Latin

Çölüň deňiz günleri - 01

Total number of words is 3684
Total number of unique words is 1941
31.6 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
AGAGELDI ALLANAZAROW
ÇÖLÜŇ DEŇIZ
GÜNLERI
POWESTLER,
HEKAÝATLAR,
ERTEKILER
Aşgabat
TDKP neşirýaty
2006
UOK

394.361
A48
Allanazarow Ag.
Çölüň deňiz günleri (Powestler, hekaýatlar, ertekiler).
A. TDKP - 2006
Garaşsyz, Bitarap Türkmen döwletiniň çagalary,
zehinli ýazyjy Agageldi Allanazarowyň döredijiligi bilen
ozaldanam giňden tanyşdyrlar. Onuň çagalara niýetläp
taýynlan iki tomlugynyň bu ikinji kitabyna ýazyjynyň
powestleri, hekaýatlarydyr pýesalary girizildi.
Ýazyjynyň bu eserleriniň birnäçesi dürli
döwürlerde çet ýurt dilleriniň hem birnäçesine terjime edildi. Pýesalarynyň ona golaýy teatryň sahnasynda goýuldy.
TDKP 148
KBK 84 Tür 7
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Meniň size häzirki okamakçy bolýan eseriňiziň
mazmunyny aýdyp bermek maksadym ýok. Ýöne
ol eseriň gahrymany sadaja, şol bir wagtda bolsa
batyrja, bir sebäp bilen asmana uçan Möngöz atly
güjüjek hakyndaky hekaýatyň welin size ýarajagyna
ynanýaryn. Sebäp, bir asmana göterilmek gerek,
ana, onsoň ozalky adaty zatlaryň hemmesi erteki
täsinligine öwrülýär. Iň esasam, uçan mahalyňda
diýseň aýdym aýdasyň gelýär. Eýsem, senem şu
zatlary arzuw etmeýärmiň näme?
Adam düýşünde ösýär. Agageldi Allanazarowyň
«Şol bir gezek uçan it» atly kitaby size huşda ösmäge
kömek eder. Hawa, meniň esasy aýdasym gelýän
zatlarymyň biri-de, ine, şu: sen ata-eneňiň hem
bu kitaby okamagyny sora. Şonda sen olaryňam
pikirlerinde Möngöz ýaly uçup bagtyýar bolanlaryny
görersiň.
Çagalara uly bolup görmegiň hökman bolşy
ýaly, ululara hem çaga bolup görmek hökman.
Bu kitabyň hemişe ulularyň çagalar bilen
duşuşyp, ýylgyryşyp, has gowy düşünişýän şol
çatrygy - pursady bolmagyny isleýärin.
Çingiz AÝTMATOW,
ýazyjy.
6
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ŞOL BIR GEZEK UÇAN IT
(Erteki-powest)
I
Ol güjüjek Pendi çölünde süri maly bilen gonup-göçüp ýören bir çopanyň goşunda dünýä indi. Onuň
enesi sürüdäki beýleki iki köpekden has duýgur
hasaplanýan Lakma lakamly bir ganjykdy.
... Şol gün ýagyşly gündi. Ir ertirden üýşüşip-çaşyşyp ugran bulutlar gijara ahyrsoňy bir netijä
gelipdiler. Mahal-mahal ýyldyrym çakyp, onuň gazaby
emer-damar bolup asmanyň ýüzüne ýaýraýardy.
Şu pursatda töwerek biraz ýagtylyp, soňundan ýene-de gije bada-bat öz ornuny eýeleýärdi... Güjüjegiň ilki
gözüni açyp göreni it ysly süreniň içinde togarlanyşyp
ýören özi ýaly üç sany güjüjek boldy. Bular onuň
özi bilen bir günde doglan doganjyklarydy. Bir aýa
golaý olar dört bolup bir enäni emipdiler. Ene süýdi
ýyljakdy hem ýakymlydy. Eneňi emeňden soň bir-ä
ukyň tutýardy, ikinjidenem, garynjygyň tümmerýärdi.
Güjüjekler üçin üçünji bir hezil zat, o-da oýundy. Olar
7
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
ýagdaý boldugy bir-birlerini dözer-dözmez dişleşip,
basalaşyp oýnaýardylar. Güjükläni bäri olaryň enesi-de goşdan uzak gitmezdi, hem-ä goşy saklardy,
hemem özüniň çagalaryna göz-gulak bolup gezerdi.
Bir ýola çoluk oba gidende, bir wagtlar ýegeni
bilen ogluna: «Ýazda size güjüjek getirip bererin»
diýen sözüni ýatlap, güjüjekleriň iki sanysyny
horjunyň bir gözüne salyp gitdi. Güjükleri alnan
wagty topulmaz ýaly äňi eşegiň gara ýüpi bilen daňlan
Lakma çopan dag aşyp ýüpden boşansoň, horjunda
giden çagalarynyň yzyndan «taparyn» tamasy bilen
kowup gitse-de, ýene-de gijara derek tapman çyňsap
goşa öwrülip geldi.
Möngözlüje bilen onuň uýasy bolsa öz oba giden
doganlaryny hemmeden öň unutdy. Birinjiden-ä,
bu bolan zatlar entek olar üçin düşnüksiz, bolany-bolmadygy näbelli alasarmyk bir wakady. Ikinjiden
bolsa, ol güjüjekleriň gitmegi mönlügi-sadalygy
zerarly hemişe üleşikden öz paýyny doly alyp
bilmeýän güjüjek üçin bähbit boldy. Şundan soň,
enesiniň süýdi-de, mähri-de, onuň uýasyna-da, özüne-de bolelin ýetdi. Şeýle-de Möngözlüje entek dünýäde
çopandyr çolukdan, sürüdir her gün onuň gapdaly
bilen örä gidýän iki köpekden, tirkeşip goşa oduk-buduk çekýän eşekdir düýeden başga janly-jandaryň
barlygyndan habarsyzdy. Möngözlüje üçinem, onuň
8
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
özünden çakgan uýasy üçinem dünýä töwerekdäki şu
iki gyryň aralygynda ýerleşýärdi. Görmek üçin bolsa
ýol söküp gitmelidi. Ýöne hemişe güjüjeklerinden
dynmazjan bolup ýören Lakma olary gözüniň öňünden
hiç ýere sypdyrmaýardy. Has-da Möngözlüjäniň
möňlügi dünýäde erbetligiň barlygy hakynda hiç zat
bilesi gelmeýänligi, hemmeleri öz göwnüne osup, oňat
hasap edip ýörmegi ony hemişe alada goýýardy. Beýle
mönlügiň ertirki günde, bu möjekler-itler iki tarap
bolnup, ýaka tutuşylyp gyrç-ýary ýörlen döwürde
gowulyk getirmejegi köpi gören Lakma aýandy.
Möngözlüjäniň uýasy goýun-guzynyň, düýedir eşegiň
ysyny bir-birinden aýyl-saýyl etmegi tiz öwrendi.
Biraz soňrak bolsa ol enesi ýaly çopanam, çolugam
ýatan ýerinden ysyndan, aýak sesinden tanamagyň
nötdesinden gelip tapawutlandy. Möngözlüje bolsa,
özüniň mönlügi üçin, itleriň, hökmany bilmeli bolan bu
endiklerini hem has soň öwrendi. Ýöne eneleri oturan-turan ýerinde janygyp sakyrdasa-da, diňe Möngözlüje
däl, onuň uýasam tä başlaryna iş düşýänçä, eneleriniň:
«Duşman bardyr, ol siziň janyňyza-da kast edip
biler, habardar boluň, hüşgär boluň!» diýen sözlerine
ynanmadylar.
Ine, bir günem Möngözlüjäniň enesiniň hemişe
garaşýan, Möngözlüje bilen onuň uýasy ikisiniň bolsa
hiç wagt garaşmadyk betbagtçylygy boldy duruberdi.
9
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Şol gün Möngözlüje ukudan turanda Gün eýýäm
al-asman bilen tigirlenip barýardy. Güneş ýapyda
ýaşaýan nakys murtluja, daş sypaty ulumsyja alaka
hin gazanda çykaran, indem gapdalynda depe bolup
duran guma ýaplanyp, hondan bärsi bolup, sykylyk
atyp, töweregi synlap durdy. Möngözlüje daşaryk
çyksa-da çykdy welin, ol ýene-de bada-bat ýyljak
ýatagyna dolanmak bilen boldy. Bu gün açyk gün
bolanda bolsa alysdan üstüniň gary agaryp görünýän
Garly dag tarapdan şemal öwüsýärdi. Şeýle bolanda
bu töwerekde hemişe sowuk bolýardy. Möngözlüje
ýene-de dört aýak-da, iki gulak bolup, ylgap, ligirdäp
üşeýänini mälim edip, gelip enesiniň gujagynda
ornaşdy. Möngözlüjäniň soragsyz gidip, daşardan
üşäp gelenini görüp, hemişe her bir zatda onuň bilen
basdaşlyk edýän uýasy oňa enesine bir zat diýdirmek
üçin ýarym ýaňsy bilen gürledi:
- Ýeri, näme tiz dolandyň, geziberseň bolmaýamy?
- Sowuk-laý.
- Ejem saňa aýtmadymy näme?
- Men eşitmändirin...
- Bu mönlügiň bolsa bolmanda-da seniň ne-hä
eşiden zadyň bor, ne-de bilen.
- Eşidýän, näme eşitmän, häzirem eşidýän.
- Nämäni eşidýämişiň?
- Senem az-kem dymmagy oňar, senem eşidersiň.
10
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Näme barmyş?
- Goňşy alaka hininiň gapdalynda durup, sesini
howada hallanlatdyryp, sykylyk atýar.
- Hüm, onuň şol sykylyk atmadan başga başarýan
zady barmy näme?
Gürrüňiň çygry öz küreninden çykyp, iliň
üstüne baransoň, çagalarynyň çitde-mit gürrüňlerini
göwnübirlik bilen diňläp ýatan ganjyk gobsundy-da,
gybata ýazyp barýan gürrüňiň öňüni dolady.
- Ýeri, ýeri, aşa geçibermäň, goňşular bilen işiňiz
bolmasyn. Köp gepli bolsaňyz halamaryn. Her kim
özüni oňarmalydyr. Her kim özüni oňaranlygynda,
onda bu dünýäniň kem zady bolmazdy. Sizem özüňizi
oňaryň, goňşularyň ýalagy bilenem işiňiz bolmasyn,
aşy bilenem.
Şu gürrüňden soň Möngözlüjä-de, onuň uýasyna-da il gybatyny etmegiň gowy häsiýet däldigi, gybat
edilse, onuň enelerine ýaramajagy düşnükli boldy.
Möngözlüje-de, onuň uýasy-da enelerini diňlänsoňlar
dymdylar. Eneleriniň süňňünden göterilýän ýylylyk
birsalymdan olaryň ikisinem meýmiretdi.
Möngözlüje ikinji gezek öz uýasy bilen tirkeşip
ýatakdan çykan mahaly ir ertirki içinden-bagryndan
geçip barýan sowuk şemal indi ýagşy kiparlan ekeni.
Töwerekdäki körpeçlerden guzujyklaryň mäleşýän
sesleri eşidilýärdi. Ýeriň süňňi ýylapdyr. Ýene-de bir
11
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
gowulyk, bu gün hemişe güjüklere aýratyn bir mähir
bilen seredýän çopan daýy hem goşda galypdyr.
Ol ýene-de goýun soýsa, Möngözlüje bilen onuň
uýasyny ganlyja et bilen naharlar... Çopan olarda
çaga täsinlikleri bolany üçin eý görýärdi. Çopana olar
özleriniň tomalanyp ýörüşleri bilen obadaky naşyja
agtyjaklaryny, olaryň oýunlaryny ýatladýardylar.
Lakma çopanyň beýle ýanynda özleri üçin ýalak diýlip
goýlan bir gulagy uçan çoýun gazana tumşugyny
sokup, bir zatlar tamşanýan ekeni. Möngözlüje bilen
uýasy ony görüp, ibirtde-zibirt bolşup, ýal iýmäge
howlukdylar. Şol arada gapdaldan goňşy alakalaryň
howsalaly sykylygy eşidildi. Olar gorkuşyp kürseşip,
hinlerine özlerini başaşak urdular. Möngözlüje
ol ýerde näme bolýanyny bilmek üçin, ýeňsesine
öwrülen mahaly, ýokardan äpet bir gara zadyň özüne
ýakynlap gelýänini gördi. Depesinde turan güýçli
pasyrdydan soň, ol özüniň aýagyny ýerden üzüp,
göterilip barýanyny, uýasynyň bolsa indi çyňsap,
holala basga düşüp enesine tarap gaçyp barýanyny,
enesiniň näderini bilmän duran ýerinde ters aýlanyp
pelesaň urýanyny gördi.
Ýüzugruna tokarja güjüjegi gapan garaguş
ganatlaryny pelpelletdi-de, barha ýokaryk göterildi.
Gömme nan edinmek üçin birýandan ot ýakyp,
birýandan hamyr ýugrup oturan çopan elini hamyrdan
12
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
sogrup turan mahaly, oljasy oňan garaguş eýýäm arany
esli açypdy. Çopan tüpeňe ýapyşsa-da onuňam haýry
degmedi, garaguş eýýäm allowarradady.
Lakma güjüjegini halas etmek üçin garaguşuň
yzyndan birsalym o ýapydan bu ýapa tüwdürilip
ylgansoň, onuň bilen giden Möngözlüjäni asmanda
gözden ýitirip, näderini bilmän, bir ýapynyň üstünde
asmana seredip çyňsap, jowranyp galdy.
Garaguşuň penjelän ýeri - iki bykyny birneme
agyrýardy diýäýmeseň, uçmak Möngözlüjä ýarady.
Häzir ol mönlügi sebäpli enesinden, özi bilen çitde-mit bolşup oýnaýan uýasyndan, ömrüniň gowy
günlerinden aýrylýanyndan bihabardy. Şeýle-de
asmanyň mylaýym şemaly onuň ýüz-gözlerini sypalap,
göwnüni göterýärdi. Bykynyndaky yzaly agyra döz
gelmäge kömek edýärdi. Töwerek bolsa owsunyp, al-ýaşyl meýdan bolup ýatyr. Alaňdyr depeler bir-birine
meňzeşip düňderilişip, düýe ýaly bolşup otyrlar. Bäý,
özem olaryň köpdügini, näçe köplügem bolsaň, her
kime aýratynlykda bir düýe ýetjek. Möngözlüje hatda
pikirinde şol depe-düýeleriň biriniň üstüne münübem
gördi. Hemişe uzakdan örküji salgym atyp, agaryp
görünýän Garly dag hem häzir hiç görülmedik bir
alabeder haýwan bolup, garşydan çykyp, golaýlap
gelýär.
- Gör, nähili hezillik. Wah, Möngözlüje bu görnüşi
13
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
enteklerem näler synlajakdy-la, ýöne bykynyndaky
barha artýan agyry ony öz gününe goýmady.
- Eý, wäg-eý! - Möngözlüje başardygyndan
ýokarsyna ýaýbaň ganatlaryny ýelpäp, uçup barýan
garaguşa seredip, nägilelik bildirdi.
- Näme bolanmyş? - Garaguş gyryljyk sesi bilen
hondan bärsi bolup, kinaýa bilen onuň habaryny aldy.
- Gysaňda gaty gysýaň, onsoňam ýüzümi ýelpemäň
näme?
- Häý, sammyjak.
- Ejem-ä maňa «Mönjäm» diýýärdi.
- Ikisem bir zat.
- Aldama, ejem-ä beý diýmeýärdi. Wäk, ýöne gaty
gysma!
- Gysamda nädersiň?
- Bilmedim.
- Sammyjak, sen sammyjak...
- Hä, ýadyma düşdi, gysma, wäk, gaharym geler.
- Gaharym geler diýsene, ýeri, senjagazyň gahary
gelende näme? - Garaguş ýene-de kinaýaly gepledi.
Özi-de görgülijigi şundan soň öňküdenem gaty gysdy.
- Wäk, wä-geý!.. - Möngözlüje agyrysyna
çydaman, çyňsap ýokarsyna gözledi. Barybir ýokardan
ýene-de wagty bilen delalat bolmady.
Ýerde çagalary bilen gezelenç edip ýören
şagal Möngözlüjäniň asmanda bolup gelşini görüp
14
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
howpurgap, bada-bat öz çagalaryny onda-munda
bukmak bilen boldy.
Beýle syýahatyň hemişe näme bilen gutarýanyna
belet köpi gören ene şagalyň Möngözlüjäniň bolup
barşyny görüp, oňa nebsi agyrdy. Çaga şagallar
eneleriniň raýyny ýykman, çöp-çalama dulanyp
gizlenseler-de, şol ýerdenem ondan Möngözlüjeden
gözlerini aýyrmadylar. Hemmeleriň oňa gözi gitdi.
Olar asmana seredişip oturyşlaryna, heý bolmanda,
bir gezejik Möngözlüjä meňzäp uçup görmegi öz
ýanlaryndan arzuw etdiler.
Enesiniň gapdalynda duran şagaljyk bolsa
oglanlyk edip, bada-bat arzuwyny diline aldy.
- Wah, menem şeýdip bir uçsadym.
- Öç, ýerçeken, agzyňdan alasygyr bassyn!
Ene şagal jabjynanynam az görüp, temmi
hökmünde ony kükregi bilenem hütledip süsdi.
Uçuldygyça Möngözlüjäniň çep bykyny has
beter agyryp ugrady. Ol awusyna çydaman, ýene-de
ýokarsyna gözledi.
- Eý, agyrýar, eý, gaty gysmasana!
- Sammyjak sen, sammyjak.
- Ejem-ä maňa «Mönjäm» diýerdi diýdim-ä.
- Ikisem bir zat-da oň.
- Goýber, ýogsam sögerin.
- Sögeniň bilen söküp bilmersiň.
15
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Haý, seniň gözüňi tüsse gapsyn!
- Men it däl, it gözüdir ol tüssä bolmaz.
- Onda seniň ganatyňa gurt düşsün!
- Eý, ganata zada ýetiberme, eý!
- Ýetjek, goýber onda meni!
- Ganata ýetseň, ine, saňa.
Buýsanyp ýören ganatyna dil ýetirilen wagty
garaguşuň girre gahary geldi. Gazaby öwrüm alyp
süňňi düýrügip gitdi.
Bu guş özüne sarpa goýýan garaguşdy. Şonuň
üçinem ol öz guwanjy - ganatyna sögülmegini örän
gaty gördi. Ol şundan soň gaharyny çykarmak üçin
Möngözlüjäni has-da pugta gysdy.
- Eý, wäk, gapyrgam-eý...
Möngözlüje şonda näderini bilmän, birsalym
çyňsap iki ýana urnansoň, ahyr gazap bilen garaguşuň
öz golaýyndaky çorly aýaklarynyň birine hatyladyp
agyz urdy. Şundan soň garaguşuň aýaklary birazam
bolsa gowşady. Möngözlüje, muňa, garaguşuň ahyr
özüne nebsi agyrandyr diýip düşündi. Çeýnäp, onuň
bir aýagyny sana geçmez edeninden bolsa ol entek
habarsyzdy.
- Heý, şeýt-de gowşat ahyryn senem, ýogsam,
janymy alyp barýaň-la!
Möngözlüje agyz salan ýerinden tumşugyny
aýryp, ýene-de ýokarsyna seretdi.
16
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Häý, mön bidöwlet, aýagy owradaýdyň öýdýän?!
- Nädip?
- Merez edip.
Dogrudanam, Möngözlüje agyrysyna çydaman,
agyz uran aýagynyň sünküni kemsiz çeýnäpdi.
Garaguş öz ömründe köp guzy alyp görüpdi. Onuň
hatda tokly göteren wagtlary-da bolupdy. Güjüjekler,
möjek çagajyklary, şagaldyr temen burun tilkijiklerem
köp gezek onuň girisine düşüpdiler. Ýöne Möngözlüje
ýaly dümele-dürs jandara ol heniz gabat gelip
görmändi. Özi ýaly garaguşlardanam ol beýle muňa
meňzeş hadysanyň bolanyny hiç wagt eşitmändi. Onuň
hemişeki asmana göteren awlary gorkuşyp, bada-bat özlerini ýitirmek bilen bolardylar. Aman dileşip
mäleşerdiler, çyňsaşardylar. Şeýle bolansoň, olaryň
ähli erki bada-bat aňsatlyk bilen garaguşuň eline
geçerdi. Onsoň ol islese, ony asmandan kelemenledip
goýbererdi, islese-de, özi bilen äkidip, garaguşlar
meýlisine söwüş ederdi. Bu gezek welin... Bu gezek ol
bela uçrady.
Entek enesi Möngözlüjä garaguşlardanam
gorkmalydygyny aýtmaga ýetişmändi Belki, aýdan
bolmagam mümkin, ýöne ol-da onuň gulagynyň
duşundan geçen zatlarynyň biridir. Enesiniň möjegiň
duşmandygyny nygtap aýdany welin onuň ýadyndady.
Garaguş bela duşanlygyna düşünip «Bu beladan
17
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
nätseňem tizräk dynmaly» diýen pikire geldi... Häzir
muny bir ýere zyňyp, çym-pytrak edeýin, düşen ýerini
belläp giderin-de, soňundan neberäm bilen ony iýmäge
gelerin» diýip oýlandy. Ýöne garaguşuň bu niýeti hem
başa barmady. Onuň Möngözlüjäniň tenine çümen
penjeleriniň biri - injikden çeýnelen aýak diýenini
etmedi. Yzly-yzyna oňa diýenini etdirmek üçin edilen
synanyşyklaryň hem hiç-hili peýdasy bolmady. Garaguş
ahyram çeýnelen aýagynyň awusyna çydaman, haldan
gaçyp aşaklap ugrady.
Gör, nähili masgaraçylyk, edenli garaguş nire, bir
alasamsyk, dikdüşdi güjüjek nire?!
- Eý, pesläp barýas-la! - diýip, entegem ýüzine
şemal çaldyryp uçmak isleýän Möngözlüje aladaly
dillendi.
- Hawa - Garaguşuň sesi öýkeli çykdy.
- Uçaýsag-a gowy bordy! Meniň uçasym gelýär!
- Içimi ýakma!
- Näme diýýäň?
- Şu uçanyň saňa besdir diýýän.
- Aý, bes diýmäýmelidiň-dä, uçaýmalydyk-da.
- Häý... - Garaguş ahmyrly dymdy.
- Weý, birhili-leý!
- Näme birhili, ýene näme hokga tapdyň?
- Seniň aýagyňdan meniň halaýan ganlyja etimiň
ysy gelýänem ýaly-la!
18
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Garaguş bu sözi eşidip, hamala Möngözlüje
öz etini çekeläp iýip ugran ýaly ýakymsyz duýgyny
başdan geçirdi. Onuň-Göwnüňedir! - diýen jogaby
ynamsyz hem ýangynly çykdy. Şeýle-de bolsa garaguş
köpügörenligini edip, syrbermesizlige çalyşdy.
Möngözlüje-de töweregi bilen gyzyklanany üçin öz
sözüniň yzyna düşmedi. Ýogsam, garaguşuň aýagynyň
gany onuň tumşugynda-da bardy.
Olar uçup öňde lemmerlenişip barýan ak bulutlara
ýakyn gelipdiler. Möngözlüjäniň olaryň sümek-sümek, owadan bolup baryşlaryna gözi gitdi. Ol öz
ýanyndan «Hä, şol ýerde bir garaguş bilen ýakalaşyp,
togarlanyşyp oýnasakdyk» diýip, dogany bilen ýumşak
çägede oýnaýyşlaryny ýatlap arzuw etdi.
Olar şol gelişlerine-de birýapynyň üstüne
tüwdürilip düşdüler. Garaguşdur Möngözlüjäniň
hersi gütläp bir ýana düşdi. Möngözlüje gorkusyna
biraz gaçansoň, nämeler bolanyny görmek üçin,
bilesigelijiligi artyp ýene-de yzyna dolandy. Garaguş
ýapynyň ýüzüni eýeläp, ol ýerde bir ganatyna
agram berip, ýaplanyp gahar-gazaba öwrülip otyrdy.
Möngözlüje ilki onuň ýanyna barmakçy boldy, garaguş
gysanda erbet gysýandygyny ýatlansoň bolsa, çekenip
juda golaýlaşman oňa habar gatdy:
- Indi geldikmi?
- Ugra şu ýerden!
19
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
- Nämä gaharyň gelýär? - Möngözlüje garaguşuň
nämä gaharlanýandygyna düşünmän, onuň ýüzüne
mölerilip seretdi. Soňundanam hol beýleräk çekildi-de, it oturyşyny edip, çommaldy oturyberdi. Howany
ysyrgady. Özüni dürsedi. Ol gapdaldan alakanyň tanyş
sykylygyny eşiden mahaly «Ejem bilen uýam hem şu
golaýda bir ýerdedir» diýen pikir bilen begendi. Bu
alakany ol öz goşlarynyň golaýyndaky her gün görüp
ýören goňşularydyr öýtdi. Gör, gowulyk bolsa nähili
golaýda ekeni, ol hemişe şeýdip duýdansyz gelýär.
Onuň häzir özüniň uçuşy barada kimdir birine diýseň
gürrüň beresi gelýärdi. Alaka iki öň aýagy bilen mahal-mahal ýüz-gözüni sypalaşdyrýardy. Özi-de sykylyk
atýar. Güne seredip hondan bärsi bolup, ulumsylyk
bilen pors atýar. Alaka häzir Güni synlap: «Gün her
gün doganda meniň üçin dogýar, meniň öz ellerim bilen
gazan hinimi görüp haýran galmak üçin gelýär» diýip
oýlanýardy. Özüne tarap tasap gelýän Möngözlüjäni
görenem şoldy welin, ol hininiň gapdalynda duran
alaka duýdansyz gapdalyna gütläp daş düşen ýaly
alňasap, hinine girip gizlenmek bilen boldy.
Möngözlüje: «Alaka ýene birsalymdan çykar, ol
meni tanan däldir, ýogsam, beýtmezdi, men ondan
ejem bilen uýamy soraryn» diýen tama bilen birsalym
hininiň beýleräginde çommaldy. Alakanyň welin
gaçyşy-gaçyşy boldy, ol wagty bilen dolanyp gara
20
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
bermedi. Möngözlüje alaka hininiň töwereginden
näçe gözlese-de öz isleýän ejesidir uýasyny tapmady.
Birsalymdan ol ýapydan aşak düşüp barýarka hälki
alakanyň gök parç bolup oturan ot-çöpleriň arasynda
garalyp görünýän geçen ýylky ýezgeniň gapdalyndaky
hiniň öňünde duran başga bir alaka bilen keýpine
sykylyk atyşyp, gepleşýänini gördi.
- Eý, jüp-jüp sykylykçy! - diýip, Möngözlüje
golaý barman, ýakynlaşsa, alakanyň bada-bat gürüm-jürüm boljagyny ýatlap, oňa habar gatdy:
- Ötübersene! - diýip, alaka-da ulumsylyk bilen
onuň ýüzüne-de seretmän, gürrüňiň arasyna goşulany
üçin, ondan nägile boldy: - Ýa-da iki alaka gepleşip
durka olaryň ýaşynyň uludygyny nazara alman, orta
sokulmak siz itleriň häsiýetimi?
- Bilmedim. Ýöne men bir zat sorajakdym.
- Mönsüreme, şeýdip hile bilen meni ele salaryn
öýdýäňmi? Men size beletdirin. Geçen ýyl seň
garyndaşlaň biri meniň oglumy tutup, oýnap-oýnap
keýpden çykdy. Sizimi...
- Sen meniň ejemi görmediňmi?
- Ejeňi men näbileýin.
- Siz biziň goňşymyz ahyry. Belki, görensiň?
- Meniň-ä siz ýaly goňşym ýok...
-Men Lakmaň güjügi, hol, ýörände agsabrak
ýöreýän ganjygyň...
21
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
Möngözlüje alakanyň ýadyna düşer diýen tama
bilen ýene-de jan edip ejesiniň salgysyny aýdyşdyrdy:
- Tanamok diýdim, tanamok, - Alaka ernini
gyşardyp, ýüzüni turşatdy.
Dogrudanam, bu alaka Möngözlüjäniň ejesini-de,
uýasyny-da tanamaýardy. Bu düýbünden başga ýerde,
başga bir ýapyda ýaşaýan, hemem özüniň keşmeri bilen
beýleki ýapylaryň ýüzündäki alakalara meňzeş alakady.
Mundan bihabar Möngözlüje öz ýanyndan: «Bu temegi
murtluja, gopbamja alaka ejemiň nirededigini bilibem,
ony menden gizlän bolýar, meniň bilen ýeňsesi bilen
gepleşýär» diýip göwün etdi.
Gazaplanyp,
alakalaryň
üstüne
topuldy.
Alakalaryň ikisi-de şol bada hinleriniň agzyndan bir
görnen ýaly etdiler-de, suwa çümen ýaly bolşup, ikiside bir wagtyň özünde gürüm-jürüm boldular.
Möngözlüje olar bilen düşünişibilmän, lapykeç
bolup yzyna dolandy.
- Aýtdym-a, siz itlere ynanarlygy ýokdur diýip.
Aç bolsaň, güm bol-da git, geçen agşam hol kakyň
boýunda möjegiň güjüjekleri hiç iýen keýiginiň esli
maslygy ýatyr, bar-da şony iý. Biziň porsy etimizden
saňa ýal bolmaz. - Alaka hininde bukulyp oturan
ýerinden Möngözlüjäniň yzyndan gygyrdy.
22
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
***
Töwerekdäki gülleriň, ot-çöpleriň ysy bilen
goşulyşyp gelen ýakymly ys Möngözlüjäni ýol üstünde
saklady. Bu ys etiň, onda-da, täzeje etiň, şindi porsap
zaýalanmaga ýetişmedik etiň ysydy. Möngözlüjäniň
agzy suwaryp, sülekeýi akdy. Ir bilen ukyň arasynda
enesini çalak-çulak emenini hasap etmeseň, ol bu gün
duz datmandy. Enesiniň ýanynda goşda bolanlygynda
Möngözlüje bu mahala çenli eýýäm telim ýola ýalaga
tumşugyny sokardy. Heý bolmanda, çopanyň ýanyna
barardy-da, onuň ädigine süýkenerdi, boýunjygyny
burup, guýrujagyny bulaýlap, onuň göwnünden
gopmak üçin elinde baryny ederdi. Şeýle bolanda çopan
her gezek bir süýtli geçini tutup sagardy-da, saçakdan
alan gaty-guty nanyny şoňa dograp, Möngözlüje bilen
onuň uýasyny aýratyn bir yhlas bilen naharlardy.
Möngözlüje howany ysyrgap, et ysynyň nireden
gelýänligini anyklansoň, şol tarapa howlukdy.
Hyýalynda et iýmegi arzuwlady. Ol birsalymdan ys
yzarlap barşyna bir oýuň içinde ýatan, çar tarapyndan
çekelenen läşiň üstünden geldi. Bu maslyk hälki, şol
hinine gaçyp giren alakanyň salgy beren keýigidi.
Keýigiň kükregi has giň oýulypdyr. Bu ýerden
ene möjegiň özi iýen bolmaly. Beýleki ýerleriň
bolsa çekelenişiniň ugry ýokdy. Möngözlüje onuň
23
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
töwereginde aýlanyp, islän ýerinden agyz urup çekeläp
iýdi. Ol doýup aýrylansoň hem esli wagtlap öz öňünde
şeýle köp etiň üýşüp duranyna ynanman, hamala
gözümem bir doýsun diýýän ýaly, läşe seredip ýatdy.
Soňundan hemişe bolşy ýaly garny doýansoň, ýene-de onuň ukusy tutup ugrady. Ol bu ýerde ýatmagyň
howpludygyny it duýgurlygy bilen duýdy-da, oýdan
çykdy, gapdala çekildi. Onuň öňünde depesi erez-erez
tolkunly kak suwdan emele gelen köl peýda boldy.
Ýaňy aç mahaly gapdalyndan geçende bolsa bu köl
onuň gözüne ilmändi. Sebäbi ol wagt Möngözlüjäniň
bir arzuwy bardy, o-da aç garnyny otarmakdy,
teýlije lukmady. Ol birsalym köle seredip: «Bu şol
gopbamsyja alakanyň diýen köli-ow, şü alakanyňam
hak sözi boljak ekeni» diýip oýlanansoň, biraz dynç
almak üçin gapdaldaky otuň üstüne süýndi. Iýlen etiň
ýylysy, Günüň mylaýym çogy, töweregi basyryp oturan
ümsümlik onuň pikirini tiz elinden aldy. Ol birsalymdan
özüniň garaguş bilen uçanyny, enesiniň, uýasynyň bir
ýerlerde galanyny, nakysja murtly alakalary, ähli zady
unutdy...
Möngözlüjäniň ýalaň meýdanda çäşerip ýatyşyny
ilki bir ýerlerden bir ýerlere ala wyzzyldy bolup uçup
barýan gögeýin gördi. Onuň gözläp ýöreni şunuň ýaly
et ysly, çyrşaklyja tumşuk bolany üçin, ol bu ýerden
biparh geçip bilmedi. Biraz asmanda agramyny saklap
24
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
byz-byzlap duransoň, soňam gelip göni Möngözlüjäniň
tumşugyna gondy.
-Wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz,
Diňe biz, ýene biz, biz-biz-biz...
Möngözlüjäniň rahatlygy bozuldy. Ol:
- Kim bu meniň tumşugymyň üstünde wyzzyldap
ýören? - diýip nägile dillendi.
Möngözlüje gözlerini açman, ýatyşyna ukyň
arasynda burnunyň üstünde bolýan hereketlere kejikdi.
Gögeýiniň her basan ýerinde galýan ýakymsyz
dymyrdyny, seňrigini ýygryp, bu oýnuň özüne
ýaramaýandygyny mälim edip, agzynyň töwereklerini
ýalaşdyrdy. «Ýok bolup gider-le» diýen pikir bilen ilki
birki gezek başyny göterip silkeledi, soňundan bolsa,
ýene-de kellesini ýere goýdy. Gögeýin barybir ýene-de ony öz gününe goýmady. Möngözlüje gahar bilen
ýerinden turdy-da, bu garagola temmi berme niýeti
bilen häzirlendi.
- Turduňmy, it dost? - diýip, gögeýin Möngözlüjäniň
gözüni açanyny görüp, töwerekde galgap uçup ýörşüne
şadyýanlyk bilen oňa söz gatdy.
- Turanym bilen, turmanym bilen seniň ne işiň Möngözlüje öýkeli hüňürdedi.
- Seni men turuzdym. Gün arka agansoňam bir
ýatmak bormy?
- Ol öz işim, saňa näme! - Möngözlüje burnuna
25
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
salyp ýene-de nägile hüňürdedi.
- Sen näme, öýländen soň ýatmagyň gowy
däldigini bileňokmy?
- Bilemde näme!
- Bilýän dälsiň, bilseň ýatmazdyň.
- Bolýar, ine, turuzdyňam-da, bar, indi ýoluňa git!
Möngözlüje ol gitse, ýene biraz irkilerin diýen
tama bilen gögeýine haýbat atdy. Emma gögeýin ondan
el çekmedi. Gaýtam, göwnühoşluk bilen wyzyrdap,
sanawajyny sanady.
- Wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz-wyz,
Diňe biz, ýene biz, biz-biz-biz...
Möngözlüjäniň bir eýlesine geçdi, bir beýlesine.
Gögeýiniň bu bolşy Möngözlüjäniň gaharyny getirdi. Ol
telim gezek iki ýanyna duýdansyz towsup, «hap» edip
gögeýini azgy bilen gapmak isledi. Emma köpi gören
gögeýin her gezekde onuň atymyna gelmedi. Soňra
Möngözlüje çommalyp, öň aýaklaryny ýeke-ýekeden
kelemenledip, ugrady. Diňe şundan soň gögeýin ele
düşäýse bu oýnuň oňlulyk bilen gutarmajagyny aňyp,
gitmek bilen boldy.
- Seni uklatman diýdimmi, diýdim. Seni ukyňdan
açdymmy, açdym. Indi sen ýatasyň gelse-de, agşamdan
bäri ýatyp bilmersiň. Hoş onda, men-ä gitdim!
Gögeýin Möngözlüjäniň boýy ýeterden has
ýokaryk göterilip, ýene-de şol ýerden şatlyk bilen
26
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
seslendi.
- Gitseň, ýok bol, görmedigim sen bol. Senjagaz,
garagol, bir penjäme ilseň bor...
Möngözlüje öýkeli hüňürdäp durşuna wyzyrdap
özünden daşlaşyp barýan gögeýiniň yzyndan ahmyrly
gözläp galdy.
Möngözlüjäniň indi bireýýämden bäri kimdir
birine duşup, tanşasy, mesaýy gürleşip, tirkeşip,
onuň bilen Garly dagyň duran ýerine çenli gidip
oýnasy gelýärdi. Ejesini, uýasyny, öz eýesi çopany
göresi gelýärdi. Ýöne, hany, bu dymyşmak oýnap
oturan baýyrlaryň arasyndan öz göwnüň bolup
biljek beýle dosty nireden aljak?! Arylaryň wagtalwagtal gapdaldan ötüp gidýän wyzzyldysy bilen
otlaryň arasyna ýaýran mör- -möjekleriň şybyrdysy
diýäýmeseň, dünýä gum-gukluk. It gulakly bolubam
hiç zat eşidip bolanok. Gögeýin bilen dostlaşmakdan
bolsa ol ellibizardy. Eýýäm onuň sesini eşidenden
Möngözlüjäniň endamynda ol burnuna münendäki
böwründäki ýarasyna gonandaky ýaly ýakymsyz
jümşüldi peýda bolýardy.
Möngözlüje çör ysly goýunlaryň gatnan ýodasy
bilen bir baýryň ýüzüne dyrmaşyp barýarka, özüniň
bir ädim öň ýanynda gulaklary selkije garaja güjügi
gördi. Bada-bat Möngözlüjäniň ýüzünde begenç,
pikirinde bolsa «Indi bileje oýnarys, hezillik bolar»
27
Agageldi Allanazarow. Çölüň deňiz günleri
diýen tama döredi. Möngözlüje aýak çekip, şatlyk
bilen öň ýanynda duran güjüjege ýüzlendi.
- Sen kim, eý, dost? - Sen nireden çykdyň, güjüjek?
Garaja güjük tumşugyny aşak-ýokaryk edip,
Möngözlüjäniň hereketlerini gaýtalasad-a gulaklaryny
selkildetse-de, ondan jogap bolmady. Möngözlüje
boýnuny süýndürip, garaja güjügi tanamak üçin
ysgaşdyransoň, gözlerini tegeläp has-da geňirgendi:
- Seniň özüň-ä güjük welin, ýöne it ysyň ýok-la?
Garaja güjük Möngözlüjä meňzäp boýunjygyny
bursa-da, ondan ýene-de jogap bolmady. Möngözlüje
şundan soň ony kowalap ýetip, oýna goşmakçy boldy.
Bu garaja güjüjegiň kölegesidiginden, onuň öz eden
hereketlerini sypdyrman, özüne meňzäp gaýtalap
duranda bolsa Möngözlüje mönlügi zerarly entek onuň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Çölüň deňiz günleri - 02
  • Parts
  • Çölüň deňiz günleri - 01
    Total number of words is 3684
    Total number of unique words is 1941
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 02
    Total number of words is 3753
    Total number of unique words is 1933
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 03
    Total number of words is 3795
    Total number of unique words is 1890
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 04
    Total number of words is 3742
    Total number of unique words is 1847
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 05
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 1963
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 06
    Total number of words is 3682
    Total number of unique words is 1899
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    48.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 07
    Total number of words is 3701
    Total number of unique words is 1907
    34.1 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 08
    Total number of words is 3642
    Total number of unique words is 1893
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 09
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2069
    27.4 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    44.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 10
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2016
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    39.1 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 11
    Total number of words is 3706
    Total number of unique words is 2019
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 12
    Total number of words is 3649
    Total number of unique words is 1883
    34.6 of words are in the 2000 most common words
    49.1 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 13
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 1902
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 14
    Total number of words is 3662
    Total number of unique words is 2020
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 15
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 1812
    35.4 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 16
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 1729
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 17
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 1778
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Çölüň deňiz günleri - 18
    Total number of words is 2083
    Total number of unique words is 1208
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    49.9 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.