Latin

Uzak uzak ýyllar - 09

Total number of words is 3899
Total number of unique words is 2171
31.9 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
duran öýden başga zat olary garşy aljak däldi. Onuň bolsa öz dostuna nähilidir bir
ýagşylyk edesi gelýärdi. Şonuň üçin-de ol belli jogap bermedi.
– Eý, Illi, bolýamy, men sizde ýataýaýyn-la – Hudaýberdiniň çynydy. Ilaman üçin
sypara ýer galmady.
– Bolýar. Ýöne ejeň käýäýmese?
Hudaýberdiniň mawumtyl, owadan gözleri dogumly lowurdady. Ol nämedir bir
zat diýmek isledi. Ýöne dilini dişledi.
– Ejemiň özi ýataý diýd-ä. Men saňa bir zat aýtmaly, düşdüňmi?
Ilaman Hudaýberdi bilen tirkeşip öýlerine geldi. Ol gapynyň köneje gulpuna açar
sokdy. Açary towlamanka gulpuň açykdygyny duýdy. Ol haýran galdy. Ony haýran
galdyran zadam, soňky günlerde her gün işden geleninde gulpuň açyk bolmagydy. Ol
mundan öň «gulpy çala gulplaýandyryn» öýderdi. Bu gün ol özüne ynam etmän, gulpy
telim gezek çekip, çekip görüpdi. Gulp ýene-de açykdy. Ýöne muny daşyna çykarmady.
Garaňky ýagşy gatyşypdy. Töwerekde iňlär siňek ýokdy. Ilaman içeri girmäge
çekindi.
– Näm-äý, açyp bilmän durmuň? – Hudaýberdiniň ýarym gazaply äheňi Ilamany
özüne getirdi. Ol açyk gapyny itdi.
Ilaman arabanyň tigrine çalynýan ýaga gysdyrylan peltäni otlady. Öýde hiç kim
ýokdy.
– Gel, çaý içeli – Ol burçdaky suwly kädiden tüňçä suw guýdy. Soň daşardaky
ojakda ot ýakdy. Çaý gaýnansoň, oňa bir gysym böwürslen ýapragyny atdy. Öýe girende
Hudaýberdi gap böwürde süýnüp ýatyrdy. Özem assaja hor çekýärdi.
Ilaman gaty-guty çöregi saçagyň üstüne üýşürişdirdi. Hudaýberdä ýassyk taşlady.
Ol dostuny oýarmaga dözenokdy. Eger öýde adam bolmadyk bolsa, onuň özem heziller
edip ýatardy. Emma häzir dostuny oýarmalydy. Çünki, ol möhüm zat aýtjak diýip, ýörite
gelipdi ahyryn.
– Hudy, eý, Hudy, tur çaý içeli! – Hudaýberdi laňňa ýerinden galdy. Gözlerini
elek-çelek etdirip, töweregine garanjaklady. Ýagşy özüne gelenden soň, gynançly
gürledi.
– Häk, gardaş, birazajyk oýatmaly däl ekeniň! Men ýaňyja Ogultäje duşupdymda, wah, oýadaýdyň-da, häk...
Hudaýberdi çaýyny öňüne alyp, gapa seretdi.
– Eý, gapyny ýapsana! – Ilaman oňa geň galyp seretdi.
– Öý yssydan ýaňa oturar ýaly däl-läý, senem ýöne... Gapyny ýapsaň dem alyp
bolmaz-a.
– Azajyk ýap-aý. Sen meni diňle. Onsoň açaýaly...
Ilaman ýeňillik bilen ýerinden turup, gapyny ýapdy.
Hudaýberdi şeýle bir şatlykly ýylgyrdy. Asyl aşygy alçy gopan oglanjyk ýalydy.
Ol könelip, sary gaçan soldat pilotkasyny kellesinden aldy. Soň onuň içki işligini uzak
wagtlap sermeleşdirip bir kagyz çykardy.
Al, şuny oka! – Ilaman bir tagta kagyzy eline aldy. Ölügsije, dumanlap duran
yşyga tutdy.
...Hanow Hudaýberdi, 1924 ýylda doglan. Sprawkanyň berlen wagty 9/IX 1942ý.» diýen ýazgyny zordan okady. Ýöne nämäniň nämedigine welin düşünmedi.
Hudaýberdi elini çarpyp güldi.
– Eý, pekgiruş, men fronta gitjek. Düşnüklimi?
Ilamanyň ýüregi endiräp, bir gyzgyn zat aýagynyň ýanyndan akyp, depesine urdy.
– Urşa!? Sen urşa gitmelimi? Sen ýaňy on alty ýaşadyň-a.
Hudaýberdiniň gahary geldi.
– Ýogsa, näme, men siziň ýaly agzy suwly ejem ogludyr öýdýäňmi, tentek? –
Howwa, men on alty ýaşadym-a. Öne oba sowet aýaly on sekgiz ýaşadym diýip
aldadym. Ol aýalam ynandy. Näme ýogsa ýalanmy? Maňa häzir ýigrimi ýaşynda
diýseňem ynanarlar. Özüm daýaw, güýjümem bar. Düýn yraýona baranymda bir ýere
baryp geljek diýdim-ä, şonda weýennikemada bardym. «Arza ýaz» diýdiler. Arza
ýazdym.
Oglanlaryň ikisem dymdy. Birden Hudaýberdiniň owadan gözlerine gussa indi.
Ol boşan käsäni elinde pyrlap oturyşyna ýuwaşja gürledi.
– Ýöne hiç kime aýtmagyn, aldanymy. Gitjegimi heniz ejemem bilenok. Ýöne
Ogultäje aýtgyn. Men uruşdan geroý bulup gelerin. Nemisleň pirini kädä gabaryn.
Meniň gynanýan zadym, şu bar-a, men barýançam uruş gutararmyka diýýän.
Hudaýberdi kem-kemden açylyşdy.
– Eý, gardaş, sen bar-a, Ogultäçdenem göz-gulak bol. Ol meniň çyn söýgülimdir.
Purontdan saňa hat ibererin. Hökman Ogultäje-de okatgyn. Sen bara... neme. Sen, şoňa
meniň söýýänimem aýtsana...
– Wah, meniň ýüregim edenok, gardaş. Ol birden gynanaýsa, ýa-da utanaýsa
näderin – Hudaýberdi özelendi – Sen aýdaýsana, men ine şu soldat papagymy bereýin.
Purontdan gelenimde znaçok bilen täzeje papagam getirip bereýin.
Ilaman razy boldy. Sebäbi häzir Ogultäje: «Hudaýberdi seni söýýän diýdi» diýip
aýtmak beýle bir kynam däl ýalydy.
Ilaman Hudaýberdiniň ýüzüne gamgyn gözleri bilen seretdi.
– Sen, oňa häli aýdaňogammy?
Oglanlaryň gözüne uky gelmedi. Olar gümür-ýamyr edişip otyrdylar. Şol wagt
gapy batly açyldy. Gapyda Hudaýberdiniň ejesi durdy. Ol öýüň içine bir laý seretdi.
– Hudaýberdi – diýip howsalaly sorady. – Hugaýberdi barmy? – Hudaýberdi ör
boýuna galdy.
Akjagül daýza özelendi.
– Eziz balam Hudaýberdi! Arkadagym Hudaýberdi!
– Ejeň, gursun çagam-eý, bir zat bolaýdymyka diýip gara janym galmady. Ejeň
gursun, was-wasa düşen ýaly bolupdyryn.
Ene ýüreginiň nämedir bir zady syzýandygy bellidi. Onuň bolşy, özüni
günäkärleýşi Ilamanyň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Olar çykyp gidensoňlar Ilamanyň
gözüne uky gelmedi.
Şondan birnäçe gün geçenden soň işe baranda «Akjagül Hanyň ogly Hudaýberdi
fronta alnypdyr» diýip gürrüň edýärdiler.
***
Hudaýberdiniň fronta alynmagy Ilamana diýseň erbet täsir etdi. Göwnüňe
bolmasa gözüňe görünmeýän bir elhenç bela onuň hem üstüne süýşüp gelýän ýalydy. Ol
näçe giňlige saljak bolýardy. Uludan-uludan dem alýardy. Ýöne şol agyr howsala
aýrylyp gidiberenokdy. Gaýta onuň ysgynyny alýardy.
Ol günorta arakesmesinde çörek dogran çorbasynam iýmän, ýanyny ýere berdi.
Şol wagtam ymyzgandy. Ol düýşe meňzeş bir garma-gürmeligiň içinden gidip barýardy.
Ol nämäniň nämedigini saýgaranokdy. Diňe Meretgül garrynyň şaňňy sesini eşidýärdi.
Ol ýalpa gezüni açdy. Hakykatdan hem Enäniň ejesi Tagy gelniň ýanynda,
Ilamanyň gapdaljygynda otyrdy.
– Wah, şu gije anna agşamy. Adamyma degsin etjek. A gyz, eliň boşuň baraweriň,
agşam. Gowy tüwüden palaw bişirjek – Meretgül joşup gepleýärdi. Adamsyny
magtaýardy. Başga-da birtopar zatlar diýýärdi. Ýöne hiçisi Ilamanyň gulagyna ilenokdy.
Ilaman ömrüne palaw iýip görmändi. Ýöne adamlaryň gürrüňine görä, ol diýseň
tagamly zat bolmalydy. Ylaýta-da, käşir, kişmişini köpräk atyp, käkilik etine bişirseň
gaty süýji bolýan nahar bolmaly.
Ol öýlän harmanda galan-gaçan bugdaýy halta gapgarmaga kömekleşdi. Oba
arasyndaky işler gutarypdy. Indi dagdaky düme bugdaý galypdy. Birnäçe adam telär
dikmek üçin eýýäm daga gidipdi. Basym beýleki adamlaram daga çykmalydy. Ilaman
daga gitjegine kän bir begenibem baranokdy. Sebäbi dagda onuň üçin höwes döredäýjek
hiç zat ýokdy. Ýöne Meretgülüň agşam bişirjek palawy welin, onuň ýadyndan hiç
çykanokdy. Günortan hem naharyny ýagşy almadyk oglanyň garny eýýäm jugurdap
başlapdy.
Ol palaw iýmegi näçe höwes etse-de Meretgüllere barmaga aýagy çekmedi.
Kolhozçylaryň hemmesi diýen ýaly Çynarla gaýtdy. Tagy gelniň jak-jýklap gülýän sesi
uzaklara ýaýylyp gidýärdi.
– A gyzlar, siz nirä eňişip barýasyňyz, bar bişän-ä bir gazan palaw, ol öz obamyzada ýetjek däl ahyry – aýallar onuň sözüne gülüşýärdiler.
Ilaman özleriniň öýüne geldi. Geň galmaly zat, bu gün gapynyň gulpy urulgydy.
Ol gapyny açmaga howlukmady. Onuň gözi Enelerdedi. Göwnüne bolmasa şolar
tarapdan gelýän bir gowy, ys, tutuş obany gaplap alan ýalydy. Şol ys, goňşy öýden
gelýän çasly gülki sesleri, ömürboýy diýen ýaly ýalňyzlykda ýören oglany erksiz özüne
çekýärdi. Ýöne indi ol ýerde Ilamany baglanyşdyrýan hiç zat ýokdy. Eger häzir Goçakly
bolaýan bolsady, onda ol öýe ilki bilen Ilaman barardy.
Ýöne soňky wagtlarda Ilamanyň şol öýe barasy gelmeýärdi. Baraýyn diýäýendede Ene-de, onuň ejesem oňa ýüz berip baranokdylar. Akga brigadiriň ýygy-ýygydan
gelmegi, soňky wagtlarda gijesine şu ýerler-de sümsünip ýörmegi onuň ýüreginde bu
öýdäkilere inçejik ýigrenji döredipdi.
Ilaman bu iki öýüň arasyndaky ýodajyga seretdi. Otuň derdinden şol ýodajyk asyl
bildirenokdam.
Ilamana niredendir bir ýerden agyr erk geldi. Ol agzyndan gelýän gara suwy
merdemsilik bilen tüýkürdi. Soň gapynyň gulpuny açyp öýe girdi. Öý häzir salkyndy.
Ýere ýazylan şal düşegiň dymyljyk ysy diýäýmeseň, şol mähriban içeridi. Ol ýüküň
üstünden kakasynyň ullakan ýassygyny aldy. Oňa kellesini goýup-goýmanam guzy
ýaljak uka gitdi. Eger häzir Üzümgül mugallym gelmedik bolsa, ol ertire çenli gapdalyna
dönmän ýatmalydy.
Üzümgül açyk gapydan boýnuny uzadyp, gaýta-gaýta gygyrdy. Içeri garaňky
bolansoň, onuň gözüne zat ilmeýärdi.
– Illi, aý Illi. Ýa ýokmuň öýde, aý oglan.
Ilaman çalnyp turdy. Ol gözlerini owkalap durşuna, çalt-çalt samyrdady.
– Häzir, häzir barýan, Sülgün gelneje!
– Men Sülgün däl, Üzümgül...
Ilaman gapa çykdy. Gapyda Üzümgül mugallym durdy. Ilaman aljyrady, begendi.
Ol näme diýjegini bilmedi. Ýöne bir gowy sözler tapyp, mugallymyna aýdasy geldi.
– Men ýatyp galypdyryn. Seniň sesiňi eşitmän galypdyryn.
– Illi jan, ýör Enelere gideli. Ejesi irden çagyryp gitdi. Ýeke özüm barmaga
çekinýän, ýör, jigi.
Ilaman bu çakylyga birhili boldy. Ýöne oýlanman razylaşdy. Heý, ömrüňde
mugallymyň öýe geler-de, olam bir zat towakga eder-de, onam etmän bolarmy?
Ol sesini çykarman barýardy.
– Itleri ýok gerek, itleri bardyr diýip gara janym galmady. Soň sen ýadyma
düşäýdiň. Köpden bäri seni görübem bilemok-da, Illi jan.
Eneleriň gapysy adamdan doludy. Ilamanyň işdeş ýoldaşlarynyň hemmesi bardy.
Pesräk agaç sekiniň üstünde Oraz şyh otyrdy. Onuň gapdalynda ýene-de bir nätanyş
adam uly ýassyga ýaplanyp ýatyrdy.
Ilaman oturyp-oturmanka Akga brigadir hem geldi. Ol Oraz şyhyň oturan sekisine
ýöneldi. Yzrakda gelen Durdy aga töweregine göz aýlap, gelip Ilamanyn ýanynda
oturdy.
Meretgül sekiniň töwereginde iki baka ýorgalaýardy. Ilaman onuň süňňüniň
ýeňilligine haýran galýardy. Ol agzy ýaşmakly bolsa-da çalt-çalt gürleýärdi. Şonuň üçin
ýaşmagy öl-myžžykdy.
Ol Ilamanyň edil dyzyna diýen ýaly büdräp, ýene-de geçip gitdi. Baryp Oraz şyha
birzatlar diýişdirdi:
– Bor, bor, sen naharyna serediber. Tebäregi özümiz bir zat ederis.
Meretgül Ilamana ýene-de büdredi.
– By oglany gyz, etdil eliňi-aýagyňy baglap dur, ýer gytmy, şü geçiljek ýolda
oturmanyňda. Oturma, tur, bar-da myhmanlaň eline suw akyt. Heý, mysala...
Akga azymly gygyrdy.
– Bar-aýt, kündik bilen legen äkel. Suw akyt ellere – Ilaman ýerinden turdy. Ýöne
näme etmelidigine düşünmedi.
– Bar, köşek, ýaňky kempirden sora, kündik bilen legeni. Getir bir suw aýla. Elini
ýuwjak, beýleki bolsa.
Durdy aganyň äheňi Ilamany goldady. Ol kündük bilen kiçiräk mis tabak getirdi,
ýaşuly ýene-de ýol görkezdi:
– Bar, şol oturan ýaşuludan başlaber.
Ilaman Oraz şyhyň öňünde mis tabagy goýdy. Ol elini uzadan badyna suw akytdy.
Oraz şyh elinden ary çakan ýaly yzyna çekip aldy. Onuň bulançak gözleri
hyýrsyzlandy.
– Suw akytmanam bileňokmy? Tut bir eliň bilen kündügiň jürnüginden. Hä, biri
bilenem sapyndan tut. Häýt, nätdi?!
Akga syçyrap ýerinden turdy. Ol kündügi Ilamanyň elinden kakyp alyp, Oraz
şyhyň, soň nätanyşyň eline suw akytdy.
Oraz şyh pürsýan telpeginiň içinden ullakan ak ýaglyk çykaryp elini süpürdi.
– Eý, hak, edeniňe döneýin. Indi edep-ekram, dyn-myrat galyp barýar-ow. Biziň
oglanlygymyz nähili, ýaňkynyňky nähili? Ulamylary, aksakallary görende şapbat ýaly
ýetişer durarsyň. Aýtma gerek däldir. Ýaňkyňyz bolsa eline kündük alana meňzeş dälä!
– Agasy, sen aýt, siz ýalagy hormatlar ýaly ýene biz galypdyrys. Bolmasa
şolardan hormat görersiňizmi? Bizden göreniňiziň ýarynam görmersiňiz. Biz näme
göreris. Öňki wagtlaryň ýaşlarynyň garrylaryň elini-aýagyny daňyp, dagdan aňry
taşlaýyşlary ýaly, bizem dagdan aňry taşlarlar bylar.
– Wah, dagdan aňrynyň gurbany bolaýyn. Dyn, ymmat, edep-ekram şol ýerdedirle. Bolçabik diýdi, golçabik diýdi, din, messep goýdumy? Hana, ertirki eýe boljagyň,
ýaňky dälmi oba? Bylardanmy...
Oraz şyhyň gürrüňini Meretgül kesdi:
– Gurbanyň bolaýyn, aga, nahar-a ýetdi. Çekibersinlermi?
– Aý, bi zamanda burnumyza beýle ys uran däldir. Meretgül gelin, seniň palawyň
ysy külli Turanyň burnuna urdumykan diýýän. Ysyndan doýrup oturma-da, getiriber
ahyry, dogry dälmi, gelinler, hä.
Aýallardan tassyklany bolmasa-da, Akga geçiniň öň aýagy ýaly gürledi.
– Haý, Oraz agam, şun-a dogry diýdiň. Men bu palawyň ysyny Çeşmeliden alyp
gelendirin. – Bu gürrüňler, Oraz şyhyň ymamsyrap oturmasy Durdy ýasawulyň
aňyrsyny bäri getirdi. Ýöne ol sesini çykarmady.
Palawly tabaklar orga goýuldy. Oraz şyh «bisimilla» edensoň her kim tabaga el
uzatmak bilen boldy. Ilaman bilen Durdy ýasawulyň öňünde ýalpaňja tal tabakda nahar
goýdular. Durdy aga naharyň üstündäki süňkleri Ilamanyň öňüne süýşürip:
– Al, al, iýiber. Diýen-aýdan köp bolar. Sen garnyňy doýur – diýýärdi. Ilamanyň
işdäsi ýanypdy. Olam känbir tabaga el uzadyp oturmady. Ýöne Oraz şyhyň gürrüňleri
welin oňa ýaramaýardy. Şyh bolsa samahullaýardy.
– Haý, haý-eý, sadap ussadyňa, Meretgül gelin. Bu palaw däl-de, jennet höregile. Munuň tüwüsi Eýran bürünji ýaly-la, hä.
Meretgül garaňkynyň içinden aýallaryň arasynda oturan ýerinden üzlem-saplam
tassyklap gürledi.
– Äl, munuň kişte-kişmişi niräniňki, gelin.
– Eýran kişmişidir. Kiştesem Eýranyň Samarkant kiştesinden aga.
Oraz şyhyň bolmajysy boldy. Ol garaňkyda gaplaň gürlär diýleni ýaly, şol
takyrdap otyrdy.
– Äl, bi Eýran bürünjini goýaý sen. Äl, munuň şiresini, äl munuň ysyny. Bu tüwi
däl, her biri barmak ýaly how munuň. Bah, munuň kişte, kişmişi bilenem alyşaýşyny.
Aý, how, men şu Eýrany ýaman güýçli görýän, how. Aý, munuň bürünjimi, aý, munuň
şiwýodymy, aý munuň kişte, kişmişimi, aý munuň tiregimi sanasaň sogaby bar, how.
Bu ýerde dänäni dermanlyk üçin tapjak gümanyň ýok, olarda welin labaşy iýere adam
tapylanokmyş, baý, döwletli il-ow, diýseň yrsgallymyş.
– Öz-ä, bizem-ä bir gidip görmesek, ölinçäk armanlydyrys, Oraz aga şol döwletli
ili – Akganyň sözi Oraz şyhyň peltesine ýag damdyrdy.
– Nesip bolsa, Akga han, sen şaýyňyjyk tutuber. Indi gitjek wagtyň uzak däldir.
Eşidişime görä, ýurt ýene könä dolanjakmyş.
– Ol nähili? – Durdy ýasawul sowal berenini duýman galdy.
– O nähilisi bolarmy? Heý, özüň oýlanyp gör, seniň obaňdan näçe adam gitdi.
Iliňde näçe oba bar. Şolardan näçe adam gitdi. Heý, özüň oýlanyp gör, dolanyp gelýän
barmy? Aýdyşlaryna görä, bu çozandaryn öňüne çöp atjak güýç ýokmuşyn. Olar bir
allatagalanyň gudraty bilen adalat üçin ýere iberilen adamsypat jandarlarmyşyn. Olar
siziň oglanlaryňyzy ýelem-ýüwlet edip barýamyşyn. Musulmana welin, barmagam
batyranokmyşyn. Onsoň sen aýt, käpire arka direjekmi, musulmana.
Durdy ýasawul gaharly gürledi.
– Kim diýse poh iýipdir. Nemisiň nähili güne düşenini gazetler, radýa aýdyp dur.
Ýöne seniň öz ýürejigiň şeýle bolanyny isleýän bolaýmasyn, Oraz şyh? Tapdyň bu ýerde
etjek gürrüňiňi.
Oraz şyh sesini çykarmady.
Üzümgül mugallymam oturyp bilmedi.
– Durdy aga hak aýdýa. Gazetler, radio aýdyp dur kimiň kimligini. Biziň iner
boýly agalarymyz, çynar boýly ýarymyz Watany goramaga gitdi. Biz umyt bilen gijegündiz olaryň ýoluna garap otyrys. Biziň umydymyzy köýdürjek bolýanyň ýüzüne köz
degsin.
Oraz şyh özüniň eden gürrüňinden gorkdy. Ol haýdan-haý özüni aklamak bilen
boldy.
– Weý, men bir eşitmiş. Oglanlar üstem çyksa oňa ýetesi näme bar. Belki agzy
boşuň gürrüňidir, byý.
Hiç kimiň eli tabaga uzanokdy. Meretgül onluk çyrany ýakyp, edil Oraz şyhyň
gapdalynda goýdy. Indi Oraz şyhyň ýüzi mese-mälim saýgarylýar. Ilaman onuň
çokgarak sakgalyna, döwleriňki ýaly kölegelenip duran gözlerine, gylyç ýaly gaňrylyp
duran burnuna seredip bilmedi. Ol häzir eýä meňzeýärdi.
Ilamanyň ýadyna «jynly» jaý düşdi. «Bu adam şonda bolýar ahyry. Megerem, bu
jynyň özüdir».
Ýöne Ilaman pikirini çuňlaşdyrmaga, ölçerişdirmäge, döküşdirmäge ýetişmedi.
Ol Akganyň warryk sesine tisginip özüne geldi.
– Haý, men-ä by gazetlere-de ynanyp duramok. How, näçe adam gitdi. Ugrunda
bir zat bolaýmasyn how, şu agamyzyň aýdýan zadynyň.
Oraz şyh hem kem galmady. Ol indi has mysapyrsyrady.
– Wah, meniň gynanýan ýerim, ine şu bala-çagalaryň güni kynaldy. Ýanky, hol
gyýmazyň aýdyşy ýaly, biziň goç ýigitlerimiz-ä gaňryp elimizden aldy, uruş. Indem, bu
çyr-çülpe bendelerem agta öküzi kündä salan ýaly bolup, horlap ýör. Bular başga bir
ýurtda (ol Eýranda diýjek boldy. Emma saklandy) bolan bolsady, eli sowuk suwdan yssy
suwa batyrylarmydy, ýok...
Oraz şyhyň sözüni Durdy ýasawul bozdy.
– Hany, hany il-günüň hossarlary, garnyňyz doýaň bolsa bir omyn ediň. Siz ýaly
işsiz ýok bärde. Näme diýýäniňizi gulagyňyz eşidenok. Tapdyňyz etjek gürrüňiňizi.
Meretgül ýasawulyň al petinden aldy.
– Goýaweri, iýmäge goý adamlary, ne günlük bilen çagyrdym, ozalam. Ýöne
aňryňyza bir bölek atdygyňyz dyzaşyp durmaň beýdip.
Durdy ýasawul garaşmady. Ol omyn edip, hüňürdäp, gaharly turup gitdi.
Oraz şyh, bu gürrüňleri eşitmedik bolýardy. Ol omaçanyň birini uzyn dili bilen
«jylk-jylk» edip ýalap goýberýärdi. Soňam ýuwaş seslendi.
– Ýanka ynanmaň, Eýrany kapyr ýurdundan kem göremok men-ä. Onuň güýjümi?
Beý, buw. Onuň arkasynda külli arap, turan, ispihan dur. Olaram Eýranyň bitiniň burny
ganan ýerinde durup bilmez.
Akga elini saçagyň gyrasyna süpürip oturyşyna ýallaklap gürledi.
– Agam, biz-ä güýçlüniň tarapdary. Eýranyň güýji zor bolsa, Eýranyň saýasyna
bararys, orsuň güýji zor bolsa onuň saýasyna bararys, agam.
Oraz şyh omyn etmäge ýetişmedi. Oturanlar turup-turup gaýtdylar.
Meretgülüň aglamjyrap, adamlary saklajak bolmagy başa barmady.
***
Ilaman şol agşam ýatyp bilmedi. Alasarmyk düýşler, süňňündäki galagoplylyk
oňa ynjalyk bermeýärdi. Ýöne ol şol ýatyşyna birki sany nätanyş adamyň öýe gireninem
duýmandy.
– Ilaman, köşek, ýatanmysyň – Ilaman alasarmyk ukynyň arasynda laňňa
ýerinden galdy. Emma gözleri hiç zat görmeýärdi.
– Kim bi?! Kim bi?! – Ilamanyň gorkuly, howsalaly sesi öýüň içini ýaňlandyrdy.
– Sen däninim, gorkma. Biz, by, salama sowuldyk.
Ilaman gepleýäniň Anna agadygyny tanady. Ýanyndaky Durdy ýasawuldy.
– Inim, sen däninim aýt. Biz däninim käbir zatlary anyklaly! – Gelen adamlaram
düşegiň gyrasyna çökdüler.
Ilamanyň ini dyglap gitdi. Ol Meretgüllere barany üçin käýýärler diýip gorkýardy.
«Näme üçin Oraz şyhyň gürrüňlerini diňledimkäm?» Onuň bu oýlary uzak dowam
etmedi. Anna aga sowal berdi.
– Sen, dänim howlukma, diňle, seni juma gijesine kim çagyrdy. Kim bardy ol
ýerde.
– Meni hiç kim çagyrmady. Üzümgül mugallym gideli diýip üstümden geldi. Soň
gitdik. Kolhozçylar bardy. Durdy aga-da bardy.
– Akga bardymy?
Ilaman gorsanjyrady:
– Hawa, bardy.
– Sen howlukma, sen dänim aýt, Akga näme diýdi.
– Ol hiç zat diýmedi. Ýöne Oraz şyh diýdi. Ol diýdi: «Nemisler gaty güýçli, biziň
obamyzdan gidenleri öz tarapyna çekipdir».
– Durdy turup gaýdansoň dänim näme diýenini ýadyňa salyp bileňokmy!?
– Bilýän, ýöne meniň ýadyma düşenok. Ol köp zat aýtdy. Bizem turup gaýtdyk.
Olar daş çykdylar. Ilaman olaryň hümürdisini eşidip durdy. Anna aga ýene-de
içeri girdi.
– Inim, sen dänim aýt, öýüňiziň töwereginde hiç hili üýtgeşme ýokmy? Şol Oraz
siziň töweregiňizde görnenokmy?
Ilaman «ýok» diýip başyny atdy. Birdenem onuň ýadyna gapynyň gulpunyň açyk
bolýandygy düşdi.
– Anna däde, men işe gidenimde gapyny gulplaýan welin, ol işden gelsem açyk
durýa-laý.
– O nähili beýle bolýar? Sen dänim, gapynyň gulpuny ýapman gidýän bolaýma?!
– Ýok, çörek bar – Ilaman bu sözüň agzyna nähili geleninem bilmedi. – Men soň
gulpy ýapykmy, dälmi diýip, ýagşy çekibem görýärin. Işden gelýän welin, ýene açyk.
Başga hiç zat duýaňnokmy?
– Ýok.
Anna aga düşege çökdi. Ol elini Ilamanyň eline goýdy.
– Ilamanjan, inim, sen dänim meni pugta diňle. Ine, Oraz şyh diýen adam dänim,
Sowet hökümetiniň duşmany. Bir wagt siziň öýüňiz olaryň mülki bolupdyr. Ol öň şu
ýerde ýaşansoň sürgünden ýene-de dolanyp şu ýere gelipdir. Onuň nähili geleni dänim
belli däl. Biz barlap göreris, ony. Sen entek daga, beýlekä dänim gitmäňi goýbolsun et.
Başaryp bilseň dänim, şol adamy gözden salma. Üýtgeşiklik bolsa, Durda, ýa dänim
maňa habar et.
Ilaman sesini çykarmasa-da razy boldy.
8.
Ertir 1-nji sentýabr diýlen güni Sülgüniň başyna kyýamat gopupdy. Durdy
ýasawul şol gün oňa Myratlynyň söweş meýdanynda mertlerçe gurban bolandygy
baradaky ajy habary getiripdi.
Ajy günleriň özüniň bir ýodasy bolýar ogşyýan-da. Ol ýöne bu biçäräniň üstüni
depeledi durdu-la, jan allam. Bu ikimiziň gözümiziň ýaşyndan başga näme aýbymyz
bar, jan alla.
Arzy doktoryň eňremesi, Üzümgülüň agysy Sülgünin derdini ýeňletmeýärdi. Ol
öňem bir «çöpe jan bitdi» diýenleri ýaly, zordan yrgyldap ýörensoň, bu gün ýerindenem
galyp bilenokdy. Onuň üstesine Aýsoltanjygyn hem tisginmesi, wägirip-wägirip
goýbermesi ýürekleri para-para edip, süňňüne bitmez ýaralar salýardy.
– Wah, çagam, wah, balam, goý aglama. Hudaýyň özi gowusyny bilýändir. Belki
hudaý, duşmanyň diýeni bolmasyn-da.
Arzy doktor Aýsoltanjygy gujagyna alyp eňreýärdi.
Gün öýläne aganda Meretgül gelip ýaňy kellesini galdyran Sülgüniň derdini
gozgady. Sülgün ýene-de huşuny ýitirdi.
– Wah, gara maňlaý, şor maňlaý. Maňlaýyň şor bolmasa balyk ýaly balaňy, çynar
boýly hemraňy aldyrarmyň. Hudaý gargan diýerler saňa. – Bu kempiriň aglamjyrap
aýdýan sözleri Arzynyň bagryndan hanjar bolup geçýärdi, – Dogup doga dakynmasaň,
döräp çabyt ýapynmasaň, galyp öwliýä ýykylmasaň alla seni nätsin, hudaý senden nädip
bizar bolmasyn. – Ol sesini peseldip samyrdap gürleýärdi. – Agla, agla, gözýaşyň
deňizmidir, wah, wah. Aglap-aglap aňyrsyna çykmarsyň. Gara bagryňy ýakanyň galar,
gül ömrüňi ýakanyň galar, wah, wah.
– Goý, gyz, Meretgül, bu çaganyň ýüregini ýarýaň. Göwünlik bereniňmi, gaýta.
Bu bendeleriň derdine dag goşma, goýaweri – Meretgül Arzy doktoryň özüne ýapyşdy.
– Adyňa döneýin Arzy jan, gözüňe döneýin, gyzyýam. Seniň çynar boýly ogluň
guma garylanda men aglaman kim aglasyn. Seniň gara gözli ogluň gözi gumdan dolanda
men ölmesem kim ölsün, men ölmesem kim ölsün-eý...
Arzy doktoryň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Häliden bäri özüni
saklap otursa-da ýeke dikrarynyň dünýäde ýokdugy baradaky ajy duýgy onuň beýnisini,
ýüregini deşim-deşim etdi. Ol Meretgülüň ýüzüne alarylyp bir seretdi, soň ýüregini tutup
gyşardy.
Arzy doktoryň ýykylan gününiň ertesi Sülgüniň uluja gyzy Aýsoltanjyk dünýesini
täzeledi. Adamlar onuň keseli garahassaçylyk bolsa gerek diýýärdiler. Sebäbi «Sülgüniň
özem ýanar oduň içinde ýatyr, nogta ýaly saçy tokga-tokga gopup, dökülip gutaryp
barýar» diýýärdiler.
Hakykatdanam Sülgüniň iýýän-içýän zady ýokdy. Üzümgül mugallym gün içinde
barmak başy ýaly hamyrdan belkejik edip getirerdi. Emma syrkawyň bokurdagyndan
zat geçenokdy. Ýöne samyrdap ýatyrdy. Raýon merkezine gidip dogtar çagyrmaga-da
adam ýokdy.
Sülgüniň derdine ýanmaga Üzümgülüň özüniňem haly ýokdy. Onuň hem işi,
aladasy, gaýgysy özüne ýetikdi. Soňky günlerde onuň adamsyndan asyl habar-hatyr
ýokdy.
Häzirem ol özüniň Bezirgenini ýatlap Sülgüniň başujunda gözlerini sykyp otyrdy.
Onuň başyndan müň bir dürli oýlaryň kerweni geçip durdy. Ol pikir kerweniniň
aňyrsam-bärsem ýokdy.
– Wah, eziz dogan Sülgün, seň deregiňe bu azaplary men çeksem ýagşy bolardy.
Gül parasy Aýsoltan, saňa derek men solup gitsem gowy bolardy. – Üzümgülüň
eňremesi bu öýe hazan ýeli bolup aýlanýardy. Üzümgül şol zalymyň penjelerine
düşmäge taýyn terizde bir gysym bolup otyrdy.
– Suw, suw, wah, Aýsoltanym, Nursoltanym, Myratly, suw, jan doganlar suw
beriň – Sülgüniň iňňildisi Üzümgüli tisgindirdi. Ol köne suw kädiden käsä suw guýjak
boldy. Suw gutarypdy.
Ol kädiniň gyrasyndan tutup daşaryk ylgady. Guýy uzak däldi. Ilamanlaryň arka
ýüzündedi. Bu guýy ol Bezirgen bilen durmuş guran ýyly gazylypdy. Kerwen aga «Toýa
gabat geldi. Indi bu guýynyň suwuny içen Görogludan az ýaşamaz» diýip, olaryň
toýunda gürrüň edipdir.
«Kerweniň guýusynyň» çarham üýtgeşik ýeňildi, suwam gowudy. Şonuň üçin
obada başga-da iki guýy barlygyna garaman, adamlar şu guýa suwa gelýärdiler.
Üzümgül çarhy saklap, suw kädä suw guýýarka Meretgülüň özüne tarap
gelýändigini gördi. Emma aýak çekmedi. Sülgüniň gözgyny haly, «suw» diýip delminip
ýatyşy, onuň aýaklaryna ganat bitiripdi.
Sülgün ýanar oduň içindedi. Ol samraýardy, aglaýardy, gülýärdi. Üzümgül beýle
derdi, beýle belany hiç haçan görmändi. «Bu gelniň çeken dagy bir adamyň gerdenine
agyr dälmidi?» Üzümgülüň gözünden süzülip gaýdýan monjuklar Sülgüniň assary solan
ýorganyndan çykyp duran aýaklaryna damýardy.
Sülgün erbet tisgindi. Üzümgül içine gaýta-gaýta tüýkürdi.
– Näme etmeli? Ol häzir kelebiň ujuny ýitiripdi. Sürüsinden azaşan garlawaç ýaly,
nätanyş üçekde busulyp otyrdy. Näme etsin ol. Kime dadyny aýtsyn. Ýa raýon
merkezine gitsinmi?
Şol wagt gapydan Meretgül girdi. Ol ýalum-ýulum gürledi.
– Äý, gysyr gyrnag-a, şunça gygyrsam durmadyň. Ylgaý-ylgaý daljygagaýdym.
Ol dyzyna çöküp büzmeksiz dodaklaryny suwkädä basdy, soň it ýaly şalp-şalp
edip suw içdi. Üzümgülüň getiren suwunyň köpüsi onuň ýakasyndan dökülipdi.
– A gyz, diýýän-ä, bu bagty ýatanyň şo bir bolşumy? – Üzümgül sesini çykarman
Sülgüniň ýalaňaç aýaklaryny ýorgan bilen ýapyşdyrdy.
– Wah, bu görgülem uzak gitmez, adamyň ýüregi üýtgemesin. Myňky birden
bolaýdy-da, äri öldi, iki gyrnak öldi, onsoň ol neneň çydasyn beýle otlara. Ýürek
üýtgäpdir, ýürek. Üýtgedigi gutardy, bary bir gutaraýmalydyr. Men bu belalary kän
görüpdim, kän...
Üzümgülüň ýüregi ýarylara geldi. Onuň aňyna raýon merkezine gidip, doktor
çagyrmaly diýen pikir geldi. Ýöne hassany ýeke taşlap gidip boljak däldi. Eýsem, häzir
kimden haraý gözlejek.
Ol Meretgüle ýüzlendi.
– Daýza, men raýona gidip tohtar çagyraýyn, sen şu gelne göz-gulak bolsana, suw
diýip turuberýär.
Meretgül janlandy.
– Bolýa, sen git, ýöne men saňa bir zat aýdaýyn, a gyz. Diňle, ol gurbany gitdigim
Oraz şyh bar-a, sen-ä öwýä gyz!
Üzümgülüň ýadyna öwgi düşenok. Onuň ähli pikiri Sülgüni halas etmekdi.
***
Meretgülüň aýagy ýere degmeýärdi. «Kyrk ýyldan gyran geler, onda-da ajally
öler» diýenleri boldy. Uruş diýdi, galmagal diýdi, il gedaý düşdi. Meretgül welin
gönenip galdy. Gaýta, bu galagoply günler oňa düşdi. Adamsynyň aşyny berdi. Ondada nähili berdi. Eýran tüwüsinden, Samarkant kişmişinden, kiştesinden garyp bişirdi.
Onda-da nähili döwürde. Il göz monjugy etmäge ýeke däne tüwi tapmaýan döwründe,
ol äriniň aşyny berdi. Äri beýle hezzeti diri wagtam gören däldir...
Meretgül öz ykbalyndan ýüzde-müň razydy. Ýöne bir zada welin onuň içi
tüteýärdi. Olam Enedi. Ene onuň diýeni bilen boluberenokdy. Ol Akgany ulanmagy
başarmaýardy. Muňa bolsa kempiriň her gün jany ýanýardy.
«Biziň bu gyrnagymyz mes bolýa. Bir başyny başlady. Indem şol ýerçekeni
gysymyna gysyp bilenok. Tamdyra gyzanda ýapmaly. Şu wagt dagy özüm bolsam
näderdim, oňa hajyk-hujuk eden bolup, urularymy çäçden doldurardym. Bu gyrnak
bolsa guýrugyny bulaýa».
Ertesi onuň süňňi has hem ýeňläpdi. Irden turup çaý demledi, işigi süpürip
suwlaşdyrdy. Ýüzi suwlurak keçeleriň ikisini düşedi. Soň agşam işden giç gelen Enäni
turuzdy.
Ene soňky döwürlerde ukudan doýanokdy. Onuň dünýäde iň uly arzuwy ýatypýatyp ukusyny almakdy. Häzir ejesi oýadanda-da onuň ýorgandan galasy gelmeýärdi.
– Tur gyz, şeýtanyň diýenine gidip ýatma, tur, tur. Şeýtan:
«Ýene-de azajyk ýataý, azajyk ýataý» diýermiş. Şeýtanyň azdyrany özüniňkimiş,
tur.
Ene ýerinden turup saçyny darady. Soň ýuwnup, keçäniň üstüne geçdi. Ýöne ol
ukudan heniz doly açylmansoň ejesiniň süňňüniň ýeňländigini duýmandy. Gaýta,
ejesine öz ýanyndan minnetdar bolýardy.
Meretgül gyzynyň ýüzüne gülüm-ýalymjyrap seredýärdi. Onuň bolşy häzir uly
söwdagärden bolmasyz zady dilejege meňzeýärdi.
– Al, gyz, şujagaz gowurdagam käsäňe at, zat iýmäniňsoň ýüzüň-gözüňem
solaýypdyr-la. Iý köpräk, ýa gaýgy-alada özüňi halys aldyraýypdyrmy?
Ene gözlerini mölerdip ejesine seretdi.
– Ýok, ýok, eje, men nämäni gaýgy edeýin. Hudaýa şükür, kem zadymyz ýog-a.
Senem ýanymda.
Meretgül muňa monça boldy.
– Wah, şony bilseňem bolýa-la. Men-ä edenim gara derýa gark bolaýýar diýip
ýörün.
Dymyşlygy Meretgülüň özi bozdy.
– Aý, gyzym, «gelen geçip baradyr» diýipdir öňde bir ýagşyzadalaryň biri.
Ejeňem seniň alnyňy alyp durmaz. Onuňam çöpi sanaglydyr. Seniňem garyp ejeňi gury
ynjydanyň galar. Biz-ä ölmänkäk ogluň-gyzyn ýagşysyny görüp, gabra giremizsoňam
arkaýyn ýatarmykak diýýäs. Arman, bolmady...
Ene ejesiniň ýüzüne kirpikmen, ullakan gözlerini balkyldadyp-balkyldadyp
garady.
– Eje jan, sen nämeler diýýäň. Heý men seniň diýeniňe däl, edeniňe telek
diýdimmi ahyry?
Meretgül gyzynyň uzyn kirpiklerine ýapyşýan kiçijik gözýaş monjuklaryny
gülümsiräp, biperwaý synlady.
– Eýse, men şol Äkge jany gysymyňa pugta gys diýip näçeler zarynladym, näçeler
aýtdym. Sen welin...
Enäniň ýüzi laplap gyzyp gitdi. Şol ýalyn süňňüne ornap, ýüregini pugta
mynçgalan ýaly boldy. Ol ýüregini tutjak bolup elini göterdi. Emma ýetişmedi. Ýanyny
ýere berdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uzak uzak ýyllar - 10
  • Parts
  • Uzak uzak ýyllar - 01
    Total number of words is 3724
    Total number of unique words is 2180
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    54.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 02
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 1939
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 03
    Total number of words is 3946
    Total number of unique words is 2079
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 04
    Total number of words is 3885
    Total number of unique words is 2111
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 05
    Total number of words is 3945
    Total number of unique words is 2082
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 06
    Total number of words is 3911
    Total number of unique words is 2085
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2136
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 08
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 2134
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 09
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 2171
    31.9 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 10
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 2143
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 11
    Total number of words is 3838
    Total number of unique words is 2198
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 12
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 2139
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 13
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2060
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 14
    Total number of words is 3907
    Total number of unique words is 2086
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 15
    Total number of words is 3894
    Total number of unique words is 2176
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uzak uzak ýyllar - 16
    Total number of words is 351
    Total number of unique words is 281
    51.0 of words are in the 2000 most common words
    62.7 of words are in the 5000 most common words
    68.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.