzynyň
suratyny çekdi. Yzyndan ýene-de birini çekdi. Biz
bolsa synlaşyp durus. Birden ol: «Ine, şuň ýalagam
birini ogurladym» diýdi-de, süýnmek çyzyk çyzan
bolup, meniň ol çyzylan zatlar bilen gyzyklananymy
görüp, garnymyň astyndan geçdi-de, göterdi ökjäni...
It Möngözlüjäniň töweregine aýlanyp ysgap,
ýene-de bir gezek onuň itdigini anyklansoň dalamady.
- Bar, tilki bolsaň, ýok bol şu ýerden.
Möngözlüje gelende, tilki çagalaryny daşyna
toplap, töweregi synlap otyrdy. Ol oturyşyny
üýtgetmän, Möngözlüjäniň habaryny aldy.
41
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Hany, agaň ýanynda galmadyňmy?
- Ýok, galmadym.
- Näme, seni tanamadymy?
- Bilmedim.
- Ýogsa-da, sen bu ýerlere nireden düşüp ýörsüň,
azaşdyňmy näme?
- Asmandan indim.
- Asmandan? - diýip, tilki geňirgendi. Asmany
synlap, soňundanam: «Asmandan nähili inip bor?»
diýen manyda kibtini gysdy.
- Men garaguş bilen uçdum.
«Hih-de-hih» bolşup, tilkijikleriň hemmesi
birbada, hamala, garaguşuň penjesine özleri ilen ýaly,
gözlerini ýumşup, gorkuşyp içlerini çekdiler.
Ejeleri olara garaguş bilen uçanyň nä güne
düşýändigini öň bolşy ýaly, gorkunç edip gürrüň
beripdi.
Töweregindäkileriň gyzyklanýanyny görüp,
Möngözlüje bolan wakany ýene bir gezek başdan-aýak
ýatlap gürrüň berdi. Tilki ony diňläp otyrka, düýn suw
içmäge kaka baranda, ýuwnup kenarda Güne guranyp
oturan iki serçäniň gürrüňini eşidenini ýatlady. Olar
bir uçan güjük hakynda gürleşýärdiler.
- Bu şol bolup çykdy-ow - diýip, tilki Möngözlüjä
seretdi.
Dem-dynç alnansoň, Möngözlüje täze ejesi bilen
42
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
doganlaryny düýnki maslyk çekelän ýerine, galan-gaçan süňk-saňky çöplemäge alyp gitdi.
***
Gije düşüp, daş-töwerek garaňkyrap, gözýetim
barha daralyp ugran çagy tilki süreniniň agzynda oturyp,
howany ysyrganyp, dünýäniň habaryny alansoň,
çagalaryna baş bolup, daşaryk çykdy. Ol hemişe
edişi ýaly sürenden atylyp çykyp, şol bady bilen hem
garşydaky baýryň üstüne ýarmaşdy-da, hemmeden öň
baryp, onuň çür depesinde joňkaryp oturdy. Töweregi
synlap, hiç hili howpuň ýokdugyna ýene-de bir gezek
göz ýetirýänçä, tilkijikler hem idirtde-midirt bolşup
onuň ýanyna gelişdiler.
Kiçijikleriň iň tokarjasy bu howlukmaçlygyň
nämüçindigini biljek bolman, gele-gelmäne nadyl
bolup, ejesine igendi:
- Eje, näme durşaňzogam-a, men ýetişemok ahyry.
- Men köp aýtdygymça sen az eşidýäň, çagam...
- Nämäni az eşidýän?
- Öýde siz meniň çagamsyňyz, meýdana
çykylansoň, iliň birisiňiz diýip düşündirmedimmi
näme?!
- Ejem meýdana çykylansoň, öz başyňy çaramaly
diýýär - diýip, doganynyň öýkesini ýerliksiz hasap
43
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
eden tilkijik eneleriniň arkasyny çaldy.
- Seňki näm-aý - diýip, uýasynyň gapdaldan
gep goşmagyny halamadyk tulparja tilkijik seňrigini
ýygryp gaharlandy.
Möngözlüje bu taýa it arkaýynlygy bilen islän
ýerinde durup, islän zadyny ysgap, iň sonundan geldi.
Garaňky barha goýalýardy. Tilkiler uly şatlyk
bilen Günüň gidip, soňundan gara bermedik tarapyna
seredişip, gijäniň baýyr yzyndan baýyr ýuwduşyny,
otlaryň reňkiniň garalyp, soňundanam olaryň ýitip
gidýänini synlaşyp, hoş bolşup otyrdylar...
Eneleriniň şeýle pursatda aýtmagy gowy görýän
aýdymyny ýatlan naşyja tilki şol aýdymy ýene-de bir
gezek eşitmek isläp enesine ýüzlendi:
- Eje, şol aýdymyňy ýene-de bir aýdyp bersene?
- Aýdymmy? - Tilki sakyndy-da, pikirini jemläp
aýdymyny ýatlady.
Ýene gara gije çykypdyr düze,
Gelýär assa-assa biziň öýmüze.
Gündiziň etegni az-azdan gädip,
Gelýär ol alaňlaň üstünden ädip.
Ýitdi oň içinde towşanyň hini,
Köpelýär gark bolýan sürenleň sany.
Ot-çöpi ýuwutdy ýeke-ýekeden,
Guşlar kömre dönüp, gaçdy depeden.
Biziň töweregem gabady tümlük,
44
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Indi ukym tutýar, gözlerim ýumluk.
Aýlanar köp ýeri ol ýene şeýdip,
Gündizlik Gün bilen gelýänçä gaýdyp.
Hemmeleriň nazary Günüň batan ýerindedi.
Garaňky gijäniň arkadanam şol bir tizlikde ýetip
gelýäninden, bu Günüň batanyna begenişip, döwre
gurşup, aýdym diňleşip oturan tilkiler habarsyzdy.
Gije gelip, olaryň oturan baýryny hem ýuwdansoň,
tilkileriň gözleri birnäçe çyrajyga meňzäp, köräp
ýandy.
Gündize seredeniňde gije has hezillik ekeni.
Ýöne bu hezillik henize çenli Möngözlüjäniň ünsüni
çekmändi. Şonuň üçinem ol bu hezilligi özi üçin täzelik
hökmünde kabul etdi. Daş-töwerekde tanyş-u-nätanyş
haýwanlaryň, mör-möjekleriň garaňkynyň deňzine
goşulan ysy owsun atýardy. Telim bir ys oňa golaýlaşsa,
ençeme yslar ondan daşlaşmak bilen bolýardylar.
Şeýle-de ol tiz öz gözleriniň gijelikde gündizki
görşünden artyk görmese, kem görmeýänini anyklady.
Ol özüni gündizki ýagdaýy bilen deňeşdirende, gije
has ýeňil hem ynjalykly duýdy. Gündizine ony Gün
heläk ederdi. Gün jyzyran günleri ol alakjap öz haly
bilen bolmazdy. Gündizine siňek diýdi, gögeýin diýdi,
sakyrtgadyryn diýdi, onuň Günden başga-da ýagysy
az däldi. Ol şeýle günlerde özüni sowuk sürene atyp,
tilkijiklere meňzäp, ýok ýaly bolup ýatardy.
45
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Tilkileriň köp gylyklary Möngözlüjä ýaramasa-da, olaryň gündizlerine daş bolşup ýatmak gylygy oňa
ýarady. Juda bir zerur bolaýmasa, aňsat olar gündize
gara bermezdiler. Ene tilki oturan-turan ýerinde özleri
üçin iň gowy pursadyň gijedigini, gije gelende goýun-guzynyň eýesi adamlaryň kör bolýandygyny, şeýle
bolanda hut gijä dulanyp baryp olaryň alkymynda-da
iş goparyp bolýandygyny sakyrardy. Soňundan bolsa
her goşda özlerinden artyk görmese, kem görmeýän
itleriň üç-dördüsiniň bardygyny, olardan gaty howatyr
etmelidigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirerdi. «Itler»
diýen wagty ol hemişe öz gepini öz çagalarynyň biri
ýaly bolup diňläp oturan Möngözlüjä tarap gyýa
gözleriniň birini aýlap goýbererdi.
Bir gezek Möngözlüje bilen naşyja tilkijik
ikisiniň yzarlap barýan ysy olary alkymynyň gasynyny
köpeldip oturan zemzeniň üstünden getirdi. Ol serginde
awa çykypdy, gözi gören mör-möjejiklerini ussatlyk
bilen tutup, özüniň doýmaz-dolmaz bokurdagyndan
geçirýärdi. Zemzen özüni görüp kürtdürişip aýak çeken
güjüjeklere öňünden çykylanyny halamandygyny
mälim edip, birsalym aw awlamasyny goýdy-da,
alkymyna gasyn atdyryp haşlady.
- Näme, mön bolşup dursuňyz? Ömrüňizde
zemzen görmediňizmi?
- Ýok, göremzok.
46
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Onda men şol!
- Hä... ä... ä.
- Näme «hä-ä-leşip» üstüme abanyşyp dursuňyz?
Meniň işim-derdim tilki çagalarynyň öňünde süýnüp-sarkyp durma däl. Bilýäňizmi, maňa bir gezek doýmak
üçin 360 sany mör-möjek gerek. Siziň agzyňyza
öwelip dursam, men garnymy haçan doýyryn? Ýaňy
iýen gurçugym-zadym 164 sany. Hasap edip görüň,
ýene-de maňa näçe mör-möjek iýmek gerek. Boluň,
hasaplaň!
- Biz hasap bilemzok.
- Siz tilkilere beletdirin, «bilemzok» diýşip, meni
aldajak bolmaň. Siz tilkileriň hasapsyz zady bolmaz.
Bilmeýän bolsaňyz, baryň ejeňiziň ýanyna, onuň özi
öwreder.
Zemzeniň könäni dörüp gepledigiçe gahary geldi.
- Siz tilkiler bilen möjekler ýesersiräp, çölüň
berekedini gaçyran siz. Siz hemişe meniň iýýän mör-möjeklerimi özüňiziň porsy aýagyňyz bilen depeläp
gezýäňiz...
Möngözlüje bilen naşyja tilkijik zemzeniň öz-özünden ýel alyp, boluberşini görüp, ondan çekinişip
yza tesdiler. Olar gelibem öz gören-eşiden zatlaryny
gijäniň düşenine özüni ynandyryp oturan ejelerine
gürrüň berdiler.
- Çişdimi? - diýip, tilki göwnübirlik bilen
47
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
oturyşyny üýtgetmän sorady.
Tilkijikleriň ikisi iki ýerden «çişdi-de-çişdi»
boluşdylar.
- Aý, goý, çişsin. Onuň gaharlansa, hemişe-de
şeýdäýmesi bardyr.
Tilki soňundan könäni ýatlady: «Bizem bir wagtlar
(uýam ikimiz) ejemiziň gözüne güýdüşip gaçardyk-da, gidip zemzeni tapardyk. Herimiz bir tarapyndan
baryp onuň gaharyny getirerdik. Ol kükregine
ýygnabilen howasyny ýygnap çişerdi. Bizi çemesine
getirip bilmeýäni üçin guýrugy bilen ýeri gamçylardy.
Biz ol ýagşy gaharlanyp çişensoň, ýene-de ylgaşyp
yzymyza gaýdardyk. Ýöne onuň gamçysyna gabat
geläýjek bolmaň. Onuň bilen bolýan hezil oýnuň erbet
gutarýanynam men gördüm.
Bir ýola biziň iki bolup duýdansyzja bir ýere
gidýänimizi görüp, üçünji doganymyz hem yzymyza
düşdi. Ol pakyr, dogrudanam, galyp-gopanda bizden
goýazrakdy. Biz üç dogan bolup, zemzeniň hezilini
görmek üçin üç tarapdan hüjüme geçdik. Zemzen
gaharyny içine toplap, ýene-de hum ýaly çişdi.
- Indi men siz tilkijikleriň oýunjagymydyryn? diýip, özüne erk edip bilmän sandyrady.
- Seniň şol kükregine toplanyň hemme gaharyňmy
ýa ýene-de barmy? - diýip, men ony öz ýanynda
ýaňsyladym.
48
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Gahar näme işlesin munda. Pöwhe ýeldir-le diýip, uýam hem ýaňsylamakda menden kem oturmady.
Biz gep atyşyp zemzeni çişirip durkak, üçünji
doganymyz oňa has golaýlaşan eken. Ol guýrugyny
bir bulanda biziň gözümiziň öňünde doganymyzy ýere
ýazdy. Biz ylgaşyp ejemizi alyp gelýänçäk, zemzen
eýýäm içini sowatmaga ýetişen eken. Şoldur-da-şol,
meniň onuň bilen ugrum ýokdur.
Tilki çagalary enelerini diňläp oturyşlaryna
ilkibaşda: «Bizem ejem dagy ýaly indi ony çişirip
oýnarys» diýşip oýlanan-da bolsalar, gürrüňiň ahyryny
diňlänsoňlar, olara bu oýnuň howpludygy belli boldy.
- Gowusy, onuň ýanyna barmazlykdyr. Öňüňizden
çykaýsa-da oýtarlaň-da geçiberiň. Artyk duşman
gazanmaň, onuň geregem ýokdur. Onsuzam biziň
ýagymyz az däldir. Goý, ol bolsa «Tilkiler menden
çekinýäler, olar meni gören ýerlerinde sowlup, ýol
berýäler» diýip, öz göwnüni hoş etsin.
Tilki öz gürrüňini ýene-de ýaşululara mahsus akyl
berme bilen tamamlady.
Pyşbagany bolsa hiç kimden soraman, duşan
wagty Möngözlüjäniň özi tanady. Ol bu pyşbaganyň
hut düýnem şu ýerde ýapa ýarmaşyp ýatanyny biraz
daşrakdan görüpdi. Möngözlüjäniň keýpi kökdi,
şonuň üçinem onuň ýeri diňşirgenip, irkiljiräp ýatan
pyşbaga biraz degesi geldi. Onuň daşyna aýlanan
49
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bolup ýesersiredi.
- Hany, habary nädip alýaň-ow, pyşbaga?
- Näme habaryň bardy, oglum? - diýip pyşbaga
gasyn-gasyn boýnuny arkasyndaky düňderilen gazanyň
aşagyndan çykardy.
- Näme tutduň, şol ýere ýapyşyp ýatyrsyň-la?
- Heý, oglum, hiç zat. Bu dünýä hiç kime tutdurýan
däldir!
- Onda näme, sen şol bir ýeri bagyrtlap,
goýbermerin diýip ýatyrsyň?
- Häý, saňa oýun gerek, oglum!
- Ýa sen ýeri diňleýämiň? Hany, aýt onda, ol näme
diýýär?
- Ýermi?.. Şol güjüjege aýt, goý, ol öz ugruna
gitsin, ýogsa-da diýilmejegini diläp alýar. Şeýle-de
aýt oňa, garry pyşbagalary oýnajak bolmak aýypdyr
diýýär.
- Onda senem, pyşdyl aga, şol ýeriňe aýt, hondan
bärsi bolan bolmasyn.
- Dur, dur, oglum! - Pyşbaga elini daldalap,
güjüjege ýeriň adyna erbet söz diýdirmezlik üçin öz
goýaz häsiýetini unudyp howlukdy. - Ýere dil ýetirmeli
däldir, oglum, üç gezek toba etdim diý derrew!
- Diýmesem näme?
- Onda ýer saňa gargyş eder, oglum, onsoň sen
baýnamarsyň. Bol, üç mertebe ýalňyşypdyryn diý!
50
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Diýesim gelmese näme?
- Häý, samsyk diýsäni. Mukaddes zada-da bir dil
ýetirilermi? Ine, men seniň ýedi däl, ýetmiş arkaňy
bilýän ahyry. Seniň it nesliňde ýolbars bilen tutluşany
bar, möjek bilen dalaşyp, ýaradan öleni bar. Guduzlap
düze çykanyň bar. Sesi bilen süriň daşyna gala bolup
oturanyň bar. Olaryň hemmesi-de kyn günlerinde güýji
ýerden alypdylar. Ýöne seniň ýaly tilkiniň awuna kaýyl
bolup, tilkileriň derejesine çenli kiçelip ýöreniňizi
welin görüp-eşiden däldirin...
Möngözlüjäniň hakykaty uzak diňläp durmaga
takaty ýetmedi. Ol ýaltaklap yzyna öwrülmek bilen
boldy.
- Hä, hakykaty diňlemek ýaramadymy, gaçyber,
gaçyber, ýöne, barybir, ol seni sypdyrmaz.
Pyşbaga özüniň gyryljaksy sesi bilen onuň yzyndan
gygyrdy. Ol baýyrlara münüşip, düşüşip, şatyrdaşyp
barýan tilkileriň yzyndan ýeten mahaly naşyja tilkijik
ýene-de onuň gapdalyna gysmyljyrady.
- Niräk ýitdiň-ä?
- Hol, ýapyda bir pyşbaga bar ekeni.
- Haý, şoň bilenem bir gepleşer ýörerlermi? Onuň
ne etini iýip bolýar, ne-de ýagyşdan gaçyp gelýärkäň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 03
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.